Latin

Gyrmyzy bägüller - 06

Total number of words is 3611
Total number of unique words is 2212
29.8 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
48.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
daňdanlaram goltugy bir gujak bägülli atamy eltipdirler. Ertir Aşgabada
ugratjaklaryny aýdybam çykyp gidipdirler.
Ýaman dert şol wagt olaryň ikisem näme üçin ýygnalandyklaryny bilmeýän
ekenler.
Gurt aga-ha özüniň tebigy giň göwrümliligi bilen, şol döwürde tutulýanlaryň
hemmesiniň birbada diýişleri ýaly: «Aý, bir ýalňyşlyk bolandyr-da, Aşgabada eltip
düşünişjekdirler» diýipdir. Atam bolsa: «Barybir, bu gün-erte şo ýana gidip,
oglanlar barada ulular bilen gürleşeýin, diýip otyrdym. Büý-ä elinjek, gowy
bolaýdy, Allahu-akbar» diýipdir-de, düwünçegini ýassanyp ýatyberipdir. Okaýanja
dogasyny okapdyr, kelemesini gaýtarypdyr.
Ertesi olary hakykatdanam Şagadamdan gelýän otly bilen Aşgabada
ugratmak üçin, demir ýol duralgasyna eltipdirler. Şol ýerde-de atamyň elinden
bägüllerini alypdyrlar.
Geň ýeri Aşgabada baransoňlaram näme günä edendiklerini bilibilmändirler.
Gaýtam: «Näme günä etdiň?» diýip, hersinden aýratynlykda sorapdyrlar.
Gurt aga şonda kejikjek bolupdyr. «Özüňiz düşündiräýmeseňiz men-ä näme
günä iş edendigimi bilemok. Bir ýalňyşlyk bolan bolaýmasa...» diýipdir.
Ýüzi sürlen ýer ýaly «pakga-pakga», saryýagyz, mawa gelen pişigiňki ýaly
çerrelip duran gözleriniň jikgeleri gyp-gyzyl, orta ýaşlaryndaky sülçi elindäki
sygryň dili ýaly sarymtyl kagyza tiňkesini dikip oturyşyna diýseň parhsyzlyk bilen:
«Dogrudyr, bir ýalňyşlyk bolandyr. Ýöne, biz ony häziriň özünde düzederis. Sen
nirede işleýäniňi, näme kär edýäniňi aýtsaň bolýa, günäni biz özümiz oýlap
taparys, boýnuňy boş goýmarys» diýipdir.
Aýdyşy ýalam edipdir. Hut şol günüň ertesi Gurt aganyň «iş» bukjasynyň
içinde: Gurt Esenow. 1890-njy ýylda doglan. Taryh mugallymy. «Gorkut ata»,
«Oguznama», «Döwletýar», «Ýusup-Ahmet» ýaly dini-feodal äheňli, milletçilik
duýgularyny oýarýan, urşa ündeýän, baý-kulaklara mahsus bolan gadymy
dessanlary okap bermek bilen, halkyň, hususanda ýaş nesliň aň-düşünjelerini
bulaşdyrýar, kommunizme, Leniniň, Staliniň beýik ideýalaryna bolan ynamlaryna
zeper ýetirýär, bu babatda özüne ak ýürekli kommunistler tarapyndan
äsgermezçilik edýär» diýen aýyplama peýda bolupdyr.
Sülçi ony düýnküsindenem, has sowukganlylyk bilen, Gurt aga okap
beripdir-de: «Ine, şuňa gol çek, saňa şundan başga edibiljek kömegim ýok»
diýipdir.
Aňsat-aňsat gaharlanmaýan Gurt aga şonda: «A-how, inim! Oňa-muňa okap
berer ýaly mende olar ýaly kitap ýog-a! Asyl, beýle kitap çykanog-a! Ilki agzan iki
kitabyň dagy men şumat adynam ilkinji gezek eşidip otyryn-a! Dilden aýdaýyn
diýsem men olary ýatdanam bilemog-a. Onsoňam men dilçi ýa edebiýatçam dälä... Taryhç-a...» diýip, ýüreginden syzdyrypdyr.
52
Sowukganly adam welin sesinem çykarmandyr. Daşyna: «Delo» diýlip
ýazylan, Gurt aga degişli kagyz bukjany «tarp-turp» ýapypdyr-da: «Gep gutardy»
diýipdir. ― Gol çekýäňmi ýa...»
Şol döwür adamlara bolmalysy ýaly ilki günä bildirilip soň tutulman, ilki
tutulyp, soň günä bildirilýändigine Gurt aga diňe şondan soň düşünip galypdyr.
Günä diýeniň bolsa eliňi uran ýeriňden çykyp dur. Ýaňky Gurt aganyň
boýnuňa atylan günäler dag-a hälki bir baýaky, ýöne ýylda bir gezek ol oba,
gaýynlaryňa görme-görşe gidibilmeýän halyňa: «Sen Ýaponiýanyň içalysy ekeniň,
her gije Tokio gidip, maglumat berip gelýän ekeniň» diýselerem, «Kemal paşa
bilen aragatnaşyk saklaýan ekeniň, sen pantürkist» diýselerem, hatda: «Aýdyň
gijeler Aýa gidip, sowet hökümetiniň garşysyna Hudaý bilen dil düwşüp
gelýämişiň» diýselerem, urup-sögüp, atagzy bilen dyrnaklaryňy sogrup, ädikli
aýaklary bilen basyp ýa gapa gapjadyp ujydyňy mynjyradýançalar süýrenişip
ýörmän, gep-gürrüňsiz boýnuňa alaýanyňdan, görkezilen ýere gol çekäge-de,
gitmeli ýeriňe gidiberäýeniňden, berlen möhletiňi oturyp geläýeniňden gowusy
ýok ekeni. Çünki, hernäçe almajagam bolsaň, ýaňky ýaly usullar bilen barybir
boýnuňa aldyrýan ekenler.
Sowukganly sülçiniň ýap-ýaňyja Gurt aga: «Gol çekjekmi ýa...» diýmesem:
«...Ýa üstüňde birazajyk işlemelimi» diýdigi ekeni.
Ýagdaýyň şeýledigini şol ýerde öňden oturanlaryň birinden bir söý bilen
eşiden Gurt aga-da bildirilen günäni boýnuna alypdyr-da, özüni şonça azaplardan
dyndarypdyr oturyberipdir.
Atam-a sadalygyny edip, ýüregindäkini orta dökäýipdir. Şeýtse gowy bolar,
öýdüpdir. Özüniň Aşgabada basmak üçin däl-de, döwür barada maslahatlaşmak
üçin çagyrylandygyna ynanypdyr. Obadan köp-köp bigünä adamlaryň
ýygnalýandygyny düýn-öňňinlikde öz ogullarynyňam tutulyp äkidilendigini,
daýhançylykdan başga günäleriniň ýokdugyny aýdyp, olaryň gözlerini açasy
gelipdir. «Ennewüliň doganlaryna olardanam kän öň äkitdiler» diýip, garaçyny
bilen jibrinipdir. «Gelenime görä şu zatlaryň sebäbinem aýdaýyn...» diýipdir-de,
näme edýänini özem bilmezden, «tükezzybana» tutduryberipdir. ― Biz-ä o wagtlar
ýok welin, Gökdepe urşy döwrüne türkmenlerden ýekeje-de dönük çykmandyr,
diýen gürrüň ba. Dogrudyram. Sebäbi, ol wagt adamlar Hudaýa ynanýadylar.
Ak patyşa-da bir Hudaý diýip oturan ejiz halkyň üstüne geldi, ýurduny
basyp aldy, gyrdy, malyny-mülküni talady, garyp oraçajyklaryna çenli elinden alyp
odun edindi, ýöne bir akyl eden zady ygtykadyna degmedi. Hudaýa dil ýetirmedi.
Imandan aýyrmady. Imansyzdan bolsa bäş wagt namazdan başga näme diýseň
çykar. Şu wagt, ana, şoň ýaly boldy. Indi adamlar Hudaýdanam gorkanoklar,
bendedenemutananoklar-da, biri-birlerini ýamanlaşyp, tutduryşyp, basdyryşyp
ýörler. ― Özüni döwlet möçberindäki men diýen uly meseläni ýeke özi çözüp
oturan adam hökmünde duýan atamyň kellesi göçüpdir. ― Ýöne, men özüm-ä ony
görübilmen, sebäbi bu gün giç boldy, otla ýetişmeli, siz meniň şu diýýänlerimi
gaýrat ediň-de, Atabaýufe-de ýetiriň. Özem, baranda Ysdalyna-da aýdary ýaly
entek Meskewä girmäkä ýetiriň... ― Sülçiniň ýylgyrýanyny görüb-ä atam hasam
bat alypdyr. ― Honha, o tamda Gurt otyr, näme günäsi bar şoň dagy? Ömrüni
53
oglan okadyp, halkyň çagasyny sowatly edip geçirdi. Ennewüliňkilerem şoňňaly.
Özümiňkiler-ä ýaňy aýtdym. Özüm hakda-ha gürrüňem ýok. Men hiç haçan
hökümete garşy bolmadym. Salgydymam töledim, kontraklammam üzdüm,
zaýymam aldym, gerek bolsa ýene-de diýen zadyny ederin. Ýöne, Hudaýa
degmäň... Öň bir ýalňyşdyňyz, indi berin beýtmäň... Atabaýufe-de aýdyň,
Ysdalyna-da şeý diýip aýtsyn...».
Şeýdip, ol soragçylaryň köplere yza beribem aýtdyryp bilmeýän zatlaryny
özünden-özi aýdyp oturyberipdir. Öz-özünden günä gazanypdyr, öz-özüne höküm
çykarypdyr. Kanunçylara bolsa oňa diňe ýyl kesäýmek galypdyr.
Bu hut şeýle-de bolupdyr. Atam sözüni tamamlaryna mähetdel, sowukganly
sülçä «myssa» ýylgyraga-da: «Alyň, ýaşuly, şu ýere gol çekiň ― diýip, soragjogap ýazgysyny onuň öňüne süýşüräýmekden başga işem galmandyr. ―
Özüňizem köp sag boluň, siz özüňize-de, bize-de gaty gowy kömek etdiňiz...»
Şondan soň-a özüniň iňňän ýerlikli gepländigine, derhal goýberiljekdigine
atamda şek-şübhe galmandyr. Hatda sülçi ýaragly esger çagyryp: «Äkidiň» diýip,
özüne tarap baş atanda-da, öňlerine salyp alyp ugranlarynda-da hiç zat aňmandyr.
Gaýtam çykjak wagty sülçä ýüzlenip: «Bulaňňa aýt, Gurdam goýbersinler, ýogsam
ertirki otla galmaly borus...» diýipdir.
Agşamky otlynyň ýene on üç ýyldan boljakdygy barada welin, o görgüli o
wagt pikirem etmeýän ekeni.
***
Umuman, olary öňli-soňly Aşgabatda üç aýa golaý saklapdyrlar. Näme üçin
günübirin öýüne goýbermändiklerine, beýle uzak saklandyklaryna welin, atam hiç
düşünip bilmändir. Gurt aganyň ençeme gezek: «Mämmet, oglan bolma, sen indi
bäri-bärde öý görmersiň, bizi tussag etdiler, günä ýöňkediler, indem nirä ugratsalar
şoňa gitmeli borus» diýenlerine bolsa tä, iň soňuna çenli ynanmandyr.
Şol iki aý gowrak wagty olar ýer ýetmezçiligi zerarly, üç sany ölme höküm
edilenler bilen bir kamerada oturmaly bolupdyrlar.
Olar syýasy tussaglar däl eken. Biriniň-ä ady Abdy boldy, özem çetki
etraplaryň birinden, otuz bäş, kyrk ýaşlaryndaky adam ekeni-de, uýasyny
zorlandyklary üçin bir günde üç adamy öldüripdir. Yzyndanam: «Men-ä ine, şular
ýaly iş edendirin» diýip, özüni hökümete tabşyrypdyr. Ine, onsoň, wakany düýpli
derňemek üçin Aşgabatdan tejribeli, Farid atly bir tatar ýaşulysyny çagyrypdyrlar.
Ol adam iş bilen tanyş bolansoň Abda: «Men seniň ýagdaýyňa düşünýän. Sen
namysyňy gorapsyň. Namysyny gorap bilmedik namart bolar. Meniňem seňki ýaly
ýetişip oturan gyzym bar. Hudaý saklasyn, başyma düşse özümiňem edäýjegim
şol. Şoň üçinem, berk dursaň men seni halas edeýin. Ýöne, «öldürdim» sözüňi goý.
«Öldürjekdim, ýetişmedim, zandam bir ýaman adamlar bolansoňlar elbetde, gabat
gelendir-dä, öňden öçli adamlar menden öňürdipdirler. Menem ile-güne namysdan
çykan adam hökmünde görünmek üçin «öldürdim» diýmeli boldum» diý-de, bir
depen ýeriňi dep-de dur» diýipdir.
54
Şeýdibem alyp çykypdyr. Ýöne, işine ökde, hakykatçyl adam bolansoň
duşmany köp ekeni-de, şolar onuň-munuň üsti bilen, eýdip-beýdip, Abdynyň
kalbyna: «Her näme-de bolsa, kömek edendigi üçin şol ýaşula bir zat emlemek
gerek» diýen düşünjäni goýupdyrlar. Onuň bu hyýalyny aýalam goldapdyr. Şondan
soň-a o görgüli pul gözläp çar tarapa elewräberipdir. Bäş ýüz manady jemläbem
basypdyr otlynyň biline, niredesiň Aşgabat diýip.Sorap-idäp öýüne baraýan bolsaha bolaýjagam ekeni welin, elbetde, bolmajagydyr-da, yzarlanyp ýörleninden
bihabar, içi pully düwünçegini goltugyna gysyp göni iş ýerine baraýypdyr. Kileň
ilden-günden, dilegçilik edilip-çöplenen köne-küşül, ownuk pul bolansoň
düwünçegiň gabarasam az-küş däl diýýä. Şony bir dükana ýa banka baryp, tutuşrak
pula öwräýmegem kellesine geläýmändir-dä. «Ogry göti gowşak» diýleni-dä, özem
galpyldaýa diýýä. Farid aganyň kabinetine girensoňam esli wagt ýaýdanjyrap
durupdyr-da, goltugyndaky düwünçegi çykaryp, stoluň üstünde «gütledip»
goýupdyr. «Gaýrat ediň-de, şuny alyp galyň» diýende sesem sandyrap çykypdyr.
Bir zatlary aňandyr-da, eýýämhaçan ýüzi ak esgä dönen ýaşuly allaniçiksi bolup:
«Munyň näme?» diýenindenem, begendirerin öýdüp: «Pul-l...» diýip süýjümtik
seslenipdir. Hasam begendirmek üçin: «Bäş ýüz-z...» diýip, sözüniň üstüne
goşupdyr. Farid aga usulluk bilen ýerinden turupdyr-da, agzyny Abdynyň
gulagyna golaýladyp: «Üç adam öldürib-ä türmeden sypdyň, bäş ýüz manat
beribem türmä düşjek bolýaňmy? Ýa men saňa pul ber, diýdimmi? Sen batyr,
namysjaň ýigit, ýöne, akmak ekeniň. Häziriň özünde munyňam al-da, göteril şu
ýerden, gaýdybam görünme gözüme...» diýipdir. Ýöne, entek Abdy düwünçege
elinem uzadyp ýetişmänkä organ işgärleri «alagüpürdi» bolşup gapydan
giripdirler-de, ikisiniňem goluny arkalaryna baglap alyp gidipdirler.
Farid agan-a öz gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanadygyny, para
alandygy üçin, diýip, ýigrimi ýyl, Abdynyňam işini täzeden söküp, üç adamy
öldürendigi we kanuny goraýjy işgäre para berendigi üçin iň ýokary jeza höküm
edipdirler.
Ýatanlaryň ikinjisiniň ady Ýaran. O-da çetki etraplaryň birinden. Özem
raýispolkomyň başlygy bolup işleýän ekeni-de, serhede golaý oturan goňşy etrap
bilen bolan ýigrimi kilomertlik gumak ýola daş düşedipdir. Asfalt ýazdyrmagam,
meýlinde bar ekeni welin, ýöne, oňa başlanmanka NKWD-niň işgärleri gelip: «Sen
şol ýoly Eýrana gatnamak amatly bolsun üçin bejerip ýörsüň, ol ýerdenem Türkiýä
gidip, Sowet Türkmenistanyny SSSR-iň düzüminden çykarmak üçin iş görmek
hyýalyň bar» diýen ýöňkeme bilen tutup alyp gidipdirler. Alty aýa golaý süýräp,
boýnuna başga-da birnäçe günäleri ýükläp, işini dowam etdirmek üçin Aşgabada
iberipdirler. Ol ýerde-de biraz «üstünde işlänlerinden» soň ölüm jezasyna höküm
edipdirler.
Çünki, şol döwrüň güýç ulanyjy edaralary öz tutan adamlaryna näçe agyr
günä ýükläp, näçe köp ýyl berip bilseler, olary halk üçin, ýurt üçin näçe howply
adamlar edip görkezip bilseler, şonça-da, partiýa we hökümete wepaly adamlar
saýylýan ekenler. Ýagny, basylanlar-a hökümeti agdarjak, ýykjak bolanlar, ýagny
«wrediteller», basanlar bolsa olara ýol bermedik, uly howpuň öňüni alan, «hilegär
55
tilkileri» öz sürenlerinden çykmanka zyýansyzlandyran «ýiti gözli
Ýežowçylarmyşyn».
«Staline sökdi, hökümete dil ýetirdi» diýen ýaly maglumatlaryň esasynda
basybilseler-ä oňa ýetesi zat ýok».
Ady ýadyma düşenok, ýöne, şolaryň üçünjisiniňki hut şeýle hem bolupdyr.
Ony Staliniň özüne-de däl-de, murtuna sögüpsiň, diýip tutupdyrlar. O-da: «A-how,
men murta söwdüm, emma Staliniň däl-de, sözümiz azaşandygy üçin goňşym
Polat Perdeliniň murtuna sökdüm» diýip, şunça janygypdyr welin, bolmandyr.
Hatda, şaýat hökmünde suda gatnaşdyrylan Polat Perdeliniň özem: «Şuň diýýäni
dogry. Ol hakykatdanam meň murtuma sökdi. Staliniň dagy adynam agzanok.
Ikimiziň eşegimiz uruşdy. Muň eşegi meň eşegimiň bir gulagyny çeýnedi,
diýäýmeseň, asla aramyzda bolan zadam ýok, eşegimiň gulagyny bejerder ýaly
bäş-üç manat pul berse, meň ondan başga talabymam ýok, men asla onuň üstünden
şikaýatam edemog-a» diýse-de, gulak asmandyrlar. Kimdir biriniň çala eşidip,
ýazan golsuz arzasy esasynda o görgülini galmaz güne salypdyrlar. Onuňam
sebäbi: şu gürrüň birden Staliniň gulagyna ýetse, bizem muny basman goýberen
bolsak, onda muňa derek ertir özümiziň basylaýmagymyz ahmal, diýen gorky
bolmaly. Şonuň üçinem, işi alyp barýan sülçiniň Polat Perdelä aýdan zatlaryny
diňlär ýaly däl diýýä. Ol: «Seniň adyň Polat. Şeýle dämi? Howwa bolsa yzyny
diňle. Polat orusça «stal» bolýa. «Stalam» ýoldaş Staliniň adynyň köki. Düýpteýkary. Diýmek, sen Polat Perdeliniň tymsalynda biziň parasatly serdarymyzyň
köküne palta urjak bolupsyň. Polat Perdelä bakyp diýenem bolsaň, şol sözi ýoldaş
Staliniň murtuny göz öňüne tutup, aýlaw-öwrüm arkaly şoňa gönükdirip, şoňa
ýanap sögüpsiň ― diýip, ilk-ä günälenýäniň üstüne gygyrypdyr, yzyndanam Polat
Perdelini ýerinden turzup. «Senem şuň arkasyny aljak bolýaň dämi? Derňewe
kömek edenden geçen, gaýtam bulaşdyrjak bolýaň dämi? Şeýle bolsa gel onda, şu
ýere gol çek, beýle gowy görýän bolsaň senem şuň bilen bile gider ýaly edeýin...»
diýip gorkuzypdyr welin, göz açyp-ýumasy salymyň içinde şaýatlykdan günäkäriň
roluna geçip barýan Polat düýbünden başgaça saýrap, näme diýseler «lepbeý»
diýip duran bolaýypdyr. Hatda günäkärlenýäniň özem onuň bolup durşuna
dözmän, gözlerine ýaş aýlap: «Aýdyber, goňşy. Başyňy gutar-da öýüňe git,
çagalaryň arasyna bar. Men senden müňde bir razy» diýipdir. Şeýdibem, gaýagopuz ýok ýerden ölüm jezasyny alypdyr.
Atam bilen Gurt aga baranda olaryň hallary eýýäm pes ekeni. Ýaňky
zatlaram gezek-gezegine, üzlem-saplamraga-da, zordan gürrüň beripdirler.
Özlerem açlykdan, sütemden, ölümiň özündenem beter şoňa garaşmaklygyň
howsalasyndan basylýan ekenler. «Siziňkem ýene ýagşy, ölmeseňiz gelersiňiz,
biziň üstümize bolsa eli orakly ajal abanyp, dur...» diýýän ekenler. Üstesine olar
şol wagt jezalarynyň iň bolmanda uzak möhletleýin tussaglyk bilen çalşylmagyny
haýyş edip, ýokarlaryk arza ýazan ekenler.
Gurt aganyň o dünýä barýan şol üç bendi baradaky hekaýatynyň iň geň ýeri:
ölümine garaşyp ýatan adamlar edil göwreli aýal ýaly aşsaýlaýan ekenler. Biri
dişiniň suwuny çekip: «Hä, şumat iki sanyjak terje alma bolaýsa» diýse, beýlekisi
agzyny şapbyldadyp: «Bir okarajyk gatyklanan börek bolsa, içiniň etem
56
üwelmezden öň azyndan üç gije dagy daşarda aýazladylyp, çalaja-da yslandyrylan
bolsa...» diýýän ekeni. Üçünjisi bolsa: «Tamdyrda bişirilen etli nandan gerk-gäbe
doýsam bolýa, etiniň keýigiňki bolmagy hökmanam däl...» diýip, «zöwwe-zöwwe»
ýerinden galyberýän ekeni we elbetde, ýüregi howlukýandyr-da, adamçyl erkek
ýaly agzyndan ak köpük saçyp kabinanyň içinde aýlanyberýän ekeni. Soňam bir
burçda çugutdyryp oturýan ekeni-de, kimedigi belli däl, tükeniksiz arz, şikaýat
edýän ekeni.
Öz ýagdaýlarynyňam öwerlikli däldigine garamazdan,atam dagynyň olara
örän nebisleri agyrypdyr, ýöne, göwünlik bermekden gaýry edibilen kömekleri
bolmandyr. Çünki, olaryň özlerine-de hiç zat geçirtmeýän ekenler, hatda yzyndan
gelenler bilen görüşmegem bolmaýan ekeni. Ýogsam, Atanepes kakam Gurt
aganyň doganoglan inileri bilen telim gezek dagy gelibem giden ekenler.
13.
Ahyram olary özleri ýaly aljak ýyllaryny alyp, etapa garaşyp ýatanlar bilen
bilelikde, howla çykarypdyrlar-da, ýeke-ýeke atlaryny okap, ähli ýeri ýapyk
maşyna mündüripdirler we göni demir ýol duralgasyna alyp gidipdirler. Ol ýerdede, edil, etraplardan Aşgabadyň et kombinatyna getirilýän goýunlary edişleri ýaly,
sürrekledip ýük wagonlaryna dykypdyrlar.
― Her wagona näçe adamdan saldylarka? ― diýip, men bilesigelijiligim
zerarly, durup bilmän soradym. Režissýor az salym oýlanyp oturdy. ― Şun-a şol
gezek dädemem sorapdy Gurt agadan. Ýalňyşmaýan bolsam şonda ol: «Ýüz
gowrag-a bardy» diýäýdi öýdýän.
― Kän ekeni.
― Kän. Gaty kän. Gurt aga-da esasan şondan zeýrendi. «Gaty dyknyşyk
boldy. Iň bolmanda agaç naralaram guraýmandyrlar. Aşagy tigirli diýäýmeseň, mal
ýatakdan tapawudy ýok. Hajat üçinem, şonça adama ýekeje «paraşka» goýlupdyr.
Onam duralgalarda konwoýlaryň öňüne düşüp, gezek-gezegine özümiz döküp
gelýäs. Mämmediň gezeginem men özüm almaly bolýardym. Zandyýamanrak
konwoý bolsa: «Özi äkitsin» diýip, dyzaýan wagtlaram bolýa. Onsoň oňa bolşuna
görä bir zatjagaz emläp, köşeşdirmeli bolýa. «Gaýrat ediň-e, ataň ýagşy, eneň
ýagşyňa zat ýok. Mämmet ikimizden başga türkmen ýok. Hemmesem orsça
gepleşýäler. Şolaryň hyşy-wyşylaryndan çen tutup, Orsyýediň Ural, Sibir
sebitlerine alnyp barylýandygymyzy aňýardyk.
Etapçylar milleti, ýaşlary, hünärleri, dini-ygtykatlary boýunça dürli-dürli.
Şeýle-de olaryň arasynda hökümede başdan-aýak gulluk edip, ine indem bir sebäbe
görä gapjalanlaram, hökümet bilen hiç haçan jyny jyňkyryşmadyklaram bardy.
Mämmet welin olaryň hiç birine-de girmeýärdik. Çünki, biz oňa garşam
gitmändik, gol gowşuryp hyzmatynda-da durmandyk. Orta gürp bilen
güzeranymyzy tigirläp, bolşuna görä oňşup gelýärdik.
Ýöne, barybir bolmady. Demir düzgüniň ýiti uçly çarhlary bizem dolap alyp
öz holtumyna dykdy.
57
Mämmet welin biziň basylyp, uzak bir ýerlere jezamyzy çekmek üçin sürgün
bolup barýandygymyza entegem ynananokdy... Bir burçda namazlygyny gujaklap
oturyşyna otlynyň düýbünden ters tarapa barýandygyndan bihabar aram-aram:
«Gu-urt,
Gökdepä
ýetdikmi?
Bäherdenden
geçdikmi?
Gyzylarbada
golaýlamdykmy...» diýip, üznüksiz gaýtalady bardy» diýip, Gurt aga sözüniň
dowamynda aýtdy.
«Ýaşuly, obadaşyňyzam alyň-da düşäýiň, geljek ýeriňize geldiňiz» diýen
sözi wagty bilen eşitmänsoň, atamam ýagdaýyň näjüredigini aňlap başlapdyr. «Guurt, sen diýýänleň rast bolaýjak öýdýän» diýip, eşidiler-eşidilmez hüňürdäpdir.
On üç ýyllap dowam etjek, öz ygtykaty bilen bagly, iň bir ejirli wakalaryň
ilkinji alamatlary hut şondan soň ýüz berip başlapdyr.
«Şak-şak-şak, şak-şak-şak...». «Şak-şak-şak...»
«Alaşakyrdy» turzup barýan, köne wagonyň juda dyknyşykdygyna
garamazdan, atam wagty boldugy söm-saýak bolşup duran ýogynly-kelteli, darugiň balakly baldyrlaryň arasyndan namazlygyny ýazara ýer gözläp
gorsanjyraberýän ekeni. Ýöne, itekleşdirip açanja ýerine-de namazlygy ýazsa özi
syganok, özi otursa namazlygyna ýer galanok diýýä. «Adamlar, gaýrat ediň-de,
men eglip-galýançam gaýyrrak süýşäýiň-dä» diýmäge bolsa ýüzi ýok. Onuň
musurmançylyk borçlaryny berjaý etjek bolup, kösenip oturyşyna iki-ýeke nebsi
agyrýanlar tapylypdyr, ýöne, köpüsi oňa äsgermezçilikli göz bilen garaýan ekenler.
Kimsi siltenjiräp, aýaklaryny silkip alsa, kimsi paýyş söz aýdyp üstüne
gygyrypdyr, ýene biri howada galgap duran kiçijik eljagazlaryna kakypdyr, ýene
biri süýem barmagy bilen eňegini galdyryp burnuna pitikläpdir. Elleri bilen
«şatyrdadyp» egninden basýanlaram, ýakasyndan tutup, maňlaýyna ýumruk
çeneýänlerem tapylaýýan ekeni.
Şolar ýalyda orta köplenç Gurt aganyň özi goşulmaly bolýan ekeni. Her
niçik hem bolsa onuň göwresiniň daýawlygy, ýüz-gözüniň haýbatlylygy, esasanam
Allatarapyn arslan ýürekliligi, garadangaýtmaz batyrlygy özünem, atamam köpköp külpetlerden alyp çykypdyr.
***
Tejene ýetenlerinde asly Sarahsyň nemeslerinden, käri boýunça mehanik,
MTS-iň bir traktoryny bejeren wagty tötänlikde «walyny» döwendigi üçin
«wreditel» hökmünde sud edilip, ýedi ýyl iş kesilen, Handor atly, orta
ýaşlaryndaky, orta boýly, inçejik, gözleri mawy, saçy jyrk sary, ýüzüne künji
sepilen ýaly çypar, gönümel burunly mydama syrtarylyp ýören bir kişini
mündüripdirler. Ol diýseň degişgen hem şelaýyn ekeni. Şol häsiýeti bilenem ol
gelşi ýaly hemmelere özüni aldyrypdyr.
Gurt aga familiýasynam-a aýdýady welin, ýadyma düşenok. Öz dili bilen ors
dilinden daşary ol türmençänem suwara bilýän ekeni. Ýöne salyr şiwesinde
gepleýär ekeni. Ol Gurt agadyr ― atam bilenem basym dostlaşypdyr. «Sarahslylara maňa Hanjar diýýäler, sizem şeý diýiberiň, i-i-i... Il niýäme diýse şon diýsin, i-ii...» diýip, köne tanyş ýaly daşlaryndan aýlanyberipdir.
58
Ol esasanam atamyň ýagdaýyna gowy düşünipdir. Duýgudaşlyk edipdir.
Gelen gününden başlap, arkasyny alyp ugrapdyr. Gurt agany bir gyra çekipdir-de:
«Ýa-a-a... i-i-i... Ikimiz berk dursak bu gyň keýipleň birem «dymp» edibilmez.
Görýän welin aralarynda «ugolownikler-ä» ýok ýaly» diýipdir.
Bir günem atamyň üstünde dawa turupdyr welin, Handor orta çykýa-da:
«Adamlar! Bu kiçijik kişi Hudaýa gulluk edýä. Hudaý bolsa hemmämiz üçinem
deň. Hemmämiziňem gulluk edýänimiz bir Hudaý. Her namazynyň soňunda
Hudaýdan gowulyk dileýän bolsa, diýmek, biziň üçinem dileýändir. Şonuň üçin
şuny ynjytdygymyz öz Hudaýymyzam ynjytdygymyz bolar».
Şondan soň atamyň ýagdaýy az-kem gowulaşypdyr. Handoryň haýyşy
boýunça bendiler atama bir burçdan ýörite ýerjagaz bölüp beripdirler. «Goja
türkmeniň burçy» diýip at alan şol çüňke Handoryň özi bilen Gurt agadan başga
hiç kim barybilmändir.
Etap mahaly iýmit ýagdaýlarynyň nähili bolandygyny soranymda Gurt aga:
«Gün içinde bir gezek, köne setillere guýup nahara meňzeş bir zatlar berýädiler.
Parawozyň köne setillerine salyp getirýän wagtlaram bolýardy. Ýeriň giňinde
keşdiň çekip ýüzüne sereder ýaly däl welin, bende görgüliler şonuňam goýurak
ýerinden aljak bolşup tutda-bas bolýardylar. Özümizem şeýledik. Mämmet ýaly
ejizräk, çekinjeňräk adamlara dagy hossarlyk edäýmeseň hatda paýlarynam alyp
bilenokdylar. Asyl golaýyna-da baryp bilenoklar. Baraýanlarynda-da damagyna
gyzmarak pyýadalar olary elleriniň tersi bilen pyzyşdyryp goýberýäler. Ine onsoň
ýene-de uruş. Ýene-de galmagal. Ýöne, lap edip aýdygym däl, Hanjar ikimiziň
Mämmedi ýekeje gezegem owkatsyz goýan ýerimiz ýokdur» diýdi.
Özbegistanyň, Gazagystanyň üsti bilen geçip, ýaňy bir Orsyýetiň içine
aralaşyp ugranlarynda, kiçiräk duralgalaryň birinden Saşok atly bir ýigdekçäni
mündüripdirler. Ana, şo-da daşyndan göräýmäge gaty bir ejiz bolmasa-da, Gurt
aganyň ýaňky aýdyşy ýaly awuny alybilmeýän gowşaksy biçäreleriň biri bolup
çykypdyr-da, Handor ikisi onuňam garamatyny öz boýunlaryna almaly
bolupdyrlar.
Ýene bir şähere gelip duranlarynda, konwoýlaryň biri barlag bahanasy bilen
Saşogyň goş haltasyny dörüşdirip içinden göze iler ýaly zat bolsa almakçy
bolupdyr.
Bu, umuman, konwoýlaryň edähetleri ekeni. Mahal-mahal şeýdip, kimiň
sagadyny, kimiň çilim gapyrjagyny, ýylyrak içki eşiklerini, hatda owadanja çaý
çemçejigi bolsa-da alaýýar ekenler.
Şol gezek Gurt aga bilen Handor ikisi bendilere ýüzlenip, Saşogy özleri
bilen bilelikde goramaklaryny haýyş edipdirler.
Şondan soň bendiler hiç hili galmagal ýa uruş-sögüşem etmändirler-de,
tirseklerini toýnak edip, onam biri-birleriniňkiden geçirip, Saşogyň daşyna aýlanyp
duruberipdirler. Konwoýyň howuny basmak üçin, güýçli ses bilen aýdym
aýdypdyrlar. Gurt aga, atam ýaly bilmeýänler bolsa agyzlaryny gymyldadyp
oňaýypdyrlar.
Konwoý başyny gutarsa kaýyl bolupdyr. Çünki, bikanun hereket edip
tutulsa, olara-da jeza beriläýdigi bolýan ekeni.
59
Şonda Saşok göwni bozulyp aglapdyr. Bendilere, hususan-da Gurt aga bilen
Handora minnetdarlyk bildiripdir.
Soň sorap-idäp görseler, ol öz obasynda ýetimlik bilen hor-homsy ösen,
görene hakyny iýdirip ýören çaga ekeni. Näme üçin, näçe ýyl basylandygy welin,
Gurt aganyň ýadyna düşmedi. «Ýöne, biziňkiden-ä az däldi» diýeni ýadyma düşýä.
Ýöne, barmaly ýerlerine baranlaryndan soň welin, Saşok özüni düýpgöter
başga tarapdan tanadypdyr. Gurt aga bize onam gürrüň berdi. Menem saňa gürrüň
bererin, ýöne, biraz soňrak, üstünden baran wagtymyz.
14.
«Şak-şak-şak, şak-şak-şak...». «Şak-şak-şak...»
Şeýdip daglardan, derýalardan, derýalar üzre gurlan äpet köprülerden, gök
gyrtyja bürelip oturan baýyrlyklardan, ýaşyl ýaýlalardan, düzlüklerden, sümme
tokaýlyklardan aşyp baryşlaryna bir gün daňdanaralar Gurt aga bilen atam ikisem
ýoldaşlarynyň: «Moskwa... Moskwa...» diýişýän howsalaly seslerine oýanypdyrlar.
Ady dünýä dolan Moskwany biri-birinden öňürti görjek bolşup, bendiler
wagonyň tagta diwarlaryna tarap topulyşypdyrlar. Oňa maňlaýlaryny direşip
yşlaryndan «jyklaşypdyrlar».
Gurt aganyň ýüreginden syzdyryp aýtmagyna görä, şol wagt olaryň barysy
özleriniň bendidiklerini unudypdyrlar. Özlerini aňzakly Sibiriň ýowuz şertli
lagerlerine alnyp barylýan däl-de, Moskwanyň gözel ýerlerini görkezmek üçin
ýörite, gezelenje getirilen dek duýupdyrlar.
Çünki, olar üçin Moskwa Leniniň ýolbaşçylygynda dörän SSSR atly uly
döwletiň paýtagty. Döwlet ýolbaşçylarynyň ýurdy edara edip oturan, ähli kadakanunlaryň çykarylýan ýeri. Ol ýerde Gyzyl meýdan, Kreml, Kremliň çür başynda
ýer ýüzüne şöhle saçyp duran gyzyl ýyldyz bar. Içinde bolsa Leniniň egindeşi, uly
iliň parasatly serdary ýoldaş Stalin şybygyny burugsadyp işläp otyr.
Şeýle hem Gyzyl meýdanda dünýä proletariatynyň atasy Leniniň mawzoleýi
ýerleşýär. Özem şonuň içinde, gollaryny döşünde gowşuryp, çiňarkan düşüp, baku
ukuda ýatyr.
Ol zatlaryň gyrasyndanam eltilmejekdiklerine gözleri ýetip duranam bolsa,
şol wagt bendileriň barysynyň höwesi şol zatlara gönügipdir. Ýöne dişleriniň
suwuny çekişip, bäbeneklerini darajyk deşijeklere hernäçe direselerem, görübilen
zatlary bolmandyr.
«Moskwa» sözi uçursyz köp gaýtalanansoň atamda-da: «Beh, bizi asyl
Moskwada alyp gaýdan ekenler-ow...» diýen pikir döräpdir. Şol pikiriň ýelgininede ýerinden turupdyr.
Wagonyň diwarlaryny sermeläp, o ýan, bu ýan, gyrmyldap ýörşüne şäheri
synlar ýaly yş gözläpdir.
Oňa çenlem öz münüp barýan wagonlary ýaly boş ýa üsti kömürli, çagylly
ýük eşalonlaryndan başga zada gözleri düşmedik bendiler hapa-hapa sögünişip,
tüýkürişipdirler. Ýerli-ýerlerine geçişipdirler.
60
Il ugruna atamam geçipdir. Hökman şeýtmelidir öýdüp, birki ýola
tüýkürinjiräpdirem. Ýöne, özlerine Moskwany görkezjekdirler diýen umydyndan
welin, el üzmändir. Şonuň üçinem, gapdalynda Gurt aga bilen özara gürleşip
oturan Handor eşider ýaly edip: «Leýliniň ýatan ýerinem görkezerlermikä? Çüýşäň
içindemiş öz-ä...» diýipdir.
Gülmäge bahana tapsa göhi gelýän Handor: «Görkezerler Mämmet aga,
näme görkezmän. Galan zatlary görkezensoňlar onam görkezmeseler bolmaz-a ―
diýipdir. ― Ýöne, etapyň naçalnigi bilen gürleşip bilseň ol-a Leniniň mawzoleýi
ekeni, Kremle-de girip bilersiň. Gelenime görä, görmän gitmäýin diýseň kabinetine
girip Stalin bilen salamlaşybam, öz-ä gara çaý içýändir welin, ýanyňda bar bolsa
gir käsejik gök çaýam içişibilersiň. Arman, sen çekeňok, ýogsam çilimem
çekişibilersiň. Namaz wagtyna gabat gelseňiz-ä bileje iküç rekat
okaşaýmagyňyzam ahmal...» diýipdir. Wagonyň gapysy açyldygy özüniň-ä şol
mesele boýunça göni naçalnigiň ýanyna eňjekdigini, sebäbi Stalin arzy-hal
diňlemäge gaty gabyl adam bolup, bigünädigiňi düşündiribilseň kabinetinden
çykaraga-da, öýüňe iberibilýändigini aýdypdyr.
Atam welin, şonda-da onuň oýun edýändigini aňmandyr. Gaýtam keltejik
aýaklarynyň üstüne galypdyr-da, Handoryň ýüzüne çiňerilipdir. Ujy oda çirkizilen
ýaly sarymtyl hem gaýzygyp duran kirpiklerini gypyrjykladyp: «Be-e-e, obende-de
namazly-täretli musurman adamsy diýsene diýipdir. ― Namazlygy zadam
bamyka?»
Onuň öz çeňňegine mazaly ilendigini bilensoň-a Handor hasam çynlakaý
sypata giripdir. «Aý, ýok, Mämmet aga, namazlyg-a ýokmuşyn. Öň-ä baram ekenide, rewolýusiýa döwri garma-gürmelikde ýa-ha ýitiripdir ýa-da ogurladypdyr.
Täzesini alara-da gurby çatman, oňkyny-muňkyny diläp alyp, mydar edip
ýörmüşin. Senem näme, ýa bile durup okarsyň ýa gezekleşip okarsyňyz, garaz bir
alajyny taparsyňyz-da...» «Alaj-a tapylar welin, ýöne, beýle kösenip ýören bolsa,
men oňa...» diýende atam bir zatlar aňjak bolupmy, nämemi sesi peselip ugrapdyr.
Ahyram aňandyr-da: «Häý, men-de guraýyn Hanjar-da ― diýip, çalaja seslenipdir.
Syrylyp aşak çöküpdir. Gatyrganmanyň nämedigini bilmeýän halyna oturan
ýerinden Handora tarap jüýkerilipdir. ― Öz ogluň bolsa, dulugyna bir şapbat
ýelmed-ä welin... Atasy, ýaly adamy oýnan bolup... Häý... Geläýme gaýdyp şü,
meň burçuma...
15.
― Moskwadan soňgüzeranlary az-kem gowulaşypdyr. ― Şyh Mustapa
ýakmaz bir zat iýen ýaly ýüzüni turşaýdyp başyny ýaýkady. ― Aý, gowulaşypdyr,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gyrmyzy bägüller - 07
  • Parts
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2074
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Total number of words is 3604
    Total number of unique words is 2179
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2271
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2169
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2212
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2100
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2116
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2078
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2026
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2057
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2181
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2262
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Total number of words is 1835
    Total number of unique words is 1305
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.