Latin

Zeýnelarap - 6

Total number of words is 3904
Total number of unique words is 1663
25.1 of words are in the 2000 most common words
36.6 of words are in the 5000 most common words
43.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gözüni uky aldy. Şol wagtda Resuly-Huda düýşlerinde häzir bolup: «Eý perzent, köp
ýyglamagyl, inşa Allatagala, ogluň sag salamat geler» diýip, gaýyp boldy. Elkyssa,
Hanypa biçäre ornundan syçrap turup, perýat-pygan bile ogluny diläp, bir söz aýtdy.
Gazaly-bibi Hanypa bu turar:
Kerem eýläp, maňa enaýat kyldyň,
Muhammet janymy tiz maňa ýetir!
Perzent edip berdiň, hidaýat kyldyň,
Muhammet janymy tiz maňa ýetir!
Atamdan-enemden galan nyşanym,
Bu älemde meniň şemgi-rowanym,
Muhammetdir ilim iki jahanym,
Ýusup nyşanlymy tiz maňa ýetir!
Aly makamyňa geldim amana,
Sabr etsem köýdürer jebri-zamana,
Ömrümiň ülkesi galdy talana,
Döwletli hanymy tiz maňa ýetir!
Lutpuň maňa joş eýlesin, saçylsyn,
Altyn pyýalada alyp içilsin,
Mähribanlyk eýle, köňlüm açylsyn,
107
Ol ýalňyz balamy tiz maňa ýetir!
Özüň adyn goýduň, diýdiň Muhammet,
Äleme sen ony eýlediň sermet,
Ulug döwlet bile eýlediň medet,
Eziz myhmanymy tiz maňa ýetir!
Makbaraň üstünde çeker men nala,
Bir ulug döwlete kyldym howala
Hazan ýeli ösmeý serwi-nahala,
Bagy-bossanymy tiz maňa ýetir!
Hanypa diýr, köýüp, bolup men eda,
Söwerinden hiç kim bolmasyn jyda,
Myradymy beriň, Resuly-Huda,
Arzuw-armanymy tiz maňa ýetir!
Elkyssa, Hanypa biçäre Resuly-Hudanyň gabyrlarynda zar-zar, çün ebrinowbahar ýyglap, ondan soň öýlerine gelip, sabyr kylyp oturdy.
Indi sözi ymam Hasandan eşidiň. Ymam Hasan Medinäni köp-köp barlady,
Muhammetden nam-nyşan tapmady. Ondan soň bibi Patma garap:
- Eý, walydaýy-mähriban,
indi
rugsat berseňiz, atamyz
Şiri-Hudanyň
hyzmatlaryna barsak – diýdi. Bibi Patma:
- Bargyl, balam, Huda ýaryň bolsun – diýip, iberdi.
Ymam Hasan niçe menzil ýoly bir demde alyp, Hezreti Şahymerdanyň
hyzmatlaryna baryp:
- Eý pederi-büzürgwar, ýagty jahany garap, Muhammetden nam-nyşan
tapmadyk – diýip zar-zar ýyglap, atalaryna garap, bir söz aýtdy. Gazaly-ymam
Hasan:
108
Kyblagäh-ä, bagry set paramy yzlap tapmadym,
Bu garyplyk ýoluda biçärämi yzlap tapmadym.
Yşk oduna köýen efgarymy yzlap tapmadym,
Täleýi-şum, bagtygaraýymy yzlap tapmadym,
Dünýäni gydryp, jiger paramy yzlap tapmadym.
Ýola çykdym yzlaýyban, çar tarapa telmuryp,
At sürüp, deşti-beýewan, dagy-düzi yzlaýyp,
Waý, inim, diýip ýyglaban, ýetim guzy dek bozlaýyp,
Niçe şähri-niçe sähralary gezdim soraýyp,
Dünýäni gydryp, jiger paramy yzlap tapmadym.
Kyçgyryp perýat eder men, her şäherde saz edip,
Nagra çekdim säherlerde men belent owaz edip,
Janawerlerden ki sordum özüme demsaz edip,
Gäh-gähi gülşen gezip, bilbil deýin owaz edip,
Dünýäni gydryp, jiger paramy yzlap tapmadym.
Kaýda bardym jüstejuý eýläp, kylyp aly makal,
Nala eýlär hasratymdan çöldäki ahu-gazal,
Yns-u jyns huş, tuýurlar galmaý baryn kyldym sowal,
«Görmedik» diýp dile geldiler be hökmi-Züljelal,
Dünýäni gydryp, jiger paramy yzlap tapmadym.
At sürüp bardym Medine şähri içre wawaýlap,
Enemiz çykdy «balam» diýip, datlab-u bidatlap,
Il-u halkdan köp sowallar etdim ony adaplap,
Çarhy-gerdun tire boldy nalasyn binýatlap,
Dünýäni gydryp, jiger paramy yzlap tapmadym.
109
Hak saryga ýüz tutup, hatyr-perişan ýygladym,
Nagra dartyp ebri-neýsan dek dürefşan ýygladym,
Gabry-Hezretni zyýarat eýledim, gan ýygladym,
Agtaryp şazadany biser-u saman ýygladym,
Dünýäni gydryp, jiger paramy yzlap tapmadym.
Il-halkdan rugsat aldym, hyzmatyňda ýol gezip,
Asta-asta gaýdyberdim dagy-daşy çöl gezip,
Niçe derýalary gördüm, niçe deňiz, köl gezip,
Şa Hasan aýdar, gelip men, niçe menzil taý kylyp,
Dünýäni gydryp, jiger paramy yzlap tapmadym
Elkyssa, Şahymerdan ymam Hasandan bu sözi eşidip, zar-zar ýyglap, Hudaýa
şükür kylyp oturdy.
Indi sözi şa Ankanyň iberen ilçisiden eşidiň. Emma şa Anka bir adama hat
kylyp, möhür basyp: «Alyny tutup zyndana saldym, Jemhur beg gelip, Tugra perini
alyp gitsin» diýip, iberip erdi. Ilçi haty alyp, niçe menzilleri taý kylyp, Jemhuryň
galasyna bardy. Emma Jemhur gala boş durmasyn diýip, bir inisini galada goýup,
özi bäş inisi bile Hezreti Aly Şahymerdanyň hyzmatlarynda erdi. Ankanyň haty bile
ilçisi gelip, Jemhuryň inisine duşdy. Erse, Jemhuryň inisi hat bile ilçini agasynyň
ýanyna alyp geldi. Jemhur beg hat bile ilçini Hezreti Alynyň ýanlaryna alyp geldi.
Erse, Şahymerdan:
- Eý, Jemhur beg, bu ne adam turar? – diýip sorady.
Onda Jemhur:
- Bu adamy sorsaňyz şähri Zingar diýen bir gala bar turar. Onuň patyşasyna şa
Anka diýerler. Bu ilçä hat berip, bize iberip turar, biz hem siziň hyzmatyňyza
getirdik – diýdi.
Erse, Şahymerdan haty alyp, mulahyza kyldy, namada: «Eý, Jemhur beg,
Medinäniň Alysy gelip, biziň şäherimiziň ýagşy-ýamanyny bilmäge we Tugra
gyzymy alyp gitmäge gelen erken. Biz Alyny tutup zyndana saldyk. Indi Jemhur beg
110
gelsin, maslahat bile Alyny öldürip, ondan soň Tugra gyzymy alyp gitsin» diýip,
aýdyp turar. Ondan soň haty goýup, Hezreti Aly:
- Eý, ilçi beg, sözlegil, ne habar bar? – diýdi.
Ilçi:
- Eý Şahymerdan, sözüň owwalyndan beýan kylsam, Ankanyň bir gyzy bar,
adyna Tugra peri diýerler. Bir gün köşk tomaşasyna çykyp, derýanyň boýundan bir
ýigit tapyp getirip, perweriş kylyp ýörer erken. Şa Anka bu habary eşidip, şol ýigidi
Aly hyýal kylyp, zyndana saldy. Ondan soň maňa habar berip, «Gyzymy alyp
gitsin» diýip, Jemhura iberdi,.
Erse, Şahymerdan sözüň mazmunyndan bildi kim ymam Muhammet Ankanyň
zyndanyna giriftar bolup turar. Ondan soň Şahymerdan şähri-Kamusy Jemhura
tabşyrdy. Özi dergazap bolup, ymamyň zyndana düşenin bilip, hapa bolup, bir söz
aýtdy:
Kapyrlaryň bolup bendi-ýesiri,
Natuwan sen, düşüp garyp ýerlere,
Haýrandyr men balam gidenden bäri,
Perişan sen, düşüp garyp ýerlere.
Ot salypdyr pelek jana çakylyp,
Köýer oldy tenim oda ýakylyp,
Gelermi diýp gözüm ýola bakylyp,
Nägehan sen, düşüp garyp ýerlere.
Pelek akyzypdyr gözüňden ýaşy,
Awy bile goşup beripdir aşy,
Pelek aýlandyryp hasratly başy,
Sergerdan sen, düşüp garyp ýerlere.
Durar sen her zaman bakyp ýollara,
111
Telmurar sen sagyň bilen sollara,
Jirjis dek pyganyň düşüp çöllere,
Der pygan sen, düşüp garyp ýerlere.
Şahymerdan aýdar, söýgüli janym,
Şasuwarym, Rüstem sypat ananym,
Melaýyk hüýlügim, Ýusup nyşanym,
Ba arman sen düşüp garyp ýerlere.
Elkyssa, Şahymerdan bu sözi aýdyp, gelen ilçini getirip, iman arz kyldy. Ol ilçi
jan-dil bilen musulman bolup, «Kelemeýi-şeripi» diline jary kylyp: «Lä ilähe illalla,
Muhammet Resulalla» diýip, musulman boldy. Ondan soň Şahymerdan aýtdy kim:
- Adyň nedir?
Ilçi:
- Adym Zertip turar – diýip, ýyglady. Emma Şahymerdan:
- Eý Zertip, köp ýyglamagyl, Hudaýtagala seni jenneti kyldy we tükenmes ulug
döwlete mynasyp görüp, müşerrep kyldy– diýip, pendi-nesihat kyldy. Soňra:
- Eý Zertip, indi öz welaýatyňa ýol başlagyl– diýdi. Zertip jany-dil bilen kabul
kylyp, tagzym kyldy. Şahymerdan: «Tamam leşger atlansynlar, şähri-Zingara
bararmyz» diýip emr kyldy. Jarçylar her ýerde jar urdular.
Emma oşol wagt Zeýnelarap ilçiniň gelenin, şazadanyň griftary-zyndan bolanyn
eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bir söz diýdi. Gazaly-Zeýnelarap bu turar:
Sen çekinçä zyndan jebri-jepasyn,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Sen görinçä hijran derdi-belasyn,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Telmuryp bakynça çeşmi-humaryň,
Pelege ýetinçä ah bile zaryň,
112
Sargaryp solynça gül dek ruhsaryň,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Meniň üçin bendi-zyndan bolynça,
Owwal başdan meni istäp alynça,
Gyzyl ruhsaryňy hazan kylynça,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Waspyňy aýdar men tä ki ölinçä,
Kapyrlary gyryp, öjüň alynça,
Melul bolup, dal gerdeniň eginçä,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Mysapyr bolynça garyp illere,
Sen ýalňyz düşinçä uzak ýollara,
Gaňrylyp bakynça sag-u sollara,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Köňül aýnasyny gubar alynça,
Gözüň ýaşy aby-neýsan bolynça,
Kapyrlar bendine duçar olynça,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Zeýnelarap aýdar, senden habar bar,
Sabr edinçä mende ýüz müň hatar bar,
Sadagaň bolaýyn, sende ne sabr bar,
Men niçik gurbanyň bolmadym seniň?
Elkyssa, Zeýnelarap jan bu sözi aýdyp, zar-zar ýyglap oturyp erdi. Nägäh
gözüni uky aldy. Binägäh şazadaýy-ymam Muhammet at oýnadyp, aldyndan
113
ötüberdi. Emma Zeýnelarap biçäre şikeste hal bolup, tisginip oýgandy. Erse, hiç
kimse ýok. Elkyssa, Zeýnelarap Hudaýa sygnyp, bir muhammes aýtdy:
Göz ýumup açdym, şükür, ýarymy gördüm, Huda!
Köňül alan ol wepadarymy gördüm, Huda!
Sorgunjy halymy dildarymy gördüm, Huda!
Hasratymda dideýi-zarymy gördüm, Huda!
Ber myradymy meniň, ýarymy gördüm, Huda!
Ol meniň çün zardyr, men hem onuň çün zary men,
Hasratymy çekdi ol, men hem gam bile bimar men!
Düşdi zyndan içre ýarym, men hem taky efgar men,
Ýat eder ýarym meni, men hem ýat bilen bar men,
Ber myradymy meniň, ýarymy gördüm, Huda!
Hezretiňe ýüz tutup men näumytwar etmegil,
Mundan artyk hem belalara giriftar etmegil,
Müstejap etgil dogalarym, şermisar etmegil,
Ba şikeste bendedir men, köp meni zar etmegil,
Ber myradymy meniň, ýarymy gördüm, Huda!
Sen Kerim Sen, lutp eder Sen bendeýi-biçäräge,
Damany-waslyň miýesser kyl men kibi awaraga,
Täleýi-ykbaly hop ber, munça bagty garaga,
Söwdügimi kyl miýesser ýüregi set paraga,
Ber myradymy meniň, ýarymy gördim Huda !
Ýyglaýyr Zeýnelarap dergähiňe perýat edip,
Çarhy-gerdunyň golundan dat edip, bidat edip,
«Kyssaýy-Ýusup – Züleýhany» ýene binýat edip,
114
Dergähiňe ýüz tutar men ýary-janym ýat edip,
Ber myradymy meniň, ýarymy gördim Huda !
Elkyssa, Zeýnelarap bu sözi tamam edenden soň, Hezreti Şahymerdan şähriKamusdan çykyp, Muhammet Musatapanyň tuguny alyp, şähri-Zingara gider boldy.
Şol wagtda Zeýnelarap biçäre Şahymerdana garap, zar-zar ýyglap, bir söz aýtdy.
Gazaly-Zeýnelarap:
Hökmüň rowan bolsun, ýa Şahymerdan,
Siz ogluňyz – meniň ýarym getiriň!
Köp hyýal kylmaňyz, ölmesin döwran,
Siz ogluňyz – meniň ýarym getiriň!
Ýeter bize munça beren azaby,
Dertli gul derdiniň bolmaz hasaby,
Ýene bize sunar hijran şeraby,
Siz ogluňyz – meniň ýarym getiriň!
Perwaz eder köňül guşy wysala,
Pelek bizi goýmaz bir zaman hala,
Her bir sagat döner ýüz müň hyýala,
Siz ogluňyz – meniň ýarym getiriň!
Akyl-huşum birden gidip baradyr.
Damany-waslydan tutup baradyr,
Mugry-ruhum perwaz edip baradyr,
Siz ogluňyz – meniň ýarym getiriň!
Pelegiň elinden gelip men dada,
Ömrümiň harmanyn berip berbada,
Garyplyk höwesi gelmesin ýada,
115
Siz ogluňyz – meniň ýarym getiriň!
Bize gabha pelek jepasy ýeter,
Bul şähri-Kamusdan başyňy göter,
Garyplykda ýarsyz ömürler öter,
Siz ogluňyz – meniň ýarym getiriň!
Zeýnelarap aýdar, ýokdur kararym,
Açylmaz gunça dek pasly-baharym,
Ýolunda telmuryp çeşmi-humarym,
Siz ogluňyz – meniň ýarym getiriň!
Elkyssa, Zeýnelarap bu sözi aýdandan soň, Hezreti-Şahymerdan Zertibi aldyna
salyp, şähri-Zingara rowana boldular. Emma leşgeriň çaňyndan aý-gün görünmez
erdi. Emma şol hal bilen üç gije-gündiz ýol ýöräp, şähri-Zingara ýakyn ýetdiler.
Erse, Hezreti Aly Şahymerdan: «Eý, bahadyrlar, är köňülli ýigitlerim, haýdap ileri
ýörüňler» diýdi. Ondan soň bahadyrlar ileri ötüp gidiberdiler. Ymam Hasan we
ymam Huseýin iki müň leşgere serkerde bolup, olar hem ileri ýördüler. Emma
Hezreti Aly Şahymerdan sap-sap bolup, her tarapa Düldüli sürüp, şähri-Zingäriň
galasynyň degre-daşyny gurşap aldy. Tamam adamlar haýran-serasyma bolup: «Bu
ne leşger?» diýip durdular. Elkyssa, şa Anka habar berdiler: «Eý, şa Anka, köp
leşger gelip, galanyň degresini alyp düşdi» diýdiler. Erse, şa Anka galanyň üstüne
çykyp, leşgere tomaşa kylyp gördi. Erse, wehime galyp bolup, kaýan gaçaryn
bilmedi, haýran-serasyma boldy.
Indi şazadadan söz eşidiň! Ymam Muhammet biçäre zyndanyň içinde ýaryny
ýat edip, pelekden şekwe kylyp, bir söz aýtdy. Gazaly-ymam Muhammet:
Hezreti Ýusubyň düşen çahyna,
Arman bilen duçar eýlediň, pelek.
Hiç kimi goýmadyň öz rahyna,
116
Getirip, giriftar eýlediň, pelek!
Ajap söwdalary salyp başyma,
Rehm eýlemeý gözden akan ýaşyma,
Senden özge hiç kim gelmez gaşyma,
Garyplyk ygtyýar eýlediň, pelek!
Ýüz tutup, ýygladym kadyr Hudaýa,
Kerem kylgaý, şaýet, bagty garaga,
Getirip taşladyň meni bu çaha,
Söhbetimi beter eýlediň, pelek!
Hiç kişi bilmedi jepa sanyny,
Ýarymyň gözünden döken ganyny,
Yşkym ody bile köýen janyny,
Jydalykda azar eýlediň, pelek!
Seniň bilen düşdi, neýleý güzerim,
Terk eýledim Medine dek diýarym,
Kamusyň şährinde galdy nigärim,
Mesgenimi Zingar eýlediň, pelek!
Ne beýle gynar sen, bu garyp janym,
Bir zaman bermediň meniň amanym,
Zeýnelarap atly ýary-jananym,
Ýolumda intizar eýlediň, pelek!
Şazada diýr, munça meni ýygladyp,
Bendi-kapyr bilen golum bagladyp,
Pyrak ody bilen bagrym dagladyp,
117
Ten-u janym efgar eýlediň, pelek!
Elkyssa, şazada bu sözleri aýdyp, Hudaýyň halanyna razy bolup oturdy.
Indi sözi Hezreti Alydan eşidiň. Hezreti Aly leşgerleriň: «Gala tarapyna ýöriş
kylyňlar» diýip emr kyldy. Emma sahabalar bile tamam leşger, Hezreti Aly baş
bolup, jeň-u jedel kylyp, bu galanyň degre-daşyny alyp, düşdüler. Emma şa Anka:
«Eý-ä toba, Alyny tutup zyndana salsam, indi bu ne leşger boldy, meniň üstüme
gelen? Bu leşgeriň başlygy kim bolgaý» diýip, tefekkürde oturyp erdi.
Şol wagtda bir kapyr perýat urup: «Eý şa Anka, ajal mübäregiň bolsun, zäherzakgun höregiň bolsun! Bir ýalan söze ynanyp, «Alyny zyndana saldym» diýer sen.
Ine, gelen Aly turar. Bu leşger hem Alynyň leşgeri turar. «Indi kaýda gaçar sen?»
diýdi. Erse, şa Ankanyň huşy başyndan uçup, ýere ýykyldy. Ondan soň huşuna
gelip, başyn galdyradyp janhowly bile «Aly geldimi? diýip, özüni haremhana urdy.
Elkyssa, bu sözi oturan mähremler eşitdiler, hemmesi: «Wadaryg-a! Aly indi
gelmiş, onuň bilen kim mukabyl bolup uruşar» diýip, melul bolup: «Şa Ankanyň
aldyna baraly, şol Biperwa bahadyryň başyn üzen ýigidi Aly diýip zyndana saldy.
Eger şol ýigidi çykaryp, toýlap, gyzyn berse, şol ýigit Aly bile uruşar erdi. Indi
peýda kylmaz» diýdiler. Ýene, maslahat kyldyp: «Häli hem bolsa onuň alajyn
göreli» diýip, uly-kiçi maslahat bile şa Ankanyň aldyna bardylar, arz kylyp:
- Eý, şa Anka, eger şol zyndanda ýatan oglany zyndandan çykaryp, toýlap,
gyzyňy berseň, şol oglan çykyp Aly bile uruşar erdi – diýdiler.
Onda şa Anka gelen adamlara garap:
- Eger Alynyň üstümden giderini bilsem, ýüz gyzym hem bolsa, berer erdim –
diýip, gelen mähremlere garap, zar-zar ýyglap, bir söz aýtdy:
Beglerim, baryňlar, alyp geliňler,
Gam iýmesin eden işime meniň.
Herne diýse, permanyny kylyňlar,
Döwlet bile gelsin gaşyma meniň.
118
Tanamadym owwal görüp waslyny,
Bir hata iş kyldym bilmeý aslyny,
Hiç kişi aýtmady maňa neslini,
Soramak ýadyma gelmedi meniň.
Bir-bir aýdyň begler, baryp, sözümi,
Aýagyna sürtsem gara ýüzümi,
Kenizek eýläýin Tugra gyzymy,
El uzatsyn bişen aşyma meniň.
Pelek gowgasyny başdan göçürsin,
Ölüm şerabyny maňa içirsin,
Herne jepa kylan bolsam geçirsin,
Rehm eýlesin gözde ýaşyma meniň.
Anka aýdar, döwlet-bagtym bereýin,
Maly-mülküm, täji-tagtym bereýin,
Tugra gyzym toýlap, rahtym bereýin,
Medet kylsyn gelip gaşyma meniň.
Elkyssa, şa Ankanyň bu sözi bile jem mähremler baryp, ymamy zyndandan
çykaryp, şa Ankanyň aldyna alyp geldiler. Erse, şa Anka: «Eý şazada, hoş gelipsiz»
diýip, özün tagtdan taşlap, şazadany derber-derber kylyp, boýnundan zynjyryn alyp,
tagtyna çykardy. Ondan soň şa Anka:
- Eý, şazada, hemme siziň bendäňizmiz. Bildik, siz hem Aly dek bahadyrzada
erken siz, Indi üstümize Aly gelip turar. Ne maslahat berersiz – diýdi.
- Onda şazada:
- Aly dek bahadyryň aldynda takat kylyp, urşa duran bahadyr ýok turar, ol
Hudanyň şiri turar – diýdi.
Erse, şa Anka:
119
- Eý, şazada, indi ýüzüm gara boldy, toba kyldym. Her niçik bolsa, Aly bile
urşar siz – diýip zar-zar ýyglady.
Erse, şazada bildi, kim atalary gelip turar. Zeýnelarap ýary ýadyna düşüp,
gelenmikän ýa galanmykan diýip, bir söz aýtdy:
Şahymerdan meni yzlap gelipdir,
Barmy sen, ýokmy sen, Zeýnelarap jan?
Geler-gelmedigiň güman bolupdyr,
Barmy sen, ýokmy sen, Zeýnelarap jan?
Şahymerdan medetkäriň boldumy,
Şikeste halyňa medet kyldymy,
Meniň öjüm ol kapyrdan aldymy,
Barmy sen, ýokmy sen, Zeýnelarap jan?
Lybasym çüýräpdir gözüm ýaşyndan,
Garyplyk gitmedi ýalňyz başymdan,
Suratyň aýrylmaz hergiz gaşymdan,
Barmy sen, ýokmy sen, Zeýnelarap jan?
Öçüpdir gözümden basan yzlaryň,
Janymy köýdüren şirin sözleriň,
Ýadyma düşüp dur gara gözleriň,
Barmy sen, ýokmy sen, Zeýnelarap jan?
Haýsy gülüstanda, haýsy çemende,
Haýsy bir ülkede, haýsy tümende,
Huda penahynda tutsa amanda,
Barmy sen, ýokmy sen, Zeýnelarap jan?
120
Meniň ahwalymdan habar alamy,
Agalaryň gelip-gidip göremi,
Ýa duşman elinde bagtyň garamy,
Barmy sen, ýokmy sen, Zeýnelarap jan?
Ymlak kapyr bilen galaga bardyň,
Kapyrlar golundan ne azap gördüň?
Hudanyň takdyry – ýardan aýryldyň,
Barmy sen, ýokmy sen, Zeýnelarap jan?
Ýat edip ýyglaýdyr seni şazada,
Seni istäp geldim, galdym belada,
Zyndan içre galyp, boldum uftada,
Barmy sen, ýokmy sen, Zeýnelarap jan?
Elkyssa, ymam Muhammet bu sözi aýdandan soň, barça kapyrlar gelip, şazada
töwella kylyp:
- Eý, ýagşy ýigit ! Eger siz Aly bile mukabyl bolup, uruş kylmasaňyz, biziň
halymyz harap bolar – diýdiler. Emma şazada:
- Aly bir pälwan turar, her kim onuň bilen rube-ru bolsa, ajalyň elinde giriftar
bolar – diýdi. Ýene-de:
- Onuň dek pälwan bilen uruş kylmak ulularyň işi turar – diýdi.
Emma bul sözi kapyrlar eşidip, dady-perýat kyla başladylar. Elgaraz, şa
Ankanyň özi gelip şazadanyň aýaklaryna baş goýup, zar-zar, çün ebri nowbahar
ýyglap, ýeke Hudany we pygamberi hormat diýip, bir söz aýdanlary bu turar:
Bir eziz başyň hormatyn kylsaň,
Biziň ile bu gün rahber bol indi.
Ataň bilen eneň yzzatyn kylsaň,
Anka men, ornuma serwer bol indi.
121
Bir ýaradan Ol Hudaýyň hakyndan,
Ulug-aly kyblagähiň hakyndan,
Ymmat bolan pygamberiň hakyndan,
Är sen, garyplara serwer bol indi.
Jany-dilden söýseň Mekke Hudasyn,
Kabul etgil garyplaryň dogasyn,
Dep eýlegil bizden Aly belasyn,
Başymyza täji-efser bol indi!
Rehm ile eşidiň meniň zarymy,
Saňa bereý hazynada barymy,
Alyga bermegil namys-arymy,
Gullaryňa sahyp leşger bol indi!
Halaýyklar görsün, göreş kylaly,
Derwezeden çykyp, ýörüş kylaly,
Aly bilen baryp uruş kylaly,
Ortamyzda şemgi-enwer bol indi!
Anka aýdar, syryň pynhan eýleme,
Alyny bizlere nyşan eýleme,
Biz tarapdan zerre güman eýleme,
Ähd-u aman edip, ýekser bol indi!
Elkyssa, şazada bu sözi eşidip köňlünde: «Bul kapyrlar bilmeýdir, Hudanyň
haky ne turar. Men hup biler men. Hudanyň we Resuly-Hudanyň hakyny orta saldy.
Indi bularyň hormatyny kylmasam asy bolar men» diýip, kapyrlara garap:
122
- Indi sözüňizi kabul kyldym. Ondag bolsa her ýerde leşgeriňiz bolsa jem kylyň.
Inşa Alla, erteň Aly bile uruş kylar men – diýdi. Erse, kapyrlar eşidip hoşwagt bolup,
ymamyň adyna tebil urdular.
Elkyssa, bu gije ötüp, afytap çykyp, jahan münewwer boldy. Şazada leşgere baş
bolup, derwezeden çykyp, Alynyň barabarynda sap çekip durdy. Ondan soň her
tarapdan bahadyrlar joş-huruş edip, mes pil dek bolup, ýürekleri ot dek tutaşyp geler
erdiler.
Emma Şahymerdan Düldüle münüp, Zülpükaryn gollaryna alyp, meýdana girip,
jöwlan kyldy. Erse, ymam Muhammet haýran-girýan bolup tefekkürde durdy: «Eger
atamyz bile tutuşsam biedeplik bolar, eger tutuşmasam, Hudaýa asy bolar men»
diýip, bir söz aýtdy:
Bolar meýdan era girsem mugazzam biedep maňa,
Hudadan bihabar kapyr bolarlar hemtarap maňa.
Huda dergähiniň şiri bile çyksam, uruş kylsam,
Mynasyp oldugy bolgaýmy aly nesep maňa?
Bu kapyrlara mälim ýok, Alynyň nury-çeşmi men,
Kerem eýläp, açyk ýol görsedip bergil, ýa Rep medet maňa,
Atamyň hatyry renjur olar bul biedeplikden,
Weliken, bir Hudanyň hormaty boldy sebäp maňa.
Diýdi şazada, neýlär men halaýyk tagnydan ondag,
«Atasyna uruş kylan» diýgeý, galgaý lakap maňa.
Elkyssa, şazada bu sözi aýdyp, meýdana girdi. Erse, Hezreti Şahymerdan bir
nagra urdy, haýbatyndan zemin-zaman lerzana girdi. Zülpükaryn golyna alyp,
meýdana girdi. Şazada hem nalaç bolup, meýdana girdi. Ýüzüne nykap tutup, at
123
oýnadyp durdy. Hezreti Aly Şahymerdan şazadany tanymaý, nesihat kylyp bir söz
aýtdy.
Meýdan era giren ogul,
Hoş geldiň, meýdan seniňdir.
Bir Hudaýa bende bolgul,
Göwheri-iman seniňdir.
Huda berhaklygyn bilseň,
Muhammede ymmat bolsaň,
Köňlüňden kinäni alsaň,
Jenneti-ryzwan seniňdir.
Ýüz öwürme Hak nurundan,
Getirip iman burundan,
Geçmegin jennet hüýründen,
Niçe bir gulman seniňdir.
Almasaň pendi-nesihat,
Bu işiň seniň gabahat,
Kylmasaň bize refagat,
Amudy-geran seniňdir.
Kapyrlar pendini alma,
Özüňi mübtela kylma,
Anka kapyr bilen bolma,
Diýr Şahymerdan seniňdir.
Elkyssa, Şahymerdan bu sözi aýdyp, at sürüp gelen kişä:
- Eý, bahadyr, ýüzüňden perdäni götergil, göreýin, ondan soň adyňy beýan
kylgyl, ölseň binamy-nyşan ölmegil – diýdi.
124
Erse, şazada:
- Nykabymy götermez we adymy hem beýan kylmaz men. Towakkyf kylmagyl.
Eger herne güýjüň bolsa görsetiň – diýdi.
Ondan soň Şahymerdan bu sözi eşidip, dergahar bolup, Düldüli ymam tarapyna
sürdi. Şazada Huda we Resulyň hormaty üçin nalaç bolup, atynyň başyny atalaryna
garatdy. Hezreti Aly ot dek gyzaryp, amudyny ymama howala kyldy. Ymam ret
kyldy, ondan hem myrat hasyl bolmady. Elgaraz, ata-ogul çäştgähden tä peýşingeçe
dalaşdylar, amutbazlyk kyldylar, myrat hasyl bolmady. Ahyr Hezreti Aly dergazap
bolup: «Eý-ä toba, şundag adam bile munça talaş kylmak maňa ar ermersmi?» diýip,
Zülpükaryn çykaryp, «Iki bölek kylyp taşlaýyn» diýip, howa göterip, «Ýa ResulyHuda!» diýip, şazadanyň başyna urar boldy. Ymam habar tapyp, başyna ýetirmeý
Zülpükaryň ujundan tutdy.
Elkyssa, Hezreti Aly bir ýana dartdy, ymam bir ýana dartdy. Iki şiriň zorundan
Zülpükar baldagyndan syndy. Tyg tarapy ymamyň gollarynda galdy, destesi Hezreti
Alynyň gollarynda galdy. Ondan soň Hezreti Aly perýat kylyp:
- Eý, bahadyr. atdan ýere düşgül, men hem Düldülden ýere düşeýin, ikimiz
biraz talaş kylaly – diýdi. Erse, ymam:
- Eý, şiri-Dergäh, ajap bolar – diýip, ikisi atdan düşdüler. Biri-birleriniň
kemerinden tutup zor kyldylar kim, älemi şur-pygan tutdy. Kyýamat kaýym bolan
dek halaýyklar zar-zar ýyglap, haýran boldular.
Elkyssa, iki dilawer tutuşyp, ýörip erdiler. Ymam Hasan, ymam Huseýin we
jemi leşger perýat kylyp: «Päk-ä, Perwerdigär-ä, Hezreti Alyny Özüň «Şirim» diýip
Sen, Özüň penahyňda sakla, Seniň dergähiňe howala kyldyk» diýip, pygan
göterdiler.
Elkyssa, ata-ogul peýşinden tä namazy-digergeçe talaş kyldylar, myrat hasyl
bolmady. Hezreti Aly zyýada dilteň boldy. Ondan soň, ymam Muhammediň
köňülleri perişan bolup: «Wadaryg-a, atamyza köp biedeplik kyldym» diýip,
ýüzlerinden nikabyny alyp, «Essalamu aleýkum» diýip, atalaryna salam berdi.
Şahymerdan salamy alyp, garasa, özüniň jigerparalary ymam Muhammet turar.
Hezreti Aly:
125
- Eý, perzent, bu niçik biedeplik turar – diýdi.
Erse, ymam şiri-Dergähiň aýaklaryna ýykylyp, zar-zar ýyglap bir söz aýtdy:
Hezretiňe biedeplik eýledim men, eý ata,
Bisebäp ýokdur bu iş Şahymerdany-Huda.
Äht edip, çykdym bu kapyrlar bilen meýdan era,
Bir günäh kyldym, geçirgil, boldy ruhsarym gara,
Afuw kylgyl, bolmaýyn şermendeýi-rozy-jeza.
Ýok idi köňlümde mundag işler, eý aly makam,
Niçe kapyrlar meniň-le kyldylar ähdi-aman,
Kakdylar adyma tebli-jeňňi sansyz bul zaman,
Segredip meýdana Rahşymy sürüp çykdym heman,
Afuw kylgyl, bolmaýyn şermendeýi-rozy-jeza.
Niçe wagtdyr uşbu kapyrlara boldum hemneşin,
Bir Hudanyň hormatyn orta saldylar hemin,
Gözüme boldy garaňky asman bile bu zemin,
Üzmegil menden şepagat, rehmeten lil- älemin,
Afuw kylgyl, bolmaýyn şermendeýi-rozy-jeza.
Bir günä kyldym ki hiç kylmagaý mundag günäh,
Her kişi kylsa, bolar magşar güni haly tebah,
Toba kyldym, eden jürmüme bolgaý siz güwäh,
Arzy-ahwalym budur, babam haky, eý kyblagäh,
Afuw kylgyl, bolmaýyn şermendeýi-rozy-jeza.
«Bir eziz başyň üçin» diýp, maňa niçe biukul,
Tutdular ýüz hormatyny hem Huda bile Resul,
Aýtdy «Ataň başyn söýseň, muny kylgyl kabul»,
126
Läjerem meýdana girdim hatyrym eýläp melul,
Afuw kylgyl, bolmaýyn şermendeýi-rozy-jeza.
Uşbu söz ile şa Anka bilen kyldym ýörüş,
Tebli-jeň kakdyrdylar, kernaý-u surnaý hem huruş,
Aýtdy şazada ki geldim, sap çekip kyldym turuş,
Rugsadym ber, gaýta kapyrlar bile eýleý uruş,
Afuw kylgyl, bolmaýyn şermendeýi-rozy-jeza.
Elkyssa, şazada bu sözi aýdandan soň, Şahymerdan: «Eý, balam, Huda bile
Resulyň hormatyny orta salan bolsa, günähiňi ötdüm» diýdi.
Ondan soň, ata-ogul kapyrlar tarapyna at goýdular. Nagra dartyp, hemle
kyldylar. Kapyrlar her haýsy bir ýana gaçyp, birniçesi aýak astynda paýmal bolup
galdylar. Elgaraz, şiri-Dergäh kapyrlary rehim kylmaý, gyrar erdi. Nägäh şa Anka
şazadanyň aldyndan ýolugyp geldi. Emma şazada at üstünden tutup, iki elin
arkasyna baglap, boýnuna gyl salyp, alyp geldi. Şahymerdan hem kapyrlary gyryp,
gyzyl gana boýalyp turar erdi. Jemi kapyrlar haýran galyp «El aman-el aman» diýip
kyçgyryşdylar. Emma Şahymerdan barçasyna iman arz kylyp oturyp erdi. Şol wagt
şazada ymam Muhammet Anka şanyň iki goluny arkasyna baglap, at aldyna saldy.
Emma Şahymerdan nazar kylyp aýtdy:
- Eý balam, bu kimdir?
Onda ymam:
- Eý pederi-büzürgwar, bu Anka kapyr turar, muňa iman arz kylyň – diýdi.
Hezreti Aly Şahymerdan Anka pendi-nesihat berip bir söz aýtdy. GazalyŞahymerdan bu turar:
Hudanyň birliginden bolma gapyl, eý, şa Anka,
Huda birdir, Resul – berhak, gümanyň bolmasyn hälä,
Köňül aýnasyna küfri-zulmat kylma, röwşen kyl,
Bu hal ile geçirseň ömrüňi perýady-waweýla.
127
Buýuran emri-nehin, jany-dil bilen kabul kylgyl,
Magasy bendesi taňla bolar şermendeýi-ryswa.
Getirgil sydky-yhlasyň bile, bol dahyly-iman,
Gözüň aç, nury-Hakdan gitme hasrat bile näbina.
Agardy saç-sakgalyň, ajaldan sen heniz gapyl,
Gadam goý ileri, ömrüň ötüpdir, bolma biperwa.
Kişi kim bendelik eýläp, buýurgan emrini tutgaý,
Kyýamat gün mekany bolgusydyr jennetil-mägwa.
Eşitgil Şahymerdanyň sözün, gaýtarma ýüz ondan,
Kyýamatlyk byradar bol meniň-le rozy-magşara.
Elkyssa, Şahymerdan bu sözi aýtdy. Erse, şa Anka ýerinden turup, küfr-u
zulmatdan aýrylyp, musulman boldy. Şahymerdan şa Ankany gujaklap alyp, bisýar
nowazyş kyldy we ýene welaýata patyşa kyldy. Emma Şahymerdan:
- Eý şa Anka, oşol Tugra gyzyňy Jemhura berseň? – diýdi.
Onda şa Anka:
- Eý, şahy-älem, gyz bile ogul siziň bendäňiz turarlar, siz biler siz – diýdi.
Şahymerdan maslahat kylyp, nikahy- musulmançylyk bile Tugrany Jemhura
tabşyrdylar. Emma oşol wagtda şazadanyň ýary ýadyna düşüp, perişan bolup, zarzar ýyglap, bu gazaly aýdar erdi:
Jemhur köňül beren nigärin aldy,
Meniň köňlüm alan nigärim hany?
Şat olup goluny boýnuna saldy,
Meniň köňlüm alan nigärim hany?
128
Yşkyň efsanasy başdan ötüpdir,
Her kime bir dürli jepa ýetipdir,
Kim köňül beripdir ýaryn tapypdyr,
Meniň köňlüm alan nigärim hany?
Mesti-haýran boldum, bilmedim özüm.
Men kime aýdaýyn elemlik sözüm,
Ýar ýoluna bakyp, telmurdy gözüm,
Meniň köňlüm alan nigärim hany?
Bu ülkeden göçüň, munda duralmam,
Sagynyp ýarymy hergiz görelmem,
Ol munda gelelmes, men hem baralmam,
Meniň köňlüm alan nigärim hany?
Göýä, ki bilbilem galdym kapasda,
Ýarymy ýat edip her bir nepesde,
Ýarym galdy, wa hasrat-a, Kamusda,
Meniň köňlüm alan nigärim hany?
Niçe aýlar ötdi, niçe zamanlar,
Meniň bilen ülpet bolan ýaranlar,
Leşgere baş bolan beg-u soltanlar,
Meniň köňlüm alan nigärim hany?
Ah diýsem, älemi harap eýlärem,
Bu janymy indi azap eýlärem,
Bagrymy otlara kebap eýlärem,
Meniň köňlüm alan nigärim hany?
129
Şazada biçäre ne alaç etsin,
Başyn alyp ýurtdan ýurtlara gitsin,
Şahri-Kamusdaky ýaryn ýat etsin,
Meniň köňlüm alan nigärim hany?
Elkyssa, şazada bu sözi aýtdy. Ondan soň, şa Anka şazadany ogul okunyp,
gaýta başdan toý berip, halaýygy hoşwagt kyldy. Ondan soň Şahymerdan şähriKamusa gaýtmakçy boldy. Şazada ymam Muhammet Tugrany kyýamatlyk siňli
okundy.
Şahymerdan Anka: «Her wagt saňa duşman peýda bolsa, Medinä kişi ibergil,
inşa Alla, gelip medet berermiz» diýdi.
Emma Şahymerdan: «Şähri-Kamusa gaýdybergil» diýip leşgere jar urdurdy.
Elkyssa, Şahymerdan, ymam Muhammet leşgere baş bolup gaýtdylar. Emma Anka
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zeýnelarap - 7
  • Parts
  • Zeýnelarap - 1
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 1827
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 2
    Total number of words is 4075
    Total number of unique words is 1602
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 3
    Total number of words is 3978
    Total number of unique words is 1730
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 4
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1741
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 5
    Total number of words is 3927
    Total number of unique words is 1697
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 6
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 1663
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 7
    Total number of words is 3474
    Total number of unique words is 2203
    22.8 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 8
    Total number of words is 1884
    Total number of unique words is 1471
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.