Latin

Zeýnelarap - 7

Total number of words is 3474
Total number of unique words is 2203
22.8 of words are in the 2000 most common words
35.3 of words are in the 5000 most common words
42.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
perişan bolup ýyglap galdy. Şahymerdan katgy-menäzil kylyp, gele dursun. Indi sözi
Zeýnelarapdan eşidiň.
Emma Şahymerdan Zeýnelaraby şähri-Kamusda bir agasyna goýup gidip erdi.
Zeýnelarabyň «Haçan geler erken» diýip, gözi ýolda erdi. Şol wagtda bir adam
gelip: «Ýa eý-ä halaýyk, söýünji beriň, Şahymerdan baryp, ymam Muhammedi
tapyp alyp, aman-esen getirdi» diýdi. Erse, Zeýnelarap biçäre hoşwagt bolup,
şazadany ýat edip: «Şükür alhamdililla, ýarym geldi» diýip, bir söz aýdany bu turar:
Tiz ýetişgil köňlüm alan şabazym,
Telmuryp ýoluňa bakanym ýeter.
Perýatlap ýyglasam ýetmez owazym,
Gözýaşym ýoluňa dökenim ýeter.
Gel-gel, ýarym, bu ülkeden gideli,
Şähri-Medinäniň ýolun tutaly,
Maksat-myradymyz hasyl edeli,
130
Bu ýerlerde garyp galanym ýeter.
Gözüm pyýalasyn ýaşa dolduryp,
Mysapyrlyk diýarynda oturyp,
Gyzyl ýüzüm hasrat bile solduryp,
Ahy-efgan çekip ýörenim ýeter.
Pelek bagryn deşer ahy-efganym,
Seni istäp gider ruhy-rowanym
Yşk odyna köýen bul garyp janym,
Garyplar garyby bolanym ýeter.
Bu dünýä o dünýä sen-sen gamhorym,
Aman olgul Huda beren dildarym,
Telmuryp ýoluňa çeşmi-humarym,
Şunça pyrakyňa köýenim ýeter.
Zeýnelarap aýdar gelip gaşyma,
Rehm eýlegil gözden akan ýaşyma,
Pelek sergerdanlyk saldy başyma,
Sergerdanyň bolup galanym ýeter.
Elkyssa, Zeýnelarap bu sözi aýdyp bolup erdi kim, janyby-sähradan leşger
fewwara urup peýda boldy. Ýagşy tafahhus kylyp gördi kim, Şahymerdan jemi
sahabalar we şazadalar bilen ýeri-gögi basyp, gap-gara bulut dek bolup, äleme
gulgula salyp gele turarlar. Emma Zeýnelarap hoşwagt bolup: «Şazada meni istäp
gele turar» diýip, nalaýy-pygan göterip, zar-zar, çün ebri-nowbahar, bir muhammes
aýdany bu turar:
Şükür Huda, ýaranlar, döwlet zamany geldi,
131
Nagty-dilimi alan şepagat jany geldi,
Bu köýükli tenimiň ruhy-rowany geldi,
Döwlet bilen geledir iliň soltany geldi,
Zeýnelaraby yzlap, şazada hany geldi.
Ferraş, ýolun süpürgil, ýolun sapa düzetgil,
Çek suratyn, musawwer, suratnema düzetgil,
Mygmar, zehin kylgyl-u, altyn saraý düzetgil,
Perýad-u nala eýläp, bilbil nowa düzetgil,
Zeýnelaraby yzlap, şazada hany geldi.
Sümbül saçyňy tebret, älem muattar olsun,
Gül ýapragyňy ezgil, sebze münewwer olsun,
Dök şebnemiňi gerdun, gül ýapragy ter olsun,
Çek kamatyň, senuber, göge barabar olsun,
Zeýnelaraby yzlap şazada hany geldi.
Düz nagmaňy, muganny, hub-u ýagşy saz kylgyl,
Mutryb, nowazyň ogşad-u hup dilnowaz kylgyl,
Eý hapyzy-hoş elhan, söz aýdyp owaz kylgyl,
Şol gün meniň myradym, ýaşymy deraz kylgyl,
Zeýnelaraby yzlap, şazada hany geldi.
Diwanaýy-galandyr, Hak ýoluna «Ýa hu» kyl,
Molla okap kelamyň, hup-ýagşy güftegu kyl,
Tählil edip nebatat, ýerden özüň nemu kyl,
Eý, beg, bar, ber salamyň, bar indi jüstejuý kyl,
Zeýnelaraby yzlap, şazada hany geldi.
Eý, saky, tut pyýala, gülgün şerap içilsin,
132
Bilbil, ýakaňy çäk et, gül ýapragy açylsyn,
Söz sözlegil, diliňden dürri-göwher saçylsyn,
Eý, nowhager, ýyglagyl, derdi-elem açylsyn,
Zeýnelaraby yzlap, şazada hany geldi.
Eý, kebgi-hoş huraman, reftar kylgyl oýnap,
Eý, totyýy-şeker leb, guftar kylgyl oýnap,
Eý, nerkesi-gazalan, humar kylgyl oýnap,
Eý, andalyp, dem-ä dem sen zar kylgyl oýnap,
Zeýnelaraby yzlap, şazada hany geldi.
Elkyssa, Zeýnelarap bu sözi aýdyp bolandan soň, Şahymerdan jemi leşger bile
şähri-Kamusa dahyl boldular. Elkyssa, şähri-Kamusdaky jemi musulmanlar
Şahymerdanyň aldyna pişwaz çykyp, yzzat-ekram bile getirip, gala düşürdiler.
Ymam Muhammet Ymlak kapyry tutup, müň para kyldy. Ondan soň şähri-Kamusda
toý-tomaşa kylyp, Hezreti Şahymerdan Zeýnelaraby şazada akdy-nika kylyp berdi.
Emma şazada bile Zeýnelarap – iki aşyk myrada ýetdiler. Şazada bilen Zeýnelarap
bir-birleri bilen ahwal soraşyp, her biri gazal okar erdiler. Owwal sözi Zeýnelarap
aýtdy:
Zeýnelarap:
Meniň üçin çeken jebri-jepany,
Keremlik soltanym, esen-amanmy?
Nesip bolsa, indi sürsek döwrany,
Bolduň sergerdanym, esen-amanmy?
Ymam Muhammet:
Sen hem meniň üçin garyplar bolan,
Jan-u dilim, sen hem esen-amanmy?
Jydalyk jepasyn başyna salan,
133
Natuwanym, sen hem esen-amanmy?
- Merdanalyk guryn bile baglagan,
Jiger bagryn yşk oduna daglagan,
Meniň üçin zar-u girýan aglagan,
Didesi girýanym, esen-amanmy?
- Men gitdim wysalyň tanapyn üzüp,
Sen munda ýöräp sen köňlüňi bozup,
Gan ýyglaban gara nerkesiň süzüp,
Perişanym, sen hem esen-amanmy?
-
Huda dergähinde gelip amana,
Garyplykda çekip ah bile nala,
Meniň üçin düşüp çahy-zyndana,
Ýusuby-Kenganym, esen-amanmy?
- Gurban olam galam-galam gaşyňa,
Kimiň rehmi geldi gözde ýaşyňa,
Ne külpetler düşdi seniň başyňa,
Mähribanym, sen hem esen-amanmy?
-
Men bagtygarany agtaryp giden,
Ankanyň şähriniň ýoluny tutan,
Niçe bir külpetler başyndan öten,
Haly perişanym, esen-amanmy?
-
Yşkyň derýasyna men gitdim akyp,
Seni bul ýerlerde otlara ýakyp,
Sen ýygladyň meniň ýoluma bakyp,
134
Söwer ýarym, sen hem esen-amanmy?
-
Meni istäp çykdyň niçe ýollara,
Zeýnelarap diýip, gezip çöllere,
Meniň üçin garyp bolup illere,
Ýagşydan nyşanym, esen-amanmy?
-
Şazada diýr, her ýan boldum awara,
Sen ýyglaban galdyň ah bile zara,
Meniň üçin kyldyň bagtyňy gara,
Biarmanym, sen hem esen-amanmy?
Elkyssa, bu sözden soň birniçe gün aýşy-eşrete meşgul boldular. Emma bir niçe
günden soň barçanyň köňli Medinä maýyl bolup, bisýar bitakat we biaram bolup,
Şahymerdana arz edip, gider boldular. Emma Şahymerdan Jemhury şähri-Kamusa
patyşa kylyp, köp pendi-nesihat kylyp, gaýdar boldy. Emma Jemhur şazada niçe
harwar zer berip, at, serpaýlar getirip, geýdirip, Zeýnelaraby uzadyp bejanyby şähriMedinä rahy boldylar.
Elkyssa, Şahymerdan fath-u nusrat bilen düýelere zer artyp, şazadalar we jem
leşger bilen Medinä tarap rowana boldylar. Elkyssa, birniçe menzilleri taý kylyp,
Medinä ýakyn geldiler. Ondan soň Şahymerdan ymam Hasana: «Eý balam, sen
owwalrak baryp ymam Muhammediň enesine, ogluňyz aman-esen geler diýip, habar
bergil » diýdi. Ol wagt ymam Hasan «Ajap bolar» diýip, Medine sary rowana boldy.
Emma ol baranda bibi Hanypa – ymam Muhammediň eneleri şazadany ýat kylyp,
bir muhammes okany bu turar:
Ýedi ýaşynda çykyp, seýri-şikar eden, balam,
Gunça dek janyn beýewanlarda har eden, balam.
Şahymerdan dek atasyn bikarar eden, balam,
Haýl-u hyş-u akrabasyn dilefgar eden balam,
135
Eneýi-zaryn ýolunda intizar eden, balam.
Şahymerdandan hem ondan bolmady hiç bir habar,
Bilmedim, ne haly geçdi, gitdi elimden bidir,
Jüzürlerde boldy haýran, ýuwutdymy bahr-u berr,
Pa şikeste men hassany gan ýygladyp şam-u säher,
Eneýi-zaryn ýolunda intizar eden, balam.
Bilbilim uçdy gitdi, bilmedim galdym garap,
Haýsy gülşeni gonara eýlegendir yztyrap,
Barmykan sag-u salamat, ol ýene ýaşy harap,
Bir ýene gelgeými diýp, çeşmim pür ab, bagrym kebap,
Eneýi-zaryn ýolunda intizar eden, balam.
Bir eziz başyň alyp, çöllere gitdiň sen garyp,
Haýsy ýerni mesgen etdi, haýsy menzile baryp,
Haýsy zyndan içre galdy reňňi-roýy sargaryp,
Gitdi ýalňyz başyn alyp, bahr-u berr içre girip,
Eneýi-zaryn ýolunda intizar eden, balam.
Bu Hanypa zary ýyglaýdyr balasyn agtaryp,
Nury-çeşmi-kuwwaty, derde dowasyn agtaryp,
Gan ýuwdar her dem ýene sahyp dogasyn agtaryp,
Neýlesin ondag ýitiren rahnemasyn agtaryp,
Eneýi-zaryn ýolunda intizar eden, balam.
Elkyssa, bul gazaly okap erdi. Şol wagt işikden ymam Hasan salam berip:
«Walydaýy-mähriban, enem, söýünji beriň, ogluňyz ymam Muhammet atalary bilen
aman-esen gele turarlar» diýdi. Hanypa biçäre bu sözi eşidip daşa çykar boldy we
ýene, «Bihaýalyk bolar» diýip, öýde oturdy. Bu sözi eşidip, Medinäniň uly-kiçi
136
adamlary Hezreti Alynyň aldyna pişwaz-pişwaz çykyp görüşdiler. Ondan soň ymam
Muhammet bilen görüşdiler. Soň barça adamlar Hezreti Alynyň aldyna düşüp
Medinä geldiler. Ondan soň ymam Muhammet atalaryndan rugsat alyp, owwal baryp
bibi Patmany zyýarat kyldy, soň eneleriniň ýanyna bardy. Emma Hanypa biçäre
Ymamy görüp, bihuş bolup ýykyldy. Bir zamandan soň huşuna gelip: «Indi ölsem
hem armanym ýokdur» diýip, Ymamyň başyndan aýlandy. Elkyssa, eneleri bilen
hal-ahwal soraşyp, her biri bir gazal okadylar.
Ymam Muhammet:
Meniň üçin gamda ömrün ötüren,
Gamgusarym, gamhor enem, amanmy!
Ak süýt beren, kiçilikde göteren,
Gamgusarym, gamhor enem, amanmy!
Bibi Hanypa:
Şikar edip enesini ýitiren,
Garyp bolan, garyp balam, amanmy!
Garyplykda eziz başyn ötüren,
Garyp bolan, garyp balam, amanmy!
-
Başyna çadyr-u mygjaryn alan,
Babamyz gabrynda pyganlar kylan,
Gözýaşyn dökübän gussalar düzen,
Gamgusarym, gamhor enem, amanmy!
-
Aşyklyk söwdasyn başyna salan,
Bir dilberiň baryp köňlüni alan,
Jebri-zyndan çekip gam bile galan,
Garyp bolan, garyp balam amanmy!
137
-
Takaty galmagan pelek jebrine,
Başyn uran pygamberiň gabryna,
Çydalmagan balasynyň jebrine,
Gamgusarym, gamhor enem amanmy!
-
Semender dek köýüp-ýanyp kül bolup,
Saňsar bolup, daglar bile çöl gezip,
Zyndan içre bendi bolup, gul bolup,
Garyp bolan, garyp balam, amanmy!
-
Başyna düşüp aýralygyň belasy,
Hiç tapylmaz köňüldäki dowasy,
Ilim-halkym, gözüm agy-garasy,
Gamgusarym, gamhor enem, amanmy!
-
Dilrubanyň yşky düşüp zyýada,
Dag-u çölde daýym kylmyş erada,
Ýeter men diýip, daýym maksat-myrada,
Garyp bolan, garyp balam, amanmy!
-
Şazada diýr, Huda kyldy enaýat,
Babamyzdan bu gün boldy hemaýat,
Şükür Alla, gördük sag-u salamat,
Gamgusarym, gamhor enem, amanmy!
-
Hanypa diýr, sen-sen meniň syrdaşym,
Ýalňyzlykda golum tutar goldaşym,
Rehmi gelip Huda beren ýoldaşym,
Garyp bolan, garyp balam, amanmy!
138
Elkyssa, ondan soň şazada ymam Muhammet tamam halk-halaýyk bilen görşüp,
hal-ahwallaryny soraşyp durdular. Emma Şahymerdan we şazada ikileri Medinäniň
içinde munady kyldyryp: «Her ýerde garyp-gasar bar bolsa, gelsin» diýip, habar
berdiler. Jem halaýyk ýygyldylar.
Hezreti Şahymerdan barçasyna mal-emlägini taksym kylyp berdi. Ondan soň
Medinede toý-tomaşa kylyp, barça möminleri memnun kyldylar. Elkyssa ene-ogul
bir-birine goşulyp myradyna ýetdiler. Zeýnelarap hem ýary bile myradyna ýetdi.
Allatagala hemmäni myradyna ýetireý. Amin.
Temmetil-kitap.
139
Sözlük we düşündiriş
A
Ab – suw, gözýaş. Aby-haýwan (Aby-haýat) – ýaşaýyş suwy, dirilik suwy,
Aby-zulal – dury, suw.
Abdar – 1. Ýaldyrawuk, sap, ararssa, taplanan. 2. Suwly, şireli. 3. Hanjary-
abdar – poladyna suw berlen hanjar.
Aby-neýsan – ýaz ýagyşy.
Adaplap – edep bilen.
Afuw – bagyşlama, günäni geçme.
Afytap – Gün, Güneş, ýagtylyk.
Agaz – başlangyç, öň, baş.
Ahat – ýeke, ýeke-täk, ýalňyz. Allatagalanyň ady.
Ahu – jeren.
Ahy-efgan – 1. Nalyş, aglama, möňňürme. 2. Owgan.
Ahyryl-emr – ahyrynda, iň soňunda.
Ahysta – ýuwaş, assa.
Ajaýyb-u garaýyp – geň we täsin zatlar.
Ajyk – gahar.
Akd – şertnama, ylalaşyk, baglama.
Akdy-nika – nika, nika şertnamasy.
Akraba (bs, karyb) – garyndaşlar.
Alhamdililla – Alla hamdy-sena, öwgüler bolsun!
Allahu ekber – Alla iň beýikdir.
Aly – ýokary, beýik, oňat, ýagşy.
Alys – daş, uzak.
Amut – sütün, direg, naýza, amudy-geran – agyr naýza.
Amutbazlyk – naýzalaşmak.
140
Anka – 1. Mekir, hilegär. 2. Halk rowaýatlaryna göre, göýä Kap dagynda
ýaşaýan fantastiki guş.
Apa – aýal dogan.
Aperin – 1. Berekella! 2. Öwgi, taryp.
Ar – aýyp, masgaraçylyk.
Artmak – ýüklemek.
Arz – haýyşy beýan etmek, görkeziş.
Asan – aňsat, ýeňil, sada.
Asar (eser) – 1. Kitap, ýazgy bilen galdyrylan ýadygärlik. 2. Yz, nyşan,
alamat. 3. Eserler, ýadygälikler.
Astan – bosaga, huzur.
Asy – günäkär.
Ata – bermek, eçilmek.
Awara – sergezdan, ykmanda, il-günden aýrylan.
Aýneýin – (ikilik san) iki göz.
Aýyl – çeki (atyň çekisi).
B
Bady-hazan – güýz şemaly.
Bahadyr – batyr.
Bahr – deňiz,
Bahr-u berr – deňiz we gury ýer.
Bakerem – keremli, jomart.
Bal – guýruk.
Batman – agyrlyk ölçegi.
Batyl – boş, netijesiz. nädogry, bozuk, biderek.
Baz I – açyk, çözülen, çöşlenen.
Baz II – ýene, ýene-de, täzeden, gaýtadan.
141
Baz III – «Bahtan» sözünden bolup, goşma sözleriň «oýnaýjy, oýunçy, bir
zady söýýän, bir zat bilen meşgullanýan» manylary aňladýan bölegi. Mes.
Kartbaz – kart oýnamany söýýän, rysmanbaz – tanapyň, üstünde oýnaýan.
Baz IV – tirsek (bir tirsek) – uzynlyk ölçegi.
Bazy – laçyn, algyr guş.
Be – 1. Bilen, bile, bilelikde. 2. Ýöneliş düşümiň goşulmasy-«a»-«e»
goşulmalary. Be namy – ady bilen, adyndan. Be hökmi – hökmi bilen.
Beçje – çaga, bala, oglan.
Beçjeýi-hurt sal – kiçi ýaşly, çaga.
Begaýet – çenden aşa, köp.
Behakky – haky üçin, hakyna, hormatyna.
Benägäh – birden, birdenkä, tötänden, duýdansyz.
Bendenowaz – bendäni söýýän. Allataga mahsus bolan sypatlaryň biri.
Beni Haşym – Haşym ogullary. Haşym ibn Abdy Menaf. Yslamdan öň kuraýş
taýpasynyň kethudalarynyň biri. Haşymylar şol sanda Muhammet pygamber hem
onuň neberelerindendir. 524-nji ýylda dünýäden öten.
Berbat – weýran etmek.
Berpa – berk, pugta, mäkäm, götermek.
Beşer – adam, ynsan.
Betaryk – Hökmünde, ýörelgesinde, degişlilikde. Betaryky garawul – garawul
hökmünde, garawul edip.
Betmezhep – ýalňyş ýörelge, nädogry ýol.
Beýekbar – birden, tötänden, garaşylmadyk ýagdaýda.
Beýewan – çöl, sähra.
Beýewar – birden, tötänden, duýdansyz.
Bezm – toý-meýlis, şatlyk, keýpi-sapa.
Biadet – sansyz.
Bidar – oýa, ägä, seresap.
Bidin – dinsiz.
142
Bidir gitmek – çapalap gitmek, ylgap gitmek.
Bigäne – keseki, ýat.
Bih – kök, esas, düýp.
Bimar – kesel, hassa, nähoş, nesag, dertli.
Binam – atsyz.
Binehaýat – çensiz-çaksyz, ummasyz, kän.
Biser-u saman – öýsüz-ilsiz, sergezdan.
Bişe – jeňňel, tokaý.
Biukul – akylsyz, akmak.
Boýun sunmak – boýun egmek, boýun bolmak.
Bulak – çeşme.
Burun – ozal, öň.
Byradar – dogan, garyndaş.
Ç
Çah – guýy, çukur.
Çarbag – bakja, seýilgäh.
Çarh – 1. Bagt. 2. Çarh, tigir. Çarhy-gerdun – pelek çarhy. 3. Gümmez.
Çerik – goşun.
Çeşm – göz, garak, göreç. Çeşmi-nem – göz ýaş. Çeşmi-seýil – göz ýaşlaryň
sili. Çeşmi-humar – süzgek göz, serhoş göz, gyzaran göz.
Çäk – ýyrtmak, ýirik, ýyrtylan. Giribany-çäk etmek – ýaka ýyrtmak, ahy-nala
etmek.
Çäştgäh – daňdan, säher wagty.
Çün – misli, ýaly, dek.
Çüsti-çapyk – derrew, dessine, tiz, çalt, çalasyn.
D
143
Dahyl – 1. Girýän, aýak sekýän. 2. Dahylly, degişli. 8. Içki görnüş. 4.Girme,
giriş. Dahyl bolmak – 1. Aralaşmak, girmek, gatyşmak. 2. Gowuşmak,
sataşmak, birek-birege duş gelmek.
Dal – 1. Arap elipbiýsiniň 8-nji harpy. 2. Ebjet hasabyndaky san birligi. 3.
Bükük, eglen, bükülen. Dal-gerden – bükük arka.
Dam – 1. Duzak, gapan, tor. 2. Eldeki haýwan,
Daman (damen) – syý, etek, eňňit, ýapgyt.
Danyşment – alym, bilimli, akylly adam.
Daýym – hemişe, mydama, hemme wagt.
Dehr – 1. Dünýä, älem, jahan, materiýa. 2. Wagt, döwür, asyr, ebedilik,
mydamalyk. 3. Täleý, ykbal, maňlaý.
Delalat – görkezme, maslahat, nesihat, salgy berme.
Dem-ä dem – minutma-minut, minutsaýyn.
Demsaz – ýakyn ýoldaş, syrdaş, söhbetdeş, gürrüňdeş.
Der I – pars dilinde türkmen dilindäki wagt-orun düşüminiň hyzmatyny ýerine
ýetirýen kömekçi söz. Der ber-ýanda, gapdalda.
Der II – gapy, işik.
Deraz – uzak, uzyn.
Derber kylmak – götermek, geýmek, gujaklamak.
Dergäh – 1. Bosaga, gapynyň öňi. 2. Köşk. 3. Patyşanyň. huzury, Hudaýyň
ýany.
Dermende – biçäre, ejizi.
Dest – el, gol; Desti bagt – bagt goly.
Deşt – sähra, çöl, düzlük.
Dilawer – batyr, gahryman.
Dildada – aşyk.
Dilefgar – gaýgyly, gamly, gussaly, tukat, ünjüli.
Dilruba – ýürek awlaýjy, ygtyýaryny alyjy, gözel, ajaýyp, söýgüli.
144
Dilteň – gussaly, gaýgyly, gamgyn, tukat, sustupes.
Dowan – ylgatma, ylgap, ylgaýan.
Dubara – ikinji gezek, gaýtadan.
Dugana – jora, iki gat, iki in, iki rekagatdan ybarat namaz okama.
Durut – doga, salam.
Duwwum – ikinjiden, ikinji.
Dürefşan – dilewar, aýdyň, gepe çeper.
Dürri-ýegan – ýeketäk göwher.
E
Ebri-neýsan – ýaz buludy.
Ebri-nowbahar – baharyň ilkinji günleriniň buludy. Bu klassyky edebiýatda,
şol sanda Andalypda hasratly gözýaş hökmünde köp ulanylypdyr.
Efgar – 1. Gaýgyly, gussaly, ýadaw, ýaraly. 2. Ýaraly, biçäre.
Efser – täç, jyga, ofiser.
Eks – surat, keşp.
Ekser – köp, köpüsi, aglabasy.
El-aman – günä geçilmegini soramak, ötünç dilemek, ýetişiň, kömek ediň.
Perýady-el-aman – kömege çagyrýan ses.
Elem – azap, agyry, dert, gam, gaýgy, gussa.
Elgaraz – bir söz bilen aýdanda, gysgaça aýdanda, sözüň gysgasy, gepiň
keltesi.
Elhan (bs.lahn) – owazlar, äheňler, mukamlar.
Elhezer – howp, gorky, seresap bolmak.
Elip – »‫« ا‬arap alfawitinde ilkinji harp. Gündogar edebiýatynda, şol sanda
türkmen klassyky edebiýatynda adamyň ýigit, ýaş döwründäki dik syratyny
elip harpyna garrap bili bükülen syratyny bükük ýazylýan «dal» (« ‫)» د‬
harpyna meňzetmeklik däp bolupdyr.
145
Elip-lam – » ‫ « ال‬arap alfawitinde elip hem-de lam harpynyň goşulyp ýazylmagy.
Iki golun elip-lam kylyp – iki golun göterip.
Elwan – reňkler, dürli-dürli reňk.
Emri-nehin – buýurlar we gadagan edilen zatlar.
Enaýat – 1. Mylaýymlylyk, gowy niýetlilik, mähirlilik. 2. Alada, ünji, rehim,
goldaw.
Endek – azajyk, sähelçe, az wagt, bir pursat.
Endişe – gam, gussa, ünji, alada, ýaýdanma.
Era – içre, içinde. Meýdan era – meýdan içinde.
Erada – maksat, niýet, isleg.
Erk – gala, köşk.
Esnad (bs, sened) – 1. Deliller. 2. Pul resminamalary. 3. Abraý.
Eşhedu en lä ilähe illalla we eşhedu enne Muhammeden Resulalla – Alladan
başga Hudaýyň ýokdygyna we Muhammet Allanyň ilçisidigine şaýatlyk edýärin.
Eşk – gözýaş.
Etrap – 1. Gapdal, ýan, ugur, daş-töwerek. 2. Şatlyk, aýş-eşret.
Ä
Äşe – Muhammet pygamberiň aýaly, Abu Bekriň gyzy. 678-nji ýylda dünýäden
öten.
F
Farg – 1.Şaha, pudak. 2.Gol, derýanyň şahasy. 3.Nesil, nebere, urug.
Fath – açmak, eýelemek.
Feramuş – ýatdan çykarma.
Ferraş – hyzmatkär, öý süpürýän.
Fewwara – 1. Suw çüwdürimi, joşmak, gaýnamak. 2. Şolbada.
G
146
Galaba kylmak – üstün çykmak, ýeňmek, basmak.
Gar – gowak.
Garyb-u guraba (bs,garyp), (kp, guraba) – ýat iller.
Gaýybana – görmezden.
Gaýyp – görünmeýän, göze görünmezlik, ýaşyryn, gizlin, syrly. Gaýyp boldy
– ýitirim boldy, gözden ýitdi.
Ger – 1. Bagt. 2. Güýç, kuwwat, gurbat, gurp.
Geran – agyr, kyn, müşgil.
Gerd (gert) – çaň, tozan, tot.
Gerdun – 1. Pelek, asman; maňlaý, takdyr, ýazgyt, 2. Aýlanýan, çarh, tigir.
Gäh – 1. Käwagt, kämahal. 2. Saman, külke saman..
Gibr – otparaz, mejusy.
Gile – şikaýat, zeýrenme, käýinç, göwün galmaklyk.
Giriban – eşigiň ýakasy.
Giriftar – tutulan, ele düşen, bent edilen, ýesir alnan, sezewar edilen.
Girýan – aglaýan, eňreýen; aglaýan halda, gözi ýaşly.
Gorgan – gala.
Görüstany-Bakyýa – baky, ebedi. Medinede Muhammammet pygamberiň
metjidiniň golaýynda ýerleşýän gabrystan.
Gubar – 1. Çaň, tozan, tot. 2. Gaýgy, gussa, gam. 3. Kine.
Guftar – söz, gürrüň.
Gulap – gyn, guty, gap, bir zadyň daşy.
Gulgula – galmagal, goh, suwuň şarlap akmasy (çeşme), suwuň, bulkuldysy
(çüýşeden, küýzeden guýlanda), başagaýlyk, aljyraňňylyk, uly dabara.
Gulman – (bs, gulam). 1. Oglan, ýigit. 2. Hyzmatkär. 3. Behiştdäki
hyzmatkärler. 4. Gulman (has at).
Gur – güýç-kuwwat, guşak.
147
Gurbatlyk – 1. Aýrylyk, jyda düşmeklik, garyplyk. 2. Golaýlyk, ýakynlyk,
goňşulyk. Gurbatzede – aýralyga düşen, aýralyga sezewar bolan, Watandan
jyda düşen.
Guý – aşak. Başyny guý saldy – başyny aşak saldy
Güftegüý – gürrüň, gürrüň etme, sözleşme.
Gürzi – demirden ýasalan tokmak.
Güşaýyşlyk – 1. Açma, açylyş. 2. Çözme, çözgüdini tapma.
Güzer – geçelge, olum, inelge.
Gydyrmak – ýöremek, agtarmak, gözlemek.
Gyl – zynjyr.
H
Haly – 1. Boş, azat. 2. Çöllük, ýaşalmaýan ýer.
Hamdy – öwgi we alkyş, öwgi hem doga.
Hamyla – 1. Göwreli, bogaz. 2. Hasylly, miwe getirýän, miwe berýän.
Handan – gülüp duran, gülýän, şadyýan, açyk, güler ýüzli.
Hannan – 1. Iň rehimdar, iň merhemetli, iň şepagatly, iň sahy. 2. Allatagalanyň
sypaty.
Hanypa – ady Howla binti Japar Ýemämede. Häzirki Saud Arabystanyň merkezinde
ýerleşen hanapyýa taýpasyndan. Hezreti Abu Bekriň halypalyk eden döwründe
ýesir alnyp, şol döwürde hezreti Aly oňa öýlenipdir.
Hap – uky, düýş. Hap-alut – oýaly-ukyly, uky garyşyk.
Hapyz – 1. Goraýjy, saklaýjy, ýatdan bilýän, Gurhany ýatdan bilýän adam.
Hararat – gyzgynlyk, yssylyk.
Haremhana – aýallaryň ýaşaýan, bolýan ýeri.
Harwar – ölçeg birligi, üç ýüz kilograma barabar.
Has –1. Çöp – çör. 2.Ýokary gatlak: mahsus. 3. Bozgak.
148
Hasan – Alynyň Patmadan bolan ilkinji ogly. Kakasy Aly öldürilenden soň halypa
bellenýär. Ýöne, ol musulmanlaryň arasynda uruş bolmazlygy üçin halypalygy
Mugawyýa tabşyrypdyr. Ol 670-nji ýylda Medinede dünýäden ötýär.
Hassa – ýadaw, gamly, gussaly, gaýgyly, hassa.
Hast – isleg.
Haýat – ýaşaýyş, dirilik, durmuş.
Haýbar – häzirki Saut-arabystanda ýerleşýän bir jülgäniň ady. Haýbarda ýerleşen
galanyň ady.
Haýdar – 1. Ýolbars. Alynyň lakamlarynyň biri. 2. Gaýratly, edermen, batyr.
Haýl – 1. Nesil, topar, tire. 2. At, ýylky.
Haýma– çydar, palatka.
Haýrat – Haýyr sözüniň köplük sany. Haýyrlar, haýyr-yhsanlar, ýagşylyklar,berimpeşgeşler.
Haýýat – tikinçi.
Heläket – heläkçilik.
Hemdem – çyn dost, hakyky dost, ýürekdeş dost.
Hemhana – bir öýde ýaşaýan, ýoldaş.
Hemle – hüjüm, çozuş, darama, dökülme.
Hemneşin – gürrüňdeş, bile oturyp-turýan.
Hemsöhbet – söhbetdeş, gürrüňdeş.
Hemze – Muhammet pygamberiň dogan oglany. Küreýş taýpasynyň kethudalarnyň
biri bolupdyr. Uhut söweşinde şehit bolupdyr.
Hendek – çukur.
Hezreti Aly – dört çarýarlaryň dördünjisi. Muhammet pygamberiň dogan oglany
hem-de giýewisi. Bedr, Uhut, Haýbar, Handak, Huneýn söweşleriniň gahrymany,
pälwany. Osman öldürlenden soň halypa bellenýär. 661-nji ýylda bir haryjy
tarapyndan öldürilýär.
Hezreti Omar – dört çarýarlaryň ikinjisi. Ilkinji «möminleriň emiri» ady alan.
Adalatly şahsyýet hökminde mehurlyk gazanan. Onuň döwründe Sasany hem-de
149
Wizantiýa imperatorlyklary musulmanlaryň gol astyna geçýär. Ol esgerlere aýlyk
bermek üçin ýörite diwan döredipdir. Omar 644-nji ýylda pars milletinden bolan
Abu Luwluwa tarapyndan öldürilýär.
Häzir – bar, ýanynda. Häzir-u nazyr – ýanynda görüp dur.
Hidaýat – dogty ýol, dogry ýola salmak.
Hijran – aýralyk, taşlamak.
Howala kylmak – 1. Zyňmak, oklamak, taşlamak. 2. Tabşyrmak, ugratmak,
ibermek, uzatmak, ýüzlenmek.
Howaryj (bs. haryjy) – 1. Ýeretikler, ýoldan çykan adamlar. 2. Çet ýurtly
adamlar.
Hudawend-ä – eý Taňry, eý Hudaý, eý Hökümdar.
Hudaý tebärek we tagala – hemmeden beýik (uly) hem goldaýjy Hudaý.
Hudaýy-hiždeh hezar – on sekiz müň älemiň Hudaýy.
Hulky-yhsan – ýagşy gylyk häsiýet.
Hunaba – ganly ýaş, azap çekmeklik, gan ýuwutmaklyk.
Hunbar – gözi gyzarmak, göze gan inmek.
Hup – 1. Gowy, ýagşy, oňat. 2. Gözel, owadan, ajaýyp. 3. Mähirli mübärek. 4.
Söýmeklik, gowy görmeklik.
Hursant – şat, şadyýan, keýpi kök.
Hurşyt – 1. Gün, güneş. 2. Owadan, Hurşydy-hawer – ýagtylyk, Hurşydy-
taban – ýagty güneş.
Huruş – gykylyk, galmagal, ses, owaz.
Huseýin – Alynyň Patmadan bolan ikinji ogly. Medinede ýaşapdyr. Mugawyýanyň
ogly Ýezidiň halypalygyny ykrar etmeýär. Soňra 680-nji ýylda Kerbelada öldürilýär.
Husn – 1. Görk, gözellik, owadanlyk.
Huş (wuhuş) (bs, wahş) – ýyrtyjy haýwan, ýabany haýwan.
Hüý – gylyk, häsiýet.
Hüýr (hur) – jennetde bolýan owadan gyz.
Hylapat, halypalyk – 1. Ýurt baştutanlygy. 2.Başga biriniň ornuna geçmek.
150
Hyraj – salgyt, paç, ýer üçin töleg.
Hyş – kowum-gardaş, garyndaş.
Hyýra – 1. Gözüň göreji peselmek, garaňkylamak. 2. Geň galmak, haýran bolmak.
I
Iba kylmak – ret etme, inkär etme, ýüz dönderme.
Imtihan – synag, barlag.
Intizar – garaşmak, gözüň ýolda galmak.
Isgender – dünýäde iň meşhur söweşijileriň biri. Zülkarneýn adyny göteren.
Makadoniýanyň patyşasy Filipsiň ogly. Biziň eýýamymyzdan öň 336-njy ýylda
kakasynyň ornuna geçýär. Wawilýonda dünýäden ötüpdir.
Ismi-agzam – beýik at, Hudaýyň ady. Hudaýyň atlary sanalýan doga.
Istiganat (ystyganat) – kömek sorama, goldaw isleme, ýardam berilmegini
haýyş etme, haraý gözleme.
J
Jama – eşik, geýim, lybas, Jamaýy-surh – gyrmyzy lybas.
Jebraýyl – Allatagaladan pygamberlere habar getirýän perişde.
Jed – ata-baba, urug başy, ata.
Jenädil – Ägirt daş.
Jennetil-mägwa – jennet öýi, rahatlyk jenneti.
Jerahat – ýara.
Jezire – ada.
Jiger – bagyr.
Jigergüşe – 1. Iň söýgüli adam, iň ýakyn adam. 2. Perzent, çaga.
Jigerhun – bagyr gany.
Jilwe – nur, ýalkym, şugla, ýalpyldy. Jilwe bermek – ýalkym saçmak, şöhle
salmak, görk, gözellik.
151
Jirjis – Pygamberleriň biri rowaýatlarda aýdylmagyna görä, ol öz ynanjyndan
dänmänligi üçin, ony para-para edýärler, emma ol ýene diri galýar. Şeýle
ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanypdyr.
Jism – beden, ten, endam.
Joş – 1. Gaýnama. 2. Gowga, tolkun.
Jöwlan – towusma, çapma, aýlanma, pyrlanma.
Juwanmert – ýaş ýigit.
Jüstejuý – gözleýişler, agtaryşlar, indeýişler.
Jüzür (bs, jezire) – Adalar.
K
Kabyla – taýpa, tire.
Kadyr – güýçli, gudratly, gurply, kuwwatly. Allatagalanyň ady.
Kamat – boý, göwre, syrat, sypat, beden gurluşy.
Katdy-möwzun – boýly, syratly.
Katg – kesip geçme, kesip geçiş, kesip bölme, kesip aýyrma. Katgy-menäzil –
ýol geçmek.
Katly-aam – köpçülikleýin öldürmeklik.
Katra – damja.
Kaýym – dik durmak, turmak.
Kazaýy-hajat – aýak ýoluna gitmek.
Kebg – käkilik.
Kelemeýi-şerip – 1. Hormatly, şöhratly söz. 2.«Lä ilähe, illalla, Muhammet
Resulalla» diýmek.
Kement – ýüp, tanap.
Kementbaz – kementçi, kement oklap bir zady tutujy, tor, duzak gurýan.
Kergerdan – kerk.
Kernaý – saz guraly (üflenip çalynýan bu saz guraly köplenç goşun urşa
başlamakçy we hüjüme geçmekçi bolanda çalypdyr).
152
Kerrar – 1. Öwrülýän, dönýän, jöwlan urýan, aýlanýan. 2. Hüjüm ediji, hemle
urujy, dönüp-dönüp hüjüm edýän. 3. Hezreti Alynyň lakamlarynyň biri. Çünki
ol söweşde duşman saplaryna gorkusyz-ürküsiz gaýta-gaýta, dönüp-dönüp
hüjüm eder eken, hiç bir zatdan endişe etmez eken.
Keşwer – 1. Ýurt, watan, ülke, mekan. 2. Oblast, zona, guşaklyk.
Keýn – yz, art.
Kän – magdan, hazyna.
Kowl – söz, gürrüň.
Köşe – gyra, bir zadyň bölegi, bir ýeriň burçy.
Köý – oba, mähelle.
Kudek – çaga, bäbek, bala, körpe, oglan.
Kuffar (bs. kapyr) – kapyrlar.
Kulah – telpek, baş gap.
Kulhu Allahu ahat – Gurhany-Kerimiň «Yhlas» süresiniň başy. «Aýt, Alla birdir».
Külpet – 1. Görgi, azap, kynçylyk, muşakgat, zähmet, derdeser, biderek
zähmet, argynlyk. 2. Gyrnak, çory, hyzmatçy aýal.
Kumaş – mata.
Künj – burç.
L
Lagyn – näletlenen, şeýtan, nälet siňen, gargyş siňen.
Lahza – 1. Az salym, az pursat, göz açyp ýumasy salym. 2. Nazar, garaýyş,
bakyş, gözleýiş.
Lakap – lakam, at.
Lap urmak – öwünmek, magtanmak, haýbat atmak.
Lat-Menat – butparaz araplarynyň çokunan butlary.
Lazym – 1. Gerek, zerur, gerekli. 2. Musulmançylykda edilmegi hökmany
hasaplanylýan iş.
Leb – 1. Dodak. 2. Kenar, gyra, ýaka.
Lerze – titreme, gagşama, gymyldy.
153
Lerze salmak – lerzana salmak, sarsdyrmak, sandyratmak, endiretmek.
Letafat – mähirlilik, ýakymlylyk, gözellik, näziklik, ýumşaklyk, inçelik,
nepislik.
Leýken – emma, ýöne.
Lä ilähe illalla, Muhammet Resulalla – Alladan başga Hudaý ýokdur. Muhammet
Allanyň ilçisidir.
Läjerem – şeksiz, gümansyz, alaçsyz, çäresiz, nalaç.
Lutp – 1. Rehimdarlyk, mähribanlyk, merhemetlilik, ýakymlylyk, ýürekdeşlik.
2. Näziklik, gözellik, ajaýyplyk.
M
Magasy (bs, magsyýa) – günäler.
Magrur – tekepbir, men-menlik edýän.
Magşar (mahşar) – 1. Sorag edilýän gün, sud edilýän gün. 2. Kyýamat,
ahyret. 3. Aljyraňňylyk, basa-baslyk, bulam-bujarlyk.
Magtanmak – öwünmek.
Mah – aý (wagt), Aý (planeta).
Mahbubyl-kulup – hemmäniň söýýäni, hemmäniň hormatlaýany.
Mahpara (mehpara) – ajaýyp, owadan, görmegeý, aýyň bölegi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zeýnelarap - 8
  • Parts
  • Zeýnelarap - 1
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 1827
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 2
    Total number of words is 4075
    Total number of unique words is 1602
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 3
    Total number of words is 3978
    Total number of unique words is 1730
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 4
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1741
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 5
    Total number of words is 3927
    Total number of unique words is 1697
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 6
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 1663
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 7
    Total number of words is 3474
    Total number of unique words is 2203
    22.8 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 8
    Total number of words is 1884
    Total number of unique words is 1471
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.