Latin

Oguznama - 06

Total number of words is 3979
Total number of unique words is 1811
28.4 of words are in the 2000 most common words
40.9 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Iblisiň bu sözi halka täsir etdi. Her kim özi üçin ol
surat şeklinde but ýasap, but ybadatyna meşgul boldular.
01 kowum ondan soň Hudaýy unutdy. Butparazlyk ol
kowumdan älem içre ýaýrady.
Ýene bir rowaýatda şeýle diýilýär, butparazlyk Kabyl
öwladyndan galdy. Onuň beýany şeýledir, ýagny haçanda
Hezreti Adam wepat bolanda, onuň wesýeti bilen ogullary
Adamyň jesedini tabyda salyp, togap etmekden ötri özleri
biien alyp ýörerdiler. Adamyň wesýetine görä ony Kabyl
öwladyna hiç görkezmeýärdiler. Bu sebäpden şeýtana gümra
etmäge mümkinçilik döräp, Kabylyň öwladyna aýtdy:
— Eger maslahat bilseňiz, men Adam şeklinde bir
surat ýasaýyn. Siz hem ol suraty Adamyň jesedi dek
tabyda salyp, hemişe özüňiz bilen alyp ýörüp, togap ediň.
98
01 kowum şeýtanyň sözüne amal edip, ol suraty kabul
etdi. Wagtyň geçmegi bilen her kowum özi üçin surat
düzetdi. Şeýlelikde, butparazlyk Iblisiň sözi bilen Kabyl
öwlatlaryndan peýda boldy. Dogry hekaýat şeýiedir. ýagny
bu butlar tamam Nuhuň tupany wagtynda ýok bolupdy.
Azap suwy köşeşenden soň ol butlary şeýtan peýda edip,
Iblisiň sözüne amal eden kowumlara berdi.
Otparaz taýpasy barada dogry hekaýat şeýledir. Guştasp
.zamanynda Zerduşt pygamberlik dawasyny edip, kitap ýazyp
«Zyndyk» atlandyrdy. Älem haikyny ot ybadatyna wagyz
etdi we aýtdy:
— Her kim bu jahanda ot ybadatyny berjaý etse»
Haktagala oňa ot azaby bilen jebir bermez (gynamaz).
Zerduştyft sözüne amal eden her bir taýpa otparaz
boldy. Şondan soň bu nämynasyp (gelşiksiz) emr älem
arasynda ýaýrady.
Elgaraz, haçanda hezreti Idrisiň ajaly ýetip, ölüm
perişdesi, onuň ýanyna geiende, Idris alaýhyssalam ondan
sorady:
— Neneňsi kişi sen?
Ölüm perişdesi aýtdy:
— Men seniň janyňy alyjydyryn. Men seniň janyňy
almaga geldim.
Ýene bir söz şeýle beýan edilýär, ýagny Ezraýyl aýtdy:
— Eý, Idris, men seniň zyýaratyňa geldim.
Hezreti Idris aýtdy:
— Eý, Ezraýyl, meni behişte seýr etmäge alyp bar.
Idris behişte barandan soň, Taňrynyň emri bilen ol
baky mekanda galdy. 150 ýyllap halky dine çagyrdy.
AHNUH OGLY ALAÝHYSSALAM
Onuň ogly Meşuşalyh hökümet (ýurt) başynda oturdy.
Birnäçe ýyl älem halkyna ýol görkezdi we ýolbaşçylyk
99
etdl. Ondan soft Meşuşalyhyň ogly Kelmel halaýyga ýolbaşçy
bolup, bimäçe ýyllap dolandyrandan soň wepat boldy. Ondan
soň Kelmeliň ogly Metusalyh halaýyga ýolbaşçy boldy.
Ondan soň Metusalyhyň ogly Mälik hökümet tagtynda
oturdy. Onuň döwründe älem halky parahatiyk bilen güzeran
geçirip, goşun çekmeklik, serdarlyk tärleri we düzgünleri
we başga-da- birnäçe açyşiar peýda boldy. Ondan soňra
Mäligiň ogiy ýüzi güneş şöhleli Nuh alaýhyssalam älem
halky arasynda meşhur boldy.
100
ÜÇÜNJI BAP
NUH ALAÝHYSSALAM
Nuh alaýhyssalamyft taýpasyna Lemkän, Lälek we
Lamyh hem diýýärler. Adam wepat bolandan 126 ýyl
geçenden softra Nuh alaýhyssalam Eset ýyldyzynyft astynda
dogdy. Ofta Nuh ady şu sebäpden peýda bolupdy, ýagny
Nuhuň tupany köşeşenden soft bir gün şeýtan Nuh
alaýhyssalamyft ýanyna gelip, şeýle diýipdir:
— Eý, Taftryft pygamberi, sen bir möhüm işi ýerine
ýetirdift. Men ofta «aperin» aýdýaryn. Bütin ömrüme ol
möhüm işi ýerine ýetirmekden ejiz bolup ýördüm.
Nuh aýtdy:
— Eý, Taňrynyft duşmany, ol möhüm iş haýsydyr?
Iblis aýtdy:
— Senift dogaň bilen Hudaýtagala barça kapyrlary
birden heläk edip, dowzaha iberdi.
Nuh alaýhyssalam ol eden dogasyndan puşman edip,
köp ahy-nalalar çekdi. Onuft üçin Nuh1 atlandyryldy. Käbirleri
onuft adyny Säkin, käbirleri Säkit, käbirieri Minkip diýip
atlandyrýarlar. Emma m eşhur ady Nuhdur. Hezreti Nuha
Idrisden iki ýüz elli ýyl geçenden soft pygamberlik iberildi.
Hezreti Idrisiň döwründen soň älem arasynda köp zaýaçylyk,
bozgakçylyk we topalaň hem-de günäkärlik ýörelgeleri
ýaýrady. 01 kowumuň möhüm işlerini düzgünleşdirmek
we ýagdaýlaryny gowulaşdyrmak üçin Nuh alaýhyssalamyň
pygamberligine emr boldy. «Taryhy Tabaryda» şeýle beýan
1 Nuha (nowha) - arap dilinde agyny. ahy-nalany, ýasy aftladýar.
101
edilipdir, ýagny hezreti Haktagala Nuh alaýhyssalamy
Zahhak döwründe iberdi. Käbirleri «Zahhak döwründe
Ybraýym alaýhyssalam iberilipdi* diýýärlen
Nuh alaýhyssalam 950 ýyl halky hak ýoluna çagyryp,
ýol görkezdi. Azajyk topar oňa iman getirdi. Pygamberlik
döwründe kapyr we bozgak taýpadan oňa köp ejir we dert
ýetýärdi. 01 bu belalara sabyr edip, şeýle diýýärdi:
— Eý, Atlam, meni we kowumumy dogry ýola gönükdir.
IÇünki] Olar bilýärler*
Nuh alaýhyssalam hernäçe ol kowuma ýol görkezsede we nesihat etse-de, hiç kim onuň wagzyna üns bermezdi.
01 gümralar ogullarynyň elinden tutup, Nuhuň ýanyna
getirip, şeýle diýerdiler:
— Bu kişi jadygöý we diwanadjn:. Hiç biriňiz bu
mejnunyň sözüne gulak asmaň. Öten-geçenlermizden bu
nesihat bize ýadygär galandyr. Siz hem mümkin bolsa
Nuha ezýet bermäge jan ediň.
01 kowum arasynda Akza diýen bir kişi bardy. Onuň
oglunyň ady Jarudy. 01 bir gün ogluny hezreti Nuhuň
ýanyna getirip, şeýle diýdi:
— Hergiz bu kezzap kişiniň sözüne amal etmegeý
sen. Bu diwananyň sözüne aldanmagyn.
Bu ýaňramalar wagtynda ol kapyr çagajygy ýerden
bir gysym toprak alyp, hezreti Nuhuň mübärek ýüzüne
urdy. Nuh alaýhyssalam bu halatyň ýüze çykmagyndan
Taňry dergahyna şikaýat etdi. Taňrydan şeýle owaz geldi:
— Eý, Nuh, ol kynçylyklaryň açarlary biziň gudrat
hazynamyzdyr. Gamgyn bolmagyn. Bu uzyn müddetde ol
taýpadan azajygy hak ýolunyň mertebesine mynasyp boldy.
Başga kişi mundan soň iman getirmez. Azap takdyrynyň
galamy bu gara günlüleriň başyndan inip, bir azap bilen
ejir çekdirilmegine wagt ýetdi.
«Gurhanda» hem şeýle getirilendir. «Nuha ylham etdi,
[ýagny] seniň kowumuňdan öň iman edenlerden başga hiç
kimse iman etmez*. Hezreti Nuh kowumunyň iman
102
getirmeginden umydyny üzeninden soflra aýtdy:
— Eý, Hudaýym, ýer ýüzünde kapyrlardan hiç bir
adamyny hem goýma.
Nuhuň dogasy kabul boldy. Taňrydan owaz geldi.
«Eý, Nuh, sen gämi taýýarlamaga (bejermäge) meşgul
bol. Bu guma garylan kowumy suw bilen heläk edip,
dowzah oduna degişli ederin».
Nuh alaýhyssalam dilegi bilen tupandan kyrk ýyl öň
ol kowuma gahatçylyk peýda bolup, açlyga duçar boldular.
Şeýle gürrüň edilýär, ýagny Jebraýyl alaýhyssalam
Saj diýen agajy ýerde dikdi. 01 agaç ýigrimi ýyldan we
kyrk ýyldan soň kemala gelip, ony byçgyladylar. Nuh
alaýhyssalam üç ogly we ýene bir kişi bilen gämi gurmaga
başladylar. Kapyrlar şeýle diýerdiler:
— Nuh pygamberlik dawasyndan geçip, neçjarlyk edýär.
Haçan-da Nuh gämi ýasap bolansoň «Adamyň jesedini
gorap saklamak üçin şem şat agajyndan bir tabyt düzet
(ýasa). Adamyň jesedi tupanyň girdabyna gark bolmasyn»
diýip, perman boldy.
E lg araz, dürli jy n sly ý abanylardan, g u şlard an ,
haýwanlardan jem edip, hersini öz jübti bilen gämä salmaly
diýlip, Nuha höküm edildi. Nuh alaýhyssalam ol emri
berjaý etdi we wada edilen wagta garaşýardy. Dogry
gürrüň şeýledir, ýagny azap suwy göterilen wagtynda
wada edilen tamdyrdan suw çykyp başlady. 01 tamdyr
Nuha Adam alaýhyssalam dan ýadygär galypdy. Nuh
alaýhyssalam segsen kişi bilen tupandan halas bolmak
üçin gämä girdiler. Hezreti Nuhuň bir nikalysy (aýaly) we
Kengan diýen bir ogly onuň nesihatlaryna amal etmediler
we tupanda heläk boldular.
Elgaraz, kyrk gije-gündizläp çeşmelerden suw çykdy,
asmandan ýagmyr ýagýardy. Tamamy älemi suw aldy.
Suw daglardan kyrk gez ýokary çykdy.
Awuj diýen bir kişi bardy. Suwuň şeýle belentligine
garamazdan ol suw onuň dyzyna çykmazdy. Ohuň sebäbi
103
şeýledir, ýagny ol hernaçe Hudaýa dil ýetirse-de, gämini
ýasamakda hezreti Nuha ýardam beripdi.
Şeýle gürrüň edýärler, gämi Kufeden hereket etdi we
keremli Mekgä ýetende ýedi gezek togap edip aýlandy.
Ondan soň älem etraplaryna ýola düşdi. Bäş aýdan soň
Arap adasynda Judy dagynda karar tapdy. 01 dagyň üstünde
bir aýlap durdy. Jahan suw bugundan garaňky bolupdy.
«Haktagalrf Nuha Aý we Gün dek iki bölek ýagtylyk
iberdi. Nuh ol ýagtylyklary gämi diwarynda bezäp, onuň
üsti bilen gije we gündizi biri-birinden parhlandyryp, namaz
okardylar. Haçanda ýagyş diňip, ýer suwlary özüne çeken
wagtynda Nuh alaýhyssalamyň nazary älemgoşara düşüp,
gämiden çykmagyň wagty bolandygyny bildi. Ilki bilen
ýagdaýlary bilmek we suwuň mukdaryndan habar getirmek
üçin gargany ýollady. 01 betnebis ýolda bir haram läşe
duçar bolup, hyzmaty gijikdirdi. Nuh oňa nälet etdi. Ondan
soň kepderini iberdi. Kepderi perwaz edip, suwuň
ýagdaýyndan habarly bolup, azajyk zeýtun ýapragyny
çüňküne alypf Nuh alaýhyssalamyň hyzmatyna geldi. Nuh
suwdan agaçlaryň gömüp başlandygyny bildi, kepderä haýyr
dogasyny etdi. Ondan soň aşura1 gününde gämiden çykdy.
Judy dagynyň eteginde bir gala bina etdiler. Onuň
adyny «Suku-s-Semäniýn» atlandyrdylar.
01 halka suwuň bugarmagy we howanyň gerdişi bilen
keselçilik we hassaçylyk peýda bolup, baky öýe bardylar.
Nuh alaýhyssalam we onuň üç ogly Sam, Ham we Ýafes
hem-de olaryň aýallary ol apatdan aman galdylar. Şol
wagtda Hudaýtagala Nuha wahy2 aýtdy:
— Mundan soň halky tupanda heläk etmerin.
Hezreti Nuh bu hoş habara şatlandy. Tamam ýer
ýüzüni üç bölege böidi. Şam, Jezaýyr, Pars, Yrak we
Horasan ýurtlaryny (ülkelerini) iň uly öwiady Sama berdi.
Magryp, Hebeş, Sind diýarlaryny we Asudan ýurtlaryny
1 Aşura - aşyr (muharram) aýynyň onunjy göni.
7 Wahy - Hudaýtagalanyň owazy* ylhamy.
104
Hama tabşyrdy. Çyn, Sakaliýe we Türküstan yklymlaryny
Ýafese tabşyrdy. Älem abadançylygyndaky bar boian tamam
Arap, Rum we Pars halkynyft gelip çykyşy Sama baryp
dirär. Ähli hebeşii, hindistanly we asudanly Hama degişlidir.
Tutuşlygyna batyrlar we syýasatçylar bolan ähli türkmenler,
sakaliýe we hazarlar Ýafese baryp dirär.
Şeýle gürrüň edilýär. Bir gün Nuh alaýhyssalam ukuda
ýatyrdy. Uýat ýeri açylypdy. Ogly Ham görüp güldi,
[atasynyň] uýat ýerini örtmedi. Sam we Ýafes Hama
käýinip, atasynyň uýat ýerini örtdüler. Nuh alaýhyssalam
bu ýagdaýdan habarly bolup, «Hemişe horlukda we har-uzarlykda boiuň, reňkleriňiz özgersin. Öwladyňyz Sam we
Ýafes öwlatlaryna hyzmat etgeý* diýip, doga etdi. Şu
sebäpden Sam we Ýafes öwlady hemişe ýer ýüzünde
beýik we hormatly bolup, tamam älemde begler, begzadalar
we hanlar bolup durýarlar. Dogry ýoldaky ymamlaryň
ymamy Hasan Müjtebeden şeýle gürrüň edýärler, ýagny
Nuhuň gämisi 1200 gezdi. Giňligi 600 gezdi. Bir toparlar
şeýle diýýärier: Nuhuň ömri 1300 ýyldyr. Käbirleri bolsa
1460 ýyl diýýärler. Iň meşhury şudur, ýagny Nuhuň ömri
1000 ýyldyr. Elli ýaşynda pygamberlik iberildi. Aity ýüz
ýaşynda tupan gopdy. Tupandan soň üç ýüz elli ýyl ömür
sürdi.
Dogrusyny Alia bilýändir.
105
D Ö R D Ü N JI BAP
ÝAFES BARADA
Ýafes türkmen taýpalarynyň asyl köküdir. Tamamy
türkmenler onuň neslinden peýda bolandyr. Käbir nusgalarda
«Ýafes sahypa inderilen pygamber* diýlip atlandyrylýar.
Nuh alaýhyssaiam Ju d y dagynyň eteginde oňa
ýoibaşçylyk we serdarlyk aýaiy berip, demirgazyk we
gündogar tarapy oňa bagyşlady. Demirgazyk we gündogar
ýurtlarynyň häkimligini oňa tabşyrdy. Ýafes Nuhuň patasyny
aiyp, ol topraga ugrady. Hezreti Nuh oňa nesliniň köpeimegi
üçin doga eýledi. Doga wagtynda onuň dilinden şu sözler
ýaňlanyp, dogasy kabul boldy. 01 Ýafese diýdi:

Seniň nesliň tä kyýamat ahyra çenli her ýerde
boisa-da harlyk we zarlyk çekmesin, mätäçlik görmesin.
Her möhüm işde we maslahatda biri-biri bilen agzybir
bolup, ar we namysdan ötri yhlas we tagalla edip, ýer
ýüzünde hanlyk, beglik we serkerdelik etsin.
Şol wagtda Ýafes hezreti Nuhdan ýagyş ýagdyrýan
bir dogany öwretmegi haýyş etdi. Hezreti Nuh bu sebäpli
Haktagaia mynajat etdi. Jebraýyl perişde onuň dogasynyň
kabui bolanlygy üçin gelip, bir uly ady Nuha tälim edip
berdi. Nuh ol ady bir daşa nagyş edip, Ýafese berdi. 01
daşa «Ýede* diýýärler. Arap dilinde «Hajr-ul-matar»l
diýýärler. Türkmen halky «Jededaş» diýýärler.
Elgaraz Ýafes hezreti Nuhuň emri bilen Suku-sSemäninden çykjrp, menzilleri geçip, öz ýurduna ýetişdi.
1 Hajr-ul-matar — ýakymly ýagyş manysynda.
106
Çarwalaryň ýörelgesi dek birnäçe wagt durmuş geçirdi.
Köp şäherler bina etdi. Ol ýerlerde peýda bolan Çyn
şäherini Ýafes bina etdi. Dogry gürrüft şeýledir, ýagny
Hudaýtagala Ýafese on bir ogul berdi. Atlary: Türk, Çyn,
Saklap, Menşej, Kemary, Halaç, Hazar, Rus, Sedsan, Guzz,
Tärij. M enşejden iki ogul boldy. Biriniň ady Ýajuj,
beýlekisiniň ady Mäjuj. Ýafes her bir oglunyft köp ybadat
etmegini wesýet etdi. Hususanam, takwa öwlady bolan
Türki mirasdary etdi. Türk örän tejribeli, hünärment, merdana
we artykmaçdy. Käbirleri ofta «Ýafes ogIan» hem diýýärler.
Türk ol sebitlerde gezelenç edip, bir ýere geldi. 01
ýeri türkmen dilinde «Risuluk* atlandyrýarlar. 01 ýerde
köller, çeşmeler, ýagşy çemenlikler bardy. 01 ýer Türke
ýarady. Ogullary bilen ol ýerde jaý we mekan tutdy.
Çöpden öý gurundy. Birnäçe wagtdan soft ol çadyr2 bina
etdi. 01 öý türkmenlere we çarwalara Türkden ýadygär
galandyr. Häzir halk arasynda derilerden lybas etmek meşhur
bolan goýunlardan we beýleki haýwanlardan don we tahýa
etmegi ol oýlap tapdy. Türk adyl, bilimli, akly kämil we
oýlap tapyjy patyşady. Hemişe raýatyň aladasyny ederdi.
Halk onuft hem aýaty saýasynda asuda we parahatdy.
Minnetsiz bagyşlaýjy ofta köp perzentler bagyşlady.
Fudek (Pudak ?) diýen bir ogly aw awlamagy gowy
görerdi. Sährada aw awlap, onuň etini kebap ederdi. Bir
gün bir lukma et elinden duzly ýere gaçdy. Fudek ol
lukmany ýerden göterip iýdi. Örän tagamly gördi. Ondan
soň tagam a duz salmagy Fudek peýda etdi. Şeýlelikde, bu
düzgün halaýyk tebigatynda endige öwrüldi. Türkmenlerift
asly Ýafesift ogly TürkiA perzentlerindendir.
Emma Ýafesiň Hazar atly bir ogly demirgazyk ýurtlara
syýahat edip, Türkmen iliniň bir gyrasyna gelip, şäher
bina etdi. Onuň ogullaryndan tilki awlamak düzgüni halk
arasynda ýaýrady. «Zafarnamada» «Possun tikmeklik Hazar
neslinden ýadygärlik galdy» diýlip, beýan edilýär.
1 G ara öý göz öňünde tutulýan bolsa gerek.
107
'
,
Ondan soň Ýafes we Hazar Rus ilçilerine1 köp hormatlar
edip, ol etraplarda olara ýer görkezdi. Rus Öz perzentleri
bilen ol ýerde mekan tutdy. Ary keteginden bal alyp,
halwa ýasamagy Rus öwlady oýlap tapdy.
Haçanda Ýafesiň perzentleriniň her birisi welaýatyň
bir künjünde karar tutanda Guzz Bulgar ýerinde bir jemagat
bilen gelip, şäher we ymaratlar ýasady. Guzz örän mekir
we hilegärdi. Ýafesiň ogly Türk bilen olaryň arasynda uly
uruş peýda boldy. Bu urşuň sebäbi şeýledi. Ýafes hezreti
Nuhdan haýyş edip alan Ýededaşyny özi bilen alyp gelipdi.
Haçanda Ýafes durmuş düşegini bakylyk öýüne çekende
Ýededaş Guzz eline düşdi. Guzzyň her bir agasy we inisi
ol daşy ondan talap ederdiler. Ahyrynda Guzz hilegärlik
ýoly bilen oi daş şeklinde bir daş ýasady. 01 u)y ady oňa
nagyş etdi. Ahyry ol dawa üçin bije atmaklyk karar edildi.
Gurra Türküň adyna düşende, mejburlykdan hakyky daşy
Türke bermeklik wajyp boldy. Guzz özüniň ýasan daşyny
Türke berdi. Hakyky Ýededaşyny özünde alyp galdy.
Dogruçyl Türk bu mertebelere hoşal bolup, ol daşy özi
bilen äkitdi. Bimäçe ýyl geçenden soň Türkde ýagşa mätäçlik
peýda boldy. 01 daşy çykaryp, hernäçe ýagyş talap etsede peýdasy bolmady. Ahyry bu işde Guzzyň mekir we hile
edendigini bildi. Elgaraz, Türk bu ýigrenç bilen bir uly
goşun peýda etdi welin, ol leşger daga-düze sygmazdy. 01
daşy almak üçin Guzz söweşine ugrady. Guzz hem köp
goşun we leşger jem edip, iň uly ogly bolan Bigura diýen
bir kişini Türküň garşysyna söweşe ugratdy. Bigura Türk
bilen bolan söweşde öldürildi.
Türk öz welaýatyna dolandy. Jikme-jikligini şunuň
ýaly beýan edýärler: Nuhdan soň söweş we uruş ýoluny
ele alan kişi Türk we Guzzdy. 01 söweşde Türk üstün
boldy, Guzz ýeňildi. Hezreti Nuhuň we Ýafesiň dogasy
şeýledir, ýagny «Türkmen ili özge taýpalara älemiň ahyryna
çenli üstün bolar».
1 Bu ýerde rus ili • halky göz öňünde tutulýar.
108
Ýafesiü bir ogly bolan Saklap hem bir ýerde şäher we
ymaratlar bina etmek üçin ugrady. Saklabyň aýaly köpdi.
Şeýle ýagdaýda Saklabyň bir ogly dünýä indi. Çaga dünýä
inen wagtynda atasy' wepat boldy. 01 wagtda bir aw iti
hem güjükläpdi. 01 oglany ulalýança it süýdi bilen
terbiýelediler. Onuň adyny Itbeçen goýdular. «0guznamada»
dogry we aýdyň şeýle beýan edilendir. Ýagny özbek taýpalary
ol Itbeçen öwladyndandyrlar. Saklap wepat bolandan soň,
Itbeçen öwlady bilen Rus diýen doganoglanynyň ýanyna
geldi. ö z i penalanar ýaly bir ýer haýyş etdi. Rus aýtdy:

Bu ýer örän dardyr. Siziň öwladyňyz bu ýerde
ýerleşmez.
Itbeçen öwlatlary Rusdan umytsyz bolup, Hazar atly
ýene bir doganoglanynyň ýanyna geldi. Ondan hem penalanar
ýaly ýurt haýyş etdiler. Hazardan hem bu jogaby eşitdiler.
Şol sebäpli Saklabiýe bolan Itbeçen öw latlary çete
çekilmekligi ygtyýar edip, daglaryň arasynda gowaklar edip
ornaşdylar. Beýleki Ýafes öwlatlaryna söweşleri ýörelge
edinip, gijeler mallaryny we zatlaryny talap, ogurlyk bilen
gün geçirerdiler. Ondan soň talaňçylyk kespleri uly atalary
bolan Itbeçenden özbek taýpalaryna ýadygär galdy. Gazak,
galmak2, gyrgyz hem şol Itbeçeniň öwlatlaryndandyr. 01
öwladyň başga taýpalara bolan kine we duşmançylyklary
hemişe saklanyp galandyr.
Ýafesiň ýene bir ogly bolan Kemarynyň aw awlamaga
hyjuwy güýçlüdi. Aw wagtynda Bulgar ýerine gelip, howasy
aram we sapaly bolan bir ýerde ym arat gurup, mekan
tutdy. Hudaýtagala oňa iki ogul bagyş etdi. Biriniň ady
Bulgar, ýene biriniň ady Birtas. Olardan hem nesiller
peýda bolup, her biri bir ýerde ymarat gurm aga meşgul
boldular. Olar samyr we senjap tutup, lybas edip, güzeran
geçirerdiler. Ermeniýe taýpalary hem Birtas neslinden
ýaýrandyr. Rus Bulgar neslinden emele gelendir.
1 Manysy boýunça enesi hakynda gürrüft gidýär.
2 Garagalpak bolmagy mümkin.
109
Ýafesiň ogly Çyn örän akylly we parasatlydy. Ýafes
Çyn welaýatyny bina edip, onuň ady bilen atlandyryldy.
Çyn ökde nakgaşdy. Suratçylygy, nakgaşlygy we lybas
boýamaklygy ol peýda etdi. Pile tutmaklyk, ýüpek
edinmeklik, şeý)e-de Çyn halaýygynyň arasynda meşhur
bolan köp täsin sungatlar ondan ýadygär galandyr.
Şol wagtlarda Hudaýtagala Çyna bir ogul bagyşlady.
Onuň adyna Maçyn goýdular. Haçanda Maçyn kämillik
ýaşyna ýetende, öýlenmeklige meýil etdi. Atasyndan we
dogan-garyndaşlaryndan rugsat alyp, Çyn sebtinde bir
şäher bina etdi. 01 şäheri öz ady bilen atlandyrdy. Goýun
gyrkmaklyk, ýüplük egirmeklik, çäkmen we lybas tikmeklik
Maçyndan ýüze çykdy. Bir gün awa gidip, bir janaweri
awlap, onuň perini söweş bezegi etdi hem-de «Mundan
soň batyrlaryň we söweşijileriň kellesiniň üstünde ol peri
sançsynlar* diýip, höküm etdi. Ýene bir güni aw resmi
bilen çykyp, bir keýik awlady. Onuň göbeginden müşk
aldy.
Ýafesiň beýleki ogullary hem her ýerde watan tutup,
güzeran geçirýärdiler. Ýafesiň ogullarynyň arasynda otuz
aity dil peýda boldy. Hiç topar özge bir toparyň sözüne
düşünmezdi. 01 sebäpden her taýpa öz jemgyýeti bilen
demirgazyk ýurtlaryň etraplaryna dargap, şäherler we
galalar bina etdiler. Olaryň bir topary çarwadarlygy adat
edinip, şol ýörelge bilen gün geçirdiler. 01 günden bäri
türkmenler, mogollar, tatarlar, hytaýlar, galmaklar we
başga atlar bilen meşhur bolan taýpalar gelip çykyşy
boýunça Ýafese baryp direýär. Demirgazyk ýurtlarynyň
we Türküstan illeriniň hanlarynyň, belent derejeli hanlarynyň, beýik soltanlarynyň asly Ýafesiň zürýatiaryndandyr.
Zülkarneýn hem Ýafesiň neslinden bolup, Pereň
welaýatyndan bolar.
110
HAM HEKAÝATY
Nuhuň bir ogly Hamdyr. Käbir taryhlarda ony mursalpygamber diýýärler. Muhammet bin Kagb şeýle diýýär:
Hamyň ýüz keşbiniň üýtgemeginiň sebäbi şudur, ýagny
Allatagala Nuh alaýhyssalama we beýleki her bir kişä suw
köşeşip, siňýänçä gämide nikaiysy bilen jynsy gatnaşyk
elmesin diýip, emr etdi. Şeýle ýagdaýda Ham hyjuwy
joşup, aýaly bilen hylwat etdi. Şonuň üçin perzendiniň
reňki özgerdi.
Elgaraz, Ham hezreti Nuhuň rugsady bilen menzilleri
geçip, okeanyň kenarlarynda we günorta etraplarda mekan
tutdy. Birnäçe ýyl häkimlik mertebesinde ornaşdy.
Hudaýtagala oňa dokuz ogul bagyş etdi. Hind, Sind, Zinj,
Tube, Kengan, Kuş, Kybt, Berber we Hebeş. Onuň
zürýatlaryndan Sudan, Magryp, Hebeş ýurdunyň ýaşaýjylary,
zengbar (negrler) we Hindistan bölünip çykdy. Ham
ogullarynyň arasynda on sekiz gömüşli dil peýda boidy.
Her topar özbaşdak bir dil biien sözieşdiier. Biri-biriniň
sözüne düşünmediler. Her taýpa mejburlykdan öz jemgyýeti
bilen ol sebitlerde pytrap, şäherler we welaýatlar bina etdiler.
SAM HEKAÝATY
Nuh alaýhyssalamyň bir oglunyň ady Samdy.
Oguznamadagetirilýär. Nuh alaýhyssalamyň özge perzentierine garanda,
Sam kämil, parasatly, biiimdar we paýhaslydy. Şoi sebäpli
Nuh mirasdarlygy we oruntutarlygyny oňa tabşyrdy.
Pygamberlik syrlaryny oňa aýan edip, özge perzentlerine
Sama eýermekligi wesýet etdi. Ýer ýüzüniň iň gowy ýeri
bolan abadan älemiň we ykiymlaryň ortasyny oňa berdi.
Hezreti Taňrydan «Pygamberler, weiiler, ýagşy kişiler,
soltanlar, emirler, ýagşy we bagtyýar taýpalar Sam neslinden
111
bolsun» diýip, dileg etdi. Isgender hem Samyft neslindendir.
Onuft ömri dokuz ýüz ýyldy. Dogry hekaýat şeýledir.
Ondan dokuz ogul dünýä indi. Pygamberleriň atasy bolan
Raihar, patyşalaryň atasy bolan Keýumers, Ajamyft atasy
bolan Eswet we Badan, şeýle-de Berruj, Ladu, Aýlam,
Derm, Burd. Sam her bir perzendini welaýatlaryň bir
etrapyna iberdi. Käbir taryhy kitaplarda şeýle ýazylandyr.
«Sam öwlady on dokuz dilde gepleşendirler». Hiç taýpa
biri-biriniň sözüne düşünmeýärdi. 01 sebäpden her birini
soltanlyk resminde häkim edip, Babyl, Ýemen, Amman,
Arap we Ajam Yragyna we Pars yklymlaryna iberdi. Käbirleri
gündogar tarapa, käbirleri günbatar tarapa göç etdiler.
Owgan we buluç Sam öwlatlaryndandyr.
Alla has bilijidir.
TÜRK HAN HEKAÝATY
Türk han Ýafesiň uly ogludyr diýlip beýan edipdik.
Ýafes bu dünýäden göç edenden soň Türk han soltanlyk
tagtynda ornaşdy. Onuň döwründe halk asudalyk we
parahatlyk bilen güzeran geçirerdiler. Türküň perzentleri
we illeri köpeldi. Olar şäherlerde we adalarda mesgen we
mekan tutup, Türke tabyn bolýardylar. Türk iki ýüz ýyldan
soň wepat boldy. Ondan soň Türküň ogly Elmejene han
atasynyň ýerinde ornaşdy. Döwrüniň häkimi we ygtyýarlysy
boldy. Köp ýyllar soltanlyk tagtynda berkarar boldy. Ondan
soň Elmejenäniň ogly Düýp Bakuý34 han häkimlik tagtynda
oturdy. Käbir n u sg alarda D elenkuw a35 Düýp Bakuý
neslindendir» diýip ýazylandyr. Düýp Bakuý» sözüniň manysy
• «ululyk» diýmekdir. 01 beýik derejeli, gudratly bir patyşady.
Düýp Bakuý ahyrýete göç edende ogly Giýuk hany soltanlyk
mertebesine belledi. Giýuk han atasy ölenden soň köp
ýyllar hanlyk sürdi. Ondan soň Giýugyň ogly Alynja han
hökümet tagtynda ornaşdy. Onuň döwründe türkmenler ili
112
nygmatlarynyň bollugyna tekepbirlenip, boýun bolmazlyga
we gadyr bilmezlige başladylar.
Alynja handan bir garynda iki ogul dogdy. Bir ogluna
Mogol, bir ogluna Tatar diýip at goýdy. 01 iki oglan
kämillik ýaşyna ýetende Alynja han tam am ýurduny olara
tabşyrdy. Atasy ölenden soň, her biri öz welaýatyna baryp,
raýata gözegçilik edip başladylar.
Mogol han we Tatar han köp ýyllar ýolbaşçylyk we
serdarlyk etdiler. Olaryň neslinden hem köp kişiier hanlyk
we beglik etdiler.
Enşalla, her birisi öz ýerinde beýan ediler.
Elgaraz, Tatar hanyň nesiinden sekiz kişi hanlyk we
serdarlyk edendir. Olaryň atlary şudur: Tatar han, Buga
han, Belenje han, Asly han, Astyr han, Ordu han, Babdu
han we Dukum han.
Aýratynam Babdu han berk handy. Soltanlyk döwründe
köp leşger we goşun bilen Mogol hanyň üstüne geldi. 01
iki hanyň arasynda agyr uruş ýüze çykdy. Köp kişiler
gyryldy. Şol sebäpden häzir hem Mogol kowumy tatar
bilen agzaladyr. Mogol han neberesinden hem dokuz adam
häkimlik tagtynda oturandyr. Olaryň ikinjisi Mogol handyr.
Alanja han hökümet işini we hanlygy Mogol hana tabşyranda
ol köp ýyllar soltanlyk tagtynda omaşyp, halk onuň döwründe
parahatçylykda ýaşady. Hüdaýtagala oňa dört ogul bagyşlady:
Gara han, Düz han, Gez han, Oz han1. Haçanda Mogol
han geçegçi jahandan baky äleme göç edende uly ogly
Gara han soltanlygyň möhüm işlerini ýerine ýetirmäge we
äleme gözegçilik etm äge başlady. Haçanda Gara han
Türküstan ýurtlarynda mirasdar bolup, soltanlyk tagtynda
omaşanda, Yznak we Kerdag sebitlerinde, Garagurum atly
ýerde özi üçin ýaýlag we gyşlag tutundy. Mogol han
döwründe tamamy mogollar kapyrlyk we güm ralyk ýoluna
düşdüler.
1 Başga çeşmelerde Düýp Ýawkuý görnüşinde bem duş gelýär.
8. Sargyt Xc37S. Oguuiama
113
OGUZ HANYŇ DÜNÝÄ INMEGINIŇ BEÝANY
Gara hanyň uly aýalyndan bir ogly boldy. Görki aýgünden artykdy. Üç gije-gündiz enesini emmedi. Her gije
oglan enesiniň düýşüne girip: «Ene, musulman bol. Eger
bolmasaň, ölsem ölerin, emma seniň emjegiňi emmen*
diýip aýdýaedy. Enesi ogluna dözmän, Taňrynyň birligine
iman getirdi. Ondan soň oglan emjegini emdi. Enesi gören
düýşüni we m usulman bolanyny hiç kime aýtm ady.
Ýygşyrdy. Sebäbi türkm en halky Ýafesden tä Alynja han
zam anyna çenli m usulm andylar. Alynja han patyşa
bolanyndan soň, halkyň başy we maly köp boldy. Döwlete
birikdiler. Taňryny unutdylar we bar il kapyr bolduiar.
Gara han zamanynda kapyrlykda örän berkdiler. Eger bir
kişi oglunyň musuiman bolanyny eşitse ogluny öldürerdL
01 zamanda mogolyň düzgüni boýunça oglan bir ýaşyna
ýetmese oňa at goýmazdylar. Oglan bir ýaşyna ýetdi.
Gara han il çagyryp, uly toý etdi. Toý güni oglany märekä
getirip, Gara han beglerine «Biziň oglumyz bir ýaşyna
ýetdi. Indi muňa at goýar siz» diýdi. Begler jogap bermezden
öň oglan aýtdy: «Meniň adym Oguzdyr*. Beýt:
01 oglan diýdi bir ýaşynda bu söz:
«Meniň adymy goýuň sizler Oguz».
Oşol bir ýaşly oglan anda rowan
Gelip dile diýdi: — Biliňler aýan
Adymdyr Oguz Hysrowy namwer
Biliňler ýakyn barça ähli hüner.
Toýa gelen uly-kiçi barysy oglanyň bu sözüne geň
galdylar.
— Bu oglanyň özi öz adyny aýdýar. Mundan ýagşy
at bolarmy — diýip, adyny Oguz goýdular. Ýenede aýtdylar:
— Bir ýaşly oglanyň şunuň ýaly söz sözlänini hiç
zamanda eşiden we gören ýokdur — diýip, ony yrym edip
aýtdylar:
114
— Bu uzak ömürli we uly döwletli we ujy uzan, ýany
ýaýylan bolar.
Oguzyň dili çykanda hemişe «Alla, Alla» diýip, aýdardy.
Ony her kim eşitse: «Oglan bolýar, dili öwrülmän näme
aýdaryny bilmän dur» diýýärdiler. Sebäbi «Alla» sözi
arapçadyr. Mogolnyň hiç biri arap dilini eşiden däldi.
Oguzy Hudaýtagala eneden doganda weli (Hudaýa ýakyn,
keramatly) ýaradypdy. Hemişe onuň köňlüne we diline
özüniň adyny salyp durardy.
Haçanda Oguz ýigit ýetişende, Gara han inisi Kör
hanyň gyzyny alyp berdi. Oguz hiç kim ýokka gyza aýtdy:
— Alemi, seni we bizi ýaradan bar. Onufi ady Alladyr.
Ony bar bil we bir bilgil. Onuň buýranyndan özge işi
etmegil.
Emma gyz ony kabul etmedi. Şol zaman ony kowdy.
Şeýlelikde, gyzdan aýry ýatdy. Gijeler başga ýatyp, gündiz
sözleşmezdi. Birnäçe wagtdan soň Gara hana aýtdylar:
— Ogluňyz aýalyny söýmeýär, söýmezlikden alan
gününden bäri bile ýatmaýar.
Gara han bu sözi eşidenden soň, inisi Gyr hanyň
gyzyny alyp berdi. Oňa hem iman arz etdi. 01 kabul
etmedi. Onuň bilen hem bir ýerde ýatmady.
Bu wakadan birnäçe ýyl ötenden soň, Oguz han awa
çykyp gaýdyp gelýärdi. Görse suwuň ýakasynda birnäçe
aýallar kir ýuwup durlar. Gara hanyň inisiniň gyzy, Or
hanyň gyzy hem bularyň içinde bardy. Gyza kişi iberip,
çagyrtdy. Syrym äşgär bolar gorkusy bilen, çete çagyryp
hiç kime aýtmazlyga ant içirdi. Ant içenden soň aýtdy:
— Atam maňa iki gyz alyp berdi. Olary söýmänimiň
sebäbi, men musulman, olar kapyr. Hemäçe musulman
boluň diýdim, kabul etmediler. Eger sen musulman bolsaň,
seni alardym — diýdi.
Onda gyz aýtdy:
— Sen haýsy ýolda bolsaň, men hem şol ýolda bolaýjm.
Ondan soň Oguz han atasyna aýtdy. Atasy Or hanyň
115
gyzyny uly toý tutup, Oguza alyp berdi. 01 gyz musulman
boldy. Oguz ony köp söýerdi. Mundan köp ýyllar ötdi. Bir
gün Oguz uzak ýere awa gitdi. Gara han barça aýallaryn
we geiinlerin çagyryp aş berdi. Sözleşip otyrkalar aýalyndan
sorady:
— Oguz soňky alan aýalyny söýýär we öňki alan iki
aýalynyň ýanyna baranok. Munuň sebäbi nämedir?
Aýal aýtdy:
— Men bilmedim. Gelinier ýagşyrak bilerler.
Han gelinlerinden sorady. Uly gelni aýtdy:
— Ogluňyz musulman bolupdyr. Bu ikimize musulman
bol diýdi. Kabul etmedik. Kiçi gelniňiz musulman boldy,
Onuň üçin ogluňyz ony köp söýýär.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Oguznama - 07
  • Parts
  • Oguznama - 01
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1877
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 02
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1740
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 03
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1745
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 04
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1790
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 05
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1865
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 06
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1811
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1708
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 08
    Total number of words is 4065
    Total number of unique words is 1703
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 09
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 1685
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 10
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1571
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 11
    Total number of words is 183
    Total number of unique words is 160
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.