Latin

Zeýnelarap - 2

Total number of words is 4075
Total number of unique words is 1602
26.0 of words are in the 2000 most common words
38.9 of words are in the 5000 most common words
45.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Hasrat bile nerkes gana doldurmaň,
Beýle syry hiç kimsäge bildirmäň,
Aman boluň, agalarym, hoş indi!

Siziň bilen Hakyň syry pynhana,
Takdyry-Hudaýa geldik amana,
Biz hem gitsek gelmegimiz gümana,
Hoş indi, jan inim, bargyl, aman bol!
21

Barsa gelmez ýol gider men azaşyp,
Niçe daglar, niçe düzlerden aşyp,
Meniň üçin hiç kim köýmesin bişip,
Aman boluň, agalarym, hoş indi!

Agalaryň aýdar, niçe ýyl-u aý,
Aman tutsun seni keremli Hudaý,
Ýadyňdan çykmasyn menzil, mekan, jaý,
Hoş indi, jan inim, bargyl, aman bol!

Eşidiňler Muhammediň zaryny,
Barsa gelmez ýoluň gezse baryny,
Ahyr baryp taparmykan ýaryny,
Aman boluň, agalarym, hoş indi!
Elkyssa, bu sözden soň, biri-biri bilen hoşlaşyp, her-haýsy bir ýola rowana
boldular. Emma ymam Muhammet agalary bilen widaglaşyp, barsa gelmez ýola
rowana boldy. Katgy-menäzil we taýy-merahyl kylyp, besurgaty-tamam barar erdi.
Nägäh bir gün bir ýere ýetdi kim, bir tarapda çarbagy-jennet asar göründi. Ymam
Muhammet atdan düşüp, be janyby-çarbaga rowana boldy. Nägäh seýr kylyp, o ýanbu ýan nazar kyldy, gördi kim, miweler bişip, dökülip, güller açylyp, bilbiller
saýraşyp, bulaklar her tarapa rowana bolup bara turar.Ýene bir tarapda gördüler bir
haýmaýy-şahana bar turar. Ymam Muhammet «Her niçik syr bolsa, şol haýmada
mälim bolar» diýip, ahysta-ahysta haýmanyň aldyna geldi. Içeri girdi, gördi, kim, bir
kapyr oturyp turar. Kirpikleri ösüp, göz bilen ýüzüni basyp, sakgallary göwsüne
düşüp, ýaraşyk üçin sakgalynyň her taryna dürri-merjen asan we ýanynda wezni ýüz
batman altyndan bir but goýulan. Her zaman ol buta sejde kylar erdi. Emma şazada
işikden girdi. Ol kapyr şazadanyň aýaklarynyň owazyny eşidip, kirpiklerini goly
bilen göterip, şazada garap: «Eý ýaş oglan, ne üçin geldiň, bul buta sejde kyl» diýip,
bu sözi aýtdy. Gazaly-Katran şa:
22
Ne sebäp bilen bu baga,
Ýaş oglan, geldigiň nedir?
Haýmaýy-altyn saraýa,
Ýaş oglan, geldigiň nedir?
Aslydyr Şetdat haýýaty,
Köpdür munuň tagrypaty,
Guş gelse, köýer ganaty,
Ýaş oglan, geldigiň nedir?
Ne jandyr sen, pelek uran,
Muhammet dinine giren,
Lat-Menatdan ýüz öwüren,
Ýaş oglan, geldigiň nedir?
Goýmanam katra ganyňdan,
Aýrylan sen mekanyňdan,
Gorkmaýyn şirin janyňdan,
Ýaş oglan, geldigiň nedir?
Kapyr aýdar, sejde kylgyl,
Lat-Menata bende bolgul,
Ýa janyňdan umyt üzgül,
Ýaş oglan, geldigiň nedir?
Elkyssa, ondan soň şazada aýtdy:
- Bir Hudadan özge kişim ýok turar, bir Hudaýa bende, Muhammede ymmat
bolar men – diýip, bisýar dergazap bolup, gaýraty-pälwanlygy joş urup, ol betbagtyň
butlaryny göterip, mysaly bir ýumruk kesek dek, kapyr tarapa howala kyldy. Ol
23
kapyr bu haly görüp, tagtyndan özüni taşlap gaça başlady. Ol kapyr şazadanyň
gözlerinden pynhan boldy. Ymam Muhammet garady kim, ol kapyr gaçyp barar,
şazada ýüwürdi. Ol kapyr gördi kim, ymam Muhammet kowalap gele turar. Şazada:
- Eý, betbagt, menden gaçyp kaýda barar sen, dur – diýip, munady kyldy. Kapyr
gördi kim, gaçany bilen gutulmaz, naçar:
- Eý hudaýparaz, öz Hudaýyňyzyň haky-hormaty üçin maňa tarahhum kyl,
arkamdan gelmegil – diýip, töwella bilen bidir gaçdy.
Onda şazada:
Bu kapyr Hudany orta saldy – diýip, Hudanyň hormatyny saklap, onuň
yzyndan barmady. Bir lahza aram kylyp, şol jaýda atdan düşüp oturdy. Emma ol
kapyr şähri-Kamusyň patyşasy erdi. Onuň adyna Katran diýer erdiler, ol kapyra
ýedi yklymyň patyşalary permanberdar erdiler. Emma ol kapyr betbagt-u bet endiş
erdi. Niçe müň leşger jem kylyp, çarbaga dahyl boldy. Emma şazada bildi, kim,
binehaýat leşger gelip, çarbagy muhasyra kylyp turarlar. Emma ol kapyrlar hem
gelip garadylar kim, bir ýaş oglan bul bagyň içinde oturyp turar. Haýbatyndan ýergök lerzana durar. Emma kapyrlar maslahat kylyp: «Bul ýaş oglany diri tutaly»
diýip, her haýsysy haýran bolup durdular. Emma ol şirbeçe tenha atyna münüp,
syçradyp, meýdana girip, gylyjyn goluna alyp, manendi-Rüstem anan dek bolup
durdy. Emma ol kapyrlardan mukabylyna bir gibri-zeberdest gelip durdy. Adyna
Tahmas diýer erdiler. Katran şa Tahmasa garap:
- Eý, pälwan, bu oglany baryp diri uşlap-baglap, alyp gel – diýip, emr kyldy.
Ol kapyr-betmezhep gylyjyn goluna alyp, atyny oýnadyp, meýdana girip:
- Eý, beçjeýi-hurt sal, bu işleri saňa kim goýdy? Şanyň aldynda «Mübärizimeýdan men» diýip, atlanyp durup sen, hälä biziň atymyzyň toýnagyn öpgül, maňa
boýun sungul, patyşaymyzdan seniň ötünjiňi diläp alaýyn. Mejlisde sakygärlige
ýagşy erken sen, ýok erse, müň janyňdan bir janyňy gutarmaz men – diýdi.
Emma şazada gaýraty joş urup, dilawerligi dest berip, dergazap bolup, kapyra
garap: «Eý kapyr oglanlygyma ynanmagyl» diýip, bir söz aýtdy. Gazaly-ymam
Muhammet:
24
Hudanyň emrini ýitiren gümrah,
Bu ne sözdür, maňa beýan eýlär sen?
Dilawer esnadyn göteren gümrah,
Özüňi merdana nyşan eýlär sen.
Söweşmäge indi girgil meýdana,
Gylyjym zarbyndan gelgil amana,
Başyňa salaýyn ahyrzamana,
Jähenneme baryp, mekan eýlär sen.
Meýdan içre at oýnadyp ýörer men,
Herne takdyr bolsa, ony görer men,
Bir nagrada ýüz-müň goşun gyrar men,
Lap urdy diýp, ýene güman eýlär sen.
Bahadyrlyk bolsa sende, ýörüşgil,
Naýza sanjyp, at oýnadyp uruşgyl.
Bir naýzada gyzyl gana bulaşgyl,
Gutulmagyň bolmaz, aman eýlär sen.
Şazada diýr, meniň pendim almasaň,
Kine bilen iman arza kylmasaň,
Hak Resulyň peýrewinde bolmasaň,
Öz janyňa özüň zyýan eýlär sen.
Elkyssa, kapyr Tahmas şazadadan bu sözi eşidip: «Bu oglan hetden zyýada
sözler aýdar» diýip, dergazap bolup, şazada naýza howala kyldy. Emma şazada ol
kapyryň naýzasyn golundan alyp, ýakasyndan tutup, bilinden alyp: «Allahu ekber!»
diýip, at üstünden göterip, başyn aşak, aýagyn ýokary kylyp, aýlandyryp, be janybyleşger atyp iberdi. Ol bahadyr: «Waý, öldüm» diýip gygyryp, jany melekil-möwtnüň
25
bazaryna duz satmaga gitdi. Ondan soň bu syry kapyrlar görüp, haýran bolup:
«Muny ýaş diýip, mejlisde sakygärlige ýagşy diýip erdik, bu oglan hup bahadyr
erken. Meger, bul oglan Aly öwladydan bolgaý. Mysaly Aly dek uruş kylar erken.
Biziň halkymyz gözüne hasça ilmez» diýdiler. Emma şazada çün şiri-ýegana dek
bolup, meýdana girip, perýat kyldy kim:
- Eý, Katran, mübäriz pälwan ibergil! Ýok erse, özüň gelgil.
Elgaraz, ol wagtda hiç kimden seda çykmady. Ymam Muhammet atyny oýanbuýan oýnadyp aýtdy kim:
- Eý, kapyrlar, bir-bir gorksaňyz, on-on, ýa bolmasa, müň-müň geliň, ýa
bolmasa, özüm baraýynmy? – diýen wagtda Katran şa naçar bolup, Ymlak diýen
wezirine emr kyldy. Ol zyýada pälwan erdi. Ol
- Eý şa, ol oglany öldürip gelgeý men ýa diri uşlap gelgeý men – diýdi. Şa :
- Meýdana girip, bu şazadany dest be gerden baglap, aldyma getirgil. Özüm
gözüniň oduny alyp, butlara sejde kyldyrmasam bolmaz – diýdi. Erse, Ymlak kapyr:
«Ajap bolar» diýip, meýdana ýöriş kyldy.
Emma şazada görse, bir kapyry-melgun gele turar, haýbatyndan ýer-gök titrär.
Şazada Hudany ýat edip, atyna münüp, Ymlagyň aldyna baryp:
- Eý melgun, asyl zatyňy beýan kylgyl, eger ölseň, binam-nyşan ölmegil –
diýdi. Ol kapyry-melgun:
- Eý beçje, sada sen, niçik söz aýdar sen. Gelip meniň atymyň toýnagyn öpgül.
Patyşa Katrandan günäňi diläp alyp, eltip meýhanada sakylyga goýaýyn – diýdi.
Erse, şazada:
- Aslyňy beýan kyl – diýdi. Erse, Ymlak aýtdy:
- Aslymy beýan kylsam, öz adym Ymlak, atamyň ady Arşun şa erdi.
Şazada aýtdy:
- Men seniň aslyňy hup biler men, ataň atamyň ýary, babaň babam Emir
Hemzäniň ýary erdi. Saňa ne boldy, bu batyl din içre gezer sen? Sen neçün kapyr
dinine girdiň?
Onda Ymlak:
- Atam nadanlykdan sizleriň diniňize girip turar. Men nadan ermes men – diýdi.
26
Onda şazada:
- Eý Hudawend-ä! Bu kapyra ynsap bergil – diýip. Ymlaga nesihat kylyp, bu
sözi aýtdy. Gazaly-ymam Muhammet:
Men seniň aslyň biler men,
Uşbu gün meýdan içinde.
Gel, görüşgil meniň bilen,
Ölmegil arman içinde.
Ataň atam hyzmatkäri,
Babaňyz Hemzäniň ýary,
Seni ne jyn urdy, beri,
Gezer sen Katran içinde.
Gelgil, meniň bile bolgul,
Meniň indi pendim algyl,
Özüňi hak ýola salgyl,
Galmagyl kuffar içinde.
Meniň pendim algyl, Ymlak,
Bolmagyl kapyry-mutlak,
Seniň dek barmykan akmak,
Wepasyz döwran içinde.
Şazada diýr, sen gaçar sen,
Gaçmasaň jandan geçer sen,
Ölüm şerabyn içer sen,
Galmaz sen jahan içinde.
27
Elkyssa, bu sözden soň kapyryň gahary gelip, dergazap bolup, şazada naýza
saldy. Ymam Muhammet naýzasyn elinden alyp: «Ýa, Resulalla, Allahu ekber»
diýip, ýere urup kükregine münüp: «Halyň şulmy» diýip, başyna niçe ýumruk urdy.
Ondan soň bogazyna hanjar goýup, başyny keser boldy. Ýene-de: «Owwal iman arz
kylaýyn» diýip:
- Eý melgun indi sen , musulman bolgaý sen – diýdi.
Ymlak:
- Men musulman bolsam, öldürmeý goýar sizmi? – diýdi.
Onda şazada:
- Eger sen jany-dil bilen musulman bolsaň, goýar men – diýdi. Ol kapyra
keleme arz kyldy. Ymlak betbagt ýalandan musulman boldy. Ýene ol betbagt:
- Eý, şazada, men musulman boldum, indi maňa rugsat beriň, baryp Katrana
pendi- nesihat kylaý, şaýet ki, musulman bolgaý – diýip, şazadadan rugsat alyp,
Katranyň aldyna bardy. Ol kapyr betbagt şazada kylan mekrini bir-bir beýan kylyp:
- Indi siz meniň sözümi alyň. Ol Aly diýen bahadyryň ogly turar. Siz hem bir
ýol bilen ýalandan musulman boluň. Ondan soň şazadany şähere alyp gelip, bir hile
kylyp öldürmesek – diýip, nesihat kyldy. Ol söze patyşa hoşwagt bolup:
- Eý, Ymlak rast aýdar sen, bu ýaş oglan bile barabar urşup bolmaz, mekir-hile
kylyp almasak – diýip, kapyrlar jem bolup, şazadanyň aldyna geldiler we tagzymtowazyg bile baryp, baş goýup, musulman boldular. Mekir-hile bile şähere teklip
kyldylar. Şazadaýy-älem Hudaýa töwekgel
kylyp, çüň şiri-tenha kapyrlar bilen
goşulyp, şähere girdi. Katran betbagt atdan düşüp, şazadanyň jylawlarydan tutup,
pyýada ýüwrüp, yzzat-ekram bilen eltip, atdan düşürdi.
Elkyssa, birniçe müddet aradan ötdi. Kapyrlar ymamyň alajyn tapmadylar.
Emma şazada ýalňyzlyk eser kylyp, köňüllerine ýüz-müň gaýgy-kulpet gelip,
pelekden şikwe kylyp, bir söz aýdanlary bu turar. Gazaly-ymam Muhammet:
Ne adamlar bile tezwir edip sen, eý pelek, neýleý?
Maňa ýüz hile bile zor edip sen, eý pelek, neýleý?
28
Gözüme uky gelmez, köp elem bile musahyp men,
Atam didaryna muştak edip sen, eý pelek, neýleý?
Düşüpdir niçe kapyr içre gurbatlyk garyp başym,
Diýar-u mülk-u ilimden dur edip sen, eý pelek, neýleý?
Ne müşgil munça bidin içre bolmaklyk maňa ýalňyz,
Bu ýaş başymy sen makhur edip sen, eý pelek, neýleý?
Men, eý şazada, düşdüm aýra ilden, hemdemim ýokdur.
Özüňe bir meni magrur edip sen, eý pelek, neýleý?
Elkyssa, şazadanyň ýürekleri köýüp, suw diýip, emr kyldy. Emma Ymlak
kapyr: «Ajap bolar» diýip guwanyp, Katran patyşanyň ýanyna baryp arz kyldy:
- Eý şahy-älem, Muhammediň ajaly dartyp gelen erken. Bizlere Lat-Menat
medet kylan erken. Häli Muhammet maňa suw diýip, emr kyldy. Indi emr kylyň,
Muhammede zähri-heläk berip, öldürer men – diýdi.
Erse, patyşa guwanyp:
- Eý, Ymlak, eger sen şundag işi kylsaň, ymam Muhammedi öldürseň, seni
begler begi kylar men we ýene işiňi serefraz kylar men – diýip, zar-zar ýyglady.
Elkyssa, Ymlak üç kişilik zäheri bir käse suwa salyp, ymamyň aldyna alyp
baryp, goýdy. Şazada suwy alyp içer boldy, baz: «Kapyrlar bu suwa zäher salan
bolmagaý» diýip, güman etdi. Ymlaga:
- Käsäni algyl – diýip aýtdy.
Ymlak aýtdy:
- Eý, şähriýary-älem, neçün suwy noş kylmaý siz?
Şazada:
29
- Eý, Ymlak, atamyz bize: «Eý, oglum, her kimiň öýüne myhman bolsaň abtagamy tä öý eýesi hemra bolup iýmese, sen hem ondan iýmegil» diýip, wesýet
kylyp erdi. Eý, Ymlak, bu suwy owwal özüň içgil, ondan soň men içer men – diýdi.
Onda Ymlak haýran boldy. Ymamyň golundan käsäni alyp: «Içer men» diýip,
turup erdi. Goly titräp, käse ýere düşüp, para-para bolup, zäher döküldi. Ondan soň
ymam bildi we: «Bu kapyr musulman bolany ýok erken» diýip, perişan boldy.
Elgaraz kapyrlar ýene bir hile kylyp:
- Eý, şazadaýy-älem bir ýerde tenha oturyp zyýada dilteň görüner siz. Biziň ilde
bir belent tam bar. Eger oşol tam üstüne çyksaňyz, dünýäniň ajaýyp-garaýyplary
gözüňe jilwe berip görüner, wagtyňyz zyýada hoş bolar – diýip aýtdylar.
Emma şazadaýy-älem zyýada dilteň erdi. Eşitgeç zaman:
- Hup bolar – diýip, ol tama gadam goýdy.
Şazada:
- Eý, Ymlak, mundag jaýlary gören ermes men, sen owwal ýörgül, men
yzyňdan ýörer men – diýdi. Erse, Ymlak çäre tapmaý, owwal ýördi, şazada
keýninden ýördi.
Elkyssa, şazadany Ymlak hiç ýerde gapyl tapmady. Şazadanyň mübärek
nazarlary bir ýana düşdi, gördi kim bir tarapda bir şähri-azym görüner we bir tarapda
gap-gara duman görüner. Emma ol şäheriň aldynda bir uly ot ýanyp durar. Şazada
Ymlaga garap:
- Eý, Ymlak, bu jaýlar, bu tütün, bu ot we bu şäher kimleriň jaýy turar? –
diýip, bu gazaly aýtdy. Gazaly-ymam Muhammet:
Gulak salyp eşit, Ymlak, sözümi,
Bu niçik mekandyr, bu niçik jaýdyr?
Jilwesi bakanda elter gözümi,
Bu niçik mekandyr, bu niçik jaýdyr?
Gözlerim bu menzil gerdine bakdy,
Göz ýaşym suw bolup, her ýana akdy,
30
Bu keşwer ajaýyp, köňlüme ýakdy,
Bu niçik mekandyr, bu niçik jaýdyr?
Bu niçik ülkedir göge barabar,
Müheýýadyr başdan aýagy ekser,
Höwesi-hyýaly köňlümi alar,
Bu niçik mekandyr, bu niçik jaýdyr?
Bir tarapdan ýene gara göründi,
Köňlümiň şuňkary oňa urundy,
Rastyň aýdyp, meni başlagyl indi,
Bu niçik mekandyr, bu niçik jaýdyr?
Bir ýanar ot çykar belent-pest bolup,
Bir habar ber mundan maňa rast bolup,
Şazada diýr, meniň köňlüm mest bolup,
Bu niçik mekandyr, bu niçik jaýdyr?
Elkyssa, şazadadan Ymlak bu sözleri eşitgeç:
- Eý patyşahy-älem, bu şäher Jemhur diýen äriň mekany turar. Emma onuň bir
siňlisi bar, begaýet sahypjemal turar. Emma şol gyza bir döw aşyk bolup turar onuň
howpundan ot ýakarlar, onuň üçin kim, döw otdan gaçar we ýene ol görünen gara
duman döwüň demidir – diýip, bir-bir beýan kyldy. Erse, şazada: «Allahu-toba»
diýip durup erdi.
Ymlak:
- Eý, şazada, on iki ýyl boldy, men hem şol gyza aşyk turar men. Jemhur diýen
ýedi aga-ini turar. Olaryň galasyna adam bara bilmez. Her haçan şikara
çykanlarynda: «Beýewar, Döwsepit gelip, siňlimizi alyp gaçmasyn» diýip, ot ýaka
turarlar.
Emma şazada hem ol gyza gaýybana aşyk bolup, köňül aldyryp:
31
- Eý, Ymlak, indi seniň sözüň bile şol gala barman gaýtsam, namartlyk bolar.
Indi tiz bol, atymy eýerläp getirgil – diýdi.
Derhal Ymlak şazadanyň permanyn tutup atyny eýerläp getirdi. Şazada täk
Rüstem-anan atynyň alty ýerinden aýyl dartyp, ýola rowana boldy. Birniçe menzil
ýol ýöräp, ol jaýa bardy. Emma şazada nazar kylyp gördi, şol keşweriň aldynda bir
çarbag bar erdi. Reňbe-reň güller açylyp, bilbiller saýrap, bulaklar her tarapa akar
erdi. Şundag arassa çarbag turar. Emma şazada atyndan düşüp, atyn sebzezara
iberip: «Ýa Resuly-Huda, senden istiganet» diýip, şasypa gadam goýdy. Emma
şazada ol sypa çykyp, aram alyp dursun. Indi iki kelime sözi Jemhuryň siňlisi
Zeýnelarapdan eşidiň. Emma onuň ýedi agasy bar erdi. Emma ol ýediniň aldyna
çykyp, uruşar bahadyr kişi ýok erdi. Emma agalary şikara gidip erdiler. Olaryň
kadasy şol erdi kim, erteň gidip, agşam geler erdiler.
Elkyssa, Zeýnelarap agalaryn garamak üçin, köşgüň üstüne çykyp garady, erse,
sypanyň üstünde bir ýigit oturyp turar. Jahan tagtyna laýyk erdi. Gollarynda Gurhan
teläwet kylyp oturyp turar. Ýüzüniň nurundan çarbagy münewwer kylar. Emma üç
gije bolup erdi, Hezretii Resulalla sallallahy alaýhy wesellem, Hezreti Aly, kyýamat
rehberi Hanypa we ymam Muhammet Zeýnelarabyň düýşüne girip erdi. Emma
Zeýnelarap Resuly-Hudanyň aldynda musulman boldy. Ondan soň ymam
Muhammedi getirip, ikilerin goşup erdiler. Ymam Muhammediň bu wakadan habary
ýok erdi. Emma Zeýnelarap ýagşy nazar kylsa, düýşünde gören oglany turar. Sabyrtakaty galmaý şazadanyň ýanyna gelip, salam berip, bir gazal aýtdy. GazalyZeýnelarap bu turar:
Essalam-aleýkim, keremli soltan,
Hoş gelip siz ine, menzil-ine, jaý!
Münewwer husnuňdan bag ile bossan,
Hoş gelip siz ine, menzil-ine, jaý!
Muhammet Mustapa gelniniň ogly,
Söýgüli Murtaza Alynyň ogly,
32
Ol käni-sahawat weliniň ogly,
Hoş gelip siz ine, menzil-ine, jaý!
Adyňdyr Muhammet özüň şazada,
Çemenden günçaýy-husnuň zyýada,
Ne sebäpden mundag bolduň uftada,
Hoş gelip siz ine, menzil-ine, jaý!
Medinäniň ülkesiniň şazady,
Beni Haşym kabylasy azady,
Hanypanyň ogly, maksat-myrady,
Hoş gelip siz ine, menzil-ine, jaý!
Başyňy götergil, şafkatly hanym,
Tasatdugyň bolsun, janym-jahanym,
Seýr eýleseň, ine, bagy-bossanym,
Hoş gelip siz ine, menzil-ine, jaý!
Zeýnelarap görüp katdy-nahalyň,
Dilär men, istär men Hakdan wysalyň,
Niçe gündür men aşygam jemalyň,
Hoş gelip siz ine, menzil-ine, jaý!
Elkyssa, şazada bu sözi eşidip garasa, bir perizat göýä, owwaldan gören dek
eşiden dek şazadanyň aslyny beýan kyla turar. Ýene ýagşy nazar kylsa, ýüzlerinde
nury-yslam bark urar. Ajap letafatlyk sahypjemal turar. Leýken, şazadanyň köňli
eräp, Hudadan gapyl bolmaý bu beýti aýtdy. Gazaly-ymam Muhammet Hanapyýa
bu turar:
Beşermi sen, perimi sen, ne jan sen?
33
Görübän mest etdiň meni, perizat!
Meni – Aly ogly kyldyň güman sen,
Görmeý aýan etdiň meni, perizat!
Meniň adym Muhammetdir, ne bildiň,
Beni Haşym neslimi beýan kyldyň,
Salam eýläp, meniň gaşyma geldiň,
Ajap handan etdiň meni, perizat!
Köňlümi bent eýläp zülpüň kemende,
Aklym alyp gaýry şähri-tümende,
Messana-messana gülüp çemende,
Birden haýran etdiň meni, perizat!
Hakyň salamyny berip, söz gatyp,
Zülpi-zerewşanyň perişan edip,
Hormatym sakladyň towazyg tutup,
Eziz myhman etdiň meni, perizat!
Aklym aldy, ruhsaryňa bakanym,
Şazadany wysalyňa ýakanym,
Niçik bildiň Medineden çykanym,
Şazada diýr, güman etdiň, perizat!
Elkyssa, şazadanyň bu sözünden soň, Zeýnelarap: «Men hem şazadanyň sözüne
laýyk bir söz aýtmasam bolmaz» diýip, düýşünde görenini bir-bir beýan kylyp, bir
söz aýtgany bu turar. Gazaly-Zeýnelarap:
Bu gün üç gün boldy girdiň düýşüme,
Mest olup haýranyň boldum, şazada.
34
Rehm eýlegil gözden akan ýaşyma,
Üç gündür girýanyň boldum, şazada.
Muhammet Mustapa düýşüme girip,
«Gelinim» diýdiler, aldylar söýüp,
Size tabşyrdylar merhemet kylyp,
Beýle sergerdanyň boldum, şazada.
Owwaldan tä ahyr eşit bu sözi,
Aly «Oglum» diýdi, görsetdi sizi,
Nika kylyp, size berdiler bizi,
Men seniň keniziň boldum, şazada.
Sözüme sal gulak, goýgul uýadyň,
Bir-bir beýan eýleý aslyňy zatyň,
Muhammet diýp ataň bildirdi adyň,
Şol wagt gurbanyň boldum, şazada.
Bu gije üç gündir ýokdur aramym,
Sibi-zanahdanyň kyldy tamamym,
Täze gül sen, bilip berdim salamym,
Çäki-giribanyň boldum, şazada.
Bir kerem eýlegil, gözüňi açyp,
Sözlegil, agzyňdan dürleri saçyp,
Seni diýp men barça agamdan geçip,
Ýesiri-hijranyň boldum, şazada.
Birniçe okar men yşkyň paslydan,
Adym Zeýnelarap Rüstem nesliden,
35
Bize ýetişmezler adam aslydan,
Haly-perişanyň boldum, şazada.
Elkyssa, ondan soň şazada Zeýnelarabyň sözlerini eşidip, köňüllerinde:
«Babamyz Resuly-Hudany, atamyz Hezreti Aly Şahymerdany düýşümde gördüm»
diýip beýan kyldy. Indi men hem ýarymyň köňli üçin söze muwapyk söz aýdaýyn –
diýip, bir gazal aýtdy:
Niçe gündür men hem çekip jepany,
Sergerdanyň bolup, saňa gele men.
Başyma artdyryp niçe belany,
Perişanyň bolup, saňa gele men.
Seniň üçin köýüp, ýanyp kül bolup,
Duşmana goşuldym, baryp il bolup,
Men hem saňa gaýybana gul bolup,
Mähribanyň bolup, saňa gele men.
Mekgäniň ilinde kowum-gardaşym,
Nerkesimden akyp ýollarda ýaşym,
Alys düşüp ilden, ýalňyz bu başym,
Natuwanyň bolup, saňa gele men.
Başym aýrylmady dagy-pyrakdan,
Bir posa ber, janym, ýuwka dodakdan,
Baga şöhle urar gyzyl ýaňakdan,
Mysapyryň bolup, saňa gele men.
Şazada diýr, guçsam näzik biliňden,
Sözlegil dür saçyp şeker lebiňden,
36
Habar bergil maňa, sen öz iliňden,
Negahbanyň bolup, saňa gele men.
Elkyssa, şazada bu sözleri tamam edenden soň, Zeýnelarabyň sabyr-aramy
bolmaý, öz ilini beýan kylyp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, şazada garap, bir
söz aýtdy:
Bu ülkäni diýrler Jemhur gorgany,
Öz iliňe, hanym, alyp git meni!
Bu sözümiň hergiz bolmaz ýalany,
Öz iliňe, hanym, alyp git meni!
Jemhuryň siňlisi bagty gara men,
Sensiz bu ülkede niçik dura men,
Kaýda barsaň men hem bile bara men,
Öz ülkäňe, hanym, alyp git meni!
Agalarym meniň awa gidipdir,
Awdan geler wagty ýakyn ýetipdir,
Seniň ülkäň meni humar edipdir.
Öz ülkäňe, hanym, alyp git meni!
Pelek aýralygy bize salmasyn,
Nägäh bu gün agalarym gelmesin,
Beýle pynhan sözi olar bilmesin,
Öz ülkäňe, hanym, alyp git meni!
Zeýnelarap aýdar, şudur wepamyz,
Munda dursak artar jebri- jepamyz,
Medinede bolsun zowky-sapamyz,
37
Öz iliňe, hanym, alyp git meni!
Elkyssa, şazada aýtdy:
- Eý nigär, men hergiz ogurlyk kylmas men, maňa ogurlyk ar turar, meniň atam
Hezreti Aly Şahymerdan turar. Men mundag namartlygy kylan ermes men. Siz
baryň öýüňizde oturyň – diýip, şol söz üstünde erdi kim, nägäh ýedi atly sapşeken
sähradan peýda boldy, ýagşy tafahhus kylyp garasalar, Jemhur alty inisi bilen gele
turar. Haýbatlaryndan ýer-gök lerze kylar, derýalaryň suwy çaýkanar. Emma ötüp,
şäher sary ýüz urup, baga garaman ýöräberdiler. Emma olardan birewi kazaýy-hajat
üçin yzda galyp erdi. Ady Gorkak erdi. Benägäh ötüp barar erken gözi baga düşdi.
Gördi kim, şasypanyň üstünde bir ýigit oturyp turar. Haýbatyndan zemin-zaman,
mekin-mekan titrär erdi. Özi zyýada hoş surat, haýbatyndan ýer-gök titrär, göýä kim,
bir şiri-geran oturyp turar. Emma bul betbagt ony görüp, gorkup ahysta-ahysta
gaýdyp ýola düşdi. Agalary baryp siňlisige şerap buýrup içip oturyp erdiler. Emma
Gorkagyň haly perişan bolup, gaçyp bardy. Agalary: «Saňa ne boldy ?» diýdiler.
Onda Gorkak görenin agalaryna beýan kylyp, bu sözi aýtdy.
Gazaly-Gorkak bu turar:
Agalar, bag içre bir oglan gördüm,
Näzenin ýigitdir, Ýusup nyşanly.
Haýbatyndan akyl-huşum ýitirdim,
Suraty meňzeýdir sahypkyranly.
Serhowuzda, şasypanyň üstünde
Bir aty bar hurma agajyň astynda
Aly Zülpükary onuň destinde
Muhammet dinine giren nyşanly
Her zaman, her zaman şol ýana bakar,
Bir nagrada pelek öýüni ýykar,
38
Aldynda daş bolsa, suw kibi akar,
Bir şiri-gurradyr Rüstem ananly.
Bu arada äriň äri bolmagaý,
Güman etdim döw-u peri bolmagaý,
Aly sypat äriň äri bolmagaý,
Atyn sorsaň aty ýelden rowanly.
Meger bir Hudanyň söýen söýünji,
Sözlese sözleri şekerden süýji,
Özi birdir, iki ýüzli gylyjy,
Ony gördüm beýle zahyr-aýanly.
Aly öwladyndan eýledim güman,
Bahadyr ähline bermegen aman,
Iba kylmaz barça jemigi-jahan,
Bu surat meňizli belli-mekanly.
Gorkak aýdar, gorkup bara bilmedim,
Ol äriň aldynda dura bilmedim,
Bir bakyşda ýagşy göre bilmedim,
Özi zahyr, weli syrry-nahanly.
Elkyssa, agalary Gorkakdan bu sözi eşidip, gaharlary hetden zyýada bolup, oňa
serzeniş berdiler. Jemhur ýene bir inisine:
- Bargyl, iki goluny arkasyna baglap, alyp gelgil – diýip buýurdy. Ol lap urup:
«Ajap bolar» diýip, magtanyp atyna münüp, ýaragyny derber kylyp, bir aždarha
sypat älemden perwaýy ýok, ýola rowana boldy.
39
Elkyssa, ol baga girdi, erse şazada şasypanyň üstünde mysaly Rüstem anan dek
bolup oturar erdi. Lap urup gelen kapyr şazadany görüp, tenine titreme düşdi.
Gelenine puşeýman bolup, gaýdaryn bilmän, naçar yrakdan durup:
- Heý-heý, niçik jandan doýan adam sen, başyňdan gorkmaý, bu jaýa niçik
geldiň? – diýdi we ýene:
- Bu jaýa guş gelse ganaty, gulan gelse toýnagy köýer. Eý, oglan, ajalyň dartyp
gelip sen, häli hem bolsa turgul, meniň bile Jemhuryň aldyna bargyl we onuň bile
bolgul. «Ýazdym-ýaňyldym, bu jaýlara geldim» diýgil, şaýet, günähiňi ötgeý –
diýdi. Erse, şazada iki gulagyny we agyzyny tutup yşarat kylyp: «Gulagym eşitmes,
bäri gelgil» diýdi. Kapyr güň hyýal kylyp, gürzüsin goluna alyp, perýat urup, hemle
kyldy.
Şazada at üstünden tutup, gürzüsin golundan alyp, atdan göterip, ýere urdy, iki
golun arkasyna baglap, bir derege bent kylyp goýdy we ýene şasypa çykyp oturdy.
Indi sözi Jemhurdan eşidiň. Jemhur bir sagat-iki sagat garap durdy. Iberen inisi
gelmedi. Ýene bir inisine: «Sen hem baryp habar al!» diýip, emr kyldy. Kapyr
agasynyň permanyn tutup, baryp gördi kim, inisi bir derege bagly turar. Ondan soň
bul hem dergazap bolup:
- Eý, kudek, Lat-Menatdan gorkmaý, byradarymy bent edip sen – diýdi.
Şazada muňa hem gulaklaryn tutup: «Bäri gel» diýip yşarat kyldy. Kapyr rast
bu oglanyň gulagy agyr erken diýip, hyýal kylyp, şazadanyň üstüne at sürüp bardy.
Şazada ony hem ýanyna gelgeç, agasy dek bent kylyp goýdy.
Elkyssa, şol hal bilen bäş inisi hem gelip, gaýdyp barmady. Ahyryl-emr,
Jemhuryň ajygy gelip, atlanyp galasyndan çykyp, baga bardy. Görse, şasypanyň
üstünde bir kudek oturyp turar, ýene garasa, barça inileri hem derege bagly turar. Ol
wagt Jemhur dergazap bolup, aýtdy:
- Eý, ýigit, bulary niçik mekir bilen tutduň, hergis sen bularyň gözüne ilmez
sen?
Onda şazada gulaklaryn tutup:
- Gulagym eşitmes, bäri gelgil – diýip, yşarat kyldy.
Emma Jemhur «kah-kah» urup güldi we:
40
- Eý, kudek, bulary şol mekir bilen aldap tutup sen. Men seniň bul mekriňe
ynanmaz men, men seniň aýdan adamyň däl men. Atyňy münüp, meýdana girip,
meniň bile zor-bazy kyl, ýa bolmasa, gel meniň atymyň toýnagydan öpgül – diýip,
dergazap bolup, hemle kyldy.
Emma şol wagtda Zeýnelarap biçäre köşgüň penjiresinden garap, Hudaýa
mynajat kylyp:
- Päkä Perwerdigär-ä, şazadaga abraý bergeý sen – diýip, zar-zar ýyglap, bu
muhammesi aýtdy:
Rehm eýle bu gün dideýi-zaryma, Hudaý-a!
Ol bady-hazan salma baharyma, Hudaý-a!
Jan bagyndaky alma-enaryma, Hudaý-a!
Getirgil aman uşbu diýaryma, Hudaý-a!
Lutp-kerem bergil meniň ýaryma, Hudaý-a!
Gülşende meniň ýarym açylan güle meňzär,
Duşmanlar era kapasdaky bilbile meňzär,
Ýokdur kişisi, garyp bolup, bidile meňzär,
Şazada kaýan barsa, haýatym bile meňzär,
Lutp-kerem bergil meniň ýaryma, Hudaý-a!
Bilmes ki Aly kaýda eken ruhy-rowany,
Kapyrlar arasyna düşüp jism ile jany,
Ýokdur kişisi berse habar aly mekany,
Dünýäni bozar erdi, bolsa uşbu zamany,
Lutp-kerem bergil meniň ýaryma, Hudaý-a!
Bul aly nesep munda giriftar bolupdyr,
Bu çarhy-pelek mekri bile zar bolupdyr,
Hiç hemdemi ýok aldyda, biýar bolupdyr,
41
Haýdar ýoluda didesi hunbar bolupdyr,
Lutp-kerem bergil meniň ýaryma, Hudaý-a!
Dermende kylyp goýmaý, Huda, aly nesebi,
Zulmat saryga salma bu gün mahy-rejebi,
Goşgul Hanypa enesine nury-edebi,
Bu gün şermende goýma, Eýäm, Zeýnelaraby,
Lutp-kerem bergil meniň ýaryma, Hudaý-a!
Elkyssa, Zeýnelarap biçäre bul gazaly okady, erse perişdeler lerzana girip:
«Hudaý-a, Hudawend-ä! Özüň bu Zeýnelarabyň dogasyn kabul etgin» diýip,
tarapbazy kyldylar, ýyglaşdylar.
Hudaýtagala kabul kyldy.
Ondan soň Jemhur naýynsap dergazap bolup, naýzasyn goluna alyp, şazada
hemle kyldy. Emma şazada mysaly Rüstem anan dek bolup, gol uzadyp, Jemhuryň
golundan tutup, naýzasyn alyp, atyp iberdi. Ýene Jemhuryň bilinden mäkäm tutup,
atdan göterip, gol ujuna alyp, aýlandyryp-aýlandyryp: «Ýa, Resulalla, Allahu ekber»
diýip, howa atyp iberdi. Bir zamandan soň howadan gelip, şalkyldap, ýere düşdi.
Şazada hem uçar guş dek bolup, synasyna münüp, gylyjyny gulabyndan çykaryp,
Jemhuryň bogazyna goýdy we: «Owwal iman arz kylaýyn, musulman bolmasa,
ondan soň işini bitireýin» diýip:
- Eý, Jemhur, Huda birdir, Resul berhakdyr – diýip, nesihat kyldy. Jemhura
towpyk ýary berip, köňlüne nury-iman şöhle urup: «Eger bu oglanyň diýeni hak
bolmasa erdi, meniň dek pälwany ýykyp, kükregime münüp bogazyma pyçak
goýmaz erdi» diýip:
- Eý kudek, men ne etsem, musulman bolar men? – diýdi.
Onda Hezretii ymam Muhammet:
- Bu kelemäni okagyl: «Lä ilähe, illalla, Muhammet Resulalla, eşhedu en lä
ilähe illalla we eşhedu enne Muhammeden Resulalla» diýip aýtgyl, musulman bolar
sen – diýdi.
42
Ondan soň Jemhur bu kelemeýi-şeripi okady we musulman boldy. Ondan
soň alty inisi hem musulman boldular we ýene:
- Eý şähriýary-älem, bu pakyrlaryň gorganyna sary rowana kylsaňyz niçik bolar
– diýip atlandylar. Erse, Jemhur atynyň jylawyny tutup, inileriniň atynyň aldyna
düşüp, yzzat-ekrem bile alyp baryp, öz tagtyna düşürdi. Ondan soň birniçe näznygmatlar dartyp, özi hyzmatynda gol gowşuryp, ýüz müň edep-ekram bile
şazadanyň aslyny sorap, bir söz aýtgany bu turar:
Keremlik patyşa, haýsy gülşen-gülüstany sen?
Haýsy näzeniniň söýgüli aramy-jany sen?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zeýnelarap - 3
  • Parts
  • Zeýnelarap - 1
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 1827
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 2
    Total number of words is 4075
    Total number of unique words is 1602
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 3
    Total number of words is 3978
    Total number of unique words is 1730
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 4
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1741
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 5
    Total number of words is 3927
    Total number of unique words is 1697
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 6
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 1663
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 7
    Total number of words is 3474
    Total number of unique words is 2203
    22.8 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 8
    Total number of words is 1884
    Total number of unique words is 1471
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.