Latin

Aý gaýdyp geler - 03

Total number of words is 3597
Total number of unique words is 2239
30.8 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
çagalaryňy heläk edip ýörme-de , gaýt yzyňa. Propiska diýip horlaýan
bolsalar kyn iş däl, günübirin uçotdanam çykaryp bereris, o ýerde
propiska edip seni işe-de alarlar. Ýöne, nä körüň näbelet ýeriňde enäptenäp ýörüp, bu ýerde öýüň-işigiň barka, öwrenişen bolsa goý, Torlynyň
29
özi galybersin. Sen gaýt! Hudaýa şükür, indi bu ýerem gowulanjak
basym... Gutulansoň, ulag bereýin, git-de getir çagalaryňy. Ýa-da adam
ibereýin, göçürip getirsinler. O ýerde ojagazlaryňam kör goýarsyň sen.
Internada-ha sen bermersiň, her guýuda-da okuw ýokdur. — Ol aşaklyk
bilen gürrüňdeşiniň ýüzüne seretdi. Sesini peseltdi. — O-ol, bolup geçen
iş üçin özüňi horlap ýörme. Il seni tanaman duranok...
Manzar aga kän oýlandy. Ahyram ýüzüni ýerden galdyrman şeý
diýdi:
— Maslahat, başlyk. Ýöne, adam iberip oturma. Özüm giderin.
Adam şekilli hoşlaşyp gaýtmasam Torly gaty görer.
***
Ýygy-ýygydan açylyp-ýapylýan saçagyna, öňkülerine görä has
çalt gowzaýan un haltasyna ýygy-ýygydan göz aýlaýan Äşäniň ýene-de
dünýäsi daralyp başlady. Gaýyn atasynyň wagty bilen gara bermezligi,
Mämmediň gelendiginiň ýa gelmändiginiň bellisiniň bilinmezligi, bu
artykmaç ýüküň başyndan wagty bilen sowulmajakdygynyň alamaty diýip
düşündi. Her gezek hamyr edende unuň gytlygyny diline çolady. Ýapyp
gelende soňky döwürde bişirýän nanlarynyň bibereket bolýanlygyndan
zeýrendi. «Ýaz çyksa gaýnar suwa yşgyn atyp içäýmesek çaýymyzam
gutardy» diýmäni çykardy.
Ýazboldy daýza bolsa, ärinden derek bolýança «urgulary» sessizüýnsüz çekmekligi ýüregine düwdi. Ogluna-da duýdurmady. Manzaryň
Mämmedi alyp gelerine, bar zadyň öz-özünden düzelerine garaşdy.
Gelniniň darykmagyny wagtlaýyn ara düşen kynçylygyň netijesi diýip
düşündi. Gaýyn hökmünde giňlige saldy. Gelni her gezek hüňürdände
köneje endigine görä, gözlerini ýumjuklatdy oturdy.
Äşäniň welin beýni damarlary sary ýaýyň kirşi deý dartylyp-dartylyp
ýetjek derejesine ýetdi.
Bu ýagdaýy Böri bilen Akmyrat aňmasa-da, Ogulnäzik aňdy. Bu
gün bolmasa ertir, ertir bolmasa birigün, ýa ejesiniň, ýa gelnejesiniň
birinden-biriniň ýaryljakdyklaryna-da ynandy. Her gün ir ertir, giç agşam,
çaý içilip, çörek iýilýän pursatlary, çäýnek-käseleriň, çemçe-çanaklaryň
şakyrdysyndan, duýdansyz çykýan her bir batly sesden gorkup tisgindi.
Gelnejesiniň ýüzi agralyberdigem onuň göwnüni awlamak üçin, özleriniň
bu öýde ýat adam däl-de, bir tende-bir jandyklaryny subut etmek üçin,
aglasa-aglamasa-da ylgap baryp Döwletjigi eline aldy. Bir burçda oturyp
30
oýnatdy. Öňüne aşyk dökdi. Daşyny pugta orap, daşarlarygam aýlap
geldi. Her gezegem gelnejesiniň ýüzünden üýtgeşiklik gözledi. Şolar
ýaly-da Äşe az-kem açylyşsa öz emgeginiň ýerine düşdügi hasap etdi.
Manzar aga başlygyň beren düýesini idip, Morgala tarap ýola düşen
günem...
Şol gün Äşe agşamaralar bir tamdyr nan ýapdy. Getirişi ýalam: «gyrtgyrt», «gyrt-gyrt» etdirip, demrew pyçak bilen çörekleriniň arkasyny
gydyrdy. Keseklerini aýyrdy. Soňam «demi çyksyn» diýip köneje
saçagyň üstünde serdi. Alty gün birden dogan ýaly lowurdaşyp duran
alty sany mele-myssyk nan, üsti çöp bilen basyrylan çygly ýerkümäniň
içini şol dem elýetmez köşge ogşatdy.
Ogulnäzik bilen Böri ikisi Ýazboldy ejäniň gapdalynda, Akmyrat
bilen Döwlet bolsa Äşäniň gapdalynda seslerini-üýnlerini çykarman
otyrdylar. Täze I çöregiň ýakymly ysy agyzlaryny suwardyp barýanam
bolsa hiç haýsy ýerinden gozgananok. Döwletjik bir ýerinden turup,
çöreklere garşy jompul-dap ugrady welin, Akmyrat towsup bardy-da,
jigisini garbap aldy. Getirip öz ýanynda oturtdy. Uly adam ýaly barmagyny
agzyna eltip: «Çüş-ş...» diýdi. Hemişeki islän wagty omrup alyp ýören
çöregine nämüçin el urmaly däldigine geň galan çaga gözlerini tegeläp
ejesiniň ýüzüne seretdi.
Ýazboldy daýzanyň gözleri öňküsindenem has çalt-çaltdan
ýumjuklap başlady. Elleri sandyrady. Dodagy titir-titir etdi.
Içerä agyr dymyşlyk aralaşdy.
Ogulnäzik düýrügip-düýrügip bir gysym boldy. Öňküsindenem
beter kiçeldi.
Hemişe tamdyrdan gelşi ýaly bir nany ýyljagy bilen ortada goýýan
Äşe bolsa sarsman otyr. Ol hatda öz çagalaryna-da ýüz berenok. Döwletjik
halys çydaman:
— Eje, na-an... — diýdem welin, aždarha ýaly «haş-ş...» edip,
oglunyň ýüzüne azgyryldy.
— Näme, nandanyň deşildimi? Ýaňyja iýdiň nan! Zol-zol
bokurdagyňyzdan dykyp oturar ýaly meň atam harazman däl!
Şol sözem Ýazboldy daýzanyň ençeme wagt bäri püre-pür bolup
duran sabyr käsesini düňderdi.
Ol nädip ýerinden turanynam, saçagyň başyna nädip baranynam,
tegelenip ýatan çörekleriň iň kiçisini garbap alaga-da, edil dükançynyň
mata ölçändäkisi ýaly gollaryny giňden aýlap çöregiň çärýekdenem
31
gowragyny bölüp alanynam, «Me!» diýip, henizem Akmyradyň öňünde
agzyny açyp turan Döwletjigiň eline tutduranynam bilmän galdy. Şondan
soň dik duran ýerinden ýapyrlyp Äşäniň ýüzüne seretdi.
— Meňkilerden gysganyp özüňkileri bir aç etme, gelin!.. — Ol
elindäki çöregi ýerinde goýjak ýalam etdi-de, ýene-de goýman, epeslisini döwüp aldy. Akmyrada uzatdy: — Me! — Galan ýarysynam iki
böldi-de, birini «Ýok, ýok, men iýjek-gä» diýip, oturan ýerinden töre
tarap götinjekläp ugran Böriniň eline berdi. — Me!.. — Beýlekisinem
Ogulnäzigiň eline tutdurdy. — Me!..
Şeýdibem ýerine bardy-da oturyberdi. Ýaşa dolan gözlerini
ýumjukladyp «has-has» etdi. Nämüçindir kellesem dygysyzlyk bilen iki
ýana ýaýkandy durdy. Ogulnäzik ejesini henize çenli beýle perişan halda
görmändi.
Äşe gaýnynyň ýüzüne alaryldy.
— Näme, sowaýança ýürekleri ýarylyp barýarmy?
Ýazboldy daýza sesini çykarmady. Muňa Äşäniň hasam gahary
geldi.
— Mellekçä ýer berseň ýer eýesini ýerden çykar etjeg-ow bular-a...
diýdi-de tasap ýerinden turdy. Agaç sandygyň üstünde başly-barat
eplengi duran goşlaryň ýanyna bardy. Gyzyl-ala çit matadan tikilen galyň
ýorganyň arasyndan nasly çüýşäni çykardy. «Poňk» etdirip dykysyny
açdy. Hemişe bildirmän atýan bolsa, bu gezek sylag-hormatam ýadyndan
çykardy-da, çep eliniň aýasyna ep-eslisini guýdy. Sag eli bilen topbysyny
saklap arkan gaýyşdy. Diň-gögüne garap durşuna çep eliniň aýasyndaky
nasy agzyna atdy. Dykysyny dykyp, çüýşäni ýerinde goýdy. Aýalaryny
kakyşdyrdy. Dişleriniň arasy jymyrdap ugrandanam nasyň bady beýnä
urdy. Gözüniň agy bulandy. Gapa tarap ýaýkanjyrap barşyna dodaklaryny
müňküldedip agzyny gyşartdy.
— Toýla biz aýdaýyn...
Ýazboldy daýzanyňam şondan artyk dymasy gelmedi.
— Bar aýt! Torlyň atasyna-da aýt! — Ol elindäki nany nätjeklerini
bilmän aňkaryşyp oturan çagalara tarap elini aýlady. — Iýiberin!
Emma çagalaryň birem çörege agyz urmady.
...Häliden bäri goýunlary, agyla saljak bolup, alagalmagal
turzup ýören Torly garaňkyda aýalynyň ýüzüni-gözüni saýgarmasada, bürenjegine berk oranyp çapgyn şemalyň garşysyna ýantaklap
gelşinden bir belanyň gopandygyny aňdy. Süňňi bir ýakymsyzlygy
32
syzdy. Süýekleriniň içine, bogunlaryna gowuşgynsyzlyk aralaşdy. Agyla
girmejek bolup gaýra gaýyşýan goýunlara haýbat atanda sesiniň öňki
bady bolmady. Aýalynyň habaryny alandanam:
— Aý, men-ä nätjegimi bilýän däldirin, how!.. — diýdi-de, hamala
o zatlara goşulmak islemeýän ýaly, goýunlaryň hemmesi agyla girip
bolanlaryndan soňam oňa-muňa güýmenen bolup, agylyň daşynda
köwejekledi ýördi. Zol-zol agylyň agzyna germelýän agajy barlan boldy,
agylyň ahmalrak ýerlerine çöp basan boldy, itlerine jabjyndy, garaz,
çatmasyna gitmejek bolup her zat etdi.
— Näme how, kelte tirkelen ýaly yzyma düşüp ýörsüň, bar git! —
diýip, aýalyna-da azgyryldy.
Taýagyny egnine atyp, ýerkümesiniň gapysyndan girendenem,
manysyny tirmedimi, ýa diýjek sözleriniň nirä baryp degjegi barada
oýlanmadymy, garaz, ejesine tarap gözlerini alardyp, ýüzüni gara-ört
etdi-de, çagaňky ýaly naýynjar ses bilen:
— Eje, sen nä bi, nanlary Äşe bölmänkä böläýipsiň? — diýdi.
Dolup-daşyp oturan Ýazboldy daýza «ýalt» edip oglunyň ýüzüne
seretdi. Ganaty gyrylan guş ýaly gobsundy-da, gollaryny galgadypgalgadyp goýberdi.
— Böljek! Janyň çyksa-da böljek! Şu çatmadan çykýançam-a
böljek! Näme bölmän! «Gel-gel, diýip aglaryn, gelseň gapym barlaryn»
diýen ýaly. Şondan şuňa getiribem şumudy etjek hormatyň? Ejeň dämi
men? Seň bilen dar garynda depişen çagajyklar dämi bu çagalar? —
Ol ýerinden galdy-da, agyr çabgada galan ýaly boýunlaryny ýygryşyp,
eginlerini gysyşyp oturan çagalarynyň elinden tutdy. — Ýörüň,
goýun ýatakda ýatanymyzam gowudyr. — Ýazboldy daýza Böri bilen
Ogulnäzigi syňsyrakladyp alyp barşyna oglunyň ýüzüne dikan garady.
— Gözläýmegin! Idäýmegin! Kakaň gelýänçä gapy gezerin welin, saňa
ýüzümi saraltman! Geldigem giderin. Asylam sen ýaly namart ogly
penalap, gara gyşda ýurt aşyp şondan şuňa gelenden şo ýerde ajymyzdan
ölen bolsak gowy bordy. Mämmet jan gelen bolsa bolýa...
Ol oglunyň:
— Ýak, he-eý, eje, dur-a, sen bir gepe gulak sal-a!.. Men eý diýjek
bolamog-a — diýenlerine gulagam asman çykyp gitdi.
Şol gijäni ol çagalary bilen goňşularynyň biriniňkide geçirdi. Torly
iki gezek dagy yzyndan baryp töwella etse-de gulak asmady.
Ertesi guýuda oturanlaryň öýüne ýeke-ýeke baryp ýolharjy sorady.
33
«Süýji kagyzlyda», «Hopbukda» oturan tanyşlarynyňka çenli aýlanyp
çykdy. Kim nan berdi, kim birki bölek çaý berdi, pul berenem boldy.
— Kakalary gelere-de garaşjak-gä. Gitjek. Guşgyň üsti bilen otla
münüp gitjek welin gitjek. Eliňizden gelen kömegi ediň!.. — diýip,
Ýazboldy daýza ferma müdirine-de ýüz tutdy. O-da jübüsinden bäş
manat çykaryp berdi.
— Nätjek-dä, ýeňňe! Serhet ýakasy. Propiskasyz bolanok diýip
durlar-da. Bizden bir gaty görmäň. Ýogsam iş känem welin... — diýip
hümürdendi.
Ýazboldy daýzanyň welin agzyndan ot çykdy.
— Aý, indi boýumyz bilen gyzyl berseňizem durjak däl, dogan!
Ilime-günüme aşjak. Hiç kimden gatam göremzok. Maňlaýymyzdan
görýäs. Erkana guş ýaly islän ýerine uçup-gonup ýören sähraýy türkmeniň
beýle dar çyzygyň içine düşenini näbileli...
Ertesi irden Manzar aga düýesini idip guýa indi. Çagalarynyň
nämüçin oglunyň öýünde däl-de, goňşularynyňkydadygyny welin ol
sorajagam bolmady.
Ýazboldy daýzanyň salam-helikdenem öň ilkinji sözi şu boldy.
— Hany Mämmet? Mämmet jan gelipmi? Barypmy?
Manzar aga ýüregini tutup aşak oturdy. Başyny ýaýkady. Ýazboldy
daýza «pat-pat» etdirip, ýumruklary bilen kükregine urdy.
— Wah! Wah! Bar umydym puç boldy! Barja umydym köýdi.
Ýalňyz ýapyşalgam weýrana döndi!..
Onuň şol wagt oba-da gidesi gelmedi, bu ýerde-de galasy gelmedi.
Şol wagt onuň bu jebri kän, jepasy kän gamly dünýäniň garnyny ýaragada göwsünden çykasy, eger-de aňrujy bir ýerde bar bolsa, başga bir dünýä
aralaşasy geldi.
Gapyda Torly göründi. Kakasy bilen salamlaşdy. Mämmediň geldi
habarynyň ýalan ekendigini eşidip gözüne ýaş aýlady. «Ol-a, görenimem
çyn, gürleşenimem çyn diýýä» diýip habar getiren çopany ýatlady.
Öýden gaýdyp, gapy gezip, ejesiniň özüni uly ile masgara edenligini
aýdyp zeýrendi.
— Ýörüň-ä, öýe baralyň-a. Indi bir beýdip oturmalyň-a...
Manzar aga ogluna dözmedi. Agraslyk bilen ýerinden turdy-da,
aýalyna ýüzlendi:
— Ýörüň baralyň. Ertir irden şol ýerden ugramasak gelşiksiz bor.
Men sizi äkitmäge geldim.
34
Torly ýolboýy kakasyna ýalbardy.
— Kaka, bolubermeli ekeniňiz-dä... Propiska-da eder ýörerler-dä...
Emma ne atadan, ne eneden hiç haýsyndan ses çykmady.
***
Ertesi irden Manzar aga düýesini Torlynyň işiginde çökerdi. Hemme
zat edil gaýdandakylary ýaly boldy. Iki sany ýorgan, üç sany pagtasy
çykyp duran köneje ýorgança, iki sanam saly gaçan keçeden ybarat
goşlaryny düýrläp düýäniň üstünde «ýürek» ýasadylar. Ogulnäzik bilen
Börini şoňa mündürdiler. Ýazboldy daýza eşege mündi. Bir üýtgän zat
— o-da Manzar aganyň özi pyýada gitmeli boldy. Şonuň üçinem owsary
eline aldy-da, düýäni turuzmanka, häliden bäri daşynda hozanak bolup
ýören ogluna elini uzatdy.
— Wagt-wagt özüň habar tutaýmasaň, bizden-ä hantama bolma...
— Ol ýuwdundy. Soň ýanlaryna-da gelibilmän, öýe-de giribilmän
arkasyny çöpkümä ýaplap oturan Äşä ýüzlendi. — Sag oturyň onda,
gelin. Taňryýalkasyn, eden hyzmatyňyza. Döwlet jan, sag bol, oglum!..
Äşe goltugynda göçe tarap gobsunyp oturan ogluny ýere goýberdi.
Manzar aga moýtuklap gelýän agtygyny gujagyna aldy. Her ýaňagyndan
bir gezek ogşady-da, «ýüregiň» içinde elini serip oturan Ogulnäzigiň
eline berdi.
Ýazboldy daýzanyň gyryljak sesi eşidildi.
— Maňa-da beriň-ä... Meň nä hakym ýokmy onda...
Döwletjigi eline berenlerindenem gözlerini ýumjukladyp başlady.
Hamsykdy.
Şol wagt Äşe öýe girip jüp nan, goýnuň kakadylan buduny alyp
çykdy. Şeýle bersemmikäm ýa bir zada orasammykam diýýän ýaly
töweregine garanjaklady. Çöpkümäniň yk tarapynda serilgi saçagy alyp
çöreg-ä şoňa orady, budam bir köneräk halta saldy. Getirip gaýyn enesiniň
eline berdi. Döwletjigi aldy-da iki ädim yza çekildi.
— Sag-aman baryň!
Öten agşam ýaraşansoňlar Ýazboldy daýza-da gaýra gaýşyp
durmady.
— Sag oturyň...
Gelin gaýyn enesiniň «üzeňňisinden» ýapyşdy.
— Ýagşy-ýaman aýdyşan bolsak yrza boluň...
Ýazboldy daýza gyňajynyň ujy bilen gözlerini süpürdi. Burnuny
35
çekdi.
— Senem yrza bol...
Garma-gürmelikde özüne üns berilmedigini göwnüne alan bora
çemeli, ýeňseden Akmyradyň ulili bilen aglaýan sesi eşidildi. Ulaglyulagyndan düşüp, hemmesi ýeke-ýeke, onuň bilenem hoşlaşdylar. Onuň
esasanam Böriniň gidýänine gynanýandygy bildirdi. Gujaklady-da
esli mahal goýbermän saklady. Ol barybir şondan soňam aglamasyny
goýmady. Çete çekildi-de, aýasy bilen gözlerini süpürip eňredi durdy.
Manzar aga ugraberjek ýalam etdi-de, ýaýdanjyrap Torlynyň ýüzüne
seretdi.
— Bir eşegiňi beräýseň-ä... Ýol uzak... Soň gaýdarman bolsa
iberäýerdik-dä.
Torly sowukdan ýaňa bürüşip duran ýüzüni iki ýana sypajaklatdy.
— Wah, özüň görýäň-ä, kaka. Birin-ä mal yzynda münýän. Birem
odun-çöp, suw-söl daşamaga gerek bolýa.
Manzar aga sesini çykarman ýöräberdi. Äşe äriniň alkymyna
dykyldy.
— Soň iberjek bolsalar beräýmeli ekeniň-dä.
Torly jabjyndy.
— Bäri-bärde Saragt bamy, eşegiň yzyna geler ýaly!..
Hä diýmänem guýudakylaryň bary bu ýerik üýşdi. Manzar aga,
Ýazboldy daýza olar bilen hoşlaşdylar.
...Ilerdäki uly alaňdan aşan ýerlerinde Torlynyň burny gara eşegi
aýagy duşakly, yk ýerlerde ir gögeren gyrtyçlary çirtişdirip ýör ekeni.
O-da: näme gaýdyberdiňizmi diýýän ýaly, otlamasyny goýup, bulara
tarap üşerildi. Hoşlaşýan dek uzyn gulaklaryny galgadyp-galgadyp
goýberdi.
Böri düýeden syrylyp düşdi-de, burny gara eşege tarap ylgady.
Barşy ýalam duşagyny çözüp boýnuna orady. Köneje güpbisini çykaryp
üstüne atdy. Mündi. Sürüp kakasynyň ýanyna geldi.
— Gel, kaka, mün!
Manzar aga: «Geçme namart köprüsinden, goý aparsyn sil seni»
diýipdirler oglum, goýber diýip ýöräberjegem boldy. Şol wagt Ýazboldy
daýzanyň edil ýeriň aşagyndan çykýan ýaly ysgynsyz güňlenç sesi eşidildi.
— Eşekçe hatyramyz bolmasa-da, bir eşekçe hyzmaty bizem
edendiris şoňa, Manzar. Mün. Hiç günäsi bolmaz oň.
Manzar aga ýaýdana-ýaýdana, kynlyk bilen eşege mündi.
36
Böri ýene-de düýä dyrmaşdy.
***
Bu gezegem edil gaýdanlaryndaky ýaly, dört gije ýatyp, bäş gün
diýlende oba aralaşdylar.
— Hudaýa şükür, ýene-de aýak sekmek nesibemiz bar akeni —
diýip, Ýazboldy daýza sag aýagy bilen bosagadan ätledi.
Oňa çenli goňşy-golamlaram ylgaşyp geldiler. Aýallar Ýazboldy
daýza bilen gujaklaşyp görüşdiler. Kimsi içeride ot ýakdy, kimsi çaý
goýdy käbirleri bolsa öýlerinden iýer ýaly oduk-buduk zat getirdiler. Buz
ýaly öýüň içi tizara gyzan bazara döndi.
Akmyratdan aýrylandygyna ýolboýy ýürejigi gyýylyp gelen Böri,
oýnap ulalanja ýerleriniň henizem öňküje ýerinde durandygyny gözi
bilen görmek isleýän ýaly, sähelçe salymyň içinde daş-töwereklerini
torç edip çykdy. Deň-duşlarynyňka bardy. Käbirleriniň özi geldi. Garaz,
gowulyk boldy.
Ogulnäzik bolsa usullyk bilen bardy-da, towuk keteginiň içine elini
sokdy. Gurjagynyň el ýaly ýyrtyçdan tikilen gyrmyzy köýnegine eli
degenden, begenjine ýüregi süýjäp gitdi. Usullyk bilen çykardy. Kiçijik
eljagazlary bilen gurjagynyň barmak boýy uzynlykdaky başatgyjyny
sypalap oturyşyna nämüçindir ýylgyrdy.
— Gurjakbiketoýtanajygym...
Epilog ýerine
Şondan ylaýyk bir ýarym ýyl geçenden soň, uruş turdy. Torlynyň
urşa alynanyny eşidip, Manzar aga onuň çagalaryny öz ýanyna göçürip
getirdi. Tapanjasyny olar bilen deň bölüşdi. Soň onuň özünem işçi
batalýonyna aldylar. Iki ýyl Krasnowodskide işläp sag-aman dolanyp
geldi. Şol aralykda Ýazboldy daýza ýogaldy. Äşe, Ogulnäzik, Böri,
Akmyrat dagy ol gelýänçä öz günlerini özleri gördüler. Uruş gutaransoň
Torlam gaýdyp geldi. Kakasy, «gal-gal» diýip, hernäçe ýalbarsa-da
etmän, çagalarynam alyp, ýene-de Morgala göçüp gitdi.
Kyrk ýedinji ýylyň gyşy, şo-ol, «Teke gümmezlikde» ýatan
gijesi tapynan keseli gozgap, Manzar aga-da aradan çykdy. Daşkyrak
garyndaşlary onuň aşyny-suwuny berdiler. Üýşüp Börini öýlendirdiler.
Ogulnäzigem uruşdan gijräk gaýdyp gelen keselbendiräk birine durmuşa
37
çykardylar.
Torly kakasynyň kyrky geçenden soň gelip gitdi. Şondan soň ol oba
juda seýrek geldi. Arany daş görüp, hatda kakasynyň ýylynam şol ýerde
Morgalada özbaşdak belledi. Ýetişenlerinden soň onuň ogullaram edil
özi ýaly çopançylyga baş goşdular. Oba bilenem, Böri, Ogulnäzik dagy
bilenem gatnaşyklaryny welin ýitirmediler. Güzeranlary gowy. Ikisem
dok.
Mämmet neressäniň ykbaly bolsa şol gümürtikligine galdy. Gaýdyp
ondan gördüm-bildim bolmady. Manzar aga ömürboýy garnynda göteren
gümanyny ýany bilen gabryna äkitdi. Hakdygyny, nähakdygyny Hak
bilmese, başga biljek ýok.
Ogulnäzige täze baran adamsy bilenem uzak ýaşaşmak miýesser
etmedi.
Ondan bir gyz boldy. Onuň on-onki ýaşlaryndaky inisem Ogulnäzigiň
elinde galdy. Şol gyz bilen ogul ornunda galan ýüwürjisine guwanyp, ol
bary-ýogy üç ýyljyk ýaşaşan adamsynyň ýurduny saklap oturdy. Gyzyny
çykardy. Ýüwürjisini öýlendirdi. Belet adamlar bolaýmasalar, hiç kim ol
oglana onuň ýüwürjisidir öýdenok. Ogludyr öýdýärler. Ol ýüwürjisiniň
çagalaryna «agtyklarym» diýýär. Agtyklaryndan bolanlara bolsa
«çowluklarym» diýýär. «Ýuwluk», «Gowluk» görmäni arzuw edýär.
«Alla jan «ili biri» görkezjek diýse-de, şu dünýäde ýaşamana menden-ä
ýaltanan ýok» diýip gülýär.
Agtyklarydyr, çowluklaram oňa öz gezeklerinde «ene» diýşip
ýüzlenýärler.
Bendäniň boýunyň welin şol bir durşy. Şo-ol, arabaly, zor bilen,
gartaň kişiniňkä äkiden döwürlerindäki ýaly bürenjeginiň astyndan
zordan görünýär. Öýde-hä bürenjeksizem oňubilýä welin, ona-muňa
çykanda kyn bolýa. Goýaý şunyňy diýselerem edenok. Ind-ä azajyk
bilem bükreýipdir-de, barýarka iki syny bilen ýö-öne, köçe süpürip gidip
barýar. Daş-töweregem ala-tozandyr.
Bir üýtgän zat — o-da, indi oňa deň-duşlary ýa has ýaşulyrak
adamlar bolaýmasa, Ogulnäzik diýýän ýok. Ogulnäzik eje diýýärler.
Bizem şeý diýýäs. Obada in gürrüňçil adamlaryň biri bolansoň, her
gezek oba baranymda men onuň ýanyna barman gaýdamok.
Aslynda şu zatlaram iň soňky sapar baranymda onuň özi maňa
gürrüň berdi. Şoňa çenli ol näme hakda gürrüň berse-de, özi hakda gürrüň
bermeýärdi. Belki, dogan-garyndaşlarynyň gaty görerinden çekinendir,
38
belki-de, meniň özi hakda bir zatlar ýazarymdan, pynhan syrlarynyň uly
ile ýaýylaryndan ejap edendir. Bilemok. Ýöne şol gezek welin ol meni
ýanynda oturdyp ýörite gürrüň berdi. «Ýazsaň ýaz, jan dogan, ýöne adam
atlaryny üýtgedip goýber» diýdi. Men aýdyşy ýalam etdim.
Şol gezek ol özüne ýeňil düşmedik uzyn söhbetini tamamlady-da,
uludan demini aldy. Bir wagtkylaryndanam has inçelen, kiçijik ellerini
öýüniň içine, töweregini gallaşyp oturan agtykdyr çowluklaryna tarap
aýlap goýberdi. Endigi boýunça eňegini galdyryp gepledi.
— Dogup-dörälim bäri, meniň şu durmuşda bar görüp oturan günüm
ine şü. Şujagazlar... — Birdenem ol ýap-ýaňyja gürrüň beren wakalarynyň
barysyny ýeke-ýeke göz öňünden geçirýän ýaly, aşak bakyp dymdy.
Uludan demini aldy. — Ýöne men o zatlar üçin kakamam, agamam,
gelnejemem günäkärlämok. Olaryň hiç haýsyndan gatam göremok. Oňa
durmuş günäkär. Adamlary ejizlige tarap iterýän kyn güzeran günäkär...
— Ogulnäzik eje içki jaýlaryň birinden — radiodanmy, telewizordanmy,
üzlem-saplam eşidilýän soňky habarlara diň salyp, keçäniň gülüni
dyrmalap oturdy-oturdy-da, uly alada bilen başyny galdyrdy. — Ine,
indem hökümedi üýtgetjek diýşip, adambary tut-da-bas! Öňki gezegem-ä,
jan dogan, muny bizden sorab-a üýtgetmändiler welin, ýene, haýsy bolsada, serine syýasat salyp, uly ile kethuda edýän bendeleriniň kalbyna
Allatagala pakyrlygam bir salsyn-da, hernä... — diýende, çaganyňky
ýaly kiçijik ýüzi çytylyp-çytylyp gitdi.
Men uludan demimi aldym-da, ýerimden turdum. Hoşlaşdym.
Gapa tarap ýöneldim, edil şol wagtam ho-ol burçda, häliden bäri bize
barmysyňam diýmän, aňyrsyna bakyp, bir zatlara güýmenip oturan mele
gulpaklyja gyzjagazyň şaňňyja sesi ýaňlandy.
— Guýjakbiketoýtanak, aý, Guýjakbiketoýtanak, niýýä baýýan?..
1990. Moskwa.
39
Ir düşen bahar
...Meniň «biz» diýýänim — klasdaşlarym. Klasdaş oglanlarym.
Ine, onsoň biz sapaga taýýarlanjak bahanasy bilen, her agşam
birimiziňkide üýşerdik-de, oglanlygyň çüýşe deý dury, kir-kimirsiz tämiz
asmany bilen hemişelik hoşlaşýandygymyzdan, ýigitligiň galagoply, köpköp garamatlardan doly haý-haýly ýyllaryna golaýlaşýandygymyzdan
bihabar, elimiz kagyz-galamly, pelteli çyranyň daşyna egrilişip
oturyşymyza edil, ertir ot ýygmak üçin haýsy käle gitsek gowy boljakdygy
ýa tamdyr oduny ilerki gumuň niresinden ýygsak has amatlyrak
boljakdygy barada maslahatlaşyşymyz ýaly, haýsymyzyň haýsy gyza
hat bermelidigimiz barada, kimiň kime has kybapdaşyrakdygy, has
ylaýygrakdygy barada maslahatlaşardyk. Belli bir netijä gelibilmänem
dagaşardyk. Bu aýgytly meseläniň gutarnykly çözgüdini her gezek
ertire, birigüne goýardyk. Hamala özümizi agyr melamatdan alyp
galýandygymyz üçin begenýän
ýaly, biri-birimiziň ýüzümize seredişip, demimizi uludan
alardyk.
Ýöne, ýüpek deý ýumşak, tylla deý sary saçlary bir örüm edilip
sagrysyndan goýberilen, asman bilen reňkdeş päkize gözlerinden yşk
nury saçylyp duran Swetlana atly gyzyň obamyzdaky medpunkta işe
gelmegi bilen, biziň ojagaz gürrüňlerimiziň hörpi düýbünden üýtgedi. Öz
oba gyzlarymyz hakyndaky süýji-süýji gürrüňleriň ornuny Swetlananyň
owadanlygy, päkizeligi, golaýyndan geçeniňde üstünden burk urýan
ýakymly ysyň başyňy aýlap, enter-pelegiňi öwrüp barşy, eýýämhaçan
Swetlananyň daşynda pyr-pyr aýlanyp ýören Sylap şopuryň aýdyşy
ýaly, nädeniňde onuň çep goltugyndan girip, sag goltugyndan çykyp
boljakdygy baradaky gürrüňler eýeledi...
Şol gürrüňleriň arasyna böwşeňlik düşdügem, haýsymyzyň
Swetlana has mynasypdygymyzy herimiz öz ýanymyzdan kesgitlemekçi
bolýan ýaly, biri-birimiziň ýüzümize assyrynlyk bilen seredişerdik. «Ine,
biz, haýsymyzy saýlasaň saýla» diýiläýende Swetlananyň haýsymyzy
saýlap tutjakdygy barada oýlanardyk. Meniň aňlyşyma görä, herimizem
öz ýanymyzdan onuň diňe özümizi saýlap tutjakdygyna ýüregimiz bilen
ynanardyk. Özümizden beýlekileriň «göreş meýdanyny» meýletinlik
bilen taşlap gidibermeýändigine diýseň geň galardyk Şeýle-de bolsa biribirimize syr bildirmezdik.
40
Ýöne biziň barymyzy edil, çapyp barýan atyň ýüzüne urlan ýaly edýän
başga bir zat bardy. O-da başlygyň lökgesini sürýän Sylap şopuryň bize
görä has dilewarlygam, Swetlananyň ýanyna goltugy sowgatly gün yrman
şäherden gatnaýan dükançy Amangulynyň bize görä pulluraklygam, ýa
bolmasa birki ýyllykda aýaly ýogalan Hydyrguly mugallymyň rus dili
mugallymamyz Natalýa Nikolaýewna öýlenjek bolup oda-köze düşüşi
ýaly, Swetlananyňam daşynda pelesaň urubererinden dörän gorkam dälde, Swetlananyň bizden üç-dört ýaş ululygydy.
Daş gulakdan eşidişimize görä ol ýedinjiden soň meduçilişşäni
gutarypdyr-da, göni şu ýere işe gaýdypdyr. Gaýdypdyr däl-de, şo
döwürlerde ýoň bolşy ýaly iberilipdir. Iberilen ýeriňden bolsa, iki ýyl
işlemän gitmek bolanokmyşyn. Ýogsam gelen günleri yssa çydaman,
raýon keselhanasynyň baş wraçy Gurbanaly aganyň kabinetinde üç sagat
dagy aglanmyşynam, «Dat, men ýanar oduň içine düşdüm, yzyma gitjek»
diýip.
Şol gürrüňleri eşidip bizem bir oturýardyk — ýaşymyzy hasaplap,
bir oturýardyk — barybir onuň biz ýetişýänçäk obamyzy terk edip
gitjekdigini ýa ekabyrrak ýigitleriň birine «ýal» boljakdygyny ýatlap...
«Wah, arman, kakam aldyrmaz, ýogsam-a...» diýip, içimizde tä,
dargaşýançak içini tutup gözlerini ýaşardyp oturýanymyzam, bardy-geldi
bagty işläp Swetlana öýlenäýse dagy gaýynlarynyňka baryp gelmek üçin
näçeräk ýol geçmeli boljakdygyny masştab boýunça hasaplaý-hasaplaý,
ahyram gara der bolan maňlaýyny SSSR-iň syýasy kartasyna diräp uklap
galýanymyzam bardy.
Sylap şopurdan, Hydyrguly mugallymdan, Amanguly dükançydan
welin, Swetlanany hemmämizem bilelikde gabanýardyk. «Şu gün
günortanaralar Amanguly goltugy «şampanly» Swetlananyň jaýyna
girip, agşama çen çykmandyr...», «Düýn öýlän Sylap şopur lökgesi
bilen Swetlanany skwažina suwa düşürmäge äkidipdir», «Hydyrguly
mugallym ýoluň ortarasynda dugtor gyz bilen iki sagat dagy gürrüňleşip
durupdyr» diýen ýaly çyndygy ýa ýalandygy näbelli ýakymsyz gürrüňler
gulagymyza degende dagy, gahardan ýaňa bir ýarylybilemzokdyk. Biziň
päk duýgularymyzy basgylap, şeýdip ýörendigi üçin Swetlanadan kinede ederdik. Öz ýanymyzdan öýkelärdigem. Ýöne, ertesi sanjym üçin
ýa gözümize derman guýmak üçin mekdebe baraýsa welin, ähli öýkekinelerimizi unudardyk-da, sesimizi ýognaldybraga-da:
— Drasdy... — diýşerdik.
41
O-da ýylgyraga-da:
— Zdrawstwuýte, rebýata... — diýerdi. Käte bolsa: — Ne drasty, a
zdrawstwuýte... — diýip, ýalňyşymyzy düzederdi.
Elbetde, onuň bilen içgin-içgin gürleşibermäge päsgel berýän
esasy zadyň ýene birem — biziň rusça bilmeýändigimizdi. Onuň öz-ä
türkmençäni tekiz bilenokdy. Şonuň üçinem ýeke biz däl, oba adamlarynyň
hemmesem onuň bilen başardyklaryndan rusça gürleşerdiler. Aýallar-a
oňa «bajy» diýip ýüzlenerdiler, erkek adamlar bolsa, hatda arabakeş
Eziz aga çenli «dewuşka» diýip ýüzlenerdiler. Biz welin çat maňlaýyna
geçäge-de buýsanç bilen «Swetlana» diýerdik. Ýalan-ýaşryk, müň dürli
bahanalar bilen medpunkta baran mahallarymyzam: «Galawa balyt,
oçen balyt», «Žiwot balyt, sapsim balyt, dawaý yspyrawka» diýen ýaly
şol bir lenç eden sözlerimizden başga diýere zat tapman buruljyrar
oturardyk. Kä wagtam: «Swetlana, mana, ine angina» diýip agzymyzy
açardyk-da, bokurdagymyzyň diwarlaryny iç ýüzünden biri-birine
berk gysardyk. Şonda ol käte-hä: «Aý-ýaý-ýaý, aý-ýaý-ýaý, kak že tak
možno» diýip başyny ýaýkardy-da, üç günlük sprawkajyk bilen dermana
hat ýazyp bererdi, käte-de bokurdagymyza çemçäniň sapyny sokagada, içini çekip: «Oý-ýoý-ýo-oý, oý-ýoý-ýo-oý, pridýotsýa napisat
naprawleniýe gorodskomu poliklininku» diýerdi. Şonda biz zöwwe
ýerimizden galardyk-da: «Ni-i-it!.. Ny nada!.. Naprawlenny gorot ny
nada! Ýa twaýa ammanul...» diýip gygyryşardyk. «Ah, wy huligany...»
diýip, eli demir çemçeli gyzarypjyk duran gyzyň goltugynyň aşagyndan
sowulyp geçerdik-de, zymdyrylyp köçä çykardyk. Äpişgeden gelibem:
«Daswydanýa pajalysta!..» diýşip, elimizi bulaýlardyk.
Şol gije ýene-de ählije gürrüňlerimiz Swetlana hakynda bolardy.
Amanguly dükançyny, Sylap şopury üýşüp urmak barada, gaýdyp
olary Swetlananyň gapysyndan barmaz ýaly etmek barada, gerek bolsa
gijelerine gezek-gezegine gapysyny garawullamak barada maslahatlaşýan
gezeklerimizem bolýardy. Ýöne birimizden-birimiziň baryp şolaryň
haýsydyr biriniň ýakasyndan tutany ýa Swetlana barada iki agyz pertpert gepleşeni-hä ýadyma düşenok. Onsoňam nämüçindir şu meselede
biz Hydyrguly mugallymy beýleki ikisine goşmaýardyk... Belki, onuň
bu işe beýleki ikisi ýaly bäş günlük keýp üçin däl-de, çagşap galan
öýüni dikeltmek üçin, maşgala edinmek üçin, garaçyny bilen ak ýüregi
bilen ýapyşýandygy üçindir? Belki-de, bilim berýän mugallymymyz
bolandygy üçindir? Belki!.. Kim bilýär...
42
...Onsoňam barybir, biziň barymyzam Swetlananyň biziňki däldigini,
biziň elýeterimizden onuň has uzagrakdadygyny bilýärdik. Hatda biz ol
ýowuz hakykata kaýyldygam. Biz diňe mekdep ýyllarymyzyň çaltrak
tamamlanaryna, özümiziň basymrak ýigit çykarymyza, Swetlana bilen yşk
hakda sözleşere, onuň bilen tirkeşip, boýnumyz galstukly şähere gidere,
Amanguly dükançy ýaly günortanaralar goltugymyz «şampanly» öýüne
girip, agşamaralar ýüzümizi ýelpäp çykyp gidere ygtyýar berýän şol,
elýetmez ýyllaryň, kämillik günlerimiziň, goý, gohly-galmagally bolsa
bolsun — ýigitlik ýyllarymyzyň basymrak gelip ýeterine howlukýardyk.
Ejelerimiziň bizi ondan üç ýyl, dört ýyl soň dogurandygy üçin, oturypoturyp ahmyr çekerdik.
Asmandan uçup barýan, boýny uzyn durnalar deý, gaty alysda
görünýän şol, arzyly ýyllaryň gelerine, göwnüme bolmasa men has
beterräk howlukýan ýalydym. Özümiň eýýämhaçan yşk deňzi içre ýüzüp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aý gaýdyp geler - 04
  • Parts
  • Aý gaýdyp geler - 01
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2159
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 02
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2208
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 03
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2239
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 04
    Total number of words is 3679
    Total number of unique words is 2199
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 05
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2256
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 06
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2282
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 07
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2155
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 08
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2101
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 09
    Total number of words is 3609
    Total number of unique words is 2258
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2189
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 11
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2187
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 12
    Total number of words is 1007
    Total number of unique words is 718
    39.0 of words are in the 2000 most common words
    52.1 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.