Latin

Gyrmyzy bägüller - 02

Total number of words is 3645
Total number of unique words is 2074
29.8 of words are in the 2000 most common words
43.2 of words are in the 5000 most common words
49.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýoldaşy. Göroglynyň gyr aty, Salyr Gazanyň goňur aty, Jelaleddiniň ak aty ýaly
atlar ýetişdiribilseň men senden müňde bir razy. Özüňem çepiksije, çakgan. Tüýs
çapyksuwarlyga gabyl gelip dursuň» diýipdir. Ak ýürekden goldaýandygynyň
alamaty hökmünde oňa özüniň sebitde at gazanan, ile belli dor atyny peşgeş
beripdir.
Atam hiç haçanam-a pyýada gezen adam däl ekeni welin, dor at eline
düşensoň-a howalasy göterilip, dor atsyz ýekeje ädimem ätmändir. Toý-tomaşa
çykmazdan burun hünärine werziş bolmak üçin gumuň adamsyzrak ýerlerine baryp
türgenleşik geçipdir. Doganoglanlarynyň biri, göwresi uly bolansoň at bilen
işleşmän, diňe göreş, «gary döwmek» ýaly gara güýje daýanylýan ýaryşlara
gatnaşyp ýören Atanepes kakamy bolsa tälimçi hökmünde her gezek ýany bilen
äkidipdir. O-da öz ugry bolmasa-da «eýt-beýdini, eýtme-beýtmesini-hä» oňarýan
ekeni.
O zatlaram hä diýmän öz netijesini berip başlapdyr. Atam ile çykypdyr,
toýlara gatnaşypdyr. Baýraklar alypdyr. Deň-duşlardan öňe saýlanypdyr. Dor atyň
abraýy bolsa öňküsindenem artypdyr.
Ana, hut şol döwrem onuň yşgy ýene bir zada ― şäher bazaryndaky ors
aýallarynyň satýan akly-gyzylly,ysy bir menzilden janyňy alyp barýan bägüllerine
düşüpdir. Höwesi goşalanypdyr.
Ýöne, onuň ol täze tapynan pişesiniň atşynasçylyk, çapyksuwarçylyk ýaly
hünärlerini dowam etdirmeklige hiç hili zyýany bolmandyr. Päsgel bermändir.
Işi bolsa-bolmasa, her bazar güni bägül almak üçin dor atyny daýyrdyňa
sürüp, atam şähere gider ekeni. Ony ýolda diňe bir zat: onda-da, gabat gelseler,
«şah-şah-şah, şah-şah-şah» edip ýaýkanjyrap barýan ýolagçy otlusy ýa-da şol
döwürler aýdylyşy ýaly üsti ýükli «gara magunlar», has takygy demir ýoluň ala
taýagy saklap bilýän ekeni.
12
Tä, duşundan geçip gidýänçäler,atam olara bilesigelijilik bilen garap durar
ekeni. Şeýle äpet zadyň demir tigirleriniň iki sany bilek ýalyjak demriň üstünden
sypman barşyna geň galýan ekeni. Dor atam ilki-ilkiler-ä otlynyň «şakyrdysyndan»
ürküp, o ýan, bu ýan buruljyrap, atama ine-gana syn edere-de goýmandyr, ýöne,
soňabaka öwrenişdir-de, garasy görnenden tä, geçip gidýänçä agzyna içi iýmli
torba gysdyrylan ýaly baş atyp, otly bilen «salamlaşypdyr», «sagbollaşypdyr»,
«şakgyldysyny» makullapdyr.
Maşinist özüne tarap goluny bulaýlasa ýa kiçijik, saryja baýdagyny galgatsa
oglan göwni göterilip, atamyň ep-esli ýere çenli atyny debsiläp, telpegini bulaýlap,
otly bilen aýakdaş gidýän gezeklerem bolýan ekeni. Bardy-geldi «zoguny» çalaýsa
dagy aty ikisiniň burunlaryna ýel düşüp, batlaryny saklabilmän allaowarralardan
çykýan ekenler.
Diňe halys ýadap batlary haýallanyndan, otlynyňam garasy ýitenden soň,
nirä, näme üçin barýandyklary ýadyna düşýän ekeni-de öwürýän ekeni. Demir
ýoluň üstündäki indi açyk duran ala taýakdan geçip, göni şäher bazaryna tarap
sürýär ekeni. Bazaryň derwezesinden atyny säpjedip girip, göni, gül satýan ors
zenanlarynyň hataryna barýar ekeni. Atyny olaryň gaşynda keserdip, syrtynam
eýere gyşyk goýýar ekeni-de, telpeginem maňlaýyna süýşürägetdänim
gamçysynyň ujuny güllere tarap çommaldýar ekeni. «Şuny... şuny...» diýip iň
doýgun reňkli gyrmyzy bägüllerden saýlap-saýlap alar ekeni. Diýen bahalarynam
söwdalaşmanberýän ekeni-de, mazaly pudarlap, baş-baş edip, ýakasyndan ýekeýeke köýneginiň içine salýan ekeni. Bägül diýeniňem näme, tikenli bolýa. Hernäçe
pudarlasaňam tikenden doly saplap bolanok. Şonuň üçinem, atamyň garny hemişe
çyzyk-çyzyk bolup, ganjarar durar ekeni. Şol çyzyklaryň birwagtlar öçüşip giden
aksowult yzlaryny soň-soňlar, köýnegini çalyşýan wagtlary men özümem kän
gördüm.
Oba gelenden soň, atam getiren bägülleriniň aglabasyny dogangaryndaşlaryna, dost-ýarlaryna, asyl öňünden çykana paýlar gider oturar ekeni.
Näçe köp paýalasa-da, şonça göwni göterilýär ekeni, öz edýän hereketlerinden
lezzet alýar ekeni. Hasyl bolmadyk arzuwlaryndan ― şahyrçylykdan,
suratkeşlikden, bagşyçylykdan galan armanlarynyň öwezini ol hut şol güller bilen
doldurýan ekeni. Şol wagt onuň içki dünýäsi, pikir-duýgulary esasan üç zat bilen
― aty, güller, Annagül bilen bagly bolupdyr. Aslynda, gül bilen badaşmagynyň
esasynda hem onuň Annagüle bolan söýgüsiniň ýatan bolmagy ahmal.
Munuň hakykatdan-da şeýledigini, şäherden getiren gyrmyzy gülleriniň iň
gowusyny eltip, sessiz-üýnsüz Annagüle gowşurýandygyndanam aňsa bolýar
ekeni.
Garyndaş ugrumyz bolansoň, Annagülleriň öýlerine islän wagty barmagam,
gaýtmagam atam üçin gaty bir müşgil zat däl ekeni.
Näme üçin bägülleriň iň gowusynyň özüne ýetýändigini, onuň aňyrsynda
nähili pynhan syrlaryň ýatandygyny, soňunyň nämeler bilen gutarjakdygyny ýaş
hem bolsa Annagülüň özem-ä aňýan ekeni welin, hossarlary hasam gowy aňýan
ekenler.
13
O zatlardan elbetde, biziňkilerem habarly ekenler. Garry atam käte Akjemal
enem bilen o barada atama eşitdibrägem gürleşer ekeni. Öz aýtmaly zadyny
hossarlarynyň onsuzam bilýändiklerini duýmak, atamyň ýüküni ep-esli ýeňledýär
ekeni.
Umuman hiç tarapdanam, hiç hili garşylyk bolmandyr.
Şol wagtlar atam-a on alty, enem bolsa on dört ýaşlarynda ekeni.
***
Günleriň şeýdip, allanämelik bilen geçip duran wagty, etrap merkezinde
atamyň ýüregini öňki gol beren hünärlerindenem beter özüne imrindiren, başyny
çoh-çoh gowgalara salan ýene bir zat: çarwa halky üçin bütinleý ýat bolan, göçme
sirk peýda bolupdyr. Ýerli halk olary ur-tut «darbazçylar» diýip, atlandyrypdyr.
«Orsýetden geldik» diýýänem bolsalar, olaryň asly dagystanly bolsa gerek, çünki,
olaryň aglabasy şol milletden ekeni. Soň-soňlar atamyň öz beren gürrüňlerinden
çen tutup çaklasam, olaryň getireni döwlet sirki däl-de, kimdir biriniň uly
bolmadyk hususy «truppasy» bolmaly.
Şäheriň ortarasyndaky boşluk meýdanda gurlan ululy-kiçili, akly-gyzyllyja
çadyrlar, her bir täzeligi uly höwes bilen kabul edýän atamyň ünsüni bada-bat
özüne çekipdir. Köwejekläp daşyndan aýrylmandyr. Şolara gümra bolup, käte
bazardan bägül almanam ýatdan çykarypdyr. Ýüzüni sallap oba boş barypdyr.
Sirk işe başlanyndanam onuň ilkinji tomaşaçylarynyň biri bolupdyr, özem iň
öňdäki hatarda oturypdyr. Soňam şol orny hiç kime bermändir.
Ony sallanyşyp duran ýogyn-ýogyn ýüplerden aslyşyp, guýynyň agzy ýaly
tegelek, uly-uly, ýöne ýeňiljek halkalary billerinden geçirişip, howanyň ýüzünde
oýan bu ýan hallan atyşyp, mähnet-mähnet şarlaryň üstünde towlanjyraşyp her
dürlüje hereketler edişip ýören ýarym-ýalaňaç gyzlaryň dürli ýaşdaky
hokgabazlaryň, masgarabazlaryň görkezýän täsin-täsin oýunlaram-a kem
gyzyklandyrmaýan ekeni welin, özüniňem at üstünde maşk etmäni gowy
görýändigindenmi, nämemi, ullakan ala gözleri «jalahlap» duran, örküçli hem
çaýkel çüňk burunmy, kellesi takyr hem tos-togalak, ýeňsesi çapgy ýassygy ýaly
ýap-ýasy, gür gara murtly, her gezek hereket edeninde endamynyň ýumrulary
moýmuldaşyp duran, daşyndan seredeniňde iňňän gazaply görünýän, orta boýly,
inçesagat, ýigrimi bäş ýaşlaryndaky Reşit atly ýigidiň atlar bilen baglanyşykly
görkezýän tomaşalary hasam ünsüni özüne çekýän ekeni.
Onuň ýere sanjylan çigildem güllerini atyň üstünde oturan ýerinden arkan
gaýyşaga-da, eýeriň bir gapdaly bilen syrygyp gelip agzy bilen alşyny görende
dagy şol sungata bolan söýgüsi hasam artypdyr. «Şun-a menem başarsam gerek»
diýip, öz ýanyndan göwün ýüwürdipdir. Gündizlerine doganoglany, deň-duşy hem
gepi alyşýan dosty Atanepes kakamam ýanyna alyp guma çykypdyr-da, «Ak
alaňyň» takyrynda Reşidiň şol hereketlerini gaýtalajak bolupdyr. Ýöne,
bolmandyr. Şonda Atanepes kakam: «Bu gaty uzak türgenleşigi talap edýän zat,
Mämmet. Beýdip, birden ýapyşsaň kyn bor. Bir ýeriňi agyrdarsyň, maýyp borsuň,
14
gowusy sen şol diýýän darbazyň bilen tanyş-da, inçe syrlaryny öwren, gerek bolsa
öýüňe çagyr, dostlaş» diýipdir.
Ýene bir gezek Reşidiň hersi bir tarapa dyzaýan iki sany dyzmaç atyň
arasynda durup, ýüp bilen ikisinem butnatman saklaýşyny görende dagy atamyň
tas zähresi ýarylan ekeni. Ol: «Beýip-bä-ä...» ― diýip gygyranyny, «zöwwe»
ýerinden turanynam bilmän galypdyr. Aşak oturanyndan soňam uludan demini
alypdyr-da: «Aý, ýok, mun-a men asylam başarman» diýip, pyşyrdapdyr.
Sirke gatnamasyny welin goýmandyr. Gaýtam ýygjamladypdyr. Soň-soňlar,
enemiň ýarym oýun, ýarym kine bilen aýtmagyna görä, şol döwür ol ýeke bir
gyrmyzy bägüllerini däl, eýsem tas, söýgülisinem ýadyndan çykaran eken-ä.
Reşit aga bilen tanyşmaga welin bogny ysmandyr. Ýygralygy ýol bermändir.
Telim gezek dagy oýun gutarandan soň barypdyr-da, çadyrynyň agzynda durupdurup ahyram giribilmän gidipdir. Ahyram onuň bilen tanyşdyrmaklygyny
Atanepes kakamdan haýyş edipdir.
Ýöne, Atanepes kakam şähere gelmelem, atamy Reşit aga bilen
tanyşdyrmalam bolmandyr.
Sebäbi, gün yrman gatnap ýörensoň, sirkiň işgärleri soňabaka atamy tanap
ugrapdyrlar. Reşid-ä onuň diňe öz oýunlary bilen gyzyklanandygynam aňypdyr.
Şonuň üçinem, bir gün oýun başlanmazynyň öň ýany atamyň ýanyna gelipdir-de,
adyny sorapdyr. Öz adynam aýdypdyr. Ykjam tanşanlaryndan soňam: «Näme, şu
käre höwes edýäňmi? Sirkçi bolasyň gelýämi? Işlejekmi biz bilen?» diýip,
sorapdyr. Atamam: «Howwa, işlejek. Ylaýyk öz atymam bar» diýipdir. Reşit oňa
entek öwredilmedik at bilen işläp bolmaýandygyny, onam edil adam ýaly
türgenleşdirmelidigini düşündiripdir. «Galanynam görübereris. Sen her gün meniň
atlar bilen türgenleşýän wagtym atyňam al-da gel, belki, biz oňa-da sahna çykmany
öwrederis» diýipdir.
Şol gün agşam oýun gutarandan soňam atam gijäniň ýaryna çenli Reşidiň
ýanynda bolupdyr. Köp zatlar barada gürleşipdir. Dostlaşypdyr. Reşidiňem atamy
sulhy alypdyr. Asyl, ýanyndan goýberesi gelmändir. «Men köpden bäri özüme
şägirt gözläp ýördüm, duşanyň gowy bolaýdy» diýipdir. Ol dagystanlylaryň kumuk
halkyýetinden bolup, dilem türki bolansoň, atama onuň bilen düşünişmek gaty bir
kynam bolmandyr.
Reşit ― ýatlan wagty atam onuň adyny Rediş diýip tutardy. ― Ertesi oýnuň
öň ýany oňa ilk-ä ownukly-irili haýwanlary görkezipdir, olary boýun egdirijiler
bilen tanyşdyrypdyr. Soňam beýleki artistleriň ýaşaýan çadyrlaryna aýlapdyr.
Henizem şol çykyş edenlerindäki ýaly ýarym-ýalaňaçlyklarydyr öýdendirdä, aýal-gyzlaryň bolýan çadyryna girjek wagtlary atam özüni arkan zyňypdyr.
Gaçmaga synanyşypdyr. Ýöne, Reşidiň berdaşly gollary ony butnatmandyr.
Oňa çenli gyzlaram çadyrdan boýunlaryny uzadyşyp: «Geliň, geliň,
çekinmäň, biziň barymyz sizi tanaýas ahyryn» diýşip, ors dilinde
«jedirdeşipdirler». Reşit terjime edipdir.
Şondan soň atam nalaç, tas gözüni ýumup diýen ýaly girmeli bolupdyr.
Onuň bolşuna gyzlar gülşüpdirler. Reşidem gülüpdir-de: «Mämmet, çekinme. Sen
15
entek bular bilen işleşmelem ahyry. Şonuň üçinem, öwrenişiber» diýipdir. Gyzlarada onuň kimdigini, näme üçin gelendigini düşündiripdir.
Gyzlar atamyň çekinjeňligini halapdyrlar. «Wajyrda-wujur» bolşup, daşyna
üýşüpdirler-de, ýerli-ýerden, her dürli soraglar beripdirler. Ýöne, atam şol gyzlaryň
birinden öňňesiniň diline düşünmändir.
Ol gyzam edil Reşit ýaly türkiçe gepleýän ekeni, özem şeýle bir eneme
meňzeşmişin welin, atam oňa tasdanam: «Ennewül, sen näme işläp ýörsüň bu
ýerde» diýen ekeni. Şol zatlary ýatlanynda atam pahyr, hatda ölmeziniň öň
ýanlaram birhili gyzaryp-bozaryp, uýaljyrabererdi.
Şondan soň-a atam ir bilen geler ekeni-de, uzynly gün bazygärleriň ýanynda
bolup, öýüne diňe gijäniň bir wagtlary dolanyp barar ekeni.Soňabaka dagy sirkiň
işgärleri bilen şeýle bir öwrenişipdir welin, hatda oýunçy gyzlaryň ýarym-ýalaňaç
wagtlaram gözleriniň içine seredip, arkaýyn gürleşibilýän ekeni. Çadyrlaryna
baryp çaýam içişibilýän ekeni. Düşünse-düşümese-de olaryň orsça gepleýänleri
bilenem ara-çoha birdir-ýarymdyr gep alyşýan gezeklerem bolaýýan ekeni.
Göwresi çepiksije, tebigaty boýunça-da çeýe, çakgan, höwesem güýçli,
üstesine öňden bäri özem şol ugurdan özüçe türgenleşip ýörensoň, Reşidiň at
üstündäki oýunlarynyň aglabasyny kän bir emgenmän özleşdiripdir. Ýöne ine,
onuň ýerdäki güli at üstünden agzy bilen alyşy welin entek-enteklerem
eýgertmejek bolup dur diýýä. Şu meselede oňa esasanam boýunyň kelteligi kän
päsgel beripdir. Şeýle-de bolsa, Reşidiň irginsiz tagallalary netijesinde atam ahyry
onuňam hötdesinden gelipdir.
Türgenleşik bir çene baryberenden soň, Reşit ony kä özüne kömekçi, käte-de
özbaşdak bazygär hökmünde sahna çykaryp başlapdyr. Hatda «gülli» oýny ynanan
gezeklerem bolupdyr. Ýöne, ol oýunlary atam Reşidiň atlary bilen ýerine ýetirmeli
bolupdyr. Çünki, öz aty bilen çykmaga Reşit rugsat etmändir. «Sahna, şowhuna
öwrenişmedik sarç atyň birdenkä ürküp özüni märekä urmagy, zaýaçylyk
edäýmegi ahmal» diýipdir.
Atam welin orta sirkiň aty bilen çyksa-da kaýyl ekeni. Çünki, ortadaky
çyralary dyz boýy kenaraly döwräniň içi bilen atyny öňňürdikledip ugranyndan
tomaşaçylaryň arasyndan tanyşlary, esasanam deň-duşlary ýerlerinden turýan
ekenler. Atama tarap telpeklerini bulaýlaşyp: «E-eý, serediň, – e-eý, ol atyň
üstündäki Mämmetdar – e-eý...» diýşip, gygyryşýan ekenler. Haçanda özüni atdan
arkanlygyna goýberip, hallan atyp gelşine ýerdäki güli agzy bilen alansoň, dagy
gohdan-galmagaldan ýaňa çadyryň içinde durar ýaly bolmaýan ekeni. Bu ýagdaý
atama diýseň hoş ýakýan ekeni. Indikide ondanam has çylşyrymly oýunlar
görkezmek barada arzuw edýän ekeni.
Reşidiňem öz täze şägirdine göwni ýetipdir. Basymrak oňa aty bilen çykar
ýaly ýagdaý döretmekligiň aladasyny edip ugrapdyr. Dorat bilen geçirýän
türgenleşiklerini ýygjamlaşdyrypdyr, güýçlendiripdir, ahyram maksadyna ýetipdir.
Ýöne, edil şol wagtam sirkiň gitmeli wagty gelipdir. Muňa atamam-a
gynanypdyr welin, Reşit hasam gynanypdyr. Ýöne, ol atam özlerinden galar
öýtmändir. Şol tama bilenem: «Gideli. Atyň-a taýyn. Özüňem taýyn. Täze-täze
oýunlaram taýynlarys. Onsoňam ýurt görersiň, dil, hünär öwrenersiň. Soň
16
Orsyýediň uly, döwlet sirklerine goşulyp gidibermegiňem ahmal, iň bir esasy
zadam türkmen halkynyň içinden çykan ilkinji sirk ussady bolarsyň, onuň
abraýyny galdyrarsyň...» diýipdir.
Sirkçi bolmak höwesinde bolsa-da, entek o zatlaryň pikirinem edip
görmedik atam birbada Reşide näme jogap berjegini bilmän ýaýdanypdyr. Olar
ýaly uly meseläni dädesine, ejesine geňeşmän çözübilmejegini-hä onsuzam gözi
ýetýän ekeni welin, olaň aňyrsynda dodajyklaryny kemşerdip Annagülem dur-a!
Onsoňam bu öwrenişen ýurduňy, iliňi-günüňi taşlap, başdepän gidibermek...
Içki pikirlerini daşyndan aňan ýaly Reşit oňa: «Bolýa. Hossarlaryň bilen
geňeşip gör. Netijesini soň gel-de maňa aýdaý. Belki oňuna bolaýady-da» diýipdir.
Atam sesini çykarman baş atypdyr-da, dor atyna atlanyp oba gaýdypdyr. Irugiç şu meseläniň ýüze çykjakdygy barada oýlanmandygy, ata-enesine syzdyryp,
tarlaryna kakyp görmändigi üçin gynanypdyr.
Barşy ýalam öňünden ýylgyryp çykan dädesidir-ejesine maslahat salypdyr.
«Reşit şeýle-şeýle diýýä, şeýtseň türkmeniň abraýyny galdyrarsyň diýýä» diýipdir.
Nazar şyh birmeýdan sesini çykarman, ogluna göz astyndan garap
oturypdyr. Öwran-öwran içini hümledipdir. Daşyndan seretseň ol şol wagt içinden
atama aýdar ýaly, özem ömrylla ýadyndan çykmaz ýaly bir, jaýdar, ýakymsyz söz
gözleýäne meňzäpdir. Ahyram duluklaryny titredip, kellesini saňňyldadyp
oturyşyna sesinem sandyradyp: «Näme, beýle wejeralyk bilen galdyrar ýaly
türkmeniň abraýy bir ýerlerde gaçyp galypmy? O-da saňa galypmy? Döwlet
derejesindäki edara girip-çykyp ýöreňsoň menem bir döwletli işiň başyny tutup
ýörensiň öýdüpdirin» diýipdir. Gözlerem gitdigiçe ulalypdyr. Süňňi saňňyldapdyr.
Şol bolşy bilenem assa-ýuwaşdan süýşenekläp ugrapdyr. Eline iler ýaly zat gözlän
bolsa gerek, eýýämhaçan bäbenekleri çylgym-çylgym gyzyl damarjyklardan dolan
gözlerini haýallyk bilen daş-töweregine aýlapdyr. Ýerinden turdugam «gabyrgubur» basjakdygyna ömür etmedigini edip, ogluny depgi astyna aljakdygyna şekşübhe galmandyr.
Ol o diýseň şol wagt häliden bäri bir çetde çugutdyryp, gözünden ýaş döküp
oturan Akjemal enemem düwdünekläp orta çykypdyr-da, barmagyny atama tarap
çommaldyp: «Gidibilşiňe bir git! Ädimiňi bir ät! Tohumymyzda ýokdur iliň öňüne
çykyp darbazlyk eden. Ojagaz bolup ýörşüňe göz ýumduk, ýeke çagam göwni
galmasyn, wagtlaýyn zatdyr, geçer giderler-dä, diýdik. Näbileli bular ýaly yzlaryna
düşürip alyp gitjek hyýallarynyň bardygyny... ― Akjemal enem eýýämhaçan
ýarpy göwresi ýere giden atama öňküsindenem beter azgyrylypdyr. ― Aý, betbagt,
olar bir geçip barýan tüweleý. Geçenlerini ýol, gonanlaryny gol bilýär-ä! Jögüler
ýaly bimekan, pany ýaly bipeýan bir zad-a olar! Ne öýleri, ne işikleri, ne
watanlary, hiç zatlary ýog-a! Ergeneksiz eklenip, bosagasyz saklananlar-a olaň
barysy, aý bisyrat!..»
Birdenem hemişe şular ýalyda bolşy ýaly, Akjemal enemiň kakyny tutup
başlapdyr. Ilk-ä titräpdir, birdenem demi içinedüşüpdir-de, bir tarapa agyp
gaýdypdyr, ýumruklaryny düwün gözlerini depesine dikipdir, dişlerini gyjapdyr.
Ep-esli wagt şeýdip ýatandan soň, demi açylypdyr-da, soýlan horaz ýaly «gy-yk,
17
gy-yk» etdiripdir, yzyndanam: «A-aý, a-aý, a-aý...» diýip, sesiniň ýetdiginden
gygyrypdyr. Ahyram usurgap özünden gidipdir.
Bolsa-da, bu ýagdaý atamy dädesiniň gazabyndan-a halas edipdir. Ýaňy bir
oglunyň üstüne sürnüp ugran Nazar şyh aýaly agyp ugrandan oňa tarap topulypdyr.
Ýagdaýyna belet bolansoň ur-tut boýunbagjygyny çözüpdir, ýakasyny
gowşadypdyr, ýüzüne suw sepipdir, berk gysylgy dişleriniň arasyny, berk ýumulgy
ýumruklaryny açypdyr. Özünden gidenden soň, düşek ýazyp, süýrekläp diýen ýaly
töre geçiripdir. Howa sowuk bolmasa-da, üstüne ýukarak ýorgança ýapypdyr.
Şondan soň ol usullyk bilen atama tarap öwrülipdir. Gezegiň özüne
ýetendigini duýan atam «zöwwe» ýerinden galypdyr-da, bir bökende bosagadan
towsup geçipdir. Sirke goşulyp gitmekden geçen, dädesiniň gahary ýatyşýança
enemiň kakasy Temmim daýymdan bäş-üç gün gaçybatalga soramak üçin goňşy
oba tarap tutdurypdyr.
Şu iki ortada kimden eşidendigi belli däl, özem tärimleriň gözeneklerinden
jyklap görendir-dä, atam bärden bara-barmaşa Annagül alty ganat ak öýüň
haşamlanan galyň hem goşa gapysyny zarp bilen serpip açypdyr-da, gazaba dolan
gözlerini atamyň ozaldanam üç ýuwlan ak esgä dönen ýüzüne dikip, ýuwaşlyk
bilen: «Meni näme, Satlyk dälä goýup gitjekmidiň, bigaýrat...» diýip pyşyrdapdyr.
Şol pursady ýatlan mahaly atam pahyr hern-ä: «Ennewüliň şolar ýaly
gaharlananyny men şondan öňem göremok, soňam» diýerdi. Ýanynda enemiň
özem bar bolsa, o pahyram şonça ýyllardan soňam gep alyp galmazlyk üçin:
«Dogram-da näme, halys janym ýanaýdy-da... Ozaldanam birtopar baldyrlaryny
güjeňleşip ýören belalar bilen garyşyp-gatyşyp ýörensoň... Soň-a puşmanam etdim
welin, nätjek-dä, agzymdan sypaýdy-da... Ýer ýüzünde ýeke özüm ýalňyz galyp
barýan ýaly bolaýdym-da...» diýerdi.
Ana, şeýdip, atam täze öwrenen ýene bir hünäri bilen hoşlaşmaly bolupdyr.
Telim günläp hatda Reşidiň ýanyna gitmäge-de, gelen netijesini aýtmaga-da bogny
ysman ýaýdanyp gezipdir. Asyl, Temmim daýymlardan çykmandyram.
Gaharyndan açylyşansoň, onda-da Akjemal enemiň haýyşy boýunça, ol
ýerden atamy garry atam Nazar şyhyň hut özi alyp gaýdypdyr. Ýöne, ne yzyndan
baranda, ne ýoldakalar, ne öýlerine baransoňlar, çyndan-ýalandan garry atam sesini
çykarmandyr. Akjemal enem welin ogluny öňünden çykyp gujaklapdyr. Aglapdyr.
Diňe şondan soň atam dädesinden Reşit bilen hoşlaşyp gaýtmana rugsat
sorapdyr. Nazar şyh welin şonda-da sesini çykarman, başyny atmak bilen
oňaýypdyr.
Atam dor atyna atlanyp hemişekije ýoly bilen şähere ugrapdyr. Baryp görse
bazygärleriň üç aý bäri mesgen tutan ýerlerinde ýeller öwüsýämişin. Atam şeýle
bir erbet bolupdyr welin, esli wagtlap atyndanam düşübilmändir. Düşenden soňam
atyny golaýdaky sütünleriň birine baglapdyr-da, sirkde çykyş edýän atlaryň,
gyzlaryň, Reşidiň ýaşan çadyrlarynyň ýerinde gözüne ýaş aýlap kän oturypdyr.
Olar bilen hyýalynda hoşlaşypdyr. «Rediş! Sen meni bagyşla. Men namart boldum,
nadan, bigaýrat boldum. Nädeýin, mizanyň bir tarapynda atam-enem, ilim-günüm,
Ennewül dur, men olary taşlap gidibilemok. Olaryň bolsa bu ýerlerde mensiz
18
durarlary ýok...» diýipdir. Nirede bolsalaram janlarynyň sag bolmagyny arzuw
edipdir.
Edil şol wagtam, möwsüm döwri özi ýaly Reşit bilen dostlaşan, demir ýol
dükanynda satyjy bolup işleýän, Mişa atly orta ýaşlaryndaky ermeni peýda
bolupdyr-da, türkmençemi ýa azerbaýjançamy, belli däl: «Iýen Mameými?»
diýipdir we jogaba-da garaşman, gaýyşdan tikilen goňrumtyl bukjany eline
tutdurypdyr. ― Muny sänä Räşit goýup gitmişdir». Atam: «Näme bü...» diýipdir.
O-da eginlerini gysypdyr-da: «Bilmiräm...» diýipdir. «Reşit maňa hiç zat
diýmedimi?» diýen soragyna bolsa sessiz-üýnsüz başyny ýaýkaýypdyr. Ep-esli
aşak bakyp durandan soňam: «Räşid ýahşy kişidi» diýipdir. Muňa atamyň göwni
hasam bozulypdyr. Aşak oturypdyr-da, tä, içi egsilýänçä, içigip-içigip aglapdyr.
Hatda, dükançy Mişa daýynyň haçan gidendiginem duýmandyr.
***
Öýüne gelenden soň atam açyp görse, bukjanyň içi ak kagyzyň ýüzüne
suwly reňk bilen çekilen suratlardan doly ekeni. Megerem, ol suratlar bir wagtlar
sirkiň afişasy bolup hyzmat eden bolsa gerek, howanyň ýüzünde gaýyşyp ýören
bili halkaly gyzlar, at üstünde ganatlaryny gerip, çapyp barýan murtly daýaw adam
her elinde bir daş göterip duran ýaş ýigit we başga-da birnäçe oýun sahnalary bar
ekeni. Ýöne, bazygärleriň biziň etrabymyzda işlän döwürleri onda-munda olar ýaly
elde çekilen kiçijik, ýöntemje suratlar däl-de, çaphanadan çykan, ullakan,
ýalpyldawuk afişalar asylypdyr. ― Şyh Mustapa gürrüňe başlaly bäri gör indi
näçinji gezekdir, uludan demini aldy. ― Reşidiň atama ýadygärlik goýup giden şol
suratlary mende henizem bar...
― Baý-ba-a... Ýüz ýyl dag-a geçendir ondan bäri?..
Režissýor gözlerini petige dikdi.
― Hany göreýin... Hm-m... Häzir-ä iki müň on bir... Şol wagtam müň dokuz
ýüz birinji ýyl bolmaly... Diýmek... Diýmek... Ylaýyk...
― Ylaýyk bir ýüz on bir ýyl bolýa ― diýip, sanlary aňymda aýlap
oturyşyma hasaby ondan öň çykardym.
― Dogry. Bir asyr, on bir ýyl. Ýöne maňa galanynadam-a kyrk ýyl gowrak
bolandyr...
― Diýmek, ýa-ha gowy saklapsyň, ýa-da özi gowy saklanypdyr.
― Soňky diýeniň dogry bolaýmasa, meniň-ä oňa eden üýtgeşik hyzmatym
ýok...
Režissýor ikimizem bilimizi ýazmak üçin kürsüden düşüp diwankrowadymyzyň üstüne geçdik.
― Ýöne, atamyň Reşitden öwrenen oýunlary welin, biderek gitmändir ―
diýip, arkan düşüp, özüni rahat duýandan soň Şyhmustapa indi atasynyň
durmuşyndan başga bir wakany gürrüň bermäge başlady.
― Biziň gum içindäki obamyz bilen Temmim daýymlaryň obasy aslynda bir
oba ekeni-de, bilmedim näme sebäpdendigini,ir döwür ýarysy bölünip aýrylypdyr.
Ýöne, daş ýere gitmändirler. Aralarynda diňe at gaýtarym ýalyrak, şyr-takyr, ak
19
meýdan bar ekeni. Şol takyr häzirem bar. Asly bir bolansoň iki obaň adamlaram
biri-birleri bilen götde-çat ekenler. Ol obanyň ekabyr-a Temmim daýym, biz
obanyňkam garry atam ekeni.
Ine, onsoň şol obanyň haýsy birinde toý ýa-da «Gurbanlyk», «Nowruz»
diýen ýaly milli baýramçylyklar bolsa, ikisem şol takyr meýdana çykar ekenler-de,
iki tarap bolup, iş wagtky dil bilen aýtsak, sport ýaryşlaryny geçirer ekenler.
Ýaşulylar: «düzzüm», «küşt», «ýüzük» oýnasalar, işşekçer, dyzmaç jahyllar
«göreş», «ýaglyga towusmak», «gary döwmek», «atçapyşmak», «owlak çapdy»
ýaly dürli oýunlar boýunça özara ýaryşar ekenler.
Ýöne, ýaryşyň ýeňişli tarapy hemişe biziň obanyň ýigitleriniň tarapynda
bolýan ekeni.
Oňa-da esasan, Atanepes kakam sebäp bolýan ekeni. Ol daýaw, gujurly,
repide ýaly ýüzi ak, goýungöz, köp-köp çarwa oýunlaryndan başy çykýan salyhatly
ýigit ekeni. Obanyň ähli ýigitleri, şol sanda atamam şoňa gulak asýan ekenler.
Biziň obanyň oglanlarynyň edýän oýunlarynyň hemmesini garyndaş obanyň
oglanlaram edibilýän ekenler. Ýöne, olardan tapawutlylykda Atanepes kakam bir-ä
göreşde öňüne adam geçirmeýän ekeni, birem göwresiniň agyrdygyna garamazdan,
esli ýere çenli iki eliniň üstünde ýöräp gidibilýän ekeni. Şonuň üçin käte Atanepes
kakamyň baýragy tutluşmazdan alyp gaýdýan gezeklerem bolýan ekeni.
At üstündäki oýunlaram atamyň özi oňarýan ekeni-de, ol obaň ýigitleri her
gezek ýüzlerini sallaşyp gitmeli bolýan ekenler.
***
Sirkiňgidenine köp wagt geçmänkä, güýzüň bir güni, indi birneme ýüregi
ýerine gelen atam ýene-de öňküje heňjagazyna başlapdyr. Dor atyna atlanyp, her
bazar güni şähere gidipdir-de, köýneginiň içini bägülden dolduryp gelipdir. Öňküsi
ýaly öňünden çykana paýlapdyr, iň peýwendini bolsa, indi birneme öýke damary
gowşaşan eneme eltip beripdir.
...Bir günem öýlänaralar şäherden gaýdyp gelse, iki obanyň oglanlaram şol
ak takyra üýşüşip, özlerem näme üçindir juda sus oturan ekenler. Biziň obaň
ýigitlerinde-hä asyl, gymyldy-hereket ýok diýýä! Iň bärkisi sähel-mähel zady dagy
piňlerine-de almaýan ýaşulylara çenli, keýpine-şärik çaga-çugalara çenli bir çetde
aşak bakyşyp, çöp bilen ýer gorjaşyp, otyrlar diýýä.
Şol gün goňşy obada toý bardygam, bazar güni ak takyrda ýaryş boljakdygy
barada o güne mundan üç gün öň duýdurylandygam atamyň ýadyna şondan soň
düşüpdir. Şonuň üçin bolsa gerek, obadaşlary atama ýüz bermejek bolupdyrlar.
Kiçiler salam bermändirler, ulular «waleýk» almandyrlar.
Atamam näme etjegini bilmän, bir çetde atyny keserdipdir-de, eýeriň üstüne
syrtyny gyşyk goýup oturyberipdir.
Hern-ä Atanepes kakam oňa dözmändir. Bolan işi bolşy ýaly aýdyp beripdir.
Onuň aýdyşyna görä, ýeňilib-ä ýeňilmändirler welin, ýeňibem bilmändirler. Araçäre diýen ýaly bir ýagdaýa gelip durupdyrlar. Çünki bu gezek biziňkileriň edýän
hereketleriniň hemmesini olaram edipdirler. Iki elleriniň üstünde-de ýöräpdirler.
20
Hatda olaryň biri haçan, kimden nirede öwreneni belli däl, ýa o-da sirklerde görüp
soň özbaşdak öwrenenimi garaz, çatanlaryny açyp ýerde ýatan ýukajyk öýmäni
agzy bilen alypdyr-da, biziňkileri «aňk» edipdir goýaýypdyr. Ýöne, her niçik hem
bolsa, birküç gezekki eden şowsuz synanyşyklaryndan soň biziňkilerdenem
çeýeräkleriniň biri olaryň ol hereketlerini gaýtalapdyr. Şeýlelikde hasap
deňleşipdir-de, iki tarapam utuşsyz galypdyr.
«Bar ýetmeziňiz şo dämi?» diýip, atam özüne mahsus bolmadyk gaty ses
bilen obadaşlaryna ýüzlenipdir. Olaram «zöwwe» ýerlerinden galypdyrlar-da,
«howwa-da-howwa» bolşupdyrlar. Utuşa umyt dörändigine begenmekden ýaňa
«dylym-dylym» edişip, dor atyň daşyna aýlanyşyberipdirler.
Atam dikelipdir-de, eýeriň üstünde ornaşykly oturypdyr. Tikenleri bilen
kükregini çyzym-çyzym eden bägülleri ýeke-ýeke çykaryp, ýetdiginden iki obaň
oglanlaryna-da paýlapdyr. Göze has gelüwlisini bolsa aty alkymlap duran
Atanepes kakama berip: «Me, şuny ek...» diýipdir. O-da aňyrrak baradaga-da,
bilindäki sapy şyrmaýydan, gülbendi misden ýasalan polat gezligini gynyndan
sograga-da, takyr ýere çümdürip çykarypdyr. Emele gelen çukurjyga bolsa bägüliň
baldagyny sanjypdyr. Ak takyrda «ösüp» oturan ýalňyz, gyrmyzy bägül töwerege
şeýle bir görk beripdir welin, entek atamyň näme oýun görkezjeginden bihabar
bolsalar-da, iki obanyň uly-kiçi barysynyň kalbyna şatlyk duýgusy çaýylypdyr.
Atam atyny ýorgaladyp ep-esli gidipdir, birdenem jylawyny dartyp yzyna
öwrülipdir-de, ökjesi bilen böwrüne çalaja debsiläp, dor aty ilk-ä «gury säpjine»
goýberipdir,
soňam
sirkdäki
ýaly
öňürdigine
ýazdyrypdyr.
Güle
golaýlaberendenem «ýa Alla» özüni arkan taşlapdyr. Eýerdenmi, çekidenmi ýa
üzeňňidenmi belli däl, belki hemmesindenemdir gezek-gezek gezegine ýapyşyp,
atyň bir gapdaly bilen dikbaşaşaklygyna hallan atyp gelşine syryla-syryla bir
gulagy ýere degäýjek-degäýjek bolupdyr. Deňine gelendenem göz açyp-ýumasy
salymyň içinde bägüli agzy bilen garbap alypdyr-da, ýel göteren gamak ýaly şeýle
bir çaltlyk bilen gaýyp baryp eýeriň üstünde «joňkarylyp» oturyberipdir welin,
köpleriň-ä onuň şol aralykda näme edip, näme goýanyna gözem ilmändir.
Atam welin sähelçe aralykdan kelte öwrüm edip gelipdir-de, at başyny
Atanepes kakamyň çat maňlaýynda çekipdir. «Nätdi, boldumy?..» diýen manyda
onuň ýüzüne seredipdir. Baş atypdyr. Şonda baldagy agzynyň bir gyrasyndan
sallanyp duran bägül iki tarapa yraň atypdyr.
Atanepes dädem begenjinden ýaňa näme diýjegini bilmän ýaýdanjyrap
durupdyr-da, birdenem başyndaky telpegini alyp göge zyňypdyr. «Häý, «Çetiliň»
adamlary gözüňiz aýdyň, biz ýeňdik ho-ow...» diýip, gygyrypdyr. Obadaşlaram
onuň şol hereketlerini gaýtalapdyrlar. Atamyň görkezen täsin tomaşasyna özleri
bilen deň begenen beýleki obaň adamlaram olaryň aýdanlaryny gaýtalaşypdyrlar,
telpeklerini göge zyňşyp gygyryşypdyrlar. Soň biziňkiler bilen bilelikde atamy
atdan düşürip, ony «han göter» edipdirler.
Garaz, olaryň edähetleri şeýle ekeni. Biri-birleriniň ýeňişlerine deň-derejede
guwanmaklygy başarýan ekenler. Agzybirlik bilen, ak ýürekden paýlaşyp bilseň,
şatlyk, guwanç, begenç diýen ýaly, zatlaryň gaty kän adama ýetýändigine, gaýtam
21
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gyrmyzy bägüller - 03
  • Parts
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2074
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Total number of words is 3604
    Total number of unique words is 2179
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2271
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2169
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2212
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2100
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2116
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2078
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2026
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2057
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2181
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2262
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Total number of words is 1835
    Total number of unique words is 1305
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.