Latin

Zeýnelarap - 4

Total number of words is 4037
Total number of unique words is 1741
25.2 of words are in the 2000 most common words
37.9 of words are in the 5000 most common words
45.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Nägäh uzakdan iki nur peýda boldy. Ymam Muhammet aýtdy:
- Eý, Jemhur, şol görünen iki nur – iki agam turar. Birewiniň ady ymam Hasan
we ýene birewiniň ady ymam Huseýin – diýip, agalarynyň boýlaryna guwanyp,
şadyman bolup, bir söz aýtdy. Gör-bak näme diýýär:
Geledir, Jemhur, eşitgil, meniň mahparalarym,
Agtaryp, ýola düşüp, gam bile gamhoralarym,
«Waý inim!» diýip meni ýat eýledi biçärelerim,
Barça dogan eneden, gülşenden sadalarym,
Geldi şazadaýy-köwneýin, jigerparalarym.
Neýleýin, barça işim boldy takdyry-Huda,
Söwdügim – meniň merhemi-janymy kyldy jyda,
Uşbu gorgan sarydan çykdy ýene iki gara,
Ýüzüniň nury-taky, şugla urar suýy-sema,
Geldi şazadaýy-köwneýin, jigerparalarym.
Meni külpetzedäge ençe çekip derd-u elem
Agtaryp deşt-beýewany tutup gam bile gam
Bildilermi maňa ýetende niçe jebr-u sütem
Jigerim görse Hasan bile Huseýin – iki agam
64
Geldi şazadaýy-köwneýin, jigerparalarym.
Aýtdy şazada bu sözi, bu köňül şady bilen,
Oýnady, düşdi bu külpete perizady bilen,
Yşkymyz ýakdy pelek bih ile binýady bilen,
Ýüz şükür, bu inisin ýene görer ýary bilen,
Geldi şazadaýy-köwneýin, jigerparalarym.
Elkyssa, şazada bu sözi aýdyp bolandan soň, zor berip ýörüberdiler. Agalaryna
ýetişdiler. Şazadaýy-ymam Hasan we ymam Huseýin hem inilerini tanap, atdan
özlerin ýere taşlap, görüşdiler. Ondan soň Jemhur inileri bile gelip görüşdiler.
Hemme jem bolup Hezreti Aly Şahymerdanyň hyzmatyna rowana boldular.
Elkyssa, ymam Hasan we ymam Huseýin çüsti-çapyk atlaryna münüp,
atalarynyň ýanyna baryp, arz kyldylar we:
- Eý pederi-mähriban, söýünjimizi beriň, ymam inimizi tapdyk – diýdiler.
Şahymerdan biygtyýar bolup, hoşwagt bolup, zar-zar ýyglap: «Kaýdan tapyldy
balam» diýip, bir söz aýtdy. Gazaly-Şahymerdan bu turar:
Meniň Muhammedim kaýdan tapyldy,
Körpe guzym aman-esen barmyken?
Gözüm ýaşy çar tarapa saçyldy,
Görer gözüm aman-esen barmyken?
Takdyrdy-Hudadan nesibin gören,
Çöllerde, köllerde mysapyr bolan,
Sözlegende ölülere jan beren,
Şeker sözlim aman-esen barmyken?
Hudanyň söýgüli eziz myhmany,
Ömrümiň hoşlugy, daýym döwrany,
65
Köňlümiň aramy, jismimiň jany,
Ryzky-rozum aman-esen barmyken?
Köňül berip, bir dilbere ýar olan,
Jyda bolup, garyplykda har olan,
Pyrakynda munça bela, zar olan,
Jigerparam aman-esen barmyken?
Şahymerdan, aýtdy sözlär sözüni,
Haçan geler, görsem körpe guzymy,
Görsem, aýagyna sürtsem ýüzümi,
Uçan bazym aman-esen barmyken?
Elkyssa, Şahymerdan bu sözi aýtdy. Erse, «Jigerparam, balam haýsy tarapdan
geler erken?» diýip intizar bolup durar erdi. Şazada ýakyn gelip, özün atdan taşlap,
ekeleriniň aldyna düşüp, ýöräp geldi. Erse, ymam atalaryna garap, zar-zar ýyglap
ýüwürdi. Emma Şahymerdan hem: «Wah, balam, kaýdan çykdyň?» diýip, salam
berip gujaklaşyp görüşdiler, huşdan gitdiler. Zamandan soň huşuna gelip, bir-biriden
arzy-hal soraşdylar. Hezreti Aly: «Balam, başyňa ne işler düşdi, beýan kylgyl»
diýdi. Erse, ymam Muhammet başdan öten wakalaryn, gören jebr-u jepalaryn bir-bir
beýan kyldy. Ondan soň Jemhur inileri bile gelip, Hezreti Aly bile görüşdiler.
Musulman bolanyn bir-bir beýan kyldylar. Ondan soň gün batyp agşam boldy.
Şahymerdan mejlis gurap, näçe tagamlar getirip, noşy-jan kylyp oturdylar. Weliken,
şazada Muhammet tagama bakmaz erdi. Perişan hal bolup, ah urar erdi. Her ah
uranda agzyndan ot saçylar erdi. Şiri-ýegana dek bolup, çar tarapa garar erdi. Muny
görüp Şahymerdanyň bogazyndan tagam ötmez erdi. «Wa daryg-a, jigergüşe balama
bir wakyga roý berip turar» diýip, ymam Muhammede garap:
- Eý balam, ne derdiň bolsa, maňa aýtgyl – diýip, bir söz aýtdy:
Ne üçin hassa sen köňlüň mükedder,
66
Sözle, nowjuwanym, halyň ne boldy?
Bir elem ýetipdir saňa mukarrar,
Haly perişanym, saňa ne boldy?
Şişe dek synykdyr köňlüň, hyýalyň,
Açylmaz gunça dek näzik nahalyň,
Hasrat bile tapdym yzlap wysalyň,
Aruwly-armanym, saňa ne boldy?
Gözleriň läle dek dolupdyr gana,
Pelegiň jebrinden geldiň amana,
Hatyryň gunçasyn salyp hazana,
Täze gülüstanym, saňa ne boldy?
Boýnuň burup, köňlüň melul eder sen,
Näz ukyga humar-humar gider sen,
Gamgyn bolma, myradyňa ýeter sen,
Täze nowjuwanym, saňa ne boldy?
Aly aýdar, gulak salgyl sözüme,
Başyňy götergil, bakgyl ýüzüme,
Jahan sensiz görünmeýdir gözüme,
Keremli soltanym, saňa ne boldy?
Elkyssa, Şahymerdan bu sözi aýdanyndan soň, ymam Muhammet biçäre
köňülleri dolup, aýdaýyn diýse, atalaryndan şerim kyla turar, eger aýtmaýyn diýse,
köňülleri bikarar erdi. Ahyr:
- Eý, pederi-büzürgwar, men aýdaýyn, siz gulak salyň – diýip, zar-zar, çün ebrinowbahar ýyglap, ýarynyň waspyn aýdyp, bir söz diýdi:
67
Ne sebäpden meniň köňlüm açylsyn,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Gamgyn günde nädip şerap içilsin,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Jemhuryň siňlisi – onuň ilinden,
Perizat sypatly, beşer hilinden,
Bir zaman dynmady köňlüm gamyndan,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Ony tabşyrdylar maňa getirip,
Gapyl galdym ýarym bile oturyp,
Pelek jepasyny maňa indirip,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Golumdan nägähan döw alyp gaçdy,
Döw bilen söweşmek ýadyma düşdi,
Maňa beýle müşgil işler ulaşdy,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Döwi baryp çah içinde öldürdim,
Ýarym alyp, baz elimden aldyrdym,
Gyzyl ýüzüm şol sebäpden soldurdym,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Ymlak atly bir kapyry-bigäne,
Meniň bile hemra bardy şol ýana,
Sandyk bile ýarym kyldy rowana,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
68
Çah içinde mähnet çekdim begaýet,
Çahdan çykdym, çölden çekdim zalalat,
Şazada diýr, sizi gördüm salamat,
Söwdügim aldyrdym, tapa bilmedim.
Elkyssa, şazada bu sözi aýtdy. Erse, Şahymerdan aýtdy:
- Eý, merhemi-janym, balam, ýaryňy kim alyp gidipdir?
Ymam Muhammet aýtdy:
- Eý, pederi-mähriban, ýarymy owwal Döwsepit alyp gidip erdi. Ymlak diýen
kapyr bile baryp, döwüň guýusyna tenha girdim. Döwi öldürdim. Zeýnelaraby bir
sandyga salan eken. Sandygy kemendiň ujyna baglap, dart diýip, Ymlaga yşarat
kyldym. Ymlak dartyp aldy. Ymlak diýen näumyt sandyk bilen gyzy alyp bidir
gaçdy. Bir zaman garap durdum. Kement gaýdyp gelmedi. Ondan soň Hudaýa
mynajat kyldym: «Päk-ä, Perwerdigär-ä, bu çahyň içinde ata-ene, hyş-tebarymy
görmeý öler boldum» diýdim. Nägäh gözümi uky örtdi we ukymda Resuly-Huda –
babamyzdan yşarat tapyp, tisginip oýgandym. Garasam, kement gelip başyma degip
durar. Kemendi tutup, syçrap çahdan çykdym. Garasam, atym dört aýagyny bir
kylyp, kemendi basyp duran erken. Ondan soň atymy münüp geler erdim. Jemhur
inileri bile meni istäp barar erken, aldymda uçrady. Meniň ýarymy sorsaňyz şularyň
siňlisi turar. Ondan soň bular bile goşulyp geler erdik. Yrakdan iki nur peýda boldy.
Gelip görsek, iki nur – iki agam erken. Ondan soň Hudaýtagala sizleriň didaryňyza
gözüm düşürdi. Eý, pederi-büzürgwar, indi söz pähmine ýetişseňiz, Ymlak ýarymy
şol gala getirdi – diýip, zar-zar ýyglady. Erse, Hezreti Aly bu sözleri eşidip, aýtdy:
- Eý, balam, ýaryň üçin gam iýmegil, inşa Alla, ataň sag bolsa, getirer – diýip,
dergazap bolup çykyp, şähri-Kamusa garap gidiberdi. Emma Mälik Aždara: «Sen
leşgeriň halydan biz gelinçä habardar bol!» diýip, emr kyldy. Özi gala ýöriş kyldy.
Hendege ýetip, «Ismi-agzam» okap, hendekden ötüp, derwezä ýetdi. Görse, bary
kapyrlar habardar bolup oturyp durar. Emma Şahymerdan bir gysym topraga dem
salyp, kapyrlar tarapa saçdy. Ondan soň derwezeden içeri girdi. Hiç kim Alyny
görmedi.
69
Elkyssa, Şahymerdan barçany görer erdi. Emma Şiri-Huda köp jaýlary gydyrdy,
asla gyzdan eser tapmady. Ýene bir çadyra bardy, görse, jem kapyr hoşwagt bolup
oturar we ýene içeride bir hüjre bar. Zeýnelarap biçäre şol hüjrede durar.
Hyzmatynda birnäçe kenizekler gol gowşuryp durar. Yene, birnäçe perizat gyzlar
sagynda-solunda oturar we nesihat kylarlar. Şiri-Huda: «Owwal bu gyzy imtihan
kylyp göreýin, ymama köňli barmy ýa ýokmy» diýip, hüjräniň bir künjünde durdy.
Şol wagt Zeýnelarap gözünde ýaş, bagrynda daş, şikeste hal bolup, pelegiň jebrinden
köýüp, kapyrlar arasynda galanyna ne alaç ederin bilmän zar-zar ýyglap, öz nepesini
melamat kylyp, bir söz aýtdy. Gazaly-Zeýnelarap biçäre bu turar:
Barçanyň soltany, şalaryň şahy,
Dergähiňden meni näumyt etme!
Gözüm ýaşy-magşar güni güwähi,
Dergähiňden meni näumyt etme!
Kapyrlaryň jepasydyr ülpetim,
Gün-günden zyýada bolar külpetim,
Mundan ýaman kylma meniň kysmatym,
Dergähiňden meni näumyt etme!
Şepagat Alydan ger maňa bolsa,
Ogly Muhammedi ol istäp gelse,
Nazar kylyp, meniň halymy sorsa,
Dergähiňden meni näumyt etme!
Bagtymyň şumlygy urdy başyma,
Gözüm pyýalasy doldy ýaşyma,
Muhammedim sorap gelse gaşyma,
Dergähiňden meni näumyt etme!
70
Başyma düşüpdir melamat daşy,
Pelek berer maňa awudan aşy,
Zeýnelarap, akyp gözüniň ýaşy,
Dergähiňden meni näumyt etme!
Elkyssa, Zeýnelarap jan bu sözleri tamam edenden soň, Şahymerdan bildi kim,
ymam Muhammede hakykat yhlasy bar erken. Şol wagt Ymlak gelip ýüz müň
syýasat bilen Zeýnelarabyň bedenine gol urar boldy. Gyz:
- Eý, Ymlak, dek durgul. Hudaýtagala häzir-u nazyrdyr – diýdi.Ymlak
Zeýnelarabyň bu sözlerine bakmaý, kämi-dil hasyl kylar boldy. Şol wagt Zeýnelarap
biçäre Hudaýa mynajat kylyp:
- Eý, Hudaýym, meniň janymy algyl, ýa bolmasa Hezreti Alyny Özüň ýetirgeý
Sen – diýip, ýyglar erdi. Ymlak kapyr:
- Aly guş bolsa hem bu ýere gelmez – diýdi we ýene ol kapyr Zeýnelaraba
zorluk kylar boldy. Şol wagt Hezreti Aly Şahymerdan nagra tartyp:
- Haý-haý kapyr, goluňy dartgyl – diýip, hemle kyldy. Onda Ymlak kapyr
haýran-serasyma bolup, wehim bilen tamam agzasyna lerze girip, özünden gidip,
bihuş bolup ýykyldy.
Elkyssa, Şahymerdan Ymlagyň iki goluny arkasyna baglap, Zeýnelarabyň bir
golundan tutup, haýmadan çykyp, leşgere alyp geldi. Hiç kim bilmeý galdy.
Elgaraz, bu tarapdan Mälik Aždar bile şazadalar leşgeriň etrapyn aýlanyp görer
erdiler. Nägäh bir kapyry tutup alyp geldiler. Ol kapyrdan habar sordular. Ol kapyr:
«Bu gün üç gün boldy, Ymlak Jemhuryň siňlisini orda alyp getirip, toý-tomaşa
kylyp, myrat hasyl kyldy» diýip aýtdy. Emma şazada Muhammet Hanapyýa bul sözi
eşidip, takat kyla bilmeý, kasam ýat kyldy kim, «Şol kapyryň şäherini weýran kylyp,
adamlaryny katly-aam kylmasam, men Muhammet ol Şiri Jepbardan bolmagan
bolaýyn, Mekke ülkesine dubara bilen gadam goýmagaý men» diýip, bir gazal
aýtdy:
Niçik merdanalyk meniň adyma,
71
Ýar ýolunda Rahşym jöwlan etmesem,
Ar ile namysdyr asyl zatyma,
Kapyrlar tohmuny weýran etmesem.
Ol Ymlak kapyry tutup, öldürip,
Agzalarny bedeninden üzdürip,
Ustuhanyn oda salyp, köýdürip,
Arman galar, ýere ýegsan etmesem.
Baryp tapyp ol kapyryň mekanyn,
Dem alynça bermeý onuň zamanyn,
Ne müşgildir bu gün, dem-u döwranyň,
Baryp oňa ahyrzaman etmesem.
Bolmaz meniň diriligim jahanda
Ger tutmasa Hakyň özi amanda,
Melamat ederler uşbu zamanda,
Ol kapyry baryp gyran etmesem.
Şazada diýr, görsem güzer etmenem,
Ölsem-galsam şunda mazar etmenem,
Takatym ýok aram-karar etmenem,
Baryp kelle minar nyşan etmesem.
Elkyssa, şazada ýanyp, tutaşyp, bir kararda durmaý, kasam ýat edip, atalary
gelinçä hem durmaý: «Baryp Ymlagy öldürip, galasyny weýran kylyp gelmesem
bolmaz» diýip, mest ner dek kükräp, gala tarapa rowana boldy. Ymam gala tarapa
gele dursun. Indi sözi bul tarapdan eşidiň.
Elgaraz, Katranyň bir inisi bar erdi. Bir galada patyşa erdi. Onuň adyna Tahrak
diýer erdiler. Ýetmiş müň leşgeri bar erdi. Her haýsy müň adama barabar erdi.
72
Emma Hezreti Aly baryp, Katranyň galasyny gabandan soň, şol inisine: «Üstüme
Medinäniň Alysy gelip, galany gabap turar. Leşgeri bile gelip, maňa medet bersin,
eger medet bermese, meniň halym harap turar» diýip ilçi iberip, habar kylyp erdi.
Emma Tahrak kapyr agasyndan gelen ilçini görüp, leşgere jar urduryp, barça
leşgerini jem kylyp, ýetmiş müň leşger bile agasyna kömek bermekçi bolup, şähriKamusa garap geler erdi. Emma ymam biçäre gala tarapa barar erdi. Nägäh akyllary
zaýyl bolup, ýol azaşyp barar erdi. Tahrak kapyr leşger bile gala ýakyn gelip erdi.
Beýekbar ymam biçäre şol ýetmiş müň betmezhebe ýolukdy. Nägäh Tahragyň
nazary ymama düşdi. Gördi kim, bir oglan turar, on dört gijelik aý dek ýüzleriniň
nury äleme bark urar. Muny görüp bir bahadyra: «Eý, bahadyr, şol duran beçjäni
öldürmeý, diri tutup aldyma alyp gelgil, mejlisde sakygärlige ýagşy» diýip emr
kyldy. Erse, bahadyr «Ajap bolar» diýip, atyna münüp, ymamyň ýanyna baryp:
- Eý, beçje, kaýdan gelip, kaýda barar sen, adyň kimdir, beýan kyl, ýok erse,
binam-u nyşan gider sen – diýdi. Onda ymam aýtdy:
- Eý, bahadyr, owwal sen beýan kyl, kaýda barar siz?
Onda kapyr aýtdy:
- Bu leşger Tahrak diýen patyşanyň leşgeri turar, patyşa sizi «Munda gelsin»
diýip, meni iberdi.
Elkyssa, ymam ýaraglaryny derber kylyp, atyna münüp, patyşanyň ýanyna
baryp, patyşa tarapa garap: «Eý, kaddy-kamaty belent, sen bularyň içinde ygtybarly
görner sen, bul leşgeriň patyşasymy sen, ýa bolmasa serkerdesimi sen? Saňa ýol
bolsun. Siz goşun bilen kaýda barar sen?» diýip, bir söz aýtdy. Gazaly-ymam
Muhammet:
Sansyz goşun bilen saňa,
Ýol bolsun, kaýda barar sen?
Tün-gije ýolugyp maňa,
Ýol bolsun, kaýda barar sen?
Tutuban dag bile çöli,
73
Gurudyp jezire-köli,
Men dek azaşdyňmy ýoly?
Ýol bolsun, kaýda barar sen?
Adyňy aýtgyl, bileýin,
Köňlüm gubaryn alaýyn,
Saňa laýyk iş kylaýyn,
Ýol bolsun, kaýda barar sen?
Birmidir asla Hudaýyň,
Kimdir seniň köňül hahyň,
Kaýdadyr menzil-u jaýyň,
Ýol bolsun, kaýda barar sen?
Muhammet diýr, şazada men,
Aslym sorsaň, azada men,
Bir dilbere dildada men,
Ýol bolsun, kaýda barar sen?
Elkyssa, Tahrak kapyr ymamdan bu sözi eşidip, köňlünde: «Elhezer-elhezer,
meniň aldymda bir-tenha özi ýetmiş müň bahadyrymdan howatyr kylmaý, bu sözi
aýtadyr. Meger bolsa, Alynyň ogludyr. Munuň gözüniň oduny özüm almasam
bolmaz» diýip, dergazap bolup:
- Eý, beçjeýi-nadan, ne söz aýdar sen. Meniň adyma Tahrak diýerler. Heniz
meniň kuwwatym bar-u ýoguny eşitmediňmi – diýip, şazadaga hemle kyldy.
Emma şazadanyň gulagyna Ymlak diýen ses geldi. Şazada Ymlak hyýal kylyp:
«Men seni talap edip gelip erdim» diýip, gylyjyn gulapydan sogrup, Tahrak kapyra
hemle kyldy. Tahrak lagyn takat kyla almaý, gaçyp bidir gitdi. Elgaraz, şazada
leşgeri goýun dek sürüp, at oýnadyp, Hudaýyň zikrini ýat edip, jöwlan kylar erdi.
Emma bu leşger içre nysfy-şebde bir şuryş-pygan gopup, her kim her ýana gaça
74
başlady. Elgaraz bu röwüşde şazada ýetmiş ýerinden zähmdar bolup erdi. Ahyrylemr atynyň ýalyn gujaklap, leşgeri söküp özüni bir köşä aldy. Elgaraz bu zähmleri
bilen ýary ýadyna düşüp, zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglap, bu muhammesi okady:
Men giriftary-bela men, ýar sensiz, neýläýin,
Boldy köňlüm-u tenim efgar sensiz, neýläýin,
Deşti-gurbat içre galdym har sensiz, neýläýin,
Tapdy janym uşbu gün azar sensiz, neýläýin,
Ýar, sensiz neýläýin, dildar, sensiz neýläýin.
Kaýda sen , bilmen seniň halyňy, eý janana sen,
Şem dek köňlümiň öýünde dürli-dürli ýana sen,
Uşbu kapyrlar bilen bolduňmy, ýar, hemhana sen,
Saldyň, eý dilber, meni bu derdi-bidermana sen,
Ýar, sensiz neýläýin, dildar, sensiz neýläýin.
Uçradym ýüz-müň bela-mähnete men, bagty gara,
Hiç kişi ýok başym üzre ki tutar matamsera,
Waý, bilmezler meniň halymy hyş-u akraba,
Ýardan boldum jyda, galdym belada mübtela,
Ýar, sensiz neýläýin, dildar, sensiz neýläýin.
Kim baryp aýdar meniň haly-perişanym saňa,
Barsa aýdarmy saba bu ah-u efganym saňa,
Telmurup, eşkim döküp, çäki-giribanym saňa,
Haýsy gün bolgaý – goşulgaý bu dertlik janym saňa,
Ýar, sensiz neýläýin, dildar, sensiz neýläýin.
Synaýy-çäk, bagry birýan para men, sen ýar üçin,
Beýle sergerdan bolup, awara men, sen ýar üçin,
75
Şerri-duşmanlar bilen set para men, sen ýar üçin,
Ger özüm şazada men, biçäre men, sen ýar üçin,
Ýar, sensiz neýleýin, dildar, sensiz neýläýin.
Elkyssa, şazada bu sözi aýdyp, atyny öz töwrüne iberdi. Gylyjy bile gamçysy
gollarydan ýere düşdi. Emma at janawer ymamyň bihal bolanyn bilip-görüp,
şazadany kapyrlar arasyndan aýryp, alyp çykyp, ýola rowana boldy. Elkyssa, at
janawer şol gidişden gijesi bilen ýöräp, birniçe menzilleri taý kylyp, bir derýanyň
ýakasyna alyp bardy. At janawer zyýada teşne bolup erdi. Suw içmek üçin derýa
girer boldy. Şazada biçäre atynyň üstünden syrylyp derýanyň gyrasyna düşdi. At
derýa girip, suw içip, gaýdyp gelip ymamyň başynyň ujunda, gözünden ýaş akdyryp
ýyglap durdy. Şazada Hudanyň takdyry bile biraz bihuş bolup ýatsynlar. Atlary
üstünde ýyglap dursunlar. Indi sözi başga tarapdan aýdalyň.
Emma rawylar ondag rowaýat kylarlar kim, şol mähellede bir şähri-azym bar
erdi. Adyna Zingar diýer erdiler. Patyşasynyň adyna Anka diýer erdiler. Özi zyýada
mübäriz pälwan erdi. Arapda we ajamda oňa barabar kişi ýok erdi, özi ýedi yklymyň
patyşalarynyň ulusy erdi. Welemma, Ankanyň bir gyzy bar erdi, zyýada sahypjemal,
şuglaýy-jemalyndan hurşydy-taban tire bolar erdi, gülüstany-jahan ýüzüniň eksinden
hyýra bolar erdi. Hoş elhan bilbiller gülüň hanasy üzre onuň jemalyndan hekaýat
kylyp güli unudar erdi. Toty biçäreler onuň ýarlygy bile üýn kylyp, bihal bolar erdi.
Gülzary-jahan içre jem janawarlar her haýsysy öz dilleri bile ýüz müň elwan söz
aýdar erdi we bişäniň dal-daragtlary oňa paýmal bolar erdi. Mahbubyl-kulup içre
müşteri sagadat, hoşwagt, katdy-kamat, şury-kyýamat, katdy-möwzun, gözleri
meftun, aşyky-jigerhun ondag ýaradyp turar kim, kirpigi peýkam, lebleri handan
apaty-jan, piste dahan, inçe miýan, gül ýüzli, şirin sözli erdi. Emma ol gyzyň adyna
Tugra diýer erdiler. Şol gyzyň bir çarbagy bar erdi. Derýanyň lebinde erdi. Emma
günlerde bir gün Tugra peri ýanyna kyrk kenizegini alyp, şikar kylyp, tazylary bile
gulan-keýik awlap geler erdi. Nägäh, Tugra periniň gözi bir ata düşdi. «Eýa toba, bu
ne at boldy?» diýip, atlaryny sürüp gelip garasalar, bir ýigit mysaly on dört gijelik aý
dek bolup, ýatyp turar. Tamam agzalary gana boýalan. At janawar gözünden katra76
katra ýaş akyzyp, şol ýigidiň baş ujunda ýyglap turar. Emma Tugra bu syry görüp,
kenizeklerine garap, güli gören bilbil dek saýrap bir söz aýtdy. Gazaly-Tugra:
Görüňler, eý, ýaranlar, hup nazar bile ne jandyr bul,
Bu surat munda bar, elbetde, bir şahy-jahandyr bul.
Azaşyp, gam çekip ýören, muşakgatlary köp gören,
Bu ýalňyzlykda mahzundyr, ajap Ýusup nyşandyr bul.
Gyzyl gan bile gülgündir, iki şählasy pür hundur,
Eý siz, şazadaýy-älem, neden agzasy gandyr bul?
Kişi ahwalydan ägä imes, bilmez muny kimdir,
We ýa şazadaýy-dindir, ýa tarabsyz pälwandyr bul.
Diýdi Tugra, kenizi bolmaga köňlümde sydkym bar,
Eger bolsa, Alynyň neslinden bir pälwandyr bul.
Elkyssa, Tugra bu sözi aýdyp, şazada muhabbet getirip, atdan düşüp şazadanyň
başujuna baryp, gylyjyny gulabyndan çykaryp, şazadanyň agzyga tutdy. Gylyç gubar
aldy. Bildi kim, jany bar erken. Ondan soň Tugra öz döwlethanasyna mynasyp
görüp, zerreýi-azar bermeý, şol sagatda biraz aş bişirip, şazadanyň agzyna tutdular.
Şazada biçäre kem-kemden biraz noşy-jan kyldy. Elkyssa, ymam Muhammet endek
özlerine geldi. Gözlerin açdy, görse, degrelerinde bir gyz oturyp turar. Ýanynda kyrk
kenizi bar. Şazada garap, tomaşa kylyp oturyp durarlar. Şazada bulary görüp, haýran
bolup: «Päk-ä, Perwerdigär-ä, ýene niçik belalara galdym?» diýip, Hudaýa şükür
kylyp, başyn aşak salyp oturyp erdi. Emma Tugra peri goluna sazyn alyp: «Eý,
ýagşy ýigit, gamgyn bolma, hoşwagt bolgul!» diýip, şazada garap, bir söz aýtdy:
Gel, sözleşgil, nowjuwanym,
77
Husnuňy sapaly gördüm.
Ne halyň bar, jana-janym,
Men seni wepaly gördüm.
Seniň dek bolmaz adamzat,
Ýa melek sen, ýa perizat,
Beşer hem bolsaň aslyň zat,
Gyzdan hem ibaly gördüm.
Ýüzüň gül, katdyň nahaldyr,
Lebleriň aby-zülaldyr,
Aýtgyl, saňa bu ne haldyr,
Munça hem jepaly gördüm.
Sen kibi bolmaz näzenin,
Gel bize bolgul hemneşin,
Lagly-lebiň jandan şirin,
Jandan hem mazaly gördüm.
Tugra diýr, haýadan geçip,
Öz golumdan şerap içip,
Sözlegil agzyňy açyp,
Bilbil deý nowaly gördüm.
Elkyssa, şazada Tugradan bu sözi eşidip: «Eý perizat, men näbelet men,
mundag jaýlary gören emes men. Indi owwal siz halyňyzy beýan kylyň, ondan soň
biz biçäre hem beýan kylaly» diýdi. Tugra: «Ajap bolar» diýip, gollaryna sazyn
alyp, şazada garap, öz ilinden habar berip, bir söz aýtdy:
Gulak salyp eşit, aýdaý sözümi,
78
Bu iliň hiç kimden amany bolmaz.
Ankadyr soltany, men onuň gyzy,
Menden başga arzuw-armany bolmaz.
Şähri-Zingar diýrler, bir ajap jaýdyr,
Men üçin salynan türpe saraýdyr,
Adym Tugra, husnum bir dolan aýdyr,
Elbetde, sözümiň ýalany bolmaz.
Atam duşmanlaryň başyna ýeter,
Haýa kylma, başyň dyzymdan göter,
Ganymatdyr döwran, bir zaman öter,
Bir kararda duran zamany bolmaz.
Aga-iniň, iliň-günüň barmydyr,
Köňül beren şirin janyň barmydyr,
Meniň dek açylan gülüň barmydyr,
Bir golda goşa gül zyýany bolmaz.
Tugra aýdar, sözüm meniň pähm eýle,
Meniň ah-u pyganymdan wehm eýle,
Bir keniz men kabul kylyp, rehm eýle,
Mundan artyk sözüň beýany bolmaz.
Elkyssa, Tugra bu sözi aýdandan soň, ymam Muhammet aýtdy: «Eý, bar
Hudaý-a, özüň abraý bergeý sen. Bularyň köňlüne rehm salgaý sen» diýip, zar-zar
ýyglap, köňli gamda, jany sütemde bir söz aýtdy:
Tugra, sözüm eşit, aýdaýyn başdan,
Sähranyň höwesi başyma düşdi,
79
Bir nyşana tapdym altyn-kumaşdan,
Bu yşkyň belasy başyma düşdi.
Bahadyrlyk dawasyny kylardym,
Her ülkede niçe sagat durardym,
Nägehandan iller gezip ýörerdim,
Bir janan söwdasy başyma düşdi.
Duşmanlarym zerer saldy janyma,
Tenha galdym, kişi gelmez ýanyma,
Rahşym boýap beýle gülgün ganyma
Dünýäniň jepasy başyma düşdi.
Iki agam – mahy-enwer diýerler,
Atam adyn sorsaň Haýdar diýerler,
Medine şährinde serwer diýerler,
Garyplyk söwdasy başyma düşdi.
Meniň adym Muhammetdir, eşitgil,
Ýagşy aňlap, algyl, gulagyň tutgul,
Bu meniň derdimiň dowasyn etgil,
Şum bagtym garasy başyma düşdi.
Elkyssa, melike Tugra bu sözi eşidip, şazada garap:
- Eý ýagşy ýigit, köp gamgyn bolma, her iş bolsa Hudaýyň takdyryndan
daşgary ermes, şükür kylyň – diýip, köňüllerine teselli berip, bir söz diýeni bu turar:
Derdiňe derman bolaýyn,
Goýgul, şazada, gel indi.
Her ne derdiň men alaýyn,
Ýyglama oýnap gül indi.
80
Rastyňy sözlegil, hany,
Gurbanyň bolaýyn seni,
Keniz et özüňe meni,
Gulaga pendim al indi.
Ýadyňdan çykargyl ýaryň,
Meni köp kylmagyl zaryň,
Her ne kylsaň ygtyýaryň,
Her niçik bolsaň bol indi.
Pelege çekmegil ahyň,
Ýar ekendir köňülhahyň,
Ýat etme menzil-u jahyň,
Bu ýeri menzil kyl indi.
Tugra diýr, düşdüň bul ýana,
Seýr edip, ýazy ýabana,
Köňlüňi berme her ýana,
Sen meni hemdem kyl indi.
Elkyssa, Tugra peri bu sözleri tamam edenden soň, şazada hem herne takdyra
razy bolup oturdy. Ondan soň Tugra peri buýurdy, şazadany mugapaga salyp,
çarbagdaky köşge alyp bardylar. Şazadany içeri girizip, ondag perwa kyldy kim,
şazada zähimlerinden gutulyp, eneden ýaňy bolandan täze boldular. Emma şazada
gyzyl güle ogşap, Hudaýa töwekgel kylyp ýörer erdi. Emma Tugranyň bir kenizi bar
erdi, adyna Dam diýer erdiler. Ol Tugra periniň aşpezi erdi. Zyýada lezzetli tagam
bişirer erdi. Emma Tugra günlerde bir gün: «Eý, Dam, bir lezzetli tagam bişirgil,
şaýet, şazadanyň köňli açylyp, meniň bile hemra bolup tagam iýgeý» diýdi. Dam:
«Ajap bolar» diýip, permanyn tutup, çüsti-çapyk baryp, biraz aş taýýar kyldy.
81
Weliken, ýene bir kenizi bar erdi. Ol Dama duşmançylyk kylar erdi we onuň kylan
işine şikes berer erdi. Elkyssa, Dam biçäre tagamy taýýar kylyp goýup erdi. Emma
kenizi bir tabak duz alyp, Damy gapyl tapyp, aşa saldy. Erse, Dam biçäre bihabar
aşy tabaga salyp, şazada bile Tugranyň aldyna getirip goýdy. Tugra tagama gol urup,
bir lukma aldy. Erse, tagam duz bile berpa bolan erken. Goluny tabakdan dartyp aldy
we «Damy urup öldüriňler» diýip buýurdy. Dam biçäräni ondag urdular kim,
hasabyn Alla tagala bilsin, ýarylmagan, bozulmagan ýeri galmady. Elkyssa, Dam
biçäre taýak zähminden özünden gitdi. Tugra «Gol-aýagyn baglap, daşaryga taşlaň!»
diýip buýurdy. Ondan soň Tugra peri şazadany kyýamatlyk okady. Indi Damdan söz
aýdaly.
Elkyssa, Dam biçäre şunça urulmak bilen ölmeý, ajaldan aman tapyp, birniçe
wagtdan söň gözün açdy. Görer kim, bagdan daşaryda ýatyp turar. Tamam agzasy
gana boýalan turar. Dam biçäre köňlünde: «Men niçe wagtlardan bäri jepa-mähnetler
çekip, hyzmat etdim. Ahyrynda meni şundag har-u zar etdi» diýip, Tugra periden
gile kylyp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, goluna sazyn alyp, Tugra perä garap:
«Men seni şermende kylmasam bolmaz» diýip, bir söz aýtdy:
Birehim köňlünde ýokdur endişe,
Munça maňa neçün jepa eýlediň?
Maňa sut eýlemez jepa ýetişse,
Janymy algaly ryza eýlediň?
Men seniň syryňy synama tutup,
Seniň üçin näler hunaba ýutup,
Baz-ahyr urdurdyň ýüzümden ötüp,
Halk içinde meni ryswa eýlediň.
Duşmanlyk eýledi bir perizadyň,
Istedim jan bilen husn-u jemalyň,
Suwardy gözýaşym katdy- nahalyň,
82
Gözüň ýumup, menden iba eýlediň.
Duşmanlar hakymda kyldy ýamanlyk,
Aňlamaý bu syry, kyldyň nadanlyk,
Meniň hem golumdan geler ýamanlyk,
Öz janyňa özüň jepa eýlediň.
Huda dergähinde tapdym amanlyk,
Sut eden işlere gördüm zyýanlyk,
Men ýagşylyk kyldym, kyldyň ýamanlyk,
Indi meniň bagtym gara eýlediň.
Gyz başyňa nämeşrug iş başlaýyp,
Aşyk bolduň bir oglany hoşlaýyp,
Dam ne kyldy, bagdan daşa taşlaýyp,
Ölse-ölsün diýbän, rowa eýlediň.
Elkyssa, Dam bu sözi aýdyp, köňlünde: «Indi seni ryswa kylmasam bolmaz»
diýip, patyşanyň erkine garap, ýöriş kyldy. Baryp, gala girip, bir hasap bile
patyşanyň aldyna baryp, iki golun elip-lam kylyp:
- Eý, patyşahy-älem, eý soltany-bakerem, şäheriňde aman bol we tagtyňda
soltan bol. Bir kaşyk ganymy ötüň, bir arzym bar, aýda turar men – diýip, ýyglap
durdy.
Erse, patyşa:
- Eý, kenizek, aýtgyl, meniň döwlet eýýamymda saňa kimden sütem ýetdi? –
diýdi.
Onda kenizek:
- Eý, şahy-älem, arzymy aýtsam, gyzyň Tugra niçe günden bäri bir müjerretbigäne ýigidi tapyp, gije-gündiz aýşy- eşret kylyp turar. Eger şul sözüm ýalan bolsa,
meni saňsar kylyň – diýdi. Emma şa Anka bu sözi eşidip, her tüýi naýzaýy-abdar
83
dek bolup, donun deşip ötüberdi. Welemma, uýalanyndan ölmäge razy boldy. Ondan
soň:
- Eý, jellatlar, baryp, şol ýigidi gyzym Tugra bile tutup, meniň aldyma alyp
geliň – diýdi.
Erse, Dam:
- Eý şahy-älem, ol ýigit bu jellatlara baş bermez, leýken, bir sözüm bar
aýdaýyn, ondan soň ygtyýaryňyz – diýdi.
- Ne söz turar? – diýdi. Onda Dam:
- Eý, şahy-älem, eger şolary tutar ygtyýaryňyz bolsa, men owwal gidip
hyzmatynda bolup, aşa däriýi-bihuşy salyp, bihuş kylyp, ondan soň kişileriňize
habar bersem. Şundag bir hile kylyp tutsak, ýogsa müň bahadyr bolsa hem baş
bermez – diýdi.
Erse, şa Anka:
- Ondag bolsa, ygtyýar sende turar – diýdi.
Erse, Dam leşgeriň içinden ýüz elli bahadyry alyp, özi aldyna düşüp, ýol başlap,
baga bardy. Ondan soň Dam bu bahadyrlary bagyň daşgarysynda goýup, özi
kenizekleriň arasyna girip oturdy. Ondan soň kenizekler baryp, Tugradan günäsin
diläp aldylar we Dam betbagty alyp bardylar. Ýüz mekir bile Tugranyň aýagyna
ýüzün sürtüp, uzur kyldy. Tugra peri sadalyk kylyp, ýene owalky dek aşhanasynda
goýdy. Munuň şumlugyndan habary ýokdy.
Elkyssa, ondan soň Dam diýen betbagt ýene Tugra aş bişirmek bile boldy. Aşy
taýýar kylyp, däriýi-bihuşy salyp, şazada bile Tugranyň aldyna getirip goýdy. Ondan
tamam kenizlere aş çekdi. Elkyssa, her kim şol aşdan iýdi, erse, bihuş bolup ýatdy.
Şazada bile Tugra hem bir lukma aldy. Müň ýylky öli dek bolup ýatdylar, onuň üçin
kim, olaryň aşyna därini köp salyp erdi. Emma Dam näumyt bulary bihuş kylandan
soň, özi daşary çykyp: «Eý, bahadyrlar, geleweriňler, tamamyn bihuş etdim» diýdi.
Tamam bahadyrlar gelip baga girdiler. Ondan soň köşge girip, şazada bile Tugra
perini baglap, gündiz alyp barmak tamam äleme owaza bolar diýip, boýunlaryna gyl
salyp, patyşanyň aldyna agşamlyk alyp geldiler. Emma şa Ankanyň gözi düşgeç,
reňki mutagaýýyr boldy. Bilinde bir hanjary bar erdi. Goluna hanjary alyp, şazada
84
bilen gyza garap: «Garnyny ýaryp taşlaýyn» diýip topuldy. Erse, patyşanyň bir
weziri bar erdi:
- Eý, şahy-älem, patyşa bolan jemagata adam öldürmek lazym ermes. Emr
kylyň, jellatlar öldürsin – diýdi.
Patyşa bu sözi makul görüp:
- Eý jellatlar, ikisiniň hem derisini soýuň – diýip, perman kyldy. Erse, jellatlar:
«Ajap bolar» diýip, ikisini alyp çykdylar. Emma Tugranyň bir apasy bar erdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Zeýnelarap - 5
  • Parts
  • Zeýnelarap - 1
    Total number of words is 3612
    Total number of unique words is 1827
    28.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 2
    Total number of words is 4075
    Total number of unique words is 1602
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 3
    Total number of words is 3978
    Total number of unique words is 1730
    26.6 of words are in the 2000 most common words
    40.0 of words are in the 5000 most common words
    46.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 4
    Total number of words is 4037
    Total number of unique words is 1741
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    45.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 5
    Total number of words is 3927
    Total number of unique words is 1697
    25.8 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 6
    Total number of words is 3904
    Total number of unique words is 1663
    25.1 of words are in the 2000 most common words
    36.6 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 7
    Total number of words is 3474
    Total number of unique words is 2203
    22.8 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Zeýnelarap - 8
    Total number of words is 1884
    Total number of unique words is 1471
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    43.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.