Latin

Aý gaýdyp geler - 04

Total number of words is 3679
Total number of unique words is 2199
29.0 of words are in the 2000 most common words
41.6 of words are in the 5000 most common words
48.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýörendigimden bihabar, şol arzyly ýyllar hakynda men has köpräk pikir
edýän ýalydym.
Medpunkta gatnaý-gatnaý getirýän sprawkalarymdan ýaňa klas
žurnalynyň galňap gidendigine garamazdan, okuwdan çykdygym
ýene-de şol dermanyň ysy kükäp duran jaýa tarap ýönelenimi bilmän
galýardym.
Belki, şonuň üçindir, soňabaka men Swetlanany ýeke bir Amanguly
dükançydan, Sylap şopurdan ýa Hydyrguly mugallymdan däl, yşk derdini
özüm bilen deň-derman çekişip ýören deň-duşlarymdanam gabanyp
ugradym. Olaryň birinden-biri Swetlana barada sähelçejik gyşyk gürrüň
edäýse-de, ýaka tutuşmakdanam gaýtmadym. Üýşmeleňlerine-de
barmadym. Oduna gitmämem, ot ýygmamam goýdum. Men edil gözüniň
alnynda ýatan haýsydyr bir gerekli zadyny tapman, kösenip ýören huşy
kem adam ýaly, obamyzyň ortarasyndaky medpunktdan gije-gündiz
girip-çykyp ýören mele gulpakly gyzy gözläp kösenýärdim. Aldajy ýaly
algyr hyjuwyň derdinden gijeler tä daňdana çenli uklap bilmän, iki ýana
gorsanyplar çykýardym.
Meniň bu bolup ýörşüme dözmän, deň-duşlarym Swetlanadan el
göterdiler. Galamlaryny çommaldyşyp ýene-de edil öňküleri ýaly oba
gyzlaryna hat ýazmaga başladylar.
Göwnüme bolmasa, Sylap şopur, Amanguly dükançy, Hydyrguly
mugallym baradaky gürrüňlerem ýatyşan ýaly boldy.
Men bolsam sypyndygym medpunkta tarap ylgardym. Öňkülerim
43
ýaly ýoldaşlarym bilen däl-de, ýekebara-da baryberdim. Bardygymsaýam
Swetlananyň öňünde özümi oňaýsyz duýup başladym. Gitdigiçe-de
sussum peseldi. «O ýerim agyrýa, bu ýerim agyrýa» diýe-diýe, soňabaka
agyrýa diýere ýerim galmady. Üstesine bilýänje sözlerimem gutardy. Her
gezek barşym ýaly jygyldawuk stuluň üstünde çöküp näme diýjegimi
bilmän, gultunyp oturmakdan başga alajym galmady. Swetlananyň käte
bir berýän sowallaryna «da» ýa-da «nit» diýmäge-de göwrämde kuwwat
tapylmady.
Içki harasadymdan bihabar o-da gaýtam: «Çto s toboý sluçilos? Ty
že byl şustrim parnem...» diýip ýaramyň üstüne duz guýýar. Öňkimdenem
beter kyn güne salýar. Adam pahyr çekinýäniňi, utanýanyňy bildirmejek
boldugyňsaýy öňkiňdenem beter bulaşar ekeniň. Sesiňem, edýän
hereketiňem, özüňki bolmaz ekeni.
Hawa, gün-günden güýjäp barýan ýigitlik hyjuwy meni edil
tüweleýiň içine düşen ýeňiljek sypal deý gaýdyryp, pyrlandyryp,
soňabaka bimahal çaglaram, gijede-girimde-de medpunktuň gapysyndan
eltiberdi. Penjiresine-de golaýladyberdi. (Swetlana medpunktuň içinde
ýaşaýardy hem. Diňe ertir dynç güni diýlende şähere ýatymlyk gidýärdi.)
Süýem barmagymyň tirsegi aýna degjek-degjek boluberende-de, heniz
süňňümden doly çykyp ýetişmedik çaga çekinjeňligi ýeňimden çekip,
elimi usullyk bilen aşak salladýardy.
Şol iki güýjüň arasynda aýylganç, ýowuz göreş gidýärdi. Ikisiniň
arasyndaky barha ulalyp barýan äpet ýalyn bolsa meni ýakyp-ýandyryp,
alyp barýardy.
Ahyram ýigitlik hyjuwy rüstem geldi.
...Ýadyma düşýär, iňrik ýaňy garalyp ugran çaglary öýden çykdymda, göze ilmezlik üçin çolarak ýerler bilen aýlanyp, öwrülip, medpunkta
bardym. Gapa egnimi ýaplap uludan demimi aldym. Sag ýumrugymy
düwdüm-de, süýem barmagymyň tirsegini gapa golaýlatdym. Birdenem
ýüregim çalt-çalt urup başlady. Elimi yzyna çekdim. Soň ýene
golaýlatdym. Ýene çekdim. Ahyram çep elim bilen işigiň ergeneginden
berk ýapyşdym-da, ysgynsyzlyk bilen gapyny kakdym. Gulagymy
goýup diňşirgendim. Ýuwdundym. Bir gelen ýoluma, birem gapa tarap
delmuryp durşuma bir-de gapynyň çaltrak açylyp, janymy alyp barýan
derdeseriň basymrak başymdan sowulmagyny, bar zadyň basymrak
birýüzli bolaryny islesem, bir-de entek abraý atly ak donum egnimden
gaçmanka, bu melamatly gapydan basymrak arany açmaklygy, özümi
44
tüm garaňkylygyň içine urup, gelen yzyma tarap ýok bolup gitmekligi
küýsedim. «Ýok bolubilseýdir, ýok bolubilseýdir» diýen duýgynyň
beýnimde ala-zenzele turuzýanam, dilkaw-dilkaw ýiti şöhleleriň göz
öňümde iki ýana «ýalp» berýänem edil häzirki ýaly ýadyma düşýär...
Birdenem...
Birdenem gapynyň açar sokulýany «şykyrt-şykyrt» etdi. Men
ogurlykda tutulan ýaly töweregime garanjakladym. Gaçmaga synanyşdym.
Ýüregim agyr-agyr sarsdy. Gözlerimiň öňündäki şöhleler ýok bolup,
onuň ornuny tümgaraňkylyk eýeländenem, gapy bir garyş ýaly açyldy-da,
yşyndan bir tutam tylla deý sary saç göründi. Ergenekden ýapyşyp duran
elimiň ysgyny gaçdy. Jaýyň içine tarap agyp gaýdybermekden gorkup,
sag elimem söýä diredim. Oňa çenli gapy ýene-de birazrak açyldy-da,
bulutdan çykan aý ýaly bolup, Swetlananyň sary erik deý meňzi göründi.
Maňa gözi düşenden olam birhili boldy. Bir zatlar diýjek bolýan ýaly
dodaklaryny gymyldatdy. Boýnuny burup gözlerini gypyrjyklatdy... Eli
bilen ýarym açyk ýakasyny ýapdy. Ýene-de oglanlar bolup bezzatlyk
edýän bolaýmasynlar diýendir-dä... Ökjesini galdyryp egnim üstaşyry
köçä seretdi. Şondan soň süýjümtik bir nazar bilen ýüzüme ýaňadandan
bakdy. Üstümden gülenem bolsa bilemok, çalaja ýylgyrdy. Ýöne sesini
çykarmady. Duruberdi işige söýendi-de. Agşamyň sergin şemaly degende
çözlengi saçlarynyň galgap-galgap gidişi, uçlarynyň ilki meniň ýüzümi
sypalap, soňam derçirän ýaňaklaryna, maňlaýyna ýelmeşişi, onam
barmaklarynyň ujy bilen sylypjyk goýberişi ýa dodajygyny şo tarapa
gyşardyp üfläpjik goýberişi welin, halys janymy alyp barýar. Ýüregim
eräp, göwräm ýanan şem ýaly ýere siňip barýar.
Bu bolup durşum Swetlananam juda geň galdyran bora çemeli.
Çünki, göwnüme bolmasa, ol gözlerini tegeledi-de: «Ty çto, wypil çto
li?» diýäýen ýalam bolup dur.
Ahyram, sypjyrygy bireýýämler bitip giden barmagymy
çommaldanymy çalaja bilýän. Içerik nädip girenimi, derman çalynýan
ýere nädip baranymy, jygyldawuk stuluň üstüne nädip çökenimi welin
bilemok.
Bir görsem barmagym saralgy. Penjiräniň öňünde bolsa onluk çyra
ýanyp dur. Meniň gije-gündiz arzuw edip, ýetibilmän ýören Swetlanam
bolsa, gabat garşymda, şol bir mähriban bakyşy bilen, şol bir enaýy
ýylgyryşy bilen ýüzüme seredip otyr.
«Nämüçin geldiň?» diýip welin soraýanok. Gykylygam ediberenok.
45
Şoňa-da şükür edip otyryn. Turup ötägidiberere bolsa gurbum çatanok.
Gepläbereýin diýsem bolsa dil bilemok. Öňküje, däljikläp diýýän
zatlarymyzy bolsa diýesim gelenok. Çünki men bu wagt bu ýere «üç
günlük sprawka» üçin ýa iki barmak «naprawleniýe» almak üçin gelemok.
Bu wagt meniň niýetim, küýüm başga. Hydyrguly mugallymyň sapak
wagty aýdyşy ýaly, «programmam» başga. Halys aljyrap oturyşyma
onuň: «Tur! Ýok bol! Göteril şu taýdan!..» diýip gygyraryny, ýeňsämden
südenekledip, jaýdan çykararyny isledim. Emma ondan ojagaz tamamam
çykmady. Gaýtam oty-yr, possujak elleri bilen käte bir ýumşajyk
ýaňaklaryny sypalap.
Uçursyz kyn güne düşdüm. Birdenem tutuş göwräm bilen galdyrap
başladym. Tomsuň günüdigine garamazdan, inim üşütdi. Tikeçlerim
biri-birine degip, agzymyň içinde ala-şakyrdy turuzdy. Gezek-gezegine
ýere degip, otagyň içinde tozan baryny turuzýan aýaklarymy saklajak
bolup, aýalarym bilen iki dyzymyň üstünden basyp oturyşyma gözlerimi
agdar-düňder edip Swetlananyň ýüzüne seretdim. Ol meniň halymy ýaňy
aňan ýaly garbap goşarymdan tutdy. Tutuşy ýalam syçrap ýerinden turdy.
Ýüzüni ak tam edip iki ýana garanjaklady.
— Bože moý, ty že bolen!.. — diýip pyşyrdady-da, elimden tutup
şähere gitmedik günleri ýatyp-turýan insizje, törki jaýyna geçirdi. Üsti
ak mata bilen örtülgi ýaýly krowadyň üstünde oturdyp, goltugyma
gyzgyn ölçenýän guralyny gysdyrdy. Ýaraman, delalat isläp gelen
adama betgüman bolandygy üçin öz-özünden utanýan ýaly süýem
barmagyny dişläp, iki ýana keýerjekledi. Ylgap gidip bir bulgur suw
getirdi. Içirdi. Ak tam bolan ýüzüme ýiti-ýiti seretdi-de: «Nawernoýe
nado pozwat skoruýu...» diýdi. Gapa tarap topulandanam men ellerimi
serdim-de: «Ni-i- -it!..» diýip jynssyz gygyrdym. Ol sakga durdy.
Bärsine öwrüldi. Bir bökende ýanyma geldi. Gabat garşymda dikejegine
çökdi. Bir elini dyzymyň üstünde goýdy-da, beýleki eliniň aýasy bilen
maňlaýymy, duluklarymy elledi. Gözlerimiň içine çiňerilip-çiňerilip
seretdi. Goltugymdaky guraly ýyldyrym çaltlygynda sogrup aldy-da,
gözleriniň önüne eltdi. Diňe şondan son agyr howpdan sowulan adamyň
süňňügowşaklygy bilen başyny aşak sallady-da: «Owf, slawa bogu...»
diýip, ýaňadandan ýüzüme seretdi. Ýerinden turdy. «Ah, kak ty napugal
menýa, a?» diýip üstüme egildi. Şonda onuň çözlengi saçlarynyň ujy
ýene-de ýüzümi ýelpäp gitdi. Ýakymly zenan ysam burnuma urdy-da,
süňňüme öňki gowuşgynlyga-da meňzeş bolmadyk, nähilidir bir nämälim,
46
süýjümtik lezzetiň humary aralaşdy. Synalarym göz-göz bolup barýanam
bolsa, göwrämiň bir ýerinde gurp göründi. Göwnüm galkdy. Ýüregim
ersdi. Kuwwatlandym. Galpyldymam galdy. Häliden bäri duluklarymy
«lap-lap» gyzdyryp, gabaklarymy ýerden götertmän duran agyr perde-de
ýüzümden sypyrlan ýaly boldy. Galan ömrüme, zenan bilen ikiçäk galan
pursatym, özümi nalajedeýin ýa batyrgaý alyp barjakdygymy kesgitleýji,
aýgytly pursat geldi. Men ýa-ha tä çykyp gidýänçäm şu oturyşyma, ýere
bakyp, çym-gyzyl bolup oturmalydym, ýa-da...
Men başymy galdyrdym. Henizem üstüme eglip duran Swetlananyň
ýakasyndan görnüp duran ter mämelerine, ak alkymyna, kä ýeri jugrajugra hal bolup duran tämiz boýnuna, gülgün öwsüp duran ýaňaklaryna,
dykyzja dyzlaryna, boldumly butlaryna, tekizje topuklaryna göz açypýumasy salym syn edip oturdym-da, gyz tarapa ýyldyz deý süýnüp giden
ýüregimiň ýelginine laňňa ýerimden galdym-da, sen-men ýok, boýnundan
aslyşdym. Ululygy bolaýsa arakesme wagty «kişmiş» oýnaýan kiçijik,
daşy rezin gatyşykly gytyksy, akja matadan edilen, gatyja pökgimizçe
barly-ýokly, dykyzlygam bolubilse şonçarak, uçlary dürteripjik duran
ter göwüsleri kükregime degendenem süňňüme henize çenli özüme
mälim bolmadyk, ýakymly agraslyk aralaşdy. Häliden bäri agzymdan
çykara gelip duran ýüregimiň üsti süýjäp-süýjäp gitdi. Böwedi ýarylan
sil ýaly endamymdan şaglap çykan derimi daş-töweregime seçelendirip
durşuma Swetlananyň ýüzünden, gözünden emelsizlik bilen ogşadym.
Birdenem egnimden biri çekäge-de: «Eý, nädip dursuň-e-eý...» diýen
ýaly, «has-has» edip yza çekildim. Agyr düýşden oýanan ýaly, eden işime
ökünip aşak bakdym. Utandym. Swetlananyň gözlerinden gizlenmek
üçin ýüzümi iki ýana sypajaklatdym. Onuň hemişekileri ýaly: «Ah, ty
huligan!...» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyraryna, eline ilen zady aýlap,
bu ederini bilmez bikemal başymdan salaryna garaşdym. Bir bökende
jaýdan çykyp, içl çöp-çalamdan doly garaňkylyga siňmek üçin, açyk
duran penjirä tarap topuldym.
Emma gyz goýbermedi. Elimden şapba tutdy-da: «Sadis» diýdi.
Oturdym. Özem oturdy. Aşak bakdy. Dodaklaryny dişläp uludan demini
aldy. «Oý, ne mogu...» diýip, elleri bilen ýüzüni tutdy. Şeýdip ep-esli
oturansoň usullyk bilen ýöräp gitdi-de, «şykyrt» etdirip daşky gapyny
içinden ildirdi. Gelip äpişgäni ýapdy. Tutusyny çekdi. Soň ýene-de
ýanyma geldi. Gapdalymda oturdy. Ýüzüme seredip ýylgyrdy. Dermanyň
ysy gelip duran ýumşajyk, mähirli elleri bilen ýene-de başymy sypalady.
47
Maňlaýyma düşüp duran saçlarymy barmaklary bilen darap, yzyna
gaňtardy. Süýem barmagynyň uçjagazlaryny ýaňy bir garalyp ugran
murtjagazymyň üstünden ýöredibem bir enaýy owaz bilen:
— Na kakom klasse ty uçişsýa, malçik?.. — diýdi.
Bu sorag maňa: «Sen kim, men kim? Hetdiňi tanasaň bolmadymy?»
diýen manyda eşidildi. Göwnüme şol wagt Amanguly dükançy gapydan
giräge-de, goltugyndan bir çüýşe «şampan» çykaryp stoluň üstünde
goýaýjak ýaly, birdenem maňa gözi düşüp: «Ehe-he-ýeý, bujagazy» diýip,
hahahaýlaberjek ýaly bolup duýuldy. Meniň şu bolup oturyşym hakdaky
gülküli gürrüňler bilen, Sylap şopuryň oba adamlaryny, Hydyrguly
mugallymyň mugallymlary gülüşdirip durşy göz öňüme gelende bolsa,
öňkümdenem beter aljyradym. Meniň ýerimden turaga-da: «Men çaga
däl! Okuwçam däl! Men mekdebi bireýýäm gutardym. Özümem üç ýyl
bäri pylan ýerde işläp ýörün» diýäýesim geldi. «Näme iş edýäň?» diýip
soraýsa dagy pylan iş edýän diýer ýaly, aňymda özüme borluk kärjagazam
agtardym. Hiç bolmanda onunjyda okaýan diýesim geldi. Emma nädip
diýjek? Kimiň edil haýsy klasda okaýandygyny bilmese-de, mekdebiň
okuwçylarynyň barysyna ol bäş barmagy ýaly belet ahyry. Şonuň üçinem
men her näçe kynam bolsa:
— Dewýatym klasym... — diýip, dogrujamy aýtmaly boldum.
Bokurdagymy arçadym. Uly adamlaryňky ýaly elimi agzyma eltip,
gysymyma üsgürindim.
Bolsa-da şondan soň Swetlana hiç hili sorag bermedi. Gaýtam şeýle
bir ýumşajyk, şeýle bir mähirli aýasy bilen maňlaýymdan sypalap:
— Çego ty tak ýežişsýa? A? Nu-ka, podnimi golowu. Ty že uže
mužçina, wzroslyý çelowek... — diýdi.
Diýen sözleriniň hemmesine düşündim. Edil türkmençä düşünişim
ýaly düşündim. Şol iki agyz hoş söz meni göz açyp-ýumasy salymyň
içinde oglanlykdan saýlady. Uly adamlaryň hataryna goşdy. Şonda men
özümi ilkinji gezek çaga däl-de, bu dünýäniň ähli aladalaryna, ajysynasüýjüsine hemmeler bilen deň derejede şärikli, hakyky adam hasap etdim.
Ruhy taýdan kämilleşdim. Ýigit çykdym. Oba arasynda telpegini gyşyk
geýip, gaýşarylyp gezýän jahyllar bilen egin deňleşdirip, bir köçeden
ýöremäge özümi hakly-hukukly saýdym.
Birdenem Swetlananyň possujak dodaklary ýaňagymy daglap
goýberdi. Soň ýene... Ondan soň ýene-de.... Ýene-de...
Bar zat edil düýşdäki ýaly boldy. Ýol açyldy. Men ýa, alla diýdim48
de, özümi gyzyň gujagyna ýaňadandan okladym. Ýöne bu gezek başkym
ýaly oglan bolup, çal beýni çaga bolup däl-de, kämil bolup, jahyl bolup
okladym...
...Elbetde, şol döwürler deň-duşlarymyň ýanynda agzyboşluk
edip aýdyşym ýaly: «Olam meni daşymdan söýüp ýör ekeni, bararyma
garaşyp ýör ekeni» diýip, men siziň öňüňizde-hä ýalan sözläp biljek
däl. Rastymy diýjek. Ol maňa öňden aşyk ekenimi, ýa baranymdan soň
aşyk boldumy, ýa bolup oturyşyma dözmän, oglan göwnümi ýykmazlyk
üçin göwnüm üzre agypmy, onçasyny biljek däl. Ony men şu çaka çenli
özümem bilemok. Belki, Swetlananyň özem bilýän däldir. O hakda biziň
aramyzda gürrüňem bolanok. Belki, bolmalam däldir. Belki, düşündirmek
geregem däldir. Belki, bu bir mukaddes syrdyr, Belki, bu syr syrlygynada galmalydyr. Belki, şeýledir, belki-de, şeýle däldir, onçasyny bilemok.
Men diňe Swetlananyň meni gara ýerden garbap alaga-da, gök asmana
tarap uçuryp goýberenini bilýän. Başga zady bilemok.
Hawa, men şol gezek oglan bolup giren gapymdan jahyl bolup
çykdym. Gögele bolup giren gujagymdan kämil bolup çykdym.
Ýöne hemme zat terligine, tämizligine galdy.
Hemme zat şol günüň ertesem, birigünem, soňky günem, soňkusy
günem terligine galdy.
Men her gije gün ýaşyp, iňrik garalandan soň şol bir gelýänje çolaja
ýollarym bilen aýlanyp, öwrülip, orta atylan ak aşyk ýaly obamyzyň
ortarasynda agarypjyk oturan çaklaňja jaýyň gapysyndan barýardym.
Gapyny eda bilen kakýardym. Iki gezek eşidilýän ýoňsuzja «şykyrdydan»
soň bir sereden sähel gowrak açylan gapydan ýantaklap girýärdim.
Girişim ýalam maňa garaşa-garaşa gözleri ýolumda galan mele gulpakly
gyzyň gyzgyn gujagyna dolýardym.
Şondan soň uzynly gije men oňa obamyz, obamyzyň adamlary,
gün-güzeranymyz, däp-dessurlarymyz, edim-goýumlarymyz hakda
heziller edip gürrüň bererdim. Öz gezeginde olam dogduk mekany
alyslarda galan Kuban sähralyklary, urşuň ýowuz ýyllaryna gabat gelen
çagalyk döwürleri barada gürrüň bererdi. Kakasynyň uruşda, ejesiniň
şähere bomba düşende ýogalandygyny, özünden uly gyz doganyny bolsa
ýitirendigini, onuň niredediginden heniz-henizlerem bihabardygyny,
ýöne tä, ömri ötinçä gözlejekdigini aýdyp ugranda bolsa gözlerinde ýaş
görünerdi. Sähelçe wagtyň içinde öýden-öwzardan, ata-eneden, mähriban
dogandan aýrylyp ýetim galandygy zerarly çagalar öýünde önüp-ösmeli
49
bolandygy üçin gamlanardy. Birdenem başyny silkip goýbererdi-de:
«Dawaý-ka, ostawim eti razgowory, a to kak-to skuçno» diýerdi we
şowhunly, şadyýan gürrüňlere başlardy. Tow berilýän patefonyna kart
goýup, iň eý görýän aýdymlaryny aýtdyrardy. Gözlerini süzüp, ellerini
hereketlendirip, sessiz-üýnsiz diňlärdi. Menem diňlärdim. Käte-de
ýerinden turardy-da, öýüň içinde aýlanyp, öwrülip, tans edip ugrardy.
Elimden çekip turuzardy-da, menem pyrlandyrybererdi. Emelsizlik bilen
aýagyny basaýsam dagy: «Oý, oý...» diýip, hezil edinip gülerdi. Ýalandan
torsarylan bolup: «Kakoý ty bezpomoşşnyý. Wot budet woskresenýe, ýa
tebe wozmu w gorod i, nauçu tam tebe kak sleduýet tansewat» diýerdi.
Menem näbelet sazyma aýagymy goşubilmän ýörşüme: «Haraşo!
Poýedim gorot. Ýa haraşo tansowal uçit...» diýerdim.
Şonda biziň ýaşymyzam, boýumyzam, hatda hüý-häsiýetlerimizem
edil bir obanyň terbiýesini alan çagalaryňky deý deňleşýärdi. Şonda biz
biri-birimize düşnüksiz, aýry dilde gepleşýändigimizem unudardyk.
Aslynda, göwünler alşyp, ýürekler biri-birine atygsan wagty dil diýlen
zat dagy geregem däl ekeni.
Hawa, her näçe öwrenişsegem ol meniň ilkinji gezek gelip gapyny
kakyşym, aljyrap otagyň ortarasynda ala-güpürdi bolup oturyşym barada
dilini ýaranokdy. Menem ýaramokdym. Her näçe sorasym gelip, içim
byjyklap barýanam bolsa, «sen şol gezek mendigimi bilip açdyňmy, ýa
kim bolsa şol bolsun diýip açaýdyňmy?» diýibem sorap bilemokdym.
Hydyrguly mugallymyň söz aýdandygy ýa aýtmandygy barada hem,
Sylap şopurdyr Amanguly dükançy baradaky gürrüňleriň çyndygy ýa
ýalandygy barada hem sorap bilemokdym.
Nädip soraýyn? Ýok, nädip soraýyn däl-de, sorap nädeýin? Ol
meni hiç kimiň, hatda obanyň men diýen ýigitleriniňem girip bilmedik
gapysyndan goýberdi. Güler ýüz berdi. Ganatlaryny gerdi. Gujagyna
gysdy. Ýaş nahal deý ösüp gelýän ýaş oglana şondan başga näme gerek?
Ýüzüne çeşbent çekip, gerdenindäki «uýat» atly mähnet ýüküň astynda
ýegşerle-ýegşerle gelen bir garyp ýigide birinji baran gapysyndan ýüz
tapmaklykdan gaýry ýene näme gerek? Ýeri, indi şondan soňam göwnüňi
müňküre baglap, bolgusyz soraglar berip otursaň zenanyň yhlasyna
güman etdigiň, ygtykadyndan nägile boldugyň bolmazmy?
Ah, ol päkize günler hakynda aýtsam sözlerim tükenmez! Diýsem
dertlerim dep olmaz! Emma nätjek, aýtmanam bolanok...
Hawa, men onuň ýanyna gün ýaşyp garaňky gatlyşandan soň
50
barardym-da, daňdanaralaram gaýdardym. Giç gelenimi bildirmezlik
üçin hiç haçanam içinden temmelenmeýän gapymyzy usullyk
bilen açýardym-da, uly-kiçi, barymyzyň bilelikde ýapynýan köneje
ýorganymyzyň aýak ujundan sümülerdim. Obamyzyň ortarasyndaky,
ýalňyz ak jaýyň içinde, üsti ak mata bilen örtülgi, ak ýaýly, ak krowatyň
üstünde ak kepderi ýaly «guguldapjyk» oturan, ak köýnekli, ak gyzyň ak
keşbini ak daňdanyň şöwrüne garyp süýji uka giderdim. Ertesi kakam ýa
ejem ýüzlerini agraýdyşyp: «Agşam ýaman giç geldiň-le, gara go-oç...»
diýselerem ýa-ha «Deňňene etdik» diýerdim, ýa-da: «Aý, dutar çalyp
köpräk oturaýypdyrys...» diýip, göz-görtele ýalan sözlärdim. Okuwa-da
gitsem-ä giderdim, bolmasa-da ýatardym günuzyn gözlerimi pökgerdip.
«Tur, okuwyňa git» diýselerem: «Günde-günde-de bir okuw bormaý» diýip, beýläme öwrüläýerdim. Azyp-ýazyp turaýsamam gözlerim
Gündedir, haçan ýerine giräýerkä diýip. Şol günler men Hudaýdan diňe
bir zady — basymrak Günüň ýaşaryny, agşamyň düşerini dileýärdim.
Deň-duş oglanlarymyň haçanlar barjakdygy näbelli, syrly, üýtgeşik
bir dünýä özümiň eýýämler syýahat edip ýörendigim üçin, özümi
bagtyýar saý- ýardym. Olaryň maňa bolan garaýyşlarynyň düýpgöter
üýtgändigini, özlerinden ep-esli uly adama seredýän ýaly, maňa tarap
çekinjeňlik bilen garap ugrandyklaryny, klasdaş gyzlarymyzyň meniň
bilen salamlaşmalarynam goýup, torsarylyşyp ugrandyklaryny bolsa
men häki bir, hökmany bolaýmaly zat hasap edýärdim.
Men indi agşamky üýşmeleňlerimize-de baramokdym. Oglanlaryň
gyzlar hakdaky gürrüňlerine-de goşulamokdym. Çünki men eýýäm
olaryň o-ojagaz oglanlyk dünýälerinden daşlaşypdym. Çägä suw guýan
ýaly hiç bir netijesiz siňip gidýän, oglan aldar, ownujak gürrüňlerinden
irişipdim. Men eýýäm saýlamalymy saýlap, seçmelimi seçipdim. Meniň
öňümde indi ýekeje mesele galypdy — o-da, kakam dagynyň meniň rus
gyzyna, onda-da özümden üç-dört ýaş dagy uly gyza öýlenmegime razy
boljakdygy ýa bolmajakdygydy.
Emma ol meseläni orta atmalam bolmady. Gatnaşyk açyp ugranyma
ylaýyk bir hepde diýlende: «Swetlana obadan gidipdir, özem gidişleýin
gidipdir» diýen gürrüň oba ýaýrady.
Men bu habary ikindinaralar, ukudan ýaňy turup, mellegimiziň
aýagujundaky ýorunjaly peliň içinde, maňlaýymy derçiredip, Güne seredip
duran wagtym, medpunkt tarapdan içini tutup, iki büklem bolup gelýän
Jeňňi daýzadan eşitdim. Emma ynanmadym. Hut öten agşam hoşlaşyp,
51
şu gije ýene-de duşuşmagy wadalaşyp gaýdan mähribanymyň sen-men
ýok, hoşlaşman zat etmän, sebäbinem aýtman ümdüzine obadan çykyp
gidiberendigine ynanmadym. Ýalandyr öýtdüm. Haýsydyr bir rakybyň
biri meni ýaralamak üçin ýörite, gürrüň ýaýradýandyr öýtdüm.
Şonuň üçinem, çat maňlaýyma geçip, zäk ýalap oturan Jeňňi
daýzadan hiç zat sorajagam bolmadym-da, aldyranym bar ýaly bolup,
göni medpunkta tarap ylgadym. Baryp bat bilen gapyny çekdim.
Açylmady. Kakdym. Özünem birinji gezekkim ýaly çekinjeňlik bilen
däl-de, batyrgaýlyk bilen kakdym. Onda-da açylmady. Bokurdagymy
dolduryp: «Swetlana! Swetlana!» diýip gygyrdym. Ses-üýn eşidilmedi.
Birazajyk ýuwdunjyrap durdum-da, ylgap äpişgäniň öňüne bardym.
Aýnany kakdym. Ýene-de jogap bolmady. Ýumrugym bilen bir
uramda penjiräniň aşaky gözüni kül-uşak etdim-de, tutusyny syryp
içerik boýnumy uzatdym. Ortarada duran tegelek stoldan, üstündäki içi
dermanly çüýşejiklerden, kagyz gutujyklardan, bir gysym ak pamykdan
başga hiç zada gözüm düşmedi. Birem şol, derman gatyşykly tanyş
ys burnuma urdy, bolany. Hemişeki giren agzyňdaky burçda asylgy
duran eşiklerem, şähere gidende geýäýmese, galan wagty krowadynyň
aşagynda jüpläpjik goýýan ýalpyldawuk, melemtil köwşem ýok. Gyş
eşiklerini salýan şkafynyň agzy açyk. Içi boş. Demir çemçejiklerini,
dürtgüçlerini, stakandyr çäýneklerini salýan tumboçkajygy gapagyny bir
tarapa gyşardyp haňlap ýatyr. Hemişe şonuň üstünde durýan patefonam
ýok. Garaz, bar goşuny sanap nädeýin, gepiň gysgasy ýagşy, bir agyz
söz: Gyz ýok! Gidipdir. Hakykatdanam gidipdir. Özem dogrudanam,
gidişleýin gidipdir. Meni aldap gidipdir. Taşlap gidipdir. Öten agşamky
beren wadalaryny bozup gidipdir. Ýaş ýüregime ýaralar salyp, bagryma
yza çekip gidipdir. Ýaňy bir bat alyp barýan köňlüm binasynyň ak
küňrelerini birin-birin ýykyp gidipdir.
Hawa, otagyň ortarasynda çaşyşyp ýatan bäş-on sany saça sanjylýan
iňňäni, üç-dört dişi döwük, ýaý ýaly egri, goňur reňkli aýal daragyny
hasap etmeseň, şu içerde Swetlananyň ýaşandygyny aňladýan hiç hili
alamat ýok.
Giň dünýä gözüme dar göründi. Gün ýaşmanka garaňky düşdi, gyş
düşmänkä gar ýagdy. Asmanda ýekeje buludam ýokdugyna garamazdan,
depämden çagba indi. Gözýetimiň gündogar çüňkünden lowurdap çykan
gyzyl ýyldyrymyň ujy pelegiň ýüzi bilen asman sary süýnüp gaýtdygaýtdy-da, süýr depämden ýol ýasap, ýene-de aşak indi, barybam
52
gözýetimiň günbatar çüňküne sanjyldy. Dünýäniň ýüzünde ýyldyrymdan
ýasalan äpet ýaý emele geldi. Gaşym bilen deňleşip duran kirişlerine
böküp münäge-de, gyzyň giden tarapyna atylmak niýeti bilen ellerimi
uzatdymam welin, ýanar ot barmaklarymyň ujuny daglap-daglap goýberdi.
Yzasy ýene-de ýüregime ýetdi. Elimi çekip aldym-da, kimdendir birinden
delalat isleýän ýaly daş-töweregime, mähriban obamyzyň bitertip oturan
külbejiklerine tarap gözümi aýladym. Delmurdym. Emma hiç kimden
haraý tapmadym.
Şu çaka çenli gözüme behişdiň bosagasy, hüýr gyzlaryň mesgeni
bolup görnen akja jaýjagaz bolsa bir demde haraba öwrüldi. Bu giň
asmanyň astynda hezil edip dem alara bir goşawuç howa tapylmady.
Aýnany döwemde kesilen bolmaly, bir görsem çep elimiň arka ýüzi
gara-gan. Emma eglenere pursat ýok, daşyna elýaglygymy oradym-da
eňdim göni şähere, tarap. Orta ýola ýetip-ýetmänkämem Hydyrguly
mugallym welosipedini şakyrdadyp yzymdan ýetdi-de, çat maňlaýyma
geçip:
— Gaýt how yzyňa! Häý, bihepbe diýsänim! Dolan! Ondan-a
okuwyňy oka! Ýene-de iki ýylyň ba! Egzaminleriň ba bir topar. Sapsim bar
zady başyňdan aýlap urduň sen... Özüň-ä özüň welim... Hiý, beýle-de bir
bolgusyzlyk bormy?.. — diýdi. Onuň ojagaz töwellasy bilen-ä dönmesemdönmezdimem welin, Eziz aganyň araba goşýan dor ýabysyny ýüzin
saldyryp gelýän kakama gözüm düşenden ädimlerimiň haýallaberenini,
ýüzümiň oba tarap öwrüliberenini özümem duýmandyryn.
Gaýtdym. Gaýtmaly boldum. Ýöne barybir ertesi irden, entek hiç
kim örmänkä, uly ýol bilenem däl-de, bäş gatlanyň üsti bilen gidýän
inçejik, pyýada ýoly bilen şähere tarap ylgadym.
Iş başlanmanka raýon keselhanasynyň agzynda häzir boldum.
Agşam nobatçylyk edipmi, nämemi, bagtyma barşym ýaly baş wraç
Gurbanaly aga pete-pet gabat geläýdi. Men salam ýok-helik ýok:
— Agam, Swetlanany görmediňmi? — diýip, onuň alkymyna
dykyldym.
Olam: «näme etjekdiň sen ony?» beýleki diýibem soramady-da,
howlynyň töründäki ambulatoriýa tarap yrgyldap barşyna:
— Wah, Swetlana bar bolsun, inim! Geleli bäri gitjek diýip
ýüregimizi-bagrymyzy eze-eze, ine, ahyram düýn öýlän gitdi bardy,
elimize-aýagymyza-da bakmady... — diýdi. Birdenem bir zat ýadyna
düşen ýaly sakga durdy-da, ýüzüme çiňerildi. — Hä, näme, syrkaw
53
barmy? Obadamy? Şol obadamy? Şol obadanmy sen? Kimiň ogly sen?
Hä? Neme agaň ogl-a dälsiň?..
Şondan soň onuň näme diýip, näme goýanyny bilemok. Ýene-de
düýn agşamky ýaly beýnimiň içinde ýyldyrym çakdy, gözlerimiň öňüne
çalymtyl perde tutuldy, ýüregim sançdy. Kimdir biriniň tä howludan
çykýançam (ýöne Gurbanaly aga-ha däl) öňüme bir geçip, yzyma bir
geçip: «Sen zerarly negözel işgärimizden aýryldyk, ispisalistsiz galdyk,
heý, mysalaň gursun seň...» diýip daşymdan kebelekleýänini, öňümden
eýläk-beýläk okkessirme geçýänini, egnimden tutup silkeleýänini bilýän.
Egnindäki ak ýektaýynyň galgap-galgap gidýäninem bilýän. Ýöne
kimdigini welin bilemok.
Onsoňam ol kim bolanda maňa näme? Kimiň gepi maňa täsir etjek
o wagt! Ol wagt öňümden çykyp maňlaýyma tüpeň diränlerinde-de,
munyňyz näme diýjek adam däl men. Ol wagt men güň! Lal! Telbe!
Däli!..
...Ýigit çykdym diýip her näçe hekgeren bolsamam, entek oglanlygyň
çal dumany serimden doly sowulman ekeni. Zalym ejizlik entegem pursat
peýläp, töweregimde köwejekläp ýör ekeni. Ol gelip ýakamdan tutuşy
ýaly şäherden çykdym-da, bir çolarak ýere çekilip, tä demim tükenýänçä
agladym. Şeýdibem içimi egisdim.
...Swetlananyň öwezine hiç zat alman, peşgeş beren bäş günlük
söýgüsini welin ýyllar geçse-de undup bilmedim. Oglanlykdan ýaňy
saýlanan, ak kagyzdanam ak ýaş kalbyma ilkinji gezek «söýgi» sözüni
ýazan, tylla deý sary saçlary sagrysyna düşüp duran ak melegi undup
bilmedim. Şol ýylam, soňkusy ýylam, mekdebi gutaranymyzdan soňam,
öýlenip, çagaly-çugaly bolanymdan soňam undup bilmedim. Henizem
undup bilemok.
Henizem her gezek oba baranymda, ýolum düşse-düşmese ýaş
başymy ah bilen efgandan doly birgiden gowgaýa goýan şol çaklaňja
jaýjagazyň işiginden geçýän. Ogurlyk etjek ýaly daraklygyma basyp
daşyndan aýlanýan. Göwnüme bolmasa, ýene-de şol gezekkisi ýaly
«şykyrt» etdiräge-de açylaýjak ýaly, yşyndan bir çogdum tylla saç ygyp
çykaýjak ýaly, ukusyzlykdan ýadap ýellenen gabaklaryny owkalap duran
Swetlananyň possujak ýüzi görünäýjek ýaly nijembir wagt bäri adam
ogly girip-çykmaýan gapyny ýuwaşja kakýan. Edil şol gezekkim ýaly:
«Swetlana, Swetlana!..» diýip çalajadan pyşyrdaýan. Az-kem garaşyp
durýan-da çekibem görýän. Öwrüldigim gapy açylaga-da, içinden
54
gözlerini ýaşardyp Swetlana çykaýjak ýaly, dönübilmän kän durýan.
Gapa bakyp tolgunýan, penjirä bakyp emenýän. Ahyram lapym keç bolup,
gaýrak çekilýän. Obadan gaýdyp, şähere gelenimden soňam, kalbymyň
töründe ýer äden şol mährem gyz hakyndaky, egnime duýdansyz gonup,
duýdansyz uçan ilkinji söýgim hakyndaky hupbatly ýatlamalaryň üstüni
gündelik hysyrdylar, iş-aladalar doly basýança, telim gunläp özüme gelip
bilemok.
Iň bir ezýetli ýerem men henize-bu güne çenli Swetlananyň nämüçin
özümi beýle duýdansyz halda taşlap gidendiginiň sebäbini bilip bilemok.
Şu ýerde nähili gümürtikligiň bardygyna, saý-sebäp bilen gitmeli
bolaýanlygynda-da nämüçnn barjak ýerine barandan soň bir nirededigini
mälim edip iki barmak hatjagaz ýazmandygyna hiç düşünip bilemok.
Şu zatlary şonuň öz erkine, öz ygtyýaryna edip ýörendigine ynanyp
bilemok. Çünki iň soňkudygy ýadymyza-oýumyza-da düşmedik şol gije
biz ikimizem birek-biregi hiç haçan taşlamazlyk, birek-birekden hiç
haçan dönmezlik, ykbal haýsymyzy haýsy ýana zyňsa-da, birek-biregi
hökmany suratda gözläp tapmaklyk barada ähdi-peýman hem edişipdik
ahyry.
Şonuň üçinem, nirede bolsa-da bir ýerde bardygyny bildigim ony
tapjagymam, sözümiň üstünde är kimin durjagymam, oňa öýlenjegimem
çynymdy. Emma ine, duýman durkam bulaşdym-da, kelebiň ujuny
ýitirdim oturyberdim. Umydymy welin ýitirmedim. Men ony ömürboýy
gözledim. Dynman, arman, ýadaman gözledim. Mekdebi gutaryp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aý gaýdyp geler - 05
  • Parts
  • Aý gaýdyp geler - 01
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2159
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 02
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2208
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 03
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2239
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 04
    Total number of words is 3679
    Total number of unique words is 2199
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 05
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2256
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 06
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2282
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 07
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2155
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 08
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2101
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 09
    Total number of words is 3609
    Total number of unique words is 2258
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2189
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 11
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2187
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 12
    Total number of words is 1007
    Total number of unique words is 718
    39.0 of words are in the 2000 most common words
    52.1 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.