Latin

Aý gaýdyp geler - 02

Total number of words is 3646
Total number of unique words is 2208
30.2 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Aýbyn barmydyr? — diýip sorapdyr.
— Hezreti Süleýman! Men Bagt! Hiý, bagtyňam bir aýby bormy?
Süleýman pygamber Pakyryň alkymyna dykylypdyr.
— Pakyr! Senem bularyň jedeline goşulypsyň. Adam üçin men
hemmäňizdenem gerekliräkdirin diýipsiň. Sen muny näme bilen subut
16
edip biljek?
— Elbetde, bularyň diýýänem dogry... — diýip, Pakyr gollaryny
gowşuryp durşuna ýumşaklyk bilen söze başlapdyr. — Akylsyz, Ylymsyz,
Bagtsyz adam hiç zatdyr. Ýöne, kalbyňda pakyrlyk bolmasa, ol şo zatlary
ynsanyň haýry üçin ulanyp bilmez..
— Ýagşy! Hany aýt, aýbyň barmy, ýok?!
— Bardyr, siziň aly jenabyňyz. Depämden tä dabanyma çenli
aýpdyr.
Süleýman pygamber ýerine geçip oturypdyr.
— Akyl! Sen aýbym ýok diýdiň. Emma adamyň gahary joşan wagty
sen öz ornuňy gahara berýäň. Eýsem bu aýp dälmidir?
Ylym! Senem aýbym ýok diýdiň. Emma bil, ylymly adam tekepbir
bolýandyr. Temegini ýokary tutýandyr! Ine, şo-da seniň uly aýbyňdyr.
Bagt! Senem özüňi aýpsyz saýdyň. Onda nämüçin sen diňe baýlarda,
han-beglerde ýa şalarda bolýaň? Nämüçin derwüşlerde, garyplarda
bolaňok? Seniň bagtly eden adamlaryň bolsa ony tersine ulanýarlar. Bu
bolsa seniň üçin ullakan aýpdyr.
Süleýman pygamber ýene-de ýerinden turupdyr. Kümüş kürsüsinden
düşüpdir-de, agras ädimler bilen Pakyryň ýanyna gelipdir. Elini egnine
goýupdyr.
— Adam ogluna öňi bilen ine, şu gerek, Pakyrlyk gerek. Galanyňyz
soň. Göwnünde pakyrlyk bar adam akylly bolsa, aklyny gahar-gazaba
aldyrmaz, ylymly bolsa temegini ýokary tutmaz, tekepbirlik etmez,
bagtly bolsa bagtyny ýurtbasarlyk üçin, ejizeganymlyk üçin ulanmaz.
Dünýede iň belent zat — pakyrlykdyr...
...Kerwenbaşy gürrüňini tamamlandan soň, ýolagçylar: «Al-aýt,
aýdylmadyk zat ýog-ow...» diýşip gerinjireşdiler. Ikiden-ýekeden aýak
ýoluna gidip geldiler-de, ýatmak bilen boldular. Kimsi oýluga girdi, kimsi
çöwürmesini çümreräk geýip, possuna çolandy. «Sen egniň ýuka, sen
jaýa gir-de, çagajyklaryň ýanyndajyk ýatyber, o ýeri nemeräkdir muňa
görä» diýenlerine bakman, olaryň artan-süýşenjelerini üstüne atynyp,
Manzar aga-da şol ýerde ýatdy.
Hemişe, onda-munda, gürrüňden-gürrüň çykanda kakasynyň adyny
«pakyr», «pukara» diýip tutsalar gaty görüp ýören Ogulnäzik ýaňky
rowaýatdan soň, kakasynyň pukaradygyna begendi. Guwandy. Kakasyna
şeý diýýän adamlaryň Pakyry iň belent derejede goýýan şu rowaýaty
eşidendikleri ýa eşitmändikleri barada oýlandy. Eşitmedik bolsalar
17
eşitmeklerini isledi.
Ýolagçylar ýatjak wagtlary, egri-bugry bolup duran uzyn agajyň
bir ujyny oda degrip ýatdylar. Ol uzynly gije öçmän, ýylpyldady durdy.
Kädaýym biri turup ony eýläk-beýläk agdardy, ýanan tarapyny ýere basyp
owratdy. Ýanmadyk ýerini ýene-de közüň üstune süýşürdi. Köwsarlap
duran şemal bolsa ony şobada tutaşdyrdy.
Şol odun ýatanlary birsyhly ýylydyp durandygyndan bihabar
Ogulnäzik olar muny möjekden gorkup şeýdýändirler öýtdi. Çünki
ululardan eşidişine görä, möjek otdan gorkýarmyşyn. Bir gezek
çöldemi, dagdamy, bir ýerde ýeke galan ýolagçynyň üstüne möjekleriň
tutuş ordasy çozanmyşyn. Şonda ol tä daň atýança daş-töweregini ot
bilen gallap, möjeklerden goranypmyşyn. Dişlerini «şak-şak» etdirip,
golaýyna geliberdiklerem ýanyp duran otly kesindini alyp üstlerine
topulýarmyşyn. Bir bada dyr-pytrak bolýan möjekler ot peseňläberdigi
ýene-de ýolagçynyň üstüne üstüne sürünýärmişinler. Hälem onuň bagtyna
daň atýança oduny tükenmändir. Oduny tükendigi işiniň gaýtdygy ekeni.
Möjekler diňe, daň atyp Gün dogandan soň daganmyşynlar.
Gidenlerinde-de syrtlaryny ýere süýkeşip götinleý-götinleý, tumşuklaryny
dik ýokary tutup, uwlaý-uwlaý gidenmişinler.
Ot güýjerlän wagty has aýdyň, körän wagty gara dumanyň içinde
sudur bolup görünýän kakasynyň ýalangat dolagyň üstünden geýen
köneje çokaýyny, essi giden çäkmenini, uzynly gün aýaza gerňelip, gök
dalak bolan tegelek, gyrçuw sakgally, çekgeleri çykyşyp duran süňklek
ýüzüni, agajetli göwresini synlap ýatyşyna, Ogulnäzik gijäniň geçeninem,
zulmatyň agaranynam duýman galdy. Onuň şol wagt turup baraga-da,
kakasynyň üstüni galyň bir zat bilen basyrasy geldi.
Öýüň ortarasynda, kakasynyň ýakyp giden odunyň üstündäki
içi köwek garry töňňe bolsa edil öň ölçäp goýulan ýaly ýalançynyň
ýagtylmagy bilen doly ýanyp gutardy.
Daşardaky oduň başynda ýatanlar «öhhä-de-öhhä» bolşup, örüşip
ugranlaryndanam Ogulnäzigiň gözleri ýumuldy.
***
Manzar aga ysytma tutýan ýaly galdyrap, «hababaýlap» oýandy.
— Endam-janym owranyp barýa, gapyrgalarym gysýa — diýip,
zeýrendi. Bir üşütdi, bir gyzdyrdy. Öýe salyp täzeden ot ýaksalaram,
üstüni basyryp, gyzgynjak, ajy çaý içirselerem peýda etmedi. Kimdir biri
18
çakgysynyň ujuna mündürip bugdaý ýaly tirýek uzatdy. Emma Manzar aga
oňa tarap nazarynam aýlamady. Çaýa ezip bildirmän içirjek bolsalaram
etmedi. Gaýtam aňyp gaty gördi. Şondan soň birazajyk ymyzganan
ýalam etdi-de, gaýtam beterläp oýandy. Samrady. Mämmediň, Torlynyň
adyny tutup bir zatlar diýdi. Börini ýanyna çagyrdy. Ogulnäzigi sorady.
Aýalyny gözledi. Soň ýene-de uka gitdi.
Bu zatlaryň üstesine soň, görüp otursalar, öten agşamky aňzakda,
sowuga çydaman onuň eşejigem öläýen ekeni. Çakyr aýaz hor janawaryň
bagryndan parran geçäge-de, doňduryp taşlaýan ekeni. Ogulnäzik bilen
Böri ikisi baryp görseler, hakykatdanam, saraňgaty bolup ýatyr. Çalaja
ýylgyrýan ýaly dodaklary syrtaryp dur. Gözleri süzülgi.
Ýazboldy daýza-ha barmadam, görmedem.
— Tüýs, «durnaň üstüne urna» diýenleri boldy. Tüýs, «doga
maňlaýygara bolanyňdan ýylda iki gezek ýagy çapsyn» diýenleri boldy
— diýip, äriniň başujunda aglady oturdy.
Kakasynyň bolup ýatyşyna, eşejikleriniň gözgyny halyna gynanyp,
bokurdaklary dolup duran çagalaram dolanyp gelenlerinden ejeleriniň
aglap oturanyny gördüler-de, uly illeri bilen möňňürişmäge başladylar.
Ýerli-ýerden höre-köşe edip olary zordan köşeşdirdiler. Kerwenbaşy:
— Goý, Ýazboldy, sen bir goý! Sen uly adam ahyry — diýeninden
soň, Ýazboldy daýza sesini goýdy.
Ejeleri goýansoň çagalaram goýdular.
Ýolagçylar üýşdüler-de: Birneme aýňalýança Manzar agany bu
ýerden gozgamaly däl diýen karara geldiler. Syrkawyň ýanynda iki
adam galmaly. Galan ýolagçylar ýoly dowam etdirmeli. Manzar aganyň
çagalaryny alyp gitmeli.
Gelen netijelerini Ýazboldy daýza-da aýtdylar.
Ol razylaşdy.
Çagalara-da ýagdaýy düşündirdiler. Goşlaryny ýükleşip, ýerliýerlerinde ýerleşdirdiler. Her näçe çydajak bolsalaram, kerwen ýola
düşüberenden, Böri bilen Ogulnäzik ikisem «ýüregiň» içinden zöwwe
galdylar-da, kakalarynyň ýatan jaýyna tarap ellerini serip, yzlaşmaga
başladylar.
— Kakam galdy-a-aý, kakam galdy-aý!.. Kakam nämüçin galdy-aý?!
— Kaka-a-aý, sen nämüçin galdyň-aý?!.
Ýene-de aşakdan ellerini galgadyşyp, düşündirmäge başladylar.
Çagalar diňe ejeleri alkymlaryna gelip:
19
— Goýuň sesiňizi! Kakaňyz barýa yzymyzdan dem-dynç alyp. Bu
durşuna äkidip, nä siz ony öldürjekmi?!. — diýeninden soň aglamalaryny
goýdular. Aşak çökdüler. Eýýäm haçan ýüzi gyrpaklamaga ýetişen
ýorgany «şytyrt-şytyrt» etdirip üstlerine çekdiler.
Şol wagt Manzar aganyň ýanynda galýanlaryň biri ylgaşlap
kerwenbaşynyň ýanyna bardy. Haş-haş edip:
— Ýaşuly, birden bir bolmaz iş bolaýsa nätsekkäk? Ýanymyzda
pil-silem-ä ýok... — diýdi. — Ýerem doň. Üstesine-de dag ýeri... özüň
bilýäň...
Onuň gaýa-gopuz ýok ýerden muşakgat baryny ýagdyryp durşuna
kerwenbaşynyň gahary geldi. Ol:
— Piliň bolanda nä... — diýip, gözlerini alartdy-da, soňam bir zat
ýadyna düşen ýaly böwrüni diňledi. Ýuwaşja gürledi. — Hiç zadam
bolmaz. Birden bolaýsa-da biriň ýanynda galyň-da, beýlekiň golaýdaky
guýulara habar bermäge gidiň. Gulaklaryna degiribilseňiz ýygnarlar...
Olaryň bu gürrüňlerini Bathyzyň gatbar-gatbar gaýaly, pisse
agaçlaryna bürenip oturan gojaman daglary eşiden bolaýmasa, özlerinden
başga eşiden adam bolmady.
Ep-esli arany açansoňlar öňde uly oý göründi. Ýolagçylaryň: «Duz
oýlan...», «Ýer oýlan duz...», «Ýomut gyrlan...» diýişýän sözleri üzlemsaplam Oguln äzigiň gulagyna gelip başlady. Oýa inensoňlar kerwen
durdy. Ýolagçylar ulaglardan düşüp aýat okadylar. Soň ýene-de ýollaryny
dowam etdirdiler. Her ýerde, her ýerde çaşyşyp ýatan adam süňklerine,
ujy saçbagly, örümleri saç ýüzüli örüm-örüm saçlara gözi düşenden
Ogulnäzigiň ini jigläp gitdi. Ol şol, ady dile düşen oýa, mundan on ýyla
golaý öň birgiden ýolagçynyň bilelikde gyrylan oýuna gelendiklerine
göz ýetirdi. Ol bu hakda ululardan kän eşidipdi.
Aýdyşlaryna görä, bu oý — Bathyzyň üsti bilen Eýrana geçip
barýan ýomut türkmenleriniň hökümet tarapyndan gyrylan ýeri bolmaly.
Geçegçiler şonda: «Bize degmäň, biz geçip barýas, ýurdumyzy taşlap
göçüp barýas, aramyzda oglan-uşak, aýal-ebtat bar» diýip ýalbarypdyrlar.
Aman diläpdirler. Emma şonda-da olaryň iki tarapynam gabap oka
tutupdyrlar. Geçegçileriň ýaraglylary nälaç gaýtawul bermeli bolupdyrlar.
Gaýduwsyzlyk bilen söweşipdirler. Özlerini oka berip, naçarlaryny,
garry-gurtylaryny, çaga-çugalaryny aňryk geçirjek bolupdyrlar. Bu
ýagdaýy aňan gyzyl goşun olary samolýotly pulemýotyň okuna tutupdyr.
Tä, tükenýänçäler gyrypdyrlar, gazana düşen gowurga ýaly, oýuň içinde
20
iki ýana çyrpynýan bosgunçylaryň ahy-nalalary asmana göterilipdir
Negözel gyzlar, natuwan gelinler, nowjuwan ýigitler gum garbapdyrlar.
Telim gün geçensoňam şu oýdan iňňildi, çaga sesleri eşidilip durupdyr.
Gan bilen gatap galan enelerini emjek bolup, sowuk kesege dönen
emmelerini sora-sora, ahyrsoňy özlerem ajyndan ölüp galan çagalaryň
jesetlerini gözleri bilen görenlerem bar. Bir aýalyň ölendensoňam süýdi
kesilmändir, tä üstünden baryp alyp gaýdýançalar çagajygy ony emip
ýörüpdir diýen gürrüňem bar il arasynda.
Ogulnäzik şol gürrüňi her gezek eşidende, gorkunç erteki diňlän ýaly,
köp wagtlap özüne gelibilmän gezerdi. Ony esasanam şol geçegçileriň
içinde gollary gurjaklyja gyzjagazlaryňam bar ekendigi gynandyrýardy.
Çünki, esli mahal geçensoňam ýeneki zatlar bilen bir hatarda şol ýerden
kän-kän gurjaklaram tapylyp durupdyr.
Ine-de, ol şo pajygaly wakanyň bolan ýerini öz gözi bilen synlap
barýar. Ol üsti gyzyl baýdakly, ýönekeýje bolsa-da pagsadan salynan ak
mekdebiň içinde okap öwrenişi boýunça beýik Lenin tarapyndan bina
edilen hökümetiň, Stalin ýaly parasatly serdaryň ýolbaşçylygy astynda
ajaýyp ýeňişlere tarap barýan hökümetiň — azarsyz, bizarsyz geçip
barýan birtopar bigünä adamlary, agyr türkmen göçüni şeýle birehimlik
bilen gyrandygyna hiç ynanyp bilmeýärdi.
Dogry, mekdepde baýlar barada-da, basmaçylar barada-da, olaryň
zalymlyklary, oba aktiwlerini, mugallymlary, kolhoza girenleri gynap
öldürendikleri barada-da kän-kän gürrüňler eşidilýärdi. Okuwçylarda
olara garşy ýigrenjem döredilýärdi. Ýöne, läşden ýaňa leýs bolup ýatan
bu meýdan Ogulnäzigiň aňyny bulaşdyrdy. Iki oduň arasynda goýdy.
Kim-kim bolanda-da bular ýaly harapçylygy onuň ýaş ýüregi kabul
etmedi. Onda-da aman diläp, uruşsyz-sögüşsiz geçip barýan adamlary
beýtmek... Üstesine olaryň içinde eli gurjaklyja gyzjagazlaram bar
eken-ä... Onuň şol geçegçileri gyrmaklyga buýruk beren adamy tapagada, Süleýman pygamberiň gaşyna eltesi, olaryň nämüçin beýle zalymlyga
baş goşandyklaryny bilesi geldi. «Hökümeti guran adamlar kelleli
adamlarmyşyn diýýärler. Diýmek, ylymly, akylly adamlar bolup, şular
ýaly işler edýän bolsalar... Onda... diýmek... äh-ä-ä... Olaryň kalbynda
pakyrlyk ýok bolmaly. Ine, olaryň birem kakamça ýok».
Kakasy ýadyna düşenden Ogulnäzigiň bokurdagy doldy. Kakasynyň
galanynamy ýa henizem «Ýomut gyrlanyň» täsirinden çykyp bilmänmi,
bir görse, Börem gözüne ýaş aýlap otyr. Nämüçindir indi ýolagçylardanam
21
ses-üýn çykanok. Boýunlaryny sallaşyp, dymyşyp barýarlar. Asyl şol
gün, günuzynam olaryň gürleşip ugurlary bolmady.
***
Kerwen bu gije «Saryk gümmezli» diýen guýa baryp düşledi.
Şol ýerde Manzar aganyň obadaşlaryndan biri bar ekeni. Ol Ýazboldy
daýzany tanap, çagalary bilen bilelikde öýüne äkitdi. Çaýyň gapdaly
bilen saçak doly nan, bir piti gowurdak goýdy. Tabada etli nanam bişirip
berdi. Köpden bäri doýa garyn iýmän ýören çagalar mazaly garynlaryny
ýazdylar. Öý eýesi daň atdygy Manzar aga dagynyň yzyndan «Teke
gümmezlä» gitjekdigini, aňyrujy ýagdaý bolsa alyp geljekdigini aýdyp,
irgözinden ýatdy.
Gün guşluga galyberende-de:
— Bular-a öňümden çykaýdylar — diýip, Manzar aga dagy bilen
dolanyp geldi.
Kakalarynyň düýnkä görä kän gowulaşandygyny görüp, çagalar
begendiler. Ol indi düýnkisi ýaly galpyldap oturanok. Äňem şakyrdanok.
Samranogam. Ýöne az-kem üsgürýär. «Ysgynym ýok» diýýär. Gübürdäp
duran ojagyň başynda hezil edip, burçluja unaş içensoň welin mazaly
özüni dürsedi. Burçak-burçak der bilen derdi-belalaryň barysy çykyp
giden ýaly boldy.
Ugrajak wagtlary ýene-de gar syrap başlady.
Gündogardan öwüsýän çapgyn şemal torgaýlap ýagýan gary güýçli
syrgyna öwürdi.
— Gurbany gitdigim, edil bilgeşleýin edýän ýaly — diýip, Manzar
aga nägile seslendi.
***
Gepiň gysgasy ýagşy. Olar şol gidip oturyşlaryna ýene-de iki gije
ýatyp, öýden çykanlaryna bäş gün diýlende Torlynyň çopançylyk edýän
sowhozyna — Morgala bardylar.
Torly bilen aýaly Äşe ikisi bularyň öňlerinden çykyp garşyladylar.
Tutaklap öýlerine saldylar. Ýazboldy daýza Torlynyň ýedi ýaşlaryndaky
ogly Akmyrady, üç ýaşlyja ogly Döwleti bagryna basyp ogşady.
— Wah, balamyň balalary! Didaryňyzy görmege zar boldum...
Ertesi irden kerwen Manzar aga bilen hoşlaşyp aňyrlygyna — Guşga
tarap gitdi.
22
Agasynyň «jaýyny» görenden Ogulnäzigiň ýüregi gysyp başlady.
Çünki, ol jaý diýip — jaýam däldi. Adam boýy çukur gazylyp, üstüne
çöp atylan ýerkümedi. Iki sany gara öý bar diýäýmeseň asyl guýynyň
başyndaky ähli jaýlaram şolar ýalydy. Bu ýagdaýy Torlynyň özi:
— Aý, biz o guýudan — bu guýa göçüp-gonup ýörmeli bolýas.
Şonuň üçin ymykly jaýam edibilemzok — diýip düşündirdi.
Onuň ýerkümesinde hemmesine bilelikde ýatara-ha däl, arkaýyn
oturara-da ýer tapylmady. Ýatjak wagtlary Torly bilen Manzar aganyň
özem biriniňkä gidip ýatmaly boldular. Manzar aganyň «Torly bize bir
baranymyzdan başymyzy sokar ýaly sümelgejik edip goýandyr» diýip,
ýolboýy edip gelýän tamasy çykmady. Şonda-da onuň özünde müýn
duýman «wala-wala» edip oturyşyny görüp, ogluny birhili göçmeräk,
başarmajak işini diline çolap ýören parlaňküşräk saýdy. Onuň öýünde
özüni diýseň biserişgen duýdy. Ogluna bu häsiýetiň nireden geçendigini
biljek bolup kösendi. Aňyny agtardy. Hakydasyny dördi. «Çagaňam
bolsa tanap bolanok-da, ýa soň üýtgäberýälermi, nämemi...» diýip içini
gepletdi. Demini uludan aldy. «Aý, ýok, bar bolubilşidir şü, muň. Asyl,
Mämmet jan «üýtgemez» diýende, tenine ot degirilen ýaly endamjany lowlap gitdi. Owgan serhedine golaý gelensoň birhili ýüregi,
ýiten oglunyň ýylysyny duýan ýaly, ol hä diýmen bir ýerden çykaýjak
ýaly boldy durdy. Şol ogul hakykatdanam diri bolup, ençeme ýyl bäri
göwnünde gubar baglap ýatan gümanyň kalbyndan müdimilik ýok bolup
giderini Alladan diledi. Şu ýerde birneme gurplanybilse ebeteýini tapyp
Owganystana aşmagy, Käbiliň köçelerini, Hyradyň mähellelerini torç
edip ogluny tapmaklygy ýüregine düwdi. Şular ýaly maslahaty ogul
bolup, aga bolup ozaldan-ahyrda, ýalandan-çyndan agzamandygy üçin
Torlydan kine etdi.
Şol günüň ertesi eýýäm onuň barja umydy puç boldy. Paltasy daşa
degdi. Iş sorap müdiriň ýanyna barsa, ol ýüzüni küsserdip:
— Bu ýeri serhet ýakasy, ýaşuly. Propiskasyz işe almak bolanok —
diýdi.
Manzar aga duran ýerinden aşak çökdi-de, serpmeden gaýdyp
seňselän ýaly, esli mahal ýeňsesini tutup oturdy. Näme diýjegini bilmän
ýaýdandy. Ýoluň beren azabyndanam beter, özüne adam hökmünde,
daýhan hökmünde garalmaýandygy üçin, adamçylyk hatyrasynyň,
ynsanlyk mertebesiniň el ýaly möhürli kagyzça görülmeýändigi üçin
kemsindi. Kiçeldi. «Gel-gel, indi gara zähmetem şeýdip ýalbaryp almaly
23
bolsa bilmedim-dä» diýip başyny ýaýkady, hyrçyny dişledi.
Işlesem bolýa-da näme. Zähmet çeksem bolýa-da näme, ogurlyk
edemog-a men — diýip, edil çaga ýaly özelendi. Emma peýdasy degmedi.
Sowhozyň direktoryna, mal dogtoryna çenli ýalbaryp çykdy.
Bolmady. Haýsynyň ýanyna barsa-da:
— Düzgün şeýle, agam. Indi öňki-öňkülik ýok. Bu hökümet gaty
berk hökümet bi — diýşip, şol bir diýenlerini gaýtaladylar durdular.
— Berk bolsa duşman üçin berk bolmal-a... Men muň öz adam-a...
Men iş soraýan-a... Zähmet çekjek diýýän-ä...
— Bolanok, ýaşuly. Ýokardan görkezme bar.
Torlynyň maslahaty bilen ol Guşga-da gitdi. Ol ýerde-de oňa şolar
ýalyrak jogap berdiler.
— Git-de gaýdan ýeriňden uçýotdan çykyp gel. Milisgeler propiska
etseler işe alarys. Näme alman. Iş kän bizde.
— Ozalam itiň görüminde geldim, çül-çaga bilen. Hiç bolmanda
ýaz çykýança bir iş beriň, soň gidip çykyp geläýerin, uşşotdan.
— Öňürti çykyp gelmeseň bolanok, ýaşuly. Ýaşyl pagonlylar gündegünaşa barlap durlar.
Manzar aganyň: «Sary baýa propiska-da soranokdy... uşşodam»
diýesi geldi. Emma çekindi. Şeýdibem yzyna gaýtdy. Gelip Torla käýindi.
— Bular ýaly ýagdaý bolsa öňünden aýdaýmaly ekeniň-ä...
— Näbileýin-dä, kaka, beýdip ýer depip durjaklaryny. Ýadyma-da
düşmändir meňňä şu zatlar.
Kakasy üçin, o ýere-bu ýere ýüz tutup barmaga welin Torlynyň
gaýraty çatmady. Onsoňam näme, baraýanda-da oňa-da şol bir diýenlerini
diýerler-dä... Oňa Manzar agada düşünmän duranok. Ol öý eýeleri öýde
ýok wagtlary oglunyň emelsizliginden zeýrenip oturan aýalyna-da şeý
diýdi.
— Nätsin-dä o görgüli. Aňyrsy baý atadan, han gyzyndan bolmasa,
dogup-döräli bäri gara zähmetden başga zady bilmese. O bir pukaraçylyk
bilen ýaşlygyndan ýüregi çakylan, öýkeniniň essi giden çaga. Aýda bir
goýun bilen otuz kile un berilýänini bilipdir, şoňa-da şu ýeri dünýäde iň
bir elpe-şelpelik ýerdir öýdüpdir, bizem hiç zady seljerip-seçmän muň şo
gepi bilen göçüp gaýdypdyrys, wessalam! Ine-de, düşen günümiz...
Häliden bäri söýerleriniň ýüzüne çiňňeri-le-çiňňeri-le gürrüňiň
näme hakda barýandygyny ýaňy aňan Ogulnäzik kakasy sözüni
soňlap-soňlamanka dyzjagazlaryna galdy-da, agzyny ejesiniň gulagyna
24
goýlaýlatdy.
— Bir goýun beriň, bir goýun. Bir goýun berseňiz düzederler...
Ýazboldy daýza usullyk bilen gyzynyň budundan burdy.
— Otur, gömül-de! Senden zat soralanok.
Ejesiniň gözlerini ýygy-ýygydan ýumjukladyşyndan, Ogulnäzik
ýakymsyz bir zat aýdandygyny syzdy. Bir düýrmek bolup barmajygyny
dişledi.
Aşaklyk bilen kakasyna seretdi. Onuň «titir-titir» edip ugranyny
görendenem ýeňjagazlary bilen ýüzüni ýapdy. Süýşenekläp baryp ejesine
gysyldy.
Ýüzi ak esgä dönen Manzar aga başyny aşak salyp, öýden çykdy.
***
Ol barybir ýene-de oglunyň gepine gitdi.
— Bolmasa häzirlikçe meň ýanymda gymyldabersene. Işläp
ýöreniňi görseler göz-görtele hakyňy köýdüresleri ýok-la — diýenlerine
gulak asyp, Torla goýun bakyşdy. Guýudan suw çekişdi. Aýalyny,
çagalarynam işletdi. Olaryň biri «zalýatyrlara» seretse, biri goýun
ýatagyny arassalady. Gotur açan geçileriň endamyna krelin çaldy. Agylyň
bozulan ýerini düzedişdirdi. Şol zatlaryň daşyndan Böri Torlynyň eşegine
münüp odun daşasa, Ogulnäzik gelnejesiniň öý-işlerine kömekleşdi.
Döwletjigi göterişdi. Soňabaka oňa edil, bir mahallar gurjagyna öwrenişi
ýaly öwrenişdi. Asyl, elinden goýasy gelmedi. Çaga-da muňa öwrenişdi.
Ejesiniň öňünde otyrka-da ellerini serip Ogulnäzige tarap owsunyberdi.
Ýeke bir Döwletjik däl Akmyradam bulara öwrenişdi. Käte Böri bilen
oduna gitse, käte Ogulnäzige tamdyr towulyk çör syryşdy. «Ene, ene»
diýip, girse-çyksa Ýazboldy daýzanyň bir synyny elinden goýbermedi.
...Düýn-öňňünki başyndan geçiren agyr günlerinden soň, bu,
giň meýdanda ýazylyp-ýaýramak, ulular bilen ir turup giç ýatmak,
Ogulnäzige üýtgeşik lezzet berdi. Eliniň boşrak wagtlary ol alyslarda
galan mähriban obasyna düýbünden meňzemeýän, bu üýtgeşik mekany
ine-gana synlamak üçin, dyrmaşyp daglara çykdy. Gaýanyň çür başynda
guş çagasy ýaly joňkarylypjyk oturyşyna ulgam-ulgam bolup gidýän
baýyrlyklara, şol baýyrlyklar bilen geň suratda aralaşyp oturan, ýüzleri
daraw-daraw, döşleri kesmek-kesmek, ýylçyr gaýaly daglara, keliň
saçy seýrek görünýän ýabany agaçlara uzak wagtlap syn edip oturdy.
Käte geçip barýan keýik ýa gulan sürüsi gözüne kaklyşsa dagy zöwwe
25
ýerinden turup:
— Waý-e-eý... ony... Olary... Waý, olaryň gowujadygyny — diýip,
goljagazlaryny galgatdy. Şonda ol aşakdan seredip duran jigileriniň,
gözüne, al-asmanda pel-pelläp ýören laçyn ýaly bolup göründi.
Agasynyň çöpe bürenip oturan hütdüjegine gözi düşende
bolsa Ogulnäzigiň bar keýpi uçdy. Kakasynyňam ur-tut sümelge
salybermeýändigi üçin gynandy. Torly ikisiniň her gije biriniňkide ýatypturup ýörüşlerini ýatlap: «Ondan-a gowakda ýatanyňam gowudyr» diýip
pyşyrdady. Biriniň eşidäýmeginden ätiýaç edýän ýaly, şolar ýaly-da,
derrew töweregine garanjaklady. Ýerkümäniň içindäki dara-direligiň
ahyr bir gün bir belanyň üstünden eltjekdigini ýüregi syzýan ýaly tisginetisgine dem aldy.
Onuň çaltrak öz gol zähmetine düşýän undan bişirilen çöregi iýip
göresi geldi.
Şonuň üçinem, hak paýlanýan döwre çenli has köpräk işlemek
niýeti bilen, şowlap ýerinden turdy-da, şaglap aşak indi. Gelşi ýalam
bozagandan edilen gaba sübsäni garbap alyp, goýun ýataga tarap eňdi.
Emma, aý aýakda olara ýekeje kilo-da un bermediler.
— Öň aýdyld-a size, ýaşuly — diýip, ýüzlerini kese-kese sowdular.
Başda Torlam, Äşe-de — bir sürüde näçe bolup işleseňem herine
bir adamlyk hak ýazylmalydyr öýdüp ýöntem pikir eden bolsalar gerek.
Manzar aganyňam şeýle pikir eden bolmagy mümkin. Ýöne gep onda däl.
Gep zähmetleriniň ýele gidenliginde. Hak ýazylmanlygynda. Ogulnäzigiň
öz eli bilen gazanan unundan bişirilen çöregi iýip bilmejekdiginde.
Telim wagt bäri üstlerini alyp ýatan lakaşanyň öz üstlerinden bäribärde sowulmajakdyklaryna gözi ýeten Äşäniň göz-görtele üýtgänliginde.
Torlynyň çykgynsyz kyn güne galanlygynda.
Kakasynyň ýüzüni sallap, eli boş haltaly gapydan girenini, erbet
ynjanyny görüp, Ogulnäzik hemmedenem beter gynandy.
— Wahhe-e-eý, wahhe-eý... — diýip, kiçijik eljagazlary bilen
ýakasyny tutdy. Şunça jan bolup oglunyň gazanjyny iýip ýatandyklary
üçin ejesiniň nähili ejir çekýändigini, saçakdaky nana örän kynlyk bilen
el uzatýandygyny, käte bolsa uzynly gün el urman oňýandygyny görüp,
ozaldanam öz etini özi iýip ýören düşbüje çaga, bu bolşy ýüregine
sygdyryp bilmän, bir çete çekilip sessiz-üýnsüz aglady. Özüniň köpden
bäri garaşyp ýören apy-tupanynyň golaýlap gelendigini aňdy.
Äşe göze-başa düşüp barmasa-da, myhmanlaryna eşitdirip26
eşitdirmän, hüňürdemäni çykardy. Sähel bahana tapsa siltenjiredi. Gaýny
daş çyksa — iç girdi, iç girse — daş çykdy. Çaý demlese çäýnegiň
gapagyny şakyrdatdy, saçak goýsa dik duran ýerinden gürpüldedip orta
zyňdy.
— Bellisini bilmän gel diýmeli däl-ä! Gopol ýaly «gop-gop» edip
gopýaň-da, bir zat diýýäň goýberiberýäň, baran ýeriňde — diýip, otursatursa ärine-de igendi.
Olam aýalyna haý-küş, etmekden geçen, gaýtam:
— Näbileýin-dä men beýle boljagyny. Bir aý bäri bile ýatmaga-da
zar bolduk — diýip, gaýtam başga-başga zatlaryň gürrüňini etdi.
Şondan soň onuňam ýüzi agraýdy. Gepi-sözi üýtgedi. Atasy-enesi
bilen gürleşende sowuk-sala gürleşdi. Bir zat diýseler-ä jogap berdi,
bolmasa-da ýeňsesini tüňňerdip dymdy ýördi.
Manzar aga aýaly bilen maslahatlaşyp, her zat etmeli welin, özbaşdak
ýerkümejik edinmeli diýen karara geldi. Ýöne, onuň içinde näme iýipiçmeli diýen mesele-de ýüze çykdy. Şonuň üçinem Manzar aga ölýänem
bolsa oba gidip uçýotdan çykyp geljekdigini aýdyp, şoňa çenli ýene-de
azajyk gaýrat etmegini aýalyndan haýyş etdi.
— Ýöne, oba gaýdyp baraly bir diýme.
Ýazboldy daýza birsyhly gözlerini ýumjuklatdy oturdy.
— Gör-dä...
Şol wagtam Torly bilen bir guýa suwa inýän çopanlaryň biri geldi-de:
— Torly, Guşguda saç-sakgaly ösgün, egin-eşigi ugursyz bir
ýaş ýigide duşdum. Soraşsam: meň ýerligim pylan ýerli diýip, siziň
obaňyzyň salgysyny berdi. Özüm Owganystandan geldim. Baýlara
goýun sürüşip gidipdim, gelibem türmä düşdüm diýdi. Nämüçin düşenini
aýtmady. Men: biziň guýymyzda siziň obaňyzdan biri bar, tanarmyň
diýip, seň adyňy berdim welin, wah, ol-a meň agam diýip, boýnumdan
aslyşdy. Alyp gaýtjak bolsam: öňürti oba bir baraýyn, o ýerde atam-enem
bolmaly. Gaýdalym bäri gözleri ýoldadyr. Eşitseler gözläp heläk bolarlar.
Agamyňka soň, arkaýyn gelerin diýdi. Harjym ýok diýdi, bäş manat
pul berdim. Kakaň dagynyňam bu ýere gelenini bilen bolsam bolaýjak
ekeni... — diýdi.
Manzar aganyň ençeme wagt bäri gün-günden ýere siňip barýan
göwresi gez boýy asmana galdy. Hemişe hüýli ýaly ýere seredip ýören
adam indi:
— Wah, men aňýadym-la! Ýüregim syzýady-la, şu töwereklere
27
geldigim şondan bir derek çykjakdygyny. Bu bir owgan diýlen ýurduň
alkym-a bi! Şol ýerde bir gyrmyldy bolsa bildirip duran ýer-ä bi! —
diýip, göz aýdyňa gelenleriň öňünde bag-bag bolup açyldy. Aglap oturan
aýalynyň ýanyna bardy: — Goý, indi aglama! Oglumyz tapyldy. Indi
Mämmet jan bilen her ýerde-de hor bolmarys Ertiriň özünde ugraryn.
Uşotdan çykaryn. Mämmet janam o ýeriň uşodyndan çykaryp alyp
gaýdaryn. Ony şu ýerde öýlendirsegem bor.
Şunça ýyllap Mämmediň ýoldaşlaryna müňkür bolup gezendigi
üçin ol Alladan ötünç soramanam unutmady.
Şol gün Torlynyň ýerkümejiginiň töweregi toýhana öwrüldi.
Akmyrat bilen Böri garaburun eşege syrtlaşyp goňşy guýulardaky tanyşbilişleriniňkä çenli buşlamaga gitdiler. Torly janly öldürip, gelene-gidene
hezzet etdi. Bulutdan çykan Gün ýaly bolup Äşe-de açylyşdy.
— Tüweleme, maňlaýyňyz zor ekeni, gözüňiz aýdyň — diýip,
gaýyn enesiniň içine giräýjek boldy. Gaýyn atasyna çaýy özi demläp
berdi. Öňünde goýanda emaý bilen goýdy. Ýazboldy daýza aýallygyny
edip bir bada: «Başyndan sowuljagymyza begenýä, mezeň!..» diýip içini
hümledenem bolsa, basym ýazylyşdy.
Hä diýmän, öýke-kine iki tarapyňam ýadyndan çykdy.
Ertesi irden, göçüp gelende aýalyny mündürip gelen eşegine
münüp, Manzar aga göni oba depdi. Öwrenişen mekanyna tarap ýola
düşenini aňan ýaly, eşegem gaýdandakysyna görä aýaklaryny has ýeňil
aldy. Kiçijik toýnaklary dokma kakýan darak ýaly, yzynda enaýyja keşde
galdyryp, göz ilmez çaltlyk bilen ak gar üzre gaýmalaklap gitdi oturdy.
Düýn-öňňünem: «Hiç bolman ýaz bir çyksyn... Oba gideli bir
diýmesene...» diýip, aýalynyň ýanynda buruljyrap oturan agras kişiniň
göwnüne bolmasa, şol, salpy gulak çal eşek Göroglynyň gyr atyndanam
daýaw göründi.
***
Manzar aga ilki öz öýüne bardy. Gapysy edil gidendäki ýapyp
gidişi ýaly. «Weý, Mämmet jan adamsyz öýde oturmaz ahyry» diýip,
öz-özi hümürdendi-de, daşkyrak garyndaşlarynyňka bardy, öňünden
çykanlardan soraşdyrdy, Emma Mämmetden gördüm-bildim bolmady.
Goňşy obalardaky daýy-ýegenleriniňkä çenli aýlanyp çykdy. Ahyram:
«Entek gelip ýeten däldir, ýoldadyr» diýen netijä geldi. Öýüne gelip üç
gün garaşdy. Birdenkä öýde ýok wagtym geläýmesin, diýip, şol üç günüň
28
içinde eşegine ot-suw beräýmese, gapydan bir ädimem daşlaşmady.
Şeýdip bäş gün garaşdy...
Bir hepde garaşdy...
Ahyram başga alaç tapman başlygyň ýanyna bardy. Bar zady bolşybolşy ýaly edip düşündirdi.
— Şoň ýoluna göz dikip gelelim bäri seň ýanyňa salama-da
gelibilmedim. Indem özüň maslahatyny beräýmeseň... — diýdi.
Başlyk şol günüň özünde iki adamy Tejene iberdi. Otly bilen Mary,
Guşgy sebitlerine aýlanmaklaryny, ätiýaçdan şol etraplaryň türmelerini,
organ edaralaryny hem barlap görmeklerini tabşyrdy. Ellerine kolhozyň
adyndan haýyşnama ýazyp berdi. Möhür goýdy. Bilip bolmaz, birden bir
ýerlerde harjysy gutaryp ýatan bolaýmasyn diýip, ellerine ep-esli pulam
berdi.
Üç hepde diýlende olaram «ýitikden» derek tapman geldiler Manzar
aga bu boluşa öňküdenem beter gynandy.
— Gördüm diýen bar, oba gitjek diýenini eşiden bar, näme bolup
bilerkä bu ikortada oňa... — diýip, telim günläp serim-sal boldy oturdy.
Soňabaka göwünlik bermäge gelenlere taňryýalkasyn diýmäge-de
ýaramady. Buz ýaly jaýda bagryny sowuk ýere berip, bäş gün ýatdy.
Altynjy gün diýlende edil «Teke gümmezlidäki» ýaly üşüdip turdy. Äňi
şakyrdady, süňňi gagşady. Bu gezek, goňşy-golamlaryň getirip beren
burçluja unaşlarynyňam, başlygyň ýörite adam iberip, şäherden getirden
däri-dermanlarynyňam peýdasy degmedi.
Ol on gün diýlende zordan özüne geldi. Açyşy ýalam gözüni gapa
dikdi. Gapdalynda oturanlardan:
— Mämmet gelmedimi? — diýip sorady. Biri halyny soramaga gelsede, Mämmet geläýendir öýdüp gobsundy. Öýüň içidigine garamazdan,
gözüniň üstüne elini kölegeledip ýüzüňe çiňerildi. Başga birini görkezip:
«Ine, Mämmet şü» diýselerem ynanaýarly göründi.
Bir günem başlyk geldi. Manzar aga şonda oňa ol ýerde-de özüniň
gaty bir ýerläbilmändigini çekine-çekine aýtdy. Başlyk syrkawynyň
alkymyna dykyldy.
— Manzar aga, öňem sen urşup-sögüşip gideňok. Hälem bolsa
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aý gaýdyp geler - 03
  • Parts
  • Aý gaýdyp geler - 01
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2159
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 02
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2208
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 03
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2239
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 04
    Total number of words is 3679
    Total number of unique words is 2199
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 05
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2256
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 06
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2282
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 07
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2155
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 08
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2101
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 09
    Total number of words is 3609
    Total number of unique words is 2258
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2189
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 11
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2187
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 12
    Total number of words is 1007
    Total number of unique words is 718
    39.0 of words are in the 2000 most common words
    52.1 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.