Latin

Zöhre-Tahyr - 2

Total number of words is 4037
Total number of unique words is 1859
26.0 of words are in the 2000 most common words
38.6 of words are in the 5000 most common words
45.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
häkden-toprakdan,
Umydym köp ýene ýetseň yrakdan190
Düşmegeýsen jellat guran aglara191.
Şertim budur, ýene bu jaýa gelseň,
Hasretli naçaryň köňlüni alsaň,
Babahan öldürse, Zöhre diýip ölseň,
Menem tutam, eziz tenim tyglara.
Zöhre gyz sözüni tamam etdi. Bu wakany Şahyhuban eşidip:

Eý barhudaýa! Päki perwerdigär-ä! Bu niçik syr boldy, bu niçik habar boldy...—
diýip, sandyk başyna geldi we gözünden katra-katra ýaşyn döküp:

Ýene hem bir sagat taammyl kylyň192. Eý halaýyk! Bu ikisi meniň imanymdyr,
janymdyr, ruhy-rowanymdyr, janymyň aramydyr, derdimiň dermanydyr. Bulardan jyda
bolup gezenimden gezmänim ýagşyrakdyr. Eý halaýyklar! Meniň hakyma bir doga okaň,
men haka jan teslim edeýin, bu meniň maksadymdyr: hiç bir ene meniň kimin zary-girýan,
bagry birýan, akly haýran bolmasyn... Bular meniň başymyň täji, golumyň çyrasy, men
baryp patyşaga arz edeýin, armanym galmasyn!— diýip, patyşanyň ýanyna bardy we: «Eý
patyşa, biçäreleriň tekýegähi193 sensiň!» diýip, bir söz aýtdy:
Sarlar.
Aglap gezem.
Patyşahym, saňa arzym söýläýin,
Gel, meniň balamny azat eýlegil!
Seni ýaradana gurban bolaýyn,
19
Gel, meniň guzymny azat eýlegil!
Azat eýle bir allanyň haky üçin,
Hak mursaly enbiýanys haky üçin,
Söwer gyzyň—Zöhre janyň haky üçin, Meniň
Tahyr janym azat eýlegil!
Bahyr wezir bilen eýlediň peýman,
Dönmegil ähtiňden, ger bolsa iman,
Aşyklar janynda goýmagyl3 arman,
Gel, meniňTahyrym azat eýlegil!
Tahyr janym bu gün on tört ýaşynda, Sen
sebäpli duşmanlary daşynda,
Ömür sürsün Zöhre janyň gaşynda, Sen
meniň Tahyrym azat eýlegil!
Bu gün oturmasyn atyň tozunda,
Akdyryp goýberme derýa ýüzünde,
Zöhre gyzyň jan biýr onuň yzynda,
Şa, meniň oglumny azat eýlegil!
Adalatly şada bir bolar ykrar,
«Şa men!» diýip, ähtiň bozmakda ne bar?
Ýazykly guluň men, boldum hyrydar, Şa,
meniň oglumny azat eýlegil!
Dünýä bipaýandyr194 bolmaz paýany, Ýudar bir
lahzada195 hany, soltany,
Hoşnut196 edip goýber Şahyhubany,
Şa, meniň guzymny azat eýlegil!
Şahyhuban sözüni tamam etdi. Patyşa:
— Eý Şahyhuban! Daş gitgil! Seniň ogluňyň jezasy ölümdir! Heniz saklap durmusyňyz?
Tizden-tiz derýaga eltip taşlaň! — diýip, höküm etdi.
Ýasawullar Tahyr begi sandyga salyp, derýanyň ýakasyga alyp bardylar. Ol wagt ulykiçi şäher halky ýygnanyşyp:
— Ene hem bir arz edip göreliň — diýip, patyşaga arz etdiler. Emma sözleri kabul
bolmady, olar aglaşyp, dady-perýat edip gaýtdylar.
3
Galmasyn.
20
Sandygyň gulpuny berkitdiler, sandygy suwa taşladylar. Şol wagt Zöhre gyz
gollarynda gara ýaglyk, bilinde gara guşak, tutuş gara geýnip, oda düşen perwana dek
bolup, zar-zar, ebri nowbahar ýyglap, sandyga ýapyşyp: «Ýa huw» diýip, özüni derýa
taşlady. Şanyň gyzyna hiç kim el urup bilmedi. Munuň yzy bilen kenizlerden, halklardan
hem üç ýüz ýigrimi kişi özüni derýa taşladylar. Zöhre gyz kä çümüp, kä çykyp, baryp
sandyga ýapyşdy. Şeýle tupan boldyki, göýä hazret Nuhuň tupany dek, köp adamlar
derýanyň içinde we ýakasynda heläk boldular. Emma Zöhre gyz sandygy goltugyna gysyp,
rowana boldy. Il-halk: «Tahyr jan gitdi, Zöhre jan hem bile gitdi...» diýip aglaşdylar.
Şol wagt sandyk bir girdaba ýetdi. Girdap sandygy aýlap, derýanyň gyrasyna çykardy.
Şol wagt Şahyhuban ýetişip, özüni derýa oklap, Zöhre gyz bilen sandygy tartyp, derýa
ýakasyna çykardylar we beýhuş bolup ýykyldylar. Bularyň üstüne don ýapyp goýdular.
Ýasawullar sandygy ýene derýa okladylar. Şol wagt sandykdan: «Eý Zöhre jan, hemme
uly-kiçiler, alla ýaryňyz» diýip, owaz çykdy. Zöhre jan gözüni açdy, görse, sandyk derýada
akyp barýar... Ol:
– Men hem Tahyr bilen gidermen — diýip, özüni derýa oklamakçy boldy. Zöhre janyň
kyrk kenizi bar erdi. Bularyň içinde Gülzada, Gülkamar, Göwher we Sadna diýen tört
serkerdesi bar erdi. Olar Zöhräniň tört tarapyndan tutup goýbermediler. Eý Zöhre jan, aşyk
zähmet çekmän, myrada ýetmez, hijran çölüne düşmedik aşyk — aşyk bolmaz. Indi gitseň,
heläk bolarsen. Tahyr derýapyň içi bilen gitse, biz daşy bilen gidermiz. Bir ýerde derýadan
çykaryp alarys— diýdiler.
Zöhre gyz kyrk kenizi bilen derýanyň boýuny syryp rowana boldy. Şol wagt Zöhre jan
il-gün, dogap-garyndaşlary bilen allaýarlaşyp, bir söz aýtdy:
Hoş gal indi, ilim-günüm,
Bu menzilde durarym ýok.
Derýaga düşdi mahzenim197,
Galmaga ygtyýarym ýok.
Çoh söwdaga saldym başym,
Dynmaý akar gözde ýaşym, Batypdyr
aýym, kuýaşym,
Çykmaýynça kararym ýok.
Kanda barsa, men barmasam,
Ýar bilen döwran sürmesem,
Tahyryň ýüzün görmesem, Hiç
söhbetde durarym ýok.
Ýar gitdi, sergerdan menem,
Yşkyň oduna örtenem,
Meni ýakdy atam-enem,
21
Il-gün sizden azarym ýok.
Menem derýada gezermen,
Kähi boýlap, kä ýüzermen,
Il-gün, sizden el üzermen,
Terk etdim, namys-arym ýok.
Gitmäge bilim-baglarmen,
Ganly jigerim daglarmen,
Söwer ýar-üçin aglarmen,
Gaýry bir kesbi-kärim ýok.
Zöhre diýr, bagtym garadyr,
Ýüregim ýüz müň ýaradyr,
Synalarym
set
paradyr198,
Ýöreý diýsem, mydarym ýok.
Elkyssa, Zöhre jan sözüni tamam edip, ýene ýolga rowana boldy, emma ýöremäge
mydary bolmady, yşk kuwwatyny alypdyr, aýralygyň wähmi şeýle ejizledipdirki, göýä
ganaty gyrlan guş dek mejalsyz erdi. Tahyryň garasy görünmez bolup baryr erdi. Zöhre şu
ýerde näderin bilmän, bir söz aýtdy:
Ýarym gitdi, ýalňyz galdym yzynda, Ýa
ýaradan, medet berer günüňdir.
Gül tenim kül boldy hijran tozunda,
Bu gün maňa kuwwat berer günüňdir.
Ýa pygamber, sallylahy wesellem, Ýa
hazreta, barçalardan mukatdem,
Bu halyma rehm eýleýip dembe-dem, Bu
gün maňa kuwwat berer günüňdir.
Arzuwym bar, gitsem, bile ýörmäge,
Kuwwatym ýok ýola gadam urmaga,
Mejalym ýok oturmaga, turmaga,
Bu
gün maňa kuwwat berer günüňdir.
Weýran bolsun şähri Tatar galalar, Tahyr
üçin kanda rebat salalar...
Maňa gelsin saňa gelen belalar,
Bu gün maňa kuwwat berer günüňdir.
22
Zöhre diýr, galmady sabry-kararym,
Derýaga gark boldy söngüli ýarym, Bu
yşkyň apaty aldy mydarym,
Bu gün maňa kuwwat berer günüňdir.
Elkyssa, Zöhre jan sözüni tamam etdi. Onuň nalyşyny Hudaýtagala eşitdi. Zöhräniň
endamynda kuwwat peýda boldy. Ondan soň Zöhre gyzyň ýüreginde ot, çar tarapa
delmurip, ýene turup, kenizleri bilen ýola rowana boldy.
Şähere: «Zöhre gyz kyrk kenizini alyp, ülkeden çykdy» diýen habar ýetişdi. Bu habary
patyşa eşidip, erkany-döwleti199 bilen şäherden çykyp, gyzynyň öňüne geçip:
— Eý Zöhre jan! Meniň gulamyma munça könlüňi berip, meniň namys-arymy ýere
çaldyň. Enşalla, öz barabaryňa goşup, myradyňa ýetirermen!—diýip, töwella etdi. Emma
Zöhre atasynyň sözüne gulak salman geçiberdi. Şa wezir-wekilleri bilen her çent töwella
etseler hem bolmady. Ondan soň patyşa: «Zöhre jan ýurtdan çykadyr, muňa töwella eder
ýaly, şäherde heý bir mährem adam ýokmy?» diýdi. Onda bir kişi:
—Zöhre jan bilen Tahyry okadan bir molla bardyr, belki, şonuň töwellasyny alar —
diýdi.
«Zöhre gyzy gaýtarmaly!» diýip, mollaga adam iberdiler.
Molla höküme çydap bilmän, atyny eýerläp, eltini hem syrtyna alyp, ýola rowana boldy
we tiz Zöhre janyň yzyndan ýetip, öňüne geçip:
— Eý guzym! Ataňy munça gyjalata goýma — diýip, töwella etdi. Emma Zöhre gyz
mollasynyň habaryny alman, beýle tarapyndan ýöräberdi. Molla:
— Bu-ha biziň öňki gören Zöhrämiz däl... — diýip, ýene öňüne geçdi.
Emma Zöhre bu sapar eýle ýanyndan geçip, öňküden-de gatyrak ýöräberdi. Onda molla:
— Haý-haý elti! Zöhre jany tut! Ýene bir töwella edip galaly—diýdi. Elti özüni atdan
taşlap, baryp Zöhre janyň elinden tutdy. Zöhre elini silkip aldy. Bili çem geldi — elti
bilinden garsa gujaklap, goýbermän:
– Eý Zöhre jan! Entek aýak sakla, mollanyň töwellasyny eşit, ondan soň gidersen.
Seni goýberermiz. Men hem seniň dek gaty aşyklygy görmesem hem, çalarak güzerinden
garap erdim! — diýdi. Şol wagt Mollanepes Zöhräniň öňüne geçip:
– Eý Zöhre jan! Men hem şu elti üçin yşk ýolunda köp gezip erdim. Yşkyň açary sabyr
etmekdir—diýip, Zöhrä köňüllik berip, bir söz aýtdy:
Enşaalla,
maksadyňa
ýetersen,
Aglamagyl, Zöhre gyzym, gaýt indi!
Tahyr bilen gülüp, oýnap ötersen,
Aglamagyl, Zöhre gyzym, gaýt indi!
Ataň eden işi älemge taňdyr200.
Häli saňa şadyr, magşar gedaňdyr.
23
Elti bir eneňdir, molla ataňdyr. Söwer
guzym, Zöhre janym, gaýt indi!
Zalym ataň niçik işler gaýyrdy—
Tahyry gark edip, derýa buýurdy,
Bu gun seni söwer ýardan aýyrdy,
Erte geler, Zöhre balam, gaýt indi!
Köp enbiýa-öwlüýäler haky üçin,
Müň bir atly bir allanyň haky üçin,
Taglym alan ol kuranyň haky üçin,
Al töwellam, Zöhre gyzym, gaýt indi!
Yşkyň ody düşse ýalan jahana, Ýakar,
ýandyr, köýer üşbu zamana,
Sen-sen yşkyn ýükün çeken merdana,
Merdana bol, Zöhre janym, gaýt indi!
Leýli çekdi ol Mejnunyň jepasyn,
Sürüp bilmeý ötdi zowky-sapasyn,
Kim görüpdir bu dünýäniň wepasyn,
Mähribanym, Zöhre gyzym, gaýt indi!
Nepes diýer, dünýä geldim—geçipmen,
Yşk bahryndan20' ýedi derýa içipmen,
Müneçjim202 ylymyndan kitap açypmen,
Takyk geler, Zöhre janym, gaýt indi!
Mollanepes sözüni tamam etdi. Zöhre jan mollanyň sözüne gulak asyp, aýak çekdi.
Emma derýaýy-ganhor möwç urup, her möwji asmana çykyp, sandygy alyp ugrady. Şol
ýerde bir girdap bar erdi. Oňa Girdaby-Merýem diýer erdiler. Sandyk şol girdaba düşüp, kä
ol gyra, kä bu gyra urar erdi. Şol wagt şemal sandyk tarapyndan bolup, sandyk taýdan şemal
bilen bir zaryn owaz peýda boldy. Halaýyklar gulak salsalar, Tahyr pakyrdan şeýle zaryn
sözler eşidiler erdi:
Zöhre jan, hijriňde köýdüm, jany senden aýrylyp.
Çün bolup didelerim girýany, senden aýrylyp.
Bozulyp köňlüm öýi—weýrany senden aýrylyp.
Galmady takat maňa-permany senden aýrylyp.
Tapmadym bu derdime dermany, senden aýrylyp.
24
Ger gazap kyl, ger rähim kyl, mähribanym sen meniň,
Janym al, ýa jan beru, aramy-janym sen meniň
Kaddy zyba, bag era serwi-rowanym sen meniň,
Köňlüm algan bir periweş203 dilsitanym sen meniň, Ýüz
elem204, ýüz nalaýy-efgany, senden aýrylyp.
Köňlümiň hoşgähi sen-sen, gözlerimniň röwşeni, Barça
hublar serweri, yşk ähliniň täji-seri.
Barmydyr üşbu jahanda sen kibi zyba peri,
Zynaty roýy zeminniň hem asmanyň enweri 4 . Akmyşam
derýa bilen armany, senden aýrylyp...
Näwügi-müjgänleriň205 bagrymda peýkamdyr bu gün,
Aýralyk ahyrzamandyr, ruzy-hijrandyr bu gün,
Iýgenimdir zähri-katyl206, içgenim gandyr bu gün, Bu
tiriklikden maňa ölmeklik asandyr bu gün. Bolmady
bu müşgülim asany, senden aýrylyp;
Tahyr diýer, Zöhre jan sormaga gelmez halymy. Senden
özge kim biler başdan geçen ahwalymy?
Neýleýin, keç eýledi gahba pelek ykbalymy,
Käşiki görsem ýüzün, kylsam tasatdyk malymy, Ötdi
bizden döwleti-döwrany, senden aýrylyp...
Elkyssa, Tahyr begiň sözi tamam boldy. Derýanyň ýakasynda bir köşk bar erdi. Şol
wagt sandyk köşgüng düýbünden ýeter boldy. Derýa çarh urup, diwana bolup, sandygy iki
ýana taşlar erdi. Zöhre gursagyny ýere urup, zar-zar aglap, bir gazal aýtdy:
Dat edeýin Babahanyň elindep, Bu
gün meni söwer ýardan aýyrdy.
Şeýda bilbil uçdy täze gülünden,
Bagym görki—bilbil zardan aýyrdy.
Muştak207 boldum ýaryň ýüzün görmäge,
Rakyplar goýmady bile ýörmäge,
Kararym ýok oturmaga, turmaga,
Gül-çemenli hyrydardan aýyrdy.
Ýarym gitdi, galdym munda gan aglap,
4
Ýa pelek hurşydydyr sen, ýa kamar, ýa müşteri.
25
Aýralyk ataşy jigerim daglap, Gonardy
köşk üzre her dem soraglap,
Golum görki, boz şunkardan aýyrdy.
Men bilmedim, ne girdaba ýetipdir,
Girdap içre kaýsy balyk ýutupdyr,
Şamçyragym kaýsy laýa batypdyr,
Pelek meni namys-ardan aýyrdy.
Zöhre diýer, ýokdur sabrym, kararym,
Jeýhuna gark boldy, söýgüli ýarym...
Aglap geçdi ömri leýlu naharym208,
Tahyr atly şasuwardan aýyrdy.
Zöhre jan sözüni tamam etdi, derýa möwç urup, sandygy dogry alyp gidiberdi.
Zöhre gyz sandygy görüp, ilata ýalbardy, emma bolmady. Naçar ondan soň, zar-zar aglap:
«Dilberimden aýryldym!»... diýip, pelekden şikaýat edip, bir muhammes aýtdy:
Näzli ýar, eý gulgüzar, çoh bikarar etdiň meni.
Ýygladyp zar, ilge äşkär, telbe har etdiň meni,
Elmydam husnuňa zar, diwanawar209 etdiň meni,
Bişumar210 derde giriftar, halka zar etdiň meni, Zernigar,
eý şahymar, sen şermysar211 etdiň meni.
Ýana-ýana, her ýana, perwana deý boldum bu gün,
Delmürip, husnuň görüp, çoh sargaryp soldum bu gün,
Dert ile, hasret ile, pyrkat ile öldüm bu gün...
Ýary sen, dildary sen, gamhory sen—bildim bu gün.
Saňa ýar, janym nisar, çoh intizar etdiň meni.
Her zaman zulm etse, ger, kahry ýaman bolgaý maňa,
Bigüman, bihetdi — san ahyrzaman bolgaý maňa
Bilmedim yşk elgiden sudy212-zyýan bolgaý maňa.
Örtenem hijriňde, waslyň bipaýan bolgaý maňa,
Aýrylyp, aklym alyp, çoh bimydar etdiň meni.
Hoş sözüň, hoşroý ýüzüň, nerkes gözüň janymdadyr.
Gaş kakyp, egri bakyp, bu şum rakyp şanymdadyr Men
seniň tirsem gülüň, bar istegiň ganymdadyr,
Şum rakypnyň hoşlugy bu zary girýanymdadyr. Zöhre
diýr, köp agladyp, itlerge zar etdiň meni.
26
Elkyssa, Zöhre jan sözüni tamam etdi. Sandyk bir girdaba düşüp, tolkun bilen
göterilip, derýanyň ýakasyna azm edip, lerzan urar erdi. Zöhre jan iki gözüni sandyga dikip,
sandyk nirä öwrülse, bu hem şol tapapa öwrülip barar erdi. Birden sandyk ol ýan, bu ýan
aýlanyp, gadym eýýamda köpri salnan ýere baryp, serpilip, ýene baryp, ahyr ol bogazdan
ýyldyrym dek geçip, aşak tarapa rowana boldy. Zöhre gyz muny görüp, galmaga takaty
bolman, ýügrüp mollanyň ýanyna baryp:
— Maňa rugsat ber, mollam! Tahyr gitdi... Tahyrdan galmaga takatym ýok! — diýip,
ýalbaryp, bir söz aýtdy:
Elkyssa, Zöhra jan sözüni tamam etdi. Sandyk bir girdaba düşüp, tolkun bilen göterilip,
derýanyň ýakasyna azm edip, lerzan urar erdi. Zöhre jan iki gözüni sandyga dikip, sandyk
nirä öwrülse, bu hem şol tapapa öwrülip barar erdi. Birden sandyk ol ýan, bu ýai aýlanyp,
gadym eýýamda köpri salnan ýere baryp, serpilip, ýene baryp, ahyr ol bogazdan ýyldyrym
dek geçip, aşak tarapa rowana boldy. Zöhre gyz muny görüp, galmaga takaty bolman,
ýügrüp mollanyň ýanyna baryp:
— Maňa rugsat ber, mollam! Tahyr gitdi... Tahyrdan galmaga takatym ýok! — diýip,
ýalbaryp, bir söz aýtdy:
Ýarym gitdi derýa bilen aýlanyp,
Goýber, ahun, ýarym bilen gideýin! Ilsiz-günsüz
bir sandyga jaýlanyp,
Goýber, mollam, ýarym bilen gideýii!
Ýarym gitdi, jan riştesi üzüldi, Bagrym
kebap bolup, çişge düzüldi,
Ejiz
boldum, başym şuma ýazyldy. Goýber,
mollam, ýarym bilen gideýin!
Derýa atdy dür nukranyň213 gaşyny, Haýsy
balyk ýutdy zziz läşini.
Çäräm ýokdur atam kylan işini,
Goýber, ahun, ýarym bilen gideýin!
Ýa bu meýdan içre öldürgil meni,
Başymga salmagyl aýralyk güni, Kyýamatlyk
atam, diýmişem seni,
Goýber, mollam, ýarym bilen tideýin!
Zöhre diýer, gül ýüzümde hyjapdyr214,
27
Yşk ryswasy bolup, bagrym kebapdyr, Bu
aýralyk ölmegimge sebäpdir.
Goýber, mollam, ýarym bilen gideýin!
Elkyssa, Zöhre jan sözüni tamam etdi. Molladan ses çykmady, Zöhre jan molladan
sözüniň bitmezini bilip, ondan umydyny üzdi. Ýanynda elti bar erdi, Zöhre eltiniň ýüzüne
garap:
—Eý iki dünýä kyýamatlyk enem! Men seniň duzuny iýip erdim, sen meniň bu
işime bir çäre et, golumy tut mollamdan rugsat alyp ber! — diýip, eltini gujaklap
ýalbaryp, bir söz diýdi:
Süýt ornuna şeker bergen enem sen,
Ahunyma arzy-halym arz eýle, Hasta
bolsam, halym sorgan enem sen,
Rugsat bersin, gider ýolum arz eýle.
Elipbiden, ylm okadym, ebjetden, Aşyk
boldum, dönmegim ýok bu setden,
Takatym ýok, janym çykar jesetdýon,
Nähak ganym hem webalym21 arz eýle.
Il tagn eder efganymdan, sözümden, Sorma
derdim,
pähm
eýlegil
ýüzümden,
«Tahyrym!» diýip, ganlar akar gözümden...
Ýowuz günüm, bu ahwalym arz eýle.
Synam üzre dürli-durli ýaradyr,
Aýralyk derdinden bagrym paradyr,
Humaý216 bagtym öz pälimden garadyr, Pelek
pozan keç ahwalym arz eýle.
Saýýat217-ajal duzak gurdy daşyma,
Gahba pelek awy saldy aşyma, Zöhre
diýer, rehm et gözde ýaşyma, Aglap
öten mahy-salym218 arz eýle.
Elkyssa, Zöhre gyz sözüni tamam etdi. Elti:
— Eý Zöhre jan, men seniň nalyşyňa çydap bilmesmen — diýdi. Soňra ahuna
ýüzlenip:
—Ahun! Sen hem men sebäpli gören horlugyňy ýadyňa sal. Aşyklyk köp müşgüldir. Yşk
ody dowzahdan beterdir. Aşyklara kömek bermek parzdyr — diýip, bir gazal aýtdy:
28
Molla, saňa arz eýleýir Zöhre jan,
Goýber, mollam Zöhräm gitsin ýoluna. Tahyr
üçin janyn eýlemiş gurban,
Goýber, mollam Zöhräm gitsin ýoluna.
Tahyr jan bir sandyk içinde zyndan, Garky-girdap
olmuş, gözleri girýan219.
Zöhre janym galmyş yzynda haýran,
Goýber, mollam Zöhräm gitsin ýoluna.
Gül dek ýüzi zagpyran dek solupdyr,
Jany çykyp, jeset munda galypdyr, Diri
güman etme — Zöhre ölüpdir... Goýber,
mollam Zöhräm gitsin ýoluna.
Terhos220 edip, özüň orta salyrsen,
Barça işi menden ýagşy bilirsen,
Aşyklaryň webalyna galyrsen
Goýber, mollam Zöhräm gitsin ýoluna.
Ýary gaýry ýurda bolupdyr mumtaz,
Goldan uçdy, derýa düşdi algyr baz,
Höwründen aýyryp, kylmagyl perwaz,
Goýber, mollam Zöhräm gitsin ýoluna.
Atasy rähm etmez ýeke gyzyna,
Zöhre sygynmyşdyr hakyň özüne,
Gulak salgyl Bossantäjiň sözüne: Goýber,
mollam Zöhräm gitsin ýoluna.
Elkyssa, elti sözüni tamam etdi. Molla muňa näme jogap bererin bilmän, üstüni
aldyrdy—molladan seda çykmady, Zöhre gyz nalyş etdi, yns-jyns, wuhuş221, tuýurlar222
nala geldi, pelekden melekler:
—Dergah-a, ylah-a, päki perwerdigär-a, bu iki aşyga özüň rehim et!—diýip arz
etdiler. Şol wagt Mollanepes hem täze täret kylyp, iki rekagat namaz okap, kybla ýüzbeýüz bolup:
—Ylah-a, bu aşyklara erahymul-rahmanlyk pazly merhamatyňdan ýetir — diýip, zarzar aglap, hajatyny Hudaýtagaladan diläp, bir muhammes okady:
29
Ýa ylah-a, barça gullar köňlüni sen şady kyl! Özüňe
dost eýleýip, dostuň öýün abady kyl,
Elmydam ýat eýleýin, sen hem guluňny ýady kyl,
Rehm edip ajyzlara, zalymlarny berbardy kyl,
Ýa kerim sen, Zöhre janym gaýgydan azady kyl.
Külli älemni ýaratgan patyşahy-bakerem,
Gije-gündiz hajatym — senden dowamat isterem,
Lal olupdyr har223 içinde bilbili-Bagy-Erem,
Zöhre jan sorsa sowal, onuň jogabyn nä berem?
Ýa rahym, sen Zöhre janym gaýgydan azady kyl.
Gije-gündiz ýat ediban, isteýip jepbaryny,
Pyrkat ody köýdüripdir, husnunyň gülzaryny,
Şum rakyplar kast edip, ýardan aýyrdy ýaryny, Rehim
edip ajyzlara, her dem eşitgil zaryny,
Ýa kerim, sen Zöhre janym gaýgydan azady kyl.
Gitdi ýary gaşydan, derýa bilen mejlis gurup,
Gözleri yzynda girýan, çar tarapga telmuryp,
Göýä bir perwanadyr, ataş era özün urup,
Tahyryndan aýrylyp, bilin büküp, boýnun burup. Ýa
rahym, sen Zöhre janym gaýgydan azady kyl.
Barça huplarnyň içinde hoşlyka, sahyp temiz,
Aýralyk ody gara bagryn kylypdyr rizi-riz224,
Günde ýüz wagt telmuryp, halyn sorarlar kyrk keniz.
Aglaýyp derýa lebinde, ýaryn istär Zöhre gyz,
Diýr Nepes, bu Zöhre janym gaýgydan azady kyl.
Elkyssa, bu sözden soň asmandan bir owaz peýda boldy. Garap görseler: gyzyldan
ýasalan bir tagt, üstünde aşyklarnyň patyşasy. Şirin – Perhat, Leýli – Mežnun, her tarapdan
ýüz keniz, ýere düşdüler we aýtdylar:
– Eý molla, gel bu hakykat şerabyny alyp, Zöhre gyz birlen özüňiz içiň! – diýdiler.
Molla baryp görse, gyzyldan legen, içinde dokuz piýala şerap: molla göterip tördüsini
içdi we bäşisini Zöhre gyza berdi. Ikisi-de içip, beýhuş boldular. Ondan soň elti Mollany,
Göwher keniz hem Zöhräni göterip, şähere gitdiler.
Indi habary Tahyrdan eşidiň. Sandyk derýanyň ortasy bilen akyp giderdi. Derýada bir
girdap bar erdi. Sandyk şol girdaba düşüp, bir gije onda durdy, emma sandyga hiç zat zyýan
bernedi. Soňra sandyk ýene ýola rowana boldy. Tahyr beg sandygyň ýola düşenini duýup,
30
il-gün, dogan-garyndaşlaryndan aýrylanyna ýüregini daglap, oda düşüp, joş urup, bir söz
aýtdy:
Şum pelekniň gerdişinden, Içde
çoh armanym galdy. Aýryldym
ýaryň gaşyndan, Gaşlary
kemanym galdy.
Pelek maňa sütem kyldy,
Gözel ýardan aýra saldy,
Dertler meniň bilen boldy, Tebibim,
dermanym galdy.
Sapaly menzil-mekanym, Ýarym
gitdi, ýandy janym,
Gan dökdi çeşmi-girýanym, Gülüm,
gülüstanym galdy.
Ýar mekany özge boldy,
Wysal ýolun rakyp aldy, Gury
jeset munda geldi,
Ýar ýanynda5 janym galdy.
Asman başyna ýykylyp,
Gözünden ýaşlar dökülip,
Kamaty nun dek bükülip, Ol
serwi-rowanym galdy.
Aýra düşüp, aklym çaşyp, Rakyplar
bilen baş goşup,
Ýar uzadyp, ýollar aşyp,
Mahy-mähribanym galdy.
Daş galdy tagtym, saraýym,
Derýadyr menzilim, jaýym,
Indi dogmaz günüm, aýym,
Ol ýagty jahanym galdy.
Mydam hyzmatda durdugym,
5
Gaşynda.
31
Saz bile söhbet gurdugym,
Janymdan eziz gördügim,
Yzzatly myhmanym galdy…
Tahyr diýer, dünýä ýalan, Sen,
sen synama ot salan, Daşynda
kyrk keniz bilen,
Aglap Zöhre janym galdy.
Tahyr sözüni tamam etdi. Sandyk akyp barar erdi. Ol şu röwüşde üç aý derýa bilen
akdy. Tahyryň ýanynda bişirilip goýlan nahar köp erdi, emma suwy az erdi. Ol derýa
suwunyň nemini sorup, mydar eder erdi.
Şol barşyna bir gülgüzarlyk ýere ýetişdi. Ol ýerde suw adamlary bar erdi. Ol suw
adamlary sähraýy adamlardan köp gorkar erdiler. Olar: «Adam ysy gelýär!» diýip gaty kän
gygyryşdylar we sesleriniň ýeten ýerinden kän-kän goşun ýygnap, bir sagatda üç ýüz müň
goşun jemlediler. Soňra daşlaryna garawul goýup: «Bu adam biziň bir tarapymyzdan çykar,
onuň bilen urşarmyz» diýip taýýar boldular. Şol wagt sandyk hem ýetişdi. Emma olar: «Bela
bu sandygyň içindedir...» diýip, her kaýsy bir ýana gaçdy, uruşlary hem bolmady.
Tahyr gelýän zenzeläniň nämedigini, kimdendigini düşünmez erdi. Birazdan soň
gulagyna owaz gelmedi. Tahyr olaryň gaçanyny duýdy; sandyk ol ýerde biraz saklandy.
Soň derýa ýene çaýkanyp, tolkun atyp, sandygy alyp gitdi. Sandyk baryr erdi, ýene bir
girdaba düşdi. Ol girdapda uly-uly balyklar bar erdi. Derýanyň kenarynda agaçlar gögerip
durardy. Ol agaçlaryň başy asman bilen barabar erdi, kölegeleri suwuň üstüne düşer erdi.
Agaçlaryň üstünde uly guşlaryň höwürtgeleri bar erdi. Ol agaçlaryň üstünden iki sany guş
çykyp, suwuň üstüne düşdüler. Görseler, daşy nagyşly bir ajap sandyk gelir.
Guşlar muny enaýy görüp, höwürtgeleriniň üstüne çykardylar. Sandyk bu ýerde birnäçe gün
galyp gurady. Tahyr begiň ýüregine howsala düşüp: «Munda bolanymdan, derýa bilen akyp
gidenim ýagşy erdi, ahyry bir welaýatyň ujundan barar idim we biri görer idi. Emma bu
agajyň üstünde meni kim görüp, kim eşider...» diýip, hudaýa ýalbaryp, bir muhammes
aýtdy:
Eý sahyby-mahlukat225, galdym bir ça içinde,
Bu halymga rähm eýle, üşbu mäwa içinde,
Bir sandyk içre zyndan, dilim sena içinde,
Yşkyň ýüki arkamda, kamatym ýa içinde,
Läşim her ýana tartar guşlar aşýa226 içinde.
Seýpel Methaljamal diýp, deňizde sürdi döwran,
Bulkys diýp Süleýman, seýr, etdi suýy-asman227,
Ýusup jan diýip Züleýha, dowamat çekdi arman,
32
Warka-Gülşa tapmady yşkyň derdine derman.
Myrat hasyl bolmady, ötdi arman içinde.
Aşyk Perhat Şirin diýp, aglap ýügürdi her ýan,
Daşlary lagl ederdi, gözlerinden akan gan,
Gara daga gez urup, ýasandy köşki-eýwan,
Wysal diýip aglady, ýetişdi ruzy-hijran,
Şirin diýip jan berdi, Perhat gaýa içinde.
Mejnun däli-diwana istäp ol Leýli ýaryn,
Leýli gyzyň ýüzünde görerdi hak didaryn.
Mydam aglap gezerdi, çagyryp biribaryn.
Bir gün huda duş etdi, eşidip ahy-zaryn, Şol
wagtda jan berdi, Mejnun sähra içinde.
Wamyk Uzra yşkynda, şirin jandan geçerdi,
Ýüzün görmegen çagda, agzyndan ot saçardy,
Wamygyna rähm edip, kähä ýüzün açardy,
Gammar Arzy jan diýip, kä ýanyp, kä öçerdi,
Gör, Tahyr Zöhre diýip, akdy derýa içinde.
Elkyssa, Tahyryň nalyşyny Hudaýtagala eşidip, bir gün bir güýçli bahar şemaly turup,
uly harasat gopdy, ýel agaçlary biri-birine urup, Tahyry suwa düşürdi.
Derýa Tahyry ýene akdyryp barar erdi. Tahyr pakyr suwsuzlykdan gaty horlandy. Ol:
— Eý hudaý, bu derýa meniň ölmeli ýerim boldy...— diýip, pelegiň keçligine, bagtynyň
şumlugyna ýanyr erdi. Ýene özüne aramlyk berip: «Sabyr — wagthoşlugyň açarydyr».
«Geler bolsa, geler Şamu-Yrakdan: Gider
bolsa gider gaşu-gabakdan».
«Her aşyk maksadyna sabyr ile ýeter. Men sabyrly bolaýyn» diýip, bir ebýat okady:
Kapas içre laçyn kibi howalap,
Per kakyp uçmagyl her ýana, köňlüm. Zöhräniň
didaryn alladan diläp,
Şükr eýle ýaradan subhana, köňlüm.
Ataş jyda bolmaz yşk içre hysdan,
Yşk içre ölgen ýeg yşksyz näkesden,
33
Ýaryň arzuwynda çyksyn kapasdan, Halawut228
salmagyl bu jana, köňlüm.
Köňlüm, merdana bol, mertligiň söýle,
Çykarsen derýadan, akmaz sen beýle,
Ynjama, daralma, bir dem sabr eýle,
Ýeter sen maksatly mekana, köňlüm.
Täki baryp tirmeý Tatar gülünden,
Jamy meý sunmasa iltap229 golundan,
Başym gitse hergiz dönmen ýolundan,
Bolsa bu gün ahyrzamana, köňlüm.
Dözmüşem bu janym hijran zährine,
Mydam intizaram wysal bährine,
Gitseň, tiz ýeter sen Bagdat şährine, Mahym
atly söwer janana, köňlüm.
Tahyr diýer, rakyp derbe-der bolsun,
Häki-zemin230 bilen serbe-ser bolsun,
Bu ýolda haýr olsun, ýa ki şer bolsun,
Girgil meniň bilen meýdana, köňlüm.
Tahyr sözün tamam etdi, köňlüni bire baglap, ýola rowana boldy. Birden sandyk suw
zarby bilen derýanyň ýakasynda bolan bir uly daşa baryp degdi — sandygyň çüýleri
gowşady, emma özi döwülmedi, sandyk ýene akyp gitdi. Bu derýa Fyrat derýasyna baryp
goşular erdi. Fyrat derýasy Bagdat şäheriniň, ortasyndan geçip gider erdi.
Sandyk Bagdat şäherine ýetişdi.
Bu şäheriň patyşasynyň adyna Adyl şah diýer erdiler. Adyllykda Nowşirwança 231,
sahylykda Hatam Taýça232 bar erdi. Ol patyşanyň üç gyzy bar erdi, ulusyna Jahangir,
ortanjysyna Şähri jan we kiçisine Mahym jan diýer erdiler. Patyşa bularyň her birine bir
köşk we kyrk keniz berip erdi. Olar patyşanyň görer gözi erdi.
Bir gije Mahym jan düýş gerdi. Düýşünde bir ýigit gündogar tarapa garap
oturypdy. Mahym gyz oňa jan-tili bilen aşyk bolup, her niçe: «Bäriňi bak» diýse hem
bakmaz erdi. Onda ýene Mahym:
«Eý janym! Haýsy şanyň ogly sen, haýsy aýyň bölegi sen, haýsy bagyň güli sen we
haýsy gülüň bilbili sen, haýsy bakjanyň nary sen, haýsy gözeliň ýary sen, kaýdan uçup, kaý
ýerge gonar sen, adyňa kim diýerler?» diýip sorady. Emma ol ýigit, gözi ýaşly, ýüregi başly,
jogap bermedi. Mahym gyz ýene:
«Eý ýigit, rähim edip, maňa bir seret» diýip, aglap ýapyşdy. Onda ol ýigit:
34
«Eý jan, men bir allanyň bendesi, yşk gülgüzarynyň bilbili men, özüm Tatar
welaýatyndan, nesip tartyp geler men. Men bir güle aşyk, ýene hem ol gülüň wysalyna gider
men. Atamyň ady Bahyr, öz adym Tahyrdyr. Menden saňa jepa ýeter, wepa ýetmez» diýdi.
Bu sözüň üstünde Mahym ah urup oýandy. Görse, hiç kim ýok, düýşi eken. Mahym janyň
ýüregine ot düşüp, enesiniň ýanyna ylgap baryp: —Eý ene, men bir düýş gördüm, saňa
aýdar men. Sen ony maňa ýorup ber — diýdi. Enesi: —Ýagşy bolýar, balam — diýdi.
Mahym jan gören düýşüni beýan edip, bir muhammes okady:
Üşbu derýa içre gördüm bir ajap zyba ýigit,
Sözlegende, hoş suhandyr, bilbili-şeýda ýigit,
Nägehan gördüm ýüzün mundag ajap berna ýigit, Aldy
janym ýüzi enwer, kamaty ragna ýigit,
Asly adamzadadan, hiç bolmagaý peýda ýigit.
Bir zaman gördüm žamalyn, aklymy haýran eder,
Pyrkat eýýamynda daýym, gözlerim girýan eder,
Ýarymy sandykda gördüm, suw era seýran eder,
Görmegen: «Gül dek ýüzün görsem!» diýip arman eder, Men
köýer men ol diýip, bizden ki biperwa ýigit.
Egnide begres lybasy, begmidir, soltanmydyr, Ýa
ki bir yşka köýen serkeşteýi-haýranmydyr,
Bilmenem bir jadymu ýa Ýusuby-Kenganmydyr,
Ýar diýip waspyn okaýdyr, dürmüdir, destanmydyr,
Her peri düýşüge girmez beýle bir mürzä ýigit.
Neýleýin, aşyklygyn söwdasy düşdi başyma,
Garadyr bagtym meniň—rähm etmedi gözýaşyma, Aýdabilmen
bu syrym. genlär diýip deň-duşuma,
Günde ýüz görsem ýüzün, gelse, otursa gaşyma,
Şamçyragdan, aýy-günden görki bir turpa ýigit.
Gollarynda bahry-laçyn, hem ütelgi bahry baz233,
Awlagy sowsan sona, köllerde gezgen guba gaz,
Sözlese, bilbil nowa, geldi gulagymga owaz,
Mahym aýdar, gözlerem men dagy-daşy serferaz,
Dünýäde özi kibi hiç bolmamyş peýda ýigit.
Elkyssa, Mahym jan sözüni tamam etdi. Enesi aýtdy:
— Eý Mahym jan, gulak sal, men saňa düýşüňi ýorup bereýin — diýip bir söz aýtdy:
35
Eý Mahym janym, bu düýşüň
Saňa zerre wepasy ýok.
Aglap, gözden dökme ýaşyň,
Bir zerre intifasy234 ýok.
Janam diýip jan ýakar sen,
Gözleriňden gan döker sen,
Bu gün mähnet kän çeker sen, Erte
geljek sapasy ýok.6
Bir bilbil gonmuş gülüňe,
Bäş gün seýr eder iliňe,
Nägehan düşse goluňa,
Bir göwherdir, bahasy ýok.
Yşk derýasyna düşüp sen,
Şazadaga ýolguşyp sen,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zöhre-Tahyr - 3
  • Parts
  • Zöhre-Tahyr - 1
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1932
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 2
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1859
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 3
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1881
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 4
    Total number of words is 4034
    Total number of unique words is 1968
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 5
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1898
    26.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 6
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1950
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.9 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 7
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1906
    25.5 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 8
    Total number of words is 3557
    Total number of unique words is 1625
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.