Latin

Zeýnelarap - 3

Total number of words is 3978
Total number of unique words is 1730
26.6 of words are in the 2000 most common words
40.0 of words are in the 5000 most common words
46.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Kaýu gülzardan perwaz edip, gonduň bu gülşene?
Kaýu ziba çemeniň güllerniň hoş pygany sen?
Urugyň, kyblagähiň, kaýda ermiş menzili-jaýyň,
Niçik zatyň şerip fargy sen, Ýusup nyşany sen?
Kaýu göz röwşeni, haýsy bir iliň jigerbendi?
Kaýu bir päk tynet jisminiň ruhy-rowany sen?
Niçik döwletli äriň mansabyndan , diýdi Jemhur,
Muhammet dinini berpa kylan Rüstem anany sen?
Elkyssa, Jemhur bu sözleri tamam edenden soň, şazadanyň gözlerinden katrakatra ýaş rowana boldy, onuň üçin kim, ol enesiniň goýnundan çykmagan bir
näzenin kudek erdi. Binägäh şikar üçin çykyp, bu belalara giriftar bolanyna, aga-ini,
ata-enesi we hyş-tebaryny sagynyp, köňülleri bozulyp, zar-zar ýyglap, bir söz aýtdy.
Gazaly-ymam Muhammet Hanypaýa:
Jemhur, eşit aýdaý sözüm,
Medinede mekanym bar.
43
Mälim etsem saňa özüm,
Atam Aly arslanym bar.
Mustapa puşty-penahym,
Hezret Aly kyblagähim,
Mekgedir zyýaratgähim,
Ajap aly mekanym bar.
Atamdyr ile halypa,
Enemiň ady Hanypa,
Bir muşty-perdir zagypa,
Şundag nury-imanym bar.
Agam şazadaýy-köwneýn,
Ikisi erdiler aýneýin,
Biri Hasan, biri Huseýin,
Şehit olar gümanym bar.
Seýr erdi asla niýetim,
Muhammetdir meniň adym,
Urugym, seläsil zatym,
Beni Haşym nyşanym bar.
Elkyssa, şazada bul sözi aýtdy. Jemhur burunkydan zyýadarak yhlas getirip,
Zeýnelaraby alyp gelip:
- Eý şähriýary-älem, muňa hem iman arz kylyň – diýdi.
Emma Zeýnelarap tagzym-towazyg bile:
- Eý agalar, men sizlerden hem burun iman getirip erdim, niçik kim, men
Resuly-Hudany düýşümde gördüm, musulman boldum. Meni Hezreti Alynyň ogly
44
ymam Muhammede nika kylyp berdiler. Men sizden howp edip, bu syry pynhan
saklap erdim – diýip, beýan kyldy. Erse, Jemhur:
- Eý siňlim, tä ki şol ýigit güwälik bermeginçä, bul sözleriňe ynanmaz men –
diýdi. Ol wagt Zeýnelarap biçäre:
- Eý, agalar, meniň güwähim Haktagala Kelamy turar – diýip, Gurhan okaberdi.
Ondan soň Jemhur:
- Eý, şazada, sizden syrymyzy nege ýaşyraly. Bu gyza Döwsepit on ýyl boldy
aşyk turar, bu on ýyldan bäri, galamyz etrapyna ot ýakarmyz, onuň üçin kim, Döw
otdan gorkup gelmes erdi. Indi siňlimizi size tabşyrdyk, sizi Hudaýa tabşyrdyk. Indi
hah ot ýakyp saklaň, hah ot ýakmaý saklaň – diýip, özleri şikara gitdiler.
Elgaraz, iki aşyk goşulyp, Zeýnelarabyň hüjreýi-hassyna girip, oýnaşar erdiler.
Leýken, şazada ýaşlyk kylyp, uýalyp, gatylmas erdi. Emma Zeýnelarap dyzy üstüne
şazadanyň başyny goýup, leblerinden posa kylyp, dahyly-bisýar kylar erdi. Emma
şazada birniçe günden bäri bidar erdi, gözleri uka maýyl bolup, Zeýnelaraba garap:
- Eý, näzenin, bir zaman möhlet bergil, uklap ondan soň aýşy-eşret kylaly –
diýdi. Emma Zeýnelarap goýmas erdi. Ymam Muhammet Zeýnelaraba töwella
kylyp, ýalbaryp bir söz aýtdy:
Niçe gündür ýokdur mende parahat,
Söýgüli nigärim, bir zaman goýgul!
Gireýin goýnuňa, alaýyn rahat,
Jandan artyk ýarym, bir zaman goýgul!
Lebleriňden şirin-şeker saçylmyş,
Altyn piýalada şerap içilmiş,
Jennet güli goýnuň içre açylmyş,
Açylan gülzarym, bir zaman goýgul!
Söz sözlediň, meni ýag dek eretdiň,
Köp dalaşyp ruhsarymy sargartdyň,
45
Sadagaň bolaýyn ýaman har etdiň,
Perizadym-ýarym, bir zaman goýgul!
Niçe gündür çölde gezen saýylam,
Bir sagat ukyga ajap maýylam,
Seniň hulky-yhsanyňa kaýylam,
Dalaşma, dildarym, bir zaman goýgul!
Janymy alar sen näz bilen bakyp,
Jemalyň şowkunda köňlümi ýakyp,
Mylaýym bakar sen, gaşyňy kakyp,
Nerkesi-humarym, bir zaman goýgul!
Ukyga gidipdir köňlüm hyýaly,
Mest edipdir meni lebleriň baly,
Sen maňa kylar sen näz bile aly,
Lagly-şekerbarym, bir zaman goýgul!
Şazada diýr, gördüm ýatar çagydyr,
Başym üzre çarhy-pelek dagydyr,
Rozy kylsa, dalaşymyz bakydyr,
Bolma giriftarym, bir zaman goýgul!
Elkyssa, şazada bu sözi aýtdy. Ondan soň bir zaman ýatdylar, aram-karar
aldylar. Ot ýakmak ýatlarydan peramuş bolup, uka maýyl oldular. Elkyssa, şazada
Zeýnelarabyň dyzynyň üstüne başyny goýup, uklap ýatdy. Şol wagt Döwsepit gelip
duran erken. Elgaraz, ol gördi kim alawyň şuglasy sus boldy. Şol sagat döw
howadan uçup geldi, gördi kim, Zeýnelarabyň dyzynyň üstünde bir sahypkyran
ýatypdyr. Döw şazadany gapyl tapyp, Zeýnelarabyň saçydan tutup, arkasyna taşlap,
howa göterildi. Şazadanyň başy ýere gütläp düşdi, tisginip oýansa, gulaklaryna bir
46
owaz gele turar. Ýagşy tafahhus kylyp garasa, Zeýnelarap döwnüň golunda şazadany
habardar kylyp, zar-zar ýyglap, howadan bu gazaly okap bara turar. GazalyZeýnelarap:
Turgul, ýarym, tiz ukudan oýanyp,
Sen aýryldyň, men hem senden aýryldym.
Köp ýatmagyl, gülgün dona çolanyp,
Sen aýryldyň, men hem senden aýryldym.
Nerkesleriň humar-humar süzülmiş,
Hasrat bile ýürek-bagrym ezilmiş,
Waslyň damanydan golum üzülmiş,
Sen aýryldyň, men hem senden aýryldym.
Dalaşmaýyn näz ukyga gidip sen,
Eşret bile gaflat donun geýip sen,
Gurbanyň bolaýyn, ne diýp ýatyp sen,
Sen aýryldyň, men hem senden aýryldym.
Pelek şerabyny bizlere saçdy,
Şemgi-şebistanym ýananda öçdi,
Turgul ýarym, meni döw alyp gaçdy,
Sen aýryldyň, men hem senden aýryldym.
Gözüň aç ukudan, aňlagyl gepi,
Pähm eýle aýralyk bolan sebäbi,
Sen yzlap tapmaz sen Zeýnelaraby,
Sen aýryldyň, men hem senden aýryldym.
47
Elkyssa, ymam Zeýnelarabyň owazyny eşidip, tisginip oýandy, gördi kim,
Zeýnelarap jany döw alyp gidip turar. Şazada perişan hal bolup, köýüp-ýanyp, gyzyl
ot dek tutaşyp, daşary çykdy, ýüzüni kybla garadyp, Hudaýa mynajat kylyp: «Päk-ä
Perwerdigär-ä, Ahad-a, Samad-a, Bendenowaz-a, bu işime özüň güşaýyşlyk bergeý
Sen. Senden özge kişim ýok turar» diýip, Zeýnelarapdan aýrylyp, atyna münüp,
Ymlak kapyryň şäherine ýöriş kyldy. Emma Jemhur bilmeý galdy. Şazadanyň ýoly
azaşyp, gijäniň içi dagy-daşy, belendi-pesi bilmän atyn sürüp barar erdi kim, binägäh
Ymlagy goýup giden ýerine ýeter erdi, Ymlagyň üstünden dahyl boldy. Ymlak
şazadanyň giç galandygyna hoşwagt bolar erdi. Şazadany Jemhur tutup, öldürendir
diýip, wagty çag erdi. Şol wagtda şazada ot dek gyzaryp, mysaly gyzyl gül deý
ýüzüniň şuglasy äleme bark urup çykdy. Ymlak aldyna çykyp, gol gowşuryp,
towazyg bile salam berdi. Ondan soň Ymlak:
- Eý şazadaýy-älem, ajap iş kyldyňyz, Jemhuryň ýanyna barmaý geldiňiz. Ol
kapyr purzor erdi, Jemhura döw hem rube-ru bolup bilmez. Ýagşy kyldyňyz, barmaý
geldiňiz – diýdi. Şazada:
- Eý Ymlak, Jemhuryň galasyna bardym. Aga-inileri bilen hemmelerin
musulman kyldym. Olar Zeýnelaraby bize tabşyryp erdiler. Ondan soň özleri awa
gidip erdiler. Ol gyz bilen ikimiz hemsöhbet kylyp oturyp erdik. Elkyssa, birnäçe
wagtdan bäri ukusyz bidar erdim, uka zyýada maýyl erdim. Men gaflata gidip men,
ot ýakmak hem hatyrymdan peramuş bolan erken. Şol wagt men uka barandan, döw
gelip Zeýnelaraby penjesine alyp gaçypdyr. Eger bidar bolsam döwe gyzy bermez
erdim. Indi, eý Ymlak, herne iş bolsa, Hudaý takdyrydyr, indi puşeýman kylsak hem
jaýyna gelmez. Indi her niçik bolsa, sen bir mertlik kylyp, bize bir ýol başlasaň,
döwüň guýysyna baryp, Huda halasa döwüň guýysyna girsek, ýa bir abraý alsak, ýa
bolmasa kaza ýeten bolsa, ölsek niçik bolar? – diýip, zar-zar ýyglap, bir söz aýtdy:
Geldim, Ymlak, saňa, ýolum başlagyl,
Men bu ýolda herne bolsam, bolaýyn,
Eltip döwüň mekanyna taşlagyl,
Döw ýolunda herne bolsam, bolaýyn.
48
Başymy goýup men onuň ýolunda,
Arman galmaz ölsem ýaryň ýanynda,
Alyp bargyl meni, döwüň öýünde
Tenim läş eýleýip, galsam, galaýyn.
Aýrylyp galyp men melaýyk hoýdan,
Tenimde jan bardyr, gaýtman bu ýoldan,
Başym gitse ýüz öwürmen bu köýden,
Özümi zyndana salsam, salaýyn.
Bu ne müşgil gündür döwran içinde,
Köňlüm dolup ýüz müň arman içinde,
Ýarym baryp, düşen zyndan içinde,
Hazan uran gül dek solsam, solaýyn.
Şazada diýr, mundan peýam tapmasam,
Agtaryp ýarymdan nyşan tapmasam,
Döw golunda ölsem, aman tapmasam,
Ýara özüm gurban kylsam, kylaýyn.
Elkyssa, şazada bu sözi aýtdy. Erse, Ymlak:
- Eý şazada, ondag bolsa, Zeýnelarapdan umyt üzüň. Siz kim, döw guýysyna
girip, döw bile urşup, gyzy halas kylmak kim! – diýdi. Erse, şazada:
- Eý, Ymlak, men baryp tä döw bile urşup, döwi öldürmesem ýa özüm
ölmesem, kararym ýok turar. Sabyr-takat kyla bilmez men. Ýol başla – diýdi.
Ymlak:
- Ondag bolsa, sabyr kylyň, daň atsyn, jahan münewwer bolsun – diýdi. Erse,
leýken şazada dergazap bolup:
49
- Ne üçin tähir eder sen? Bir gylyç uraryn, janyň jähenneme gitsin – diýip
hemle kyldy. Ymlak: «Haý-haý janym size pida bolsun, barar men» diýip, nälaçnaçar bolup, şazadanyň aldyna düşüp, ýol başlap ýöriberdi. Niçe mütdet ýol ýöräp,
ol guduga – döwüň mekanyga bardylar. Görseler, ol çahyň agzyna bir daş goýulan.
Eger älem halky gelse hem tebrete bilmegeýler. Şazada Ymlaga:
- Mübärizlik dawasyn kylar erdiň, bu daşy götergil – diýdi. Erse, Ymlak:
- Eý, şähriýary-älem, men kim, bu daşy götermek kim – diýdi. Erse, şazadanyň
özi gelip, daşy mäkäm tutup: «Ýa Resulalla, Allahu ekber» diýip, göterip, atyp
iberdi. Ýigrimi gez jaýa düşdi. Ondan soň şazada:
- Eý, Ymlak, bu guýa düşgül – diýdi. Ymlak:
- Men guýa girip, döwüň golunda ölünçäm, özüň öldür – diýdi. Şazada
Ymlakdan bu sözi eşitdi. Elgaraz, özi kemendiň bir ujuny biline baglap, ýene bir
ujuny Ymlak kapyra tut diýip, özi guýa düşer boldy. Ymlak kapyr:
- Eý, şazada, siziň dek pälwany niçik dartyp alaýyn – diýdi. Ondan soň şazada
ol daşy guýynyň lebine getirip, tanapyň bir ujuny daşa baglap, ýene bir ujuny biline
baglap, düşere kast kyldy we Hudaýtagala zary kylyp, mynajat etdi:
Kerem kyl maňa lutpuň, eý, Hudaý-a, ýarlyk eýläp!
Bu zalym elide goýma meni, gamhorlyk eýläp!
Behakky-hormaty ol Züljelal zatyň üçin, ýa Rep,
Men-ýalňyzy ryswa kylma, hem esrarlyk eýläp!
Tutup ýüz jeddim-arwahyna, eý-ä, eý, Wajybyl-Wujut,
Bu çah içre medet bergil, maňa dildarlyk eýläp!
Garyb-u bikes biçäreleriň müttekäsi Sen,
Tenimi perdeýi-rehmet bilen timarlyk eýläp.
Muhammet diýr, atam – şiriň, babam – jeddim – Resulyňdyr,
50
Bular haky üçin bergil, medet Sen ýarlyk eýläp!
Elkyssa, şazada bu sözi aýdyp, Hudaýa tekýe kylyp, kemendi biline we bir
ujyn daşa baglap, Ymlaga «Sen hem tutgul» diýip, çaha rahy boldy. Şol pursat
Ymlak:
- Eý, şähriýary-älem, haçangaça çah içinde durar siz – diýdi. Şazada:
- Kemendi tebretgiçe. Ondan soň çykar men – diýip, rowana boldy. Süreýi«Yhlasy» ýüz mertebe okanda, aýaklary baryp ýere degdi. Emma guýynyň içi
zyýada garaňky erdi. Bir dem ol ýerde gözlerini ýumup oturdy we ýene gözlerini
açyp, garady. Gördi, kim, Döwsepit göýä bir ölük dek uklap turar. Ýüz gary boýy
bar, elli gary bahry-synasy bar. Ýene bir tarapynda demirden bir sandyk, zynjyry
almaz turar. Emma şazada hyýal kyldy, Zeýnelarap şul sandykda bolsa gerek –
diýip, özüne «Ismi-agzam» okap, Hudany ýat edip, döwüň syhryny bozup ötdi we:
«Baryp, sandykdan habar alaýyn, hany gyz köňli meniň bilen barmy ýa ýokmy, eger
maňa köňli bar bolsa, ondan soň döw bile ne bolsam bolar men» diýip, sandygyň
ýanyna bardy. Nägäh, sandykdan bir owaz gele turar. Zeýnelarap ýaryny ýat edip,
zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglar erdi.
Emma şazada
ýanyna baryp, bu sözi eşidip köňülleri karar tapdy. Emma
Zeýnelarabyň şazadanyň geleninden habary ýok erdi.
Elkyssa, Zeýnelarap biçäre bu sözleri tamam edenden soň, sandygyň içinde
ýürekleri örtenip, ne alaç ederin bilmeý, köýüp-ýanyp, gyzyl ot dek tutaşyp, zar-zar
ýyglap, Hudaýa mynajat kylyp, «Päk-ä Perwerdigär-ä, Özüň puşty-penahym turar
sen. Hemmäniň syryny Sen biler Sen. Bu kapyr döwüň golundan Özüň halas kylgaý
Sen. Meniň Senden başga penahym ýok turar» diýip, bir söz aýtdy:
Meni sorap musahybym-illerim,
Gelermikän, gelmezmikän, Hudaýym?
Jemhur atly agalarym-şirlerim,
Gelermikän, gelmezmikän, Hudaýym?
51
Huda goşan ýarym galdy jahanda,
Huda dergähinde bolsun amanda,
Ady Muhammetdir, özi şazada,
Gelermikän, gelmezmikän, Hudaýym?
Alynyň ogludyr açylan gülüm,
Daman-wysalyndan üzüldi golum,
Gonan bossanyndan uçan bilbilim,
Gelermikän, gelmezmikän, Hudaýym?
Ýadyma düşüpdir güli-gülzarym,
Sabr eýlesem pelek bermez kararym,
Hanypanyň ogly – maksat-myradym,
Gelermikän, gelmezmikän, Hudaýym?
Zeýnelarap, barmy derdiň dowasy,
Ýaman eken aýralygyň belasy,
Muhammetdir gözüm agy-garasy,
Gelermikän, gelmezmikän, Hudaýym?
Elkyssa, Zeýnelarap bu sözi aýdandan soň, şazada aýtdy: «Wadaryg-a, bu
biçäräniň yşky hakyky erken» diýip, Zeýnelaraba bildirmeý, gaýdyp gelip, «Döwüň
başyna hanjar bile uraýyn» diýip, meýil kyldy ýene-de: «Taňla babam, atam,
byradarymyz ymam Hasan we ymam Huseýin ýanlaryna baranda döwi öldürdim
diýsem: «Ukuda öldürip sen, göýä ölüni öldürip sen» diýerer. Eger oýalykda
öldürdim diýsem, ýalançy bolar men» diýip, döwüň baş ujuna baryp, nagra dartdy.
Döw oýanmady, hanjaryň ujy bile aýagyna sançdy. Döw hap alut bolup, oýandy,
şazada gözi düşdi. Ýerinden syçrap turup, nagra dartyp, bir dag dek daşy göterip,
hemle kyldy. Şazada hem habardar bolup, daşa ret berip, gylyjyny rast kylyp,
«Allahu ekber» diýip, döwüň başyna urdy. Döwüň başy üzülip, ýere düşdi. Ondan
52
soň şazada «Her ýere barsam, nyşana bolar» diýip, döwüň boýnundan bir tasma dilip
aldy. Ondan soň hoşwagt bolup, sandygyň ýanyna baryp, ýarynyň halyny sorap, bir
söz aýtdy:
Näler geçdi halyň gaýgy-külpetde,
Aman-esen, serwi-näzim, barmy sen?
Bu çahyň içinde gamda-mähnetde,
Köňlüm alan, dilnowazym, barmy sen?
Takatym ýok, pelek janymy ýakar,
Gözlerim sereşki derýa dek akar,
Bu döwi öldürdim, owazyň çykar,
Toty dilli, hoşzybanym, barmy sen?
Niçik boldy, döw elinde tutuldyň,
Hasrat bile çah astyna atyldyň,
Ömrün ahyr kyldym, döwden gutuldyň,
Tora düşen mähribanym, barmy sen?
Niçe gündür pyrakyna zar eden,
Mekanyny sandyk bile gar eden,
Köňlüm alyp kiçilikde ýar eden,
Ömrüm hoşy, perizadym, barmy sen?
Şazada diýr, Hak ýetirdi dadyňa,
Gurban olam Zeýnelarap adyňa,
Ýaryň istäp, salyp ýaryň ýadyňa,
Gel, görüşgil, gara gözüm, barmy sen?
53
Elkyssa, şazada bu sözden soň kemendi halka kylyp, sandygy tanapyň ujuna
baglap iberdi. Emma Ymlak daşarda muntazyr erdi. Kemendiň ujy tebrendi.
Ymlagyň köňlüne geldi kim, bular çyka turar. Ahysta-ahysta kemendi dartyp
çykardy. Gördi, kim, kemendiň ujuna bir sandyk bagly durar. Ymlak sandygy açyp
garasa, Zeýnelarap sandygyň içinde mysaly on dört gijelik aý dek bolup ýatyp turar.
Ymlak betbagt hem Zeýnelaraba on iki ýyl boldy aşyky-bikarar erdi. Emma şeýtanylagyn ony ýoldan azdyrdy.
Elkyssa, sandygyň işigini gulplap, ymamyň atyny tutup gider boldy. At tutguz
bermedi. Elkyssa, kapyr naçar öz atyny tutup, üstüne sandygy ýükläp, «ŞähriKamus, kaýda sen?» diýip bidir gitdi. Ol kapyr, hoşwagt bolandan, kemendi
peramuş kylyp, taşlap gitdi.
Indi sözi şazadadan eşidiň. Sandygy kement ujuna baglap, iberenden soň, köp
garap durdy, kement düşmedi. Ondan soň bildi kim, Ymlak kapyr gyz bile sandygy
alyp gidipdir. Emma şazada biçäre çah içinde tenha galyp, ýaryndan aýrylyp, ata-ene
hyş-tebaryny ýat edip, bir söz aýtdy: Gazaly-ymam Muhammet Hanapyýa bu turar:
Kadyr Möwlam, meni saldyň belaga,
Gaýta başdan men ýarymdan aýryldym.
Ýarym gidip özüm galdym bu çahda,
Köňül beren nigärimden aýryldym.
Bilmez Aly meniň halym ne geçer,
Söwer ogly jiger ganyny içer,
Indi ajal maňa kepen-don biçer,
Haýdar atly kerrarymdan aýryldym.
Ýadyma düşüpdir ýören ýerlerim,
Hasan-Huseýin agalarym, şirlerim,
Ýowuz günde Rüstem sypat ärlerim,
Iki agam – nerlerimden aýryldym.
54
Murtaza diýr: «Oglum çykmyş şikara,
Seýr edip ýörendir güli-gülzara»,
Çah içinde galyp, men bagtygara,
Gamhor enem, gamhorumdan aýryldym.
Şazada aýralyk oda ýanmyşdyr,
Elemlere, çoh dertlere galmyşdyr,
Ýaryny aldyryp, reňňi solmuşdyr,
Tenha galdym, dildarymdan aýryldym.
Elkyssa, şazada bu sözi tamam kyldy. Erse, ukysy galaba kyldy, nägäh düýşüne
Resuly-Huda sallallahy alaýhy wesellem girip: «Eý, perzent, ne üçin ýyglar sen,
turgul, gam iýmegil, çahdan inşa Alla çykar sen, Hudadan gapyl bolmagyl» diýgeç,
şazada tisginip oýandy. Gördi, kim, guýynyň içi münewwer bolupdyr. Ýokara
garady, kement gelip, başyna degip durar. Ýene gördi, kim, aty çah lebinde kemendi
uzadyp, gözünden katra-katra ýaş çaha damyp durar. Şazada Taňra sygynyp,
kemendi biline baglap, uçar guş dek bolup, syçrap çykdy. Gördi kim, aty dört
aýagyny bir kylyp, kemendiň bir ujuny basyp durar. Şazada atynyň bu halyny görüp,
ýüz-gözünden öpüp, üstüne münüp barar erdi, nägäh bir gert peýda boldy. Gert
içinden Jemhur alty inisi bile gele turar. Elgaraz, şazada Zeýnelaraby yzlap, döwüň
yzyndan gidende, bular awa gidip erdiler. Awdan gaýdyp, galasyna gelip, şazada
salam bereli diýip içeri girseler, ne şazada bar, ne Zeýnelarap bar. Ikisinden hem
nam-nyşan ýok turar. Bular köňlünde: «Şazada Zeýnelaraby Medinä alyp gidendir»
diýip, güman kyldylar.Ýene Jemhur: «Eý, inilerim, şazada biz bilen habarlaşmaý
gitmez erdi. Eger şazada uka giden bolsa, Zeýnelaraby döw alyp gidendir. Şazada
hem ony yzlap gidendir. Jigergüşämiz Zeýnelarap döwüň golunda ýesir bolup,
şazada yzyndan gidip, biz bu ýerde zowky-ýu şowky bile oturmagymyz möminlige
laýyk ermesdir. Geliň, inilerim, är başyna bir iş düşer, atlanyň!» diýip, sylahlaryny
derber kylyp, ýedi aga-ini her haýsysy mysaly Rüstem anan dek bolup, döwüň
55
guýysyna garap, ýöriş kyldylar. Nägäh şazada görünen şolar erken. Şol ýerde şazada
ýolukdylar. Şazada Jemhur bege salam berdi. Jemhur beg salam jogabyn berjaý
getirenden soň Zeýnelaraby sordy:
- Ýa ymam Muhammet, Zeýnelarap hany?
Onda şazada aýtdy:
- Eý, pälwanlar, siz Zeýnelaraby bize tabşyryp gidenden soň, ot ýakmak hem
hatyramyzdan çykyp erken. Beýekbar uky galaba kylyp, bir az ýatyp erdik.
Gulagyma: «Sen menden aýryldyň, men senden aýryldym» diýen bir owaz geldi.
Nägäh tisginip oýansam, döw gelip, Zeýnelaraby alyp gidip turar. Erse, Jemhur
aýtdy:
- Eý, şazada, biz on iki ýyl boldy, döwi galamyz etrapyna ýanaşdyrmaý, saklap
erdik. Indi bolmaz iş bolupdyr. Är kişi, döwüň çahyna girip, ýa baş alyp, ýa baş
bermesmi? – diýdi. Erse, şazada aýtdy:
- Eý, Jemhur, endişe bile sözlegil, men sen aýdan dek namart kişiniň ogly ermes
men. Meniň atama Hezreti Aly Şahymerdan diýerler. Eý, byradarlar, men döwüň
guýusyna girip, döw bile söweş kylyp, döwi öldürip, başyny kesip goýdum.
Zeýnelaraby bir sandyga salyp goýan erken. Sandygy kemendiň ujuna baglap,
Ymlaga yşarat kyldym. Ymlak dartyp aldy. Bir zaman garap durdum. Kement
gaýdyp düşmedi. Zeýnelaraby Ymlak kapyryň alyp gidenin bildim. Ondan soň
Hudaýa mynajat kyldym. Erse, gözümi uky aldy. Nägäh ukyma Resuly-Huda
babamyz girip: «Balam, gamgyn bolma, gözüňi aç!» diýdi. Nägäh tisginip gözümi
açsam, kement gelip, başyma degip durar. Kemendiň ujun mäkäm tutup, syçrap,
uçar guş dek çyksam, atym dört aýagyny bir kylyp, kemendi basyp duran erken.
Ondan soň aty tutup, münüp geler erdim. Hudaý tebärek we tagala, sizi ýetirdi. Indi
meniň sözümiň manysyna düşseňiz, Ymlak kapyr gyzy alyp gaçdy. Eger döwi
öldürenime ynanmasaňyz, ine, tasmasy» diýip, döwden alan tasmasyny çykaryp
görsetdi. Ondan soň Jemhur alty inisi bilen şazadanyň eden işine tähsin-u aperin
galdylar. Elgaraz, bular ýedi aga-ini erdiler, Ymam Muhammet bile sekiz boldular.
Elkyssa, sekizleri jem bolup, Ymlagyň yzyndan «Şähri-Kamus, kaýda sen?» diýip
gider erdiler.
56
Indi sözi Şahymerdandan eşidiňler.
Emma rawylar ondag rowaýat kylarlar kim, ol gün Hezreti ymam Hasan, ymam
Huseýin we ymam Muhammet – bu üç göwheri-şebçyrag «Peýşin gelermiz» diýip,
Hezreti Alydan rugsat alyp, awa gidip erdiler. Nägäh aradan ýigrimi bäş gün ötdi.
Bulardan hiç habar bolmady. Ondan soň Hezreti Aly bitakat we biaram bolup, ne
alaç ederin bilmeý, ýanyp-bişip gyzyl ot dek tutaşyp: «Bulara bir wakyga roý
berendir» diýip, zar-zar, ýyglar erdi. Gähi, Hudaýa şükür edip, sabr- tahammyl kylar
erdi.
Emma Patmaýy-Zähra ymam Hasan we ymam Huseýin üçin köp-köp bitakat
bolar erdi. Bibi Hanypa biçäre ata-eneden aýrylyp, mysapyrlykda tapan gözüniň
agy-garasy bir balasy üçin ýanyp-tutaşyp köýer erdi. Nalasyna yns-jyns ýyglar, daş
bolsa, suw bolup akar erdi.
Emma Hezreti Aly Şahymerdan olaryň nalasyna takat kyla bilmeý, Düldüliň
üstüne münüp, beýewan sary ýüz urdy. Bularyň habaryn kaýdan tapar men diýip,
haýran-u serasyma bolup ýörir erdi. Nägäh yrakdan iki gara göründi, ýagşy tafahhus
kylyp garasa, iki şazada – ymam Hasan we Huseýin gele turar. Elgaraz, bu ikisi
gelip, Hezreti Alynyň aldynda gol gowşuryp, towazyg bile salam berip durdylar.
Şahymerdan olaryň pişanalaryndan öpüp, köp nowazyş kylar erdi. Ondan soň ymam
Muhammedi sorap, bir söz aýtdy:
Hoş gelipsiz iki janym, ýene bir janym hany?
Galdy kaýda gelmeýip, derdime dermanym hany?
Sabr-u takat ýok maňa, bar-u ýogun eýläň beýan,
Hak ata kylan söýüp, döwletli soltanym hany?
Çykmagan mahym enesi goýnundan çykdy neteý,
Rozygärim tiredir, şemgi-şebistanym hany?
Niçe bir ýollara bakdym, men çekip derdi-pyrak,
57
Gülşeni-janym era biten gülüstanym hany?
Şahymerdan ýyglap aýdar, ber Muhammetden habar,
Toty dilli munysym, janym, suhandanym hany?
Elkyssa, Hezreti Aly Şahymerdan bu sözi aýdandan soň, bu iki şazadaýyköwneýin zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bolan wakalary Şahymerdana bir-bir
beýan kylyp, uzur aýdyp, gözi girýan-bagry birýan bolup, bir söz aýtdylar:
Kyblagähim, owwal sözi sözläýin,
Muhammet sähraga barmaly boldy.
Medine içinde güli-gülşende,
Zowky-tomaşalar görmeli boldy.
Mundan çykdyk zowky-sapa oýlaýyp,
Rahşyn sürüp, keýik-gulan kowlaýyp,
Lälezar içinde gülüp-oýnaýyp,
Birniçe jandary urmaly boldy.
Gähiler at çapyp, gähiler sürüp,
Gähiler bakarmyz, gähiler durup,
Nägäh ondan bardyk bir ýere ýörüp,
Ýolumyz üç ýana barmaly boldy.
Üç ýoluň üstünde bir daş düzülen,
Ol daşyň ýüzüne hatlar ýazylan,
Barsa gelmez ýoluň nagşy gazylan,
Muhammet hem oňa gitmeli boldy.
Biri barsa gelmiş esen-amana,
58
Biri geler-gelmezligi gümana,
Orta ýolda apat ýetişer jana,
Ol apatly ýola gitmeli boldy.
Hudanyň hormatyn ortaga saldy,
Bilmedik ol ýolda ne haly boldy,
Muhammetden ajap köňlümiz galdy,
Başyny ol ýolda bermeli boldy.
Elkyssa, şazadalar bu sözi beýan kyldylar. Erse, Hezreti Alydan huş gitdi we
ýene huşyna gelip:
- Wa daryg-a, balamy ýüz-müň belalara goýup, özüňiz gelipsiz – diýip, köp
bitakat boldy. Ondan soň ýene-de:
- Eý jigergüşelerim, bul syry zynhar, Muhammediň enesine bildirmäň. Eger
bildirseňiz öz-özüni heläk kylar – diýdi.
Elgaraz, ondan soň üçleri öýlerine geldiler. Ymam Muhammediň enesi: «Balam
haçan geler erken» diýip ýola bakyp oturyp erdi. Nägäh ymam Hasan we ymam
Huseýin bibi Patmanyň iki ogly ýetip geldi. Garasa, özüniň ogly ymam Muhammet
ýok. Hanypa biçäre zar-zar ýyglap, ýüregine ot düşüp: «Mysapyr ýerlerde Hudaý
beren munysymdan aýryldym» diýip, bir söz aýtdy. Gazaly-bibi Hanypa:
Jan bagymyň çykyp güli-gülşeni,
Ol sahypkyranym bardy, gelmedi.
Janym ujy, görer gözüm röwşeni,
Meniň ýalňyz balam bardy, gelmedi.
Patmanyň gelipdir iki balasy,
Muhammedi göre bilmez enesi,
Janym-ujy, gözüm agy-garasy,
Gyrmyzy enarym bardy, gelmedi.
59
Körpe guzym meniň gidip gyşlady,
Pyrakynda zar-u haýran taşlady,
Pelek maňa jepasyny başlady,
Hazansyz baharym bardy, gelmedi.
Ýyglamaý neýleýin göz ýaşym sylyp,
Janym çyksa, käşki gömülsem ölüp,
Patmanyň jigergüşesi gelip,
Meniň bar-u ýogum bardy, gelmedi.
Ah urup ýyglasam, köýüp galar men,
Ah urmasam, niçik takat kylar men,
Hanypa diýr, oglum görmeý öler men,
Biminnet gamhorum bardy, gelmedi.
Elkyssa, Şahymerdan bu sözi eşidip:
- Eý Hanypa, köp ýyglamagyl. Inşa Allatagala, ogluň bu gün bolmasa ertir sagsalamat geler. Tahammyl kylgyl, hälä ne wakyga bolupdyr munça ah-u efgan eder
sen. Hoşwagtlygyň işigi sabyr bile açylar – diýip, teselli berdi. Hanypa biçäre nalaç
bolup, ne diýerin bilmeý: «Eger bu kişiniň sözün syndyrsam, asy bolar men» diýip,
hüjreýi-hassyna girip, tehäret kylyp, iki rekagat namaz okap, nalaýy-zar ýyglap: «Eý
Hudaý-a, Muhammedi Saňa tabşyrdym, Özüň penahyňda aman sakla» diýip, bir
gazal aýdany bu turar. Gazaly-bibi Hanypa:
Barçany ýaradan, keremli Hudaý,
Muhammet balamy Saňa tabşyrdym.
Meni pyrakynda eýlediň gedaý,
Serwi-rowanymy Saňa tabşyrdym.
60
Gudrat bile halk eýlediň älemi,
Eşit bu gün pygan ile nalamy,
Ter açylan gunça kibi lälämi,
Bagy-bossanymy Saňa tabşyrdym.
Höwes kylyp, seýri-jahan eýlegen,
Gül dek ýüzün gözden nahan eýlegen,
Mysapyr ýerlerde mekan eýlegen,
Ruhy-rowanymy Saňa tabşyrdym.
Saklasaň, hiç ýerde ýokdur belasy,
Gargasaň, tapylmaz derdiň dowasy,
Balamdyr gözümiň agy-garasy,
Dürri-ýeganamy Saňa tabşyrdym.
Özüň kerem kylyp beren myhmanym,
Köňül goýan dilim, jan-u jahanym,
Ömrüm hoşwagtlygy, şad-u şadmanym,
Eziz myhmanymy Saňa tabşyrdym.
Garyplyk şährinde meniň ýoldaşym,
Ýalňyzlykda golum tutar goldaşym,
Perzendim, kabylam, kowum-gardaşym,
Guzy-goçgarymy Saňa tabşyrdym.
Pelegiň golundan kyldym şikaýat,
Ýat eýlärem Seni istäp begaýet,
Hanypa diýr, oglum tutgul salamat,
Ýusup nyşanymy Saňa tabşyrdym.
61
Elkyssa, Hanypa biçäre bu sözi aýdandan soň Hezreti Aly Şahymerdan ony
eşidip, mübärek gözlerini ýaşa dolduryp, sabyr-takat kyla bilmeý şol gijäni bir nowg
bile ötürip, namazy-bamdadyny okap, ymam Hasan we ymam Huseýin bile ymam
Muhammedi agtaryp, bejanyby-sähra ýüz urdular. Emma ol wagtda hezreti ResulHudanyň ornuna hylapatda Hezreti Omar oturyp erdi. Ol hem eşidip, oglanlaryn
iberdi we ýene: «Eý, är ýigitler, Hudadan umydyňyz bolsa, Aly bile sapara hemra
boluň!» diýip, munady kyldylar. Erse, otuz müň leşger jem bolup, dag-daşy basyp,
barsa gelmez ýola girip, be niýeti-ymam Muhammet diýip, rowana boldular. Birniçe
gün ýol ýöräp, bir gala ýetişdiler. Hezreti Aly çerikden we serdarlardan bäş dilawer
çykaryp, betaryky çapawul iberdi. Erse, bu bäş dilawer leşgerden jyda bolup, gala
sary rowana boldular. Barýarkalar bir adam arkasyna bir meşik suw göterip bara
turar erdi. At salyp, tutup aldylar. Ondan sowal kyldylar:
- Bu ne gala turar, patyşasyna kim diýerler we ýene ne habar bar, aýtgyl! –
diýdiler. Erse, kapyr aýtdy:
- Bu şäheriň adyna Kamus diýerler, patyşasynyň adyna Katran diýerler. Ýene
habar bersem, bu ülkäni Aly diýen äriň ogly gelip musahhar kylyp erdi. Ahyr nalaç
bolup, garyb-u guraba, patyşah-u geda hemme ýalandan musulman bolup, hile we
tezwir kylyp öldürer maslahatlary bar – diýip, bir-bir beýan kyldy.
Emma Şahymerdan bu sözi eşidip:
- Jigergüşäm balamy kapyrlar zaýyg kylmagan bolsa ýagşy – diýip, köp ýanyp,
beglere garap, bir söz aýtdy. Gazaly-Şahymerdan bu turar:
Bir sözüm bar aýdaý eşidiň, aňlaň,
Jem bolup, barçaňyz geliň, beglerim!
Permanymy tutup gulaga, diňläň,
Bu galaga rowan boluň, beglerim!
Bedew atlar her tarapda çapylsyn,
Naýza alyp bahadyrlar topulsyn,
Bir iş kylyň, Muhammedim tapylsyn,
62
Çar tarapdan gurşap alyň, beglerim!
Gylyç ýalaň eýläp, giriň meýdana,
Dolduryň älemi ah-u efgana,
Kapyr ähli gelsin şul gün amana,
Ülkesini weýran kylyň, beglerim!
Jöwlan çekip meýdan era silsile,
Kapyrlara düşsün ah bile nala,
Başyn kesip eýläň kelle minara,
Bidinlere gyran salyň, beglerim!
Öldürmekden özge pişäni kylmaň,
Gola düşenini diri ibermäň,
Iman getirene hergiz gatylmaň,
Muhammetden habar soraň, beglerim!
Şahymerdan aýdar, dostum ölmesin,
Kuffar ähli gaçar ýerin bilmesin,
Ýezitleri gyryň, biri galmasyn,
Merdanalyk bile çalyň, beglerim!
Elkyssa, Hezreti Şahymerdan bu sözi aýtdy. Erse, Muhammet Mustapanyň
tugun berpa kyldylar. Kapyrlar bu soltanatyň şöwketini görüp, her haýsy jan
wehminden baş-başa bolup, gaçyp patyşa Katranyň aldyna baryp, arz kyldylar kim:
- Eý şahy-älem, ajal mübärek bolsun, bir bölek leşger gelip, galanyň etrapyna
düşüpdir. Olaryň zarbyna dag-daş takat kylmaz. Sen bu oturyşda galany goldan
berer sen – diýdiler. Patyşa:
- Ondag bolsa, derwezeleri gömdüriň, tirendazlary üstüne çykaryp goýagörüňler
– diýdi.
63
Ondan soň derwezeleri gömdürip, tirendazlary çykaryp taýýar kylyp goýdular.
Indi Hezreti Alydan söz eşidiň. Hezreti Şahymerdan ymam Hasan we ymam
Huseýin ikewlerine garap:
- Siz gala etrapyny gezip Muhammetden bir habar alyň
– diýdi. Emma
şazadalar agtaryp ýörer erdiler. Nägäh deşt-beýewandan bir gara peýda boldy. Oňa
çapyp ýakynrak ýetdiler, görseler sekiz adam gele turar. Biri ymam Muhammet erdi
we ýene ýedisi Jemhuryň aga-inileri erdi. Ymlak kapyr sandygy Zeýnelarap bile
alyp gidenden soň, onyň yzyndan geler erdiler. Şazada bulara garap başyndan öten
wakalaryn bir-bir beýan kylyp geler erdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zeýnelarap - 4
  • Parts
  • Zeýnelarap - 1
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 1827
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 2
    Total number of words is 4075
    Total number of unique words is 1602
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 3
    Total number of words is 3978
    Total number of unique words is 1730
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 4
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1741
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 5
    Total number of words is 3927
    Total number of unique words is 1697
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 6
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 1663
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 7
    Total number of words is 3474
    Total number of unique words is 2203
    22.8 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 8
    Total number of words is 1884
    Total number of unique words is 1471
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.