Latin

Gyrmyzy bägüller - 14

Total number of words is 3690
Total number of unique words is 2262
30.0 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gaýdypdyr. Olary eýýämhaçan ýarysy ýanmana ýetişen ýektaýy bilen bilelikde
howlynyň içine döküp, öýden halta alypdyr-da, ikinji gezegem gidipdir.
Şol gezek gaýdyp gelende-de, gädigiň agzynda maňa gabat gelýä.
Ýaňky aýdyşym ýaly bäş-üç agyz gep alşanymyzdan soň ol tüssäp duran
haltasyny goltuklap ýene-de gitmäge hyýallandy.
Men kyn güne galdym.
Nireden, kimden eşidenini, ikisiniň nädip tapylanyny bilemok, hern-ä şol
pursat bagtyma biri-biriniň söbügini sydyrdyp ilk-ä dädem, yz ýany bilenem
Sünnet geläýdi. Özlerem «Hasda-has».
«Kakaň-a şeýdip ýör welin, ýene-de bir belaň üstünden baraýmasyn» diýip,
biri towuny ýetiren bolsa gerek, dädemiň bolup gelşi aý, gaty gazaplyd-a!..
Ol gädikden ädişi ýaly, heniz howludan çykyp ýetişmedik atamyň öňüne
böwet boldy. «Nirä? ― diýip, ulyili bilen gygyrdy. Soň köräp ýatan kitaplara tarap
baş atdy. ― Bylaň näme? Näm etjek sen bylary?..»
Men dädemi henize çenli beýle halda görmändim. Atam bilen-ä ol asylam
sesini gataldyp gepleşmeýärdi. Bize-de näme diýse-de ýuwaşlyk bilen aýdýardy.
Atamyň welin şol bir bolşy. Özüne bir zat diýilýändirem öýdenok. Dädemiň
ýüzüne-de seredenok. Mugallymyndan käýinç alan okuwçy ýaly müzzerilip
durşuna ahyram ýuwduna-ýuwduna, bölüp-bölüp: «Şulara-ha Mustapa beg kitap
diýýäler. Özem patyşalyk kitap. Uly bir döwleti edara eden adamyň kitaby. Bu
132
eden işi üçin entek Şiri neşäň özünem ýakarlar. Bu ýerde ýakmasalaram dowzahda
ýakarlar ― diýdi. ― Allahu akbar!..»
Atamyň aýdan şojagaz sadaja sözleri dädemi birhili özüne gelen ýaly etdi.
«Şiri neşäň nä dahyly bar bu zatlara, ol bir ýumuş oglany, kesewi...» diýip, tas
içinden diýen ýaly pyşyrdady-da, usullyk bilen aşak çökdi. Atama
«herrelendigine» puşman edýändigi, utanýandygy daşyndanam bildirip durdy.
Tisgine-tisgine uludan demini aldy. Bir ýerden gara çöňür tapyp ýer gorjady. O-da
şo-ol, «şart-şart» döwüldi durdy.
Atam şondan soňam «otly harmana» iki gezek dagy gatnady. Ikisinde-de,
arkasy ýükli dolanyp geldi. Aňyrda alar ýaly zat galan däldir-dä, şondan soň
ýarysy ýanan kendir haltasyny bir gyra oklap goýberdi: «Allahu akbar...».
Indi bir çöker, dynç alar, maňa ýüzlenip: «Bar oglum, eneňe aýt, çaýjagaz
demlesin, ikijigimiz oturyp ýadawlygy çykaraly» diýer öýtdüm.
Emma ol beýtmedi. Halas eden kitaplarynyň ýanyna bardy-da, agzy bilen
«üfleşdirip», eli bilen kakyşdyryp, olaryň öçenlerini külden arassalaşdyrmaga,
entegem köräp duranlaryny öçürmäge başlady. Elden geçirenjelerini bir gyrada
rejeläp goýdy.
Henizem aşak bakyp, ýer çokalap oturan dädemem şondan soň sessizüýnsüz ýerinden turdy-da, baryp, atama kömekleşmäge durdy.
Höküme garaşýan günäkär ýaly bir gyrada sömelişip duran Sünnet ikimizem
baryp olara goşuldyk.
Bu eden hereketleri üçin biziň hiç birimizem atama hiç zat diýip bilmedik.
***
Garaçyny bilen jan çekendigine, garamazdan,aradan ençeme wagt geçse-de,
inçe tama bilen hernäçe garaşsa-da, atamyň ol kitaplaryny gerekläp gapydan gelenä bolmady.
Il içinde aýdylyşy ýaly, her zat öz möwritini ötürensoň durmuş sahnasyndan
ymykly düşüp gidýän ekeni. Oňa yza dolanmak ýok ekeni.
Diňe, binýady bakylyga, adamzadyň müdimilik kanunlaryna, Biribaryň
kada-kanunlaryna esaslanyp ýazylan zatlar baky ýaşaýan ekeni. Syýasat bilen
döredilen eserler, syýasat bilenem gidýän ekenler. Eýesiniň ölen güni o-da şonuň
bilen bilelikde gabra girip, gelmeze gidýän ekeni.
Staliniň kitaplaram şeýle boldy. Olardan atamyň tamasy çykmady. Gitdi.
Özem gidişleýin gitdi.
Atam welin şonda-da ýalňyşandygyna düşünmedi. Gaýtam, indi «akyr-ukur»
salynýan köne kümejigimiziň içinde özüne ýer tapynan kitaplarynyň hallaryndan
habar almak üçin, mahal-mahal baryp, gapdallarynda çommalyp oturyşyna uly
umyt bilen: «Gowy kitaplaryň gadyry müň ýyldan soňam bilinäýýämişin» diýerdi.
Çaňlaryny kakyşdyryp, öl mata bilen daşlaryny süpürişdirip, ýene-de öz ýerlerinde
goýardy.
Şol kitaplaryň howlymyzdaky köneje kümeler, hatda jaýlara, haýatlara çenli
ýykylyp, ählisi täzeçe gurlandan soňam sowujak «kladonkalaryň» biriniň bir
133
burçunda rejelije durandyklaryny bilýän. Belki, göwni üçindir, şol kitaplar barada
ýokuş söz aýdan ýa olary ýükürgenen ýekeje adamam biziň hojalygymyzda
bolmady. Hatda ýüz-gözlerini küljerdişip, şol kitaplary ondan-oňa göçürenlerindede: «Şü artyplar nämä gereg-ä» diýen tapylmady.
Halkyň hal-ýagdaýynyň gowulaşmagy bilen, uly iliňki bilen bir hatarda
biziňem güzeranymyz gowulaşýady. Howlymyzam soň-soňlara çenli üýtgedi gitdi
oturdy. Üzüm dalbarlarymyzam gyrmyzy bägülleriň oturýan ýerlerem üýtgedildi.
Şol zatlar bilen bilelikde maşgalamyzda, öňki agyr günleriň azabyny çekip
görmedik, tosun, täze bir nesliň tapgyr-tapgyr ýetişmegi özüniň aradan çykmagy
bilen, könäni ýatladýan köp zatlar, şol sanda atamyň kitaplaram gürüm-jürüm
boldy.
Şyh Mustapa hamala menden rugsat soraýan ýaly ýüzüme köp manyly
seretdi.
― Atamyň Staline bolan garaýşy doly düşnükli bolar ýaly, şol mesele
boýunça saňa ýene bir zat aýdaýynmy?
― Aýt, aýt...
― Ol wagt Sünnet ikimiziňem birkemsiz jahyl çykan döwürlerimizdi.
Sünnet-ä eýýäm uniwersitetem tamamlap gelip, dädemiň hojalyk müdiri bolup
işleýän mekdebinde biologiýa boýunça mugallymçylyk edýädi. Men öz ugrumdan
Moskwada okap ýördüm.
Bir gezek gyş kanikulyna gelenimde maýylrak günleriň birini saýlap men-ä
bägüllerimiziň düýbüni depdim, atamam üzüm gaýçy bilen baldaklaryny çyrpdy.
Günortanlyk ejem börek bişirdi. Atam ikimiz nahara oturanymyzda: «Öýde
wagty bir görüp ganaýyn oglumy» diýip, ejem gapdalymyzda oturdy. Indi mazaly
hereketi haýallan enemem şeýtdi. Nahardan soňam: «Indi ataly-ogul bolup arkaýyn
sakyrdaşyberiň» diýşibem, boşadan gap-çanaklarymyzy ýygnaşdyrdylar-da,
çykyşyp gitdiler.
Gyş güni bolansoň biz ýatyb-a bilmedik, ýöne, gümür-ýamyr edip otyrdyk.
Şonda men çemini tapyp: «Ata, men senden bir zat sorajak...» diýdim. «Sora
oglum, sora. Iki zat sora» diýdi. «Sen tüweleme köp ýaşadyň. Enşalla ýene-de
ýaşarsyň. Özüňem şu ömrüňde köp wakalary başdan geçirdiň, köp-köp döwlet
agdaryşyklarynyň şaýady bolduň. Nikolaýdan başlap Kerenskiý, Lenin, Stalin,
Malenkow, Hruşew, Brežnew ýaly patyşalary gördüň. Ykdysady, syýasy taýdan
olaryň hersiniň özboluşly ýörelgeleri bolupdyr. Taryhdan Nikolaý patyşa öz
imperiýasyny giňeldipdir. Kawkaz döwletlerini, Orta Aziýany basyp alypdyr.
Buržuaz-rewolýusionerler ony agdaryp, wagtlaýyn hökümet döredipdirler, ornunada Kerenskini goýupdyrlar. Lenin onam aýryp, ýurtda sowet häkimiýetini berkarar
edipdir. Bu ― döwlet agdaryşyklary Lenin halk üçin dürli dekretler, kada-kanunlar
çykarypdyr. Ol ölensoň ýerine Stalin geçipdir we ýekebara hojalyklary kolhozlara
birikdiripdir, baýlaryň ýer-suwlaryny ellerinden alyp, özleriniňem hersini bir ýana
sürgün edipdir, ýurtda tutha-tutluk döredipdir, özüň ýaly Hudaý diýip ýören bigünä
adamlary basypdyr. Sibire sürgün edipdir. Soň ýer ýüzüni «faşizm» belasyndan
halas edipdir, Malenkow az wagtlyk hem bolsa ― on-a biz özümizem bilýäs ―
ýeňil senagaty ösdürmekde köp işler alyp bardy, köp adamy türmelerden boşatdy.
134
Hruşew Staliniň şahsyýet kultuny paş etdi, ýurtda maýylganlyk döretdi, halka
mekgejöwen ununy iýdirdi, köp gepliligi, badyhowalylygy bilen özüni dünýä
tanatdy. Ine, indem nejembir ýyldyr Brežnew gaşyny Oguljuma daýzaň gaşy ýaly
edip pezzerilip ýör. Indi sen maňa aýt, şolaryň haýsy gowudy?..» diýdim. Atam
köp garaşdyrman: «Murt» diýdi. «Näme üçin?» diýdim. «Ýeke geplidi. Ýalan
sözlänokdy. Aýdan sözüniň yzynda durýady. ― Atamyň dili açylan ýaly boldy. ―
Ultumatymy dagy ýekeje gezek berýädi. «Keliň döwründe welin o zatlaryň sany
ýitdi...»
33.
Ara azajyk böwşeňligiň düşendiginden peýdalanyp, men režissýora häliden
bäri beresimiň gelip oturan soragymy orta atdym.
― Ýitikleriňizden nätdi, derek boldumy? Ýa bolmadymy?
Berjek jogabynyň täsirini ýüzümden aňmakçy bolýan ýaly Şyh Mustapa
gözlerimiň içine çiňerildi.
― Bolmady. Ýöne, atam-a tä ölýänçä olaryň ykballary barada
ynjalyksyzlandy ýördi. «Gaçan bolsalar, gözlärdiler, agtaryp şu ýerlere-de
gelerdiler, iň bolmanda aşaklyk bilen sorag-ideg ederdiler. Bu aralykda başgabaşga zatlar ýatandyr. Bela hökümetiň özündedir. Bir sebäp bilen ýoklandyr-da,
gizleýändir...» diýerdi.
Şolar ýalyda enem, Gülnäz gelnejem, Dürli gelnejem dagy aglaşardylar.
Donuny çümre bürenip, ejemem olara goşulardy.
Öňki ýaly atam indi olara: «Goýuň, aglamaň» diýip bilenokdy. Çünki, wagt
kän geçipdi, onuň özüniňem umydy üzüleňkirläberipdi, naçarlaryna haýbat atara
indi dogrusy onda kuwwatam galmandy. Iň ýamanam ýüreginiň ysgyny gaçypdy.
Bir wagtlar dädemiň uruşdan gelensoň agalaryny gözläp o ýan, bu ýan
ýazyşy ýaly, naçarlarymyzyň nalyşlaryna dözmän, Hruşewiň maýylançylygyndan
soň men özümem ýokarylara köp ýazypdym. Moskwada okap ýörkäm-ä degişli
edaralara, arhiwlere öz aýagym bilenem barypdym. Sorag-ideg edipdim. Baran
ýerimdenem: «Size öň jogap berlipdir, şondan başga maglumat bizde ýok» diýen
ýaly barymyzy bizar eden şol bir jogaplardan başga söz eşidip bilmändim.
Atam welin, şondan soňam ogullarynyň ölendiklerini boýnuna almady.
Alasy, umydy elden beresi gelmedi.
Halys bolmajagyna gözi ýetenden soňam: «Egerde nesibeleri çekip gelselerä geleni, gelmeselerem birdenkä ýogalan bolup, özleri ýaly merhumlaryň atasynda
aýatsyz-töwirsiz kemsinişip, müzül bolşup ýören bolaýmasynlar» diýdi-de,
dädeme ho-ol, birwagtlarkysy ýaly pata däl-de, ýene bir gezek sadaka bermeklige
rugsat berdi. Eneme-de: «Gelinlere aýt, gelenleriň öňünde aglaýmasynlar.
Sadakada ses edilýän däldir. Ýogsam ogullarynyň patasyny alýandyrlar öýderler»
diýdi.
Şol umydygärlik terbiýesiniň netijesinde atamyň özem, enemem,
gelnejelerimem, dädemem, tä ölýänçäler Omar kakam bilen Osman kakamdan
135
tamalaryny üzmediler. Olaryň yzlarynda galan çagalaram üzmediler. Sünnet
ikimizem olaryň tamakinçiliklerini deň bölüşdik.
Men özüm-ä heniz-henizlerem, heran-haçan, ir ertir, giç agşam, hususan-da
bimahal çaglary gapy kakylsa, göwnüme: «Men pylanydyryn, pylan ýerden gelip
pylan ýere barýan, ýöne, şu ýerde inilerimiziň biri barmyşyn diýip eşitdik-de,
sowulaýdyk» diýip, şolaryň ikisem birden geläýjek ýaly, gezek-gezegine
boýnumdan dolap alaga-da: «Wah, doganjygymyň çagajygy» diýip, ýüzümdengözümden ogşaberjek ýaly bolup dur...
Režissýor sähelçe sägindi welin, men ýene-de ara sorag sokdum.
― Olaryň yzynda galanlary nätdi? Ykballary nähili boldy? ile-güne goşulyp
gitdilermi?..
― Ýaňky aýdyşym ýaly Begnazar daýymdan-a nyşan ýok. Patasy alnanda:
«Begnazaryň agysyny aglara yzynda oturan maşgalasy ýok, ogly-gyzy ýok diýip,
hemmesine derek enemiň özi aglady. «Öz ilinde ýar söýmän, ýat illerde gara ýeri
çugan dogan, bu dünýeden namyratja geçen dogan» diýip, onuň üçin ýörite ýas
aýdymlaryny aýtdy.
Şanazar daýymyň yzynda ýadyňa düşýän bolsa Mähek atly bir gyz galdy
diýdim, Şemşat daýzam ana, şojagazyny saklap oturdy. Kakasynyň patasy alnanda
on iki ýa on üç ýaşlaryndady. Gözüniň ýaşyny bulduradypjyk hyzmat edip ýörşi
henizem gözümiň öňünde. Aýdyşlaryna görä ol Şanazar daýym bilen bir almany
iki bölen ýaly ekeni.
Şol gyz ýurda belli, ökde hirurg bolup ýetişdi. Medisina ylymlarynyň
doktory diýen ada eýe boldy. Köp adamy ölümden halas etdi. Alkyşlar aldy. Özem
birsyhly dädesini ýatlap sadaka berdi ýördi. Ol häzirem bar. Ýöne işlänok.
Pensiýede.
Omar kakamdan ýaňam aýtdym, Hojanazar atly bir ogul, Maral atlam bir
gyz. Osman kakamdan bolsa Şeýda atly ogul galdy. Aýallary Gülnäz ejemdir Dürli
ejemem atamyň telim gezek, ak ýürekden rugsat berendigine garamazdan, Şemşat
daýzam ýaly ärleriniň ojaklaryny saklap, ýollaryna garap oturdylar. Çagalaryny
urşuň kynçylykly ýyllaryndan, açlyklaryndan alyp çykdylar. Öý-işik edip, ile-güne
goşdular. Hemmesini ýokary bilimli etdiler.
Olaryň häzirem abraýly hökümet edaralarynda işleşip ýörenlerem, hormatly
dynç alyşda oturanlaram bar.
Gülnäm ejemdir Dürli ejemiň özleri bolsa, ýan ýoldaşlarynyň ýoluna
garaşmaklaryny tä iň soňky demlerine çenli goýmadylar. Ir ertir, giç agşam, irmän,
arman, gapylaryna çykyp, demir ýoluň «dükürdisine» diň sala-sala, duralgasyna
tarap baka-baka gözlerine gan öýdürdiler. Şol bir umydygärlikleri bilenem
«üýtgedip gurmak» döwrüniň öň ýanlary dünýelerini täzelediler.
Men-ä ol wagt ýanlarynda ýok welin, gören gözleriň, eşiden gulaklaryň
aýtmaklaryna görä, Gülnäz ejem öljek wagty: «Omary men o dünýeden nädip
taparkam, niredediginem-ä bilemok» diýip, kükregine urupdyr, «ah» çekipdir.
Olar ogul öýlendirenlerinde, gyz çykaranlarynda atamam bardy. Boşap
gelenine ýaňy bir bäş-alty ýyl bolupdy. «Şu zatlaram görmek nesibämde bar
136
ekeni» diýip, Gurt aganyň ýanynda gözüne ýaş aýlap duranyny bilýän. ol özüniň
ilkinji çowluklarynam şol agtyklaryndan gördi.
34.
Gürrüňçiligiň soňuna syrygyberenini aňdym-da, esasy soraglarymyň ýene
birini dile getirdim.
― Ataň onsoň şeýdip, tümde oturan ýyllary barada hiç zat aýtman, ähli
syryny öz ýany bilen alyp gidiberdimi?
― Tas şeýle bolupdy. Ýöne, herki zadyň öz wagty bar, diýleni. Umuman,
şol syry ýany bilen alyp gitmeli däldigine soňabaka özem düşünen bolsa gerek, bir
gün süýr günortanlar üzüm dalbarymyzyň aşagyndaky agaç sekiniň üstünde atam,
dädem, Sünnet, dördümiz ondan-mundan mesaýy gürrüň edip otyrkak, atam ahyry
atyma geldi.
Men ol wagt tomusky dynç alşa gelipdim. Howa yssy. Bu wagtky ýaly
salkynladyjy enjamlar ýok. Elýaglygymyň dagy derrew öl-myžžyk bolýa.
Polotensa ulansaňam süpürine-süpürine ýüzüň sürlen ýere dönýä.
Sünnet dagynyň aýtmagyna görä, golaýda Gurt aga-da ýogalansoň, men
okuwa gidenimde, atamyň erbet içi gysýamyşyn. Öňküsindenem beter halys
dymma bolaýýamyşyn. Gelenimde bag-bag açylýanyn-a aýtmasalaram bilýän. Şol
wagt ol hemmämizi geňler galdyryp geplemsek bolýa. Kä gijeler dostýarlarymyňka oturylşyga gitsem dagy tä, gaýdyp gelýänçäm sekiniň üstünde
aýagyny sallap, ýoluma garap oturandyr. Görüp begener. Şol aralykda-da dünýäň
soragyny berer. Gürleşer. Diňe meniň irkiljiräp ugranymy görenden soň: «Ýat
oglum onda, dynjyňy al» diýip, ýanymdan turup gider.
Ýeke meniň däl, hemmämiziňem daşyny gallaşyp oturanymyzdanmy,
nämemi, şol gezegem atamyň dili açyldy. Näme sorasaňam bildiginden aýdyp otyr.
Bir wagtky dymmalygyndan dagy nam-nyşan ýok.
Bir görsem dädem-ä gyşarylyp ýatyşyna tirsek ukusyna gidipdir. Sünnetem:
«Pursatdan peýdalanan» diýen manyda maňa baş atýa-da, eňeginem atama tarap
«ümläp goýberýä. Öňden gepleşip goýşumyza görä, bu onuň: «Bol, tüm barada
sora, häzir sorasaň aýdar, açyldy» diýdigi.
Bu meselede biz öňem köp synanyşyk edipdik.
Megerem, tümdekä öwrenen bolsa gerek, atamyň bir endigi bardy, ýagny,
ýatanda, esasanam gündizlerine bilegini gözleriniň üstüne goýup, bir aýagynam
beýleki aýagynyň üstüne atyp ýatardy.
Egerde ukuda däldigini bilsek,şolar ýalyda Sünnet ikimiziň birimizdenbirimiz ýuwaşlyk bilen: «Ata, sen beýlede Gurt aga bilen bile bolduňmy?..» diýip,
bile-bile aňyrsyna geçýän soragymyzy bererdik. Ol bolsa şol ýatyşyny üýtgetmän:
«Hm-m...» ederdi-de, entegräkdenem beýlesine agdarylyp hor çekip başlardy.
Elbetde, biz onuň jögülik edýändigini, gürrüňden gaçmak üçin
şeýdýändigini bilýärdik, ýöne, ony şondan artyk bimaza edeniňden peýda ýokdy.
Şol gezek welin...
137
Öňem soraý-soraý lejini çykaran şol bir soragymy berenimden soň atam
oturan ýerinden maňa tarap gobsundy-da: «Hä-ä... Hüm-m... How-wa... Şoň bilen
oturdym. Ýöne... Aý, ýok, dogry şol. Hä, näme?..». «Aý, ýok, ýöne bir zat
soraýjakdym». «Ýene şol arakyň ýalymy?» «Ýok, bu gezek seň özüň barada.
«Weý, aýt...». «Sen ine, şol on üç ýylyň tas hemmesini diýen ýaly tümde
geçiripsiň...» Atam çapyp barýan atyň öňüne kesek oklanan ýaly boldy. Kürtdürdi.
Azajyk böwrüni diňläp oturdy-da, başyny ýaýkap ajy ýylgyrdy. «Ýatan ýeri ýagty
bolsun bendäň, sizi Gurt gorjandyr. Şol aýdandyr. Ýogsa siz nireden biljek bu
zatlary...»
Indiden soň Gurt aganyň gelip ýakamdan tutmajakdygyna gözüm ýetip
duransoň, gapdalymda irkiljiräp ýatan dädeme-de «aýtman» diýip, baryp-ha oglan
döwürlerim beren sözümden dändim-de: «Howwa» diýdim.
Atam kinesiz gürledi. «Ýeri, bolýa. Ber soragyňy...». «Şu gürrüňi eşidişim
bäri senden sorajak bolup ýören zadym, ata, eşidişimize görä saňa iýer ýaly zad-a
ýokardan Gurt aga dagy oklap durupdyrlar. Suwdanam kösenmänsiň. Ýöne, ine,
şonça ýyllap sen ýekelige nädip çydadyň? Men ine, şuňa düşünibilemok...»
diýdim.
Atam tisginip gitdi. «Kim aýtdy saňa men ol ýerde ýeke bolupdyryn ―
diýip? Men oglum, ol ýerde ýeke bolmadym. Şonça ýyllap men ol ýerde Hudaý
bilen ýüzbe-ýüz ýaşadym. Günler, aýlar, ýyllarboýy onuň bilen gürleşdim, agtaryp
ýören pikirlerime jogap tapdym. Köp zatlar barada täzeden oýlandym, täzeçe
düşündim. Öz aňymyň, paýhasymyň üstünde işledim. Erkinlige eýe boldum.
Hudaýyň öňünde borjumy berjaý etmek üçin hiç kimden çekinmedim. Hiç kimden
gorkmadym. Jebrini rahat bildim. Edýän gulluklarymyň lezzetini kynçylyklarynyň
içinde gördüm. Tüm röwşene öwrülip, azaby gülşen göründi.
Şonuň üçinem, men ol ýerde geçiren ýyllarymy ömrümiň iň bagtly, iň sapaly
çaglary saýýan. Ol ýyllary Allah maňa peşgeş berdi. Zalymlardan gutardy. Gorady.
Ganymlaryň goly bilen meni öz ýanyna aldy. Hossarlyk etdi. Öz gullaryny hiç
kime kemsitdirmeýändigini subut etdi...» «Sen ony gözüň bilen gördüňmi?» diýip,
men mortaragam bolsa soradym.
Meniň soragyma goşulýandygynyň alamaty hökmünde, Sünnetem goşa
ýassygy tirsekläp ýatan ýerinden atamyň ýüzüne çiňerildi. Bir görsem dädemem
oýanypdyr-da, gözlerini bize tarap «jüýjerdip» ýatyr.
Atam olara ünsem bermän, sözüni dowam etdirdi. «Ony öňde-soňda gören
ýok, oglum. Bolmazam. Sebäbi, ol hem-ä hemme ýerde, hemem hiç ýerde. Ol göze
görünmeýär, ýöne, dünýäniň islendik künjünde-hä däl, islendik daban ýerinde bar.
Islendik adamyň kalbynda bar. Şonuň üçinem:«Bir göwni ýykmaklyk, Hudaýyň
öýüni ýykmakdyr» diýilýär. Ol öz bendeleriniň edýän her bir ädiminden habarly.
Ol islän zadynyň görnüşinde gelip, saňa kömek edip bilýär. «Saňa nämäniň
görnüşinde görünýärdi?» diýip, bu gezek soragy Sünnet berdi.
Ol şol soragy çyny bilen berýämi ýa ýaňy-ýakynda partiýa hataryna geçen
ýaş kommunist hökmünde üstünden gülmek üçin ýaňsylap aýdýamy, takyklajak
bolýan ýaly atam synlaýjy nazaryny Sünnetiň ýüzüne dikip, bir dişem galmandygy
sebäpli kempeýin duran eňegini hasam kemşerdip esli wagt oturdy.
138
Men: ol Sünnetiň soragyna kejigendir, indi ol gürrüňini keser, yzyny aýtmaz,
öýtdüm. «Häý, oňarmadyň-ow! Bulaşdyrdyň-ow» diýen manyda Sünnete seredip
başymy ýaýkadym, dodagymy dişledim.
Sünnetem günäkär halda gyzaryp aşak bakdy.
Bolsa-da atam bizi irikgä etmedi. Edil öňküsi ýaly hyjuwly bolmasa-da,
garaz: «Maňa ol nur bolup görünýädi, oglum ― diýip, gürrüňini dowam etdirdi. ―
Özem şeýle bir ýiti, emma gözüňi gamaşdyranok. Her gezek ruhdan
düşüberenimde, tapdan gaçyberenimde, aňyrsy-bärisi çäksiz tümlügiň bir çetinden
ilk-ä kiçijik ýyldyz ýaly ýaldyrap dogýady, kem-kemdenem ulalýady. Birdenem
dünýe-älemi tutup duran, hatda Günüň şöhlesindenem ýiti, ak ýagtylyga
öwrülýädi. Men şonda özümi süýt kölünde ýüzüp ýören ýaly duýýadym.
Gursagyma ýylylyk siňip, kalbyma mähir çaýylýardy. Göwräme gurp gelýärdi.
Kuwwatlanýadym. Beýnime akyl-paýhas aralaşýady. Geçen günlerimiň barysy
birin-birin göz öňümden geçýädi. Nirede ýalňyşypdyryn, nirede dogry hereket
edipdirin, barysyny seljerýädim. Ýalňyşlyklarym üçin Biribardan ötünç soranymda
ýüregim aram tapýardy. Özümi uli iliň arasynda, gorag astynda duýýadym. Ýeriň
üstünde, zulumkeş neçennik Bajynskiniň golastynda geçip duran ýalan, lägir
durmuşy meniň tümdäki durmuşymyň müňden biriçe-de ýokdy. Şonuň üçinem, şol
ýere düşen günümden başlap, ol ýerden çykmazlygy, bäş günem bolsa, gör ýaly
garaňkam bolsa, galan ömrümi şol ýerde geçirmekligi ýüregime düwdüm. Ol
ýerden çykmaklygyň höwesinem etmedim. Gaýtam, şol ýerdäki durmuşymyň uzak
bolmagyny, hiç haçan gutarmazlygyny isledim.
Meni tutmak üçin gelýän ýaragly adamlardan gaçmak, gizlenmek maňa kyn
däldi. Girere deşik, sümülere sümelge kändi. Soň-soňa men ýokardan oklanýan
tokga-tokga agaç ýonuşgalarynyň, köne-küşül geýim-gejimdir ― matamarlyklaryň hasabyna özüme ýorganly-düşekli höwürtgejigem edindim. Kurany
Kerimi, çyra sallanlaryndan soň-a ýagdaýym hasam gowulaşdy.
Ýaragly adamlar bolsa basym yzlaryna çykybilseler kaýyl. Sebäbi gorkýalar.
Menden däl-de, garaňkylykdan gorkýalar. Deşikdir-dilikleriň, köwdür-söwleriň
ellerindäki çyranyň ýagtysyna salýan kölegeleri olar üçin örän eýmenç bolup
görünýä.
Oklanýan kelem ýapraklarydyr kartoşka gabyklarynyň arasy bilen käte
döwüm-dişlem nan, ýarysy gemrilen, içi ýülüklije süňk, siňirdir-damarly et, balyk
bölejikleri-de çykaýýady.
Obadan gatnap işleýän, maşgalaly bendiler, esasanam agaç kesýän zawutda
işleýänler oklaýan bolsalar gerek, käte daşyna kagyz ýa mata oralgy bäşdir-üçdir
garny ýarylan börejiklerem, ýarpy-ýalta bulkajykdyr-pişmejiklerem, gaýnadylyp
gowrulan makaronjagazlaram elime ilýärdi. Men olary sermeläp, aç it ýaly
ysyrganyp tapýadym.
Şol makaronlaryň tagamy henizem agzymdan gidenok. Ysy burnumdan
aýrylanok. Ýuwaşlyk bilen Ennewüle: Şony bişirip beräý diýýän welin: «Men seň
«mäkärunyňy» näbileýin diýip, «kih-kih» gülýä gaýtam. Gelinlere, agtyklara
aýtmaga bolsa çekinýän, atam orsuň naharyny iýýä diýäýmesinler, diýip...
139
― Aý, onyň-a däde, häziriň özünde-de bişirderis... ― diýip, eýýämhaçan
ukudan açylan dädem tarsa ýerinden turdy-da, atamyň «haý-küşüne» garaman
ýaýkanjyrap gitdi. Ejeme buýrandyr-da, derrewem gaýdyp geldi. ― Biz-ä senden
çekinip bişirdibilmän ýörüs ony, o ýerde-de şundan bizar boldum, diýäýermikäň
öýdüp... Ine derrewjik bolar şol diýeniň. Uruşdakak bizem köp iýipdik ony... ―
Dädem atama tarap baş atdy. ― Aýdyber däde...
Makaronly gürrüňi gozganyna utanýan ýaly atam esli wagt aşak bakyp,
ýygrylyp oturdy-da, kynlyk bilen sözüni dowam etdirdi. «Şeýdip ýörşüme men
urşuň turanyndanam, kim bilen kimiň urşanyndanam, kimiň ýeňip kimiň
ýeňlenindenem bihabar galdym. Dogry, Gurt bir gezek habarlaşanymyzda: «Uruş
turdy» diýdi. Ýöne, men oňa doly düşünibilmedim. Lägiriň öz içinde uruş
bolandyr, öýtdüm. Soňam: «gutardy» diýdi, «ýeňdik» diýdi, garaz, buýr-bulaşyk
boldy.
Bendileriň işe geçýän ýa işden gelýän wagtlary aşak taşlanan ýerime, agaç
germewiň aşagyna barýadym, düşünsem-düşünmesem olaryň özara hümürdilerine
gulak asýadym. Käte-de Gurt bilen iki agyz söz alyşýan, bolany. «O-da:
«Barmysyň/», «Dirimisiň?», başga üýn alşara ýagdaý ýok.
Uzynly gün kiçijik magunjagazlarmy ýa galtakmy, şoň bilen köwlän
kömürlerini
daşaryk
daşaýalar,
ýöne,
olaryň
«takyr-tukularyndan»,
şakyrdylaryndan ýaňa gep alşar ýaly däl.
Girelgeden bolsa gerek, germewiň aşagyna baranymda ölügsije ýagty
düşýädi. O-da günortanrak, Günem şöhleli bolan wagty. Bulutlaşyk bolsa-ha o-da
ýok. Sähelçe aňyrrak süýşdügiňem tümlük gaplap alýa.
Tomus aýlary jahan ir ýagtylgyç bolýar. Şonuň üçin, şol aýlarda
şahtaçylaryň gidip baryşlary salgym bolup görünýär. Edil, uçudyň ýüzi bilen äpet
bir, çalajan aždarha süýşüp barýan ýaly.
Günüň-gününe oklanyp duransoň, germewiň aşagyna düşýän iýmitler
soňabaka depe bolup gitdi. Dymjykdy. Yslandy. Şonuň üçin men ony töre tarap
pytratdym. Soňky düşenlerdenem geregimi aldym-da, gaty bir üýşmänkä şeýtdim
durdum.
Hemişelik bolýan ýerimdäki «höwürtgejigimi» arassa sakladym. Ýöne, çyra
gelýänçä men onuň nä keşpdedigini bilmedim. ― Atam birazajyk sägindi. Näme
üçindir, herimiziň ýüzümize birlaý seredip çykdy. ― Ýeriň ýüzünde gezip ýörkä,
adam garaňkylyga öwrenişýä. Mysal üçin, gijäniň garaňkylygyna. Sebäbi, iň
bolmanda ýyldyz ýagtysy düşýä. Tümde bolsa beýle däl ekeni. Bir ýerden yş
düşmese, göz oňa öwrenişip bilmeýän ekeni. Gaýtam öz borjundan ýüz öwrüp,
özem garaňkylyk ummanyna tarap ugur alýan ekeni.
Men diňe sermenekläp, onsoňam her bir ädimimi hasaplap, aňymda aýlap,
huşumda saklap, hereket edýädim. Çyraly ýagymy bolsa, diňe Kurany Kerimi
okajak wagtym ulanýardym.
Ýöne, soňabaka gözüm çyranyň ýagtysyny görmedenem galdy. Şondan soň
maňa çyranyňam, ýangyjyňam geregi bolmady. Gözüm gördi, görmedi, onuňam
parhy galmady. Ýöne, o zatlardan bihabar, Gurt dagy soň-soňlaram maýyny
tapsalar ýangyç, pelte, otluçöp ýaly zatlar salladylar durdular.
140
Men halys tapdan düşenimden soňam diridigimi bildirmek üçin bendileriň
geçýän wagtlary, mahal-mahal, germewiň aşagyna barýadym. Seslenseler ses
berýärdim we dörüşdirip, az-owlak garbanyp gaýdýardym. Oljam oňsa ýanym
bilen alyp gaýdyberdigimem bolaýýardy. Suw meselesi aňsat. Ol edil dag çeşmesi
ýaly «şirrildäp» aýagymyň aşagyndan akyp durdy. Gelip ýene-de tutuş durkum
bilen Biribara berilýädim.
Men bir-ä kyblanyň haýsy tarapdadygyny bilmän kösenýädim. Birem aýyň,
günüň, ýylyň, ähli zadyň hasabyny ýitirdim. Bäş wagt namazymy men bir günde
okaýanmy ýa iki gündemi, bir ýarym gündemi, onam bilemok. Ýöne, ýüregim
şonda, göwnüm şonda. Tüýs ýürekden edilen ybadat, hökman kabul bolýamyşyn.
Men şu wagt şu ýerde, siziň araňyzda oturan bolsam, kabul bolandyram inşalla...
Umuman, şol uç-gyraksyz tümlügem, köne küşülden «bina bolan»
höwürtgejigimem, meniň üçin uçmahdy. Allahyň dergähidi. Şondan başga arzuwisleg şol wagt mende ýokdy. ― Atam aýtmasyz bir zady aýdan ýaly: ―
Estagpyralla, estagpyralla... ― diýip, içini çekdi. Ýakasyna tüýkürdi. ― Bardy, oda size gowuşmak. Ýene bir küýsän zadym ― o-da ol ýerde bägül ýokdy.
Hyýalymda welin bardy. Şol hyýal käte düýşüme girýädi. Şonda men
ýetişibildigimden bägül ekýädim. Hyýalyňda atan tohumyň şeýle çalt hem bitginli
gögerýän ekeni. Çalt ýetişýän ekeni. Özem edil, ýaş wagtlarym şäherden alyp
gidýän bägüllerim ýaly ýupar ysly, peýwendi, gyrmyzy bägüllermişin. Şol gülgülzarlygyň içinde gulaçlap ýörşüme oba äkidip, ähli obadaşlaryma paýlar ýaly iň
gowularyndan saýlap ýygýan-da, gitmäge hyýallanýan. Ýöne, gidip bilemok. Asla
ýerimden gozganybam bilemok. Uçara bolsa ganat ýok. Şolar ýaly janserek bolup
ýatan wagtym oýansam gynanýan. Sebäbi, gözümi açdygym tümlüge düşýän.
Ýene-de şol çemenzarlyga dolanjak bolup hernäçe jan etsemem bolanok.
Urnup ýatyşyma dözýän däldir-dä, dadyma ýene-de şol ak şöhle ýetişýä.
Arzuwyma atarmak üçin gelip üstüme howala bolýa. Ak pile deý daşyma çolanýarda, goltugymdaky bägüllerim bilen bilelikde tümlügiň içi bilen «wazyrdadyp» alyp
barşyna «güzürdäp» ýagty ýalança çykýa. Dik asmana göterilýä. Şu ýerde düýş
bilen hakykat garyşýa. Haýsy hyýal, haýsy hakykat, men özümem bilemok. Ýöne,
şol wagt gijelik bolsa-ha balkyldaşyp duran penje-penje altynsow ak ýyldyzlaryň,
gündiz bolsa-da sümek ýaly sallanyşyp duran akja bulutlara baý, çüýşe deý dury
hem göm-gökje asmanyň asty bilen dagdyr-düzlerden, deňizdir-derýalyklardan,
tokaýlyklardan, çölüstanlyklardan aşyp, meni şu ýere getirýä. Usullyk bilen
gapynyň agzynda düşürýä. Menem edil ho-ol, boşap gelenimdäkim ýaly begenip
gädikden girýän-de, bir dem durup howlymyzy synlaýan. Sünnet ikiňiziň-ä
bardygyňyzdanam habarym ýok, ýöne, Ennewüliň, ine bi, Mustapanyň, gelinleriň,
beýleki agtyklarymyň girip-çykyp ýörüşlerini görýän. Olar welin meni görenoklar.
Eger-eger, gaňrylybam bakanoklar. Sorasam jogabam berenoklar. Goltugymdaky
güllerden sogrup alyp ýeke-ýeke uzadýan, göwünleri bir ýaly. Alanoklar. Arasynda
Ennewül: «Alyň, alyň, düýşüňde öli zat berse gowulygyň alamatymyşyn» diýýä.
Men allaniçiksi bolup: «Ennewül, aý Ennewül, aýdýanyň näme, men öli däl, diri.
Tüme düşsem sen näme meni ölendir öýtdüňmi? Goý, beý diýme...» diýýän. O-da
birhili aýdan sözünden utanýan ýaly aşak bakýa-da, baran wagtym tomus bolsa-ha
141
daşarda, gyş bolsa-da içerde gazan ataryp, ojaga ot salyp başlaýa. Gözüniň ýaşyny
sylyp oturşyna biş-düş taýýarlaýa. Maňa degsin etjek bolýandyr öýdüp, men ondan
hasam öýkeleýän «Aý, ýok, beýle däldir, meni, ogullaryny, doganlaryny gaýgy
edýändir, muň derdi biziňkidenem has agyr ahyry» diýip, ýene-de özümi
köşeşdirýän. «Goý, Ennewül, aglama, ine, men geldim-ä, olaram geler» diýýän.
Şonda-da ýüz berenok. «Näme üçin beýdýäň, ýa menden göwnüň galan ýeri
bamy...» diýýän.
Eşidýän däl bolaýmasyn, diýip, ýeňinden çekýän. Barybir bolanok... Ine,
onsoň şol wagt egnimden ýantorba asylanmyşynda, şonuň içinden bir kö-öneje
agaç okara çykaryp: «Şol naharyňdan şuňa bir çemçejik kakyp ber, o ýeriniň
naharyndan hiç mährim gananok» diýýän. Ol bolsa ýene-de: «Ýok. Ölä zat bermek
erbet bormuş» diýýä. Muňa-da bir erbet bolýan.
...Birdenem, goltugymdan gop berlen ýaly öz-özüm göterilýän-de, öňki
gelen ugrum bilen, asman sary «waz» ýasaýan. Barşym ýalam ýaýdan sypan ok
ýaly şo-ol, gara tümlüge başaklaýyn süsdürilýän. Bolup geçen zatlaryň ählisiniň
ahwalatdygyny bilip, ýene-de gynanýan. Hälki güller niredekä, diýip, goltugymy
sermeleýän. Ýöne, elime garaňkylykdan başga ilýän zat ýok... ― Atam az-kem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gyrmyzy bägüller - 15
  • Parts
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2074
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Total number of words is 3604
    Total number of unique words is 2179
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2271
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2169
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2212
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2100
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2116
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2078
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2026
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2057
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2181
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2262
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Total number of words is 1835
    Total number of unique words is 1305
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.