Latin

Aý gaýdyp geler - 07

Total number of words is 3820
Total number of unique words is 2155
33.0 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
53.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýaş oglanlara tarap uzadyp duran ölüm howply ýalnyň öňüne özlerini
tutup, howrundan goran mährem gelinleriň yhlasyna mynasyp bolup
bilmändigim üçin, olaryň öňünde ömürlik bergidar bolup galandygym
üçin, ýüregime ganlar öýdürip gynanýan.
Emma indi giç. Ahmyrdanam, ökünçdenem peýda ýok. Çünki diňe
bir Aşyrgül bilen Mämişi däl, dwrmanly düwünçeklerini ellerinden
düşürmän, pagtanyň hasylyny artdyra-artdyra başlykdan başlap tä
brigadirlere çenli barysyny «gahryman» edip çykan şo-ol, mähriban
gelinleriň indi birem bu dünýede ýok. Göreýin diýip daglar aşsamam,
ýurt söksemem, ýöriteläp oba her hepdede ýedi gezek gitsemem men indi
olary görüp bilmen. Görübem bilmen, ynjalmanam.
Meniň ýüregim indi diňe: «tut-ha-tutluk ýyllarynyň pidzlaryna»
diýlişi ýaly, «şol gelinleriň hatyrasyna» diýäge-de, obanyň ortarasyndaky
boş duran belentlikde beýik bir bina guran günüm, ýadygärlik dikelden
günüm ynjalar. Ondan bärde ynjalmaz.
1988 ý.
80
Köne ýurtda
Heleý öýläni boluberende köne ýurda ýetdik. Tep-tekiz diýseňem
boljak. Käbir jaýlaryň sudury galypdyr. Ilki bilen öz öýümiziň oturan
ýerini tapdym. Aradan näçe wagt geçse-de, edil öz gözüň bilen gelip
göräýýänçäň, göwnüňe ähli zat öňki ýerinde ýaly bolar durar ekeni.
Maňa-da hut şeýledi. Emma tamam çykmady. Göwnümdäki görnüşler
daşa degen aýna dek çym-pytrak boldular. Ýap-ýaňyja hem şu ýere
gelsem öýümiziň gapdalyndan çygşyldap, egni pagtasy çykyp duran köne
donluja enem pahyr çykaýjak ýaly, beýleden bolsa eşegini dikgirdedip
Esen geläge-de: «Ýör-eý, oduna gideli» diýäýjek ýaly bolup durdy.
Öýümiziň çep gapdalyndaky uzyn mekdepden bolsa gyzlar, oglanlar
(özem hut biziň döwrümiziň oglan-gyzlary) arakesme çykmalydylar.
Bäş minut geçensoň bolsa maňlaýy çupluja, giň gara balakly (şol ýeke
balak bilenem ötüp gitdi pahyr) edebiýat mugallymy işige çykyp jaň
kakmalydy.
Emma men ol zatlara derek bir tozap ýatan meýdany gördüm. Boş
meýdanda aňalyp duranymy geň gören Mergen ýeňimden çekdi.
— Kaka, näme üçin bu ýerde durus-aý?
Men esli wagtlap sesimi çykarman durdum. Uludan demimi aldymda, Mergeniň başyny sypaladym.
— Ine, şu giden meýdan bir mahallar obalykdy, oglum. Men şu
obada önüp-ösdüm. Şu ýerde mekdebe gitdim. Ine, şu duran ýerimizde
bolsa biziň jaýymyz bardy.
— Muny kim ýykdyka, kaka?
— Wagt ýykdy.
— Wa-agt? — diýip, Mergen süýndürdi. — Näme üçin ýykdyka?
Şu ýere Mergeni hem alyp gaýdanym üçin men häzir örän begendim.
Goý, ol özüne nätanyş ata-babalarynyň aýak basan ýerlerini görsün.
Olaryň alan arassa howasyndan dem alsyn. Olaryň ruhuny öz süňňi bilen
syzsyn.
Men ony bütin oba aýlap çykdym. Gara çynym bilen gürrüň
berdim.
— Hawa, oglum, bu-da bir wagtlar küren obady. Uly şowhuny
bardy! Owadan gyzlary, gerdenlek ýigitleri bardy. Ine, edil şu barşymyz
ýaly meniňem kakam elimden tutup şu obanyň o çetinden bu çetine, bu
çetinden o çetine aýlardy. Toýlarda süňk äbererdi. Kakam obada bolsa
81
meni kän ýanyndan goýmazdy. «Uly adamlaryň gürrüňlerini diňläbem
dana borsuň» diýerdi.
Meni ýene-de ýatlamalar basdy. Men indi Mergeniň berýän
sowallaryny hem eşidemokdym. Käte bir jogap beräýenimde hem näme
diýýänimi bilemok. Mekdebimiziň käbir diwarlary somalyşyp duran hem
bolsa klasymyzyň ýerini anyklap bilmedim.
Obamyzyň ilersinde «Janly öwülýäsi diýilýän gonamçylyk bardy.
Onda biziň ir wagtlardan bäri öten-geçenlerimiz ýatyrdy. Men ýuwaşýuwaş obadan saýlandym-da gonamçylygyň birýan çetinden girdim.
Haýsy mazaryň kimiňkidigini bilmesem-de ýeke-ýeke aýlanyp çykdym.
Kä ýerde bir tümmek bar diýäýmeseň mazarlaram ýer bilen ýegsan
bolupdyrlar.
Ýene-de Mergeniň şaňňy sesi gulagyma ildi.
― Kaka, bu tümmeker näm-ä?
— Bu ýatan tümmekler biziň ata-babalarymyz, oglum. Şular
bolmadyk bolsalar bizem bolmazdyk.
Meniň aýdanlaryma Mergeniň düşünenini-düşünmänini bilemok,
ýöne welin şondan soň esli wagtlap sesini çykarman, uly adam ýaly
eljagazlaryny arkasyna tutup yzyma düşdi ýördi. Gonamçylyga
aýlanyp bolanymdan soň men ýer ýassanyp ýatan obadaşlarym bilen
hoşlaşdym.
«Hoş galyň biziň ömürlerimiziň gözbaşlary! Bir mahallar siz bu
dünýäniň diregi bolup munuň ähli jebri-jepalaryny, şatlyk-gaýgylaryny
gerdeniňizde göterip gezensiňiz. Toý tutansyňyz, ýas baglansyňyz.
Atalarymyzyň hormatyny saklansyňyz. Bu dünýä baky gelen deý çar
ýana çarh uransyňyz. Hawa, siziň bakylygyňyz çyndyr. Ine, şu duran
men — sizdirin. Oglum Mergen jan bolsa hem sizdir, hem mendir. Biziň
kökümiz çuňdur we siziň nesil daragtyňyz hiç wagt guramaz. Ýöne
sizi bu bedýan çöllükde taşlap, ýyllarboýy habar tutman ýören kakabaş
perzentleriňiziň welin günäsini ötüň. Şeýdäýmeseňiz boljak däl. Hoş
galyň, rahat ýatyň!..»
Bakylyk dünýäsiniň ak baýdaklary çöl şemalyna howlukmaç
pasyrdaşyp bizi birhili tukatlyk bilen ýola saldylar.
Men oglumyň elinden tutup ýene-de ýurt ýerimize geldim. Obanyň
ortarasyndaky beýik depäniň üstüne çykyp töweregime ýaňadandan
ser saldym. Aý aýdyň gijeler biz şol depä çykyp oýnardyk. Ol wagtlar
gijesine köp oýnalardy. Indi o zatlar galypdyr. Şu depä çykanymda men
82
çagalygyma dolanyp gelen ýaly boldum. Meni şeýle bir üýtgeşik duýgy
gurşady welin, beýle süýji duýgyny men henize çenli başdan geçirip
göremok. Şeýle lezzetden men şu wagta çenli mahrum edip gelendigime
puşman etdim. Ýöne welin men otura-tura şu ýere gelendigime hem
puşman edip başladym. Henize-bu güne çenli görmek isläp, ýüregimde
besläp ýören obamyň ýokdugyna indi ynandym. Meniň üçin bu ýurt
dünýede iň owadan ýurtdy. Çünki ony meniň çaga ýüregim özüniň töründe
ömürlik ornaşdyrypdyr. Şu ýere gelmegim bilen men çagalygymyň
ýyllarboýy ýüreginde eziz saklap gelen ynamyny syndyrdym. Men
mundan çaga bolup gitdim, ata bolup dolandym. Obamyzyň ýerindäki
bu çölüstany görüp çagalygym emendi. Men bolsam bir wagtky joş uran
durmuşdan häläm bir tapylaýjak ýaly sygyryşýan syzalaryň arasy bilen
uzak aýlandym. Ata-babamyň ýurdy maňa mähriban ene dek göwünlik
berdi. «Baky zat ýokdur, oglum. Ýüregiňden orun berip ýatlan ýeriň
bolýar. Ýöne meniňem senden tamam çykmady. Sen bir boz oglandyň,
käkilleriňi şemala ykjadyp, hatar-hatar şabramlaryňy şabradyp iki ýana
ylgardyň, bökjeklärdiň. Bu sensiň öýtmedim. Ol zer suwy berilen dek
käkilleriňe gyraw düşüpdir. Ter ýaňaklaryň gödeňsileşipdir. Hüýhäsiýetleriňem üýtgäpdir. «Öňküligiň ýok» diýip menden nägile
bolma. Senem üýtgäpsiň. Gaty üýtgäpsiň. Hany, hany ol ümbilmez
çagalygyň?»
Hawa, hernäçe aýlansam-da, obamyzyň köne durmuşyndan habar
berýän hiç hili nyşan tapyp bilmedim. Möhümi bitmedik çaga ýaly imtilip
kän durdum, Gaty kän durdum. Munda ýaşap öten bendeler, şol döwrüň
jahyl juwanlary, aýly gijeleri, uruşgan itleri, barysy ýeke-ýekeden ýene
birlaý gözümiň öňünden geçdiler. Ýaltalyk bilen maşyna tarap ugradym.
Obadaşlarymyň biri tasap çykaýjak ýaly soňky sapar yzyma gaňryldym.
Maşynyň içine girenimsoň hem köp wagtlap weýran bolan ýurda syn
edip oturdym. Çünki tozap ýatan çöl hem bolsa, meniň üçin ýer ýüzünde
şundan mähriban, şundan eziz ýurt ýok.
1980 ý.
Açlyk ýyly
Içi «eljuk» diýip duran Mawyş guşlukdan günortana çenli haýata
83
çykyp, şu gün ir bilen goňşy obadaky daýzalarynyňka iýer ýaly zat
soramaga giden uýasy Miwäniň ýoluna dynman garady. Halys surnugyp
baransoň haýaty pesräk görüp işiklerindäki ýylgyn kepbäniň üstüne
çykybam seretdi. Onda-da Miwe görünmedi. Şondan soň ol «jugur-rjugur» edip awap duran içini eli bilen tutup, obaň ortarasyndaky depäň
üstüne çykdy. Kirlije köýnegini şemala galgadyp durşuna indi Miwäniň
bu gün gelmejegine, gelse-de boş geljekdigine ymykly göz ýetirdi. Bir
döwüm nan üçin oba söküp giden naçar doganjygyna nebsi agyrdy.
Özüniňem oňa hossar bolup biljekdigini subut edesi, eger Miwe ýenede düýnki ýaly surnugyp, eli boşja geläýse, ýürekselik bir zatjagaz
tapyp goýasy geldi. Birdenem şu günüň bazar günüdigi güpbe ýadyna
düşdi-de, ýandakly käliň içi bilen obalaryndan onçakly uzak bolmadyk
şähere, bazara tarap ýola düşdi. Bazar diýib-ä bir agyz dolduryp aýdarlyk
bazaram ýok welin, şonda-da näme, ilçilik-dä, garaz, satýanam, alýanam
ýok däl, Mawyşa bolsa bary-ýogy bir döwüm çörek gerek. Başga hiç
zat gerek däl. Onuňam azajygyn-a özi iýer, galanynam doganjygy Miwä
eltip berer.
Mawyş birbada näme etjegini bilmän, bazaryň bir çetinde
gözjagazlaryny tegeläp esli durdy. Haýatyň ýüzündäki «Hemme zat front
üçin!», «Hemme ýeňiş üçin!», «Ýok bolsun faşizm!», «Gitlere ölüm!»
diýen ýazgylary üzlem-saplam zordan okady. Onsoň bir topar ýüzi
agyr, aladaly adamlaryň arasyndan suwulypjyk geçdi-de, çaýhananyň
agzyndan garady. «Bir döwümjik nany dagy galdyraýmadylarmyka?»
diýip, boýunjygyny süýndüre-süýndüre seretdi. Dogrusy, çaýhananyň
içinde çepbe çeýneşip çörek iýip oturan adamam ýokdy. Iki-ýeke çaýyň
ýany bilen tamşanyp oturanlaryňam bary edil dilleşen ýaly iki barmak
ýalyjak nanlarynyň ýarysyny iýip, galanynam ýa-ha guşaklaryna
gysdyryp gidýärdiler, ýa-da ýaglyga dolap, usullyk bilen horjunlarynyň
gözüne atýardylar. Mawyş birki gezek owsuna-owsuna çaýhanadan
çykyp barýanlardan nan dilejek bolubam synandy. Emma bolmady.
Başarmady. Agzyny açsa-da, içinden sesi çykmady. Bir-ä şonda-da
düşündi, «Maňa-da seň ýalyň üçüsi garaşyp otyr, şolara-da zat tapman
boş barýan» diýip, goltugyna gysylgy boş horjuny görkezdi. Mawyşyň
başy aýlanyp, gözleriniň öňi garaňkyrap başlady. Ýüregi bulandy. Bir
çete çykyp ögedi. Şondan soň «ýykylmankam öýe bir baraýyn» diýdi-de,
haýatyň sag burçundaky, üstünden o ýan-bu ýan bökülip-bökülip sürçegi
çykan, daraw-daraw gädikden bökmäge hyýallandy. Bökmeg-ä däl, asyl
84
aslyşybam geçibilmedi. Ol haýatdan ýapyşyp diýen ýaly mähellesi azalan
bazaryň içine tarap ýaňadandan ugrady. Ýüregini bire baglap, kynlyk
bilen ondan-mundan nan sorady. Bir garry aýal: «Nanyň ady ýitendir,
oglum» diýensoň «ýüzüniň bir gat hamyny sypyryp» pul sorady. Ýaňky
aýal ikinji gezek ýok diýmäge utanyp «Wah, jan, guzym-eý...» diýdi-de,
öňküsindenem beter bükülip daşlaşmak bilen boldy.
Asyl ýeke Mawyş däl, hemmelerem şu ýere nan gözläp gelýän
ekenler. Hemmäniň berýän jogabam birdi, edýän gürrüňlerem. «Basym
uruş gutarar», «Basym çörek bolar», «Azajyk gaýrat ediň». Mawyşyň
halys elewräp ýörenini görüp gijigen bazarçylaryň bir-ä: «Menem
şujagazymy nana ýa bugdaýa çalyşjak bolup gelipdim welin, nädeýin,
bazarda-da zat ýok ekeni» diýip, uly adam bilen gürleşýän ýaly elindäki
düwünçegini görkezdi. Içinde näme baryny Hudaý bilsin. Halys paltasy
daşa degen oglan şondan soň ömür etmejek işini küýüne getirdi. Heniz
aw öwrenmedik bürgüt çagasy ýaly oňaýsyzlyk bilen iki ýana hekgerdi.
Zoraýakdan ekezlendi. Şol wagtam onuň gözi bazaryň içinden geçip
barýan köneräk silkme telpekli, tüýs türkmen biçüw gara balakly bir
ýaşula düşdi. Onuň güberip duran jübüsiniň içindäki zat gözüne nan
bolup göründi. Ýaňky ýaşuly mal bazaryň deňinden geçiberendirem weli,
Mawyş töwerekde hiç kimiň ýoklugyndan peýdalanyp, sen-men ýok,
ylgap baraga-da çep eli bilen balagyň sallanyp duran agzyndan penjeledi.
Gözüni ýumup sag elini jübä sokdy. Ýöne welin jübiň içinde penjesini
şunça ýüzdürse-de düýbüne elini ýetirip bilmedi. Tirsegine çenli soksada ýetmedi. Ol güberip duranam ýaglykmy, nämemi, bir ýumşak zat
ekeni. Ýaşuly emaý bilen Mawyşyň goşaryndan tutdy-da, şol durşuna
howlukman bazaryň çetine çykardy. Sag golunyň ýarysy jübüde ýantaklap
barşyna Mawyş çep eli bilen ýüzüni tutup içigip-içigip aglamaga başlady.
Ýaşuly sägindi-de, oglanyň elini jübüsinden sogurdy.
— Boşdur, oglum, bi. — Ol şeý diýdi-de, aşak oturdy. Hasam
mylaýym, mähriban ata deý ýürekden gepledi. — Seň bu bolşuň ogurlyk
etjegedem-ä meňzänok. Hany, aýt, oglum, göreýin. Saňa pul gerek
boldumy ýa garynjygyň açmy?
Mawyş şol içigip durşuna birdenkä zarp bilen:
— A-a-aç! — diýip, sogduryp goýberdi. Ýaşuly aşak bakyp
oňaýsyzlyk bilen ardynjyrady-da, başyny ýerden götermän telpegini
düzedişdirdi. Damagy dolup esli mahal sözläbilmän oturdy.
Horjundan iki burum kak çykardy.
85
— Al, oglum, ýüregiňi tutar. Al, iýäý! Ýöne hergiz, her näçe
ajyksaňam ýaňky ýaly iş etme-de, göni gelip aýdaýgyn. Baryndan
biýrler.
Mawyşyň ilk-ä bir: «Berenoklar-a-a!» diýip ulili bilen möňňüresi,
ýaşulynyň öňünde mazaly içini egsesi, arzy-halyny aýdasy, özüniň ölsede ogurlyk etmejegini, hatda goňşularyndan dilemäge hem utanyp şu ýere
gaýdanyny, ýöne Miwe ikisi bu gije-de öten agşamky ýaly aç ýatmaly
bolsalar gaty kyn boljagyny tüýs ýürekden, janygyplar düşündiresi geldi.
Has beterem onuň özi üçin däl-de, jigisini horlamajak bolup, ser-sepil
bolup ýören uýasy Miwe üçin şu günlere düşüp ýörendigini aýdasy geldi.
Ýöne namys etdi. Aýdybilmedi. Ýaşuly bu çaganyň şundan soňam kaka
agyz urman duranyny geň görüp:
— Iýiber, oglum, çekinme! — diýende welin, Mawyş saklanybilmedi.
Içi, bagry tutäp barýan ýaly jynssyz gygyrdy:
— Men dä-ä-äl! Maňa gerek-gä-ä! Doganym ajykýa, doganym-m!
Gyz doganjygym...
Ýaşulynyň sakgaly sandyrady. Ýeke bir sakgaly däl, elem, dyzam,
asyl bütin göwresi durşy bilen saňňylda öwrüldi. Ol Mawyşdan «Kakaň
barmy?» diýip sorady. Mawyş tisgine-tisgine zordan: «U-uruşda» diýdi.
«Ejeň bir barmy?» diýen sowala bolsa, jogabam bermän: «Ejem bolsa
şeýdip ýörjekmi» diýýän manyda öňküsindenem beter içikmäne durdy.
Ýaşuly horjunyna täzeden elini sokdy-da, dört barmak ýaly nany çykaryp
«hiýk-hiýk» edip duran çaganyň eline tutdurdy.
— Al, oglum. Menem-ä bir özüň ýala alyp barýadym welin, bolýada, siziň derdiňiz meňkiden agyrrak ekeni. Sizi ajykdyrýan, aljyradýan
zat çöreksizligem däldir-de, şol ata bilen ene mähriniň açlygydyr. Al,
oglum! Al, bar-da, doganjygyň bilen iý. Bu günlerem geçer gider. Ine,
basym uruşam gutarar welin, onsoň kakaňam gaýdyp geler. «Bir türkmen
oglan nemisler bilen gaty zor uruşýamyşyn» diýip, arada biriniň gürrüňini
etdiler welin, şo seň kakaňdyr. Bar, köşek, Alla kuwwat bersin. Göwrümini
giňräk tut. Şü siziň oýnap ýörkäňiz el ýaly nany haýatyň üstünde ýatdan
çykaryp gideniňizem bir görsem... Onsoň ölsemem armanym ýok.
Şol demde Mawyşyň iki günden bäri aç garynjygy doýdy duruberdi.
Şol iki agyz ýyly söz hakykatdanam, aç çagany doýuraýdy. Çaltrak öýe
baryp, öz kakasynyň nähili zor uruşýandygy hakynda şäher adamlarynyň
şu gün günuzyn gürrüň edendiklerini Miwä buşlamak üçin, Mawyş assaýuwaşlyk bilen gojadan arany açdy. «Kakamy ýeriň ýüzünde tanamaýan
86
ýok ekeni. Ýaňy bazarda bir adam hemmäni daşyna üýşürip: «Adamlar!
Ymamgulydan ýaňa nemislere gün ýokmuş. Bu gidişine gitse ol aňrujy
dogar aýyň bäşine çenli duşmany gyrgyna berip gutarar. Siz ýene-de
azajyk gaýrat ediň, adamlar! Ine, şu duran oglanam şonuň ogly diýdi»
diýip, ol Miwä aýtjak sözlerine çenli aňynda jemläp başlady.
Şäherden çykan ýeriňde entek käle düşmänkäň iki-üç sany ýykykýumruk köne harabaçylyk bardy. Şonuň deňinden geçiberende Mawyşyň
gulagyna bir hili ysgynsyz iňňildi eşidilen ýaly boldy. Şol tarapa seredende
bolsa, harabanyň kölegesinde bir gyzyl köýnekli gyzjagazyň arkasyny
tama berip, iki eljagazyny emaý bilen jüpläpjik etegine goýup, ýalaňaç
aýajyklaryny uzadyp, gyşarypjyk oturanyny gördi. Gyzjagazyň ýüzi-peti
göm-gökdi. Gözjagazlary bolsa şol bir durşuna aşak bakyp, üýtgewsiz
suratda süzülip durdy. Hiç hili hereket ýok. Bir hereket edýän ýeri, o-da
bolsa öýläniň şemalyna dynuwsyzlyk bilen ykjap duran garaja gulpaklary.
Jigisi bor-a çemeli, ýaňy bir aýak biten oglanjygam gyzjagazyň ýyrtyk
köýneginden çykyp duran dyzyna bagryny berip, tükgerip ýer dyrmap
ýatyr. Käte-de bir iniňi üýşendiriji ysgynsyz sesjagazy bilen çalaja
iňläp goýberýär. Gumak ýere ýüzüni oýkap-oýkap tutuşlygyna kirşene
bulanan çaga, ýanyna kimdir biriniň gelenini duýdy-da: «Çöçje-e» diýip
ýüzüni ýerden göteribilmän çalaja iňledi. Çalaja gymyldady. Mawyş «Bu
ikijigem dogandyr» diýip içini gepletdi. Olaryň daşynda «wag» berýän
burny ýaşyl, ullakan gara siňekleri eli bilen kowuşdyrdy-da, öz açlygyny,
Miwäniňem özüne garaşyp oturanyny bütinleý ýadyndan çykaryp, hälki
ýaşulynyň beren bir döwüm nany bilen iki burum kakynyň hersini birine
uzatdy.
— Al, jigi, al! Me, al! Al, çöçje bereýin!
Mawyş şeýle diýip oglanjygy çalaja yralady.
Oglanjyk şondan soň kelteräk iňledi-de, erbet bir düýrükdi. Aşak
bakyp ýatanam bolsa onuň gözleriniň birdenkä ýakymsyz peträp gidenini,
Mawyş çalarak gördi. Şonda Mawyşyň ýüreginiň ýüzünden pişik
dyrnaçaklan ýaly daraw-daraw bolup gan akdy. Dişlerini şakyrdadyp
gyzjagaza ýüzlendi.
— Gyýw, gyz! Al, çörek bereýin! Al! Al, ine, jigiňe-de iýdir, özüňem
iý! Al! Me! Al ahyry! — Mawyş çalarak egildi-de, eli bilen gyzyň somalyp
duranja çignine dürtüp goýberdi. — Gyýw, gyz! Al ahyryn!
Gyzjagaz bolsa «hä» bermäniň deregine şol durşuna el-el, aýakaýak, san gaty bolup agdy-da, germesatan boldy ýatyberdi. Edil oturyşy87
oturyşy ýaly. Ýöne ýanyn ýatyr. Ol ýykylanda onuň dyzyny ýassanyp
ýatan oglanjygam bir tarapa togalanyp gitdi. Ýöne ses-seda çykmady.
Gymyldamadam. Olaryň bu perişan sypatlaryny görüp, dokuz ýaşly
Mawyş bir pursatyň içinde togsan ýaşly goja döndi. Gyssanjyna hersiniň
ýanyna bir baryp kyn pursatda aýdylýan sözleri edil ululardan eşidişi
ýaly edil gaýtalamaga durdy.
— Turuň, jigiler, turuň! Beýdip ýatmaň! Alyň, iýiň, nan iýiň! Alyň.
Bu zatlaryň bary wagtlaýynçadyr. Uruş howany zaýalapdyr-da ekinem
şondan bitmändir. Uruş ýatdygy ýagyş ýagjakmyş Onsoň baý galla
biter-ä. Alyň, entek şujagazy bir iýiň! Basym uruşam gutarýa. Çyn şü.
Ýöne gaýrat ediň. Bu zatlaram geçer gider, işalla kakaňyzam geler. Bar
dälmi kakaňyz? A ejeňiz barmy?.. — Aljyran çaga birden aglap goýberdi.
— Turuň-a-a!!!
Olaryň turmajagyna gözi ýetenden soň bolsa, elindäki nan bilen
kaky emaý bilen gyzjagazyň etegine oklady-da, aldyrany bar ýaly bolup
yzyna ylgady. Bazaryň içine dazlap girdi-de, dört ýana delmuryp arzyny
aýdara adam gözledi. Şol wagtam çolaran bazaryň içindäki dükanyň
kölegesinde hälki nan beren ýaşulynyň özi ýaly bir aksakgal bilen
gürleşip oturanyny gördi. Eýýäm ony özüne hossar tutunan çaga başga
adam gözlejegem bolmady-da, göni şonuň ýanyna atylyp bardy. Munuň
dazanaklap gelşinden tüýi eýmenen ýaşuly bu heniz baryp togtamanka
ellerini ýere diräp ýerinden galdy. «Hä, näme boldy, oglum?» diýip aşaky
äňini titretdi. Mawyş aýtjak sözlerini doly aýdybam bilmedi-de ýene:
«Ho taýda, ho taýda...» diýip horkuldap durdy. Tisginip-tisginip sojady.
Ýaşuly bolsa: «Hä, näme bar o taýda? Ýa çörejigiňi aldylarmy eliňden?
— diýip sorady. — Hany görkez, nirede?» Oňa çenli beýleki aksakgalam
ýerinden turdy-da: «Ýör baryp göräýeli-le gaty daş bolmasa. Çaga bir
zatdan gorkana meňzeýän ýaly» diýdi. Mawyş olary hälki harabanyň
gapdalyna getirdi-de, eli bilen ýatan çagalary görkezip, öňküdenem
beter ulili bilen aglamaga başlady. Şol aralykda ol hysyrdanyp ýören
ýaşulynyň: «Wah, ikijigem ölaýen ekeni — diýip hamsyganyny,
ýanyndaky aksakgala ýüzlenip: — Ussa aga, ho-ol, eşekli barýany bäri
çagyrsana. Äkideli bulary. Häk, görgüsi ýaman çagalar...» diýenini
çalaja eşitdi. Çagalary jüpläpjik ýatyraga-da üstüne donuny ýapansoň
öz ýanyna gelip: «Bar, balam, sen indi öýüňize gaýdyber — diýeninem
eşitdi. Ýaşulynyň hälki nan bilen kaky ýerden galdyryp: — Al, guzym,
bulary öýüňize barypjyk iýersiň» diýenini welin eşitmedem, görmedem.
88
Ol ýeri-gögi saýgarman, basara ýer hem peýlemän oba tarap entirekläp
ugrady. Şol barşyna ol özüniň ýalaňaç injiklerine degýän ýandaklaryň
yzasynam, dyrnap-dyrnap gidýän itgyzganlaryň, demirtikenleriň
awusynam, syh ýaly gara çöňürleriň dabanynyň aşagynda şarta-şarta
döwülişinem, käbiriniň bolsa pyçak urulan ýaly bolup aýajyklarynyň
aşagyna sanjylyşynam duýmady. Öýe nähili ýagdaýda geleninem, nädip
ýatanynam bilenok. Şondan soň ol dört günläp ýerinden galybilmän ögäp
ýatdy. Gepläbem bilmedi. Miwäniň özüne uzadan çöregine-de telim
günläp agyz urup bilmedi. Ýöne Miwäniň sag-aman öýden girip-çykyp
ýörenini görensoň welin birneme ynjaldy. Goňşy-golamlaryň häli-şindi
gelip habar tutup durmalary bolsa Mawyşa-da, Miwä-de, ikisine-de
ullakan goltgy boldy. Kim bir käse gatyk getirip berdi, kim bir okarajyk
ýarma getirdi, garaz, gözden salmadylar. Daýzasam gelip, iki gije dagy
ýatyp, Mawyş gowy sagalansoň gitdi. Kem-kemden ol has gowulaşdy.
Şondan soň bir ýyl geçip-geçmänkä uruşam gutardy. Dört ýyllap uly
iliň daşyna gala bolan gerçekler gelip, öz mähriban ojaklarynyň gyzgyn
közüne ellerini çoýdular. Köp-köp kakalar bilen birlikde Mawyşyňam
kakasy sag-salamat gaýdyp geldi. Şol ýaşulynyň aýdyşy ýaly horluk
assa-ýuwaş uly iliň başyndan ymykly sowuldy. Bolçulyga-da ýetdiler.
Parahat ýyllar, rahat günler yzly-yzyna aýlanyp Miwe bilen Mawyşyň
hersini bir öýüň eýesi etdi. Jebir baryny görkezen açlykly ýyllar aýylganç
düýş ýaly bolup allowarralarda galdy. Ýatlamalar könelişdi.
Ýöne şo-ol açlygyndan gatap galan gyzjagaz bilen iň soňky demine
çenli «çöçje» diýip guma bulaşyp ýatan oglanjygyň gözgyny keşbi welin,
Mawyşyň ýüreginde ömürlik tagma bolup galdy. Şol ikisiniň bolup ýatyşy
onuň göz öňünden soň-soňlaram gitmedi. Heniz-henizlerem gidenok.
Gitmezem.
Ellik
Tirkiş bäş ýaşly oguljygy Döwletgeldä dükandan owadanja ellik
getirip berdi. Dogry, ol gymmat bahaly ellik däldi. Şeýle-de bolsa, çaga
üçin şolam bir ullakan bagt. Özi ýaly çagalar bilen daşarda gar zyňşyp
oýnap ýören çaga elligi görüp, şeýle bir begendi welin, hiç çeniň däl. Zat
äberseňem çaga äberäýseň.
Tirkiş oglunyň elinden tutup, öýe saldy-da: «Ýitiräýmegin» diýip
sargady. Döwletgeldiniň: «Hoş» diýenine ynanmaýan ýaly, bir dem onuň
89
ýüzüne bakyp durdy. Soňam öz-özünemi ýa aýalyna eşitdirmek üçinmi,
«Aý, ýitir-le derrew» diýip, ysgynsyz seslendi. Aýaly hem: «Ýitiresi ýokla» diýip, ogluna guwançly bakdy. Yzyndanam: «Ýitiräýme, köşek!»
diýip pugta tabşyrdy. Döwletgeldä beýdip iki ýerden sargamaklarynyň
özüne ýetik sebäbi bardy. Ol özüne getirilýän zatlary ýitiregendi. Köwüş
alybam halys boldular. Getiren köwüşlerini geýip çykyp, ýarym sagatdan
ýitirip gelýän pursatlary hem bolýardy.
Owadanja ellikleriň hersini bir eline geýen Döwletgeldiniň öýde
durara karary ýetmän daşaryk çykdy. Oýnaşyp ýören çagalaryň ýanyna
baryp, olar bilen päkize ak garyň üstünde dünýäni unudyp, oýna başlady.
Gar zyňyşdylar, diň ýasadylar, garaz, hezil etdiler.
Döwletgeldi oýnap halys bolansoň, öýlerine geldi. Içerik ätländen,
elinde bir taý elliginiň ýokdugyny duýdy. Işigiň agzynda ep-esli wagt
doňan ýaly bolup duransoň, ejesidir kakasynyň ýüzüne ogrynça seretdi,
olaryň zat duýmandyklaryny aňdy-da, syr bildirmän, usullyk bilen
çykyp gitdi. Bir çäýnek çaý içim salym geçensoň, şol öňküje suslugy
bilen dolanyp geldi. Kakasynyň ýüzüne seredip, töre dyzaberdi welin,
onuň bolşundan bir zatlar aňan Tirkiş çişip başlady.
— Hany, dur entek! Gel, hany bäri, hany ellik?
Döwletgeldi sesini çykarman, bir taý elligini çommaltdy. Tirkiş
bolmajysy boldy.
— Ana, ana, aýtmadymmy men?! Aýtmadymmy men?!
Aýtmadymmy ýaňy? — Ol aýalyna gygyrdy. — E-eý, bäri gel hany sen!
Aýaly ýüzüni ynjyly çytyp gelşine sorady!
— Hä, näme?
— Nämäň gursun seň. Aýtmadymmy men ýaňy! Ýitirer
diýmedimmi? Ana, ýene-de ykdyryp gelipdir ýaňkyny. — Ol ýene-de
ogluna azgyryldy. — Bar, gözläp gel! Tap!
Gapa ýönelen Döwletgeldini ejesi saklady.
— Dur entek, bar ýaly-la. Ýa bir taýymydy? Oglum, beýleki taýyny
ýitirdiňmi? Gaçyrdyňmy?
Döwletgeldi ejesiniň ýüzüne seredip kemşerdi.
Ejesi onuň elinden tutup, ýerinden galdy.
— Ýör, köşek, bile gözläýeli. — Çykyp barýarka adamsyna ýüzlendi:
— Häzir tapyp geris-le. Nirä gitsin-ä şol. Ýatandyr oýnan ýerinde.
Olar gelýänçäler Tirkiş içini hümledip oturdy. «Bäh, bulara zat alar
ýaly däl-aýt! Gowusy, katumyt et-de, getirme diýsene şulara hiç zat. Asyl
90
salymyny bermän ýitirme bilen-aý bular. Edil bilgeşleýin edýän ýaly-da.
Bäh! Men-ä, näme etjegimi bilmedim».
Döwletgeldi ejesi bilen gelende hem boş geldi. Tirkiş aýalynyň:
«Çagalardanam soradyk, oýnan ýerlerinem gözledik, biz-ä zat tapmadyk»
diýen sözlerine üns hem bermän, golundan tutaga-da dazyrdadyp töre
geçirdi. Oglunyňam ýeňsesinden iterip çykaryp goýberdi.
— Bar, şony tapman öýe geläýme! Eşitdiňmi? Doňýanam bolsaň
garaňy salaýma!
Çaga aglap gitdi. Aýaly ogluna dözmän ärine ýalbardy.
— Nädýäň-ä çagany? Dile düşmez çagany hem şeýtmek bolarmy!
Üşär ahyry. Nämäni bilýär ol entek?
Tirkiş o burçdan bu burça daz ýasady.
— Gapyl! Zikge kakýandyryn men, her gün derýa doly zat daşara.
Seň nebsiň agyrmaz, sebäbi sen... sen getireňok-da o zatlary. Wah, seni
ýere gömmeli...
Aýaly rejäniň geň däldigini bildi-de, ortarada çommalyp oturyberdi.
Öz ýanyndan: «Bäş ýaşly çaga çykdajyňy nä bilsin seň, girdejiňi nä
bilsin» diýip pyşyrdady.
Döwletgeldiniň aglaýan sesini eşidip, enäniň ýüregi daglandy.
Äriniň ýüzüne delmirip bakdy. Şonda onuň gözüne Tirkiş dünýäde iň bir
zalym adam ýaly bolup göründi.
Döwletgeldiniň: «Ä-ä-ä» edýän sesini eşidip, Tirkişem uzak durup
bilmedi. Paltosyny ýelbegeý atyndy-da, köwşüni gowaldaň geýip daş
çykdy. Öýüň gapdalynda diwara arkasyny ýaplap aglap oturan ýumruk
ýalyjak ogluny görende bagry awady. Ýüregi jigläp gitdi. Döwletgeldiniň
üşäp, gyzaran ýaňajyklaryna, gülgün reňke öwrülen barmajyklarynyň
saňňyldaýşyna, ähli durky bilen sandyrap, galdyrap oturyşyna gözi
düşende, öz-özünden utandy. Içinden «Elligem gursun, köwşem» diýdide, oglunyň elinden tutup öýe saldy. Eljagazlaryny öz agzyna eltip
üfleşdirdi. Ýüzüni-gözüni sypalaşdyrdy. Henizem dommarylyp oturan
aýalyna ýüzlendi:
— Gögermedik bolsaň, turaý ýeriňden. Eşiklerini zadyny bir
çalşyryşdyr muň!
Aýaly turup gelşine gözýaşyny süpürişdirdi, burnuny çekdi. Soňy
ýok gaharjaň ärini birinji gezek görýän ýaly bolup seretdi. «Heý, toba»
diýdi-de, Döwletgeldiniň eşiklerini çalşyryşdyrmaga başlady.
Tirkiş halynyň üstüne ýassyk taşlady-da gyşardy. Henizem «hiýk91
hiýk» edip hamsygyp duran ogluny ýanyna çagyrdy. Çaga geldi-de,
göwünli-göwünsiz kakasynyň öňünde çökdi. Süýem barmagyny agzyna
sokup «hiýkildäp» oturyşyna ejesine seretdi. Şol wagt hem ejesiniň:
«Wiý! — diýen sesi eşidildi.— Ine, büý-ä».
Tirkiş garysyna galdy.
— Näme ol?
— Ine, Döwwe janyň elligi bar eken-ä! Jübüsiniň ýyrtygyndan
içligine gaçan ekeni.
— Aý, goý-a! Bäh! Bä-bä... Aý, bolýa-laý.
Döwletgeldi tarsa ýerinden turdy. Ylgap baryp ejesiniň elindäki
elligi gysymyna gysdy. Ony synlap durşuna uludan demini aldy. Getirip
kakasyna uzatdy. Tirkişiň ýüzi gyzardy, nätjegini bilmän ýaýdandy.
— Men nädeýin ony? Bar, ejeňe beräý, oglum! Guratsyn, ertir ýene
geýersiň.
— Ýok, kakaňa ber, şoňa gerek şol. Ber, boýnundan assyn!
— Goýsan-aý, senem, walla! Baý, oňşuk ýog-ow sende-de, bäh!
Kakasy bilen ejesiniň arasynda gatnap ýadan Döwletgeldi ortarada
serim-sal bolup durdy. Içerde bir meýdan höküm süren dymyşlygy Tirkiş
bozdy.
— Bar, oglum, pejiň ýanynda goýaý! Ertir oýnaňda geýersiň.
Döwletgeldi ýüregini bire baglap golaý geldi-de, elindäki elligi
ýene-de kakasyna uzatdy.
— Me... Ertir geýsem, ýene ýitirin-dä...
Tirkiş ogurlykda tutulan ýaly bolup uly basga düşdi. Öňünde bäş
ýaşly çaga däl-de, özündenem has uly, özündenem kän pähimli, paýhasly
bir kişi duran ýaly boldy. Aljyrady. Ogluny gujagyna alyp, ýaňajygyndan
öpdi.
— Hiç, oglum, ýitirseň. Zatdyr-da... Ýitmejek zat bamy? Bu gün
ýitmese, ertir ýiter. Janyň sag bolsun. Ýitse ýene alaýarys. Bar, oglum,
pejiň ýanyndajyk goýaý!
Çaganyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Hut şol pursatyň özünde ol ýene öňki
şadyýan çaga öwrüldi. Bökjekläp baryp elligi pejiň ýanynda goýdy.
Çaganyň gül ýaly bolup açylmagy bilen şadyýanlyk öýüň içine ýene-de
gaýdyp geldi. Hol aňyrky burçda «şolk-şolk» edip çaý içip, torsarylyp
oturan gelin hem çäýnegi bilen käsesini göterip gaýtdy-da, gelip äriniň
gapdalyna gondy. Ýene bir käse alyp geldi-de, oňa çaý guýup oturyşyna
usullyk bilen äriniň ýüzüne seretdi. Gözi gözüne düşenden ýylgyrdy.
92
Tirkiş hem ýylgyrdy. Yzyndanam hezil edip gülüşdiler. Ikisiniň ortasyna
özüni oklan Döwletgeldiniň gülküsi bularyň ikisiniňem gülküsini basdy.
1981 ý.
Ynjaldy
Durdy şol gezek işden birneme irräk geldi. Öňünden syrtarylyp
çykan aýalyna bir zatlar diýip degişjek boldy. Soňam: «Gel-aý, şu oýun
bilmeze zat diýmäýin-le» diýip, ýüzüniň ugruna içki jaýa girip gitdi.
Eşiklerini çalyşdyrdy-da, öýüň ortarasynda, dik duran ýerinde pikir etdi:
«Ertirem dynç günüdir. Geçen aýyň garaňkysyndan bäri zat dadylan
däldir, azajyk wuraýsammykam, ýadawlygy çykarar ýaly. Eşiklerimem-ä
çykardym. — Ol assa-ýuwaş ädimläp gapynyň agzyna bardy. Işikden
boýnuny uzadyp, howluda oýnap ýören ogluny ýanyna çagyrdy. — Ýaş
oglany ibermelem-ä däldir welin, aý, tanalman duran adam ýok, bererlerle».
— Öwez keliň dükanyna gidip gelibilermiň? — diýip, ol öýe kürsäp
giren ogluna ýüzlendi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aý gaýdyp geler - 08
  • Parts
  • Aý gaýdyp geler - 01
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2159
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 02
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2208
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 03
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2239
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 04
    Total number of words is 3679
    Total number of unique words is 2199
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 05
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2256
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 06
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2282
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 07
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2155
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 08
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2101
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 09
    Total number of words is 3609
    Total number of unique words is 2258
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2189
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 11
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2187
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 12
    Total number of words is 1007
    Total number of unique words is 718
    39.0 of words are in the 2000 most common words
    52.1 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.