Latin

Japbaklar - 9

Total number of words is 3930
Total number of unique words is 1878
31.8 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
pylan baýyň toýuna tazy sypatynda geler» diýlip ýazylan ekeni. Häkimiň hökümine
görä, alymlar dürli doga-tumar bilen meni öňki sypatyma aýlandyrdylar. Meni
hormatladylar. Kenizekden arymy almak üçin, maňa bir gysym tilsimli toprak berdiler.
Meni dabara bilen ilime ugratdylar. Men ol mollany öz ýanym bilen alyp gaýtdym,
wezir edindim. Sen Marydan dolanyp geleňde, dabara bilen jaýlanymyz şol mollady...
Soltansöýün sözüniň soňunda:
- Kimiň başyndan geçiren wakasy gyzyk? - diýip sorapdyr.
Myraly oňa:
- Ikimiziňki hem gyzyk! - diýip jogap beripdir.
- Altyn indi kimiňki bolmaly?
- Seniňki hem bolmaly däl, meniňki hem. - Eýsem, kimiňki bolmaly?
- Döwlet baýlygy - döwletinki bolar. Ony hazyna taşlamaly.
- Ine, munyň makul!
Gül bilen Soltansöýün
Soltansöýün bilen Myraly ikiçäk gürleşip otyrkalar gürrüňleriniň ahyry şol
dördünji ýyldyz göreniň perzendi - ikinji gyzyň üstünden duşüpdir. 01 gyzdan hiç ýerde
derek bolmany üçin, Soltansöýün Myrala şeýle teklip edipdir:
- Gel ikimiz ile çykaly, hem ilatyň ýagdaýyna seredeli, hem- de şol gyzdan derek
araly.
Myraly Soltansöýüne biraz gyjytly söz gatypdyr.
- Soltanym, gyz hakynda aýdanyň makul. Emma il hakynda meniň bir soragym
bar: ilatyň ýagdaýyny ýene bilmek üçinmi ýa ilatyň ýagdaýyna garaşyk etmek üçinmi?
Soltansöýün Myrala närazy garaýyş bilen seredip:
- Myraly, sen dogryňy aýt: seniň şu igenjiň haçan gutarar? - diýip sorapdyr.
Olar biri-birine biraz igenişenlerinden soň atlanypdyrlar. Olar köp ýerleri aýlanyp,
iň soňunda bir obanyň çetinden barypdyrlar. Şol wagt ýagyş şitirdemäge başlan ekeni. G
örseler, bir topar göze görnen gyzlar arkalaryna göterip barýan odunlaryny düşürip, şol
odunlaryna ykyşaklaşyp duran ekenler. Emma olaryň içinde ýaşy ötüşen bir gyz köneje
geýimini çykaryp, odunyň üstüne büräpdir-de, özi hem onuň ýele gapdalyndan üstüne
abanyp, odunyny ezmezlige çalyşýan ekeni.
Myraly ol gyzda üýtgeşik bir syr baryny aňlap, Soltansöýüne göz ümläpdir.
Soltansöýün ol gyzyň syratyna, keşbine özüni aldyran eken. 01 diňe Myralynyň
ümlemegine görä, ol gyza sowal beripdir:
- Aý gyz, başga gyzlar özüni ezmezlige çalyşsa, sen odunyňy ezmezlige
çalyşýasyň. Munda näme syr bar?
01 gyz ýagşyň haýallanyny görüp, köne geýimini endamyna çolapdyr-da,
Soltansöýüne jogap beripdir:
- Soltanym, men diňe özümden habar bermek isleýän - biziň külbämizde
tutaşdyrlyk hem gury çöp ýokdur. Odunym ezilse, ýagyş uzak ýagyp, yzyny sowuga
tutsa, garryja enemiň buýmagy mümkin. Emma odunymy gury saklasam, sowguň hem
gorkusy ýok, geýimim hem gurar, enem hem buýmaz.
- Siziň öýüňiz haýsy?
- Ho-ol ýeke-täk oturan garaja öý biziňkidir. - Seniň adyň näme?
- Gül.
- Öýüňize barsak, myhman alarmysyňyz?
- Türkmen halkynyň henize çenli myhman kowanyny eşidemok. Ýöne weli,
aýyplaşmaz ýaly, öňünden duýdurmak gerek: biziň soltanlara laýyk derejämiz,
soltanlara laýyk hezzet-hormat ederlik gurbumyz ýokdur.
Myraly ara düşüp:
- Myhman aş üçin gelmän, güler ýüz üçin gelýändir! - diýipdirler.
Gyzlar öýlerine baryp girýänçäler Soltansöýün bilen Myraly bir salym at otaryp,
soňra olar Gülleriň öýüne baryp düşüpdirler.
Soltansöýün Gülüň özüne gyk garaýanyny saýgaryp, garaja öýüň, çagarygyna
seredip, kinaýa bilen:
- Mazalyja öý eken weli, arman çagarygy gyşygrak ekeni! - diýipdir.
Gül hem Soltansöýüne kinaýa bilen jogap gaýtarypdyr:
- Çagarygy gyşyk hem bolsa, tüssesi düz çykýandyr. Gül olaryň öňünde gatyksyz,
nansyz belke goýupdyr. Soltansöýün Myralynyň gulagyna pyşyrdap:
- Men bu gyza degmek isleýän - diýipdir. Myraly oňa:
- Ozal degip, näme aklyk aldyň? 01 seniň jogabyňy örän berk berer! - diýipdir.
Soltansöýün Myralynyň sözüne gulak asman, Güle şygyr bilen habar gatypdyr:
«Belke aşny bulap, goýdy gatyksyz, nansyz». Gül hem oňa özüniňki ýaly, şygyr
bilen jogap beripdir: «Barny bilmeý, ýokny bilmeý ne ajap myhman siz». Myraly
Soltansöýüniň gulagyna pyşyrdap: - Meniň diýenimi etmän, almytyňy aldyňmy? diýipdir. Olar köşge gaýdyp gelenlerinden soň, ýyldyz görenleriň perzentlerinden ikinji
gyzyň Güldügini aňlap, Soltansöýün onuň enesine sawey iberipdir.
Sawçylar baryp habar tutanda, Gül enesinden öňe düşüp:
- Meniň bahamy enem bilmez, özüm bilerin! - diýipdir. Sawçylar gyzyň salgydyny
soranda, Gül şu aşakdakylary sanapdyr:
- On guzy. Ýigrimi böri. Otuz iner. Kyrk aksakal. Elli aýgyr. Altmyş agta. Ýetmiş
nogta. Segsen duşak. Togsan torba.
Soltansöýün sawçylaryň getiren habaryny eşidip, şol zatlary jemlemäge höküm
bermekçi bolupdyr. Onda Myraly ara düşüp:
- Eý Soltanym, sen gyzyň akylly sözlerine düşünmediň - diýipdir.
Soltansöýün Myralynyň sözüne gatyrganyp: - Şeýle bilimdar bolsaň, hany sen
onda düşündir? - diýipdir.
- Soltanym, adam on ýaşynda guzy ýaly bolar, ýigrimide böri ýaly, otuzda iner
ýaly, kyrkda akyl käsesi dolup-daşan ýaly, ellide aýgyr ýaly, altmyşda agta ýaly,
ýetmişde nogtalanan ýaly, segsende aýagy duşaklanan ýaly, togsanda başyna torba
geýdirilen ýaly bolar. Gyz seniň, birinji ýandan, akylyňy synap görüpdir, ikinji ýandan,
seni garry görüpdir.
Soltansöýün Myralynyň sözüne ynjap:
- Men näme üçin garry? 01 gyzyň özi bilen ýaşdaş dälmi? - diýip gygyrypdyr.
- Soltanym, dogry sözliň dosty bolmaýanyny bilýän. Şeýle-de bolsa, gatyrganmaň.
Gülüň şindi gül ýapraklary bozulmandyr. Emma sen özüňi kyrka böldüň. Kyrkyň
ýaşyny üsti-üsti hasaplasaň dokuz ýüz togsan dokuz hem bolar. Sen onsoň özüňi Gul
bilen nähili ýaşdaş hasap edip biljek? Sen iň ýagşysy, onuň sözüne gatyrganma-da,
dilini tapmaga çalyş.
Gül dürli salgytlar, dürli synaglar bilen Soltansöýüni mazaly horlandan soň,
ahyrynda Soltansöýüne özüni zorlap aldyrmaga mejbur edipdir.
Soltansöýün birnäçe günden soň, uzak ýola şaýyny tutup, Güle berk tabşyryk
beripdir:
- Gül, sen eger güllügiňde galmak isleseň, meniň tabşyrygymy hökman ýerine
ýetirersiň. Eger ýetirmeseň, onda seniň ne ýapragyň galar, ne-de ysyň. Men ýedi ýyllyk
ýola gidýän. Men gaýdyp gelemde, sen ýedi ýaşly oglany, gara atyň ýedi ýaşly dölüniň
üstüne mündürip, öňümden çykararsyň!
Patyşa gidenden soň, Gül çykgynsyz ýagdaýda galyp, iň soňunda öz ýanyna
kenizlerini çagyrypdyr. Soltanyň buýrugyny olara mälim edip, olardan maslahat
sorapdyr. Kenlzler oňa maslahat berip bilmän, biz diňe seniň buýrugyňy ýerine ýetirip
bileris - diýip, mälim edipdirler. Gül otuz sany kenize erkek lybasyny geýdirip, olary
otuz baýtala mündürip, yzyna tirkäp ugrapdyr. 01 baryp, Soltanyň goşunyndan açygrak
bir ýerde düşüpdir. 01 iki sany kenizi erkek lybasynda, Soltanyň üstüne gönderip, şeýle
mälim ediň diýipdir:
- Biziň hojaýynymyz bizi siziň üstuňize iberdi. Eger patyşa hezretleri merhemet
etse, biziň hojaýynymyz size salama geljek.
Patyşanyň ygtyýar berenini gelip habar berenlerinden, Gül erkek lybasyna girip,
Soltanyň üstüne barypdyr, yzzat-hormat bilen iki bükülip, salam beripdir. Soltansöýün
gadyrly myhmana öz ýanyndan ýer berip, onuň bilen söhbete başlapdyr:
- Gelşiňiz nireden? Pişäňiz näme?
- Soltanym, biz söwdagär. Biziň haryt ýükli kerwenimiz gelýä. Biz otuz atly nöker
bilen kerweniň öňüni çalyp ýörüs. Siziň şu töwerekde baryňyzy eşidip, siziň bilen
salamlaşyp geçmegi özümize borç bildik.
- Hoş gelipsiňiz!
Olaryň gürrüňleri gyzyşandan soňra, Soltansöýün ondan:
- Eý, söwdagär, siziň başga näme kesbiňiz, hünäriniz bar? - diýip sorapdyr.
Gül oňa:
- Kem-käs küşt bilýän - diýip jogap beripdir.
- Onda küşt oýnaly.
- Örän ýagşy. Ýöne biziň ýurdumyzyň bir dessury bar: oýna başlananda, her kim
iň gowy görýän zadyny orta goýýar, utan alýar.
- Örän ýagşy dessur. Meniň iň gowy görýän zadym gara atymbilen şu başymdaky
jygam. Utulsam, şulary bererin. Onda siz näme goýýarsyňyz?
- Meniň Çynmaçyndan saýlap-seçip alyp gelýän bir gyrnagym bar. Ony görmäge
göz gerek. Sizden utulsam, şony bererin.
Köşkden çykaly bäri aradan birnäçe gün geçeni üçin, Soltanyň gulagyna gyrnak
sözi örän ýagşy ýarapdyr.
Oýun iki arada gyzykly gidip, Soltansöýün ahyrynda utulypdyr. Soltansöýün gara
aty bilen täjini Güle berip, ertir ýene bir gezek oýnamagy haýyş edipdir.
Gül Soltansöýüniň täjini başyna geýip, gara aty bolsa baýtallaryna goýberipdir.
Ertesi gün küşt oýnanlarynda, Soltansöýün utupdyr.
Gül gyrnak sypatyna girip, özüni Soltansöýüniňkä eltdiripdir-de, üç gün geçenden
soň, ýene bir bahana bilen alyp gaýtmaklaryny kenizlerden talap edipdir.
Güle gözi düşenden Soltansöýüniň huşy başyndan uçup, oňa el urmakçy bolupdyr.
Gül Soltansöýüniň eline kakyp:
- Çek eliňi! Men gyrnak hem bolsam, şerigat kanunyna görä nikalamasaň, meniň
ýanyma gelmersiň! - diýipdir.
Soltansöýün giňişlik bir wagt bolsa, belki, ony harema tasladardy, emma häzir
onuň şertine boýun egmäge mejbur bolupdyr. Kazy hat ýazyp, Soltansöýün möhürini
basypdyr- da, «gyrnagyň» eline beripdir.
Aradan üç gün geçenden soň, kenizlerden biri erkek adam sypatynda gelip,
Soltansöýüne ýüz tutupdyr:
- Soltanym, meni hojaýyn iberdi. Maňa Soltanyň täjini geýmek, atyny münmek
laýyk däl. Soltana-da gyrnak bilen goş birikdirmek gelişmez. Bu işi il-gün bilmänkä,
«öňki-oňkülik etseň, diýip, biziň hojaýynyrnyz size maslahat salýar.
Soltansöýün ol sözi makul bilipdir-de, «gyrnagy» yzyna gaýtaryp, aty bilen täjini
getirdipdir.
Aradan aý, gün geçenden soň, Gülüň ogly, baýtallaryň-da gara atdan döli bolupdyr.
Aradan ýedi ýyl geçenden soň, Soltansöýüniň ýetip gelýän habary düşüpdir. Gül öz
ogluny gara atyň dölüne ataryp, birnäçe tabsyryk beripdir-de, atasynyň öňünden
ugradypdyr.
Gülüň ogly ýüz oglana baş bolup, gara atyň üstünde Soltansöýüniň öňünden
çykypdyr.
- Essalawmaleýkim, ata! - diýip, Soltansöýüne baş egipdir.
Soltansöýün ol oglana haýran galyp:
- Kinüň oglusyň? - diýip sorapdyr. Oglan atasyna şatlyk bilen garap.
- Soltansöýünin ogludyryn! - diýipdir. Soltansöýün atdan düşmäge mähetdel,
gazap bilen Güle bakan okdurylypdyr. Onuň pygylynyň geň däldigini aňlan Myraly
onuň yzyndan galmandyr. Soltansöýün Gülden habar hem soraman, gylyjyny syrypdyrda, Gülden eňtermekçi bolupdyr, Myraly ara düşüp:
- Soltanym, jellatlar hem sebäpsiz ar alýan däldir. Ilki bilen munuň sebäbini
bilrneli - diýipdir.
Soltansöýün gazabyna çydaman:
- Çekil! - diýip gygyrypdyr. Myraly onuň öňünde baş egip:
- Soltanym, sebäpsiz gan dökmegi ýüregiňe düwen bolsaň, goý ol bir bolmasyn, iki
bolsun, öňi bilen meniň başymy kes - diýipdir.
Soltansöýün Myralyny çapyp bilmän, gylyjyny aşak goýberipdir-de, gyryljyk ses
bilen:
- Gül, ol oglany nireden aldyň? - diýip sorapdyr.
Gül şol ýagdaýa darykman, Soitana şan berip, şatlykly garapdyr:
- Soltanym, sen şikardakaň, söwdagär bilen küşt oýnapmydyň?
- Oýnapdym.
- Utulaňda näme beripdiň?
- Gara atym bilen täjimi beripdim.
- Utaňda näme alypdyň?
- Söwdagäriň gyrnagyny alypdym.
- Sen ol gyrnaga el urmakçy bolaňda, näme talap edipdi?
- Ähtnama.
- Sen ony beripmidiň?
- Hawa, beripdim.
- Sen öz ähdiňi, möhrüňi tanarmyň?
- Horasanda meniň möhrümi tanamaýan barmy?
Gül Soltansöýünin möhürli hatyny çykaryp berende, Güli özünden ökde, Myralyny
özüniň çyn dosty hasap edipdir-de, olaryň ikisnniň öňünde başyny egipdir. Şol wagtda
bökjekläp gelen ýedi ýaşly ogluny gujaklapdyr-da, mäkäm öpüpdir.
Kim hakly?
Soltansöýün bir söý bilen ýazyň güni Horasanyň beýik dagynyň başyna çykanda,
tas özüni sowuga aldyran eken. 01 şol dagyň baýlygyndan peýdalanyp bilmän, haýsy
ýol bllen şol dagda adam ýaşar ýaly edip bolarka diýip oýlapdyr. Iň soňunda, gyşyň
güni jar çekdiripdir.
- Kim Horasanyň beýik dagynyň üstünde, kyrk ýorganyň içinde bir gije ýatyp,
ertire ölmän çyksa, şol adama Soltansöýün boýy bilen altyn berjek.
Altyna gyzygan birnäçe adam şol dagyň üstünde janyny gurban beripdir. Myraly
bir gün:
- Soltanym, şoňa men hem bir synanyp göreýin - diýipdir.
Soltansöýün oňa:
- Myraly, sen akmak bolma, men seniň janyňa dözemok, sen maňa gerek adam! diýip, ony ibermekden boýun towlapdyr. Myraly meseläni kesgin goýupdyr:
- Soltanym, jan meniňki. Men öz janymy seniň meni söýüşiňden birnäçe esse
köpräk söýýän. Meniň hem ölesim gelenok. Men diňe seniň niýetiňi ýüze çykarmak
isleýän. Sen ýa-ha meni şol dagyň üstünde ýatyp turmaga goýber, ýa-da şertiňi yzyna
gaýdyp al.
Soltansöýün Myrala rugsat bermekden başga çäre tapmandyr.
Myraly dagyň üstüne çykyp, kyrk ýorganyň otuz dokuzyny aşagyna düşäpir-de,
birini üstüne ýapynypdyr. Gije onuň: endamy hem tikeneklemän, ertir turanda, gaýta
çygjaryp, oýanypdyr.
Soltansöýün ol waka haýran galyp, Myrala sowal beripdir:
- Myraly, sen dogryňdan gel. Gije ýataňda ot gördüňmi?
- Hawa, bir mezil çenli günbatar aşak gapdalymda bir ot ýalpyldap görünýärdi.
- Hä, saňa onuň howry bilen özüňi gyzdyranja adam diýerler. Sen meniň şertimi
ýerine ýetirmänsiň! - diýip, Myrala altyn bermekden ýüz dönderipdir.
Günüň bir gününde Soltansöýün üçin Myraly gyssagly gerek bolupdyr. Myralynyň
yzyndan adam iberende, Myraly oňa:
- Soltansöýüne aýt: men ýaňyja tüňçe oturtdym, şol gaýnandan soň, çaý içip
bararyn - diýipdir.
Soltansöýün gyssanyp, yzly-yzyna näçe adam iberse-de, olaryň hemmesi şol jogap
bilen gaýdyp gelipdir. Mahlasy, ýüz tüňçe gaýnar salym geçse-de, Myraly gelmändir. Iň
sonunda Soltansöýüniň özi onuň üstüne barmaga mejbur bolupdyr. 01 baranda, Myraly
oduň üç ädimlik beýlesinde-tüňçe goýup, aýbogdaşyny gurup oturan eken. Soltansöýün
oňa-gaharlanyp:
- Eý akmak adam, heý üç ädimlikdäki tüňçä-de oduň gyzgyny ýetermi! - diýip
igenipdir.
- Eý soltanym, bir mezillikdäki ýanan ot meni gyzdyran- da, üç ädimlikdäki ot
tüňçäni gaýnatmazmy?
Soltansöýün özüniň utulanyny boýun alyp:
- Myraly, men seniň haklydygyňy bilýärdim, emma şoňa näme jogap taparkaň
diýip, seni synap görmek üçin etdim. Altyn näçe gerek bolsa, açary seniň eliňde! diýipdir.
Myraly oňa:
- Soltanym, sen altyndan doýmaýşyň ýaly, Myralyny synamakdan hem doýmaýan
ekeniň. Soňra ahmyr çekme. Myraly ölýänçä näçe soragyň bolsa beriber - diýipdir.
Bu-da geçer
Myrala görip wezirler öz aralarynda maslahat edişip, iň soňunda ony ýoklamaň
küýüne düşüpdirler. Olar onuň bilen gezmäge çykan kişi bolup, Myralyny çöl içinde bir
guýa taşlapdyrlar.
Iki-üç günläp, Myralydan derek bolmandyr. Soltansöýün ony hiç ýerden tapman,
belki, öýkeläp gidendir diýen oý bilen gaýgy-gama batyp, hiňlenip oturan eken.
«Gam bilen, gaýgy bilen soldy baharyň gülleri...»
Bir söý bilen şähere gelip, Soltansöýüniň aýdymyny eşiden çopan ony ýat
tutupdyr. Soňra ol çopan meýdanda goýun bakyp ýörkä, Soltansöýüniň aýdymyny
ýadyna salyp hiňlenipdir:
«Gam bilen, gaýgy bilen soldy baharyň gülleri...»
Çopan aýdymyny aýaklamanka, ýeriň aşagyndan şol aýdymy dowamlandyrýan ses
çykypdyr:
«Dostuny çaýa salandyr, saýramaz bilbilleri...»
Çopan sesiň nireden gelýänini bilip bilmän, ol aýdymy hem ýadynda saklapdyr. 01
ýene şähere gelende, Soltansöýüniň «Gam bilen, gaýgy bilen soldy baharyň gülleri...»
diýen aýdymyny eşidip, « Dostuny çaýa salandyr, saýramaz bilbilleri» diýip
geçibermekçi bolupdyr.
Soltansöýün çopany saklap, ol aýdymy nireden öwrenenini sorapdyr. Çopan oňa
ozal bir gezek gelende, Soltansöýüniň aýdymyny öwrenenini, soňra şol aýdymy çölde
aýdyp ýörkä, onuň yzyny dowam edýän ses eşidenini aýdypdyr.
Soltansöýün işin nireden gelip çykanyny derrew aňlap, wezirlerini öz ýanyna
çagyryp, olaryň öňünde şert goýupdyr:
- Size günortana çenli möhlet berýän. Siz şol möhletiň içinde şeýle bir söz tapyň,
şol söz meni hem şatlandyrsyn, hem gynandyrsyn... Eger şol sözi tapmasaňyz, onda
siziň baryňyzyň hakyňyz ölüm.
Soltanyň «söz» diýmekden maksady - Myralyny tapyň diýdigi eken. Emma oňa
wezirler düşünmändirler. Olar öz aralarynda näçe göterişip, goýuşsalar-da, Soltany
şatlandyryp, gaýgylandyryp biljek söz tapmandyrlar. Olaryň ajallary golaýlany üçin,
ýene Myrala ýalbarmakdan başga çäre tapman, at başyny çekmän, onuň ýanyna
barypdyrlar. Olar öz eden işlerine ökünýänlerini mälim etmek bilen, Soltanyň şertini
aýdyp, özlerini goldamagyny, ony guýudan çykarjaklaryny, ol işi bütinleýin
basyrmagyny ondan haýyş edipdirler.
Myraly olara bir söz öwredipdir.
Wezirler Soltansöýüniň huzuryna gelip, baş egipdirler. Soltansöýün olardan
soranda:
- Bu-da geçer - diýip, jogap beripdirler.
Soltansöýün olaryň üstüne gygyrypdyr.
- Haramzadalar! Bu söz öz erkine adamyň agzyndan - siziň agzyňyzdan çykjak söz
däl. Bu söz - ölüm öýündäki ýatan adamynyň sözi. Bu sözi kimden öwreneniňizi derrew
aýdyň. Bolmasa, baryňyzyň ganyňyzy gotura derman ederin.
Wezirler ol sözi Myralydan öwrenenlerini, ony ondan ozal guýa taşlanlaryny
boýun alypdyrlar. Soltansöýün olara buýrupdyr.
- Siz guýy bilen arany gidişiniňiz ädimläp, gaýdyşynyňyz Myralyny gezegine
arkanyza göterip getiriň!
Myralyny göterip getirenlerinde, Soltansöýün wezirlerden ar almagy Myralynyň
özüne tabşyrypdyr. Myraly Soltansöýüne garap jogap beripdir:
- Eý soltanym, siz Myralyny näçe synlasaňyzam, siz ony entek tanap bileňzok.
Myraly öz ýüreginde kitüw saklaýan adam däl. Size-de maslahatym şeýle, ar almakçy
bolsaň, adam şekilli adamdan, özüň bilen deňdeş adamdan almaly. Her aýaga batan
tiken üçin, eliňi gana bulap durmaň hem manysy ýok.
Nirä harç edýäsiň?
Myraly öz öýüne Soltansöýüni hiç wagtda çagyrmaýan eken. Bir gün olaryň ýoly
Myralynyň öýüniň duşundan düşende, Myraly ýene sesini çykarman, geçip gitmekçi
bolupdyr. Emma Soltansöýün bu sapar dillenmän durup bilmändir:
- Myraly, seniň bir sapar hem öýüňe mürehet edeniňe men miýesser gelmedim.
Munuň sebäbi näme?
- Onuň sebäbi, Soltansöýüniň Myralynyň ýaşaýyş halyndan habar almaýany üçin.
- Hany onda öýüňe baryp goreli.
- Ýörüň, Soltanym.
Soltansöýün içerik girip seredende, onuň gözüne hiç bir zat ilmändir. Öýüň
üstünden müň daş oklasaň, biri galman içine düşerli. Myralynyň aýaly düşeksiz öýde,
takyr deriniň üstünde ik egrip oturan eken. Soltansöýün onuň Myralynyn öýüdigine
ynanman:
- Bu öý kimiň öýi? - diýip, oturan aýaldan sorapdyr.
- Soltanym, bu öý siziň baş weziriňiz Myralynyň öýüdir.
- Siz näme üçin beýle hor ýaşaýarsyňyz?
- Hudaýa şükür. Janymyz sag. Etmäge ýarpasyna iş tapýas.
- Men seniň äriňe aýda ýüz tylla aýlyk berýän. 01 pullar nirä gidýär?
- Soltanym, nireden ýygnanýan bolsa, belki, şol ýerlere gidýändir? Biz-ä şu öýde
ýokaryk seretsek ýyldyz, aşak gara- sak, şu takyr deriden başga hiç zat görýän däldiris.
Soltansöýün Myrala sowal beripdir:
- Ýeri, Myraly, hazynadan alýan puluňy öýe getirmän, nirä harç edýäsiň? Myraly:
- Şol puluň nirä harç bolýanyny bilmek isleseň, meniň yzyma düş! - diýipdir.
Soltansöýün onuň bilen gitmäge razylaşanda, Myraly oňa şert goýupdyr:
- Meniň esbabymy sen geýmeli, seniňkini men. Meniň, atymy sen münmeli,
seniňkini men. Sen yzdan ýöremeli, men öňden.
Soltansöýün oňa-da razy bolupdyr.
Olar şäheriň çetinde, bir topar maýyp-müjrübiň üstünden barypdyrlar. 01 ýeri özüni oňarman, ile geregi bolman, ilden saýlanyp çykan bagtsyzlaryň ýeri eken. Myraly
soltan sypatynda atyny önden sürüp barany üçin, ony tanaman, duşlaryndan
geçiripdirler. Emma Myralynyň geýimindäki Soltansöýüniň daşyna üýşüpdirler. Onuň
biri atyny jylawlap, biri aýagyndan, biri elinden ýapyşyp, atdan göterip düşüripdirler.
- Gözümiziň göwheri, derdimiziň dermany Myraly geldiňmi? Alla saňa uzak ömür
bersin? - diýip, Soltansöýüni geplemäge, gymyldatmaga-da goýmandyrlar.
Soltansöýün bogazyna sygdygyndan gygyrypdyr:
- Aý Myraly, ýeteweri! Seniň puluň nirä harç bolýanyny men indi bildim. Bularyň
patyşasy men däl-de, sen ekeniň.
Myraly maýyp-müjrüplere garap, Soltansöýüni tanadypdyr:
- Soltansöýün siziň üstüňize siziň halyňyzy soramaga geldi. Siz ondan näme
hajatyňyz bolsa diläň.
Maýyp-müjrüpler Soltansöýüniň daşyna ýamaşgandan geçipdirler. Onuň daşyna
ýag garynjasy ýaly üýşüp, endam- janyndan, geýim-gejiminden ogşap başlapdyrlar.
Agyr ýagdaýda galan Soltansöýün Myrala:
- Näme alsaň al-da, meni bularyň elinden sypdyr! - diýip ýalbarypdyr.
Myraly:
- Maýyp-müjrüpler, kerler-şeller üçin ýörite jaý saldyryp, harjyny döwlet hasabyna
götererin diýseň boşadaýyn - diýip, şert goýupdyr.
Aýylganç ys başyny aýlan Soltansöýün:
- Onuň üstüne, maýyp-müjrüpleriň serkerdesi Myralynyň öýüni hem täzeläýin! diýip, boýun bolupdyr.
Nätmek gerek?
Soltansöýün gara aty bilen Gül atly aýalyny bütin dünýä deňeýän eken. 01 olaryň
ölümini gözüniň öňüne getirip bilmän, bir gün wezirleriniň ýanynda:
- Kim gara atym bilen Gülümiň ölen habaryny maňa ýetirse, şol adamynyň jany
howp astynda galar! - diýen eken.
Nirede jan bolsa, şol ýerde ölüm hem bar. Gara atyň bir gün demi gelip-gitmesi
kesilen eken. Wezirler ol habary Soltansöýüne mälim edip bilmän, ony duýdurmagy
Myrala ýalbaran ekenler.
Myraly Soltansöýüniň ýanyna baryp, ýüzüni aşak salyp, sortduryp durupdyr.
Soltansöýün ondan:
- Ýeri Myraly, bu nä boluş! Bu saňa gelişjek häsiýet däl-le. Munuň sebäbi näme? diýip sorapdyr.
Myraly başyny galdyryp, şygyr bilen mälim etmäge durupdyr:
Gara atyňyz ýatypdyr.
Aýaklaryny atypdyr.
Gulaklary gatypdyr...
Soltansöýün onuň sözüni kesip:
- Öldi diýseň bolmaýarmy? - diýipdir. Myraly oňa garap:
- Soltanym, «öldi» habaryny biz-ä özüňden eşidýäris! - diýipdir.
Soltansöýün biraz salym ýüzüni aşak sälyp oturandan soň.
- Beýle diýmek bilen, menin janymy howp astyna salmak isleýärmiň? - diýipdir.
- Ýok, Soltanym, öz janymy howp astyndan sypdyrmak iş leýän.
- Aýyby ýok. Gara at ölen bolsa, gyr at ölmändir.
Goralan göze çöp düşer diýen ýaly, Soltansöýünin iň gowy görýän aýaly Gül hem
bu gün aradan çykypdyr. Wezirler ol habary Soltansöýüne aýdyp bilmän, ýene Myrala
ýalbarypdyrlar. Myraly Soltansöýüniň ýanyna baryp, baş egipdir:
- Soltanym ygtyýar berse, bir setir şygyr bilen sowal berjek.
- Rugsatdyr.
«Serwi agajynyň saýasynda solsa Gül, nätmek gerek?»
Soltansöýün hem oňa şygyr bilen:
«Serwiden tabyt kylyp, gülden kepen etmek gerek» - diýip, jogap beripdir-de,
ýüreginiň awusyna çydap bilmän, öwhülläp dem alypdyr:
- Wah! Gül öldi diýseň, bolmaýarmy?
- Gül öldi diýsem, öz ölümimiň gursagyma pyçak direjegi ýadyma düşdi.
Soltansöýün ýöne bir soltan bolman, Myralyň yzyny basyp ýatan şahyr ekeni.
01 Gülüň gaýgysy bilen, pelekden şikaýat edip, şu aşakdaky şygry goşupdyr:
Çarhy bet mähriň elinden eýlerem men dady heý.
Çünki kyldy bizni gamgyn, özgelerni şady heý.
Nije ýyllyk aşnamyz, boldy bizden ýady heý.
Sernigun olmuş, ýatyr ol kamaty şemşady heý.
Jennetin burçundaky tubumny ýykdyň bady, heý.
Pyrkat eýýamynda Mežnun şünça köp lap urmasyn.
Hijri derdi dagyny hiç kimse menden sormasyn.
Mert eger tohmun ekip, bimahal sowuk urmasyn.
Tiz göteriň jismini, çyksyn ki, çeşmim görmesin.
Tabytyn tizräk ýonup, gönderewer harrati, heý.
Ýary kim kyldy sapar, hij rariä dözsek, wagtydyr.
Pyrkatyndan ýaş döküp, bagryny ezseň, wagtydyr.
Ýagşylarnyn liusny bardyr, bir gül üzseň, wagtydyr.
Leýliýu Mežnun sypat diwana gezsek, wagtydyr
Jany Şiriniň çykyp, çyksyn gözüň Perhady, heý.
Hapyzy dek göwsüňe daş urmadýň, Soltansöýün.
Akdyryp yşky rowanyň ýörmediň, Soltansöýün.
01 ki teslim kyldy jan, sen kylmadyň, Soltansöýün.
Ýar bilen bir göre neçün girmediň, Soltansöýün.
Täki dünýä bar eken galardy senden ady, heý...
JONNUK BATYR
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda Jonnuk batyr diýen bir adam bar eken.
Onuň dört aýaklydan diňe bir tulparja ýabyjygy bar eken. Jonnuk batyr oňa Tulpar
diýup at berýan eken. Ýaşaýyş adatdan daşary kyn döwürde, Jonnuk batyryň bütin
güzerany şol Tulpara bagly eken: odunyny çekýän, eatmasyny ondan-oňa, göçürýän,
kireý edýän, çül çagasyny ekleýän diňe şol eken.
Güýzüň, gyşyň agyr azabyndan soň, Tulpar halys gurpdan düşen eken. Çülpe
çagalaryny zordan ekleýän Jonnuk batyrda Tulpar üçin iým nirede, ot nirede?
Sünklerinden torba asaýmaly Tulpar eňegini ýere bererli bolanda, ýaz çykyp, ýagmyr
ýagyp, ýeriň ýüzi gök öwsüpdir.
Iýmiti ýetmedik iglije çagalary ýuwa-ýelmikden, kömelekden doýup
başlanlaryndan soň, Jonnuk batyr:
- Goý, bu janawer hem ýazlasyn, etine-ganyna çyksyn, semresin! - diýip, Tulpary
ýalaňaçlapdyr-da, meýdana kowupdyr.
Ertir gidip, agşam gelýän Tulparyň şähti açylypdyr, etine- ganyna gelipdir, tüýüni
düşüripdir, endamy ýalpyllap başlapdyr. Jonnuk batyr öz ýanyndan «Tulpary indi
eýerläýsem hem boljak» diýip oýlapdyr. Birdenkä bolsa, ertirki giden Tulpar giçden soň
gara dere batyp gelipdir. Onuň sebäbini bilmedik Jonnuk batyr oňa haýran galypdyr.
Tulpar ertesi ýene derläp gelipdir, birigün ýene gara dere batyp gelipdir.
Tulpar aňyrsy üç-dört günüň içinde horlanyp, garny gapyrgalaryna ýelmeşip
başlapdyr.
Jonnuk batyr öz ýanyndan «Be-e, Tulpara näme bolýarka? » diýip oýlanypdyr,
emma sebäbini tapyp bilmändir. Iň soňunda, Tulpara näme bolýanyny bilmek niýeti
bilen, ony ýene meýdana kowupdyr-da, özi gara görnüm yzyndan garawuilap gezipdir.
Bir görse, mähnet bir aýy Tulpara atlanypdyr-da, giň otluk meýdanda aýak
aldygyna çapyp başlapdyr, aradan salym geçmänkä bolsa, Jonnuk batyryň gözünden
ýitip gidipdir.
Tulparyň yzyndan ýetip bilmejegini, aýyny ele salyp bilmejegini aňlap Jonnuk
batyr yzyna dolapdyr-da, ýol boýy oýa çümüpdir.
Tulpar ýene giçden soň gara dere batyp gelipdir.
Jonnuk batyr az oýlapdyr, kän oýlapdyr, iň soňunda, Tulparyň endam-janyna ýelim
çalyp, ýene meýdana kowmakçy bolupdyr. Emma Jonnuk batyra naýynjar garan Tulpar
«Ýok, indi gidesim gelenok» diýýän ýaly, kürtdürip durupdyr.
Jonnuk batyr Tulparyň maňlaýyny, ýalyny sypalapdyr, oňa ýalbarypdyr:
- Tulparym, iň soňky gezek, şu gün hem git. Men seni şol beladan dyndararyn,
aryňy öteräk alaryn!
Tuipar göýä diýersiň öz hojaýynynyň diline düşünýän ýaly, bir-iki ädim ätläpdirde, ýene yzyna dolanyp, ýalbaryjy bir garaýyş bilen ýüzüni aşak salypdyr.
Jonnuk batyr ýene ýalbarypdyr.
Tulpar ýene ýola düşüpdir, ýene yzyna dolanypdyr bir zatdan gorkýan ýaly,
sandyrapdyr.
Öz niýetini ýerine ýetirmek islän Jonnuk batyr Tulparyň halyna dözmese-de, iň
soňunda oňa haýbat atyp, çybyk göteripdir.
Tulpar şondan soň närazy bir görnüşde haýal-ýagal ädim urupdyr.
Emma... Tulpar agşam dolanyp gelmändir.
Jonnuk batyr, uzak gije ukusy tutman, dürli oýa çümüpdir, eýläk agdarylypdyr,
beýläk agdarylypdyr, bar ýok ýekeje gylýalyndan hem dynsa, durmuşynyň önküdenem
ýaramazlaşjagy ony aldym-berdime salypdyr, Tulpary zorlap kowany üçin ökünip,
aňyrsyna ýetip bilmändir. Jonnuk batyr iň soňunda, howa ýagtylmagyna mähetdel,
aýpaltasyny egnine atypdyr-da, niredesiň Tulpar diýip, ýola düşüpdir.
Jonnuk batyr giň otluk sährada eýläk bir gidipdir, beýläk bir gidipdir. Tulpara gözi
ilmändir. Tulparyny elinden aldyran Jonnuk batyryň ýüregi awapdyr, az gözläpdir, kän
gözläpdir, iň soňunda... bir üýşmek gara gözüne ilipdir. Emma Jonnuk batyr onuň
nämedigini uzakdan saýgaryp bilmändir.
Jonnuk batyr iň soňunda şol gara baryp görse, bir topar jandar biri-birine
baglanyşyp ýatan ekeni. Ölügsi gözlerinde ýaş görünýän Tulpar ysgynsyz dodaklaryny
çala gymyldadanda, Jonnuk batyr bolup geçen wakany göz öňüne getiripdir:
Türresi, butlary, gollary Tulparyň ýelimli ýagyrnysyna ýelmeşen aýy düşjek wagty
düşüp bilmändir-de, Tulpary çapypdyr, çapypdyr, çapypdyr... Ahyry gurpdan düşen
Tulpar howa garaňkyranda güpürdäp gidipdir.
Ysgyny gaçan günäkär aýy ondan sypyp bilmändir.
Olaryň gymyldysy galman, çala demleri galany üçin, Tulpary, aýyny gara
batgalykdyr hasap edip gelen doňuz burny bilen «batgany» dörmekçi bolanda, Tulparyň
garnyna ýelmeşip galypdyr.
Tulpary, aýyny, doňzy öli göwrelerdir hasap edip gelen aç möjek, açyk agzyny
gyssanmaç uranda, Tulparyň buduna ýelmeşip galypdyr.
Üýşmek bolup ýatan Tulpary, aýyny, doňzy, möjegi seljermekçi bolan tilki olaryň
daşynda aýlanypdyr, pyrlanypdyr-da, ysyrganyp burnuny uzadanda, Tulparyň ýalyna
ýelmeşip galypdyr.
Tulpary, aýyny, doňzy, möjegi, tilkini ýykylan köne tam hasaplan baýguş gelip
gonanda, Tulparyň boýnuna ýelmeşipdir.
Tulparyň ölüm halynda gözgyny ýatyşyna rehimi inen, ýyrtyjylara gazaby gelen
Jonnuk batyr olaryň baryny birden gyrmak küýüne düsüpdir. 01 aýpaltasyny ýökary
galdyryp, ilki bilen baýguşdan başlamakcy bolupdyr:
- Weýrançylyga buýsanýan betpäl, seni bir nas edeýin!
Ölüm howpuna düşen baýguş ganatlaryny pasyrdadypdyr-da, naýynjar
ýalbarypdyr:
- Ku-ku... ku-ku... Batyr aga, meni öldürme, men galan ömrümi senden göreýin.
Çaga-çugalaryňa bir sebet böwürslen iýmişini getirip bereýin!
Baýguşuň owadan gözlerindäki ýaşa gözi ileni üçinmi ýa- da çaga-çugalarynyň
süýji iýmişi şüwlümli tamşanjaklaryny göz öňüne getireni üçinmi, Jonnuk batyr sesini
çykarman, baýguşy emaý bilen sypdyryp goýberipdir.
Baýguş öz wadasyna wepalylyk bildirýän ýaly:
- Ku-ku... - edipdir-de, ganatlaryny pasyrdadyp, gözden ýitipdir. Jonnuk batyr
aýpaltasyny egnine atyp, möjege çenäpdir:
- Heý, ganhor möjek! Seniň beri hamyňy çöpe sereýin.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Japbaklar - 10
  • Parts
  • Japbaklar - 1
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 1970
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 2
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1739
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 3
    Total number of words is 3967
    Total number of unique words is 1807
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 4
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1777
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 5
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1822
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 6
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1884
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 7
    Total number of words is 3935
    Total number of unique words is 1938
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 8
    Total number of words is 4061
    Total number of unique words is 1857
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 9
    Total number of words is 3930
    Total number of unique words is 1878
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 10
    Total number of words is 2268
    Total number of unique words is 1054
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.