Latin

Zeýnelarap - 5

Total number of words is 3927
Total number of unique words is 1697
25.8 of words are in the 2000 most common words
36.8 of words are in the 5000 most common words
43.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Yzyndan çüsti-çapyk ýetip, jellatlara: «Bir zaman sabyr kylyň, atama bir keleme
sözüm bar» diýip, atasy ýanyna girip gitdi. Baryp, iki golun elip-lam kylyp:
- Eý, şahy-älem, bir sözüm bar, arz etgeli geldim – diýdi. Erse, patyşa:
- Ne arzyň bar, şolar üçin geldiňmi ? – diýdi. Tugranyň apasy:
- Pederi-mähriban, şol ýigit bile Tugrany ölüme buýran eken siz. Tugradan hiç
perwaýymyz ýok, welemma şol ýigidiň pişanasyny ýagşy görer men. Bu suratly
ýigit haly bolmasa gerek. Şol ýigit älemde manendi ýok bir bahadyr turar ýa
bolmasa şazada turar. Hälä bihuş turar. Eý, pederi-mähriban, hiç bolmasa huşuna
gelginçä goýuň, huşuna gelsin, asly zatyny sorap, ne haly baryny biliň , ondan soň
ne iş kylsaň kyl. Binägäh bir bahadyr bolsa, ýa bir şazada bolsa, soňy puşeýman
bolar, size peýda kylmaz – diýip arz kyldy. Erse, şa Ankanyň gahary endek teskin
tapyp:
- Ondag bolsa, jellatlara kişi iberiň, gaýtarsyn – diýdi.
Erse, Tugra bile şazadany Ankanyň aldyna alyp geldiler. Şazadany kapyrlar
görüp, haýran boldular. Huş başlaryndan uçdy. Şol wagtda ymam Muhammediň
keýpiýetleri gidip, kem-kemden huşuna geldi. Binägäh, gözüni açyp gördi,
degrelerini sansyz kapyr alyp durar. Tamamy golunda amudyn guçup oturar. Emma
şazada dogrusyna garasa, törde bir kapyr tagtyň üstünde oturypdyr. Başynda kulahyzerrin, egninde jamaýy-surh, sakgalynyň her muýyna bir merweridi zynat üçin asyp
turar. Emma şazada biçäre: «Eý-ä, toba, bu ne syr boldy! Hudawend-a, ýene meni
niçik belaga giriftar kyldyň?» diýip, bu jaýlara düşenine, ata-ene, hyş-tebaryndan
aýrylanya zar-zar ýyglap, pelekden şikwe-şikaýat kylyp, goluna sazyn alyp, bir söz
aýtdy:
85
Köňlüm şat olmady senden bir zaman,
Duşman aldy degre-daşymy, pelek,
Mysapyr ýerlerde eýlediň haýran,
Kapyrlar bitirer işimi, pelek.
Kapyrlar ählini ygtyýar edip,
Ilimden aýyrdyň bidiýar edip,
Ankanyň Damyna giriftar edip,
Gül ýüzüme döküp ýaşymy, pelek.
Niçik şiwe eýläp, aklym aldyrdyň,
Bendi-zynjyr aýagyma saldyrdyň,
Janym alyp, arman bile öldürdiň,
Garyplara goşup läşimi, pelek.
Jebri-jepa erer daýyma işiň,
Hile-tezwir turar barça kylmyşyň
Gapyl tapyp ahyr bitirdiň işiň,
Awy goşup berdiň aşymy, pelek.
Şazada diýr, gamda köýdürdiň meni,
Uçar ganatymy gyrdyrdyň meni,
Zeýnelarap ýardan aýyrdyň meni,
Uzak saldyň haýl-u hyşymy, pelek.
Elkyssa, şazada bu sözi aýdyp bolandan soň, başyny göterdi. Hudany ýadyna
salyp, kapyr tarapyna der gahar garap:
86
- Eý kapyrlar, meni mundag belalara griftar kylyp siz. Eger ki bu beladan
gutulsam sizi niçik kylar men– diýdi. Şol wagt kapyrlar arasyna gowga düşdi.
Şazada garap:
- Eý, beçjeýi-nadan, halyň şul ermesmi, niçik biler sen özüňi? – diýdiler.
Onda şazada:
- Eý kapyrlar, men özümi şir, sizi rubah bilermen. Ne peýda, şiri bir hile bile
tutup siz. Eý, kapyrlar, Hezreti Adamdan bäri şunça bahadyr ötüp turar we patyşa
ötüp turar. Hiç kim mundag nämakul işi kylan ermesdir. Siziň özüňiz ne bolgaý siz,
patyşaňyz ne bolgaý?– diýip, bir zor kyldy, kement üzülmedi. Ol wagt şazada biçäre
başyn guý saldy. Kapyrlar muny görüp:
- Elhezer, elhezer! Bu kudek şundag bendiň içinde ýatyp howp etmez, eger bu
sözleri aýda turar bolsa, tarabsyz pälwan turar, ýa bolmasa şazada turar – diýip,
haýran galdylar.
Tamamy-sypahylar howatyra düşdüler. Ondan soň şa Anka şazadanyň bu
sözüne zowky gelip:
- Eý, ýagşy ýigit, kaýdan gelip, kaýda barar sen, menzil-mekanyň kaýda turar?
Beşermi sen ýa peri? Rast aýtgyl – diýdi. Onda şazada:
- Eý, şahy-älem, meniň adym ymam Muhammet turar, atam hem bir şäherde
halypa turar, özüm güýjüme ynanyp, pälwanlyk talap kylyp çykyp erdim. Hudanyň
hasty bile gelip, siziň bendiňize giriftar bolup men – diýdi.
Erse, kapyrlar bu sözi eşidip: «Bu ne bela erdi» diýip, her haýsy bir ýana
gaçdylar. Ondan soň özlerini togtadyp, şa Anka:
- Eý, juwanmert, eger medineli bolsaň, Aly diýen bir är bar ermiş. Ony bilermi
sen? Eger bilseň, bize şonuň halyndan habar ber – diýip, şazada garap, bir söz aýtdy.
Gör-bak näme diýýär:
Anka:
Senden sowal sorsam, merdana ýüzlim,
Medinede bir är nyşany barmyş?
Bilseň beýan etgil, azada sözlim,
Ýowuz günde Rüstem anany barmyş?
87
Şazada:
Menden jogap eşit, eý şahy-Anka,
Medinede bir är nyşany bardyr.
Ady Aly, çykar her ýana tenha,
Söweşmäge Rüstem anany bardyr.

Kimdir kylan bahadyrlyk dawasyn,
Ilden-ile salyp uruş gowgasyn,
Ol ne atdyr sözlär, tanyr eýesin.
Özi ýaňlyg sahypkyrany barmyş?

Aly eýlär bahadyrlyk dawasyn,
Ilden-ile salar uruş gowgasyn,
Düldül aty sözlär, tanyr eýesin,
Zülpükary – sahypkyrany bardyr.

Sözlemişdir ýene hekaýat kylyp,
Hudany bir diýmiş, rowaýat kylyp,
Muhammet dinine delalat kylyp,
Pygamberi-ahyrzamany barmyş?

Alydyr sözleýir niçe kelama,
Huda birligine bitipdir nama,
Barçany delalat eýlär yslama,
Pygamberi-ahyrzamany bardyr.

Ol kimsedir bir bahadyr uruşsa,
Naýza alyp, meýdan era duruşsa,
Nägehandan onuň bile göreşse,
88
Şiri-jahan bolsa amany barmyş?

Aly bile hiç kim uruşa bilmez,
Aldynda hiç kimse duruşa bilmez,
Menden özge hiç kim göreşe bilmez,
Şiri-jahan bolsa amany bardyr.
– Anka aýdar, ýagşy görüp bildiňmi,
Onuň bilen desti-bazy kyldyňmy,
Güýç-kuwwaty ýene bilip aldyňmy,
Müň batman amudy-gerany barmyş

Şazada diýr, meni ýykany ýokdur,
Ýykyp, synam üzre çykany ýokdur,
Ruhsaryma her-kes bakany ýokdur,
Müň batman amudy-gerany bardyr.
Elkyssa, şa Anka bile şazada bu sözi aýdyşyp bolandan soň, patyşa özün
tagtyndan taşlap, şazadanyň gadamyna düşüp:
- Eý, şazada, Tugra gyzym hem siziň keniziňiz bolsun, özüňiz perzendim boluň
– diýip, köp nowazyş kyldy we ýene:
- Eger Aly gelse, onuň bile desti-bazy kylarmy sen? – diýdi. Erse şazada:
- Elbetde, kylar men – diýdi. Erse:
- Ondag bolsa tagtymy-täjimi berer men. Maly-mülkümi, yklym-welaýatymy
size tabşyrdym – diýdi.
Erse, olturan mähremler:
- Eý, şahy-älem, meger sen diwana bolup sen? Ýa seni jadylap turar, bu kudegi
görmeý-bilmeý niçik tagt-täjiňi berer sen? Eger muňa tagty berer bolsaň, Biperwa
bahadyry getirsinler. Onuň bile tutuşsyn. Biperwa takat getirse, ondan soň bilermiz,
Aly bile tutuşany rast turar. Eger tap getirmese, mekkar turar, ýurdumyzyň ýagşy89
ýamanyny bilmäge gelendir – diýip, bu oturan mähremler patyşa geňeş berdiler.
Patyşa bu söz makul boldy. Şazada garap:
- Eý juwanmert, bir pälwan bardyr, adyna Biperwa diýerler. Şol pälwany
Hezreti Alynyň şanyna bakyp goýupmyz. Eger şol pälwany getirip göreşdirsek
göreşe bilermi sen ? – diýdi.
Şazada sözlemeý başyny aşak salyp oturdy. Ondan soň patyşanyň mähremleri:
- Eý, şahy-älem, biziň sözümiz hiç wagtda ýalan çykan ermesdir, weliken, bu
ýigidiň dersin soýup, saman dykyp derwezeden asmak gerek – diýip, her haýsy bir
duşman kyldylar. Ondan soň patyşa şazada garap:
- Eý kudek, Alyny görüp, tutuşdym diýeniň ýalan eken. Eger rast bolsa,
mundag ýere garap oturmas erdiň – diýdi. Erse, şazada başyn göterip:
- Eý şahy-Anka, patyşa bolan kişi bir sözden gaýtmas erdi. Mähremleriň sözüne
garap, kowluňdan döndüň. Indi şul gün Hudanyň takdyry bile seniň bendiňe giriftar
bolup men. Eger şol aýdan bahadyryň bile tutuşsam hem öldürer sen, tutuşmasam
hem öldürer sen. Şundag pälwan bolsa, alyp gelsinler, tutuşaýyn – diýdi.
Elkyssa, kapyrlar patyşanyň emri bile ýüwrüp baryp, Biperwany zynjyrdan
bikär kylyp, sag ýanyndan ýetmiş kapyr, sol ýanyndan hem ýetmiş kapyr tutup,
Ankanyň aldyna alyp geldiler. Erse, patyşa wezir-wekilleri bilen jaýlaryndan turup,
orun berdiler. Ondan soň Biperwa bahadyr:
- Eý, patyşahy-älem, ne hyzmat boldy? – diýdi. Erse, patyşa:
- Şundag bir kudek gelip turar. «Men medineli men» diýer. «Aly bile göreş
tutdum, Aly meni ýyka bilmedi» diýer. Munuň şol sözi bile tagty-täjimi berer
boldum. Onda mähremler: «Eý patyşahym, bu kudegiň sözüne ynanyp, tagtyňy
bermegil, Biperwa bahadyra kişi iber, ikisi tutuşsyn, ondan soň ne haly bar bolsa,
bilip bir iş kyl» diýdiler. Onuň üçin seni getirdik, ine, kudek bile göreş tutar sen –
diýdi.
Erse, Biperwa bahadyr bu sözi eşidip, şazada garap:
- Eý, kudek tutarmy sen? – diýip, bir nagra urdy, zemin-zaman lerzana girdi.
Emma şazadanyň hem tenine titreme düşüp, bikarar boldy. Weliken, bent içinde,
jem etraplary demir bile mäkäm kylynan, ýesiri-bendi-kapyr bolup, mysaly
90
kapasadaky toty dek saýrap, Hudany ýat edip: «Hudaý-a, ýarymy görmeý ölsem,
armanly öler men» diýip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, Hudaýa mynajat kylyp,
bir söz aýtdy:
Eý, Hudaý-a, uşbu gün jansyz öler men, wadaryg,
Bendi-kapyrlarda, meýdansyz öler men, wadaryg.
Rahşymy sürmeý ki jöwlansyz öler men, wadaryg,
Dünýäde bi bezmi-döwransyz öler men, wadaryg,
Görmeý ölsem ýarym, armanly öler men, wadaryg.
Ady Haýdar, şiri-dergähi-Ylahydyr lakap,
Bolsa gamhorum bolardy hany ol käni-edep,
Bu belalara ýolukdym, bilmedim nedir sebäp,
Ýaşlygymda köňlüm alan erdi ol Zeýnelarap,
Görmeý ölsem ýarym, armanly öler men, wadaryg.
Uşbu müşgil gün Aly atly hyrydarym hany?
Hem Hasan bile Hüseýin ol iki dildarym hany?
Kim baryp aýdar bu halym ol eneýi-zarym hany?
Il-urug hem kabylam, hyş-u tebarym hany?
Görmeý ölsem ýarym, armanly öler men, wadaryg.
Munça kapyr kast edipdir uşbu misgin janyma,
Rehim kylmazlar, gulak salyp çeken efganyma,
Waý, Aly atly Huda arslany gelmez ýanyma,
Ýyglamaý neýleý ki köňülde galgysy armanyma,
Görmeý ölsem ýarym, armanly öler men, wadaryg.
Eý sypatyň, zaty-päkiň kulhu Allahu ahat,
Men sygyndym ysmatyňa uşbu gün kylgyl medet,
91
Dergähiňden uşbu gün misginiň dogasyn kylma ret,
Hamdyňy aýdar Muhammet binehaýat-biadet,
Görmeý ölsem ýarym, armanly öler men, wadaryg.
Elkyssa, bu sözden soň Biperwa bahadyr şazada garap:
- Eý kudek, biziň bilen göreş tutarmy sen? – diýdi. Şazada öz hapalygy üçin
sözlemedi. Ondan soň Biperwa bahadyr şa Anka garap:
- Eý patyşahym, şol kudegiň sözi bile maňa kişi iberip, bu ýere getirermisiz. Bu
oglanyň başyna iş düşüp, ölümden halas bolmak üçin aýdyp durar. Ol «Biperwa
bahadyr bile tutuşar men» diýenine puşeýman kylyp turar. Haýsy akyl kişi şol
kudegi bahadyr diýip aýdar. Bahadyrlyk dawasyn kylyp, kişi bile tutuşmak asan
ermesdir. Hususan, biziň dek bahadyr bile bu kudegiň tutuşmagy muhaldyr – diýip,
köp-köp lap urdy. Erse, şazada başyny göterip:
- Eý kapyr, hälä ne kyldyň, munça lap urar sen, heniz tutuşmasaň, meniň
kuwwatym bary-ýoguny bilmeseň. Meniň bile tutar men diýeniň rast bolsa, bäri
gelgil – diýip, bir zor kyldy. Erse, baglap goýan kementleri para-para boldy. Ondan
soň şazada mest düýe dek kükräp, meýdana ýöriş kylyp:
- Eý Biperwa kapyr, gelgil, tutuşar bolsaň – diýdi.
Erse, Biperwa hem dergazap bolup, jaýyndan turup, Ankadan pata alyp, LatMenatdan medet diläp, ýüz-müň şany-şöwket bile şazada garap ýörüş kyldy.
Meýdanyň bir başynda şazada, bir başynda Biperwa durup, bir-birlerine hemle
kyldylar. Anka şa bile wezir-wekil, umara-fuzala, şa-geda hem ýedi ýaşardan tä
ýetmiş ýaşaraça tomaşa çykyp, meýdanyň başynda durdular. Ondan soň şazada bile
Biperwa bahadyr bir-birine penje saldylar. Biperwanyň penjesine şazadanyň penjesi
galyp geldi. Ondan soň gollaryny bir-birinden jyda kylyp, dest be giriban tutup
alyşdylar. Biperwa şazada garap:
- Sen owwal zor kyl – diýdi. Onda şazada:
- Biz nobaty kapyrlara berermiz, owwal sen zor kyl – diýdi. Ondan soň Biperwa
bahadyr şazadanyň giribanydan tutup, bir zor kyldy, tebrete bilmedi, iki zor kyldy,
92
tebrete bilmedi, üç zor kyldy, onda hem bolmady. Otuz iki emeliniň bolanyny synap
gördi, bolmady. Ahyr şazada garap:
- Eý, kudek, meger aýagyň ýedi ýeriň astynda durarmy? Meniň şul zorumda
çynar hem bolsa damary bile goparar erdim, seni tebrete bilmedim – diýdi.
Erse, şazada:
- Eý, kapyr, seniň köňlüňde zerre arman galmasyn, zor edibergil – diýdi.
Erse, Biperwa bahadyr:
- Eý, kudek, mende hiç nobat galany ýok, indi nobat senden turar – diýip durdy.
Ondan soň şazada dergazap bolup zor kyldy. Dyzlarygaça göterdiler, ýene bir zor
kylyp, gol ujuna alyp, aýlandyryp-aýlandyryp, «Ýa Hannan, ýa Mennan, ýa
Resulalla, Allahu-ekber» diýip ýere urdy. Tamamy-ustuhanlary gert-gert bolup, jany
melekil-möwt bazaryna gapan-terezi alyp, duz satmaga gitdi.
Ondan soň, şazada mysaly-ot dek bolup gyzaryp, kapyrlara hemle kylyp, bir
başdan gyryberdi. Emma kapyrlar bu haly görüp, her haýsysy bir ýana gaçyberdiler.
Ýene kapyrlar:
- Eger adam neslinden bolsa, Aly turar, eger Aly bolmasa, Alynyň ogly turar,
eger Alynyň ogly hem bolmasa, döw ýa peridir – diýip, gamyş dek titräp, her haýsy
baş-başa bolup gaçyberdiler. Ondan soň wezir-wekil, atalyk-enelik hemme jem
bolup, şa Ankanyň aldyna gelip, arz kyldylar:
- Eý patyşa, ne hyýal kylar sen? Eger bolsa, Alydyr, Alydan başga adam bu
işleri kylabilmez – diýdiler. Patyşa:
- Ondag bolsa, saraýa baryp, bir habar alyp gelsinler hany. Alyny owwaldan
görüp bilen kişi barmy? – diýip emr kyldy. Erse, mähremler saraýa baryp: «Alyny
gören kişi barmy?» diýip, sorag kyldylar. Onda bir kapyr söwdagär bar erdi. Ol:
- Eý, mähremler, men Medinäniň Alysyny görüp men – diýdi. Erse, şol
sowdagäri alyp geldiler. Şa Anka aýtdy:
- Eý, söwdagär, Alyny owwaldan gören bolsaň, şol duran ýigit Alymy ýa Aly
ermesmi? Onda söwdagär:
- Aly turar – diýip, şazada garap, başyny titredip, goluna saz alyp, bir söz aýtdy:
93
Şahy-Anka, bu oglany görer sen,
Medine şährinden gelen Alydyr.
Bir bent edip, ýene halas eýlär sen,
Ülkäňize gyran salan Alydyr.
Bu jahanda niçe galany bozup,
Howaryjlar ganyn suw dek akyzyp,
Biperwa bahadyr başyny üzüp,
Alma kibi gola salan Alydyr.
Laty-Menat bolsun saňa medetkär,
Gaýtadan bendiňe eýlegil duçar,
Kast edip gelipdir saňa beýewar,
Zülpükaryn tenha çalan Alydyr.
Pent berip, keniziň aldaýyp tutan,
Bihuş bolup seniň bendiňe düşen,
Haýbar derwezesin asmana atan,
Jenädili weýran kylan Alydyr.
Söwdagär men, niçe günler ýörüp men,
Göz görmedik şäherleri görüp men,
Alyny görüp men, tanyp-bilip men,
Barçaga nyşana bolan Alydyr.
Elkyssa, söwdagär bu sözi aýtdy. Erse, Anka:
- Eý, bahadyrlar, ondag bolsa, durmaň tutuňlar – diýdi.
Kapyrlar çüsti-çapyk baryp, güwläp basdylar. Şazada bir Hudany ýat edip,
kapyrlary bir tarapdan gyrar erdi. Kapyrlaryň ölüsi harman-harman bolup ýatdy.
94
Elkyssa, şazada gyzyl gana batyp, her tarapa atyn çapar erdi. Gähi heläkete
ýetip, haldan gider erdi. Emma jem köçeler gana doldy. Kapyrlar pygany gögi
göçürdi. Şa Anka täsin galdy. Kapyrlaryň murdasydan at, kergerdan ýöribilmez erdi.
Emma şazada atdan düşüp, pyýada bolup, gyrar erdi.
Elkyssa, kapyrlar köpläp, orta aldylar. Emma şazada köp haldan gidip, bihuş
bolup ýatdy. Gyzyl gül dek bedenleri para-para bolup, jerahatlaryndan gan rowana
boldy. Emma şol wagt şazada zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, Hudaýa mynajat
kylyp, bir söz aýtdy:
Kerem eýläp meniň golum tutmasaň,
Dergähiňde garyp boldum, Hudaý-a!
Gudrat bilen Özüň medet kylmasaň,
Dergähiňde garyp boldum, Hudaý-a!
Gül dek tenim boldy ok bile para,
Azar berer birden birniçe ýara,
Neýleýin, ýalňyz men, men-bagtygara,
Dergähiňde garyp boldum, Hudaý-a!
Gyzyl gan men, tenim – açylan läle,
Pelegi göçürdi ah bilen nala,
Ýalňyz başym saňa kyldym howala,
Dergähiňde garyp boldum, Hudaý-a!
Sansyz leşger meni gymsap alypdyr,
Kyýamat şuruşy bul gün bolupdyr,
Reňgi-roýum ýalňyzlykda solupdyr,
Dergähiňde garyp boldum, Hudaý-a!
Garyplykda ýokdur meniň ýoldaşym,
95
Sen-Sen meniň elim tutar goldaşym,
Duşmanlar içinde bul garyp başym,
Dergähiňde garyp boldum, Hudaý-a!
Gözüm ýaşy akar suw dek, silindi,
Bagrym sansyz elem bilen dilindi,
Ýalňyz galdym, garyplygym bilindi,
Dergähiňde garyp boldum, Hudaýa!
Dergähiňe bu gün geldim amana,
Kerem kylyp, çykar ýagty jahana,
Şazada diýr, gutulmagym gümana,
Dergähiňde garyp boldum, Hudaý-a!
Elkyssa, şazada bu sözleri aýdyp, takdyry-Hudaýa razy bolup, başyny aşaga
salyp oturdylar. Emma kapyrlar gorkup, hiç biri bara bilmez erdiler. Elkyssa, şa
Anka kementbazlary getirip, bäş ýüz kement taýýar kylyp, şazadanyň üstüne
taşladylar. Şazadanyň tamam agzasy bent boldy. Şazada bir nagra urdy, kementler
mysaly tary-enkebut dek para-para boldy. Ondan soň birniçe kapyrlary gyryp,
dowzaha iberdi. Elkyssa, kementbazlar ýene ýüz kement taýýar kylyp, şazadanyň
üstüne taşladylar. Şazadanyň tamam agzalary bent boldy. Kapyrlar gelip, şazadanyň
gol-aýagyn baglap, boýunlaryna gyl salyp, şa Ankanyň aldyna alyp geldiler.
Patyşa: «Eltip zyndana taşlaňlar» diýdi.
Elkyssa, şazada biçäräni zyndana taşladylar. Emma şazada zyndanyň içinde
garyplyk başyna düşüp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, ýaryny ýat edip, bir söz
aýtdy:
Seni istäp çykyp, geldim şul ýana,
Bilmedim, jananym, halyň ne geçdi?
Ýusuby-Kengan dek düşdüm zyndana,
96
Züleýha nyşanym, halyň ne geçdi?
Men bu ýerde gaýgy bilen külpetde,
Zyndan içre jebir bilen mähnetde,
Sen haýsy ülkede, haýsy halatda,
Zülpi perişanym, halyň ne geçdi?
Seni kimden soraý, şikeste halyň,
Dilär men, istär men Hakdan wysalyň,
Gije-gündiz pikrim – seniň hyýalyň,
Matlabym-armanym, halyň ne geçdi?
Seýran edip Medinäniň çölünde,
Ýesir boldum gelip, Anka golunda,
Sen hem ýesirmi sen duşman elinde,
Täze nowjuwanym, halyň ne geçdi?
Gamgyn köňlüm hyýalyňdan sowatman,
Senden özge dilrubany ýat etmen,
Sen unutma, men hem seni unutman,
Täze gülüstanym, halyň ne geçdi?
Ýaşlygymda köňlüm alan nigärim,
Kyýamatlyk hemdem bolan dildarym,
Meniň munda ýokdur sabry-kararym,
Sen onda, myhmanym, halyň ne geçdi?
Şazada diýr, meniň üçin zarmy sen,
Ýa bolmasa gaýry bilen ýarmy sen,
Zeýnelarap, aman-esen barmy sen,
97
Jennetim-ryzwanym, halyň ne geçdi?
Elkyssa, şazada bu sözi aýdandan soň, zar-zar ýyglap, giriftary-zyndan bolup
ýatdy.
Indi sözi şa Ankadan aýdalyň. Elkyssa, şa Anka şazadany zyndana salandan
soň, Hezreti Aly hyýal kylyp guwanyp, halaýyga toý berip, owwalky halyny
unudyp, Rüstem ananlyk agaz kylyp, adyna sahypkyran goýdy. Ondan soň niçe
welaýatlara at çapdyryp, kişi iberdi, kim: «Söýünji, Alyny tutup, zyndana salyp
goýdum. Meniň kasdyma gelen erken. Lat-Menat mededi bile giriftary-zyndan
boldy» diýip, jar urdurdy.
Şa Anka sahypkyran bolup oltursyn,indi sözi başga tarapdan aýdalyň. Ymam
Muhammet Jemhury musulman kylmasdan burun, Jemhur Ankanyň gyzy Tugra perä
«Maňa gyzyny bersin» diýip sawçy iberip erdi. Şa Anka gelen kişä «Bererin»
jogabyn berip, iberip erdi.
Elkyssa, şa Anka Jemhura nama iberdi: «Owwal benamy-ataş, duwwum
benamy-Lat-Menat, siwwum benamy-maňa, şa Anka turar men. Jemhur beg, ägäh-u
dana bolsun kim, indi köňlümiz Alydan dyndy. Men Alyny tutup, zyndana saldym.
Indi Alyny öldürip, ondan soň toý kylyp, Tugrany alyp gitsin» diýip, kişi iberdi.
Şa Ankanyň iberen kişisi geledursun. Indi Şahymerdandan söz aýdalyň. Emma
Şahymerdan Ymlak bile Zeýnelaraby alyp, hoşwagt-u horram bolup leşgere geldiler.
Erse, ymam Muhammet görünmedi. Ymamzadalar aldyna pişwaz çykyp, Hezreti
Alyny zyýarat kyldylar. Şahymerdan: «Eý guzularym, ymam Muhammediňiz
hany?» diýip sorady. Ymam Hasan atalarynyň aldynda tagzym-towazyg bilre
ymama bolan wakalary beýan kylyp, bir söz aýtdy;
Bir gün leşger etrapyny aýlanyp,
Hökmüňizi Mälik rowan eýledi.
Bir kimsäni tutup alyp, sözledip,
Ol bir niçe sözi beýan eýledi.
98
Aýtdy: «Ymlak bu gün toýuny kyldy,
Zeýnelarap bile öýüne geldi,
Myradyna ýetip, goýnuna girdi,
Halaýygy şad-u handan eýledi».
Bu sözi Muhammet bir-bir eşitdi,
Mest bolup, şol zaman özünden gitdi,
Bilmedik kaý ýerde mesgenin tutdy,
Ruhsarasyn gözden nahan eýledi.
Hazansyz ruhsaryn eýledi hazan,
Üýn tartyp, üýn tartyp, eýledi pygan,
Mübärek hatyryn eýläp perişan,
Huda dergähinde aman eýledi.
Ymam Hasan aýdar, jigerparamyz,
Kaýan gitdi, tapylmady çärämiz,
Höküm eýläň her ýan istäp baramyz,
Haýsy bir ülkäni mekan eýledi.
Elkyssa, Şahymerdan bu sözi eşitdiler. Erse, hatyrlary perişan bolup: «Wa
daryg-a, perzendi-nury-didäm, balamdan aýryldym» diýip, köp nalan kyldy. Ondan
soň dergazap bolup, Ymlaga garap:
- Musulman bol, Hudany bir bil, Muhammet Mustapany pygamberi-berhak bil.
Seniň bilen ähdi-byradarlyk kylaýyn – diýdi. Erse, Ymlak kapyr:
- Men musulman bolmas men – diýdi.
Erse, Hezreti Aly Jemhura:
- Bu kapyry mähkäm baglap goýgul, şaýet, ymam Muhammet tapylsa, özi
öldürip, öjüni algaý – diýdi.
99
Erse, Jemhur Ymlagy bent kylyp goýdy. Ondan soň Şahymerdan perman kyldy,
leşgeri yslam atlanyp galaýy-Kamusy gurşap aldylar.
Ondan soň özi Düldüle münüp, Zülpükaryny gulapydan çykaryp, Düldüli
hendege tarap tutdy. Düldül janawer Hezreti Alynyň permany bile hendekden syçrap
ötdi. Ondan soň Hezreti Aly Şahymerdan baryp, derwezä bir amut urdy. Erse,
derweze synyp, galanyň burçlary ýykyldy. Elkyssa, Şahymerdan derwezäniň birin
alyp, hendege taşlady. Erse, köpri boldy. Ondan soň, Hezreti Aly leşgeri-yslam bilen
at goýup, hendekden ötüp gala girdiler.
Erse, Şahymerdan Katran şaha duş boldy. Hezreti Aly Düldüliň üstünden elini
uzadyp, Katranyň kemerinden tutup, iman arz kyldy. Katran betbagt iman getirmedi.
Hezreti Aly:
- Iman getirmeseň, jezaň şul turar – diýip, başyn kesdi. Jany melekil-möwt
bazaryna gapan-terezi alyp, duz satmaga gitdi.
Bir tarapdan şazadalar gyrgyn kylar erdiler. Elkyssa, galan barça kapyrlar jandil bile «El-aman! El-aman!» diýip, çagyrdylar. Şahymerdan: «Aman – nyşanaýyiman» diýip, olara rehimi gelip, Zülpükaryn gulapyna salyp, şepagat bile olara iman
arz kyldy. Emma uly-kiçi, barça musulman boldular. Elkyssa, Şahymerdan bu
şäheriň içi-daşyny bir-bir gydyrdylar, emma Muhammedi tapmadylar. Şahymerdan
perişan bolup, hiç kimden soragyn tapa bilmedi. Zar-zar ýyglap, Hudaýa zary kylyp,
bu gazaly aýtdy. Gazaly-Şahymerdan:
Istäp çyksam, gitsem seni yzlasam,
Baran ýeriň, balam, belli mekanmy?
Daglarda-düzlerde ýörsem, gözlesem,
Ýa bolmasa, istäp tapmak gümanmy?
Günbe-gün artypdyr derdi-pyragyň,
Takatym ýok turar, köýdürer dagyň,
Kimden yzlap alaý, seniň soragyň,
Kişi bilmez o ýanmydyr, bu ýanmy?
100
Gapyllykda, toty guşum, gaçyp sen,
Gözüň ýumup, bu ülkeden geçip sen,
Gonan gülşeniňde durmaý, uçup sen,
Gonan ýeriň mundan artyk bossanmy?
Galdyň haýsy gülşen bile çemende,
Haýsy bir ülkede, haýsy watanda?
Bary-ýoguň maňa boldy gümanda,
Baran ýeriň ilmi, çölmi, muganmy?
Salmaý gulak ataň beren pendine,
Mysapyr sen haýsy iliň kendine,
Ýesirmi sen ýa kimsäniň bendine,
Ýatan ýeriň hararatlyk zyndanmy.
Ne ýerden agtaryp tapar men seni,
Sergerdan eýlediň gamyňda meni,
Bir gün diýp äht etdiň, wepasy hany?
Ýalňyzym, barmy sen, esen-amanmy?
Şahymerdan, jiger ganyny içer,
Ýat edip, göz ýaşyn ýüzlere seçer,
Bilmedim men, seniň halyň ne geçer,
Öter günüň ýagşymydyr, ýamanmy?
Elkyssa, Şahymerdan bu sözi tamam edenden soň, perişan bolup:
- Eý, ýigitler, Muhammetden hiç nam-nyşan bolmady. Indi ne maslahat turar? –
diýdi. Erse, danyşmentler:
101
- Eý, Şahymerdan, köp bitakat bolmaň, inşa Alla geler, her tarapa ilçi iberiň,
Medine sary kişi iberiň, şaýet, bir ýerden nyşan tapgaý – diýdiler. Erse, Şahymerdan
bu sözi eşidip, ymam Hasany ýanlaryna çarlap, zar-zar ýyglap, ymam Hasana garap,
bir söz aýtdy. Gazaly-Şahymerdan:
Gözüm nury, jiger bendim,
Git sen, Hakdan aman yzlap.
Bar Medinä alyp pendim,
Muhammetden nyşan yzlap.
Aňla, guzym, uşbu sözi,
Ur Medine sary ýüzi,
Agtaryp dag bile düzi,
Eglenme bir zaman yzlap.
Tur, yrak etgil araňy,
Istegil jiger paraňy,
Agtaryp gitgil töräňi,
Ýyglagyl, suz-pygan yzlap.
Şähri-Medinäge bargyl,
Öý baryn agtaryp görgül,
Muhammet halyny sorgul,
Enesinden pynhan yzlap.
Aly aýdar, dildarym ýok,
Muhammet şahsuwarym ýok,
Tiz ýetişgil kararym ýok,
Atyň ýelden rowan yzlap.
102
Elkyssa, Şahymerdan bu sözi aýdyp, şazada ymam Hasany otuz kişä serdar
kylyp Medineýi-münewwere iberdi. Emma ol otuz kişi bilen şazada ymam Hasan
katgy-menäzil we taýy-merahyl kylyp, birniçe mütdeti ötürip, şähri-Medinä dahyl
boldular.
Emma şazada ymam Hasan ahysta-ahysta öýlerine bardy, enelerini zyýarat
kyldy, emma hatyrlary perişan, gözlerinden katra-katra ýaş döküp, şazada ymam
Muhammediň enelerinden bu syry pynhan saklap, zar-zar, çün ebri-nowbahar
ýyglap, eneleri Patmaýy-Zähradan Muhammedi sorap, bir söz diýenleri bu turar:
Atamyzdan beýle peýam getirdik,
Gamhor enem, gamhor inim geldimi?
Niçe gündür Muhammedi ýitirdik,
Hemra giden dildarymyz geldimi?
Pelek oňa beýle jepa edipdir,
Höwes bilen sähra ýolun tutupdyr,
Bir dilbere onuň köňli gidipdir,
Sebze kylan baharymyz geldimi?
Kişi bilmez nedir hökmi-Ylahy,
Ýar istäp, azaşyp gidipdir rahy,
Enesi goýnudan çykmagan mahy,
Körpe guzy, goçgarymyz geldimi?
Aşyklyk söwdasyn başyna dakyp,
Gidipdir muhabbet bahryna akyp,
Enesi galypdyr ýoluna bakyp,
Ter açylan gülzarymyz geldimi?
Atamyz gamyndan köýerler bişip,
103
Hasrat bile pelek bagryny deşip,
Men yzlap gelip men bu ýola düşüp,
Jandan artyk jananymyz geldimi?
Elkyssa, şazada ymam Hasan bu sözleri aýtdy, erse, Patmaýy-Zähra bu sözleri
eşidip, zar-zar ýyglap:
- Eý jigergüşäm, balam munda gelmedi – diýdi.
Erse, ymam Hasan aýtdy:
- Eý walydaýy-mähriban, pedermiziň amanat sözlerin aýdaýyn, ol: «Bu sözi
ymam Muhammediň enesi bibi Hanypa bilmesin, bu syry pynhan tut» diýip erdi.
Elkyssa, Bibi Hanypa bildirmän şäher halkyndan sordular, hiç nam-nyşan
tapmadylar. Emma bu pynhan sözler halaýyga äşgär boldy. Ymamyň enesi biçäräniň
gulagyna degdi. Erse: «Waweýla, balamdan jyda bolanga ogşarmen» diýip, perýat
kylyp, ýakasyn çäk edip, ýüz-müň nala bilen Patmanyň aldyna gelip: «Eý ýarykyýamat, rast sözle, ol tarapdan ne habar bar turar?» diýip, Patmaýy–Zähraga garap,
çün ebri-nowbahar ýyglap, bir söz aýtdy:
Jigerbendiň ne söz bile gelipdir,
Hakykatyn maňa kylgyl hekaýat!
Menden gaýry her bir ulus bilipdir,
Men bilmesem, maňa bolgaý ne halat!
Muhammet saryga hyýalym maýyl,
Şur-u pygan eýlär il-u kabaýyl,
Aklym gidip, huşum bolupdyr zaýyl,
Başyma düşen dek wehmi-kyýamat.
Rişteýi-rozgärim ötüp baradyr,
Ajal gelip ýakam tutup baradyr,
104
Ruhum öçüp, janym çykyp baradyr,
Muhammet barmykan asla salamat?
Men bilmezem jyda bolar ogşadym,
Ýalňyz galyp, ganlar ýyglar ogşadym,
Duşman tagnasyndan öler ogşadym,
Gulagyma geler sowty-nedamat.
Hanypa diýr, arzym budur, aňlagyl,
Ne söz bar arada beýan eýlegil,
Meniň kyýamatlyk doganym bolgul,
Ataň aýdan sözi kylgyl delalat.
Elkyssa, bibi Hanypa bu sözleri tamam edenden soň, Patmaýy-Zähra hem bolan
wakalary bir-bir beýan kylyp, bibi Hanypa garap, zar-zar ýyglap, bir gazal aýtdy:
Muhammet beýanyn eşitgil, janym,
Owwalan yşk ýolun tuta gidipdir.
Duganam-munysym, iki jahanym,
Söweriň yhtyraz ede gidipdir.
Bilmez kişi, gidipdir ol kaýana,
Olar yzlap gelip erken bu ýana,
Köňül berip bir dilberi-janana,
Hasratyndan ganlar ýuwta gidipdir.
Söwer ýaryn aldyrypdyr elinden,
At çapypdyr Aly giden ýolundan,
«Habar alyň» diýip, Mekge ilinden,
Barçasy göz ýumup öte gidipdir.
105
Hemra baryp, kapyrlary gyranda,
Bölek-bölek kylyp, her ýan sürende,
Agalary bile oýnap ýörende,
Tiri-yşky birýan ede gidipdir.
Gidenini hiç kim bile-bilmeýdir,
Ýaryny aldyryp, ala bilmeýdir,
Patma diýer, takat ede bilmeýdir,
Yşk bahryna birden bata gidipdir.
Elkyssa, Patmaýy-Zähra bu sözi aýtdy. Erse, Hanypa köp pendi-nesihat berip:
- Eý, ýary-doganam, Hudaýa şükür kylgyl, her iş bolsa, Hudaýdan turar –diýdi.
Emma Hanypa oglunyň halyny bul mertebede eşidip, perýady-pygan kylyp, gözüniň
ýaşyny derýa dek rowana kylyp, birniçe zagypy ýoldaş edip, bir çadyry başyna
bürenip, pygamber sallallahy alaýhy wesellemiň rowzalaryna baryp, gabyrlaryny
gujaklap, gözüni-ýüzüni sürtüp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, ýüzüni kybla
garadyp, bu sözi aýtdy:
Bu aly astanyňy rowa kyl, ýa Resulalla,
Gelip men ýüz tutup, gamdan reha kyl, ýa Resulalla!
Eý-ä, eý, serweri-täji, hemme şalar şahynşahy,
Şepagat bile köňlümi ryza kyl, ýa Resulalla!
Sypatyň rehmeten lil-älemindir, hiç şek bolmaz,
Men bagtygaraga bir doga kyl, ýa Resulalla!
Habybym diýip iberdi şanyň üçin täji-luwluw,
106
Kerem eýläp, Muhammedi ata kyl, ýa Resulalla!
Hanypa geldi döwlethanaýy-aly makamyňa,
Myradym bermeseň, ýanyňda ja kyl, ýa Resulalla!
Elkyssa, bibi Hanypa bu mynajaty okap, ýüzüni gabra sürtüp ýyglar erdi. Nägäh
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zeýnelarap - 6
  • Parts
  • Zeýnelarap - 1
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 1827
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 2
    Total number of words is 4075
    Total number of unique words is 1602
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 3
    Total number of words is 3978
    Total number of unique words is 1730
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 4
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1741
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 5
    Total number of words is 3927
    Total number of unique words is 1697
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 6
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 1663
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 7
    Total number of words is 3474
    Total number of unique words is 2203
    22.8 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 8
    Total number of words is 1884
    Total number of unique words is 1471
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.