Latin

Oguznama - 04

Total number of words is 3633
Total number of unique words is 1790
31.0 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
50.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
olara hyzmat etdL Ahyry perzentleri Pars welaýatyna baryp, ol ýurdy eýelediler. Salgurylar atlandyrylýan Pars
atabegleriniň hemmesi onuň neslindendirler. Ýene bir emir
ady......* muň kişi bilen Köneürgenç sebitlerinde Jeýhundan aňry tarapdaky bar bolan ýurtlary Ieýelediler]. Gutlug
beg, Garan beg we Garaman beg onuň neslindendirler.
Rum türkmenleri bolan Garaman we Asraf dek heniz hem
onuň perzentleri ol ýerde hökümdardyrlar. Haçanda Togrul Seljugy Ruma baranda, ýigrimi müň türkmen onuň
bilen bilediler. 01 gaýdanda, olar ol ýerde mekan tutdular.
Emirleri we ýolbaşçylary kynyk neslinden Arslan soltandy.
Dogrusyny AUatagala bilýändir we hemme oňa dolanmalydyr.
Bu kitaby Salar Baba bin Gulaly Salar Harydary dokuz
ýiiz altm yş üçünji (m iladyda 1 5 55 -56) ýylyň dört
tirkeşikleriň birin ji aýynda ýazandyr.
1 Golýazmada boş ýer goýulyprfyr.
56
OGUZNAMA
Pariž şäherinde saklanýan nusga
57
(I)1
l 2. Şeýle bolsun diýdi. Onuň durky şeýle:
(öküziň suraty çekilen)
2. Şundan soň şatlyga miýesser boldy.
3. Bir gün Aý han arzuwyna ýetdi.
4. Onuň bir ogly boldy.
5. Bu oglanyň ýüz keşbi gökdi.
6. Agzy ol dek gyzyl, gözleri ala* saçlary, gaşlary
7. garady. 01 hüýr-perilerden hem
8. Owadandy. Bu oglan
9. Enesiniň owuz süýdüni bir gezek emipt ondan
artyk
(2 )
10. enesini emmedi. Çig et, aş, meý sorady,
11. dil çykyp başlady. Kyrk günden soň
12. ulaldy, ýöredi, oýnady. Onuň aýaklary öküziň
aýaklary dek,
13. bili böriň bili dek, kebzesi samyryň kebzesi dek,
döşi
14. aýyň döşi ýalydy. Bütin bedenini tüý basypdy.
15. 01 ýyikylary ýykdy,
1 Ýaýyň içine alnan (l),(2 ),(3 )....... sanlar «Oguznamanyň* asyJ
nusgasyndaky sahypa sanyny görkezýär.
* Her bir setiriň başyynda goýian 1,2,3......sanlar «Oguznamanyň»
asyl nusgasyndaky setir sanyny görkezýär.
58
16. at münüp aw awlap başlady.
17. Günler geçip, gijeler ötüp,
(3)
18. ol ýigit boldy. 01 wagt, ol
19. ýerde bir giň ýaýla bardy,
20. Onda hem köp derýa-suwlar bardy.
21. Bu ýerde köp ýabany haýwanlar bardy, guşlar
uçuşyp ýördiler.
22. Bu ýaýlada äpet bir uly kyýat bardy.
23. 01 mal-gara we halkyň janyna howply bolup
24. örän wagşy haýwandy. 01 il*güne azap
25. baryny berýärdi. Oguz Han bir
26. batyr adamdy. 01 bu kyýaty awlamakçy boldy.
27. Günleriň birinde ol awa çykdy.
(4)
28. Naýza, ok-ýaý alyp, ýene gylyç, galkan alyp,
29. atlandy. Bir öküz awlady. 01 bu öküzi
30. söwüt agajyň çybygy bilen agaja baglap gitdi.
31. Ertesi daň atanda gelip
32. görse, kyýat öküzi alyp
33. gidipdir. 01 ýene bir aýyny awlap,
34. ony altyn guşagy bilen agaja baglap goýup gitdi.
35. Ertesi daň atanda
36. gelip görse, kyýat aýyny hem alyp gidipdir.
(5)
37. 01 agajyň düýbünde oturdy.
38. Kyýat gelip başyny Oguzyň galkanyna urdy.
59
39. Oguz naýzasyny kyýatyň başyna urdy» ony
40. öJdürdi, gylyç bileti başyny kesdi. Ony alyp gitdi,
41. 01 ýene dolanyp gelip görse, bir laçyn kyýatnyň
iç-J)agryny
42. iýip duran ekeni, ol laçyny ok-ýaý
43. bilen öldürdi, onuň başyny kesdi. Ondan
44. soň ol: ^Serediň, bu laçynyň şekili şu bolar
(Bir guşyň şekli çekilen).
45. Kyýat bugany iýdi. Aýyny iýdi, ol demir ýaiy gaty
liem
(6 )
46. bolsa-da naýzam iň soňy ony öldürdi.
47. Laçyn kyýaty iýdi, ol şema) dek tiz bolsa-da,
48. ok-ýaýym ony öldürdi» diýip, gitdi. Kyýatyň şekili
49. şu bolar. (Kyýatyň şekli çekilen). Bir gün
50. Oguz han bir ýerde Taňra çokunýan wagty, daştöwerek *
51. garaňkylaşyp, a3mandan bir
52. gök şöhle düşdi. 01 günden nurlurak,
53. aýdan şöhleliräkdi.
54. Oguz han onuň ýanyna baryp seretse,
(7)
55. bu şöhläniň içinde bir gyz
56. ýeke özi oturan ekeni.
57. 01 owadan bir gyzdy. Onuň başynda köz dek
58. ýaldyrap duran meňi bardy.
59. 01 gyz şeýle bir gözeldi,
60. 01 gülse. Taňry gülerdi,
61. 01 aglasa, Taňry aglardy. Oguz han
60
62. ony göreninden bütin bedeni titräp huşundan gitdi.
63. Oňa aşyk boldy* ony aldy.
(8 )
64. Onuň bilen ýatdy, arzuwyna ýetdi.
65. Oi gyz hamyla boldy. Günler geçip, gijeler ötüp,
66. ondan üç ogul dogdy.
67. Ulusyna Gün diýip,
68. ortanjysyna Aý diýip, kiçisine
69. Ýyldyz diýip at goýdy. Bir gün
70. Oguz han awa çykdy.
71. Bir köl arasynda alnynda bir
72. agaç gördi. Bu agajyň köweginde,
(9)
73. bir gyz ýeke özi otyrdy.
74. 01 örän owadan gyzdy, onuň
75. gözi asmandan hem gök,
76. saçy ýagşyň suwy dek,
77. dişleri hünji ýalydy. 01 şeýle bir
78. owadan ekenl. Kim ony görse,
79. «Ah, ah, öler biz* diýerier ekeni.
80. Oguz han
81. ony göreninden huşundan gitdi, ýüregine
(10)
82. ot düşdi, aşyk boldy, ony aldy, onuft bilen bile
ýatdy,
83. arzuwyna ýetdi. 01 gyz hamyla boldy.
61
84. Günler geçip, gijeler ötüp,
85. ol üç ogul dogurdy.
86. Ulusyna Köl,
87. ortanjysyna Dag,
88. kiçisine Deňiz diýip at goýdy.
89. Şundan soň, Oguz han uly toý
90. tutdý. Il-jemagaty çagyrdy.
91. Olar gelip gatnaşdy. Kyrk oturgyç,
92. kyrk seki ýasatdy.
93. Adamlar dürli naz-nygmatlar iýdiler,
94. dürli meý-şeraplar içdiler. Toýdan soň,
95. Oguz han beglere we halka
96. ýüzlenip şeýle diýdi: #
97. «Men size boldum han, alalyň
98. ýaý bilen galkan; tagma bolsun bize buýan,
99. gök böri hem uran;
(12)
100. demir naýzalar bolsun tokaý, aw ýerde
101. gulan bolsun, hem aksyn derýa we ýagyş,
102. gün tug bolsun,
103. asman çadyr». Ondan soň, Oguz
104. han daş-töwerege ýarlyg çykardy. Perman ýazyp
105. ilçilerden iberdi. Bu permanda şeýle dlýiiýär:
106. «Men türkmenleriň hanyt
107. men bütin jahanyň hany
108. bolmalydyryn. Men siziň maňa boýun bolmagyňyzy
(13)
109. isleýärin. Kim meniň agzyma
110. baksa, men oňa sowgat berip,
62
1J1. onuň bilen dost bolaryn.
112. Kim agzyma bakmasa, gazap bilen
113. leşger çekip,
114. ony özüme duşman tutaryn.
115. Leşgerlerim hemme ýerde sizi ýok ederler*.
116. Şol wagt sag tarapda
117. Aýyn han diýen bir han bar eken. Bu
(14)
118. Aýyn han Oguz hana ilçi iberip,
119. köp altyn-kümüş,
120. köp ýakut, merjenler sowgat iberip,
121. Oguz hana baş egendigini bildirdi. Oguz han
122. onuň ýagşy begleri bilen dostluk etdi.
123. Aýyn han bilen dost boldy.
124. Çep tarapda Urum (Rum) diýen
125. bir han bar ekeni. Bu hanyň
126. leşgerleri we şäherleri köp ekeni.
(15)
127. Bu Urum hany Oguz
128. hanyň ýarlygyny kabul
129. etmedi, ony hormatlap alyp barmady
130. «bu sözlere göwnüm ýetenok* diýip ýariyga boýun
egmedi.
131. Muňa Oguz hanyň
132. gazaby gelip, onuň üstüne esger ýygnap başlady,
133. tuglaryny göterip, esgerleriniň başyny tutup
atlandy,
134. kyrk günden soň, Muzdag diýen
135. dagyň aýagyna baryp ýetdi.
63
( 16)
136. Çadyr dikip, üýşmek bolup ýatdylar
137. Daň atanda, Oguz hanyň
138. çadyryna gün dek bir şdhle düşdi.
139. 01 şohläniň içinden gök
140. tüýli, gök ýally uly
141. bir erkek böri çykdy. Bu böri Oguz
142. hana şeýle diýdi:
143. «Heýt Oguz» sen
144. ýaýia esger çykarsaft,
(17)
145. men seniň öňüftde ýol başlap giderin.*
146. Şundan soň, Oguz han
147. çadyrlaryny ýygnap, atlandy.
148. Seretse, leşgeriniň öňünde
149. gök tüýli, gök ýally,
150. uly bir erkek böri
151. ýol başlap gidip barýar, şeýlelikde,
152. olar böriniň yzyndan
153. hatarlanyşyp gitdiler.
(1 8 )
154. Birnäçe günden soňr gök
155. tüýli, gök ýally bu uly
156. erkek böri ýoida durdy. Oguz leşgerleri hem
157. ýollaryny togtatdylar. Bu ýerde Itil
158. diýen bir derýa bardy. Itil derýasynyň
159. guýýan ýerinde, gara dagyň eteginde
160. uruş boldy.
64
161. Iki goşun arasynda örän
162. gazaply uruş boldy. Uruş
(19)
163. il-jemagatyň köňlüne köp gaýgy
164. saldy. Uruş şeýle bir gazaply boldy welin,
165. Itil derýasynyň suwy
166. gyp-gyzyl reňke boýaldy.
167. Oguz han ýeňdit
168. Urum hany gaçdy. Oguz han
169. Urum hanyň hanlygyny aldy,
170. il-jemagaty özüne garaşly etdi, köp jansyz
171. we janly oljalar Oguz hanynyň
( 20 )
172. ordasyna geçdi. Urum hanynyň bir
173. garyndaşy bardy. Onuň ady Urus begdi.
174. Urus beg ogluna
175. dag başynda ýerleşen, daş-töweregi
176. çuň garym bilen aýlanylan
177. şäherini gorap saklamagy tabşyrdy. Hem-de ogluna:
178. «Şäheri goramagyň gerek. Sen uruş başlandan
179. soň hem şäheri maňa gorap bermeli* diýdi.
180. Oguz han şol şähere atlandy.
( 21)
181. Urus begiň ogly Oguz hana
182. köp altyn-kümüş iberdi,
183. hem-de: «Eý, sen meniň hanymsyň!
5. Sargyt M37S. Ogutnaraa
65
184. Atam bu şäheri maňa berdi hem-de:
185. «Şäheri goramagyň gerek, uruş başlandan soň
186. şäheri goramagyň gerek» diýdi,
187. Eger atam ynjyly bolup galsa,
188. meniň halym nähili bolar?
189. Men seniň ýarlygyňy kabul etmäge taýýar.
(22)
190. Biziň bagtymyz, senift
191. bagtyň, biziň urugymyz,
192. seniň daragtyň urugyndan bolsun.
193. Taňry saňa
194. bütin zemini beripdir. Meniň başym we
195. bagtym saňa baglydyr. Men saňa
196. sowgat berip, dostlukdan ýüz öwürmerin* diýdi.
197. Oguz han ýigidiň sözüni
198. ýagşy görüp, şatlanyp güldi.
(23 )
199. Hem-de; «Maňa köp altyn hödürlediň,
200. şäheri ýagşy saklapsyň» diýdi.
201. Şonuň üçin oňa «Saklap» diýip at goýdy,
202. onuň bilen dost boldy. Şundan soň Oguz han
203. leşgerleri bilen Itil derýasyna geldi.
204. Itil derýasy uly bir derýady.
205. Oguz han ony görüp aýtdy:
206. «Itiliň suwundan nähili geçeris?* Leşgerler içinde
207. Ulus Orda beg diýen bir ýagşy beg bardy.
66
(24)
208. 01 ukyply we akylly adam ekeni.
209. 01 beg derýa boýunda köp agaçlaryň duranlygyny
210. gördi. Şeýlelik bilen ol beg ...* ol agaçlary ...
211. kesdi. Olary suwuň üstünde ýüzdürip, özleri
onuň üstüne münüp, Itil derýasyndan geçdiler.
212. Oguz han şatlanyp gülüp, aýtdy:
213. «Eý, sen bu ýerde bol, beg,
214. gypjak saňa at bolsun».
215. Olar ýene-de öz ýollaryny dowam etdiler.
216. Şundan soň, Oguz han ýene-de gök tüýlek,
( 25 )
217. gök ýally erkek börini gördi.
218. Bu gök böri Oguz hana aýtdy:
219. «Oguz, indi leşgeriňe baş bolup bu ýerden gozgan.
220. Sen il-jemagata we beglere baş bolup git,
221. men saňa ýol görkezerin».
222. Daň atanda, Oguz han erkek
223. böriniň leşgerleriniň öňünden
224. ýol görkezip gidip barýanyny görüp şatlandy
225. hem-de öz ýörişini dowam etdi.
( 26 )
226. Oguz han bir gyr tenli aýgyr ata
227. mündi. 01 bu aýşyryny örän
228. ýagşy görýärdi. Yolda bu aýgyr at gözden
229. ýitdi. Bu ýerde uly bir dag bardy.
230. Onufi üstünde buz doňaklyklary bardy.
* Köp nokat goýlan ýerler golýazmada Öçüpdir.
67
231. Onuii depesinde ap-ak garlar bar ekeni.
232. Şonuň üçin bu dagyň ady Buzdag.
233. diýip atlandyrylýardy. Oguz hanyň aty
234. Buzdagyň içine girip gitdi.
(27)
235. Şonuň üçin Oguz han köp azap çekdi.
236. Leşgerleriň içinde daýaw we batyr bir är bardy,
237. ol hiç zatdan gorkmaýan batyr adamdy,
238. uruşlarda synagdan geçip, taplanan adamdy.
239. Bu adam daglara girdi.
240. Dokuz günden soň, Oguz hana
241. aýgyr atyny getirdi. Buzdag
242. örän sowuk bolany üçin bu begiň bütin üst-başyny
243. gar, buz gaplapdy.
(28 )
244. Oguz han buýsanç bilen gülüp diýdi:
245. «Eý, sen, beglere bolgun başlyk.
246. Hemişelik at bolsun saňa Garluk (karluk)». Hem-de
247. oňa köp gymmatbaha zatlar sowgat berdi. Ýene
ýola rowana boldy.
248. 01 ýolda uly bir öý gördi,
249. bu öýüň tam y altyndan, tüýnügi kümüşden,
250. gapysy demirden ýasalan ekeni.
251. Gapysy gulplanan bolup, açary ýok ekeni.
252. Leşgerleriň içinde bir çeper ussa bardy.
( 29 )
253. Onuň. ady Temürdä Kagul ekeni.254. Oguz oňa:
«Sen, bu ýerde gal,
68
255. gapyny aç, gapyny açanyňdan soň
256. orda gel» diýip höküm etdi. Hem-de oňa
«Galaç»
diýip at goýdy.
257. Ýene ýoluny dowam etdi. Bir gün gök tüýlek,
258. ýally erkek börl ýene ýoly togtatdy.
259. Oguz han hem durdy. Çadyrlaryny dikdi.
260. Bu ekin ekilmedik giň, düzlik bir ýer bolup, ol
261. Çürçit diýip atlandyrylýardy.
(3 0 )
262. Onuň halky köp, ýerleri giňdi.
263. Bu ýerde ýylkylar, öküz-göleler, altyn-kümüş,
264. gymmatbaha daşlary köpdi. Çürçit han
265. we onuň halky Oguz hana garşylyk görkezdi.
266. Uruş başlandy. Iki tarap ok atyp, gylyçlaşyp
267. uruş etdiler. Oguz han Çürçit
268. hanyny ýeňdi. Onuň başyny
269. alyp öldürdi. Çürçitiň halkyny
270. öz tarapyna çekdi. Uruşdan soň
(31)
271. Oguz hanyň leşgerleirine, nökerierine we
272. halkyna şeýle bir köp olja düşdi,
273. ony ýüklemäge onça at, gatyr, öküz
274. azlyk edýärdi. Oguz hanyň
275. leşgerleriniň içinde eli çeper bir adam bolup,
276. onuň ady Barmaklug Jusun Biliig ekeni.
277. Bu çeper adam bir uiy araba ýasady. Arabaň
üstüne
278. jansyz oljalary ýükledi, arabanyň öňüne
279. janly «oljaIaryny* goşdy, olara arabalary çekdirtdi.
69
( 32 )
280. Nökerler, halk muny görüp
281. haýran galdy. Olar hem araba ýasadylar.
282. Uly araba ýörände «kaňga, kaňga* diýen owaz
çykarýardy,
283. Şunluk'bilen oňa «Kaňga» diýip
284. at goýdular. Oguz han kaňgalary görüp,
285. güldi, şeýle diýdi: «Kaňga bilen jansyz oljany
286. janly olja sürdüren sen.
287. Arabany ýatdan çykarmazlyk üçin Kaňgalug
288. saňa at bolsun* diýip ýöräp gitdi.
(33)
289. Ondan soň Oguz han ýene gök tüýlek, gök ýally
290. erkek böri bilen Sindu, Taňgut,
291. Şagam etraplaryna ýörüş edip bardy.
292. Köp uruş we çaknyşyklardan soň,
293. bu ýerleri basyp aldy hem-de ol ýerleri öz
döwletiniň meýdanyna goşdy.
294. Unutmalyň,
295. günorta tarapda Balkan diýen
296. ýeriň bardygyny bilmek gerek. 01 ýer
297. köp oljaly we yssy ýer ekeni.
(34)
298. 01 ýerde haýwanlar we guşlar köp ekeni.
299. Altyn, kümüş, baýlyk köp ekeni.
300. 01 ýerdäki halklaryň ýüzleri gap-gara ekeni.
301. Hanynyň ady Masar han ekeni.
302. Oguz han şu ýere atlandy.
70
303. Örän gazaply uruş boldy.
304. Oguz han ýeňdi. Masar han gaçdy.
305. Oguz han bu ýeri basyp aldy. Onuň dostlary
306. begendiler, duşmanlary köp gaýga
307. batdylar. Oguz han ol ýeňişden soň,
308. sansyz baýlyklara we mala-gara eýe bolup
309. öz iline gaýtdy.
310. Unutmalyň,
311. kişilere bellik bolsun, Oguz hanyň
312. ýanynda ak sakgally, ak saçly,
313. ukyply bir garry adam bardy.
314. 01 sowatly we düýş ýorujy wezirdi,
315. Onuň ady Ulug Törük ekeni.
(35)
316. Günleriň birinde ol düýşünde
317. bir altyn ýaý bilen üç kümüş ok gördi.
318. Bu altyn ýaý gündogardan tä günbatara çenli
dartylan
319. ekeni. Üç kümüş okunyň ujy
320. demirgazygy görkezip durdy.
321. Oguz hana aýdyp, şeýle diýdi:
323. «Eý, hanym,
324. saňa uzak ömür ýar bolsun!
325. Eý, hanym, seniň hökümetiňe adalat ýar bolsun,
326. Gök Taňry düýşümde maňa berdi yşarat,
327. basyp alan ýerleri uruga
328. bölüp bersin diýip>. Oguz han Ulug
329. Törügiň sözlerine düşünip, örän şat boldy. Nesihat
330. sorady. Maslahat boýunça-da etdi.
331. Ertesi daň atanda, ogullaryny
332. çagyryp aýtdy: «Eý (ogullarym)!
333. Meniň köňlüm aw isleýär, garranym üçin
71
334. aw etmäge ýagdaýym ýok. Gün,
335. Aý, Ýyldyz üçüňiz gundogar tarapa baryň.
336. Gök, Dag, Deňiz üçüňiz günbatar
337. tarapa baryň*. Şeýlelikde,
338. üçüsi gündogar tarapa,
339. beýleki üçüsi günbatar tarapa gitdiler. Gün, Aý,
340. Ýyldyz köp haýwan we guşlary awladylar hem341. ýoldan bir altyn ýaýy tapdylar.
342. Ony atalaryna berdiler.
(36)
343. Oguz han şatlandy hem-de
344. altyn ýaýy üç bölege böldi we diýdi:
345. «Eý, agalar, bu ýaý siziňki bolsun,
346. dogry atyň»,
347. Ýene şondan soň Gök, Dag,
348. we Deňiz köp haýwan we guşlary awlanlaryndan
349. ýoldan üç kümüş ok tapdylar hem-de
350. ony atasyna berdiler.
351. Oguz han şatlandy,
352. hem-de oklary üçe bölüp berdi, diýdi:
353. «Eý, iniler, bu oklar siziňki bolsun,
354. ýaý oky atýar. Siz hem ok ýaly
355. (ýaýa boýun boluň)». Şundan soň, Oguz han
356. uly gurultaý çagyrdy.
357. Nökerlerini, halkyny çagyrtdy. Olar gelip
358. maslahat etdiler. Oguz han
359. uly çadyrda....................*
360.......... (sag tarapynda),
361. kyrk gulaçlyk uzyn bir agaç dikdirtdi.
* Köp nokat goýlan ýerlerde golýazmanyň. asyl nusgasynda öçüpdir.
72
362. Onuň ujuna bir altyn towugy asdyrdy.
363. Onuň düýbüne bir ak goýny baglatdy. Çep
364. tarapynda kyrk gulaçlyk uzyn bir agaç dikdirtdi.
365. Onuň ujuna bir kümüş towugy asdyrdy.
366. Düýbüne bir gara goýny baglatdy.
367. Sag tarapda Bozuklar oturdy,
368. çep tarapda Oçoklar oturdy.
369. Kyrk gije-gündiz toý boldy.
(37)
370. Içdiler, iýdiler, şatlandylar. Şundan soň,
371. Oguz han ogullaryna ýurduny bölüp berdi.
372. Diýdi: «Eý, ogullarym, men köp ýaşadym,
373. köp uruşlary başdan geçirdim. Yaý bilen köp ok
atdym, aýgyr atym büeň
374. köp ýoilar sökdüm. Duşmanlary zar agladyp,
dostlary
375. şat etdim. Gök Taňry ýanyna gitmeli men.
376. Size ýurdy bölüp berýärin*...................................
37 7
37 8
73
OGUZNAMA
G azati şä h erin d e sak lan ý an n usga
74
Halyfat urugly soltan, perişde sypatly han, Isgender
gudratly we Peridun şöwketli, patyşalyk urugynyň ýüze
çykany, han azamatly, belent derejeli we bagtly han ogly
Oguz han Türkmen. Onufl patyşaiyk tagtyny onuft diriiigi
bilen bezesin we onuň adalat we sahylyk nuruny halkyna
ýaýsyn.
Ilähi adiy dadyn daýym eýle,
Seriri soltanatda gaýym eýle.
Bu çarhy çenberi döwr etdiginçä,
Sema seýýarasy seýr etdiginçä.
Wujudy judyny sabyt gadam kyl,
Saha-ýu lutfuny artdyr, kerem kyl.
Jahanyň janydyr janyň jahany,
Bu jümle äiemiň sahypkyrany.
Oguz han Türkmenifl erem şekilli mejlislerinde we
oturylyşyklarynda öten pygamberierifl, Kyýany patyşaiarynyň,
sahypkyran emirleriň, olaryfl öwlatlarynyň, ata-babaiarynyfl
taryhlary barada gürrüň edildi. 01 beýik mertebeli pelek
derejeli hana, geçen taryhy gürrüfller eý görnüp, dogry
pikirli aftyna we älemi eýeleýji hatyryna muny beýan
etmeklik dogry görnüp: «Dünýänifl peýda bolanyndan Adam
atanyfl döreýiş ýagdaýlarynyfl beýany, Haktagaianyfl Adamy
ýaradyp, orunbasarlyk baýdagyny onuň üstünde parlatmak
bilen «Men ýerde bir orunbasar ýaratjakdyryn* haladyny
oňa geýdirip, gözeliik we zynat berşi barada, Adam
döwründen tä biziň şatlykly eýýamymyza çenli ygtybarly
kitaplar düzülendir. Biziň asyrymyzda ýüze çykan wakalary
hem, biziň nesiUerimiz barada hem tä Adam ogly ýer
ýüzünde ýaşaýarka adamlaryň her biri öz gelip çykyşyny
biler ýaly nesilme-nesil ýazylsyn we beýan edilsin. Bu
nu sg a älem ýok b o lýança ý ö relg e bolup, bizden
öwlatlarymyza ýadygär galsyn» diýip, bu kitaby ýazmaklyk
onuň açyk pikirli aňyna we älemi eýeleýji hatyryna dogry
göründi. Şu sebäpden öten wakalardan birnäçe gürrünler
beýan edildi we ýazyldy. Bu kitaby ol jahany alyjy han
«Oguznama» at goýup, atly perzentierine we hökmürowan
doganlaryna şeýle nesihat berdi:

Bizden soň her biriňiz bu ýaramly usuly ama
edinip, bu ýoly ýörelge ediniň. Biziň öwlatlarymyzdan we
siziň perzentleriňizden älem ahyr bolýança jahanda köp
halk, il we ulus peýda bolar. Olar pelek derejeli, hormatly
ata-babalaryny, il we ulusyny bu kitapda beýan edilen
sözlerden anyklap we bilip, öz ýerlerinde we derejelerinde
ornaşyp, öz ülüşlerinden we orunlaryndan çykmagaýlar.
Her bir asly nämälim pes kişiler kezzaplyk ýoly bilen bu
pelek derejeli ata-babaly nesle neşder urmagaý. Biziň
eýýamymyzdan soň biziň her bir öwladymyz nesilme-nesil
bu ygtybarly «Oguznama» sözüne amal edip, öz asyrynda
we döwründe bu beýik derejeli nesil bilen özüni geçenler
bilen birleşdirip, perzentlerini bu görnüşde ugrukdyrsyn.
Şeýle bolsa, bu nebere tä kyýamata çenli düzgün-nyzam
tapyp, bu ýazgy hiç wagtda kesilmez.
' Bu kitap birnäçe bapdan we birnäçe pasyldan ybaratdyr.
Alla ýardam bersin.
76
BIRINJI BAP
ILKINJI ÝARADYLAN ZATLARYŇ BEÝANY
Ilkinji ýaradylanlaryň, bar zatlaryň iň oňadynyň kimligi
mälim boldy. Käbir ynamdar nusgalarda şeýle beýan edilýär.
Bilim we ylymda Medine ilatynda tapawutlanýan Jabyr
Ensary' «yslam peýda bolmazyndan öň ýehudy habarçylary
we hristian alymlary bilen söhbetdeşlik edip, geçen wakalary
diňlärdi. Dürli ýaradylan zatlary ň beýanyny geçen
ymamlardan eşiderdi. Göwni hiç birinde karar tapmazdy.
H açan d a M u h am m et p y g am b eriň re s u lly k gü n eşi
gözýetim den doganda, Jab y r ol ahyrky pygam beriň
mejlislerinde orun tapdy. Şeýle gürrüň edilýär, ýagny bir
gün Jabyr aýtdy:
— Eý, Resulalla, Hudaýtagalanyň ilkinji ýaradyş
haladyny geýdiren zady nämedi?
01 Hezret enaýat nazary bilen şeýle diýdi:
— Seniň pygamberiň nurudyr, eý, Jabyr.
Bu söz hem örtügli galmasyn, ýagny käbirleri bu
barada dürli pikirieri aýdýarlar. Sebäbi döreýiş barada dürli
hadyslar peýda bolandyr. Pygamberden - oňa we onuň
maşgalasyna salawat we salam bolsun - şeýle hadyslar
getirýärler, ýagny «Allatagalanyň ilkinji ýaradany meniň
nurumdyr. Allatagalanyň ilkinji ýaradan zady galamdyr.
Allatagalanyň ilkinji ýaradan zady akyidyr*. Kitabyň eýesi
hadyslardan täsin manyly iki hadysy tertipländir. Pygambere
Allatagalanyň salamy we salawaty bolsun: «AllatagaIanyň
1 Jabyr Ensaiy • Muhammet pygamberiň ýaranlarynyň biri.
77
ilkinji ýaradan zady lowhdyr1. Allatagalanyň ilkinji ýaradan
zady ruhdur*. Alymlar bu hadysläryň manysyny şeýle
beýan edýärler, ýagny bularyň manysy bir jöwherdir. 01
jöwher hem pygamberimiziň päk nurudyr. Garaz. başlangyjy
taýýarlamakda HudaýtagalaMuhammet pygamberiň nuruny beýiklik bilen bezedi. 01
jöwheri iki. bölege böldi. Birinji bölegine nur, ikinji bölegine
nar (ot) diýdiler. Birinji bölekden beýik perişdeler, ýyldyzlar,
asman gatlary, pygamberleriň, resullaryň, welileriň, päkleriň
we bagtyýarlaryň ruhlary ýaradyldy. Ikinji böleginden
pesleriň, jynlaryň, olaryň öwlatlarynyň we beýleki pes
jynsly zatlaryň ruhlary ýaradyldy. Bu gurrüňden mälim
bolşuna görä, Allatagaladan başga zatlar Hezreti resulyň
nurunyň üsti bilen ýokluk öýünden barlyk meýdançasyna
geldiler. Şeýlede, '♦Eger sen bolmadyk bolsaň, pelekleri
ýaratmazdym» diýen söz bu manyny goldaýar. Şeýlelik-de,
pygamberiň mukaddes we päk barlygy ähli barlyklaryň iň
ýagşysydyr.
Muňa ýazyjynyň pikiri hem şeýle, ýagny barlyk bezegi
bilen bezelen ilkinji zat Hezreti pygamberiň päk nurudyr.
Allatagala dogrusyny bilýändir.
ABUL JAN HEKAÝATY
Olara şerigatyň dili bilen jyn hem diýýärler. Aliatagala
aýtdy: «biz jynlary ondan öň gyzgyn otdan ýaratdyk*.
Ibn Apbas - Allatagala ondan razy bolsun - şeýle
rowaýat edýär: «Abul Janyň ady Sumasdyr «Jan* onuň
lakamydyr» Käbir nusgalarda oňa Tarnus hem diýýärler.
Onuň öwlatlary we nebereleri giň älemde we ýer ýüzünde
köpeldi. Onsoň Haktagala olara bir şerigat buýrup, öz
tagatyna emr etdi. Tarnusyň öwlatlary we toparlary onuň
1 Lowh • kagyz, ýazylýan tagta; bu ýerde arşda ýerleşen ýazgytlar
kitaby göz öňünde tutulýar.
78
şerigatyny kabul edip, durmuş güzeranyny geçirýärdiler.
Berklik döwri ýok bolandan softra bozgaklyk, gümraiyk
we tekepbirlik edip başiadylar. Hezreti Allatagaia oi taýpany
jebiriere we heiäkçilige giriftar eýledi. 01 kowumyň ybadat
ýodasynda dogry ýöreýän ejizlerini Haktagala aman goýdy.
Bu taýpada Julýanus diýen biri bardy. Ony olara häkim
eýledi we täze şerigat emr etdi. Ýene bir döwür ötenden
soň, olar ýene-de tagat etmän başladylar. Onsoň Taňrydan
bu jemagatyň ýok bolmagyna höküm edildi. Olaryň neslinden
tagat ýodasyndan dogry ýöreýänligi sebäpli aman galanlardan
Balka diýen birini ölara häkim belledi. Haçan-da üçünji
döwür tamamlananda ylym we bilim bezegi bilen bezelen
Hamus diýen birini ol kowuma häkim etdi. 01 ömrüniň
ahyryna çenli ýagşylygy ündemek, ýamanlykdan saklamak
we şerigat hökümlerini berjaý etmek bilen meşgullandy.
Haçanda ol älemleriň eýesiniň dergähine göç edenden soň
beni el Janyň şerçileri gadyrbilmezlik edip, gümralyga
başladylar. Allatagaia olara resul iberip, nesihat we wagyz
bilen ol kowumy dogry ýola çagyrdy. Gümralyk ukusyndan
oýanmadylar. Dördünji döwür, ýagny Beni el Jan (Benijan)
kowumy tamamlananda Ilähi höküm täzelendi. Perişdeler
taýpasyny ol kowuma musailat edip, asmandan inderdi.
Perişdeler Beni el Jan kowumy bilen söweş edip, ol
kowumuň köpüsini gyrdylar. Beni el Jan kowumunyň käbiri
adalara we harabaiara pytradylar. Olaryň kämillik ýaşyna
ýetmedik käbirlerini perişdeler ýesir etdiler. Iblis hem ol
saparda ýesir boiupdy. 01 perişdeler bilen asmana göterilip,
önüp-ösüp, gün-günden aňy-düşünjesi artyp, perişdelere
tälim bermek mertebesine mynasyp boldy. «Mütekeiiimil
et Taýyfyň* eýesi (awtory) şeýle beýan edýär: dblisiň
wagyz-ündew mejlisi päk arşda ýaýrady. Ýakutdan münbere
çykyp, ylym nurundan onuň başyna goýdular. Çendan
perişdeler onuň wagzyna üýşerdiler welin, olaryň sanyny
Syrlary bilijiden özge hiç kim bilmezdi. Iblisiň ybadatyndan
köp ýyl geçdi.
79
Beni el Jan köp döwrüft geçmegi bilen adalardan we
harabalardan çykyp, jemlenişip, ýer ýüzüne eýe bolup, Hudaýy
tanamak ybadatyndan daş düşdüler. Ylham beriji ol kowumy
dogry ýola saimaklyk üçin Iblise ýüzlendi. 01 kabul edip,
bir topar perişde bilen asmandan ýere düşdüler. Beni el
JanyA bir topary ofta eýerip, birnäçe topary topalaft we
bozgaklyk £dip, Iblisiň çagyryşyna gelmediler. Azazyl oi
kowumdan bir ýagşy kişini ilçilik üçin ol taýpanyň häkiminiň
ýanyna iberdi. Beni el Jan kowumy örän topalaňlyk we
gorkusyzlyk bilen ol ilçä şehitlik şerbetini içirdiler. Ahyry
Azazyl we perişdeler topary ol kowum bilen uruş we söweş
edip ol kowumy gyryp ugrady. Gylyçdan sypanlary älem
yklymlaryna dargadylar. Ondan soň Iblis garaşsyz hökümet
we ýolbaşçy bolup, döwlet we soltanlyk baýdagyny parladyp:
«Menden gaýry hiç kim ýok* dawasyna başlady. Halyflyk
işine özünden özge bir kişini hem mynasyp biimezdi.
Ulumsylyk, tekepbirlik we diňe özüni bilmekiik bilen kä ýer
ýüzünde bolardy, kä asmana çykardy. Köp wagtlar aýratyn
mejlisinde gümra ediji şeýtany bezegleriniň we nebsi
hyýaliarynyň üsti bilen artykiygyndan deliller getirip, bozgak
nebsini äşgär ederdi. Bir gün bir topar perişdeler lowhul
mahfuza1 baryp, görüp, dolanyp gelenlerinden soň, olaryň
maňlaýlaryndan many habaryny aňyp, ol ýagdaýlary soraglady.
Perişdeler jogap berdüer:
— Bu gün lowha nazar salyndy. Tiz wagtda, ýakynlarda
biri Hudaýyň dergähinde ebedi lagnata giriftar bolar. Onuň
üçin her birimiz işimiziň ahyryndan pikire batýarys. Haýyş
edýäris, mähribanlyk eýiäp, goraýjylar şasy hiç birimizi bu
bela giriftar we bu wehime duçar etmez ýaiy doga ediň.
Iblis aýtdy:
— Bu pikirden howsala düşmäň we göwniperişan
boimaň. Bu wakanyň size we bize degişliligi ýokdur. Men
näçe ýyldan bäri bu ýagdaýdan habardardyryn. Hiç kime
ýagdaýy aýan eýlemez men.
1 Ýazgytlar kitaby.
80
Iblis tekepbirlikden we ulumsylykdan perişdeleriň sözüne
üns bermedi. Ybadata we tabynlyga maýyl boldy. Şeýlelikde,
ebedi günäkärlige we baky betbagtçylyga duçar boldy.
Ondan Alla gorasyn.
Bu wagtda «Biz ýerde haiyfa ýaratjakdyrys» owazy
älem üzre ýaýrady we Adamyň halyflygynyň depreginiň
sesi älemde uruldy. Bu habaryň eşidilmeginden şeýtanyň
kalbynda güýçli şek we güman peýda bolup, özüne buýsanyp
aýtdy:
— 01 kim toprakdan ýaradylyp, bizden artyklyk eýlär?
01 garaňky, hapa toprakdan ýaradylandyr. Biz ot nurundan
peýda bolandyrys. Hemişe nur garaňkylykdan üstündir.
Perişdeler hem ynsany işleri Beni el Jan pygyllarynabarabar hasaplap, bu manydan äga däldiler. Olar aýdardylar:
— Biz saňa tesbyh aýdýarkak we seni mukaddesleýarkäk, sen oi ýerde bozgakçylyk etjegi we gan dökjegi
ýaratjakmy?
Syrlary biliji Hezret gadymy ylmy biien bilerdi. Emma
perişdeler Adamyň patyşalyk syrlarynyň saklanýan we Ylahy
kämillik sypatlarynyň ýüze çykýan ýeriniň boljakdygyny
bilmeýärdiler. Hezreti Haktagala perişdelere jogap berdi:
— Men siziň bilmeýän zatlaryňyzy biiýärin.
Perişdeler bu jogaby eşidenden soň, öz gapyllyklaryndan
oýanyp, ötünç gadamyny ileri goýdular. Ýalkow dileýjilik
ýoluny ýörelge edindiler. Iblis heniz hem şeýle ýagdaýda,
inkär we ykrar etmezlik ýolunda göni durdy.
S Sarg/t AK37S Oguznama
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Oguznama - 05
  • Parts
  • Oguznama - 01
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1877
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 02
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1740
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 03
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1745
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 04
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1790
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 05
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1865
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 06
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1811
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1708
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 08
    Total number of words is 4065
    Total number of unique words is 1703
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 09
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 1685
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 10
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1571
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 11
    Total number of words is 183
    Total number of unique words is 160
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.