Latin

Gyrmyzy bägüller - 03

Total number of words is 3604
Total number of unique words is 2179
30.6 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
paýlaşdygyňça köpelýändigine olar gaty ir döwürlerden bäri düşünip gelýän
ekenler.
Şondan soň atam ol ýerde uzak eglenmändir. Henizem agzyndan aýyrman
duran bägülini kakyp alyp, ýakasyndan goýberipdir-de, atynyň başyny öz obamyza
däl-de, goňşy oba-enemlere tarap öwrüpdir.
Ol obanyň ýigitleri onuň yzyndan gözügidijilik bilen garap duruşlaryna:
«Nazar şyhyň ogl-a bägüli hak eýesine gowşurmana gitdi-ow» diýip, ýerli-ýerden,
ýöne dostlarça «şoňňyldaşypdyrlar».
3.
...Müň dokuz ýüz üçünji ýylda garry atam Nazar şyh erbet syrkawlapdyr-da:
«Ýene oglumyň öýli-işikli bolanyny görübilmän, agtyk söýübilmän gidäýmäýin»
diýip, gorkupdyr-da, ur-tut atamy öýlendiripdir. Elbetde, atamyň belli bir käriň
başyny tutubilmän, ondan-oňa urup ýörşem, eýläk gitjek, beýläk gitjek diýen ýaly
bimesren gürrüňlerem ony az alada goýmandyr. Aýagy duşaklansa hiç ýaňa
gidibilmez, bir hünäre gol berer, öbdüpdir.
Hut şeýle-de bolupdyr. Öýlenenden soň atam öýdeçi bolupdyr. Edil biri
ýüregine salan ýaly, dini yslama ýapyşypdyr. Özem gaty çyny bilen ýapyşypdyr.
Yslam onuň kalbyna söýgi bilen giripdir, ataş bolup ýapyşypdyr. Enem pahyryň
aýtmagyna görä, atamyň dini-dianata bolan yhlasy, onuň özüne bolan
yhlasyndanam öňe geçipdir. Ol Hudaýyň ady bilen ýatyp, Hudaýyň ady bilenem
turupdyr. Her işde Barhudaýa sygnypdyr. Her çent kalbyna şeýtan aralaşyp
aljyratjak bolanda ýa birine göwünlik berende: «Allahu-akbar!..» ýa-da: «Alla
keremdir» diýipdir. Ony barlyk dünýäsindäki «birlik» hökmünde kabul edipdir.
Iman getiripdir. Zikr edipdir. Her işde şükrana bolupdyr.
Yslamyň ýoluna nur çaýýan dini kitaplary öz gözi bilen okap görmek üçin,
nirede bolsalaram ýaltanman sowatly adamlaryň ýanyna gatnapdyr. Arap hatyny,
çagataý türküçesini örwenipdir. Sözlerine düşünmeseň gulagyň ýanyndan gury
owaz bolup geçýändigine gözi ýetenden soň, arap dilinem öwrenipdir. Şol ýerlerde
gyt kitaplar bar diýseler, Aşgabada, Mara, Sarahsa, Kerkä, Köneürgenje, hatda
Buharadyr Hywa çenli ýol söküp gidipdir. Köp kitaplary baran ýerinde aýlap,
ýyllap ýatyp göçüren gezeklerem bolupdyr. Üç ýyllap Buharada okapdyr.
Onuň zyýadalygy ýeke bir dini däl, yşgy, taryhy, ylmy kitaplary hem
okaýanlygynda, okan zatlaryny uly il bilen paýlaşýanlygynda, halk köpçüligine öz
dilinde düşündirip bilýändiginde ekeni. Ol: «Adam gowusy alym, amal etmese
zalym» diýmäni gowy görýän ekeni. Kurany kerimiň türkmençä terjime
edilmeginiň tarapynda durýan ekeni. «Terjime etmeli däl, etseň güýji gaçýa»
diýýän käbir kemsowat mollalara Hoja Ahmet Ýasawynyň mundan müň ýyl
ozalky aýdyp giden şu goşgusyny mysal getirýän ekeni.
Hoşlamaýdur alymlar,
Bizniň aýtgan tüýkini,
Aryflardan sorasaň,
22
Açar köňül-mülküni,
Aýat-töwür manysy,
Türki bolsa mowafeg,
Manysyga düşgenler,
Ýerge goýar burkuny.
Şeýdibem özüniňkiniň dogrudygyny subut edýän ekeni. Özüni ilden ýokary
tutmaýan, minnet etmeýän ekeni. Özüni Hudaýyň guly, uly iliň hyzmatkäri,
bilenjesini halka ýetirmegi bolsa özüniň musurmançylyk borjy hasap edýän ekeni.
Şonuň üçinem, onuň pygamberler, enbiýalar, ýagşyzadalar, Görogly,
Rüstem Zal, teke begi Zaman kibi gahrymanlar baradaky rowaýatlaryny, hadysdan
aýdýan hekaýatlaryny,
şerigatyň kada-kanunlaryny,
musurmançylygyň
ýörelgelerinden edýän gürrüňlerini sebitiň ähli adamlary ýeke bir toýda-tomaşada,
ýas märekelerinde, Hudaýýoluna aýdylýan sadakalarda däl, eýsem käte ýörite
üýşübem, çagyrybam, alys ýerlerden gelibem diňleýär ekenler.
Umuman, ol şeýle gysga wagtyň içinde arypulla hem köp bilýän kary kişi
bolup ýetişipdir.
Il-gün onuň daşyndan: «Nazar şyhyň ogly-ha oýan, bu ýan uruna-uruna
ahyry öz ýoluny tapdy-ow» diýýän ekeni.
Atamyň welin bir kemi bar ekeni, o-da sesi gowy däl ekeni, labzy ýok ekeni.
Aýat-töwir okanda owazly okap bilmeýän ekeni. Geplände-de ýuwaş, garjaşyk
gürleýän ekeni. Şeýle-de çaga ýaly utanjaň ekeni.
Ýöne, aýdýan zatlaryny welin, tüýs ýüreginden syzdyryp aýdýan ekeni.
Birnäçe zat bilmeýän hallaryna takwasyraşyp, «şüý-ä köp bilýär-ow» diýdirmek
üçin soralsa-soralmasa akyl beren bolşup, kimi haramy, kimi dowzahy, kimsäni
käfir, ýene birini hudaýsyz hasaplap, öňýetene dilini degrip, görene ýigrenji bolup
ýörmeýän ekeni. Diňe soralan zada, onda-da bildiginden jogap berýän ekeni.
Bilmese-de: «Şoň-a şumat jogap berip biljekgä, öýe baryp kitaplaryma seredip
göreýin, tapsam indikide aýdaýaryn» diýýän ekeni.
Hut şol häsiýetleri üçinem halk ony gowy görýär ekeni. Howwa-da,
ýürekden çykan zat ýürege baraýmalam-da! Içiniň maňzy-mazmuny bolmasa, gaty
gygyranyň bilen il-ä däl, öz öýüňdäkilere-de gep düşündirip, terbiýe berip
bolmaýar.
Öz aralaryndan şeýle adamyň çykandygy üçin oňa obadaşlaram-a guwanýan
ekenler welin, oglunyň şondan burunky baş goşan pişeleriniň çapyksuwarlykdan
öňňesini unamadyk Nazar şyhyň begenjini söz bilen beýan eder ýaly bolmandyr.
Özem şol ýol bilen gelýän adam bolansoň: «Hudaýa şükür, oglumam Hakyň
ýoluna düşdi, köpçülige ýaramly adam bolup ýetişdi, ylym aldy, ind-ä ölsemem
armanym ýok» diýipdir.
Ýöne, ölmändir. Şondan soňam tä Orsyýetde buržuaz rewolýusiýasy ýeňip,
Nikolaý patyşa tagtyndan taýdyrylýança ýaşapdyr. Iki sany ogul agtyga ― müň
dokuz ýüz altynjy ýylda-ha Omar kakama, onunjy ýylda-da Osman kakama ýüzi
düşüpdir. Olary dyzyna, boýnuna mündürip kän oýnadypdyr. Kakamy
görübilmändir. Ol has giç, ýagny ýigrimi ikinji ýylda doglupdyr. Aralykda atamyň
23
birnäçe çagasy bolup, hemmesem syçrapdyr. Kakam bolanda enem otuz sekiz
ýaşynda, Omar kakam bilen Osman kakam bolsa eýýäm ýüňi ýeten ýigitler
ekenler. «Şonda Omar bilen Osmanjandan utanybam, tas janym çykypdy» diýip,
enem bize gürrüň bererdi.
4.
Howwa, garry atam fewral rewolýusiýasyndan soňky, Oktýabr
rewolýusiýasyna çenli bolan gysga aralykda öňküsindenem beter, üstesine-de
Akjemal enem bilen bilelikde agyr syrkawlapdyr-da, ýatan ýerleri ýagty bolsun,
ikisem yzly-yzyna ýurtlaryny täzeläpdirler. Hä diýmänem häkimiýeti bolşewikler
eýeläpdirler. Patyşa Russiýasynyň çägine girýän ähli ýerlerde söweş hökümetini
berkarar edipdirler.
Bilşiň ýaly olar turuwbaşdan halkyň müňýyllyklardan bäri dowam edip
gelýän imanyna gadagançylyk girizipdirler, Hudaýy ret edipdirler. Üstesine halka
salgyt salypdyrlar, et, ýumurtga ýag ýaly oba hojalyk önümlerine «kontrakt»
baglaşmaklyga, dürli görnüşdäki döwlet zaýomlaryny satyn almaklyga borçly
edipdirler. Şol zatlary tabşyryp bilmedik, eli ýuka adamlar söwet hökümetiniň
duşmany hasaplanypdyrlar we uzak möhletleýin türme tussaglyklaryna höküm
edilipdirler.
Ýöne bir yslamy däl, ähli dinlerem ret edýändiklerine, Hudaýa sygynýanlary
halamaýandyklaryna gelen günlerinden başlap göz ýetirenem bolsa, henizem
öňküleri ýaly şäherden gül daşap obadaşlaryna paýlap, iň gowusynam edil öňküsi
ýaly, indi ogullaryndan agtyk söýüp oturan eneme berip, iliň ýagşysyna, ýamanyna
ýarap, öz güzeranyny özi tigirläp ýören atam, türkmeniň: «Hudaýdan soň patyşa»
diýen gadymy ýörelgesine eýerip, Sowet hökümetiniň garşysyna gitmändir, hiç
kimi onuň garşysyna ündemändir.
Kolhoz gurluşygy döwri ilden öňürti Nazar şyhdan galanja mallarynyň
hemmesini
orta
goýupdyr.
Salgytlaryny
wagtly-wagtynda
töläpdir,
«kontraktlaryny» aýtdyrman tabşyrypdyr. Uly möçberde zaýomlar satyn alypdyr.
Garaz, «şu adamyň sowet hökümetinden ýaňa içi ýylanok» diýere bahana
goýmandyr. Wagt geçer, hemme zat düzelişer öýdüpdir.
Hökümetiň welin, «hor-hory» ýatmandyr. Gaýtam barha güýjäpdir. Iňlis
interwentleri, aklar, menşewikler we başga-da birnäçe ýene-ýeneler bilen bellisini
edip, doly aýaga galandan, hususan-da, kolhoz gurluşygyny bir ýüzli edeninden
soň, ol ganly penjesini indi öz halkynyň bokurdagyna tarap uzadyp başlapdyr.
Şol çaka çenli hernäçe çeýelik görkezip gelenem bolsa, atam pahyr ine, şol
apy-tupandan welin geçip bilmändir.
Gürrüň müň dokuz ýüz otuz ýedinji ýylyň tutha-tutlugy barada barýa.
5.
Maşgalamyzyň başyndan agyr apat bolup inen şol waka biziňkileriň gum
içinden ýaňy bir etrap merkezine göçüp gelen döwürleri bolup geçipdir. Atam ol
24
wagt eýýäm oglanlyk döwri sowlup, jahyllygam duşundan geçip giden, elli iki
ýaşlaryndaky ýaşuly adam ekeni. Şähere göçüp gelmegine bolsa, çagalarymyz
oduň ýanýan, durmuşyň gaýnaýan ýerinde bolsunlar, täzeçe bilim alsynlar, alym,
suratkeş, bagşy, sazanda bolup ýetişsinler diýen düşünje sebäp bolupdyr. Şol
niýetini amala aşyrmak üçin, uzagyň ujundan onuň ogullary bilen bilelikde
Aşgabada göçüp gidäýmek, baran ýerlerinde gowy-gowy güller ekäýmek, bagban
bolaýmak niýetem ýok däl ekeni.
Emma, enem pahyryň wagtal-wagtal, jibrinipler gürrüň bermegine görä,
şäher olara düşmändir. Egerde gum içinde şol oturyşlaryna oturan bolsalar, onda,
onça belaýygerdanlaryň başlaryndan inmezligem mümkin ekeni. «Etrapman
geçsin-de, şu etrapmanlar geçen. Şuňa gelen günümizden başlap, başymyzdan
gowga sowulmady. Aşgabada giden bolsak dagy tohumymyzyň düýbüne düw
ekiläýjek ekeni. Geçiň öň aýagy ýaly alakjan, barysam şü Mämmetden...» diýip,
enem häli-şindi nalar ýörerdi.
Onuň beý diýmeginiň sebäbi, atamyň gül ekmek baradaky arzuw-a amala
aşypdyr welin, göçüp gelenlerinden soň iki ýyla ýeter-ýetmez, näme
sebäpdendigem takyk däl, gümürtik ýagdaýda Omar kakam bilen Osman kakamyň
ikisinem birden tutup alyp gidipdirler. Şol wagt müň dokuz ýüz otuz ýedinji ýylyň
tomsy bolup, Omar kakam-a otuz bir, Osman kakamam ýigrimi ýedi ýaşynda
ekeni. Omar kakamdan ýedi ýaşly, Hojanazar atly ogul, iki ýaşlam Maral atly gyz
galýa. Osman kakamdan ýaňy bir dört ýaşyny dolduryp bäşine giden bir ogul
galýar. Özleriniňem şol gidişleri gidişleri bolýa. Gaýdyp, habar-hatyr bolmaýa.
Ady Şeýda.Olar barada-da soň gürrüň bererin.
...Howwa, şeýle bolupdyr, ýöne, enemiň ýaňky: «Bize etrap düşmedi»
diýmesini welin men özüm-ä dogry hasap edemok. Sebäbi, soň-soňlar, zatlara
akylymyz ýetenden soň pikir edip otursak, o döwür ne şäherde, ne obada öýünden
kimdir biri alnyp gidilmedik hojalyk galmandyr-a...
«Ýiti gözli Ýežowyň» ýerlerdäki «laçynlary» hatda gum içindäki guýulary
çenli baryp ýetýän ekenler-ä.
Ýöne, näme üçindir biziňkilere has ýowuz darandyklary welin çyn. Soňky
wakalaram göz öňüne tutsaň enemiň nalasy ýerliksizem däl.
...Men-ä o wagtlar dünýäde-de ýok welin, kakamam ýaňy bir on alty ýaşyny
dolduran, öýlenmedik ýigdekçe ekeni. Entek idili jaýam salyp ýetişmändirler. Gyrgyssag, wagtlaýynça diýip, Omar kakama bir Osman kakama-da bir, ýene birinem
atam bilen eneme niýetläp, üç sany, ýerküme şekillije hemmesinem bir hatar edip,
jaýjagaz salypdyrlar. Şol üçüsiniň çat maňlaýynda-da, gum içinden getirilen, ýöne,
mazaly lagşan garaja öýlerini dikipdirler. Ol Nazar şyhdan galan ýadygärlik
hökmünde hemmeler üçin deň ― ortalyk bolupdyr. Onuň içinde üýşüp çaý içer
ekenler, ondan-mundan gürrüňler, gelejek barada süýji arzuwlar edişer ekenler.
Jaýlaryň ählisiniň daş-töweregine atam öz eli bilen halaýan bägüllerini
ekipdir. Akaba suw bolmansoň, bägülleri ep-esli aralykdaky guýudan setilli daşap
suwarypdyrlar.
Şäher ýerini hernäçe gowy görse-de, agtyklarynyň bagtly gelejekleri
baradaky iň gowy arzuw-isleglerini şonuň bilen baglasa-da, barybir atamyň bir
25
aýagy gum içindäki obalarymyzda bolupdyr. Aýat-töwir bilýän adamlaryň
gysylýan döwri bolansoň, işan-mollalaram görnetin agalypdyr-da, atam ýeke bir öz
obamyz bilen enemleriň obasyna däl, çakylyk gelse aýak ulagy hökmünde ulanýan
garry alaşajygyny münüp, has uzakdaky, gumuň jümmüşindäki obalara-da
gidiberer ekeni. Bir gün, iki gün ýatymlyk galaýýan gezeklerem bolaýýan ekeni.
Dogry, hökümet işgärleri oňa-da: «Öli ugradýaň, jynaza okaýaň, öwlüýä
barýaň» diýip, azar berýär ekenler. Ýöne, atam musurman bendesiniň gara ýere
jynazasyz duwlanmagyny göz öňüne-de getiribilmeýän ekeni. Çakylyk gelse:
«Soňunam görübereris, Allahu-akbar» diýäge-de ýola düşüberýän ekeni.
...Şolar ýaly saparlarynyň birinde atam gumdan gaýdyp gelse, enem pahyr
işigimizdäki gara öýüň içinde hünübirýan aglap otyr ekeni. «Wiý, Ennewül, näme
boldy? Näbela gopdy? Ýa garyndaşlardan gaýdyş edeni dagy bamy?» diýip
sorapdyr welin enem: «Wah, gaýdyşdanam beter boldy, Mämmet, balalarymyň
agysyny aglap bolmankam ine, düýn gelip, gara geýimliler gelip, arkamyň gara
daglarynam goparyp äkitdiler, doganjyklarymdanam dyndardylar. Şanazaram,
Begnazaram, ikisinem alyp gitdiler. Men indi neneň edeýin, Mämmet? Munça
derdi men nädip çekeýin...» diýip, öňküsindenem beter aglapdyr.
Az wagtyň içinde yzly-yzyna urlan agyr zarbalardan ýaňa bili bükülere gelen
atam birki ýola yraň atypdyr-da, içini tutup aşak çöküpdir. Başga-da bir aýdara söz
agzyna gelmänsoň, inçejik, jynssyz ses bilen: «Nämüçin maňa derhal habar
etmediňiz...» diýip, gygyrypdyr. Jany ýanyp oturan enemiňem jogaby nagt
bolupdyr. «Habar edenimizde seň näme edibiljek zadyň ba?
Öňkülere näme alaç edibildiň?
Öňlerine salyp özüňem äkidiberseler nätjek? Goşa-goşadan ýygnap, ojagyňy
öçürmeseler, eýesiz goýup atam ýurdunda ýel ösdürmeseler, ýumurtga
togalabermeli etmeseler, birini-ikisini ýygnanlary bilen kanagat edenoklar-a
olar...»
Oňa çenlem Şanazar daýymyň aýaly Şemşat daýzam, iki ýaşly gyzy
Mähegem elinde, aglap gapydan giripdir. Omar kakamyň maşgalasy Gülnäz
gelnejem bilen Osman kakamyň gelni Dürli gelnejemem hersi enemiň bir egninden
ýapyşyp aglap başlapdyrlar.
Begnazar daýymyň enemden başga aglara naçary ýok ekeni. Aýaly ilk-ä
uzak wagtlap dogmandyr, soňam bir kesele ýolugypdyr-da, ýogalypdyr. Ikinji
gezek öýlenmäge bolsa ýetişmändir. Şonuň üçinem, enem olara deregem aglamaly
bolupdyr.
Şol başagaýlykda dädemem bar ekeni-de, gögeleräki bolansoňmy ýa oň,
agalary tutulandaky yzlaşykda ýüregi çaykylypmy, näme etjegini bilmän, bir girip,
bir çykyp, elewräp ýörmüşin.
Şeýda bilen Hojanazaram itenekde-çomanak onuň yzynda diýýä.
Atama bolsa naçarlaryny köşeşdirmek iş bolupdyr. Ahyram ömür
etmeýänini edip olaryň üstüne gygyrypdyr. «Goýuň sesiňizi! Beýder ýaly olar
näme ölüpdirlermi? Ýa patalaryny alyberiň, diýen boldumy size? Wagtlaryny
geçirerler-de gelerler-dä näme! Uly il şu ýagdaýda şumat. Düýnki baran ýerindäki
üýşmeleňde aýtdylar, hut Atabaýüfüň özem şu zatlaryň ugrundamyşyn. Şu mesele
26
boýunça ýörite Meskewä-de gitjekmişin. Şol adamlar dagam şeýdip ýören bolsalar
bu zatlar beýdip, bu gidişine gidip durmaz-a!.. Ine, meň özümiňem ertir Aşgabada
gidip, ulular bilen gepleşip görmek niýetimde ýok däl. Galanam näme, nesibedirdä, Allahu-akbar...» diýipdir.
Şondan soň aýallar kem-kemden köşeşipdirler. Seslerini goýupdyrlar. Içigipiçigip, tisgine-tisgine uludan sowuk demlerini alypdyrlar-da, ýerlerinden turup,
hersi öz işli-işleri bilen boluberipdirler.
Öýde ýeke özi galandan soň, işigi içinden temmeläp, tä içini egisýänçä
atamyň özem aglapdyr. Doga okap, gidenlerine Biribardan kuwwat diläpdir.
Garaňkynyň gatlyşmagy bilen, atamyň gelenini eşidip, gumdaky
garyndaşlarymyzam,
şäherdäkilerimizem
öýümize
ýygnanyşypdyrlar.
Salamlaşykdan soň, henizemöňki gujur-gaýratyny ýitirmedik, iki obanyňam
ekabyry hasap edilýän Atanepes kakam atama: «Hiç kimedem-ä aňsat däl welin,
Mämmet, edil häzir-ä hökümediň jyny, şyhlara düşene meňzeýä. Olar indi senem
uzak goýmasalar gerek. Agzymdan al alsyn welin, bu gün-erte seňňem yzyňdan
gelerler. Ýöne, aýdyşlaryna görä, gaçan gutulýamyşyn. Senem gaç. Iň bolmanda
Eke molla ýaly Eýrana geç. Yzyňa biz özümiz serederis. Dünýelerem beýdip
durmaz, düzelişer, şondan soň senem gaýdyp gelersiň...» diýipdir.
Emma atam olar bilen ylalaşmandyr. Çünki, ýeke bir Omar kakam bilen
Osman kakamyň däl, eýsem hem-ä garyndaş ugrumyz bolansoň, hemem Temmim
daýymyň yzynda tutulan ogullaryndan başga direnip duran hossary galmansoň,
Şanazar daýymyňkylara eýelik etmekligem öz borjy hasaplapdyr. Şonuň üçinem
köp oýlanybam oturmandyr-da, şeý diýipdir: «Kyn günde kömegiňizi
gaýgyrmandygyňyz, ýerlikli maslahatlar berendigiňiz üçin taňryýalkasyn,
arkadaşlar. Ýöne, olar o ýerde eýdip, bendilikde ýatyrkalar, bularam beýdip bu
ýerde aýralygyň zaryny çekişip ýörkäler, menem gaýry bir ýurda gaçyp gidip, o
ýerde petekämi gaýşardyp ýörsem ýa özümi daga-düze urup, daşdan-daşa bukulyp
ýörsem bolmaz. Ol namartlyk bolar. Onsoňam ýazgytdan gaçyp gutulyp bolýan
däldir. Ol seni nirede bolsaňam tapar, yzyňdan ýeter. Şonuň üçinem, gara başa
näme gelse görübermeli bor. Alla keremdir. Näme etmelidigini Onuň özi gowy
bilýändir».
Ony ündäp oturmaklygyň peýdasynyň ýokdugyna gözi ýeten myhmanlar:
«Bor-da onda Mämmet, belki Hudaý gowusyny edäýedi-dä» diýşip, assa-ýuwaş
turmak bilen bolupdyrlar.
***
Hernäçe giňlige salsa-da, atam Atanepes kakamyň aýdanlaryny aňyndan
aýryp bilmändir. Gara geýimlileriň şu gijäniň özünde yzyndan geläýmekleriniň
ahmaldygyna kem-kemden özem ynanyp ugrapdyr. Aýallaryň öňünde: «Ertir
özümem Aşgabada gitjek» diýip beren wadasam ýadyna düşüpdir-de, öz-özi: «Aý,
bolýa-la, öňi-soňy gitjek bolsam gelseler gelibersinler-le şolar» diýip, pyşyrdapdyr.
Ýüzüni ak-tam edip, häliden bäri gapdalynda aşak bakyp, sessiz-üýnsüz aglap
oturan enemiň ýüzüne seredip: «ýaňkylaň diýenleri dogram bolsa, ýalňyşam bolsa,
27
Ennewül, birdenkä geläýseler dagy gyssagara aljyramazyň ýaly sen meniň şaýymy
şumatdan tutup goý. Düwünçejigimi düw» diýipdir.
Enem etegine ot düşen ýaly «zöwwe» ýerinden galypdyr-da, ellerini öwsüp,
uly-ili bilen gygyryberipdir. «Waý, senem äkitseler men ýeke özüm birgiden naçar
bilen çagany nädip saklaryn, nädip eklärin? Mustapa janam-a ýaş entek. Juda
bolmasa git bir ýana ýaňkylaň aýdyşlary ýaly o ýan, bu ýan... ― Birdenem
kiçijigem bolsa berdaşly gollaryny kelemenledip, ýumruklary bilen goç buýnuzly
köneje keçäni küdüňläp başlapdyr. ― Waý, men indi nätsemmäk? Nä alaç
etsemkäm? ― Garageýimliler gelip eýýäm atamy alyp barýan ýaly, daş çykyp,
içeri girip, ärini bukara ýer gözläpdir. Gelip ýene-de atamyň üstüne howala
bolupdyr. ― Juda bolmasa git, guma git, Atanepeslerde gizlen...»
Atam onuň aýdýan sözlerinem, bolup ýörşünem halamandyr. Gaty görüpdir.
«Göwräm kiçijigem bolsa men namart däldirin, Ennewül. Seni bu ýagdaýda taşlap
gidip gazanjak ömrümiň manysy näme? Soň men nä ýüzüme dolanyp oba geleýin?
Nädip iliň-günüň, seň ýüzüňe seredeýin? Başyma telpek geýip nä ýüzüme oba
arasynda gezeýin? Onsoňam entek gaýa-gopuz ýog-a! Men ýöne düşünişmäne
gitjek, diýýän-ä. Ekitmeselerem özüm gitjek diýdim-ä. ― Atam kellesiniň
gyzgynyna aýtmadyk zatlarynam, edibilmejek zatlarynam aýdyp ugrapdyr. ―
Atabaüf bilen gepleşmelem bolsa, oň bilen Meskewä gitmelem bolsa, baryp
Ysdalynyň ýanyna girmelem bolsa gitjek, diýdim-ä... Ýa-ha öz ogullarymam, seň
doganlaryňam alyp gelerin, ýa-da... ― Atam näme diýjegini bilmän ýaýdanypdyr.
― Ýa-da... Iň bolmanda belli bir zat bilib-ä gerin-dä... Ýöne, aglamaňy goý...»
Şondan soň enem aglamasyny goýupdyr-da, sessiz-üýnsüz atamyň ýol
şaýyny tutmaga başlapdyr. Çalşyrgyç egin-eşiklerinden, namazlygyndan başga,
«ýoldaşlyk» diýip, bir jübüt nanam salypdyr. Soňam ýaýdana-ýaýdana, gapdalynda
otura-tura ahyram ýüregini bire baglapdyr-da: «Haçan, nädip, nireden düşenin-ä
bilemok, ýöne, Ysdalynyň ýanyna barsaň, ölemen çilimkeşmişin, bir ýerlerden
düşüp galan Eýranyň garşy ak temmäkisinden bardy az-owlak. Şonam
salaýaýynmy, diýjek boldum-da...»
Bir zat soralanda sesini çykarmasa, azajygam torsarylsa atamyň şol soragy
halamadygy hasap edilýän ekeni.
Şol gezegem şeýle bolupdyr.
***
Oba bolsun, şäher bolsun, tapawudy ýok, Aleksandr Solženisyn, Warlam
Žalamow, Anatoliý Rybakow ýaly şol döwür barada köp ýazan rus awtorlarynyň
şaýatlyk etmeklerine görä, hatda Moskwa ýaly uly şäherlerde-de tutha-tutluk gije
ýarymdan soň, hususan-da daňdanaralar, hemmeleriň süýji uka giden wagtlary
amala aşyrylýan ekeni.
Goňşusynyň tutulyp äkidilenini goňşusy duýmaýan ekeni. Diňe ertesi:
«Pylanynam ýygnapdyrlar», «Öten agşam pylanynam tutup äkidipdirler» diýen
ýaly gürrüňler ýaýraýan ekeni. Her kim özüni tutup alyp gidýänçäler, beýlekiniň
ykbalyna baş galdyrmaýan ekeni.
28
Atamyň düwünçegini taýyn edeninden soň, enem daş çykyp, bir gujak bägül
ýygyp getiripdir-de, dulda duran gadymy, nagyşlanan, üsti ýükli sandygyň bir
gyrasynda goýupdyr.
Garageýimlileriň şol gije hökman geljekdiklerine indi olaryň ikisem ynanyp
başlapdyrlar.
Gündiz aglap-aglap ýaşlary gutaransoň, şeýle-de olar ýaly zady
göwünlerine-de getirmänsoňlar, gelinleri gara bermändirler. Irgözinden
ýatypdyrlar.
Ýaňy bir on alty ýaşyna giden dädemem şol wagt gündizki bolup geçen
işlerden ýaňa kellesi agrap, gara öýüň içinde ýüzün düşüp ýatan ekeni. Enem ony
turuzjak bolupdyr, ýöne, atam rugsat bermändir. «Degme, meni tutup äkidenlerini
görmesin, gyýylmasyn, ýüreginde dag galmasyn» diýipdir.
Agtyklarynam, gelnejelerimem oýartmandyr.
Şemşat daýzamlaram golaý ekeni. Ýöne atam enemi olara-da ibermändir.
«Olaryň derdi onsuzam ýetik». «Aýralyk pursady, ikijigimiz bile bolaly» diýipdir.
Muňa enem bozulypdyr.
Şondan soň, atam töre geçipdir-de, gelseler göni turup gidiberer ýaly
düwünçegini bagryna basyp oturyberipdir. Enemem onuň çat maňlaýynda
çöküpdir.
Içleri gysmaz ýaly ýaşlyklaryny ýatlaşypdyrlar.
Gulaklary welin daşardamyşyn. Sähelçe «şygyrdy» eşidilse-de, enem-ä:
«Hiý-wiý...» diýip, oturan ýerinden diwaryň düýbi bilen gapa tarap
süýşenekleýämişin. Ol süýşse atamam: «Ýa Allah...» diýip, öňe omzaýamyşyn.
Turmaga hyýallanýamyşyn.
Şeýdip, süýşe-süýşe gijäniň birmahallaryna çenli ikisem bosaga golaýlap,
söýeden ýapyşyp oturan bolupdyrlar.
Geljekleri-gelmejeklerem näbelli, çagyrylmadyk myhmanlara garaşmakdan
ýaňa olar şeýle bir ýadapdyrlar welin, obanyň o çetinde it üýrse ýa eşek aňňyrsa-da
goltuklaryndan gop berlen ýaly ýerlerinden galyp, sowa-deňleşiberipdirler, «bor
onda-da ― bor onda» bolşup razylaşyberipdirler.
Wagt daňdana golaýlaberende: «Geljek bolsalar geläýmel-ä, garaşmak ýaly
ýaman zat ýok» diýip, atam pyşyrdapdyr. «Başga-da barmaly ýerleri köpdür-dä ―
diýip, enemem göwünlik berýän şekilde onuň özündenem ýuwaş gürläpdir. ―
Belki gelmäýediler-dä... Gapymyzy tapman yzlaryna gidäýediler-dä... ― Birdenem
enemiň ýüzi ýagtylan ýaly bolupdyr. ― Asla olaryň seni äkitmek oýlarynada-da
ýok bolaýmasyn, Mämmet? Biz ýöne, gury basga galyp oturan bolaýmaly?
Atam jogap bermändir. Gaýtam yzly-yzyna gapydan «jyklap» başlapdyr.
Hatda, daş çykyp,o ýan, bu ýan garanjaklan, garaňkylyga tarap ýapyrylypýapyrylyp sereden, gulagyny goýup ýer diňlän gezeklerem bolupdyr. Soňabaka ol
bu «oýna» şeýle bir gyzyşypdyr welin, «myhmanlary» öňürti özi görüp, eneme
buşlasy, «begendiresi» gelipdir. «Gel-aý, hoşlaşaýaýyn-la, şuň bilenem, jahyl
çykdy, gorkup-ürküp durasy ýok-la» diýip, turuzmak üçin birki ýola dagy dädemiň
ýatan jaýyna tarapam hyýal edipdir-de, ýene-de dözmän yzyna çekilipdir.
29
Oňa çenlem daň saz beripdir. Zulmat gyzarypdyr. Atam içeri giripdir-de,
uzakly gije goltuklap çykan düwünçegini bir gyra oklapdyr. «Ennewül, seň diýeniň
çyn bolaýdy öýdýän, gelmedi bular-a...» ― diýipdir. ― Elmydama-da şuňňalydyda, sen bir zat diýseň şo bolýady-da... Ind-ä Mustapanam turzup, bileje çaý
içäýsegem bolman durmaz... Hä? Şeýdelimi? Onda sen çaýyň ugruna çyk, oňa
çenli menem bir eglip-galaýyn...».
Şeýdip, ol säherki mynajatyna başlapdyram welin, gapyň agzynda ilk-ä aýak
sesleri, soňam «hümürdi» eşidilipdir. Gapy kakylypdyr. Üç bolup içiljek çaýyň
aladasy bilen gümra bolup ýören enem baryp işigi açsa eginleri gara gaýyş
kurtkaly, edil şol matadan tikilen gaty uzyn gara papakly, billeri kemerli,
ýanbaşlary sapançaly, biri türkmen, ikisi başga milletden bolan üç adam ýüzlerini
duw-ak edişip durmyşynlar. Ýolbelet hökmünde öňlerine düşüp gelen bolsa gerek,
aňyrrakda ispolkomyň işgärlerindenem biri gelenine utanýan ýaly, ýüzüni
sypajakladyp, köwejekläp ýör ekeni.
Sapançalylaryň arasyndaky türkmen ― ýöne o-da arassa gepläp bilenok
ekeni ― atamy sorapdyr. Enem onuň garaşa-garaşa ýap-ýaňyja namaza
durandygyny, azajyk garaşmaklaryny sorapdyr. Olar enemiň «garaşa-garaşa» diýen
sözüne geň galyp, biri-birleriniň ýüzlerine seredişipdirler. Çünki, olar baran
ýerleriniň ählisinden dady-perýada, ahy-nala, «näme üçinlere...» garaşýan ekenler.
Bular bolsa... Edil myhman garşylan ýaly...
Olar: «Bor, bor» diýşipdirler-de, çilim çekişip, daş işikde garaşyp
başlapdyrlar. Enem: «Okap boldy, giräýiň» diýeninden soňam salam berip içeri
giripdirler. Ýüzüne seredibilmän duruşlaryna atama özleri bilen gitmeli
boljakdygyny aýdypdyrlar. Atam şol bir sadalygyny edip: «Bor, iniler, bor, asyl
men özümem şu gün ir bilen ulyňyzyň ýanyna gideýin diýip otyrdym, geleniňiz
gowy bolaýdy, Allahu-akbar...» diýipdir.
Düwünçegine ýapyşanyndanam soň özüniň bize aýdyp berşine görä, enem
özi-de bilmezden, uly-ili bilen ses edip, atamyň üstüne zyňypdyr. Sapançaly
türkmen olary aýrylyşdyrjak bolsa, beýleki ikisi oňa iki ýerden orsçalap: «Degme,
goý, hoşlaşsynlar» diýipdirler. Enem diňe atamyň: «Goý, Ennewül, aglama,
Mustapany oýararsyň» diýen sözi gulagyna gelenden soň, atamyň gujagyndan
çykyp, bir gyra çekilipdir. Birdenem bir zat ýadyna düşen ýaly eplengi düşeklere
tarap topulypdyr-da, üstündäki bägüllerden ep-eslisini alyp, atamyň eline
tutdurypdyr.
Bokurdagy dolmakdan ýaňa atam zordan gepläpdir. «Güllerimiz
solaýmasyn, Ennewül, wagtly-wagtynda suwaryp dur...» Enemiň: «Arkaýyn bolaý
Mämmet, ýekeje düýbünem guratman...» diýesi gelipdir, ýöne, şoňa-da gurbaty
çatmandyr. Atamy alyp çykyşlary ýalam diwardan ýapyşypdyr-da, syrylyp aşak
çöküpdir. Bosagany gujaklabam özünden gidipdir.
Şol gije atamyň alnyp gidilendigini hatda, iň ýakyn goňşularymyzam, hatda
Gülnäz gelnejem bilen Dürli gelnejem dagam duýmandyrlar. Bolan wakany olara
enemiň «iňňildisini» eşidip, ukudan oýanan dädem baryp aýdypdyr. Atam bilen
hoşlaşyp bilmändigi üçin ol uzak wagtlap gynanyp, turuzmandygy üçin enemden
30
kine edip gezipdir. Onuň hatdagaýdyp gelenden soňam: «Turuzman gidipsiň»
diýip, atama iňirdeýäni ýadyma düşýä.
Şol gije atam bilen bilelikde mekdebiň taryh mugallymy Gurt Eseniňem
ýygnalandygy baradaky habar ertesi oba ýaýrapdyr.
6.
Atamyňäkidilenine iki ýyl diýlende uly gelinleri bilen bilelikde orlupçapylyp, enem dädemi öýlendirýä.
Bir gowy zat, şol döwrüň adamlary guda bolanlarynda ullakan zat talap
edibem durmaýan ekenler. «Gapymyzdan aglap gelmese bolýa, daşyny çolaň-da
alyp gidiberiň» diýen ýaly ylalaşykly sözler bilen ugradyp goýberiberýän ekenler.
Sebäbi, hemmäniňem ýagdaýy birmeňzeş bolan. «Seni gör-de, meni gör». Tüýs:
«Gyrdeňlikden Hudaý saklasyn» diýenleri ekeni.
Ejemem öň tanalyp ýörlen, terbiýeli ýeriň çagasy bolansoň, gelşi ýaly gelen
ýeri bilen boluberipdir. Beýleki gelinleriňem gaýyn eneleriniň agzyna
bakýanlaryny görüp, o-da şolaň ýörelgelerine eýeriberipdir. Öýüň ody bilen girip,
küli bilen çykypdyr. Öýüň ýüküni dädem bilen deňine çekişipdir. Eltilerine-de
ýetdik kömegini gaýgyrmandyr. Olaram özlerini saýry tutmandyrlar. Öýleri aýry
bolsa-da, iýenleri aýry bolmandyr. Olar bütin etraba: «Pylanynyň gelinleri ýaly
gelniň bolaýsa» diýdirmäni başarypdyrlar.
...Müň dokuz ýüz kyrk birinji ýylyň ýazynda agam Sünnet dogulýa. Şol
ýylyň tomsunda-da uruş turýa-da, dädem fronta gidýä. Ilkň-ä: «Sen halk
duşmanynyň çagasy, agalaryňam, daýylaryňam türmede otyrlar» diýip, ony
almajagam bolupdyrlar. Ýöne, dädem gaty berk durupdyr. «Basylanyň çagasyny
duşman saýyp ýörjek bolsaňyz ýene iki günden urşa iberere adamam tapmarsyňyz.
Juda bolmasa-da, gaçyp giderin welin, giderin, Watan goragyndan gaýra durmaryn.
Daýylarym üçinem, agalarym üçinem urşaryn» diýipdir.
Soňabaka hakykatdanam kakamyň diýeni bolupdyr. Çünki, ýüňi ýeten goç
ýigitleriň haýsynyň dokumentlerini galdyrsalar aňyrsy «Halk durmany» bolup dur
diýýä. Şondan soň döwlet möçberinde ol ýörelgeden el çekmeli bolupdyrlar. Hatda
Staliniň özem uruşdan öňki basan generallaryny, marşallaryny yzyna çagyryp,
frontuň iň bir jogapkärli ýerlerine iberipdir.
Şeýdip, dädem urşa gidýä. Öýüň günamasy, çagalaryň aladasy diňe
aýallaryň başyna galýa.
Kyrküçünji ýylyň başlarynda dädem aýagyndan ýaradar bolup her goltugy
bir pişekli gaýdyp gelýä. Şol ýylyň aýagynda-da men bolýan. Elbetde, ýagdaýy
gowulaşandyr-da, şondan soň ol pişekleriniň birini taşlapdyr.
Meniň akylym aga-gara ýetip ugran döwürleri bolsa onuň eýýäm bir tarapy
tutawaçly, aşaky ujuna-da tegelejik gara rezin geýdirilgi ýeke nil taýajygy bardy.
Şonsy bilen «liňk-liňk» edip ýöreni henizem gözümiň öňünde dur.
Ýedi ýaşymy dolduryp, mekdebe gatnap ugran döwürlerim dädem ojagaz
taýagynam zyňdy. Çalarak ýempeýä diýäýmeseň,maýyplygy bildirmedi.
31
Şol wagtlar meni iňkise goýan zat ― birinjiden-ä dädem Sünnet
ikimizdenem ogrynça, kimdir birini gözläp, nirädir bir ýerlere hat ýazýardy. Ýöne,
kimi gözleýä, nirä ýazýa, ony bilemok... Ikinjidenem, öýdäkileriň ýüzleri hemişe
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gyrmyzy bägüller - 04
  • Parts
  • Gyrmyzy bägüller - 01
    Total number of words is 3602
    Total number of unique words is 2264
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 02
    Total number of words is 3645
    Total number of unique words is 2074
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 03
    Total number of words is 3604
    Total number of unique words is 2179
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 04
    Total number of words is 3641
    Total number of unique words is 2271
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2169
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 06
    Total number of words is 3611
    Total number of unique words is 2212
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 07
    Total number of words is 3628
    Total number of unique words is 2142
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 08
    Total number of words is 3631
    Total number of unique words is 2100
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 09
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2116
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 10
    Total number of words is 3540
    Total number of unique words is 2078
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 11
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2026
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 12
    Total number of words is 3669
    Total number of unique words is 2057
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 13
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2181
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 14
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2262
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gyrmyzy bägüller - 15
    Total number of words is 1835
    Total number of unique words is 1305
    36.0 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.