Latin

Oguznama - 10

Total number of words is 4014
Total number of unique words is 1571
28.2 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
48.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Elmenje bolsa, Türk hanyň ogludyr. Oguz han Türk hanyň
öwlady we Ýafes zürýatlaryndandyr.
Geň-enaýy habarlardan gürrüň berýän kyssalarda wasp
edilýän hak tagalanyň gudrat işine kişi seredip görsün.
Onuň emri bilen geň, seýrek we ajaýyp zatlar we wakalar
peýda bolýar. 01 jümleden birisi hem Adam Atany atasyz
we enesiz, öz gudrat eli bilen ýaratmagydyr. Ondan soň
hezreti Isany adam eli degmezden ýaratdy. Biz taryh
kitaplarynyň sahypalarynda we taryhçylaryň habarlarynda
«Gündogarda bir ada bar diýip* okadyk. 01 adanyň
ýaşaýjylarynyň hemmesi aýal ekeni. Onuň sebäbi şeýledir.
1 Golýazmanyft zaýalanandygy üçin okap bolmady.
* Aslynda Düýp Beýgi bolmaly.
167
Haçanda olarda jynsy hyjuwy ýüze çyksa, olar bir çeşmede
ýuwunýardylar. 01 çeşmänift suwundan olar göwreli
bolardylar. Suwda erkek tohumy bolman soň olaryň
taýpasynda erkek kişiler ýokdy. 01 jemagatda Alankuwa
diýen bir aýal bardy, Onuň içinde-göwresinde garyşypgoşulmazdan üç oglan döredi.
Bir gije ol gözellik ýurdunyň hanymy we gözellik
bagynyň* güli haýyrgähinde' ýalyrdy. Howadan bir ses
peýda bolup tüýnükden girip, bir mawy gözli adama öwrüldi.
Ýuwaş-ýuwaş Alankuwanyň bognuna gelip, ýene dolandy.
01 halda onuň suraty nura öwrülip haýyrgähden çykdy.
Alankuwa ol ýagdaýa haýran bolup, geň galdy. 01 wakany
hiç bir kişä beýan etmegi maslahat görmedi. Birnäçe
wagtdan soň, ol nurdan göwreli bolandygyny bildi. Onuň
ýüküni düşürer wagty bolandan soň, ýakynlary ol hadysa
ägä bolup, hüjüm tygyn gahar gynyndan çykaryp, ol waka
barada soradylar. Alankuwa geň hadysany olara beýan we
aýan etdi. Olar Alankuwanyň sözüne ynam etmediler.
Ýene bir gije garyndaşlary ol haýyrgähiň etrapynda gezip
ýörkäler bu wakany gözleri bilen görüp, Taňrynyň gudratyna
haýran galdylar we Alankuwanyň sözüni tassyk etdiier.
Elkyssa, ondan üç ogul dogdy. Üçünji ogly Ýüzünjer
handy. Çingiz hanyň nesil daragty oňa sapylandyr. Ýüzünjer
mogol dilinde «gurt» diýip atlandyrylýar. Ýüzünjer han
bimäçe ýyl il we ulus arasynda hanlyk edenden soň uluslar,
iller we taýpalar arasynda birnäçe çaknyşyklar ýüze çykdy.
Hiç biri beýleki bir kişä tabyn we boýun bolmady. 01
asyrda Ýüzünjer hanyň iki ogly bardy. Uly ogluna Ýuka
han diýerdiler. Atasyndan soň Ýuka han Metkeý şäherinde
tagta ornaşdy. Onuň oglunyň ady Türmen handy. Türmen
hanyň dokuz ogly bardy. Olaryň arasynda dogry ýola
düşen we batyry dokuzynjy ogly Kaýdu handy. Kaýdu han
birnäçe wagt uluslar arasynda soltanlyk tagtynda oturdy.
‘ Haýyrgäh - haýyrly er. Bu ýerde ýatyş otagy göz öilünde tutulýar.
168
Kaýdu hanyft üç ogly bardy. Uly ogly Baýsungyr handy.
Onuň Tümen diýen bir ogly bardy. Tümenden iki ogul
boldy. Uly ogluna Kabyl han diýerdiler. Kiçi oglunyň ady
Kajuly Bahadyrdy. Kajuly Bahadyr bir gije düýş gördi.
Düýşýnde agasy Kabyl hanyň goýnundan bir ýyldyz dogup,
ýene garaftky boldy. Ondan soft ýene birisi dogup, gaýyp
boldy. Üçünji gezek ýene birisi peýda bolup batdy. Kabyl
hanyň goýnundan dogan dördünji ýyldyz örän nuranady
we äleme nur bagyşlaýjydy. Ondan soň ýene birnäçe
ýyldyz dogdy. Kabyl han olaryň her birisini bir welaýat
tarapyna taşlady. 01 nurana ýyldyz gaýyp bolandan son,
älem ozalky nuranalygynda berkarar boldy. Şol wagtda
Kajuly oýandy. Ýene uka gitdi. Ýene düýş gördi Düýşünde
öz goýnundan bir ýyldyz dogup, gaýyp boldy. Ondan soň
ýene bir ýyldyz dogdy we batdy. Elgaraz, edi gezek ol
haly anyk gördi. Sekizinji gezekde bir uly ýyldyz lowurdap,
ähli älemi röwşen we nurana etdi. Ondan näçe ýyldyz
bölünip, her birinden sebitler nurana bolýardy. 01 uly
ýyldyz batandan soft, Kajuly Bahadyr ukudan oýandy.
Atasynyft öftüne baryp, gören wakasyny beýan etdi. 01
haldan Tümen han hoşal boldy. Ogly Kabyl hany çagyryp,
Kajuly agasy Kabyi hana hem wakany beýan eýledi. Ondan
son Tümen han ol wakanyň düşündirişini aýtdy:

Kabyl han neslinden üç kişi hanlyk tagtynda oturar.
Kajuly neslinden ýedi kişi ýurt basybalyjysy bolar. we
ýaşalýan ýerift köpüsi onuft golastynda bolup, köp ýyl
älemi bezär.
Kabyl hanyft düýşünift ýorgudy soltanlygyyft hany Çingiz
handyr. Kajulynyft düyşünift ýorgydy bagt ýyldyzynyft
astynda doglan patyşa, zemin we zamanyft soltany emir
Demir Gürgenlidir.
Elkyssa, aga-ini, il we ulusy Kabyl hana äht edip, ofta
tabyn we boýun boldy. Mogol ilinyft arasynda Kabyl hanyň
kuwwaty we ygtybary köpdi. Onuft oglunyft ady Birtan
Bahadyrdy. Birtan Bahadyryft ogly köpdi. Uly oglunyň ady
169
Ýesuka Bahadyrdy. Onuň enesine Alun Eneke diýerdiler.
Haçanda, Ýesuka Bahadyr pynhanlykdan barlyk çägine
gadam goýanda. onuň elinde misii paralanan jiger dek
biraz gan bardy. Elgaraz, Ýesuka Bahadyr ol oglunyň
adyna Temuçin goýdy. Haçanda, Yesuka Bahadyr baky
ýurda gadam goýanda. Temuçini han göterdiler. Temuçin
han örän syratly we batyrdy.
01 sfeyrda bir akyldar bardy. Oňa But Taňry, ýagny
Hudaýa sygynýan diýerdiler. Oi ýerlerde ýeke bolmak we
daglarda aýry gezmekden karar tapyp, Allatagalanyň
hyzmatyna meşguldy. Öz döwrüniň köp soltanlary we
hanlary ol eziziň hyzmatyny arzuw ederdiler. 01 hemişe
söhbet etmegi ýigrenerdi. Haçanda, Temuçin şähriýarlyk
tagtynda berkarar bolanda, ol beýik adam Temuçiniň
söhbetine gowuşmaga ugrady. Temuçin bu derejelere
mynasyp bolup, ol akyldary garşylamaga çykdy. Hormat
bilen garşylan soň, Temuçin But Taňrynyň jylawunda
ýöräp, huzurynda, tagtda oturtdy. Hyzmat etmeklik şertlerini
berjaý etdi. Ondan soň ol eziz diýdi:
— Seniň adyft Çingiz bolsun.
Çingize haýyr dogasyny edip, ýene öz mekanyna
dolandy. Çingiz ýurtlary basyp alyp, şalary tabyn etdi. 01
her bir ýurdy gabaw etmän, at üstünden eýelärdi. 599 njy hijri ýylda Çingiz han hanlyk tagtynda berkleşdi. 01
beýik we halaýygyft penakäri bolan patyşa ähli mogol we
Türküstan hanlaryny ýer ýüzünden göterip, älemi ol
hanadanlaryň basgançagyndan päk eýledi. Hytaý,
Mawerannahr, Horasan, Yrak, Rum we köp gündogar we
günbatar ýurtlary onuň golastynda boldy. Çingiz han ýetmiş
üç ýyl ömür sürdi. Ýigrimi bäş ýyl soltan boldy. Soltanlyk
döwründe köp-köp gyrgynçylyk we talaftçylyk etdi. Çingiz
han bu mertebeler bilen dokuz arkada Alankuwa birleşýär:
Çingiz bin Ýesuka Bahadyr bin Birtan Bahadyr bin Kabyl
han bin Tümen han bin Baýsungyr han bin Kaýdu han bin
Tümin bin Buka han bin Ýüzünjer han bin Alankuwa.
170
Alankuwa birnäçe arkada ýurtlary basybalyjy han ogly
Oguz han Turk sahypkyrana ýetip, Ýafesift neslindendir.
Keýumers Adam zamanyndan bäri pişdadylar, kiýanylar,
sasanylar, eşkanylar we başga-da köp patyşalar geçendir.
Emma Çingiz ýaiy patyşa geçen däldir. Hytaýdan tä uzak
gunbatara çenli ähli ýerler onuň golastyndady. Çingiz han
ölenden soft, onuft ogly Uktaý han soltanlyk omunda
oturdy. Çagataý hany günbatar welaýatlaryna gönderdi.
Ondan hiç öwlat galmady. Tuly hany Rum, Yrakeýine
(arap we ajan Yraklaryna) we Horasana iberdi. Hulagu
han hem Tuly han bilen şol ýurda iberildi. Jujy han we
onuft öwladyna Deşti Gypjagy merhemet etdi. 01 wagt
soltanlyk etmek nobaty Uktaý hana gowuşdy.
Elgaraz, Çingiz öwladynyft we taýpalarynyft gelip
çykyşynyft beýany Jujy han eýýamyndan aýdylyp we ýazylyp
beýan edilýändir. Jujy han atasy Çingiz hanyft wepat
bolanyndan öft ýigrimi ýaşynda wepat boldy. Jujy hanyft
dört ogly bardy. Onuft dördünji ogly Şeýban han bolup ol
oglanlarynyft batyry we gaýduwsyzydy. Şeýban ogly Kyngaý
soltan, onun ogiy Hyzyr han, onuft ogly Bahadyr Gazan,
onuft ogly Nätegul soltan, onuft ogly Hoja Buga soltan,
onuft ogly Mälik Demir soltan, onuft ogly Ulug Polat
soltan, onuft ogly Ibni soltan, onuft ogly Döwletşyh soltan,
onuft ogly bolsa, dünýäni basyp alyjy Abul Haýyr handy.
Ofta Deşti Gypjak, Türküstan we Çagataý ulusy tabyndy.
Abul Haýyr hanyft ýaşy ýigrimiden geçende, emir Demir
Gürgeniiniň öwlady Şahruh Mürzeden Horezm welaýatyny
halas edip, hanlyk tagtynda berkleşdi. Onuň ykbaly beýik
boidy. Älem soltanlarynyň köpüsi ondan pena gözleýärdiler.
Emir Demir Gürgenliniň perzendi bolan Gara Ýusup soltan
türkmen, soltan Abu Sagyt Mürze, Menuçehr Mürze,
Muhammet Juki Mürze we soltan Hüseýin Mürze ol
beýik mertebeli hanyň huzuryna gelip, onuň hyzmatynda
gezýärdiler. Döwletiniň medetinden isleg-arzuwlaryna
gowşup, soltanlyk ornunda ornaşypdylar. Abul Haýyr han
171
kyrk ýyllap Deşti Gypjakda, Ors diýarynda Bulgarda we
Türküstanda hanlyk tagtynda ornaşdy. Ondan iki ogul
boidy. llly ogly Şeýbany han we kiçi ogly Mahmyt soltan.
Şeýbany han 855-nji hijri ýylynda doguldy. Abul Haýyr
han ony Muhammet Şeýbany diýip atlandyrdy we «Şejagat»
lakamyny berdi. Abul Haýyr han wepat bolandan soň,
barça il-ulus dargap köp kynçylyk çekdiler. Kesgir Şeýbany
soltanlyga ýetişdi. Taýpalar bilen birleşip Mawerannahr.
welaýatyny basyp almaga ýöriş etdi. 01 wagt emir Demiriň
hanadany gutardy. Onuň köp öwlady wadaly ajal bilen
ahyrýet ýoluna düşdiler. Ähli Türküstan şäherleri soitanyň
golastynda boldy. Balh hökümetini Horramşa diýen ogluna
bagyş etdi. Horasan welaýatyny Demir han diýen ogluna
berdi. Sahypkyran soltan hemişe şa Ysmaýyl Sefewä: «Täze
dinden ýüz götergil we gadymy dine gadam basgyl. Ýa-da
uruş meýdanyny taýýar etgiU diýerdi. 01 sebäpden leşger
çekip, Merwe geldi. Birnäçe halk şehit ölüpt bu basybalyşda
gyzylbaşlar artykmaçdy gyny görkezdi. Elgaraz, Şeýbany
handan üç ogul galdy: Demir han, Horramşa soltan we
Sewinç Muhammet soltan. Mahmyt soltandan Abdylla
han atly bir ogul galdy. Şeýbany han wepat bolandan söň
Buhara welaýatynyň hanlygy Abdylla ynanyldy. Ondan
Abdyleziz han atlybir ogul galdy. Abdyleziz han hem köp
ýyl han bolup, ondan soň wepat boldy.
Jany beg soltan Hoja Muhammet soltanyň ogludyr.
01 Miýan Käl ülkesinde soltandy. Ondan üç ogul galdy:
Kistin Gara soltan, Isgender han we Pirmuhammet han.
Balh hökümeti Kistin Gara soltana ynanyldy. Miýan Käl
Isgender hana berildi. Kistin Gara soitandan soň Balh
hökümeti Pirmuhammede tabşyryldy. Otuz iki ýyl hanlyk
etdi. Badahşan welaýaty hem onuň golastyndady. Buhara
welaýatyna hökümeti Abdylla han dolandyrýardy.
Pirmuhammet han dünýäden ötenden soňT Abdylla han
Abdylmömin han diýen ogluny Balh welaýatyna han etdi.
Abdylla han kyrk ýyl halyflyk tagtynda oturdy. Abdylla
172
han 1006-njy hijri ýylynda bu pany dünýäden ol baky
dünýä sapar etdi. Ondan soň Abdylmömin han atasynyft
tagtynda oturyp, hanlyk etdi. 01 alty aý hanlyk etdi. Alty
aýdan soň şehitlik şerbetin içip, älemden geçdi.
Jany han bin Ýarmuhammet han bin Bagyşlar han
bin Juwak han bin Muhammet han bin Bahadyr han bin
Tuly han bin Gutlug Buga soltan bin Eriş han bin Jujy
han bin Çingiz han soltanyň Eşterhana1 eýe bolşunyň
gürrüňi budur.
Haçanda Eriş han emir Demir urşunda ölüm ýoluny
tutanda, Gutlug Demir han gaçyp Eşterhan şäherine bardy.
Gutlug Demir hany urus halky özlerine soltan bellediler.
Gutlug Demir han oglanlary bilen tä Ýarmuhammet hana
çenli Eşterhan welaýatynda hökümeti dolandyrdylar.
Ýarmuhammet han eýýamynda ol öwlat arasynda
duşmançylyk peýda boldy. Ýarmuhammet han Jany han
diýen ogly bilen Buhara welaýatyna geldi. 01 wagt Buhara
şäheriniň hany Isgender handy. Abdylla hanyň Zähra hanym
diýen bir uýasy bardy. Zähra hanymy Jany hana berdiler.
Ondan üç ogul boldy: Dinmuhammet hanTBakymuhammet
han we Welimuhammet han. Dinmuhammet handan iki
ogul boldy: Ymamguly soltan we Nedirmuhammet soltan.
Welimuhammet handan iki ogul boldy: Resim soltan we
Muhammetrahym soltan. Kasym soltan Nedirmuhammet
hanyň agtygydyr. Nedirmuhammet hanyň enesini hakyky
seýit bolup. gelip çykyşy Ymam Musa Aly Ryza
öwladyndandyr. Nedirmuhammet han haç ýolunda wepat
boldy. Ondan ýedi ogul galdy: Abdyleziz han, Hysrow
soltan, Baýram soltan, Suhanguly han, Gutlug soltan,
Abdyrahman soltan, Allaguly soltan. Abdyleziz han kyrk
ýyl Buhara welaýatynda hanlyk etdi. Onuň ömri ýetmiş
dörtden öteninden soň, Mekgä baryp wepat boldy we
Sakyg görüstanynda jaýlandy. Suhanguly han agasy
Abdyleziz handan Buhara welaýatyny alyp, ýigrimi üç ýyi
1 Astrahan bolmagy ähtimal.
173
sollanlyk tagtynda oturdy. Balh welaýatyna Isgender
Muhammet han diýen uly ogluny han edip goýdy. Isgender
han Balhda üç ýyl han boldy. Ondan soň Suhanguly
hanyň ogiy Abul Mansur han Balha han boldy. Abul
Mansur handan soň, Sadyk Muhammet han Balhda hökümet
tagtynda ornaşdy. Ondan soň Salyhmuhammet han han
boldy. Salyh hany Mahmyt atalygy boşadyp, Hindistan
şäherine iberdi. O ndan soň S uhanguly handan
Muhammetmukym hany isläp, ony Balha han etdiler.
Muhammetmukym han Isgender hanyň ogly we Suhanguly
hanyň agtygydyr. Suhanguly hanyň ogly Abdylla han
öleninden soň, halyflyk tagtynda onuň ogly Abdylla han
omaşdy. Abdylla han şehit bolandan soň, 1120-nji hijri
ýylynda Suhanguly hanyň ogly Abulfaýz han Buharada
halyflyk tagtynda ornaşdy. 01 otuz sekiz ýyl han boldy we
hormatiy atalarynyň, beýik babalarynyň ýörelgesini tutdy.
Eşterhanyň beýik ata-babalarynyň beýany şulardyr.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
RUMA PATYŞA BOLAN SOLTANLARYŇ BEÝANY
Çingiz han Eýrany basyp aldy. Hasan han Eýrandan
baryp Şamy we Rumy basyp aldy. Köp ýyl ol ýurtda
hökümet we patyşalyk etdi. 01 ölenden soň onüň ogly
Abul Hasan han Şam ýurdunda hökümet we patyşalyk
etdi. Ondan soň ol beýik we päk öwlät nesilme-nesil tä
emir Demir Gürgenliniň döwrüne çenli Şam mülkünde
hökümet we soltaniyk etdiler. Haçanda emir Demir
Gürgenliniň döwleti gündogardan dogupt älem üzre şöhle
• saçanda, Abul Hasan hanyň öwlady bolan Gahryman hany
emir Demir Gürgen kyrk müň öýli türkmen ili bilen
göçürip, Töwriz welaýatynda gondurdy. Töwriziň hökümetini
Gahryman hana ynandy. Gahryman birnäçe ýyl hökümeti
dolandyryp wepat boldy. Ogly soltan Osman Gazy atasynyň
174
ýerine geçip, hökümet tagtyna mündi. 01 soltan Osman
han Gazy Türkmen emir Demir Gürgenliniň wagtynda
Diýarbekir welaýatyna häkimdi. Köp ýyllar onda hökümeti
adalatly dolandyrdy. Gurt bilen goýun bir ýerde gezerdi.
Gurtdan goýna hiç nogsan ýetmezdi. Onuň ömri tamam
bolandan soň, ogly Aly beg atasynyň mirasdary bolup,
birnäçe wagt hanlyk sürdi. 01 bu jahandan ötenden soň,
onuň ogly emir Hasan beg hökümet tagtynda omaşdy.
Köp ýyl hanlyk we soltanlyk edip, Yrak, Pars, Azerbaýjan,
Kerman, Eýran, Kürdüstan, Lurustan, Arap Yragy we Ajam
Yragy tä Horasana çenli bolan ýerler oňa tabyn we boýun
bolup, soltanlyk we hökmürowanlyk tagtynda berkleşdi.
01 wagtda Mawerannahryň patyşasy soltan Abu Sagyt
Gürgenlidi. Emir Hasan beg soltanyň ýedi ogly bardy. Uly
ogly Ugurly han beg, Zeýnel beg, Maksut beg, soltan
Halyl, Ýusup beg, Baba beg we soltan Ýakup. Halyl atasy
dirikä Parsyň häkimidi. Diýarbekir soltan Ýakuba degişlidi.
Azerbaýjan emirleri hökümet we soltanlyk işlerini Ýakup
Mürzä tabşyrdylar. Ýakup Mürzäniň soltanlygy berkleşdi.
Onuň aga-inisi tabynlygy ygtyýar edip, Ýakup Mürze
Töwrizde soltanlyk tagtynda ornaşdy. Onuň patyşalyk
eýýamy on ýyldy. Ähli şäherleri we töwereklerini abadan
we abat etdi. 01 wagtda soltan Haýdar Şirwan ýurduna
hereket etdi. Şirwanyň häkimi Ferruhşa soltan Haýdaryň
hereketinden Ýakup Mürzäni habardar edip, onuň hyzmatyna
ilçi ýollady we aýtdy:

Soltan Haýdar patyşa gyzylbaş taýpasy bilen Şirwana
ugrapdyr. Ony basyp aljagyna şek-şübhe ýokdur. Bu kowum
ony basyp alsa, onda tutuş ýurdy hem eýelemäge
mümkinçiligi bolar. Gowusy beýik soltan soltanlygyň
hyzmatkärlerine buýruk bersin. Goşuny birleşdirip gyzylbaşyň
garşysyna çykalyň. Goý, bu diýara ýol tapmasynlar.
Ýakup Mürze bu habary eşidenden soň, Süleýman
beg Türkmen dört müňe ýakyn atly we batyr türkmeni
Şirwanşanyň mededine, soltan Haýdaryň garşysyna gönderdi,
17S
SüJeýman beg Türkmen Şirwanşa bilen birleşip, soltan
Ýakup Mürzäniň buýrugy bilen söweşdi. 01 tut-da-baslyk
urşunda bir kaza oky Süleýman begiň kemanyndan çykyp,
soltan Haýdaryň ömrüniň kesilmegine sebäp boldy. Süleýman
beg uzak .gyşlagda Garabag diýen ýerde mekan tutdy. 01
hepdede Ýakup Mürze hassalykdan öldi. Ugurly hanyň
ogly Gündiž begi patyşa bellediler. Emma baýyndyr emirleri
onuň doganoglany Mürze Meshi patyşa göterdiler. Garabagda
uruş we söweş peýda boldy. Ýeňiş we üstünlik şemaly
Mürze Gündiz begiň goşununa we baýdagyna seýran edip,
baýyndyrlar ölüme ýetişdiler. Gündiz beg Töwriz welaýatyna
dolanyp, ýurt tagtynda berk ornaşdy. Mahmyt beg atly
doganoglany leşger jemläp» Gündiz beg bilen söweşdi. 01
hem heläk boldy. Onuň beýik emirleri Süleýman beg we
onuň döwletdir mydary gün-günden ösdi. Onuň ogly Rüstem
beg Ynjyk galasyna häkim boldy. Iki beýik emirler Gyryk
Seýit Aly we Eýbe soltan şeýtan aldawyna düşüp, Rüstem
begi patyşa götermegi maslahat etdiler. Yrak we Azerbaýjany
olardan halas etmek üçin Gyryk Seýit Aly we Eýbe soltan
Rüstem beg bilen äht we peýman etdiler. Ony patyşa
göterdiler. Şa Rüstem ýaly birnäçe leşgerkeş bilen jylawdaş
bolup, Töwriz mülkine ugradylar. Köp goşun Rüstem şanyň
baýdagynyň saýasynda jemlendi. Bu habar Gündiz begiň
gulagyna ýetdi. Gündiz beg leşgerini «01aryň. biwepa
usullaryndan habar tapyp, oglunyň ýanyna baryň» diýip,
garawul usulynda ýollapdy. Gündiz beg Hasan Aly beg
Owşar, Nejmeddin beg Gökleň bilen Şirwana ýöneldiler.
Süleýman bege Töwrizi dolandyrmagy tabşyrdy. Rüstem
beg Töwriz tagtyna çykyp, azerbaýjan gelnine öýlendi.
Beýan bolşy ýaly Şirwan soltan Haýdaryň ölmegi sebäpli,
Rüstem beg bilen bolup, onuň gapysyny açdy. Emma
Rüstem begden ýurt mirasyny halas etmek üçin» köp
leşgeri Gündiz bege berdi. Bu habar Rüstemiň gulagyna
ýetdi. 01 Aly Mürze sefewini we Ybraýym Mürze sefewini
tutulmakdan halas edip, Eýbe soltan bilen Şirwan tarapyna
ýollady. 01 wagt Gündiz begi heläk etmek üçin, Yragy we
Azerbaýjany onuň golastyndan almak üçin sefewiýe we
Garadepe gazylary ganly gylyçlaryny ar gynyndan
sogurdylar. Bu habar ýurtlara we şäherlere ýetdi. Biraz
pursatdan sefewiler neberesiniň ynanýanlaryndan we
islegçilerinden köp jemgyýet soltan Aly M ürzäniň
baýdagynyň saýasyna jem boldular. Eýbe soltanyň jylawdaşy
Mürze soltan Gündiz begiň garşydaşy boldy. Ýeňiş we
üstünlik olaryň hiç birine ýüz bermedi. Üstün çykan we
ýeňlen mälim bolmady. Ahyry Gündiz beg Şirwan şäherine
gitdi. Eýbe soltan soltan Aly Mürze bilen Töwrize ugrady.
01 wagftda Yspyhanyň häkimi Köse Hajy Baýyndyr Rüstem
bilen duşmançylygyny açyk edip, Gündiz begiň adyna
hutba okady. Gündiz beg Şirwandan hereket edip, olaryň
pitnesini ýatyrdy. Rüstem beg iki maksadyna ýetdi. Ikinji
gezek soltan Aly Mürzäniň dostluk we söhbetdeşligin ygtyýar
edip, Allaguly soltany oňa ýollady we Gündiz begi ýok
etmäge ugratdy. Garaguly Tuwaçynyň bir topary bilen
Köse Hajyny Baýyndyryň garşysyna ýollady. 01 Allaguly
soltany, Gündiz begi we Şirwan leşgerini ýeňdi. Şeýle
ýagdaýda Gündiz beg öldi. Garaguly Tuwaçy, Deregezi
almaga Köse Hajyny urşa iberdi. Köse Hajy hem öldi. Bu
habar bir gijede Töwrize ýetdi. Mürze Rüstem şat boldy.
Şeýlelikde, Pars, iki Yrak, Azerbaýjan we Eýran hüjümçileriň
tikeninden goragly galdy. Rüstem Mürzäniň Ahmet soltan
diýen ogly gaçyp, Rum welaýatyna barypdy. Rum patyşasy
onuň ýüzünde batyrlyk we şalyk alamatyny görüp, oňa
gyzyny berdi. Ahmet patyşa on ýyl asudalyk bilen kaýsaryň
— Rumuň patyşasynyň mährem döwletinde we ykbalynda
wagtyny geçirdi. 01 öz welaýatynyň tabynlygyny höwes
edip, bir topar türkmenler bilen Azerbaýjana tarap hereket
etdi. Rüstem beg ol habary eşidenden soň, söweş we jeň
baýdagyny galgadyp, oglunyň garşysyna gitdi. Bu halda
Yrak we Azerbaýjan emirleri biwepalyk ýoluny ýörelge
edinip, Rüstem begi tussag edip, Ahmet patyşanyň ýanyna
177
getirdiler. Ahmet patyşa Rum kaýsarynyň döwletiniň
ýeňlenini we atasynyň diriligini bilip, öz döwletini nazar
edip, atasyny öldürdi. Atasynyň ornunda özi patyşa boldy.
Rüstem begiň ogly Ahmet patyşa alty ýyl soltanlyk
edeninden soň öldi. Eýbe soltan onuň ogly soltan Myrady
ýurt tagtynda oturtdy. 01 hem birnäçe wagt patyşalyk
etdi. Onuň hem ajal ýakasyndan tutup, ol dünýä goşuny
çekdi. Onuň ogly Muhammet Mürzäni Myrat beg Baýyndyr
patyşa etdi. 01 hem wepat bolanda, ogly Kasym begi
patyşa bellediler. 01 ölenden soň, ogly Pirmuhammet häkim
boldy, 01 hem birnäçe günden soň ahyrýet öýüne sapar
eýledi. Ogly Ugurly beg onuň omuna häkim oldy. Ondan
soň ogly Mahmyt Mürze patyşalyga ýetişdi. Bimäçe wagtdan
soň, ol behişt öýüne bardy. Ogly Ýakup han boldy. Ýakup
handan soň ogly Isgender han häkim boldy. 01 Şa Ysmaýyl
bilen köp jeňler etdi, Emma döwleti ahyra ýetipdi. Peýda
etmedi. Ogly Şahruh beg owşar ilaty bilen mukaddes
Maşada ýüzlendi. 01 az wagtda mukaddes Maşada eýeläp,
bimäçe ýyl onda hökümeti dolandyryp, öz ajaly bilen
wepat boldy. Ogly Şahruh beg onuň hormatly tagtynda
oturyp, ähli Horasany öz golastyna aldy we Ulug beg atly
birine Merw Şahy Jahana häkimlik edip, soň özi öldi. Şa
Ysmaýyl Sefewi Yrak, Pars we Azerbaýjany alandan soň,
Horasany talap etdi. Şahruh beg onuň bilen bimäçe uruşlar
edenden soň, näalaç bolup, ogluny Merwden öz ýanyndan
alyp gitdi. 01 tamamy owşar ilaty we saýlanan türkmenler
bilen göçüp, Astrabat we Balkan dagyna baryp, karar
tapdy. Tä Şa Apbas çozuş edýänçä onda oturdylar. Şahruh
beg Balkan dagynda wepat boldy. Ogly Ulugbeg ile han
bolup, Şa Apbas Horasana gelen wagtynda Ulugbeg owşar
ilatyna we türkmenlere baş bolup, göçüp Ürgenç, Merw
we Çärjew aralygynda karar tapdy. Ulugbeg onda öldi.
Ondan üç ogul galdy. Uly oglunyň ady Aly begdi. Ondan
kiçisiniň ady Weli beg we ondan kiçisiniň ady Zuhur
begdi. Aly begden ýedi ogul bolupdy: ulusynyň ady Jany
178
beg, Ymam beg, Arap beg, Pirguly beg, Öwez begt Ýusup
beg we Hasan beg. Zuhurguly begden Nedirguly beg
boldy. Weli begden Patyşaguly beg we Ymamberdi beg
boldy. Ulugbeg wepat bolandan soň, uly ogly Aly beg
atasynyň omuna ilata han we häkim boldy. 01 wagtda Aly
beg hana tabyn bolan owşar ilaty otuz müň öýlidi. 01
wagtda owşar iliniň bir ujy Balkan dagynda, bir tarapy
Köneürgençde we bir tarapy Bäşbölük we Merw Şahy
Jahana çenlidi we bir başy bolsa, Çärjew welaýatyndady.
Hemişe on iki müň öýli goçak ýigitleri öz ýakynynda
saklardy. Özge çarwadarlary öz bähbidinde gezerdiler. Aly
beg han beýik emirdi. Onuň döwleti baý patyşalaryňky
ýalydy. Owşar ilaty oňa beýik ata-babalary dek hyzmat
ederdi. Aly beg han gelip, ol ýurtda karar tapdy. 01
wagtda Türküstan patyşasy Abdylla handy. Aly beg hanyň
owşar ilaty bilen bu sebite gelendigi barada Merw häkimi
Abdylla hana arz etdi:
— Aly beg han köp ilat bilen Merwiň ýakynyna
gelipdir.
01 wagtda Abdylla hanyň giýewisi Nurmuhammet
han Merwiň häkimidi. Merw gadym eýýamdan bäri Soltan
Sanjar Türkmeniň paýtagty we owşarlaryň mülk mirasydyr.
Bu wakalary eşidenden soň Abdylla han Aly beg han
Merw Şahy Jahany golastyna girizer öýdüpdir. Aly beg
hany tutmak pikirinde bolup, bir ökde ilçini köp sowgatlar
bilen Aly begiň ýanyna ýollady we Aly beg hany huzuryna
çagyrdy. Aly beg han hem sowgat we serpaý bilen Nedirguly
beg inisiniň ogluny patyşa hyzmatyna ýollady. Nedirguly
beg gelip, Abdylla hany gördi. Abdylla oňa köp mähribanlyk
edip:
— Näme üçin Aly beg biziň huzurymyza gelmedi? —
diýdi. Nedirgulybeg şeýtan waswasasyna düşüp aýtdy:
— Aly beg hanyň özge islegi bardyr.
Abdylla han bu sözi Nedirguly begden eşidenden soň,
ony ýalňyz ýanyna çagyryp, onuň ahwalyndan habar aldy.
179
Onuň hem ulalmak islegi bardy. Ulalmak isleginden bozuk
pikirlere gümra bolup, Abdylla hana aýtdy:
— Siz Aly beg hany öldürip, hökümetini maňa berseňiz,
ony alyp geleýin.
Han oňa wada berdi:
— Sen, eger baryp Aly beg hany alyp gelseň, ony
öldürip, seni jaýyna han we häkim ederin.
01 biakyl özbegiň sözüne girip, ony getirmäge yhlas
edip, birnäçe özbegi hem bile alyp, Aly begiň ýanyna
getirdi. «Patyşa maňa köp mähribanlyklar etdi* — diýip,
Aly beg hany aldap, Abdylla hanyň ýanyna alyp gitmäge
ony yrdy. Aly beg han päk göwünli emirdi. Göwnüne
güman getirmän, birnäçe garyndaşyny we birnäçe il beglerini
alyp, Buhara ugrady. Gelip Abdylla hana sataşdy. Abdylla
han 'aýtdy:
— Eý, Aly beg! Sen Merw Şahy Jahany almaga
gelipsiň — diýip, ony ölüme emr etdi. Aly beg, Weli beg
we Ymamguly beg üçüsini şehitlik derejesine ýetirdi. Jany
begi Merw Şahy Jahanda Nurmuhammet hana tabşyryp,
tussag etdi. Pirguly begi Çärjewde tussag etdi. Öwez begi
Garşa tabşyrdy. Arap begi Ýançy häkimine tabşyrdy. Ýusup
beg we Hasan beg bu iki ýaş oglan il arasynda galypdylar.
Aly beg hany öldürenden we beýlekileri tussag edenden
soň, Abdylla han bimäçe adamy Nedirguly beg bilen hemra
edip, il arasyna iberip häkim etdi. Owşar ilaty bu wakadan
habar tapandan soň, hanyň iberen kişilerini öldürip, Nedirguly
begi kowalap, göçüp, tamam Nusaýa, Abywerde we Hasar
dag iline, Astrabada we Balkana gitdiler. Käbirleri
azyksyzlykdan we ulagsyzlykdan Lebap tarapynda her ýana
dargadylar. Hasar daga, Nusaýa we Abywerde baranlar
Aly begiň kiçi ogly Ýusup begi özlerine häkim eýiediler.
Astrabada we Balkan sebitlerine baranlar Aly begiň ýene
bir ogly Hasanbegi özlerine häkim etdiler. Nedirguly beg
öz işinden şermende we başy aşak bolup, ilatdan aýrylyp
alaçsyz Horasan owşarlarynyň arasyna baryp, karar tapdy.
180
Ondan bir ogul boldy. Oňa Ymamguly beg at goýdy.
Ymamgulydan bir ogul boldy. Oňa babasynyň adyny
Nedirguly beg goýdular. Aly beg hanyň Merw Şahy Jahanda
goýlan uly ogly Jany beg handan bir ogul boldy. Adyna
Şahruh beg goýdy. Şahruh begden bir ogul boldy. Adyna
Ezizguly beg diýdiler. Ezizguly begden iki ogul doguldy.
Ulusynyň ady Gedaý beg we kiçisiniň adyna Ymamguly
beg goýdular. Abdylia hanyň ömri dolandan soň, Şa Apbas
gelip» Merw Şahy Jahany aldy. 01 wagt Şahruh beg
şehitlik derejesine ýetdi. Onuň ogly Ezizguly beg, Gedaý
beg we Ymamguly beg ogly biien Çärjewe gitdi. Ezizguly
beg onda wepat boldy. Gedaý begiň ýanynda ilatdan birnäçe
adam jem boldular. Gedaý beg hem öldi. Ondan bir ogul
galdy. Şahruh begiň adyny oňa goýdular. Şahruh beg
atasyndan ýaş galypdy. Owşar ilaty Şahruh begiň bolanyna
hoşwagt bolup, onuň töwereginde jemlenişip, özlerine beg
saýlap, patyşanyň ýanyna alyp bardylar. Şol wagtyň patyşasy
oňa welaýat we engam berip, mähribanlyk edip iberdi.
Şahruh beg babasyndan galan illeriniň ählisini ýygyşdyryp,
ondan soň öldi. Ondan sekiz ogyl yzynda galdy; Ezizguly
beg, Sewinji beg, Jany beg, Nyýazmuhammet beg,
Muhammetemin beg, Zuhur beg, Pirmuhammet beg, Kiçi
beg. Şahruh ölenden soň, Ezizgiily beg we Nyýazmuhammet
beg ilatyň häkimi boldular. Bu begleriň kowumyndan bolan
Nedirguly şa Türküstana gelende Nyýazmuhammet hany
Balh tagtynda oturdyp, häkim we patyşa etdi.
Nyýazmuhammet han pelek derejeli, beýik atalary Ýyldyz
han we beýleki hanlar ýaly Türküstany golastyna girizip,
adyllyk, ynsap we yhsan bilen dolandyrdy. 01 on iki ýyl
patyşalyk edip öldi. Agasynyň ogly Gedaýmuhammet han
Balhyň häkimi boldy. 01 hem birnäçe wagtdan soň wepat
boldy. Şäherleriň enesi bolan Balh özge jemagatlaryň eline
düşdi. Otaryň öwlatlary Andhoýa bardylar. 01 ýerde köp
halk bardyr. Nyýazmuhammet handan ýedi ogul diri galdy.
Uly oglunyň ady Rehmetulla han, ondan kiçisiniň ady
181
AlaýylJa soltan, ondan kiçisiniň ady Şahruh soltan, ondan
kiçisinift ady Enaýatylla soltan, ondan kiçisiniň ady Nasrulla
soltan, ondan kiçisiniň ady Jahangir soltan we ondan
kiçisiniň ady Ysmatulla soltandyr. Atasy Nyýazmuhammet
hanyň wepatyndan soň Rehmetulla han şalaryň şasy Nedir
sahypkyranyň ýanyna baryp, onuň beýik emiri boldy. Nedir
şa wepat bolandan soň, Ahmet şanyň ýanynda bolup,
onuň hem beýik emiri boldy. Birnäçe wagtdan soň Ahmet
şadan köňli galyp, Andhoý welaýatyna gelip, onda oturdy.
Ahmet şa oňa Türküstanyň häkimligini berdi. 01 beýik
şanly we uly mekany kabul etmän, patyşa hyzmatyndan
ýüz öwrüp, Allatagala şükür edip, oňa hyzmat etdi.
Onuň inileriniň hökümeti dolandyryşlarynyň we soitan
bolaniarynyň her biriniň beýanyny öz ýerinde getireris.
Andhoý welaýatynda kyrk ýyl döwran sürdi. Gowy häsiýetli,
sopuçylyk ýollarynda dana we taryh sözlerine düşünýän
kişidi. Dosty sylaýan we duşmany bagyşlaýan adamdy.
Onuň dokuz ogly bardy. Uly ogly Nygmatylla han, ikinjisi
Babahasan soltan, üçünjisi Jahangir soltan, dördünjisi Ýyldyz
soltan, bäşinjisi Abulgazy soltan, altynjysy Zuhur soltan,
ýedinjisi Hekim soltan, sekizinjisi Ak han soltan we
dokuzynjysy Şahynşah soltan. Hökümetinden kyrk ýyl
ötende, 1204-nji hijri ýylynda Demirşa gazy ony
garşydaşlaryny we duşmanlaryny ýok etmek üçin Kabuldan
sansyz goşun bilen şäherleriň enesi bolan Balha gözegçi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Oguznama - 11
  • Parts
  • Oguznama - 01
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1877
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 02
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1740
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 03
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1745
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 04
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1790
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 05
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1865
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 06
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1811
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1708
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 08
    Total number of words is 4065
    Total number of unique words is 1703
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 09
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 1685
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 10
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1571
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 11
    Total number of words is 183
    Total number of unique words is 160
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.