Latin

Zöhre-Tahyr - 1

Total number of words is 4023
Total number of unique words is 1932
27.7 of words are in the 2000 most common words
41.5 of words are in the 5000 most common words
48.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
TSSR YLYMLAR AKADEMIÝASY
Magtymguly adyndaky Edebiýat instituty
MOLLANEPES
“Zöhre – Tahyr”
dessany
Çapa taýýarlanlar: N. AŞYROW,
B. GARRYÝEW, A. KEKILOW
TSSR YLYNLAR AKADEMIÝASYNYŇ NEŞIRÝATY
1
Aşgabat 1963
Rawylar andag rowaýat kylyrlar kim, Tatar diýen bir uly welaýat bar erdi. Onuň
Babahan atly patyşasy bar erdi. Bu patyşanyň hem weziri bar erdi, oňa Bahyr wezir diýer
erdiler. Bularyň ikisiniň hem perzendi ýok erdi. Olar perzentsizlikden köp gamgyn bolar
erdiler, emma hiç çäre tapyp bilmez erdiler.
Bir gün patyşa bile wezir özara gürrüňdeş bolup, maslahat edişdiler. Patyşa wezirine:
— Eý Bahyr wezir, biziň ikimizde hem ogul-gyz ýok, perzentsiz adama bu welaýat
haramdyr, gel, ikimiz başymyzy alyp, bir tarapa gideli, bu watany terk edeli — diýdi.
Wezire bu maslahat hoş gelip, «bolýar» diýip, jogap berdi,
Şu niýet bilen patyşa we wezir ikisi, hiç kime bildirmän, daňdanlar atlanyp, şäherden
çykyp, çöl-beýewana garşy ýüzlenip gitdiler. Şol baryşlaryna gün ýaşan wagty gadymdan
galan bir uly gabrystanlyga ýetişdiler. Bular gijäni şol gabrystanlykda geçirmekçi boldular.
Ikisi bu ýerde oturyp, Hudaýdan perzent diläp, nalyş çekdiler. Patyşa hudaýdan ogul diläp,
bir gazal aýtdy.
Dergahyňa ýüzüm tutdum, ýaradan,
Sen meniň derdime delalat1 eýle. Sensen owal meni ýokdan bar eden,
Bozulgan şährimni ymarat eýle89.
Şükrüm köpdür, dönmek bolmaz ýoluňdan, El
göterdim memleketden, malyňdan.
Keremli zatyňdan, gudrat goluňdan, Bir
perzendi—salyh sahawat90 eýle.
Zähr içer men, şerbetim ýok, balym ýok,
Jyda düşdüm, watanym ýok, ilim ýek,
2
Ornum tutan öwladym ýok, oglum ýok, Halyma
hamy bol1, hemaýat91 eýle.
Seniň tufylyňdan jahan minewwer92,
Pahry jahan93 sen-sen, äleme serwer94,
Hakyň dosty sen-sen, Resul pygamber,
Iki dünýä maňa şypagat95 eýle.
Ýurduň şahy men, Babahan adym,
Bahyr wezirimdir, köňülde şadym,
Önmedi ornumda ogul—zürýadym, Ikimize
perzent anaýat96 eýle.
Elkyssa, Babahan sözüni gutardy. Bu gije gabrystanlykda boldular, emma gözlerine
uky gelmedi. Diňe säher wagtlary gözleri uka gitdi.
Bahyr wezir düýşünde bir ahwal gördi: patyşanyň gujagyna bir çagany we Bahyr
weziriň hem gujagyna bir çagany getirip saldylar. Şol halatda wezir oýandy, yzy bilen
patyşa hem ukudan oýandy. Patyşa aýtdy:
— Eý wezir, näme ahwal gördüň? Bahyr wezir: — Eý patyşam, bir ahwal
gördüm, täleýiň açyldy!—diýip, bir gazal aýtdy:
Eý şahym, ýatyrdym bir ahwal gördüm,
Rähmet meýi meni mestan eýledi.
Maksadyň hak berdi, tagbyryň ýordum,
Barça müşgilleriň asan eýledi.
Heften, sähten, çilten97 barça jem boldg,
Goluň açyp, haka mynajat98 kyldy,
Diledi myradyn—hudaýdan aldy,
Her kime bir zürýat aýan eýledi.
Döwlet guşy saýa saldy başyňa,
Rähm eýledi gözden akan ýaşyňa,
Iki enwer99 dogup geldi gaşyňa,
Nurundan jahany bostan eýledi.
Iki enwer2 bir-birindep zyýada, Leblerinde
şerap, golunda bada100,
1
2
Halyma rehim kyl.
Iki nurdur.
3
Ahwalym berhakdyr101, ýetdik myrada, Meniň
köňlüm beýle güman eýledi.
Bahyr diýer, budur gören ahwalym,
Sizlere nämälim, özüme mälim. Bir
gün çykar iki serwi102-nahalym,
Biziň bile ähdi-aman eýledi.
Elkyssa, patyşa bu sözi eşidip, derrew ýerinden turdy hem weziriň ýüzünden öpüp:
— Eý Bahyr wezir! Eger ahwalyň çyn bolup, hudaýtagala ikimize hem ogul berse,
ol ikisi dost bolsunlar, bir ten, bir jan bolsunlar. Eger ikisi-de gyz bolsa, olar dogan
bolsunlar. Eger-de biri ogul we biri gyz bolsa, onda olar jübt bolsunlar! — diýdi.
Onda Bahyr wezir:
— Eý patyşahym, döwletiň berkarar bolsun! Siz bir patyşa bolsaňyz, men hem bir
işigiňizdäki hyzmatkär bolsam, bu nähili ähtipeýman bolar? — diýdi. Onda patyşa hiç wagt
sözünden dänmezligine kasam etdi. Soňra eline galam-kagyz alyp, «wallahy aglam» diýip,
äht baglap, möhür basyp, weziriň eline berdi. Weziriň bu işe wagty hoş boldy. Ikisi şähere
gaýdyp geldiler.
Gelip, patyşa ornunda oturyp, höküm sürmekligini dowam etdi.
Patyşanyň aýallarynyň birine Şahyjahan diýer erdiler, weziriň aýalynyň adyna hem
Şahyhuban diýer erdiler. Günlerde bir gün Şahyjahan hamyladar boldy. Onuň yzy bilen, bir
hepdeden soň, Şahyhuban hem hamyladar boldy.
Aradan dokuz aý, dokuz gün, dokuz sagat geçenden soň, patyşanyň bir gyzy boldy.
Bu gyzyň agzy gunça, lebleri lagyl, gözleri mestana, galam gaşly, hünji dişli, syýa saçly,
ýüzi jennetiň güli, owazy Bagy Eremiň bilbili, owadanlygy on tördi gijäniň aýyna barabar
erdi, şöhlesi asmana düşer erdi, gören adamlarda bir mähir peýda bolar erdi. Şol wagt bir
keniz patyşaga söýünjilige baryp: «Eý patyşahy älem! Döwlet çyragyň ýandy:
Şahyjahandan bir aftap103 emele geldi!» diýip buşlady. Patyşa bu sözi eşidip, begenjinden
kenize köp engamlar104 berip, ony azat etdi we şäheriň içinde toý gurady, köp gullaryny azat
etdi, pakyr-pukaralara köp engamlar berdi. Bu toý-tomaşa dokuz gije-gündiz dowam etdi.
Soňra patyşa pelekýat105 ylmyndan habarly ulamalary106, hekimleri ýygnap, bularyň her
birine laýyk engam-yhsanlar107 berip: «Bu mahy108 enwere bir at goýuň» diýdi. Biri: «Aý
goýalyň» diýdi, biri: «Gün goýalyň» diýdi, emma bu atlaryň hiç biri köňle makul bolmady.
Şol eýýamda bir adam bar erdi, adyna Mollanepes Maru-Şahu-jahan diýer erdiler.
Onuň aýalyna Bossantäç elti diýer erdiler. Olaryň ikisine hem hudaý rahmet nazaryny salan
erdi. Patyşa: «Diňe şol adamlar at goýmasalar, başgalaryň goýan ady köňlüme makul däl»
diýip buýruk etdi. Ondan soň eltini çagyrdylar; elti gelip gyzy gutlady. Elti alkyşlaryny
gutarandan soň, aýallaryň biri aýtdy:
—Eý elti, patyşanyň gyzyna at goýmak ygtyýary size berildi. Bu gyza siz at dakyň,
emma adynyň bir ýanyndan aý we güni aýyrmaweriň!
4
Elti ileri oturyp, gyzyň ýüzüni açyp, zyýarat etdi we aýtdy:
— Eý halaýyklar, bu gyz, aýyň, günüň barabary gyz däldir, ýöne on iki ýyldyz bardyr
— Şems diýerler, Kamar diýerler, Akrap diýerler, Mizan diýerler, Kowus diýerler, aftap
burçundan dogarlar. Ýene hem bir ýyldyz bardyr, adyna Şahy-Müşteri diýerler; onuň
şöhlesi aýdan, günden zyýadadyr. Ýene hem bir ýyldyz bardyr, ol dokuzlanjy pelegiň
ýüzünde dogýar; adyna Zähre Jeňňi diýerler, özi mutrup — bazygär109 bolar — yşky belsnt
sazandadyr, ýüzüniň şöhlesi aý-günüň şöhlesinden ýedi esse zyýadadyr. Bu gyzyň adyna
Zöhre goýalyň – diýdi. Halaýyklar kabul etdiler: «Ýüzi Zöhre, ady hem Zöhre bolsun!»
diýip gutladylar. Gyzyň adyna Zöhre goýdular,
Soňra Zöhräni ýanynyň iki ýüz kenizi bilen Mollanepesiň aýaly Bossantäje
terbiýelemäge berdiler.
Zöhre gyzyň ýüreginde yşk höwesi barlygy üçin, onuň mydama aglamakdan başga işi
ýok erdi. Emma ýüzi gün-günden zyýada bolup, gören adam akylyny ýitirip, maýyl110 bolar
erdi.
Onuň husnunyň111 owazasy Kapdan112,—Kaba, magrupdan—maşryga113, asmandanzemine ýetişip114, älem-jahana doldy.
Indi gürrüňi Babahandan eşidiň. Patyşa, gyzy bolan soň, köňlüne şeýle hyýal getirdi:
«Bahyryň ogly bolsa, men näme edermen? Jennet gülüni bir düýä hemsöhbet 115 etmek
näjüre bolar? Men bir ýurduň patyşasy bolsam, Bahyr meniň gulum bolsa, men oňa gyzymy
neneň berermen! Emma gyzymy oňa bermesem hem ähtiwepam bar. Ozal akylymy ýele
berip, bu işleri pikir etmän beýle ähtnama ýazypdyrmen!» diýip, köp ökündi. «Emma
meniň bu ähtiwepa edenimi kim görüpdi? Eger Bahyryň ogly bolsa, onuň başyna tiz
ýeteýin!» diýen pikir bilen gezer erdi.
Bir gün Bahyryň ogly boldy. Munuň husny aýdan, günden zyýada, ýüzüniň
şöhlesinden jahan minewwer boldy: şalar görse, başlaryndaky täjini muňa laýyk tapar
erdiler. Zöhre bile ikisi bir almany iki bölüp goýan dek boldy. Wezir hem toý-tomaşa tutdy:
oglunyň adyna Mürze Tahyr goýdular. Muny hem enekä tabşyrdylar. Enekeler bu ikisini
dil-gözden saklap, kemala getirdiler. Tahyr we Zöhre ýedi ýaşa girdiler.
Günlerde bir gün Bahyr wezir aradan çykdy. Weziriň ýerinde duşman oturdy; döwran
bulardan sowuldy.
Indi sözi Babahan şadan eşidiň. Patyşa
Mollanepes ahuny molla tutdy, halaýyklar oglanlaryny molla berdiler. Şahyjahan Zöhre
jany we Şahyhuban hem Tahyry molla tabşyrdy. Zöhre bile Tahyr mekdepde bolan
wagtlarynda mekdebe, molla we jemi oglanlara bir şatlyk ýetişer erdi, olar oglanlaryň
arasynda aý bile gün dek erdi, oglanlar daşynda ýyldyzlar dek erdi; bularyň boýy hem, husny
hem we zehinleri hem barabar erdi, molla bir ýola taglym116 berse, özleri biler erdiler,
wagtlaryny hoşlap, kuran okar erdiler.
Zöhre bilen Tahyryň arasynda yşk heseri peýda boldy, ikisi bir-birlerini görenlerinde
yşk ody bularyň ýüreginden geçer erdi, bir sagat bir-birini görmeseler, diwana bolar erdiler,
irden turup mekdebe gelen wagtlary bile gelip, giden wagtlary hem bile gider erdiler,
günlerini şeýle geçirer erdiler.
5
Bir gün Tahyr beg ertir bilen Zöhre jana goşulýan ýerine geldi, emma Zöhre gyz
gelmedi. Tahyr begiň endamyna lerze117 düşüp: «Zöhräme bir hadysa sataşdy — gelmedi»
diýip, intizar118 bolup durar erdi. Şol halatda mekdepde bile okaýan Gülkamar atly bir gyz
Tahyryň ýanyndan geçip gitmekçi boldy. Aşyk Tahyr aýtdy: — Eý Gülkamar jan, biraz
aýak sakla. Gülkamar durdy. Şol ýerde Tahyr beg Zöhre jandan habar sorap, bir gazal aýtdy,
Gülkamar jan hem jogap berdi.
T a h y r:
Gülkamar jan, habar bergil bizlere.
Hemsyrdaşyň119 Zöhre jany gördüňmi?
Gurban olam şähdi-şeker120 sözlere. Köňlüm
algan dilrebany121 gördüňmi?
G ü l k a m a r:
Ýarym gelmez diýip, güman eýleme, Geler
Zöhre janym, gamgyn olmagyl.
Toý günleriň ahyrzaman eýleme,
Geler Zöhre janym, gamgyn olmagyl.
T a h y r:
Düýn öýlän aýryldym sowsan sonadan,
Men bilmedim, gep ýetdimi eneden,
Neçün ýüz dönderdi mekdephanadan Täze
açylan ter gunçany gördüňmi?
G ü l k a m a r:
Rast kamaty122 elwan123 şaýlar içinde,
Iliň nazargähi124 toýlar içinde,
Tagtyn gurmuş ýagşy öýler içinde,
Geler Zöhre janym, gamgyn olmagyl.
Tahyr:
Ala göz, ak jeren aklymny aldy,
Eglendi, gelmedi, niçik syr boldy,
Sapaklar bişmeýen, bendiwan galdy, Şahyň
gyzy, şazadany gördüňmi?
6
G ü l k a m a r:
Toýa seýran etdi gyzlaryň hany,
Ýanynda gyz-gelin, çoh now juwany125, Ýandyryp,
köýdürip jümle jahany,
Geler Zöhre janym, gamgyn olmagyl.
T a h y r:
Niçik toýdur üşbu günler tutulan,
Yhsanyň ornuna usýan126 bitilen, Zöhre
jan bent olup, aý-gün tutulan, Jandan
azyz ol janany gördüňmi?
G ü l k a m a r:
Men saňa sözlär men syrry-pynhanym127,
Saňa ýalgan diýsem, dökülsin ganym,
Ýetişer dembe-dem, sabyr eýle, janym,
Geler Zöhre janym, gamgyn olmagyl.
T a h y r:
Tahyr diýer, başym mähnet daşynda,
Aglap öler boldum ýedi ýaşymda,
Özüm munda, köňlüm ýaryň gaşynda, Zöhre
atly sergerdany gördüňmi?
Gülka mar:
Gülkamar diýr, başym sizlere bende, Gördüm
köňüllerni hijran şebinde128,
Seniň köňlüň—ýarda, ýar köňli—sende, Geler
Zöhre janym, gamgyn olmagyl.
Elkyssa, bu sözler tamam bolandan soňra Gülkamar jan mekdebe tarap ugrady. Tahyr beg
bu ýerde galyp, iki sagat garaşyp durdy, emma Zöhre gelmedi. Ahyr karary ýetmän, Zöhre
gyzyň bagyna rowana bolly. Ol bagda serwi diýen bir belent daragt bar erdi, Tahyr beg şu
daragta çykyp, Zöhräniň ýoluny gözläp oturdy. Bir wagtdan soň Zöhre gyz kenizleri bilen
älem-jahany şöhleden dolduryp geler erdi. Ol golundaky gyzyl almany ysgap, gyzyl tylladan
7
jiltli epdegi göterip geler erdi, zerrin kemer, lybasy129 tamam şaýlaňan, bar-maklarynda on
ýüzük, her ýüzügi gymmat dürden, gollary hynaly, gaşlary wesmeli, gözleri sürmeli, ýüzi
gülap suwly, gulaklary ysyrgaly, başynda gyzyl ýakutdan otaga, kar-kara suratynda bitilen
dürri-jowahyry gül dek açylyp, ýalançyny gülüstan edip geler erdi Tahyr beg Zöhräniň bu
gelşine, zibi-ziwerden130 geýen donlaryna tomaşa edip, ýüzi zagpyran dek saraldy we akyly
haýran, gözleri girýan bolup, bir söz diýdi:
Husny müň tümen bahaly, Dilberim
dildarym131 geldi!
Sormaga gelmiş bu haly, Gam
defgy132, gamhorym geldi.
Lebinden yygmat saçyla,
Mähriban bolup açyla,
Sünbül133 bäs etmez saç ile,
Jan riştesi134 tarym geldi.
Goý bäri destiň135 almaly,
Biz üçin ýany almaly,
Ak ýüzi goşa almaly, Alma
bilen narym geldi.
Ýel degse, zülpüň dagydyr, Synamda136
yşkyň dagydyr,
Ýetmez men ýaryň dagydyr, Gözel
wepadarym geldi.
Guwandym reňgi-alyna,
Aldandym mekri-alyna, Golun
daldalap alyna,
Zülpleri şamarym137 geldi.
Jilwesi'38 älem narydyr,
Eltafy139
bizden
narydyr140,
Elinde alma-narydyr,
Gözlern hunhorym141 geldi.
Jemaly älem ýarydyr,
Her zülpi älem ýarydyr,
Gören diýr: «Kimiň ýarydyr?» :
pasly baharym geldi.
Ol
8
Ak ýüzünde nukta142 haly,
Tahyryň geçer ne haly,
Sormaga gelmez bu haly,
Saky143 gül ruhsarym144 geldi.
Elkyssa, Tahyr beg sözüni tamam etdi. Şol wagt Zöhre gyz hem ýetişdi. Aşyk Tahyr
daragtdan düşdi, ikisi bir sagat öpüşip, guçuşyp, şadyýan bolup oturdylar. Şondan soň Tahyr
Zöhräniň giç gelmegine hapa bolup, bir ebýat aýtdy:
Eý şemsi145 enwer ýüzli gül,
Görmegeý erdim käşiki.
Owwalda men saňa köňül
Bermegeý erdim käşiki.
Eý bilbili Bagy Erem, Eý
mähriban ziba146 senem!
Laglyň zekatyn dembe-dem
Sormagaý erdim käşiki.
Yşkyňda men, eý, bihabar,
Aglap gezip şamu-säher,
Hijran çekip, huny-jiger,
Dilmegeý erdim käşiki.
Sen jilwe eýläp jan era,
Diwana men ynsan era,
Başym salyp meýdan era,
Girmegeý erdim käşiki.
Yzlap wysaly147 men, geda,
Kyldym azyz janym pida,
Hümmet148 etegin bilime Urmagaý
erdim käşiki.
Tahyr diýer, eý bakerem!
Boldy süýi149 lajerem150,
Merdan durup, yşka gadam
Goýmagaý erdim käşiki.
Elkyssa, Tahyr bu sözüni gutardy, Zöhre gyzyň yşky joş urup:
9
— Eý Tahyr jan, janym ýoluňda gurbandyr. Ýör, mekdebe gideli! — diýip, mekdep
tarapa ugradylar.
Bu ikisiniň aşyk-magşuklygy älem-jahana meşhur boldy. Babahan bilen Bahyryň
ähtiwepa edeni şäher halkyna mälim erdi, emma Tahyr bilen Zöhre gyzyň bu işden
habarlary ýok erdi.
Bir gün Zöhre bilen Tahyr mekdepden geler erdiler. Bularyň ýoly bir biz dokaýan garry
kempiriň üstünden erdi. Ol garry aýal aşyklaryň öňünden çykyp aýtdy:
—Eý guzularym! Men bu ýerde biz dokaýaryn, siz meniň dokmama zyýan ýetirersiňiz.
Bizimiň üstünden ötmän, özge ýerden ýol salyň. Men garybyň dogasyny alyň! —diýdi.
Garrynyň bu sözlerine Tahyr gulak salman, aşygyny dikip, elindäki gurşun guýlan
kenegini atyp goýberdi. Kenek aşyga degip, ýokary bökdi we baryp dokma-nyň iki sany
erşini gyrdy. Muňa garrynyň gahary telip: «Eý guzularym! Biz garyp, siz begzada; size
ýaman söz diýmäge gorkarmen, her halda iki keleme arzym bar» diýip, bir ebýat aýdar
boldy:
Tahyr jan, hezil etme maňa,
Hezil eýle Zöhre jan bilen.
Oýnap degişmek ýaraşmaz
Kempire now žuwan bilen .
Her kim oýnar öz deňins,
Baş urma dünýä jeňine,
Gaflatda151 galyp soňuna,
Ötmegeý sen arman bilen.
Araňyzda bir söz bardyr,
Şa-wezire äşigärdir, Şäher
halky bihabardyr,
Aýan ermes güman bilen.
Ýaman ýoldur yşkyň ýoly,
Bolar sen diwana, däli,
Hakykatyn sorgul weli
Degişmek ýaraşmaz saňa.
Bir kempir juwan bilen
Eneň Şahghuban bilep.
Döwran üstüňizde durmaz,
10
Könlüň istän ýere ýörmez, Şa
Zöhräni saňa bermez, Ýele
gider duman bilen.
Ýüzleri jennetiň güli,
Zülpleri sowsan-sünbüli, Owazy
Erem bilbili,
Örtär seni pygan152 bilen.
Garrylaryň pendin alsaň,
Garyplara rehim kylsaň,
Zöhre jana aşyk bolsan, Öter
ömrüň hijran bilen.
Garry aýdar, budur sözüm, Çoh
neferler153 gördi gözüm, Sen—
oglum,
Zöhrejan—gyzym,
Ähtiňiz bar peýman bilen.
Tahyr bu sözüni eşidip, ýüregine ot düşdi we oýnamakdan, gülmekden we
iýmekiçmekden bizar boldg. Soňra enesiniň ýanyna baryp aýtdy:
—Eý ene, sährada ýaz çykypdyr, güller açylypdyr, jahan lälezar bolupdyr. Iller sähraga
seýle gidýärler. Maňa bir gysym gowurga edip berseň, men hem sähraçykyp, aw awlap
gelsem.
Enesi pakyr gowurga edip, bir okara salyp: «Al guzym!» diýip, öňünde goýdy.
Tahyr almady we aýtdy:
—Eý mähriban enem! Maňa gowurgany öz eliň bilen ber, men seniň öz eliňden alyp
iýmegi isleýirmen. Enesi: «Ýagşy, bolýar» diýip, öz eli bilen uzatdy. Şol wagt Tahyr beg
enesiniň gysymynyň daşyndan tutup gysdy. Enesi:
— Ah, elim köýdi, goýber — diýdi. Onda
Tahyr:
— Eý ene, bir syr bar, habar ber. Hudaýtagala miýesser etse, haçan maksada ýetermen?
Eger dogry diýse goýberermen — diýdi.
Enesi: — Goýber, guzym, golum ýandy... Dogrusyny aýdaýyn
— diýdi. Tahyr enesiniň goluny goýberip:
– Eý ene, atam bilen patyşanyň näme ähti bardy?-diýdi.
Enesi:
—Eý gözümiň röwşeni, golumnyn, çyragy, başymyn täji, bagrymnyň peýwendi,
Tawuşy.
11
ýüregimniň diregi, hudaýtagalanyň maňa beren ýalňyz perzendi, saňa rastymy aýtman,
kime aýdaýyn? Eý guzym! Babahan bilen Bahyr weziriň ähtipeýman edeni dogrudyr.
Emma Babahan ähtinden dänendir, ol zaman, ol eýýam ötdi, ataň hem aradan çykdy,
aradan çykmanka hem el göteripdi... Sen hem el götergil. Ol wadalar puç bolandyr. Olar
şadyr, şalar şa bilen laýykdyr. Biz bir pakyrdyrys, sen hem öz deňiňi taparsen. Zöhre jana
köňül berme, pitnelik peýda bolar, duşmanlyk artar! — diýdi.
Onda Tahyr:
— Eý ene! Owaldan habardar etseň, ýagşy bolar erdi. Indi yşk meniň ygtyýarymny
alypdyr, janymny Zöhre gyzyň ýolunda pida edermen!—diýip, yşky öňküden hem beter
bolup, bu gazaly aýtdy. Gör, bak näme diýr:
Men bu gün düşmüşem yşkyň ýoluna,
Ene, mende ne ygtyýar bar indi? Zöhre
janyň ak ýüzünde halyna Köňlüm
höwes, gözüm intizar indi.
Yşkyň ody örtär teni-zarymny154,
Bilbilem seýr edem gülgüzarymny,
Bir zaman görmesem söwer ýarymny, Telbe
köňlüm bolar bikarar indi...
Köýünde kuýan155 dek awara bolsam,
Çäresin tapmaýan, biçäre bolsam, Zöhräniň
gaşynda ýüz para bolsam,
Myradym, maksadym şonda bar indi.
Ýalňyz özüm, ýüz duşmandyr şanyma156,
Ahyr bir gün galar nähak ganyma, Şahyň
rehmi gelmez şirin janyma,
Aşyklara hakdyr medetkär157 indi.
Yşkyň ody düşse, jahany örtär,
Atam olsa, takdyr bir ýana tartar,
Altyn ýerde ýatsa, şöhlesi artar,
Göwher külde galyp, bolmaz har indi..
Hak aşyk men, yşk ýolunda ötermen,
Ýa reb, maksadyma haçan ýetermen,
Zöhre bilen seýle baga gitermen,
Açylypdyr bagda gülgüzar indi.
12
Hiç bir kimse habar almaz halymdan,
Namart menem, eger dönsem ýolumdan,
Tahyr diýr, mest men, gorkman ölümden,
Gursalar alnymda ýüz-müň dar indi.
Elkyssa, Tahyr sözüni gutaryp, kisesine bir gysym gowurga salyp, mekdebe garşy
ugrady. Mekdepdäki jemi oglanlaryň halypasy Zöhre ikisi erdi. Mollalarynyň ady
Mollanepes Maru-Şahu-jahan erdi, özi teke urugynyň ýazy taýpasyndan erdi. Ol köp
ýollardan habardar erdi, hem örän yşkbaz bolup, yşk ýolunda köp zähmetler çekip
erdi, Bu molla Zöhre bilen Tahyrň bir-birlerine aşykdyklaryny biler erdi.
Bir gün molla:
— Eý Zöhre jan, Tahyr begiň hem sapagyndan bihabar bolmagyl — diýip, özi bir
ýana çykyp gitdi. Görer bolsa, iki aşyk biri-biriniň galadyny aýdyşan bolup, öz mähirlerini
aňladyr erdiler.
Bularyň yşky gun-günden artyp, Zöhre jan çyra dek ýanyp, Tahyr beg perwana dek
örtenip, ikisi ataşy-suzana158 griftar159 bolup, wysalu-hijran ýatlaryna düşüp, aýrylsalar birbirlerini ýatlap aglar erdiler.
Ahyr bir gün Zöhre aýtdy
— Eý Tahyr jan, yşkyň ýoly gaty muşakgat ýol bolar, bu ýolda renji-muşakgat köp
görülse gerek... Ança aşyklar yşk elinden dat edip geçendir, yşkyň ýüki dagdan hem
agyrdyr, ody dowzah odundan hem beterdir. Bu yşky allatagala ikimiziň başymyza
salypdyr. Aşyklyk merdiň işidir, merdana bolmak gerek! — diýip, Zehre jan bir gazal
aýtdy:
Tahyr jan, bu ýolda merdana bolgul,
Bu gün yşkyň söwdasyna düşmüşem,
Janym gurban saňa, janana bolgul,
Bu gün yşkyň söwdasyna düşmüşem.
Rakyp160 duýsa, bizi kylar äşgäre,
Melamat161 köp bolar, tow düşer ara,
Men dönmenem, eger bolsam ýüz para!
Bu gün yşkyň söwdasyna düşmüşem.
Owal kysmat bize kyldy bu derdi,
Ähti-nika eýläp, bir-birge berdi,
Atam ähtin bozdy, bizden ne gördi? Bu
gün yşkyň söwdasyna düşmüşem.
Neçüýn bu wysalda köp ýygladyň zar? Getirsen
köňlüňe bir aýralyk bar,
Aşna bolmak asan, aýralyk deşwar162,
13
Bu gün yşkyň söwdasyna düşmüşem.
Yşkyň hanjaryndan synam jerahat163
Islegim saglygyň, bolgun salamat.
Indi mende ne sabyr bar, ne takat...
Bu gün yşkyň sewdasyna düşmüşem.
Bir ejizmen, kim eşider bu dadym? Meger
medet berse pirim, ustadym, Zöhre jan
diýr, sen-sen maksat-myradym, Bu gün
yşkyň söwdasyna düşmüşem.
Elkyssa, Zöhre jan bu sözüni gutaryp aýtdy:
— Eý Tahyr jan, bir wagt başyňa ölüm ýa zulum düşse, atam dek ähtiňden dänmegil.
Eger-de wagtyň hoş bolanda «aşyk men» diýip, başyňa iş düşende, dönseň, meni we özüňi
ile masgara edersen...
Onda Tahyr:
— Eý Zöhre jan! Men saňa öz erkim bilen aşyk bolan imesmen, meniň saňa aşyklygym
ezelidir — diýip, bir ebýat aýdar boldy:
Bir aşyky mestanyň men, Gorkman
kemendi-daryňdan!
Ölsem, seniň gurbanyň men, Wehm
etmegil dildaryňdan.
Sen bir gül sen, men haryň164 men,
Çyn aşyky didaryň165 men,
Mestana bilbil zaryň men
Kowlamasaň gülzaryňdan.
Yşk içre syna daglyýam,
Perhadu-Mejnun çaglyýam,
Bir itiň boýny baglyýam,
Bent olmuşam bir taryňdan...
Köýüňde telbe nadanam,
Jan berip, arzuw-jananam,
Husnuň bagynda bagbanam, Tirmişem
alma-naryňdan...
«Leýli, Şirin sençe bardyr»—
14
Diýseler, ol söz bikardyr,
Telbe köňlüm wähimdardyr
Ýüzde iki şamaryňdan.
Hak nazar salmyş özüňe,
Gaşyňa, nerkes166 gözüňe, Dowamat
baksam ýüzüňe
Gözüm doýmaz didaryňdan.
Tahyr diýr, günde ýanamen,
Yşk oduna perwana men,
Sag degilem, diwana men, Geçmişem
namys-aryňdan.
Elkyssa, Tahyr beg bu sözüni tamam etdi, ikisi bir-biriniň göwnünde näme baryny
bilip, bir-birinden razy bolşup, öpüşip, guçuşyp aglaşdylar. Şol wagt Tahyr aýtdy:
— Eý Zöhre jan, gel bu ýerde aglaşyp, gamgyn bolur oturmaly, baga seýle gideli.
Zöhräniň atasynyň bir bagy bar erdi, ony Zöhre jana bagyşlap erdi. Bagyň adyna
Bagymeýdan diýer erdiler. Bu bagyň sypatyny taryp edip bolmaz erdi, misli behiştiň baglary
dek erdi. Gamgyn bolanlar barsalar, hoşwagt bolup, aglanlar gülüp çykar erdiler.
Tahyr beg Zöhre janyň mübärek ak golundan tutup: «Bagymeýdana seýrana gideli»
diýip, bir gazal aýtdy:
Baglaryňda täze güller açylmyş,
Gel, Zöhre jan, bag seýline gideli.
Bilbiller mest olmuş, şebnem167 saçylmyş. Ýör,
Zöhre jan, bag seýline gideli.
Syryň mälim etseň ýagşy-ýamana,
Çawuň düşer on sekiz müň jahapa;
Rakyp duýsa, bizni goýmaz döwrana, Ýör,
Zöhre jan, bag seýline gideli.
Elip dek kamatyň ogşatma dala,
Gurban olam, serwi kaddy168-nahala,
Janym pida bolsun ak ýüzde hala,
Ýör, Zöhre jan, bag seýline gideli.
Bilbil seýran eder gülde, çemende,
15
Aýralyk wähminden köňlüm pyganda,
Tahyr diýer, arman galmasyn janda,
Tur, Zöhre jan, bag seýline gideli.
Elkyssa, Zöhre gyz: «Her kim wada edip, wadasyndan-dönse, onuň imany ýokdur!
Atam ähtinden dänse hem, men hergiz dänmen. Gel Tahyrym, bag seýline gideli» diýip
baga gitdiler.
Ikisi Leýli-Mejnun dek, biri gyzyl, biri lajy-wert'69 gülgün170 lybaslaryny geýip, göýä
älemgoşar dek bolup, baga seýil edip, wagtlaryny hoşlap ýörer erdiler. Kä Zöhräniň goly
Tahyryň boýnunda, kä Tahyryň goly Zöhräniň boýnunda erdi.
Emma bagyň Hasan Şugul atly bir bagbany bar erdi. Gün çäş wagty ol baga aýlanmaga
bardy. Görse, bagyň içinden bir owaz peýda boldy. Bagban ol owazyň guşuňkydygyny,
adamyňkydygyny ýa yns-jynsyňkydygyny aňlap bilmän, gaçyp daşary çykdy. Soňra: «Eger
munuň takykyna ýetmesem, birden baga garakçy zelel ýetirse, patyşaga näme jogap
berermen» diýip, ýene baga girip, asta-asta ýöräp, agaçlara bukulyp, owaza ýakyn bardy.
Görse, Tahyr bilen Zöhre... Zöhre gyz aşygyna171 owaz bilen şirin ebýat okaýar, owazyna
yns we jyns haýran galýar. Bagban hem huşundan aýrylyp, bir sagat beýhuş bolup, soňra
özüni rastlap: «Bulara ezýet ýetirmäýin. Bularyň gül kimin meňzini soldurmaýyn, kişä
zahyr172 etmeýin» diýip, çykyp gaýtdy. Barýarka ýene bagbanyň köňlüne şeýtan was-wasa
salyp, öz-özüne aýtdy: «Eý Ha-san Şugul, seniň ömrüňde gep-söz gezdirmekden başga işiň
bolmady. Altmyş ýaşdan soň kethuda bolmazsen! «Egri agaç öz ýatyşyna gider» diýen bir
nakyl bardyr. Iki başdan sen bu sözleri kişä aýtman gezip bilmersen. Her hili bolsa hem öňki
bereket tapan kesbiňden el çekmegil. Bu işi tizden-tiz patyşaga habar ber!» diýip,
Babahanyň ýanyna baryp, gol gowşuryp: «Şah-a! Bakerem-a! Bu hyzmatkär guluňyzyň
jenap-alyňyza arzy bar» diýip, Zöhräni güle, Tahyry bilbile meňzedip, bir ebýat okady:
Gül bilen bilbil gelip, gül içre seýran kyldy gül, Gül
tomaşasyn görüp, öz berkini173 gan kyldy gül.
Gül bu günler halyna güllerni seýran eýledi. Reşkiden
rem eýlenip, azmy biýaban kyldy gül.
Men diýdim: «Ýa reb, ne gül sen, gülni haýran eýlegen». Gul
gülüp, sözläp özi hem bizni handan174 kyldy gül
Gül güle serwi-huraman gül bile eýläp huram175, Serwini
eýläp adem176 gülni huraman kyldy gül.
Bilbile güller mynasyp, gül mynasyp bilbile,
Bilbile otlar salyp, husnun gülüstan kyldy gül.
16
Gül ýüzüge gülni ogşatsam, güle ne aýyp erer, Özüniň
zynatyny ýer birle ýegsan kyldy gül.
Gül, güle gül keşt eder, güller güle haýran olup,
Şebnem ermes gül era wasl içre girýan kyldy gül.
Gül güle bäs eýlese, güller mynasypdyr güle, Güle
bilbil mest eder, älemni mestan kyldy gül.
Gül şytaby177 suratyndan178 müztarap179 gül her tarap, Gül,
otyrdan wahm edip, ornunda lerzan kyldy gül.
Sünbülidir, ýa ki sargarmyş ýüzi gül tabydan, Bilbile
ýalňyz ýüz açyp, zülpün zerefşan180 kyldy gül,
Ismi181 gül, ruhsary gül, diýsem hatadyr ol güle,
Wäh ajap danalary182 waspyndan183 nadan kyldy gül.
Bagbany men bu gün, bag içre gördüm bilbili, Bilbiliň,
surun184 görüp, çäki giriban kyldy gül.
Elkyssa, bagban bu habary aýdan zaman, patyşa muny aňlady: «Eý bagban, ýagşy
habaryň bar» diýdi.
Bagban gaýtdy.
Patyşa: dergazap bolup, tylla tagtyna çykyp, jellatlara: «Baryň, Tahyry getiriň» diýip,
perman etdi. Ýasawullar derhal185 baryp, Tahyry bihabar otyrka, tutup, patyşanyň
ygtyýaryna alyp geldiler. Adamlar top-top bolup gelenlerinde, aýak astynda galyp, bir
niçeleri öldüler. Şol wagt bir sandyk getirip, Tahyr biçäräni sözletmän, habar soraman,
sandyga saldylar. Patyşa: «Derýa taşlaň!» diýip höküm etdi.
Tahyryň ahwalyna ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli şäher ili aglaşdylar.
Şu pursatda Tahyr:
— Eý ýasawullar, biraz sabyr ediň, bir sagat sandygyň agzyny açyň, bir zaman ýagty
jahany göreýin, men bu gün sapar eder186 men, Zöhre jandan aýrylar men, Zöhre gyz bilen
allaýarlaşyp gideýin—diýdi. Şol halda Zöhre gyz ýüregine ot düşüp, gözünde ýaş, bagrynda
daş, zar-zar aglap, halky bir tarapa sürüp, baryp Tahyryň garşysynda durup:
— Eý Tahyr jan, hyzmatyňa geldim, bu janym saňa gurbandyr, näme sözüň bar,
aýdyber! — diýdi.
Tahyr jan, zar-zar, ebri nowbahar187 ýyglap, bir ebýat aýtdy:
Zöhre jan, aglagyl aýralyk güni, Gider
boldum, alla ýaryň, hoş indi!
17
Hazan urup, soldy ömrüm gülşeni,
Gider boldum, alla ýaryň, hoş indi!
Sen bir gül sen, gonan zagu-zagandyr188,
Gülden aýry bilbil işi pygandyr,
Tükenmez aýralyk, ahyrzamandyr, Gider
boldum, alla ýaryň, hoş indi!
Geldim, näme gördüm dünýä içinde,
Garyp başym ýüz mün gowga içinde,
Sandykdyr mesgenim derýa içinde,
Gider boldum, alla ýaryň, hoş indi!
Atam gelip meniň arkamy tutmaz,
Gedalaryň işi şalardan bitmez, Ol
sebäpden aşyk myrada ýetmez,
Gider boldum, alla ýaryň, hoş indi!
Pelegiň işine haýran olup men,
Hijranyňda zary-girýan olup men,
Gözleriň ýaşyna gurban olup men, Gider
boldum, alla ýaryň, hoş indi!
Bu niçik zamandyr, niçik mekandyr,
Derýadan suw tapman, içdigim gandyr,, Garyp
enem, ady Şahyhubandyr,
Gider boldum, alla ýaryň, hoş indi!
Tahyr diýer, menden ýüzüň dönderme,
Owal köýen janym ýene ýandyrma,
Baglarymga zagu-zagan gondurma, Gider
boldum, Zöhre janym, hoş indi!
Elkyssa, Tahyr bu sözüni tamam etdi. Zöhre gyz: «Eý Tahyr jan! Eger meni her günde
jirjis183 kimin öldürip direltseler hem, hazreti Zekeriýa aleýhyssalam dek başyma erre
goýup, para-para etseler hem, tä Dabbeti-larz turup, kyýamat magşara çenli maňa senden
başga dost-duşmanyň eli ýetmez» diýip, bir söz aýtdy:
Zagu-zagan gonar diýip aglama,
18
Seniň üçin besledigim baglara. Sen
bolmasaň, munda durar çaglama,
Hazan degsin bu bostanly baglara.
Ýaradan eşitsin ahy-zarymny,
Oňa tabşyrmyşam herne barymny, Tirdigiň ter
gülüň — alma-narymny
Rowa görmen garga bilen zaglara.
Ýene bu jaýlara güzer salmasaň,
Ýaryň bilen bäş gün oýnap-gülmeseň,
Mundai gidip, geler çagda gelmeseň,
Men hem gidem derýalara, daglara.
Kadyr alla bizi bar etdi ýokdan, — Otdan,
suwdan,
ýelden,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zöhre-Tahyr - 2
  • Parts
  • Zöhre-Tahyr - 1
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1932
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 2
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1859
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 3
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1881
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 4
    Total number of words is 4034
    Total number of unique words is 1968
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 5
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1898
    26.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 6
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1950
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.9 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 7
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1906
    25.5 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 8
    Total number of words is 3557
    Total number of unique words is 1625
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.