Latin

Aý gaýdyp geler - 01

Total number of words is 3586
Total number of unique words is 2159
31.4 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Juma Hudaýguly.
Aý gaýdyp geler. Powest hem hekaýalar. Orta we uly ýaşly mekdep
okuwçylary üçin.
Eliňizdäki ýygyndy hudožnik J. Hudaýgulynyň üçünji kitabydyr.
Onda esasan-da awtoryň özüniň ýaşlykda gören wakalary, eşiden
gürrüňleri täsinlik bilen teswirlenýär. Adamkärçilik, arassalyk, ahlaklylyk
onuň ähli eserleriniň özenidir.
© Magaryf, 1994.
Ömür dowam edýär
Pukaralyk Manzar agany kyn günlere saldy. Ilki bilen-ä ýaňy bir
maňlaýyndan diräýjek wagty, öýlendirenine bir ýylam geçmänkä uly
ogly Torly aýy-güni dolup oturan aýalyny alyp, Guşgy sebitlerinde açylan
maldarçylyk sowhozlarynyň birine — Morgala göçüp gitdi. Gitjek wagty:
— Geler duraryn, kaka. Size kömegem ederin — diýse-de, gaýdyp
gara salmady.
Onuň yz ýany, ortanjy ogly Mämmedem iküç sany jahyl bilen
baýlara goýun sürüşip Owganystana gidermen boldy.
— Biriňizden aýrylanym az däl, biriňiz bir ýanymda boluň-a. Gaty
garrap barmasagam görýäňiz-ä, ejeň ikimiziňem ugrumyz ýok, jigileriň
bolsa ýaş. Zamana-da düşer ýaly bolmady. Baýlar bir ýana çekýä,
hökümet başga bir ýana çekýä. Siz bir daşlaşmaň-a bizden... — diýip,
kakasy şunça özelense-de, gulak asmadylar. Gaýtam şol bir diýenini
gaýtalap, bir depen ýerini depip oturdy:
— Ýak, kaka. Aňyrsy üç aýdan gerin-laý. Baýlar gowuja tölejek
diýdiler. Birneme lomaýja pul düşse aňyrdan odur-budur zat alyp
gaýdaryn. Bu ýere getiribem satarys, birneme gurplanarys.
Emma onuň şol gidişi-gidişi boldy.
Mämmet bilen bile gidenler dolanyp gelenlerinden soň, Manzar
aganyň öňünde ýüzlerini sallaşyp oturyşlaryna şeý diýdiler:
— Baýlar beren sözlerinde tapyldylar. Gepleşen pullaryny elimize
berip, ugradybam goýberdiler. Ýöne, ýolda gelýärkäk Mämmediň
aýagyna çöňür çümdi. Garaşjak bolsagam: siz gidiberiň, men yzyňyzdan
ýeterin, diýdi. Emma ýetmedi. Ýitirdik...
Her näçe syr bildirmejek bolsa-da, Manzar aga men diýen jahylyň
aýagyna çümen çöňür zerarly orta ýolda ýoldaşlaryndan galjakdyklaryna
ynanyp bilmedi. Oglum o ýerde söwda baş goşup, düşenje puluna
tirýek alyp gaýdandyr, bularam ony ýolda öldürip tirýegini alandyrlar,
diýen ýaly oýlaram kellesine geliberdi Bir obada bileje önüp-ösen deňduşlaryny şeýdäýjekdiklerini aklyna sygdyryp bilmese-de, göwnüne
3
güman gidendigini aýalyna-da duýdurdy. Ýazboldy daýza:
— Waý, şeýledir şol! Öz göwnüme-de gelipdi şol, ýöne aýdybilmän
oturdym. Çagamy orta ýolda şehit edendir şolar! — diýip, hünübirýan
aglaberenden soň bolsa, bu gizlin gümanyň goňşy-golamlara äşgär
bolaryndan, bütin obanyň özüni imansyzlykda aýplaryndan gorkup, dertazar ony köşeşdirmek bilen boldy.
Özi welin barybir gümandan aýňalyp bilmedi. Gijeler süýji ukuda
ýatyrka oglunyň adyny tutup gygyrdy. Zöwläp-zöwläp ýerinden galdy.
«Wah, käşgä bir ynanar ýaly delil tapan bolsalar» diýip kükregine urdy.
Derdi halys ýüregine sygmadyk wagtlary «Körpe guzym goçgarymdan
aýryldym» diýip agy gatyşykly aýdym aýtdy. Toýda-tomguda bagşylara
Hemra atly oglundan aýrylan Hysrow şanyň adyndan aýdylýan aýdymlary
buýurdy. Käteler köneje horjunyny egnine atyp, oglunyň gözlegine gidesi
geldi. Emma çül çagasyny taşlap Owganystan ýaly alys ýurda gidere
ýagdaýam ýetmedi, gurbatam çatmady. «Wah, şol bir gapdalymda gezip
ýören bolsa bolmyýamydy» diýip, Torlyny ýatlady.
Aradan ýedi ýyl geçdi. Mämmetden welin derek bolmady. Gözünden
dirije uçan oglundan tamasyny üzmedik Manzar aga halys aljyrabam,
aýalynyň eline-aýagyna bakman, on üç ýaşly gyzy Ogulnäzigi goňşy
oba, kyrk ýaşlaryndaky birine durmuşa çykardy. Ol özüniň bu hereketini
ýol harjy edinip, oglunyň gözlegine çykjakdygy bilen delillendirdi.
***
Ogulnäzigi ýaňyja okuwdan gelip, özi ýaly gyzlar bilen gurjak
oýnap oturan ýerinden alyp gitdiler. Öňürt-ä aldap diýen ýaly araba
mündürdiler. Boýdan-başa gyzyl geýnen nätanyş aýallar eýlesine bir
geçip, beýlesine bir geçip: «Myhmançylyga gidýäs, ejeň dagam gidýä»
diýdiler. Münendenem ur-tut başyna ýaşyl kürte atdylar. Bu ýerde bir del
zadyň bardygyny ýüregi syzandanam Ogulnäzik agyr kürtäniň aşagyndan
çalaja görünýän kiçijik ellerini öýüne tarap serdi-de:
— Gitjek däl-a-aý, gitjek däl-a-aý!.. — diýip, ulili bilen aglamaga
başlady. Zandam bir müçenek ýaly bolansoň onuň enjarsyz göwresi
kürtäniň aşagyndan gaty bir görünmedem. Zaryn owazy bilen bütin
obanyň bagryny paralady. On ýaşly jigisi Böriniň etegini daşdan dolduryp,
«gelnaljyny» gyra-ýapa tutup ýörşüni görendenem arabanyň üstünde edil
öz gurjagy ýaly joňkardy-da:
— Ur! Ur, Böri jan! Ur, jigim! Hemmesinem ur! Al meni
4
şularyň elinden! — diýip gygyrdy. Birtopar ýat aýallar gyzyny äkidip
barýarkalaram kakasynyň äwmän, daş işikde ýüzüni sallap durşuny,
gaýtam: «Bar gyzym, alnyň-bagtyň açyk bolsun» diýip, elini ýüzüne
sylyşyny görüp geň galdy. Işikde elini öwsüp, iki ýana elewräp ýören
ejesini kömege çagyrdy. Ejesi:
— Wah, ejeň gursun, jan gyzym! San bamy seň ejeňde! — diýip
aglamjyrady-da, birdenem äriniň alkymyna dykylyp, maňlaýyna
ýumrugyny çenedi. — Ýezit bolduň sen, Manzar! Zalym bolduň sen,
Manzar! Hudaýym Manzarman geçesiň Manzar! Ilde-günde pukara-da
bardyr, garybam bardyr, başyna iş düşenem bardyr, ýöne sen ýaly gara
bagryny gynsyz pyçaga dözen ýokdur! Bir bala diýip, bir balany oda atan
ýokdur!..
Ýazboldy daýza sözüni soňlap bilmedi. Ýüregini tutdy-da, aşak
çökdi. Ogulnäzik iki tarapyndanam tutup oturan aýallaryň elinden sypdyda, naşyja guş ýaly bir towsanda arabadan böküp düşdi. Ylgap ejesiniň
ýanyna bardy. Gujagyna doldy. Ejesi tä özüne gelýänçä boýnundan
aslyşyp aglady.
Manzar aga gözünden sakgalsaýy ýaş goýberip durşuna gyzyna
ýalbardy:
— Agzymdan söz çykdy, jan gyzym. Gaýrat et! Meni ýalançy etme!
Baran ýeriňde gowy saklarlar, keteni geýdirerler. Menem Mämmet janyň
gözlegine giderin...
Ogulnäzigiň bu wagt kakasyna gulak asasy gelmedi. Ejesiniň bir
zat diýerine garaşdy. Emma Ýazboldy daýza wagty bilen gepläp bilmedi.
Birhaýukdan soň gözüni açdy-da, ýaryk-ýaryk bolan dodaklaryny çalaja
gymyldadyp:
— Bar, gyzym! Kakaňy ýalançy etme. Nädeli, kysmatymyzdyr-da
ikimiziňem... — diýdi.
Aýallar Ogulnäzigi ýene-de göterip araba mündürdiler. Häli böken
wagty bir tarapa gaýyp düşen kürtesini, alyp ýene-de başyna atdylar.
Gyzlar bilen oýnap oturan gurjagynyň henizem elindeligini
Ogulnäzik barjak ýerine barandan soň bilip galdy.
***
Ýerli hökümediň wekilleri Ogulnäzige nika-da gyýdyrtmadylar,
zagsdanam geçirtmediler.
— Ýaşy ýetenok. Toý edäýseňizem basylarsyňyz. Ýylyňyz bardyr
— diýdiler.
5
Öýüm-öýüm diýe-diýe, birki gün aglap-aglap, özi ýadap özi goýan
Ogulnäzik bolsa özüniň ol öýe nämüçin eltilendigindenem bihabar,
ahyrsoňy daş çykdy-da, töwerek-daşyň gyzjagazlary bilen gurjagyny
oýnaberdi. Daşyndan seredeniňde ol ýerden süýrenip duran kürtesinem
häki bir, oýun üçin, atynan ýalydy.
Aşagynda hiç kim ýok ýaly, ýaşyl kürtäniň özünden özüniň iki ýana
gyrbyldap ýörşüni görende oba adamlarynyň käbiriniň gülküsi tutsa,
käbiriniň gahary geldi. Kim onuň hossarlaryny näletlese, kim onuň är
boljagyna käýindi.
Ogulnäzigiň mugallymlary birki gezek gelip gitdiler. Üçünji gezek
gelenlerinde ýanlary bilen öz obalarynyň oba sowet başlygynam alyp
geldiler. Üçüsi üç ýerden: «Özüň göwnäp gaýtdyňmy? Ýaşyň näçe?»
diýip soradylar. Ogulnäzik bolsa ozatlaryň nämüçin soralýanynam
bilmän, öwredilişi ýaly: «Özüm gaýtdym, ýaşym on ýedi, boýum kiçi
bolansoň ýaş görünýän...» diýdi.
Bir günem Ogulnäzik gyzlaryň ekabyrragyndan öz obalaryna gidýän
ýoluň salgysyny aldy-da, öýlerine gaçdy.
Emma ertesi ýene-de ony getirip gitdiler.
Ol ondan soňam kän gezek gaçdy. Şonça gezegem getirip gitdiler.
Ahyram kimdir birine bir goýun berip, zags işini düzetdiler. Şonda
haýsydyr bir dokumente gol çekdirmek üçin, Ogulnäzigiň özünem
şähere alyp gitdiler. Zagsyň jaýyndan çykyşlary ýalam goňşulary Jemal
daýza gabat geldi. Täze öýe düşeli bäri: «Zäkitden geçmeli... Zäkitden
geçirenoklar... Zäkitden bir geçirip bolsa...» diýen ýaly sözlerden gulagy
ganan Ogulnäzigiň beýnisinde, zagsdan geçiribilseler öýe goýberjekdirler
diýen düşünje dörän bora çemeli, Jemal daýza gözi düşenden tigirlenýp
ýanyna bardy. Eňegini galdyryp ýüzüne jiňkerildi. Ellerini galgadyp
inçejik sesi bilen:
— Gyýuw! Daýza! Geçdim! Zäkitden geçdim! Kakama aýdyň,
zäkitden geçirdiler — diýdi. Jogaba-da garaşman hyrra yzyna öwrülende
ýerden süýrenjiräp duran ýaşyl kürtesiniň syny ep-esli meýdany süpüripsüpürip goýberdi. Yzyna tarap ýüwrüp gaýdanda bolsa, badyna ýellenip,
syýlarynyň ujy ýerden bir garyş ýokarda galgady.
Onuň ýaňky sözüne töwerek-daşdan geçip, barýanlar gülüşdiler.
Başga näme diýjegini bilmän: «Bor jigi, aýdaýaryn» diýip, dodagyny
dişläp duran Jemal daýzanyň bolsa ýüregi gyýym-gyýym bolup gitdi.
Ogulnäzigiň ýanyndakylaram birhili boldular.
6
Baranlaryndanam Ogulnäzik:
— Öýe gitjek. Indi bir goýberiň-ä meni, zäkitden geçdim-ä — diýip,
ezeläp başlady. Şeýle-şeýle diýip habar edeninden soňam ejesiniň ýa
kakasynyň geläge-de alyp gidibermeýändigi üçin gaty gördi.
Şol gije ol henize çenli sessiz-üýnsüz goňşy jaýlaryň birinden giripçykyp ýören, gartmaç pyýada bilen özüni ikiçäk goýandyklary üçin diýseň
geň galdy. Şol gün asylam bir öňki günlere meňzemedi. Ilkagşamrag-a
şo-ol, arabada bile gelen aýallar gelip ol ikisiniň elini almaşdyrdylarmy,
edil Ogulnäzigiň gyzlar bilen gurjak oýnanlarynda edişleri ýaly ony
iýdirme, muny geýdirme diýip, bir zatlar sarnaşdyrdylarmy, haýsydyr
bir mollanyň adyny tutup, «köneçe-de, täzeçe» bolşup jedelleşdilermi,
garaz, birgiden erew-de-berewlig-ä boldy. Ýöne Ogulnäzik o zatlaryň
manysyna düşünmese-de, şu dommarylyp oturan pyýadany indi özüne
hemmelerden ýakyn saýmalydygyny welin düşündi. Şonuň üçinem
ikiçäk galyşlary ýaly onuň çat maňlaýyna geçip:
— Daýy, daýy, öýmüze goýberäýiň-dä. Öýmüze gidäýeýin-dä... —
diýdi.
Gartmaç pyýada esli mahal dymyp oturdy-oturdy-da, güňleç ses
bilen:
— Gidäý — diýdi. Ýerinden turup eplengi duran goşlardan bir
ýorgany çekip aldy-da, bir çete oklady. Ýazdy. Ýassygam aldy. Bilindäki
guşagyny çözüp kellesine orady. Ýorganyň üstünde aýbogdaşyny
gurup oturyşyna içinden bir zatlary sarnaşdyrdy. Yzyndanam üç gezek:
«Estogpyrylla, estogpyrylla, estogpyrylla» diýdi-de, sag egnine gyşardy.
Şondan soň öýüň içinde ýene-de onuň güňleç sesi ýaňlandy.
— Ukyň gelse düşek al-da, islän ýeriňde ýatyber.
Ogulnäzik ertesi ýene-de öýlerine gaçdy. Bu gezek ony yzyndan gidip
getirdiler. Ýene-de şol, gartmaç kişi bilen bir jaýda ikiçäk galdyrdylar.
Ýene-de öten agşamky hereketler gaýtalandy. Ertir irden çaý içip otyrka
gartmaç kişi Ogulnäzigiň ýüzüne-de seretmän:
— Gaçyp gitme. Gidesiň gelen wagty gitjek diý-de, gidiber — diýdi.
Ogulnäzik begenjinden guş bolup uçdy. Böküp bosaga bardy-da:
— Onda men-ä gidäýjek! — diýdi.
Güňleç ses öýüň içinde gök gübürdän ýaly etdi.
— Gidiber. Özleri goýberdi diýseň gaýtarmazlar. Ýadaýançaň bolda, haçan gaýdasyň gelse gaýdyber...
Barybir Ogulnäzigi öýünde uzak gezdirmediler. «Indiden soň
7
baran ýeriň bilen bolmaly borsuň gyzym» diýip, üç günden soň yzyna
gaýtardylar.
Bir günem işe ugrajak bolup durka gartmaç kişi Ogulnäzige ýüzlenip:
— Güýjüň ýetse tamdyrda çörek gatyrjak bol. Özüňem gurjagyňy
taşla, il-gün geň görer. Senden başga talabym ýok... — diýdi.
Şol günüň ertesi Ogulnäzigiň tamdyra elini ýetiribilmän, oda
daglanan barmaklaryny agzyna sokup, aglap durşuny görüp, geçip
barýan aýallaryň biri çöregini bişirip berdi. Çörekli kersenini göterip
öýüne salyp berdi. Gitjek wagty: «Hamyryňy nädip etdiň?» diýip sorady.
Ogulnäzik henizem hamsygyp durşuna: «Edip berdiler» diýdi. Şol gije
gartmaç kişi oňa:
— Ýeri, bolýa-da, çörekli meseläni goýsana — diýdi. Ýarym
sagatdanam gowrak içini hümledip, öňe-yza yranyp oturdy. Ýerine
geçjek wagty şunça wagt bäri ilkinji gezek Ogulnäzigiň ýüzüne seretdi.
— Ikimizem kembagt ekenik...
Ogulnäzik barybir ol öýe öwrenişmedi. Eli sypynsa öýlerine gaçdy.
Ejesiniň ýüregini suw etdi. Kakasyny dälilik hetdine ýetirdi.
Ahyram bir gün «adamsy» onuň elinden tutdy-da, oba sowet
başlygynyň ýanyna alyp bardy.
— Şu gyzy meň adymdan boşadyň. Men şuň gaçyp-tezip ýörşüne
dözemok. — Ol öz eli bilen Ogulnäzigiň başyndaky bürenjegini aýyrdy.
— Goý, halanyna barsyn. Bu çaga entek perişde ýaly päk...
Şeýdibem Ogulnäzik yzyna gaýdyp geldi.
Ýazboldy daýza gyzynyň «ýesirlikden» boşanyna begense-de,
ozalam serhediň ýapylandygyndan bihabar, gyzyny nähak satanyna
namys edip ýören Manzar aga muňa hasam erbet boldy.
— Öňki masgaraçylygymyň üstüne indi gyzy ärinden aýrylyp
gelenem boldum — diýip, iki ýana urundy. Ogulnäzigi mekdebe-de
goýbermedi. Aýaly:
— Ärinden aýrylyp gelen däl meň gyzym. Boý gyz. Ol gidişi ýaly
geldi. Durmuş görmän geldi — diýse:
— Hä-ä... Ile düşündirersiň sen şeýdip. Il ynanar seň şol gürrüňiňe
— diýip, öňküsindenem beter gyjyndy. Telim günläp öýüne gelmän
gezdi. Nirede ýatymlyk iş bolsa şoňa gitdi. Köpçülikden gaçdy. Dagy
alaç tapmasa hiç kime goşulman, bir çetde içini hümledip oturdy.
Şol aralykda-da gideli bäri ilkinji gezek Torly geldi. Heniz bolup
Mämmetden nam-nyşan ýokdugyny eşidip gynandy.
8
— Başda ibermeli däl ekeniň — diýip, kakasyna igendi. Köp wagtlap
gelip bilmändigi üçin ötünç sorady. — Ýöne, Ogulnäzigi welin beýtmeli
däl ekeniňiz. Juda horlanan bolsaňyz maňa habar edäýmeli ekeniňiz.
Manzar aganyň: «Özüň habar tutaýmaly ekeniň-dä. Näme, bäribärde Morgala barmy? Ýa işigimde tanapyna towsup duran atym barmy,
günübirin ýetjek ýerime ýeterim ýaly?» diýip, oglunyň ýüzüni alasy,
käýinesi, gatyrganasy geldi. Emma onuň:
— Kaka, o ýeri näme-de bolsa, bu ýere görä gowulyk. Et-ýag bol.
Her ýarym aýdan on bäş kilo un berýäler. Güýjüň ýetdiginden işlärsiň,
jigilerime-de güýmenje tapylar — diýenini eşidip, o niýetinden dändi.
Gaharyny ýuwutdy. Ýedi ýyl bäri gözden uçan iki ogluň hiç bolman
birinden-birini bir günde-günaşa görüp durmak höwesi, has beterem,
Ogulnäzik zerarly çekip ýören gussasy ony oglunyň bu teklibini iki
aýtdyrman kabul etmäge mejbur etdi.
Ýazboldy daýza:
— Hiç bolman uluja ogluňy bir alyp gaýdaýmaly ekeniň. Sonkujaňam
bolanyny eşitdik. Ikisinem göresim gelip ýüregim agzymdan çykyp
barýar. Ýöne nädeýin, ara daş, barybilemok, uçara bolsa ganatym ýok —
diýip hamsykdy.
Iki gün oba arasynda bolup, ýagşa-ýamana göründi-de, Torly ýenede yzyna gitdi «Kaka, hökman bargynyň» diýip, yzly-yzyna sargady.
***
Şondan ylaýyk üç hepde geçenden soň Manzar aga çagalarynam
alyp, sähelçe goş bilen Guşga tarap gidýän kerwene goşuldy.
Gitmezinden öň hoşlaşmak üçin başlygyň ýanyna bardy. Obadan
öýkeläp ýa oba ýolbaşçylaryndan kine edip gitmeýändigini ýüreginden
syzdyryp aýtdy. Ýagdaýyna belet bolansoň başlygam onuň kalbyny eläp
durmady.
— Gözel göwnüň, Manzar. Heran-haçan dolanaryn diýseň öz obaň,
ýoluň açyk.
Şol gije agyr gar ýagdy. Şatlama aýaz ýagty ýalançyny durşy bilen
doňduryp taşlady.
Manzar aga kerwenbaşynyň rugsat bermegi bilen, boşlagrak
düýeleriň biriniň üstüne öý goşlaryndan ýürek edip, Ogulnäzik bilen
Börini şonuň içine mündürdi. Üstlerine galyň ýorgan atdy. Ýazboldy
daýzany eşege mündürdi. Özem başga bir eşege mündi. Daş-töweregini
9
gurşap duran obadaşlarynyň ýüzüne seretmän, müýnli halda, ysgynsyz
seslendi.
— Hoş galyň, adamlar!..
— Sag-aman baryň...
Kendir ýüpden edilen üzeňňisine aýagyny ildirjek bolup eşegiň
üstünde başagaý bolup oturan Ýazboldy daýza-da sowukdan ýaňa
galpyldaşyp duran aýallara tarap elini salgady.
— Ana, sag boluň, doganlar! Ýagşy-ýaman aýdyşan bolsak,
görüşsek-görüşmesek yrza boluň!
Beýleki aýallardan öňürti goňşulary Jemal daýzanyň erkek
adamyňky ýaly ýogyn sesi howada ýaňlandy.
— Sizem yrza boluň...
Jemal daýzanyň gözlerini süpürenini görüp, Ogulnäzik geň galdy.
Çünki ony aýallar: Erkek adamlaryňam birenteginden edenli, mert
aýal hasap edýärdiler. Öýüniň bar işinem äri däl-de, özi edýärmişin
diýýärdiler. Bir gezek edil şular ýaly garly güni Jemal daýzanyň aýagy
ädikli, bili ýüp bilen guşalgy, egnine bir külter arkan bilen odun çapylýan
palta asyp düýekeş Allanazardan oduna gider ýaly düýe diläp baranyny,
Allanazaryň «Äriň ýokmudy öýüňde?» diýen soragyna ýogyn sesi bilen:
«Bolanda nä, pejiň başyndan galman ýatsa» diýenini, yzyndanam: «Bu
heleý bu garda heläk bor, düýe-de dereksiz gider, diýip gorkma, men
gelmesemem düýäň geler» diýip, pert-pert geplänini Ogulnäzigiň özem
gördi. Ine, şolar ýaly mert aýalam gözüne ýaş aýlap dur.
Ogulnäzik bilen Böri ikisi ýeke-ýekeden, digdenekleşip, öýli-öýlerine
dargaşýan aýallar, henizem özara hümürdeşip duran erkekler, güsürdeşip
ondan-oňa toplaryny ýazman, göçüşip-gonuşyp ýören serçejikler, kemkemden daşlaşyp barýan ululy-kiçili jaýlar, durluklarynyň sary gaçan
garaja öýler, ýalaňaç baglar gözden ýitýänçä, mähriban obalaryny synlap,
gözjagazlaryny jüýjerdişip, burunlaryny çym-gyzyl edişip oturdylarda, birdenem, hababaýlaşyp ýorgany başlaryna çekdiler. Demleri bilen
«ýorgangalany» mazaly ýylydansoňlaram meýmiräp, uka gitdiler.
Ogulnäzigiň düýşüne ýap-ýaňyja, ugrajak wagtlary, hiç kime
bildirmän, boşap galan towuk ketekleriniň burçunda gizläpjik goýan
gurjagy girdi. Gurjajyk ýüplük oralýan naýçanyň bir tarapyndan ýasalan
tes-tegelek ýüzüni tossardyp, toýtanaklap geldi-de, garantganyňka
meňzeş, gerlip duran «goljagazlaryny» galgadyp: «Sen näme meni taşlap
gaýtdyň?» diýdi. Özem ýöne-de diýmedi-de, gygyryp diýdi. Dogrudanam,
10
başga oba zor bilen äkidenlerinde-de, her gezek ol obadan öýlerine gaçyp
gelende-de, her gezek ýene yzyna äkidenlerinde-de golundan goýmadyk
gurjagyny bu gezek, tutuş öýleri bilen göçüp gaýdanlarynda nämüçin
goýup gaýdandygyna Ogulnäzigiň özem düşünmedi. Belkem, basym
gaýdyp gelmek üçin yrym edendir, belki-de, bu ýana gurjak oýnamak
üçin däl-de, uly-kiçi bolup işlemek üçin, güzerany gowulandyrmak
üçin barýandyklaryna, özüniň indi çagalykdan saýlanandygyna akly
çatyp şeýdendir, ol belli däl, ýöne, gurjagynyň şol kineli sözlerinden
soň, ýüreginiň gyýym-gyýym bolup gidendigi, şol yza çydaman ukudan
oýanandygy welin çyn.
Onuň şol wagt ýel çaýan duman dek duw-dagyn bolup barýan
düýşüniň içine kürsäp uraga-da, gözlerinden gaýyp barýan gurjagyny
garbap alasy, bagryna basasy, «Gurjajygym! Gurjakbiketoýtanajygym!»
diýip, ogşasy, üsti-başyny sypalaşdyrasy geldi. Çünki, ol hernä-de
gurjagyny şeý diýip söýýärdi. Ogulnäzigiň öz gurjagynyňam, beýleki
gyzlaryň gurjaklarynyňam hersiniň özbaşlaryna, birgiden dünýeleri
bardy. Olaram edil şu, biziň görüp ýören adamlarymyz ýaly durmuşada çykýardylar, maşgala-da bolýardylar, önübem ösýärdiler. Edil
adamçylykda bolşy ýaly, arasynda ýogalýanlaram bardy.
Durmuşa hernä, gurplurak gurjaklar çykýardylar. Has bezemen, has
geýnüwli bolansoňlar, olara gelinlik beýlekilere görä has gowy gelişýärdi.
Göwşüllän eşikliräkler, hor-homsyraklar ýa gartaňrak görünýänler
köplenç gaýyn ýa elti, gaty gitse baldyz bolýardylar.
Düzgun bolup galyşyna görä gyzlaryň her gezekki oýunlaram bir
gurjagyň durmuşa çykmagy bilen başlanýardy. Beýleki gurjaklaryň
barysy şol gurjagyň daşyna üýşýärdiler. Ýerli-ýerden sorag berip
başlaýardylar.
— A gyz, adyň näme?
— Jümjümbike.
— Burnuň näme?
— Ýylgynsüýke.
— Gözüň näme?
— Çakgyň çüýi.
— Dişiň näme?
— Hünji diş.
— Gaşyň näme?
— Galam gaş.
11
— Saçyň näme?
— Sünbül tary.
— Aş içjekmi?
— Hany çemçäm?
— Işe gitjekmi?
— Ýaramok.
— Ýaramasaň ýarama, senden gelin bolmaz, tur, git!..
O «gelini» kowýarlar. Soň başga birini getirýärler.
— Adyň näme?
— Gurjakbike.
— Aş içjekmi?
— Agzym ýokmy?
— Işe gitjekmi?
— Elim ýokmy?
— Gowy gelin ekeniň. Ine, öý. Ýaşaber.
Başga hili sorag-jogap alşylýan pursatlaram bolýar.
— Gyýuw, gelin, adyň näme?
— Gurjakbike.
— Äriň kim?
— Sygyr çopany.
— Çopan bolsa taýagy bilen urmazmy?
— Ursa ursun, ärimdir-dä...
Ýa-da:
— Aýuw, gelin! Suwa gitjekmi?
— Näme gitmän.
— Birden ýolda küýzäň döwüläýse nätjek?
— Küýzedir-dä, döwülse döwüler ýörer-dä.
— Äriň urmazmy?
— Suw küýzesiniň suwda synýandygyny bilmedik ärdenem bir är
bormy?
Käte Ogulnäzigiň ýeke oýnamaly bolýan pursatlaram bolýardy.
Şonda ol gurjagyny eli bilen «joňk-joňk» etdirip, keçäniň üstünde iki
ýana gatnadardy-da, «Gurjakbiketoýtanak» baradaky ululardan eşiden
ertekisini janlandyrardy.
...Gurjakbiketoýtanak ýol bilen gidip barýar. Onuň öňünden egni
taýakly çopan çykýar.
— Gurjakbiketoýtanak, aý, Gurjakbiketoýtanak, nirä barýaň?
12
Soraýanam, jogap berýänem Ogulnäzigiň özi.
— Äre degmäge barýan.
— Äre degseň maňa degäý.
— Gije ýatanyňda arka-boýnumy näme bilen sypalajak?
— Çopan taýagym bilen.
Gurjakbiketoýtanak geçiberýär. Öňünden bir söwdegär çykýar.
— Gurjakbiketoýtanak, aý, Gurjakbiketoýtanak nirä barýaň?
— Äre degmäge barýan.
— Äre degseň maňa degäý.
— Gije ýatanyňda arka-boýnumy näme bilen sypalajak?
— Ýüzi ýolbars suratly gyranlarym bilen.
Gurjakbiketoýtanak mundanam geçiberýär. Öňünden bir, sypaýy
ýaş ýigit çykýar.
— Gurjakbiketoýtanak, aý, Gurjakbiketoýtanak, nirä barýaň?
— Äre degmäge barýan.
— Äre degseň maňa degäý.
— Gije ýatanyňda arka-boýnumy näme bilen sypalajak?
— Gulagymyň ýumşajyk ýeri bilen sypalajak.
Gurjakbiketoýtanak şol ýigide äre barýar. Erteki tamam bolýar.
...Aňňyrýan eşegiň aýgyr sesi Ogulnäzigi gurjaklaryň owadan
dünýäsinden sogrup alyp, ýene-de, şu, aňzap duran sowuk dünýäniň
içine dolap dykdy. Eşek sesini goýandan soň onuň gulagyna ýolagçylaryň
hümürdisi eşidildi. Soň agşamky düşen garyň üstünden apaň-apaň
basyp barýan düýeleriň dabanlarynyň astyndan «goýurt-goýurt» edip,
birsydyrgyn eşidilýän mukama diň salyp oturdy. Bir ýerlerden torgaýyň
jüýpüldisi eşidildi.
Gurjaklar baradaky ýatlamalar ýekeje pursatlykça aňynda täzeden
ýylpyldap gidendenem şol, dymma, gartmaç kişi bilen «ýaşaşan»
günleriniň ýaňky ýaly «gurjak oýunlaryna» diýseň meňzeşdigine geň
galmakdan ýaňa Ogulnäzigiň gözleri tegelenip gitdi. Agzy açyldy. Özüniň
şol günler haýsy dünýä düşendigine-de, ol ýere nämüçin eltilendiginede, şu dünýä haýsy dünýeden dolanyp gelendigine-de ol indi düşündi.
Öz-özünden utanyp ýygryldy. Dodagyny dişledi. Agyr ýorganyň labyry
basmarlap, hopukdyrdy.
Ol ýorganyň burçuny bürändäkisi ýaly ýeňillik bilen serpäýjek
boldy. Emma burçy bilen bilelikde ýorganyň ep-esli ýeri dim-dik bolup
ýokary galdy. Böriniňem üsti açyldy. Ogulnäzik onuň üstüni örtmek üçin
13
ýarpy göwresini daş çykaryp, kiçijik elleri bilen çyr-çytyr dartanda, içi
ýumşak düýe ýüňünden doldurylan galyň ýorgan gyrpaklap duran buz
döwülendäkisi ýaly, «şatyrt-şatyrt» etdi. Galyp duran bölegi edil gazanyň
gapagy dek, emaý bilen aşak indi.
Şondan soň Ogulnäzik töweregini synlap başlady.
Giden baýyrlyk. Dünýe-älem ak gara bürelgi. Uzyn şahaly
çerkezleriň, çetidir-çakyşlaryň pürlerinden her biri sümek ýaly süýrisüýri buzlar sallanyşyp dur. Olaryň agyr ýüke döz gelibilmän, başlaryny
ýere goýup, ýer sermäp ýatanlaraam bar. Bulutlaryň arasyndan käte bir
jyklap goýberýän Günüň şöhlesi düşen wagty, buz süýümleri jöwher
dek ýaldyrap gidýär-de, edil aýna ýaly Günüň şöhlesini şarta döwüp,
Ogulnäzigiň gözjagazlaryna tarap gönükdirýär. Ol gamaşan gözlerini
owkalaşdyrýar, ýer bilen asmanyň tapyşýan ýeri çal dumanyň içinde ýitip
gidýändigi zerarly, açyk günler al-asmanda ýaly howalanyp görünýän
belent daglar entek görnenok. Çapgyn şemalyň zaryn şuwwuldysy
yzlaşýan syzalaryň gamgyn heňine goşulyp Ogulnäzigiň oý-hyýallaryny
gadymýetemi, nämemi, bir ýerlere tarap alyp gidýär.
Aşakdan kimdir biriniň:
— Oba görünerden-ä geçdik. Sag-aman gidip otursak öýläne çenli
«Meňli hanyň» guýusyna bararys — diýeni eşidildi.
Şondan soň hümürdi köpeldi. Düýeleriň biri çalarak yňrandy.
Eşekleriň biri burnuny parryldatdy. Kerwenbaşyňky bolsa gerek,
ö-öňräkden barýanlaryň arasyndan:
— A-anha, towşan gaçdy. Haý, peläket!.. — diýen ses eşidildi.
Ogulnäzik towşany görmek üçin, ýene-de göwresini ýorgandan
çykardy. Boýnuny süýndürdi. Emma görüp bilmedi. Kerweniň gapdaly
bilen gybyrdyklaşyp barýan eşeklileriň arasyndan kakasydyr ejesini
gözledi. Birbada ejesi görünmedi. Kakasynyň horja eşegiň üstünde
uly göwresini kiçeldip ýygrylyp oturyşyny görende oňa nebsi agyrdy.
Bokurdagy doldy. Ejesini görmek üçin gobsunanda ýorgan ýene-de
şatyrdady. Şol şatyrda Börem oýandy. Gözlerini owkalaşdyrdy. Dikasmana, daş-töweregine seredip:
— Bäýipbä-ä-ä... — diýdi. Edil, Ogulnäzigiň edişi ýaly o-da
boýunjagazyny süýndürip ejesi bilen kakasyny gözledi. Olaryň sag-aman
yrgyldap barýandyklaryny görüp begendi. Uludan demini alyp Ogulnäzige
seretdi. Ogulnäzik bolsa bu wagt bu uly garyň haçan ýaganlygyna geň
galýan ýaly hininiň agzynda joňkarypjyk daş-töweregine ýalt-ýult edip
14
oturan alakany uly gyzyklanma bilen synlaýardy.
***
...Şol gün günuzyn ýol ýöräp, agşamaralar dagyň başlanýan
ýerindäki «Teke gümmezli» diýen ýere ýetip ýük ýazdyrdylar. Ol ýerde
her ýyl owlak-guzy döwürleri ulanylýan, galan wagtlary boş ýatan,
äpişgeleri, gapylary haňlap ýatan, bäş-üç sany kiçijik-kiçijik jaýjagazlar
bardy. Ýöne suwy ajydy. Içme bolmaýardy. Diňe mallary suwarmak
bolýardy. Ýolagçylaryň öz ýanlary bilen nämüçin çelekli suw alyp
gaýdandyklaryna-da Ogulnäzik şu ýerde düşünip galdy.
Manzar aga çagalaryny jaýlaryň birine saldy. Içinde ot ýakdy.
Çaý berdi. Çörek iýdirdi. Özem az-owlak garbandy. Çagalary pallaşyp
ugrandanam, jaýdan çykdy-da, ýalazy meýdanda, ody giňden gallap,
a-arkaýyn warsaky uruşyp oturan ýolagçylaryň ýanyna bardy.
Ajy tüsseden dolan jaýyň işiksiz gapysyndan oduň başyndakylary
synlap ýatyşyna Ogulnäzik kakasyndan beýlekileriň eginbaşlarynyň
guratdygyna göz ýetirdi. Hemmesiniňem eginleri galyň possunly.
Aýaklarynda gat-gat edip oralan ýüň dolak, burunlary jaýtarylyşyp
duran, seçekli çokaý. Hemişe ýaban ýatyp ýören adamlar bolansoňlar,
bu aldajy ýaly aýaz, ýalazy meýdan piňlerine-de däl. Gaýtam derçireşip,
çaý süzüşip otyrlar. Gyzykly-gyzykly gürrüňler aýdyşýarlar. Arasynda
degişýärler, «hahahaýlaşyp» gülüşýärler. Olaryň geň-enaýy gürrüňlerini
diňlemek üçin, Ogulnäzik uklamazlyga jan edýär.
Birdenem olaryň gürrüňi baýlyga, bagta, her kim bolsaňam göwnüňi
pes tutmaklyk baradaky pelsepä syrykdy-da, ýaşynyň durugşandygyna
garamazdan, ýüzi hyştym-gyzyl, göwresi guýlan kenek ýaly dyp-dykyz,
gürlände sesi küýzeden çykýan ýaly «hüň-hüň» edip duran kerwenbaşy
edilip oturylan söhbetiň süňňüne laýyk gelýän täsin bir rowaýata başlady.
Kerwenbaşynyň şol rowaýatda beýan edişine görä, gadym
zamanlarda, ýagny, Süleýman pygamberiň patyşalyk eden döwürlerinde
Akyl, Ylym, Bagt, Pakyr dördüsi öz aralarynda jedel edipdirler. Jedel
olaryň haýsynyň adamzada has gerekliräkdigi, haýsynyň has belentdigi
barada gidipdir. Ahyram çözlüşip bilmän, Süleýman pygamberiň huzuryna
barypdyrlar. Süleýman pygamber arzymanlaryň arzyny diňläpdir-de,
tylla tagtyň üstündäki kümüş kürsüsine geçip oturypdyr.
— Hany aýt, sen nämüçin özüňi bulara görä-de adam ogluna has
gerekliräk hasaplaýaň? — diýip, Akyla ýüzlenipdir.
15
— Menmi? — diýip, Akyl özüne şeýle soragyň berilendigi üçin
kemsinýän ýaly ýüzüni-gözüni gamaşdyrypdyr. — Haýsy birini aýdyp
çykaýyn men oň? Dogrusyny diýsem, adamzat mensiz...
Süleýman pygamber oňa sözüni soňlamaga maý bermändir.
— Ýeri, bolýa. Hany, indi aýt, sen özüňde aýp bardyr
öýdýäňmi?
Akyl öňküsindenem beter ynjapdyr. Ýakasyny tutup:
— Mende-e?.. Aýp?.. — diýende sesi juda inçejik çykypdyr. Şeýlede bolsa, syr bildirmezlige çalşypdyr.
— Hezreti Süleýman! Men Akyl. Hiý, mende-de bir aýp bormy?
Süleýman pygamber onuň bolşuny görüp çalaja gülümsiräpdir-de,
Ylymdan sorapdyr.
— Sen nämüçin özüňi bulardan beýik saýýaň?
— Men Ylym. Adamzat üçin menden belent zat bolmaz. Adam
ylym bilen islendik zadyň hötdesinden gelip biler. Ylymsyz onuň oňaran
zady bolmaz.
Süleýman pygamber sakgalyny sypalap, gözlerini süzüpdir.
— Aýbyň barmydyr?
— Mende aýp bolmaz.
Süleýman pygamber kürsüsinden düşüp, Bagtyň ýanyna barypdyr.
— Öz beýikligiňi sen nädip düşündirjek? Bagtyň şol wagt: «Sizem
diňe meniň arkamdan şa bolup otyrsyňyz. Pikir edip görüň, bu ýurtda siz
ýaly, belki, sizden-de kän-kän akylly, ylymly adamlaryň gör, nijembir
müňüsi bardyr. Emma bagtsyzlyklary zerarly olaryň köpüsine şalyg-a däl,
hatda her günde doýa garyn iýmekligem ýetdirýän däldir» diýesi gelipdir.
Emma pygamber patyşany akylsyzlykda aýplamakdan gorkupdyr. Şonuň
üçinem:
— Men hemmä gerek. Uly-kiçi, şah-u-geda, barsy meniň arzuwymda.
Men kimde bolsam şonuň döwleti artýa, gum diýip garbany gyzyl bolýa,
ugran ugry şow alýa. Sebäbi ol bagtly — diýmek bilen çäklenipdir.
Süleýman pygamber ellerini arkasyna tutup, arz jaýynyň içinde iki
ýana gezmeläp ýörşüne:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aý gaýdyp geler - 02
  • Parts
  • Aý gaýdyp geler - 01
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2159
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 02
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2208
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 03
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2239
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 04
    Total number of words is 3679
    Total number of unique words is 2199
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 05
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2256
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 06
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2282
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 07
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2155
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 08
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2101
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 09
    Total number of words is 3609
    Total number of unique words is 2258
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2189
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 11
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2187
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 12
    Total number of words is 1007
    Total number of unique words is 718
    39.0 of words are in the 2000 most common words
    52.1 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.