Latin

Zöhre-Tahyr - 6

Total number of words is 4010
Total number of unique words is 1950
25.1 of words are in the 2000 most common words
36.9 of words are in the 5000 most common words
43.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Bar, gardaşym, seni azat eýledim!
Ýüzüň sargarmasyn, reňgiň solmasym,
Dostlaryň şat bolup, dusman gülmesin,
Bizden peýda bolsun, zelel bolmasyn,
Bar, gardaşym, seni azat eýledim.
Hak yşkyna düşen äriň-äri sen,
Sähranyň börüsi, dagyň şiri sen, Sen
hem aw istegen kyrkyň biri sen, Bar,
gardaşym, seni azat eýledim!
Kyrk ýigitdir bir-birinden zyýada,
Jümläni goldagan begu-begzada, Hak
bersin myradyň iki dünýäde, Bar,
gardaşym, seni azat eýledim!
Kamar diýer, seni azat eýlärmen,
Kyrkyň dogany sen, bir janu-bir ten,
Meni kyýamatlyk dogan diýgeý sen,
Bar, gardaşym, seni azat eýledim!
Elkyssa, Kamarylzaman sözüni tamam etdi. Soň barça uly-kiçi allaýarlaşyp
ugratdylar. Tahyr beg ýelmaýa münüp, ýola rowana boldy, Görer bolsaň, yşkyň ataşy galyp
gelip, Zöhräniň şowkunda örtenip, kä beýhuş bolup, kä huşuna gelip, kä uçup, kä ýörip,
91
Hudaýdan Zöhräniň wysalyny istäp: «Eý bar Hudaýa! Meni bu gije Zöhre janyň köşküne
ýetirsen!» diýip, bir muhammes aýtdy:
Ýokdan bar etgen Alla, saldyň meni bu hala,
Bir dilberiň köýünde, çekdim pyganu-nala,
Medet istäp özüňden, girmişem men bu ýola,
Jepa çekip, jan berip, ýetsem ol now nahala,
Asy ajyz guluň men, ýetgir meni wysala!
Yşk mülküniň şahy men, gaşymda mähremim ýok,
Syrym diýip sözleşsem, dildary-dilberim ýok, Ýar
jemalyn bir görup, ölsem zerre gamym ýok,
Sen-sen puşdy-penahym, bir gaýry-hemdemim ýok, Ýaryň
ugrun gararmen, bakmazmen özge ýola .
Elip kibi kamatym hijran şebinde ýaýdyr, Ýarsyz
her gijäm—bir ýyl, her günlerim bir aýdyr, Pany
dünýä daşymda matamhana saraýdyr, Rakypýaryň, gaşynda, menzilgähim bu jaýdyr, Haýsy
agýara sunar gola alyp pyýala.
Asy japy.
Sagy-sola.
Hijran dagyndan aşyp, söwer ýara ýetişsem,
Semender330 deý sargaryp, öz-özümden tutaşsam,
Halyl kimin önünde ýertensem, oda düşsem, Otlar
maňa gülzardyr, Zöhre jana gowuşsam, Bilbil
kimnn köşkünde kylyp pyganu-nala.
Gyzyl güli dost bilip, bilbil işi pygandyr,
Balu331 perin gyrdyryp, mydam bagrynda gandyr,
Yşk ýoluna düşmedik bu zulmatdan amandyr,
Tahyr bir ýar yşkynda çyn ryswaýy-jahandyr, Hiç
bir kimse düşmesin meniň dek bu hyýala.
Tahyr sözüni tamam etdi, ýelmaýasy tiz-tiz sürüp barar erdi.
Ol Zöhräniň yşky bilen şu gije dokuz mezil ýol ýöredi. Binäge ýoluň öňüni bir gara
dag aldy, Tahyr haýran bolup, oýan-buýan gitdi, emma hiç bir ýerden ýol tapman, ýene
aýlanyp, ýol başyna geldi we naçar bolup, nä ederin bilmeý aglady. Soňra: «Bu dagda ölmek
92
maňa owaldan kysmat eken... «Garyp ölse, gamhor ýok» diýip eşidip erdim, ol nakyl çyn
ekeni» diýip, daga ýüzlenip: «Eý seňgihara garadag, men saňa näme etdim? Men bir biçäre
aşyk, haly perişan, didesi girýan, meniň halyma rehim edip, maňa ýol ber!» diýdi. Emma
dagdan ses çykmady. Oňda Tahyr gamgyn bolup, bir gazal aýtdy:
Kylgyl meniň ýolum rowan,
Çar pasly baharly daglar.
Senden karar tapar jahan,
Mydam bir kararly daglar.
Hakdyr seni belent kylan,
Hemdem bolgul pestler bilen,
Bahar eýýamy mest bolan, Çisginli,
jybarly daglar.
Men—gedalarnyň gedasy, Janym
Zöhräniň, pidasy,
Aşyklarnyň yktydasy,
Üsti belent garly daglar
Gaýalary gyzyl gülli,
Gülleri şeýda bilbilli, Dereleri
däli silli,
Ümürli, gubarly daglar.
Gaplaň gürlär gaýasynda,
Jeren gezer paýasynda,
Barça haýwan saýasynda,
Mesgenli, mydarly daglar.
Boz laçyn uçar serinde,
Gözi bürgüdiň perinde, Julgesinde,
kemerinde,
Aždarly, şamarly daglar.
Asmandan aşypdyr başyň,
Ýer götermez agyr daşyň,
Eňňur, injir degre-daşyň, Almaly,
enarly daglar.
Senden geçdi niçe merdan,
93
Göreňleriň akly haýran,
Saňa çykyp kylsa seýran, Neşeli,
humarly daglar.
Aýraklar gezer daşynda,
Umgalary güneşinde,
Çeşmeleriň gözbaşynda, Arçaly,
çynarly daglar.
Pähm eýle gudrat leşgeri,
Hak etdi332 asmany, ýeri,
Ýedi gat ýeriň leňňeri,
Dünýäge derkarly daglar,
Ýüzleri ýaşyl hynaly,
Ser belent, ala synaly, Tahyrdan
köňli kineli,
Aşyklardan arly daglar.
Tahyr sözüni tamam etdi, emma dagdan ýene ses çykmady. Tahyr beg: «Men muny
taryp etdim, emma owaz bolmady. Bu bir mahluk, bizybandyr333. Muňa ýalbaryp hem
göreýin» diýip, täzeden täret kylyp, iki rekagat namaz okap, kyblasyna garap, bir söz diýdi:
Maňa ýol bergil seriňden,
Ýa hajary334 seňgi-hara.
Saňa diýr men bu syrymdan
Sen derdime eýle çäre.
Owal Allanyň hakyndan,
Pygamberiň hormatyndan,
Umyt etseň rähmetiňden,
Goýma meni beýle zara.
Saňa diýdim üşbu günde,
Ýolum alyp, kylma bende,
Ýar onda aglar, men munda,
Meni ýetir näzli ýara.
Eşit meniň ahy-zarym,
Köňlümden gitsin gubarym,
94
Saňa berdim ygtyýarym, Goýma
meni intizara.
Habarym ýok ýoldaşymdan,
Gark olupmen göz ýaşymdan,
Yşkyň derýasy başymdan, Aşym
gitdi bara-bara.
Yşk derýasy joşar serde,
Çäre tapmanam bu derde,
Bir göwherem garyp ýerde, Ýetebilmen
hyrydara.
Ýol berse daglar başyndan,
Tahyr begiň göz ýaşyndan,
Zöhre gyzyň nalyşyndan Bolsa
daglar para-para.
Tahyr sözüni tamam etdi. Görer bolsaň, Allanyň gudratyndan, Resulyň
şepagatyndan, Tahyr begiň ahy-hesretinden, Zöhräniň nalyşyndan, iki aşygyň yşkymuhupbetinden, bir owaz çykdy, göýä kyýamat gopan dek boldy — dag para-para bolup,
her kaýsy birýana dagap ýol açyldy. Tahyr begiň, endamy lerzan urup, beýhuş bolup
ýykyldy. Soň huşuna gelip, dagyň, ýarylanyna hoş-wagt bolup, ýol gaýgydan azat bolup,
dagdan sag-salamat ötdi. Dag yzynda galdy. Tahyr beg Hudatagalany ýat edip, ýelmaýanyň
otuny hem üstünde berip: «Sen meni gaty sürýär diýip kine etme, syrymy özüň bilersen»
diýip, tiz-tiz sürüp barar erdi. Şu gidişde Zöhre ýadyna düşüp, zar-zar aglap: «Eý bar
Hudaýa, şu gije ýeriň tanapyny dartar günüňdir!» diýip baran wagtda, daň atyp, jahan
ýagtyldy. Ol Tatar ýoluna göz dikse, daşdan bir gara göründi, ýagşy paýhas etse — Tatar
welaýaty eken. Tahyr şadyýan bolup, eline sazyny alyp, ýelmaýanyň üstünde bir gazal
aýtdy:
Şükür indi, ýar mekany göründi, Gözüm
düşdi ýarym ýören ýerlere. Ýaryň bagy,
gülüstany göründi,
Gözüm düşdi sonam duran ýerlere.
Babahan jebrinden nalalar çekip,
Gara gözden ýaşyn dür kimin döküp,
Ýaryndan aýrylyp, her ýana bakyp,
Gözüm düşdi sonam gezen ýerlere.
95
Bilbil pygan eder güller başynda,
Syýa karkarasy tiller başynda,
Ýaşylbaş sonaly köller başynda,
Gözüm düşdi sonam gezen ýerlere.
Köşkünde «ýar!» diýip, zaryn aglagan,
Yşk oduna jiger-bagryn daglagan, Şu
sebäpli pelek bagtyn baglagan,
Gözüm düşdi ýarym duran ýerlere.
Duşmanlar daşynda çarh urup her ýan,
Rakyplar gaşynda didesi335 girýan,
Ýüreginde ýüz dag, köňlünde arman, Gözüm
düşdi sonam duran ýerlere.
Bagrym set paradyr tygy-tiz bilen.
Nazarym ýok gaýry gelin, gyz bilen, Bagyna
keşt edip kyrk keniz bilen,
Gözüm düşdi ýarym duran ýerlere.
Ýar onda mysapyr, men ýara bende,
Gözlerim kör bolsun hijran şebinde, Tahyry
uzadyp derýa lebinde,
Gözüm düşdi ýarym duran ýerlere.
Tahyr sözüni tamam etdi we ýelmaýany haýdap, kä huşunda, kä beýhuş bolup,
Ferhdat diýen şähere ýetişdi. Bu şäher perileriň çarbagy erdi, onuň ortasyndan ýol öter erdi.
Tahyr geçip barganda, gözüne bir surat göründi. Onuň ýüzi nykaply erdi, emma nykabyň
aşagyndan äleme şöhle salar erdi. Tahyr beg onuň niçik surat ekenini bilmeý, haýranserasyma bolup, bir ah urdy we suratyň, ýanyna gelip: «Hudaýyň hak hormatyna, ýüzüňi
az-kem görkez!» diýdi. Surat nykabynyň bir tarapyny göterdi. Tahyr ony görüp, beýhuş
bolup ýykyldy. Bir zamandan son, huşuna gelip:
— Eý peri-peýker! Ol ruhy Muhammet Murtapa üçin, maňa özüňi äşgäre et —
diýip, bir ebýat aýtdy;
Niçik zat sen, akyl-huşum alypsen,
Göwhermu sen, ýa dürmu sen, näme sen? Şöhle
salyp, älem üzre dolupsen,
Kuýaşmu sen, kamarmu sen, näme sen?
Bag içinde bilbilmu sen, gülmu sen?
96
Ýa bilbide ogşaş şirin tilmu sen?
Heselmu sen, ýa gantmu sen, balmu sel?
Şirinmu sen, şekermu sen, näme sen?
Müjgäniň hanjary bagrym dilipdir,
Ol nykapdan ýüzüň, şöhle salypdyr, Telbe
köňlüm görüp, maýyl bolupdyr,
Dildarmu sen, dilbermu sen, näme sen?
Aşyklar aýdarlar, gaşyň helaldyr,
Men waspyň diýmäge tillerim laldyr,
Häzirdir görünmez niçik jemaldyr,
Perimu sen, peýkermu sen, näme sen?
Ak ýüzüne nukta hallar gelişer,
Jan, til-kalbym seni görmek dileşer, Ýüzüňe
gözlesem, gözüm gamaşar,
Hurşytmu sen, enwermu sen, näme sen?
Seni istäp serim saldym söwdaýa,
Ne bolgaý saçlaryň eýleseň saýa?
Koýnuň buýy336 behişt, girsem ol jaýa,
Ýa müşkmu sen, anbarmu sen, näme sen?
Seýr edip gezerdim gülde, çemende,
Meniň janym zerdap boldy bu tende, Tahyr
beg Zöhräge hem saňa bende,
Barçalardan bähtermu sen, näme sen?
Tahyr sözüni tamam etdi:
— Eý jan, perimu sen, periştemu sen ýa adamzatmu sen? Bir didaryňy göreýin,
çünki «ýagşyny görmek parzdyr» diýipdirler — diýdi. Onda surat:
— Eý aşyklaryň patyşasy! Meniň didarymy görüp bilmezsen: görseň, Zöhräni
ýadyňdan
çykararsen, enşaalla bir-birimizi jennetde görermiz. Biz hurlar
taýpasyndandyrys. Men hurlaryn. şasy, adyma Hurlukga diýerler. Erte guşluk galanda,
Zöhre gyza ýetersen — diýip, pata berdi.
Tahyr ýola rowana boldy. Ýolda bir köne harabalygyň üstünden geldi. Ol harabanyň
çep tarapyndan ýüzünde dowzah ody görnüp duran bir ak sakgal adam çykyp, Tahyra salam
bordi. Tahyr salamypy aldy. Ak sakgal adam:
— Eý balam, kaýdap gelip, kanda bararsen? — diýdi. Tahyr:
— Bagdatdan gelip, Tatara bararmen. Özüm Tatar welaýatynyň adamy. Tatarda
bir gyza
griftardyrmen. Onuň adyna Zöhre diýerler. Onuň husny-ruhsaryna
97
muşdakdyrmen. Ýedi ýyldan bäri Bagdatda gezer erdim, indi umyt bilen Zöhräniň
hyzmatyna bararmen — diýdi. Ak sakgal bu sözi eşidip aglaberdi. Tahyr haýran bolup:
— Ýa reb, bu niçik syr boldy? Eý baba, ne üçin aglaýyrsyz? Tiz habar beriň, ýüregim
ýaryldy... — diýdi. Ak sakgal:
— Sen hak aşyk ekensen. Emma seniň zähmetiň köýdi. Meniň adyma Mollamelgun
— Şeýhi — Alaýhyllagna hem diýerler. Öten agşam Zöhräni Garabatyra nika etmek
üçin meni istediler. Men baryp, Zöhräni Garabatyra nika kylyp gaýtdym.
Eger sen barsaň, Zöhre saňa ýol bermez, özüňi nähak ölüme alyp baryrsen, belki, şu wagt
hem Garabatyr bilen Zöhre hylwata meşgul bolsalar gerek... Häli hem wagtydyr — gelen
yzyň, bilen gaýt, balam, puşman edersen! — diýdi. Onda Tahyr:
—Seniň, adyň Mollamelgun bolsa, seniň bu sözüň, bilen gaýtmasmen! Baryp
görermen, eger Zöhreden beýle iş çyksa, ýüzümni bosagasyna sürtüp gaýdarmen... —
diýdi.
Onda Mollamelgun.
—- Eýle bolsa, maňa bir gazal aýt. Men hem seniň sözüňi eşidip galaýyn — diýdi.
Tahyr:
— Indi mende gazal hem galmady, gözel hem galmady... — diýip, ýola rowana boldy.
Mollamelgun: — Eý balam, entek dur, bir ak pata bereýin — diýdi. Tahyr:
— Seniň habaryň beýle şum, pataň gör maňa ne azap görkezer? Özüň hem gura, pataň
hem gurasyn! Men senden bizar! — diýip gidiberdi.
Tahyr beg:
— Wahasrata, munça ýyllap çeken azabyma we gören horlugyma wepa görmedim... —
diýip, haly perişan, jigeri birýan, gözleri girýan, akyly haýran, ýüreginde ataşysuzan, ýüz
nala, efgan bolup, bir söz diýdi:
Mydam arzuw eýläp güli-ruhsaryň,
Mübärek jemalyň görebilmedim.
Açylan bagynda alma-enaryň,
Keşt edip gülleriň tirebilmedim.
Aşyk doýmaz öz ýarynyň ýüzünden,
Käşki baryp habar alsam özünden,
Rakybyň elinden, iliň sözünden Bir
dem nazarynda durabilmedim.
Sen gezersen gözellere şa bolup,
Men gezermen elip katdym ýaý bolup,
Zöhräniň waslyndan hantama bolup,
Mahym jana21 könül berebilmedim.
21
Gaýry ýara:
98
Gül ýüzüň görmesem, eziz jan köýer,
Seniň hesretiňden boldum derbe-der,
Indi barsam, duşman görer, il duýar,
Zowky-sapalaryň sürebilmedim.
Tahyr diýer, aşnalarym ýat oldy,
Dostlar gamgyn bolup, duşman şat oldy,
Kimse bilmez, jiger bagrym ot aldy,
Dowam hyzmatyňda durabilmedim.
Tahyr biçäre Zöhreden bu işi tama etmeý, köp aglady. Soňra ýelmaýany haýdadyp,
bidir gitdi. Ýelmaýa aç bolup otlamaga ýüz ursa: «Eý janawar, men seni otlamaga goýsam,
talapdan galarmen. Sen biraz mütdet kanagat et, Zöhräniň gaşyna salamat ýetişsem, seni
köp bakarmen, saňa ýorunja hem berermen, baglaryň güllerinden hem berermen,
miwelerinden hem berermen» diýip, oňa arzy-halyn sözläp, şähere bardy we derwezeden
girdi. Görse, özi bilen mekdepde sapakdaş bolup okan bir ýigit durupdyr. Tahyr beg onuň
bilen salamlaşyp, soňra Zöhräni sorap, bir söz diýdi, ol ýigit hem jogap berdi.
T a h y r:
Beg ogly, habar ber bize;
Zöhre gyz kandadyr, kanda? Mejnun
bolup çykdym düze,
Zöhre gyz kandadyr, kanda?
Ý i g i t:
Habar alsaň, wezir ogly.
Zöhre jan bagdadyr, bagda. Peri
sypat, hur synaly,
Zöhre gyz bagdadyr, bagda..
T a h y r:
Pyrkatyndan jepa çekip, Gözümden
ganly ýaş döküp, Görebilmen, her
ýan bakyp,
Zöhre jan kandadyr, kanda?'
Ý i g i t:
99
Seýr etmäge baga girdi,
Kyrk kenizler bile ýördi,
Ýürekde derdi sen erdi,
Zöhre gyz bagdadyr, bagda.
T a h y r:
Mollamelgun owal güni,
Çoh habardar etdi meni,
Garaçomak almyş ony,
Zöhre jan kandadyr, kanda?
Ý i g i t:
Bakjasy günde talaňdyr, Bilbil
pyganda galandyr, Aglama, ol
söz ýalandyr,
Zöhre gyz bagdadyr, bagda.
T a h y r:
Gözümi girlp
eýlegen,
Aklymy haýran eýlegen,
Gara bagrym gan eýlegen Zöhre
jan kandadyr, kanda?
Ý i g i t:
Tahyr diýip, köýer jany,
Bu şähriň, eziz myhmany, Kyrk
kenizleriň soltany
Zöhre gyz bagdadyr, bagda.
T a h y r:
Terk etdim dünýäniň baryn,
Dünýäge bermen bir taryn,
Köýdüm, görmeýin didaryn, Zöhre
jan kandadyr, kanda?
100
Ý i g i t:
Ýar diýip aklyn çaşyryp,
Derdini ilden ýaşyryp, Aglar,
ýüregne daş urup,
Zöhre gyz bagdadyr, bagda.
T a h y r:
Başgaň oduna ýanmasmen,
Ölsem ýolundan dönmesmen,
Rastyň diýgil, ynanmasmen!
Zöhre jan kandadyr, kanda?
Ý i g i t:
Seýr eder säher çagynda,
Gyzyl güller gujagynda, Aglar
aýralyk dagynda,
Zöhre gyz bagdadyr, bagda.
T a h y r:
Dokuz aýlyk ýoldan geldim,
Hyzyr bile hemra boldum,
Tahyr diýer, görmän galdym,
Zöhre jan kandadyr, kanda?
Ý i g i t:
Beg ogly sözlär hemişe —
Rastymy diýmäýin nişe?
Kylmagyl taýgy-endişe,
Zöhre jan bagdadyr, bagda.
Bular sözüni tamam etdiler. Beg ogly:
— Zöhräni şu wagtlar köşgünden taparsen. Säher wagty kenizleri bilen bag seýline gidip
erdi, ýaňyrak gelip, rahata meşgul bolan bolsa gerek — diýip, ýola salyp goýberdi. Tahyr
şatlanyp, köşgüň ýanyna baryp, ýelmaýadan düşdi, ýelmaýany çökerip, ýüzünden sypady
we öpdi. Soň ýelmaýany şol ýerde goýup, özi köşgüň binasyndan çykyp, harem saraýyna337
girdi.
101
Görse, Zöhre jan tagtyň üstünde uklap ýatypdyr — inçe bil, badam gabak, pisse dahan,
näzik beden gyz. Tahyr beg Zöhräniň uklap ýatan suratyna haýran galyp, oýadyp bilmän,
daşyndan üç ýola perwana dek aýlandy, emma Zöhre oýanmady.
Onda Tahyr: «Zöhre jan beýhuş bolup ýatyrmyka, ýa näz edip ýatyrmyka, ýa başga biri
bilen bezm edip, bimar bolup ýatyrmyka, ýa bitap bolup ýatyrmyka, ýa menden öýkeläp
ýatyrmyka, ýa mendigimi bilmeý ýatyrmyka, ýa Garabatyryn tawuşydyr diýip ýatyrmyka,
ýa meniň aýralygyma çydap bilmeý meý içip, mes bolup ýatyrmyka, ýa döwperi urdumyka,
ýa al-arwah, jyn kakdymyka?» diýip, gorkup, ne ederini bilmeý, haýran we serasyma bolup
durdy. Zöhräniň, oýan-buýanyna geçip: «Ne üçin oýanmady!» diýip, bir muhammes aýtdy:
Gark olup gaflatda ýatma, näzli dildarym, oýap!
Agzy gunça, dişleri dür, zülpi zunnarym oýan!
Bilbili-zaryň gelipdir, husny ruhsarym, oýan!
Al ýaňakda kekili-owsunçy şamarym338, oýai! Biz
gelende elmydam, ukuda bimarym, oýan!
Dost sözüge tut gulak, agýary pendin tutmagyl,
Şum rakyp pitnelerini ukudan oýgatmagyl,
Özgelerge til berip, halym perişan etmegil,
Müň tümenlik hatyramny bir deremge satmagyl, Ýüz
elemli janymga jebri-sütemkärim, oýan!
Synada hijranyň ody, gelmişem men bu mahal, Söwdügim,
turgul ýeriňden, kylmagyl hergiz haýal,
Patyşa sen, men geda, aşyklygym ruzy-ezel,
Keşt edip älem-jahany, görmedim sen deý gözel, Ala
gözli, şowhy sözli, toty güftarym, oýan!
Saçlaryň welleýli339 ermiş ýüzleriňdir wazzyha340,
Tilleriň ýasyny-taha, iki älemge baha, Nuktaýyhalyn ýüzüňde misli zeýn-essema341, Dilbera,
koýnuň seniň ählen we sählen342 merhaba!
Kamaty zyba tewilen343 äkei-enwarym, oýan!
Zöhre jan, sensiz bu pany dünýä zyndandyr maňa,
Bir mübärek ýüzleriň görsem, ne armandyr maňa!
Bu perişan halymy kim görse, haýrandyr maňa! Men
seniň köýüňde köýsem, günde döwrandyr maňa,
Tahyryň halyn görüp, indi eşit zarym, oýan!
102
Tahyr beg sözüni tamam etdi. Emma Zöhre munda hem oýanmady. Tahyr: «Bu
pahyr beýhuş boldumyka? Ýa-da Garabatyr bilen keýpini kökläp, menden köňlüni
üzdümikä?» diýip, eline sazyny alyp: «Ýene bir oýatjak bolaýyn, eger bu sapar hem
oýanmasa, menden geçdigidir» diýen pikir bilen bir ebýat aýtdy:
Ýedi ýyl çekdim pyrkatyň, Zöhre
janym, oýanmazmyň?
Içdim aýralyk şerbetin,
Wysal meýinden ganmazmyň?
Belent-belent daglar aşyp,
Ýowuz günlerge ulaşyp,
Bu gün geldim, ýolum düşüp, Sagdan-sola
dolanmazmyň?
Dembe-demden geler masyl344
Kylgaly myradym hasyl,
Iki aşyk boldy wasyl,
Rahmet meýinden ganmazmyň?
Sen diýp Bagdatdan gelermen,
Kä sargaryp, kä solarmen,
Bu gün gelsem, erte ölermen,
Bir gün ömre guwanmazmyň?
Uzakdan geldim ýatmana,
Şirin lebiňden datmana,
Gözüm gyýmaz oýatmana, Özüň
bilip oýanmazmyň?
Köýen köp yşkyň derdine, Kim
ýetipdir myradyna?
Tahyryň ýanan oduna, Zöhre jan,
sen hem ýanmazmyň?!
Tahyr sözüni tamam etdi. Zöhre Tahyry Garaçomakmyka diýip güman edip,
ýorganyny üstüne çekip, beýlesine agdarylyp ýatyberdi. Tahyryň köňlüne wehim düşüp:
«Zöhre maňa biwepa boldy, menden özge ýary bar eken...» diýip, bir söz aýtdy:
Gel, Tahyr, sen hem ýüz öwür.
Zöhre ýüzün öwürmişdir. Ýüz
103
öwürip men telbeden, Garaga
köňül bermişdir.
Yrak düşdi wysal ýoly,
Rakyp aldy sagy-soly,
Mydam öwsüp hijran ýeli
Külüm göge sowurmyşdyr.
Jeýhun bilen Bagdat baryp,
Ýene gelmişem agtaryp, Zöhre
özgä köňül berip,
Menden özün aýyrmyşdyr.
Menin halym harap eýläp,
Özün Garaga ýar eýläp,
Gury jismim kebap eýläp,
Gara bagrym gowurmyşdyr.
Habar berdi Mollamelgun,
Neçüýn gaýtmadym men, mejnun?
Ýüregim — gan, jigerim—hun,
Şirin jandan doýurmyşdyr.
Taňry gul, resul ummaty
Çekmesin men deý pyrkaty, Ozal
günde şum kysmaty,
Möwlam bize buýurmyşdyr.
Tahyr diýr, geldim gaşyna,
Kelam ýokdur hak işine,
Pelek aşyklar başyna
Mundag gowga22 gaýyrmyşdyr.
Tahyr sözüni tamam etdi. Ol Zöhreden öýkeledi. Gelenine puşman edip: «Eý Tahyr!
Sen Zöhre diýip, Mahym dek yhlasly peri-peýkerden aýryldyň. Belki seni onuň yhlasy
urandyr» diýip, dutarynyň taryny gowşadyp: «Nirde sen Bagdat?» diýip, ugrajak boldy.
Zöhre gyz ukusynyň arasynda bir hümürdi eşidip, gözüni açdy, görse Tahyr durupdyr.
Zöhre bilmedi Tahyrmy ýa Tahyryň suratynda arwah-jynmy, ýa düýşmi, hyýalmy? Emma
22
Söwda.
104
ýagşy nazar salyp garasa, Tahyryň özi... Zöhre ýerinden turup, bir ah urdy we beýhuş bolup
ýykyldy. Soň huşuna gelip:
— Waý, meniň Tahyrymmy sen, ýüregimniň armanymy sen, derdimiň dermanymy sen,
ýa ruhumyň rowanymy sen? Gitseň, meni öldürip git! — diýip, hem gülüp, hem köýüp,
Tahyryň boýnundan ýapyşdy. Tahyryň gözi Zöhräniň gül ýüzüne düşüp, beýhuş boldy. Bir
zamandan soň huşuna gelip, bir-birleriniň boýunlaryna gol salşyp, lebleri ýaňakda goýup,
ençeme aglaşdylar. Şol wagt Tahyr Zöhräniň oýanmazlygyna köňli galan dek bolup, kine
getirip, şikaýat edip, bir gazal aýtdy, Zöhre hem jogap berdi.
T a h y r:
Dokuz aýlyk ýoldan sen diýp gelmişem, Oýanmadyň
bu efgana, Zöhre jan!
Günde ýüz tirilip, ýüz müň ölmüşem, Gelmegeýdim
bu jahana, Zöhre jan!
Z ö h r e:
Niçe günler gezdim ýarym geler diýp,
Ýoluň garap, aklym haýran eýledim.
Baglaryma bilbil zarym gonar diýp, Bu
güň güllerime seýran eýledim.
T a h y r:
Oýanmadyň munça belent saz bilen,
Çaýlar oýanmazmy guba gaz bilen?
Ýa gaflatda galdyň, ýa ki näz bilen,
Otlar saldyň şirin jana, Zöhre jan!
Z ö h r e:
Sen maňa diýmegil beýle sözüňni,
Töhmet edip başga tutma özüňni,
Diýdigiň, rast bolsa, görmen ýüzüňni, Diýgil:
kime ähtipeýman eýledim?
T a h y r:
Harabadan çykdy ak sakgal özi,
105
Garadyr esbaby, syýadyr ýüzi, Şeýhi-Lagna
habar berdi bu sözi,
Gitdi köňlüm bet gümana, Zöhre jan!
Z ö h r e:
Şeýhi-Lagna diýrler, şeýtandyr ady
Hakyň melgunydyr ähli öwlady, Ýalan
sözläp, saňa salandyr ody,
Hak edipdir—ornum zyndan eýledim.
T a h y r:
Söwdügim, rehim eýle bagry paraýa,
Melhem eýle rakyp goýan ýaraýa, Seni
diýip, gylyç goýdum araýa,
Gözlemedim Mahym gyza, Zöhre jan!
Z ö h r e:
Ýedi ýyl bolupdyr gideliň bäri,
Bu köşk içre ýalňyz çekdim azary. Janymyň
rahaty, tenim mydary,
Suratyň kalbymda myhman eýledim.
T a h y r:
Gurban olam ýaryň Zöhre adyndan,
Men garyby çykarmamyş ýadyndan, Aýralyk
derdinden, yşkyň odundan
Kül bolmuşam ýana-ýana, Zöhre jan!
Z ö h r e:
Şum rakyp tagnyndan güle bilmedim,
Atam gazabyndan öle bilmedim,
Zöhre diýr, Tahyrym, bile bilmedim,
Ýedi ýyl bolupdyr gideliň bäri Bu
köşk içre ýalňyz çekdim bu zary...
Janymyň apeti tenim azary
106
Suratyň kalbymda myhman eýledim –
diýen warianty bar.
Garaçomak diýip güman eýledim.
T a h y r:
Tahyr diýer, uzak ýoldan gelmişem,
Özüm yşkyň bazaryna salmyşam,
Bu diýen sözüme toba kylmyşam,
Dolanaly o döwrana, Zöhre jan!
Elkyssa, bular sözlerini tamam etdiler. Zöhre: — Eý Tahyr jan! Bu ýyl gideliň — ýedi
ýyldyr. Seniň hijriňde semender kimin köýüp, gözümden sil dek ýaşymy akdyryp, haçan
meniň nalyşym Hudanyň dergähinde kabul bolarka diýip gezer erdim. Sen gideliň bäri, atam
gazabyndan, il melamatyndan, seniň aýralygyňdan mende habyrahat 345galmady, ähli
dünýäni terk etdim. Hususan, düýn ýüregim gysyp, bag seýline gitdim, onda hem köňlüm
açylmaý agşam gelip, täret kylyp, iki rekagat namaz okap; kybla garap «seniň didaryňy
görmek barmyka?» diýip ýatyrkam gözüm uka gidipdir. Düýşümde seni görüp, hal-ahwal
soraşyp oturan wagtymda, seniň owazyňa oýandym we seniň mübärek jemalyňa miýesser
boldum. Şükür alhamdylylla, mükedder346 köňlüm minewwer347 boldy! — diýip, gujagyna
gysyp, ýaňagyndan öpdi, gamyň oduna ot saldy.
— Bu gün myradyma ýetdim, indi ölsem-de armanym ýok! Wysaly-myz uzak gider ýaly,
işimizi birneme hufýa348 eýlemek gerek — diýip, bir söz aýtdy: Hoş geldiň, Tahyrym, biziň
illere, Döwletli, döwranly jaýdyr bu jaýlar. Gel, ikimiz keşt edeli güllere,
Gülşenli, seýranly jaýdyr bu jaýlar.
Gapyl bolsaň, şum rakyplar duýarlar,
Baryp, şa babamga syryň aýarlar,
Seni öldürerler, meni goýarlar,
Dostdan köp duşmanly jaýdyr bu jaýlar.
Sözüň kabul bolmas şanyň gaşynda,
Gözüm ýaşda, başym mähnet daşynda,
Günde ýüz zulum bar mazlum başynda,
Barçalara ganly jaýdyr bu jaýlar.
Ger duýsalar jellatlara buýyrlar, Aşyklara
sütem işler gaýyrlar,
Seni—menden, meni—senden aýyrlar, Nalyşly,
efganly jaýdyr bu jaýlar.
Zöhre diýer, saňa syrym aýarmen,
107
Ýüzüm ýyrtyp, syýa saçym ýaýarmen,
Kaýsy bir derdime ýanyp-köýermen, Bir
zalym soltanly jaýdyr bu jaýlar.
Elkyssa, Zöhre jan sözüni tamam etdi. Tahyr;
– Eý Zöhre jan! Welaýatyňda ne habar bar? – diýip sorady.
— Eý Tahyr jan, şol kene görep ot almyş Tataryňdyr, köne zalym patyşadyr. Eger birden
zalymyň gulagyna habar ýetse, seni öldürip, meni hem Çomaga nika kylyp berer, habardar
bolmak gerek — diýip, bir söz aýtdy:
Tahyrym, maslahat sorsaň,
Saňa, ötgen zaman ýokdur,
Äşgär bolup, munda dursaň, Öldürerler,
güman ýokdur.
Şum rakyplar duýar bizi,
Atama diýrler bu sözi, Kör
bolsun duşmanyň gözi,
Aşyklara döwran ýokdur.
Terahhym349 ýokdur bu şada,
Zulm eder ýakyna, ýada, Gaçaly
şähri-Bagdada,
Bize munda mekan ýokdur.
Pelek saldy ýowuz derde,
Duşşdum atam deý namarda,
Ölsek, ölermiz bir ýerde, Indi
bize aman ýokdur.
Eger duýsalar bu işi,
Dembe-demden geler kişi,
Sen-sen ýagşylardan ýagşy, Atam
kimin ýaman ýokdur.
Gel, keşt edeli bu baga,
Ýel degmesin şamçyraga, Töwekgel
kylsaň Hudaga,
Öldürse hem zyýan ýokdur.
Zöhre diýr, kim gelse dada,
108
Deňlik tapmaz bu dünýäde,
Sypahylar — haramzada,
Adalatly soltan ýokdur.
Zöhre sözüni tamam etdi.
Tahyr:
— Eý Zöhre jan, men Bagdatdan seniň habaryň bilen geldim. Meni ataň isläp
getirmedi. Ataňa rehim gelip, imany täzelenip, rehimdar bolmadygyna akylym ýetedir.
Indiki maslahaty özüň bilersen. Git diýseň, gidermen, munda bol diýseň, munda bolarmen.
Mübärek ýüzüňi bir gördüm—armanym ýok. Emma ataň meni öldürer diýip, ölümden
ätiýaç etmezmen. Seniň gaşyňda öl-sem, zerre armanym ýokdur! — diýdi. Bu sözüň
üstünde agşam boldy. Şol wagt Zöhre jan Tahyra geňeş berip, bir gazal aýtdy:
Gel, süreli bu dünýäni,
Bu gije ötmesden burun;
Ýarymyň gelen beýany
Duşmana ýetmesden burun.
Rakyp duýsa, atam duýar,
Ýene gazap donun geýer,
Seni öldir, meni goýar, Bir
orun tutmasdan burun.
Takdyra dogry duraly,
Yşk ýolunda jan bereli, Tahyrym,
döwran süreli,
Näge daň atmasdan burun.
Köňülden çykar bu gamy,
Köp çekme derdi, elemi, Ganymat
bilgil bu demi,
Tä çykyp gitmesden burun.
Zöhre diýer, eý dildarym! Hoş
gelipsen, söwer ýarym,
Ter açylgan gülguzarym Hazana
batmasdan burun.
Zöhre sözüni tamam etdi. Ikisi biri-birine goşulyp, gyzyl gül dek çyrmaşyp, gujaklaşyp,
öpüşip, döwrana meşgul boldular...
109
Birden daň atdy, adamlar oýandylar, aşyklar ne ederini bilmediler. Emma Zöhre hiç
kim duýmanka, Tahyry sandyga salyp, bir hüjräniň içinde gizledi we ýalandan ýaryň ahuzaryn çekip, hemişekisi ýaly pygan eder erdi. Emma çekýän ahy owalkylar ýaly zarply däl
erdi. Göz ýaşyň deregine suw sepip, gözüni gyzardar erdi. Şu röwüşde gijesine Tahyry
çykaryp, mejlis gurup, gündizine ah tartyp, ençeme wagt geçirdi.
Tahyryň gelmeginiň şatlygy Zöhräniň ýüregine sygmaý, ol bir gün bitap bolup
ýykyldy.
Zöhräniň bir enesi bar erdi. Ol Zöhrä köp mähriban erdi, Hindistan patyşasynyň gyzy
erdi, özi hem tebip erdi. Zöhre: «Eneme özümi görkezeýin» diýip, onuň ýanyna geldi.
Enesi görse, Zöhre ýüplük ýaly bolupdyr. Enesi Zöhräniň dem alyş damaryny barlap, bir
meýdan ýüzüne bakyp oturyp:
— Eý gyzym! Men sende bir kesel görmedim. Emma sende bir gizlin syr bar, belki
hem ol şatlyk syrydyr, meger uly şatlygyň üstünden barypsen! Tahyryň geldimi? —
diýdi.
Zöhre aglap:
— Eý ene, seniň pähim we idrägiňe kaýyl men! —diýdi.
Enesi kenizleriň her kaýsysyny bir işe buýrup, öýi çolardyp: —
Eý guzym! Rastyňy aýt, men alaç edermen—diýdi.
Zöhre:
— Eý ene, menden eşiden sözüňi ile bildirmejegiňe ähtipeýman bagla! — diýdi.
Enesi ähtipeýman baglady. Onda Zöhre pakyr enesine ýüzlenip, zar-zar aglap, bir söz diýdi:
Ýedi ýyldyr, söwer ýardan aýryldym, Niçe
ýyllar arzuw-didar eýledim.
Bu gün ýarym geldi, men saňa geldim. Rakyplardan
gorkup, azar eýledim.
Kyblam enem sen-sen puşdy-penahym,
Geldim hyzmatyňa ötgül günähim! Tahyrym
getirdi kadyr Allahym,
Mährem enem, saňa yzhar eýledim.
Ene, saňa dogry sözüm sözlärmen,
Ýalandan «ýar!» diýip, ogryn gözlärmen,
Gündiz bolsa, bir hylwatda gizlärmen, Gijelerde
janym nisar350 eýledim.
Rakyp duýsa, bizi eder äşgäre,
Atam bilse, bizi eder set para,
Eýäm rehm eýlesin aşyky-zara,
Ýar bilen bir ýerde karar eýledim.
110
Zöhre diýer, gamgyn köňlüm açyldy,
Dürli rahmet çar tarapa saçyldy, Ýar
golundan gülgün şerap içildi,
Hazan köňlüm pasly-bahar eýledim.
Elkyssa, Zöhre sözüni tamam etdi: — Eý ene jan! Iki aşyk seniň hyzmatkäriňdir, indi bize
bir maslahat berseňiz— diýdi. Enesi:
— Balam, Tahyryň hoş gelipdir, gözüň röwşen bolupdyr, garaňkylykdan ýagtylyga
çykypsen. Sen ony maňa ber. Mem Tahyry hiç kim görmes ýaly ýerde gizläýin — diýip, bir
ebýat aýtdy, Zöhre hem jogap berdi.
E n e s i:
Maňa tabşyr, balam, söwer ýaryňny,
Ulus görmez ýerde pinhan eýleýin. Hak
eşitsin nalyşyňny, zaryňny, Çemen içre
ýaryň myhman eýleýin.
Z ö h r e:
Ýarsyz munda meniň bir günüm ötmez,
Ene jan, ýarymy saňa tabşyrdym.
Gündizde gün ötmez, gije daň atmaz,
Ene jan, Tahyrym saňa tabşyrdym.
E n e s i:
Gündiz bolsa gül pudaga tabşyrmen,
Bilbilleriň mekanynda ýaşyrmen,
Agşam ýaryň ýene saňa gowşyrmen, Ýolun
seniň sary rowan eýleýin.
Z ö h r e:
Seniň, bu syryňy duşman bilmesin,
Ýene ýardan bizi aýra salmasyn,
Ol sebäpden gül dek reňňim solmasyp, Ene
jan, Tahyrym saňa tabşyrdym.
111
E n e s i:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zöhre-Tahyr - 7
  • Parts
  • Zöhre-Tahyr - 1
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1932
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 2
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1859
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 3
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1881
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    39.4 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 4
    Total number of words is 4034
    Total number of unique words is 1968
    25.7 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 5
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1898
    26.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 6
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1950
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.9 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 7
    Total number of words is 3890
    Total number of unique words is 1906
    25.5 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zöhre-Tahyr - 8
    Total number of words is 3557
    Total number of unique words is 1625
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.6 of words are in the 5000 most common words
    47.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.