Latin

Zöhre-Tahyr - 8

Total number of words is 3557
Total number of unique words is 1625
28.3 of words are in the 2000 most common words
40.6 of words are in the 5000 most common words
47.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Patyşa huşuna gelip, turup ugrady, wezirleriň her kaýsy onuň bir goltugyna girip
ugradylar. Ol gün giç boldy, gabryň üstünde köp gowga boldy, halaýyklar: «Aşyklar beýle
iş edipdirler» diýip, haýran galdylar we öýke etmän, «berekella!» diýdiler. Zöhräniň
jesedini Tahyr begiň ýanynda goýdular. Şol wagt Babahan patyşa geldi. Görse, gyzy gana
boýalyp ýatypdyr. Ol uýlugyna üç gezek urup:
— Wahasreta we nedamata, beýle iş boljagyn bilmedim — diýip, atyndan agyp düşüp,
Zöhräni gujaklap, beýhuş bolup ýykyldy. Ony huşuna getirdiler. Şa bu halda zarynç seza
bilen bir ebýat aýtdy:
Wahasreta, aýra düşdüm,
Taparmenmi, balam seni,
Neýleýin
ýandym,
tutaşdym,
Taparmenmi,
balam seni.
Ynandym rakyp sözüne,
Zar oldum gadam tozuna,
Ýüzüm goýsam gül ýüzüne,
Taparmenmi, balam seni.
Terhos etdi ýakyn-ýadym,
Gurasyn Babahan adym,
Aglatdym ýeke zürýadym,
Taparmenmi, balam seni.
Öpup atym aýagyndan,
Sözledi derdi-dagyndan,
Zöhre jan uçdy bagyndan,
Taparmenmi, balam seni.
Garalar çekiň ýüzüme,
Zulm eýledim öz-özüme,
Jebr etdim ýeke gyzyma, Taparmenmi,
balam seni.
129
Hak aşyk eken, bilmedim,
Rahmet nazaryn salmadym,
Wadaga wepa kylmadym,
Taparmenmi, balam seni.
Zöhre jan, kanda sen kanda?
Ataň bolsun saňa bende,
Aglarmen, ömrüm barynda, Taparmenmi,
balam seni.
Töwella etdi delmürip,
Rähm etmedim bagrym erip,
Indi galmyşam sargaryp,
Taparmenmi, balam seni.
Babahan diýer, sözlesem,
Giden ýoluny gözlesem, Ýagty
jahana yzlasam,
Taparmenmi, balam seni.
Babahan sözüni tamam etdi. Şol sagat Zöhräniň enesi saçyny ýaýyp, bagryny paralap,
gözünden ýaş akdyryp:
— Wahasreta! Zöhre jandan aýryldym — diýip, Zöhräniň üstüne özüni oklady, gyzyny
gujaklap, beýhuş boldy. Bir zamandan soň huşuna gelip, göwsüni göwsüne toýup: «Eý
perzendim! Wah, jiger bendim!» diýip, zar-zar aglap, bir ebýat okady:
Natuwan perzendim, eziz çyragym,
Arman bilen garyp ölen Zöhre jan!
Rakyplar mekrinden syndy pudagym,
Yşk ýolunda şehit ölen, Zöhre jan!
Hanjar bilen gara bagryn çäk edip,
Tamam agzalaryn derdinäk edip,
Yşk ýolunda eziz jismin häk867 edip,
Ýarym diýip, garyp ölen, Zöhre jan!
Gyzyna kast edip, duşman güldürip,
Duşmanlar alyna aklyn aldyryp,
Atasy sebäpli özün öldürip,
Ýarym diýip, garyp ölen, Zöhre jan!
130
Men ataňa aýdar erdim bu derdi,
Aňlamady, özge ýana ýügürdi, Saňa
dözdi, rakyplara dil berdi,
Bir gamhorsyz garyp ölen, Zöhre jan!
Ýar diýip dünýäniň zowkundan geçip,
Her kime delmürip, gözýaşyn seçip,
Tahyr diýip, ahyr gara ýer guçup,
Yşk ýolunda garyp ölen, Zöhre jan!
Patyşadyr pakyrlaryň penasy.
Gyzyna kast etdi, nedir günäsi?
Men hem Zöhre gyzyň garyp enesi,
«Enem!» diýip, garyp ölen, Zöhre jan!
Elkyssa, bu sözi tamam edip, «Zöhräniň ornuna men ölsemdi!» diýip, enesi biçäre köp
aglady.
Soň patyşa erkan-döwletini ýygnap maslahatlaşyp, Tahyryň gabrynyň ýanynda bir
gümmez saldyryp, içine kandylar368 asdyryp, karylary gubyryň başynda oturdyp, kuran
çykdyrtdy. Zöhräni jaýladylar.
Indi sözi Garabatyr–leşger başyndan eşidiň. Garabatyr özünde baryny harçlap,
dostýarlaryndan hem alty müň tümen karz alyp, toý esbabyny tutup erdi. Emma bu habaryn
çyn bolanyn eşidip, ýüregine daş urup aglady. Baryp görse, Zöhre bilen Tahyryň her kaýsy
bir mazary-şerif bolup ýatypdyr... Her mazaryň üstünden bir gyzyl gül çykyp, ikisi asmana
çyrmaşyp gidipdir. Garabatyr muny görüp, özüne hyjalat berip: «Eý Gara! Sen Zöhre bilen
Tahyryň bir ýerde gezenini gysganar erdiň, ýene hem bu ikisini bir ýerde gördüň. Bu ikisini
bir ýerde göreniňden, öleniň ýagşydyr» diýip, lap urup, Zöhräniň mazarynda hanjar dikip,
özüni üç mertebe hanjaryň üstüne oklajak boldy, emma ýüregi gyýmady. Şol ýerde bir
ýaşuly adam bar erdi. Ol:
— Eý Garabatyr! Özüňi aşyk hasap eden bolup, bu aşyklara bir sagat rahat gün
görkezmediň! Bular bir-birlerine janlaryny pida eýlediler. Berekella! Ja-nyň beýle şirin
ekeni! — diýdi.
Garabatyr bu hyjalatly sözi eşidip, gözüni ýumup, özüni hanjaryň üstüne taşlap jan berdi.
Garabatyr ölmezden öň: «Men ölsem, Tahyr bilen Zöhräniň ara-synda jaýlan» diýip, wesýet
edipdir.
Garany ol iki aşyky-päkleriň gabyrlarynyň arasynda jaýladylar.
Allanyň gudraty bilen Garanyň mazarynyň üstünden bir it gyzgany çykyp, Zöhre bilen
Tahyryň üstlerinden çyňan güllere ýetip, azar berer erdi, gülleriň ýapraklaryny parapara eder
erdi.
131
Garaynyň mazarynyň arada goýulmagyna Zöhräniň ruhy naryza boldy we Zöhre jan
Babahanyň gije ýatyrka düýşüne girip, oňa ýüzlenip, bu gazaly aýtdy: Bizge zalym, ile
mähriban şahym,
Dünýäde zulmuňa duçar eýlediň. Men
saňa ne kyldym, nedir günähim,
Gyzyňy özüňe agýar eýlediň.
Bu dünýäden ahyretge atyldym,
Pelek bilen mert oýnadym, utuldym,
Begendim, jebriňden gaçdym, gutuldym*,
Ýene bizni munda azar eýlediň.
Otlar saldyň gabr üstünde saraýa,
Melhem eýle rakyp goýan ýaraýa,
Ol dünýäde Çomak düşdi araýa,
Ýene ara ýerde mazar eýlediň.
Gahr edip aýyrdyň ýaryndan ýaryn,
Üstümizde gurduň ölüm bazaryn,
Görkezmediň bir-birewiň didaryn,
Ýene bizi arzuw didar eýlediň.
Rahmet isläp, öpdüm paýy-gerdiňden.
Akdyryp, kowladyň ýary ýurdundan,
Hiç ýerde dynmadym seniň, derdiňden,
Özüň aşratyňda karar eýlediň.
Onda galdyň aşyklaryň ganyna,
Munda otlar saldyň şirin janyna, Zöhre
diýer, geldim, atam ýanyna,
Armanym köp, sözüm yzhar eýlediň.
Patyşa Zöhreden bu sözni eşidip, tisginip oýandy. Hyzmatkärlerine:
— At häzirläň! — diýip buýurdy. At häzirlendi, patyşa atlanyp, wezirleri bilen gabryň
başyna bardy. Görse, Tahyr bilen Zöhräniň her biriniň gabrynyň üstünden bir gül çykyp,
asmanda çyrmaşypdyrdar, ker haýsynyň başynda bir bilbil bar. Emma Garaçomagyň
gabrynyň üstünden bir it gyzgany gögerip, güllere ýetip, azar beredir, gyzganyň üstünde
bolsa bir baýguş perýat urup gygyradyr.
Patyşa bulary görüp, haýran galdy we: «Garaçomagyň, bulara duşman ekenini şu gün
bildim!» diýiý, derhal onuň mazaryny ýykdyryp, maslygyny süýredip, başga bir meýdanda
132
gömdürdi. Soňra iki uly ýaby we Zöhräniň bagyny aşyklaryň ýoluna wakf etdi. Olaryň
gabyrlarynyň üstünde alty ýüz kuranhona muwajyp569 berip goýdy.
Indi habary Mahym gyzdan eşitmek gerek.
Mahym jan bir gije ýatyrka, gözüne bir ruhy-päk görnüp: «Eý Mahym jan! Biziň
başymyza uly iş düşendir...» diýdi. Mahym gyz gygyryp oýandy. Munuň owazyna kenizler
ýygnanyşyp:
— Eý Mahym jan! Näme ahwal gördüň? — diýdiler. Mahym aglap, ýüregini paralap,
bir söz diýdi:
Eý mähribanym, ýoldaşym,
Taparmenmi, ýarym, seni?
Gurban kylam malym-başym,
Taparmenmi, ýarym, seni?
Yşkynda men boldum garyp,
Hem zagpyran dek sargaryp, Tün
gijelerde agtaryp,
Kandan tapaý, ýarym, seni?
Eý näzenin, simin beden,
Jan gitdi, munda galdy ten,
Eý hümmeti-aly kehen,
Kandan tapaý, ýarym, seni?
Her lahza kyldym men höwes,
Bolsam ýene bir hemnepes, Eý
kadyry perýadyres,
Kandaý tapaý, ýarym, seni?
Biçäreýi-misgin bolup, Ýollar
başynda delmürip,
Her dem ýürekde ah urup,
Kandan tapaý, ýarym, seni?
Bir bilbili-nalaýy-zar,
Ber hajatym, perwerdigär, Boldum
ýoluňda intizar,
Kandan tapaý, ýarym, seni?
Eý şemsi-enwer wezzyha!
Eý hadyýy-nury-heda, Eý
gülşeni-bady-saba,
Kandan tapaý, ýarym, seni?
133
Mahym diýer, eý serwi boý!
Nala kylarmen misli naý370,
Arzuwda, men, husnuň göreý,
Kandan tapaý, ýarym, seni?
Elkyssa, Mahym jan sözüni tamam etdi. Gülzada keniz Mahymyň nalyşyna takat getire
bilmeý, bir gazal aýtdy:
Bu gije ne waka geçdi başyňdan?
Habar bergil, Mahym gülüm, ne boldy?
Kyrk keniziň gurban bolsun daşyňdan,
Habar bergil, Mahym gülüm, ne boldy?
Älem köýer nalyşyňdan, zaryňdan,
Uçurdyň bilbili gülgüzaryňdan, Ne
habar eşitdiň söwer ýaryňdan?
Habar bergil, Mahym gülüm, ne boldy?
Ýa ahwal gördüňmi — Tahyr öldümi?
Ýa sargaryp, gül deý ýüzi soldumy?
Ýa ki ejiz köňlüň menden galdymy?
Habar bergil, Mahym gülüm, ne boldy?
Şum aýralyk ýeli her ýan öwsüpdir.
Ýa ki ony gam-gaýgysy basypdyr, Ahy-nalaň
gara bagrym kesipdir,
Habar bergil, Mahym gülüm, ne boldy?
Gaýgy-gamdan özüň bizar eýlegil,
Kenizlere gülüp, güftar eýlegil, Gülzadaga
sözüň yzhar eýlegil,
Habar bergil, Mahym gülüm, ne boldy?
Mahym gyz Gülzada jogap berip, bu gazaly aýtdy:
Ýatyrdym, Gülzada, bir ahwal gördüm,
Aşyklar gözüme aýan göründi. Ýaryldy
ýüregim, tisginip turdum, Gözüme bir
ruhy-rowan göründi.
Tahyrym görmüşem säheriň çagy,
134
Dar astynda gördüm, boýnunda bagy,
«Mahym jan!» diýp aglar, bagrynda dagy,
Aşyklara ahyrzaman göründi.
Zöhre gyz diýdiler, bir peri-peýker,
Gara geýmiş öz boýuna barabar, Gezenir
bagryna golunda hanjar.
«Tahyr» diýp, gözleri girýan göründi.
«Tahyr» diýp, aglaşyr ýurt ogly çenden,
Meger Tahyr ölmüş ýa jaýy zyndan,
Jellatlar jem bolup, çarh urar her ýan,
Aşyklar üstünde duman göründi.
Mahym diýer, Zöhre jany görmüşem,
Perişan halyndan habar sormuşam.
Diýdi; «öz bagryma hanjar urmuşam»,
Ýürekde ot, bagrynda gan göründi.
Mahym jan sözüni tamam edip:
— Eý Gülzada žan! Meni birnäçe wagtdan bäri beter gam basýar, düýşümde gam basýar,
ruhy-päk göründi. Özi zulum astynda, gelip boýnun burup: «Başymyza iş düşdi, ýetiş!»
diýip uklatmady. Men bilmedim, bu Tahyryň ruhumy ýa gaýry bir ruhy-päkmi. Eger aşyklar
ölen bolsalar, gabyrlaryna zyýarat kylsam. Eger ölmedik bolsalar, hyzmatlarynda bolsam
— diýdi we hazynada bar puly sandyga salyp: “Bir serdar tapyp, at-ýarag enjam edip, ýol
şaýyny tutuň!” diýip, kenizlerine emr etdi.
Bu habar Mahymyň atasy Adyl şaga ýetişdi. Adyl şa wezirleri bilep atlanyp, Mahymyň
öňüne geçip: — Eý gyzym! Zenan taýpasyna saparkeşlik371 nämübärek bolar – diýip, bir
söz aýtdy. Mahym hem jogap berdi:
A d y 1 ş a:
Ölgeniň yzynda ölmek bolarmy?
Mähribanym, söwer guzym, gaýt indi!
Tatar gidip, gaýdyp gelmek bolarmy?
Köňül hoşum, görer gözüm, gaýt indi!
M a h y m:
Adyl babam, maňa rugsat bergeý siz, Baryp
Tahyrymny görmesem bolmaz!
135
Käbäm siz, kyblam siz, bile ýörgeý siz, Başym
ol dükana urmasam bolmaz!
A d y l ş a:
Gözüňe görünen ol ruhy-päkdir,
Zöhre jan ýanynda toprakdyr, häkdir, Ýollar
köp yrakdyr, görmeklik ýokdur,
Mahym janym, söwer guzym, gaýt ipdi!
M ah y m:
Aýym tutulypdyr, günüm ýaşypdyr,
Aýralyk derdinden aklym çaşypdyr,
Tahyryň başyna ne iş düşüpdir, Baryp*
gullugynda durmasam bolmaz!
A d y 1 ş a:
Tahyr nabut bolmuş şanyň gahrynda,
Aždaryň agzynda, ýylan zährinde, Saňa
hemdem köpdür Bagdat şährinde,
Mähribanym, Mahym janym, gaýt indi!
M a h y m:
Beýle sözler gurma, baba, tillerde,
Janym çykyp, läşim galsyn çöllerde,
Süýeklerim nyşan bolsun ýollarda,
Tahyr diýp, bu ýolda ölmesem bolmaz!
A d y l ş a:
Ýurduň şahy men, älemge hanem, Getir
men Tahyry, hökmi-rowanem, Gel,
gaýyt ýoluňdan, başyňa dönem! Görer
gözüm, söwer guzym, gaýt indi!
M a h y m:
Bagdatda bir kimse eşitmez sözüm,
136
Ýardan aýry zagpyrandyr gül ýüzüm, Jesedim
kül bolsun, kör bolsun gözüm?
Men hem olar kimin bolmasam bolmaz!
A d y 1 ş a:
Adyl şa diýr, tutgul meniň sözümni,
Seniň, üçin berbat edem özümni,
Gyzym, Tatar sary tutma ýüzüňni,
Ýörgül Bagdat sary, guzym, gaýt indi!
M a h y m:
Mahym diýer, ýar eşitsin nalyşym, Ýarym
ne külpetde, gapyldyr başym, Görer
gözüm, mähribanym, ýoldaşym,
Hallaryndan habar almasam bolmaz!
Bular sözlerini tamam etdiler. Şol wagt gündogar tarapdan bir gert 372 peýda boldy.
Görseler, kerwem eken. Mahym gyz: «Meniň Tahyrymyň tarapyndaň gelýän kerwendir!»
diýip baryp, kerweniň öňünden çykdy we kerwenbaşa salam berdi. Kerwenbaşy aleýik alyp:
— Eý mahy-roý, ne hyzmat bar? — diýdi.
Onda Mahym gyz ýyglap, kerwenbaşydan habar sorap, bir ebýat aýtdy:
Habar ber, kerwenler, kandan gelersiz?
Meni çoh ýerlerden habardar eýle.
Habar sorsam, Tahyrymdan bilersltz,
Hazan uran köňlüm lälezar eýle.
Çoh haýran olmuşam bir ýar yşkynda,
Sergerdanam rakyplaryň reşkinde,
Niçik habar bardyr Zöhräm köşkünde? Maňa
rast sözleriň ygtybar eýle.
Ýarym gitdi, munda galdym sergerdan,
Köňlüm arzuw eýläp, gözlerim girýan,
Şirin janym kylam janyna gurban,
Meniň bu sözlerim ygtybar eýle.
Rastyň sözle, habar alsam özüňden,
Aýlanarmen ýarym gören gözüňden!
Ýa hoşnut373 eýlegil şirin sözüňden,
Ýa ki mundan beter bikarar eýle!
137
Zöhräm diýip gitdi Bagdat ýurdundan,
Gözlerime sürtsem paýy-gerdinden,
Mahym ölse gerek onuň derdinden,
Ýa öldi diýgeý sen, ýa ki bar eýle!
Mahym gyz sözüni tamam etdi. Kerwenbaşy hem Mahym gyza jogap berip, bir
söz aýtdy:
Bizni sorsaň, şähri-Tatar ýurdundan,
Kerwenleri azmy-seýran eýledi. Kyrk
gün boldy aýralygyň derdinden,
Barçalarnyň aklyn haýran eýledi.
Zöhre jan diýerler Babahan gyzy,
Perişan käkilli perizat özi,
Zerli zerbap geýgen, dony gyrmyzy, Görgenlerniň
gözun girýan eýledi.
Zöhre atly näzenin gyz bar idi,
Bahyr ogly Tahyr intizar idi,
Bir-birewniň didaryna zar idi,
Biraz mahal bezmi-döwran eýledi.
Gazap eýläp, şa Tahyry öldurdi,
Ölmezden öň saňa salam gönderdi,
Ol gün harap boldy Tataryň ýurdy, Ýurt
ogly Tahyr diýp efgan eýledi.
Dokuz gün Zöhre jan çykdy meýdana,
Jeren kimin çyrlap gitdi her ýana, «Waý,
Tahyr!» diýip, hanjar urdy ol jana, Ýar
ýolunda başyn gurban eýledi.
Mydam ýyglar, özün ölüme çaglap,
Bir gün jana dözdi, özün pyçaklap,
Şehit öldi, ýar gabryny gujaklap.
Ikewin bir ýerde pinhan eýledi.
Çoh kerwenbaşyýam, Mähjudyr adym,
Aşyklar maksady — meniň myradym,
Tahyr dirikligi — meniň heýatym374,
«Mahymy görsem!» diýip, arman eýledi.
138
Kerwenbaşy sözüni gutaryp:
— Eý Mahym jan, Tahyr atly bir ýigit bar erdi, atasy weziri-agzam375 erdi. Bu Tahyr
Babahan patyşanyň gyzy Zöhre jana aşyk boldy. Zöhre jan hoşroýlyk babatynda älemjahana
barabar erdi. Tahyr Bagdatdan baryp, Zöhre jana gowşup, gezip ýören wagty şugulçylaryň
biri Babahana ýamanlapdyr. Babahan Tahyry öldürdi. Zöhre hem Tahyryň gabrynyň
üstünde ýüreginden hanjar urup, Tahyr diýip, jan berdi. Halaýyklar bu şum gowgany görüp:
«Aşyklar bolmasa, biz hem şäherde durmazmyz, şadan zulum gelse, welaýat, biz harap
bolarmyz!» diýip, her kim bir ýana başyny alyp gaçdy. Bizler hem bu tarapa geldik — diýdi.
Mahym gyz bu habary eşidip, dady-perýat edip, bir söz aýtdy:
Ýürekde bar ýüz müň derdim,
Men niçik derman eýläýin!
Taňry işine ten berdim,
Arman—ýüz arman eýläýin!
Men hem dökermen ganymy,
Istän tapmaz nyşanymy, Ýar
üçin şirin janymy
Merdudy-jahan376 eýläýin!
Ýetişdi ajal leşgeri,
Men neýläýin simu-zeri, Synamga
urup hanjary,
Gara bagrym gan eýläýin!
Barsam ýarym ýatan ýere,
Synamga salarmen ýara,
Goşulyp Zöhre, Tahyra,
Men hem çoh döwran eýläýin!
Ýar eşitsin pyganymy,
Terk edem hanymanymy,
Azyz ten, şirin janymny
Ýaryma myhman eýläýin!
Mahym diýer, yşk elinde,
Saýraýyrmen ýar gülünde.
Men hem aşyklar ýolunda. Başymny
gurban! eýläýin!
139
Mahym bu sözüni tamam edip, eline hanjar alyp, özüni öldürjek boldy, emma şol
wagt Şähri jan goluny tutdy we Adyl şaga: «Mahym jan özüni öldürjek bolýar, çäre görsün!»
diýip, çapar atly gönderdi. Bu habar şaga ýetişdi, Adyl şa gelip:
— Eý gyzym! Maksadyňa ýetersen, özüňi heläk etme, üç gün garaş leşger ýygnap
gidermiz! — diýdi. Mahym nalaç bolup, tahammyl etdi.
Şa: «Her ýerde leşger bolsa, ýygnansyn! » diýip, her tarapa perman etdi, üç günde ol
gadar leşger jem boldyki, hasaba gireniň sany togsan iki müňe ýetdi we bakgalbazazylar 377
bilen ýüz müň leşger taýýar boldy. Soň sypahsalar Adyl Ahat jan leşger başy gelip, şaga baş
egip salam berdi we:
— Şah-a, serwer-a!378 Ylahy döwlet humaýunyňyz379 pukaralar başyndan egsilmesin.
Täjdarlygyňyz berkarar bolsun! Bu kemine380 hyzmatkäriňize ne emriňiz bar? — diýdi. Şa:

Ertir bilen ýöriş teblini381 urup, leşgeri gündogar tarapa rowana edersen! —
diýdi.
Sypahsalar baş egip, yzzat-ekram etdi we leşgeri ýola saldy.
Soň patyşa Mahymyň ýanyna gelip, bilelikde leşgeriň yzyndan gitdiler. Az pursatda
şähri-Jürjana ýetişdiler. Şähri-Jürjanyň walysyna382 Keremhan diýer erdiler. Onuň kyrk
müň leşgeri bar erdi, goşun serdarlaryna Moýsepit bilen Kamarylzaman diýer erdiler.
Keremhan olaryň birisini sag tarapyna, birisini çep tarapyna wezir edip:

Adyl şa şähri-Jürjana gelipdir. Bu leşger näme üçindir?—diýip, Moýsepit serdary
habar almaga iberdi. Moýsepit serdar Adyl şanyň habarypy Keremhana ýetirdi. Keremhan:

Ol aşyklaryň, ganyny sorap barýan bolsa, sen hem leşgeriňi alyp gidersen! — diýdi.
Moýsepit serdar Adyl şaga habar gönderdi: men hem Tahyr bilen ata-ogul erdim. Bir
gün garaşyň, men hem otuz müň leşgerim bilen gidermen diýdi.
Adyl şa hoşwagt bolup, bu habary kabul etdi. Moýsepit serdar leşgerlerini ýygnap,
bir ebýat okady:
Tahyrym katl olmuş Tatar ilinde,
Ýörüň, begler, söweşmäge gideliň!
Men hem ölsem gerek onuň ýolunda,
Ýörüň, begler, söweşmäge gideliň!
Ýüz mün leşgerim bar, mertleriň merdi,
Sähranyň* peleňi, daglaryň gurdy,
Meniň kyýamatlyk ol oglum erdi,
Ýörüň, begler, söweşmäge gideliň!
Agzy ganly aç gurtlarma buýrarmen,
Babahan başyna ne iş gaýrarmen,
Ata-ogul, ene-gyzdan aýrarmen,
Turuň, begler, söweşmäge gideliň!
Gahr edip, ganymdan ganlar dökermen,
140
Mülkün harap edip, şährin ýykarmen,
Tutup Babahany dara çekermen,
Ýörüň, begler, söweşmäge gideliň!
Aşyklara sütem kylmyş Babahan, Tahyr
dnýip, ýyglap ölmüş Zöhre žap,
Öldürmesem, mende galar çoh arman,
Turuň, begler, söweşmäge gideliň!
Babahan Tahyrym çekenmiş dara,
Zöhre jan ýyglaýyp, bolmuş biçäre,
Ol sebäpden bagrym boldy set para, Ýörüň,
begler, söweşmäge gideliň!
Moýsepnt diýr, eger jan bolsa tende,
Kyýamat namysyn goýmazmen onda,
Istäp tapam, eger gaçsa her kanda,
Ýörüň, begler, söweşmäge gideliň!
Moýsepit serdar bu sözüni aýdyp, Adyl şa bilep goşulyp, ýola rowana boldy. Bular
on dokuz gün diýlende, Tatar şäherine ýetişip, Zöhre gyzyň Baga-Meýdan diýen bagynyň
daşyny gurşap aldylar. Mahym gyz kenizleri bilen Zöhräniň köşküne çykyp, esbaplaryny
düşürtdi we köşküň içini tämizledip, menzil tutdy. Garawullar baryp:
– Eý Babahan! Ölüm saňa mübärek bolsun, bir leşger gelipdir—mur-melahda383 san
bar, onda san ýok—diýdiler.
Babahan: «Ilmi, ýa ýagymy, bilip gel diýip, wezirini iberdi. Wezir gelip, Adyl şanyň
bargähinde üç ýerde toprak öpüp:
— Şah-a! Jenap alyňyza arz bu ki, meni Babahan gönderdi. «Näme hyzmat bar we näme
permanlary bolsa, maňa yzhar etsinler, zähmet çekip, bu şähere mübärek ýüzlerini
görkezipdirler» — diýip aýtdy. Adyl şa:
– Eý wezir! Bilgil we äga bolgul: meniň Tahyr atly bir ogullygym bar erdi, ol üç aý
mundan owal Tatar şäherine gelip, magşuky Zöhre gyza gowşup erdi, emma Tahyry
Babahan öldüripdir, Onuň gany gerek – diýdi. Ol wagt Moýsepit serdar:
— Tahyryň ganyny bersin, ýogsa bir sagatda kül-peýekun edermen! — diýdi. Wezir
bu habary Babahana ýetirdi. Babahan:
— Kişiniň üstüne bihabar gelmezler. Maňa üç gün möhlet bersin — diýdi we üç günden
soň leşgeri bilen uruş meýdanyna çykdy. Iki tarapdan uruş tebli kakyldy. Moýsepit serdar
leşgerine nyzam berip durar erdi. Babahan hem sap çekip durar erdi. Şol sagat Adyl şa:
«Uruş başlamaly!» diýip buýruk berdi we sagy-soluna hereket berdi. Iki leşger bir-birine
gatyşdy, atyň tozundan asman, zemin tutuldy, pälwanlar aç gurt dek nagra tartyp, bir-birini
gyrar erdiler. Şu röwüşde üç gün uruş boldy: Moýsepit serdar Babahanyň tuguny384
nazarlap baryp, bir gylyç urdy — tuguny tugdary bilen bölüp oklady. Babahanyň leşgeri
141
tuglarynyň sernigun bolanyny385 görüp, gaçmaga ýüz urdy. Babahan karar berip duruzjak
boldy. Şol wagt Moýsepit serdar ýetip, Babahanyň üstüne kement oklap, ony at üstünden
zor bilen ýere düşürdi we süýräp, rowa- na boldy.
Ol sagat hazreti Isa alaýyssalam we hazreti Hyzyr alaýyssalam ikisi Zöhre-Tahyryň
mazaryna garap:
«Eý köşeklerim! Bu gün siziň toý-tomaşalaryňyzdyr, turuňlar!» diýip, gaýyp boldular.
Aşyklaryň jesetlerine jan gelenden soň, olar jeňe garap durar erdiler. Ol wagt Moýsepit
serdar Babahany kement bilen Adyl şanyň huzuryna alyp bardy. Adyl şa:
– Bu peläketi aşyklaryň ýanyna alyp baryň! Olar günasini geçseler geçsinler.
Bolmasa, öldüreris — diýdi.
Moýsepit serdar Babahanyň kellesine gamçylap, süýräp, Zöhre janyň ýanyna alyp
bardy. Babahan Zöhre jana ýalbaryp, bir söz diýdi: Kaýyl men taňry işine,
Geldim, Zöhre janym saňa!
Şum pelekniň gerdişine, Geldim,
Zöhre janym saňa!
Garybam, bagrym paradyr,
Synamda ýüz-müň ýaradyr,
Arzym köp, ýüzüm garadyr,
Geldim, Zöhre janym saňa!
Aşyklara sütem kyldym,
Humaý bagtym ýere çaldym,
Günäkärem, bu gün bildim, Geldim,
Zöhre janym saňa!
Bahyr ogly wezirzada,
Gahr etdim, akdy derýada,
Sen öldür, berme jellada,
Geldim, Zöhre janym, saňa!
Moýsepit diýer, bir serdar,
Men bolmuşam oňa duçar,
Kylar janym tenden bizar,
Geldim, Zöhre janym saňa!
Tygy-katyllar bilinde,
Jellatlary
sag-solunda,
Goýma Moýsepit golunda,
Geldim, Zöhre janym, saňa!
Babahan diýr, owal şaýem,
142
Bu gün aldyňda gedaýem,
Täji-tagtymdan jydaýem, Geldim,
Zöhre janym saňa!
Babahan sözüni tamam etdi. Zöhre jan atasyndan gören jebri-zulumlaryny ýadyna
düşürip, atasyna garap bu sözi aýtdy:
Şahlygyňda niçe işler gaýyrdyň
Ne gün saldyň aşyklaryň başyna?!
Ýarym—menden, meni—ýardan aýyrdyň,
Rehm etmediň gözden akan ýaşyna!
Ýurt şahy idiň, men şahyň gyzy,
Ýalňyz perzendiňdim, neýlediň bizi? Ýaradan
kazydyr, haklady özi,
Seni rowa gördi saňsar daşyna.
Gözde ýaşym misli derýa eýlediň,
Asy bolduň özüň, gümra eýlediň,
Kanda gaýgy bolsa, hemra eýlediň, Şum
Garaçomagyň köňül hoşuna.
Meni goýduň, rakyplara ýar olduň,
Aşyklar ganyna sebäpkär olduň,
Bu gun ýowuz derde griftar olduň, Kaýyl
bolgul eýäm salan işine.
Bu gün bilgir bolduň, ol gün aam erdiň,
Indi düşdüň otga, owal ham erdiň, Ýuzün
görmek şumdur sendek namardyň, Gözün
köwläp, demir kakyň dişine.
Zöhre diýer, şa eşitsin bu sözum, Bu
sebäpden zagpyrandyr gül ýüzüm.
Tenden başyn alyň, görmesin gözüm*,
Baryň eltiň Adyl şanyň gaşyna!
Elkyssa, Zöhre sözüni tamam etdi. Moýsepit serdar ýene süýräp, Adyl şanyň gaşyna
eltip:
— Eý şahym! Zöhre jan ölüme buýurdy — diýdi.
Adyl şa jellada emr etdi. Babahany öldürmekçi boldular. Babahan toprak öpüp:
143
– Eý Adyl şahym! Size bir arzym bar: Zöhre jan arzymy kabul etmedi, Tahyr bege arzyhalymy aýdaýyn! – diýdi.
Adyl şa rugsat berdi. Babahan Tahyr begiň ýanyna baryp, arz edip, zar-zar aglap, bir söz
diýdi:
Tahyr guzym, eşit, saňa arzym bar, Bendi
men, başymny azat eýlegil. Başyň
aldym—başym bermek karzym bar,
Ötgül günähimni, azat eýlegil!
Mert ogly sen, mertden bolan merdana,
Kasasym386 diýip, tolganmagyl her ýana.
Deň bolmagyl meniň, kibi nadana, Bendi
men, başymny azat eýlegil!
Aşyklara her çent bolsam günäkär, Ýamanlyk
kylana ýagşylyk derkär,
Ötgül günähimni, öldürtme zynhar, Gel,
oglum, sen meni azat eýlegil!
Boýnumda* bent bolmuş melamat daşy,
Ýakdy meni aşyklaryň gözýaşy,
Beýle boldy şum pelegiň gerdişi, Ötgül
günähimni, azat eýlegil!
Zöhre öten günni saldy ýadyna,
Meni ýakar ol sütemniň oduna,
Rowa görme meni ajal badyna,
Gel, oglum, sen meni azat eýlegil!
Zöhre janym maýyl ermiş bu gana,
Jellat hanjaryny çekip her ýana, Bir
lahzada talaň salar bu jana,
Sen meniň başymny azat eýlegil!
Aýagyňa başyn goýup Babahan, Gaşyňda
arz edip, ýyglaýyp çendan,
Toba kyldym, öten işe Tahyr jan**, Gel,
guzym, sen meni azat eýlsgil!
144
Babahan bu sözüni tamam edip, Tahyryň aýagyna başyny goýup, köp aglady.
Munuň nalyşyna Tahyryň reh-mi gelip, Babahanyň başyny toprakdan göterip, bir
ebýat aýtdy:
Şa, başysny göter ýerden,
Gel, Zöhre jana gideli!
Zülpi sünbül, dony zerden,
Zer-zerefşana gideli!
Sen sebäpli zähmet çeken,
Tahyrym diýp bagryn ýakan,
Gözünden ganly ýaş döken, Ol
çeşmi-girýana gideli!
Ak ýüzüne zülpüň döken,
Jeren kimin oýnap böken,
Zar aglaýyp köşge çykan, Ol
bagry gana gideli!
Üşbu ýalan dünýä pany,
Hiç kimge bermez wepany,
Sürmäge zowky-sapany,
Ýör, Zöhre jana gideli!
Hazan uran gül dek solan,
Ýanyp, bişip, kebap bolan,
Yşk hanjaryn jana salan,
Ýör, Zöhre jana gideli!
Ýara gurban bu şirin jan,
Sen köp çekme ahy-efgan,
Tahyr aýdar, eý Babahan,
Ýör, Zöhre jana gideli!
Elkyssa, Tahyr beg bu sözüni tamam etdi we Babahany Zöhre gyzyň ýanyna alyp berdy.
Tahyr:
— Eý Zöhre jan! Gel, ataňyň günäsini öteli! — diýdi. Onda
Zöhre jan:
– Sen ötseň, men hem ötermen – diýdi. Babahanyň günäsini ötdüler. Ondaň soň Adyl şa
Mahym jany hem Tahyra nikalap berdi. Aşyklar myradyna ýetdiler.
Soň Adyl şa Babahany ýene öz welaýatyna soltan edip, özi welaýatyna — Bagdada
gaýdar boldy.
145
Mahym:
— Eý kyblagähim, men bu welaýatda galmaly boldum, alla işidir — diýip, bir ebýat
aýtdy:
Gider bolsaň öz ýurduňa
Razy bolup gaýdyň,baba.
Tebdil387 ýok taňrym derdine,
Sag-salamat gaýdyň, baba.
Men galyrmen Tahyr bile,
Hoş wagt boluň güle-güle,
Ähli Bagdat ulus ile
Bizden salam aýdyň, baba,
Tahyrsyz maňa ýok rahat,
Aýralyga kyl kanagat,
Aman bargaý siz salamat,
Alla ýaryň, gaýdyň, baba.
Bizi ýazmyş möwlam kadyr,
Baş penahym erer Tahyr,
Biz tarapdan bolmaň dilgir,
Hoşnut bolup gaýdyň, baba.
Eşidiň ahy-zarymyz,
Siz erersiz gamhorymyz,
Bagdatdaky dost-ýarymyz
Razy bolsun, aýdyň, baba.
Kysmat boldy Mahym jana,
Seýran eder Bagy-Meýdana, Mähribanym
enem jana
Bizden salam aýdyň, baba.
Elkyssa, Mahym jan sözüni tamam etdi, ondan soň Adyl şa düýelerine dünýä malyny
ýükläp, welaýatyna rowana boldy.
Zöhre jan, Mahym jan, Tahyr jan maksat-myratlaryna ýetdiler.
Soňy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Zöhre-Tahyr - 1
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1932
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 2
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1859
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 3
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1881
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 4
    Total number of words is 4034
    Total number of unique words is 1968
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 5
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1898
    26.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 6
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1950
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.9 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 7
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1906
    25.5 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 8
    Total number of words is 3557
    Total number of unique words is 1625
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.