Latin

Gyrmyzy bägüller - 04

Total number of words is 3641
Total number of unique words is 2271
30.7 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
50.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sus, aladaly görünýärdi, özlerem bizden bir zatlary gizleýärdiler. Biz munam
aňýardyk, ýöne, sorap bilmeýärdik.
Egerde bir gezek, tötänden diýen ýaly ejem bilen dädemiň özara gürrüňlerini
eşitmedik bolsadym, onda o zatlaryň aňyrsynda nämeleriň ýatandygyny men
entek-entekler biljek däl ekenim.
...Şol gün olaryň ikisem hemişekileri ýaly, işe gitmek üçin ir turupdyrlar-da,
aýak uçda çaý içişip otyr ekenler.
Men tötänden oýandym. Ilki bilenem gulagyma dädemiň: «Näumyt
bolmagyň, Arzygül. Belki, bir ýerlerden çykaýadylar-da. Iň bolman-da: «Pylan
ýerde mazarlary bar» diýib-ä jogap bererler. Bermeseler ýene ýazaryn. Gerek bolsa
Staliniň hut özüne-de ýazaryn welin, tapman-a goýman. Ejeme-de aýt, şeý diý-de.
Mustapa her zat eder welin, agalaryndanam, daýylaryndanam, dädesindenem derek
tapar, diý. Ýarty halyna gaýgy edip, janyny gynap ýörmesin...» diýen sözleri ildi.
«Bor, bor, şeý diýerin, asyl şeý diýýänem-dä men.Atsyz-sorsuz ýitdi, öldi diýlibem
geläýýän bar-a. Honha, Medet Mürze dagy nätdi, patasy alnyp durka özi üstüne
geläýd-ä. Düşekde oturanlaryň tas ýürekleri ýarylan eken-ä...» diýip, ejemem onuň
bilen deň gopdy.
Gulagyma degen şol geň maglumat barada men telim günläp hiç kimiň,
hatda iň ýakyn dostum bolan agam Sünnetiň ýanynda-da dilimi ýaryp bilmedim.
Ýöne, ynjalybam bilmedim. «Bularyň gözleýänleri kimler? Olar nirä gidipdirler?
Bu iki ortada Staliniň näme dahyly bar?..» Ine, şu oýlar meni günüme goýmaýardy.
Ahyram bir gün agşamaralar, gara öýde ýeke özi ik egrip, oýa batyp otyrka
ýanyna bardym-da, enemden soradym.
Ilk-ä ýüzüme seredip, sesini çykarman esli wagt oturdy, soň dodagyny dişläp
başyny ýaýkady, gözlerine ýaş aýlady. Aglabermekden zordan saklandy. Ahyram
sesini sandyradyp: «Senem bi gowgaly dünýäň aladalarynyň bir çetinden girip
ugradyňmy oglum» diýdi. Edip oturan işini bir gyra goýup, «hyk-çok» ýerinden
turdy. Elimden tutup daş çykdy-da, hatara oturan üç jaýyň ýertakyryna girdi. Ol
ýerde ejem bilen Sünnet ikisi çaý başynda dädemiň öňem telim gezek aýdyp beren,
uruş baradaky «döwli» gürrüňlerini diňläp oturan ekeni.
Enem barşy ýaly meni ejemiň çat maňlaýynda oturtdy-da: «Şüýem-ä bir
zatlar aňana meňzeýä, Arzygül. Onsuzam bu gün bilmese-de ertir biler, aýdaýyň
şuňa-da» diýdi.
«Şuňa-da» diýmeginiň sebäbi, maňa görä birneme tokarrak bolansoň,
aýdylmaly zat şondan sähelçe wagt öň Sünnete aýdylypdyr-da, «Ýöne, iniňe
aýdaýmagyn» diýlip berk sargalypdyr.
Şonda ejem ýaşa dolan gözlerini balkyldadyp eneme seredipdi-de, «Gowusy
özüňiz aýdaýsaňyzlaň, enesi...» diýipdi. Yzyndanam: ýalňyş gürleýän-ä däldirindä, hernä diýen manyda kemşerilip, dädeme garapdy. Dädem aşak bakyp
oturyşyna: «Şeýdäýsene, eje» diýenindenem enem meni edil eltendäkisi ýaly
elimden tutup, öňki oturan ýerine alyp gidipdi.
32
Ana, hut şol ýerde, şol gijäniň özünde hem ol maňa öň aýdylmasyz edilen,
indem maşgalanyň gelen iň soňky çözgüdiniň esasynda aýdylmaly edilen gizlin
syry ýekän-ýekän aýdyp berdi.
Ol syr şol döwür atamyňam, onuň iki oglunyňam, enemiň iki doganynyňam
baryp-ha otuz ýedinji ýylyň tutha-tutlugynda tutulyp, şol çaka çenlem özleri-hä
däl, hatda hat-habarlarynyňam gelmändigi, şol gigidişleriniň-gidiş bolandygy bilen
bagly ekeni.
Ol syry bizden gizlemekleriniň sebäbi bolsa, çaga kalbymyzy daglamazlyk,
ýüreklerimizde hökümete ýigrenç döretmezlik, şeýle-de: Hossarlarymyzyň
hemmesi halk duşmany ekeni-ow» diýen düşünjä uýup deň-duşlarymyzyň ýanynda
müzzermezligimiz, boýnumyz buruk, egnimiz gysyk gezmezligimiz üçin ekeni.
«Oňa çenlem ýa söýerlerimiziň özleri gaýdyp gelerler, ýa-da nämäň-nämedigine,
kimiň-kimdigine bujagaşlarymyzyň öz akyllary ýeter» diýen ekenler.
Elbetde, akylym goýalyşandan soň, aňry gitse iki-üç ýyldan o zatlary men
hakykatdan-da, barybir bilerdim, ýöne, şol döwür dädemiň kimdir birini däl-de,
özüniň iň ýakyn adamlaryny iki agasyny, iki daýysyny, dädesini, jemi bäş adamy
gözläp, ýokary, harby edaralara hat ýazýandygyny welin men şol pursat bilip
galdym.
Şondan bir gün öňem men öz hossarlarymyň başyndan şolar ýaly aýylganç
wakalaryň geçendigindenem, nirelerdedir bir ýerlerde diri gezip ýören agalarymyň,
daýylarymyň, atamyň bar bolaýmagynyň ahmaldygyndanam habarsyzdym.
Atamyň ýaşlygy baradaky ýaňky saňa aýdyp beren gürrüňlerimem enem
maňa şonda aýdyp beripdi. Şol gürrüňleri ol soňam köp gaýtalady. Ogullary,
doganlary barada-da köp zatlary aýtdy. Asyl, maý tapdygy şolardan söz açaýasy,
biziň gözlerimiziň öňünde şolaryň keşplerini gowy tarapdan janlandyraýasy, olaryň
«halk duşmanlary» däldiklerini, arassa, päk adamlar bolandyklaryny,
hemmesiniňem nähakja tutulyp gidendiklerini bize subut edesi, ynandyrasy geldi
durdy.
7.
― Be-e... Gaty geň zatlar gürrüň berýäň... ― diýip, men gelşiksizrägem
bolsa Şyh Mustapanyň sözüni böldüm. ― Ýeri, onsoň dädeň ýazan hatlaryndan
näme habar? Hiý, birine-ýarymyna dagam jogap gelmedimi?
― Geldi-i... ― diýip, ol süýkdiribräge-de, ýöne, pert jogap berdi. ―
Hemmesine-de geldi. Özem edil, Sünnet ikimize «maşgalanyň syrynyň» aýan
edilen wagtynyň yz ýanragy geldi. Ýöne, atamdan başgasyna gelen jogaplarda
derek ýok. Bulaşyk.
― Ataň barada takyk bir zat aýdylypmy?
― Howwa. Oňa gelen jogapda: «Mämmet Nazarow, 1885-nji ýylda doglan,
1937-nji ýylyň 28-nji awgustynda «Yslamy wagyz edendigi üçin» günä bildirilip,
on üç ýyl azatlykdan mahrum edilen. Hossarlary bilen hat alyşmaga hukugy ýok.
Häzir Uralda, Sloweňkiniň lagerleriniň birinde jezasyny çekip ýör...» ― Şyh
Mustapa tüýküligine düwündi-de, esli wagtlap gark urup üsgürdi. Uzyn-uzyn
33
ardynjyrady. Ýöne, barybir bokurdagyny arassalap bilmedi. Gürrüňini berýän
döwrüniň bozuk radiosy ýaly «jygyr-jygyr» edip sözüni dowam etdirdi. ―
...Maddasam, Sloweňkiniň haýsy lagerindedigem ýazylandy welin, şu wagt hiç
hakydama gelenok-da...
― A beýlekiler barada näme diýipdirler?
Henizem boguljyrap oturan režissýoryň sesi entegem garjaşyk çykdy.
― Üh-he... Ýaňky aýdyşym ýaly olaryňky bulaşyk. ― Ol ýakmaz zat iýen
ýaly ýüzüni bürjeşdirdi. ― Ýazmaklaryna görä enemiň doganlary-ha öz aýdyşy
ýaly daýhançylyk edip ýören hallaryna hamala Eýran bilen aragatnaşyk saklap,
sowet hökümetine garşy pitne turuzmakçy bolandyklary üçin içalyçylykda
aýyplanyp, hersine on bäş ýyl iş kesilipdir we Arhangelskä ugradylypdyr. Hatyň
soňunda bolsa olaryň ulusy Şanazar daýymyň-a şol ýere baranlaryndan soň köp
wagt geçmänkä, erbet sowuklap, şondan aýňalybilmänem ýogalandygy, aýdylýar.
Sebäbem, hatda-ha beýle zat ýok welin, dädem dagynyň soň-soňlar, daş gulakdan
eşidip çaklamaklaryna görä, gyşyň içinde aşagy betonlanan «izolýatora» salyp,
içine-de suw goýberipdirler. Özem şol ýagdaý juda köp gaýtalanan bolmaly. Näme
üçin beýle jeza duçar boldy, ony bilýän ýok. Aýtmaklaryna görä, ol gitmänkä-de
deň-duşlary bilen urşup-gygyryşyp ýören ýigidem-ä däl ekeni. Enemem hern-ä şol
haty okadanynda: «Wah, ýaz ýagşy ýaly mylaýym, gara ýer ýaly ýuwaş, garynjany
basmany dözmeýän doganjygym...» diýip aglardy.
Kiçisi Begnazar daýyma gelen hatda bolsa tokaý çapyp ýörkä öz
seresapsyzlygy zerarly üstüne agaç ýykylyp ýogalandygy aýdylýar.
― Beýle bolsa olaryň «öldi» habarlary siziň sorag ýollaryňyza garaşyp
durman, wagtynda iberiläýmeli ýaly... Her niçik hem bolsa şol ýyllar bendileriň
hat-petekleri-hä takyk ýöredilen ýaly. Hatda «sizoda» otyrkalar adyna ýazylan
hatlaram Staliniň hut öz eline baryp gowuşýan eken-ä.
― Bilmedim-dä. Belki şeýledirem. Ýöne, biziňkiler-ä şeýle boldy. Nämüçin
beýle boldy? Nädip beýle boldy? Hudaý bilsin. Ýakasyndan tutup sorara bolsa
adam ýok. Zamanasyndan görüp oturybermeseň başga alaç ýok. Ýöne, olaňkam
ýene ýagşy. Iru-giç habarlary geldi. Ýöne ine, Omar kakam bilen Osman
kakamdan welin, nehizem belli habar ýok. Şol gidişleri-gidişleri.
― Beh!Ýagşydan-ýamandan bir zat diýäýjekler ýaly welin...
― Wah, gepem şonda-da. Gelen jogabyň gümürtikliginde-dä... Ynanar ýaly
däldiginde-dä...
― Näme diýipdirler?
― Olara gelen jogaplarda ikisiniňem üýşmeleňlerde Amerikany öwmek,
«Sowet hökümeti hiç haçanam Amerikanyň yzyndan ýetibilmez, ol iňňän güýçli
döwlet» diýmek bilen sowet adamlarynyň kalplarynda göwnüçökgünlik
döredýändikleri, adamzadyň röwşen gelejegi bolan kommunizme bolan
ynamlaryny syndyrmaga synanyşyk edýändikleri üçin tutulyp, Omar kakama
dokuz, Osman kakama ýedi ýyl berlendigi, «etap» bilen Aşgabatdan Orsyýede
ugradylandygy ýazylypdyr. Şondan aňyrsy düşnüksiz. Ýagny, olaryň hiç haýsam
Orsyýede baryp ýetmändir. Ýolda bir betbagtçylyga uçrapdyrlarmy ýa
gaçypdyrlarmy, o hakda-da agzalanok. Dogry, iki hatyňam soňunda: «Egerde,
34
goşmaça maglumat elgerilip, mesele aýdyňlaşdyrylsa, hossarlarynyň habardar
ediljekdigi» aýdylýar. Emma hiç hili habar şondan soň bize gelip gowuşmady.
Şonuň üçinem, hernäçe agyr düşse-de, gelen jogaplaryň esasynda,
hossarlarymyz iki daýymyzyňam patasyny almaly boldular... ― Režissýor iki
çigninden agyz uraýarly göründi. ― Çagada bolsam şonda men bir zady berk
bildim: «Ölenini gözüň bilen görmedik, eliň bilen jaýlamadyk adamyň patasyny
almak ýaly elhenç zat ýok ekeni, Hümmi akga. Onda-da ikisiniňkini birden almak
Sünnet ikimiz-ä olaryň nähili adamlardygyny bilemzokdyk ahyry.
Şanazar daýymyň aýaly Şemşat daýzamyň uly-ili bilen ses edip, gara öýüň
gapysyndan girip barýany henizem göz öňümde dur. Indi on iki ― on üç
ýaşlaryndaky göze görnenje gyzy Mähegem yzynda. Şemşat daýzam-a öýe gidişi
ýaly bürenjegini çöwre geýdi-de, duldaky çuwalyň öňüne çökdi. Tärimden
ýapyşyp ýas aýdymyna başlady. Mähek bolsa ejesiniň arkasyna ýapyşdy.
Omar kakamyň aýaly Gülnäz gelnejem bilen Osman kakamyň aýaly Dürli
gelnejemem bürenjeklerini çöwürmeselerem çümre bürenişip Şemşat daýzamyň
hersi bir gapdalynda çökdiler. Mähegi gezek-gezegine gujaklaryna alyp aglaşdylar.
Begnazar daýymyň agysyny aglara maşgalasam, çagasam ýok bolansoň
enem pahyr iki-üç adamlyk dagy aglamaly boldy. Onuň: «Waý, namyrat giden
doganjygym-aý, bu dünýeden binyşan öten doganjygym-aý...» diýen ýaly agy
aýdymlaryny eşidip, Sünnet ikimiziňem daş işikde söýenişip aglaşýanymyz
ýadymda. Kimdir biriniň ― öz-ä aýal adam ― gelip: «Goýuň, jigiler, goýuň,
aglamaň, aglasaňyz «pata köşek» borsuňyz diýip, bizi köşeşdirjek bolýanynam
bilýän.
Dädem bolsa indi mazaly garran, ýöne ähli bela-beterlerden sag-aman sypan
Atanepes kakam we ýene-de garyndaşlarymyzdan iküç sanysy bilen dik durup ses
etdi-de, soň mal soýmak, biş-düş etmek ýaly ýas hysyrdylary bilen boluberdi.
«Baryň, siz märeke sowulýança Gurt agalara baraýyň» diýip bizi köçeden geçirip
goýberenem göz öňümden aýrylanok...
8.
Maşgalamyzyň syry bize-deaýan edilip, daýylarymyzyňam sakytlary
sowlandan soň hossarlarymyzyň atam baradaky gürrüňleri edil, duran içi süzmeli
meşigiň bujagy çözülene döndi. Çünki, şol wagt müň dokuz ýüzkyrk dokuzynjy
ýyl dolup, wagt diýlen nägehan ellinji ýylyň gerşinden agyz urup ugrapdy. Hasaba
görä atam haçan gara berse beräýmelidi.
Şonuň üçinem, hemmeleri bilniksiz şatlyk gurşap aldy. Düýn öňňinki ýas,
gaýgy-gam, başdan geçirilen kynçylyklar doly unudylmasa-da, garaz, her kim
ýatdan çykarmana dyrjaşdy. Köpden bäri sus oturan hojalyk agyr hassaçylykdan
soň aýňalana, höwürtgede ýeke özi galan garry bürgüdiň ganatlary ýazylana
döndi.Uly-kiçi hemmäniň ruhy göterildi. Çünki, bir döwürde gidensoňlar, bir
döwürde hem geläýjek ýaly biz Omar kakamdyr ― Osman kakama hem garaşyp
başladyk. Medet Mürzeli wakany tutaryk edinip, hatda patasy alnan Şanazar
daýymyň maşgalasy Şemşat daýzamam biliner-bilinmezrägem bolsa, ärine garaşyp
35
başlady. Mähek görgülijigiň dagy girende-çykanda «ýyrş-ýyrş» edip erni ýerine
gelmedi.
Umuman, şol wagt biziňkileriň hemmesiniňem kalplarynda telim ýyl bäri
orun alan näumytlyk uçgunlary bilen, täzeden dörän umyt uçgunjyklary özara
darkaş gurýardy. Olaryň haýsynyň ýeňjekdigini, haýsynyň ýeňiljekdigini bolsa
bilýän ýok. Ony, garaşylýan alynky günler, aýlar, belki-de, ýyllar görkezmelidi.
Biziňkiler diňe gowulyga garaşýardylar. Erbetliklerden, şowsuzlyklardan
ýaňa olar juda ýadapdylar.
Şol ýadaw adamlaryň arasynda, juda ýaşdygymyza garamazdan, indi Sünnet
ikimizem bardyk. Biz olara täze goşulypdyk. Umyt uçgunjyklarymyzyň köräp
tutaşmagy, ullakan alawa öwrülmegi gidenlerimiziň gaýdyp gelmekleri biziň
barymyzy şol ýadawlykdan halas etmelidi.
Umyt uçgunjyklary biziňkileriň kalbynda garaşýan adamlarymyzy mynasyp
garşy almaklyga bolan höwesi döretdi. Şeýdibem, taýýarlyk işleri başlandy. Oňa
dädem başlyklaýyn, uly-kiçi, hemmeler gatnaşýardylar. Ýeke bir gelnejeleri ―
Şemşat daýzam däl, hatda enemem ýetdik kömegini berýädi. Sünnet ikimizem
gyrada garap durmaýardyk.
...Jaýlarymyzyň jaýryk atan ýa suwagy gaçan ýerleri bejerilýärdi, howlynyň
içindäki haşal otlar çapylýardy, syryp-süpürilýärdi, süplükler ýakylýardy,
esasanam, gyşyň içem bolsa gülläp oturan bägüllerimiziň daş-töweregi
arassalanýardy, ösüntgileri çyrpylýardy, düýbi agdarylýardy, hatda gara öýümiziň
eşiklerine çenli gurbumyzyň çatdygyna görä täzelenýärdi. «Bu ataňa, bu Omar
jana, bu Osman jana, bularam belki Hudaý, nesibeleri çekip gelseler
arkadaglaryma, ine, bulary bolsa üýşmeleň güni Mustapa jan pukara görünmez
ýaly gelen-gideniň aşagyna ýazaryn, gapdallaryna oklaryn...» diýip, enem pahyr
käbirini täze, käbirini bolsa öň bir zatlara ulanylan, ýöne, täzesar görünýän
matalardan tikip täze ömür beren körpençejiklerini, ýassyjaklaryny azyndan günde
bir gezek sypaň-sermeň edip, elinden geçirýärdi. Gülnäz gelnejem bilen Dürli
gelnejemem uly umyt bilen hysyrdanyp ýörüşlerini görüp begense, syr bildirmän,
işe goşulyp, hysyrdanyp ýören Şemşat daýzamdyr ― gyzy Mähek ikisiniň her
niçik hem bolsa sustlarynyň pesdigini görüp gynanýardy.
Birdenem: «Tussamandan geläýseler dagy» diýip, daş çykýady-da, işikdäki
gülleriň iň gowularyndan ýygýardy, getiribem daşy ýaşyl syrçaly, kiçiräk
küýzejiklere salyşdyrardy. Içine suw guýýardy. Hemmesini iç işikde hatarlap
goýubam töre tarap çekilýärdi-de, hamala Ýewropanyň iň uly sergi zallarynyň
birinde goýlan üýtgeşik bir sungat eserine seredýän ýaly, çalaja arkan gaýşyp,
ümzügini öňe atyp, gözlerini süzgekledip, boýnuny kä saga, kä sola gyşardyp,
siňe-siňe serederdi. «Görseler-ä begenerler özler-ä...» diýip pyşyrdardy.
Şondan soň telim günläp, tä, bägüller solup, baldaklary guraýança öýümiziň
içi-daşy bägüliň ýakymly ysyndan ýaňa ýaz günlerini ýada salar durardy. ― Şyh
Mustapa iki diwanyň arasyndaky tumboçkanyň üstünde duran «Tefala» tarap
tiňkesini dikdi...» ― Ýene bir gezek çaýjagaz demlenäýmeseg-ä gürrüňimiz entekentek gutarmaz...» ― diýibem, turup gitdi-de, ony suwdan dolduryp geldi.
Hanasynda oturdyp toga çatdy. Köp muşakgatlary gören köneje «Tefalyň» içindäki
36
tagamy azajyk ajymtyk kakýan suwuň inine gyzgynlyk ýaýrap, maşynyň bir
«sweçi» işlemeýän motory ýaly «pakyr-pukur, park-purk» etdirip başlanyndanam
ýerine geçdi-de, gürrüňiň yzyna başlady. ― Şol wagt biz ýaly gidenine
garaşýanlardan ýene birem atam bilen bir günde tutulyp äkidilen, Gurt aganyň
maşgalasydy.
Başda ondanam habar-hatyr bolmandyr. Ýöne, dädemiň öz ýitiklerini
gözläp, ýazyşy ýaly onuňam mekdepde okuw müdiri bolup işleýän, dädem bilen
deň-duşrak, ortanjy ogly Amangeldem ýazyp-ýazyp dädesiniň Sloweskide, atam
bilen bir ýerdedigini anyklady. Şonuň üçin olaram Gurt aganyň bu gün erte gara
bererine garaşýardylar we aýak-aldyklaryna her taraplaýyn taýýarlyk görýärdiler.
Häli-şindi gelip, biziňkiler bilen pikir alyşýardylar. Maslahatlaşýardylar. Ýöne,
indi iki tarapyňam gep-gürrüňlerinde öňki ýaly zeýrenç-nalyş däl-de, begenç
alamatlary, şatlykly duýgular agdyklyk edýärdi.
***
― Her niçik hem bolsa Gurt aganyňkylaryňam, biziňkileriňem umytlary
puja-ha çykmady... ― Şyh Mustapa şu ýere ýetenden «Tefalyň» «güpür-tapyry»
galdy-da, depesinden güýçli bug çykmaga başlady. Şol buguň badyna hem onuň
gaýnamy semdi. Režissýor ýaltalyk bilen, süýrenjiräp ýerinden turdy-da,
demlemek üçin, «Tefaly» alyp stoluň başyna bardy. Galaýydan ýasalan tegelek
mejimäniň içinde petekesini gaýşardyp duran, ak menekli gyzyl çäýnege çaý atdy.
Bolluk bilen atylan gök çaýyň ýakymly ysy otaga ýaýrandanam, ýene gerek
bolaýsa dagy diýendir-dä, stoluň üstündäki içi suwly aýna tüňüň bokurdagyndan
tutup, «Tefaly» doldurdy. Eltip ýene-de ornunda oturtdy. Ýöne, toga çatmady.
Şondan soň çäýnegem öz ýanyna aldy-da, üç ýola gaýtardy. ― Azajyk demini
alsyn... ― diýip, ýany bilen getiren täp-täzeje, mämişi reňkli, kiçiräk, ýüzi
üpürjikli el süpürgisi bilen basyrdy. Diňe özüne mahsus bolan täsin ýylgyrmasy
bilen «ýyrş» edip ýüzüme seretdi. ― Ýadadaýdymmy Hümmi akga men seni?..
― Ýok, ýok, ýadadaňok. Ýadamok. Hiý bularýaly gürrüňlerem bir
ýadadarmy... ― diýip, men uzakly gije ýatman diňlemelem bolsa taýýardygymy
duýdurdym.
9.
― Howwa, atamyň gelenini ilki gören men... ― Deme goýan çaýyndan
içjek bolup ol tas, agzyny ýakypdy. Hern-ä wagtynda saklandy. Şeýtse yzasy
azalaýjak ýaly diwanyň üstünde aýagyny sallap dik oturdy. Eli bilen agzyny tutdy.
Ýaşaran gözlerini jüýjerdip ýüzüme seretdi. ― ...Şu günki ýaly ýadymda. Müň
dokuz ýüz ellinji ýylyň ýalňyşmaýan bolsam dekabr aýynyň aýaklary bolmaly.
Mekdeplerde täze ýyl baýramçylyklaryna taýýarlyk görülýärdi. Ýolka derek
ýaşajyk tut agaçlary bezelýärdi. Men ylaýyk, birinji klasyň ýarym ýyllygyny
tamamlapdym.
«Hossarlarymyzyň
gelerine
görülýän
taýýarlyklaram
tamamlanyberipdi. Tomus başlanan hysyrdylaryň soňy güýze, hä diýmänem gyşa
37
sapandygy sebäpli, haýatymyzyň abatlaýyş işleri dädemiň gelen netijesi boýunça
indiki ýyla galdyrylypdy.
Şol wagtlar ýeke bir biziň ýaly ýaş oglanlaryň däl, asyl uly synplardaky
oglanlaryň arasynda-da aşyk oýnamaklyk ýörgünlidi. «Okuwdan ünsüňizi sowýa,
goýuň şunyňyzy» diýip, mugallymlar hemişe okuwçylary kowalar ýörerdiler.
Ýöne, barybir aşyk oýnalýardy. Ýagdaýymyň ýetdigine görä menem
oýnaýardym. Ökde oýunçy bolmaga taýýarlyk görýärdim. Hemmeleri utup, garry
atam Nazar şyhdanmy ýa onuňam ata-babasyndanmy galan ullakan golçany dürli
reňklere boýalan ýaglaz, akly-gyzyllyja aşyklardan doldurasym gelýärdi. Onuň
üçinem elbetde, gowy kenek gerekdi.
Şol günem men düýn-öňňinlikde Sünnete ok guýdurdan, ondan iki gün öňem
Şemşat daýzam ýüň boýanda gyzyl reňke boýadan kenegimi has algyr bolary ýaly
sürpeýtmek üçin, bir ýerlerden tapyp gelen degirmendaş bölegime süýkäp,
garabaşymagaý bolup otyrdym. Şony şeýdenimden soň, çynmy, ýalanmy, ýa meni
oýnaýamy, Sünnetiň aýdyşy ýaly, oýun wagty çyzygyň gyrasyna baraga-da: «
Gyzylym gygyrt, çöllerde çygyrt...» diýip, atyp goýbersem, ortadaky hatara duran
aşyklar iň bolmanda ikiden, üçden sürlenişip-sürlenişip çyzykdan
çykybermelidiler.
Şonuň üçinem,men haýdap otyryn. Daş-töweregimden habarym
ýok.Howanyň çapgyn aýazdygyna garamazdan, maňlaýymdan der joralanyp akýa.
Ýeňim bilen süpürip goýberýän-de, ýene-de sürpäp başlaýan. Arasynda
degirmendaş bölegine barmaklarym degip, erbet awunýan. Bogunlarym dagy gangabarçak boldy. Agzyma salyp üfläýen-de, ýene-de işim bilen boluberýän.
...Birdenem çat maňlaýymdan ölügsije bir salgym geçen ýaly boldy. Men
ony gözümiň gytagy bilen gördüm.
Başymy galdyrsam, zeýden ýaňa düýbi çüýräp, köwek-köwek bolan üzlemsaplamrak, kä ýerleri gyşarylyp, ýanyny ýere beräýjek bolup ýatan palçyk
haýatymyzyň gädiginden boýy özümiňkiden sähelçe galarak, arkasy goş haltaly
biri aşak bakyp, tomalanypjyk gelýä. Sünnetiň dostlarynyň biridir öýdüp, men oňa
kän bir ünsem bermedim-de, pişämi dowam etdiriberdim.
Şol gün megerem ýekşenbe bolsa gerek, çünki Sünnetem öýdedi. Edil şol
wagt o-da öýden çykdy, ýöne, megerem, görmedik bolsa gerek, oňa tarap
garamadam. Gaýtam gelip meň üstüme abandy: «E-eý, kän süreteme-eý,
igledersiň, çakyry çykansoň derde ýaramaz onyň...»
Oňa çenlem ýaňky «salgym» gybyrdyklap ýanymyza geldi. Kölegesi üstüme
düşdi. Men öňkümdenem beter üşäp başladym. «Aýryl» diýmek üçin ýüzüne
seretdim... Eý, Huda-aý!.. Sünnetiň nähili bolanyn-a bilemok welin, oňa gözüm
düşenden özümiň-ä dogrusy tas, dilim tutulypdy. Dogrusy gorkdum. Çünki, meniň
oglanjykdyr öýdüp oturanym ap-ak saçly, gaty bir ösgün bolmadyk ak sakgally,
aksowult, saryýagyzrak ýüzi gasyn-gasyn, bulançak hem kiçijik gözleriniň agygarasy çala saýgardýan, dodaklary suwy siňen çöl kakynyň tarkyşlary dek jaýrykjaýryk, ýaşy altmyşmy, ýetmişmi ýa ondanam artykmy, biler ýaly däl, bir goja kişi
bolup çykdy.
38
Onuň egnindäki eşiklerem biziň jelegaýlaryň adamlarynyňka meňzemeýärdi.
Barysynyň halys sary gaçan, käbir ýerleri howul-hara, emelsizlik bilen çatylan ýa
ýamalan. Siňe seretseň-ä harby eşiklere-de meňzemän duranok. Ýöne, haýsam
bolsa-da özüne laýygy tapylmadyk borly, juda «hopul-sopul» görünýä. Ezenegem
agyp ýatyr. Almanyň sapagy ýaly inçejik boýny dik hem giň ýakanyň içinde
degirmeniň serenji dek iki-baka yraň atyp dur. Balagy ýerden süýrene-süýrene
etegi sal-sal bolupdyr. Aýagyndaky ädikdir öýdenim ― apgyrdy ýykylan gonçly
botinka, üstesine-de bitaý bolup çykdy. Bagjygam birinde bar-da, beýlekisinde
ýok. Dilleri dagam möjegiň gulagy ýaly ep-esli ýokarda hekgerip dur. Dolak
diýeniňem häki bir göz üçin topugynyň daşyna çolanaýana meňzeýär. Ikisiniňem
uçlary gonjundan çykyp, sallanyp ýatyr. Kellesinde-de bir aý mundan öň
guzlabilmän haram ölen towugyň maslygy ýaly bir tarapa ýapbaşyp ýatan aslynyň
nä reňkde bolandygyny, nämeden tikilendigini saýgarmak kyn bolan köneje
gulakjyn. Onuňam bir taý gulagy-ha iki eplenipdir-de, ujy eteginiň içine
dykylypdyr, beýlekisem kellesi haýsy tarapa hereket etse, suwa gideniň eli ýaly şol
tarapa galgap dur. Ujundaky jotdaja bagjygynyň galan ýarysynyň haçan, nirede
gaçyp galandygyny eýesiniň özem bilýän däl bolsa gerek.
Sünnet ikimiziň öňümizde mugryljyrap duran, oglanjyk pisintli ýaşulynyň
daşky sypaty ana, şolar ýalydy. Eýmendirijidi.
Şol döwür uruşdan soň Ýewropa şäherlerini dikeltmek üçin alnyp galynyp,
bäş-üç ýyl gijigip gelýänlerem ýok däldi, ýöne, olaryň egin-eşikleri abat bolýady,
hatda döşlerinde ýalpyldaşyp duran ordendir medallaram görünýärdi. Olardan
başga öň-ä uruşdan gaçyp, soňam oba gelibilmän dagda-düzde entäp, ahyram halys
gidere ugur tapman, özüni iliň içine urýan iki-ýeke gaçgaklaryň bardygyndanam
habarymyz bardy. Olar barada il içinde gürrüňlerem edilýärdi. «Şolar ýala gabat
gelseňiz kömek etmän, gaçyň, hökümete habar beriň» diýýärdiler.
Ýöne, biziň gojamyz olara-da meňzemeýärdi. Hiç zat talabam, haýyşam
etmeýärdi, haýbat atyp hökümsiremeýärdem, iň bolmanda tilkilik edip eýläňebeýläňe geçjegem bolmaýardy.
Dogry, öň zamanlar gaçgaklardan başga dürli milletlerden bolan
dilegçilerem, gedaýlaram oba arasyna köp gelýärdiler. Özlerem nan, kak, sok, gurt,
peýnir, sargan ýaly, hojalyklaryň özünden önýän azyk harytlaryny alanokdylar.
«Bendilikden boşap gelýän, indem öýe aşara pulum ýok, ýol kireý gerek...»
diýýärdiler. Meniň gümanym indi şolara tarap gitdi. Kiçijik ýaşulam şolardandyr,
pul çöpleýändir öýtdüm. Ýöne, özüňem bilýänsiň, Hümmi akga, o döwür medisina
ýa bilim işgärleri bolaýmasa daýhanda pul ýokdy. «Bu-da dädemiň mekdepde
işleýänini bilip gelendir» diýdim-de, eneme aýtmak üçin kürsäp, enemiň bir zatlar
bişirip oturan ýerine ― gara öýe girdim. Çünki, enem hern-ä: «Biziňkilerem şular
ýaly ýat illerde mysapyrlyk çekip ýören bolaýmasynlar ― diýip, şolar ýalylara
boldugyndan bäş-üç manat berip, üstesine naharlabam, gerek däl» diýselerem
goltuklaryna iýer ýaly odur-budur salybam goýbererdi. Bu gezegem şeýder, bir
bendä elmaýyşlyk edip, öz aýdyşy ýaly, Hakyň dergähinde sogap gazanar öýtdüm.
Men girip ýapyşym ýaly, gapy ýene-de açyldy. Sünnetdir öýtdüm. Emma ol
ýaňky adam ekeni. Özem gapyny açsa-da, entek girmänkä dyzyna çökdi-de,
39
maňlaýyny bosaga degirdi. Ogşady. Soň turdy-da, sag eliniň aýasynyçep
gursagyna goýup gapamy, tutuş öýemi, tagzym etdi. Diňe şondan soň:
«Essalawmaleýkim...» diýip, içeri ätledi. Men eneme hiç zat diýip ýetişmänkämem
egnindäki köne, takyr matadan tikilen, agzy boguk torbasyny ýere taşlap, öýüň
ortarasyndaky «gübürdäp» duran ojagymyzyň başyna çökdi. Eglip, onuňam
sütünlerini ogşady. Togap edip, tozuny ýüzüne sürtdi. Şol hysyrdylardan soň
ýerinden turdy-da, «gybyrdyklap», enemiň ýanyna bardy. Elini kirli köýneginiň
ýakasyna sokup, içinden doýgun, gyrmyzy reňkli ullakan bägül çykaryp eneme
uzatdy.
Häliden bäri ýat adamyň üýtgeşik hereketlerine geň galyp oturan enem bir-ä
elindäki bägüle, birem öňünde günäkär çaga ýaly bir gysym bolup duran «ýaşula»
seretdi-seretdi-de, dodaklaryny kemşerdip, bir zatlar diýjek boldy, birdenem, edil,
gözümiziň öňünde ony «şagga» der basdy, şol deriň bady bilenem «şalkyldap»
arkan gaýtdy. Ýüzi duw-ak, gözlerem dik-depesinde. Garalary dagy ýitdi gitdi. Şol
ikaralykda-da: «Birwagtlar atam zerarly Akjemal enemem kakyny tutanda şular
ýaly bolandyr-ow», diýip oýlanýan.
Ýöne, enemiň kakyny tutmady. Uzagam ýatmady. Oňa çenlem ýat adam
«hasyr-husur» iç işikde duran suwly setiliň ýanyna bardy-da, bir jüňňül suw alyp,
şonuň ýarysyna golaýyny barmaklary bilen syçradyp, enemiň ýüzüne sepeledi.
Enem bütin göwresi birle tisgindi. Uludan demini aldy. Usullyk bilen gözüni açdy.
Del adama seretdi. Oňa tarap iki elinem birden uzatdy. Gözlerini ýaşa dolduryp,
ysgynsyz seslendi: «...Mämmetsapa-a-a!..»
Peýda bolaly bäri kimdigini tanatman aňkamyzy aşyryp, kiçijik boýly, bu
ümsümjek adamyň nijem bir wagt bäri gözümizi ýolda goýan atam ekendigini
Sünnet ikimiz diňe şondan soň bilip galdyk. Gan çekýändir-dä, birinji gezek
görýänem bolsak ýadyrgaman, ýerli-ýerden boýnuna zyňdyk. Üç bolup gujaklap
oturşymyza üçümizem agladyk. Atam welin aglamady. Bolan ýerlerinde aglaýaglaý gözýaşy gutarypmy, ýüregi doňupmy ýa dogabitdi ýasawy şeýlemi, ol asla
aglap bilmeýän ekeni.
Enem welin, biz goýanymyzdan soňam goýmady. Atamy görüp doganlary,
ogullary ýadyna düşen bolsa gerek, göwni bozulyp, agynyň arasy bilen öwranöwran kükregine urdy, «ah» çekdi, nalady, atlaryny tutup bir zatlar diýdi.
Oňa çenlem, elbetde, bir soý bilen birinden eşidendir-dä, şäher
keselhanasynda aşpez bolup işleýän ejemem ylgaşlap geldi, kürsäp öýe girdi, özüni
atamyň üstüne oklaýmaga çekinip, iç işikde sakga saklandy-da, näme etjegini
bilmän, duran ýerinde ik ýaly pyrlandy. Onuň ýagdaýyna düşünendir-dä, ýaňy bir
agysyny goýan enem bir elini ejeme, beýleki elinem atama tarap uzatdy: «Arzygül
jan, gözüň aýdyň, gaýyn ataň geldi, ine, şol şü...». Ejem edep bilen atama baş egdi.
Salam berdi. «Sag-aman gelipsiňiz atasy, gözüňiz aýdyň geçdigi bolsun» diýdi.
Enemem, hatda bizem gutlady. Şondan soň indi birneme ýüzi açylyşan enem ejeme
tarap üşerilip-üşerilip seredýän atama ejemi tanytmak üçin bir enaýy ýylgyrdy-da,
uly söýünç hem buýsanç bilen: «Mustapa janyň gelni şü, Mämmetsapa. Arzygül
ojagaz goltugyňa dykylyp oturanlaram ogullary. Seň agtyklaryň. Sünnet bilen Şyh.
40
Beýleki agtyjaklaryňam gelerler, bardyr olaram şu töwereklerde. Gelinleriňem
gelerler...»
Enem şeý diýgeç, atam Sünnet ikimizi çekip alyp, täzeden gujagyna gysdy.
Bagryna basdy. Öwran-öwran ogşady. «Arkadaglarym... Gözlerimiň röwşeni...
Bilimiň kuwwatlary...» diýdi. Şonda onuň üstünden gazaply gyşyň, kömrüň, içi
çüýrän ýaprakdan doly sümme tokaýlyklaryň, agyr aýralygyň ysy geldi. Soň sorap
görsem şol üýtgeşik ysy Sünnetem alan ekeni.
...Atam birdenkä daş-töweregine göz aýlap başlady. Ençeme gezek eneme
seretdi. Ol elbetde, nazary bilen özünden bir gün öň tutulan Omar kakamy, Osman
kakamy, olardanam öň tutulyp äkidilen Şanazar daýymy, Begnazar daýymy
soraýardy. «Geldilermi? Gelmedilermi? Habar-hatyr barmy ýa şol gidişlerimi?
Geljeklermi? Geljek bolsalar haçan geljekler? Ýa geldilermi?..» diýýärdi.
Onuň ol soraglaryna bizem düşündik welin, enem bizdenem öň düşündi.
Ýöne, gyssagara, onda-da şolar ýaly begençli pursatda olar ýaly gürrüňler bilen
atamyňam, biziňem badymyzy alasy gelmedi. Şonuň üçin o-da atama nazary bilen:
«Heniz bolup olardan gelen-ä ýok, Mämmetsapa. Üzlem-saplamraga-da,
nätakykraga-da, habar welin bar. Ýöne sen howlukma. Geljek gelip, gitjek
gidenden soň o zatlar barada-da gürrüň ederis, maslahatlaşarys» diýdi.
Atam kaýyllyk bilen baş atdy.
Şeýdibem, olar öz aralarynda sessiz-üýnsüz düşünişdiler.
Şondan soň enem Sünnet ikimize tarap ümzük atdy.«Baryň, guzularym,
goňşy-golamlara kowum-hyşlara, tanyş-bilişlere aýdyşdyryň, atam geldi, diýiň.
Dädeňizem nirede bolsa-da, derhal alyp geliň» diýdi.
Ikimizem bir bökenimizde ýerimizden turduk-da, düwdenekleşip öýden
çykdyk. Çykyşymyz ýalam edil öň dilleşip goýan dek herimiz bir tarapa tutdurdyk.
Sünnet-ä ylgap barşyna tahýasyny bulaýlap, sesiniň ýetdiginden bütin şäherçä jar
çekip başlady, menem dädemiň gözlegine gitdim.
Meniň çaltrak yzyma dolanasym, atamyň ýanyndaky ornumy eýeläsim,
ýakynu-ýat gözaýdyňa gelýänleriň başlaryndan geçirýän duýgularynyň hemmesini
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gyrmyzy bägüller - 05
  • Parts
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2074
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Total number of words is 3604
    Total number of unique words is 2179
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2271
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2169
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2212
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2100
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2116
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2078
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2026
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2057
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2181
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2262
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Total number of words is 1835
    Total number of unique words is 1305
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.