Latin

Aý gaýdyp geler - 12

Total number of words is 1007
Total number of unique words is 718
39.0 of words are in the 2000 most common words
52.1 of words are in the 5000 most common words
58.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Näme, henizem eňip otyrlarmy?— diýdi.
Men onuň gozganmajagyny aňdym. Yzyma öwrüldim. Jaýa golaý
gelenimdenem, bir diwar «jaýyrt-jaýyrt» etdi-de, iki sany çüýrük tagta
«gülçüldäp» döwüldi. Emele gelen deşikden göm-gök dyrnaklary aýpalta
ýaly ýalpyldap duran ýalaňaç aýak çykdy. Aýak eýesiniň aýagyny yza
çekip alasynyň gelýäni, ýogsam göwresini gymyldadyp bilmän kösenýäni,
ardurja taýak iýýäni bildirýärdi. Ýöne yzyna çekjek boldugy döwülen
tagtanyň gyýçaklary aýagyna çümýärdi-de, derrew yzyna iterýärdi. Onuň
kimiňkidigini bilmän ýaýdanyp durkamam içerden Çöli aganyň:
— E-eý, nan ýagysy... nirä gitdiň ýok bolup? Deşige dogrula-da sal
aýagy içine!.. — diýýän sesi eşidildi.
Men Çöli aganyň aýagyny deşige dogrulajak bolup kän horlandym.
Çünki o-da aňyrda dek ýatanokdy. Garşydaşyna garşylyk görkezjek bolup
hereket edýärdi. O ýan, bu ýan urunýardy, netijede aýagy bir kaddynda
saklamak kyn bolýardy. Ahyram dözümliräk daraýmasaň boljak däl
diýen pikire geldim-de, aýagy gowy edip towladym, dabanyna egnimi
diräbem ras, deşige tarap iterdim welin, içerden Çöli aganyň:
145
— Waý! — diýen sesi eşidildi. — Aý, tersine gaňryp döwdüň
aýagymy.
Hasyr-husur beýlesine öwürdim welin, aýagyň öz-özi deşigiň içine
girdi ötägitdi. Şondan soň bir «tark» boldy, yz ýany bilenem Selim aga
ganyny tasadyp çykdy. Onuň yzyndan eli ganjaryp duran gara taňkaly
Çöli aga göründi. Ýöne kowalamady. Hol ýere baryp çommalan Selim
aga garap:
— He-eýt.. — diýdi-de, elindäki taňkany bir gyra oklap goýberdi.
— Seňki ýaly salpy gulak eşek däl ol: el ýaly nan üçin beýderiň ýaly...
Ýa aç öleniň bamy?..
Gaty ýadan bora çemeli, Selim aga sesini çykarmady. Öňküsindenem
iki esse dagy ulalan gözlerini mölerdip, «hassyldady» oturdy. Köýnegini
çykaryp kellesiniň ýarylan ýerini daňdy.
Ýokardan Baky aganyň sesi eşidildi.
— Indi goýarlar. Gan çykdy dämi birinden? Indi goýarlar.
Ol muny maňa diýýärdi.
Hawa, «at eşegini» Çöli aganyň özüniňem kemje-kerdem
görmeýändigine men şonda göz ýetirdim. Bu bolan geň waka barada oba
baryp, deň-duşlaryma gürrüň bermäge howlukdym.
Emma üçünji gije — iň soňky gije bir waka welin meniň «at eşege»
bolan garaýşymy düýbünden üýtgetdi duruberdi.
Şol gije bagşymy, oýunmy ýa konsertmi, garaz, bir tomaşa-ha gelen
bolsa gerek, biziň guýudakylaryň hemmesi goşy maňa taşlap, goňşy guýa
gitdiler. Gitjek wagtlary:
— Sen ýatmankaň geleris. Gorkma-da oturyber. Ýatakdanam
arkaýyn bol. Itler agyla gara goýbermezler — diýdiler.
Olar gidendenem ýagyş çisňäp başlady. Hä diýmänem güýçli çabga
öwrüldi. Niredendir bir ýerlerden möjegiň sesi eşidilen ýaly boldy. Men
obada kä gijeler daş çykanymda şagalyň sesini eşiderdim. Emma bular
ýaly çölde galyp, onda-da ýeke galyp, möjegiň sesini eşitmändim. Ýöne,
bäş-alty sany mähnet goýun iti daşymda gala bolup durka golaýyma
aňsat-aňsat möjek gelip bilmejekdigine aklym çatýardy.
Çopanlaryň aýtmaklaryna görä, möjegem edil, çopan-çolugyň
aljyraýjak wagtyny, gaýly, tupanly, şular ýaly ýagyşly gijeleri
peýleýärmişin.
Häzir goýunlaryň ýatakdalygam bir gowy zat. Ýogsam, kakam
dagynyň aýdyşy ýaly bularam ýagşyň ygyna tarap tar-tar bolup
146
gidibermelidiler. Şeýdip bir yňyp ugransoňlar bolsa, buýup öläýmeseler
ýa ýagyn goýmasa saklajak gümanyň ýok.
Men ähli zada gözegçilik etmek üçin jaýa däl-de, merthananyň içine
girdim. Ody uludan gallap, kakamyň içmeginem egnime atdym. Atyp
bilmesemem tüpeňi getirip, gapdalymda goýdum.
Möjegiň sesi indi aýyl-saýyl eşidilip başlady. Kem-kemdenem
golaýlaşdy. Golaýlaşdygysaýam ynjalygym gaçdy.
Itleriňem ynjalygy gaçdy öýdýän, ýygy-ýygydan, batly-batly
üýrmäge başladylar. Sesleriniň kä bir ýerden, käte o ýerden çykyşyndan
bir üýşüp, bir çaşyp, başagaý bolýandyklaryny aňmak bolýardy.
Şondan soň möjekleriň sesi sabaşdy. Şeýle-de bolsa tä ýagyş
goýýança aram-aram, ondan-mundan, üzlem-saplam eşidildi durdy.
Birdenem merthananyň agzynda süllümbaý ezilen, durşy bilen
palçyk bolup duran egbar bir hor eşegiň soluksy ýüzi göründi. Oduň
ýagtysyna «ýylt-ýylt» etse-de, onuň gözlerinde ruh ýokdy. Tüýleriniň
uçlaryndan joralanyp suw akýardy. Boýnuny sallap gelşine tumşugy bilen
ýer süsňeýärdi. Ýirilen burunlary bolsa hapa palçykdan ýaňa dykylan
ýalydy
Ol «aýyplaşmaweri» diýýän ýaly, ýüzüme naýynjar seredip,
merthanadan boýnuny uzatdy. Soň öň aýaklary bilen ätledi. Oda
golaýlaşdy. Men diňe şondan soň onuň öz «at eşegimizdigini» bilip
galdym. Ýerimden turdum. Ýel-ýagyşa buýandyr öýdüp üstüne köneküşül atyşdyrdym. Ody güýçlendirdim. Daýanar öýtdüm. Ol bolsa
gitdigiçe enjarsyzlandy. Edil, Selim aga gapyrgasyna urandakysy
ýaly egreýdi. Gyşardy. Ýegşerdi. Kem-kemdenem kiçeldi. Şol belent
göwrede, haýbatly bedende şol wagt çigidiň gabygy ýalam güýç, kuwwat
görünmedi.
Şol wagt ýene-de bir ýerlerde çöl gurdunyň hökmürowan sesi
ýaňlandy welin, «at eşegiň» soň oturdylan ýaly iki ýana hallan atyp duran
gulagam «patda» aşak ýatdy-da, hersiniň ujundan daş asylan ýaly iki
gulagyndan aşak sallandy duruberdi. Özem şeýle bir galpyldaýar welin,
gözüň gyýyp garar ýaly däl. Möjegiň sesi soňky gezek gaýtalanandan
soň onuň art aýaklarynyň arasy açylyp ugrady. Şol barmana arasyny
kesip-kesip, ysgynsyzlyk bilen siýdikläbem başlady. Çatalbalary bolsa
açyla-açyla çatyny aýrara getirdi. Bir görsem oň aýaklaram şeýdip barýa.
Ahyram garny ýere degdi-de, ýer bagyrtlap ýatyberdi. Boýnunam uzatdyda, eňegini ýere goýdy. Gulaklary dagy gawunyň güne gurap towlanan
147
paçagy ýaly batga bulaşyp ýerde ýatyr. Şo-ol, obadaky eşek baryna gün
bermän ýören «haňňy at eşekdir şü» diýseň adam ynanar ýaly däl.
Men ony turuzjak boldum. Bolmady. Ýerinden gozganmadam.
Gaýtam gitdigiçe ýere siňdi gitdi oturdy. Erbet keselländir ýa ýaramaz ot
iýendir öýtdüm. Gaýdyp galmaz öýdüp gorkdum. Çünki ulularyň: «eşek
bir-ä kesellemez, keselläýse-de galmaz» diýenlerini köp eşidipdim.
Gije ýarymdan agyberensoň çopanlar gaýdyp geldiler. «Bäh, ýagyş
ýagaýan ýaly-la how, bi ýere» diýip geňirgenişdiler.
Görüp otursam tomsuň başky aýynda diýseň seýrek bolýan bu ýelli
ýagyşyň ýoly diňe biziň goşumyzyň üstünden geçen ekeni. Ýogsam bu
ýerde meniň ýeke özümkäm çopanlaryň o ýerde arkaýyn meýlis edip
oturmajakdyklary belli ahyry.
«At eşegiň» bolup ýatyşyny görenden Çöli aga: «Wah-wah! Muňa
näm bolduka? Näm boldy how, muňa, ýegen?!.» diýip, oda-köze düşer
öýtdüm. Emma ol başyny ýaýkap hyrçyny dişledi-de:
— Haý, bigaýrat!.. — diýip, endigine görä erbet sögündi. — Möjegiň
sesini eşidendir bi...
Bar zat düşnükli boldy.
Şondan soň meniň oňa «at eşeg-ä» däl, ýönekeýje eşek diýmäge-de
dilim barmady.
Şonuň üçinem onuň guma bulaşyp ýatan çalajan gulaklaryna tarap
çalarak egildim-de, Çöli aga eşitdirmezlik üçin ýuwaşlyk bilen: «Biz-ä
saňa «at eşek» diýip ýördük welin, sen-ä asyl eşegem däl ekeniň-dä,
eşşek ekeniň. Hawa, hawa, bir «ş» bilen däl-de, iki «ş» bilen ýa-da
guýrukly «ş» bilen ýazylan eşşek ekeniň...» diýdim. Gaýrarak çekilägede, ýüzüne-de tüýkürdim. Arkaýyn ukyny urmak üçinem, merthanadan
çykyp, tagta jaýa tarap ugradym.
Ertesi irden kakam bardy. Men oba gaýtdym. Emma her näçe
özelenselerem, men oglanlara «at eşek» barada hiç zat aýtmadym.
Aýdasym gelmedi. Olaryň at saýyp ýören eşekleriniň eşşek ekendigini
eşidip gynanmaklaryny islemedim.
1992 — 1993.
148
Mazmuny
Ömür dowam edýär..................................................................3
Ir düşen bahar.........................................................................40
Remezan aýlary......................................................................58
Arpa dänejikleri.....................................................................67
O gelinler indi ýok.................................................................74
Köne ýurtda............................................................................81
Açlyk ýyly..............................................................................83
Ellik........................................................................................89
Ynjaldy...................................................................................93
Kepderiler...............................................................................96
Tebip.....................................................................................100
Watan....................................................................................103
Bizi çagalarymyz terbiýeleýär..............................................106
Öz ýüzüňize-de bir serediň...................................................109
«Okumyşlygyň» peýdasy......................................................114
Hudaýyň öýi nirede?.............................................................119
Aý gaýdyp geler!...................................................................125
Çakylyk.................................................................................129
Eşşek.....................................................................................141
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Aý gaýdyp geler - 01
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2159
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 02
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2208
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 03
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2239
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 04
    Total number of words is 3679
    Total number of unique words is 2199
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 05
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2256
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 06
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2282
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 07
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2155
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 08
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2101
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 09
    Total number of words is 3609
    Total number of unique words is 2258
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2189
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 11
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2187
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 12
    Total number of words is 1007
    Total number of unique words is 718
    39.0 of words are in the 2000 most common words
    52.1 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.