Latin

Zöhre-Tahyr - 3

Total number of words is 3984
Total number of unique words is 1881
26.1 of words are in the 2000 most common words
39.4 of words are in the 5000 most common words
45.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Müň dürli derde düşüp sen,
Bu derdiňiň dowasy235 ýok.
Wepasy ýokdur bu sözüň,
Batyl ugra tutma ýüzüň,
Aşrat ýüzün görmez gözüň,
Süržek zowky-sapasy ýok.
Öçer ýigitlik çyragy,
Synaňda aýrylmaz dagy,
Saňa ýeter jepa tygy.
Dowa bolar, şypasy ýok.
Dowamat yşka ýanarsen, Ýanar
sen, kaçan sönersen!
Hijran meýinden ganarsen,
Wysalga ibtidasy236 ýok.
Eneň ýordy, üşbu düýşüň,
Örtenersen ýazu-gyşyň,
Degil wepaly ýoldaşyň,
Köýmekligiň rowasy ýok.
6
Sürjek zowky-sapasy ýok.
36
Enesi sözüni tamam edip aýtdy:
— Eý Mahym jan, men seniň düýşüňi ýordum: saňa gündogar tarapdan bir gözel ýigit
geler, emma saňa onuň wepasy ýokdur, onuň öz derdi özüne ýeterlikdir, ol bir periniň
dildarydyr, seniň bilen işi ýokdur. Bu düýşüňi hiç kişä mälim etmegin, masgara bolarsen,
gaty daşa teşe uran dek bolarsen.
Mahym jan her niçe özüne teselli berip oturjak bolsa hem, oturyp bilmedi, gijegündiz
aramy-karary galmady, elmydam gündogar tarapyny gözläp ýörer erdi, Soňra: «Enem muny
ýorup bilmedi, ýorgudy bu-ha däl bolsa gerek. Muny gyzlara hem bir aýdyp göreýin. Olar
näme diýýärler, sözlerini eşideýin, belki, olar başga tüýsli ýorarlar» diýip, Mahym gyzyň
yşky dembe-dem göterilip, takat getire bilmeý, kenizlerini istedi, olar gelip:
— Näme üçin beýle bikarar bolduň?—diýip soradylar. Onda Mahym gören ahwalyny
beýan edip, bir gazal aýtdy:
Düýşümde bir bilbil gördüm,
Ürküp gelmiş gülzaryndan. Kaýsy
bagyň bilbilidir,
Kaýsy bakjanyň naryndan.
Görmüşem säher çaglary,
Synamga goýmuş daglary,
Başda gara gulpaklary, Inçedir
sünbül taryndan.
Gurban bolarmen özüne,
Şeker ezilmiş sözüne,
Dowamat baksam ýüzüne,
Gözüm doýmaz didaryndan.
Ýüzi aý dek şugla salar,
Husny pelekden paç alar,
Ýa reb, ýarym kaçan geler,
Barsam derýa kenaryndan..
Ýakdy meni bir näzenin,
Pida bolsun roýy-zemin,
Hiç bir -kimse meniň kimin
Aýrylmasyn nigaryndan,
Köňlümge ahy-zarydyr,
37
Ýüzleri maşryk237 sarydyr,
Bilmenem kimiň ýarydyr, Habar
gelmez didaryndan.
Hiç kimsä syryn bermese,
Mahymyň halyn sormasa,
Aşyk bir zulum görmese, Aýra
düşermi ýaryndan.
Elkyssa, Mahym jan sözüni tamam etdi. Mahym janyň kyrk kenizi bar erdi. Olaryň
içinde tört başlygy bar erdi, özleri gaty owadan erdi. Biriniň ady Sadap, biriniň ady Gülzada,
biriniň ady Gülragna we beýlekisiniň ady Gülzyba erdi. Bu tört gyzyň her biri on gyzyň
başlygy erdi.
Mahym gyz hyzmatyny şu tört gyza buýrar erdi. Gyzlar:
— Eý joralar, bu bir uly wakadyr, maslahat beriň! — diýip, biri-birine geňeş saldylar.
Gülzyba:
— Biz-ä bir ýaşy kiçi adam — diýdi.
Onda Mahym jan aýtdy:
— Eý Gülragna, seniň bu kenizlerden akylyň zyýat, görküň hem zyýat. Bu düýşi sen ýor
— diýip buýurdy. Gülragna keniz bir käse şerap içip, mest bolup, zehinini jemläp: — Eý
bibim, saňa Alla uzak mür bersin! Bu düýşüň tagbyryny men köp ýagşy aýdarmen— diýip,
bir gazal okady.
Bir şazada gelmiş maşryk şährinden, Keşt
eýleýir gül-gunçaly jaýlary.
Ýardan aýra düşmüş 7 şahyň gahryndan, Köpdür
ýüreginde ahy-waýlary.
Nazar salyp sagyn, bile soluňa,
Ýaryň geler, rähm eýleýir halyňa,
Söýersen, söwdügiň düşer goluňa,
Hoş geçirsen bu günleri, aýlary.
Bagryna sanjylmyş bir gülüň hary,
Meger senden özge ýary bar, ýary.
Ne üçin gözlemiş ol maşryk sary
Seniň sary tolganmamyş roýlary239.
Men tagbyr eýledim gören düýşüňe,
7
Jyda bolmuş.
38
Daglaryň tarlany gonar başyňa, Dembedemden ýaryň geler gaşyňa, Ol gün tutar
tomaşaly toýlary.
Gülragna diýr, içdim golumda bada,
Sözüm ýokdur indi mundan zyýada,
Alla ýetir barça gulny myrada, Hak
salypdyr saňa üşbu köýleri.
Gülragna sözüni tamam etdi. Mahym jan çisti-çäbik240 ýerinden turup, Gülragnaga
baş-aýak şahana halat bagyşlady.
Adyl şanyň gyzlarynyň bir bagy bar erdi, oňa Bagy-Ryzwan diýer erdiler. Bu baga
patyşanyň üç gyzy nobatma-nobat kenizleri birlen seýir eder erdiler. Güller açylyp,
nygmatlar saçylyp, bahar eýýamy bolan wagtlar erdi. Bilbiller saz edip, gumrular dem
dartyp, totular owaz edip, bagyň gülläp açylyp duran wagty erdi. Bir gün Mahym janyň,
baga seýir etmek nobaty geldi. Mahym aýtdy:

Eý gyzlar, başga wagt ýeke-ýeke seýir etsek, bu sapar jem bolup seýir edeliň.
Gyzlar jany-til bilen: – Hoş bolgaý! — diýdiler. Ondan soň Mahym gyz doganlaryna:

Bagy-Ryzwana we Fyrat derýasyna tomaşa etmäge gideýliň — diýip, bir
kenizinden hat iberdi. Özi hem säher turup, hammama girip, tawus guş dek tellerini her
ýana pytradyp, zerrin lybaslaryny geýip, syýa sürmelerini gözüne tartyp, zülplerini
gözleriniň üstüne goýberip, özüne araýyş241 berip, doganlary bilen baga seýil etmäge gider
boldy. Gören adamlar akyl –huşla-ryny ýitirip, haýran galar erdiler. Baga bir çadyr
iberdiler we atalarynyň gowy bir gaýygyny bagyň gyrasyna getirdiler.
Olar bag içine girip, tomaşa kylyp ýörer erdiler. Bagyň ýanyndan Fyrat derýasy geçer
erdi. Bular Fyrat derýasyna gaýyk bilen bardylar. Mahym gyzyň gözi derýanyň şemalynda
erdi. Binägä daşdan bir gara göründi, özi altyn, kümüş dek şöhle salyp gelir erdi. Mahym
ýagşy paýhas kylsa, sandyga meňzeýir. Ol siňlilerine:

Ýokardan bir zat akyp gelir. Eger şol sandyk bolsa, içi meniňki, daşy siziňki —
diýdi. Siňlileri kabul kyldylar. Görseler, akyp gelýän sandyk eken. Mahym jan: –
Guwwaslara242 aýdyň, sandygy çykarsynlar! — diýdi. Guwwaslar: – Dakar ýaly bir arkan
gerek — diýdiler.
Arkan tapylmady. Emma Gülragnanyň kyrk gulaç saçy bar erdi. Bu saçy gören adam
haýran galar erdi, saç tarlary örän näzik bolsa hem, gaty berk erdi, her ýandan on kişi dartsa
hem üzülmez erdi. Sandygy Gülragnanyň saçyna dakyp, derýanyň gyrasyna çykardylar.
Görseler, sandyk mum bilen pugtalanan, daşyna köp saýkal 243 edilen. Mahym gyz
siňlilerine:
— Eger wadada wepa bolsa, sandygyň agzyny açarmyz — diýdi.
Doganlary:
— Içinde älemge barabar zat bolsa hem, seniňki bolsun — diýdiler. Mahym gyz hasyrhusur sandygyň agzyny açdy. Görse, sandygyň içinde bir gözel ýigit ýatypdyr, ne jany
39
bar, ne demi. Mahym pikir kylsa, şol düýşünde gören oglany, iki jahan matlaby eken.
Mahymyň yşky göterilip, bir ah urup, beýhuş bolup ýykyldy. Ahyna dünýä ýüzi, duman
boldy, aý-günüň şöhlesi bildirmedi. Bir zamandan soň kenizler, Mahymyň ýüzüne gülap
sepip, ony huşuna getirdiler, jahan ýüzi hem ýagtyldy. Şähri jan:
— Eý Mahym jan, saňa ne boldy? — diýdi. Onda Mahym zar-zar ýyglap:
— Eý doganym, sen bu işden asla bihabar eken sen. Bu ýigidi düýşümde görüp erdim.
Ol wagtdap bäri mende sabyr-karar ýokdur. Bu meniň başymy tükenmez gowga salan
ýigitdir — diýdi. Kenizleri:
— Eý Mahym jan, bu ýigitden habar al, heläk bolmasyn — diýdiler. Ondan
soň derhal Tahyr begiň ýüzüne gülap sepip, huşuna getirdiler. Mahym jan
habar sorady, Tahyr beg hem jogap berdi.
M a h y m:
Habar ber, ne ýerden düşdüň bu ýaga?
Sözle, janym, kaýsy bagyň güli sen?
Sandyk bilen ne üçin girdiň derýaga? Sözle,
janym, kaýsy bagyň güli sen?
T a h y r:
Gül degilem, bilbili men bir bagyň, Gülden-güle
seýran edip gelemen.
Hem ol gülüň dagy, hem seniň dagyň, Akly-huşum
haýran edip gelemen.
M a h y m:
Ne çemenden öwsüp gelen şemal sen?
Kaýsy aýdan aýra düşgen helal sen?
Ne şekerden damgan aby-zilal sen?
Sözle, janym, kaýsy bagyň güli sen?
T a h y r:
Özüm Tahyr, meniň atamdyr Bahyr,
Agyr bezirgenem, köpdür jowahyr,
Pynhan syrym saňa eýleýin zahyr,
Ol mülkümni weýran edip gelemen...
M a h y m:
Bilbil bolsaň, gülgüzaryň ne ýerde?
40
Göwher bolsaň, hyrydaryň ne ýerde?
Aşyk bolsaň, söwer ýaryň ne ýerde? Sözle,
janym, kaýsy bagyň güli sen?
T a h y r:
Gülüň bilbili men, husny-hazyna, Çykardym
köşgüne zinebe-zine,
Bu gün jyda düşdüm, köňlüm kemine Göz
ýaşymny girýan edip gelemen.
M a h y m:
Ýa müjerretmu sen, kethudamy sen? Ýa bir
peri üçin jan pidamu sen?
Ýa galandarmu sen, ýa gedamu sen? Sözle,
janym, kaýsy bagyň güli sen?
T a h y r:
Bir garybam, medetkärim ýok meniň,
Kowum-gardaş, howandarym ýok meniň,
Senden gaýry söwer ýarym ýok meniň, Hijran
günün duman edip gelemen.
M a h y m:
Mahym diýer, gara bagtym oýandy,
Döwletiň çyragy golumda ýandy,
Huda bagş eýledi, döwran dolandy, Meger
indi Mahym janyň güli sen.
T a h y r:
Mahym jan, eşitgil dogry sözümni,
Mydam maşryk sary dikem gözümni;
Tahyr diýer, mysapyram, özümni
Bäş gün saňa myhman edip gelemen.
Elkyssa, bu sözlerini tamam etdiler. Mahym Tahyryň aşyk ekenini aňlady. Ýöne:
«Maňa hem donuň bir ýany ýeter» diýip, hoşwagt boldy we sandygy ýany bilen alyp
41
köşgüne geldi. Mahym Tahyryň didaryna muştak bolup, gözüni ýüzünden aýyrmaý oturdy,
emma onda hem didaryndan ganmaz erdi.
Soň Mahym: «Bu işden atamy hem habardar edeýin, ýurduň eýesidir, binäge köňlüne
ýakmaý, meni ýazgaryp, Tahyry hem kowup goýbermesin» diýip, özüniň mürzelerini
çagyryp, atasyna bir hat iberdi. Hatyň mazmuny budur:
Babamga bir sowalym bar,
Bagş eýlesin babam maňa. Bir
niçe arzy-halym bar,
Bagş eýlesin babam maňa.
Bir sandyk geldi derýadan, Hidýe244
gelipdir Alladan,
Dilegimdir adyl şadan,
Bagş eýlesin babam maňa.
Alma-enarymyz bişdi,
Bagban gelip gola düşdi, Allahym
rehnetin saçdy,
Rehim eýlesin babam maňa.
Bir sandykdyr, hana laýyk,
Beg bile soltana laýyk,
Berse, Mahym jana8 laýyk,
Bagş eýlesin babam maňa.
Umydym bar, atam gelse,
Sandykda ne baryn bilse, Goly
bilen her zat bolsa,
Bagş eýlesin babam maňa.
Mahym diýer, kyldym yzhar,
Babamga beýle arzym bar,
Dünýäniň maly ne derkar,
Bagş eýlesin babam maňa.
Patyşa haty okap, mazmunyny aňlap, şeýle jogap berdi: «Eý gözümiň röwşeni! Ol
sandygyň içinde näme bolsa: eger sandygyň her tagtasy zeberjetden, gulpy altynkümüşden
bolsa hem, ýüz müň tümenlik mal bolsa hem, eger ol sandygyň içinde dür, jöwher, ýa müşki8
Gyza.
42
hotan we ýa adamzat, perizat, hüýr-gulman nesli bolsa hem, älemjahana barabar zat bolsa
hem saňa bagş eýledim, nesip etsin» diýdi.
Bu hat Mahym jana ýetişdi. Mahym atasyndan gelen haty okap, hoşwagt bolup, köp
mallar haýrat eýläp, asmana bakyp, Hudaýa şükür kylyp, atasynyň tarapyna garap, üç ýola
tagzym kyldy.
Ondan soň Tahyra gymmat baha halatlar geýdirdi, başyna murassyg 245 täç, biline
altyn kemer baglap, zinet berdi. Emma Tahyryň bu zinetler bilen hoşy bolmaý, Zöhre
ýadyna düşüp, gije-gündiz gamgyn bolup, gözlerinden katra-katra ýaş döküp ýörer erdi.
Mahym gyz bir söz diýse hem, razylyk bilen jogap bermez erdi. Şu halda Bagdat şäherinde
niçe ýyl ömür sürdi. Şu ýagdaýda aradan ýedi ýyl geçdi.
Bir gün Mahym gyz özüne zibi-zinetler berip, şaýlanyp, Tahyryň ýanyna gelip:
— Eý diriligimniň sermaýasy, eý başymnyň täji, gözümniň röwşeni! Munça ýyldan bäri
sabyr, jepaňy çekip geldim. Indi sabyr etmäge takat galmady. Maňa rehim edip, bir nazar
salsaň — diýdi. Emma Tahyr bu söze hem jogap bermedi. Kenizler hem jogap almak
islediler weli, alyp bilmediler, çünki Tahyr biçäräniň mysapyrlygy zor gelip, gepläp bilmez
erdi. Onda kenizler:
— Munuň sözlemeý oturmagy razylygynyň nyşanydyr. Şerigata dogry gelýär — diýip,
nika gyýyp, Tahyr bilen Mahym gyzy bir çola ýerde goýup gaýtdylar. Mahym gyz hoşwagt
bolup bir gazal okady;
Şükür, Alla, bu gün ýetdim myrada— Garyp
köňlüm bir wysala ýetişdi.
Hijran çekip helal bolan kamatym.
Ragna246 bolup, now nahala ýetişdi.
Ýüzüm Aýa düşdi, gözlerim Güne,
Aýralyk günlerin salmasyn ýene
Mydam çölde gezen teşne247 leb sona
Bu gün murguzarly248 köle ýetişdi.
Ýüregim gan bolup, gözler ýaş bolup,
Gizlenen syrlarym ile paş bolup,
Gül bilbile, bilbil güle duş bolup,
Ikisi myrada bile ýetişdi.
Iki aşyk bir-birine jem bolup,
Saz kimin tartylyp, ziln-bam249 bolup.
Şum rakybyň saba wagty şam bolup, Göz
ýaşy reň tapyp, ala ýetişdi.
43
Tawus jilwe eýläp guba gaz bilen,
Gumrular dem tartyp, hoş owaz bilen,
Bilbil nowa diýdi nagma saz bilen, Toty
güftar eýläp, bala250 ýetişdi.
Aşyklyk barçany haýran eýleýir, Beliýýat251
dagyna seýran eýleýir,
Bilin büküp, kalbyn weýran eýleýir, Yşkyň,
ýüki Rüstem Zala ýetişdi.
Mahym diýer, söhbet tutdum ýar bilen,
Bilbil hemra boldy lälezar bilen,
Nazarym ýok gardaş-howandar bilen,
Aç gözlerim ýüzi hala ýetişdi.
Elkyssa, Mahym gyz sözüni tamam etdi. Bu gije wysalda boldular, emma Mahym
hem Tahyra hiç zat diýmedi, Tahyr hem oňa hiç zat diýmedi. Ikinji gije Mahym jan özüne
jilwe berip, perde içinde tawus dek ýaldyrap, niçe ima252 yşaratlar bilen Tahyry özüne maýyl
etmekçi boldy. Emma bolmady. Mahym gyzyň yşky örän göterilip, sabry elinden gidip:
— Eý Tahyr jan! Owal men seni goldap, derýadan çykardym we çykan ruhuňa täzeden
jan getirdim, sen diýip, ar-namysymdan geçdim, her tarapdan duşmanlaryň dili degdi, ile
masgara boldum, şazadalardan gelen sawçylaryň hiç birini kabul kylmadan, bir sen diýip,
men şahyn-şalygym bilen özümi saňa mynasyp görgenimde, sen, garyp, mysapyr
biwatanlygyň bilen näme üçin özüňi maňa mynasyp görmeýärsen? — diýdi. Tahyr biçäre
bu sözi eşidip:
— Eý Mahym jan! Başym saňa sadaka bolsun. Emma mende bir göwheri-şamçyrag
bar erdi, ol göwherden aýrylanym üçin, dünýäni özüme talak kyldym. Ýene ol göwheri
görmesem, dünýäniň bütin zibi-zinetlerini özüme halal bilmeýirmen — diýip, bir söz aýtdy:
Mahym jan, arzymny beýan eýläýin,
Bir göwheri-şamçyragdan aýryldym. Bagy-meýdan
içre seýran eýläýin,
Ýar ýurdunda şähr-otagdan aýryldym.
Bahar bolsa, gyzyl güller açylar,
Müşki-anbar çar tarapa saçylar, Meýhanada
gülgün şerap içiler,
Meý mest olup gezen çagdan aýryldym.
Çarwalary sähralarda gezerler,
44
Gyz, gelin garyşyp, nagma düzerler, Ýigitleri
alma-nardan üzerler,
Eňňurly, injirli bagdan aýryldym.
Daglaryna çöker ebri-syýalar, Jülgesinde
gegär dürli giýalar253,
Kepderi ýaýlagy, belent gaýalar,
Tarlaň mesgen tutan dagdan aýryldym.
Tahyr diýr, sygyndym piri-ussada,
Rakybyň elinden gelmişem dada,
Meýlisi muhupbet, golunda bada— Piýalalar
sunan sagdan254 aýryldym.
Tahyr sözüni tamam edip aýtdy:
— Eý Mahym jan! Meniň derdim başymdan agdyk, meniň ähtipeýmanym bir perige
baglydyr. Eger mundan artyk azar berseň, men özümni heläk kylmaly bolaryn, çünki
Kuranda «wada karyzdarlykdyr» diýip aýdylypdyr — diýip, aralaryna kesgir gylyç goýup
ýatdy. Mahym öz-özüne: «Zeleliň ýaryndan gaýtmak hem peýdadyr. Mundan artyk muňa
köňlümi bersem, ile betnam bolarmen. Aşyklygymy terk edeýin» diýip, özüne köňüllik
berip, bir gazal okady:
Köňlüm, saňa arzy-halym söýläýin,
Köňli başga biwepadan dön, köňlüm.
Täleýim ters gelse, bes men, neýlänin,
Ili9 başga biwepadan dön, köňlüm.
Çyn güli saklasaň, müň ýylda solmaz,
Biwepa jan çekseň, gadyryň bilmez
Belki diýrem — kişi ýary ýar olmaz,
Ýary başga biwepadan dön, köňlüm.
Ýedi ýyldyr yşk oduna köýersen,
Biwepa ýar üçin gamlar iýersen,
Bigana jahyly neçüýn söýersen, Ýoly
başga biwepadan dön, köňlüm.
Ança ýyllar köp jepalar çekersen,
9
Köňli.
45
Gözleriňden ganly ýaşlar dökersen,
Agýary255 ýar bilip, janyň ýakarsen,
Jepa çekme, biwepadan dön, köňlüm.
Goç ýigitler bir özüne zor eýlär,
Biwepaga köňül berseň, har eýlär,
Aşyk magşugynyň köňlün bir eýlär,
Köňli başga biwepadan dön, köňlüm.
Biwepanyň sözi janyňdan öter,
Her biri bir peýkam süňňüňe ýeter,
Biwepa etgeniň ýakaňdan tutar, Köňli
başga biwepadan dön, köňlüm.
«Aşyk men» diýip, derdim diýsem her jaýda.
Müňde bir derdi bar menden zyýada,
«Nämährem» diýip, gylyç goýdy arada,
Ähti ýalan, biwepadan dön, köňlüm.
Mahym diýer, ýar diýp ýandym dowamat256,
Ýar däldir—janyňa bir gelen apat,
Sabyr, pişe kylgyl, eýle kanagat,
Ýary başga biwepadan dön, köňlüm.
Mahym sözüni tamam etdi. Tahyr aýtdy:
— Eý Mahym jan! Dogry aýdarsen. Meniň köňlümde ýüz müň gam bar, onuň iň kiçisi
dag ýalydyr. Nesibäm çekip, bu jaýlara gelen bolsam hem, ýene gidermen, çünki men hem
seniň dek bir perizada aşykdyr men. Bu ýerlere gelmek owaldan maňa kysmat ekeni —
diýip, bir muhammes aýdar boldy:
Neýleýin, wahasrata, dildarydan aýrylmyşam, Iki
nerkes gözleri hunhorydan aýrylmyşam,
Haznaýy-husnunda iki marydan aýrylmyşam.
Galmyşam gam astyda gamhorydan aýrylmyşam. Ol
kaddy-şemşat, güli-ruhsarydan aýrylmyşam.
Husny huýri lagly firdöwsiň257 şeraby köwseri,
Ýüzi on tört aý kibi, kirpigi enjum258 leşgeri,
Munuň müň derdi bar.
46
Neýleýin, ajyz başym gowgaga saldy bir peri,
Pikir edip, köňlüm ýykyp, yşk odun saldy bir şeri,
Ol kaddy-şemşat, güli-ruhsarydan aýrylmyşam.
Ataşy yşk içre köýgen, men kibi awara ýok,
Sözlesem derdimni men, bir aşyky-biçäre ýok,
Mähwüşim dek pany älem içre bir mah-para ýok, Yşk
era köýgen älemde bir dili set para ýok,
Ol kaddy-şemşat, güli-ruhsarydan aýrylmyşam.
Hiç kişi mundag belalarga giriftar olmasyn,
Aýrylyp dildarydan, her dilberge ýar olmasyn,
Aşyky-biçäreler
mahrumy-didar
olmasyn,
Elmydam ýyglap gezip, ýarym diýip zar olmasyn.
Ol kaddy-şemşat, güli-ruhsarydan aýrylmyşam.
Tahyram, janym berip, görsem oşal jananymy,
Ýar ýanynda rakyplar döksün ýere bu ganymy,
Ýedi ýyldyr arzuw eýläp, men eziz myhmanymy,
Ömrümiň baryn gezip, sarp eýlerem bu janymy, Ol
kaddy-şemşat, güli-ruhsarydan aýrylmyşam.
Tahyr sözüni tamam etdi. Biraz mahal sözleşmeý ýatdylar. Mahymda hem söz
bolmady, Tahyrda hem. Bir-birlerinden habar almadylar.
Şu boluşda birnäçe wagt gezdiler. Mahym gyzda sabyr-takat galmaý, gün-günden
derdi-artyp, ýüzleri zagpyran dek saralyr erdi. Tahyra söz diýmäge hem namys edip, işi
aglamak erdi.
Tahyr beg gündizler kararsyz, gijeler ukusyz, Zöhräniň hyýaly ýadyna düşüp, yşky
gün-günden ýokary göterilip, hiç ýerde aram-karary bolmaý, mydama Tatar ýoluna garap
gezer erdi.
Bir gije säher wagty günbatardan gündogara tarap şemal öwüsdi. Tahyr täzeden täret
kylyp, iki rekagat namaz okap, şemaldan Zöhre jana salam iberip, bir söz aýtdy:
Eý saba259, zarym meniň arz ile jananymga aýt, Kanda
görseň, ýalbaryp jismim ýakan janymga aýt,
Şamy-owkatym sypatyn mahy-tabanymga aýt,
Kamatymnyň hamlygyn260 serwi-huramanymga aýt, Leblerimniň,
teşneligni aby-haýwanymga261 aýt.
Zöhre janymga habar ber, kaddymyň nun bolganyn,
Aýralyk aklym alyp, diwana-mežnun bolganyn,
47
Çeşmi girýan, bagry birýan, köňli gamgyn bolganyn,
Kämi262 talh-u, bada zähr-u eşki-reňgin263 bolganyn,
Lagly, reňgin, labzy şirin, şowhy mestanymga aýt.
«Halyňa ýar aglaýyp, agýar olanlar güldi» diýp,
Sorsaň ahwalym saba: «Ýaryň näçüýn aýryldy?» diýp,
«Apeti janyň gelip, rahat neçüýn kem kyldy?» diýp,
«Şami-hijran rozygäriň beýle neçüýn kyldy?» diýp,
Sorma menden, köňli otlug zary-hyjranymga aýt.
Delmürip, her ýany gözläp, arzuwy-ýar olmasyn.
Zöhre janymga salam: agýara dildar olmasyn.
Ýykdyryp sabryň binasyn, beýle bidar olmasyn.
Elmydam ýarym diýip, aglap gezip, zar olmasyn. Yşkyň
ody köýdüren ol çeşmi-girýanymga aýt.
Kasyda284 bergil habar göz ýaşy girýandyr—diýip,
Sen periniň hijriden haly perişandyr—diýip,
Dertlk men sorgul dowamat näme dermandyr—diýip,
Tahyryň meý ornuga içdigi gandyr—diýip,
Zöhre atly mahy-peýker, ähdi ýalganymga aýt.
Elkyssa, Tahyr sözüni tamam etdi. Şemal bir sagatda Bagdatdan Tatara baryp,
agaçlara degdi. Zöhräniň, serwi diýen bir agajy bar erdi. Ol özge agaçlardan beýik erdi.
Şemal serwä baryp ýetişdi. Ondan bir zaryn owaz peýda boldy. Zöhre gyz köşgünde uklap
ýatan ýerinden tisginip oýandy we: «Eý Hudaýa, bu owazdan Tahyrymyň ysy gelýär, ýa
Tahyryň özi geldimi, ýa-da ondan bir habar geldimi?» diýip duran wagtynda, serwüden şu
gazal peýda boldy:
Elkyssa, Tahyr sözüni tamam etdi. Şemal bir sagatda Bagdatdan Tatara baryp, agaçlara
degdi. Zöhräniň, serwi diýen bir agajy bar erdi. Ol özge agaçlardan beýik erdi. Şemal serwä
baryp ýetişdi. Ondan bir zaryn owaz peýda boldy. Zöhre gyz köşgünde uklap ýatan ýerinden
tisginip oýandy we: «Eý hudaýa, bu owazdan Tahyrymyň ysy gelýär, ýa Tahyryň özi
geldimi, ýa-da ondan bir habar geldimi?» diýip duran wagtynda, serwüden şu gazal peýda
boldy:
Tahyryň seýr etmiş pany jahany,
Sen dek gözel hiç görmedim illerde.
Köňlümiň aramy, menzil-mekany,
Bilbiliň saýramaz özge güllerde.
Il husnuňa dahyl, görmäge zar men,
48
Yşkyňda biçäre, köýüňde bar men, Tä
ölinçäm, seniň ýoluň garar men,
Röwşen kimin gözüm galdy ýollarda.
Hanjaryň janymda, oklaryň tende,
Gamzaň oky ýeldir, kast eder günde,
Suratyň göremde, hyýalyň mende,
Ýüzüň ýüregimde, sözüň dillerde.
Ne melek sen, beşer diýrler soýuňa,
Gözum takat bermez baksam roýuňa. Kadyr
Alla zynat bermiş boýuňa,
Hiç tapmadym sen dek sagy-sollarda.
Mis özün zam265 etmiş simi-zer bilen,
Muş266 barabar bolmuş murgy-per267 bilei,
Zöhre hemra bolmuş bir şikar bilen, Enwer
dür içinde, göwher güllerde.
Säher seýle çyksa, ger degse ýeller,
Ogşaşar her ýana, getirse tiller,
Zerefşan gulpaklar, syýa käkiller, Çözseň—ýere
düşer, örseň—billerde!
Ak jeren dek bolup, her ýan bakarsen,
Anbar, efşan zülpüň ýüze dökersen, Seýle
çyksaň, ak jeren dek bökersen,
Jeren hem sen kimin bökmez çöllerde.
Bir sowal getirmiş sabanyň bady,
Göndermiş magşuga—Zöhredir ady,
Gözlerinde ýaşy, bagrynda ody,
Sargydyn-sabadan, sözi ýellerde.
Arzuw eýläp, ýete bilmen jaýyňa, J
Janym pida bolsun häki-paýyňa268,
Yrakdan guwanar husny-roýuňa,
Tahyr sowal etmiş zebun269 hallarda.
Bu sözden soň, Zöhre haýran-serasyma bolup, näme ederini bilmedi.
49
Zöhräniň, kyrk kenizi bar erdi, olary çagyrdy, gören-eşidenini beýan edip, bir gazal
aýtdy:
Gyzlar, gulak goýun, üşbu sözüme,
Bir owaz eşitdim säher çagynda;
Ýa Tahyrym gelmiş, ilmez gözüme, Ýa
saba sözlemiş serwi bagynda.
Umyt edip gezdim kadyr Alladan,
Isteýip tapmadym gedadan, şadan,
Habaryn göndermiş bady-sabadan,
Özi seýran etmiş hijran dagynda.
Ýarym munda gelmez, dolanmaz döwran,
Ýar menden aýrylyp, gör kaýda myhman,
Ýar onda, men munda galdym sergerdan,
Gözüm ýaşda, lebim zähr aýagynda270.
Elip katdym döndi, bir now nahala,
Ne jogap berermen gelen şemala?
Miwe, alma-narym gelmiş kemala, Ýarym
gelip gonsun10 gül pudagynda!
Zöhre diýer, akar gözümden ýaşym,
Atam-enem ýokdur, gamdyr ýoldaşym,
Birzaman sözleşsem, gelse syrdaşym,
Armanym ýok, ölsem ýar gujagynda.
Elkyssa, Zöhre sözüni tamam etdi. Şol wagt agaçlardan ýene hem zaryn owaz peýda
boldy:
Kasydam Bagdat şährinden
Men bu Tatara gelmişem; Iki
gözeliň mährinden
Ah bilen zara gelmnşem.
Tahyr diýip, zar aglaýan,
Jiger-bagryny daglaýan,
10
Tirsin.
50
Tow berip, zülpün ýaglaýan, Zülpleri
tara gelmişem.
Gara gözden akar ýaşy,
Erider dag bilen daşy,
Ol Zöhre gyzyň syrdaşy, Aşyky
zara gelmişem.
Saba her dillerde sözlär,
Çyn aşyknyň, ýolun yzlar, Tahyr
Zöhre jany gözlär,
Men bir biçäre gelmişem.
Elkyssa, kenizler bu sözi eşidip, biraz sukut boldular. Gülkamar:
— Eý Zöhre jan, biz bu owazyň nämedigini aňlap bilmedik, akylymyz ýetişmedi,
daň atandan soň, görüp bilmesek—diýdi. Emma Zöhräniň oturyp-turup takaty bolmady.
Biraz mahal geçenden soň, daň horazy gygyrdy. Gülkamar:
— Eý Zöhre jan! ýörüň, bag seýline gideliň, belki ol owazdan bir nyşan taparmyz—
diýip, Zöhräniň golundan tutup, bir ebýat aýtdy:
Säher wagty11* subhy-saba dem boldy, Gel,
Zöhre jan, bag seýline gideli!
Gaýgyly köňlüme ýüz elem boldy, Gel,
Zöhre jan, bag seýline gideli!
Bag içinde ne sedadyr, ne sazdyr,
Bile bilmen, saňa ne gyş, ne ýazdyr, Ne
mejhul272 peýgamdyr, niçik beýazdyr,
Gel, Zöhre jan, bag seýline gideli!
Şemala saz olmuş serwi pudagy,
Gyzlaryň janynda goýdy bu dagy, Baryp
agtaraly bagy-çarbagy,
Gel, Zöhre jan, bag seýline gideli!
Seýr edeli Tahyr gezen jaýyny,
Nakgaşy-manzarlar273, gül saraýyny,
Gaýtarmagyl Gülkamaryň raýyny, Gel,
Zöhre jan, bag seýline gidelp!
11
Niçe wagtlar.
51
Gülkamar sözüni tamam etdi. Turup baga seýle gitdiler. Olar bagy ertirdenagşamaçenli aýlansalar hem hiç zat görmediler. Onda Zöhre jan gözi ýaşly, gamgyn bolup, bir söz
aýtdy:
Höwesim ýok, söwer ýarym bolmasa,
Niçik takat kylam ulug illerde.
Bag eýesi—bilbil zarym bolmasa, Köňlüm
takat bermez täze güllerde.
Elmydam gül ýüzün görmäge zar men,
Ýagşydan aýrylyp, ýamanga ýar men,
Gitmäge ejiz men, köp bikarar men,
Köňlüm arzuwynda, gözüm ýollarda.
Kaýsy bir ataşda ýüregin daglap, Kaýsy
peri bilen köňlüni çaglap, Ýaryndan
aýrylyp, gör kanda aglap, Kaýsy
sähralarda, kaýsy çöllerde.
Hanjary janymda, oklary tende,
Hijri öldürmäne kast eder günde,
Suraty gözümde, hyýaly mende,
Ýüzi ýüregimde, sözi dillerde.
Zöhre diýer, ýarym göçdi ýurdundan,
Gözlerimge sürtsem paýy-gerdinden274,
Süteýedi köp Babahanyn, derdinden Tahyrym
gelmedi aýda, ýyllarda.
Elkyssa, Zöhre jan bu sözüni tamam edip, beýhuş bolup ýykyldy. Kenizleri onuň
goltugyna girip, göterip köşge çykardylar. Zöhre bir gije-gündizde özüne gelip, şeýle güýçli
aglady ki, onuň sesinden yns we jyns lerzana geldiler... Kenizleri gelip:
— Eý Zöhre jan! Beýle bikarar bolma. Sen bikarar bolsaň, biz hem bikarar bolarmyz.
Dünýäni sabyr etmek bilen alarsen—diýip, maslahat berdiler. Emma Zöhräniň gözleri
girýan, jigeri birýan, ýanyp, köýüp, gije ukudan, gündiz rahatlykdan galyp, ata-enäni
unudyp, jahanyň zowkundan geçip, dünýä ýüzüne çykmaý, bir hüjrede öli dek bolup ýatar
erdi. Onuň ýüzi zagpyran dek saralyp, ölüm kararyna ýetdi.
Zöhräniň enesi gyzyny örän ýagşy görer erdi. Zöhräniň bitakat bolanyny eşidip, ony
görmäge geldi. Görse, Zöhre edil öli dek bolup ýatypdyr. Muny görüp, saçyny ýaýyp aglap,
Hudaýtagalaga mynajat etdi: «Eý päk-ä perwer-digär-ä! Meniň bu ýalňyz çagama özüň
52
rehim et! Tahyry getirseň, Zöhre jan hoşwagt bolsa, men hem hoşwagt bolsam» diýip
aglady. Şol wagt Gülzada keniz telip görse, enesi Zöhräniň başyny dyzynyň üstüne alyp
oturypdyr. Gülzada:
— Eý ene, Zöhräniň öler wagty ýetipdir. Indi ne çäräň bolsa göreber! — diýdi.
Enesi pakyr ne ederini bilmeý, şahyň ýanyna ylgady. Gelip, gyzynyň halyny habar
berdi:
— Eý şa! Gyzyňy Tahyrdan aýyrdyň, Zöhre ölere ýakyn ýetipdir, yşk oňa sütem
edipdir. Indi näme pikiriň bolsa ýagdaýyňy gör! — diýdi.
Şa bu habary eşidip, karary gaçyp:
— Zöhre jany getiriň! Men hem bir göreýin—diýdi.
Onda enesi Zehre janyň ýanyna gelip:
— Eý balam, ataň seni görmek isleýär, baraly — diýdi. Zöhre:
— Eý ene, men atamyň ýanyna barmasmen, ýüzüni hem görmesmen! Meniň atam, enem,
dogan-garyndaşym ýokdur! Olar menden geçendirler, men hem olardan bizardyrmen.
Meniň Tahyrdan özge hemdemim ýok. Eger Allatagala bir wagt Tahyry maňa miýesser
etse, bu garyplyk başymdan geçer. Bolmasa, garyplykda ölsem, men hem bir Allatagalanyň
gazap eden bendesidirmen... Men Tahyr bilen dowzah içinde otursam hem, bu köşgi-eýwan
içinde oturanymdan ýagşy görermen. Tahyryň gaşynda ölsem, armanym ýok. Bar, şaga aýt,
meni öldürsin, meni yşk odunyň içinde goýandan, öldürenini ýagşy görermen. Eger
öldürse, şa üçin köp haýyr-sogap ýazylyr. Bu hili edip goýanyna razy däldirmen. Men
atamyň ýanyna barmasmen! — diýip zar-zar aglap, bir ebýat okady:
Men hergiz barmanam atam ýanyna.
Barsaň, atamga diý: öldürsin meni! Otlar
saldy aşyklarnyň janyna,
Barsaň, atamga diý: öldürsin meni!
Ne atam bar, ne enem bar jahanda,
Ýakyn-gardaş, ne howandar bar mende,
Barabilmen atam kanda, men kanda,
Barsaň, atamga diý: öldürsin meni!
Tutam ýakasyndan magşar güni men,
Aýyrdy Tahyrdan, köp naryza men, Bu
dertden gutulsam, ölsem, razy men,
Barsaň, atamga diý: öldürsin meni!
Ozal başda neçüýn geldim jahana,
Bu yşkyň derdinden boldum diwana,
Geçdim hemmesinden, boldum bigana,
Barsaň, atamga diý: öldürsin meni!
53
Ýar diýip, barçadan agýar olup men,
Atam gazabyna duçar olup men,
Tahyrdan başgadan bizar olup men, Barsaň,
atamga diý: öldürsin meni!
Çykman melamatdan, namys-arym ýok, Aglamakdan
gaýry kesbi-kärim ýok,
Yşk ýükün çekmäge ygtyýarym ýok, Barsaň,
atamga diý: öldürsin meni!
Zöhre diýr, Tahyrsyz ömür sürmenem,
Öter men dünýäden, bir dem durmanam,
Ölinçäm, atamyň ýüzün görmenem.
Barsaň, atamga diý: öldürsin meni!
Zöhre sözüni tamam etdi. Enesi baryp, gyzynyň habaryny şaga aýtdy. Onda patyşa:
«Gyzym kemala gelipdir» diýip güman etdi we oňa «mynasyp» bir adam gözläp, pikir
derýasyna gark boldy.
Patyşanyň bir dogany bar erdi, adyna şazada Ermanus diýer erdiler. Onuň Garabatyr
diýen bir ogly bar erdi. Ol uruşmaga gaty ökde erdi we bütin goşunlaryň ygtyýary şonuň
elinde erdi.
Patyşa gyzyny şu Garabatyra meýil edip, wezir-wüzera, erkan-döwletini çagyryp,
Garabatyry hem çagyryp:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zöhre-Tahyr - 4
  • Parts
  • Zöhre-Tahyr - 1
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1932
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 2
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1859
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 3
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1881
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 4
    Total number of words is 4034
    Total number of unique words is 1968
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 5
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1898
    26.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 6
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1950
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.9 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 7
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1906
    25.5 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 8
    Total number of words is 3557
    Total number of unique words is 1625
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.