Latin

Zöhre-Tahyr - 4

Total number of words is 4034
Total number of unique words is 1968
25.7 of words are in the 2000 most common words
38.6 of words are in the 5000 most common words
44.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Mende bir gül kemala gelipdir. Ony dogan ogla-ym Garabatyra bermek isleýärin
— diýdi. Ol wagt wezir-wüzeralar Garabatyra: «Gutly bolsun!» diýdiler. Soňra hazynadan
Garabatyra giýewilik halatlar bagyşlady we kazyny getirip, güwäler häzirläp, Zöhre jany
Garabatyra nikalap berdi. Garabatyr şahyň gyzyny alan adam bolup, murtuny towlap,
özünde bar hazynany çykaryp, şäherleri çyragan edip, ähli erkandöwletine halat berip, köp
pakyr we pukaralara gyzyl bagyşlady. On bäş gije-gündiz toý-tomaşa berdi. Soň gije
Garabatyr Zöhre gyzyň, köşgüne baryp, gol gowşuryp, oňa salam berdi we atasynyň
Zöhräni oňa bagyşlanyny aýan etdi. Bu söze Zöhre gyzyň, bagry ýanyp, Garabatyra gahar
bilen aýtdy:
— Eý Garabatyr! Göwheri itiň boýnuna daksaň, göwher hem aglar, it hem. Sen kim,
men kim? Ikimiziň ortamyzda sulh berip, nika baglan nähili akmak eken! Göýä zagpyrany
eşegiň aldyna döken ýaly bolur. Bar, ýok bol! Gözüme görünme! — diýip, bir ebýat aýtdy:
Gitgil mundan, Garaçomak!
Men seniň ýaryň degilem.
Saňa «berdim» diýgen akmak,
Men seniň ýaryň degilem.
54
Bir garga sen har içinde,
Aşyk bolan zar içinde,
Seýr eder gülzar içinde, Söwer
gülzaryň degilem.
Bir aşyk biçäre bolsaň,
Men diýip awara bolsaň,
Eger göwher para bolsan, Men
hyrydaryň, degilem.
Bu gün atama agýar men, Her
zulmuň içinde bar men,
Tahyr diýp hassa-bimar men,
Seniň, bimaryň degilem.
Atam zulm etdi başyma,
Rehm etmedn göz ýaşyma,
Dilberim geler gaşyma, Seniň
dildaryň degilem.
Meniň aşyklygym hakdyr,
Dahyl eýlegen akmakdyr,
Mende bir maksadyň ýokdur, Hiç
kylar käriň degilem.
Pida bolman pidalygňa, Höwesim
köp jydalygňa,
Zöhre diýer, gedalygňa, Men
sebäpkäriň degilem.
Elkyssa, Zöhre jan sözüni tamam etdi. Garabatyr söz gatyp bilmedi, el hem urup
bilmedi we masgara bolup, öýüne gaýtdy. Ondan soň Zöhre jan ýakasyny ýyrtyp: «Eý bar
Hudaýa! Ýa bu amanady al, ýa Tahyrdan derek ber! Seniň Tahyry getirmäge we
Garaçomagy öldürmäge gudratyň ýetmeýärmi?» diýip, zar-zar aglap, beýhuş bolup
ýykyldy. Bir zamandan son, huşuna gelip, Gülzada kenize:
— Dünýäniň, zynaty, döwleti maňa gerek imes, sen bulary köçä çykaryp,
pakyrpukaralara sarp et — diýip, hazynanyň, açaryny berdi.
Zöhräniň aglamakdan başga işi ýok erdi. Ol Tahyry ýatlap, mejnuny-diwana bolup,
ahy-perýat edip ýörer erdi. «Eý Tahyr jan, sen gaýry bilen mübtela bolduň, ýa bir bela duş
bolduň, meni ýat etmediň, köňlümi abat etmediň. Men ýesiri haýranyň bolup galdym,
yşkyňda diwana boldum. Gör, sen kaýsy periler bilen döwran sürersen, kaýsy baglarga seýr
55
edersen? Men sensiz ejiz galyp, saralyp soldum, ölmäge ýakynlaşdym. Seniň bilen süren
döwranlarym ýat boldy, soltanetler berbat boldy, dostlar talh, şekerler zäher, ýarlar agýar
boldy, gözlerim ýoluňda intizar boldy... Ýaryndan aýrylan bir binewa, gülüstandan aýrylan
bir bady-saba men. Sensiz bu köşkler, bu baglar, saraýlar gözüme dowzahdan hem ýaman
görner. Seniň wysalyňa ýetmek barmukan?» diýip, Zöhre gyz zar-zar aglap, ýene bir gazal
aýtdy:
Senden aýry men ýesiri derdi-hijran galmyşam,
Ölmeýin galdym bu gün, halymga haýran galmyşam.
Barçalar aşrat donuda gezdiler seýran era, Neýleýin,
zulmat era men zary-girýan galmyşam.
Ýarym agýar ile bezm eýlär ki döwran bagyda,
Men bu gün hary-mugylan275 içre seýran galmyşam.
Telbe köňlüm köp hewes eýlär oşol dildaryny,
Däli sergerdan bolup, serkeşte ynsan galmyşam.
Patyşahy-husn idim, tagtym era soltan idim,
Tagty-täjim sil apardy, munda myhman galmyşam.
Bilbilim uçdy bu gün, azm etdi hijran bagyna, Men
hazanly gülşen içre bagry birýan12 galmyşam.
Ýar agýar ile ýar oldy ki, ýaryn terk edip,
Men ki terk eýleý diýsem, neýleý ki, bijan galmyşam.
Zöhre diýr, ýar-bilbilim uçdy hazanga bagydan, Ataşy-hijran
elinde eýläp efgan galmyşam.
Elkyssa, Zöhre sözüni tamam etdi. Kenizleri munuň aglamagyna takat getirip bilmeý,
ýygnanyşyp: «Bir saz-söhbet edeliň, belki, Zöhre gyzyň, köňli açylgaý» diýip, maslahat
edişdiler we Zöhräniň ýanyna gelip:
— Sen nalyşyňy goýsaň we bize rugsat berseň, biz saz-söhbete başlasak — diýip
ýalbardylar. Zöhre gyz rugsat berdi. Kenizler saz-söhbet, uly mejlis etdiler. Zöhräniň şähdi
açylyp, uka gitdi. Ol wagt kenizler oturyp, maslahat etdiler. «Zöhräniň abat-sag wagtynda
halat-serpaýlaryny alyp, tagamyny iýip, başyna beýle iş düşen wagty bolsa çäresini
tapmasak, nan ýagysy boldugymyzdyr» diýişdiler, Ol wagt Göwher:
12
Beýtil ahzan.
56
—Eger Tahyry getirmesek, Zöhräniň başga çäresi ýokdur — diýdi. Onda beýleki
kenizler:
— Sen hemmämiziň serkerdämizsen. Bu işiň, çäresini sen taparsen — diýdiler.
Göwher:
— Men bu işiň çäresini taparmen. Ertir turup, Zöhräniň hazynasyndan zer alyp,
galandar eşigine girip, şäherme-şäher gezip, Tahyry gözläp, tapyp getirermen.
Eter tapmasam, özüm hem gaýdyp gelmezmen. Enşaalla, taparmen — diýdi.
Göwher on tört ýaşly, täze kemala gelen, uzyn boýly, gözel gyz erdi. Ol eline aýna
alyp, ýüzüni görende: «Men on tördi gijäniň aýy bilen barabardyrmen» diýip, pikir eder
erdi.
Kenizler:
— Eý Göwher, sen bu maslahaty makul gören bolsaň, Zöhräni oýadaly — diýdiler.
Göwher:
— Men başymy Zöhräge sadaka edermen — diýeninden soň, Zöhräni oýatdylar.
Zöhre aglap turdy. Gyzlar eden maslahatlaryny oňa beýan etdiler. Zöhre gyz begenjine hem
oturyp, hem turup, Göwheriň boýnundan gujaklap: — Saňa ýol gutly bolsun! Tahyr jany
görseň, meniň ahwalymy birin-birin aýt. Eger diri bolsa — janyny, öli bolsa—teninden bir
nyşana getirersen we aýdar- sen: «Aşyk bolan adam zulum görmelidir, bag içinde almanarym kemala gelipdir, Garaçomak her gün gelip, alma-narymdan ýoljak bolup, ýüz-müň
gaýgy-pikirde goýadyr. Men bagymyň, derwezesine garawul goýup, mydar edermen. Şanyň
zulumy agyr gelip, Garaçomak maňa zalym goluny ýetirjek bolsa, özümi öldürermen diýip
gorkarmen. Tahyr beýle hyýanata galmasyn!» — diýip aglady. Göwher gyz:
— Eger Tahyry getirmesem, namart boldugym — diýip äht etdi.
Şondan soň Göwheri ibermek üçin, ýol esbabyny tutup, oňa galandar eşigini
geýdirip, bir horjun tylla bilen ýelmaýa mündürip, Zöhre gyz kenizleri bilen ugradyp,
Tahyry berk sargap, bir ebýat aýtdy.
Göwher jan, sen gitseň ýaryň soragna, Barsaň,
ýaryň aman bardy – diýgeýsen.
Seni diýip, otlar düşüp ýüregne, Bagryn
bölüp, göweün ýardy—diýgeýsen.
Ýar diýip aglady niçe eýýamy,
Dilinde ýar bilen okan kelamy,
Kasytdan gönderdi saňa salamy,
Özün daga-daşa urdy—diýgeýsen.
Kähi telbe kimin delmürip durup,
Kähi ýetimler dek boýnuny burup,
Kähi hastalar dek reňgi sargaryp,
Uzadyp ýanymdan ýördi — diýgeýsen.
57
Rakyplar ot saldy şirin janyna,
Duşman hoşwagt bolup, sygmaz donuna,
Wysal isläp Zöhre janyn, ýanyna Çomak
maýyl bolup bardy—diýgeýsen.
Aşyk bolan şirin jandan geçmezmi?
Janan söýen ýar lebinden içmezmi?
Gorkarmy ölümden, ýaryn guçmazmy?
Zarlanyp, zynharlap sardy—diýgeýsen.
Diýenim aýt, bawar etsin sözüme,
Gara bolsun Babahanyň ýüzüne! Şa
gazap eýleýip ýeke gyzyna, Ol
Garaçomaga berdi—diýgeýsen.
Barsaň Tahyra diý: tizden-tiz gelsin!
Wagtymyň teňligin sözümden bilsin,
Täleýi ters gelse, Zöhre neýlesin, Pelek
onuň bagtyn ýordy13—diýgeýsen.
Elkyssa, Zöhre gyz sözüni tamam etdi. Göwher jany ýelmaýa mündürip, jylawyny
eline alyp, bagdan daşary çykdylar. Ýene bir düýäni hem zer-zerbapdan, lagly-jöwherden
ýükläp: «Her ýerde pakyr-pukara, ýetim-ýesirler bolsa, bu zatlary Tahyr janyň başyna
sadaka üçin sarp edersen. Belki, sadakanyň güýjünden Tahyrym tapylsyn...» diýip, Zöhre
aglap, Göwhere tabşyrdy. Soňra:
— Kaýsy şähere barsaň, hökümdarlar bilen tanyş bolgun, olar her ýerden habarly
bolarlar we başyňa iş düşse, asan açylar. Eger Tahyryň özüni görseň ýa habar eşiteseň, aýt:
«Tizden-tiz gelsin!»—diýip, Göwheri şäherden ýarym mezil ugradyp barar erdi.
Şol eýýamda Wahyt diýen bir galandar bar erdi. Ol Şähri jan atly gyza aşyk bolup,
onuň hasretinden köýüp, mest bolup, şäherme-şäher, çölme-çöl sorag salyp gezer erdi.
Şu galandar bulara duçar boldy. Ol aýtdy:
— Eý Zöhre jan, seýil mübärek bolsun! Sen bu ýerlere ne sebäpden geldiň?
Zöhre gyz jogap bermeý, onuň duşundap geçip gideberdi. Onda Wahyt ýene Zöhräniň
öňüne geçip, baş egip, salam berdi we:
— Eý aşyklaryň patyşasy! Syryňy maňa aýt! — diýip aglaberdi.
Zöhre gyz aýak saklai:
— Eý diwana, bu ýyl ýedi ýyldyr, maňa rehim edip, bu zeýilli habar gatan adam
görmedim. Sen nähili beýle rehimli-şepagatly adam, menden habar alarsen? — diýdi.
13
Bozdy.
58
Wahyt:
—«Zer gadyrny zergär biler» diýipdirler. Eger sen maňa habaryňy aýt-masaň,
özümni heläk edermen! — diýip, Wahyt galandar galman gideberdi. Onda Zöhre gözüni
ýaşa dolduryp:
— Eý galandar! Sen hem meniň üçin mähnet çekme, her näme çeksem, özüm
çekeýin, emma habar sorasaň, habarymy aýdaýyn — diýip, zar-zar aglap, bir gazal aýtdy:
Wahyt, menden habar sorsaň,
Bir ýar üçin sergerdan mem.
Käşki ýardan habar berseň,
Dildar üçin sergerdan men.
Sargaryp soldy gül ýuzüm,
Zäher boldy şirin sözüm,
Tahyr gitdi, galdym özüm, Azar
üçin sergerdan men.
Görsem ýaryň katdy-boýun,
Hak miýesser kylsa roýun, Gam
alypdyr kalbym öýün,
Gamhor uçin sergerdan men.
Weýran bolsun täji-tagtym,
Ýar diýip ýüregim ýakdym,
Ukudan oýanmaz bagtym,
Bimar üçin sergerdan men.
Baglarda sowsan-sünbülem,
Ter gunça dek täze gülem,
Gülden aýrylan bilbilem,
Gülzar üçin sergerdan men,
Ýedi ýyl derýada akan,
Şum täleýi aýra çeken,
Zöhre diýip bagryn ýakan,
Ol nar üçin sergerdan men.
Geldi aýralyk leşgeri,
Men neýläýin simi-zeri, Ýara
gönderýän Göwheri,
Ol ýar uçin sergerdan mep.
59
Siz aýyp etmäň Zöhräni,
Gözleýirmen Tahyr jany, Neýlerem
ýagty jahany,
Didar üçin sergerdan men.
Zöhre sözüni tamam etdi. Wahyt:
— Eý Zöhre jan! Biraz sabyr et, saňa bir arzym bar, isleseň aýdaýyn! — diýdi.
Zöhre: – Bolýar, aýt! — diýdi. Wahyt:
— Göwher jan bir gymmatbaha daşdyr, oňa hemme adam hyrydardyr. Göwheriň
daşyny her zatdan bezeseň hem, içinden mälim bolar. Eger-de siz Göwheri galandar
geýimine salyp, uzak ýollara ugratsaňyz, ýoldaky garakçylar muny tutarlar. Elbetde,
Göwher her kimiň goluna düşse, boýnuna tumar edip dakynar, seniň hyzmatyň hem jaýyna
düşmez. Eger kabul etseň, Göwheriň hyzmatyny men bitirermen. Meniň özüm owganly,
Käbil şäherinden. Men hem Tahyr ýaly bir galandarmen. Men Bagdatda Şähri jan diýen
gyza aşyk. Elbetde, galandar halyny galandar biler. Men bir erkek adam, maňa hiç kim el
we til ýetirip bilmez. Seniň bu işiňi men bitirermen, menden başga kişi bitirip bilmez.
Göwher jan baglara seýil edip ýörmäni biler — diýdi. Onda Zöhre:
— Men bir täleýi pes adam. Sen hem wada berip, ýene bir şäherde bir gyza duşup,
meni ýadyňdan çykararsen diýip gorkarmen — diýdi.
Wahyt:
—Eý Zöhre jan, ikimiziň aramyzda Hudaýtagalanyn uly adyndan äht bolsun, men
Tahyry tapyp, saňa gönderýänçäm, aram almazmen — diýdi.
Bu söz Zöhrä we Göwhere makul göründi. Olar maslahatlaşyp, Göwheri gaýtaryp,
Wahydy ibermekçi boldular. Zöhre Wahyda bihet gyzyllar berip, ýelmaýany hem tabşyryp:
— Eý Wahyt, şerigatda şerim ýok: meniň alma-narym kemala gelipdir, muňa
Garaçomak hyrydar bolup, her gün gelir, emma bir telbis276 bilen saklarmen, miwe bişip
ötüşse, tilki, şagal zaýa eder, ýarym tizden-tiz gelsin — diýip, Wahyda ak pata berip, aglap
bir ebýat aýtdy:
Wahyt, gider bolsaň mundan,
Janym söýen jany getir,
Derdim zyýada gün-günden,
Şirin janym çykar tenden,
Pinhan syrym ýokdur senden,
Sen hem el göterme menden.
Maňa dost bolmaz her kandan.
Geler wagtyň çyksa çenden, El
götärmen bu watandan.
Öldüm aýralyk derdinden, Derdime
dermany getir.
60
Meniň üçin ýanyp-köýen,
Gulpagyn her ýana ýaýan,
«Çyn hakykat dost men» diýen,
Yşkyň seriştesin iýen,
Her kime bir syryn diýen,
Ýüregimde daglar goýan,
Gaşymda zer-zerbap geýen,
Rakyp didaryndan doýan,
Ýanar oduma suw guýan, Ýalançyda
köňlüm söýen,
Oýan, gara bagtym, oýan! Tükenmez
döwrany getir.
Göwnüm talwas eder ýary,
Möwç urar yşkyň bazary,
Kemal tapmyş277 alma-nary,
Bilbilim ýok, kylsa zary;
Görünse, ýarşş didary,
Didarynyň hyrydary, Sadaka
dünýäniň bary.
Inçedir gulpagnyň, tary,
Aşykyň, ýok namys-ary,
Bu gün ýedi ýyldan bäri,
Kärim ýaryň ahy-zary, Ol
çeşmi-girýany getir.
Gam derýasyna gark olan,
Şa janyna gazap kylan,
Söwer ýaryndan aýrylan,
Mejnun dek diwana bolan,
Leýli kimin bagryn tilen,
Yşkyň tygyn jana çalan,
Gül meňzi sargaryp solan,
Deregin bilmez hiç gelen,
Aşraty ýok biziň, bilen,
Bilmen tirikmu ýa ölen,
Biziň, bilen wada kylan
Ol ähti ýalgany getir.
Ýarym onda, akly haýran,
61
Gözlerim ýolunda girýan,
Pelekden çäki-griban, Ýüregim
gan, bagrym birýan, Baglarym
galdy biseýran.
Ýarym kanda çeker arman,
Aşyklardan ötdi döwran,
Kararym ýok ýüzüň görmän,
Tapmaýyp derdime derman,
Ýakdy meni rozy-hijran
Zöhre diýer, men sergerdan,
Biakyl, nadany getir.
Zöhre sözüni tamam etdi. Wahyt:
— Eý Zöhre jan, Tahyry nähili nyşanlar bilen tanarmen? — diýdi, Onda Zöhre:
— Her şähere we gala barsaň, dat edip, «yşkyň elinden meniň ýaly köýen barmu?»
diýip gygyrsaň, seniň ahy-nalaňy eşitse, Tahyr bir salym hem durup bilmez. Özi orta
boýly, galam gaşly, zerefşan käkilli, yşk oduna köýen zyba ýigitdir — diýdi. Wahyt
galandar pata alyp, atyny goýup, ýelmaýa mündi we kerwene goşulyp, nirede sen
derýanyň aýagy diýip, ýola rowana boldy.
Wahyt bir niçe mezil ýol ýöräp, dag söküp, çöl kesip, ahyr bir uly şähere ýetişdi. Bu
Bagdat şaheri erdi. Wahyt bu şäheriň içine girip, köçelerine, metjit-medreselerine aýlanyp,
sorag edip:
«Bu şäherde meniň dek yşka köýen däli-diwana barmu?» diýip, gygyrar erdi.
Emma hiç-kimden ses çykmaz erdi.
Wahyt bu şäherden özüne ýoldaş tapmaý şäherden çykyp, sähralara ugrady. Ýolda
bir uly bagyň gyrasynda oturyp: «Eý halk, meniň dek yşk ýolunda awara bolan barmu?»
diýip gygyrdy. Bu çarbagda bir näçe sahyplar, şa ogly şazadalar, beg ogly begzadalar seýil
edip ýörer erdiler. Bularyň içinde bir zyba ýigide Tahyra Wahydyň gözi düşüp:
– Dost, yşkyň elinden meniň, deý bagry köýen barmudyr? — diýip gygyrdy. Bu söz
ýigidiň gulagyna hoş geldi. Ol:
—Eý ýigitler! Siz bir salym aýak saklap duruň, men ol adamyň bir habaryny alaýyn
— diýip ugrap, şu muhammesi aýtdy:
Dilber-a, ýadyň bilen synamga gam kän oldy, gel!
Hasretinden bozulyp, halym perişan oldy, gel!
Jemg olup gam leşgeri, dil içre myhman oldy, gel!
Sen sebäpli zary köňlüm şähri weýran oldy, gel! Lahta-lahta
tyg-hižrinden jigerim gan oldy, gel!
Her güle seýr eýlemen, rugsary-bagyň bolmasa,
62
Kim erer hemdem maňa? Hijrany dagyň-bolmasa
Şeb278 erer gündizlerim, husny-çyragyň bolmasa,
Istemen gandu-hesel, şirin dodagyň bolmasa,
Nezdi-köňlüm279 dähri bagy, bagy-yhsan oldy, gel!
Serwi kat, rugsary-hoş, simin beden280, gül ýüzli ýar,
Isteýip bezmi-wysalyň, derde galdym bişumar.
Asmanyň enweri sen, ýer ýüzünde lälezar,
Elmydam waslyň diläp, ten içre köňlüm bikarar,
Ýar diýip, agýardan mahrumy-döwran oldy, gel!
Gaşlaryň ýaý, kirpigiň ok, muztaryp281 janymga ot.
Ger meni katl eýlese, oldur bu janymga kerat.
Lebleriniň şerbetin datgan tapar daýym haýat.
Aşygyn magşuk eger öldürse, bolgaý ruhy şat. Rehim
kyl, ýetgir maňa, suraty bijan oldy, gel!
Näzeninim seýre çykmyş, waspyny eýleý beýan.
Patyşahy-husn erer, bişekki müslimdir aýan. Käkili
serw üzre janymga belaýy-nägehan.
Tuby boýlug, mähweşim bolgaç nazarymdan nyhan. Her
tarap boý çekmedi serwi hyraman oldy, gel!
Tahyr-a, ýat eýlerem şamu-säher ol mähweşi,
Aýra saldy Zöhre jandan bu pelekniň gerdişi,
Isterem dildardan müžde282 getirse bir kişi,
Hižriden Kaknus kibi synamga salyp ataşy,
Üşbu halymny görüp, käpir musulman oldy, gel!
Tahyr sözüni tamam etdi. Wahyt bu yşk eserli ýigidiň Tahyr ekenini bilip, mestimestana
bolup, Tahyryň gaşyna baryp, şu gazaly aýtdy:
Dostlar-a, rozy-ezel köňlüm era ja kyldy yşk,
Günde ýüz mähnet bilen başymny gowga kyldy yşk.
Telbe itler deý gezermen çar tarapga delmürip,
Naidy283 ýemrüm hasylyn bir demde ýagma284 kyldy yşk.
Gamly bagrymny kebap etdi, salyp synamga dag, Leblerimni
teşne, göz ýaşymny derýa kyldy yşk.
63
Aglaýyp, şu gözlerimden eşk döküldi, neýleýin! Gözlerimni
kör edip, köňlümni bina285 kyldy yşk.
Günde ýüz katla ölermen, kim ýene ýüz direlip,
Mahramy-möwt286 olmuşam, mahrumy-dünýä kyldy yşk.
Hijri wadysyda287 sergerdan gezermen, beçeler, Başymga
daş ýagdyryp, älemde riswa kyldy yşk.
Ýardan çekdim aýak, bir dem parahat bolgaly, Köňlüm
içre ja olup, ýaryn temenna kyldy yşk.
Bir perige beg bolup, geldim ki Tatar şähriden,
Ýar köýünde bes ony mejnuny-şeýda kyldy yşk.
Wahyt aýdar, wahydam, yşk ýoluda merdana bol. Aşrat
öýün bent edip, mähnet derin wa289 kyldy yşk.
Wahyt sözüni tamam etdi. Şol wagt Tahyr gelip, Wahytdan habar sorady, ol hem
jogap berdi:
T a h y r:
Habar bergil, Wahyt, kandan gelersen?
Nä sebäpden düşdüň biziň bu jaýa?
Her dem alganyňda, ýüz ah urarsen,
Ahyň oka menzär, kamatyň — ýaýa.
W a h y t:
Keşt eýleýip çykdym Tatar ýurdundan, Özüm
kibi sergerdany gözlärmen.
Eý şazada, sorsaň mepiň derdimden,
Derdim çohdur, bir dermany gözlärmen.
T a h y r:
Tatar diýp sözlegen diliňden dönem,
Senden zyýadarak sergerdan menem,
Elmydam bir gyzyň yşkynda ýanam,
Saçy gijä meňzär, ýüzleri — aýa.
64
B a h y t:
Çarh urup gezermen sagy-sollarda,
Zöhre göndermişdir, gözi ýollarda,
Tapmasam, durmanam ulug illerde,
Jismin alyp giden jany gözlärmen.
T a h y r:
Wahyt, neçüýn köp ah çekip sözlärsen? Bir
pinhan syryň bar, menden gizlärsen,
Kaýsy bagyň bagbanyny gözlärsen? Rastyň
diýgil, bende bolsaň Hudaýa.
W a h y t:
Bir peri gönderdi, özi ol jaýda,
Hijran zährin ýutar, golunda bada,
Şahyň gazabyndan däli derýada
Akyp giden binyşany gözlärmen.
T a h y r:
Bilbiller saýraýyr ýaryň bagynda,
Gyzlar seýran edip gezen çagynda,
Niçik galandar sen ýar soragynda?
Otlar saldyň kalbym içre saraýa.
W a h y t:
Getir diýip, meni tizden gönderdi,
Aýagymdan öpüp, ança ýalbardy,
Oňa sen ýar degil, wagtyň hoş erdi, Yşka
köýen natuwany gözlärmen.
T a h y r:
Tahyr diýer, gelmegeýdim jahana,
Zöhräniň derdinden boldum diwana,
Bu gün bolar maňa ahyrzamana,
Ger ýetmesem onuň kibi hubroýa.
65
W a h y t:
Wahyt diýer, başym saldym meýdana,
Kerbela kelbi29a deý gezdim her ýana,
Şähri gyza aşyk bolup gaýbana,
Açylmagan ter gunçany gözlärmen.
Elkyssa, Tahyr: «Bu hem meniň kimin bagryny yşka ýakan galandar eken. Emma
galandar halky ýalançy bolar. Ýalan sözläp, meni öňküden hem beter diwana eýlemesin.
Ol Zöhräni görüpmi, görmänmi, bileýin» diýip düýäniň owsaryndan iki eli bilen towlap
tutup:
— Eý aşyklaryň şahyn-şahy! Owal Hudaýyň, soňra hazret pygamber resulyllanyň
haky üçin rastyňny aýtg meniň yşk hijranynda köýen bagrymy ýene ýakma! — dişýip
aglap, bir ebýat aýtdy, galandar hem jogap berdi:
T a h y r:
Wahyt, tizden habar ber sowalymnyň jogabyn, Habar
ber, näzli ýarym sen niçik halda gördüs?
Özümge ýoldaş etdim ýaryň salgan azabyn,
Itlerge şam kylarmen köýen bagrym kebabyn, Habar
ber, näzli ýarym sen niçik halda gördüň?
W a h y t:
Saňa jogap eýleýin ýaryň kylgan sowalyn,
Mydam ýar diýp aglaýyr, men şeýle halda gördüm.
Nerkes kimin gözünden akdyryp eşki-alyn291, Hijran
şebinde istär ýaryň şemgi-jemalyn,
Gije-gündiz aglaýyr, men beýle halda gördüm.
T a h y r:
Mähweşim soragynda dagy-daşy gezermen,
Aý-gün kibi sergerdan, köýünde derbedermen,
Kaknus kimin ot çeýnäp, ataşga seýr edermen.
Bu gün bu halda, erte gör ne hala ýetermen. Habar
ber, näzli ýarym sen niçik halda gördüň?
W a h y t:
Köşgün, üstünde bidar292 çekdigi ahy-zardyr,
66
Sabryň öýün syndyryp, elmydam bikarardyr,
Göz ýaşynyň reňkinden gül ýüzi lälezardyr, Tagty
özüne zyndan, jahan gözüne dardyr, Men seniň näzli
ýaryň men beýle halda gördüm.
T a h y r:
Gül ýüzuni görmesem her hepdede, her aýda,
Bu köňlüm takat bermez matamhana293 saraýda,
Dönmek bolmaz ýolundan, çyksa janym şu köýde,
Görmesem Zöhre janym, durabilmen bu jaýda.
Habar ber, näzli ýarym sen niçik halda gördüň?
W a h y t:
Şahyň gyzy şazada, köýüňde bir garypdyr, Hijriňde
zagpyran dek gül ýüzi sargarypdyr,
Ejiz jana agyr ýük—yşk içre kim görüpdir, «Maksada
ýetmedim»... diýip, tört ýana telmurypdyr, Men senin,
näzli ýaryň men beýle halda gördüm.
T a h y r:
Jananyma jan çekip, şirin janym berermen.
Ýanynda görsem agýar, özüm oda urarmen.
Ýalňyz başym ýolunda, hyzmat eýläp durarmen...
Çyn aşyky-didar men, ýar jamalyn görermen. Sen
meniň näzli ýarym sen niçik halda gördüň?
W a h y t:
Gpje-gündiz uky ýok, köşgüň üstünde bidar,
Sütem okun atarlar daşynda jemgy agýar,
Ýar salamyn ýetirdim, gaşynda kyldym yzhar,
Lal olupdyr dilleri, sözlemez toty-guftar,
Gam gijede gark olmuş, men beýle halda gördüm.
T a h y r:
Bilmedim, ýar lebinden kaýsy teşne ganypdyr.
Bilbil uçup ýurdundan, zaglar gelip gonupdyr,
Ahym çykar asmana, bagrymda ot ýanypdyr...
67
Ýedi aşyk ötüpdir, kim men dek örtenipdir.
Tahyr diýr, Zöhre janym sen niçik halda gördüň?
W a h y t:
Gyzlar içinde serhoş, ajap serwi-hyraman,
Hasretinden köp aglar gül ýüzli mahy-taban.
Istihanyn294 kül etmiş aýralyk ruzy-hijran
Köňlünde ýüz müň arman, gözleri huny-girýan.
Wahyt diýr, Zöhre janyň men beýle halda gördüm.
Wahyt bilen Tahyr sözlerini tamam etdiler. Wahyt:
— Eý ýigit, Tahyr sen bolsaň, men Tatar welaýatyndan saňa gelen sawçy, Tatar gyzlarynyň
şahyn-şahy Zöhre janyň, ýüregi gan, jigeri birýan, didesi girýan, akyly haýran, baglary
biseýran, aşyfta295 döwran, orny özüne zyndan, işi efgan, duşmanlar şadyýan, köňli
elemde296, gözi nemde, hatyry gamda, jany sütemde, dünýäden geçip, gijegündiz seniň,
ýoluňa garap, seni arzuw edip duradyr. Garaçomak ony almak üçin Zöhre gyzyň üstüne
günde bäş wagt gelip gidýär, emma Zöhre gyz ýalbaryp we mekir-hileler edip, mydar edýär.
Ol Tatar welaýatynda bir mysapyr dek bolup oturadyr. Eger gider bolsaň, tiz şaýyňy tut.
Eger gitmeseň, maňa rugsat ber, men seniň habaryňy tizden-tiz eltermen —diýdi. Tahyr
munuň Zöhre tarapyndan gönderilen adam bolanyny bilip, turup, gujaklaşyp görüşdi we:
— Zöhräni öz gözüň bilen gördüňmi? Sözüni gulagyň bilen eşitdiňmi? — diýip
sorady. Wahyt: — Beli, özüni hem gördüm, sözüni hem eşitdim. Seniň üçin bar derdini
mälim etdi.
Ine şu salam haty hem saňa gönderdi – diýip, bir haty çykaryp berdi. Tahyr haty owal
gözüne sürtüp, soňra açyp okady. Hatyň mazmuny şeýle erdi:
«Owala bismilla-errahman-yrrahym we soňra Muhammet-mustapa alaýhyssalama sena we
drut297. Men yşk oduna köýen Zöhre garyp tarapyndap aly jenap Tahyr janyma, päkidamanyma298, hesretli serwi hyramanyma, muhupbet mahytabanyma!
Arzym şudur: hudaýym siz jenap alyny hemme bela-beterlerden aman saklap, bir-birimize
mydamlyk gowuşmagy miýesser etsin. Siz, men ejizi hesret dagynda we aýralyk
zulumynyň içinde taşlap gitdiňiz. Siz gideliňiz bäri, her günüm ýyla dönüp, ahy-zarymdan
Babahan amana geldi we «gyzym kemala gelipdir» diýen pikire düşüp, meni goşun başy
Garabatyra nikalap bermekçi boldy. Men hem bu sözi eşidip, özümi üç ýola hanjara
goýbermek isledim. Emma kenizlerim aňlap, meni goýmadylar. Bir gün Garabatyr meniň
bagymda hylwata girmek isledi. Men Garabatyry urup, kowduryp goýberdim. Garabatyr
ýene hem meniň göwnümi tapmak isläp gelip durur welin, men kä hile bilen, kä gahar bilen
kowup goýberermen. Ýene bir gün şanyň gazaby bilen Garanyň pikiri bir bolup, menin,
işim harap bolarmyka diýip gorkarmen. Oňa görä, şu hat ýetişen zaman ýa menden bizarlyk
hatyny berip goýber, ýa-da bu baga gelip eýelik et. Kişi aşyklykda jebir-sütemi çeker. Bir
sapar şanyň gazabyny gördüm diýip, munça kemala gelen bagy eýesiz goýmagaýlar. Söz
gutardy, Hudaý salamat saklasyn!»
68
Tahyr haty okap, beýhuş bolup ýykyldy. Soňra huşuna gelip: «Zöhräni gören gözleriňden
aýlanaýyn!» diýip, galandaryň aýagyna ýykyldy. Tahyryň ýüregine ot düşüp, oturanynaturanyna göz ilmez erdi, göýä aýnanyň ýalkymy dek her ýana ýügrer erdi.
Soň Tahyr maslahatlaşyp, Wahydy mysapyrlaryň düşýän kerwensaraýyna eltdi. Wahydy
şonda düşürip, oňa gul kimin hyzmat edip, naharlap:
— Eý şahy-galandar! Sen bu ýerde az garaşyp otur. Men hem bu şäherde bu köşgüň
eýesine myhman. Baryp, rugsat alyp geleýin – diýdi.
Tahyr Adyl şanyň ýanyna baryp, baş egip salam berdi. Patyşa salamyny alyp, oturmaga
ýer görkezdi. Tahyr:
— Eý keremli şahym, kyblagähim, Süleýman soltanet, Iskender şewket! Jenap alyňyza
iki keleme arzym bar — diýip, bir ebýat aýtdy:
Zöhre janym maňa salam göndermiş,
Şahym, maňa rugsat berer günüňdir.
Köşgünde aglaýyp, bikarar ermiş,
Şahym, maňa rugsat berer günüňdir.
Mysapyram bu Bagdadyň şährinde, Dowamat
köýermen yşkyň bahrynda,
Gözüm ganda, lebim hijran zähriňde,
Bu gün maňa rugsat berer günüňdir.
Ýarym onda aglar, maňa «gelsin» diýp,
«Gelip, dal gerdene golun salsyn» diýp,
«Ýa-ha Zehre jandan jyda bolsun» diýp,
Bu gün maňa rugsat berer günüňdir.
Meni köp zarlamyş näzenin dilber,
Onuň yhlasyna köýermen egser299, Didaryn
dilärmen tä ruzy-magşar,
Maňa bu gün rugsat berer günüňdir.
Bir kasyt getirmiş ýaryň peýamyn,
Göz ýaşyndan ýazmyş ýarym salamyn,
Ýat etmiş sapakdaş okan kelamyn,
Tahyr diýer, rugsat berer günüňdir.
Tahyr sözüni tamam etdi, şahyň aýagyna ýyky1yp aglady. Beýleki oturan adamlar hem
aglaşdylar jaýlary göýä ýashana döndi. Şanyň hem köňli bozulyp:
69
— Owaldan seniň bilen aşna bolmasak, ýagşy bolar erdi... «Aşna bolmak asan,
aýrylyşmak müşgül» diýipdirler. Ol nakyl çyn ekeni — diýdi. Patyşa ýene bir zaman
pikire gidip:
— Eý Tahyr jan, bu hyýaldan el göter, isleseň, patyşalygymy we gyzymy hem bereýin
— diýdi.
Tahyr:
—Eger rugsat bermeseňiz, hökman heläk bolarmen — diýdi. Patyşa:
—Tahyr, başyňy göter. Her ýana gitseň hem, babaň rugsat berer — diýip, bir ebýat aýtdy:
Şa rugsat bermez diýp, hazar eýleme14, Gider
bolsaň, uzak ýollar seniňdir.
Emma özge jaýdan güzer eýleme,
Şahyň mülki, ulus-iller semiňdir.
Şemal öwser pasly-bahar çagynda,
Giýa gögär, duman olar dagynda,
Seýran etseň şähri-Bagdat bagynda,
Ter açylan täze güller seniňdir.
Begler bilen meýlis gursaň, meý içseň,
Bagdada bil baglap, özgeden geçseň,
Sag-sola pytradyp, her ýana saçsaň,
Şahyň hazynasy, pullar seniňdir.
Gadryň bilen jaýda gezseň hem geçseň,
Döwlet berar etmez, her ýana göçseň,
Dal bedewler munüp, hur gyzlar guçsaň,
Uzyn boýly, inçe biller seniňdir.
Adyl şa diýr, meniň gadrym bilmezsen,
Günde ýüz ýalbarsam, pendim almazsen,
Ölersen, ýitirsen, gaýdyp gelmezsen,
Gözleriňde ganly syllar15 seniňdir.
Patyşa sözüni tamam edip:
— Eý Tahyr jan, menden saňa rugsatdyr! Emma ýedi ýyldan bäri ene hökmünde seni
bakyp bejeren Hanymdan rugsat al we köp wagt saňa hemra bolan Mahym gyzyň özünden
hem rugsat algyn, indi bize seni görmek ýa bardyr, ýa ýokdur, bizden razy bol! — diýdi.
14
15
Gamgyn bolmagyl
Ýaşlar.
70
Tahyr pakyr hoşwagt bolup, Hanym bilen Mahym gyzyň ýanyna baryp, gol gowşuryp,
rugsat diläp, bir ebýat aýtdy:
Janym enem, rugsat bergil ogluňa,
Keşt eýlesin şähri-Tatar ýurduna! Muhubbet
şerbetin alyp goluňa,
Dowa eýle, men garybyň derdine!
Söwdügim gamgyndyr Tatar ilinde,
Arzuwym köňlünde, adym tilinde,
Bir telbe nadanam yşkyň ýolunda,
Sygynmyşam erenleriň merdine.
Zöhre jan sallansa, men nazar salsam,
Armanym köp galar, görmeýen ölsem,
Zöhräniň aldynda set para bolsam,
Menem tutam tenim tygy gerdine.
Kül bolsun, sowrulsyn suratym, janym, Bilmesin
bir kimse namu-nyşanym,
Dilberim gaşynda dökülsin ganym, Etlerim
şam bolsun ýaryň gurduna.
Tahyr diýer, rähm eýlegil bu hala,
Teşne guly gönder bahry-wysala300
Dilim nowa tartar ýüzde müň nala,
Gulak sal, köklümiň ahy-serdine.
Elkyssa, Tahyr beg sözüni tamam etdi. Ondan soň Mahymyň enesi Hanymyň Tahyryň
bu aýdanyna gahary gelip, şu sözi diýdi. Mahym jan hem Tahyr jan oňa jogap berdiler. H
a n y m:
«Gider meň» diýp, bizden rugsat dilerseň, Bil
baglaýyp, Zöhre gyzyň ýoluna.
Bagty gara natuwany neýlärsen?
Rehm etmezmiň Mahym janyň halyna!
M a h y m:
71
Tahyrymga beýle sözler diýmegil, Barsyn,
gelsin ol maksatly jaýyna,
Köýen men bolaýyn, ol bir köýmesin,16
Men bu gün batmyşam gamyň laýyna.
T a h y r:
Zöhre jananymdyr, Mahym gyz—janym Aglama,
Mahym jan, gitsem, gelermen.
Niçik terk edermen sen mähribanym, Aglama,
Mahym jan, gitsem, gelermen.
H a n y m:
Janyn gurban etdi Mahym jan saňa,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zöhre-Tahyr - 5
  • Parts
  • Zöhre-Tahyr - 1
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1932
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 2
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1859
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 3
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1881
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 4
    Total number of words is 4034
    Total number of unique words is 1968
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 5
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1898
    26.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 6
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1950
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.9 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 7
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1906
    25.5 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 8
    Total number of words is 3557
    Total number of unique words is 1625
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.