Latin

Aý gaýdyp geler - 05

Total number of words is 3618
Total number of unique words is 2256
29.8 of words are in the 2000 most common words
42.7 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
okuwa gidenimden soň, bäş ýyllap Aşgabadyň giň köçelerinden, seýil
baglaryndan, tomaşa jaýlaryndan gözledim. Goşunçylykda gulluk eden
döwürlerimde Kawkaz daglarynyň garly gerişlerinden, Russiýanyň,
Gazagystanyň sergin sähralyklaryndan, Baltikanyň kenar ýakalaryndan
gözledim. Ikimiz üçinem ömürlik ýaly bolup görnen, bir gowy düýşe
meňzäp galan şol sapalyja günlerimiz, ätiýaçdan, önüp-ösen ýeri bolan
çagalar öýüniň adresini dagam ýazyp alaýmandygym üçin ökünmekden
ýaňa, ýumrugym bilen maňlaýyma ura-ura gözledim.
Raýon keselhanasyndan bolsa her näçe gatnasamam belli bir adres
alyp bilmedim. Ýok diýdiler. Tapamzok diýdiler. Ýa tapaslary gelmedi ýada onuň özi tapylmaz ýaly edip gidipdir. Garaz, tapylmady. Janhowluma
Kubana gitdim. Bir ýerde çagalar öýi bar bolsa gözläp çykdym. Bolan
ýerinem tapdym. Emma şu wagt nirededigini welin olaram bilmediler...
«Çagalar öýi bir guşuň höwürtgesidir, ogul, bir uçurym bolansoňlar
55
guşjagazlaryň özleri gelip habar tutaýmasalar ýa niredediklerini özleri
mälim edäýmeseler höwürtge eýeleri kimiň nirededigini bilip bilmez»
diýdiler. Ahyram okan uçilişşesiniň adresini berdiler. Bardym. Olaram
birgiden kagyzlary dördüler-dördüler-de: «Pylan respublikanyň pylan
raýonynyň pylan obasynda bolmaly, şol ýere iberilipdir» diýip, meniň
hut, öz obamyň salgysyny berdiler. «Wah, ol ýerde ýo-o-ok, ine, men şol
ýerden geldim-dä» diýsemem: «Onda şol ýeriň raýon keselhanasyndan
sorasaňyz aýdarlar nirä gidenini» diýdiler. «Bilenoklar-r...» diýip ýer
depdim. Olaram nätsinler, eginlerini gysdylar-da, ellerini serdiler, şonuň
bilenem gürrüň gutardy.
...Men şu ömrümde, soň-soňlaram, Swetlana atly gyza kän duş
geldim. Emma, şol, her tary sünbüliň taryndanam inçe, ýüpek deý
ýumşak, bir örüm tylla saçlary sagrysyna düşüp duran Swetlana welin
duş gelip bilmedim.
Belki, indi onuň o-ol, tylla saçlary özüniň altyn öwüşginini ýitirendir.
Belki, başyna gyraw düşendir. Çal sependir. Belki, gök asman dek dury,
jöwher deý ýiti gözleri öňküsine görä kütelişendir. Ýüzüne ýygyrt düşen
bolmagam ahmal. Mümkin. O zatlar hiç. O zatlardan hiç kime-de gaçyp
gutulma ýok. Ol zatlaryň barysy durmuşyň hökmany kanuny. Oňa bizem
kaýyl. Esasy zat, onuň şu dünýäde bar bolmagy. Baş esen, bagry bitin
ýaşap ýörmegi. Meniň ýaşap ýören dünýämiň bir künjünde onuňam
ýaşap ýörendigini, meniň dem alyp ýören howamdan onuňam dem alyp
ýörendigini meniň duýmagym.
Onsoňam, keşp üýtgän hem bolsa, hünji deý nepis sözlerden
düzüm-düzüm monjuk düzýän şirin zybany üýtgän däldir. Bir pukara oba
oglanyny bäş günde ýigitlik ýoluna ataran, deň-duşlaryndan saýlap-seçip, sekilli al bedewe ataran mährem ýüregiň ýylysy üýtgän däldir.
Maňa şol ýürek, şol zyban bolsa bolany! Şol ýürek, şol zyban bilen
ýene-de ýekeje gezek sözleşsem bolany! Maňa şondan başga hiç zat
gerek däl!..
Men henizem saňa garaşyp ýörün, eý, ýüpek deý ýumşak, tylla deý
sary saçlary sagrysyna düşüp duran ak ýüzli maralym! Ömrümiň gülşeni!
Ýaşlyk säherim! Ir düşen baharym! Gel! Gün gaty gijikmänkä, garaňky
düşmänkä, meniň şo-ol, ilkinji gezek gapyňdan baranymdaky ýaly,
iňrik doly garalmanka gel! Gyş düşüp zemin ak dona bürenmänkä gel!
Pursatlar goldaka gel!
Gel! Gel, ikimiz gol tutuşyp ýene-de şo-ol, gülşenli günlere, sapaly
56
çaglara gideli. Ýene-de şo-ol, alysdaky obamyza baraly. Baraly-da, hiç
kime duýdurman, ikimiziň bary-ýogy bäş günjük dowam eden eşretli
günlerimize gurnalan ýadygärlige meňzäpjik oturan çaklaňja jaýyň
gapysyny emaý bilen açaly. Içine gireli-de, ak mata bilen örtülgi, ak
ýaýly krowadyň üstünde ýanaşyk oturyp, geçen günlerimiz hakynda
söhbet açaly. Hal-ahwal soraşaly. Ýaşlygymyzy ýatlaşaly. Durmuş hakda,
gelejek hakda, çaga-çugalarymyz, öý-öwzarymyz, maşgala durmuşymyz
barada dostlarça, köne tanyşlarça derdi-hal aýdyşaly. Edil öňkümiz ýaly,
gyz terliginiň gaýmagyny bozman, oglanlyk säheriniň päkize asmanyny
ýalanaç aýaklarymyz bilen basgylaman, bar zady öz bolmaly mütdedine
goýup, ýene-de öňküjämiz ýaly tä daňdana çenli, howlukman adajadanadaja sözleşeli oturaly.
Şonuň üçinem şol ýerde oturyp her näçe sözleşsegem hiç kim indi
bizden aýp-syn etmez. Hiç kim men zerarly boýnuňdan mähnet daşyny
asmaz. Senem meni munça gümanlar içinde goýup, baky sergezdanlyga
sezewar edip, näbelli sebäplere görä obadan çykyp gitmersiň. Menem seniň
yzyňy yzlap ýollara çykman. Dor atyny ýüzin saldyryp kakam yzymdan
ýetmez. Galan ömrüme seni görmejekdigimi ýüregime sygdyrybilmän,
pynhan bir ýerde oturyp, zaryn-zaryn aglaman. Ol zatlaryň bary indi geçdi
gitdi. Ol günler indi dolan diýsegem dolanmaz. Ýöne, bu baky asmanyň
aşagynda seniň bilen ýene-de hiç bolman ýekeje gezek duşuşyp: «Sen
nämüçin meni taşlap gitdiň? Onuň sebäbi näme?..» diýip sorabilsem,
onuňam jogabyny öz agzyňdan eşitsem, köňlümde arman galmaz. Men
senden ýene-de bir zat barada, mähriban doganjygyňy tapandygyň ýa
tapmandygyň barada hem soraryn.
Hut, şonuň üçinem men saňa garaşyp ýörün, eý, meniň merdana
melegim!.. Ýüpek deý ýumşak, tylla deý sary saçlary gerdenine düşüp
duran Swetlanam! Meniň eziz Swetlanam!!!...
1986 — 1990. Aşgabat — Moskwa.
57
Remezan aýlary...
...Ýaremezan aýlary geler-de geçer,
Atyny eýerläp, müner-de gaçar,
Aýyň on dördüne ýalkymyn saçar,
Muhammet ymmatyna:
— Ýaremeza-a-a-an!!!...
...Öýüniň ortarasynda döşüni ýassyga berip ýatan Baýram Kulyýew
barlap oturan depderlerinden başyny galdyrdy. Hamala şeýdende
«Ýaremezançylar» gözüne görünäýjek ýaly, onluk çyranyň peltesini
beýgeldip, kiçijik penjirä tarap tiňkesini dikdi. «Şeýdäýmäň» diýip, ýapýaňyja ýygnak geçirilendigine garamazdan, «şeýdişip» ýörendikleri üçin
okuwçylaryna gahary geldi. Tirseginden ýokarsy somalyp duran çep eline
daýanyp dikeldi. Gapdalynda ýatan temmäki haltasyny, gazet böleklerini
öňüne süýşürdi. Ýeke eli bilen emgenmän çilim ýasandy. Otlandy. Çekdi.
Bolandan soň konserwa gapyrjagyndan edilen küldana basyp söndürdi.
Süňklerini şakyrdadyp ýerinden turdy. Çendenaşa uzyndygyndan ýaňa
hemişe egilip duran göwresini ýaýkyldadyp, aňyrsy tüm garaňky bolup
duran äpişgäniň öňüne bardy. Tommuk elini penjiräniň erňegine goýup
egildi. Güberilip duran gözlerini süzüp, nazary bilen garaňky gijäniň
göwsüni sermeledi. Örküçlenip duran burnuny çekmek üçin agzyny bir
tarapa towlanda burnunyň ujam bir tarapa burlup gitdi.
...Biz-ä sizi baý gördük,
Tüýnügňizden Aý gördük.
Altyn bilen apardyk,
Kümüş bilen gopardyk.
Az bereniň gyzy bolsun,
Köp bereniň ogly bolsun.
Muhammet ymmatyna:
— Ýaremeza-a-a-an!!!...
...Ilkinji setirleri oglanlaryň haýsam bolsa biri ýekelikde aýdýardy.
Iň soňky: «Ýa remezan!» diýmeli ýerini bolsa hemmesi bilelikde
«jaglaşyp» gygyrýardylar. Özlerem «ýa» bilen «remezanyň» arasyna
dyngy bermän aýdýardylar welin, «ýa, remezan» däl-de, «ýaremezan»
bolýar duruberýärdi. Şonuň üçinem «remezan» aýynyň ady hem halkyň
aňyna «ýaremezan» görnüşinde giripdir. Şol döwrüň adamlaryny
gepletseň: «...Pylankesiň ogly ýaremezan aýynda boldy», «...Öten agşam
58
oglanlar ýaremezan gezdiler», «...ýene-de pylança günden ýaremezan
aýy gutarýa» diýerdiler.
Biziň bu gürrüňini edip oturan döwrümiz ellinji ýyllaryň başlary.
Oba guramalary, mugallymlar tarapyndan okuwçylaryň mazaly
gözleriniň ody alnyp, «ýaremezanyň» eýýäm galyşyp ugran uçurlary.
Ýogsam küren obanyň içinde bary-ýogy baş sany oglan beýdişip, ondada ogurlyk etjek ýaly bukdaklaşyp ýörmeli däl-ä! Asyl bularyňam
sallary suw üstündedir şu wagt, haýsy öwrümde mugallymlaryň biri
zompa öňümizden çykaýarka diýşip. Mysapyrdyrlar. Öz öýlerinde, öz
obalarynda, öz toýlarynda özleri mysapyrdyrlar.
Seredip otursaň welin, Baýram Kulyýew dagynyň mekdepde okap
ýören ýyllaram (urşuň öň ýanlary) «ýaremezan» gezmeklik edil beýle
bir «gorkuly» däldi. Ýogsam şo wagtlaram gadagandy ahyry, şu zatlar.
Ýöne Sähetli mergeniň ogly Saparaly neresse oglanlary öz günlerine
goýmazdy. «Biz aýtmasak bu zatlar ýiter gider oglanlar! Soň gözläbem
tapyp bolmaz. Aýdalyň! Aýtma diýselerem aýdalyň! Ata-babalarymyz
aýdypdyr, bizem aýdalyň. Aýtmak biziň borjumyz. Mugallymlaram öz
ýalňyşlaryna soň düşünerler, şow-şowa çapýandyklaryny bilerler...»
diýerdi. Diýşi ýalam ederdi. Gijelerine oglanlary alyp köçä çykardy. Hatda
ýagty ýalança has giňräk, paýhaslyrak garaýan käbir mugallymlar bilen,
«bilmediksireşmek», «görmediksireşmek» barada gepleşigem geçirerdi.
«Köne aýdymlary aýdandygy üçin tutulyp giden bagşylarymyzyň ýasyny
tutalyň. Çüli kakam ýaly düýn-ä «Alyny», «Jelili» aýdyp, bu günem: «...
Kowduk ganym baýlary» diýşip dutarlarynyň tarlaryny gowşadyşyp
oturan bagşylary diňlemäliň» diýerdi. Mekdepde basmaçylar barada
gürrüň gidende-de ol juda, ýokuş görerdi. «Öz topragyny gorap ata çykan
adam basmaçy däldir, seň topragyňa gylyç syryp, ot sowrup gelen adam
basmaçydyr. Bu ýerde düşünişmezlik kän, wagt geler, bar zat belli bolar.
Biz ýöne häzir elimizden gelenjesini bir edeliň» diýerdi. Ýaş başyndan
onuň tapýan gürrüňlerine, edýän hereketlerine bütin oba haýran galardy.
Saparaly bilen gezýän toplumyň, sylag-hormatam, alýan paýlaram
üýtgeşikdi. Çünki o wagtlar bular ýaly ýekeje toplum bolup gezilmezdide, toplum-toplum bolup gezilerdi. Oba adamlaryna iki-üç gijeläp ýatuw
bolmazdy. Emma hiç kim, hiç kimden kine etmezdi. «Indi gelseler-ä zat
bermän kowaryn» diýşip, düýrügişip oturanlaram, «ýaremezançylar»
gapysyna geläge-de, ýagşy niýetlerden doly sanawaçlaryny sanap,
yzyndanam bir «jaglaşarlar» welin, zöwwe ýerlerinden galanlarynam,
59
aýlykçy bolsalar-a jübülerini, günlükçi bolsalaram torbadyr çuwallaryny,
kendirikdir un haltalaryny sermenişiberenlerinem duýman galardylar.
...Öz ýanyndan okuwçylary bilen «urşup» oturan Baýram Kulyýew
şo zatlary ýatlap ýylgyrdy. Ýylgyrmaz ýalymy: Biri bir bölejik nan berer,
biri bir okara bugdaý berer, ýene biri başga bir zat berer, iň soňunda-da
biri gorladaga-da torbaňa bir goşawuç un guýar welin, uzynly gije unyň
içinden bugdaý çöpläp oturansyň onsoň, ýüz-gözüňi çyr-çyrşak edip.
O-da hiç beterinden-beteri bar! Kimdir biri bir gezek bilgeşländen
etdimi ýa oýun eden boldugymy, hakyt Baýram Kulyýewiň zatdan
doly torbasynyň içine bir susak suw guýdy oturyberdi. Yza çekiläge-de
gapynam içinden şark-şurk ýapdy. Çyrasyny söndüribem ýatdy. Nätjek,
uruşjakmy? Ýa sögüşjekmi? Hiç zadam etmediler. Bir çete çekildiler-de,
«julkuldap» duran torbanyň içindäki «bulamagy» itiň ýalagyna dökdüler.
Seslerini çykarmanam öýli-öýlerine dagaşdylar. Ýogsam oba aýlanyp
bolansoňlar bir ýere üýşjekdiler, düşenje zatlaryny deň-derman paýlaşyp,
bileje iýjekdiler. Wah, gep iýmekde-de däl, gep şo zatlaryň şagalaňynda,
şüweleňinde. Şol şowhunyň adamlaryň başyny jemläp, agzyny birikdirip
bilýänliginde!..
Şol bir susak suw torbasyna şu wagt guýulan ýaly «Şondanam bir
oýun bormy...» diýip, Baýram Kulyýew ýüzüni sallady. Hemişe göwni
galanda ýa birine gahary gelende edişi ýaly, agzyny towlap burnuny
çekdi. Ozaldanam almalygyna zordan sygyp duran bäbenekleriniň ulalyp
ugranyny bildirmejek bolýan ýaly gabaklaryny aşak goýberdi.
Başga bir gezek, başga bir gapydan baranlarynda berilen soraga
jogap tapybilmän ýaýdanyp durşy göz öňüne gelende ýene-de açyldy.
Ýene-de ýylgyrdy. Çünki, ýoldaşlary kömege gelmedik bolsalar şol
gezek şol gapydan bop-boşja gaýdybermelidiler.
«Palçyk iýen ördek ýaly «wark-wark» edip öten agşam sesiň
ýatmady» diýip, mugallymlaryň ala-böle Saparalyny okuwdan çykarjak
bolup ýörüşleri, onuňam: «Howwa, diňe men gygyrdym, oglanlary alyp
çykanam men, näme çäre görseňiz maňa görüň...» diýip, döşzni gaýşardyp
durşy göz öňüne gelende bolsa, ýüregi sarsyp gitdi. Şu oglanlaryň
içinde-de Saparaly ýaly bar zady öz boýnuna alyp ýören töwekgeliň bar
bolaýmagynyň mümkindigi, özüniňem ertir şo-ol, Saparaly neressä çäre
görjek bolup goltuldaşyp ýören mugallymlaryň ornunda görnäýmeginiň
ahmaldygy barada oýlananda süňňi elenip gitdi. Ýüzi gyzdy. Şol,
gaýduwsyz häsiýetine görä, uruşda-da ýoldaşlaryny halas etjek bolup,
60
özüni oduň öňüne tutan (o neressäniň ýogaldy habary gelen hatda hut,
şeýle diýlip ýazylypdyr) Saparalynyň ýüz-keşbini göz öňüne getirjek
bolup dyrjaşdy. Ýene bir çilim otlap başyny galdyrandanam, penjirä tarap
towlam-towlam bolup barýan tüssäniň aňyrsyndan Saparaly neressäniň
ýylgyryp duran keşbi görünen ýaly boldy. «Beh!..» diýip, ýerinden
turdam welin, o neressede tüssä garylyp gözden ýitmek bilen boluberdi.
Ýöne ol şol aralykda-da: «...Oglanjyklarymyza azar berme, Baýryjan,
miwejiklerimiz olar. Goý, aýtsynlar, goý, gezsinler, goý, oglanlygyň
hözürini görsünler. Başga näme güýmenje bar olarda? Sen bir beýtme
ahyry. Ýa aýdylmasa ýiter diýenlerimi ýadyňdan çykaraýdyňmy?..»
diýmäge ýetişdi. Baýram Kulyýew: «Ýok, men hiç zadam ýadymdan
çykaramok! Ýöne bolanok, dogan jan, bolanok! Biz täze döwür üçin,
täze düşünjeli, täze adam taýýarlamaly. Partiýada, hökümedem, bizden
häzir şony talap edýär. Men hökman öz borjumy berjaý edäýmeli!..»
diýmek üçin, tasap ýerinden turdy. Dostunyň yzyndan ýetip düşünişjek
bolýan ýaly, çep ganatyny kelteden galgadyp özüni tüssäniň içine urdy.
Aňyrsyna geçibem saklandy. Yzyna döndi. Hyrçyny dişläbem başyny
ýaýkady. Agzyny towlap burnuny çekdi. Ýene-de äpişgäniň öňüne baryp,
bäbeneklerinden zogdurylyp çykýan ýiti nazary bilen tümlügi gorsap
başlady...
...Ileriň ýylgynnyň köki uzyn,
Tejeniň gawunnyň kaky uzyn,
Hudaýym bir ogul bersin —
Gaşy gara, çüki uzyn,
Muhammet ymmatyna:
— Ýaremeza-a-a-an!!!...
Baýram Kulyýew indi oglanlaryň sesinem aýyl-saýyl edip ugrady.
«Bi, aç öleni bar ýaly, her gezek ilden öňürti zowladýan-a, Padaryň ogly
Çorşy. Oň bilen gezekleşýänem Kiçiýew Allaş. Şo dagy dek düýnüň
özünde edebiýatdan ikilik ald-a, haramzada! Ondan-a öýüňde gömülde, sapagyňy oka! Juda ýüregiň ýarylyp agzyňdan çykyp barýan bolsa,
«Serdarymy» aýt, «Marşalymy» aýt, ak inişe çyk-da, «...deň hukukly
halklarymyzyň dostlugy» diý-de gimn aýt — diýip hüňürdedi. Çyranyň
başyna baryp, syýadan ýaňa gylla ýarysyndanam gowragy besse-besse
bolup duran benewşe basgyjyň gyrak-bujaklaryna atlarynam belleşdirdi.
Ertir mekdebe bir baryň bakaly. — Soň ýene-de äpişgäniň öňüne baryp
oglanlary synlamagyny dowam etdirdi. — Gyroýlyk satjak bolýaňyz siz,
61
aýdylany etmediksirän bolup...»
Edil şol wagtam oglanlar ýalňyşdylarmy, ýa öýünde ýokdur
öýtdülermi, ala-şakyrdy bolşup obanyň partorgy Muhammet agalaryň
işigine bardylar. Her niçigem bolsa çekinendirler-dä, «sen gygyr-da, sen
gygyr» bolşup biri-birlerini hürsekleşdiler, itenekleşdiler, öňe-yza hallan
atyşdylar. Ahyram belli bir netijä gelibilmedilermi, nämemi, ýüzlerini dik
asmana tutup, başly-barat gygyryşmaga başladylar. Ýöne olaryň munsy
sanawaja däl-de, yzlaşyga, «haý-waý-a» meňzedi.
Birdenem gapy şarkyldap açyldy-da, ýeňsesinden düşýän ölügsije
çyranyň ýagtysyna depesi ýaldyrap duran partorg atylyp çykdy. Çykyşy
ýalam: «Häý, oglaňňyzam bir ...ler diýsänim, bu ýerde nä haram ölen gul
barmy, beýdip yzlaşarňyz ýaly?» diýdi-de, çemelije zat gözläp töweregine
sermendi. Tamyň düýbünde ýatan pilmi, ýabakmy, uzyn saply bir belany
garbap aldy-da, eýýämhaçan gyrgy gören serçe sürüsi ýaly güsürdeşip
barýan oglanlaryň yzyndan eňdi. Gaty gidibermänem dolandy. Elindäkini
alan ýerine oklap goýberdi. Onuň takyrdysy ýatmanka-da gapysyny
şakyrdadyp açdy. Gürpüldedibem ýapdy. Temmeledi.
Onuň bu hereketlerini synlap duran Baýram Kulyýew: «Oňardy.
Şeýtmeli. Geläýseler menem şondan oň etmen...» diýip pyşyrdady. Abat
eliniň ýumrugyny düwüp, dişlerini gyjady. Başyny bir silkende, maňlaýyna
düşüp duran saçlaryny yzyna gaýtardy. Okuwçylar gapysyndan geldikleri
etjek hereketlerini, diýjek sözlerini taýynlap goýdy.
...Oglanlar ala-wagyrdy bolşup gaýtdylar-da, Baýram Kulyýewiň
çep tarapky goňşusy Myrat ýegenleriň işiginde aýak çekdiler. Pes boýluja,
tos-togalajyk birini öňe iterdiler. Olam gazyň çagasy ýaly moýmuldap
bardy-da, ýaş oglana gelişmeýän zorruk ses bilen zowladyp başlady.
Ýaremezan aýlary,
Geldi, geçer baýlary.
Merediň on dördüne,
Ýalkym saçar aýlary...
Baýram Kulyýew lampa aşak oturdy. Çünki ojagaz oglanyň sesi
şeýle bir Saparalynyňka meňzeşdi welin, onuň towsup çykaga-da:
«E-eý, Saparaly-e-eý, bu senmi-e-eý!..» diýip gygyraýasy geldi. Ony
diýseň, diň saldygysaýy beýlekileriňem hersiniň sesi öz deň-duşlaryndan
biriniňkä çalym etdi durdy. Şuny şu çaka çenli bilmeýşine geň galdy.
Hamala ýaňy şol ýere olaryň seslerini ýazyp alan ýaly, elindäki benewşe
basgyjyň ýüzüne çiňerilip-çiňerilip seretdi. Soň ýene-de daşaryny
62
diňledi. Şonda olaryň arasynda hut, öz sesem bar ýaly bolup duýuldy. Ol:
«Beh!» diýip başyny ýaýkady-da, usullyk bilen içki jaýa tarap boýnuny
uzatdy. Uluja oglunyň ýerinde ýokdugyny görüp düýrükjek boldy.
Gapynyň agzyna baryp daşaryk boýnuny uzatdy. Düňderilen gazan ýaly
garalyp görünýän beýik asmanyp düýbi bilen ýoluň bir o tarapyna, bir
bu tarapyna ýelk ýasaýan oglanlary görende, özüni suwsap ýatan gök
maýsaly meýdana nem bermek maksady bilen daglardan silip gaýdan sil
suwuna meňzetjeginem bilmedi, şol siliň öňüne basyljak bolunýan emeli
böwede meňzetjeginem bilmedi. Birdenem, Saparalynyň sargytlarynyň
tersine gidip ýörendigi üçin özüni müýnli saýdy. Haçanam bolsa özünden
hasabat soralaýjak ýaly, eýýämhaçan ýakasyndan tutulyp soraga äkidilip
barylýan ýaly hopukdy. «Ýa azar bermesemmikäm, bilmediksiräp
oturybersemmikäm» diýip, ýüzüni iki ýana sypajaklatdy. Edil häzirki
pursatda beýleki mugallymlaryň nähili hereketler edip ýörendiklerini
biljek bolup kösendi. «Ýa olaram näme etjeklerini bilmän ýaýdanyşyp
otyrmykalar? Ýa Saparalynyň edişi ýaly, oglanlar olar bilen «gepleşik»
geçiräýdilermikä?» Şeýle bolaýmagynyň mümkindigi ýadyna düşende
özüne «ilçi» iberilmändigi üçin Baýram Kulyýew kemsinjek boldy. Bir
özüm küren oba ýigrenji bolup ýören bolaýmaýyn diýen pikir beýnisine
dolanda, öz-özüni ýigrendi. Eli bilen derini çalyp äpişgäniň öňüne bir
bardy, bir gaýtdy, gapyny bir açdy, bir ýapdy. Elindäki benewşe basgyjy
ýyrtjak bolup bir egildi, birem goýbolsun edip dikeldi. Tereziniň bir
tarapyna Saparalynyň sargytlaryny, beýleki tarapyna-da özüniň hökümet
öňündäki borjuny goýdy. Ahyram şu günki borç düýnki günüň, dost-ýaryň
hatyrasyndan üstün çykdy. Okuwçylaryň kem-kemden öz öýlerine tarap
golaýlaşyp gelýändiklerini görüb-ä hasam kejikdi. Özüni sylanmaýan,
äsgerilmeýän, kärine hormat goýulmaýan hasap etdi. Ýöne bu ýagdaý
uzaga çekmedi. Çünki Saparalynyň ýap-ýaňyja çal dumanyň içinde
delmuryp duran keşbi ýene-de peýda boldy. Aýdan sözlerini ýene-de
bolşy ýaly, birin-birin gaýtalady. «Gör-dä Baýryjan, soňky gün günäkär-ä
özüň borsuň, töweregiňe ser salyp gör, başga ýerden gelib-ä oglanlary
kowalap ýören ýokdur... Başyňdaky owsaryň ujy başga biriniň elindedir.
Oýlan... Özümem şü iň soňky gelşimdir, sebäbi umydym azalyp barýa,
tamam ýere siňip barýa...» diýip, üstüne-de goşdy.
Şol wagt daşardan ýene-de oglanlaryň «jaggyldysy» eşidildi:
― ...Ýaremeza-a-an!!!
Baýram Kulyýew towsup ýerinden turdy. Ýaraly ýolbars ýaly
63
dar jaýyň içinde, iki ýana hars urup ýörşüne: «Howwa-da! Dogryda! Şular biz-dä! Biziň dowamymyz-da, şular! Biziň şu günki güne
getiren baýlyklarymyzy indikilere ýetirjekler-dä! Erte biziň şu
dünýäde ýokdugymyzy bildirmejekler-dä! Biri Saparaly, biri Padar,
beýlekisem meň özüm-dä! Ýeri, onsoň dogrudanam, şular aýtmasa kim
aýtmalymyşyn, şol aýdymlary? Aslynda nämüçin aýtmaly dälmişin?
Nämeden gorkmalymyşyn? Saparaly gorkanokdy, biz gorkamzokdyk,
bular nämüçin gorkmalymyşyn? Biz nämüçin özümiz gorkmadyk
halymyza bulary gorkuzmalymyşyk? Nämüçin öz elimiz bilen öz
yzymyzy gömmelimişik? Goý, aýtsynlar! Degme aýtsynlar!» diýip
pyşyrdady. Aýgytly netijä gelendiginiň alamaty hökmünde döşüni
gaýşardyp hekgerdi. Başyny silkip saçyny gaýtardy. Ýaýkyldap bardyda, burçdaky haçjadan asylgy duran jalbaryna elini ýetirdi. Çermegini
jonnuk eliniň goltugyna gysyp, abat elini jübüsine sokdy. Könelip esgä
dönen iki sany birligi gysymyna gysdy-da, jalbaryny ýerinden asdy.
Munuň üçin ýüzünden sypalanmajagyny, kommunist hökmünde ertiriň
özünde raýkompartiýanyň ideologiýa boýunça sekretary Ilçenkonyň
öňünde sömelmeli bolaýmagynyňam ahmaldygyny aňsa-da, ötüp giden
deň-duşlarynyň ruhuny şat etmekligiň hatyrasyna ýüregini bire baglady.
Gaty gyssaberse: «Halkym şu zatlardan mahrum boljak bolsa, men
saňa nöker däl...» diýäge-de partbiledini Ilçenkonyň öňüne zyňmaklygy
ýüregine düwdi. Şondan soň birhili ýükem ýeňlän ýaly, beýnisem
durlanan ýaly boldy. Nijembir wagtdan bäri özüni birinji gezek bagtyýar
saýdy. Öz ynsabynyň garşysyna gitmekligiň ruhy ezýetinden aýňaldy.
Kalbynda dörän süýjümtik duýgynyň lezzetine melul bolup durşuna
Saparaly ýaly gaýduwsyz, goç ýigitleriň hernä, hiç bir nyşansyz ýitip
gidibermändikleri üçin begendi. Azragam bolsalar, şolar ýaly ogullaryň
janlary sagka halkyň synasyna şikest ýetmejekdigine ynandy. «Hemmede biz ýaly herdemhyýal bolan bolsa-ha ýurduň enesi üwreljek ekeni...»
diýip, içini çekende içiniň iç ýüzi juwlap-juwlap gitdi. Özüniň silem,
emeli böwedem, asyl-ha hiç zadam däldigine gözi ýetdi. Saparalynyň
häzir özünden köp-köp hoşal bolup gidendigini bütin süňňi bilen
syzmakdan ýaňa heziller etdi. Hatda o neressäniň: «...Ýaremezan aýlary,
geler-de geçer...» diýip, ulili bilen gygyryp barýan zorruk sesem eşidilen
ýaly boldy.
Şol pursat onuň özüniňem ylgap çykaga-da, oglanlara goşulyşyp
ugrubir ylgaberesi geldi.
64
...Myrat ýegenleriň işiginde hümerlenişip duran oglanlaryň gowry,
Myrat ýegeniň aýaly Amansoltanyň çasly gülküsi Baýram Kulyýewi
agyr oýlardan açdy. Amansoltanyň: «Tapmaçany tapmasaňyz hiç
zadam berjek-gä» diýenini, olaryňam: «Aýtda-aýt» bolşup öňe-yza
omzaýyşlaryny görüp, ýarpy göwresindenem gowragyny äpişgeden
çykardy. Ýaý ýaly eglip durşuna, häliden bäri syňragynda saklap duran
benewşe basgyjynam «guýguç» edäge-de gulagyna tutdy.
Şondan soň Amansoltanyň sesi edil ýanynda ýaly eşidildi.
— Saçagy näm bilen açmaly?
Saparalynyňka meňzeş zorruk ses tümlügi para-para kylyp geldi-de,
benewşe basgyjyň içinden geçip, Baýram Kulyýewiň owaz perdelerini
sandyratdy.
— Bissimilla bilen.
— Daşa gurt düşse näm bilen aýyrmaly?
— Düýäň şahy bilen...
— Düýäňem bir şahy bormy, ýer çeken?
— Daşa-da bir gurt düşermi, daýza jan?..
— Alyň onda paýyňyzy...
Amansoltan elindäki düwünçegi «ýaremezançylaryň» torbasyna
silkip goýberdi. Baýram Kulyýew: «Maladis oglanlar» diýip pyşyrdadyda, gulagynyň «guýgujyny» aýyrdy. Dikeldi. Bir ädim yza süýşdi.
Geldikleri gygyryşman zat etmän iki manady ellerine gysdyraýar ýaly,
gapynyň arkasynda häzirlenip durdy.
Emma oglanlar Baýram Kulyýewiň öýüniň ýeňsesi bilen aýlandylarda, köçäniň aňry ýüzüne geçdiler. Ol ýerde-de ilk-ä ir wagtlardan bäri
düýekeş bolup işläp ýören Muhammetguly agalaryňka, soňam obanyň
öküz biçýänçisi Agabegleriňkä bardylar.. Ondan soňam esli wagt bäri
gaýraky köwüň aňry ýüzünde kowçum bolup oturan Halyl Çulumlara
tarap tutdurdylar.
Iki manadyny mynçgap, gapynyň ýeňsesinde duran Baýram
Kulyýewiň endam-jany buz ýaly boldy. Dodagy kemşerdi. Barmaklarynyň
bogunlary gowşady. Gysymy öz-özünden açyldy-da, birlikler ýere gaçdy.
Ol: «Häý, eşekden bolan doňuzlar diýsänim, aýlanyp geçer ýaly meň
öýümi nä ýagy çapypmy? Ýa meň puluma mama çykypmy?» diýip
dişlerini gyjady-da, gapynyň agzynda ýatan esgi köwşüni ýüzüniň ugruna
aýagyna ildirip, daşaryk okduryldy. Gyssanjyna egilmänem undup,
maňlaýyny işigiň erňegine gülçüldedip urdy. Gözünden ot çykdy. Ýekeje
65
eli bilen maňlaýyny tutup arkan serpildi. Iç işikde ik ýaly pyrlandypyrlandy-da, ötük tapan suw ýaly gapydan suwulyp çykdy.
Köwüň bäri gyrasyna ýetiberendenem, eýýämhaçan aňrybaşyna
dyrmaşyp barýan oglanlaryň ýetdirmejekdiklerini bilip, yzlaryndan
gygyrdy.
— E-eý, duruň-e-eý!..
Oglandar ilk-ä bir her ýerde, her ýerräkde heşerlenişip durdular.
Birdenem «ülker» ýaly bir ýere toplandylar-da hyşy-wyşy edişdiler.
Köwüň aňyrky raýyşyndan atan-da-satan bolup aşaklygyna gaýdan
uzyn göwrä çiňerilip-çiňerilip seredişdiler. Bir taý ýeňini galgadyp ýetip
gelýäniň kimdigini bilensoňlaram biri-biriniň ýüzüne ýalt-ýult edişdilerde, edil öňden dilleşip goýan ýaly, hersi bir tarapa bakan ökjäni göterdiler.
Ýokarky raýyşa ýetip gelýän Baýram Kulyýew, muny görüp özüni
ýere goýberdi. Demi-demine ýetmän, haşlap oturyşyna, elindäki benewşe
reňkli basgyjy puldyr öýdüp öňe uzatdy. Yzgytsyz seslendi.
— E-eý, alyň-a munam!..
Edil şol wagtam raýyşdan bir tokga ak zat togalanyp gaýtdy.
Ýolboýy içinden bölek-büçek nan, üç-dört düwür gant, sök, kak, erik
kişdesi, patrak ýaly birgiden ir-iýmişleri seçelendirip gelýän zadyň
«ýaremezançylaryň» torbajyklarydygyny bilensoň, Baýram Kulyýewiň
ýüregi jigläp gitdi. Öňküsindenem yzgytsyz ses bilen: «Wah, barja
emgejiklerimi köýdürdim-ow...» diýende, gözlerine ýaş geldi. Bar
zatdanam beter özüniň ynamdan gaçanyna, ýitip barýan dessury dowam
etdirmek üçin başlaryny eteklerine salşyp, şeýdişip ýören çülpeje
çagajyklaryň, edil ýarak itden gaçan dek özünden gaçyp gidendiklerine
gynandy.
Öz kesabatlygy zerarly ýere dökülen yrsgaly yrýa etmezlik üçin,
gumy-sumy bilen gysymlap, yzyna guýup oturyşyna, hamala häzir hut öz
ýaşlygyny ürküzip goýberen ýaly, hamala şu wagt hut Saparaly neresse
dagy özünden gaçyp giden ýaly, ýeke bir ýaremezan baýramçylygy
däl, nowruz baýramçylygynyňam ýitip gidendigi üçin täk özi günäkär
ýaly göwni bozuldy-da, aglap goýberdi. Gowy içini egisensoňam, hiý,
birinden-biri dolanyp geläýmezmikä diýen umyt bilen, ep-esli oturdy.
Torbany raýyşa çykaryp, atam eýýämden bäri garalyp ýatan ullakan
töňňä söýedi. Ýörite öýlerine gidip hälki iki manadam alyp geldi. Onam
torbanyň içine dykdy. Şondan soňam bir çete çekilip, ep-esli garaşdy.
Oturyp-turup diň saldy.
66
Emma uzynly gije garaşsa-da, şondan soň obanyň hiç ýerindenem
sanawaç sesi eşidilmedi.
1985 — 1990.
Aşgabat — Moskwa.
Arpa dänejikleri
Şu wagtyň adamlary, syn etseňiz dükanlarda ýarly-ýagly etler,
halylar, daşary ýurt garniturlary her biri näçe ýüz manatlyk gymmatbaha
eşikler tapdyrmasa «zat ýok» diýişýändirler. Galan zadyny zat hasap
edýän däldirler. Elbetde, olaryňkam dogry, olara-da düşünýäs, döwür
üýtgeýä diýýäler, adamzadyň islegi artýa diýýäler, gowy zat, ýöne biziň
welin bir döwüm gara çörek tapdyryp dursa zat ýok diýmäge dilimiz
ysanok. Asylam türkmen bir, dişgysdy, bir döwüm nan, bilen saglyk bolup
dursa galannyň bir alajy bor diýip ýören, kysmata kaýyl halkdyr welin,
biziňkä gahatçylygy görenimizden, açlygyň jebrini çekenimizdenmikäde diýýän.
Biziň deň-duşlarymyzyň hemmesem bilýändir, sizem eşitseňiz
eşidensiňiz — müň dokuz ýüz kyrk bäşinji ýyl, garahassalygyň öň ýany,
gara gyş bilen birlikde, il-günüň başyndan agyr açlygam indi.
Uruş-a entek gutarmandy. Ýöne mata, demir gytçylygy zerarly
dört ýylyň içinde jaýlaryň, haýatlaryň ýüzüni: «Biz ýeňeris», «Gitlere
ölüm!», «Gan ornuna — gan, jan ornuna — jan!», «Ýaşasyn Stalin!»
diýen ýaly şygarlardan dolduryp çykan Çerkez mugallymdan urşuň
basym gutarjakdygy, biziňkileriň Berline ýetip barýandyklary baradaky
hoş habarlary welin, häli-şindi eşitmek bolýardy.
Emma şol şatlykly habarlaram, haýbatly şygarlaram açlygyň arsyz
aladalarynyň üstüni örtüp biläýenokdy. Uruş, ölüm-ýitim zerarly öňem
eňki giden halk indi açlyk belasynyň garşysyna durjak bolup urunýardy.
Her kim başardygyndan, özüçe gün görmelidi. Güzeranyny dolamalydy.
Çünki hökümetde-de halka berere zat ýokdy. Gaýtam onuň özi häli-şindi
kömek sorap halka ýüz tutýardy. «Siziň her bir manadyňyz duşmana
gülledir» diýip, hatda mekdep okuwçylaryna çenli «salgydam» salýardy.
Ýöne, şojagaz salgytdanam ata-enesiz, hossarsyz çagalary boşadardylar.
Esgerlere nahar iýmäge gerek diýip, oba arasyndan çemçe-çanak
ýygnanlarynam gördük. Ellik, jorap örüp berdik.
67
Ine, şonda, biler bolsaňyz, galyň bende açlyga çydaman goýnuň
damak ganynam iýdi. Goýun öldürilende ganyny ýere akdyrman gaba
akdyrardylar. Ana, onsoň ol azajyk durýa welin, sowaýa-da goýalýa.
Doňýa. Soň gazana ýa bir gaba ýag salyp gowurýarlar. Edil bagyr
gowuran ýaly. Işdäň alyp iýer ýaly zad-a däl welin, nätjek-dä, aç ölmeziň
ýaly, garaz, bokurdagyňdan bir zat ötürmeli-dä!..
O dagy näme, haram ölen malyň etini iýenlerinem gördük. Seýregem
bolsa, boldy şu zatlar şo döwürde. Sygyr bolsun, goýun bolsun, tapawudy
ýok, goltugynda sähelçe gyzgynam bar bolsa, üç gezek: «Tur, janawar!»
diýäge-de, aýaklarynyň ujy bilen böwrüne çalaja deperdiler-de, hasyrhusur soýardylar. Oňa «depme halal» diýerdiler. Çorbasynyň wagty bilen
köpügi synmazdy. Näçe sybyrsaňam, her näçe ýüzüniň hapasyny syryp
aýyrsaňam, pažlap, çogar durardy. Endamynda gatan ganlar çykmaly-da!
Dirikä damagyndan gan çykmasa şeýle bolýa-da!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aý gaýdyp geler - 06
  • Parts
  • Aý gaýdyp geler - 01
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2159
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 02
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2208
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 03
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2239
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 04
    Total number of words is 3679
    Total number of unique words is 2199
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 05
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2256
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 06
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2282
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 07
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2155
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 08
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2101
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 09
    Total number of words is 3609
    Total number of unique words is 2258
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2189
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 11
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2187
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 12
    Total number of words is 1007
    Total number of unique words is 718
    39.0 of words are in the 2000 most common words
    52.1 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.