Latin

Aý gaýdyp geler - 06

Total number of words is 3623
Total number of unique words is 2282
29.5 of words are in the 2000 most common words
40.8 of words are in the 5000 most common words
47.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Açlykdan heläk bolmazlary ýaly, her gün günortanyna mekdepde
ýarma bişirip, mekdep okuwçylarynyň hersine bir susak ýarma bererdiler.
Ýöne çagalaryň has horraklary, juwazçydan künjara diläbem iýerdiler.
Edil, gaty çörek gemiren ýaly hatyrdadyp gemirer ýörerdiler. Hakyna
seretseň, juwazçylar ýagy alnandan soň galan künjarany juwaz aýlaýan
düýelerine bererdiler. Emma soňabaka şo-da gyzylly halka döndi.
Ajymtyk, ýagjymak tagamy bordy özüniňem. Künjiniň gabygy-da! Käbir
adamyň dagy ýüzüne künjaraň reňki çykdy gitdi. Hälem syn etseňiz oba
arasynda keýeine «pylany künjara» diýýändirler. Ana, künjarany köp
iýip alan atlary şo, şolaryň. Ýöne ony beý diýip aýtmalam däl welin,
nätjek-dä, adamzat-da bi, diliniň eýesi däl-dä, aýdyberýä-dä...
Asyl aýdýan-a, kolhoz başlyklarynyň ýa oba guramalarynyňky
bolaýmasa, obanyň galan tamdyrlarynyň agyzlary kerepleşer ýatardy.
Ýöne olaram tamdyrdaryny iliň gözüne güýdüşip, gije-girim ýa
daňdanaralar, il örmänkä otlardylar. Ogrynçarak iýip-içerdiler.
«Düýn bazaryň ortarasynda bir adam eşegarabanyň üstüne çykyp:
«A-how, adamlar, kim, şu meň elimdäki ýüz manady alyp garnymi
doýrubiljek?!.» diýip gygyrypdyr welin, hiç kimden ses çykmandyr»
diýýänleri şu günki ýaly ýadymda.
Hernä ýaz çykyp, meýdanda ot-çöp gögerenden soň hojalyklaryň
azajygam bolsa ýüki ýeňledi. Halk: «Hudaýa şükür, göge ýetdik, indi
aç ölmeris» diýdi. Üstesine şol ýyl ýagynam şeýle bir bol boldy-da, otçöp diýeniň dagy edil, başyna gören ýaly gögerdi. Öňündäki ýyl welin
68
— elbetde, adamzat biri-birini gyryp ýörse Allatagala-da halaýan däldirde — asmandan nem dammandy. Gurakçylyk bolupdy. Şeýdibem açlyk
düşüpdi.
Ana, onsoň gök çykdam welin, ilat akbaş, selme, ýorunja ýaly
meýdan otlary bilen mydar edip ugrady. Ot ýygmaga esasan biz — çaralar
giderdik. Getiren otlarymyzy ejelerimiz suwa atyp gaýnadardylar, tapanja
unlaryny şoňa garyp bulamak ýa unaşjagaz bişirerdiler. Şeýdip, gurap
barýan içegelerimiziň içinden ýyly-yssy geçirerdik. Bulamaga ýaşulular
«ýilik doldyr» diýerdiler. Uny sähelçe galarak tapsak, ejelerimiz ony göge
gowrak garyp, kiçiräk-kiçiräk çörek ederdiler-de tamdyrda gatyrardylar.
Oňa «gökloňňa» diýerdiler. Daşyndan çörege meňzese-de, çörek tagam-a
ýokdy gurbany gitdigimiň.
Tek-tek ýygyp edil arpa ýa bugdaý döwen ýaly döwüp, atyp, sowrup,
üwäp, tamdyra ýapyp iýen gezeklerimizem boldy. Göm-gök, ajymtyk,
iýeniňde agzyň içinde gylçyldap duran çöregi bolardy. Ejem pahyryň bir
gezek tek-tekiň unundan bir tamdyr çörek bişirip:
— Alyň, balalarym bir gezek bir ölçegsiz, ine-gana iýiň, hezil ediňde! — diýip, öňümize üýşüreni henizem ýadymda.
Şol günleri ýatlamak bilen men esasan, başga bir wakany gürrüň
bermekçi bolýan.
Ine, onsoň, şu, gürrüňini edip oturan döwürlerimiz, obamyzyň
demirçi ussasy, urşuň ilkinji ýyllarynda ýaradar bolup gaýdyp gelen
Gurban aganyň öýünde men bilmedim ― Marydan ýa Ahaldan argyşa
gelen argyşçylardan üzülip galanmy, ýa başga bir saý-sebäp bilen şu
ýerlere düşenmi, Gurban aganyň bir ýerlerde ýaşap ýören daşkyrak
garyndaşlarynyň çagasy bolsa-da bilemok, ony hiç kimem bilenok, garaz,
Amanýaz atly, saryýagyz, hoşgylawja bir oglan ýaşaýardy. Gylygy gowy
bolansoň, ota-çöpe-de men köplenç şonuň bilen giderdim. Ony ejemem
gowy görýärdi. «Erkek oglanam bolsa gyzdan gylykly. Adamyň ýüzüne
dogrulap seredenini göremok» diýerdi. «Gurbanyň aýaly şojagaz oglany
öýüne sygdyranokmyşyn, şu gyzyl açlykda öz sülsatlarymyzy eklesek
az däl, ýok et-de kow, bolmasa-da özüm kowjak diýip, ärine azarberýärmişin» diýen gürrüň oba ýaýranda-da, ejemiň gaty gahary gelipdi.
Tas, Gurban aganyň aýalynyň üstüne gidipdem. Hernä:
― Aý, her ýan ýatsa-da, Gurban ony kowduraýmaz — diýipdide, köşeşipdi. Oturyp-oturybam: — Bir oba bir oglany sygdyrmazam
bir il bormy? Ile ilem sygýandyr, çaga dagy näme. Juda bolmasa özüm
69
saklaýaryn men şo çagany — diýildi. Amanýaza-da: — Kowsalar göni
geläýginiň guzym şu öýe. Gepini çekmegin ýelni kesileniň ― diýip
sargapdy.
Amanýazyň özem ejemde ene mährini duýýan ýaly, eli sypyndygy
biziňkä gelerdi. Ejemiň geň-enaýy gürrüňlerini, ertekilerini diňlärdi.
Ýatmaga gitjek bolanda ýerinden juda kynlyk bilen galardy-da, ýaýdanaýaýdana giderdi.
Şol gün otdan gelşimizem ol Gurban agalara sowulanda, agşam
biziňkä barjakdygyny aýdyp galypdy.
Ejem ikimiz bir okarajyk gök bilen iki sany gyzdyrmanyň daşyna
geçenimizdenem «salowmaleýkim» diýip gapydan gelipdi. Biz onuň
geljeginden habarly bolandygymyz üçin, ýerli-ýerden «geç-de-geç»
boluşdyk. Ol bolsa ýüzüni goltugyna sokaýjak-sokaýjak bolup durşuna:
— Orazsoltan eje, men-ä kowdular welin, ýöne gaýrat ediň-de, şu
gijelik myhman alyň, ertir irden ýola düşjek. Ýatara ýer berseňiz bolýa,
iýere zadym bar — diýdi. Iýere zadynyň bardygyny subut etmekçi bolýan
ýaly, aňyrsyna öwrüldi-de, eliniň arkasy bilen köneje, hülle ýaglykdan
edilen guşagynyň bil oňurgasy töwereklerindäki tümmerip duran ýerine
kakyp goýberdi.
Men birhili boldum-da, ejeme seretdim. Ejem:
— Wah-wah, wah-wah, naýynsaplar-e-eý, ynsapsyzlar-e-eý...
— diýdi-de, towsup ýerinden turdy. — Haýsy kowdy? Gurbanmy?
Aýalymy? — Amanýaz: «Gurban akgam öýde ýok» diýensoň, ejem
hasam öjükdi. — Geç! Geç, oglum, geç! Geç, ine, Ýazly janyň ýanyna
geç! Otur şu ýerde! Senem bir oglum-a meň. Gitme. Hiç ýana-da gitme.
Bir öýden kowuldygyň obadan kowuldygyň däl-ä! Boluber ine, şu
öýde — diýip, öňem telim gezek gaýtalan sözlerini ýene-de bir gezek
gaýtalady. Iç işikde çepegini çykaryp duran Amanýazyň iki egninden tutup
meniň ýanyma getirdi. Oturtdy. — Häk, ýelni kesilen, ahyr öz diýenini
gögerdipdir-ow — diýip, Gurban aganyň aýalyna käýinip oturyşyna bir
käse çaý guýup berdi. Iýjek bolup oturan gögümizi, gyzdyrmalarymyzy
öňüne süýşürdi. — Näme, iýere zadyň bolmaýanda Orazsoltan ejeň seni
kowaýar öýtdüňmi, oglum?
Amanýaz bolsa:
— Ýo-o-o... I-i... Bar-a ine, iýere zadym bar-a... Bar diýdim-ä... —
diýip, şo-ol, aljyrady oturdy. Özi welin «Iý, oglum, iý» diýip, ejem her
näçe ýalbarsa-da öňündäki gyzdyrma, göge elinem urmady. Aşak bakyp,
70
yzly-yzyna gultundy oturdy. Ellerini owkalady. Barmaklarynyň ujy bilen
gözleriniň gyrasyny süpürdi. Ahyram: «Beýle boljak bolsa onda deňňenäni
deň çekişmeli borus» diýýän ýaly uludan demini aldy-da, çöküne düşdi.
Uzynly gün gök ýyganlygy sebäpli göm-gök bolup duran barmaklaryny
titredip, guşagyny çözmäge hyýallandy. Düwün ýerini tapman ellerini
ha sag bykynyna, ha-da sol bykynyna eltdi. Ahyram çözdi-de, öňünde
keserdip goýdy. Howlukman epinini ýazyp başlady: Guşagynyd gaty
ýukaldygyça elleriniň ysgyny azalyp, hereketleri haýallady. Iň soňky
gaty galanda hasam ýaýdandy. Şony açdygy biri geläýjek ýaly, saňňyldap
oturyşyna nämüçindir gaýta-gaýta gapa seretdi. Iki barmak kagyzdanam
ýeňil, essi giden ýyrtyk guşagyn ýalaň gatyny ýekegapana gurlan agyr
gapanyň agzyny açýan ýaly kynlyk bilen, ummasyz güýç sarp edip açdy.
Çözlenip-çözlenip, dar jaýyň içinde ep-esli ýeri, tutup ýatan guşagyň
içinden aňry gitse bir kepderä bir ýaýlym ýa boljak, ýa bolmajak —
gowrulan arpa dänejikleri çykdy.
Aşan bakyp oturyşyna, Amanýaz şol dänejiklerden üç-dört sanysyny
ýeke-ýekeden agzyna atdy-da, «kirt-kirt» edip iýmäge başlady. Arasynda
çaý owurtlady. Gyzgynjak çaý içegeleriniň iç ýüzüni sypalap geçensoň
göwresine birneme kuwwat geldimi, nämemi, başyny galdyrdy-da, edil
mährem aganyň eý görýän inisine diýşi ýaly ýüzüme mähirli seredip:
— Al, senem iýsene şundan, doganjygym — diýdi. Soň ejeme
ýüzlendi. — Alyň, sizem iýseňizläň, Orazsoltan eje, kän-ä bi...
― Wah, çagajygym, iýere zadym baram diýýär-ä...— diýenden,
ejemiň-ä hykga bokurdagy doldy-da, şondan soň bir agyzam gepläp
bilmedi.
Amanýazyň bolup oturyşyny görüp menem birhili boldum. Ortadaky
arpa dänejiklerinden iýjegimem bilmedim, iýmejegimem. Amanýaz üçin
iýenimde gowy boljagynam bilmedim, iýmänimde gowy boljagynam.
Iýmesem göwni galaýjak ýaly, iýsem ol ýol azyksyz galaýjak ýaly
göründi. Çünki, onuň bu çümtünipjik oturyşy bujagaz däneleri diňe bir
şu gün agşam ýürekse edinmek üçin guşagyna gysdyrana meňzänokdy.
Çakym çak bolsa, bujagaz dänejikler oňa ertir irdenem, günortanam,
agşamam, garaz, tä, barjak ýerine barýança ýol azyk bolmalydy.
Şeýle-de bolsa men onuň kalbynda şojagaz höreginiňem biziň
gyzdyrmamyzdan kem däldigi barada buýsanç döretmek üçin, özüni bu
öýde ýük däl-de, gaýtam üýtgeşik bir nygmat getiren adam hökmünde
duýmagy üçin, sag elimi uzadyp, dänejiklerden bir çümmügini aldym71
da, çep elimiň aýasyna guýdum. Edil öz edişi ýaly ýeke-ýekeden agzyma
atyp, kitirdedip ugradym.
— Eje, dadyp gör. Büý-ä gowy bolýan ekeni. Arpa tapsak bizem
şeýdeli. Juda bolmasa tek-tekden edeli. Bomy?.. — diýdim.
— Bor, oglum, şeýdäýeris — diýdi-de, garnyň kyrk gaty ýaly
ortarada gasyn-gasyn bolup ýatan guşagyň içindäki arpa dänejiklerinden
ejemem ylaýyk iki sanysyny alyp agzyna atdy. Çeýnäp ugrady. Ýöne
kitirdi eşidilmedi.
Amanýaz diňe şondan soň ortadaky gyzdyrmalaryň birine elini
ýetirdi. Ujundan sähelçejik döwüp aldy-da, agzyna saldy. Henizem
çöküne düşüp oturyşyna garry adam ýaly dodaklaryny çommaldyp
kümşüldedi. Çeýnemini ýuwdup-ýuwutmanka-da: «boldum» diýip yza
çekildi. Töwir galdyryň diýýän manyda ellerini serip ejeme seretdi.
«Iýsene, jan guzym, çekinmesene» diýip, ejem hernäçe dyzasa-da,
şondan soň ol ortadaky gyzdyrmalara tarap nazaram aýlamady. Gaýtam
omyna garaşýandygyny mälim edip, oturan ýerinden hasam ykjamlandy.
Şular ýaly-da uly adamlaryň edişi ýaly ardynjyrady.
Ejem:
— Özüň okaýsana, Amanýaz jan. Ýaş kiçem bolsaň erkek tanasyň,
hemem del töwir bor — diýenden soň içinden bir zatlary okaşdyrdy-da,
iki elinem ýüzüne sylyp goýberdi. Bizem şeýtdik.
Amanýaz arpa dänejiklerini ýene-de öňküsi ýaly edip guşagyna
orady. Emaý bilen biziň saçagymyzyň gyrasynda goýdy. Boýunjagazyny
burup ejemiň ýüzüne naýynjar garady.
— Orazsoltan eje, men-ä onda ho, burça geçip gyşaraýjak...
— Gyşaraý, oglum, gyşaraý...
Şondan soň biziňem iýip-içip ugrumyz bolmady.
...Ertesi irden men ejemiň sesine oýandym. Ol Amanýazy öýden
goýbermejek bolup dyzaýardy. Amanýaz bolsa eýýäm guşagyny
biline daňyp uzak ýola taýýar bolup durdy. Guşagynyň biloňurgasy
töwereklerindäki tümmüjegi welin, öten agşam geläýendäkisine görä
birneme pesräk, ýapbaşygrak görünýärdi.
Ol meniň oýananymy gördi-de, duran ýerinden bir ädim öňe süýşdi.
Iki elinem jüpläp maňa tarap uzatdy. Men ýyly düşekden sogrulyp baryp,
onuň ellerini gysymyma gysdym. Düýn meýdandan bileje selme ýygan
göm-gök eller garyşdy. Ikimizem birsellem sesimizi çykarman durduk.
Men özüme zor salym Amanýazyň ýüzüne seretdim. Görsem o-da meniň
72
ýüzüme seredip dur. Ýylgyrjak bolýar. Ýaňaklaryndan syrykýan owunjak
ýaş düwmejiklerini görkezmejek bolup, horja elleriniň aýasy bilen yzlyyzyna süpürýär. Şunça bile tirkeşsegem, onuň gezleriniň edil düýnki ot
ýygan ýaýlamyzyň gyrtyçlary ýaly göm-gökdügini hem men diňe şonda
bilip galdym.
Ol zordan:
— Sag, oturyň... — diýdi-de, aňyrsyna öwrüldi. Bosagadan ätläbem
yzyna öwrüldi. Ejemiň çukur köwüşli aýaklaryna seredip durşuna eýýäm
özüni ele alan adamyň merdemsiligi bilen pert-pert gürledi. — Men
obadan öýkeläp gidemok, Orazsoltan eje. Hiç kimden gatam göremok.
Sizdenem köp-köp razy. Her ýerde bolsamam men bu ýere ýene-de gerin.
Gurban akgama-da aýdyň, meni idäp ýörmesin. Men indi çaga däl, öz
günümi özüm görerin. Özüm bir ýerden habarymy ýetirerin...
Şeý diýdi-de, çykyp gitdi.
Meniň ony şähere barýança, hiç bolmanda obadan çykýança
ugradasym geldi. Has dogrusy, yzyndan ýetäge-de: galsana, biziňkidejik
bolubersene diýip, özümiňem ýene bir meýdan ýalbarasym geldi. Emma
gymyldabam bidmedim. Edil söýä çüýlenen ýaly, gabsany gujaklap
gapynyň agzynda germelip durdum.
Bagy üzük çepejiklerini «şapbyk-şupbuk» etdirip, essi giden
hülle ýaglyk bilen guşalgy köneje donunyň syýlaryny ýazyp ýakymsyz
şemalyna galgadyp, ullakan, gara gulakjynyň aşagynda ýegşerilip barýan
ýetim oglanyň keşbi bolsa, gözlerimiň öňünde kem-kemden goýalyp
barýan çalymtyl dumanyň arasyndaky owunjak, içi deşik halka şekillije,
millionlarça nokatjyklara garyşdy-da, soňam düýbünden bulaşdy.
Nämüçindir agzymyň iki gyrasynda-da şorumtyk tagam peýda boldy.
...Soň-soňlar ony, raýon merkezinde gördük diýenlerem boldy,
beýleki obalaryň birinde gördük, pylankes şony ogullyga alaýypdyr
öýdýän diýenlerem boldy. Ýolda Gün urup ýogalypdyr, ajygyp dälije
mäş iýip däliräpdir diýenem tapyldy. Obadan gidip şäher internatyna
ýerleşipdir, ondanam Aşgabada okuwa gidipdir diýen ýaly gürrüňlerem
eşidildi. Ýene, belli bir zat bilen bolmady.
Ýetim oglany özi ýokka öýünden kowanyna gahar edip, aýalyny
öldir ýaly ýenjenden soň şol jelegaýlary, atly aýlanyp çykan Gurban agada ondan derek tapman gaýdyp geldi.
Biziň obamyza nädip düşendiginiň näbelli bolşy ýaly, onuň soňky
ykbalam näbelli bolup galdy.
73
Men welin käteler, ýolum düşüp şähere baranymda ýol gyralaryndaky,
baglaryň, haýatlaryň düýbündäki, hapa zyňylýan hendekleriň içindäki
çaşyşyp ýatan çörekleri, heniz başy hem bozulmadyk akja bulkajyklary,
bir gezek dişlenip-dişlenmän taşlanan pişmejikleri, oba toýlaryndaky
harman-harman çörekdir et-süňk galyndylaryny, çukurlara guýulýan
gazan-gazan palawdyr gaýry naharlary görüp, Amanýaz ikimiziň şool, dünýäde bir döwüm çörekden gymmat, şondan elýetmez zat ýokdur
öýdüp ýören günlerimizi ýüzüne künjaranyň reňki çykyşyp giden deňduşlarymy, ajyndan ölüp giden obadaşlarymy, Amanýazyň uzak ýola
azyk hökmünde alyp barýan bir gysym arpa dänejiklerini ýatlaýan.
Irden turup bir döwüm çörek gözlegine çykmasak agşamaralaram
zat tapman, elimiz boş öýe dolanyp gelmesek, uzynly gün ýolumyza
göz dikip, gultunyşypjyk oturan çagajyklarymyz boş gelenimizi görüp
sessiz-üýnsüz bir tarapa gyşarmasalar, biziň üçin-ä dünýe-älem gymmat
harytlardan hyryn-dykyn doly ýaly bolup dur.
Bu meniň uçursyz sadalygymdan ýa halys göwnipesligimden şeýle
bolýan bolmagam mümkin. Bilemok. Ýöne, biziň deň-duşlarymyzyň
haýsyny gepletseňem, şu, meniň diýen sözlerimi gaýtalasa gere...
***
...Bu zatlary maňa öňräk, öýlerine gezmäge baranymda daýym
gürrüň beripdi. Ol umumanam gürrüňçil adam. Onda gürrüň kän.
Oktýabr. 1990 ý. Moskwa.
O gelinler indi ýok
Seredip otyryn welin, şolar şu wagt bolaýsalar kyrk sekiz, elli
iki ýaş töweregindäki zenanlar bolmaly. O döwürler welin ýaşdylar.
Owadandylar. On sekiz bilen ýigrimi-ýigrimi üç ýaş aralygyndaky men
diýen juwan gelinlerdiler.
Ejem pahyr traktorçylara çörek bişirerdi-de, işiniň daşyndan
daýhanlaryň guşluk çaýynam gaýnadardy. Menem oňa kömekleşen
bolardym. Ejem köplenç daýhanlaryň esasy bölegi bilen galardy-da, men
bäşdir-üçdür azot elemäge ýa samolýota derman ýüklemäge gidýänleriň
yzyna düşerdim. Guşluk çaýlaryny gaýnadyp bererdim. Oňa-da köplenç
şol owadan, degişgen gelinler giderdiler. Menem şolaryň gidenini kem
74
göremokdym. Erkek adamlar-a näme, uzynly gün ala-wagyrdy bolşup
ýa-ha heleýleriň gürrüňini ederdiler, ýa-da aralaryndan agzyboşragyň
biriniň daşyna geçerdiler-de, tä agladýançalar şoňa degerdiler. Iň erbet
ýerem: «Bar-how, çaýyňy gaýnadan bolsaň git, Sapar agaň gaýyny ýaly
üşerilip durma-da! Ululaň gürrüňini diňlemek aýp bor» diýip derrew
meni ýanlaryndan kowardylar. Gelinler welin beýtmezdiler. «Tüweleme,
Allaguly agaň şu ogly uly adam ýaly. Çaga-da bolsa känbir şalt-şulty
ýok» diýip gaýtam öwerdiler. «Howwa-da, pukara ýeriň çagasy-da,
ýürejigi çökgünje-dä...» diýip üstüne-de goşardylar.
Üstüne goşardylar diýmegimiň sebäbi, meniň pukara ýeriň
çagasydygym çyn bolsa-da, «göwnüçökgünjedigim» gaty bir ugrunda
ýokdy. Ýeri gelende meniňem ähli guramalaryň çagalaryna gaýra dur
diýäge-de, bütin oba dat etdiräýmämem bardy. Ýöne şol, käbiri aý ýüzli, akmapraç, käbiri bolsa garadan şirin, görmegeý, gyýa-gyýa gözleşenlerinde
gözleriniň gyýaklaryndan mähir damyp duran mylaýym sözli, gelinleriň
ýanynda welin men hakykatdanam ýuwaşjadym. Çünki men olara tebigat
tarapyndan ýaradylan üýtgeşik bir eser hökmünde serederdim. Ýelden,
Günden gorap saklanmaly nepis bir gül hökmünde garardym. Şolaryň
şeýdip, şüdügärligiň içinde Güne gaýzygyşyp, tep-terje goljagazlaryny,
kösük deý barmajyklaryny, akja topuklaryny çöp-çalamlara çyzdyryp
ýörüşlerini men dogrusyny aýtsam, şol wagtlaram ýüregime sygdyryp
bilemokdym. Esasanam gelinleriň ekabyrragy, şäherde önüp-ösendigine
garamazdan, biziň obamyzyň ýigitleriniň biriniň başyna başyny deňäp
gelen Aşyrgülüň käte-käteler Güne garap: «Öwh, aldy-da, bi yssy! Hiý
şemal dagy öwsäýmezmikä? Aýuw, Annamyrat jan, sygyrsana köşek,
sygyryp bilýän bolsaň, Haýdar baba ýelinden goýbersin-le, birazajyk...»
diýen wagtlary oňa hasam nebsim agyrardy-da, dodagymy çömmeldip,
tä kellem hum ýaly çişýänçä sygyrardym. Çünki onuň öň-öňlerem ýarym
degişme bilen: «Haý, gün öýle boldy, dalany süpüriň, kölege beýläk geçdi,
eýwana keçe düşäň, işigi suwlaň diýip, salkyn howlyň içinde kölege
haýsy tarapa aýlansa aýlanyp ýörenje negözel günüm bardy. Sizin, oba
geldim-de dowzaha düşäýdim asyl» diýenlerini men gaty kän eşidipdim.
Degişme-de bolsa aňyrsynda çynyň ýatandygyna gözüm ýetipjik durka
nebsim agyrmazmy onsoň meniň.
Wah, maňa galsa-ha, raýon merkezimizdäki seýil bagynyň içinden
Hajalynyň çakyr satýan dükanyny ýok edäge-de, şol gelinleriň hersine bir
şäher ýaly jaý gurup berjek welin, nädeýin, o zatlar elimde däl-dä!..
75
Ine, onsoň şolaryň çaýjagazlaryny gaýnadan bolup ýörün. Iki
gulagymam şolarda. Ýaňky aýdyşym ýaly olaram menden gaty bir
çekinjiräbem duranokdylar. Gaýtam edýän gürrüňlerini meniňem
diňleýändigimden lezzet alýan ýaly, howlukma, ulalansoň düşünersiň
senem bu zatlara diýýän ýaly maňa tarap sülmüräp seredäge-de,
süýjümtik ýylgyryp bir goýberýärdiler welin, üstümden gyzgyn suw
guýlan ýaly depämden tä dabanyma çenli lagşar ötägiderdim. Olaryň
ýüzugra aýdyp goýberýän aýlawly sözleriniň aňyrsynda pynhandanpynhan syrlary ýatan sähraýy söhbetleriniň manysyna düşünjek bolup
jan çekerdim... Kösenerdim. Emma barybir bilibilmezdim. Indi bilýän.
Bilýänem, düşünýänem. Ýöne indiden soň o zatlary size gürrüň beren
bolup oturmagyň düýbünden geregi ýok.
Işläp ýörkäler-ä olar meni dogrusy, golaýlaryna-da eltenokdylar.
Okarygyň boýy bilen ýakynlaşyberdigim ellerindäki dermanly
düwünçeklerini görkezerdiler-de: «Ine, şunuň içi durşuna zäher,
Annamyrat jan. Burnuňa girse erbet eder. Git, sen bir ýaş oglan,
keselläýme» diýerdiler. Ökjäme çümen çakyrtikenimi aýyrjak bolup
ýegşerilip durşuma men olardan: «A size zat etmezmi?» diýip sorardym.
Olar bolsa: «Hiý, bize-de bir zat kär edermi?» diýerdiler-de, arkanýüzin gaýşyp, gülüşerdiler. Ellerindäki düwünçeklerini öňküdenem
beter bulaýlap, bigamsyzlyk bilen hahahaýlaşardylar. Gözleri ýaşaryp,
burunlarynyň suwy akyberse, derman asgyrdyberse, okaryklaryň içindäki
içi azotly ýata suwdan ýüzlerini ýuwardylar. Agyzlaryny, burunlaryny
çaýkardylar. Goşawuçlaryna bir gysym azot guýardylar-da, suwuň
içine sokardylar. «Waý-eý, jan doganlar, bu zat eliň içini, edil buz ýaly
edäýýär-de...» diýşip ýene-de jykyr-jykyr gülüşerdiler. Soňam ýene-de
öňküje işleri bilen bolubererdiler. Ertesi irden işe çykan wagtlary brigadir
ýüzüni sallap: «Pylan kartadam-a gurçuk düşüpdir, ýene-de özüňiz gaýrat
edäýmeseňiz, boljak-gä...» diýdigi gelinler ýene-de iki aýtdyrman, sessizüýnsüz ýerlerinden galybererdiler.
Şeýdibem gün yzyna-gün, aý yzyna-aý, ýyl yzyna-ýyl geçerdi.
Gowaçaly kartanyň aýagujyny kesip geçýän, çakanak-çukanak
araba ýolunyň üstünde hapa tüňçelerimi hatarlap durşuma men ýaşyl
kartanyň içi bilen älemgoşar ýaly süýşüp barýan owadan gelinleriň
dik-depesinden göterilýän çalja tozanyň aýaguja gitdiklerisaýy
goýalyp, golaýladyklarysaýy ýitip gidişine haýranlar galyp serederdim.
Göze görünmeýän tozgalardan döreýän şojagaz tozanyň dowzahyň
76
tupanydygyny bilip durkalaram günüň-gününe şeýdip ýörmäge bulary
näme mejbur edýärkä diýip oýlanardym. Dogrudanam, olary näme
mejbur etdikä? Belki, edil beýle bolaýaram öýden däldirler. Belki, ugurlyugursyz ardynjyraşyp ýören zoňtar erkeklerden, gybatkeş aýallardan,
jahyl-jümrülerden uzakda, degişip, gülüşip, şadyýana geçirilýän şol süýji
pursatlar ýene-de sanlyja ýyldan ýetip geljek ajal hakynda oýlanmaga
puryja beren däldir. Belki-de, göräýmäge ýeňil ýaly görünýän şol agyr
işiň meniň ýaly çaga-çugalaryň başyna düşerinden howatyr edip üstlerine
alandyrlar. Belki-de, şol işe ärleriniň iberilerinden, ýaş ýigitleriň, degenek
jahyllaryň wagtyndan ir maýrylyp giderinden, kesellärinden ätiýaç
edendirler. Belki, biweçlikden, biparhlykdan şeýdendirler. Ýok! Öz
janyna biparh garaýan adam bolmaz. Men bilýän, olar hakyky gahryman
bolandyklary üçin şeýdendirler. «Sen bir golaý gelmäweri, Annamyrat
jan» diýşip, akly-gyzylly güllere beslenip oturan göm-gök gowaçalaryň
üstünden dermanly düwünçejikleri bulaýlaşyp ýören gelinleriň hakyky
gahrymandyklaryny men, elbetde, kän soň bildim. Ýöne «gahryman»
diýen ady welin nämüçindir olara däl-de, düýbünden başga-başga
adamlara beripdirler.
Zäher ýuwudýan welin diňe gelinlerem däldi. Ony diýseň diýmeseň
bizem ýuwudýardyk. Samolýot bilen derman sepilýän kartalaryň
gyrasyny ýakalap oturan oba-da, obanyň ähli adamlaram ýuwudýardylar.
Derman sepýän samolýotyň lýotçigi käte bize: «Düzgün boýunça siz
derman sepilýän kartadan pylança kilometr uzaklykda bolmaly, adamly
karta derman sepmek bolanok, bu ýalňyş... jenaýat...» diýerdi. Ýöne kim
seniň jenaýatyňa seredýä! Brigadir diýeniň-ä häki bir «tur, otur, kersen
getir» diýenleri. Bir-ä elindäki tabeline güýji ýetýä, birem arabakeş
Agamät aga. Başga hiç zada ygtyýary ýetenok. Başlygam näme ýabyň
raýyşyna çykaga-da: «Şu ýyl bir Çapaýewlilerden yza galaýmalyň,
ýoldaşlar, gaýrat ediň, meni ýokarkylaryň ýanynda masgara edäýmäň,
möwsüme öten ýylkydan bäş-on gün irräk başlajak bolalyň, ýygym
gutaransoň heriňize bir gülli çäýnek sylag ýazaryn...» diýer, şonuň
bilenem gürrüň gutarar. Onsoň ol halka çäýnek berse-bersin, bermesebermesin. Ýylahyrda ýygnak bolanda: «Sen bizi aldadyň, gülli çäýnek
bermediň» diýip, başlygyň ýüzüne geljek tapylmaz. Onsoňam öňem
telim gezek şeýde-şeýde aldanyp keşe salnan adamlar ol sözleriň soňunyň
boşdugyny başda-da bilmän duranoklar. Bilýäler. Ýöne ýolbaşçylaryň
düzgüne öwrülip, kada giren ýalan-ýaşryk sözlerem, depelerinden
77
dygysyzlyk bilen derman guýup duran samolýotlaryň aýylganç
arryldysam, gelinleriň näzijek ellerindäki hasa düwünçeklerden tozap
çykýan iýiji tozgajyklarynyň bokurdagyňy gijedip barýan ýüregedüşgünç
azaram, öz agyzlaryndan zawut ýaga jazlanan, gara çorbanyň ysynyňam
setanda-seýranda gelýän wagty başlyk bilen brigadiriň agzyndan hemişe
diýen ýaly ýagly ýahnanyň ysynyň gelip durmagam olar üçin adaty
bir zatdy. Olar bir zady bilýärdiler: Işlemelimi — işlemeli! Çünki olar
döwletdenem, dünýedenem algym bardyr — diýip däl-de, borjum bardyr
— diýip ýaşan adamlar.
Hawa, zäher ýuwudýanlar diňe şol şadyýan gelinler bolmasalaram,
has köpräk ýuwudýanlar şolardylar. Ony hiç kim bilmese-de, men
bilýärdim. Hiç kim aňmasa-da, men aňýardym. Şonuň üçinem bu günki
gün olar hakda men aýtmasam kim aýtsyn? Hut gözlerimiň öňünde
şoh-şagalaňlarynyň azalyp başlandygy şü günki ýaly ýadyma düşüp
durka, men neneň edip aýtmaýyn? Neneň edip diýmäýin? Ylaýyk üç ýyl
diýlende kimsiniň göz-görtele ýüzi saralyp, sarysy gözüne çykdy, kimsi
işdäden kesildi, igledi. Galanlaryny susluk basdy. Ýöne şonda-da hiç
kim olardaky üýtgeşikligi şol dermanly düwünçeklerden görmedi. Hatda
onunjy klasy gutarjak ýylym gelinleriň iň kiçisi, iň näzigi, iň ýuwaşjasy
Mämişi pahyrjyk ýogalanda-da onuň keseliniň düýp sebäbini başga-başga
zatlardan gözlediler. Hatda gelinleriň özlerem bir gün işden topar tutup
gelýärkäler (o wagtlar men eýýäm olaryň çaýyny gaýnadamokdym-da,
edil ulular bilen bir hatarda durup dermanlanan kartalary gulaçlaýardym.
Iki gulak döwründen başlap tä gyzyl çybyk bolýança gowaçanyň her
bir düýbüni ýeke-ýeke, düýpme-düýp, ençeme gezek elläp çykýardym.)
Mämişiniň ir gitmegini onuň dogabitdi horaşalygyndan, ejizliginden,
göwnüçökgünliginden görýändiklerini ýaňzytdylar. «Dermandan
boljak bolsa bizem-ä deň sepdik şoň bilen. Şu wagtam sepip ýörüs.
Dermandan däl ol...» diýişdiler. Dermandan görýändiklerini, emma biribiriniň kalbyna wehim salmazlyk üçin syr bildirmejek bolýandyklaryny,
mertlige salýandyklaryny welin gözjagazlary aýdyp durdy. Hut şonuň
üçinem ertesi men olaryň iş ýerlerine bardym-da, ýüregimi bire baglap,
ilkinji gezek sesimi gataltdym. «Taşlaň şu dermanly düwünçekleriňizi!
Mämişini alan şü! Şü! Başga hiç zat däl! Sizem sylap goýmaz! Zyňyň.
Kim sepse şol sepsin, asyl hiç kimem sepmesin!..» diýip gygyrdym. Olar
welin başlarynam galdyrmadylar. Öňküleri ýaly şelaýynsyramadylaram,
jak-jaklap gülüşmedilerem-de, edil uzak ýola ýollanan argyşçynyň,
78
üzeňňisinden ýapyşyp gelýän dözmezine diýşi ýaly, kynlyk bilen: «Aý,
Annamyrat jan, höküwmede gerek bolsa muny biz sepmesegem sepen
tapylar. Ondan goý, biz başlapdyrys, bizem soňuna çenli gidişeli. Mundan
soň başga adamlary bu bela bulaşdyrmak nämä gerek» diýdiler. Hamala
ýer ýüzünde şeýdişip ýören diňe özleri ýaly beýleki brigadalarda-da,
beýleki kolhozlarda-da şeýdip, edil özleri ýaly zäher ýuwduşyp ýören
gül ýaly gelinleriň müňlerçedigini gümanam etmän, hakyt şeý diýdiler.
Dünýäniň bar derdini şu dördümiz boýnumyza alaýandyrys, şeýdibem
ähli adamzady agyr beladan gutarandyrys öýdüp diýdiler. Iň soňundada gowaçanyň gülündenem beter saralan ýüzlerini zordan göterip
ýüzüme ysgynsyz bakdylar-da: «...Ine, sen hä diýmän mekdebi gutaryp
okuwa gidersiň. Gitjek wagtyň dogtordan geçersiň. Şonda kartyşkaňa:
«Öýkenjigi arassa ekeni» diýip ýazarlar welin, bize bor şol...» diýişdiler.
Zor aýakdan ýylgyryşdylar. «Okap uly adam bolansoňam bizi ýadyňdan
çykarmasaň bize başga zat gerekgä» diýenlerinde welin, sesleri hasam
hassalaç çykdy. Röwşeni kütelen ala gözleriň barsyna birden çyg düşdi.
Yzgarly keşin içine edil sary monjuklar deý pytraşyp dökülen sap-sary
gözýaşlara gözüm düşende welin, şondan artyk durmaga gurbatym
çatmady. Sessiz-üýnsüz beýläme öwrüldim-de, yzymda inçe tozan
galdyryp gumak ýol bilen oba tarap ýumlukdym.
Mekdebi gutaranymdan soň men hakykatdanam, oba bilen hoşlaşdym.
Şol güne çenli guran güllere mazaly meňzäň gül meňiz gelinler bilenem
edil mähriban enem bilen, naçar uýam bilen hoşlaşýan ýaly hoşlaşdym.
Öz gezeklerinde olaram meni edil öz eziz doganjyklaryny ugradýan ýaly,
ýelden-de ýüwrük ýüwürjijiklerinden aýrylýan ýaly, ýeke-ýeke gujaklap,
bagyrlaryna basyp, başymdan sypap, ogşap-ogşap galdylar.
...Şol süýji-süýji hoşlaşyklardan, ajy-ajy aýralyklardan soň seredip
otursam ine, ylaýyk ýigrimi bäş ýyl geçipdir. Adam ýaly bipaýan, ynsan
ýaly ygrarsyz mahluk bolmaz ekeni. Gaýtjak wagtym: «Her gezek
gezmäge gelenimde hökman şol gelinler bilenem salamlaşaýyn, hal-ahwal
soraşaýyn» diýip, öz-özüme her näçe söz berenem bolsam, şeýtjekdigim
barada olaryň öňünde her näçe ant içip, awy ýalanam bolsam, ol boldy,
bu boldy, hiç Hudaý el-aýak bermedi.
Gepiň keltesi, şondan soň men şolaryň birinem görüp bilmedim.
Ýekeje gezegem, hatda daşlaryndanam, uzagrakdanam görüp bilmedim.
Hiç bolmanda ýolda-yzda, awtobusda, otluda dagam birinden-biri
gabat geläýmedi. Iň bir gynanýan ýerimem mundan bäş-alty ýyl ozal
79
şo-ol, Aşyrgül görgüli şu ýerde, Aşgabatda, meniň ýaşaýan ýerimden
taýak atym beýlede ýerleşýän keselhanada on alty gün ýatyp gidipdir.
Gidýänçä-de: «Şu ýerlerde, bir ýerlerde Annamyrat janam-a bolmalydyr.
Hiý bir gelmezmikä? Gelip bir habar tutmazmyka? Ölmänkäm şony bir
görsemdim. Ýa ol meň bu ýerdedigimi bilenokmyka? Eşidenokmyka?
Tüweleme, ind-ä ers-mers bolandyr. Arada Gumman körüň aýaly ―
Aşgabatda Annamyrady gördüm, saçy juw-ak bolaýypdyr — diýdi welin,
aý, ýok, oňa-ha ynanamok, entek-entekler-ä saçy agarmaly däl oň...»
diýip, telim gezek dagy gaýtalapdyr. «Görseňiz aýdyň, hiç bolmanda birje
gezek bir gelip gitsin» diýip barandan, gaýdandan sargydam edipdor.
Ýoluma garapdyr.
Elbetde, bolmajagydyr-da, sargalan adamlar ýa-ha meni
tapmandyrlar, ýa-da o ýan, bu ýan giden gezeklerime gabat gelipdirler,
garaz, Aşyrgülüň sargytlaryny maňa ýetirip bilmändirler. Ýeten bolsa
barjagymam, görjegimem, elimden gelen kömegi berjegimem, gerek
bolsa iň uly professorlaryň ýanyna girip ýyllarboýy aşgazanda mäjum
bolan zäherden üstün çykyp biläýjek iň bir güýçli dermanlary ýol söküp,
ýurt sorap gözlejegimem çyndy. Emma...
Emma men ýetişmedim. Çünki ony bu ýerde uzak saklamandyrlar.
Oba äkidipdirler. Köp wagt geçmänem ýogalypdyr.
Men indi, oturyp-turup ah çekýän. Urunýan. Arman edýän.
Özümiň geleňsizligim üçin, penjelerini maňa we meniň ýaly müňlerçe
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aý gaýdyp geler - 07
  • Parts
  • Aý gaýdyp geler - 01
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2159
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 02
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2208
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 03
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2239
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 04
    Total number of words is 3679
    Total number of unique words is 2199
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 05
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2256
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 06
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2282
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 07
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2155
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 08
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2101
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 09
    Total number of words is 3609
    Total number of unique words is 2258
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2189
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 11
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2187
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 12
    Total number of words is 1007
    Total number of unique words is 718
    39.0 of words are in the 2000 most common words
    52.1 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.