Latin

Aý gaýdyp geler - 10

Total number of words is 3601
Total number of unique words is 2189
28.7 of words are in the 2000 most common words
41.6 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
galypdyr. Ol bize eýle boluň, beýle bolmaň diýip iňirdäp, ýüregimize
düşüp oturmazdy. Bir gezek aýdardy, tutsaň-a begenerdi, tutmasaňam
uludan bir demini alardy-da: «Gör-dä, oglum, «ýagşa bir söz bes, ýamana
müň söz hebes» diýipdirler» diýerdi. Şondan soň onuň bir diýenini iki
gezek gaýtalatjak gümanyň ýokdur. Ýumuş buýranda pylan zat et diýer,
etseň-ä edersiň, etmejekdigiňi aňlatmak üçin sortdurylyberdigiňem: «Aý,
bor, guzym, onda özüm edäýerin» diýer. Ine, şo-da bize şarpyk çalandan
beter degerdi. Biriniň gapysyndan baranda ardynjyrap barardy. Sümesürç barsaň öýde oturan adamy gapyllykda basmagyň, oňaýsyz ýagdaýda
goýmagyň mümkin diýerdi. Çünki öň-öňler biziň illerde gapy kakmak
düzgüni ýokdy ahyry. Gaýtam gapy, äpişge kakmaklyk ýaramaz iş hasap
edilýärdi.
Kakamyz bize, eger-de deň-duşlarymyzyň biriniň öýüne barsak,
hökman şol oglanyň ata-enesiniň oturan jaýyna girip olar bilen
salamlaşmagy, gaýdanymyzda hoşlaşmagy tabşyrardy. Hoşgylaw boluň,
adamyň ýüzüne azgyrylmaň, göwnüne degmäň, göwün diýlen zat
Hudaýyň öýüdir, bir göwni ýykdygyň — Hudaýyň öýüni ýykdygyňdyr
diýerdi.
Myhmanlar bilen oturan wagty: bar, oglum, o jaýdan pylan zat
getir diýip iberse, kaka şo diýeniň-ä ýok ekeni diýip barmak bolanokdy.
Ejemize-de şony sargardy. Myhmanyň ýanynda agzymdan sypan sözi
syndyrmaň, düýbünden bolmajak zady menem aýdyp durman diýerdi.
Seredip otursaň onuň diýeni dogry bolubam çykýardy. Mysal üçin, bir
gezek myhmanlara käse ýetmedi. Menem kakamyň dyzyny ýassanyp
ýatyrdym. Ol meniň başymy sypalady-da:
— Bar, oglum, ýene-de iki sany käse getir o jaýdan — diýdi.
Şu ortada görünýänjelerden başga öýümizde käsäniň ýokdugyna
gözüm ýetip duransoň gözlerimi tegeläp kakamyň ýüzüne seretdim. O-da
diýjek bolýan zadymy nazarymdan aňan ýaly çalaja ýylgyrdy-da, arkama
kakdy.
— Bar, ejeňe aýt, bilýändir, düýnki goýan ýerinde bardyr.
Aýdyşy ýalam boldy. Men baryp şeý diýenimden ejem sessiz-üýnsüz
turup gitdi-de, goňşulardan iki sany käse alyp geldi. Näderkäk diýip uly
120
gaýga galyp oturan halyma gala alan ýaly «got-got» edip gitdim-de,
amanat käseleri ortarada «jalkyldady-yp» goýdum welin, janym dagy
hezil edäýdi.
Ejem bilen kakamyň özara gatnaşygynda meni ömürboýy geň
galdyran başga-da bir üýtgeşiklik bardy. Ýagny, galan wagty gaty-gaýrym
aýtmasa-da, käteler, myhman gelip, meýlisiň gyzyşan wagtlary, kakam
bolgusyz zat üçinem ejeme käýinibererdi. Ýöne ejem sesini çykarmazdy.
Kakamam känbir ezeläp durmazdy-da, myhmanlaryň ýanyna giderdi. Bu
zatlaryň syryny ejem kän-kän soň, kakam pahyr ýurduny täzeläninden
soň düşündirdi. «Erkek adam ömürboýy aýalyny synap görýändir, oglum.
Kakaňam şol hereketleri bilen meniň myhmanlary ýükürgenýänimi
ýa ýükürgenmeýänimi, myhmanlaryň ýanynda özüni näderejede
sylaýanymy, aýaýanymy ýa aýamaýanymy synap görerdi. Hak-u-nähak
myhmany barka aýal ärini käýitse günäkärdir. Näme kinesi, öýkesi bolsada ýuwdup, myhmanlar dargaşansoň aýtmalydyr. Sähel zat üçin äri bilen
dikleşip oturan aýalyň özüni sylamaýandygy üçin ärinden öýkelemäge
haky ýokdur» diýdi.
Kakamyz aýdym-sazdan baş çykarýan adam bolansoň, öýümizde
üýşmeleň köp bolýardy. Hatda beýleki obalardanam, goňşy raýonlardanam
kakamyň ýanyna oturmaga gelerdiler. Iýerdiler, içerdiler, aýdym
aýdardylar, saz çalardylar, her aýdymyň, sazyň arasynda-da biri-birine
wäşi sözler aýdyşardylar, degişerdiler, arkan-ýüzin gaýşyp, gyzyl-gyran
gülüşerdiler. Nämüçindir häzirkiler ýaly serhoş bolmaýardylar. Urşupsögüşmeýärdiler. Bu wagtkylar ýaly gözleri gyzarýança, dilleri çolaşýança
içmeýän bolmaklaram mümkin. Çünki on adam bolup, üç çüýşe arak
bilen gijäni geçirýändiklerini bilýän. Puluň gytçylygyndan bolmagam
mümkin. Arak içmäne entek ökdelemändiklerinden bolmagam mümkin.
Sebäbi biziň kakalarymyzyň ata-babalary arak içmändirler. Şonuň
üçinem olaryň gany arassady. Endamlary entek araga eýlenmedikdi.
Häzirkileriň köp içýändikleri bolsa, arak içilip ugraly birnäçe nesliň
çalşyp ýetişendiginden, ganlarynyň araga uýgunlaşandygyndan bolmaly.
Hawa, biziň atalarymyz meýlislerini hoşwagt geçirerdiler. Biz ýaly
ýaş oglanlary ýanlaryndan kowmazdylar. Gaýtam: «Ulularyň gürrüňini
diňleseň dana borsuň. Otur şu ýerde» diýip, ýanlarynda oturdardylar. Paýyş
sözler aýtmazdylar. «Owazy beýniňize siňsin» diýip, dutaryň sapyndan
dişlederdiler-de, «tabyr-tabyr» etdirip dutaryň taryna kakardylar. Men
her gezek oturyşygyň soňuna çenli oturmagy ýüregime besleýän hem
121
bolsam, ýarym gijä ýetip-ýetmän uklap galýardym. Ertesi oýansam o
tamda jigilerimiň arasynda ýatandyryn. Dyzyna ýaplanyp irkilenimden
soň kakam emaý bilen goltugyna göterendir-de, getirip ýatyrandyr.
Bir gezek göterip gaýtjak wagty çalarak oýananym, bosagadan
ätlejek bolup duran kakamyňam myhmanlara ýüzlenip: «Men bujagaz
garaja goçuma ýalpyldap duran gonçluja ädigem äberjek» diýeni
ýadyma düşýär. Dessine-de uka gidipdirin. Ýöne şol ädigiň soň äberileni
ýa äberilmäni ýadyma düşenok. Megerem, äberilen däl bolsa gerek.
Tapdyran däl bolmagam mümkin. Bir ädik geýýänim, onuňam bir tarapa
gyşarýany, ony dogrulamak üçin kakamyňam birnäçe günläp içine öl
gum dykyp goýýany, «aýagyňy dogry basaýarlar ahyry» diýip käýinýäni
çalarak hakydama gelýär. Ýöne ol ädik kakamyň diýýän ýalpyldawuk,
ýumşak gonçly ädigi bolmaly däl. Başga ädik bolmaly. So-oň, dokuzynjy
klasda okap ýörkäm bir kirzowoý ädik geýdim. Her günde garalap,
ýalpyldadyp, gonjuny kä epläp, kä ýazyp, balagymy kä içine salyp, kä
üstünden goýberip gezdim. Emma barybir, o-da, alasarmyk ukynyň
arasynda aňyma giren ädik däldi.
Ädikli gürrüň bu ýere, elbetde, tötänden düşdi. Bu zatlary diýmek
bilen meniň esasy maksadym kakalarymyzyň şo döwürlerde öz oturyşturuşlary bilenem bize özboluşly terbiýe berendiklerini tekrarlamak.
Olaryň boluşlaryny görüp biziňem basymrak ulalasymyz, meýlisler
gurasymyz, aýdym aýdyp, saz çalasymyz gelerdi. Degişesimiz, agzymyzy
uludan açyp, arkan-ýüzin gaýşyp, dyzymyza şapbatlaşyp, hahahaýlaşyp
gülüşesimiz gelerdi. Şolaryňky ýaly ýagyrnymyzyň derlemegini islärdik.
Şolaryň edişi ýaly burnumyzy tarňyldadyp elýaglygymyza gurak-gurak
sümgürinmegi höwes ederdik.
Şol döwürlerden meniň esasy ýadymda galan zadyň ýene birem
öýümizde kakam tarapyndan ýöredilýän berk düzgün-nyzamyň biz
tarapdan hiç bir gyşarnyksyz berjaý edilýändigidi.
Elbetde, myhman gelse, oturyşyk bolsa, bu her bir öý üçin kiçiräk
toý. Şagalaň. Çagalar üçin-ä hasam ýakymly. Öň bişirilmeýänem bolsa
şol gün öýüňde her dürli naharlar bişip durandyr, öýüň höwselesi artandyr,
käte şäherden alma, nar diýen ýaly, obaňda tapdyrmaýan ir-iýmişlerem
saçagyň üstünde hatarlanyşyp durandyr. Garaz, giden bir hezillikdir.
Getirilen ir-iýmişlerden öňi bilen biziň paýymyzy bölüp bererdiler.
Ýöne näme, sen bir çaga, berilen zady derrewjik «galt-gult» edäge-de,
gireňde-çykaňda ýene-de saçagyň üstündäki zatlara gözüň gytagyny
122
aýlamany hiç zatça göreňok. Şolar ýalyda oturan myhmanlaryň biri
seniň hyrydar garaýanyňy bilip ortadaky zatlardan birini-ýarymyny
eliňe tutduraýsa dagy almak bolýan däldir. Ol bize gadagan. Kakamyzyň
gadagan eden zady. Şonuň üçinem «juk» diýäge-de, iki eliňem arkaňa
tutup durubermelisiň. Garynjygyňy sypalap çalarak gägiribilseň-ä oňa
ýetesi zat ýok.
Käbir goňşularymyzyň öýünde oturyşyk bolanda deň-duşlarymyzyň
sümügini akdyryşyp tabagyň daşyndan ters aýlanýandyklaryny, ortada
duran zatlaryň islendigine penjelerini uraga-da, ýene-de girişleri ýaly
ýalaňaç aýaklary bilen saçagy basyglaşyp, çykyp gidiberýändiklerini
görýärdim. Kakasynyň dyzynda oturan ýerlerinden: «Kaka, dijje» diýşip
çorly ellerini çanagyň içine sokuşlarynam, et alyp iýişlerinem görýärdim.
Göwünlerine ýaramasa-da, myhmanlaryň zoraýakdan seslerini çykarman
oturýandyklaryny aňýardym. Şonuň üçinem şo zatlary gadagan edýändigi
üçin, şolar ýaly «läliklikden» mahrum edýändigi üçin men kakamdan
kine etmeýärdim. Gaýtam şolar ýaly häsiýetli çagalary soňabaka özümem
ýigrenip ugradym. Çünki olar ulalansoňlaram, toýda-tomguda-da özlerini
edil, öýlerinde endik edişleri ýaly salyhatsyz alyp barýardylar. Köp iýjek
bolup göze-başa düşýärdiler. Märekeli jaýa nahar çekişen wagtlary
garaňka güýdüşip çanagyň içindäki eti alyp agyzlaryna atýan wagtlaram,
jübülerine dykýan wagtlaram bolýardy. Şondan soň ulular olara tabak
ynanmalaryny bes edýärdiler.
Hawa, bize ýeke bir myhmanlar iýip-içip oturan wagtlary däl, olar
dargaşanlaryndan soňam tä, olary ugradyp kakamyň ýeke özi dolanyp
gelýänçä, ortadaky zatlara el urmak gadagandy. Ýygnaşdyrmagam
gadagandy. Elbetde, saçagyň üstünde iýilmän, içilmän näme galan
bolsa, onuň barysy biziňkidi. Biz iýip-içmelidik. Ýöne, ýaňky aýdyşym
ýaly diňe kakamyzyň ýeke özüniň dolanyp gelenini gözümiz bilen
görenimizden soň.
Bu düzgün-nyzamyň sebäbini kakam bize şeýleräk düşündirýärdi:
Öýden çykan myhmanlaryň biriniň-ýarymynyň öý eýesi bilen dolanyp
gelmegi mümkin. Şol wagt gözi zat görmedik ýaly, galan-gaçanlary
gemrişip oturan çagalara düşse ol öz iýen-içen zady üçin uýalar. Bu öýde
gytçylyk ekeni, bize ýokdan bar eýläp, öz agyzlaryndan kesip hyzmat
eden ekenler diýen düşünje dörär. Şondan soň onuň oturyp ugry bolmaz.
Şonuň hakykatdanam şeýledigini bir gezek biz hut öz gözümiz bilen
gördük. Şol gezek myhmanlary ugratmaga giden kakam hemişekilerine
123
görä azajyk eglendi. Şol aralykda, o tamda, çüýşelije çyranyň başynda
kitap okap oturan agamdan öňňämiz myhman jaýynyň içine döküldik.
Ortada her biri dikligine üç-dört dilim edilip kesilen iki sany nar durdy.
Başga-da zat kändi, ýöne jor-gyzyl bolup esasan göze ilýän şoldy. Ine,
onsoň biz-ä düzgüne kaýyl bolup kakamyzyň dolanyp gelerine garaşyp
otyrys welin, iň kiçi jigimiz şol narlara tarap elini uzadyp hiç günümize
goýmady. «Na-ar, na-ar...» diýdi oturdy. Ahyram ejem onuň bolup
oturyşyna dözmedi-de:
― Äberäýseňiz-le şuňa şolaryň bir dilimjigini. Indiden soň
dolanyp geläýesleri ýok-la — diýdi.
«Myhman gelmäýende-de düzgüni bozsak kakama ýakmaz ahyry»
diýäýmeli welin, elbetde, menem jigime dözen däldirin-dä, ýerimden
tarsa turdum. Orta geçip narlaryň birini götermek üçin egilenimdenem
ardynjyrap kakam gapydan girdi. Men dikeldim. Gapa tarap gaňryldym.
Görsem kakamyň gözleri ýanyp dur. Emma sesini çykaranok. Birdenem
ol daşaryk boýnuny uzatdy-da:
— Geliberiň, geliberiň!.. ― diýdi.
Şondan soň ýaňky oturyp giden adamlaryň ikisi içerik girdi. Olar
oňaýsyzlyk bilen hernäçe:
— Besdir-dä, oturdyk-la, gaýdybereli bizem indi... ― diýişselerem
kakam goýbermedi. Töre geçirdi. Ejeme nahary täzelemegi buýurdy.
Ejem bilen jigilerimem çykdylar. Men galdym. Kiçijik jigim welin
ejemiň synyndan ýapyşyp barşyna tä işikden çykýança narlara tarap elini
serdi gitdi.
Myhmanlaryň dogrudanam, oturyp ugurlary bolmady. Täze naharyň
gelerine-de garaşman, çüýşäniň düýbündäki aragy üçe bölüşdiler-de,
turmak bilen boluberdiler. Kakam ýene-de olary ugratmaga çykdy. Men
öýde galdym. Ejem bu gezek kakamyň özi gelýänçä jigilerimi myhman
jaýa salmady. Diňe kakam gelip «ýygnaşdyraý» diýenden soň ortadaky
zatlary bir ujundan ýygnaşdyryp ugrady. Her kimiň islän zadyny äberdi.
Kakam meni ýanyna çagyrdy. Men käýýär öýtdüm. Emma ol bu
gezegem hemişekileri ýaly başymy sypap, dyzynyň üstüne mündürdi.
Jagyl-da-jugul bolşup, jigilerimem daşymyzda hümer boldular. Gapgaçlaryny ýuwuşdyryp bolansoň ejemem geldi. Agamam geldi-de,
sallançagyň tegeagajyny dutar edinip aýdym aýtmaga başlady. «Munuňky
ýa kitap bilendir ýa tegeagaç bilendir» diýip, ejem güldi. Kakamam güldi.
Bizem güldük. Gülüşdik. Ýüregiň üstüni mylaýymlyk bilen sypalap
124
geçýän bir gowy, öý durmuşy başlandy. Men häli, ortadaky nara özüm
üçin däl-de, jigim üçin el uzadandygymy aýdyp, kakamyň öňünde özümi
aklajagam bolmadym. O wagtlary onuň onsuzam düşünýändigine, şol
ýalňyşlygy indi hiç birimiziňem gaýtalamajakdygymyza ynanýandygyna
ynandyk. O-da biziň öz terbiýesini birkemsiz alandygymyza, ýaňky ýaly
tötänligiň bolsa heran-haçanam bolup biljekdigine, onuň üçin agzyny
ajydyp, çagalaryň badyny alyp oturmagyň gereginiň ýokdugyna ynanan
bolmaly. Onuň üçin şol wagt esasy zat çagalaryň saçaga el uranyny
görende myhmanyň hakykatdanam oňaýsyz ýagdaýa düşýändigine biziň
göz ýetirendigimiz bolmaly.
Hawa, hut şeýle bolmaly.
Ýöne meni başga bir zat biynjalyk edýär. Kakalarymyz gidip,
özümiz kaka ornunda galanymyzdan soň, bizem öz çagalarymyza
edil kakalarymyzyň bize terbiýe berşi ýaly terbiýe berip bilýärmikäk?
Şolaryň şol parasatlylyklaryny, şol agraslyklaryny, siňňitli guýumlaryny
öz çagalarymyzyň gursaklaryna guýup bilýärmikäk? Hudaýyň öýüniň
nirededigini olara dürs salgy berip bilýärmikäk?
Öňümizdäki desserhana rugsat edilýänçä el urman, kanagat
edip saklanmany başarandygymyz üçin durmuşda kän-kän
kösenendigimizdenmi, gidip baryşlaryna kirli elleri bilen çanagy
çolpulap, başga biri üçin niýetlenen jylka etleri garaňka duwlanyp
agyzlaryna dykýanlardan kän-kän hor ýaşandygymyzdanmy, göwnüme
bolmasa biz şol borjy berjaý edip bilmeýän ýaly. Eger-de şeýle bolsa,
ata-babalarymyzyň gönderip goýberen şaýolundan
biz haçanrak
sowuldykkak? Indi nädip ol ýola dolanyp gelip bilerkäk?
Meni köpden bäri biynjalyk edýän zat ine, şu!
1990. Moskwa.
Aý gaýdyp geler!..
Biz oglan wagtlarymyz aýly gijeler häzirkisine görä has aýdyň
bolardy. Obamyzyň ortarasyndaky şyr-takyr, ala meýdana çykyp oýnan
wagtlarymyz ýerden ýöräp barýan garynjany edil gündizlikdäki ýaly
aýyl-saýyl görýänimizi bilýän. Biriniň-ä gyrmyldap barşy häzirem
gözümiň öňünde dur. Gazetiň iriräk harplar bilen ýazylan ýerlerini aýyň
ýagtysyna keýp edip okaýanymyzam ýadyma düşýär.
125
Indi welin beýle däl. Bolanok. Garynja-da görünenok, gazetem
okudanok.
Siziň, maňa: ýerden ýöräp barýan garynjany görübilmeýäniň-ä boýuň
ösüp, görüş nokadyň ýerden ep-esli daşlaşandygyndandyr, gazeti okap
bilmeýändigiň bolsa ýaşyň köneleşip, bäbenekleriň kütelişendigindendir
diýmegiňiz mümkin.
Beýle bolsa onda men dikejegime oturaga-da, ýere golaýlabam,
gözüme äýnek dakynybam bilýän ahyry.
Ýok, bu ýerde başga bir zat bar.
Ýagny, alymlaryň aýtmagyna görä, mundan bäş-alty milliard ýyl öň
Aý ýere juda golaý ekeni. Hakyt, asman gümmeziniň üçden bir bölegini
tutup duran ekeni. Soň kem-kemden daşlaşypdyr. Onuň häzirem şol,
daşlaşyp gidip oturyşymyşyn. Her ýylda takmynan dört-bäş santimetr
aňryk süýşýärmişin. Gelejekki bäş-alty milliard ýylyň, içinde ol ýerden
ýene-de segsen müň kilometre çenli daşlaşjakmyşyn. Şondan soň ýenede edil gidendäkisi ýaly, assa-ýuwaş ýere tarap gaýtjakmyşyn. Diýmek,
on bäş, on sekiz milliard ýyldan ol ýene-de asman gümmeziniň üçden bir
bölegini tutup duran boljak.
Ine, belanyň körügi nirede? Aý şöhlesiniň biz oglan döwürlerimizdäkä
görä göz-görtele kütelendiginiň sebäbi, Aýyň ýerden daşlaşandygy bilen
baglanyşykly. Alymlaryň şol çaklamasyna meniň ynanasym gelýär.
Men asyl, Aýyň ýaňky diýýän döwrümden bäri näçeräk daşlaşanynam
hasaplap gördüm. Iki metre golaý. Has takygy, bir metr ýetmiş santimetr.
Aý ýaly äpet zadyň şunça ýylyň içinde şonça aňryk süýşmegi az-küş däl
ahyry.
Şu döwrüň çagalarynyň nämüçin gijeler daş çykyp, obanyň
ortarasyndaky ala meýdanda uly şowhun turuzmaýandyklaram, nämüçin
kürk towuk ýaly «keteklerinden» çykman busuşyp ýatandyklaram
indi düşnükli. Bu ýagdaýy köpler telewizoryň, radiodyr magnitofonyň
köpelendigi bilen düşündirjek bolýarlar. Öňler meň özümem şeýle pikir
edýärdim. Indi welin ynanamok. Men ony Aýyň ýerden daşlaşandygyndan,
Aý şöhlesiniň solgunlaşandygyndan görýän.
Aý — Aý bolanlygynda seni öýde oturtmaz. Hiç kim seniň
ýüregedüşginç telewizoryňa-da seretmez, şol bir aýdanyny gaýtalap
duran magnitofonyňam diňlemez. Gün ýaşyp garanky düşenden ol
özünüň kümüş şöhlelerini ýere tarap yba bilen uzadaga-da, tüýnügiňden
ýa penjiräňden gollaryny sokup, şelpeli barmaklary bilen ýürek tarlaryňa
126
şeýle bir mähribanlyk bilen kakar weli, ylgap daş çykanyňam, içindäki
arslana edil eziziňe bakýan dek sagatsaýyn söýgi bilen bakyp duranyňam
bilmän galarsyň. Şol dem ýüregiňdäki sowuklyk aýrylar, kalbyňda
mylaýymlyk dörär, şular ýaly owadan dünýäde ýaşap ýörkäňem göwnüňi
gama basdyryp ýörendigiň üçin köňlüňde uýat oýanar.
Aýyň şöhlesiniň kemelmegini howanyň uçursyz hapalanandygyndan
görjek bolýanlaram bar. O-da ugrunda bolsa bolýandyr, ýöne, meniň
pikirimçe esasy zat onuň ýerden daşlaşýanlygy.
Hawa, gep telewizorda-da, magnitofonda-da, hapalanan howada-da
däl-de, Aýyň ýerden daşlaşýanlygynda. Adamlardan uzaklaşýanlygynda.
Özi bilen bilelikde bize bolan mähir-muhabbetinem arşyň jümmüşlerine
tarap äkidip barýanlygynda. Esasy mesele ana şonda. Şol, bir ýüz ýetmiş
santimetre barabar
bolan aralygy ylaýyk otuz dört ýyldan soň bu ýaraly ýüregiň
duýanlygynda.
Meniň ýüregim ýene-de bir zady syzýar. Ýagny, soňky döwürlerde
adamzadyň ahlak derejesiniň peselip, tebigata has yzgytsyz darap
ugrandygam, döwletleriň arasynda dawa-jenjeliň köpelip, zeminiň
üstüne agyr apatlaryň abanandygam Aýyň ýerden daşlaşýanlygy sebäpli
bolmaly. Çünki, bu dünýädäki bar zat — Arşa-kürse öz hökmüni ýöredip
duran ULY
MEHANIKANYŇ
hereketi
bilen
bagly
ahyry.
ULY
MEHANIKANYŇ hereketinde üýtgeşiklik boldugy adamzadyň aňyndada üýtgeşiklik bolaýmaly. Biziň erkimiz arşyň durkuna bagly.
Men şuglasy kemelen Aýa seredip oturyşyma, ýaňky pikirlerimiň
düýbünden tersine bolaýmagynyň ahmaldygy barada hem oýlanýaryn.
Onuň bu, gidip barşam, ýene-de dolanyp geljekdigem birinji gezek däl
bolsa gerek diýip, pikir edýärin we ULY MEHANIKANYŇ täsirinem
ortadan aýyrýanda, belki, ol her gezek zeminiň, üstünde erbetlik,
uýat zatlar köpelip ugran wagty, ýalňyz hemrasynyň göwsi ölüm
getiriji gurallardan, hatarly howplardan dolup, özüniňem oňa hiç hili
hemaýatynyň degmejekdigini duýan wagty, bir ujy ýere ýetip duran kümüş
tarlaryny hapalatmazlyk üçin aňyrlygyna tarap süýşüp ugraýandyr. Soň
adamzat aklyna aýlanandan soň, ýa-da gämik ýaly iki gulak bolup, has
päkize bolup täzeden gögerenden soň, ýene-de yzyna dolanýandyr diýip
çaklaýaryn. Öýkeläp gidýändir, öýkesi ýazylansoň gaýdyp gelýändir
diýen gümanam göwnüme gelmän duranok.
127
Şol oýlary küýüme getirip oturyşyma, bir wagtlar Aýyň tar-tar
bolup duran kümüşsöw şöhlelerinden ýapyşyp oýnan çaglarymyzy, deňduşlarymyzy, obadaş gyzlarymyzy ýatlaýaryn. Edil,Aýyň ýerden daşlaşyşy
ýaly, biziňem biri-birimizden ýylsaýyn daşlaşyp barýandygymyz üçin
gyýylýaryn. Aýyň ir-u-giç zemine dolanyp geljekdiginiň çyn bolşy ýaly,
belki, haçanam bolsa bir wagtlar biziňem alyslarda galan çagalygymyza
dolanyp gelmek bagty maňlaýymyzda bardyr diýip, umyt edýärin. Şol
döwürler Aýyň ýagtysyna oýnan oýunlarymyzy hakydama getirjek bolup
jan edýärin. «Tüm gitdi», «Don tutdy», «Horaz soýdy», «Eşek mündi»,
«Kepbe guruldy». Ol oýunlaryň hiç birem ýöne bir wagt geçirmek üçin
oýnalýan oýunlar däldi. Hersiniň öz mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti
bardy. Bedeniň berkemegi, zehiniň dury bolmagy üçin iň gowy çäreleriň
biridi. Oýundan ýadan wagtlarymyz bolsa üýşüp ýaňlytmaç, tapmaça,
sanawaç aýdyşardyk. Elbetde, o zatlaryňam aňyrsynda uly terbiýe
ýatyrdy.
O zatlar bize Aý aýdyň gijeleriň beren peşgeşidi.
Aýly gijeler şol oýunlarda alan lezzetimizi biz hiç haçan, hiç bir zat
bilen deňeşdirip bilmeris.
Onsoňam men häzir diňe, erkek oglanlaryň oýnaýan oýunlaryny
aýdyp otyryn. Onda-da gije oýnaýanyny. Gijäniňem Aý aýdyň gijeleri
oýnalýanyny. Olaryňam hemmesini aýdamok. Hemmesini aýdyp çykmak
mümkin däl. Geregem ýok. Bu ýerde maksat — oýnalýan oýunlary ýekeýeke sanamak däl-de, Aý aýdyň gijeleriň bize nämeleri berendigini, Aýly
gijelerden jyda düşüp, şu wagtky çagalaryň nämeleri ýitirendiklerini
nygtamak.
...Bir çetde bolsa gyzlar Aýyň şöhlesini barmaklarynyň ujuna oraşyp
läle kakyşyp durandyrlar. Läleleriň her setiri, her bir dänesi dogana,
söwer ýara, ata-enä, il-güne bolan söýgüden doludyr. Hakyky, naçar
ýüreginden çykýan mähire ýugrulandyr. Diňläp durşuňa, gyzlar gerçek
dogan barada läle kaksalar, entek çagadygyna garamazdan, özüňňem
şolaryň içindäki bir naçaryň arkadaýanjydygyň üçin, söýgi barada
aýtsalar, öz öňüňde-de şolar ýaly süýji muşakgatlyklaryň bardygy üçin
begenersiň. Buýsanarsyň. Şonda, Aýyň şöhlesi süýr depäňden gorladagada, göwräňe güýç, gaýrat guýýan ýaly, beýniň içi bygyrdap-bygyrdap
gider. Ganyň gaýnar. Ýüregiň joşar.
Birdenem olar iki bölünişerler-de, biri-birleriniň ellerinden tutuşyp,
ýaz ýeline ykjaýan öýme ýaly iki ýana yranşarlar.
128
— Aýterek, Günterek,
Bizden size kim gerek?!. — diýşip, Aý şöhlesinden emele gelen
süýt derýasynyň içinde tolkun atyşyp ugrarlar. «Pylany gerek!» diýip,
ady tutulan gyz bolsa, kapasadan çykan kepderi ýaly pasyrdap gaýdar-da,
garşysynda el tutuşyp duran gyzlaryň hataryny böwser. Biriniň elinden
tutubam, yzyna gider.
Gyzlaryň şadyýan gülküleri depelerinden inip duran Aý şöhlesiniň
tarlaryna degip, üýtgeşik bir hoş owazy emele getirer.
Bir görseňem olar «ülker» ýaly toplanyşyp, «öleň» aýdyşyp
durandyrlar. Öleň köplenç durmuşa çykýan gyzyň ýa-da ýaňy «öýe
düşen» gelniň adyndan aýdylýardy. Onuň içinde aýralyk, zar-zelillik,
hijran hakyndaky aýdymlar, ahy-zar köp bolardy.
Hawa, biziň çaga döwrümiz Aý aýdyň gijeler şolar ýaly hezillikdi.
Üýtgeşikdi. Lezzetlidi. Indi welin beýle däl. O-ol oýunlaryň birem
oýnalanok. Edil oba göçen ýaly. Obada çaga-çuga ýok ýaly.
Aýyň bu daşlaşyp gidip oturyşy boljak bolsa, o zatlaryň bäri-bärde
boljakdygam belli däl.
Aýyň ýerden has daşlaşyp, belli bir döwürlerde düýbünden gözden
ýitmegem, öçügsi ýyldyz ýaly çalaja ýylpyldap görünmegem mümkin.
Adamzada ençeme wagtlap Aýsyz döwürleriň, garaňky gijeleriň garaşýan
bolmagam ahmal.
Ýöne, alymlaryň aýdyşyna görä, ol barybir ýene-de gaýdyp gelmeli.
Elbetde, biz o zatlaryň birinem görmeris. Emma görsek-görmesegem,
bu, galmagally dünýe içre bolsak-bolmasagam, ir-u-giç Aý ýere dolanyp
gelse bolýa. Adamzat aýdyň gijelerden ömürlik juda düşmese bolýa.
Esasy zat ― ana, şol!
Dekabr. 1990 ý. Moskwa.
Çakylyk
Bu waka men on bir, on iki ýaşlarymdakam bolupdy.
Şu günki ýaly ýadymda, obada iň bir paýhasly, parasatly saýylýan
ýaşulularyň biri, ençeme ýyllap obamyzyň miraby bolan, abraý bilenem
pensiýa çykan Söýünjaly aga ortanjy ogluny öýerýärdi. Ertir toý diýlen
güni öýlänaralar köneje köwşümi süýräp toý ýerine baranymy bilýän.
Toý ertirem bolsa toý ýeriniň şagalaňsyz däldigine aklym ýetip dur.
129
Çünki, oba ýerinde toý öňli-soňly üç-dört güne dagy çekýär ahyry.
Onsoňam, ulular ýaly töre geçirilip, öňümize desserhan ýazylmasada, toýuň keýpini bizem şolarça bilýäs!..
Agşamlaryna, uludan gallanan oduň töwereginde hatara goýlan
toý tüňçeleriniň lasyrdysyna syn edip durmaklygyň özi nämä degenok?
Ýanyp duran oduň üstüne atylan gury gagşal tutaşyp ugrandan, «şat-şat»
edip asmana göterilýän ýeňles uçgunjyklaryň baryp-baryp ýyldyzlara
goşulyşyny görmekligiň özi nämä degenok? Çilim çekjek bahanasy
bilen, bagşyly jaýdan çykyp, käte bir ýanymyza gelýän keýplije
pyýadalar bilen, ýagdaýymyzyň ýetdiginden (gaty gidibermegem
bolanok) lakgyldaşanymyz nämä degenok? Ýaşyl-gyzyl ketenilerini
pasyrdadyşyp, eýläk-beýläk geçýän gyzlaryň öýme ýaglyklarynyň ýel
ugruna ygyşyny göreniň, gollaryny çyzgap, hyzmat edişip ýören galjaň
gelinlere daşyndan guwananyň, buýsananyň nämä degenok?
Ine, onsoň bärden bardym welin, görsem kolhozyň sygyr çopany
Pardow içibilenini içipdir-de, ýabysyna münüp bilmän göz-gülban
bolup dur. Her gezek üzeňňä ildirjek bolup aýagyny galdyranda
deňagramlylygyny ýitirýär-de, entirekläp yzyna gaýdýar. Jylawyň
ujy elinde bolansoň mele ýabysam yzy bilen loňkuldap gaýdýar. Her
gezegem uly-uly gazanlaryň başynda käşir-sogan dograşyp oturanlaryň
biri baryp tutaýmasa şo-ol, götinjekläp gidip oty-yr, gidip oty-yr, nirä
baryp saklanjak, nämä degip saklanjak. Hudaý bilsin!
Her gezegem nämüçindir ýabysyny idip gidýär-de, şol bir başlan
ýerinden täzeden başlaýar.
Ho-ol, aňyrrakda, tamyň kölegesinde çaý içip oturan Pygam agada Pardow götinjekläp ugrandan elindäki käsesini ýerde goýýar-da, bir
dyzynyň üstüne galyp, boýnuny süýndürýär.
— Hä-ä-ä!.. Naz-za-at! Naz-za-at!.. Baý, nazzady güýçli ekeneý, kapyryň! Öň ysgory ýokmuka muň? Ýa işlänokmyka?.. — diýip
gygyrýar. Arasynda-da «şyg-g-şyg» edip gülýär. Ýüzünden-gözünden
şaglap inýän şor deri ullakan, ak ýaglygy bilen aýagaldygyna süpürýär.
Gapdalyndaky ýassyga tirsegini berip bir gyşarýar, birem dikelýär. «Ýak,
he-eý!..» diýip buduna urýar. Keýp edýär. Pardow ýabysyna täzeden
münmäge hyýallanandanam, tarsa dyzyna galýar-da, ýene-de gygyryp
başlaýar.
— Hä-ä-ä... Naz-za-at!.. Naz-za-at, Pardow jan, naz-za-at!..
Ullakan gara gazanyň içindäki ýaňy bir gaýnap ugran çorbanyň
130
köpürjigini aýryp oturan Amanmyrat aga bolsa Pardowa tarap nazarynam
aýlaman:
— Monnyň başarmajak bolsa arak nä şoruň diýsene... — diýip
ýüzüni kürşerdýär. Gaşyny çytyp, seňrigini ýygyrýar. Gapdalynda
odun aýryp, ojaga ot salşyp ýören kömekçilerine kiçijik gökje gezlerini
jüýjerdip haýbat atýar. — Baryň-how, ýok ediň-de äkidiň şony öýüne,
ýatsyn gömülsin-de gömülhanasynda!.. Bi, Söýünjalynyňam hyzmat
hantama bolup ýören adamsyna seretsene... Heý, mysalaň-ň gursun...
— Birdenem düýrükýär-de, bir gysym bolan kiçijik göwresini titredip
Pygam aga tarap azgyrylýar. — Goý-how, senem şyggyldyňy!.. Kölegä
goýlan suwly jürdek ýaly «şyg-şyg» edip saňa oýun gerek!.. Gün öýleden
agdy, henizem oba çakylyk ýaýranok...
Ala-tozan turzup, gidip-gelip ýören Pardowyň bolsa ol zatlar piňinede däl. Gaýtam şol bolşy bilenem arasynda her lak atana jogap berjek
bolup dert-azar. Ol götinjekläp gelşine:
— Arak däl-how, meň içenim, jan aga, bino-o... — diýip, Amanmyrat
aganyň ýüzüne çiňňerilse, gaýdyşyn: — Nazzadym-perýodym bilen
işiň bolmasyn-how, ýaşuly!.. — diýip, Pygam aga tarap herrelýär.
Goltugyndan tutup äkitjek bolýanlary siltäp-siltäp goýberýär. Soň ýene
aýagyny üzeňňä garşy somaldyp ugraýar. Yzyna tarap götinjekläp
ugrandanam, Pygam aga ýene-de ýeke dyzynyň üstüne galýar-da:
— Haý, tutaweriň, zaluwady, gaýdandyr ýene... — diýip gygyrýar.
— ...Bolmasa syrtyny öýüne tarap dogrulaň-da goýberiň öz ugruna, göni
baryp girer özi girmeli ýerine...
Birdenem, gahardan ýaňa kiçijik göwresini titredip oturan
Amanmyrat aganyň gözi maňa düşdi. Ol duzuny datmak üçin gazandan
alan bir çemçe çorbasyny howul-hara owurtlady-da, agzyny «şapşap» etdirip, gözlerini çerreltdi. Gözlerini menden aýyrman oturyşyna
töwerek-daşyna ellerini bulaýlap başlady.
— E-eý, hon-ha, Allagulyň ogly geldi, iberiň şony! Ýaby münmägede ökde şol! Hany, Söýünjaly nirede?.. Baryň, Söýünjala aýdyň, şu oglany
ibersin... Ýok etsin bu ülhidi!..
Ýabysyny idip, nobatdaky «reýsinden» gaýdyp gelýän Pardowyň:
«...Ters-ä bir gider, Allagulyň ogly, şonça bolmasam-a nanam iýmen»
diýenini eşidip girre gaharym geldi. Sögüp gaçaýyn-la şuňa diýip,
çemelenip durkamam öz aýagyna özi çolaşdy-da, çiň-arkanlygyna gaýtdy.
Şol ikaralykda-da Pygam aga seredip: «...Maňa saňa öýüne ýetse...»
131
diýmäge ýetişdi. Otyrýeri «gülç» edip ýere degendenem, bokurdagy
«hylk» etdi. Gözlerinden paýrap çykan ýaş duluklaryndan syrygyp,
çekgesinde edil laý kerpijiň ýüzünden iki barmak ýöredilen ýaly goşa yz
galdyrdy, çap eli bilen çüýjügini tutup oturansoňam:
— Eý, weý-e-e-eý... — diýip, diň gögüne garady. Iki ýana
entemekden halys boldum-how, men diýýän ýaly, başyny ýaýkap,
horguryp duran ýabysynyň ýüzüne seretdi. Gözlerini agdar-düňder edip
oturyşyna agzynyň iki gyrasyndaky ak köpükleri aýasy bilen süpürdi.
Telim gezek turjak bolup synanyşdy. Ahyram bolmajagyny bilendir-dä:
— Al-how, gitjek bolsaň git-de dyn!.. — diýdi-de, elindäki jylawyň
ujuny maňa tarap silkäp goýberdi. Ýumlup barýan gözleriniň birini açyp,
agzyny gyşartdy. — Ýöne soňundan suw bergin... Ýataga eltensoň otam
bergin... Bomy?.. — Aýdanlaryna düşünendigimi ýa düşünmänligimi
ýüzümden aňjak bolýan ýaly, aýalaryny ýere diräp yranjyrap oturyşyna
bulanyk gözleriniň ikinjisinem zordan açyp ýüzüme seretdi-seretdi-de,
barmagyny çommaltdy. — ...Sen bolansoň berýändirin-eý, ýabymy...
Şeý diýende onuň aşaky äňi bir tarapa çekilip gitdi. Hyllygy akdy.
Çekge damarlary tirsildedi. Eýlenmedik deri ýaly gataňsy ýüzüniň
hamy dartyldy. Kakam dürli döwürlerde sygyr çopany, düýe çopany
bolup işlänsoň, ýabyny münmäniňem, oňa seretmäniňem tärini deňduşlarymyň köpüsinden gowy bilýändigime gözi ýetip dur, o zaňňaryň.
Özi mal bakýan bolansoň, malynyň gadyryny bilýänligem çyn. Içgilem
bolsa her öňýetene ýabysyny berip goýberäýmejegem hak. Dogry, me
mün diýseň, obanyň oglanlarynyň hemmesem müner, ýöne münmek
bar-münmek bar! Syn edýän bolsaňyz şu wagt maşynam her kim bir hili
münýändir. Biri bir ýyla ýetirmän çagşadýandyr, başga biri bolsa on bäş
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Aý gaýdyp geler - 11
  • Parts
  • Aý gaýdyp geler - 01
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 2159
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 02
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2208
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 03
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2239
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 04
    Total number of words is 3679
    Total number of unique words is 2199
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 05
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 2256
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 06
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2282
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 07
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2155
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 08
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2101
    32.7 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 09
    Total number of words is 3609
    Total number of unique words is 2258
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    40.7 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 10
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2189
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 11
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2187
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Aý gaýdyp geler - 12
    Total number of words is 1007
    Total number of unique words is 718
    39.0 of words are in the 2000 most common words
    52.1 of words are in the 5000 most common words
    58.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.