Latin

Gyrmyzy bägüller - 15

Total number of words is 1835
Total number of unique words is 1305
36.0 of words are in the 2000 most common words
48.0 of words are in the 5000 most common words
55.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
sözüne dyngy berdi. Bir käsejik çaý içdi. ― Şolar ýaly hyýalatlardan boş wagtym
meni tükeniksiz oý-pikirler basmarlaýady. Şol oýlanmalaryň netijesinde men şu
zatlara düşündim: ýagny, garaňkylyk ― adamyň ýagtylyga bolan teşneligini, köp
wagtlap işsiz ýatmaklyk ― zähmete bolan höwesini artdyrýar. Ümsümlik ― öz
kimligiň, daş-töweregiňi gurşap alan tebigy şertler, gelejegiň, geçmişiň, umuman,
durmuş barada düýpli oýlanmaga mejbur edýär. Ýekelik ― Hudaýa
golaýlaşdyrýar. Söýginiň dünýäde ýeke-täkdigine, onuňam Hudaýa bolan
söýgüdigine, şondan öňe geçen wagty baýlyk, açgözlük, nebis hakda-ha gürrüňem
ýok, hatda ogul-gyza öz hünäriňe bolan söýgüniňem soňunyň pajygaly
gutarýandygyna akyl ýetirmeklige ýardam edýär. Näme üçin hak aşyklaryň
myratlaryna ýetmän geçendiklerem şol tymsal arkaly subut bolýar. ― Atam meniň
ýüzüme dikanlady. ― Şular ýaly tükeniksiz baýlyklaryň içine düşen adamam bir
ýekesirärmi, oglum? Içi gysarmy? Derdi köp, dermany az, içi goh bilen
galmagaldan, gasygy gamdan doly ýalançy dünýäni küýsärmi? Ol ýyllar maňa
entegem az göründi...
Islendik zadyň öňi bolşy ýaly soňam bolýa. Tümüň bolsa edil çäksiz asman
ýaly öňem ýok, soňam ýok. Sebäbi ol tümlük. Ýokluk. Ýoklukda bolsa barlyk
bolmaýar. Ümsümlik bolsa näçe diýseň bar. Şeýle-de bolsa, şonuň zenzelesi ýaly
aýylganç ses ýok.
Şol zatlardanam seni ýekesiretmän diňe Allah alyp çykyp bilýä. Çünki,
hemme zat ― barlygam, ýoklugam şonuň elinde. Ol bary ýok edibem, ýogy bar
edibem bilýä. Sebäbi ol Allah. Allahu akbar...»
Oňa çenli «makaronam» geldi. Atam ysyrgandy. «Mustapa beg, sen-ä oglum
muny nagt edäýdiň-ow...» diýdi.
Dädem ýylgyrdy-da oňaýdy.
Üýşüp nahar iýdik. Nahardan soň atam töwir galdyrdy. «Ýene soragyň
bamy?» diýip, meniň ýüzüme seretdi. Öň ýogam bolsa şu wagt hakykatdanam
142
serime geldi: «Bar». «Aýt oglum, onam eşideli». «Aýtsam ata, sen näme üçin şu
zatlary hiç kime aýtman, Gurt aga-da aýtdyrman, ilden bukup gezdiň?» «Atam
meni geňler galdyryp, şo-ol, bir wagtlarky, Reşit aganyň aýdanlaryny gaýtalady.
«Ol meniň baýlygymdy. Meniň ony hiç kim bilen paýlaşasym gelmeýärdi. Indi
bolsa garradyk.
Adam garransoň baýlygyny yzyndakylara miras goýup gitmeli. Şonuň üçin
menem bu zatlary soramadyk bolsaňyzam barybir size aýtmakçydym. Doly
ýetiribildimmi ýa ýok, ol maňa mälim däl, egerde ýetiribilmedik bolsam, onda men
günäkär, alybilmedik bolsaňyz, özüňiz günäkär. Ýöne, şol baýlyklara eýe
bolmaklygyň ýönekeýje usullaryny welin, entegem bolsa özüme goýan
baýlygymyň ujundan aýdyp bereýin: Ol seniň dünýäni we göwnüňi tutuşyňa bagly.
Köneler: «Giň tutana ― giň dünýe, dar tutana ― dar dünýe» diýipdirler. Göwnem
şoňňaly. Seni hiç zat ýok ýerden baý edýänem, garyp edýänem şolardyr. Iň
ýamany göwni garyplykdyr. Barjaňa kanagat edip bilýän bolsaň sen garybam
bolsaň baýsyň. Gözüň doýmasa, kanagatyň bolmasa welin, dünýe doly malyň
bolsa-da, senden garyp adam ýokdur... Ine, köşek, meniň size goýup gitjek
baýlygym. Hudaýa sygynyberiň. Ol hiç haçan sizi gara günde goýmaz. Hossarlyk
eder. Eýder, beýder, derdeserlerden alyp çykar... ― Atam ümrüň içinden seredýän
ýaly, gözlerini ümezledip, maňa içgin garady. ― Ýene soragyň bamy, oglum?.. ―
Soňra ol dädem bilen Sünnetiň ýüzüne seretdi. ― Bamy ýene soragyňyz?..»
― Şondan soň hiç birimizem atama sorag bermedik ― diýip, Şyh Mustapa
uludan demini aldy. Hälki penjirä baryp gaýdanyndan bolsa gerek, pişigiňki ýaly
çalaja-da asgyrdy. ― Çünki, hernäçe syr bildirmejek bolsa-da, atamyň
hakykatdan-da şonça ýyllap, şol ýerlerde toplan baýlygyndan jyda düşesiniň
gelmeýändigi görnüp durdy. ― Režissýor dymdy. Birdenem «ýalt» edip ýüzüme
seretdi. ― Atamyň beren gürrüňleriniň içinde meni has geň galdyran zat:
hyýalynda oba gelşini, enem ol entek boşap gelemzindenem kän öň bize aýdyp
berýädi. «Düýşümde daş işikde ojaga ot salyp otyryn welin, birdenem «symyş-ş...»
edip ýeňsämden biri gelen ýaly bolýa. Seretsem ataňyz. Özem bir ho-or. Halys, bir
tutam bolaýypdyr. Elinde-de boş okara. Nahar soraýa. Men: «Öýe gir,
Mämmetsapa, ynjalykly otur, gelinleň, agtyklaň bilen salamlaş. Mustapa janam
häzir ger...» diýýän. «Ýok, men gideýin. Gyssagly geçip barýadym-da,
sowulaýdym, Gurt dagam aç otyrlar o ýerde» diýýä-de, tozan turzup «zut» gidýä»
diýerdi. Her gezek düýşi şu ýere ýetende Sünnet hökman: «Nahar bir guýup
berdiňmi?..» diýip sorardy. «Ine, şo welin «zyt» ýadyma düşenok-da ― diýip,
enem esli wagtlap hapa bolup, gözüne ýaş aýlap oturardy. Soňam guýup
bermändigi ýadyna düşen ýaly: ― Ýeri, bir çemçejik kakyp beräý-dä diýibem,
ýürejiginden syzdyryp aglardy. ― Gelşi ýaly ap-açja gitdi-dä, görgüli...»
35.
Şyh Mustapa penjirä bakyp «oh» diýdi-de, böküp ýerinden turdy. ― Ind-ä
uçargähe ugrabersegem wagt bolaýdy öýdýän ― diýibem, egnine polotensasyny
143
atdy-da, aýagyndaky şypbygyny «şypbyldadyp» duşa girdi. «Ala-şapyrdy» bolup
ýuwundy.
Ol çykansoň, menem duşa girdim. Gyzgynjak suwdan soň depämden eňteren
sowujak suwum ukusyzlykdan ýaňa lagşap duran göwräme gurp berdi. Birhili
düşünjäm artan ýaly boldum.
Dolanyp gelenimde režissýor takyr matadan tikilen onçakly uly bolmadyk
ýantorbasyna ýany bilen alyp gelen çalşyrgyçlaryny, üpürjikli, gyralary gyzyl we
sary zolakly ak polotensasyny, diş ýuwulýan enjamlaryny salyşdyryp dur ekeni. Iň
soňunda «şypbygynam» paketa saldy-da, ýantorbasyna dykdy. Arassaja ak
köýnegiň ýakasyny galdyryp, dakynjak bolup durka, içinden gyýaklaýyn ak
zolaklar geçýän ýerligi gök, ullakan, ýüpek galstugyna gara çynym bilen gözümiň
gidendigi şu günki ýaly ýadyma düşýä.
Ol umuman, geýinmäni gowy görýän, başarýan, sypaýy kişi. Atasyndan
geçen bolsa gerek howlukman, saýhally, pessaý gürleýär. Zerur bolmasa-ha
gürlänogam. Bir zat sorasaňam ýüzüňe seredýä-de ýylgyrýa oňaýýa. Şo-da onuň
dogabitdi salyhatly keşbine ýumşaklyk röwüşini çaýýar.
Sähelçe wagtdan öýümize barjakdygymyzy bahanalap, hakykatda welin
uçursyz ýadawdygymyz, şeýle-de wagtymyzyň çäklidigi üçin, iki günüň içinde
mazaly garalandygyna garamazdan ikimizem sakgalymyzy syrmadyk.
Oňa çenlem jahan mazaly ýagtyldy. Biribar öz bendelerine ýene-de bir
ajaýyp güni bagyş etdi.
Penjireden tylla tasyň bir erňegi görnendenem daşardan maşynyň zogy
eşidildi.
Diýmek, agşam söz berşi ýaly, Joraguly maşynyny yzymyzdan iberipdir.
Ýöne, agşam Sadabam özüni oýarmagymyzy haýyş edipdi. Şyh Mustapa
şoňa gitdi. Ep-esli eglenibem gaýdyp geldi.
«Öwhüldäp» demini aldy.
― Al-aýt, ýaş çaga-da beýle ukuçyl bolar ekeni-aý...
Ýagdaýyny bilýän bolsa «jaňly sagat» göteräýmeli eken-ä...
Bolsa-da gözlerini açalak-ýumalak edip, ol gyzam myhmanhanadan biziň
bilen deňine-hä çykdy. Oňa gözi düşenden buýra gara saçly, orta boýly, aýagy
göm-gök jinsi balakly, gögümtil gülli köýkeli ýigrimi bäş ýaşlaryndaky sürüji ýigit
kabinadan atylyp çykdy-da, ylgap gelip, süýrekläp gelýän ullakan, tigirli
çemedanyny elinden aldy. Gapagyny açyp, yzyndaky ýükseçine saldy. «Gabaraň
şü, zadyň şü, şular ýaly ullakan çemodan nämäňe gerek» diýýän ýaly, Sadaba
seredip birgeňsi ýylgyrdy. O-da ýylgyrdy. Bu goşa ýylgyryş sabanyň sergin
çagynda Şyh Mustapa ikimiziňem köňlümizi hoş etdi.
Bar ýükümiz ýeňiljek ýantorbadan ybarat bolansoň Sadaby öňe mündürip,
özümiz yzky oturgyçda ornaşdyk.
Ugradyk.
Uçargähe çenli ýol uzak däl. Şäherden çykanja ýeriň.
Şyh Mustapa welin, şol aralykda-da ýadyna düşdüginden agşamky
gürrüňiniň galan-gaçan oýtagrak ýerlerini doldurmak bilen boldy.
144
― Ýadyňa düşýämi, müň dokuz ýüz altmyş dokuz bilen ýetmişiň sepgidi
gaty sowuk geldi ― diýip, ol uçargähe çenli bolan aralygy gözi bilen ölçemekçi
bolýan ýaly öňe seredip oturşyna aýtdy.
― Hüm-m...
― Men ana, şol gyş öýlendim. Özümem ol wagt eýýäm Moskwany gutaryp
gelip, kinostudiýada işläp ýördüm. Meniň toýumy görmekligi köpden bäri arzuw
edip ýörensoň, gatyrak begendimi, nämemi, atam şonda ýukarak eşikli daş çykyp,
içeri girip erbet sowuklady. «Possunyňy egniňe ataý» diýseňem etmedi. Toý
sowlandanam «tarpa» ýykyldy. Doktor çagyrjak bolsagam etmedi. «Men musaýyň
eşegi ýalydyryn, guzularym, aňsat-aňsat ýykylýan däldirin, bir ýykylsam galarym
bolmaz. Däri-dermanlaryňyzam peýda etmez. Meňki indi boldy. Ýetmeli
menzilime ýetdim. Düşmeli duralgama geldim. Körpeje agtygymyň toýuny
gördüm. Baýlygymy tabşyrmaly adamlaryma tabşyrdym. Armanym ýok. Dogangaryndaşlaryň dirilikde razylaşjaklary, hoşlaşjaklary bar bolsa habar ediň,
gelibersinler. Men indi şundan turup bakyýa barýan kerwene ýük uraryn. Şoň
bilenem giderin... Hak eýäme gowuşaryn. Amanadymy eline elinjek gowşuraryn...
Allahu akbar...» diýdi.
Diýşi ýalam boldy.
Ýaz çykyp, gapymyzdaky öz eli bilen eken gyrmyzy bägülleri hoşboý ysyny
her ýan saçandanam biziň bilen hemişelik hoşlaşdy. Öňem bir gezek o dünýä gidip
gelen gözler indi müdimilik ýumuldy. Köp muşakgatlyklary gören, ýöne, şolaryň
barysyny özüne baýlyk saýan goja türkmen Hakyň dergähine gadam goýdy...
― Imany hemra bolsun.
Men doga okamadygam bolsam, režissýor ellerini ýüzüne syldy.
― Aýdanyň gelsin... ― Näme üçindigini bilmese-de, Sadabam elini
galdyrdy. Ony görüp sürüjem şeýtdi. Şyh Mustapa sözüni dowam etdirdi. ― Indiki
ýyl gyş men oba baryp, atamyň ömürboýy eý görüp geçen gyrmyzy bägüllerini
çyrpdym we onuň çybyklaryndan alyp, atamyň mazarynyň daşyna oturdyp
çykdym. Meniň bu başlangyjymy dädemdir ― Sünnetem, etrapda sport işlerini
alyp barýan, eýýäm üç çaganyň atasy bolan Hojanazaram, Aşgabatda ýaşaýan
uýalarymyzam goldadylar. Etrapda ýaşaýan dogan-garyndaşlarymyz bolsa, hälişindi habar tutup, suwaryp durmaklyga söz berdiler.
Aýdyşlary ýalam etdiler.
Wagtyň geçmegi bilen bägüller köpeldiler. Ýel-ýagmyryň täsiri bilen,
tohumy saga-sola pytrap, gapdalyndaky mazarlaryňam daş-töweregi gülzarlyga
öwrüldi. Şondan soň olaryňam hossarlary aýagaldyklaryna suw daşaşyp
başlapdyrlar. Birneme daşlykdaky mazarlaryň hossarlaram meniň bägülleri
kesmäne barýan wagtym baldaklaryndan alyp ekdiler. Edil, meniň ekenlerimden
ýaýraýşy ýaly, olaryňkam goňşy mazarlaryň töwereklerine ýaýrady.
Şeýdip gidip baryşlaryna, birnäçe ýylyň içinde bägüller bütin
mazarystanlygy tutdular. Olaryň nireden başlanyp, nirede gutarýandygyny biler
ýaly bolmady.
Gabrystanlyk süýşdigiçe, o-da süýşdi gitdi oturdy.
145
Ol häzirem süýşüp gidip barýa. Bägüllerden ýaňa ýekeje guburam görnenok.
Näbelet adamlar-a asla oňa öwlüýädirem öýdenoklar. Belet adamlar bolsa buýsanç
bilen: «Mämmet şyhyň bägülleri» diýýäler...»
Sürüjiniň şelaýynlyk hem çekinjeňlik bilen, özüne käte bir oklap goýberýän
sözlerine kän bir ünsem bermän, çep gulagyny režissýora tarap tutup oturan
Sadabyň megerem ol gürrüňlere ýüregi gozganan bolsa gerek, ilk-ä garaja gözlerini
balkyldadyp otagynyň alynky aýnasyna düşýän keşbimize bakdy, soňam çalarak
gaňryldy-da, delmuryp režissýoryň ýüzüne seretdi. Şonda men onuň gözlerinde ýaş
gördüm. Şol ýaşyň bir damjasy çepiksije, ak ýüzli, owadan gyzyň gyrmyzy gülüň
ýapragyna meňzeş gülgün meňziniň üstünden ýol ýasap, elwan reňkli ýuka
dodajyklarynyň gyrasy birle togarlanyp gaýtdy-da, etegine damdy. Gyz «zybyrt»
etdirdip goňur reňkli, gaýyş elbukjasynyň syrmasyny açdy-da, akja ýaglygyny
çykaryp, göz owasyndan ýaňy bir çogup ugran gözýaşlaryň täze bir tapgyryny
entek al ýaňak üzre gaýdaýmankalar sylyp goýberdi.
O ýüzüne seret:
...Ine-de uçargäh. Henizem Sadaba bakyp, tamakinçilik bilen ýyljyraklap
duran sürüji bilen gadyrly hoşlaşyp, binanyň içine girdik. El goşlarymyzy
barlagdan geçirip ýükçülere tabşyranymyzdan soň, köp wagt geçmänkä,
uçarmanlaryňka meňzeş gök eşikli, başy somsa papakly, ak ýüzüne ýaraşyp duran
tämiz, her çöşlände örmesi megerem üç-dört günläp iş bolýan gara saçlary çil-çil,
garagözelek, sag ýaňagy kiçijik peşehordalyja mylaýym sözli gelniň ugratmagynda
uçar meýdanyna çykdyk.
Mündük. Baryp ýerli-ýerimizi tapdyk-da, özümizi ýumşak kürsüleriň üstüne
goýberdik. Başymyzy biri-birimiziň egnimize ýaplabam, göz açyp-ýumasy
salymyň içinde gaflata giriftar olduk.
Nädip asmana göterilenimizi, nähili uçup, neneňsi ýere gonanymyzy
bilemzok, bir görsek inçesagt, sesi özündenem inçe, sary saçly, gök gözli ýolbelet
gyz Şyh Mustapa ikimiziňem egnimizden yralap dur. Özem hünji deý akja hem
owadan dişlerini güjeňleýän ýaly näme üçindir giňden ýylgyrýa. Gözjagazlaram
ýanyp dur. Üstündenem şeýle bir ýakymly ys gelýä welin, edil janyňy alyp barýa.
Daş-töweregimize garanjaklasak, uçaryň içinde bizden başga adam
galmandyr. Biz-ä bir uzyn gijäni uklaman geçiren adam welin, Sadabyňky näme
diýsene! Dodajyklaryny «müňküldedip» myrlapjyk ýatyşy bu golaýda uky görene
meňzänok.
Onam turuzdyk-da, daş çykdyk. Ýolbelet gyz bilen hoşlaşdyk. Azara
goýandygymyz üçin ötünç soradyk.
Ýöne, hernäçe berk ýatanam bolsak, bir sagatlyk uky Şyh Mustapa ikimiziň
agşamky çeken şöwrümiziň öwezini dolardan kän kemter geldi. Doýurmakdan
geçen, gaýtam ukymyza garjaşdyrdy. Öjükdirdi. Öňküdenem beter ýadawlyk
basdy. Çaltrak öýe ýetip, düşege ýüzüleýin süýnmeklige bolan höwesimizi
güýçlendirdi.
Şeýle-de bolsa, uçar bilen bina aralygyndaky geçen sähelçe ýolumyza
ýüzümize uran sergin şemal göwrämize az-kem gurp berdi.
146
Üç tirkeşik bolup barşymyza binanyň içine girdik. Biziň-ä bar goşumyz
ýanymyzdady welin, içinde näme baryny Hudaý bilsin Sadabyň hälki sürüji ýigidi
ýylgyrmaga mejbur eden iki tigirli, ullakan çemodanyny almaga kömekleşmek
üçin azajyk garaşmaly bolduk. Ol işimizdenem dynanymyzdan soň binanyň
öňündäki meýdança çykyp, taksi duralgasyna bardyk.
Trotuarlaryň gyralarynda ösüp oturan dürli gülleriň arasyndan saýlanyp
görünýän gyrmyzy bägüllere gözümiz düşenden, Şyh Mustapa ikimizem biribirimiziň ýüzümize seredip, baş atyşdyk, ýylgyryşdyk.
Sadaby-ha kakasy gelip maşynly alyp gitdi. «Ýüzugra bolsaňyz sizem
taşlaýaýyn» diýen ýaly sözüň dagy üstündenem barmandygy, asla bize tarap
nazaram aýlamandygy, salam-heligem alyşmandygy üçin, biz bilniksizrägem bolsa
Sadabyň kakasyndan gaty gördük.
Sadabyň birenaýyja, akja goljagazlary bolsa, tä gözden ýitýänçäler maşynyň
yzky aýnasyndan bize bakan, birsyhly galgady gitdi oturdy.
Ugrumyzyň bir däldigi sebäpli, Şyh Mustapa ikimiziňem herimiz bir taksa
münmeli bolduk. Şonuň üçinem, agşamky gürrüňçiligiň esasynda men-ä bir kitap
ýazmaklygy, o-da şol kitabyň esasynda film döretmekligi niýetimize düwübem
hoşlaşdyk...
2015ý. Aşgabat
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2074
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Total number of words is 3604
    Total number of unique words is 2179
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2271
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2169
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2212
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2100
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2116
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2078
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2026
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2057
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2181
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2262
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Total number of words is 1835
    Total number of unique words is 1305
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.