Latin

Gyrmyzy bägüller - 08

Total number of words is 3631
Total number of unique words is 2100
30.1 of words are in the 2000 most common words
43.0 of words are in the 5000 most common words
49.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Salgytlarymy töledim. Kontraktlarymy üzdüm. Bu bolsa meni ahyrsoňunda özüne
duşman saýdy. Ilimden-günümden, öýümden, çagalarymdan aýyrdy. Görmedik,
bilmedik jaýlaryma getirdi. Elime palta berdi. Tokaý çapdyrdy. Men oňa-da kaýyl
boldum. Bir galan zadym ― dini-imanymdy. Biribara bolan yhlasymdy. Bäş wagt
namazymdy, ygtykatymdy. Indi şondanam mahrum etjek bolsalar, men näme üçin
bulara gulluk edeýin?» diýip, bir gün Gurt aganyň ýanynda aglapdyr.
Sesini çykarman ýören adamyň birdenkä şolar ýaly töňňeli geplemegi hatda
oňa çagalygyndan bäri belet bolan Gurt aganam geň galdyrypdyr. Ol atamyň iňňän
hatarly ýola ugur alyp ugrandygyny aňyp, oňa tüýs ýürekden töwella edipdir. «Ot
bilen oýun etme, Mämmet! Bu wagt erk köp. Güýç ondanam köp. Özüň bilýäň,
adamda bolsa baha ýok. Iň bärkisi çüýrük kartoşka daňarlar, aç ölersiň!
«Izolýatora» salyp aşagyňa-da suw goýbererler ― doňup ölersiň. «Gaçjak boldy»
diýip, atarlar ― maslygyňam tapylmaz. Sen gowusy şu wagt janyňy halas etjek
71
bol. Amanadyňy gora. Goramasaň eýesi halamaz. Namazyňy sag-aman öýe
baraňsoň okaber, näçe okasaň».
Atam diňläpdir-de: «Dogry aýdýaň, Gurt» diýipdir. Namazyma degmeseler
men iki däl, ýekeje doň kartoşka-da kaýyl bolaryn. Işe-de çykaryn. Ygrarymdan
dänderjek bolsalar welin, janymy alsalaram boýun bolman. Okamamy goýman.
Imansyz ömri başyma ýapaýynmy? Gaýtam, Hudaýyň huzuryna näçe çalt barsam,
şonça-da şat bolaryn. Hak eýäme gowşaryn. Amanadymy gowşuraryn. Dünýäniň
azabyndan dynaryn...» diýipdir.
Şol sözlerden soň Gurt aga oňa näme diýjegini bilmändir.
20.
Atam işe çykmasyny ymykly goýupdyr. Şeýdibem Baçinskiý ikisiniň
arasyndaky telim ýyllara çekjek göreş, başa-baş söweş başlanypdyr.
Dogry, Gurt aganyň aýdyşy ýaly şol wagt bir bendini öldürmek naçalnig-ä
däl, hatda konwoý üçinem hiç zat ekeni. Ýöne, Baçinskiniň maksady atamy
öldürmek däl-de, öz aýdyşy ýaly terbiýelemek. Özüniň demir düzgüni, pikirpaýhasy bilen atam ýaly adamlary ýola salmak. Gelesi gelmeýän adamlaram öz
usullary arkaly mugyra getirmek. Döwmek däl-de, egmek! Özüniň islendik adamy
ýola salyp bilýändigini beýlekilere göz edip görkezmek.
Atamyň welin o zatlardan habaram ýok. Aňyrsynda: «Menem şunuň bilen
gidişeýin-le, kimiň-kimi egýänini, kimiň-kimi döwýänini görkezeýin-le» diýen
höçjetem ýok. Ol bir zady bilýär. Ölmeli welin ygtykatyňdan dänmeli däl. Ýekeje
günem bolsa Hakyň dergähine baranyňda ýüzüň gyzmaz ýaly ýaşamaly. Özüniň
ýatmazyndan öň edýän gündelik dileginde aýdyşy ýaly: yslam bilen ötmeli, iman
bilen gitmeli.
***
Aradaky gürrüňçilikden soň Nazarowyň öz ýalňyşyna düşünip namazyny
taşlanyndan, işe ymykly ýapyşyp işeňňirlik görkezenden geçen, gaýtam arkan
gaýşandygyny eşidip, Baçinskiý atam babatdaky ilkinji çärelerini lageriň içki
tertip-düzgünlerine laýyklykda: «Sebäpsiz ýere işe çykmandygy üçin» diýen
kesgitleme bilen ony gün içinde iki sany sowuk uran, doň hem çüýrük kartoşka
daňmakdan başlapdyr. Egerde düzelmese, onda jeza çäreleriniň günäsine görä,
üýtgediljekdigini we has ýowuzlaşdyryljakdygyny Saşok ýaly konwoýlaryň üsti
bilen atama ýetiripdir.
Özi welin aňyrsy üç günden bendi Mämmet Nazarowyň süýegini süýräp öz
ýanyna geljekdigine, «Graždanin naçalnik men halys aç öldüm. Hudaýdanam
bizar, yslamdanam. Ýekeje gezek garnymy gyzgyn nahardan doýursaňyz işe-de
gideýin, namazymam taşlaýyn» diýer, ýalbarar, aýagyna ýykylar öýdüpdir.
Şol tamakinçiligi bilen ilki üç gün, soň bäş gün, on gün, ýarym aý
garaşypdyr, emma goja türkmen gaýtmyşym edip gelmändir.
72
Şol döwrüň içinde barak naçalnikleri ― şolaram rota komandirleri ―
dnewalnylar, käbir komandirler tarapyndan Nazarowyň barakda ýeke bir işsiz
oturman, eýsem her günde näçe gezek, emin-erkin namazam okaýandygy baradaky
habarlar hem Baçinskä birsyhly gowşup durupdyr.
Bu, henize çenli sözi ýere gaçmaýan naçalnigi gazap atyna atlandyrypdyr.
Haýsydyr bir nadan, keçe telpek türkmen bilen indi ikinji gezek goşmaça
gürrüňçilik geçirmäge-de bolsa namys edipdir-de, atamy sowuk gyş gijeleri daşary
çykaryp içki eşiginde aýakýalaňaç üç sagat saklamaklygy, aýaza gernemekligi
konwoýlara buýrupdyr.
Ýene-de onuň ejizlärine, hut ertiriň özünde ýanyna gelip «aman» dilärine,
«Gel, başlyk, bu oýny goýaly, men basyldym, sen zor çykdyň» diýerine
garaşypdyr. «Bu lager kimleriň bilini bükmändi. Kimleri ýola salmandy. Senem
salar, bendi Nazarow» diýip, içini gepledipdir.
Ýöne, ol bu gezegem ondan, onda-da konwoýlaryň üsti bilen: «Allahuakbardan» başga hiç zat eşitmändir.
...Bir günem Gurt aga dagy agşamlyk işden gaýdyp gelenlerinde barak
naçalnigi, çepikçije, jüýkburun, göm-gök gözleri çüýşe ýaly ýaldyrap, içiňden
geçip barýan, diýseň iňre Iwan Iňkow bendileri baraga-da salman, nahara-da
ibermän daşarda nyzama durzupdyr-da: «Ertir dynç güni. Emma işe çykarsyňyz.
Sebäbi, şu gün bendi Mämmet Nazarow gaçmaga synanyşdy» diýipdir.
Bu-da Baçinskiniň atama gaýybanasyndan wada beren jeza çäreleriniň biri
ekeni.
Çünki, onuň öz hasabyna görä bendiler ýaňky buýrugy eşidip: «Sen zerarly
biz dynç günümizden mahrum bolduk» diýşip, atamyň üstüne dyzamaly,
ýigrenmeli, urupmy-sögüpmi ýa başga bir emel bilenmi, isleseler güýlüp ýa halta
salyp arkalaryna alyp gitsinler welin, atamy işe çykar ýaly etmeli ekenler.
Bu köplenç köpler babatda şeýle bolýanam ekeni. Garaşylýan netije
çykýanam ekeni. Ýöne, öz ygtykatyna yhlasynyň şeýle güýçlüdigi üçin, Hudaýyň
hakyky guludygyna göz ýetirendikleri üçin, şol çaka çenli bendilerde atama bolan
hormat döräpdir. Ony hatda «awtoritet» derejesine çenli sylap başlapdyrlar.
«Gaçmak» barada aýdylanda bolsa ony simden çykaryp: «Bar, gidiber» diýip,
goýbereniňde-de hiç ýana gitmejekdigine, gaýtam yzyna goýberilmegine haýyş
etjekdigine olaryň barysy ynanýan ekeni.
Şonuň üçinem olar barak naçalnigini geňler galdyryp: «Zyýany ýok,
çykmaly bolsa çykaýarys...» diýipdirler.
Iňkow muny bir konwoýyň üsti bilen bada-bat Baçinskä ýetiripdir.
Baçinskiý bendileriň bu hereketlerini atama raýdaşlyk etdikleri diýip
düşünipdir we olaryň özlerinem jezalandyrmaklygy ýüregine düwüpdir. Şonuň
üçinem ol Iňkowa: «Şolaryň hemmesini uzynly gije daşarda saklamaly» diýen
görkezme iberipdir.
Görkezme ýerine ýetirilipdir.
Olaryň käbirleri hem ýadaw, hem aç-suwsuz bolansoňlar halys çydaman
«güpür-tapyr» ýykylýan ekenler. Dik duran ýerlerinde biri-birlerine söýenişip,
uklap duranlaryň-a hetdi-hasaby ýok diýýä. Konwoýlar bolsa aýlanyşyp
73
ýörüşlerine tüpeňleriniň ujy bilen böwürlerine dürtgüleşip olary ýeke-ýeke oýarýan
ekenler, ýykylanlary ýerlerinden turmaga mejbur edýän ekenler.
Arasynda Iňkow gelip olara: «Görýäňizmi, siz-ä şeýdip görgi baryny görüp
dursuňyz, Nazarowyň özi bolsa barakda hezil edip, hor çekip ýatyr» diýýän ekeni.
Atamyň özem ýoldaşlarynyň özi üçin şeýdip durandyklaryna dözmän, üç
gezek dagy gelip olara goşulypdyr. Ýöne, üçüsinde-de konwoýlar ony yzyna eltip
gaýdypdyrlar we daş çykarmazlyklaryny dnewalnylara tabşyrypdyrlar.
Şol äm-sämlikleri bilenem, ertesi bendileri işe alyp gidipdirler. Ýöne baryp
hiç biriniňem işläp ugurlary bolmandyr. Öňi bilenem ot ýakyp, gezek-gezegine
konwoýlaryň özleri uklapdyrlar.
Şol wakany bütin lager bolup, Baçinskiniň ençeme wagt bäri atam bilen alyp
barýan kümsük hem namart göreşiniň dowamyndaky ýüz beren nobatdaky
ýeňlişleriniň biri hasap edipdirler.
Baçinskiý bolsa şondan soň dürli bahanalar bilen atamy «izolýatora», käte
bolsa ondanam ýowuz şertli «karsere» dykdyrypdyr. Öňküje berýän çüýrük
kartoşkasyndanam kesip, şol ýerde atamy hepdeläp aç-suwsuz saklapdyrlar.
Ozaldanam buz ýaly bolup duran beton düşege «şagladyp-şagladyp» suw
guýupdyrlar. Hatda dyzyny eper ýaly ýekeje oturgyjam goýaýmandyrlar. Birnäçe
gün dik duranyndan soň atam essi aýylyp, suwuň içine ýykylypdyr. «Şalp-şulp»
edip, ýene-de assa-ýuwaş ýerinden galypdyr-da, diwardan ýapyşyp durşuna
pyşyrdap diýen ýaly namazyny okapdyr. Käte bolsa diwardan ýapyşyp durmaga-da
rogwaty bolman, namazyny suwuň içine çöküp oturan ýerinde okapdyr. Şonda,
maňlaýyny ýere goýmaly bolanda, tutuş kellesi suwa çümýän ekeni. Ýöne, barybir:
«Men-ä seň ugruňda şeýdip ýörün, sen bolsaň meni beýdip ýörsüň» diýip, Hudaýa
nalyş etmändir.
Her gezek ony «izalýatora» ýa «karsere» iberenlerinde bendiler: «Şu gezeg-ä
goja türkmen şo ýerden gaýdyp gelmäýse gerek, ol halys ysgyndan gaçdy» diýýän
ekenler. Ol bolsa möhleti dolan güni: «Allahu-akbar...» diýip, gapydan giräýýän
ekeni.
Onuň bu erjelligi Baçinskini sözüň doly manysynda dälilik hetdine
ýetiripdir. «Hatda suwuň içinde-de okamasyny goýanok» diýenlerini eşidib-ä
ellerini «daldaladyp» iki-baka zowzullaberipdir. Aslynda onuň adam
çagasydygyna-da ynanmajak bolupdyr. «Ýok! Beýle zat bolup bilmez. Men indi
onuň üçin ölmez-gülmez bir jeza oýlap tapmasam bolmaz» diýip, hiç kim ýok
wagty, özünden-özi «wysyr-wysyr» edipdir.
21.
Täze jeza çäresi hökmünde atamyň garşysyna Baçinskiý «blatnoýlary»
ulanmaklygy ýüregine düwüpdir.
«Blatnoýlar atamy uzak garaşdyrmandyrlar.
«Bendiler ir bilen işe gidenlerinden soň, Baçinskiden görkezme alan
«blatnoýlardan» atamyň özi ýaly çepiksije, girdenejik, ýöne, öz göwresine erk edip
bilýän biri gelipdir-de, hiç zat ýok ýerden yrsarap, üstünden gülüp, urup-sögüp,
74
atama azar berip başlapdyr. Wagty bilenem gitmändir. Namaza oturypdyram welin
maňlaýyny ýere goýanda syrtyna depipdir, turjak bolanda itipdir, ýykypdyr, iki
çignine bakyp «Rahmatulla salam berende» bolsa: «Na tebe Rahmatulla...» diýip
ujydyny görkezipdir. Garaz, gün bermändir. Atam onuň uranyndan, sögenindenem
beter, şonsuny ýokuş görüpdir. Her gezek namazy bozulanda «blatnoýa» garap:
Inim, «Hak diýene «hok» diýme» diýipdirler. Bilip edýänem bolsaň goý şu günä
işiňi. Sen maňa dä, Hudaýa taýak atýaň» diýipdir-de, takatyna täzeden başlapdyr.
Blatnoý: «Na tebe Hudaý!..» diýip, üstüne topulanyndanam, tokaý çapyp ýörkä
konwoýlara aldyranyna derek köneje, ýöne, arassaja matadan tutunan
namazlygyny bagryna basyp, naralaryň arasy bilen gaggalaklap ýörşüne megerem,
urma diýdigi bolsa gerek: «Hit, hit!.. Nylja, nylja!.. Men byradar, sen byradar!..
Tanymaýym, papymaýym... Ny beýit, ny beýit!..» Beýit, ýaman boýut!..» diýip,
girdenege ýalbarypdyr. Zoraýakdan dyrmaşyp narysyna münüpdir. Şondan soň,
birneme jany ara girendir-dä, henizem aşakda durup özüne haýbat atýan girdenege
tarap öňküsine görä indi birneme batyrgaýlyk bilen: «Çöwe-çöwe nyznaýym!
Maýa ― twaýa ny manipaýyt... Gurt geldi, merk berdi...» diýip haýbat atypdyr.
Agzynyň ýetişibildigindenem Hudaýy çagyrypdyr.
Ahyram girdenegiň özi ýadap özi gidipdir.
«Gurt gelse aýdaryn» diýip, hernäçe nadaralyk edenem bolsa, agşamlyk
işden gelende atam Gurt aga hiç zat aýtmandyr.
Girdenek welin gelmesini kesmändir. Gün-gündenem ýowuzlaşypdyr. Hiç
hili garaw görmänsoň, atamyň üstüne barha beter sürnüpdir.
Ahyram suw seňrikden agypdyr.
...Şol gün Gurt aga işden gelende, atam öz narasynyň üstünde gara gana
bulaşyp ýatyr ekeni. Atamyň öz-ä şonda-da aýtjak däl ekeni welin, şol gün
ýaraman işden galan we bolan wakany gözi bilen gören bir bendi agzyndan
sypdyraýypdyr.
Onuň: «Menden eşidendigiňi agzyňyzdan sypdyraýmaweriň» diýip,
aýtmagyna görä, öýlänaralar, namaza duran wagty, şol girdenejik «blatnoý» ýene
gelipdir-de, atamyň çat maňlaýyna geçip öňküje oýunlaryna başlapdyr. Atam ilk-ä
adatça şolar ýaly edilişi ýaly birküç ýola damaryny kakypdyr, eli bilenem yşarat
edipdir. Onda-da bolmansoň namazyny bozupdyr-da: «Aýryl öňümden» diýipdir.
Girdenek it ýylgyryşyny edip gelipdir-de, ýumrugy bilen çat maňlaýyna
«malçyldadyp» bir ýelmäpdir welin, atam pahyr gollaryny galgadyp, çiňarkan
gaýdyberipdir. Ýeňsesi naralaryň aýaklaryna degip, çüwdesi deşilipdir. Göwresi
gana boýalypdyr. Dem-düýt ýok, arkan düşüp ýatyrmyşyn. Esli wagtlab-a
gymyldabam bilmändir. Şaýat bolan pyýada-da golaýyna barybilenokmyşyn.
Sebäbi, «blatnoý» başda oňa-da: «Goşulsaň öldürin» diýipdir. Bir haýukdan soň
atam özüne gelipdir. «Yraň-daraň» ýerinden turupdyr. Görse, girdenek onuň
namazlygyny hem-ä ýyrtýa, hemem, ýyrtanjasyny ýetişibildiginden depgileýä,
tüýkürýä, sümgürinýä, syrtyny süpürýä, üstesine-de özüniň şol betgelşik
hereketlerinden lezzet alýan ýaly «ha-ha-haýlap» gülýä diýýä.
Tüýs: «Gorkagy kowsaň batyr bor» diýenleri bolupdyr. Girdenegiň şol bolup
durşuny görüp, atam iki tarapynam deňlän borly, ilk-ä uruşjak horaz ýaly eglip,
75
şoňa tarap «hüžžerilipdir» soňam ganatlaryny galgadyp özüni «blatnoýyň» üstüne
zyňypdyr. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde mekgesine münäge-de, sag taý
gulagyndan agyz urupdyr. «Blatnoý» özüni «lägirip» arkan taşlanda atamam onuň
egni aşyry togalanyp honda düşüpdir. Aýak üstüne galan wagtam şu zatlary gürrüň
berýän bendi onuň agzyndaky iki barmak ýalyjak çaňjaryp duran et bölejiginiň
gulak bolaýmagynyň ahmaldygyny güman edipdir.
Tötänden gabat gelipdirlermi ýa öň bile gelip, ätiýaçdan garaşyp durlar
ekenimi, garaz, girdenegiň iniňi düýrükdiriji sesinden soň baragyň gapysy «jarka»
açylypdyr-da, özi ýalylaryň ýene iki sanysy kürsäp içeri giripdir.
Olar bir-ä agzy ýarty gulakly atama, birem gulagynyň ýarysyndan dynan
«girdenege» tarap aňkarylyp kän durupdyrlar. Olary esasy geň galdyran zat:
garaşmaýan adamlaryndan beýle garşylygyň çykandygy bolmaly. Çünki olaryň
düşünişlerine görä: «Goja türkmen ruhy taýdan güýçli. Ol Hudaýa bil baglap,
islendik süteme döz gelip bilýä, çydamly, ýöne, beden taýdan ejiz. Hiç kime hüjüm
edip ýa goranyp bilenok».
Şonuň üçinem onuň bu görkezen gahrymançylygyny olar näme bilen
düşündirjeklerini, nähili düşünjeklerini bilmändirler, asla gözleriniň görýänine
ynanmandyrlar.
Haçan-da özlerine gelenlerinden soň welin, iňňän çalt hereket edipdirler.
Bir-ä ur-tut goltugyndan giripdir-de, lazaretemi ýa öz baraklarynamy, henizem
alagalmagal bolup barýan ýartygulagy alyp gidipdir, beýleki, oňa görä daýawrak
birem galypdyr-da, tä göwün solpusyndan çykýança atamy ýenjipdir. Aňyrsyndan
gaty arkaýyn bolmaly-da, şü öler-ow, melamat bolar-ow, diýip dagy pikirem
edenok diýýä. Halys usurgap, hereketden galansoň, henizem agzynda saklap duran
gulagy atamyň agzyndan çekip alypdyr-da, elýaglygyna orap jübüsine salypdyr.
Gapydan çykjak wagtam şaýat bolana tarap barmagyny çommaldyp: «Demiň
çykaýmasyn» diýipdir. Çykardygyň damagyňy çalaryn, diýen manyda, aýasyny
bokurdagyna keseleýin süýkäpdir. Şaýat düşünendigini aňlatmak üçin başyny
atypdyr, birki gezek gorkuly gözlerini açyp ýumupdyr.
Bu gürrüňleri eşidenden, atamyň bolup ýatyşyny görenden soň, Gurt aga
naharynam iýmän, «blatnoýlaryň» üstüne ugramakçy bolupdyr.
Ýöne, atamy edil o durşuna taşlap gitmeklige-de dözmändir. Iň bolmanda
ýüz-gözüni ýuwuşdyryp, ady bar-da özi ýok lazarete eltip, bolşuna görä derman
çaldyrmagy, sargy etdirmegi makul bilipdir.
Ýöne Gurt aga lazarete gitmeli bolmandyr.
Onçakly wakadan soň Gurt aganyň gol owşuryp oturmajakdygyny aňan
bolsalar gerek, gündizkileriň üçüsem, «gorkan-öňürder» edip gaýdypdyrlar-da,
Gurt aga ýaňy bir atamyň ýüzüni ýuwup bolandan, «güpürdeşip» gapydan
giripdirler. Ýartygulagyň boýny, ýüzüniň ýarysy bilen saralgy ekeni.
Gurt aga adatça bolşy ýaly öňürti birki agyz gürleşiler, düşünişmäge
synanyşylar, öýdüpdir.
Emma ýaňky atamy ýenjip giden, beýlekilere görä birneme daýawrak
pyýada gelşi ýaly sen-men ýok, Gurt aganyň ýüzi kessir ýelmäpdir. Ýartygulagy
süýrekläp äkidenem entek aýňalyp ýetişmänkä, ujuna ýumruk ýaly gurşun guýlan
76
gol boýy trosy Gurt aganyň süýr depesinden salypdyr. Onuň ellerini öňe gerip,
entirekläp barýanyny görübem, äý indi bi ýykylar, galmaz, diýendirler-dä, üçüsi üç
ýerden, hiç zada goşulman, narasynyň üstünde bir düýrmek bolup ýatan atamyň
üstüne çozupdyrlar.
Bolsa-da, Gurt aga basym özüni dürsäpdir. Hatda doly ýykylybam
ýetişmändir. «Hyk-çok aýak üstüne galypdyr-da, «yraň-daraň» edip, halas etmek
üçin atama tarap ugrapdyr. Barşy ýalam atamy naradan düşürmek üçin, o ýerinden,
bu ýerinden çekeläp duran, ýartygulagyň boýnundan penjeläge-de bir tarapa pyzyp
goýberipdir. Beýleki ikisinem şeýdipdir. Ýöne, olar zyňlan «jyk-jyk» ýaly
ýörmeleşip gelip, ýene-de ýapyşypdyrlar.
Şol tutluşyk barada gürrüň edende Gurt aga: «Men elbetde urşa olar ýaly
ökde däldim, tärlerini bilemokdym, ýöne, olary meniň göwräm eýmendirýärdi,
gara güýjüm, ýüz-gözüm sustlaryny basýardy. Birem demir-semir ýa ýaňky ýaly
tros, gurşun bilen uraýmasalar ýa-da gaty bir jaýdar degäýmese ýönekeý urgulary,
depgileri dagy täsirem edenokdy» diýýärdi.
Şonuň üçinem ol üstüne ikinji gezek çozanlarynda bir eli bilen troslynyň
ýakasyndan tutaga-da, dik ýokary galdyrypdyr, beýleki eli bilenem burnuna
malçyldadypdyr. Trosyny elinden gaňryp alyp: «Häýt, häzir bol, Gurt, birden
biriniň bäbenegini çykaraýma» diýip, eýýäm «baltnoýlary» goraglap oturan
atamyň eline tutdurypdyr. O-da ony «hasyr-husur» düşeginiň aşagyna dykypdyr.
Beýleki ikisem gelip ýapyşjak bolupdyrlar welin, Gurt aga çaga wagty
dädesi pahyryň öwreden emelini edip, agyr ädikli aýagy bilen injigine r-ras bir
depipdir, beýleki burnunyň hoňkaryp duran deşikleriniň hersine bir barmagyny
sokaga-da, şatyrdadyp bir gaňrypdyr, bir taýyny ýüzüniň ugruna ýirendigini dagy
Gurt aga birbada bilmändirem. Hem gündizki, hem şol waka şaýat bolan kişiniň
aýtmagyna görä, burny ýirileniň gykylygy «Ýartygulagyňkydan» dagam kän esse
aýylganç çykypdyr.
Birdenem «blatnoýlar» köpelipdirler. Ýöne, olaryň yzysüre bendileriň ählisi
tarapyndan sylanýan, edil atam ýaly hudaýhon, kawkaz taraplardandygy
daşyndanam bildirip duran ýaşulam yzyna birtopar bendileri tirkäp, gapydan
giripdir. «Olary kim çagyrdy, nädip geldiler, näme üçin geldiler, bilemok, ýöne,
şolar gelmedik bolsalar Mämmet ikimiziň şol gezek nähili ýagdaýa düşjek
ekendigimizi çak etmegem kyn» diýip, Gurt aga şol gezek gürrüň berip oturyşyna
uludan demini aldy.
Şol ýaşulynyň gapydan ätleýşi ýaly ýekeje gezek: «Duruň!.. diýmegi bilen,
Gurt aganyň üstüne penjelerini ýaýyşyp, aç börüler kimin dişlerini
«şakgyldadyşyp» gelýän «blatnoýlaryň» barysy birden togtapdyrlar.
Şondan soň ol ýaşuly «blatnoýlara»: «Baryň, baryňyz gaýdyň, bize bular
bilen gürleşmek gerek ― diýipdir. ― Siziň bilen bolsa soň düşünişeris».
Beýlekiler-ä ýüzlerini sallaşyp çykalga tarap ýönelişipdirler welin,
ýartygulagyň: «Duruň bakaly! Gulagyma derek men siziň taşagyňyzy gopararyn.
Ýumurtgaňyzy sogrup özüňize iýdireris. Sçitaýte çto wy trup!» diýip, heňkirýän
sesi esli wagtdan soňam eşidilip durupdyr.
77
Onuňam sesi ýitenden soň nätanyş ýaşuly Gurt aga ýüzlenip: «Halyňyzdan
habarym bar ― ol atama tarap nazar aýlapdyr. ― Bu ýaşulynyňam barýan ýoly
dogry, ýöne ýeke, duşmany bolsa güýçli. Olarda emel kän, çünki, arkalarynda
hökümet dur. Hökümet bolsa Hudaýam halanok, Ony halaýanlaram halanok. ―
Ýaşuly atama golaýlap, indi onuň özüne maslahat beripdir. ― Şonuň üçinem häzir
bol. Gönümel garşylaryna gitme».
Atamdan-a ses çykmandyr welin, ýene-de Gurt aga geplemeli bolupdyr.
«Wah, dogry aýdýaňyz, ýaşuly. Ýöne, biziň munymyz «göni» näme, «gyşyk»
näme saýgarybilenok. Saýgarjagam bolanok. Tä maňlaýy diwara degýänçä gitmeli.
Öňünden gara telär çyksa sowulmaly däl. Şonuň üçinem, görşüňiz ýaly, güni bir
bolsa görýän hupbaty, ýuwudan hunabasy kän.
Ýaşuly uludan demini alyp, ýerinden turupdyr: «Ýeri bolýa. O hakda-da
gürleşeris, düşünişeris. Ýöne, her hili ýagdaý bolanda-da özbaşdak hereket etmejek
boluň. Biziň bilen maslahatlaşyň. Meni KWÇ-den tapyp bilersiňiz. Umumanam, ol
ýere gatnasaňyz-a biz hasam ýygy-ýygydan duşuşyp durarys ― diýipdir. Ugrajak
wagtam: «Ýeri, bolýa. Ýaňkylar bilen-ä men özüm gürleşerin. Soň üýşüp,
bilelikde-de çözlüşeris. Beýdip ýörmek bolmaz. Baryňyz-ýogyňyz-a iki adam,
biriňizem juda ejiz. Ähli galmagalam şoň üstünde...».
Gurt aganyň aýtmagyna görä, şol ýaşuly söze başlaly bäri, atam özüni diýseň
geň alyp barypdyr. Halynyň harapdygyna garamazdan, «iňňildisinem» goýup, oňa
tarap golaý-golaý süýşüpdir. Jaýyň içi bolsa-da, gözleriniň üstüne kölegeledip oňa
içgin-içgin seredipdir. Gaýra gaýşyp, öňe omzap öwran-öwran synlapdyr. Aşak
bakyp, gulaklaryny gerip sesinem diňläpdir. Bir zat diýmekçi bolýan ýaly,
arasynda oňa tarap telim gezek dagy ümzük atypdyr. «Beh diýip, birnäçe gezek
başyny ýaýkapdyr.
Atamyň özüni beýle bisereşgen alyp barşyny myhman ýaşulam aňypdyr.
Arasynda o-da onuň ýüzüne bakyp bir zatlar diýjek ýaly, sorajak ýaly edipdir-de,
ýene-de sözüni dowam etdiriberipdir. Ýöne, ol ýerinden turup gidiberjek bolanda
welin, atam hassa jüýje ýaly oňa tarap boýnuny süýndüripdir-de, ysgynsyz ses
bilen: «Redi-i-ş... bi senmi-äý...» diýipdir.
Ýaşuly sakga-saklanypdyr. Em-säm bolup durşuna atamyň ýüzüne çiňerilipçiňerilip seredipdir. Ýöne, ýüzi-gözi gan-gabarçak bolansoň, ony kime
meňzetjegini bilmändir. Ses başga ýerden çykandyr öýdüp, daş-töweregine
garanjaklapdyr. Hatda baragyň içindäki beýleki bendilere tarapam nazaryny
aýlapdyr. Soň eglip atamyň ýüzüne has içgin seredipdir.
Sesimden tanar, diýen umyt bilen bolsa gerek, atam indi ikinji gezek oňa:
«Rediş? Aý, Rediş, sen Rediş gerek?.. ― diýipdir. ― Ho-ol, patyşalyk döwri
darbazlar bilen biziň etraba baran, at üstünde oýunlar görkezen Hüseýnüf Rediş
dämi sen?»
Şu ömrüne bir adamdan başga özüne Rediş diýeniň ýokdugy güpbe ýadyna
düşüpdir-de, Reşit aga gujagyny giňden açaga-da, ýolbarsyňky ýaly ýogyn sesi
bilen: «Mame-ed... ― diýip, bütin baragy sarsdyryp gygyrypdyr. Gujaklapdyr. Soň
aşaky naralaryň biriniň gyrasyna çöküpdir. ― Gör, biz nirelerde duşuşdyk... Beýle
bolar diýip dagy ýadyma-oýuma-da düşenokdy. ― Reşit aga atama nebsagyryjylyk
78
bilen seredipdir. ― Sen neneňsi çakgan, çeýe ýigitdiň, gör, seni nädäýipdirler... nä
günlere salaýypdyrlar... ― Atam bilen doly düşünişmek üçin, ol şo-ol
birwagtkylary ýaly türküçe gepläpdir. ― Sizden gaýdybam biz birnäçe türkmen
etraplarynda bolduk. Soň Aşgabada bardyk. Gyşy şol ýerde geçiribem öz
ýurdumyza gaýtdyk ― diýip, Reşit aga atama aýra düşenlerinden soňky başyndan
geçiren ahwalatlaryny gürrüň bermäge başlapdyr. ― ...Şondan bir ýyl soň
Moskwanyň uly, döwlet sirkleriniň birine çagyrdylar. Kyrk ýaşyma çenli şonda
işledim... Birnäçe gezek daşary ýurtlara gastrola gitdik. Bütin ýewropany
aýlandyk. Ýuwaş okeanyň içi bilen Amerika giden gezeklerimizem boldy. Hemişede seni ýatladym ýördüm. «Biziň bilen gaýdan bolsa uly «sirkaç» bolardy, diýdim.
Dynç alşa çykanymdan iki ýyl soňam rewolýusiýa bolup, häkimiýeti
bolşewikler eýelediler. Ol wagt men eýýäm bir wagtlar terk edip giden obamda
hojalyk işlerim bilen meşgul bolup ýördüm. Öýlenipdim. Ýerjagaz alypdym. Bir
çagam bolup, beýlekisem aýalymyň göwresindedi. Garyndaşlarymdan doganoglan
agamdan başgasy ýogalan ekeni. Men wagtynda atamyň-enemiň patalaryna-da
baryp bilmändim, şonuň üçin birbada agamam, onuň çagalaram, asyl bütin
obamyzam menden gaty görjek boldular. Ýöne, nätjek, «Doganyň-dogana tobasy
bolmaz» diýlişi ýaly, ýene-de özüňki-özüňki bolýa, üýşüp öý-işigem etdiler, ýerem
alyp berdiler, allanäme ýaşabam ýördüm. Özümem Hakyň ýoluna düşüpdim.
Şol ýagdaý tas ýigrimi ýyla golaý dowam etdi. Ilkinjim oguldy, ony
öýlendirdim, soňkym gyz bolup çykdy, onam bu gün-erte äre bererin diýip
ýördüm. Ýaşymam altmyşa ser urdy. Göräýmäge durmuş ýolunyň tanapyny
külterläberipdimem. Ýöne...
Birdenem, tutha-tutluk başlandy. Ilkinjileriň hatarynda çeňňeklerine ilenem
men boldum. Sebäbi, şol jelegaýlarda menden başga dünýäni köp gydyran
ýokdam. Bu bolsa töhmet atmak üçin iň bir gabyl zat. Kimdir biri eýýäm: «Şu
adam ak patyşanyň içalysy. Sowet hökümetini agdaryp, ýerine öňki düzgüni
girizjek bolýan ahmyrçyllaryň biri. Özüniňem Ýewropada, Amerikada görmedik,
barmadyk ýeri ýok, häzirem şol ýerler bilen gatnaşykly. Elmydama bir gözi şol
tarapda...» diýip, üstümden arza ýazmaga ýetişipdir.
Atylýan töhmetleriň çyndygyny, ýalandygyny nädip derňeýändiklerini bolsa
özüň bilýäň.
Şeýdibem on sekiz ýyly boýnuma doňdurdylar. Gelen ýerimem ine şü. Üç
ýyl bäri şu ýerde...» diýipdir.
Reşit aganyň hekaýatyny eşidip, atam bozulypdyr. Hamsygypdyr.
Gezeginde özem başyndan geçiren hadysalaryny ýekän-ýekän aýdyp beripdir.
Soň ol ikisi dünýäni unudyp, birwagtlarky sirkde işlän döwürlerini
ýatlaşypdyrlar. Atam bazygärlerden kimiň ady ýadynda galan bolsa sorapdyr. Şool, eneme meňzeş enaýyja gyzy welin hasam çintgäp-çintgäp sorapdyr. Onuň
soňraky ykbaly bilen gyzyklanypdyr. Çül-çaganyň enesi bolup, bol-elinlikde,
Dagystanyň uly şäherleriniň birinde ýaşaýandygyny eşidip begenipdir.
Goýup gaýdan suratlary üçin bolsa, ine indi, tas kyrk ýyla golaý wagt
geçenden soň minnetdarlyk bildiripdir.
79
Reşit aga Gurt agany tanamandyr. Göz öňüne-de getirip bilmändir. Sebäbi,
ol döwür olar ýekeje gezegem duşuşmandyr. Ýöne, Gurt aganyň welin, ir döwürler
öz etraplaryna şolar ýaly bir tomaşanyň barandygy, atamyňam şolar bilen
«bulaşyp» ýörendigi çalaragam bolsa ýadyna düşýär.
Hoşlaşyp gitjek wagty Reşit aga ýene bir gezek Gurt agadan ýekelikde
hereket etmezligini, hökman özi bilen habarlaşmagyny, maslahatlaşmagyny haýyş
edipdir, islendik wagty, hususanda agşamlyk we dynç günleri özüni KWÇ-den
tapyp biljekdiklerini aýdypdyr.
***
Şol döwrüň lagerlerinde administrasiýa degişli KWÇ, ýagny, «Kulturnowospitatelnaýa çast» diýen klub şekilli bir bölüm bolup, ol bendileri medeni taýdan
terbiýelemekligi göz öňüne tutýar ekeni.
Öň sirkde işländigi üçin, Reşit aganam gelen gününden başlap şoňa müdir
belläpdirler.
Elbetde, şolar ýaly bir tomaşa jaýynyň bardygyndan Gurt aga-da, atamam
habarly ekenler. Asyl bendileriň hemmesem, gelişleri ýaly ondan habardar edilýän
ekeni, ýaňky aýdyşym ýaly ilkinji gezek gepleşik geçirende Baçinskiniň özem
atama aň-düşünjesini artdyrmak üçin şol ýere gatnamaklygyny maslahat beripdir,
ýöne, atamyňk-a düşnükli welin, aý obalardaky okalga ýaly bir zatdyr-da, diýip,
oňa Gurt aga-da gaty bir üns bermändir. Gyzyklanmandyram. Barmandyram.
Ýogsam, ýekeje gezek baraýanam bolsalar, Gurt aga bilen birmahallar gabatlaşjak,
tanyşjak ekenler.
Dogry, Reşit aga-da soňky gelen tapgyryň içinde bir özi ýaly hudaýhon,
ygtykatyna bolan yhlasynyň juda güýçlüdigi, hut şonsy sebäplem köp-köp
hunabalar ýuwudýandygy barada eşidýän ekeni. Ýöne, şol goja türkmeniň köne
tanşy, kärdeşi, Mämmetdigini ol näbilsin. Ýöne, her niçik hem bolsa ol özüne
gulak asýan bendileriň birnäçesi bilen maslahatlaşyp, oňa kömek etmekligi
özleriniň gün tertiplerine goşupdyrlar. Habardar bolup durmaklygy ýüreklerine
düwüpdirler. Atam dagynyň baragyndaky tanyşlaryna: «Şolar bilen baglanyşykly
bir mesele ýüze çyksa, bizi habardar ediň», diýip, tabşyrypdyr. Şol gezegem ýüze
çykan wakany şolardan eşidip gelipdirler.
***
Tanşanlaryndan soň Gurt aga-da, atamam KWÇ-ä, Reşit aganyň ýanyna
gatnap başlapdyrlar.
Reşit aga öz şägirtlerini atam bilen tanyşdyrypdyr. Nirede, haçan, nähili
ýagdaýda tanyşandyklaryny, az wagtlyk hem bolsa bile işleşendiklerini gürrüň
beripdir. «Türkmenlerden ilkinji sirkçi şü... ― diýip, atamyň arkasyna kakypdyr.
Soň Gurt aganyň egnine elini goýupdur. ― Bu bolsa onuň obadaşy. Werneýe ego
telohronitel...».
80
Atamyň ýüz-gözüniň harapdygyny görüp, sopularyň nebsi agyrypdyr.
«Hälem Hudaý gorapdyr» diýşip, başlaryny ýaýkaşypdyrlar.
...Reşit aganyň öz-ä: «Men pylanydyryn» diýmändir welin, Gurt aga ondanmundan eşidip, onuň lager boýunça uly «Awtoritet» saýylýandygyny bilipdir.
Akylly, özüni alyp barşy göreldeli, kada-kanuna ökdeligi, adalatlylygy bilen
tapawutlanýan, özgeleri agzyna bakdyrybilmegi başarýan adama şeý diýilýän
ekeni. Ähli «razborkalaram şol çözýän ekeni. «Blatnoýlaram», «ugolowniklerem»
şonsuz mesele çözüp bilmeýän ekenler. Hatda lageriň naçalniklerem köp halatlarda
ony ykrar etmän bilenoklarmyşyn.
«Pylan ýerde düzgüni bozduňyz, konstitusiýanyň pylan maddasy boýunça
siziňki ýalňyş...» diýip, ol käte Baçinskiniň hut özi bilenem gidişiberýämişin.
Kimde-kim ýokarylara arza ýazjak bolsa-da, şikaýat etjek bolsa-da öňürti hökman
şonuň bilen maslahatlaşmaly ekeni.
Ol dini okuwlara ökdeligi bilenem öňňelerden tapawutlanýan ekeni. Ýeke
bir yslamyň däl, eýsem beýleki dinleriňem esasy kitaplaryny hatm edendigine
görä, islendik diniň wekili bilen düşünişip bilýän ekeni.
Şägirtleriniň hemmesi oňa öz aralarynda «mugallym» diýip ýüzlenýän
ekenler. Olar KWÇ-ä çeper höwesjeňler hökmünde gatnamak bilen, aram-aram,
göz üçin özleriniň konsert programmalary bilen çykyş edýän ekenler.
Dini-ygtykat meselesinde Reşit aganyň özem, şägirtlerem, naçalnikler bilen
iňňän çeýe syýasat alyp barýan ekenler. Göz-görtele namaz okap ýa Hudaýa
mynajat edip, atam ýaly göze-başa düşmeýän ekenler. Ýöne, ybadatlaryny
sypdyrmaýanam ekenler. Ugruny tapyp ähli dini hyzmatlaryny ogrynça,
assyrynlyk bilen ýerine ýetirýän ekenler.
Reşit aga ikiçäk gürrüňçilikde atamdanam şony talap edipdir. «Şeýtmeseň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gyrmyzy bägüller - 09
  • Parts
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2074
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Total number of words is 3604
    Total number of unique words is 2179
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2271
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2169
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2212
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2100
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2116
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2078
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2026
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2057
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2181
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2262
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Total number of words is 1835
    Total number of unique words is 1305
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.