Latin

Zeýnelarap - 1

Total number of words is 3612
Total number of unique words is 1827
28.8 of words are in the 2000 most common words
42.8 of words are in the 5000 most common words
50.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASYNYŇ
MILLI GOLÝAZMALAR INSTITUTY
NURMUHAMMET ANDALYP
ZEÝNELARAP
Çapa taýýarlan
Nurmuhammet Gylyçdurdyýew
AŞGABAT «TYAMGI » 2010
1
UOK 894.361
A67
M67
Nurmuhammet Andalyp, Zeýnelarap. A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Milli golýazmalar instituty, 2010 - s
REDAKTOR
Annagurban Aşyrow, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen
halkynyň milli mirasyny ylmy esasda öwrenmek we wagyz etmek meselesine aýratyn
ähmiýet berýär. Beýik şahsyýetlere bagyşlanyp halkara ylmy maslahatlar yzygiderli
geçirilýär, olaryň ýaş toýlary halkara derejesinde bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň
ýörite Karary bilen 2011-nji ýylda nusgawy türkmen şahyry Nurmuhammet Andalybyň 350
ýyllyk toýy hem halkara derejesinde belleniler.
Şu toý mynasybetli Nurmuhammet Andalybyň «Zeýnelarap» dessany Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanylýan iň
ygtybarly golýazma çeşmeleriniň esasynda taýýarlanyldy.
Bu dessan hakyky söýgüni, doganlyk-dostlugy, ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi
ündeýän, adalatsyzlygy ýazgarýan ajaýyp eserdir.
Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenildi.
TDKP № 301
2010
KBK 84Tür1
© Milli golýazmalar instituty, 2010 ý.
2
YŞK BAGYNYŇ BILBILI
Türkmen halkynyň taryhynda Azady,
Magtymguly, Andalyp, Kemine ýaly çuňňur
filosofiýa, ýiti pähim-paýhasa ýugrulan
ajaýyp eserleri peşgeş beren söz ussatlary,
akyldar-danalar
az
däl.
Nusgawy
şahyrlarymyzyň, beýik akyldarlarymyzyň,
halk döredijiliginiň baý mirasyny öwrenip,
ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny
halka ýetirmek, türkmen halkynyň taryhy,
medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp
barmak öňde duran möhüm wezipeleriň
biridir.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Täze galkynyşlar we beýik özgertmeler zamany türkmen döwletiniň ykdysady
kuwwatyny, adamlaryň durmuş-ýaşaýyş derejelerini gün-günden ýokarlandyrmak
bilen birlikde, halkyň medeni-ruhy dünýäsiniň öňküden hem has gözelleşmegine
hyzmat edýän milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek, wagyz etmek we dünýä
ýaýmak babatda hem uly öwrülşikleri döretdi. Türkmenistanyň Hormatly
Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde dünýäniň dört künjegine ýaýran
türkmeniň milli mirasyny toplamak üçin daşary ýurtlara yzygiderli ylmy saparlar
gurnalýar, geçmişdäki meşhur alymlarymyzyň we şahyrlarymyzyň ylmy we edebi
miraslary öwrenilýär hem-de neşir edilýär. Olaryň ýubileý toýlary halkara
derejesinde bellenilýär. Muňa Belent Mertebeli Prezidentimiziň türkmen nusgawy
edebiýatynyň görnükli wekili Nurmuhammet Andalybyň 350 ýyllyk toýuny halkara
derejesinde bellemek baradaky ýörite Karary aýdyň mysaldyr.
Nurmuhammet Andalyp diňe bir türkmen nusgawy edebiýatynyň däl, eýsem
Merkezi
Aziýa halklarynyň nusgawy edebiýatlarynyň özgermeginde möhüm
hyzmatlary bitiren meşhur şahyrlarynyň biridir. Ol türkmen edebiýatynyň
3
dessançylyk däbini ösdürmek bilen onda arap we pars sözleriniň ulanylyşyny belli
derejede azaldyp, ony türkmen gepleşik diline ýakynlaşdyrmaga çalşypdyr.
Andalybyň döredijiliginde dessançylyk däbi esasy orny tutýar. Bellemeli
tarapy, ol öz dessanlaryny göçme ýordumlar esasynda döredipdir. Şahyryň «ÝusupZüleýha» we «Leýli-Mejnun» dessanlary gündogar edebiýatynda giňden meşhur
bolan göçme ýordumlaryň esasynda döredilen bolsa, «Zeýnelarap» we «Baba
Röwşen» dessanlary edebiýatda seýrek işlenen temalaryň esasynda döredilipdir.
Nurmuhammet Andalybyň «Zeýnelarap» dessany hakynda aýdanymyzda, bu
eser türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda iň az öwrenilen eserleriniň biridir.
Munuň sebäbi bolsa, oňa sowet döwründe halka zyýanly, terbiýeçilik ähmiýeti ýok
dini mazmunly eser hökmünde birtaraplaýyn baha berilmegidir. Emma bu eseriň
halk köpçüligi tarapyndan hemişe-de söýlüp okalandygyna XIX asyryň ahyrlary, XX
asyryň başlary aralygynda bu dessanyň daşbasma nusgalarynyň Kümmethowuzda,
Buharada, Daşkentde we Samarkantda birnäçe gezek çap edilendigi güwä geçýär.
Dessanyň dessançy bagşylar tarapyndan türkmen toýlarynda aýdylyp, ondaky
çeperçilik taýdan ýüki ýetik şygyrlaryň halk aýdymlaryna öwrülmegi, olaryň şu
günki güne çenli aýdylyp gelmegi we aýdylyp ýörülmegi hem muňa şaýatlyk edýär.
«Zeýnelarap» dessany sowet döwründe ilkinji gezek 1991-nji ýylda, Andalybyň
beýleki dessanlary bilen bilelikde: «Nurmuhammet Andalyp. Dessanlar» ady bilen
A.Mülkamanow, G.Nazarow, M,Çaryýew, O.Maşaýewa, A.Nurýagdyýew dagylar
tarapyndan çapa taýýarlanyp neşir edildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň
hazynasynda «Zeýnelarap» dessanynyň 40-a golaý golýazma, 50-ä golaý daşbasma
nusgasy saklanýar.
«Zeýnelarap» dessanynyň eliňizdäki neşiri taýýarlanylanda golýazmalar
hazynasynda saklanýan şol golýazmalaryň içinden iň kämil we gadymy nusgalary
saýlanylyp, şolaryň esasynda taýýarlanyldy. Eser taýýarlanylanda 779, 1165, 1384,
4273 bukjalarda saklanýan golýazmalar esas edilip alyndy.
Nurmuhammet Andalybyň «Zeýnelarap» dessany, käbir golýazmalarda we
daşbasma kitaplarda «Jeňnama Ymam Muhammet Hanapyýa» diýlip hem
4
atlandyrylýar. «Bu ýordum boýunça Saýkaly hem (XVIII asyr) eser döredipdir.
Ýöne, Saýkalynyň poemasy Andalybyň dessany bilen deňeşdirilende dini öwşgine
has baý»1. Biziň elimizdäki maglumatlara görä, şu ýordum boýunça başga hiç bir
şahyr tarapyndan eser döredilmändir.
Dessan neşire taýýarlanylanda şu aşakdaky golýazmalardan peýdalanyldy.
1384-nji bukja. Doly nusga. Ol 1866-njy ýylda göçürilipdir.
4273-nji bukja. Doly däl. Ahyryndan birnäçe sahypalar gyrkylyp alnypdyr.
Senesi takmynan XIX asyryň ortalary.
1165-nji bukja. Doly nusga. Eser golýazmanyň 43a–107b aralygynda ýerleşýär.
Ýöne, bir bellemeli zat, bu golýazmanyň başynda «1826-njy ýyl», ahyrynda bolsa
«1887-nji ýyl» diýlip ýazylypdyr. Biziň pikirimizçe, dessanyň göçürilen senesi
ahyryndaky «1887-nji» ýyl bolmaly. Muny dessanyň
syýasy bilen şol senäniň
syýasynyň meňzeşdigi, onuň kagyzynyň hem 1826-njy ýyla degişli däldigi arkaly
düşündirip bolar. Emma golýazmanyň başyndaky «1826-njy» sene barada aýtsak ol,
«Zeýnelarap» dessanyny göçüren kätibiň öz sözi däl-de, eýsem golýazmanyň
başyndaky eseri göçüren kätibiň sözi bolup, aýry-aýry eserleriň bir kitaba jemlenen
bolmagy mümkin, ýa-da dessany göçüren kätip şol eseriň kätibiniň sözüni bolşy
ýaly göçüren bolmagy ähtimal.
779-njy bukjada saklanýan golýazmany şahyryň golýazmalaryna teswir ýazan
alymlar takmynan, XVIII asyryň ahyrlarynda ýa-da XIX asyryň başlarynda
göçürilen hasap edýärler.2 Bu biziň pikirimize görä hem şeýle. Golýazmanyň senesi
gabat gelmese-de, onuň kagyzy, haty we beýleki alamatlary şeýle pikire gelmäge
esas berýär. Golýazmanyň bu nusgasynyň çeperçiligi örän ýokary. Eser Alynyň
Hanapyýadan bolan ogly Muhammediň hem-de Patmadan bolan ogullary Hasanyň
we Hüseýiniň sähra çykmagy bilen başlanýar. Emma, dessanyň beýleki
nusgalarynda eser Hezreti Alynyň Rum welaýatyna goşun çekip, ol ýurduň
patyşasyny we onuň ogullaryny öldürip, gyzyny ýesir alyp gaýtmagy bilen
başlanýar. Görnüşi ýaly, bu dessan iki redaksiýada, ýagny, birinde waka Alynyň
1
2
G.Nazarow, A.Aşyrow. Andalybyň golýazmalarynyň teswiri, Aşgabat. Ylym – 1990, 54 sah.
G.Nazarow, A. Aşyrow. Andalybyň golýazmalarynyň teswiri, Aşgabat. Ylym – 1990, 51 sah.
5
ogullarynyň awa çykmagy bilen başlansa, beýlekisinde Muhammet Hanapyýanyň
gelip çykyşyny açyp görkezmekden başlanýar. Elbetde, her bir şahyr öz eseriniň
üstünde birnäçe gezek işleýär. Bu Andalyp babatda hem şeýle. Şahyryň «ÝusupZüleýha», «Nesimi» eserlerini birnäçe nusgada işländigini alymlar bellediler. Ýöne
bizi bu ýerde oýlandyrýan mesele başga. Ýagny, taryhy çeşmelerde aýdylyşyna görä,
araplaryň hanapyýa diýen taýpasy Rum welaýatynda däl-de, eýsem häzirki Saud
Arabystanyň merkezinde ýerleşýän Ýemäme diýen ýerde ýaşapdyr. Mundan başgada, Muhammediň ejesi Hanypa Muhammet pygamberiň döwründe däl-de, Abu
Bekriň halypalygy döwründe ýesir alynýar we Hezreti Aly oňa öýlenýär. Onuň ady
Howla binti Japar.
Taryhy çeşmelerde dessanyň gahrymanlary Hezreti Aly 600-661-nji, onuň ogly
Muhammet Hanapyýa bolsa 637-700-nji milady ýyllarynda ýaşap geçendigi
aýdylýar. Halk arasynda
aýdylmagyna görä, Muhammediň gubury Ahal
welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Bagyr obasynda, şeýle-de Mary welaýatynyň
Baýramaly etrabynda ýerleşýär. Bu bolsa türkmen halkynyň oňa goýýan hormatynyň
nyşany bolup biler. Şonuň üçinem Nurmuhammet Andalybyň maksada okgunly,
batyr, edermen, söýgä wepaly, ene-atasyna we doganlaryna hormat goýýan türkmen
ýigidiniň keşbini Muhammetde janlandyran bolmagy mümkin. Ýöne, ygtybarly
taryhy
çeşmelerde
Muhammet
Hanapyýanyň
Medinede
«Jennetül-Bakyýa»
mazarystanlygynda jaýlanandygy aýdylýar.3
Mälim bolşy ýaly, Nurmuhammet Andalyp ýeterlik derejede medrese ylmy
bolan, arap-pars dillerinden kemsiz baş çykaran, Gündogar halklarynyň taryhyny we
edebiýatyny çuňňur öwrenen şahyr. Onda näme üçin Andalyp taryhy wakalary azkem özgerdilen görnüşde beýan etdikä? Biziň pikirimizçe, Andalyp bu eseri ilki
Alynyň ogullarynyň awa çykyşyndan başlapdyr we ony täzeden işlände Muhammet
Hanapyýanyň gelip-çykyşyny görkezmek maksady bilen dessanyň öňüne Rum
patyşasy bilen baglanyşykly wakany goşupdyr. Wakalary alys bir ýurt bilen
baglanyşdyrmak türkmen dessanlarynyň hemmesiniňem häsiýetli taraplarynyň biri.
Megerem, Andalybam şu ýörelgeden ugur alan bolsa gerek.
3
Türkiýe diýanet wakfi«Yslam ensiklopediýasy» 2005, XXX jilt, 538 sah.
6
Dessan Alynyň Hanapyýadan bolan ogly Muhammediň Zeýnelaraba bolan
söýgüsi, şeýle hem iki aşygyň aýralyga düşüp, köp muşakgatlardan we
kynçylyklardan soň maksat-myratlaryna ýetişi dogrusynda gürrüň berýär. Onda Aly,
Hasan, Hüseýin, Patma, Bibi Hanypa ýaly yslam dininiň wekilleri hereket edýär.
Nurmuhammet Andalyp şolaryň edebi keşpleriniň üsti bilen, özüniň öňe sürýän
arassa ahlak, päk söýgi, ene-ata hormat goýmak, batyrlyk we gaýduwsyzlyk ýaly
gözel häsiýetleri okyja ündeýär.
Nurmuhammet Andalybyň «Zeýnelarap» dessany örän ýokary çeperçilik bilen
döredilen edebi eserdir. Onda şygyrlar duýga örän baý bolup, ikileme, dörtleme,
bäşleme görnüşinde berlipdir. Şol goşgularyň köpüsiniň henize çenli dilden düşmän
gelmegi hem şol sebäplidir. Wakalaryň beýan edilişi hem örän çeper we täsirli, okap
oturan wagty okyjy durky bilen wakalaryň içine girenini duýman galýar.
Ýene-de bir mysal, «Akpamyk» atly türkmen halk ertekisinde Akpamygyň ýedi
sany erkek dogany, Akpamygy, öýde goýup doganlary awa gidýärler. Biz şeýle
ýagdaýy Zeýnelarap we onuň ýedi doganlary babatynda hem görýäris. Muhammet
Hanapyýanyň kerlige salyp, gelen adamy özüne golaýladyp tutmagy bilen Görogly
şadessanynda Göroglynyň şeýle usul bilen geleni tutmagy hem kybapdaşdyr. Biz bu
ýerde käbir mysallary getirdik. Şeýle mysallar bolsa dessanda onlarça. Bu ýerde
Andalybyň edebi tärleri türkmen halk döredijiligine aralaşypmy ýa-da türkmen halk
döredijiligi Andalyba täsir edipmi, bu sowaly çözmek gelejegiň işi.
Türkmen dessanlarynda we halk döredijiliginde baş gahrymanyň mertligini,
gaýduwsyzlygyny görkezmek maksady bilen eserlerde
«üç ýol» usuly işjeň
ulanylypdyr. «Hüýrlukga-Hemra» dessanynda Hemra öz agalaryny «gitse-geler»,
«geleri-gelmezi gümana» ýollary bilen ugradyp, özi «gitse-gelmez» ýoluny saýlap
alýar. Edil şeýle ýagdaýa biz «Zeýnelarap» dessanynda hem duşýarys.
Dessanda Andalyp türkmen bedewiniň hem ajaýyp keşbini döredipdir. Türkmen
edebiýatynda bedew at ýigidiň söweşde ýarany, başyna iş düşende wepaly dosty
hökmünde suratlandyrylýar. Muňa «Gorkut ata» şadessanyndaky Bozaýgyryň,
«Görogly» şadessanyndaky Gyratyň, «Ýusup-Ahmet» dessanyndaky Mazgiriň
keşpleri aýdyň mysaldyr. «Zeýnelarap» dessanynda Muhammediň aty bir ýerde
7
Muhammet söweşde çykgynsyz ýagdaýa düşende ony söweş meýdanyndan alyp
çyksa, başga bir ýerde guýy düýbinde ýatan eýesini guýudan halas edýär.
Nurmuhammet Andalybyň «Zeýnelarap» dessany onuň beýleki eserleri bilen
bir hatarda, özüniň edebi aýratynlyklary bilen türki halklaryň arasynda uly
meşhurlyga eýedir. Onuň subutnamasy bolsa eseriň golýazma we daşbasma
nusgalarynyň dürli ýurtlara ýaýramagydyr.
XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda dessanyň daşbasma
nusgalarynyň Kümmethowuzda, Buharada, Daşkentde we Samarkantda neşir
edilmegi, 2010-njy ýylyň iýun aýynda
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Milli golýazmalar institutynyň işgärleriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Ylymlar
akademiýasynyň golýazmalar institutynda geçiren ylmy gözlegleriniň netijesinde
«Zeýnelarap» dessanynyň daşbasma nusgasynyň tapylmagy, bu eseriň Merkezi
Aziýa we Kawkaz halklarynyň arasynda hem meşhurlyk gazanandygyny görkezýär.
«Zeýnelarap» dessanynyň bu gezekki neşiri, şahyryň 1991-nji ýyldaky
neşirinden metin we möçber taýdan az-kem tapawutlanýar. Onuň
tekst taýdan
tapawutly bolmagy, okyjylar üçin düşnükli bolar ýaly eseriň dili belli bir derejede
sadalaşdyrylmagydyr. Meselem «pähliwan» – «pälwan», «ýerge düşdi» – «ýere
düşdi», «Şahymerdanga»– «Şahymerdana», «iman geltirdi» – «iman getirdi»,
«anda» – «onda» we ş.m. Çünki, biziň maksadymyz bu gymmatly eseriň diňe bir
ylmy jemgyýetçiligi üçin taýýarlamak däl-de, eýsem halk köpçüligine hem has
düşnükli bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr.
Möçber taýdan tapawutly tarapy bolsa, biziň elimizdäki iň kämil we gadymy
golýazmalaryň esasynda dessandan käbir şygyrlaryň aýrylmagy, ýa bolmasa-da
tekste käbir sözlemleriň goşulmagydyr.
Nurmuhammet Gylyçdurdyýew.
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň
uly ylmy işgäri.
8
Emma rawylar ondag rowaýat kylarlar kim, günlerde bir gün Resulalla
sallallahy alaýhy wesellem birniçe leşgeri jem kylyp, Şahymerdany baş kylyp, Rum
welaýatyna iberip erdi. Otuz üç müň sahabalar, birniçe bahadyr we pälwan bile niçe
gün ýol ýöräp, Rum welaýatyna ýetişdiler. Rum welaýatynyň garawullary baryp
patyşasyna habar berdiler. Patyşa şäherme-şäher, galama-gala atly iberdi, herne
leşger bolsa, jem edip, ol Hezretiň goşunlaryna barabar çykardy. Bahadyrlar we
pälwanlar märekeden çykyp, bir-birine hemle ederdiler. Musulmanlar tarapyndan
Hezreti Aly Şahymerdan çykdy. Kapyr tarapyndan bir pälwan çykyp, Hezreti Ala
barabar boldy. Bir-birine naýza howala kyldylar, myrady hasyl bolmady. Ahyr
Hezreti Aly Şahymerdan Zülpükaryny çykaryp, ondag çaldy, kapyr iki bölek bolup
ýere düşdi. Hezreti Aly Şahymerdan perýat kylyp: «Mübärizi-meýdan ibergil!»
diýdi. Ol tarapdan hiç pälwan çykmady. Hezreti Aly Şahymerdan patyşa üstüne
sürdi. Patyşa dura bilmedi, gaçdy. Şahymerdan ýetip başyny teninden jyda kyldy.
Ony görüp hemme kapyrlar: «El-aman» diýip, musulman boldular. Hezreti Aly
Şahymerdana boýun sunup gelip, pygamber alaýhyssalama iman getirdiler. Tamam
halklar musulman boldular. Bir gün: «Şahymerdan Rumy fath kylyp geldi» diýip,
habar geldi. Onda Resuly-Huda şadyman boldy. Şol wagt Hezreti Aly Şahymerdan
hem geldi we Resuly-Huda bile görüşdi. Ondan soň Resuly-Huda Rumdan habar
sordy. Şahymerdan bir-birden hekaýat kylyp: «Ýa Resuly-Huda, Rumy alandan soň,
kaýsaryň saraýyna girdim. Bir gyz tapyp getirdim» diýdi. Onda Resuly-Huda:
«Munda getiriň» diýdi. Şahymerdan patyşanyň gyzy Hanypany pygamber
alaýhysalamyň ýanyna getirdi.
Elkyssa, Resuly-Huda sallallahy alaýhy wesellem tarahhum bile aýtdy:
- Eý perzent, sen kimiň perzendi sen? Adyň nedir? Ýene:
- Hudaýy-hiždeh hezar älemi bir bilip we meni Resuly-berhak bilip, musulman
bolgul, kimi hoşlasaň oňa bereýin – diýdi.
Ol gyz Resuly-Hudadan bul sözi eşidip, perýat kylyp:
9
- Ýa Resulalla, bildim ki diniňiz berhak turar, sypatyňyz rehmeten lil-älemin
turar. Emma üç şertim bar, eger kabul kylsaňyz, bendeýi-hassyňyz bolar men – diýdi
we ýene:
- Meniň adym Hanypa turar, atam şähri-Ruma halypa erdi. Atamy we
agalarymy Aly öldürdi.
Ýeke we ýalňyz turar men – diýip, zar-zar çün ebri-
nowbahar ýyglar erdi.
Emma Resuly-Huda gyzdan bul sözi eşidip:
- Eý perzent, köp ýyglamagyl, ataň ornuna ata bolaýyn we ýene Äşäni ene kylar
men, kyýamat gyzym bolgaý sen – diýdi we ýene:
- Eý, perzent, ol üç şertiňi beýan kylgyl, eger golumdan gelse, kabul kylar men
– diýdi.
Onda gyz:
- Owwal şertim bu ki, Hezreti Aly meni nika kylyp alsyn. Ikinji bu ki, gyzyňyz
bibi Patma bu işime gamgyn bolmasyn. Üçülenji şertim bu ki, Hudaýtagala enaýat
kylyp maňa perzent berse, adyny ezizläp Muhammet goýsaňyz. Eger bu sözler kabul
bolsa, jan-dil bile musulman bolar men – diýdi.
Onda Resuly-Huda pikir kyldy. Derhal Jebraýyl allaýhyssalam habar getirdi:
«Ýa Muhammet, Hudaýyň saňa salam aýtdy, perişdeler durut iberdi. Hudaýyň
aýtdy: «Hemme bendäniň hajatyn beriji men turar men. Ol gyzyň herne aýtganyn
kabul kylsyn». Resuly-Huda wahydan paryg bolup:
- Huda kabul kyldy, biz hem kabul kyldyk – diýip, gyzy Ala berdi. PatmaýyZähra pendi-nesihat kylyp:
- Eý, gözümiň çyragy Patma, ol ki Hudanyň emri turar, Hanypany hergiz
agyrtmagyl, oňa ýagşy byradar bolgul – diýdi.
Emma Patmaýy-Zähra atasynyň aýdanlaryny kabul kyldy we Hanypanyň
ýanyna söýnüp gelip: «Haktagala maňa sagadatlyk dogan berdi» diýip, hoşwagt
bolup, köp nowazyş kyldy.
Elkyssa, aradan göz-ýumup açynça dokuz aý on gün ötdi. Bibi Hanypa Aly
Murtazadan hamyla tutup, bir ogul dogurdy. Pygamber alaýhyssalam gelip gördi.
Hoşwagt bolup, adyny ezizläp, Muhammet
goýdular. Elkyssa, Aly Murtaza
10
guwanyp, halaýyga toý berip, şady-horram boldular. Emma aradan niçe müddetler
geçdi. Ogullary ýedi ýaşyna girdi. Emma ata-ene ogullarynyň didaryna aşyk erdiler.
Bir sagat görmeseler, diwana bolar erdiler. Ahyr ululyga ýetişdi. Emma şazada
ymam Muhammet mysaly güle ogşap we gylyklary ýere ogşap, siňňin-siňňin uruştutuşy höwes kylyp, at üstüne gadam goýup, «Men heniz seýri-sähra çykyp, şikar
kylmadym» diýip, Beşer atly guluna aýtdy: «Bir at alyp getirgil, bu gün seýri-sähra
kylar men» diýdi. Guly at alyp getirdi. Şazada Muhammet atlanar bolanda hyýal
kyldy, atadan birugsat çykmak hup ermes diýip barar erdi. Şahymerdan görüstanyBakyýa baryp, doga kylyp gelýärkä şazada nazarlary düşdi. Şazada atasyny görup,
atdan düşüp, tagzym-towazyg bile salam berip, gol gowşuryp durdy. Emma
Şahymerdan bu haly görüp: «Saňa ne boldy?» diýip, şazada Muhammede garap, bir
gazal okady. Gazaly-Hezreti Aly bu turar:
Niçik maksada geldiň uşbu halat bile, perzendim?
Gözümiň röwşeni, derdime dermanym, jigerbendim.
Ajap hatyr-perişan sen, balam, roý berdi ne halat?
Maňa aýtgyl sözüňi rişteýi-janyma peýwendim.
Howa bilen höwes köňlüň guşun perwaz eder göýä,
Eý-ä, eý gülşen janyma düşen bilbilli-handanym.
Köňülde nuktaýy-halyňy pynhan etme, yzhar et,
Agyzdan depderi-agzasyn açgan güli-şeker-gandym.
Hudanyň şiridir men, eýlär men maksadyň hasyl,
Kyýamat saýawanym, dünýäde köňlüme hursandym.
Elkyssa, şazada Şahymerdandan bul sözi eşidip, kamatlary ýaý dek bükülip,
towazyg bilen atalaryna garap, bu sözi aýtdy. Gazaly-ymam Muhammet bu turar:
11
Rugsat bergil, kyblagähim,
Çyksam bir ýana ýar istäp.
Mähribanym, puşt-penahym,
Gitsem seýrana ýar istäp.
Yşk meýinden noş eýlesem,
Sähra çykyp, joş eýlesem,
Köňül wagtyn hoş eýlesem,
Çemenli murgyzar istäp.
Atlar çapyp, ok-ýaý atyp,
Gulan kowlap, keýik tutup,
Ýörsem Hudany ýat edip,
Başga-başga diýar istäp.
Gün düşmedik saýa barsam,
Bir altyn saraýa barsam,
Göz görmegen jaýa barsam,
Ýörsem bezmi-şikär istäp.
Muhammetden bul hekaýat,
Aýda bersem ýok nehaýat,
Gün-günden özgedir halat,
Ýüz elem, bikarar istäp.
Elkyssa, ondan soň Şahymerdan ymam Muhammetden bul sözi eşidip, haýran
bolup:
12
- Gözümiň röwşeni, perzendim, bu jahanda ataň duşmany köpdür, eger bilseler
Alynyň ogly sen, bir sagat goýmazlar. Binägäh uçrap, saňa zyýan ýetirmesin – diýip,
köp pendi-nesihat berip bir söz aýtdy. Gazaly-Hezreti Aly:
Mähribanym, ne diýer sen,
Çykmagyn çöllere sary.
Gözüm ýollarda goýar sen,
Çykmagyn çöllere sary.
Oturyp, kararym olmaz,
Bu köňlüm şat olup, gülmez,
Jahan sensiz göze ilmez,
Çykmagyn çöllere sary.
Bolan kapyr bize duşman,
Seni goýmazlar bir zaman,
Meni gezdirmegin her ýan,
Çykmagyn çöllere sary.
Pendi-nesihatym alsaň,
Bu sözüme gulak salsaň,
Gitme, balam, meni diýseň,
Çykmagyn çöllere sary.
Aly diýer, söwer guzym,
Jigerbendim, diňle sözüm,
Nury-didäm, görer gözüm,
Çykmagyn çöllere sary.
13
Elkyssa, ondan soň Hezreti Aly Şahymerdan ençe töwella etdi, täsir kylmady.
Ondan soň bu sözleri şazada Muhammediň enesi eşidip gelip, zar-zar, çüň ebrinowbahar ýyglap, bu sözi aýtdy:
Balam, senden aýrylmanam bir zaman,
Sen-sen meniň Huda beren myhmanym.
Sensiz bu dünýäde bolmagym güman,
Huda dergähinde şuldur armanym.
Sabr eýlegil, guzym, kemala ýetgil,
Bul seýr ile şikär bahrydan ötgül,
Gider bolsaň, meni öldürip gitgil,
Bolmaz sensiz meniň bir dem kararym.
Rugsat ber diýp, balam, çytma gabagyň,
Ataň bile eneň çekmesin dagyň,
Galmasyn başyma beýle pyragyň,
Pyragyň galgynça çyksyn bu janym.
Balam, sen-sen görer gözüm röwşeni,
Höwes kylma, balam, güli-gülşeni,
Bul arada köpdür ataň duşmany,
Barma, guzym, senden köpdür gümanym.
Beýle höwes kylyp köňül aldyrma,
Nerkesleriň gözýaşyňa doldurma,
Garyp eneň hijran bile öldürme,
Magşar güni Huda beren myhmanym.
14
Elkyssa, bibi Hanypa bu sözleri tamam kylandan soň Hezreti Aly Şahymerdan
naçar-u näalaç bolup, rugsat berip:
- Eý, jigergüşäm, her ýere barsaň Hudany ýadyňdan çykarmagyl – diýip, täkit
kylyp, zar-zar, çüň ebri-nowbahar ýyglap: Ilähi Ahad-u Samad-u Bendenowaz, eý,
Soltany-dehr, perzendimi saňa tabşyrdym – diýip, widaglaşyp, pata berip, bir gazal
aýtdy:
Ýoluňda sarp etdim şirin janymy,
Balam, seni bir Allaga tabşyrdym.
Berbat etdiň indi hanymanymy,
Balam, seni bir Allaga tabşyrdym.
Herne syryň öz synaňda ýaşyrdyň,
Şirin janyň yşk oduna bişirdiň,
Bu täji-tagtymy kime tabşyrdyň,
Balam, seni bir Allaga tabşyrdym.
Baş alyp gitmegil kişi ýurduna,
Hiç kim bakmaz müň arzyňa-wirdiňe,
Çydaý bilmeý aýralygyň derdine,
Balam, seni bir Allaga tabşyrdym.
Duşmanlaryň belasyga galynça,
Ölen ýagşy bu dünýäde bolynça,
Dirilikde sen köýdürdiň ölinçä,
Balam, seni bir Allaga tabşyrdym.
Gulak salgyl men garybyň sözüne,
Hiç kim bakmaz garyplaryň ýüzüne,
15
Dat eýlärem Biribaryň Özüne,
Balam, seni bir Allaga tabşyrdym.
Degdi, aldy meniň nahal terimi,
Pelek gyrdy meniň bal-u perimi,
Ýüz gowgaýa saldyň meniň serimi,
Balam, seni bir Allaga tabşyrdym.
Aly aýdar, men gelmenem özüme,
Iýgenim-içgenim çykmaz ýüzüme,
Haçan gözüm düşer seniň gözüňe,
Balam, seni bir Allaga tabşyrdym.
Elkyssa, şazada ymam Muhammet hoşwagt bolup, gül dek açylyp, ragna dek
saçylyp, atasynyň ýanydan çykyp ýöriberdi. Şazada mysaly Rüstem anan dek bolup,
at üstüne münüp, gadam goýup, derwezeýi-Medineden çykyp, barar erdi kim, ýolda
agalary Hezreti ymam Hasan we ymam Huseýin ýolukdylar. Gördüler kim, şazada
Muhammediň owzagy özge turar. Onda ymam Muhammet özüni atdan taşlap,
tagzym-towazyg bilen salam berip durdy. Agalary inilerini sylah derber kylan bu
halatda gördüler. Emma agalary şazada garap bu sözi aýtdylar:
Bul niçik pikirdir, bul niçik hyýal,
Saňa mähribanym, inim, ýol bolsun,
Nahal ömrüň Hak eýlesin berkemal,
Sözle, nowjuwanym, inim, ýol bolsun.
Başyňa göterip murassag täji,
Äleme berilmez husnuň hyrajy,
Ol Şahymerdanyň ýakan syrajy,
Şemgi-şebistanym, inim, ýol bolsun.
16
Bir Hudanyň hamdy seniň diliňde,
Babamyz Resulyň gury biliňde,
Zülpukary-Şahymerdan eliňde,
Isgender nyşanlym, inim, ýol bolsun.
Niçe merkepleriň teblede ýene,
Ýowuz günde jöwlan çekip her ýana,
Kapyrlar baryny salyp imana,
Bir sahypkyranym, inim, ýol bolsun.
Ok-ýaýyny kyrk arslandan ötüren,
Her kaýan ýüzlense, işin bitiren,
Bahadyrlyk esnadyny göteren,
Rüstemi-Dessanym, inim, ýol bolsun.
Syryňy eýlegil, inim jan, beýan,
Behakky-babamyz, ol Şahymerdan,
Hak Öz penahynda saklasyn aman,
Döwletli soltanym, inim, ýol bolsun.
Kaýda barsaň, biz hem baraly bile,
Owazaňdan ile düşüp gulgula.
Agaň aýdar, bir söz getirdim dile,
Ýagşydan nyşanym, inim, ýol bolsun.
Elkyssa, ondan soň şazada ymam Muhammet bu sözi eşidip, bul hem agalaryna
garap bu sözi aýtdy. Gazaly-ymam Muhammet :
Agam, köňlüm guşy bul gün,
17
Belent perwazy istäpdir.
Berip bir gülşene-janyn,
Nowasyn sazy istäpdir.
Çemenden gunça gül gözläp,
Şeker leb, toty deý sözläp,
Bu yşkdan bezmi-wasl yzlap,
Belent owazy istäpdir.
Haky istäp wepa bilen,
Wepa yzlap jepa bilen,
Baryp bir dilruba bilen,
Özge demsazy istäpdir.
Tekäwür sürse ýollara,
Gezibän dag-u çöllere,
Mysapyr, ýalňyz, illere,
Rafyk-ygzazy istäpdir.
Budur Şazada söz aýtsa,
Sözüni hup pähim etse,
Pelek manysyna ýetse,
Oňa agazy istäpdir.
Elkyssa, bu sözden soň agalary bildiler kim, şazada seýri-sähra bara turar
şazada ymam Hasan we ymam Huseýin:
- Halaýyk inimiziň ärligine täsin we aperin kylarlar. Biz hem baryp atamyzdan
rugsat alyp, bu inimizi bir synap göreli – diýip aýtdy.
Elkyssa, ol iki jigergüşeýi-bibi Patma-Zähra baryp, Şahymerdandan rugsat
dilediler. Bulara hem aýtdy:
18
- Eý, jigergüşelerim, baryňlar, ýoluňyz ak, ýoldaşyňyz Hak bolgaý, aman
gelgeý siz – diýdi.
Ondan soň bu iki ymam hem geldiler. Erse, ymam Muhammet bulara garap
durup erdi. Bular gelenden soň, üçleri goşulyp, ru be janyby-sähra-ýu beýewan
rowana boldular. Elkyssa, üç göwheri-şamçyrag erteden agşamgaça keýik, gulan
kowlap, hiç bir närse alabilmediler. Haýran boldular. «Eger gol guryg barsak, Aly
dek äriň perzendine ar bolar» diýip, ýene birniçe ýol ýöräp, nägäh bir ýere ýetdiler
kim, ol ýerde ýol üç tarapa aýrylyp durar. Gördüler kim, ol ýollaryň başynda bir
tagta sengi-mermer daş bar. Ol daşa bir söz bitiklik turar. Ony okap gördüler kim,
andag aýdyp turar: «Her kimse sag ýola barsa, sag-salamat gelgeý. Orta ýola barsa,
ýa gelgeý, ýa gelmegeý, çep ýola barsa, asla gelmegeý» diýip, bitip turar. Şazadalar
bu üç ýola haýran galdylar. Her haýsylary joş-huruş edip, barsa gelmez ýola gidere
maýyl bolup, güftegüý kyldylar. Onda ymam Hasan aýtdy:
- Eý inilerim, maňa rugsat beriň, men baraýyn. Emma ymam Hüseýin aýtdy:
- Men baraýyn, her ne ajaýyb-u garaýyp bolsa, men göreýin – diýdi.
Ondan soň ymam Muhammet atdan düşüp, agalarynyň aýagyna baş goýup:
- Babamyz Resuly-Hudanyň haky-hormaty üçin maňa rugsat beriň – diýip, zarzar ýyglap, tagzym-towazyg bile bu sözi aýtdy:
Gazaly-Hezreti ymam Muhammet:
Agalar, bu ýoly maňa beriňler,
Meniň perwaz eder barmaga köňlüm.
Rugsadym beriňler, laýyk görüňler,
Höwesim bar ança görmäge köňlüm.
Barçany ýaradan hormatyn saklap,
Babamyz Resulyň hakyny haklap,
Uzadyň bu ýola patyha okap,
Ýollanar her zaman barmaga köňlüm.
19
Agalar tabşyryň, Kadyr-Hudaýa,
Ýetişeýin gözler görmegen jaýa,
Haýmaýy-şahana, altyn saraýa,
Joş eder baryban, girmäge köňlüm.
Ne sebäpden bu ýol barsa gelmezdir,
Munda ne baryny kişi bilmezdir,
Barmaý diýsem, köňlüm kabul kylmazdyr,
Razy ýokdur barmaý durmaga köňlüm.
Şazada Muhammet aýtdy bu sözi,
Agalarym Haka tabşyrdym sizi,
Barsa gelmez ýola uzadyň bizi,
Ýollanar tekäwür sürmäge köňlüm.
Elkyssa, ondan soň agalary aýtdy:
- Eý jigergüşäm, eý gözümiň röwşeni, bize ahyrýetden ant berdiňiz. Eger
Hudanyň hormatyn, babamyzyň şepagatyn orta salmasaň erdi, saňa rugsat ýok erdi.
Indi sizi bir Hudaýa tabşyrdyk – diýip, bir-bileri bilen razylaşyp, her biri bir gazal
okady.
Owwal Hezreti ymam Hasan aýtdy:
Ymam Hasan:
– Ýaradan Biribar tutsun amanda,
Hoş indi, jan inim, bargyl, aman bol!
Niçe gün seýr edip ýörgün jahanda,
Hoş indi, jan inim, bargyl, aman bol!
Ymam Muhammet:
– Ýalňyzyn bu ýola düşdüm men garyp,
20
Aman boluň, agalarym, hoş indi!
Takdyry-Hudadyr ne bolsa nesip,
Aman boluň, agalarym, hoş indi!
– Seýran edip, tomaşalar görer sen,
Lutp eýlese, birniçe gün ýörer sen,
Inşa Alla, aman-esen geler sen,
Hoş indi, jan inim, bargyl, aman bol!
– Istiganat diläň jeddim gabryndan,
Köýmäňler, ýanmaňlar, pelek jebrinden,
Her kimse myradyn tapar sabryndan,
Aman boluň, agalarym, hoş indi!
– Köp ýyglama, inim, jahan köýmesin,
Pelek hasrat şerabyny guýmasyn,
Tiz baryp gel, Şahymerdan duýmasyn,
Hoş indi, jan inim, bargyl, aman bol!
– Agalarym, reňkiňizi soldurmaň,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zeýnelarap - 2
  • Parts
  • Zeýnelarap - 1
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 1827
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 2
    Total number of words is 4075
    Total number of unique words is 1602
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 3
    Total number of words is 3978
    Total number of unique words is 1730
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 4
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1741
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 5
    Total number of words is 3927
    Total number of unique words is 1697
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 6
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 1663
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 7
    Total number of words is 3474
    Total number of unique words is 2203
    22.8 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 8
    Total number of words is 1884
    Total number of unique words is 1471
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.