Latin

Gyrmyzy bägüller - 11

Total number of words is 3648
Total number of unique words is 2026
30.0 of words are in the 2000 most common words
42.8 of words are in the 5000 most common words
49.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gyrymsy agaçlardan doly. Gowak gitdigiçe çuňlaşýar. Ýüz metr çemesi aşak
ineniňden soň, hälki girelgeden düşýän ýagtylygyň röwşeni kem-kemden kemelip
başlaýar we bütinleý ýitýär. Daş-töweregiňi elhenç tümlük we aýylganç ümsümlik
gurşap alýar. Şondan aňryk sag tarapy agaç germewli, çep tarapy kert gaýa, köpri
şekilli ýol bilen ýöremeli. Germewli tarapyň uçut. Ana, şol hem bir wagt baýlykly
şahtalaryň biri bolan. Soň ýokardan gelipmi ýa aşagyndan çykypmy ony suw
basypdyr. Çöküpdir. Köräpdir. Durup diň salsaň aşakdan suwuň «şildirdisinem»
eşitmek bolýady.
Käbir gazetlerde-žurnallarda çykýan maglumatlara, okumyşrak adamalara
ynansaň-a o dagy hiç, ýeriň astyndan hatda içi balykly köllerem, buzluklaram
tapylaýýamyşyn.
Mahlasy, şondan soň şahtaçylar ýaňky howply ýoluň üsti bilen aňry
süýşüpdirler. Köne şahtany bolsa ýokardan hünärmenler gelip partlatmak we
başga-da dürli usullary ulanmak arkaly howpsuzlandyrypdyrlar...»
101
Gurt aga sözüniň dowamynda uçut tarapyna agaç germelen şol ýoluň ýene
bir howply tarapy hökmünde ininiň şeýle dardygyna garamazdan, onuň üstünden
wagonetkajyklar ýörär ýaly demir ýoljagazyňam çekilendigini aýtdy. Her kim öz
köwlänje kömrüni şol wagonetkajyklara ýükläp, öz güýji bilen ýeriň ýüzüne
çykarmaly, girelgäniň demirgazyk tarapyndaky «Lesopilkäniň» ýa-da käbirleriniň
aýdyşy ýaly «Lesozawodyň» gabat garşysyndaky, gadymy gala kimin, gara seňňer
bolup ýatan kömür üýşmeginiň üstüne dökmeli ekeni.
Soň ony şol ýerden maşyna ýükläp golaýdaky demir ýol duralgasyna, ol
ýerdenem otly bilen soýuzyň dürli künjeklerine ugradýan ekenler.
***
Şahta ikisiniňem ilkinji gezek gidişleri bolsa-da, Gurt aga barybir ýene-de
ekabyrlygy öz üstüne almaly bolupdyr. Atamy her dem gözden salmazlyga
çalşypdyr. Iň kyn ýeri, onuň köwlän kömürlerinem özi daşaryk çykarmaly
bolupdyr.
Atamyň welin bar derdi kyblanyň haýsy tarapdadygyny bilmek bolupdyr.
Asgyryp-üsgürip kömür köwläp ýörşüne, namazyny okamak üçin wagtal-wagtal
çyranyň düşmeýänräk, garaňkydan-garaňky ýerlere sümlüp gidýän ekeni-de,
entegräkdenem: «Gu-urt, dogrudyr-la... Dogry bolandyr-la... Kybladyr-la şo...»
diýip, symyljyrap gelýär ekeni. Gurt aga-da her gezek: «Dogry, şol, Mämmet.
Ýogsa-da, nädip bildiň, seň oň şodugyny...» diýse dagy: «Aý, adam pahyr nemedä, Gurt, öwrenişilýä-dä...» diýip, bolubilenini bolýan ekeni.
Duýýalarmy ýa duýanoklarmy, belli däl, näme üçindir «namaz okaýaň»
diýip, konwoýlaram gönüden-göni azar-a berenok ekenler.
Şeýdip, bir aýa golaý dyrjaşypdyrlar. Özlerem şeýle bir ýadaýan ekenler
welin, agşamlaryna Reşit aganyň ýanyna gürrüňçilige barmana-da gurbatlary
çatmaýan ekeni. Şonuň üçinem, köplenç üç-dört sany sopusyny yzyna tirkäp Reşit
aganyň özi geläýýän ekeni.
Bir günem ol atama: «Seniň şol ýerde-de namaz okaýandygyň konwoýlaryň
üsti bilen naçalnigiň gulagyna degýä. Şonuň üçinem häzir bol. Gözüne çöp atyp,
gizlinräk etmeseň, öňkülerindenem beter bir aýylganç jeza oýlap tapar» ― diýip,
sataşaly bäri gör indi näçinji gezekdir, atama töwella edipdir. Ýöne, Gurt aga ýaly
bu gezegem öň eşide-eşide gulagy kamata gelen sözüni eşidip oňmaly bolupdyr.
«Allahu akbar...»
Halys çekgä-dartga gelmeýändigi üçin, şol gezek Reşit aga-da atamdan gaty
görüp, çykyp gidipdir. Ýolboýam siltenjiräp gaýybanasyndan käýinipdir.
Baraklaryna ýetmänkälerem sopularyna eşitdirip: «Elbetde onuňky dogry, ýöne
ýalňyş...» diýipdir.
«Baçinskiniň uzak garaşdyrmajakdygyny menem bilýädim, indi onuň
häsiýetine öwrenişerçe bolan Mämmediň özem bilýärdi. Emma geň galmaly zat ―
göwresiniň şeýle ejizdigine, enjarsyzdygyna garamazdan, jeza güýçlendigisaýy
onuň çydamlylygy artýady, ejizlemekdengeçen, gaýtam gaýraty artýady, kalbynyň
102
töründe bir ýerde tükeniksiz güýç, kuwwat peýda bolýady, ezýet çekdigiçe joşguny
güýçlenip, buýsanjy artýady, dini-yslama bolan höwesi köpelýärdi.
Şu barada söz açanymda ol bir gezek: «Gurt! Hudaý özüniňiň gowy görýän
bendilerine jebir ýollarmyşyn. Her bir işiň lezzetem onuň öz berýän jebriniň içinde
bolarmyşyn. Seň berýän soragyň jogabam şol bolaýmasa...» diýipdi».
Baçinskiniň atamy gününe goýmajakdyga bendileriňem gözleri ýetýän
ekeni. Olary barysy, hatda «blatnoýlara» çenli goja türkmeniň başyndan injek
indiki tupana demlerini alman diýen ýaly garaşypdyrlar.
***
Gurt aganyň aýdyşy ýaly, aýylganç bir wakanyň gopjakdygyny öňünden
habar bermekçi bolýan ýaly, şol gün Günem hemişekilerinden has uly, ganguýma
gyzyl, şol sebäplem iňňän gorkunç görnüşde dogupdyr. Gyş aýaklap barýanam
bolsa, howa juda sowuk ekeni. Demirgazykdan öwüsýän sörtük şemal hatda ýerde
ýatan gyraw gatyşykly doň, gyrpa garlaram öwdäp alyp üstüňe sowurýa, syrap
gelip ýüzüňi-gözüňi dalaýa diýýä.
Ýüregi bir zat syzan ýaly,şol gün Gurt aga-da ýoluň uçutly bölegine
ýetmänkäler, atamy kolonnanyň orta gürpüne salyp, özi yzdan ýöräpdir. Emma
näme üçindir konwoýlar atamyň yzky hatara geçmegini, Gurt aganyň bolsa öňden
ýöremegini talap edipdirler.
Şeýlelikde, atam gözegçisiz galypdyr.
Birdenem...
Birdenem yzky hatarlaryň birinde «güpür-tapyr» bolupdyr-da, Gurt aganyň
gulagyna atamyň: «Gu-urt!» diýen çirkin sesi eşidilipdir.
Hemme zat öňünden ölçelip-biçilen bolmaly, konwoýlar iňňän çalt we takyk
hereket edipdirler. Yzyna garaý-garaý, hernäçe hüşgär gelýänem bolsa, aýgytly
pursatda, öz aýdyşy ýaly Gurt aga gapyl galypdyr. Hatda, ylgap baryp,
konwoýlaryň gollaryndan ýapyşmaga-da ýetişmändir. Olaryň atamy tüme
konwoýlaryň öz elleri bilen, goltugyndan tutup zyňandyklaryna welin söz ýok.
Oňa Gurt aga-da ynanýar, bendileriň içinde-de gören kän, ony Saşogam
tassyklapdyr, ençeme ýyldan soň atamyň özem aýtdy.
Göz açyp-ýumasy salymyň içinde turan goh-galmagaldan ýaňa atamyň näçe
wagtdan soň ýere baryp düşeninem, ýagny, tümüň nägadar çuňlugynam kesgitläp
bilmändirler.
Kolonnanyň öňündäkiler-ä birbada näme-nämeleriň bolup geçendigini
aňmandyrlar. Diňe aşakdan bir ýerden atamyň: «Allahu akbar...» diýen içi ynjydan
hem sanjydan doly garjaşyk sesi eşidilenden soň: «Goja türkmeni tüme taşladylar»,
«Namartlyk etdiler», «Ol indi öler» diýşip, gygyryşypdyrlar we gyssanan wagty öz
beýnisinden çakýan sary içýanyň guýrugy ýaly jaýtarylyp, yza serpigipdirler.
Oňa çenli Gurt aga-da ylgap baryp, özüni atamy tüme taşlan konwoýlaryň
üstüne zyňypdyr. Olaryň ikisem çaltlyk bilen yza çekilipdirler. Tüpeňlerini gezäp:
«Stoý, strelýat budu!..» diýşip, haýbat atypdyrlar. Gurt aga-da biriniň tüpeňiniň
nilinden tutaga-da, silkipdir welin, o-da mäşesi gaýtarylgy ekeni, göçäýipdir.
103
Ýöne, bir gowy zat hiç kime degmändir. Öňden jaýtarylyp gelýän «guýrugyň»
üstaşyry tümüň depesi bilen «juw-w-juw» edip, allaowarralara bakan çawup
gidipdir. Gurt aga tüpeňi bir gyra taşlapdyr-da, ýene-de ellerini serip konwoýlara
topulypdyr. «Şol wagt men näme etjegimem, näme etmelidigimem bilemokdym.
Mämmed-ä ýok! Ony halasam edip bolanok. Konwoýlara näme etsemem özüme
zyýan boljakdygam aňyma gelenok. Egerde, şol wagt çemini tapyp, konwoýlaryň
biri tüpeňiniň gundagy bilen çat maňlaýyma ýelmemedik bolsady, onda nämeleriň
üstünden barjakdygym belli däldi» diýip, Gurt aganyň özi howpurgap oturyşyna
aýtdy.
Şol aralykda kolonnanyň öňünden barýan konwoýlaram gelip ýetişipdirlerde, tüpeňlerine ok sürşüp, ýokary atyp, käbirlerini gytyzraga-da ýaralap, bendileri
saklapdyrlar.
Şol wakadan soň bendiler işe tarap ädimlerinem ätmändirler. Hernäçe sürjek
bolsalaram netije bolmandyr. Birnäçeleri götergiläp Gurt agany baraga alyp
gidipdirler, käbirleri bolsa germewden ýapyşyp duruşlaryna tüme tarap
ýapyrylyşyp, atamyň adyny tutup gygyryşypdyrlar. Wagty bilen ses bermänsoň
ony ölendir öýdüpdirler.
***
Gurt aga agşamaralar özüne gelipdir. Görse barakdaky narasynyň üstünde
arkan düşüp ýatan ekeni. «Maňlaýym çat açyp ýarylyp barýa...» ― diýip, Gurt aga
hamala şol wagt ýarylan ýaly ýüzüni çytyp, sag eliniň aýasy bilen maňlaýyny
tutdy. ― Kim getiripdir, nädip getiripdirler, bilemok. Ýüzüm-gözüm ýuwlupdyr,
maňlaýym saralypdyr. Näme däri-derman edilipdir, ýa hiç edilmänmi, onam
bilemok.
Daş-töweregime göz aýlasam her kim bir zada güýmenip otyr. Öler öýdüp
«iman» okaýan bolsa gerek, Reşidiň şägirtlerinden biri agzynyň ýetişibildiginden
samraýa. Özüme gelenimi görüp ol elini ýüzüne syldy-da, öňküsini goýup,
megerem diriler üçindir başga bir doga okap başlady. Beýlekilerem «gürre»
ördüler-de, daşyma üýşdüler. Eşidip otursam meni esasan, bir-ä orta boýly, diýseň
daýanykly, murty gapak ýaly, asly ukrainaly Aleksandr Şerbakow, şeýle hem
Omsk şäherinden, milleti gazak, tegelek ýüzli, gyýak gözli, ölemen çilimkeş, özem
örän sowatly Bahyt ikisi gezek-gezegine götergiläp diýen ýaly getiripdirler.
Elbetde arasynda beýlekilerem kömek edipdirler.
Ganymy ýuwup, maňlaýymy daňanam şolar ekeni. Tebipçiligem edilipdir.
Öz-ä görnenok welin, men ol işi bitiren Gaalbatyrdyr öýtdüm.
Bendileriň gelişleri ýaly Baçinskiniň kontorasynyň agzyna ýygnanyşyp
miting geçirendiklerinem şolardan eşitdim. Olar Baçinskini gepleşige
çagyrypdyrlar. Emma ol çykmandyr. Oňa derek ähli konwoýlar üýşüp bendileriň
ýerli-ýerlerine barmaklaryny talap edipdirler, güýç ulanmak arkaly üýşmeleňlerini
dargadypdyrlar.
Şolar ýaly maglumatlardan soň men ýene-de özümden gidipdirin».
104
Gurt aga soňky gezek özüne gelende, gapdalynda Reşit aga-da otyr ekeni.
Ol: «Hemmesini eşitdim. Bolmandyr. Egerde ölmän ýere düşen bolaýanlygyndada, Baçinskiý ony diňe «dada»gelip, haýyş bilen gygyranynda çykarar, ondan
bärde çykarmaz. O-da şol ýerde öler welin «dat» edip gygyrmaz. Baçinskä bolsa
«gaçjak bolanda atyldy» diýäge-de, onuň ölümini resmileşdiräýmek galýa. Hut şol
niýet bilenem ol ony şeýden bolmaly. Çünki, ol indi ondan ýadady.
Üstesine, «konwoýlara topuldy, hüjüm etdi» diýen toslama bilen saňa-da
azar bererler, iň bolmanda, «izolýatora» ýa «karsere» salarlar» diýipdir.
***
Reşit aganyň aýdyşy ýaly, şondan soň köp wagt geçmänkä,aýaga galanyny
bilip, Baçinskiý Gurt agany ýanyna çagyrypdyr. Gapydan girenindenem stolunyň
aňyrsynda ýapyrylyp oturyşyna barmagyny çommaldyp, pessaý ses bilen, ýöne,
diýseň, hökümli: «Kak ty posmel?.. ― diýipdir. ― Sen Nazarowy gaçyrmak üçin
konwoýlara hüjüm edipsiň-ä... Men bolsam seni onuň ýanyna düzelmäge kömek
edersiň öýdüp goşupdym... Aý, ýaý, ýaý... Aý, ýaý, ýaý...» Gurt aganyň: «Nazarow
gaçanok, graždanin naçalnik, konwoýlar ony tüme taşladylar» diýenlerine dagy
gulagam asmandyr. Asla, şondan artyk gepleşesem gelmändir. Ýerinden turup,
gözlerinem Gurt aganyň sargyly maňlaýyna dikipdir-de: «Ohrana-a!..» ― diýip,
gygyrypdyr. Eli ýaragly konwoý gapydan girenindenem: ― W izolýator ýego... ―
diýip, gygyrypdyr. Endigine görä, aýagy bilen ýer depipdir. Ýöne, näçe
wagtlykdygyny aýtmandyr. Onuňam sebäbi, Gurt aganyň öz çakyna görä, eden
«etmişi» üçin Baçinskiý ony sud etdirmekligi we tä derňew gutaryp goşmaça ýyl
kesilýänçä şol ýerde saklamaklygy ýüregine düwen bolmaly.
***
«Izolýatora» düşen adamy içki eşiginde saklamak asylam lageriň içki
düzgünleriniň biri ekeni welin, Gurt agany gijäniň bir wagtlary sülçiniň ýanyna
soraga äkidenlerinde-de şol durşuna alyp gidiberýän ekenler.
Üstesine, idili soragam etmän, derhal yzyna getirýän ekenler. Ýaňy bir
ýerine geçip, ymyzganyberende ýene-de hiç zat soraman yzyna getirýän ekenler.
Şeýdip, uzynly gije ukudan goýup, degnaňa degip, ýadadanlaryndan soň, adam
pahyr halys surnugyp näme diýseler «howwa» diýip, nirä diýseler şol ýere gol
çekip duran bolýan eken. «Sülçi diýeniň öz etrabyňky bolsun, Sibiriňkiler bolsun,
tapawudy ýok, hemmesiniň heňi bir ekeni...» diýip, Gurt aga janyndan syzdyryp
aýtdy.
Ýöne, Gurt agany şol gezek geň galdyran zat ― «günäsi» üçin ony üç aý
möhlet bilen, «Adatdan daşary kyn şertlerde, beden hem ruhy taýdan azap beriji
zähmetlerde ulanmaly» diýip, gysga wagtlyk jeza üçin ýörite ulanylýan ýere ―
«Ştafizo» ugratmaly edipdirler. Telim ýyly boýnuma goşmaga ýükleseler gerek,
diýip, gara gaýga galyp oturan Gurt aga ojagaz üç aýy dagy uly höwes bilen kabul
edipdir. Ýöne, «izolýatorda» soraga gatnap geçiren üç aýynam şonuň hasabyna
105
goşupdyrlar-da, ony asyl «Ştafizo» äkitmän, izolýatordan çykyp, göni öz baragyna
gidibermeli edäýipdirler.
Gurt aganyň begenjiniň çägi bolmandyr. «Her näme diýselerem, nirede
bolsa-da, sähelçejik hem bolsa, kanunyň adam üçin işleýän ýerlerem bar ekeni»
diýip, Gurt aga şonda uly kanagatlanma bilen iki çigninden sowuk dem alyp
oturyşyna aýtdy.
«Ştafizo» sözüniň manysyny welin ol düşündiribilmedi. Sebäbi özem
düşünmändir. Sorasa-da düşündirmändirler. «Ujyz gutuldyňmy, gidiber, nämäňnämedigi bilen işiň bolmasyn» diýipdirler.
Sözlük baryny agtaryp, şol sözüň manysyny menem bilip bilmedim. Şu
wagtam bilemok.
«Izolýatordan» çykyp, göni baragyna barybermeli edilenine Gurt aga edil
öýüne goýberilen dek begenipdir.
Barşy ýalam barakdadylardan atam barada sorapdyr. Olaram: «Şahtaçylar
bir zat bilýän bolaýmasalar...» diýipdirler.
Şondan soň ol KWÇ-ä, Reşit aganyň ýanyna ugrapdyr. Hal-ahwal
soraşanlaryndan soň Gurt aga oňa-da şol soragy beripdir: «Biziň barakdakylar-a:
«Ölen bolaýmasa» diýýäler, diýipdir. «Bizem başda şol pikirdedik ― diýip, Reşit
aga giňgöwrümlilik bilen gepläpdir. ― Ýöne, on gün töweregi wagt geçenden soň
göwnüme bir zat gelen ýaly boldy-da, şahta gatnaýanlaryň birinden deňine baranda
adyny tutup gygyrmagyny haýyş etdim. Özüňem türkmençe gygyr, «Mämmet
dirimisiň» diý. Şeý diýseň Gurtdur öýdüp ses berer, bolmasa direm bolsa bermez,
diýdim. O-da agşamlyk ýanyma geldi-de, ýuwaşlyk bilen: «Ses berýä...» diýdi.
«Hemmelerem eşitdilermi?» diýdim. «Howwa, hatda konwoýlaram eşitdiler.
Özlerem onuň heniz bolup ölmändigine gaty geň galdylar» diýdi. Şondan soň men
şahtaçylaryň ýene üçüsine ýüz tutdum. Kartoşkadyr ― şugundyr gabyklaryny,
kelem ýapraklaryny, başga iýer ýaly zatlardan näme ellerine ilse jübülerine salyp
gidip, şol ýere baranlarynda konwoýlara bildirmän aşak oklamaklaryny haýyş
etdim. «Lezozawodyň» işgärleriniň arasyndaky tanyşlaryma-da şeý diýdim. Bir aý
geçensoň adyny tutduranymyzda-da ses berdi. Düýn-öňňinlikde-de şoň şo ýere
düşenine ylaýyk üç aý boldy. Oklanýan zatlar bilen mydar edýändir-dä, ol henizem
ses berýä. O barada eýýäm bütin lager gürrüň edýä. Naçalnikler-ä şonuň adam
çagasydygyna-da ynanmajak bolýarlar».
***
Atamyň ölmändigine, iň bolmanda: «Waý, meni bu ýerden çykaryň, men
namazdan ýüz öwürmäne razy» diýip, günübirin gygyrybermändigine hemmeden
beter Baçinskiý geň galypdyr. Ynanmajak bolupdyr. Çünki, öňem telim jezalar
çekip halys egbarlan, zandam bir ejiz, gowşajyk görünýän adam düýbi
görünmeýän şol tümlük ummanynda üç aý-a däl, üç gün, üç sagat çydap oturybiler
diýselerem ynanar ýaly däl diýýä. Şonuň üçinem, atamyň gaýtmyşym edip
gygyranyna ol hut şol günüň, şol pursadyň özünde, iň bolmanda ertesi garaşypdyr.
106
Asyl onuň atamy ol ýere taşlatmagynyň sebäbem, Reşit aganyň aýdyşy ýaly,
atamdan öler ýaly basylandygyndan, ýadanlygyndan bolmaly. Ony
terbiýelemekdenem, şoň üsti bilen özüne abraý gazanmakdanam elli bazar, dynsa
kaýyl bolan bolmaly. Tümden gorkup toba gelse-hä geleni, gelmese-de şol ýerde
ölüp galar, menem «gaçjak boldy, atyldy» diýäge-de resmileşdirerin, şeýdibem
dynaryn öýden bolmaly. Çünki, şol döwür lagerlerde gaçany üçin bendä sudam
edilmeýän ekeni, artykmaç ýylam kesilmeýän ekeni. Ýa-ha tutan, tapan ýerlerinde
atyp gaýdýan ekenler, ýa-da zona getirip: «Izolýatora girjekmi ýa ýumruk iýjekmi»
diýip özünden soraýan ekenler.
Gaçgaklaryň aglabasy soňkusyny saýlap alýan ekenler.
Atam welin indi gaçgagam däl, ölem däl, dirileriň arasynda-da ýok. Zonanyň
sanawlarynda-da ady bar-da, özi ýok. Ýaman dert ol indi: «Çykaryň!» diýip,
gygyrmakdan geçen, gaýtam çykmak hakda pikirem etmeýäne jeza diýlip berlen
çäräni gaýtam, özüne pena saýýana meňzeýär.
Baçinskiý öňküdenem beter kyn güne galypdyr. Ýagny, atamy bütinleý
elinden sypdyrypdyr. Oňa hiç hili kär edibilmeýän, çäre görübilmeýän ýagdaýa
düşüpdir.
Egerde ol o ýerde bütinleý galsa, özem ölmese, onda Baçinskä nämeleriň
garaşýandygyny öňünden aýtmak kyn.
Şonuň üçinem ol Gurt agany ýanyna çagyrypdyr-da, ýene-de şahta
gatnamalydygyny, egerde dilini tapyp obadaşyny ol ýerden çykarmaga kömek
edibilse, gözden salmajagyny aýdypdyr.
Gurt aga oňa atam bilen gürleşmekligiň peýdasyzdygyny, aýdyljak zatlaryň
öň onsuzam aýdylandygyny naçalnige düşündirjek bolupdyr. «On fanat. Goworit s
nim bespolezno...» diýipdir. «Ýene bir gezek gürleş. Radi menýa. Radi obşego
delo» diýip, Baçinskem bir depen ýerini depip durupdyr.
Gurt aga nälaç ylalaşmaly bolupdyr.
Ertesi işe barýakalar, atamyň taşlanan ýerine ýetenlerinde, Gurt aga agaç
germewden ýapyşyp, tümlüge tarap egilipdir-de: «Mäm-me-e-et...» diýip, ýuwaşja
seslenipdir. Sebäbi, ol ýerde gaty gygyrmagyň geregi ýokmuşyn, daş-töwerek edil
hammamdaky ýaly ýaňlanyp durmuşyn.
Şol sebäplem, Gurt aga şeý diýenden, edil komanda berlen ýaly,
şahtaçylaryň barysy birden sakga saklanypdyrlar-da, tiňkelerini tümlüge tarap
dikipdirler.
Gurt aga-da gulagyny garaňkylyga gerip, bütin durky bilen diňşirgäp
durmuşyn. Onuň öz sözleri bilen beýan etsek, şol wagt onuň ýüregi tas, ýarylara
gelen ekeni. Wagty bilen jogap bolmansoň-a hasam egbarlapdyr. «Germewden
elim sypyp, özümem tümlüge tarap gidip barýan ýaly boldum» diýende, dogrusy
oturan ýerimizde dädem ikimizem gorkup başladyk.
Tamasyny tas üzeňkirläberendenem, tümüň düýbünden: «Gu-urt...» ―
diýen, Gurt aganyň özüniňkidenem has ýuwaş owaz çykypdyr. ― Bu senmi-i...»
Bütin kolonna bir pursadyň özünde ölä jan giren ýaly bolupdyr. Hemmeler
birden: «has-s...» edişip uludan demlerini alypdyrlar.
107
Gymyldy, hereket, «gowur» başlanypdyr. Milletine, dinine, ýaşyna
garamazdan, atamyň diridigine hemmeler begenipdirler. Gurt aga ýene-de: «Taplar
ýagşymy-y...» diýipdir. Atam: «Allaha şükür...» diýip, jogap beripdir.
Gurt aga Baçinskiniň sargydyny iki agyz sözde atama ýetiripdir. «Tümden
çyksaň bolýa, başga iş buýurjak däl» diýýä, diýipdir. Garaşýan jogabynam
alypdyr: «Allah keremdir. Kimiň näme etjegini diňe şol biler».
Onuň şol sözleriniňaňyrsynda nämeleriň ýatandygyna gaty gowy düşünýän
Gurt aga germewden gaýra çekilipdir we göwünli-göwünsiz, eýýämhaçan ýöräp
ugran kolonnanyň yzyna düşüpdir.
***
Şol gün agşamlyk Baçinskiý ýene-de Gurt agany ýanyna çagyryp, atamyň
näme jogap berendigi bilen gyzyklanypdyr.
Gurt aga sessiz-üýnsüz başyny ýaýkapdyr.
Baçinskiý onuň ýüzüne naýynjar garapdyr. «Beýdip, ölümine kaýyl bolup
oturary ýaly ol ýerde onuň näme bähbidi barka?» Gurt aga eglenmän: «Erkinlik
bolaýmasa...» diýipdir.
Baçinskiý süýem barmagynyň ujuny stolunyň üstüne dikleýip diräpdir.
«Erkinlik ine, şu ýerde Ýeriň üstünde. Aşagynda bolsa ölüm, ýokluk bar. ―
Birdenem ol gözlerini «çerreldip» Gurt aga seredipdir. ― Ýogsa-da, ol şu çaka
çenli näme iýip-içdikä? Aç-suwsuz nädip oňduka? Gurt aga-da ýüregindäkini
aýdypdyr. «Dini-ygtykada bolan yhlasy, Hudaýa bolan söýgüsi saklan
bolaýmasa...» «Egerde men seni o ýerde-hä däl, şu ýerde, şu kabinetiň içinde on
gün aç saklasam Hudaýa bolan söýgiň bilen oňup bilermiň?..» «Gürrüň men hakda
gidenok, Mark Lwowiç, men dindar däl. Nazarowyň başaranyny men başaryp
bilmen...»
Baçinskiý indi süýem barmagynyň ujuny gapa tarap çommaldypdyr. «Maarş!.. Siziň hiç biriňizem oň eşek däl!.. Ýöne, men sizden oň eşek ýasamaly borun.
Ýasarynam! Seň ojagaz mollajygyňy men ol ýerden çykararynam, mugyra
getirerinem!.. Nädersiň ýene-de üç aýdan soň KWÇ-äniň konsertinde «Kompartiýa
hakynda kontata» aýdyp duran bolaýsa!..»
Gurt aga iň soňky sözünem aýdyp galaýanyny kem görmändir. «Nazarow
indi gelmez. Ol ýerden çykmaz. Ol hak jaýyna, hak eýesine gowuşdy». «Hak
jaýyna, hak eýesine adam diňe ölüp gowuşýandyr. Men basym oňa onam
görkezerin... Indi bolsa bar, ýok bol, gözümiň öňünden...
***
Gurt aga ol ýerden çykyp göni öz bolýan baragyna barypdyr. Görse, Reşit
aga özüne garaşyp otyr ekeni. Ol oňa atamyň ýagdaýlaryny, Baçinskiniň
aýdanlaryny gürrüň beripdir.
Reşit aga az-kem böwrüni diňläp, dymyp oturanyndan soň uludan demini
alypdyr. «Sen ýaňy Baçinskä dogry jogap beripsiň. Mämmet indi ol ýerden
108
çykmaz. Çykarjak bolsalaram çykmaz. Şol ýerde ölüp galar welin, çykmaz.
Şahtanyň ötlem-ötlem damarlary indi ony hiç kime bermez. Baçinskiniň iň uly
ýalňyşlygy şol. Jezanyň iň ulusyny berjek bolup, ol oňa kömek etdi. Maksadyna
ýetirdi. Gözüni gorkuzjak bolup bagt guşuna atardy. Tüme taşlap ýagtylyga
çykardy. Ine, Mämmediň gazanan zady...»
Reşit aga bilen Gurt aga ikisi şondan soň öz dostlary bilen maslahatlaşyp,
atamy tä ölýänçä iýmit bilen üpjün edip durmak barada maslahatlaşypdyrlar.
Onuň haçanam bolsa öljekdigine, elbetde, hemmeler ynanýan ekenler, ýöne,
haçandygyny welin...
***
― Şeýdip, aradan alty aý geçipdir ― diýip, ara düşen böwşeňlikden soň
režissýor sözüni dowam etdirdi. ― Atam welin şonda-da onuň sesine ses berýän
ekeni.
Onuň iru-giç öljekdigine ynanýanlar indi onuň hiç haçan ölmejekdigine
ynanyp başlapdyrlar.
Baçinskiý bolsa öň atamy özüniň haraý islärine garaşan bolsa, indi ony
nädip şahtadan çykarmagyň aladasyny edip ugrapdyr.«Şol deýýus bir ýerden yş
tapyp, girip-çykyp ýören bolaýmasyn» diýip, bütin sebiti barladybam çykypdyr.
Konwoýlary sallap şahtanyň içinem barladypdyr. Emma, hiç birindenem netije
bolmandyr.
Onuň indi iň bir ýaýdanýan zady ― diri adamy nädip «öldi» edip,
resmileşdirip boljakdygy ekeni. Elbetde, ýokarda aýdyp geçişim ýaly ony «gaçjak
boldy» edäge-de, tekizläp goýberibermeli, egerde ölenine gözüň ýetse. Ýöne, ol
ölenok-da! Diri-dä! Büý-ä öldi etse, o-da ertir «zompuldaga-da» bir ýerden çyksa,
ber habaryňy...»
Tümüň içine gözlege iberilýän konwoýlar bolsa her gezek: «Tapmadyk...»
diýşip gelýälermişin. Şolaryň agyzlaryndan sypdyrmaklaryna görä, öňä suw
zerarly, soňam şahtany köretmek üçin geçirilen partlamalar sebäpli ber-bibat bolan
şahtanyň öňüni-soňuny, başyny-aýagyny saýgarar ýaly bolmandyr. «Bir adamy
dagy şol ýere leşger salanyňda-da tapyp bolmaz» diýip olaryň barysy biragyzdan
aýdypdyr. Garaz, şol ýerden atamy gözländen, bededen iňňe gözläniň aňsatmyşyn.
Öz gollaryny, jaýryk-diliklerini aýlawlaryny, öwrümlerini hasap etmäniňde-de,
suwuň ýasan gor-gorlaram, hür-hürlerem darawlaram ýeterlik diýýä.
Konwoýlaryň şol ýerden bar bilip gelen zatlary o-da atamyň aşak oklanan
ýeriniň çuňlugy on mertden kän däl ekeni. Ýöne, birazajyk «şybyljagrak»,
suwlurak diýýämeseň, ýeri gatymyşyn. Gyýçak-gyýçak kömür daşlaryndan ybarat
bolmagam ahmal.
Şol çuňlugyň çyna golaýdygyny soň-soňlar, atamyň özem aýdardy.
***
109
Baçinskiý başda atamyň açlykdan basymrak mugyra gelmegi üçin,
bendileriň oňa hiç hili azyk oklamazlary ýaly, girelgäniň agzynda ýörite konwoý
goýupdyr. Ýöne, o-da netije bermändir. Sebäbi, birinjiden-ä konwoýam
bendilerden, olaryňam arasynda adamkärçiliklileri bar, ikinjidenem çemeni tapyp
«Lezizawoddakylaram Reşit aganyň haýyşy boýunça tapdyklaryndan ony-muny
oklaýan ekenler. Iň bolmanda: garaz, bir zada ulanarda, diýip, agaç ýonuşgasyny
tokgalap zyňýan ekenler. Üçünjidenem, atamyň ol ýerden çykasynyň
gelmeýändigine gözi ýetensoň Baçinskiý garawulyn-a bir aýrypdyr, üstesine oňa
bir zatlar oklap durmaklaryny bendilerden özi talap edip başlapdyr. Şol ýerden sagaman çykaryp, öňküsi ýaly sana goşubilse, galan derdeserlerine kaýyl bolupdyr.
Bir, enjarsyz goja türkmen bilen bolan bu başabaş söweşde beýle çykgynsyz
güne düşerin, diýip pikirem etmedik hökmürowan naçalnik öz etini özi iýip, güngünden horlanyp başlapdyr. Bolýan zatlara hiç akyl ýetirip, düşünip bilmändir.
***
Aradan iki ýyl geçipdir, ýagdaý welin üýtgemändir. Atam ölmändirem,
ýokarygam çykmandyr. Gurt aga haçan seslense, o-da oňa jogap beripdir durupdyr.
Şol wagtam ikinji jahan urşy turupdyr. Gurt aga çemini tapyp onam atama habar
beripdir. Atam kimiň, kim bilen uruşýanynam soramandyr-da: «Alla keremdir. Her
kim öz pälinden tapýandyr» diýipdir.
Ýene üç ýyl geçipdir.
Atamyň henizem Gurt aga «hä» berýänini edişip, gamça dönen Baçinskiý
hut dälilik derejesine ýetipdir. Käte onuň ylgap baryp şahta giräýesi, agaç
germewden ýapyşyp durşuna: «Nazarow! Men senden lüt basyldym! Ýeňildim!
Ýöne, sen meniň halys öýümi ýykmajak, süňňümi gemirmejek bolsaň, gaýrat et-de
çyk! Şeýtseň günübirin öýüňe ibererin!..» diýip, gygyraýarly görünýän ekeni.
***
...Bir günem Reşit aganyň kellesine: «Mämmede Kuran oklamaly» diýen
pikir gelipdir. Şol pikiriň öň näme üçin gelmändigine welin özem düşünmändir.
Onuň ol pikirini şägirtlerem, Gurt aga-da goldapdyr. Ýerli-ýerden
begenişipdirler. «Eline Kuran düşse uly iliň içine baran ýaly bor» diýşipdirler.
Kelamylla bilen birlikde çyra, otluçöp ýa çakmak, pelte, çyra üçin gapak, ýangyç
ýaly zatlaryň gerek boljakdygam ýüze çykypdyr.
Ýöne, köpçüligiň ýanynda bitmejek iş bamy? Hemmesem hasyl bolupdyr.
Özleri ýasapdyrlar, ondan-mundan diläp alypdyrlar, garaz, sähel wagtyň içinde,
gerek bolan zatlaryň barysyny taýyn edipdirler. Hünärli adamlardan haýyş edip,
ýangyç salar ýaly tüňňür ýasadyp, içinem ýagdan doldurypdyrlar.
«Lezozawoddakylara» agaç gapyrjak ýasatdyryp, ýagly tüňňürden başgasyny agaç
ýonuşgasy bilen galaklap, şonuň içine ýerleşdiripdirler. Kurany Kerimiň daşyna
arassaja, galyň mata orapdyrlar.
110
Ähli hysyrdylardan dynanlaryndan soň, taýyn edilen zatlary
«Lezozawoddakylara» eltip beripdirler we hiç kim ýokka, has gowusy gije, usullyk
bilen aşak oklamaklaryny, oňarsalar-a ýüp bilen sallamaklaryny, ýere düşensoň
ýüpem aşak taşlamaklaryny, «Mämmet al...» diýip, türkmençe gygyrmaklaryny
haýyş edipdirler.
Haýyş ýerine ýetirilipdir.
Ertesi işe geçip barýakalar Gurt aga burnuna salybraga-da: «Aldyňmy-y...»
diýip, hiňlenjirän bolupdyr. Atamam: «Hm-m...» etdiripdir.
Ikisiniň näme hakda üýn alşandyklaryny töweregindäkiler aňmandyrlaram.
Ýene bir gezek habarlaşanlarynda Gurt aga atama ikinji jahan urşunyň ýeňiş
bilen tamamlanandygyny buşlapdyr. «Biz ýeňdik, gözüň aýdyň» diýipdir. Atam
şonda-da biziň kimi ýeňendigimiz bilen gyzyklanmandyr. «Allahu akbar...»
diýipdir bolany!
***
Tüme düşenine jemi ýedi ýyl, diýlende atamyň sesi haýallap başlapdyr.
Şahtaçylar şonda-da, şol bir eşidýän seslerini eşitmek üçin, her gün onuň deňinde
aýak çekýän ekenler. Gurt aganyň sesine ses gelmese, hapa bolşup, aýaklaryny
süýreşip sus halda ýollaryny dowam etdirýän ekenler. Ölendir öýdüp, öňden
ýatanlar soňky gelenlere o hakda gussaly gürrüňler aýdyp berýän ekenler.
Ses geläýse welin, uly bir şowhun turuzmasalaram «gümür-ýamyrlary»
artýan, «hyşy-wyşylary» köpelýän ekeni. Ýörişleri batlanyp, şol günki işlerem has
öndümli bolýan ekeni.
Baçinskiniň welin, halys başy çaşypdyr. Aşaklyk bilen başga iş tapmanyň iş
ýerini çalyşmanyň aladasyny edip başlapdyr. Şol ýerden sag-aman sypybilse,
beýleki lagerleriň birinde «dnewalnyý» bolup işlemäne-de kaýyl bolupdyr.
Ýöne, işiňi çalşaýanyňda-da, edil çopanyň sürini ýeke-ýeke sanap tabşyryşy
ýaly, senem janly-jansyz, boýnuňdaky zatlaryň barysyny birin-birin tabşyrmaly
ahyryn. Bendileriň sanam sanawdaka dogry gelmeli. Bar, sen-ä barlag wagty
Nazarowyň ýerine başga birini durzup, ady çykanda «men» diýdirseňem, ýa-da: ol
şu wagt syrkaw ýa ýene bir zat diýdirseňem bolar, ýöne, gideňsoň ýeriňe gelen
adam biler-ä seň özüni aldandygyňy. Üsti açylar-a! Onsoň näme?..
Ine, şu oý-pikirler ony juda heläk edýär ekeni. Her gün agşam «Ertir-ä şu
meseläni çürt-kesik çözerin» diýip, ýatýan ekeni-de ertir turan wagty ýene-de ertire
goýýan ekeni.
Ençeme ýyla çeken şu derseder onuň daşky keşbinem tanalmaz derejede
özgerdipdir. Hatda lageriň içinde: «Naçalnik bejermesi kyn bolan erbet bir kesele
sataşypdyr» diýen gürrüňem ýaýrapdyr.
Horlanandygynyň üstesine boýam keltelipdir. Aýaklary dagy edil, döşünden
gaýdýan bolaýypdyr-a! Adamçyl erkek ýaly dabanyny «pat-pat» ýere urup, «abyrzabyrly» geplemesinden dagy derek galmandyr. Peträp duran gözleri dagy iki sany
gyýajyk çyzyga öwrülipdir. Tes-tegelek ýüzi bolsa, kürede gowy bişmedik, jaýrykjaýryk ak kerpije meňzäpdir. Onuň agyr syrkawdygy, belki, saglyk ýagdaýy zerarly
111
ony wezipesinden boşatmaklygyň gerekdigi barada ýokarky edaralarda hem «hyşywyşy» gürrüňler başlanypdyr. Elbetde, bu zatlar onuň-munuň üsti bilen aýlanypöwrülip onuň öz gulagyna-da degipdir. Şony eşidip dagy ol halys nätjegini bilmän,
bolmajysy bolupdyr.
Kä säher sabadan turup, onuň goja türkmen Mämmet Nazar ogly bilen
darkaşa giren gününe nälet okaýandygyny, ondan başda bir ok beräge-de
dynmandygyna puşman edýändigini görenlerem, Hudaý bilen göreşip ýören
halyna: «Eý, Hudaý-aý! Şol belaňdan dyndarsaň, galan ömrüme Seniň bardygyňa,
beýikdigiňe şek ýetirmäýin» diýip, nalalar çekýändigini eşidenlerem bar.
***
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gyrmyzy bägüller - 12
  • Parts
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2074
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Total number of words is 3604
    Total number of unique words is 2179
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2271
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2169
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2212
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2100
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2116
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2078
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2026
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2057
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2181
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2262
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Total number of words is 1835
    Total number of unique words is 1305
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.