Latin

Oguznama - 01

Total number of words is 3985
Total number of unique words is 1877
29.4 of words are in the 2000 most common words
40.8 of words are in the 5000 most common words
47.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
TÜRKMENBAŞY ADYNDAK.Y TÜRKMENISTAN
MILLI GOLÝAZMALARINSTITUTY
OGUZNAMA
Çapa taýýarlan: Rahmanberdy Godarow
Redaktor:
filologiýa ylymlarynyň doktory
Annagurban Aşyrow
AŞGABAT. 2001
AŇLATMA
Tärkmenieriň n esilb a şysy O guz han özüniň
gahrymançytykly ýörişteri, berkarar döwtet gtirşy, ony
adatatty dotandyryşy hakda nesittere ýadygärtik
gatdyrmagy g öz öňünde tutup, bir ajaýyp kitap
ýazmagy tabşyrypdyr. Nesilter ol kitabydiýip atlandyrypdyrlar.
Wagtyň geçniegi biten bu kitaby diňe bir Oguz
hanyň nesilleri bolan iürkmenter dät, eýsem dünýäniň
köp halklary uty gyzyktanma bilen öwrenipdirter.
Siziň* dykgatyňyza hödürtenýän şu ýygyndyda
« 0 guznamanyň» A şgabatda, P arižd e, Gazanda
saktanýan nusgatary ýerteşdiritdL
HER BIR ADAMYN RUHY
BELENT, GÖWNI PÄK, tÜREGI
ARASSA BOLMALY.
***
BIZIŇ HEMMÄMIZIŇ RUHUMYZ BELENT, TÜRKMENISTANYŇ ERTIRKI GÜNÜNE
BOLAN YNAMYMYZ BERK
BOLMALYDYR.
SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY
XVI asyr türkmen alymy
Salar Baba Gulaly ogly Salar
Harydarynyň ýazan,
Aşgabatda saklanýan
nusgasy
BISMILLÄHI-R-RAHMANY-R-RAHYM
Türkmen halkynyň taryhçylary şeýle rowaýat edýärler.
Nuh alaýhyssalam ýer şaryny perzentlerine paýlady. Gündo*
gary, Türkmenistany we ol sebitleri uly ogly Ýafese berdi.
Türkmenler Ýafese Uljaý han lakamyny berip, ol çarwaçylyk bilen meşgullanýardy. Onuň ýaýlag we gyşlagy
Türkmenistan ýerlerinde ýerleşýärdi. Ýaýlagy Ynanç şäheriniň towereginde ýerleşýän Ärdag we Kerdag sebitlerindedi. Gyşlagy bolsa, Bursuk hem-de Garagurum ady bilen
meşhur bolan Garagum sebitlerindedi. Bu iki ýerde Talas
we Gärry (Kary) Saýram atly iki şäher bardy. Garry
Saýramyň kyrk dört derwezesi bolup, ol örän uly şäherdi.
Häzir musulman türkiler ol ýerlerde ýaşaýarlar. 01 Kusçy
welaýatyna ýakyndyr. Uljaý han şol ýerde bolýardy. Onuň
Düýp Beýgi (Ýawgu)1 atly bir ogly boldy. «Düýp» manysy
«Tagt we mertebe* diýmekdir. «Beýgi* bolsa, «Döwlet
ýolbaşçysy» diýmekdir. Oi örän atly patyşady. Onuň Gara
han, Or han, Kör han, Ler han atly dört sany tanymal
ogly bardy. Gara han atasynyň ýerine tagta çykyp,
hökümdarlyk owsaryny eline aldy. Allatagalanyň permany
bilen ondan bagtyýarlyk we patyşalyk nyşanly bir ogul
dünýä indi. Ol üç gije-gündizläp, enesiniň süýdüni emme*
di. Enesi bu ahwalatdan gaýgy-gama batyp oturardy. 01
bir gije düýş gördi* Düýşünde ogly oňa:

Eger maňa öz süýdüňi emdirmegi isleýän bolsaň
onda ýeke-täk we taýsyz Hudaýa iman getirip, Taňrynyň
şerigatyny kabul etgin - diýdi.
3. Ýawgu (Yabgu) — Beýgu boimagy mümkin. Sebäbi arap hatynda
nokatlaryň orunlarynyň üýtgemegi bilen Beýgu sözi Ýawgu görnüşine
geçen bolmagy ähtimal. Sebäbi Beýgu — beg, beýik sözünden gelip
çykýar.
5
01 üç gije-gündiz şu görnüşde düýş gördi. Soňn
ärinden ýaşyryn, Allatagala iman getirdi. Elini asman;
göterip, «Ylah-a! Men biçäräniň süýdüni bu ogul üçin şirir
et!» diýip, doga etdi. Şondan soň ogiy onuň süýdün
emmäge başlady. Bir ýyldan soň atasy ony görüp, owa
danlygyna we jemalyna haýran bolup:
— Hergiz biziň kowum we urugymyzda munuň ýal]
päkize we hupsurat ogul dogulmandy — diýdi.
01 çaga bir ýyldan soň, Isa kimin dil çykaryp, gürläp
— Maňa Oguz Türkmen diýip at goýuň. Men myda
ma köşkde bolaryn - diýdi. Ony şol sebäpli Oguz Türkmei
atlandyrdylar.
Oguz çagalyk zamanyndan kämillik ýaşyna ýetdi. 0
hemişe şükür we doga edip, Allatagalany ýat ederdi. He
mişe-de Hudaýyň keremi oňa inerdi. Edeplilikde, hünärde
ok atmakda, at çapmakda, salyhatlylykda we medeniýetd>
dile düşüp, halk arasynda adygypdy. Atasy öz inisi Kö
hanyň gyzyny oňa adaglap, öýe getirdi. Oguz ol gyz;
hudaýparazlyga çagyrdy. Gyz onuň sözüni inkär etdi. Şo
nuň üçin ol onuň bilen söhbet tutman, oňa golaýlaşma2
lygy ygtyýar etdi. Atasy ony görüp, beýleki bir inisi Le
hanyň gyzyny alyp berdi. Oguz ondan hem ol talab
isledi. 01 heni inkär etdi. Oguz oňa hem üns bermed:
Atasy ýene ol haly görüp, kiçi gardaşy Or hanyň gyzyn
oňa alyp berdi. Oguz ondan hem musulman .Jjolmag
haýyş etdi. Gyz diýdi:
— Men saňa degişlidirin. Sen her ýola barsaft, ai
dyňdan baryp, seniň emriňe boýun we tabyn bolar mer
Oguz onuň bilen söhbet tutup, oňa mähir-muhabbeti pej
da boldy. özge gyzlar oňa göpübilmezçilik we bahylçyly
edýärdiler.
Bir gün Oguz awa gidende, Gara han uly toý edij
gelinlerini çagyrdy. Gara han nahar başynda aýtdy:
— Bu iki uly gelin görk we jemalda kiçi gelinde
ýagşyrak görünýär. Ýa, Rep! Oguz ne sebäpden ony bi
6
lardan köpräk söýýärkä?
01 iki hatyn pursat araýardýlar. Wagty ganymai
kine we duşmançylyk ýüzünden diýdiler:
— Oguz bizi Hudaýa ündäp, musulmançylyga
dy. Biz kabui etmedik. Bizden ýüzüni sowdy. Onu.
bilen musulman bolanlygy üçin, ofta mähir we muh
peýda boldy.
Gara han ol gyzy çagyrdy. Ondan bu haly sorai
inkär etdi.
Gara han gaharlanyp, derrew garyndaş we urug
häzir edip, olara diýdi:
— Oglum Oguz çagalyk zamanynda örän ýa
we özüne çekijidi. Indi eşidişime görä, ol öz ynam-yj
dyndan dönüp, özge Hudaýy tapynypdyr. Bu iş bi
namys we aýpdyr. Biz çaganyň bize we biziň Taňrj
äsgermezlik etmegine we kemsitmegine çydam edi
meris.
Geňeş bilen Oguzyň kasdyna çykdyiar. Oguza
deş we mährem bolan kiçi hatyny bu geňeşden h.
boiup, goňşuiaryndan bir hatyny Oguzyň gaşyna i
ony bu ýagdaýdan habarly etdi. Oguz ony eşidip,
taýýar boidy.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ ATASY, AGALARY WE URUGLARY B]
SÖWEŞIP, ÜSTÜN ÇYKMAGY
Oguz awdan gaýdyp, öýüniň ýakynyna ýetdi. t
nyň, agalarynyň we uruglarynyň ýyglyp, urşa taýýj
lup durandyklaryny gördi. 01 hem özüniň nöker we t
iaryny ýygyp, olar bilen söweşdi. Atasy Gara han
han we Ler han bilen bilelikde söweşde wepat I
Oguz ýeňip we üstün çykyp, olaryň ýerini eýeledi. Ý
bäş ýyllap öz uruglary bilen söweşip, ahyry barçal.
ýeňdi we tabyn etdi. Tä Garaguruma çenli ulus we
ýatlary doly golastyna aldy. Galan uruglar ejiz we biçärelik ýüzünden oňa diýdiler:
— Biz barça seniň asyl we tohumyftdan bolarys. Biz
bir agajyft miwesi we bir köküň bölegidiris. Neçün bizi
ýok etmekde tagalla baryny edýärsiň?!
Oguz diýdi:
— Eger siz Allatagala iman getirip, oňa ybadat etseňiz, men size aman berip, mekan tutmak üçin Türküstany size bereýin.
Olar inkär etdiler. Oguz olary Garaguruma çenli kowdy. Olar ol ýere baryp, ol sähralarda ýaşap, ol ýerlerde
ýaýiag we gyşlag ýasadylar. Olar mydama derwüşlikden
we binowalykdan gam-gussadadylar. Oguz olara «MuwdaU at goýdy. Ýagny mydama gam-gussaly bolup, sada
dil we biçäre bolup, it derisini geýgeý siz we mundan
beýläk Türkmenistan welaýatyna girmegeý siz.
Türkmenleriň garaýşy boýunça, gündogar tarapynda
ýerleşen mogullar Or hanyň we Kör hanyň neslindendirler.
Emma geiip çykyş ýagdaýlary hakykat ýüzünden mälim
däldir.
Oguz ýeňiş ‘ gazanandan soň, gaýdyp gelip, bir altyn
öý dikip, onda tabynlaryna toý bermeklerini buýurdy. Oňa
medet we ýardam beren bir kowuma «Uýgur» at goýdy.
Türkmen dili biien ♦Bize tabyn bolup, medet berdi* diýmekdir. Olja alnan wagty oljalary ýüklemäge uiaglary
bolman, araba ýasap, oljalaryny şoňa ýüklän bir kowuma
«KaňIy» (Kynykly) at goýdy. Ondan öň araba ýokdy.
Talas we Saýramdan leşgerler ýyglyp, Oguzyň ýurduna gelip, köp adalatsyzlyklar edýärdiler. Oguz olaryň üstüne
baryp, üstün çykyp, Talas we Saýramy şeýle-de Mawerennahr, Buhara we Köneürgenje çenli bar sebitleri tutup, öz
golastyna girizdi. Jahany eýelemäge gitjek bolanda etraplarda we sebitlerde ýaşaýan öz urugiary bilen, özüniň öý-iiine
hüjüm etmezligi barada täzeden ähdi-peýman baglaşdy.
Dogrusyny Aiiatagaia bilýandir.
OGUZYŇ ÄLEM ETRAPLARYNA ILÇILER IBERIPr
JAHANY EÝELEMEK DAWASYNY ETMEGI
Oguz we uruglarynyň arasyndaky garşylyklar ylalaşyga we ýaraşyga öwrüldi. Onsoň Hindistana iiçiler iberip,
ondan paç we mal isledi. Hindi ilaty we begzadalary
kesgin, gödek jogaplar berdiler. Ilçiier gaýdyp gelip, Hindi
ilatynyft boýun towlaýandyklaryny Oguza beýan etdiler.
Oguz hindilerift kasdyna atlanyp, ýola ugrady. Basyp alyş
başlangyjyny gündogar tarapyndan başlap, Adudaş welaýatyna ýetdi. Niçe gun oi ýerde bolup, ondan Ykaryýa
bardy. 01 uly we berk galanyft we gämi ötüp bilmeýän bir
derýanyft arasynda ýerleşýän bir dagdy. Oguz buýrugyna
görä, sallary ýasap, onuft bilen derýadan ötdüler. Bu hile
bilen Ykaryýany tutdular. Hindift gündogar tarapynda bir
uly welaýat bardy. Patyşasyna Usyçy ogul Nugman han
diýýärdiler. 01 Oguzyft ahwalyndan ägä bolup, ofta boýun
we tabyn boldy. Oguz onuft diýaryndan gaýdandan softra,
ol garşylyk görkezip, topalaft etdi. Oguz ony eşidip, gaýdyp gelip, ony tutdy we heläk etdi. Ondan ötdi. Haýsy
welaýata ýetse, golastyna alyp, eýeläp geçýärdi. Bu hasap
biien tamam Çyn we Maçyn we Tengas diýaryny tutup,
basyp aldy. 01 ýerlerden köp mal we baýlyklar bilen öz
welaýaty Türkmenistana dolanyp, Ärdag we Aladagda düşledi. Almalyk sebitinde Turkuýly dag we Boraganly dag atly
iki sany başy belent dag bardy. «Boragan» we «Turkun»
bu daglarda bitýän iki sany otuft adydyr. Oguz ol ýere
ýetip, ol ýerde on dört gün saklandy.
01 sebitlerift patyşasy bolan YNAL HAN, Oguzyft
garşysyna leşger ýygyp geldi. Söweş edip, iki tarapdan
köp kişi wepat boldy. Ähyry sekizinji gün gazaply söweş
edip, Ynal hany tutup, öldürdi. Onuň hem mülküni eýeläp,
birnäçe wagt ol ýerde boldy. Softra öz ýer-ýurduna dolandy.
Atlary semränden sofr; demirgazyk ýurtlary basyp al9
maga ýöriş etdiler. Ýolda emirler bilen geňeş edip, ilki
Amyderýadati ötüp, soft barça welaýatlara ilçi ibermekligi,
eger tabyn bolup, paç töleseler degmezligi, bolmasa-da
söweş bilen basyp almakiygy karar etdiler.
Ilki bilen Garjystan sebitine ilçi iberdi. Gur şasy ilçilere köp yzzat we hormat edip, tabynlyk kemerini biline
baglady we Oguzyň hyzmatyna taýyn boldy. Ony görüp,
tamam Gur we Garjystan welaýaty, Gazna, Zabul (häzirki
Sistan) we Kabul etraplary il we tabyn bolup, paç bermekligi kabul etdiler. Ondan soň demirgazygy basyp almak üçin ýöriş etdiler. Ilki berk we beýik gala bolan
Malugura ýetdiler. Onuň häkimine Pyraşyt (Kyraşyt) Ýagy
diýýärdiler. 01 Oguz bilen söweş etdi. Oguz üstün çykyp,
ol sebitleri eýeledi. Şol wagtda Oguz mähriban we rehimli
bolany üçin uly we garry kişiler oňa «Oguz aga» diýýärdiler.
01 Kerk we Başgyrt tarapyna sapar etmek kararyna
geldi. Şonda müň öýli Oguzyň gaşynda jemlendiler. Olaryň arasynda garrylyk sebäpli, güýçden gaçan we urşa
gidip bilmedik uly ýaşly gärry kişiler hem bardy. Olar öz
ahwallaryny Oguza beýan etdiler. Oguz diýdi:
— Barçaňyz munda, ýagny Almalyk sebitinde ýerleşen Akgaýada mesgen tutuň! Olaryň arasynda köpi gören,
akylly we paýhasly bir garry kişi bardy. Onuň adyna
Buýşy hoja Garasülük ogly diýýärdiler. Atasy ogluna diýdi:
— Siz bilmeýän ýoluňyza barýarsyňyz. Araňyzda bolsa, başyňyza bir müşgil iş düşende, ony çözüp biljek bir
dana garry kişi hem ýok. Meni öz ýanyňyzda saklaň. Bir
gün derdiňize ýarar men.
Ogly diýdi:
— Eý, ata, Oguzyň aýdan sözüniň tersine niçik gideýin. Ahyry ony bir sandyga salyp, düýä ýükläp, özi
bilen alyp gitdi. Kerk we Başgyrda ýetdiler. Olar bir
zalym we mekir kowumdylar. Hergiz ulumsylyk we tekep10
birlikden hiç bir patyşa baş egmeýärdiler. Patyşalarynyň
ady Pyraşytdy. Ony tutdular. . Kerk we Başgyrt il bolup,
paç tölemegi kabul etdiier. Ondan ötüp barýarkalar, bir
sähra ýetdiler. 01 ýerde bir damja hem suw tapylmaýardy.
Garasülük ol suwsuzlyk haly atasyna aýtdy. Buýşy hoja
diýdi:
— Birnäçe sygry biri-birine baglap, köp ýüwürdip,
soňra ugruna goýberiň. Sygyrlar nirede durup, aýaklaryny
ýere ursalar, şol ýeri gazyň. Ondan suw çykar.
Garasülük şeýle edip, suw çykardy. Barça halaýyk şat
boldular. Oguz ol işi görüp, oňa köp sowgatlar berip, ony
il ýurtçysy etdi.
Oguz «Biz jahany eýelemek üçin, älem etraplaryna
barýarys. Ýer we ýurdumyz onda eýesiz galdy. Eger duşmantar gelip, öýlerimizi talasalar, gürrüňsiz, betnam we
betbagt bolarys. Nesýe umydynda nagty goldan bersek
bolmaz» diýip oýlandy. Oguz ol sebapden ýurduna dolandy we ol ýerde köp ymaratlar bina etdi. Wagtyny aýşyeşret we näzi-nygmatlar bilen geçirýärdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ GYL BARAK KOWUMY BILEN URUŞ
ETMEGI
Gyl Barak garaňkylyk sebitinde ýerleşýän bir welaýatdy. Är kişileri garaýüzli we betgelşikdi. Hatynlary päkize
we hupsuratdylar. Oguz olaryň ýakynyna ýetdi. Soňra
«Köp ýurtlar we ýerler bize il we tabyn bolup, paç bermekligi kabul etdiler. Siz hem salgyt bermekligi kabul
ediň. Bolmasa-da söweşe taýýar boluň!» diýip, dokuz kişini ilçilige iberdi.
Olar ilçilere diýdiler:
— Eger siz dokuz kişi bolup, biziň iki kişimize garşy
söweş edip bilseňiz, biz paç bermekligi kabul edip, size
11
tabyn bolaly. Bolmasa öz ugruňyza gldiň.
Ilçiler ol jedele ar edip w e boýun towlap diýdiler:
— Biziň iki kişimiz siziň iki kişiňiz bilen söweş etsin.
Olaryň adaty şeýledi. Iki howzy ak ýelim we gara
ýelim suwy bilen doldurýardylar. Söweş wagtynda ilki ak
ýelimli suwa girip-çykyp, guma agynap, soň gara ýelimli
suwa girip-çykyp, ýene guma agynaýardylar. Onsoň olara
hiç ýarag zeper ýetirmezdi. Ahyry ol iki ilçi heläk bolup,
ýedi kişi gaýdyp gelip, ýagdaýy Oguza beýan etdiler.
Oguz derrew atlanyp, olaryň üstüne baryp, söweş etdi.
Duşmanlar üstün gelip, Oguz leşgerinden köp halaýygy
öldürdiler. Galanlary bolsa pytradylar. Oguz söweş bilen
olara bäs gelip bilmejekdigini gördi. Şol sebäpli yzyna
gaýtdy. Bir derýa ýetdi. Ondan sal bilen ötöp, tamam
gaçanlar ol ýerde jemlener ýaly, iki suw arasynda mekan
tutdy.
Tötänden Oguzyň goşunyndan bir kişi baraklylaryň
içine gaçyp, hatynlar arasynda gizlenipdi. Hatynlar ony
görüp, jemalyna haýran bolup, geň galyp, ony It Baragyň
hatynynyň gaşyna eltdiler. Hatyny onuň bilen jynsy gatnaşyk etmäge meýillendi. Şol sebäpden gaýybana Oguza
aşyk bolup, ony ilçi edip, «Eger bu jemagata üstün çykmak hyýalyň bar bolsa, demirden tikenler ýasäp, her kişi
ýanlaryna bir owuç alsynlar. Uruş çagy olary ýere sepsinler. Öz atlarynyň aýaklaryna bolsa, demir tikenden zeper
ýetmez ýaly, ýapyk nal ursunlar. Duşmanyňyzyň ýelim
degmedik ýeri bolan ýüzüne, ok ýagdyryň!* diýip, Oguza
garşy ugratdy. Oguz bu haly eşidip, şady-horram boldy.
Oguz on ýedi ýyüap ol ýerde bolup, hupsurat kişilerini
olaryň hatynlarynyň ýanyna iberdi. Olar hatynlar bilen
aýşy-eşret edişip, mätäçliklerini diläp alyp, leşger taýýarlygyny edýärdiler. 01 müddetde çagalar kämillik hetdine
ýetip, Oguzyň ol ýerde dört ogly doguldy.
Oguz leşgerinde bir hatyn göwrelidi. Äri uruşda wepat bolupdy. Dogurjak wagty gelip ýetdi. 01 töwerekde
12
bir köwek agaç bardy. Hatyn ol agajyft arasyna baryp,
dogurdy. Ogluny Oguzyä alnyna getirdiler. Oguz ýagdaýlary bilip, oňa «Gypjak» at goýdy. 01 at gybukdan gelip
çykandyr. Türkmen dili bilen ortasy çüýrän agaja «gybuk»
diýýärler*. Barça gypjak kowumlary onuň neslindendirler.
Oguz ol çäre bilen Gyl Baragy tutup, iki ýyl ol
welaýatda mekan tutdy. Barça halaýygy öz golastyna girizip, olara engamlar etdi. 01 welaýatyň aladalaryndan
dynyp, ol sebitiň golaýynda bolan zulmat welaýatyna ýöriş
etdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ ZULMATA BARANYNYŇ WE OL ÝERIŇ
ÝAGDAÝLARYNYŇ BEÝANY
Oguz garaňkylyga, ýagny zulmata ýetdi. Garaňkylyk
sebäbinden oňa girmek örän kyndy. Geňeşdarlary we akyldarlary hemäçe geňeş etseier-de, peýda bermeýärdi. Garasülük atasynyň gaşyna baryp, ol müşgil işi oňa arz etdi.
Atasy Buýşy hoja diýdi:

Kürrelerini we taýçanaklaryny ýagtylykda baglap
dört sany taýçanakly gysraga we dokuz sany kürreli eşege münüp, zulmata girsinler. Maksadyňyz we matlabyňyz
hasyl bolandan soň, yza dolanan wagtyňyzda ol gysraklar
we eşekler öz kürreleri üçin ýoluny ýalňyşman çykarlar.
Garasülük bu ýagdaýy Oguza beýan etdi. Bu pikir
oňa makul görnüp, onuň tälimi bilen zulmata girdi. Oç
gün ýol ýöredi. Birden sag tarapyndan *Her kim bu zulmatdan bir zat alsalaram puşman ederler, almasalaram
puşman ederler* diýen sesi eşitdiler. Käbir kişiler hiç zat
almadylar. Käbirleri bolsa azrak zat aldylar. 01 zulmatdan
1 Gybuk — bu şözüň asly «gabyk» ýa-da «gyfyk» sözünden bolmagy
mümkin. Arap elipbiýinde nokatlaryň üýtgemegi bilen sözlerift tnanysy
üýtgeýär.
13
çykdylar. Görseler alan zatlary tamam gymmat bahaly
göwherler eken. 01 eden işlerinden zat alanlar we almadyklar tamam puşman etdiler. Buýşy hoja öz ogly Garasülüge diýdi:
— Leşgerimiz bu ýerden yza gaýtjak bolup durlar. Bu
habar il we ýaga ýetendir. Masiahat şudur. Bu ýerden ýüz
kişini salamatlyk^we ýeňiş habarymyzy öý-ilimize eltmek
üçin ibereliň. Goý, il we urugiarymyzyň barçasy şadyhorram bolup, duşmanlarymyz gam-gussa batsynlar. Bu
habarymyz has-da berk bolar ýaly elimize düşen barça
hazynalary ol ýere ibereli.
Garasülük bu sözi Oguza aýtdy. Bu oňa makul görnüp,
Garasülüge köp sowgatlar edip,. öz hususy haladyny hem
oňa berdi. Ýüz arabaly kişini bu işe belläp, barça genjihazynalary olar bilen iberdi.
01 döwürde ýarlyg we nyşan ýerine ok-ýaý bilen
ältyn peýkam ulanyiýardy. Oguz iki altyn oky öz ýaýy
bileri ýarlyg nyşanasy üçin olara berdi. Ýolda, nirä ýetseier, olara azyk we bede berip, mynasyp hyzmatlar we
hormatlar edýärdiler. Oguz olary iberenden soň ol ýerde
ýedi günläp mekan tutdy. Soňra göç edip, Derbendi Şudut
tarapa rowana boldy. 01 Derbendiň ilaty we ýaşaýjylary
garakçydylar. Olar leşgerleriň atlaryny tamam ogürladylar.
Oguz Garasülügi ýanyna çagyryp diýdi:
— Biziň bü düşen ýerimiz örän (iar we erbet ýer
eken. Bu ýeriň ogrusy hem köp eken. Buiaryň çäresini
neneňsi tapaiys? Garasülük ol işiň alajyiiý atasyndan sorady. 01 diýdi:
— Abadan bolan Derbendiň dört ýanyndan çozup,
talap, haraplyk etmek gerek.
Garasülük bu sözi Öguza diýdi. Oguz onuň diýen
işini berjaý edip, welaýatlary dört ýanyhdan haräplap,
gyrgynçylyga we talaňçylyga başlady.
Ýazdän tomusa çenli onda mekan tutup, ol işi ýerine
ýetirýärdiler. Derbenit haiaýygy öi haiy görüp, ejiz we
perişan bolup, biri-biri bilen jemlenşip, maslahat etdiler*
Dokuz at peşgeş bilen Oguzyň hyzmatyna gelip, boýun
we tabyn boldular. Oguz olary görüp, diýdi:
— Neçün biziň bu ýere gelenimiz bäri niçe wagtlap
bize tabyn bolman, boýun towladyňyz? Olar jogap berdiler:
f — Aramyzda köp diwana we akyl kişiler bardyr. Bu
wagta çenlr diwanalaryň sözüni amal edipdik. Erbet iş
edendigimizi bildik. Indi akyliy kişiler bize nesihat berenlerinden soň, tabynlyk we bendelik kemerini biiimize baglap, hyzmatyňyza geldik.
Oguz diýdi:
— Siz öz günäleriňizi bildiňiz. Men hem siziň gunäleriňizi ötüp, barçaňyzy bagyşladym. Emma iki sany at
ogurlap äkitdiňiz. 01 ata meniň meýlim köpdi. Eger ol
atlary tapyp getirmeseňiz, biriňizi hem diri goýmaz men.
Olar äkiden atlaryny tamam getirdiler. Emma aralarynda oL iki at ýokdy. Oguzyň meýli ol iki atdady. Ýene
olara köp syýasatlar etdi. Oiar bir aý möhlet diläp, welaýatlara kişiler iberdiler. 01 atlary tapyp, Oguzyň hyzmatyna getirdiler. 01 hoşal bolup, olara köp enaýat we mähribanlyklar etdi. Raýaty goramak we hasyl toplamak üçin
emeldarlar belläp, olara hoş sözler we göwünlikler berdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ KÜRDÜSTAN ÝOLY BILEN
DIÝARBEKIRE WE ŞAMA BARANYNYŇ BEÝANY
Oguz ol ýerden göwnüni hatyrjem edip, leşgerlerini
ýygyP’ Kürdüstana ýöriş etdi. Üznüksiz üç ýyllap gezip,
ol daglary bozuk adamlardan arassalap, mailaryny talady.
Sähralarda oturan ol welaýatlaryň halaýygyna, hoş sözler
berip, olaryň bermeli pajyny belledi. Ondan Diýarbekir
tarapa ugrady. 01 welaýatlaryň halaýygy Erbil, Mosul we
Bagdatdan tamam garşy gelip, tabyn bolup, il boldular. 01
15
gyş Oguz Dejle gyrasynda gyşlady. Ýaz boldy. Şama ýöriş
etdi. Oglanlaryny öňe iberip, özi ardyndan gidýärdi. Oglanlary Ruka ýetdiler. 01 ýerift ululary tamam garşy gelip,
Oguzyň oglanlaryny gördüler. Oglanlary olary Oguza iberdi. Oguz olary görüp, köp hoş sözler aýdyp, göwünlerini
awlady. 01 ýerde hem häkim belledi. Barça Şam ýurdy
oňa tabyn boldular. Diňe türkmenler tarapyndan Nytak
şäheri atlandyrylýan, üç ýüz aity derwezesi bar bolan,
Antakyýa şäheri boýun towiap, garşylyk görkezip, bir ýyllap söweşdiler. Bir ýyldan soň ony eýelediler. Oguz şähere
girip, altyn kürsi goýup, onda oturdy. Barça togsan müň
ieşgerini öý-iii bilen ol şähere girizip, onda mesgen tutduiar. Özüniň gelenini habar bermek üçin Müsür we Dymşyga ilçileri iberdi. Her ilçi bilen ýüz kişi ugratdy. Tekfur
atiandyrylýan Tekur han tarapyna gitmek üçin özüniň alty
ogluny, şeýle-de Ieşgeriniň her müň kişisinden ýüz kişini
belledi. 01 töwerege ýetdiler. Tekur «Bu ne Ieşgerdir?»
diýip soramak üçin ilçi iberdi. 01 wagtda adat şeýledi. Hiç
kim ilçä zyýan ýetirmezdi. Oguzyň oglänlary Tekuryň
iiçisini görüp, olar bilen sözleşdiler. 01 ilçileriň ýanyna öz
ilçilerini goşup, «Atamyz bizi dokuz müň kişi bilen iberdi.
Özi hem uly goşun bilen ýetip gelýär. Eger bize tabyn
bolup, il boijak bolsaňyz, ony bileii. Eger pitne etmek
hyýalynda bolsaňyz, geliň, söweş edeliň* diýip, habar iberdüer.
Oguzyň alty oglunyň atlary şudur: ulusynyň ady GÜN
HAN, ikinjisiniň ady AÝ HAN, üçünjisiniň ady ÝYLDYZ
HAN, dördünjisiniň ady GÖK HAN, bäşinjisiniň ady DAG
HAN, altynjysynyň ady DEŇIZ HAN. Bu oglanlaryň ilçileri Tekfuryň alnyna ýetdiier. Tekfur diýdi:
— Taňla (ertir) pylan ýerde jeň edeliň!
Ertesi o! ýere baryp, söweş etdiler. Tekfur ýeňlip, öz
şäherine ýüz goýdy. Şäher halky bileleşip, Tekfury tutup,
Oguz oglanlaryna tabşyrdylar. Olar hem Tekfury ýetmlş
kişi bilen Antakyýa Oguz hyzmatyna iberdiler.
16
Olar gelip, gyrgynçylyk we talaň etmän, şäheriň daşynda düşlediler. Tekfury Oguzyň hyzmatyna eltdiler. Oguz
onuň we öz oglanlarynyň arasynda bolan söweşiň ýagdaýyny Tekfurdan sorady. Tekfur bolan ahwallary tamam
beýan etdi. Oguz ýene sorady:
— Oglanlarym şäheri taiadylarmy ýa ýok?
Tekfur diýdi:
— Men ol ýerde bolan çagymda talaň we gyrgynçylyk etmändiler. Şäherden çykyp, daşynda mekan tutupdylar. Oguz oglanlarynyň talaň etmändiklerinden örän hoşal
boldy. Oglanlarynyň öz sözüni ýykmandyklaryna Allatagala şükür etdi. Oguz bu ahwaly anyklandan soň, Tekfura
djýdi:
— Sen bize hernäçe boýun bolman, garşylyk görkezip
uruşsaň-da, biz günäňi ötüp, seni ýene-de öz şäheriňe
häkim belläp, soltanlygyňy öňki dessur dek saňa karar
etdik. Mundan soň içiňi päk edip, çyn köňül bilen bize
tabyn bolup, ýylma-ýyl hazyna paç tabşyrarsyň.
Tekfur bu sözi eşidip, ýüzüni ýere goýup, bendelik
şertlerini ýerine ýetirdi we diýdi:
— Tamam älem saňa tabyn we boýundyrlar. Meniň
dek we menden ýagşyrak müň-müňler saňa boýun we
tabyn bolup durlar. Meniň seniň höküm we permanyňdan
çykar ýaly neneňsi güýç-kuwwatym bar. Eger Oguz merhemet edip, azatlyk halkasyny gulagyma daksa, men hem
bendeler hataryna girip, her ýyl bellenilen pajy hazyna
ibereýin.
01 söz ahyra ýetdi. Oguz Rum we Pereň welaýatlaryny we ol sebitleriň ahwalyny Tekfurdan sorady we aýtdy:
—' Ne dürli goşun ibereliň?
Tekfur diýdi:
— 01 welaýatlarynyň ulularyna geýdirer ýaly ýagşy
halatlar bilen ilçiler ibermek gerek. Olara ýagşy sözli
namalar ýazyp paç soramak gerek. Men hem gizlinlik
bilen olara hatlar ýazyp ilçi ibereýin. Hem-de «Bu kowum
17
örän güýçli kowumdyr. Gündogardan tä bu welaýatlara
çenli barça welaýatlar olara tabyn bolup, hiç ýaradylan
olara garşylyk görkezip bilmediler. Indi maslahat şudur.
Arada uruş bolup, halk heläk bolmazdan we welaýatlar
harap bolmazdan öft, olara tabyn boluň. Paç bermegi
boýnuňyza alyp, her ýyl pajyňyzy hazynasyna iberiň* diýip, perman bilen sözleşeýin. Olar bu sözümi kabul edip,
tabyn bolarlar. Emma Rum welaýatynyň ýagdaýy şeýledir.
Gyşlaglary derýanyň gyrasyndadyr. Oi ýer örän yssy bolup, howasy porsudyr. Ýaz günlerinde ýaýlaga barýarlar.
Çykalga şeýledir, ýagny olar gyşlagda bolan çaglarynda
leşger çekip, ýaýlaglaryny tutup, gyşlagdan daşary çykmaga mümkinçilik bermäň. Howa yssy bolanda, olar gyşlagda ejiz bolup, tabyn bolarlar,
Oguz bu çäräni makul görüp, Tekfury öz welaýatynyň hökümetine häkim belledi. Oguz öz ogullarynanama ýazdy. Tekfur baryp, öz tagtynyň üstünde oturdy.
Oguzyň oglanlary atalarynyň ýanyna geldiler. Tekfur Oguza köp hazynalar iberip, tabynlyk we bendelik kemerini
biline baglady. Oguz Tekfurly işinden boşap, Pereň we
Rum diýarlarynyň kasdyna çykdy.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ OGULLARYNY LEŞGERLERI BILEN
PEREŇ WE RUM TARAPYNA IBERENI
Tekfur Oguza il bolandan soň, Pereň we Rum ahwalyny ondan anyklady. Soňra üç ogluny Gün, Ýyldyz we
Deňizi dokuz müň kişi bilen Rum ýurduna iberdi. Beýleki
üç ogluny Aý, Gök we Dagy dokuz müň kişi bilen Pereň
diýaryna iberdi. Tekfur olar bilen birleşipdi. Olary derýanyň gyrasynda bir ýagşy ýerde ornaşdyrdy. Oguz olara
mynasyp bolan ot-iými tertip edip, Pereň tarapyna ilçileri
iberdi. Ilçiler ýetip, Oguz sowgatlaryny eltip, emeldarlara
geýdirdiler. Tekfur olardan öň ilçi iberip, Oguz ahwalyndan olary ägä edipdi. «Sözümi diňläp, Oguza tabyn boluň»
diýip, nesihat beripdi. Olar ol namany görüp, tabyn bolup,
garşylyk görkezmediier. Mal we hazyna alyp baryp, Oguzyň oglanlaryna ol mallary arz etdiler. Olar kabul etmän
diýdiler:
— Oguz dergähine barmak gerek.
Olar mai we hazynany alyp, Oguzyň hyzmatyna ugradylar. Oi habar Oguza ýetdi. Oguz «Goşunlaryň ol jemagatiaryň gözüne taryp edüenden hem iki esse artyk görüner
ýaly müň-müň goşun ýaraglar dakynyp, olaryň ýollarynyň
üstünde dursunlar* diýip buýurdy. 01 jemagat geiip, Oguza görnüş etdiler. Oguz olara diýdi:
— Size garşy ugradan bu goşunym azajyk goşundyr.
Onuň ýaly on esse goşunym bardyr. Eger bu goşuna
garşy durup bilseňiz, biziň bilen söweş edift. Bolmasa
tabynlyk ýoluny tutup, ýylba-ýyl iberer ýaly paç boýnuňyza alyň. Anyk we takyk biiiň! Goşunymyz siziň pildr
we hyýal edişiňizden hem artykdyr. Derýadan hem hiç bir
perwaýymyz ýokdur. Sebäbi biz gelen ýerimizde niçe derýalardan ötdük. Häzir siziň bu derýaňyz goşunymyzyň
öňünde hiç zatça görünmez. Mundan aňsatlyk bilen öterler. Ötenden soň welaýatlaryňyzy zir-zibir ederler.
Olar bu sözi eşidip, Oguza diýdiler:
— Oguz aga bir häkim bellesin. Biz oňa mal bereris.
Oguz oiara diýdi
— Eger köňlüňiz bize rast bolup, mal kabul etseftiz,
Tekfura goýan häkimim size-de ýeterlik bolar. Her ýyl
maly 5ňa beriň. 01 bolsa bize getirip berer. Her iki ýyldan
bir uiy kişiňiz meniň ýanyma gelip, sowgatlar. alyp gaýdar.
Bu sözleri diýip, ol jemagata mähribanlyklar edip gaýtardy. Pereň ilçileri ol leşgerift haýbatyny görüp, öz welaýatlaryna geldiler. Ahwaly Pereň patyşasyna arz etdiler.
19
Olar köp pikirlenip, tabyniyk biien mal kabul edip, bendelik kemerini biiine bagladylar we boýun boldular.
Oguz soitanlyk tagtynda oturýarka, kim oňa mai berse aman bolup, mal bermedikler bilen söweş edýärdi.
OGUZYŇ OGLANLARYNY RUM WELAÝATYNA
IBERENINIŇ BEÝANY WE OLARYŇ AHWALY
Oguz oglanlary Ruma baryp ýetdiler. Rumiylar leşger
ýygyp, üç gezek söweş etdiler. Üçünji gezekde hem rumlyiar ýeftildiler. Ahyry garşylyk görkezmekden ejizdigini
bildiler. Rumuň barça utulary ýyglyp, geňeş edip, ahyry
tabyn boimaga yiaiaşdyiar. Gelip, Oguz ogianlaryny gördüler.
Olardan soradyiar:
— Neçün mundan öft boýun bolmadyňyz? Arada munça
haiaýyk ölmän, welaýat harap bolmazdy.
Oiar diýdiier:
— Söweş edenier diwana kişilerdi. Biz köpi gören
kişiier boiup, aradan urşy aýryp, tabynlyk kemerini bile
baglap, il bolmakiygy masiahat gördük. Ylalaşyp geiendiris. Eger öldürseftiz-de ýa-da azat etseňiz-de, siz häkimsiftiz.
Oguz oglaniary olaryft çyn köftül bilen ii bolandyklaryny bildiler. Diýdiler:— Atamyzyft buýrugyna görä, her kişi tabyn we
boýun bolsa, bizden aman boiar we biz ofta zyýan ýetirmeris. Biz atamyzyň sözünden çykyp bilmeris. Indi biz
munda oturyp, siz baryp Oguza görnüş edýänçäňiz, hiç
bir ýaradylana zyýan ýetirmeris.
01 kowum bu sözi kabul edip, Oguzyň dergähine
ugradylar. Oguz olary görüp, oglaniarynyň söweş edişlerini we arada bolan işieri oiardan sorady. Olar gören ahwallafyny tamam Oguza beýan etdiier. Oguz olaryft göwünierini awiap, her ýyl hazyna ibermeli paçlaryny belledi.
20
Şeýle-de pereňlilere görkezen goşunyny olara hem görkezdi. Olaryft köňlünde uly gorky omaşdy. Oguz oiara halailar geýdirip gaýtardy.
Oguzyň oglanlary dolanyp, atasynyň gaşyna geldiler.
Oguz görse, oglanlary ýagşy işler edip, kamillik we bagtyýarlyk alamatlary olardan ýuze çykyp duran eken. Uly
toý edip, altyn kürsä oturdyp, käse aýlap, oglanlary bilen
bile giden emirlerine halatlar geýdirdi. Ondan soň oguliary
bilen emirlerini ýygnap diýdi:
— Näme üçin oglanlaryma altyn kürsi berip, size
halatlar geýdirendigimiň sebäbini bildiňizmi?
Oglanlary bilen emirleri diýdiler:
— Sen ýagşyrak biler sen.
Oguz diýdi:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Oguznama - 02
  • Parts
  • Oguznama - 01
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1877
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 02
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1740
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 03
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1745
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 04
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1790
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 05
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1865
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 06
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1811
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1708
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 08
    Total number of words is 4065
    Total number of unique words is 1703
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 09
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 1685
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 10
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1571
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 11
    Total number of words is 183
    Total number of unique words is 160
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.