Latin

Zöhre-Tahyr - 7

Total number of words is 3890
Total number of unique words is 1906
25.5 of words are in the 2000 most common words
39.2 of words are in the 5000 most common words
46.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Aýralyk oduna bagryň daglama23,
Wehm eýleýip, bolmaz işi çaglama,
Zöhre janym, mähribanym, aglama,
Seniň, bu derdiňe derman eýleýin.
Z ö h r e:
Häzir bol, syryňy duşman duýmasyn,
Atam duýup, ýene aýra goýmasyn,
Gury jismim zulm oduna köýmesin,
Ene jan, ýarymy saňa tabşyrdym.
E n e s i:
Eger ataň duýsa eden işimi,
Seniň üçin gurban kylam başymy,
Dogram-dogram edip eziz läşimi, Seniň
bu derdiňe derman eýleýin.
Z ö h r e:
Gadrym bilen gadyrdanym sen meniň,
Mährem enem, şirin janym sen meniň,
Zöhre diýer, mähribanym sen meniň,
Ene jan, Tahyrym saňa tabşyrdym!
E n e s i:
Garyp eneň saňa rastyn söýlesin,
Aşyklar hakyna gulluk eýlesin,
Seniň maksadyňy hakdan dilesin, Seniň
bu müşgiliň asan eýleýin.
23
Aýralyk oduna özüň çaglama,
Wehim eýleýip, jiger bagrym daglama,
Zöhre janym, mähribanym aglama,
Seniň bu derdiňe derman eýleýin. –
diýen warianty hem bar.
112
Elkyssa, bular sözlerini tamam etdiler. Zöhre Tahyry enesine tabşyrdy. Enesi Tahyry
gündiz gizläp, gije çykaryp, Zöhrä gowşurar erdi. Bu rewüşde köp wagtlar geçdi.
Zöhräniň enesiniň öýünde bir garry kempir bar erdi, ol munuň hyzmatkäri erdi. Bu
syry oňa aýtmaý, gizlin saklar erdiler. Emma ol betbagt bu syrdan habarly erdi. Sandygyň
kaýsy ýerde gizlenýänini hem biler erdi.
Garrynyň köňli kineli erdi. Bir gün enesi, Zöhre we kenizleri baga seýle çykdylar.
Garry Tahyryň ne ýerdedigini bilip, onuň ýanyna gelip aýtdy:
— Eý Tahyr beg, sen meni duşman bildiň, emma men seniň her ne edýän işiňi bilermen.
Sen meniň şanyma bir aşykana gazal aýt, ýogsa seniň bu edýän işiňi soltana habar berip,
deriňi soýduryp, süňkleriňi bir-bir köýdürdermen. Tahyr:
— Eý garry betbagt! Altmyş ýaşdan soň seniň gazal nämäňe gerek? Bu şugullygy edip,
Alla rahmetinden naumyt bolma! — diýip, bir ebýat aýtdy:
Mama, sen gaýtgyl päliňden, Maňa
rehim kylgyl, mama!
Azaşan bolsam ýolumdan, Dogry
ýola salgyl, mama!
Rakyba syrym diýmegil,
Aşyklara
dag
goýmagyl,
«Köýdürermen!» diýp köýmegil,
Alladan utangyl, mama!
Görkez aşyklar ýoluny,
Sorgul garyplar halyny,
Köňülden şeýtan pälini
salgyl, mama!
Jähenneme
Başyňdan ýaşlyk ötüpdir,
Agzyňdan dişiň gidipdir,
Aşyklar saňa ne edipdir? Maňa
mährem bolgul, mama!
Gezgil, mama, öz halyňa,
Islegiň düşer goluňa, Rehm
eýle Tahyr ogluňa,
Meniň pendim algyl, mama!
Elkyssa, Tahyr sözüni tamam etdi. Garry gitdi Tahyr aglap: «Eý bar Hudaýa! Meni
barçadan ejiz ýaratdyň, özümçe bara-ýoga mätäç etdiň, garrysyna, ýigidine, her kaýsysyna
bir söz aýdyp, hile birle mydar edip, günümi geçirermen. Ozal günde başyma yşkyň
113
söwdasyny saldyň. Zöhräniň höwesi bilen tenimde janym galmady, namysym, arym hem
galmady. Atam-enem, kowum-garyndaşym hem ýok, gije-gündiz gaýgy-gamda men, bela,
gama giriftar men... Eger seniň kasdyň janymda bolsa, bu jany al, jan seniňdir, ýa-da yşk
derdiniň dermanyny ber! Men maksadymy yzarlap, ençe wagtlar gezdim, eger myradyma
ýetmeý ölsem, meniň-köp armamym galar» diýip, Hudaýa mynajat edip, bir gazal aýtdy:
Ýa Ýaradan, sen-sen puşdy-penahym!
Sunguň bilen bu jahana gelmişem.
Bir gysym toprakdan meni ýaratdyň, Ýokdan
bar eýlegen—jana gelmişem.
Bir asy guluň men, köpdür günähim,24
Haçan ýara ýeter bu çeken ahym?
Tatarda—Zöhre jan, Bagdatda—Mahym,
Yşkyň şerabyndan gana gelmişem.
Sona kölde ýüzer, bilbil—gülünde,
Semender—ataşda, kaknus—külünde,
Dünýä geldim belent yşkyň ýolunda,
Ýerden dogup, bu asmana gelmişem,
Ýeke men, ýalňyz men, garyp men, garyp,
Solar boldum ýar hijrinde sargaryp,
Dokuz aýlap, höwesinde ýol ýörip,
Bu gün tagty Süleýmana gelmişem.
Tahyr diýr, köýdürdi ýaryň ataşy.
Gije-gündiz akar gözümniň ýaşy,
Gara daglar aşyp, çekip käýişi,
Umyt bilen Zöhre jana gelmişem.
Tahyr sözüni tamam etdi. Şol wagt Zöhre gyz onuň ýanyna geldi. Tahyr:
— Bir garry betbagt biziň syrymyzy bilipdir, habardar bolmak gerek! — diýdi.
Zöhre aglap, enesiniň ýanyna bardy, enesi hemme kenizlerini çagyrdy, hemmesi jem bolup,
geňeş etdiler. Gülzada aýtdy:
— Eý bibi, geliň, bu garryny öldüreliň. Eger muny öldürmesek, bizi patyşaga aýdar. Ol
Tahyry öldürip, bizi hem ýazgarar... Enesi:
— Eý kenizler! Bu betbagty bildirmep öldüriň! — diýip jogap berdi.
24
Ýazygym geçirgil, keremli şahym!
114
Kenizler dessine garryny çagyryp getirdiler we oňa her kaýsy bir ýumruk urup, orta alyp,
depgiläp öldürdiler, meýdini bolsa süýräp gömdüler; garrydan dyndylar. Soňra bir sagat
oturdylar. Gülzada özüni orta taşlap:
— Eý bibilerim! Biziň işimiz köp gabahat boldy, bir iş edilse, il duýman bolmaz, şu iş
öňi-soňy äşgär bolup, barçamyz ölüme gidermiz. Geliň, ölüm gelmezden owal, bir mejlis
gurap, il-halaýygy çagyryp, toý-tomaşa edip, Zöhräni Tahyra nikalap bereliň, bulary myrada
ýetireliň, bir bezmi-aşrat edeliň! — diýip, geňeş berip, bir gazal aýtdy:
Başymyza ölüm gelmezden burun, Geliň
gyzlar, bezmi-döwran edeliň!
Dostlar aglap, duşman gülmezden burun, Gülşen
içre azmy-seýran edeliň!
Ençe gezdik Tahyr jany ýaşyryp,
Mert bolalyň yşk köýüne baş urup, Şu
gün barça sazandany ýygşyryp351,
Barça halaýygy haýran edeliň!
Zibu-zinet berip, göz bilen gaşa,
Azm eýläp çykalyň aýu-kuýaşa,
Husnumyz älemge etsin tomaşa,
Rakyplar gözüni girýap edeliň!
Toý tutalyň, görenlere göz edip,
Argamakny352 meýdan üzre uzadyp,
Tagt üstünde örük öýler düzedip,
Gaýgy-gamyň öýün weýran edeliň!
Görmesin, kör bolsun rakybyň gözi,
Babahana habar biýrler bu sözi, Bir
zaman goýmasyn, öldürsin bizi, Bu
ýolda başymyz gurban edeliň!
Şemg deý şöhle salyp, keşt etsek baga,
Perwanalar köýsün bu şamçyraga, Aramyza
rakyp gelse binägä,
Öldüreli, habsy-zyndan853 edeliň!
Gülzada diýr, söweş güni mert bolup,
Aşyklaryň derdi bize dert bolup,
115
Duşman galyp gelse354, kowsa ýurt bolup, Ornumyzy
özge mekan edelin!
Bu söz tamam boldy. Soňra şu maslahaty kabul edip, ilata çapar atly gönderip, her ýerde
sazandar bolsa ỳygnap, bagşylary jem edip, köşgüň üstünde şadyýan kakdyryp, toý-tomaşa
berdiler. Zöhre gyza kän-kän gymmat bahaly daşlar dakyp, zibu-zinet urup, ol gadar araýyş
berdiler ki, göýä behiştden bir hür çykan ýaly, köşgüň içine gün dogan dek bolup, mejlisiň
içine gelip oturdy. Tahyr hem bir tarapda özüne araýyş berip oturdy. Kenizler saz-söhbet
bilen kä Tahyra, kä Zöhrä meý tutup, bu taryka mejlis gurdular ki, ahyr Zöhre otura bilmeý
turup: «Tahyr jana öz golum birlen bir meý bereýin!» diýip, baryp, bir lukma özi nuş eýläp,
bir lukmany bolsa öz goly bilen Tahyra tutup berdi. Soň Mollanepes ahuny getirip, Zöhre
gyzy Tahyra nikalap berdiler.
Bu zowky-tomaşany şa eşidip: «Gyzym Tahyry unutdy, Garabatyra köňlüni berdi»
diýip, güman etdi we şükür edip, onuň toýy üçin alty ýüz tümen bilen giýewe bir dest şahana
lybas iberdi. Olary getirip, Zöhrä berdiler. Zöhre şahana lybasy Tahyra geýdirip, illeri
haýran etdi. Patyşa hem: «Meniň gyzymyň arzuwly günüdir. Şäheri çyragban ediň!» diýip
höküm berdi. Şäheri çyragban edip, pakyr-pukaralara hazynadan köp-köp haýratlar berdiler.
Olar bir-birlerinden bihabar bolup, dokuz gije-gündiz halaýyklara toý berdiler.
Elkyssa, bu gije daň atynça, saz-söhbet edip, her kes öz menziline gitdi. Mollanepes
ahun bilen bagban hem jaýlaryna gaýtdylar. Emma bagbanyň betbagtlygy, şugulçylygy
göterilip, baryp, patyşanyň weziri Muhammet Ýakup hana bu işi mälim etdi. Muhammet
Ýakup han hem şaga habar berdi. Şa dergazap bolup: «Mollanepes ahun bilen bagbany alyp
geliň!» diýdi. Şanyň ýasawullary derhal olary tutup getirdiler. Patyşa gazap tagtyna münüp,
goluna aý paltasyny alyp, mollaga gözi düşenden:
— Eý molla! Agşam eden işiň nähili işdir? Tiz habar ber! — diýdi.
Molla pahyryň dili tutulyp, jogap berip bilmedi. Onda köp şumlugy başyndan geçiren
şol betbagt bagban derhal ileri durup:
— Eý şahi-jahan pena! Adalat saýaňyz raýatlar başyndan egsilmesin! Bir kaşyk ganymy
geçip, namaýy agmalymyza ata355 galamyny sürseler356, bu işden men habar berermen.
Molla agşam bardy, ertir gaýtdy, emma men weli dokuz gije-gündiz toý arasynda
boldum, eşidenden gören ýagşy biler, habary menden sora — diýip, bagban bir söz aýtdy:
Patyşahym, saňa arzym sözläýin,
Zöhre gyzyň haýran boldy köşgünde.
Tahyr gelmiş, bu gün kimden gizläýin,
Hyrydaryn gözi gördi köşgünde.
Ýary bilen söhbet tutup Zöhre jan
Rakyplar mekrinden isteýip aman, Surnaý
çalyp, nagra kakyp şadyýan,
116
Dokuz gündür döwran sürdi köşgünde.
Ol gün azat etdi köp bendelerni,
Oýnadyp ortada şermendelerni,
Ýygnaýyp bagşysyn, sazandalarny Ajap
tomaşalar gurdy köşgünde.
Gyrmyzy geýinmiş kaddy-boýuna,
Zib-ziwer dakynmyş husny-roýuna,
Bu gün talaň salmyş gamyň öýüne,
Gören haýran bolup durdy köşgünde.
Bagynda jem bolmuş bir bölek peri,
Söwdügine roýmal357 atar her birn,
Tahyr—Zöhre jany, Zöhre—Tahyry,
Alma bilen atyp urdy köşgünde.
Pinhan syryn ile aýan eýledi,
Ajap tomaşaly zaman eýledi, Kimi
rakyp diýip, güman eýledi,
Garrysyn, ýigidin gyrdy köşgünde.
Bagban diýer, Zöhre jany görsün diýp.
Iki aşyk zowky-sapa sürsün diýp, Halaýyga
toý-tomaşa bersin diýp,
Sizden habar sorap durdy köşgünde.
Elkyssa, bagban sözüni tamam etdi. Şol wagt Molla ýerinden turup:
— Eý tagsyr-patyşam, nika gyýyp, iki aşygy bir-birine tabşyrmaly diýip, siz tarapdan
bir adam bardy, şu söz bilen hem nika gyýdyk, siziň sözüňizi, Allanyň parzyny, pygamberiň
sünnetini berjaý etdik —diýdi. Patyşa:
— Eý Mollanepes! Siz hem, men hem aldawa düşüpdirmiz. Siziň günäňizi ötdüm,
emma aşayklaryň günäsini geçmek bolmaz. Öldürerin! — diýip kasam edip: «Jellat!»
diýip gygyrdy. Jellatlar häzir boldular. Patyşa:
— Zöhräniň köşgünde Tahyr barmyş, tutup getiriň, ony öldürmeli! — diýdi.
Patyşanyň ýedi weziri bar erdi. Olar we beg-begzadalar, sypahylar jem bolup,
maslahat edişip, patyşanyň gaşynda özlerini orta taşlap:
— Eý şahy älem! Owal bir iş bolmasa ýagşy, binägä bir iş bolandan soňra, ony
üýtgetmek — Hudanyň takdyryny tebdil etmek bolar, bu aşyklaryň günäsini geçiň! — diýip,
patyşaga töwella edip, bir ebýat aýtdylar:
Patyşahym, hyzmatyňda aryz bar,
117
Zöhräni Tahyrdan aýyrma zynhar! Hak
işine bedel etmek ne derkar?
Tahyry Zöhreden aýyrma zynhar!
Her kaýsy bir Bag-Eremniň gülüdir,
Aşyklar Allanyň söwer guludyr,
Seňiň bu işleriň şeýtan pälidir,
Tahyry Zöhreden aýyrma zynhar!
Ýaşlygyndan hak işine ugraşan,
Ýetip maksadyna bir-birge duşan,
Iki güldür bir-birine çyrmaşan.
Bulary bir-birden aýyrma zynhar!
Alty aýlap akyp gezdi derýada,
Ýene zulm edersen ondan zyýada,
Hak getiren hem ýetiren myrada,
Tahyry Zöhreden aýyrma zynhar!
Gümra bolup, eden ähtiň bozarsen, Haýyr
bolgan işi şerge ýazarsen,
Gyzyň nalyşyna niçik dözersen?
Zöhräni Tahyrdan aýyrma zynhar!
Birisin öldürseň, birin goýarsýen,
Bu işiňden köp puşmanlar iýerseň,
Gyzyň özün öldir, soňra duýarsen, Aşyklary
hergiz aýyrma zynhar!
Zöhre jan açylgan bir täze güldür, Tahyr
nala kylgan şeýda bilbildir,
Ölüm, pyrkat senden laýyk degildir. Begler
diýr, aşygy aýyrma zynhar!
Elkyssa, begler, sypahylar sözlerini tamam etdiler. Şu söze patyşanyň gahary gelip:
— Men sizlerden tedbirini soramasmen! Bu sözleri aýdanyňyz üçin, sizleri hem
öldürermen! — diýip, gahar bilen garady ki, begler janlarypdan gorkusyna üç mertebe
tagzym edip:
— Biz toba etdik! — diýip, patyşanyň, aýagyna ýykyldylar. Patyşa bularyň günäsini
ötdi. Begler öz başlaryny zordan gutardylar, «ozalda kysmatdyr, takdyra çäre ýok...»
diýişdiler.
Şa gazap bilen ýene jellatlara: «Tahyry tizden-tiz» tutup getiriň!» diýdi.
118
Ýasawullar derhal baryp, Tahyryň ellerini arkasyna baglap getirdiler. Duşmanlar şat
boldular, dostlar gamgyn boldular. Şa dergazap bolup:
— Eý gulam beçe! Sen meniň haremhanama aýagyňy goýup, ölümden, zulumdan
we meniň haýbatymdan gorkmadyňmy? Allatagala saňa beýle nowjuwanlygy beripdir, ol
now juwanlygyňa haýpyň gelmedimi? Men seniň meýdiňi oda köýdürsem gerek! — diýip,
aý paltasyny towlap, gazaba mündi. Tahyr:
— Eý akmak, masgara patyşa! Bu gün—şa sen, erte—geda sen! Men Alladan
gorkaram, senden gorkmanam —diýip, bir söz aýtdy:
Ýokdan bar eýlegen kadyr Alladyr,
Alladap gorkaram, senden gorkmanam
Her ne hökm eýlese, hökmi rowadyr, Alladan
gorkaram, senden gorkmanam!
Hudanyň mülküdir suratym, janym,
Zöhräge gurbandyr jan-u-jahanym, Bu
gün meýdan üzre dökülse ganym,
Alladan gorkaram, senden gorkmanam!
Bu gün goşulmyşam Zöhre dildara,
Armanym ýok, indi çekilsem dara,
Zöhräniň gaşynda kylsaň set para, Alladan
gorkaram, senden gorkmanam!
Bende gul sen, «şa men!» diýip gezersen»
Atam bilen kylgan ähtiň bozarsen,
Haýyr bolgan işi şerge ýazarsen, Alladan
gorkaram, senden gorkmanam!
Dünýä geldim, dogan günüm ölmüşem,
Yşkyň söwdasyna serim salmyşam, Goç
guzy men, gurban üçin gelmişem,
Alladan gorkaram, senden gorkmanam!
«Öldir men!» diýip, gazap bilen söýlärsen,
Ölümden özüňi yrak eýlärsen, Maksadym
ölümdir, gaýry neýlärsen?
Alladan gorkaram, senden gorkmanam!
Tahyr diýer, sygynmyşam Hudaga,
Yşkyň şunkary men, düşdüm duzaga,
119
Kaşyk ganym Zöhre jana sadaga,
Alladan gorkaram, senden gorkmanam!
Tahyryň bu sözüne şanyň gazaby öňküden hem beter gelip:
— Jellatlar! Bu peläketi öldüriň! — diýip gygyrdy. Jellatlar hanjarlaryny ellerine
alyp, ylgaşyp geldiler. Tahyr begi ölüm meýdanyna çykardylar, aşyklaryň nalasşdai AýGün
tutuldy, elem-jahan garaňky boldy. Tahyr:
– Eý jellatlar, Hudaýyň haky üçin, bir zaman taammyl358 kylyň. Zöhre janyň didaryny
göreýin, oňa bir-iki agyz sözüm bar! — diýdi.
Şol wagt Zöhre jan başyna gara örtüp, ýas geýimini geýip, bozlap ýetişdi we
märekäniň içini ýaryp girip:
— Eý ýüregimniň kuwwaty, gözümniň röwşeni, diriligimiň sermaýasy. Tahyr jan!
Merdana bolgul, bu ýoldan dönmegil, ikimiziň maksadymyz ölümdir! Şükür Allatagala
ikimizi myradymyza ýetirdi. Eý Tahyr jan! Alla ikimizi ýaşlykdan aşyk etdi, mähri
muhupbeti köňlümize saldy, indi iki aşygyň öler günüdir... Bu gün sen ölseň, ertir men
ölermen! Kyýamat güni Hudaýta-gala kazy bolup, resul allaýyssalamyň şepagatçy bolan
dergahynda Babahan bilen hasaplaşarmyz!—diýip, bir ebýat aýtdy:
Hudadan dilegil maksat-myradyň,
Bu gün myradyňa ýeter günüňdir. Ölüňi
tabşyryp aşyk Perhada,
Aşyklar ýoluny tutar günüňdir.
Ölseň bu gün Babahanyň golunda,
Ruhuň seýran eder jennet gülünde,
Ýaryň wysalynda, yşkyň ýolunda Dünýäni
bir pula satar günüňdir.
Ýar, meniň ýolumda ger çyksa janyň, Men
sensiz rahatyn sürmen jahanyň,
Dökülse meýdanda gyrmyzy ganyň, Gan
ornuňa şerbet ýutar günüňdir.
Biz gideli, munda galsyn Babahan,
Babahana mubah bolsun bu jahan,
Magşar meýdanynda gurulsa mizan,
Mäkäm ýakasyndan tutar günüňdir.
Keramen-kätibin36" ýazypdyr bizi,
120
Oýulsyn, kör bolsun atamnyň gözi, Ruzy-kyýamatda
garadyr ýüzi,
Lagnat daşyn oňa atar güpüňdir.
Atamyň jebrinden derdim set hezar880,
Gara ýüz Çomakga kylsa sezewar,
Mazaryň ýanynda ýasarmen mazar, Owwal
nobat seniň, ýeter günüňdir.
Zöhre diýr, jellatlar keserler başyň.
Ýokdur mähribanyň, kowmy-gardaşyň.
Ozalda kysmatdyr, çytmagyl gaşyň
Rahmet derýasyna batar günüňdir.
Elkyssa, Zöhre sözün tamam etdi. Tahyr Zöhre janyň bu mürewwetini eşidip:
— Eý näzeninim! Seniň aldyňda ölsem, armanym ýok — diýip, bir gazal aýtdy:
Hoş gal indi, Zöhre janym,
Aýra düşdüň, dildar indi.
Behiştim, hurum, ryzwanym,
Hara dönmüş gülzar indi.
Ataň gazap donun geýip,
Bizni kylar gözden gaýyp,
Ýüzüň ýyrtyp, saçyň ýaýyp,
Sen çekmegil azar indi.
Tahyryň dara çekiler,
Ýüregiňde ot çakylar,
Meýdanda ganym döküler, Açylar
lälezar indi.
Maňa gazap kylan şadyr,
Kysmaty kadyr Alladyr,
Gara ýer bir aždarhadyr,
Ahyr25* ýutar bu mar indi.
Nykabyň çekmegil ýüze,
Ýaş getirme gara göze,
25
Bizni.
121
Kyýamat gün ikimize Nesip
etsin didar indi.
Zöhre jan, eşit nalyşym,
Iki dünýäde ýoldaşym, Berjaý
bergil aby-aşym,
Sen bolgaýsen gamhor indi.
Bu meýdanda Tahyr ölse,
Garabatyr häzir bolsa,
Zöhräm bilen oýnap-gülse,
Haçan tapam karar indi? Tahyr:
— Eý Zöhre jan! Men dünýäde myradyma ýetdim, ölume gynanmas-men, emma
aýralyga köýermen, men ölüp, sen Garabatyryň, saýasynda galsaň, men gabrymda niçik
karar taparmen? Eý mähribanym! Ölinçäm
dildarlyk kyldyň, ölenimden soň hem
gamhorluk edersen,
ölsem, meýdimi bejerip, soňra aby-aşymy jaýba-jaý berersen,
gabrymyň başynda aýat, hatmy-kuran edip, tekbir edersen, juma agşamy çyra ýakarsen.
Eger sen gamhorluk etmeseň, özgeler tamam duşmandyr! Ýene bir sözüm bar: Garabatyra
özüňni ýakyn kylmagyl, ondan soňky maslahaty hem özüň, bilersen... — diýdi. Zöhre:
— Tahyr jan, dünýäde maňa hazreti Jirjis pygamberiň gören azabyny berseler-de, bir
sagat Garabatyr bilen hemsöhbet bolup gezmesmen! — diýip, bir ebýat aýtdy:
Sen gidersen, Zöhre munda galar diýp, Onuň
üçin gamgyn bolma, Tahyr jan!
Men gidermen, gaýry munda geler diýp, Onuň
üçin gamgyn bolma, Tahyr jan!
Yzda galyp, köňlibaşga berer diýp,
Gezen baglaryma seýran kylar diýp,
Garabatyr bilen oýnap-güler diýp,
Onuň üçin gamgyn bolma, Tahyr jan!
Tahyrym diýp, ýanyp-köýüp ötermen,
Pyrkatyňda mydam ganlar ýutarmen,
Sensiz, ýarym, bu jahany netermen?
Onuň üçin gamgyn bolma, Tahyr jan!
Men ýetmesem seniň kibi ýaryma, Hazan
degin bu bakjaly naryma,
Şertim budur, tyg sanjylsyn bagryma, Onuň
üçin gamgyn bolma, Tahyr jan!
122
Zöhre diýer, bir ykrarda durarmen,
Senden galyp, kanda döwran sürermen?
Bu gün gitseň, erte men hem bararmen,
Onuň üçin gamgyn bolma, Tahyr jan!
Zöhre sözüni tamam etdi. Tahyr beg Zöhräniň köňlüni bilip, köp razy bolup: — Eý
Zöhre janym, kyýamata çenli razymen, Alla ýaryň! — diýip, bir ebýat okady:
Men gadam goýarmen ahyret sary, Näzeninim,
Zöhre janym, gal indi.
Rakyplar aýyrdy ýaryndan ýary, ŞiriN
sözli Zöhre janym, gal indi.
Jellatlar gelipdir janym almaga,
Rakyplar gelipdir oýnap-gülmäge,
Men gelmişem bu meýdanda ölmäge,
Sen salamat. Zöhre janym, gal indi.
Golunda hanjary jellatlar geldi,
Katyly-hunhorlar361 degrämi aldy,
Eziz tenim gyrmyzy gana boýaldy,
Aglamagyl, Zöhre janym, gal indi.
Wesiýetim, arzym saňa Zöhre jan: —
Gara gözden ýaşyň dökmegil her ýan,
Armanym ýok, bolsam gaşynda gurban,
Gam iýmegil, Zöhre janym, gal indi.
Näzenin ýigitler, deňi-duşlarym,
Ýigitler hemrasy priweşlerim,
Gadyrdan dostlarym, kowmy-hyşlarym, Aglamagyl,
halaýyklar gal indi.
Aglama, söwdügim, döwran günüdir,
Meýdanda aşygyň merdan günüdir,
Bu gün bize aýdy gurban günüdir,
Gamgyn olma, Zähre nanym, gal indi.
Ýüzüň ýyrtyp, syýa saçyň ýaýmagyl,
123
Tahyryň bagrynda daglar goýmagyl,
«Ýarym öldi...» diýip, gamlar iýmegil,
Alla ýaryň, näzeninim, gal indi.
Elkyssa, jellatlar Tahyryň eteginden kesip, gözüni baglap, buryýanyň üstünde
oturdyp, şadan rugsat bolarmyka diýip garaşyp durdular. Şol wagt Zöhre gygyryp:
— Eý halaýyklar, aşyklara üç gün pursat berilsin—diýdi. Halaýyklaryň hemmesi:
«Aşyklara üç gün pursat beriň!» diýip arz etdiler. Şa üç gün pursat berdi we jellatlara:
«Tahyry Zöhrä bermeli» diýen habar geldi. Zöhre kenizleri bilen Tahyry köşge alyp gitdi.
Iki aşyk bir ýerde karar tapyp, derdi-hal aýdyşdylar.
Dördünji güni Zöhre Tahyra şahana lybaslar geýdirip, başyna täji-murassyg362 goýup,
biline zerrin kemer baglap, gulpaklaryna tylla şana urup, ýüzlerine gülap sepip, bezäp,
meýdana çykardy. Görer bolsaň, iki aşyk ýüzleri aý kimin şöhle salyp, garaňky gijäni
minewwer eder erdiler. Gören adamlar haýran bolup, barmaklaryny dişläp durar erdiler.
Uly-kiçi halaýyklar: «Ylaha, Tahyra nejat363 ber!» diýşip, ahy-zarlaşyp durar erdiler. Zöhre
pakyr «belki Tahyry bu görk bilen şa öldürmegeý-dä» diýen umydy köňlüne getirer erdi we
meýdanda Tahyryň golundan tutup durar erdi. Ol wagt şa jellatlary bilen gelip:
— Öldüriň!—diýip, jellatlara yşarat etdi. Jellatlar gelip, Tahyry Zöhreden alyp, ölüm
meýdanyna çykardylar. Zöhre jan oda düşen perwana dek baryp, atasynyň aýagyna ýykylyp
ýalbaryp:
— Meni öldür, ýarymy azat eýlegil! — diýip – bir gazal aýtdy:
Şa babam, arzymny beýan kylaýyn, Meni
öldür, ýarym azat eýlegil!
Tahyryň başyna gurban bolaýyn, Öldür
meni, ýarym azat eýlegil!
Owal başdan Alla ýazypdyr bizi,
Bahyr bilen ykrar etdiň bu sözi,
Ýüzüňi döndergil, duman gün ýüzi,
Meni öldür, ýarym azat eýlegil!
Atama terhos et mähriban enem,
Gije-gündiz yşk odunda örtenem,
Tahyrda ne ýazyk, ýazykly menem,
Meni öldür, ýarym azat eýlegil!
Men munda galmanam, özüm bilermen, Hanjar
bilen gara bagrym dilermen,
Tahyry öldürseň, men hem ölermen, Meni
öldür, ýarym azat eýlegil!
124
Bu gün baş goýmuňşam yşkyň ýoluna, Nazar
etmen bu dünýäniň malyna,
Ýardan owal düşem ajal goluna, Meni
öldür, ýarym azat eýlegil!
Bagban elin alma-nardan aýyrma,
Bilbil perin gülguzardan aýyrma,
Gazap bilen meni ýardan aýyrma,
Meni öldür, ýarym azat eýlegil!
Meňiň ýarym26 Bahyr wezir ogludyr,
Şa zulmundainsynalary daglydyr,
Zöhre bilen bir ykrara baglydyr, Meni
öldür, ýarym azat eýlegil!
Elkyssa, Zöhre jan sözüni tamam etdi. Tahyr:
— Eý Zöhre jan, namarda boýnuňy burma. Takdyra çäre bolmas — diýdi. Şol
wagt şa jellatlarga göz ümledi. Jellatlar derhal Tahyryň başyny kesdiler.
Tahyryň her katra ganyndan «Zöhre» diýip, owaz çykar erdi, soň her katra gany bir
gyzyl gül bolup açyldy, halaýyklar haýran galdylar... Zöhre pakyr görse, iş bitipdir... Özüni
meýdiň üstüne taşlap, beýhuş boldy. Kenizler ikisiniň hem üstüne perde tutup, il-günden
ýaşyrdylar. Soňra ýurt ogly bolup, tabydy göterdiler. Şol wagt Zöhre özüne gelip:
— Halaýyklar! Gaýra duruň! Namahramsyňyz! — diýdi we kyrk kenizine ýüzlenip:
— Tahyry göteriň! — diýip, perman etdi. Barça gyzlar aglaşyp perýat edip,
Tahyry göterip, köşge getirdiler. Oňa altyn zerbapdan kepen etdiler, üstüne müň bäş ýüz
tümenlik kirmany-şaldan örtük etdiler.
Alty müň tümen harç edip, şäheriň daşynda bir gümmez saldyrdylar. Zöhre hazynanyň
agzyny açyp, kyrk batman altyn, kümüş alyp: «Tä gümmeze barynça, bulary Tahyryň
üstünden seç» diýip, Göwheriň eline berdi.
Soň şäheriň ähli halky ýygnanyp, ýigrimi alty müň adam bolup, Tahyra jynaza
okadylar. Ondan soň Tahyryň üstünden simu-zer seçdiler. Birnäçe karylar karyçylyk edip,
diwanalar «hu, hak!» diýip, derwüşler zikru-sena aýdyp, şyhlar nalyş edip, meddahlar gazal
aýdyp, niçe deň-duş ýigitleri, niçe gelin-gyzlar gabyr başyna bardylar. Tahyryň üstüne ýüz
tümenlik müşki-anbar sepip, ony jaýlap aglaşdylar. Şol märekede Mollanepes hem bar erdi.
Ol:
— Eý halaýyk, gaýtmaň her kim şehidiň geýiminden ýa onuň üstüne ýapylan zadyndan
bir sapak alsa, oňa dowzah ody haramdyr — diýdi.
Tahyryň üstüne ýapylan zatlary ilata paýlap, Zöhre olara jogap berdi, özi kyrk kenizi, üç
ýüz kary bilen ol ýerde galdy. Bu gije daň atynça, şol ýerde boldular.
26
Tahyr diýrler.
125
Ondan soň, Zöhre üç gün içinde Tahyryň hemme aş-suwuny berdi, köşgüne gelip,
baglaryny we gaýry köşk esbaplaryny kenizlerine bagmilady. Ondan soň gara çadyryny
başyna bürenip, gara geýnip, Tahyryň gabryna zyýarata gitdi. Munuň göz ýaşyndan barýan
ýoly öl bolar erdi. Şol wagt enesi ýügrüp, yzyndan ýetip:
— Eý balam, öleniň yzynda ölmek bolmaz. Ölenden peýda ýokdur, öleni ýadyňdan
çykar, dirä hyzmat et, «öli arslandan diri syçan ýagşydyr!». Garabatyr hem öz öwladyňdyr,
oňa köňül ber — diýip, tutup durdy. Zöhre jan:
— Eý ene! Aýagyňy göre sokup oturypsen, beýle sözi aýtmaga niçik agzyň barýar —
diýip, bir ebýat okady:
Ene jan, diýmegil beýle sözüňni,
Bu wadaga wepa kylmasam bolmaz,
Diýgeniň rast bolsa, görmen ýüzüňni, Gahyryn
yzynda ölmesem bolmaz.
Hudaýym eýlese lutfy anaýat364,
Tahyryň ruhuna hatm edip aýat, Ýarymyň,
gabryny eýläp zyýarat,
Ol ýerde läş bolup, galmasam bolmaz.
Iidi meniň rehmim gelmez bu jana,
Bu işler bizlere boldy bahana,
Janymy
tabşyryp kadyr Subhana,
Jesedim topraga çalmasam bolmaz.
Täleýim ters geldi, ykbalym syndy,
Ajalyň sakysy şerabyn sundy365,
Ýaryň humaryndan aýyldym indi27,
Hazan uran gül dek solmasam bolmaz.
Zähre diýer, şirin jana dözmesmen,
Öler men, Tahyrdan umyt üzmesmen, Ýar
onda, men munda aglap gezmesmen,
Baryp ýar gabrynda galmasam bolmaz.
Elkyssa, Zöhre sözün tamam etdi. Enesi her çent töwella etdi, töwellasyny almady.
Soňra enesi aýtdy:
— Eý gyzym, eger ýüz gün hem ýalbarsam, meniň diýenimi etmersen, seniň yşkyňa
çäre tapyp bilmedim. Eý guzym! Rastyny sözlesem, seniňki dürsdür, seniň ýoluň hakdyr.
27
Ýaryň wysalynda açyldym indi.
126
Tahyr seniň ýoluňda öldi. Sen hem onuň ýolunda ölseň gerek. Indi özüň bilersen — diýip
aglap,öýüne gaýtdy. Zöhre jan hem gabra zyýarata ugrady.
Indi habary Garabatyrdan soraň. Ol bagyň kenarynda bukulyp, Zöhräniň ýoluny
saklap durar erdi. Birden Zöhräniň gelenini görüp, ileri ýöredi, emma Zöhre munuň nähili
hyýal bilen gelenini bilmedi. Şol wagt Garabatyr Zöhräniň öňüne geçip, tagzymtowazyg 366
bilen arzy-halyny sözläp, Zöhrä garap, bäş keleme söz diýdi:
Zöhre jan, arzym bar, nedir günähim, Hallarymdan
habar alsaň, ne boldy?
Maňa rehm eýledi keremli şahym,
Bu halymdan habar alsaň, ne boldy?
Mel seniň, yşkyňda gaýnaşyp daşyp,
Sen gezersen rakyplara baş goşup,
Agýardan aýrylyp, hylwatda duşup,
Ak goluň boýnuma salsaň, ne boldy?
Men aşygam seňiň kibi jenana,
Günde ýüz örtärsen kast edip jana,
Gaşyňdan kowlarsen eýläp bahana, Ataň
beren pendin alsaň, ne boldy?
Laçyn dek delmürip, her ýana bakyp,
Käkiliň şanalap, kaddyňa döküp, Gyzlara
baş bolup, seýrana çykyp,
Gaşymda oýnaýyp gülseň, ne boldy?
Tahyryň gitdi diýp, dile getirme,
Hoş günüňi hesret bile ötürme, Gara
geýip, gamgyn bolup oturma,
Garanyň yhlasyn bilseň, ne boldy?
Elkyssa, Garabatyr sözüni tamam edip:
— Eý
Zöhre
jan!
Men
pakyra
hem
rähim
et,
men
hem
senden
umydygär
bolup,
gije-gündizi
ahy-zar
bilen
geçirermen — diýdi.
Zöhre munuň durşundan gorkup: «Bu betbagt maňa birden gol ýetirip, biabraý
edäýmesin!» diýip, howpa düşüp, Garabatyry gaýtarmak pikiri bilen bolup:
— Eý
Garabatyr,
indi
men,
seniňki
boldum,
emma
Tahyr hem meniň ýolumda köp zähmet çeken oglandyr, entek howlukma, onuň aşsuwuny
berip, özümi ýasdan çykaraýyn, soňra döwrany seniň bilen süreris, asyl sen meniň ýakyn
127
garyndaşym ekeniň!? Sen toý enjamyňy tutuber, indi döwran saňa döndi!? – diýdi. Bu söze
Garabatyr ynanyp, keýpi kök bolup, baryp Zöhräniň atasyna:
–– Patyşahy-älem, gyzyňyzyň ozaldan bize köňli bar eken — diýdi. Patyşa hem hoşwagt
boldy.
Zöhre jan Garaçomagy hile bilen sowup, kenizlerine garap, bir söz aýtdy:
Gülzada, Göwherim, eşit sözümni,
Nalalar çekermen ýaryň ýolunda,
Tahyr üçin berbat kylyp özümni,
Jigerim ýakarmen ýaryň ýolunda.
Aşyklar gyçgyryp, tapmaz haraýyn, Gitdi
ýarym, indi kimden soraýyn?
Bu gün jan öýüni — jismim saraýyn,
Kast edip ýykarmen ýaryň ýolunda.
Meger ondan owal alyr janymy,
Kül edermen ýakyp istyhanymy, Ýar
gabryna baryp, gyrmyz ganymy
Suw kimin dökermen ýaryň ýolunda.
Atam gowga saldy ejiz başymny,
Sil kimin akdyrdy ganly ýaşymny*,
Janym berbat kylyp, eziz läşimni
Itlere çekermen ýaryň ýolunda.
Zöhre diýer gara bagtym garardy,
Garabatyr maňa hyrydar erdi,
Tahyr janym meniň üçin jan berdi,
Dünýäden çykarmen onun ýolunda.
Eakyssa, Zöhre sözüni tamam edip:
— Eý gyzlar, aglamakdan bir iş bitmez, ýörüň Tahyr begiň gabryna zyýarat edeliň —
diýip, kenizleri bilen goşulyp, zyýarata gitdiler. Olar zyýarat edip, gabryň başynda niçe
wagt aglaşyp gaýtdylar.
Emma Zöhre gyz ýaglygyny gabryň başynda ýygşyryp gaýtdy. Zöhre janyň işi
aglamak erdi, ýolda hem aglap başlady, emma ýaglygyny alyp, gözüňiň ýaşyny
süpüreýin diýse, ýaglygyny tapmady... «Meniň ýaglygym galypdyr...» diýenden soň,
gyzlaryň her kaýsy bir ýana gitdi. Zöhre hem dogry gabra tarap ugrady. Onuň bilinde bir
hanjary bar erdi, hanjary sogrup, kelemeýi-şahadaty okap, onuň destesini aşak edip,
tygyny ýokary edip: «Eý Tahyr jan! Maňa ýalan dünýä gerek imes, seniň didaryň
128
gerek!» diýip, ýüregini hanjaryň üstüne goýberdi — hanjar ýüreginden girip, arkasyndan
çykdy. Gül teni gana boýaldy — jany jennetde Tahyr bege gowuşdy...
Kenizler oýan-buýan gidip, ýaglygy tapman, ýaňadan Zöhrä garşy dolandylar. Görseler,
Zöhre gana bulaşyp ýatyr. Gyzlar aglap, onuň ýasyn tutdular we öz birlerini şaha habarçy
gönderdiler. Ol baryp:
— Gyzyň jennete wasyl boldy... — diýip, şaga habar berdi. Patyşa bu habary eşidip,
beýhuş bolup ýykyldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zöhre-Tahyr - 8
  • Parts
  • Zöhre-Tahyr - 1
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1932
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 2
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1859
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 3
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1881
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 4
    Total number of words is 4034
    Total number of unique words is 1968
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 5
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1898
    26.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 6
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1950
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.9 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 7
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1906
    25.5 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 8
    Total number of words is 3557
    Total number of unique words is 1625
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.