Latin

Japbaklar - 7

Total number of words is 3935
Total number of unique words is 1938
31.8 of words are in the 2000 most common words
46.3 of words are in the 5000 most common words
52.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
- Ýok. Beýle söwda bolmaz. Ýa sen oňa tassyklat, ýa-da hemme alan zatlaryňyzyň
puluny töläp git.
Topbak onda ýuwaşja:
- Hany, entek onda eliňi çek - diýdi.
Dükançy Topbagy goýberdi.
Topbak ondan soň gassaba ýüzlendi:
- E-eý, gassap, sen bu dükança aýtsana-haw! Biz saňa goýun satmadykmy näme?
Goýny sekizden alyp, guýrugyny dokuzdan satan keýpi kök gassap, gürrüňiň näme
hakda gidýänine üns hem bermän, ýüzüniň ugruna tassyklady.
- Dogrudyr, dogrudyr. Sen myhmanlara harydy köpräk satyber.
Dükançy indi Topbaga hoşamaýlyk bilen daraşdy:
- Häý, baý aga, indi näme çekeýin? Indi näme gerek bolsa alyberiň, dükan
özüňiziňki.
Topbagyň dükanyň içindäki kän zatlara gözi gitdi. Emma «ynsap-diniň ýarysy»
diýip düşündi. Betpäl gassaba şu-da ýeterlik diýip kanagatlandy. Dükançy bolsa:
- Baý aga, harydy köpräk alsaňyz-la - diýip, birsyhly ýalbardy.
Eýsem-de bolsa, Topbak nebsini şaglatmady. Topbak Japbaklaryň yzyndan
ýetende, olar bileleşip hiňlendiler:
Goýny alyp sekize,
Guýruk satyp dokuza,
Gassap näçe gönendi Kemje-kerdem däl bize!
Doganlar niredesiň Durun diýip ýola düşdüler.
Ata watan
Japbaklar Hywadan alyp gelen harjylary bilen öý tutunmak küýüne düşdüler.
Emma garyplykdan galyndyrmadyk oraçanyň ýerinde tutmagy makul bilmediler. Olar
kän oýlandylar, az oýlandylar, in soňunda uzak bir obada ak eşikli akja öý tutundylar.
Olaryň birinji ýurt tutan ýerleriniň howasy belent bolsa- da, suwy gyt boldy.
Onda Japbak aýtdy:
- Garyp nämä garyp - odun bilen suwa. Geliň, biz bu ýurtdan göçeliň, bereketli bir
ýurda baralyň.
Ikinji baran ýurtlarynyň, suwy bolsa-da, oduny gyt boldy.
Onda Ýapbak aýtdy:
- Garyp nämä garyp - odun bilen suwa. Geliň, biz bu ýurtdan göçeliň, bereketli bir
ýurda baralyň.
Üçünji baran ýurtlarynyň, oduny, suwy bolsa-da, gallasy bolmady.
Onda Mapbak aýtdy:
- Garyp nämä garyp - galla garyp. Geliň, biz bu ýurtdan göçeliň, bereketli bir
ýurda baralyň.
Dördünji baran ýurtlarynda suw-da boldy, odun-da boldy, galla-da boldy, emma
parahatlyk bolmady. Onda Topbak aýtdy:
- Parahatlyk bolmasa, odunyň höziri ýok, suwüň tagamy ýok, gallanyň gurby ýok.
Geliň, biz bu ýurtdan göçeliň, bereketli ýurda baralyň.
Onda Japbak aýtdy:
- Biz gezibem gördük, göçübem gördük, hiç ýerde özümiziňkiden gowy ýurt
görmedik. Geliň, biz ata watanymyza gaýdalyň.
Doganlar ony makul bildiler.
Japbaklar oba gaýdyp gelýärkäler, Topbak öz pikirini mälim etdi.
- Biziň öýümiz bar. Emma ata ýok, ene ýok, gelneje bolaýsa näderkä?
Öýlenjek ýigit Japbak sesini çykarman, sülmüräp ýöredi. Onda Ýapbak bolsady
ekdi.
- Gelneje bolsa, akja öýüň içi ululy-kiçili haly bilen gül pürkülen ýaly bezener.
Biziň çöregimiz özümizde bişer, gazanymyz özümizde atarylar. Toýumyz özümizde
tutular. Gapymyzda at kişňär. Agylda erkek lummurdar. Myhmanyň biri gelip, biri
gider. Japbaklaryň dabarasy il içine dolar. Şonda biziň murtumyzy palta kesmez!
Mapbak gümürtik gepledi.
- Gelneje ýat ilden, ýat öýden gelmelidir. Japbaklar bilen onuň, mäşi bişişermi,
ýokmy? Birden Doýduk ýalyň biri duşup, Japbagyň burnundan çöp ötürip, biziň
agzymyzy alar- daýmasyn?
Japbak ýumrugyny düwdi.
- Biziň agzymyzy alartjak bolsa, men onuň...
Topbak Japbagyň eline ýapyşdy.
- Dur, naýynsap! Gelmedik gelnejäň birdenkä gözüni gögerdäýme!
- Mapbak, senem agzyňy haýyr aç, haw! Nädersiň biziň bilen äbede-jüýbe
bolaýsa!
Ýapbak hem öz göwnündäkini daşyna çykardy,
- Birinji gelneje göwnümizden tursa, öýe ikinji gelneje-de gelmeli bolar.
Mapbak hem öz göwnündäkini aýtdy:
- Ikinji gelneje göwnümizden tursa, üçünjisi hem gelmeli bolar.
Topbak hem olaryň pikirine goşuldy.
- Üçünji gelneje göwnümizden tursa, derdünjisem gelmeli boiar.
Doganlaryň pikiri Japbaga kem ýaramady.
- Japbaklar dört, gelnejeler dört. Bir öýde sekiz baş. Ýapbak Mapbakdan sorady.
- Her gelnejäniň dört sanyjyk mele gulpak oglam bolsa, bir öýde näçe bolýas?
Mapbak iki egnini ýygyrdy.
- Men-ä gumalak sanaýmasam, onuň hasabyna ýetip biljek däl.
Japbaklar gyzykly gürrüň bilen oba ýetenlerini duýman galdylar.
Japbak oraçanyň ýurduny ogşady. Ýapbak oraçanyň ýurduny ogsady. Mapbak
oraçanyň ýurduny ogşady. Topbak oraçanyň ýurduny ogşady.
Dodaklaryny tozana bulap galan Japbaklaryň dördüsi dört ýerden seslendi:
- Seniň topragyňa gurban!
Japbaklaryň ak eşikli akja öýi gümmezekläp galdy. Durun obasy şol gün
Japbaklaryň hatyrasyna toýa aýlandy.
MYRALY
AWTORDAN
Nowaýynyň ady «Alyşir» bolup, «Mir» ýa-da «Emir» onuň gulluk wezipesi.
Gulluk wezipesi hemişe adyň öňünden getirilip, «Mir Aly» diýilýär. Turkmen halky şol
iki sözi birikdirip, gysgaltmak bilen, oňa «Myraly» diýýär.
Myraly bilen Soltansöýün barasynda türkmen halky örän köp hekaýalar, nakyllar,
şorta sözler döredipdir. Meniň ýadymda bar: ýaşuly adamlar Myraly bilen Soltansöýün
barasyndaky hekaýalardan, şorta sözlerden ertirden agşama ýa ilkagşamdan gijäniň bir
wagtyna çenli gürrüň edip, diňçileriň ünsüni özlerine çekmek bilen, olary birsyhly
güldürerdiler. Şol hekaýalar halkyň ruhy terbiýesine, zehininiň açylmagyna, ýiti sözler
öwrenmegine peýda ederdi.
Myralyny-Nowaýyny türkmen halky özüniň klassygy hökmünde söýerdi. Sowat
çykmak üçin mekdepde okalýan esasy kitaplardan biri Nowaýynyň lirikasy-gazallary
bolardy. Sowatly, düşünjeli adamlar öz töwereklerine diňçileri üýşürip, onuň
gazallaryny, «Hamsasyny» hepdeläp okardylar. Nowaýynyň gazallary aýdymlarda,
sazlarda ýaňlanardy. Şol aýdymlar henize çenli hem bagşylaryň agzyndan düşenok,
bagşylar, adatça, uzak gijäniň aýdym-sazyny Nowaýy bilen başlaýar.
Nowaýynyň dili türkmen diline örän golaý bolup, çendan arapça, parsça gatylan
sözleri mollalardan soraýmasalar, onuň esasyny sowatly adamlar, diňçiler terjimesiz
düşünerdiler. Nowaýynyň türkmen diline golaýlygy, türkmen halkynyň ony öz klassygy
hökmünde söýmegi, türkmen halkynyň, Myraly bilen Soltansöýün barasynda hetdihasaby bolmadyk hekaýalar, nakyllar, şorta sözler däretmegine sebäp bolandyr.
Şu ýerdäki hekaýalaryň arasynda, şu günki göz bilen garaňda, belki, real
bolmadyk, fantastik hekaýalar hem bardyr. Okyjy oňa halk döredijiliginiň, öz döwri
bilen baha berer.
Türkmen halk döredijiliginde Nowaýynyň ýiti pikirli ölmez-ýitmez obrazy kemsiz
döredilipdir. Nowaýynyň ýaşan döwri bilen aradan bäş ýüz ýyl geçmegine garaman, şol
adalatly, belent obraz henize-bu güne çenli halkymyzyň aňynda ýaşaýar, ýene-de ýaşar.
Men Myraly barasyndaky şu kitaba giren nakyllary edebi taýdan işläp, hekaýalar
şekiline aýlandyrdym.
Ýyldyz gören
Horasanyň patyşasy Soltansöýüniň atasy hem patyşa ekeni. Myralynyň atasy onuň
ýakyn hyzmatkärlerinden biri ekeni. Günlerde bir gün guýrukly ýyldyz hakynda gürrüň
çykypdyr. Patyşa alymlardan, häkimlerden sorasa-da, onuň sebäbini bilen bolmandyr. Iň
soňunda patyşa gurraçylara höküm edipdir.
Gurraçylar birnäçe wagtdan soň guýrukly ýyldyz dogjagyny, onuň häsiýetini
mälim edipdirler:
- Patyşahy älem, guýrukly ýyldyz her otuz ýyldan bir dogýar. Onuň ömri jyzlanyň
ömri ýaly gysga. 01 diňe nahar bişim salym dowam edýär. Her kim şol ýyldyzy görse,
şol ýyldyz batmanka, aýaly bilen ysgaşsa, ondan hem perzent galsa - ol perzent örän
dilewar bolýamyşyn...
Gurraçylar guýrukly ýyldyzyň haýsy ýylda, haýsy aýlarda dogjagyny çen bilen
mälim edipdirler.
Patyşa şäherden ses ýetim uzakda, görnükli ýerde belent minara saldyryp,
Myralynyň atasyny şonuň üstünde dikme gazyk edipdir. Onuň gündizine ýatyp, gijesine
kirpikli garagyny çalmazlygyna höküm edipdir. Şol ýyldyz dogan badyna patyşa habar
bermegine perman beripdir.
Myralynyň atasy ahyr bir gije daňa golaý guýrukly ýyldyzyň doganyny görüpdir.
01 derrew minaradan düşüp, patyşa bakan ökje göteripdir. Şol ylgap barşyna sürüli
goýny ürküzipdir. Goýun çopan ony öz itleriniň kömegi bilen tutup:
- Sen ogrumysyň, ötükmisiň? - diýip sorapdyr. Myralynyň atasy itleriň agzyndan
aman sypandan soň, zordan sözüni düşüripdir:
- Patyşa adamsy. Meni goýber, men örän gyssanmaç habar bilen barýaryn.
- Näme habaryň bolsa aýt, bolmasa goýberjek däl. Ýyldyz gören asmana elini
salgapdyr:
- Hanha, görýämiň? Sen bütin ömrüňi çölde geçirseň hem, heniz şeýle ýyldyz
gören dälsiň. Onuň aýratyn häsiýeti bar.
Çopan elindäki taýagyna kybapdaşrak ýyldyza haýran galyjylyk bilen syn edenden
soň:
- Onuň näme häsiýeti bar? - diýip sorapdyr.
- Her kim şol ýyldyz ýaşmanka, aýalyna ýanaşsa, ondan hem perzent galsa, ol
perzent örän dilewar bolýarmyşyn.
Çopan egri taýagyny egnine atyp, goýunlaryny itlerine tabşyrypdyr-da, öýüne
bakan ökje göteripdir.
Ýyldyz gören derwezäni baryp uranda, derwezeban:
- Näme habaryň baryny aýtmasan, açjak däl? - diýipdir.
Ýyldyz gören elini asmana salgap, guýrukly ýyldyzy görkezenden soň, onuň
häsiýetini oňa hem mälim edipdir.
Derwezeban elindäki açarlaryny jyňňyrdadyp, howlusyna bakan ökje göteripdir.
Ýyldyz gören patyşa baryp habar berenden, patyşa guýrukly ýyldyza agzyny açyp
garandan soň, aýagyndaky sypbyk köwüşlerini hem taşlap, iň gowy görýän aýalyna
bakan ylgapdyr.
Ýyldyz gören guýrukly ýyldyza garap, biraz oýlanandan soň, «ýyldyz gören men,
habar beren men, özgeler aýşaşrata at goşanda, meniň beýdip durmam näme? Men
hakykatdan hem akmak! Goý, menden hem akylly ogul emele gelsin» diýip, külbesine
bakan haýdapdyr.
Aradan birnäçe gün geçenden soň, patyşa gurraçylara ýene gurra taşladypdyr.
Gurraçylar:
- Şol guýrukly ýyldyzy gören dört adam bolup, dünýä dört perzent emele geljek.
Olaryň ikisi gyz, ikisi ogul bolup, şolaryň biri hem seniň ogluň boljak - diýipdirler.
Patyşa bir ýandan, öz perzendiniň bolj agyna begense, ikinji ýandan, başgalaryň
perzendine göriplik edip, ýyldyz görene gargapdyr:
- Men saňa näme tabşyrypdym? Şol syry menden başga hiç kim bilmesin,
guýrukly ýyldyzy menden başga hiç kim görmesin diýmänmidim? Sen öz iýen nanyňa
kast ädýärmiň?
Ýyldyz gören patyşanyň öňünde çöküp:
- Patyşahy älem, bir çemçe ganymy geçseň, onuň sebäbini mälim edeýin diýipdir.
Patyşa rugsat berenden soň, ýyldyz gören bolan wakany habar bermäge durupdyr:
- Şahy älem, size habar bermäge gyssanyp gelýärkäm, giň sähranyň häkimi öz
garakçylary bilen daşymy gabap aldy.
Wakany habar bermesem, goýbermejegini mälim etdi. Wagtyň gyssaglygyny, size
habar bermegiň zerurlygyny nazara alyp, mälim etmäge mejbur boldum.
Patyşa hasasyny ýere gütüledip, gazap bilen gygyrypdyr:
- Meniň demim ýetýän ýerinde menden başga häkim kimmişin?
- Şahy älem bagyşlasyn, siz bütin dünýäniň häkimi.
Emma siziň ýok ýeriňizde - çöl içinde çopan hem öz hökümini ýöredýär.
- Ýagşy, ikinjisi kim?
- Şahy älemiň demirden galasy bar. Onuň üstünden guş bolup geçseň, ganatyň
gyryljak. Siziň huzuryňyza tiz ýetmek üçin, derwezebana ýyldyzyň guýrugyny
tutdurmakdan başga aiaç tapmadym.
Patyşa pelegiň çarhynyň aýlanyşyna biraz oýlanandan soň, sakgalyny uşlapdyr-da
zeýrenipdir:
- Eý mekgar dünýä! Men kim? Meniň bilen bile dünýäde at goşýanlar kimler?
Çopan! Derwezeban!.. Ýagşy, indi onuň üçünjisi kim!
- Şahy älem, size habar berenimden soň, aşaklygyna bakan eňňit edip barýan
ýyldyz guýrugyny meniň boýnuma çolady- da, süýredi, gapymdan eltip, ýeňsämden
südürledi. Gulagyma bolmasa «jenaby alynyň indiki boljak perzendi üçin hyzmatkär
ýetişdir» diýen seda-da geldi. Şonuň üçin guluňyz hem bozsuran oýa bir tohum taşlady.
Aradan dokuz aý, dokuz gün, dokuz sagat geçenden soň, patyşadan Soltansöýün,
ýyldyz görenden - Myraly, çopan bilen derwezebandan hem iki sany gyz emele gelipdir.
Myraly bilen Soltansöýün
Soltansöýün atasynyň, köşgünde ulalyp, ýigdekçe çykypdyr. 01 şäherde özüne
kybapdaş gürrüňdeş tapman, ata atlanyp, il içine gezmäge çykypdyr.
Şaýly bedew atyň üstünde başy jygaly gelýän şazadany gören Myraly ony
tanamazlyga, bilmezlige salyp, göýä diýersiň, aýak ýoluna oturan şekilinde oturypdyrda, elindäki çöregini iýmäge, endamyndaky bar-ýok zatlary çöplän kişi bolup, iki
dyrnagynyň arasynda mynjyratmaga başlapdyr.
Myralynyň, bolup oturyşyny geňirgän Soltansöýün atynyň başyny çekip, Myrala
habar gatypdyr:
- Ýeri-ow, ýigit, seniň bolup oturyşyň, nähili? Myraly Soltansöýüne üns bermän,
öňki ýagdaýyny dowam etmek bilen gäwüş arasynda jogap beripdir.
- Näme, bolup oturyşymy göreňokmy?
- Görenimden soň, soraýan.
- Täzäni salýan, könäni çykarýan, şonuň bilen bir wagtda duşman awlaýan.
Myralyň jogaby Soltansöýüne ýarapdyr-da, sowalyny dowam edipdir:
- Siziň öýüňiz nirede!
- Ho-ol ýeňseki hataryň günbatar çetindäki kyrk naýzaly zürrüjek öý biziňkidir.
- Öýüňize barsam myhman alarmysyňyz!
Myraly çermegini çekip galypdyr-da, Solta.isöýüne ötgün garapdyr:
- Wiý, şazada, sizmidiňiz? Bagyşlaň, näme şäherde önüp öseniňiz üçinmi - ilhalkyň däbinden habaryňyz ýok ýaly- la. Biziň halkymyz myhmany atasyndan uly
hasap edýändir.
- Öýüňize barsam, öňümden çykarlarmy?
- Hökman! Biziň guýrugy küle ala köpegimiz bardyr. 01 örän gadyrlydyr - sizi
taýak salym meýdandan garşylar.
- Maňa söwüş edermisiňiz?
- Tapsak, birini ederis, tapmasak - ikisini. Soltansöýün Myralynyň sözüne
düşünmändir-de, sowal beripdir.
- 01 näme diýdigiň boldy?
- Golaý-goltumdan tapsak, bir çebiş ýa bir tokly alarys, tapmasak, bogazja geçimiz
bardyr, şony soýarys.
Soltansöýün Myralynyň öz jogaby ýaly çylşyrymly hem onuň biraz janyna deger
ýaly sowal bermegi küýüne getiripdir.
Myralynyň jogaby Soltansöýüne ynjyly bolup eşidilse- de, onuň söz urşy, gepe
çeperligi, dilewarlygy oňa ýarapdyr. 01 öz ýanyndan «Men muny öz ýanyma çekip
bilsem, onuň bilen dostlaşyp bilsem, men hiç wagtda tukat bolman, munuň gepe
çeperliginden, dilewarlygyndan hem öwrenerin. Ondan soň hiç ýerde, hiç kimden
gepde-de, akylda-da basylman» diýip oýlapdyr. Ondan soň Myrala mylakatly habar
gatyp:
- Ýagşy ýigit, seniň adyň näme? - diýip sorapdyr.
Myraly bir bolşuny üýtgetmän, jogap beripdir:
- Myraly.
- Örän ýagşy. Meniň adym Soltansöýün. «Bir gören tanyş, iki gören garyndaş»
diýen nakyl bar. Gel, indi ikimiz hemişelik dost bolaly.
Myraly Soltansöýüniň atyna, egin-başyna, ondan soň öz geýimlerine göz
gezdiripdir-de, ýeňleri sal-sal köýneginiň epinlerini barlap, jogap beripdir.
- Şazada, bagyşlaň, dostluk ýagşy zat. Emma «Eşek öz deňini gaşar» diýenem bir
nakyl bardyr. Siziň göwnüňiz näzikdir. Ikimiziň dostlugymyz birdenkä goýun bilen
gurduň, tilki bilen şiriň dostlugyna meňzärmikän öýdýän.
Myraly näçe sapalak atsa-da, Soltansöýün ony öz erkine goýman, köşge bakan alyp
gidipdir.
Myraly bilen Soltansöýün bir öýde, bir otagda ýaşap, bir molladan sapak
alypdyrlar, okapdyrlar, alym bolupdyrlar. Köşkde durmuş nähili ýagşy bolsa-da,
«Towşana dogduk depe» diýen nakyla görä, öz önüp-ösen ýerlerini, giň sährany Myraly
hiç wagtda unudyp bilmändir. Onuň üstesine-de, bir gün ony Soltansöýün ynjydypdyr:
- Sen balagyň ýyrtygyny, köýnegiň bitini unutdyňmy? Maňa akyl bererçe sen kim
bolupsyň? - diýip igenipdir.
Myraly Soltansöýüne jogap bermän, dilini dişläpdir-de, amatyna, wagtyna garap,
köşkden ökje göteripdir. Myralyny ynjydan, Myralyny gaçyran Soltansöýüniň ýüregi
gysyp başlapdyr. 01 özüne köşkde aram tapman, Myralyny agtaryp, Hyrat töweregini,
Buhara ülkesini, Mary, Ahal sebitini gezipdir, emma hiç ýerde oňa Myraly duşmandyr,
ony gören- bileniň hem üstünden barmandyr.
Soltansöýün köşgüne gaýdyp gelenden soň, köp oýlanypdyr; Myraly, belki, Hywa,
Daşhowuz taraplaryna düşendir diýen karara gelip, şol welaýatlara heňe gelmez bir
perman bermekçi bolupdyr, şol permany eşiden Myralynyň ýene durup bilmejegini
aňlapdyr:
- Hywa, Daşhowuz raýatlaryna perman: siziň itlerirüziň sesinden ýaňa bize gijegündiz ýatuw ýok. Oňa görä, size höküm edýän: kimde kim itini üýrdürse, şol it
eýesiniň hem, ýurt häkiminiň hem gözleri oýulyp taşlanj akdyr.
Soltansöýüniň şol hökümi boýunça ilat itini meýdana goýberip bilmän, kim çuň
çukur gazyp, sesi-üýni çykmaz ýaly, itini-de şonda gizläpdir, kim bolsa alaç tapman,
itinden dynypdyr. Myraly halka:
- Maňa bäş-alty sany goýun tapyp beriň, men sizi şol permandan halas edeýin diýipdir.
Myraly bölejik goýny öňüne salyp, Hyrada ýüzlenipdir. 01 iň soriunda, Hyrada bäş
menzil ýol galanda, goýunlaryny başyna kowupdyr. Möjekler goýunlary tike-tike
paýlaşypdyrlar. Myraly şol wagtda ýüzüni Hyrada bakan tutup, bogazyna sygdygyndan
gygyrypdyr.:
- Aý, Alabaý, ha-aw! Akbaý, ha-aw! Garabaý, ha-aw!.. Myralynyň bogazy
gyrylsa-da, Hyrat itlerinden biri hem gelip ýetismändir.
Goýunlaryny baý berip, taýagyny süýräp Hyrada baran Myraly duş gelen iti ýenjip
başlapdyr. It eýeleri:
- Çopansorraý bir ýigit itleri gyrgyna saldy - diýip, Soltansöýüne arz edipdirler.
Soltansöýüniň buýrugyna görä, ýasawullar Myralyny köşge alyp gelipdirler. Uzak ýoluň
ýadawlygy ýüzüne möhür salan «çopana» Soltansöýün sorag beripdir:
- Ýeri-ow, ýigit, itleri näme urýarsyň?
- Öz borçlaryny ýerine ýetirmänleri üçin.
- O nähili borç?
- Pendiniň çölünde meniň çekenäme möjek darady. Men Hyrat itleriniň adyny
tutup, bogazyma sygdygyndan gygyrsam-da, olaryň biri hem gelip ýetmedi. Iň soňunda
çekeneden galan ýadygär ynha maňa şu taýak boldy. Şonuň üçin hem şu taýagym tiketike bolýança, gören itimi akyla getirmegi ýüregime düwdüm.
- Sen nähili akmak çopan! Heý Pendiden Hyrada-da ses ýetermi?
- Eý, patyşahym, it alnyna gelen gurt alnyna-da gelip biler. Hywanyň,
Daşhowuzyň itleriniň, sesi iki aýlyk ýoldan Hyrada gelende, meniň sesim diňe bäş
menzil ýoldan Hyrada gelip bilmezmi?
Soltansöýün Myralyny keşbinden tanamasa-da, sözünden tanap, oňa bakan
topulypdyr-da, ony mäkäm gujaklapdyr.
Näme üçin?
Soltansöýün bilen Myraly köne kanun depderine garap otyrkalar, geň bir zadyň,
üstünden barypdyrlar: Soltansöýüniň atasy Guýrukly ýyldyzyň dogany, Soltansöýün
bilen Myralydan başga ýene iki gyz dünýä geljegi barasynda altyn gaply, ýüpek kagyzly
kitaba ýazdyryp goýupdyr. Şol gyzlaryň yşky ýetginjek ýigitleriň ikisini hem küýüne
düşüpdir. Emma gyzlaryň niredeligi, olary nähili tapyp boljagy mälim bolmandyr. Olary
akyl, pikir bilen tapmakdan başga çäre ýoguny aňlapdyrlar. Soltansöýün Myrala Hywa,
daşhowuzlylara beren permany şekilinde bir perman bermegi maslahat salypdyr. Myraly
ony makul bilmändir:
- Gyzlaryň tebigaty näzik bolar. Onuň ýaly gelşiksiz perman gyzlarda bize garşy
diňe ýigrenjilik döreder. «Ýagşy söz ýylany hinden çykarar» diýen nakyla görä, olary
mylaýym söz bilen ýüze çykarmak ýa-da görnetin nähak işi gözlerine görkezip,
dillendirmek mümkin.
Soltansöýün Myralynyň, soňky teklibini makul bilipdir. Soltansöýün iki sany
ýasawula buýruk beripdir:
- Siz daýaw bir ýigidi öňüňize salyň-da, ikiýanlaýyn gamçylap, şäheriň içine bütin
köçeme-köçe aýlaň. Kim siziň, edýän işiňizi keçje bilse, ona zat diýmäň. Siziň, ony
urýanyňyzy kim hak diýip bilse, şol adamyny meniň ýanyma alyp geliň.
Ýasawullar bir daýaw ýigidi ýenjip ugrapdyrlar. Kim olardan:
- Bu ýigidi näme üçin urýarsyňyz? - diýip soranda:
- Bu ýigit biziň diýenimizi edýär - diýip jogap beripdirler.
- Il-ä diýenini etmeýän adamyny urýa, siz diýeniňizi edýäni urýarsyňyz. Sizin
munyňyz keçje! - diýmek bilen, olaryň edýän işini makullan adam tapylmandyr.
Iň soňunda, köçäniň, haýaty ýykylan ýerindäki tamdyrda çörek bişirip oturan bir
aýalyň, üstünden barypdyrlar. Onuň ýanynda ýetişen bir gyz hem bar ekeni. Şol aýal
ýasawullardan sorapdyr:
- Wiý, janlarym, bu ýigidi näme üçin urýarsyňyz?
- Bu biziň diýenimizi edýär.
- Waý, nalaç edeýin, il-ä diýenini etmeýäni urýa, siz diýeňiňizi edýäni urýarsyňyz.
Hiý, şeýle-de bir naýynsaplyk bormy?
01 aýalyň ýanyndaky gyz durup bilmän, ýasawullaryň edýän işini makullapdyr:
- Ýok, beýle däl! Bular gaty dogry edýärler. Haçana çenli diýip etdirmek bolar. Tä
özünden bilip edýänçä urmak gerek.
Ýasawullar gyzy alyp gitmekçi bolanlarynda, çörek bişirýän aýal elden-aýakdan
düşüp, gykylyk edipdir:
- Wah, seniň diliň gurasyn, diliň! Başa bela dilden geler - diýip, men
aýtmaýarmydym?
Gyz onuň üçin darykman:
- Dilden başa bela-da gelip biler, bagt hem gelip biler - diýip, ýasawullar bilen
göwünjeň gidipdir.
Örme gara saçlary ýyldyzyň guýrugy ýaly iki göwsüniň üstünden sallanyp ýatan
gyzy synlan Soltansöýün ol gyza sowal beripdir:
- Ýeri gyz, meniň nähak işimi hak diýip kanunlaşdyrmagyň näme üçin?
- Soltansöýün bilen Myralynyň nähak iş etmejegini bilenim üçin.
- Seniň pikiriňçe, buýruga emel edýän adamyny ýençmek dogry-da?
- Döwlete peýda geljek ýerde, ondan agyrrak jeza bermek hem bolar.
Soltansöýün oňa başga sowal tapman, oňa öz niýetini mälim etmegi başarman,
ýalbaryjy bir halda Myrala garapdyr. Soltansöýüniň ýüregindäkini gözünde gören
Myraly gyza sowal beripdir:
- Keýgim, Soltansöýüniň dünýäde diňe bir arzuwy bolsa, onuň ýüze çykmagy hem
diňe saňa bagly bolsa, sen onuň üçin merhemet goluny uzadarmyň?
- Bütin janym bilen. Emma Soltansöýüniň aýagynyň tozy gözlerime sürme bolar
ýaly, men ol bagtly gyzlardan, şazadalardan däldirin. Meniň atam derwezebandyr.
- Soltan seniň ataňa derwezäniň açaryny ynanýan bolsa, seniň özüňe köşgüň
açaryny ynanmak isleýär.
Gyz Soltansöýün bilen Myrala baş egende, onuň örme gara saçlarynyň ujy
halynyň, üstünde süýrenipdir.
Asmanyň ak towugy
Soltansöýün ýyldyz görenden bolanyň birini alany üçin, Myralydan biraz
sowaşypdyr. Myraly wagty goldan bermän, ýaz aýy gidip, daýhançylyk edipdir. Onuň
gawuny örän ýagşy bitipdir, tohumy hem üýtgeşik eken. Myraly öz ýanyndan:
«Soltansöýün-ä meni unutdy weli, men ony unutmaýyn, oňa bir eşek ýüki gawun eltip
bereýin» diýip, eşegini ýükläp ugrapdyr. Myralynyň gelýänini gören Soltansöýün ony
tanapdyr-da, derwezebanyň geýimini geýip, gapy sakçy bolan kişi bolup durupdyr.
Myraly derwezeden geçjek bolanda, ol oňa sorag beripdir:
- Ýeri-ow ýigit, gawuny nirä alyp barýarsyň?
- Gawun-a Soltansöýüne alyp barýan.
- Sen akmak bolma. Soltansöýün munuň üçin saňa gara pulam bermez. Sen ony iň
ýagşysy äkit-de bazarda sat, ýerine biraz çörek puly gazan.
Myraly derwezebanyň kimdigini tanasa-da, tanamazlyga salyp, jogap beripdir:
- Men bir gawunymyň süýjüligini görkezeýin, bäş teňňesini gysgansa, eşek ýüki
gawuny hem gowuz ýerine dykaýsyn.
Soltansöýün köşgüne baryp, wezirleri bilen ata atlanyp durka, Myraly eşegini
sürüp barypdyr. Soltansöýün ondan habar soranda:
- Patyşam, dünýäniň iň süýji nygmatyndan size sowgat getirdim - diýipdir.
Soltansöýün gamçysyny galgadyp:
- Eý, kemakyl daýhan, seniň gawunyň üýtgeşik geň zat däl. Biderek ýere pul sarp
edesim gelenok - diýipdir.
- Aý patyşam, bermeseň özüň bil. Eşek ýüki gawuny hem hälki aýdanymy edäýjek
ekeniň-dä.
Soltansöýün Myralynyň derwezebany tananyny derrew düşünipdir-de, ona bir
penje teňňe beripdir. Bahyl wezirleriň gözi teňňe bilen gidipdir. Birinji wezir
Soltansöýüne ýüzlenip:
- Şahy älem, eşek ýüki gawuna şunça pul berseňiz, hazynanyň soňuna tiz
çykarsyňyz - diýipdir.
Soltansöýün oňa:
- Teňňäni men oňa gawuny üçin bermän, sözi üçin berdim - diýipdir.
- Myralyny sözde ýeňseň, saňa-da bir penje teňňe. Birinji wezir atyny debsäp,
Myralynyň üstüne abanypdyr-da;
- Sen ýeriň ortasynyň niredegini maňa ýa-ha görkez, ýa- da teňňäni bäri al diýipdir.
Myraly eşeginiň sag öň aýagynyň toýnagyny görkezip: - Ýeriň ortasy ynha şu ýeri
- diýipdir.
- Ýok, men oňa ynanamok.
- Ynanmasaň, ölçe-de göräý.
Birinji wezir oňa jogap tapmandan soň, Myralynyň üstüne ikinji wezir abanypdyr:
- Sen, ýa-ha, asmandaky ýyldyzlaryň sanyny maňa aýt, ýa-da teňňäni bäri al.
Myraly eşeginiň sagrysyna kakyp, jogap beripdir:
- Asmandaky ýyldyzlaryň sany - meniň eşegimiň guýrugyndaky gyllary bilen
sandaş.
- Ýok, onyň dogry däl.
- Dogry bolmasa, ikisini hem sana-da göräý.
Ikinji wezir oňa jogap tapmandan soň, üçünji wezir atyny debsäp, Myralynyň
üstüne abanypdyr:
- Meniň saňa bir şertim bar. Şol şertimi bilseň, pul seniňki, bilmeseň, meniňki.
- Şertiňi aýt.
- Asmandaky ak towuk näme diýip gygyrýar. Myraly bir gulagyny asmana tutup
diňläpdir-de:
- Ikimiziň aramyzda deňlik ýok: sen ýokarda, men aşakda. Şonuň üçin ol sesi men
oňly eşidip bilmeýän - diýipdir.
Onda gyzma wezir özüni atdan oklap:
- Ynha, sen meniň atyma mün-de diňläý - diýipdir. Myraly ata çykandan soň, ýene
asmana diň salyp, Soltansöýüne garap jogap beripdir.
- Asmandaky ak towuk: at seniňki, eşek weziriňki diýýär.
Soltansöýün Myralynyň jogabyna el çarpyp gülüpdir-de:
- Myraly, sür! - diýipdir.
Myraly bilen söwdagär
Myralynyň gerşine garyplyk atlaýyn münüpdir. Onuň üstüne gurakçylyk bolup,
oba adamlarynyň ýagdaýy has hem kynlaşypdyr. Myraly durmuş tetärigini agtaryp,
ikinji bir ile baranda, bir geçip barýan söwdagär oňa:
- Kim maňa talaban dursa, bir gün işledip, alty aýyň, hakyny berýän - diýipdir.
Myraly öz ýanyndan: «Ýel ýakynda, kireý kän» diýip oýlasa-da, durmuş ony şol
söwdagäre talaban durmaga mejbur edipdir. Söwdagär oňa şol ýeke günde etmeli işiň
örän agyrdygyny duýdurypdyr. Olar az ýöräp, köp ýöräp, Amyderýanyň, gündogar
kenarynda bir oba barypdyrlar. Olar birnäçe gün dem-dynçlaryny alanlaryndan soň,
söwdagär oňa:
- Taýly çuwaly düýäň üstüne at-da, iýdip ugra - diýipdir.
Olar birnäçe wagtdan soň bir gurruk guýynyň agzyna barypdyrlar. Söwdagär oňa:
- Ine, ýigit, seniň, bir günde etjek işiň şu: guýynyň içine girmeli. Men ýokardan
torba sallaryn. Sen süňkden başga eliňe ilen zady daş, kesek diýmän, torba salarsyň.
Men ýokardan çekerin. Iň soňunda iki çuwal dolandan soň, guýudan çykarsyň, alty
aýlyk işiň şonuň bilen tamam bolar - diýipdir.
Myraly biline ýüp daňyp, guýynyň düýbüne ýetende, depe saçy üýşüpdir: guýynyň
düýbünde adam süňkünden basara ýer galman ekeni. Myralynyň jany agzyna gelip,
çekip çykarmagyny söwdagärden haýyş edipdir. 01 oňa ýokardan gygyrypdyr:
- Işiň kyndygyny, şonuň üçin alty aýyň hakyny bir günde berýänimi men saňa ozal
aýtmadymmy? Seniň eger janyňa haýpyň gelýän bolsa, äginme-de derrew torbany
doldur!
Myraly söwdagäriň buýrugyna emel etmekden başga çäre tapmandyr. 01 guýynyň
düýbündäki süňkleri bir ýaňa sürüş- dirip, bilindäki kepje bilen çagylly gumdan torbany
doldurypdyr. Şol gumuň arasyndaky çagyllar onuň gözüne ýalpyldap görnüpdir.
Çuwallar dolandan söwdagär oňa:
- Indi boldy. Ýüpi biliňe dak-da gaýdyber! - diýip gygyrypdyr.
Myraly guýyň agzyna gelende, söwdagär onuň eline bir tegelek çörek tutdurypdyrda:
- Ynha, seniň duz hakyň, sag bol! - diýip, ýüpi kesip goýberipdir.
Myraly guýynyň düýbündäki süňkleriň arasyna güpürdäp düsüpdir. Myraly özüne
gelenden soň, meniň iň soňky galmaly ornum şu boldy diýip oýlanypdyr.
Soltansöýünden öýkeläp gaýdanyna ökünipdir. Eýsem-de bolsa, ýatyp jan berenden,
halas bolmak üçin çalşyp ölen ýagşy diýip düşünipdir. 01 kepjesi bilen guýynyň
böwşeňräk tarapyny köwüp başlapdyr, gumuň arasyndaky ýylpyldaýan daşlar onuň
gözüni gamasdyrypdyr. Myraly halys ysgyndan düşende, kepjäniň agzy birden-kä bir
gorpa gidipdir. Myraly ýene biraz köwenden soň, emedekläp gider ýaly bir hine
düşüpdir. 01 şol emedekläp barşyna halys gurpdan düşende, Amyderýanyň kenarynda
peýda bolupdyr. Emma ýagdaý onuň üçin ýeňlemändir: kert gaýa, dyrmaşyp çykara ýer
ýok, derýa özüni ursa gark boljak, yza dolansa, guýynyň düýbündäki süňklere gatyşjak.
01 halys aňyny ýitirende, mähnet bir balyk onuň garşysynda peýda bolup, oňa öz
ýagyrnyşyny hödürläpdir. Myraly balygyň arkasyna gonanyny duýman galypdyr. Balyk
ýyldyrym ýitiliginde süýnüp, Myralyny Amyderýanyň ikinji kenarynda düşüripdir-de,
gadymky bir wakany oňa gürrüň beripdir:
- Seniň ýadyňdamy, sen oglanjyk wagtyňda derýanyň gyrasynda gelip oýnardyň,
maňa her gün çörek getirip bererdiň, men seniň gasyňda durli ýüzüşler bilen saňa oýun
edip bererdim, sen maňa ýene çörek bererdiň. Men ösdüm, ulaldym, seniň şol
ýagşylygyňy nähili ýerine saljagymy bilmän ýördüm. Ýagşy, hoş sag bol! - diýip, balyk
ýene derýanyň duýbüne bakan ýüzüp gidipdir.
Myraly birbaşa Soltansöýüniň ýanyna barman, birnäçe gün yzarlap-yzarlap,
ahyrynda ýene şol söwdagäri tapypdyr. Söwdagär ony tanaman, ýene Myralyny
hyzmatkär tutupdyr. Ýene bir gün guýynyň agzyna baryp, gir diýende, Myraly oňa
jogap beripdir:
- Näme üçin gireýin?
- Seniň alty aýdaky etjek işiňi bir günde etmeli işiň - şu guýynyň içindedir.
- Men saňa talaban duramda, guýa girmeli diýip aýtmandyň ahyry. Ýeriň ýüzünde
näme iş buýursaň edeýin, emma guýa girjek däl, onuň içinde näme baryny men
näbileýin?
- Hiç zat ýokdur, gorkma-da giriber.
- Onda ilki özüň girip, barlap çyk, ýogsam, men ondan gorkýan.
Söwdagär iň soňunda özi girmäge mejbur bolupdyr.
Myraly söwdagäriň dolduran torbasyny çykaryp görse, gumuň arasyndaky
ýyldyraşýanlar altyn ekeni. Söwdagär asakdan:
- Meni indi çek-de çykar, ondan soň sen gir - diýip gy- gyranda, Myraly oňa:
- Aý, söwdagär aga, indi bary bir girdiň, iň soňuna çenli gazybersene. Ýokardan
çekip çykarmak-da gazandan aňsat däl - diýipdir.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Japbaklar - 8
  • Parts
  • Japbaklar - 1
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 1970
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 2
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1739
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 3
    Total number of words is 3967
    Total number of unique words is 1807
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 4
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1777
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 5
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1822
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 6
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1884
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 7
    Total number of words is 3935
    Total number of unique words is 1938
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 8
    Total number of words is 4061
    Total number of unique words is 1857
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 9
    Total number of words is 3930
    Total number of unique words is 1878
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 10
    Total number of words is 2268
    Total number of unique words is 1054
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.