Latin

Japbaklar - 3

Total number of words is 3967
Total number of unique words is 1807
31.0 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
49.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýetirmezlige şert etdi, Japbaklar üçin onuň şertine hajat ýokdy. Olar ony ynjytmak däl,
gaýta öz atalary hökmünde hormatladylar.
Japbaklar Kelekbaý bilen hoşlaşyp, hoşaly sanajy göterip, öýlerine bakan
gaýtdylar.
Kelekbaý Japbaklaryň ýanynda näçe şert etse-de, hoşaly sanaç onuň hut öz
teninden kesilip alnana döndi. Japbaklaryň hoşa çöplänine ol hiç ynanyp bilmedi. Şonuň
üçin, Japbaklardan ýaňa onuň ýureginde bir kitüw galdy.
Sygyr söwdasy
Hoşadan agyzlary tagam tapan Japbaklaryň öýlerinde çörek bolady.
Olar indi hoşa her gün gitdiler. Olaryň indi dördüsi bir sanaç götermän, her haýsy
bir sanaç göterdi. Japbaklaryň azygy bolap başlady. Indi olar çörek hurşy bolar ýaly,
süýt-gatyk berip duran sygyrjyk edinmek küýüne düşdüler.
Japbaklardan içi kitüwli Kelekbaý olara hiç bir zat edip bilmedi. 01 öz ýanyndan
indiki boljak çalamünderden heder edip, ony hiç bir ýerde agzap hem bilmedi. 01
Japbaklaryň hoşa çöpläp ýörenlerini öz gözi bilen görse-de, özüniň müňkürligine görä,
Japbaklar sanaçlaryny onuň harmanyndan ýa desselerinden ogurlaýandyrlar diýip
düşündi. Şonuň üçin hem olardan aryny almak, olary möçükdirmek, nämeden hem
bolsa zyýan çekdirmek üçin pursat arap gezdi. Japbaklaryň sygyr edinmek kül-külüne
düşenlerini eşidenden soň bolsa: «Ho-op, duruber bakaly. Sizden şu sapar öňkisoňkymy çykaraýmazmykam!» diýip oýlandy.
Güýz aýydy. Howa çigrekdi. Meýdandan ekin-dikin, gawun-garpyz ýygnalypdy.
Bir gün eňňere meýdanlaryndan Japbaklaryň tirkeşip ýörenlerini gören Kelekbaý
öňünden taýynlap goýan ullakan gara garpyzynyň daşynda aýlandy, onuň töwereklerini
süpürişdirdi, tämizledi.
Japbaklar onuň üstünden geldiler. Eňňere meýdanynda galan ýeke-täk mähnet
garpyza geňirgendiler. Japbak oňa sowal berdi:
- Ýeri-ow, baý aga, munyň näme?
Kelekbaý ýylçyr gara garpyzy ýeňi bilen süpürdi, Japbaklara ýylgyrjaklap garady:
- Köşeklerim, bu-ýa bir bogazja sygyr.
Ýapbak Mapbaga seretdi. Mapbak Topbaga seretdi. Topbak Japbaga seretdi.
Japbak Kelekbaýdan sorady.
- Baý aga, bu nähili sygyr? Munyň garpyz ýaly-la. Japbaklar her hili agyr günleri
ýük sanman, wäşilik bilen bilmezlige salyp ýörseler, Kelekbaý olary akmak hasap
edýärdi. Şonuň üçin olary aldamak, oýnamak çäresine girişdý.
- Han ogul, heý, şu meýdanda gawun-garpyza gözüňiz ildimi? Olaryň baryny
eýýäm sowuk urup guratmadymy näme? Bu janawaryň guzlar wagty golaýlapdyr.
Şonuň üçin kirpi ýaly aýaklaryny içine ýygryp, çyglyp ýatyr. Siziň gözüňize garpyza
meňzeşräk görünse-de, bujagazyň özi tohum sygyrdyr.
Topbak Mapbaga kinaýa bilen garady. Mapbak Ýapbaga «Kelekbaýyň hilesine
düşünýäňmi?» diýen sowal bilen garady. Ýapbak Japbaga «Kelekbaýyň göwni şonda
bolsa, biz aldanan kişi bolsak, utularmykak?» diýen sowal bilen garady. Japbak
Kelekbaýyň hilesine garşy hile gurmak isledi.
- Baý aga, sygryňy satjakmy?
- Hawa, hanym, sygyr mende başga-da kän, özüňiz bilýäňiz. Bahasy ýetse, şujagaz
sygry satmanam durjak däl.
- Baý aga, onda sygryň bahasy näçe?
- Üç tümen.
Tumen, gyran hiç wagtda Japbaklaryň eline düşeň zatlar däl. Şonuň üçin Ýapbak
Kelekbaýa mälim etdi:
- Baý aga, biziň tümen-mümen bilen tanyşlygymyz bolmaz. Sen sygry bize
bugdaýdan bahala.
- Aýby näme! Bugdaýam oňat zat. On dört batman bugdaý beräýiň.
Mapbak ondan haýyş etdi:
- Baý aga, biz seniň batman-matmanyňy bilmeris. Sen ölçeg bilenjik aýt: näçe jam
ýa-da näçe sanaç?
Aňry çekeleşdiler, bäri çekeleşdiler, iň soňunda söwdalaşdylar.
Sygryň bahasy bir sanaç bugdaý boldy. Topbak Kelekbaýa çiňerildi:
- Baý aga, soňundan ökünjek bolsaň-a, öňünden aýt. Onda söwdany goýbolsun
edeli.
- Ýok, ogullarym, meniň sözüm hemişe sözdür. Japbak oňa çiňerildi.
- Baý aga, oňda biziň söwdamyz daşa ýazylan hata dönsün. Sygyr biziňki, bugdaý
seniňki. Öýe baran badymyza bir sanaç bugdaýy bizden al. Biz minneti hoşadan, hoşa
höküm edýän, ine, şu penjelerden çekýäs!
- Aýtdym - gutardy.
Doganlar «sygry» öýe eltip gaýtmagyň küýüne düşdüler.
Japbak onuň syrtyna geçip: - Höw! - diýdi. Sygyr gymyldamady.
Mapbak aýagynyň burny bilen onuň böwrune dürtüp: - Höw! - diýdi. Sygyr
gymyldamady.
Ýapbak aýagyny ýere patladyp, batly ses bilen; - Höw! - diýdi. Sygyr
gymyldamady.
Topbak onuň arkasyna çybyk çalyp: - Heş! - diýdi. Sygyr gymyldamady.
Beýlesine baksa pyňkyrjak bolýan, böwrüni müňküldedip gülýän Kelekbaý
düşündiriş berdi.
- Balalarym, men size aýtdym ahyry: sygryň guzlar wagty gelipdir. Ony bu wagt
gyssasaňyz, göle taşlatdyrarsyňyz. Siz, iň ýagşysy, ony göterip gidiň-de, aýaz degip
buýdurmaz ýaly, oraçaňyzda, ýylyjak ýerde saklaň.
Japbak Kelekbaýa keýerjekläp seretdi.
- Sygry götermek?!
Kelekbaý ellerini iki ýana gerdi.
- Han ogul, gerek bolanda, dünýäniň hem göterildigi bardyr. Sygyr nämedir?
Onda-da gulajyn sygyr? Japbaklaryň ýanynda onuň gürrüňi bolarmy? Meniň göwnüme
bolmasa, siz pili hem göterermikäňiz öýdýän!
Mapbak apaň-apaň basdy.
- Hökman götereris! Ýadaw bolsaň, baý aga, sygryň üstüne mün. Seni hem bile
götereris!
Japbaklar «sygry» götermekçi boldular.
Japbak Ýapbaga: - Sen iki art aýagyndan ýapyş - diýdi.
Ýapbak Mapbaga: - Sen iki öň aýagyndan ýapyş - diýdi.
Mapbak Topbaga: - Sen guýrugyndan ýapyş - diýdi.
Topbak Japbaga: - Sen iki şahyndan ýapyş - diýdi.
Olar «sygryň» haýsy ýerini elleseler, buz ýaly ýylmanak endamyna elleri degdi.
Japbak aýtdy: - Baý aga, munuň kellesem ýok, şaham ýok-la!
Ýapbak aýtdy: - Baý aga, munuň öň aýaklaram, art aýaklaram ýok-la!
Mapbak aýtdy: - Baý aga, munuň guýrugam ýok-la!
Pyňkyrmakdan zordan saklanyp, böwrüni müňküldedip gülýän Kelekbaý
düşündiriş berdi.
- Balalarym, men size aýtdym ahyry: ol bar güýji bilen çyglany üçin, kellesini,
aýaklarynyň içine salyp, kirpi ýaly ýygrylyp ýatyr. Siz oňa göle taşlatmajak bolsaňyz,
şol durşuna emaý bilen göterip gidiň.
Kelekbaýyň soňsuz gülýänini aňlan Topbak:
- Baý aga, beýle kän gülme, birden içiňe ýel düşäýmesin? - diýdi.
- Han ogul, sen meni gülýändir öýtme: meniň bogazyma gylçyk düşüpmi, nämemi,
bogazyma birsyhly hereket bermesem durup bilemok.
Kelekbaýyň kömegi bilen dört dogan «sygry» zordan eginlerine aldylar. Japbak
bilen Ýapbak öňden, Mapbak bilen Topbak yzdan ýöräp, dähedem-dessemläp
ugradylar. Dört egniň üstünde ýerleşen togalak «sygyr» olar sähelçejik çaýkansalar,
depirjäp başlajak. Şonuň üçin doganlar demlerini hem uludan alman, doňan göwre ýaly
emaý bilen süýşüp gitdiler.
Kelekbaý olaryň yzyndan gülüp ýykyldy, ýatan ýerinden içini tutup, gözlerini
ýaşardyp güldi, samrady.
- Şu sapar nädäýdiňizkä!.. Japbaklar wawwaly ýaly ýörediler.
Şol barmana Topbagyň aýagyna tiken çümdi. 01: - Eý wäk! - diýip gygyrdy-da,
birdenkä aşak egildi. Eginlerinden sypan «sygyr» gaty ýere degip, çym-lytrak boldy.
Şol wagt olaryň gapdalyndaky ýowşanyň düýbünden bir towşan turup, oba bakan ökje
göterdi.
Oňa gözi düşen Mapbak:
- Ana, biziň sygrymyz oba bakan gaçdy! - diýip seslendi.
Ýapbak söwda dostuna gygyrdy.
- Aý, Kelekbaý, gara sygyr göle atandyr-la, haaw! Takyr meýdany gyzardyp ýatan
garpyza göz gezdiren Japbaklar ahmyr çekdi.
- Wah, arman! Sygra göle taşlatdyk. Ynha, gör, eşeni dagap ýatyr. Sygryň özüni
welin tutaweräliň.
Towşan gözden ýitdi.
Ýapbak: - Sygry baryp, Kelekbaýdan talap edeliň - diýdi.
Mapbak: - Sygryň gaçan yzyny yzarlalyň - diýdi. Topbak has degerliräk maslahat
berdi.
- Biz sygry Kelekbaýdanam soramalyň, yzynam yzarlamalyň, göni oba gideliň:
iým öwrenenje sygyr eýýäm ýatagyna barandyr.
Japbaklar Topbagyň sözuni makul bildiler, oba bakan ylgadylar.
Baryp görseler sygyr, hakykatdan-da, ýatagynda dur. Olar öýlerine bakan ylgap,
ullakan sanaç bugdaý göterip geldiler. Söwdalarynyň oňanyna bolsa guwandylar.
- Heý, gözüňe döneýiň, garaja sygyr!
- Bu sapar söwdamyz oňandyr.
- Kelekbaý sag bolsun!
- Indi içjegiň süýt, ýalajagyň köpük bolsun. Japbak onuň şahyna daňlan ýüpden
itdi. Ýapbak bilen Mapbak iki ýan gapdalyndan ýöredi. Topbak onuň yzyndan sürdi.
Olaryň dördüsi birden heň etdiler.
Garpyz diýme, gawun diýme, Söwda etseň, sygyr al. Bogaz diýme, gysyr diýme,
Gaýmak iýseň, sygyr al.
Kelekbaýyň dört aýaly dört ýerden çykyp gykylyk etdiler.
- Aýu, Japbaklar! Sygry nädýäňiz? Japbaklaryň dördüsi dört ýerden jogap berdi.
- Sygryň söwdasy bireýýäm bolup gutardy, sanajy ýygnaň, sanajy!
- Ýok, biz sygrymyzy satdyrjak däl!
- Edilen söwda gaýtmaz. Edil daşa ýazylan ýalydyr!
- Aýuw-w! Kele-ek!
- Indiki gykylygyň barjasy palak!
Töweregi gallanyp oraçaň gapysyna getirilen gara sygryň ýuzüne Bolluk ak urba
çaldy.
Tüweleme, balalarym! Bu sapar söwdaňyz oňupdyr. Haýyrlysy bolsun.
Günä bolar
Kelekbaýyň dört aýalynyň dördüsi öňünden aglaşyp çykdy. Kelekbaý özünl ýitirdi:
«Biziň öýümizde ölen kimkä!» diýip oýlandy. Japbaklaryň sygry alyp gidenlerini
eşidende bolsa, öz eli bilen eden işine ökünip, aňyrsyna ýetip bilmedi.
- Wah, sygry aldyranymdan, siziň biriňizi aldyran bolsam ybalyrak bolardy!
01 Japbaklaryň üstüne baryp bilmedi. Çalamünder onuň gözüniň öňüne geldi.
Şonuň bilen bile, Japbaklarda günä bolman, bu onuň öz eli bilen eden işidi. Eýsem-de
bolsa garpyz ýerine gara sygrynyň gidenine näderini bilmedi. Obanyň ownuk-uşak
dawalaryny hemişe baýyň özi çözýärdi. Emma onuň öz dawasyny, onda-da Japbaklar
bilen bolan dawany onuň peýdasyna çözüp biljek adam ýokdy. 01 oýlana-oýlana, iň
soňunda, sygyr dawasyny şerigat ýoly bilen çözdürmek kararyna geldi. 01 hemişe Ýalak
işana hüşür-zekat berýärdi, şonuň üçin Ýalak işan hem hemişe onuň sözüni sözleýärdi.
Sygyr dawasy obanyň hemme ýerine ýaýrady.
Ýalak işan Japbaklary çagyranda, oba adamlarynyň uludan- kiçä, aýaldan-erkege
hemmesi üýşüp geldi. Märekäniň üýşmegi Kelek bilen Ýalaga ýaramady. Olar onuň
ýaly dawany hemişe çolaja hüjräniň içinde aýgyt edip goýberýärdiler.
Ullakan selleli, uzyn, gara, arryk Ýalak işan Japbaklaryň howuny almak üein olara
abyr-zabyr urdy.
- Heý, peläketler! Siz ýaş başyňyzdan betpällige ýüz urýamysyňyz? Aýyp bolar,
günä bolar!
Japbak Ýalak işana ýelken gulaklaryny üşertdi.
- Işan aga, ajyň aňy bolmaz. Biz düýnden bäri duz dadamyzok. Bizi ilki bilen biraz
garbandyrmasaň, günä haýsy, sogap haýsy, seljerip bileris öýdemzok.
- Heý, bidöwlet, dilenmek günä bolar!
- Işan aga, biz sizi çagyramzok, siz bizi çagyrdyňyz. Çagyrylan adama öňi bilep
hezzet-hormat edilýändir.
Japbaklaryň öňüne nan doly saçak gelip düşdi. Onda Ýapbak aýtdy:
- Işan aga, men birnäçe wagtdan bäri gaty şorsurapdyryn. Öňi bilen meniň şorumy
biraz ýatyrmasaň, meniň akylym zat işlemez!
- Heý, bidöwlet, dilenmek aýyp bolar!
- Onda näme, siziň kowumyňyzyň hemmesi dilenip, gedaý gezip ýörler? Aslynda,
çagyrylan adama öňi bilen hezzet-hormat edilýändir.
Japbaklaryň öňüne bir okara gowurma getirip goýdular.
Onda gözlerini delmirden Mapbak aýtdy:
- Işan aga, men uzak gije düýşürgäp ýatypdyryn. Kersen doly süýtden ýa gatykdan
gözüm doýmasa, men ukymdan açylman.
- Heý, bidöwlet, dilenmek günä bolar!
- Gözüm ukuda bolansoň, dilimiň näme diýýänini hem onçakly eşidip duramok.
Aslynda çagyrylan adama öňi bilen hezzet-hormat edilýändir ahyry!
Olaryň öňünde bir kersen gatyk getirip goýdular.
Onda boguk sesli Topbak aýtdy:
- Işan aga, sygrymyzy gaçyramyzda, men gygyryp-gygyryp, sesimi
gyrdyrypdyryn. Men biraz saryýag içmesem, gepimi düşündirip bilmen.
- Heý, bidöwlet, dilenmek günä bolar!
- Işan aga, siz ömürboýy dilenip ýöreniňizde günä bolanok- da, Japbaklar bir
gezek dertlerini aýdanda günä bolaýýamy? Aslynda çagyrylan adama öňi bilen hezzethormat edilmelidir ahyry!
Olaryň öňünde bir jam saryýag getirip goýdular.
Japbaklar iýdiler, içdiler, özleri ýaly açgöz oglanlara-da çörek uzatdylar, gowurma
okladylar. Olaryň keýplerini köklediler. Ondan soňra ýerlerinden turup, Kelekbaýyň
golaýynda gerindiler, palladylar.
Kelekbaýy ýanaýandyrlar hasap eden Ýalak olara abyr- zabyr urdy.
- Heý, bihepbeler! Doýduňyz, taň etdiňiz. Adamyň üstüne gerinmäňiz näme? Günä
bolar!
Ukudan açylan Ýapbak agzyny giň açyp, ullakan pallady.
- Işan aga, günäden öz ömrümizde biz birinji gezek gönendik. Şular ýalyjak
güňäleri bize çaltrak berip duraweri. Bereketiň artsyn!
Ýalak işan dawany tizräk açmaga gyssandy.
Japbaklar dawa üçin çagyrylanlaryny hem bilmezlige salşyp, illeri
gülüşdirmeklerini dowam etdiler. Ýalak dawadan gurrüň agzamakçy bolanda, Japbak
oňa ýüz tutdy.
- Hawa, işan aga, eden hyzmatyňyza taňryýalkasyn. Doýan ýeriňde doklugy
siňdirme diýen nakyl bar. Bize rugsat berseň, indi gaýtjak, sygrymyza seretmelidiris.
- Japbaklar kim, sygyr kim?
- Siziň asyl habaryňyz ýokmy? Biz Kelekbaý bilen söwda etdik ahyry!
- Gullukbaýyň aýdyşyna görä, siz söwdany galp edipsiňiz. Galp söwda günä bolar!
- Şeýlemi, Kelekbaý, biz seniň bilen sygyr söwdasyny etmedikmi?
«Kelek» sözi Kelekbaýy gazaplandyrjak ýaly etdi, birdenkä bolsa çalamünder hem
Japbaklaryň söwdany örän berklänleri ýadyna düşdi, özüni ýitirdi.
- Men... men oýun etdim, oýun.
- Kelekbaý, seniň bilen oýnaşyp ýörer ýaly, biz oglan- oglanjyk däl ahyry! Näme
sygryň bahasyny - bir sanaç bugdaýy eýýäm iýip gutaraýdyňmy?
- Men... men size sygyr diýip, garpyz satypdym.
- Işan aga, kimiň söwdasy galp? Sygyr diýip, garpyz satanyňkymy ýa guşuň
gursagy ýaly dok däne berip, sygyr alanyňkymy?!
Ýalak bilen Kelek biri-birine çiňerilişdi. Japbak dowam etdi.
- Garpyz, näme, süýt berýärmi? Biziň, näme, gözümiz ýokmy? Heý, sygyr bilen
garpyzy tanamazam adam bolarmy? Heý, bir garpyza-da bir ýük bugdaý berlermi? Biz
süýt içmek üçin sygyr aldyk, sygyr. Ynanmasaňyz baryň-da göräýiň, sygyr biziň
gapymyzda gäwüşäp durandyr.
- Siz... meniň hem sygrymy, hem garpyzymy aldyňyz. Ýalak işan ara düşdi.
- Oňa şerigat ýol bermez. Günä bolar!
Saryýag içip, sesi açylan Topbak pert-pert gepledi.
- Päheý, onuň işi haýyr-la! Gelen ýyl ekin biter, biz onuň garpyzyny iki edip
beräýeris.
Köpçülik Kelege, Ýalaga maý bermän gykylyk etdi.
- Topbak gaty dogry aýtdy. Kelekbaý gelen ýyl garpyzyny alsyn. Ýöne weli,
sarymaňyz oglanlary aldany üçin oňa sagbol aýtmaly däl. Goý, Ýalak işan şerigat ýoly
bilen oňa temmi bersin!
Şerigat ýol almady. Kelekbaý barmagyny burnuna sokup galdy.
Japbaklar gol tutuşyp, aýdym aýtdylar:
Hile gurdy garry Kelek, Arka boldy arryk Ýalak. Ilim-günüm sagja bolsun, Köpük
ýalarys, heýjanelek!
Taýçanaklar
Japbaklar bir gün baýrakda bolup, at çapyşygyny synladylar.
Bökjekleşýän tohum atlara Japbaklaryň nebsi otukdy.
Japbak aýtdy: - Näme üçin biziň atymyz ýok?
Mapbak aýtdy: - Näme üçin biziň atymyz ýok?
Ýapbak aýtdy: - Näme üçin biziň atymyz ýok?
Onda Topbak aýtdy: - Atymyz bolmasa, bagtymyz bar.
Japbaklar az sözleşdiler, kän sözleşdiler, iň soňunda at çapyşmak kararyna geldiler.
Karar, elbetde, kyn däl, ýerine ýetirmekde iş bar. Şonuň üçin Japbak biraz oýdan soň,
ýelken gulaklaryny gabartdy.
- Biziň, hem at çapyşalyň diýşimiz «alma, biş, agzyma düş» diýen ýaly, gury bir
hyýal bolýa.
- Näme üçin?
- Üçiniň bormy? Atyň bolsa çaparsyň-da!
Ýapbak çowluja burnuny eliniň aýasy bilen süpürdi.
- At bolanda kim çapmyýa? Sen atsyz çapanyňy aýt!
Mapbak olara çukurja gözlerini çüýjertdi.
- At edinmäň nämä manysy bar-aýt!
- Hä, palçykdan ýasaňda çüwýän bolsa, kyn däl.
- Ine, haý diýmän ýaz çykar. Ekin ekeris. Harman alarys. Baý bolarys. Biz adama
bir däl, goşa at edineris. Atlary seýisläris. Birini ýakyndan goşsak, birini ula ibäris.
Şonda nädersiň, baýragyň aşagyndan galybam bilmeseň.
Topbak tokgaja burnuny müňküldetdi.
- Biziň gardaşymyz Mapbak guş bolsa, bilbil bolardy. Gör nähili gowy saýraýar!
Ýaz çykmagyna entek wagt kän. Taýak gelýänçä ýumruk. Geliň, entek biz özümiz
çapyşalyň.
Japbaklara at ýalyny örmäge, guýrugyny işmäge hajat ýokdy: olaryň egin-eşigi
örän tyrrykdy. Olary seýislemäge-de hajat ýokdy, içleri höwür erkegiňki ýaly çekikdi.
Olaryň dördüsi dört ýerden edil çapyljak ata döndi: «Dur, dur!» bolşup goşulmaga
taýynlandylar, aýaklary bilen ýer peşediler.
Onda Japbak aýtdy: - Obanyň içinde at çapyşsak, belki atlar boýnar.
Onda Ýapbak aýtdy: - Dogrudyr, belki, urduran adamymyz bolar.
Onda Mapbak aýtdy: - Adam hununa galmagymyz hem mümkin.
Onda Topbak aýtdy: - Dar ýerde at daratmak, elbetde, hatarly. Geliň, biz ýüzümizi
giň sähra tutalyň.
Japbaklar giň meýdana çykdylar. Taýçanaklar uzak wagtlap goşulyşyp bilmediler:
ugradylar - çekdiler, ugradylar - çekdiler. «Heý, jüre getiren! Dur! Dön!» diýşip, öz
aralaryndan gopgun turuzdylar. Iň soňunda dördüsi dört ýerden boýuntyryk atylan ýaly,
gamça basdy.
Ýapbagyň burny jügüldedi.
Mapbagyň burny myşlady.
Topbagyň burny ýel düşen suw kädi ýaly haňlady.
Kä Japbak ozdy, kä Ýapbak. Kä Mapbak öňe düşdi, kä Top- bak.
Olar obanyň gara görnümindäki gumaga baryp dyrmasdylar. Taýçanaklar hemişe
içleri çekgin bolanlary üçin, onçakly derlemediler, tosun bolmanlary üçin, onçakly
haslamadylar.
Japbaklar demlerini dürsänlerinden soň, töwereklerine garanjakladylar. Bir
görseler, demir gapakly alabeder pyşbagalar şakyrdaşyp ýörler. Topbak oturan ýerinden
towsup galdy.
- Aý, Japbaklar, ine gerek bolsa size taýçanaklar. Geliň, biz pyşdyl çapdyralyň.
Doganlar - Geliňde-geliň bolşup, adama bir pyşdyly dolap aldylar.
Japbak Ýapbakdan sorady.
- Seniň taýçanagyň ady näme?
- Ülker!
Ýapbak Mapbakdan sorady.
- Seniň taýçanagyň ady näme?
- Laçyn.
Japbak Tonbakdan sorady.
- Seniň taýçanagyň ady näme?
- Meleguş.
Topbak Japbakdan sorady.
- Seniň taýçanagyň ady näme?
- Garlawaç.
Adatda atlar ikiden goşulýan bolsalar, Japbaklar taýçanaklaryň dördüsini birden
goşdular. Emma pyşdyllar el görmän, tez bolanlary üçin doganlaryň göwnunden
turmadylar. Olaryň her haýsy bir ýana ýüzlendi.
Japbak öz taýçanagyny gaýtardy.
- Meniň Garlawajyma garaň, edil ýer ýüzünden gaýyp barýa.
Ýapbak öz taýçanagyny gaýtardy.
- Aý, gardaşlar, häzir boluň, Ülker birden urkäýmesin. Mapbak öz taýçanagyny
gaýtardy.
- Görüň, algyr Laçyn awa dyzaýar.
Topbak öz taýçanagyny gaýtardy.
- Meleguşa bakyň, Meleguşa!
Japbaklar olary näçe gaýtarsalar-da, näçe öwseler-de, näçe goşsalar-da, taýçanaklar
olaryň meýillerine görä hereket etmediler.
Japbak öz Garlawajyny başyndan aýlamak isledi.
Ýapbak öz Ülkeriniň alabeder keçesini sypyrmak isledi, Mapbak öz atynyň
guýrugyny, gulagyny öz sygyrlaryna meňzetmek isledi.
Onda Topbak aýtdy.
- Ah-ow, gardaşlar, siz oýlanyp göruň! Bu janawarlarda ýazyk ýok ahyry! Olar
şindi baş bermändir, seýislenmändir, toý märekesine girmändir. Eger at edinjegiňiz
çynyňyz bolsa, bulary biraz idetmegimiz, terbiýelemegimiz gerek.
Japbaklar taýçapaklara baş öwretmek üçin, olary obalaryna bakan alyp gitmek
kararyna geldiler. Japbak Ýapbaga aýtdy.
- Sen bulary ýol bilen öýe bakan sür. Ýapbak Japbaga aýtdy:
- Sen bularyň ýoldan çykmazlygyny boýun alsaň, olar öz peýwagtlaryna gidýän
bolsalar, onda olaryň ýanda seniň näme işiň bar?
- Aý, garaz, adam bolýasyň-da, diýenini etmeli-dä. Bolmasa, şulary bir ýana sür
diýeniňden, arkaň bilen daş çek diýseň ýüz esse ýagşy görerdim.
Mapbak Topbaga aýtdy:
- Çapyşyp gelen ýerimiziň näçedigini bilmek üçin, sen öýe barýança ädimläp git.
Onda Topbak Mapbaga aýtdy:
- Ýolda hiç kimiň päsgel bermezligini boýun alsaň, gideýin.
- Päsgele gaýtawul tapmaz ýaly, sen näme Japbaklardan dälmi?
- Aý, garaz, aga bolýasyň-da, diýeniňi etmeli-dä. Bolmasa, ýarty ýolda biri sanymy
ýalňyşdyranyndan ädimimi ýalňyşdyranyny kem görmezdim.
Japbak bilen Mapbak taýlara ýatak etmek uçin ozup gitdiler.
Ýapbak pyşdyllary sürüp ugranda, olaryň her haýsy bir ýana sowuldy.
Ýapbak bir gezek Ülkeri gaýtardy. bir gezek" Laçynyň yzyndan ylgady, bir gezek
Meleguşy dolady, bir gezek Garlawaja azm urdy. Emma wagty bilen olaryň başyny
jemläp bilmedi. Iň soňunda olary ugrukdyrdym hasap edip, ýeke özi hiňlendi:
Pyşdyl, pyşdyl, pyşbaga, Iň kiçimiz Topbajyk. Pyşdyl dek gider daga, Olam
tokarja çaga.
Ýapbak olary öwse-de, olara heň edip berse-de, pyşdyllar oňa baş bererli bolmady.
01 iň soňunda biriniň gapdalyna kakyp, biriniň garşysyny alyp, birine haýbat urup,
hemmesini bir ýere toplady. Pyşdyllar wyžžyldaşdylar. Göwnüne bolmasa, Ýapbak
olaryň şol wyžžyldysyndan:
- Geliň, biz Ýapbaga bakan hüjüm edeliň - diýen ses eşitdi.
Ýapbak töweregine garanjaklady: hiç ýerde doganlaryň hiç biri görünmedi. 01
birhili öz endamy tikenekleýän ýalydy. Eýsem-de bolsa syr bildirmezlik uçin, elindäki
çybyjagyny galgatdy-da, pyşdyllara azm urdy.
- Näme beýle pyşyrdaşan bolýarsyňyz? Ýapbak sizden gorkar öýdýämisiňiz?
Hany, ugrubir ýola düşüň!
Pyşdyllar ýene wyžžyldaşdylar. Bu sapar oňuň gulagyna açyk eşidildi.
- Geliň, birimiz onuň sag eliniň, barmagyny, birimiz çep eliniň barmagyny,
birimiz sag aýagynyň, birimiz çep aýagynyň barmagyny dişläliň! Biziň daş tabagymyza
onuň dişiniň ötjek gümany ýok! Geliň, biz ony birsalym awundyralyň! Ýalaňaç ýeke
jandar demir donly dört jandara höküm süren bolup durmasyn.
Ýapbagyň depe saçy bir ýere üýşdi. Näme üçindir şagga derledi. Gorkuly göz bilen
töweregine garanjaklanda, pyşdyllardan başga jandara gözi ilmedi. Şol salymyň özünde
bolsa, höküm buýrugyny eşitdi.
- Ýerli-ýerden hüjüm!
Ýapbak birdenkä aýagaldygyna ökje göterdi, tümmege büdräp tüwdürilip gitdi, Şol
bada ýene:
- Ýet, gutarma! - diýen gykylygy eşitdi.
Ýapbak aýak üstüne galmanka bolsa, oýtakdan çykan Japbak bilen Mapbak el
çarpyşyp gülüşdi.
Ýapbak gorkuly gözlerini petredip seretdi. Görse, Japbak bilen Mapbak gyzylgyran gülüşýärler. 01 ýeňsesini tüňňert- di, öýkeledi.
- Ýagşam bir dogan ekeniňiz! Tasdan meniň ýüregimi ýarypdyňyz!
Onda Japbak aýtdy:
- Aý, gardaş Ýapbak, biziň bu oýnumyz seni gorkuzmaklyk üçin däl-de, saňa
batyrlyk öwretmek üçin.
- Şeýle-de bir batyrlyk bolarmy? Meniň ýuregim ýarylan bolsa, dördüň ýerine üç
bolup galardyňyz, sag goluňyzyň ömrüniň syndygy bolardy.
Onda Mapbak aýtdy:
- Sen hiç wagt howsala düşme. Gorkaklyk Japbaklaryň häsiýeti däl. Şindi-hä dört
sany pyşdyl, dört sany ýaragly duşman hüjüm etse-de, sen olaryň garşysyna edil gaýa
ýaly bolup dur. Ana, şonda sen olaryň dördüsini-de ýeňersiň!
Şol wagtyň özünde bolsa Topbak olaryň duşundan öňki gaýdan yzyna bakan ylgap
gitdi, doganlara habaram gatmady, seretmedem.
Onuň şol ýagdaýyny geňirgän Japbak:
- A-how, Topbak, dur, a-how! - diýip gygyrdy. Onuň şol ýagdaýyny geňirgän
Ýapbak:
- A-how, Topbak, gaýt yzyňa! - diýip gygyrdy. Onuň şol ýagdaýyny geňirgän
Mapbak:
- A-how, Topbak! Saňa näme boldy? Dälirediňmi? - diýip gygyrdy.
Emma Topbak olaryň hiç haýsyna jogap bermän, aýagaldygyna ylgady. Doganlar
haýran bolup galdylar.
Japbak aýtdy:
- Doganlaryň hiç haýsynyň ýeke çykarlygy ýok. Ýapbak aýtdy:
- Japbaklaryň biri-birinden aýrylarlygy ýok. Mapbak aýtdy:
- Ýapbak gorkdy, Topbak ürkdi.
Topbagyň başyna gelen işden olaryn hiç biriniň habary ýokdy. 01 ýaňy ýoluny
ortalanda, onuň gapma-garşysyndan çykan bir oglan oňa salam beripdi. Topbak onuň
kimdigini hem tanaman, salamyny hem alman, bir gidişine ädim sanyny sanap
barýardy. Emma öz yzynda şol oglanyň: «Bä, Japbaklara bu gün näme döw çaldyka?»
diýen sesini eşidipdi. Şol söz ony iňkise salany üçin bolsa ädim sanyny unudypdy.
Şonuň üçin hem Japbaklaryň duşundan yzyna bakan dazyrdap geçipdi. Topbak ýoluny
ýaňadan ädimläp geldi.
Japbak oňa: - Topbak, saňa näme boldy? - diýdi.
Topbak elini salgady.
Ýapbak oňa: - Topbak, bu nä boluş? - diýdi.
Topbak elini salgady.
Mapbak ona: - Topbak, sen näme dälirediňmi? - diýdi.
Topbak elini salgady.
Iň sonunda üç doganyň üçüsi birden oňa ýapyşdy.
Topbak başyny ýaýkady.
- Wah, arman!
- Hä, näme boldy?
- Näme boljakdy? Ikinji gezek sanymy ýalňyşdyrdyňyz!
Japbaklar keýp edip güldüler.
Şol wagtda bolsa, Topbaga salam beren oglanyň garagörnümden gidip barýany
saýgaryldy. Topbak onuň yzyndan bogazyna sygdygyndan gygyrdy:
- A-ha-a... Wa-aleýkimessalam, ha-haw!
Meniň sygrym haýsy?
«Mal eýesine çekmese - şumluk» diýen nakyl bar. Japbaklaryň alan sygry hem edil
Kelekbaýyň özi ýaly gezegen ekeni, ol ekine adatlanan ekeni. Baý maly bolany üçin,
oňa hiç kim bir zat edip bilmeýän ekeni.
Japbaklaryň sygry birinji gezek ekine düşende, onuň bir gulagyny kesdiler.
Japbak ony görende, haýran galdy.
- Bä, biziň sygrymyzyň gulagyna näme bolduka? Ýa Kelekbaýyň aýdyşy ýaly,
guzlajak wagty golaýlaýamyka? Meniň bilşime görä, guzlamak alamaty bolsa gerek!
Sygyr ikinji gezek ekine düşende, ikinji gulagyny kesdiler.
Ýapbak ony görende, haýran galdy.
- Bä, biziň sygrymyzyň gulagyna ňäme bolduka? Ýa Kelekbaýyň aýdyşy ýaly,
guzlajak wagty golaýlap ýörmükä? Meniň bilşime görä, ekiz guzlamak alamatydyr,
Sygyr üçünji gezek ekine düşende, şahyny döwdüler.
Mapbak ony görende, haýran galdy.
- Bä, biziň sygrymyz ýeke şah bolaýypdyr-la! Ýa onuň döw gatanjy barmyka?
Meniň bilşime görä, üçem guzlamak alamatydyr.
Sygyr dördünji gezek ekine düşende, ikinji şahyny döwdüler.
Topbak ony görende, haýran galdy.
- Bä, biziň sygrymyz Kelekbaý ýaly, kelek bolaýypdyr-la! Ýa bu-da, Kelekbaý
ýaly, baý boljak bolýamyka? Dogrudyr! Meniň bilşime görä, Japbaklaryň özüne sandaş
dördem guzlamak alamatydyr.
Sygyr bäşinji gezek ekine düşende, guýrugyny hem kesdiler.
Doganlar ony görende, dördüsi birden seslendi.
- Biziň bilşimize görä, bu gezegenligiň hem gysyrlygyň alamatydyr.
Guýruksyz, gulaksyz kelek sygyr Kelekbaýyň Japbaklara satan garpyzy ýaly
togalakdy. Ony hiç ýatakda-da saklap bolmady, kesmigini döwüm-döwüm etdi,
ekinden-ekine gezdi. Onyň indi kesere-de ýeri galmady. Japbaklaryň ondan habary
bolmasa-da, Japbaklardan içi ýangynly bolany üçin, sygry özüne meňzeden Kelekbaýyň
özüdi.
Japbaklaryň obasyndaky Doýduk, baýlykda-da, hilegärlikde-de Kelekbaý bilen
bäsleşýärdi. Garpyz ýaly togalanan sygyr bir gezek onuň ekinine düşdi. Doýduk sygryň
aýaklaryndan başga kesere ýerini tapmady. Aýagyny kesse, tölemeli boljakdy. Doýduk
ony daňyp goýdy.
Topbak ony dilemäge baranda, Doýduk elini salgady.
- «Ýamandan boýuňy satyn al» diýendirler. Äkideweriň, äkideweriň.
Doýdugyň ajy sözi Topbaga ýaman degdi. Şonuň üçin öz sygry bilen meňzeş
Doýduga ýüz tutdy.
- Doýduk eje, meniň sygrym olmy ýa seň özüňmi? Doýduk gyňajyny galgatdy.
- Owarra bol, ýaşy kesilen!
- Günämi öt, Doýduk eje! Ýogsam meniň sygrym dil bilýän däldir-le! Ýöne weli,
Doýduk eje, seniň ýaly dilli bolandan-a onuň lallygy hem kem däl.
Japbaklar kelek sygry näçe berk saklasalar-da, «Öwrenen gylyk örkleseň hem
galmaz » nakylyna görä, Doýdugyň ekinine ikinji gezek düşdi. Doýduk oýlandy,
pikirlendi, iň soňunda: «Bu sygyr barybir meni dyndarmaz. Kelekbaýdaka oňa çäre
görmäge nalaçdym. Men muny Japbaklara tanatmaz ýaly edeýin-de, özümejik
dönderäýeýin. Meniň haýsy malym şundan arassa» diýen netijä geldi. 01 sygryň biline,
boýnuna, «göwsüniň arasyna iki-üç parça ak biz orady-da, ala sygyr edip, gapysynda
daňyp goýdy, öňüne ot dökdi.
Japbaklar sygry hiç ýerden tapman, iň soňunda «öwrenişen ýeridir, belki, şoňa
barandyr» diýen niýet bilen Doýdugyň öýüne bardylar. Görseler, onuň gapysynda
guýruksyz, gulaksyz, şahsyz kelek sygyr - emma gara däl-de, ala sygyr gäwüşäp dur.
Japbak ony tanamady.
Ýapbak oňa siňe syn etdi.
Mapbak biraz şübhelendi,
Topbak onuň ekinçi gözlerinde öz suratyny gördi.
Japbak Doýdukdan sorady:
- Doýduk eje, biziň sygrymyzy görmediňmi?
- Sygryňyzyň näme alamaty bardy? Ýapbak aýtdy:
- Guýrugy, gulagy jonnuk. Mapbak aýtdy:
- Kelekbaý ýaly kelek.
Mes Doýduk sygry Kelekbaýa meňzedenlerine jakgyldap güldi. Emma sygra gözi
düşende, Topbagyň aýdany ýaly, özüne-de çalym edýänini görüp, sesini tapba kesdi,
soragyny dowam etdi.
- Sygryňyzyň reňki nähilidi? Topbak oňa jogap berdi.
- Doýduk eje, edil özüň ýaly gara togalakdyr.
Doýdugyň hyrra gahary geldi, siltenjiredi.
- Ýok, men beýle sygyr göremok. Sygryňyzy nirede ýitiren bolsaňyz, şondan
gözläň!
- Doýduk eje, bu sygyr näme?
- Gözüňi giňräk aç! Onuň reňki gara däl, ala! 01 meniň öz sygrym.
- Diýseňem, Doýduk eje, göz-äbiziň sygrymyza meňzeýär. Teläriň çetindäki
agaçda aýran doly deri dyňzap durdy.
Doýdugyň gözüne güýdüşip, Mapbak onuň bir bujagyny açdy-da, Doýduga bakan
pürkdi.
- Aý, Doýduk eje, ýeteweri, elimden sypdy! - diýip gygyrdy.
Doýduk:
- Heý, ýaşy kesilen! - diýip topuldy. Onýança bolsa, Doýdugyň geýimi sygryň
endamy ýaly alabeder boldy.
Şol wagt Topbak ondan sorady:
- Doýduk eje, seniň reňkiň nähilidi?
- Heý, enesi ýalamadyk! Meniň reňkimiň garadygyny özüň aýtmadyňmy näme?
- Ýok, gara däl, ala!
Doýduk üstüne-başyna seredende, özüniň hem gapydaky daňylgy sygyr ýaly
aladygyny gördi. Eden hilesiniň ugur almanyny aňlansoň, ol:
- Sygryňyzy alyn-da, owarra boluň! - diýdi. Japbaklar sygry idip ugranlarynda:
- A-ýuw! Duruň entek! Men öz reňkimi alyp galaýyn! - diýip gygyrdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Japbaklar - 4
  • Parts
  • Japbaklar - 1
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 1970
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 2
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1739
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 3
    Total number of words is 3967
    Total number of unique words is 1807
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 4
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1777
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 5
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1822
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 6
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1884
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 7
    Total number of words is 3935
    Total number of unique words is 1938
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 8
    Total number of words is 4061
    Total number of unique words is 1857
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 9
    Total number of words is 3930
    Total number of unique words is 1878
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 10
    Total number of words is 2268
    Total number of unique words is 1054
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.