Latin

Gyrmyzy bägüller - 07

Total number of words is 3628
Total number of unique words is 2142
30.3 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
49.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diýäýýän-dä, ullakan bir üýtgän zad-a ýok ekeni welin, ýöne, bir-ä içi iki gat
naraly, öňkä görä birneme ganymadrak, wagon beripdirler. Adam şekilli
aýaklaryny uzadyp ýatmaga, billerini ýazmaga mümkinçilik döräpdir. Netijede
atamyňam ýagdaýy el-hallaşypdyr. Iň bolmanda dik durup namazyny okabilipdir.
Şol zatlary ýatlap otyrka Gurt aga: «Her niçik hem bolsa ýa-ha hiç kim
ýamanlamady, ýa-da ýol üstünde o zatlara kän bir ünsemberlenokmy, tä, barmaly
61
ýerimize barýançak, naçalnikler, konwoýlar tarapyndan Mämmede: «Namaz
okaýaň» diýip, azar beren-ä bolmady. Ýogsam onuň tä, gaýdýança gören jebrijepalarynyň barysy şol zerarly bolup geçdi...» diýdi.
Moskwada ýeke bir wagonlaryny däl, konwoýlarynam çalşypdyrlar.
Üstesine hemmesini hatara durzup: «Ýolda şular size azar berdilermi, zadyňyzy
aldylarmy ýa aljak boldularmy» diýibem sorapdyrlar. Emma şol ýagdaýyň ýolboýy
gaýtanalnyp gelendigine garamazdan, hiç kim sesini çykanmandyr. Çünki, tejribeli
adamlaryň aýtmaklaryna görä, egerde şol wagt şikaýat etseň, soňkular seni
öňkülerdenem beter talaýan, urýan, sökýän ekenler. Baran ýeriňde-de tä
gaýdýançaň gün görkezmeýärlermişin.
Ýolboýam mündürilýän, düşürilýänleriň sany az däl ekeni welin, Moskwada
alyş-çalyş hasam köp bolupdyr. Şolaryň arasy bilen Handoram alyp galypdyrlar.
Ol atam bilenem, Gurt aga bilenem, asyl hemmeler bilenem gadyrly hoşlaşypdyr.
«Ine, gördüňmi, Mämmet aga» burçuma gelme» diýdiň, menem ine, gaharyňy
getirmezlik üçin galýandyryn» diýipdir. Atam bozulypdyr-da: «Ýa, he-eý, Hanjar
senem-ä tüýs oglan bolýaň-ow, hiý şoň üçin dagam, bir ýoldaşlaryňdan
galarlarmy? Onsoňam bu wagt indi burç bamy, zat bamy, üýtged-ä bar zatlar.
Hälem bolsa galaýsana...» diýip, edil çaga kemşerilipdir. Handoryň welin, şojagaz
pursadam elden sypdyraýasy gelmändir: «Oýun etdim-läý, Mämmet aga, oň üçin
galamok, ýöne, ýap-ýaňyja naçalnigi gördüm-de: meni birki gün Moskwada
goýuň. Kremle baryp agamy göreýin, diýdim welin, hern-ä «bor» diýäýdi. Şol
işimi bitirip, indiki otly bilen yzyňyzdan bararyn...» diýipdir. Yzyndanam oýun
edýändigini birdirmek üçin «jykyr-jykyr» gülüpdir. Gurt aga seredip gözüni
gypypdyr.
Atam ýene-de oýnalýandygyna düşünipdir. Ýöne, öňküsi ýaly gaty
görmändir. Gaýtam, şu ikaralykda-da degşip bilýändigi üçin Handora göwni
ýetipdir. Şonuň üçinem başyny ýaýkap dostlarça ýylgyrypdyr-da, garsa
gujaklapdyr. «Nirede bolsaňam, janyň sag bolsun, Alla seni öz penasynda aman
saklasyn. Allahu-akbar...» diýipdir.
Handor olara: «Sarahsa barsaňyz hökman öýe sowluň, «Hajar müjük»
diýseňiz tanamajak bolmaz» diýipdir. Salgysyny beripdir. Olaryňkynam alypdyr.
Tä garasy ýitýänçä, mahal-mahal yzyna garap, goşhaltasyny bulaýlap gidipdir.
Şondan soň olar biri-birlerini görmändirler. Habar-hatyram eşitmändirler.
16.
«Şak-şak-şak, şak-şak-şak...». «Şak-şak-şak...»
Moskwadan soňamşemal tarapa birnäçe gün ýol ýöränlerinden soň, ýapýaňyja-da: «Sibirde-Sibir...», «Uralda-Ural» bolşup gelýän bendiler birdenkä:
«SLON-da SLON» bolşup başlapdyrlar. Atam-a olar ýaly zatlara ünsem bermeýän
ekeni welin, «Bah, bu ýerlerde pil näme işläp ýörkä. Ol Hindistan ýaly yssy
ýurtlarda bolmaly ahyry» diýip, muňa Gurt aga gaty geň galypdyr. Sowatsyz
görünmezlik üçin, soramaga bolsa çekinipdir.
62
Dogram edipdir, çünki, bendileriň SLON diýýänleri, şo-ol, dädemiň hatyna
baran jogaplarda aýdylyşy ýaly: «Sloweskiýe lagerýa osobogo naznaçeniýe»
diýdikleri ekeni. Ýagny, abbrewiatura.
«Diýmek, bizi haýsam bolsa şolaryň birine eltjekler-dä...» diýip, Gurt aga
içinden pikir öwrüp ýetişmänkä otly eýýäm badyny gowşadyp başlapdyr, kemkemdenem togtapdyr. «Hemmeler düşüp, hatara durmaly» diýen buýruk berlipdir.
Nirä, haýsy tarapadygyny nireden nirä gidendiklerini Gurt aga takyg-a
aýdybilmedi, asyl ony şol wagt bendileriň hiç birem bilmeýän ekeni, ýöne, şondan
soňam olary iki günläp Gündogar sary pyýada alyp gidipdirler. Ýolda idili demdynjam aldyrmandyrlar. Nahar hakda-ha gürrüňem ýok. Bir döwüm guradylan
nana, bir jüňňüljigem suw bilen oňmaly bolupdyrlar.
Atam şonda namazyny gidip barýan ýerinde okamaly bolupdyr. Esasanam
oňa täretini bozman saklanmak kyn düşýän ekeni. Barybir etmejekdigine gözi ýetip
duranam bolsa, Gurt aga oňa telim gezek dagy «kazasyna goýaý» diýip, töwella-da
edipdir, ýöne barybir çak edişi ýaly bolup çykypdyr.
Ýol ugrunyň tebigatyny Gurt aga şonda şeýle suratlandyrdy: Gyşyň ortalary
bolansoň howa sowuk. Baýyrlyklaryň ýokarysyny, etegini jähekleşip oturan
agaçlaryň henizem gök öwsüp oturanlary bar. Käbir ýerleri bolsa güýzlük
keşbinem ýitirmändir. Sarytagta matadan tikilen don geýnen gelin deý şol ýerler
hasam owadan görünýä. Düýn-öňňin ýagan bolsa gerek, onda-munda oýtumoýtum bolşup ýatan ak garlar göze ilýär. Asmandan gyýaklap düşýän Gün
şöhlesine olar jowahyr deýin ýaldyraşýalar. Etapçylaryň hemmesi sus. Ýadaw. Aç.
Aýaklarynyň aşagyndan garly ýerlerde-hä «gütürt-gütürt» edip, garsyz ýerlerde
«güpürdi» eşidiläýmese ses-üýn ýok diýen ýaly. Şol aralygy geçenimizde hemişe
düýe gaýtarýan ýaly uly gykylyk edip gelýän konwoýlaryň «haýt-haýtlaram»
azalan ýaly boldy...»
Şolar ýaly owadan görnüş hatda atamam haýran edipdir. Daş-töweregini
gurşap alan ajaýyp manzaryň keşbini ine-gana synlamak üçin, birnäçegezek ol
kolonnadan yza-da galypdyr. Soň ýene-de «gybyrdyklap» kowup ýetipdir.
Konwoýlardan käýinç eşiden gezeklerem bolupdyr.
Barýarkalar öňlerinde bölek-bölek, uly bolmadyk obajyklar çykýan ekeni.
Şolaryň hersinde ýatymlyk düşleýän ekenler.
«Bendileri ulurak bolsa üçden-dörtden, kiçiräk bolsa birden, ikiden,
hojalyklara paýlaýadylar ― diýip, Gurt aga öz gürrüňiniň şol ýerini has nygtap
aýtdy. ― Sebäbi ol ýerlere baryp ýetensoň, konwoýlardan bendileriň gaçar
gorkusy aýrylýa. Onsoňam ol wagt aramyzda «ugolownik» ýok. Öý eýelerine
tabşyryp gidiberýäler. Myhman alandyklary üçin hojalyk eýelerinem boş
goýanoklar. Döwlet tarapyndan olara pul bolmasa-da kartoşka, un, çaý, gant ýaly
azyk önümleri berilýär. Şonuň üçinem, öý eýeleri myhmany näçe köp alybilseler,
şonça-da hoş bolýadylar.
Uzak argynlykdan, açlykdan, bagryňy dilip barýan çapgyn şemally aňzakdan
soň ýyljak öýüň içinde, «gübirdäp» duran pejiň başynda, kelemlije çorba iýmek,
gyzgynja çaý içmek, soňundanam aşagyňa içmek düşenip meýmiräp ýatmak ýaly
başga bir lezzet dünýäde bardyr öýtmersiň...».
63
Gurt aga her düşelgede atam bilenbir hojalyga düşmekligiň hötdesinden
gelýän ekeni. Bu şeýle bir kynam dälmişin. Hatda gykylyk-galmagal bolmazlygy
üçin, düşlejek öýüňi, kim bilen boljagyňy özüň saýlamaga ygtyýaram berýän
ekenler.
Şolar ýalyda atam arkaýyn täret alyp, namaz okap bilýän ekeni.
Ýoluň altmyş kilomertlik iň soňky tapgyry welin juda agyr bolupdyr. Şol
aralygy olar gijäniň garaňkylygynda bir durman, pyýada geçmeli bolupdyrlar.
Öňlerinden ýekeje oba-da çykmandyr. Howa-da şeýle bir sowuk bolupdyr welin,
duranyňdan ýene-de ýöräniň ýagşy diýýä. Ýaman dert ýolam ibaly dälmişin.
Adamlar birsyhly ýykylyp-sürşüp barýalarmyşyn.
Şol gezek atam öýden çykaly bäri birinji gezek hatda gidip barýaka okara-da
rogwaty çatman öýle namazyny kazasyna goýupdyr.
Daň atyp jahan ýagtylandan soň, nirelerdendir bir ýerlerden duýdansyz
peýda bolan çal dumanyň aňyrsyndan, biziň öri meýdanlarymyzdaky goýun
kaşarlaryna meňzeş, hatar-hatar bolup oturan, uzyn-uzyn baraklaryň sudurlary
görnüpdir.
Konwoýlar bendilere aýdym aýtmaklygy, lagere uly şatlyk hem şowhun
bilen girmekligi buýrupdyr.
Lagere golaýlaşdyklarysaýy ýaňky baraklaryň daş keşpleri kem-kemden
aýdyňlaşypdyr. Soňabaka tutuş zonanyň daşyna aýlanan iniňi eýmendiriji tikenekli
simlere, her tikeneginiň syhlaryna, syhlaryň ýylpyldaşýan ýitije uçlaryna çenli
saýgarmak mümkin bolupdyr.
Simiň içinde bolsa, megerem, bu günlükçe bir sebäp bilen işe gitmedikler
bolsa gerek, eginleri gara güpbüli, şon deý gara balakly, gara hem gödeňsi
botinkaly, başlary keçeden tikilen gara gulakjynly adamlar salgym ýaly, ondamunda aýlanyşyp ýörlermişin.
Etapa gözleri düşündenem, olaryň barysy birden şol tarapa tutdurypdyrlar
we ellerine çümýän syhlaryň awusyndan heder etmän, gelişleri ýaly ýalaňaç elleri
bilen tikeneklerden ýapyşyp, sime germelipdirler, tanyş-bilişlerini görmek umydy
bilen, «etapçylara» tarap içgin-içgin seredişipdirler. «Pylan ýerden adam bamy?
Kim nireden gelýä?» diýen ýaly soraglar beripdirler.
Aýdym aýdyp gelýän kolonna hatda olaryň näme diýýändiklerinem
aňşyrmandyr.
...Lageriň galyň hem agyr demirden berk edilip ýasalan ýaşyl derwezesinden
girişleri ýaly, bendileriň gözlerine kaklyşan zat ― gabat gelen ilkinji baragyň
maňlaýyna çüýlenen, uzynlygy bäş, ini ýarym metr çemesi, ýüzüne-de: «Siz diňe
işjeň zähmet arkaly halas bolup bilersiňiz» diýen şygar ýazylan gyzyl mata
bolupdyr.
Şonda olaryň hemmesini erksizligiň tüýüňi üýşendiriji sowuk duýgusy
gaplap alypdyr. ― Şyh Mustapa öňem-ä bir gaty gürläp oturanokdy welin,
birdenkä sesini hasam pessaýlatdy. ― Şu ýere ýetende Gurt aga dädeme şeý diýdi:
«Şol ýere baran günümiz, şol şygara, esasanam tikenekli simlere gözümiz düşen
pursady, men bütin ýurt boýunça, hemmämiziň ullakan bir türmäniň içinde ýaşap
ýörendigimize, eltilen ýerimiziňem şol uly türmäniň içindäki kiçijik türmeleriň
64
biridigine göz ýetirdim. Olar ýaly kiçijik türmeler bolsa, soň görüp otursam, sanap
çykardan köp ekeni.
Howwa, maňlaýyna äpet şygar ýazylan ilkinji baragyň deňinden aýdym
bilen, ýöne, aýaklaryny zordan süýreýşip barýan bendileraşhanamy, geýim
ýuwulýan jaýmy ýa hammammy, käbir baraklaryň turbalaryndan çykýan ýogyn
hem goýras, gap-gara tüsseleriň äpet gara aždarha kimin, asman sary
towlanjyraşyp baryşlaryna uly howsala bilen seredişipdirler. Şol görnüşem näme
üçindir olaryň kalplaryna wehim salypdyr.
Gurum ýagýan bolmaly, şol tüsseleriň barýan ugurlarynda topragam edil kül
sepilen ýaly gap-garamyşyn.
Zonanyň ganatynyň çep künjünde bolsa haýsydyr bir enjam özüne zor salyp,
ulyili bilen «wazyrdap, jyrryldap» ala-zenzele diýýä. Şol sebäpli aýdymam
goýmaly bolupdyrlar. Şol sese beledräkleriň we gözi ýitiräkleriň aýtmaklaryna
görä, ol ýerde «lesopilka» diýenlerem bolupdyr. Soň görüp otursalar şol ikisiniň
gaty bir tapawudam ýok ekeni.
Lageriň ortarasyndaky boş meýdança baranlarynda olary saklap, hatara
durzupdyrlar. Atma-at sanaw geçirip, baraklara bölüpdirler. Gurt aganyň eden uly
bolmadyk tagallalaryndan soň, atam ikisi bir barakda, ýanaşyk naralarda
ýerleşipdirler.
17.
Gurt aganyň iňňän ýatkeşlik bilen ýatlamagyna görä, adatça, bir barak
bendileriň bir rotasy üçin niýetlenen ekeni.
― Rotasy näçe adamka oň? Goşundaky ýaly-ha däldir?
― Onçasyn-a bilemok, ýöne, ýalňyşmaýan bolsam, Gurt aga: iki ýüz elli
adam, diýdi. Her rotaňam öz komandiri, narýadçysy, üç sany wzwod komandiri,
hojalyk müdiri, alty sany dnewalnysy bolup, soňkularyň birini çörek kesdirmek
üçin ulanýan ekenler.
Şu wezipeleriň hemmesine, hatda komendatlara çenli bendileriň özlerinden
saýlanýan ekeni. Ýöne, şolaryň maddalary hökmany suratda «bytowoý» bolmaly.
«Ugolownik» bolsa bolanok.
Baragyň iç-daşyny, zonanyň çäklerini syryp-süpürmek, arassalamak lageriň
içki hyzmat ediş gulluklary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ol işlerde bendiler
ulanylmaýar.
Belki şonuň üçindir, agzalan çäkler baragyň içi, naralar, hatda düşekýassyklara çenli şol döwür iňňän arassa saklanýar ekeni.
Ine, hut şuňa hem bendiler diýseň geň galypdyrlar. Çünki, ol ýerlerde şolar
ýaly arassaçylyk, tertip-düzgün saklanýandyr, diýip, olaryň ýatlaryna-oýlaryna-da
gelmeýän ekeni.
Ýokarda agzalan wezipelere bendileriň aglabasy uly höwes bilen razy
bolýan ekenler. Olar öň hakyky ýüzlerini gizläp ýören, ýagdaý dörändenem
maslykçyguş ýaly öňe topulýan, häsiýetleri boýunça haýaman, wezipeparaz,
gorkak, öýe batyr we şuňa meňzeş adamlar bolup çykýan ekenler.
65
Bendileriň arasyndan käte «samoohranka» hem alynaýdygy bolýan ekeni.
Olara tüpeňem berilýän ekeni. Lagerde ençeme ýyl bäri oturan adamlaryň Gurt aga
baran döwri duýdurmaklaryna görä, olar beýleki wezipelerdäkileriň dagy çeni-çaky
bolmaýan ekeni. Sähelçe bahana bolsa, düýn-öňňinki bir döwüm çöregi bölüşip
iýip ýören adamsynyň böwrüni garaldyp oturybermänem hiç zatça görmeýän
ekenler. Şeýtmekligi olar özlerine dereje bilýän ekenler. Hemmeleriň özlerinden
gorkarlary ýaly göz üçin edýän ekenler: «Gör, men kim? Gör, men nämeler
edibilýän! Meniň garşyma gitseňiz, sizem ine, şu güne düşersiňiz...»
Baraklara ýerleşenlerinden soň, bendileri ýene-de meýdança çykaryp,
lageriň içki iş düzgünleri bilen tanyşdyrypdyrlar. Ol umuman, şeýleräk: Işlemeli.
Onda-da gowy işlemeli. Giren agzyňdaky şygarda aýdylyşy ýaly, günäňi gara
zähmet bilen ýuwmaly.
Işe çykýanlara gyzgyn nahar, çaý beriler. Syrkawlap ýa iş wagty synaňa
şikes ýetendigi zerarly çykybilmediklere-de şol zatlar beriler. Eger-de işden
sebäpsiz, jögülik edip galsaň, şol gün saňa nahar-çaý-a däl, hatda gury çöregem
berilmez. Oňa derek dört sany abat, çig kartoşka bilen bir jüňňül gyzgyn suw
beriler. Her gün bir bahana bilen işden yzygiderli galyp ýörseň, günüňe diňe iki
sany çig, onda-da sowuk uran çüýrük kartoşka bilen oňmaly bolarsyň. Hatda bir
owurt gyzgyn suwam berilmez.
Şondan soň lageriň naçalnikleriniň biri «perekowka» barada düşündiriş
geçipdir.
Perekowka ― bu şol döwür lagerler üçin Staliniň hut özi tarapyndan
oýlanyp tapylan we bendileriň tertip-düzgünlerine girizilen täze bir syýasat. Onuň
talaby zähmet bilen öz-özüňi terbiýelemekden, täzeçe taplanmakdan ybarat bolup,
Gurt aga dagynyň zona girişleri ýaly gözleri düşen gyzyl şygary hem hut şondan
gelip çykýan ekeni.
Onuň göz öňüne tutýan zady şu: kimde-kim ýalňyşyna düşünip, gündelik iş
normalaryny artygy bilen ýerine ýetirmekligi başarsa, zähmet arkaly özüni täzeçe
terbiýelän adam hökmünde möhletinden öň öýüne goýberiler. Bu bir! Ikinjiden:
Özüni «perekowkanyň» talaplaryna laýyk alyp barýan bendä lageriň golaýyndaky
obajykda ýaşamaga, şol ýerden bir kel gyrnajyk tapybilse, hatda öýlenmäge-de
rugsat edilýär. Şunda, lageriň kanselýariýasynda saklanýan şahsy
bukjasyndakylardan başga bendiden hiç hili resminama talap edilmeýär. Aýalyň öz
razylyk haty bolsa bolany! Üçünjiden: perekowkaça aýda iki, üç, bäş manat
möçberinde pul berilýär. Ýöne, hakyky pul däl-de, puluň ornuny tutýan, diňe
zonanyň içinde ýöreýän, «kartoçka», «talon» kysmy bir zat. Oňa «Bon» diýilýär.
Bonuň hümmetini düşündirmek üçin Gurt aga bize şonuň on bir köpügine zonanyň
öz naharhanasyndan gowy bişirilen, tagamly «antrokot» iýip bolýandygyny aýtdy.
Elbetde, men ol wagt «antrokotyň» nämedigini bilemokdym, ýöne, Gurt
aganyň gep salgysyndan çen tutup, iýilýän zatdygyny aňdym.
Işiňem, esasan, iki görnüşi bar ekeni. Biri: tokaýa gidip agaç çapmak.
Beýlekisi: ýeriň aşagyna girip kömür köwlemek. Şahtaçy bolmak.
Öňki bendileriň-ä köpüsi tokaýa gidýän ekenler, täze gelenleriňem barysy,
şony saýlap alypdyrlar.
66
Umumanam, kömür köwlemeklik ýolbaşçylar tarapyndan jeza çäresi
hökmünde ulanylýar ekeni.
Konwoýlar birini gorkuzjak bolsalar: «Naçalnige aýdyp, şahta iberderin»
diýip, haýbat atýan ekenler.
Her niçik hem bolsa açyk meýdan, tokaý, howasy arassa, namaz okamak,
täret almak üçin amatly bor, diýip, atamam, Gurt aga-da tokaýa gitmeklige
döwtalap bolupdyrlar.
Galyberse, olaryň şol wagt «antrokot» iýmek, golaýdaky obada ýaşamak,
öýlenmek ýaly zatlar-a oýlaryna-da gelenok ekeni, ýöne, köp işläp «perekowkaçy»
bolmak, ýekeje ýylam bolsa ir boşap öýlerine gaýtmak welin, niýetlerinde ýogam
däl ekeni.
Şol höwes bilenem olar baran günlerinden başlap ak ýürekden, öndümli işläp
başlapdyrlar.
18.
Howanyň sowukdygyna garamazdan, başda işleriniň gidişi erbedem
bolmandyr. Ýöne käbir gaýly, tupanly günlerde welin: «Aý, mundan-a şahta-da
ýagşy bolsa gerek» diýdiripdir. Eliň welin barybir dek durmaly däl. Şonda-da
«perekowkaçy» bolmag-a beýlede dursun, adaty normaňam alyp bolanok, diýýä.
Gyşyň günem näme, gysga bolýa. Eýläňe-beýläňe bakmankaň garaňky düşýä. Şol
aralykda-da isleseň-islemeseň ot ýakmaly, ýylynmaly, janyňy saklamaly, biraz
garbanmaly. Atam-a namazynam okap ýetişmeli...».
«Konwoýlaram dawaýda-dawaý» bolşup üstlerine çöwjeşip durlarmyşyn.
Sähelçe ýüzlerine gelenlerem agşamlyk ýolbaşçylara ýamanlaýarmyşyn. Olary
şahta ibermek baradaky meseläni orta goýýarlarmyşyn.
Ilki-ilkiler-ä kän bir ünsem bermändirler welin, konwoýlar atamyňam aramaram eline bir çüýşe suw alyp, tokaýyň sümmeräk ýerine ýönelige sümlüp-çykyp
ýörmeýändigini aňypdyrlar. Yzarlapdyrlar. «Ohoda-oho...» bolşup, hamala
ogurlykda tutan ýaly idenekledip alyp gaýdypdyrlar, tä iş wagty gutarýança şolar
ýaly bolgusyz zada güýmenmezligini talap edipdirler. «Dawaý normada ― dawaý
norma» bolşup gygyryşypdyrlar.
Iň geň ýerem, şolaryň biri Gurt aganyň ýolboýy goraglap gelen köne
«dosty» Saşok ekeni. Ol gelen gününden başlap «ohranka» geçmeklige höwes
bildirenleriň biri bolupdyr we uzaklaşdyrmanam şol maksadyna ýetipdir.
Atamyň özi-hä orsça bilmänsoň onuň bilen gürleşjegem bolmandyr welin, o
deýýus Gurt aganam äsgerenok diýýä. Gürleşjek bolsa-da: «Dawaý, dawaý, Kurt,
ne boltaý, rabotaý...» diýip, gaýtam onuňam o ýerine, bu ýerine tüpeňiniň gundagy
bilen kakyşdyryp ýör, diýýä. Tüpeňiniň ujuny gezäp: «Ataryn!..» diýip, sürünýän
gezeklerem bolaýýamyşyn.
Onuň şol bolup ýörşüni Gurt aga dagy bilen bir etapda gelen, Handor
ikisiniň oňa ýolboýy, hossarlyk edip gelendiklerini gözleri bilen gören beýleki
bendiler hasam geň görüpdirler.
67
Şonda, uzyn boýly, akylly hem ýadaw gözleri elmydama ýaşaryp duran,
howlukman saýhally gepleýän, käri boýunça alymmy, nämemi, haýsydyr bir ylmy
iş ýazandygy üçin terslenip on sekiz ýyl basylan, on ýyl bärem şol ýerde oturan,
Tihomirow familiýaly ýaşulyrak bendi bir gün tokaýda agaç çapyp ýörkäler,
Saşogyň bolup ýörşüne halys uwnup-çydaman, Gurt agany çete çekipdir-de, şeý
diýipdir: «Men seniň şol oglana hossarlyk edendigiňi bilýän. eşitdim. Ýöne, sen
geň galma. Bu ýeriň düzgüni şeýle. Muňa lager diýilýär. Iň bolmanda türme-de
däl. Munuň düzgüni edähedi şeýle. Türmeden tapawutly ýeri şol. Türme adamlary
beýgeldýär. Çünki, ol ýerde adam pikirlenip, pikirlerini öwrüp-gowrup, ösdürip,
çuňlaşdyryp bilýär, lager bolsa adamlaryň aňlaryny igledýär, adamçylykdan,
ahlakdan, ardan, namysdan aýyrýar. Pese düşmekligiň mekdebi, onda-da iň bir
ýaramaz mekdebi bolup hyzmat edýär. Durşy bilen çüýredýär. Lagşadýar. Lagerde
adamlar onlarça ýyllap diňe başga-başga adamlaryň pikir-ýörelgeleri, görkezmeleri
boýunça hereket edýäler. Özbaşdak pikirlenip bilmek ukyplaryny ýitirýäler.
Ejizleýäler. Özleriniň şeýle pes güne düşendiklerini aňanlaryndan soň bolsa,
özleriniň şolar ýaly pes derejä gaçandyklaryny beýlekilerden gizläsleri, olardan
özlerini mümkingadar belentde görkezesleri, hakykatdanam şeýlediklerini subut
edesleri, olaryň gözüne naçalnikler bilen deň-derejeli adam bolup görnesleri, iň
bolmanda şolara golaýlaşaslary, meňzäsleri gelýä.
Olar ýaly adamlar boşap gidenlerinde lagerden özleri üçin peýdaly hiç zat
alyp gidip bilmeýäler. Çünki, olara bu ýerde kezzaplykdan, ýalançylykdan,
ýaramazçylykdan başga hiç zat öwredilmeýä. Diňe öýlerine baranlaryndan soň olar
adamkärçiligiň özlerinde bar bolan öňküje ýokundylarynam ýitirendiklerini duýup
galýalar.
Lagerde diňe Hudaýa sygynýan, onda-da, onuň gözüne çöp atmak üçin dälde, çyn ýürekden sygynýan adamlar özlerini çüýretmän alyp çykyp bilýäler. Olar
ölýäler, ýöne tebigatyň beren ahlaky terbiýesinden ýüz öwürmeýärler. Hudaýyň öz
zantlaryna guýan başky päkligini hiç bir zada çalyşmaýarlar, hiç kime
hapalatmaýarlar. Şu zatlaryň hakykatdan-da, şeýledigine men şu ýerde geçiren on
ýylymyň içinde aýdyň göz ýetirdim. Senem göz ýetirersiň... ― Tihomirow golaýda
bir ýerde garsak ýaly «ala-hasyrdy» bolup, işläp ýören atama tarap elini uzadypdyr.
― Ine, şol ejizje pyýada bar zatdan baş alyp çykar. Ýaşar. Saşok ýaly diňe şu
gününe guwanyp, elindäki amanat ýaragyna baýrynyp, ejize sütem edip ýörenler
ýaşamazlar, bujagaz pyýada welin ýaşar. Sebäbi onuň arkasynda hökümetdenem
uly, hökmürowan Güýç dur. Kalbynda bolsa arassa ynam, iman, ygtykat bar. Ana,
şol ikisem ony hökman alyp çykar... Soň ol: bolanyna görä, diýip, Gurt aga
hakykat ýüzünde «perekowkanyň» nämediginem, onuň nähili amala
aşyrylýandygynam, kim-kimleriň «perekowkaçy» bolup öýüne gidip
bilýändiginem düşündiripdir. Ýoldaşyňa-da aýt, özüňem bek belle, «perekowkaçy»
boljak bolup synanyşybam oturmaň. Bäş-üç «bon» beren borlar, beýlekilere
görelde bolsun üçin öwen borlar, ýöne, öýüne saňa derek başga biri gider, onda-da
işlemän, aýagyny göge tutup ýatan «blatnoýlaryň» biri gider. Muňa-da basym göz
ýetirersiň...»
68
Gurt aga Tihomirowyň aýdýanlarynyň dogrudygyna hakykatdanam basym
göz ýetiripdir. «Görüp otursak biz ýaly ýönekeý bendileriň «perekowkaçy» bolmak
maksady bilen normadan artyk çeken zähmetleri «blatnoýlaryň», «ugolownikleriň»
hasabyna geçirilýän ekeni. Çünki, olar naçalnikler bilen gepleşýän ekenler-de,
özleri işlemän, atlaryna artyk norma ýazdyrýan ekenler. Şeýdibem, «perekowkaçy»
bolýan ekenler we toba gelip, sap zähmeti bilen düzelen adam hökmünde boşap
öýlerine gidýän ekenler. Soň olaryň özleri öz aralarynda nädip üzlüşýäler ony biz
bilemzok. Şonuň üçin biz-ä «perekowkaçy» bolmak niýetimizden el çekdik ―
diýip, Gurt aga Tihomirowyň sözlerine subutnama hökmünde, janyýangynlylyk
bilen sözüni dowam etdirdi. ― Şol bolýan zatlara şeýle bir janymyz ýanýardy,
ýöne, edibilýän zadymyz ýokdy. Hiç kime şikaýatam edip bolmaýardy. Etdiňmi,
beterine garaşyber. Çünki, şol gözboýagçylyklaryň öňüni almaly adamlaryň özleri
şol zatlaryň başynda durdylar. Staline çenli bolan aralykda-da gat-gat bolup, ýenede şolar durdylar. Olaryň üstlerinden Kremle ýetmek bolsa, düýşüňde-de mümkin
däldi. Sebäbi biziň bolýan ýerimiz ýaňky aýdyşym ýaly, uly türmäniň içindäki
kiçijik türmedi. Şol kiçijik türmäniň içinde-de «izolýator», «karser» diýen ýaly
şertleri türmäniň özüniňkidenem ýowuz, owunjak türmejagazlar bar.
Şolaryň hemmesem kanuny bozýanlar üçin däl-de, hakykatçyl, adamlar üçin
Adalaty gözlediňmi, jaýyň şol ýerlerdedir. Bu jemgyýetiň iň aşaky gatlagyndan
başlap, tä çür depesine çenli şeýle. Asla dünýäniň gurluşy şonuň ýaly. Kanun
bardyr, göräýmäge halky goraýanam ýalydyr, ýokarda ýurdy adyllyk bilen edara
edip oturanlaram bar ýalydyr, emma o zatlaryň barysy göwnüňedir.
Ýagdaý erkin dünýäde şeýle bolansoň, türme durmuşyndan dagy näme tama
etjek? Türkmenleriň ýaňky sanalan görnüşleriniň hemmesiniňem maksatlaram,
niýetlerem, iş alyp baryş usullaram, bähbitlerem bir.
Şonuň üçinem, hiç kime arz edip bolmaýardy. «Şatyrdadyp» janyňy alyp
barýanam bolsa, «bilim agyrýa, baldyrym syzlyýa» diýmek gadagandy. Moskwada
konwoý çalşylanda: özümizi ýolboýy talap gelen adamlaryň iki gözüniň içine
seredip: «Ýok, bizi hiç kim talanok, zadymyzy elimizden alanok», diýdigimiz, ähli
türmeleriň ýörelgesidir, diýsem ýalňyşdygym bolmaz...» ― Üýtgeşik bir zat
aýtjakdygynyň alamaty hökmünde, režissýor: ― Näme diýsene Hümmi akga... ―
diýip, ýüzüme çiňerildi. ― Soň-soňlar, ölmeziniň öň ýanlary, ýagny, ýetmişinji
ýyllaryň aýaklarynda, ýurtda artdyryp ýazmaklygyň möwç uran wagty, bir gezek
oba baranymda tötänden duşup eden özara gürrüňçiligimizde Gurt aga: «Şu
wagtky «pripiska» diýýänleri köşek, indi görüp otursam şo-ol, bir wagtky lageriň
«perekowkasyndan» gaýdýa. Şul şoň dowamy. Ikisi bir. Niýetem bir, maksadam
bir, netijesem bir. Ir döwür beýle däldi. Bar zat soň bulaşdy. Uly türme kiçi
türmäniň ýörelgesini sapak edindi. Ikisi garyşdy. Köp adam-a dogrusy häzir şuň
daşyndan içini özi üçin amatly saýýa. Gelen gününiň ertesi yzyna gidäýesi gelip
dur. Sesiň içiňde bolsun welin, köşek, bu ýörelge bilen bu döwlet indi uzaga
gitmez. Mundan aňry ýol ýok. Ykdysadyýetiň çöken ýerinde gury syýasat ýol
almaz, ahlagyň çöken ýerinde bolsa «gury namys göt ýyrtar...» diýenleri bolar»
diýdi.
69
Şondan alty-ýedi ýyl soň ýurt başyna M.S.Gorbaçýow geçdi. Bilşiň ýaly ol,
ýurtda «üýtgedip gurmak» syýasatyny yglan etdi. Görmedigini görkezip, halka
demokratiýa berdi. Emma süňňi «perekowkadan» bekäp gaýdan syýasatçylar ony
öz berenje demokratiýasy bilen, başlaryndan agdaryp urdular. SSSR-i dargatdylar.
Gurt aganyň diýeni boldy.
19.
...Howwa, gyşyň güni tokaýda namaz okamaklygyň kynlygy, üstesine
konwoýlaryňam Saşok başlyklaýyn azar berip ýörmekleri sebäpli, atam göz-görtele
işden gaçgaklap ugrapdyr. «Namazymy okap bilmejek bolsam, maňa bularyň
tokaýam gerekgä, agajam, çüýrük kartoşkalarynam başlaryna ýapsynlar, aç öljek
welin, namazym-a taşlajak-gä, işe-de gitjekgä...» diýip, Gurt aganyň ýanynda
ýygy-ýygydan zeýrenip başlapdyr. Her gün bir bahana bilen işden galyp,
namazyny barakda okapdyr. Kem-kemdenem işe gitmesini bütinleý goýupdyr.
Gurt aga: «Mämmet, beýtseň beterine tutarlar, barakda-da okatmazlar, asla hiç
ýerde-de okatmazlar, bular bilen oýnuň deň gelmez» diýse-de: «Görübereris, Allah
keremdir, Allahu-akbar...» diýipdir.
Gurt aganyň diýeni bolupdyr. Atamyň nämelerden gaçyp, nämeler edip
ýörendigi Saşok ýalylaryň üsti bilen, günübirin lageriň naçalnigi Mark Lwowiç
Baçinskä baryp ýetipdir.
O-da haýal etmän konwoýlaryň birine atamy öz ýanyna alyp gelmekligi
buýrupdyr. Terjimeçi hökmünde Gurt aganam çagyrypdyrlar.
Keltejik boýly, garynlak ― türkmenler olar ýala «aýakly garpyz» diýýäler
― göwresine görä kellesi kän uly, ylaýyk keseligine geçýän egrem-bugram dört
sany çyzygy bilen aksowult, giň maňlaýly, ganatlary ýellenip duran burny
paşygrak, etegi düşen, ýaňy bir çal sepip ugran saçlary mazaly seýrekläp, gyşynýazyn derläp duran kelte hem ýogyn barmakly tokgaja elleriniň arkasyna çaýyr
biten ýaly tüýlek, «has-has» edip gyryljyrap, çalaragam peltekläp geplände, gypgyzyl diliniň ujy alynky seýrek dişleriniň arasyndan «zybyrdyklap» çykyp,
«zybyrdyklabam» yzyna girip duran, ençeme ýyl bäri edil şol ýerde bolmasa-da,
şol kärde bolandygy üçin ýowuzlaşyp gidenem bolsa, bir bada mylaýymrak
görünýän elli ýaşlaryndaky bu kişi Gurt aga bilen atam ikisi bir konwoýyň öňüne
düşüp gapydan girenlerinde, üstüne ýaşyl begres örtülen berk we ullakan stoluň
aňyrsynda ete bökjek pişik ýaly ýapyrylyp, iki elinem stoluň gyrasyna üst-üste
goýup, eňeginem elleriniň üstüne goýup, Gurt aganyň lap edip suratlandyrmagyna
görä, hiç haçanam gyrpyldamaýan, çerrelip duran ullakan gözlerini gapa dikip
oturan ekeni.
Raport berenden soň, Baçinskiý konwoýy «üm» bilen ugradypdyr. Şondan
soň onuň goýun itiniňki ýaly äpet kellesi edil, kimdir biri o tamda oturyp, knopka
arkaly herekete getirýän ýaly ýuwaşlyk bilen atama tarap öwrülipdir. Agzy açylypýumulypdyr. Diliniň gowy öz gelmeli ýerine gelip gidipdir «wysyr-wysyr» ses
çykypdyr, ýöne, näme diýendigine welin düşünip bolmandyr. Ýagdaýyny bilendirdä, Baçinskiý oturan ýerinde gozganjyrapdyr, ardynjyrapdyr-da, soragyny täzeden
70
gaýtalapdyr. Gurt aga atama onuň adyny, familiýasyny, maddasyny, näçe ýyl
basylandygyny soraýandygyny aýdypdyr.
Atam jogap beripdir. Ýöne, düşündirip bilmändir. Baçinskiý Gurt aganyň
ýüzüne seredipdir. Gurt aga terjime edip beripdir. «Asyl sen maddaňam şol eken-ä!
Sen indi bu ýere gelibem şol käriňi dowam etdirjek bolýaňmy? Sloweskä yslamy
ýaýratjak bolýaňmy?» diýip, Baçinskiý atamyň üstüne gygyrypdyr. Beýdip, işe el
urman, namaz okap, bendilere ters görelde görkezip ýörjek bolsa, kanun esasynda
goşmaça jeza çärelerini ulanjakdygyny aýdypdyr. «Bu gezeklikçe duýdurýan,
indiki gezek amala geçerin» diýipdir.
Şeýle-de hemişe gözegçilikde saklajakdygyny aýdypdyr. «Biz bendileri halk
üçin neşe bolan dini-düşünjelerden saplamaly, kommunistik ruhda terbiýelemeli.
Bizde KWÇ bardyr. Şoňa gatnaş. Kitap, gazet-žurnal oka, kino gör, leksiýa diňle»
diýipdir.
Iň soňunda-da atama tarap gobsunyp: «Nazarow! Sen meniň aýdanlaryma
düşündiňmi?» diýipdir. Häliden bäri aýalaryny dyzlaryna diräp, aşak bakyp, özüne
aýdylýanlary baş atmak bilen makullap oturan atamam tarsa ýerinden turupdyr-da:
«Allahu akbar» diýipdir.
Baçinskiniň erbet gahary gelipdir. Ýöne, şol gezeklikçe öňki aýdanlary bilen
çäklenmekligi makul bilipdir. Diňe, tas içinden diýen ýaly «wysyrdap: «Takoý
malenkiý, no, oçen bolşoý durak...» diýipdir.
***
Naçalnik bilen bolan şol ilkinji duşuşykdan soň, Gurt aganyň tagallasy bilen
atam ýene-de işe gatnap başlapdyr. Ýöne, indi ýeke bir Saşok däl, Baçinskiniň
sargydy boýunça beýleki konwoýlaram ony gözden sypdyrmandyrlar. Her bir
ädimini yzarlapdyrlar. Hatda aýak ýoluna gitse-de, «namaz okajakdyr» öýdüşip,
yzyndan bukdaklaşyp barýan ekenler. Okap oturanyny göräýseler dagy urup-sögüp
görgüsini görkezýän ekenler.
Bu ýagdaý atama örän ýokuş degipdir. «Men bu hökümete ýamanlyk
etmedim. Garşysyna gitmedim. Gerek diýse mal berdim. Zaýym aldym.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gyrmyzy bägüller - 08
  • Parts
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2074
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Total number of words is 3604
    Total number of unique words is 2179
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2271
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2169
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2212
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2100
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2116
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2078
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2026
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2057
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2181
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2262
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Total number of words is 1835
    Total number of unique words is 1305
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.