Latin

Oguznama - 05

Total number of words is 3855
Total number of unique words is 1865
27.7 of words are in the 2000 most common words
40.2 of words are in the 5000 most common words
46.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.

81
IKINJI BAP
ADAM ALAÝHYSSALAMYŇ BEÝANY
Haktagala halyflyk baýdagyny galdyrmak bilen Adamyft
kaddy-kamatyna «Biz ýerde halyfa ýaratjakdyrys* haladyny
geýdirmegi erada etdi. Jebraýyl Emine emr etdi:
Dürli reňkler bilen reňklenen, dürli sypatlar bilen
sypatlanan bir gysym topragy ýer ýüzünden getirip, gudrat
howlusyna we keramat penjiresine ýetir.
Jebraýyl beýik eýämiziň emri bilen derrew asman
gatlaryndan Ýer ýüzüne düşüp: «Bir gysym toprak alaýyn»
diýdi. Bu hadysanyn haýbatyndan Ýeriň böleklerinde
(teninde) uly titreme peýda bolup, Jebraýyldan hakykat
ýagdaýy sorady. Jebraýyl aýtdy:
— Hezreti Yzzat senden bir kişini ýaradypt onuň
başyny halyflyk täji bilen zyýada, kamatyny keramat lybasy
bilen buýsançly edip, bezeg we gözellik bermek islär.
Ýer aýtdy:
— Eý, Jebraýyl, Allatagala gorasyn, ýagny bu sözüňden
pena dileýän, bir gysym topragy menden alma. Beni el
Jan dek menden hem bir topar dörär. Günäkärlik we
gümralyk ýoluna sereder we ýörelge ediner. Şol sebäpli
azaba we jebre duçar bolar.
Jebraýyl Ýeriň biçäreligine we ýalbarşyna rehim edipt
dolanyp. ýagdaýy arz etdi.
Ýagşylyklary ýaradyjy Hezreti Yzzat Mikaýyly bu
möhüme emr etdi. Mikaýyl asmandan Ýere düşüp: «Bir
gysym toprak alaýyn* diýdi. Ýer öňküsi ýaly harlyk we
82
pesgöwünlilik bilen arz eýledi. Mikaýyl hem Ýeriii ýagdaýyny
syrlary büiji we görüji Hezrete arz eýledi. Taftrytagala bu
möhümi Ezraýyla emr etdi. Ezraýyl pelekleriň üstünden
Ýer ýüzüne düşüp, Taňrytagalanyň emrini ýerine ýetirmäge
girişdi. Ýer ýene Hudaýtagala pena eýledi. Ezraýyl aýtdy:
— Perwerdigäre tagat etmek saňa rehim etmekden
beýigräkdir.
Soň ol tamam Ýer ýüzünden bir gysym dürli reňkli
topragy jemläp, onuň böleklerini biri-birine gardy we Mekge
we Taýyf arasynda goýdy. Bu sebäpden Adam oglunyň
reňkiniň we sypatynyň gapma-garşylygy, onuň aslyndandyr.
Ezraýyl ol topragy göterip Perwerdigäriň dergähine
getirdi. Haktagala ondan sorady:
— Ýer bu gezek hem meniň päk adyma pena getirdimi
ýa-da ýok?!
Ezraýyl aýtdy:
— Ýer saňa hernäçe pena getirse-de men seniň
permanyňy wajyp görüp, onuň ýagdaýyna rehim etmedim.
Haktagala emr etdi:
— Sen ölüm perişdeligine bellenildiň. Adam oglunyň
ruhlaryny almaklygy seniň gudral eliňe goýdum.
Ezraýyl bu emre aňyny ýitirip, ötünçler diläp aýtdy:
— Adam ogullarynyň neberelerinift arasynda
pygamberler, kalby saplar peýda bolarlar. Şeksiz bu sebäpden
meni duşman bilerler.
Haktagala emr etdi:
— Men Adam ogluna çendan kesel we hassalyk bererin
welin, kesel we hassalyk bilen saňa duşmançylykdan bizar
bolarlar.
Elkyssa, ol gysym toprak Mekge we Taýyf arasynda
karar tapyp, köp ýyllar enaýat buludy rehmet ýagmyryny
ol topraga ýagdyryp, Serpaý beriji Hezret gudrat eli bilen
päk topragy Adam alaýhyssalamy ýaratmak üçin hamyr
eýledi. Hezreti Adamyň galyby kyrk ýyl Mekge we Taýyf
arasynda durupdy. Perişdeler oňa güzer edip, aýdardylar:
83
— Bu halyflyk emri tabşyrylan kişidir.
Bir gün Iblis perişdeier bilen çiglik mertebeli1 galyba
güzer etdi we Adam alaýhyssalamyft garnyna elini goýdy.
Onuft galybyndan owaz peýda boldy. Iblis aýtdy:
— Bu şahs köwekdir (içi boşdur), berklik bolmaz.
Garyn (nebis) belasyna giriftar bolar.
Iblis äzüne buýsanyp aýtdy:
— Eger Taftrytagala Adamy menden artyk etse, men
oňa tabynlyk eýlemerin. Eger men ofta üstün bolmasam
ony heläk etmek üçin yhlas we tagalla ederin.
Perişdelerden sorady:
— Eger Adam ýaradalyp, sizden artyk eýlese, oňa
tabynlyk edersiftizmi ýa-da maňa eýerermisiňiz?!
Perişdeler jogap berdiler:
— Biz her haçan Hudaýtagala ony bizden artyk eýlese,
tabynlyk şertlerini we ylalaşyk ýörelgesini berjaý ederis.
Haçanda dünýäniň beýik ýaradylany berkleşip, haýyr
bagyşlaýjydan dem almaga başlanda bagtyýarlyk güneşinift
nurlary artykmaçlyk we enaýat bilen dogmagyndan
lowurdady. Beden köşgüne dirilikden röwşenlik berdi. Matlap
we maksat açarlary onuň eline goýuldy. Arzuw we umyt
agaçlary kuwwatly aýasyna tabşyryldy. Mukaddes ruh päk
Hezretift permanyna görä Jebraýylyft ýoldaşlygy bilen
Adamyň galybyna girmäge ýüz goýdy. Ruh özüniň nepis
nurana we Adam galybynyň hapa garaňkydygyny göreninde,
ol Ýere düşmekden boýun gaçyrdy. Eýeleriň eýelerinden
«Halamasa-da giriz, islemese-de çykar» diýen owaz geldi.
Ilkibaşda ruhuň Adam galybyna girmegi baş tarapyndan
peýda boldy. Soň ruh hezreti Adamyň tamamy agzalaryna
aýlandy. Şeýle ýagdaýda Adam asgyryp turup, «Älemlerift
eýesine öwgi bolsun* diýip, dili bilen Taftra beren nygmaty
üçin şükür etdi. Enaýat bilen *AHatagala rehim etsin*
diýen jogap eşitdi. Adamyft jesedine ruh aşyr aýynyft
onunda juma gününde girdi. Münejjimler «01 wagt ol
1 Guran. bişirilmedik şykgy, toýun palçyk.
84
jeddi ýyldyzlar toplumynyň derejesindedi. Wenera ol ýyldyzlar
toplumynda täze dogandy. Mars, Wenera, Aý Eset ýyldyzlar
toplumyndady. Gün, Merkuriý, Sünbüle we Zöhre
Mizandady* diýýärler. Käbirleri «Adamyft şekili ýasalanda
hemme ýyldyzlar şeref toplumyndady* diýýärler.
Adam alaýhyssalam daşky gözellige we kämil manylara
bezelen wagty beýik perişdelere kämil sypatly barlyga
tagzym we sejde etmeklik tabşyryldy. Ähli perişdeler
tabynlyk gadamyny öfte goýup, misginlik maftlaýyny ýere
goýdular. Difte Iblis «Boýun towlady, tekepbirlik etdi we
kapyrlardan boldy*. Behişde girmek gadagan edilip, ebedi
näletlendi. Taftrynyft dergähinden kowuldy.
Sejdeýi mährap gaşyna kim baş goýmasa,
Ger melek bolsa ýakyn merdud olur.
Dogry habarlarda şeýle getirýärler. Ýagny, Adam
behiştde karar tapdy. Onuft köňli bir mähriban hemdeme
we bir ýary mähreme maýyl boldy. Hudaýtagala uky
soitanyny Adamyň barlyk şäherine eýe etdi we çep ýanyndan
Howany peýda eýledi. Adam habarly bolmady. Haçanda
oýananda Howanyň gün görküne gözi düşüp sorady:
— Ne kişi sen we bu ýerde ne işleýärsiň?!
Howa aýtdy:
— Men seniň bölekleriňden bir bölekdirin. Hudaýtagala
saňa dost-hemdem bolmagym üçin ýaradyp, jübütlige belledi.
Bu sözden Adam hoşal bolup, şükür sejdelerini ýerine
ýetirdi. Hudaýtagalanyň permany bilen otara nika baglanyldy.
Eigaraz Adam we Howa «Eý, Adam, sen taýyň bilen
jennetde mesgen tut» esasyna görä jennet howlusynda
karar tapdylar. «Belli edilen agajyň miwesinden başga*
tamam behişt nygmatlary olara rowa boldy. Şeýlelikde,
Allatagala «01 ýerde islän ýeriňizden iýiň we şu daragta
golaýlaşmaň. Golaýlaşsaňyz «siz zalymlardan bolarsyňyz*
diýip buýurdy.
85
Alymlaryň arasynda iýilmegi gadagan edilen agaç
miwesiniň haýsy agaçdygy barasynda gapma-garşylyk bardyr.
Meşhury, tanymaly we olaryň köpüsiniň ylalaşýany bugdaý
agajydyr. Hudaýtagala ony iýmegi gadagan etdi.
Habarlarda şeýle getirýärler, ýagny haçanda şatlyk
bagy we behişt Adam we Howa tabşyrylanda we şeýtan
ebedi nälete duçar bolup, behişde girmek gadagan edilende,
ol perişdeleriň arasyndan gyra çykdy. Ýüze çykan bu
ýagdaý sebäpli ol melgunyň näpäk kaibynda göriplik peýda
bolupdy. 01 hemişe «Bir alaç edip, behişde girip, Adamy
ol ýerden mahrum bolup, özge menzile ugrar ýaiy bir zat
bilen gümra edeýin* - diýen pikirde bolardy.
Şoi sebäpli tawusyň ýanyna gelip, haýyş etdi:
— Näçe wagtdan bäri seniň bilen muhabbetimiz we
tanyşlygymyz berk bolup dur. Haýyş edýän, maňa ýol
berseň, behişde girip, ol gadymy duşmanymy bir ýol bilen
bu ýerden çykaryp, arymy alsam.
Tawus bu işden özüni saklap, ony ýylanyň üstüne
iberdi. Iblis tawusyň yşaraty bilen ýylanyň ýanyna geldi.
Waswaslyk ýoly bilen dostluk we tanyşlyk edip, wakany
beýan eýledi. Şeýtanyň owsuny ýylana täsir etdi. Agzyndan.
jaý berip, behişde girizdi. Gözegçiler bu ýagdaýdan habarsyz
boldular. Iblis Adam we Howa gaşyna baryp, aglap we
ýyglap başlady. Olar Iblisi tanamadylar we soradylar:
— Ne sebäpden aglar sen?
Aýtdy:
— Men siziň ahyryňyza aglar men. Sizi Hudaýtagala
bu bossandan çykaryp, jennet nygmatlaryny algaý.
Iblis bu sözleri aýtdy. Bu hekaýatlary Adam we Howa
eşidip, gaýgy-gama batdylar. Ýene Şeýtan Adam we
Howanyň ýanyna gelip aýtdy:
— Eger siz meniň sözüme ynam etseňiz, size bir
agajy görkezeýin. Eger ol agajyň miwesinden biraz iýseňiz,
hemişe baky bolup, ölüm we ýokluk size ýol tapmaz. «Eý,
Adam, ol bakylyk daragtydyr we tükeniksiz hazynadyr*.
86
Adam aýtdy:
— 01 agaç haýsydyr?
Iblis gadagan edilen agaja yşarat etdi. Adam ol
«nesihatçynyň» sözüni kabul etmedi. Iblis kasam edip
aýtdy:
— Men şony size maslahat berijidirin.
Iblis Adam bilen hoşlaşyp, Howanyň ýanyna baryp,
şeýle bir waswas etdi welin, Howa onuň waswasyna aldandy.
Ýylan onuň sözüniň dogrulygyna şaýatlyk etdi. Howa
Adamyň ýanyna gelip aýtdy:
— Eý, Adam, ýylan jennet garawullaryndan we dogry
sözlülerden biridir. 01 ynamdara güwälik berýär. Bu sözde
hiç erbet niýetlilik ýokdur. Dogrusy şeýle: ýagny, ol agaçdan
iýeýin. Birden maňa bir zyýan peýda bolsa, sen ýalkow
talap edersiň. Haçanda bu agajyň miwesinden maňa bir
nogsan peýda bolmasa, onda sen hem iýgin hem-de bakylyk
ýurdy we ebedi nygmat bize hemişelik galsyn.
Elgaraz, Howa biraz ol agaç miwesinden iýdi. Heniz
ol miwe Adamyň aşgazanynda karar tapmanka behişt eşikleri,
olaryň bedeninden dökülip, ýalaňaç boldular. Adam we
Howa masgara bolup, her ýana gaçardylar. Şol wagt «Bizden
gaçyp barýaňmy» diýip, owaz geldl. Adam «Sizden häýa
edip, ýagny öz günämden saňa masgara bolup gaçýaryn*
diýip, jogap berdi. Ahyry injir ýapragy bilen uýat ýerlerini
örtdüler. Hezreti Taňrydan owaz geldi:
— Eýt Adam, behişdiň jaýy päkdir. Bu ýeriň dergähinden
dar dünýä çykyň.
Elgaraz, Adam Howanyň elinden tutup, salamatlyk
kenaryndan melamatlyk girdabyna ýüz goýdular. Şatlyk
gülşeninden gam ojagyna çykdylar. Nygmat gülzary mähnet
tikenine öwrüldi. Muhabbet beýikliginden mähnet pesligine
düşdi. Ýakynlyk mertebesinden sergezdanlyk çölüne geldi.
«Biz olara birek-biregiňize duşman bolup [ýere] düşüň
diýdik* owazy ýetişdi.
Adam, Howa, ýylan, tawus we şeýtan jennet bagyndan
87
harlyk menziline düşdi. Meşhur rowaýat şudur, ýagny
Adam Serendip dagyna, Howa Jiddä, Ibliş Hindistana,
ýylan Yspyhana, tawus Kabula düşdi. Dogry gürrüň şudur,
ýagny Adam bir halta bugdaý we otuz sany agaç miwesini
behiştden özi bilen alyp çykdy. Gara daşy we behişt
agajyndan bir gysym kagyzy göterdi. Jebraýyl Emin
asmandan inip, oňa ekin-dikin ekmegi, un etmek we nan
bişirmegi öwretdi.
Ibn Apbasdan şeýle gürrüň aýdylýar, ýagny Adam ol
jahanyň gününde öýle wagtyndan gün batýança behiştde
boldy. Käbirleri şeýle diýýärler, ýagny bu jahanyň bäş ýüz
ýyly ol jahanyň ikindi wagtyndan gün batýança bolar.
Adam muşakgatly dünýä we Howadan aýralyga duçar
bolandan soň kyrk gije-gündiz tagam iýmedi. Üç ýüz ýyl
aglap, ötünç we ýalkow diläp, şeýle diýýärdi:

Senden başga Taňry ýokdur. Sen päksiň we saňa
öwgi aýdýarys. Eý, Hudaýym, men bir ýaramaz iş etdim
we özüme zulum etdim. Meniň günämi bagyşla we tobamy
kabul et. Elbetde, sen tobaiary kabul ediji we rehimdarsyň.
Senden başga Hudaý ýokdur. Sen päksiň we saňa öwgi
aýdýarys. Men bir ýaman iş etdim we özüme zulum
etdim. Meniň günämi öt. Elbetde sen günäleri bagyşlaýjy
we rehimdarsyň. Senden başga Taňry ýokdur. Sen päksiň
we saňa öwgi aýdýarys. Men bir ýaramaz iş etdim we
özüme zulum etdim. Maňa rehim et. Sen rehimdarlaryňam
rehimdarysyň!
Adam bu sözleri aýdandan soň, Jebraýyl Emin günäsiniň
ötüleniniň we ýalkow edileniniň buşlugyny getirdi. Ondan
soň Adam şatlandy, mähneti rahata öwrüldi. Ýalkow
edilendiginiň hoş habaryna garamazdan aýbynyň utanjyndan
we melamatdan azajygam boş däldi. Eger günä bagyşlansa
masgaralyk bar. Şeýie ýagdaýda beýikligi beýgelmiş
Taňrydan Käbäni bina etmeklik owazy gelip ýetdi. Adam
alaýhyssalam Serendip dagyndan Jebraýyl bilen bilelikde
Mekgäni bina etmeklige gadam goýdular. Adam bir terlik
88
bagyşlaýjy bolup, onuň aýak basan her bir ýeri. ülkesi
abadan boldy. Mekgäniň ýerine barandan soň, Jebraýylyň
pähimi beýieki perişdeleriň ýardamy bilen Käbe öýünin
esasyny goýdy. Özi bilen behiştden getiren gara daşyny ol
öýüň ýanynda goýdy. Ymarat tamam bolandan soň,
Jebraýyldan gara daşa togap etmegi öwrenip, zyýarat etmegi
berjaý etdi. Jebraýylyň yşaraty bilen Arafat dagyna çykyp,
Howany tapmaga tagalla etdi. Howa ol ýerde Adama
sataşdy. Köp ýyllap aýralyk çölünde we mähnet güneşinde
köýüp, Howanyň ýüz keşbiniň özgerendigi sebäpli biribirini tanamadylar. Jebraýyl tanyşdyrdy. Adam we Howa
söhbetdeşlik hormaty bilen gaýnap joşdy. 01 ýer Arafat
dagy atlandyryldy. Ondan soň Ýaradandan rugsat diläp,
Serendibe meýil etdiler. Jebraýyl Taňrynyň wesýetlerini
olara ýetirip, Serendipde Adam bilen hoşlaşdy. Adam biien
Howanyň aýraiyk mähneti birleşik rahatlygyna öwrülip,
güzeranlaryny parahatlyk bilen geçirerdiler. Käte Hindi
welaýatynda, käte arap diýarynda bolardylar. 01 wagtda
Adam we Howadan başga dünýäde hiç kim ýokdy. Haçanda
Adam öwlady we neberesi ýer ýüzünde köpelenden soň
älemde ýerleri we ülkeleri abadanlaşdyrmaklyk peýda boldy.
Şeýle gürrüň ediiýär, ýagny Adamyň kaddy-kamaty uzyndy.
Başy ýerden asmana ýeterdi. Perişdeler bilen sözleşýärdi.
Hudaýtagala Jebraýyly iberdi. Ýerden özge zat Adam
kaddyndan ýüz gez beýgeldi.
Dogry gürrüň şudur, ýagny bu jahan kyýamat wagtyna
çenli dokuz müň ýyldyr. Käbirleri ýedi müň ýyi diýýärler.
Tersalar1 Injilden getirip: «Adam alaýhyssalam wagtyndan
Hezreti pygambere çenli bäş müň dokuz ýüz ýetmiş ýyl
bolandyr» diýýärier.
Abdylla bin Apbas şeýle rowaýat edýär, ýagny Adam
alaýhyssaiam wagtyndan Nuh alaýhyssalama çenli iki müň
iki ýüz elli ýyldyr. Jöhitler Töwratdan gürrüň edip, «Adam
alaýhyssalam wagtyndan pygamber alaýhyssalamyň göçen
] Tersalar - hristianlar. haçparazlar.
89
wagtyna çenii dört müň ýyl üç aý boldy* diýýärler. Nuh
alaýhyssaiamyň tupanyndan Ybraýym alaýhyssalama çenli
bäş ýüz altmyş bäş ýyldyr. Musa alaýhyssalam wagtyndan
Beýtil Mukaddesi bina eden Süleýman bin Dawuda çenli
bäş ýüz otuz alty ýyldyr. Süleýman wagtyndan Zülkarneýne
çenli ýedi ýüz on ýedi ýyldyr. Zülkarneýnden Isa
alaýhyşsalama çenli bäş ýüz elli bir ýyidyr. Hezreti Isa
wepatyndan biziň pygamberimize çenli hiç bir pygamber
döremedi.
Allatagala dogrusyny bilýändir.
Allatagala aýtdy, «01ara Adam alaýhyssalamyň iki
oglunyň habaryny aýt. 01 ikisi gurban etdiler. Biriniňki
kabul edildi, beýlekisiniňki kabul bolmady*.
Rowaýatçylar şeýle diýýärler, ýagny Howa her gezek
göwreli bolanynda, bir ogul we bir gyz dogulardy.
Howadan dünýä inen ilkinji perzent Kabyl bolup, onuň
ekiz taýynyň ady Yklymady. Ikinji ogul Habyi bolup,
onuň ekiz taýynyň ady Liýuzady. Haçanda olar kämillik
ýaşyna ýetenlerinde Adam alaýhyssalam Taňrytagalanyň
permany bilen Liýuzany Kabyla bermäge we Yklymany
Habyla nikalap bermäge ygtyýar etdi. Kabyl bu hökümden
boýun towlap aýtdy:
— Meniň ekiz taýym Yklyma owadandyr. Ony men
özüm alaryn.
Adam aýtdy:
— Bu barada Taňry hökümi peýda boldy. Jebraýyl
habar getirdi. Men öz ygtyýarymda däl.
Kabyla.nesihat kär etmedi. Ahyrynda Adam «Gurbanlyk
ediň. Haýsy biriňiziň gurbanlygyňyz kabul bolsa, Yklyma
oňky bolsun» diýip, höküm etdi. Gurbanlyk ediş ýagdaýlary
şeýledi, ýagny ol wagtda iki duşman biri-biri bilen
dawalaşsalar gurbanlyk ederdiler. Her kimiň gurbanlygy
kabul bolsa. asmandan ak ot gelip, ol gurbanlyk eden
kişini atyrlandyrardy (yslandyrardy). Ondan soň ol gurbanlyk
edilen zady özüne öwrüp, ondan hiç zat goýmazdy,
90
Eigaraz, Adam gurbanlyk etmäge görkezme berdi. 01
iki dogan hem bu söze kaýyl boldy. Habyi baýlyga eýedi.
01 aýratyn goýunlaryndan bir goýny gurbanlyk üçin öldürdi.
Kabyl daýhanlyk ederdi. 01 bir desse bugdaý getirdi. Ikisi
hem gurbanlyklaryny dagyň üstüne çykaryp goýdy. Hezreti
Adamyň dogasy bilen asmandan bir ot gelip, ilki Kabylyň
gurbanlygyny atyrlandyrdy we oňa hiç zat etmedi. Ondan
soň Habylyň gurbanlygyna baryp, ondan hiç bir yz goýmady.
Bu ýagdaýa Kabylyň gahary gelip, Habyly öldürmegi
ýüregine düwýär. Şol pursatda Adam Beýtil-Mukaddese
zyýarat etmäge ugrady. Kabyl wagty ganymat bilip, Habyly
öldürmekçi bolýar. Habyl goýun bakyp ýören ýerinde uka
gidipdi. Kabyl şeýtanyň tälimi bilen bir daşy göterip, Habyiyň
başyna urdy welin, tä kyýamata çenli oýanmaz boldy. Bu
uiy günä we bedgatdan durmuş we halk arasynda nähak
gan dökmeklik ýadygär galdy.
Kabyl Habyly öidürenden soň, ony näme etmelidigini
bilmedi. Müddet kyrk günläp, oi barada sergezdan boldy.
Ahyrynda iki garga arasynda duşmançylyk düşüp, öldüriji
öldüreni topraga depn eýiedi. Kabyl ol ýagdaýy görüp
aýtdy:
— Eý, waý, eý, men şu garga ýaly hem bolup bilmedim.
Soň Habyiyň jesedini topraga gömdi. Adam alaýhyssalam
haj dessuryny berjaý edip dolananda älemi şeýle ýagdaýda
gördi. Zulmat we zulum jahana ýaýrap, agaçlaryň ýapragy
saralyp, şirin miweler turşy, suwlar ajy bolup, ýerler bisapa
bolupdy. 01 ýagdaýdan Adam älemde bir uly wakanyň
peýda bolandygyny pähm etdi. Haçanda menzilleri geçip,
watanyna ýetişende Kabyl Adamyň hyzmatyna geldi. Ondan
♦Habyl nirede?> - diýip sorady. Kabyl jogap berdi:
— Men näme onuň wekili ýa-da goragçysymy, ony
menden soraýarsyň. Habylyň goýunlary meniň ekinlerimi
ýok edendir. Onuň üçin häzir näçe günden bäri gorkup,
ýok bolupdyr.
Adam aiaýhyssalam bu sözden soň Habylyň ýok
91
bolandygyny bildi. Eziz perzendinift ölendigi üçin köp nalalarpyganlar çekdi. Şygyr:
Ýurtlar-u ondaky zatlar üýtgedi,
Ýer ýüzi ýaramaz üýtgedijidir.
Adam Habylyň matam we ýasyndan soň, Kabyla nalet
etdi. Ondan soň Kabyl Adam ogullarynyň arasyndan gidip,
daglyga çykyp, daş bilen keýik urup wagtyny geçirerdi. 01
sebäpli ýabany janawerler adamy ýigrendi. Köp taryhy
kitaplarda şeýle ýazylypdyr: Kabyl Adam we Howadan
aýrylyp Ýemen topragynda mekan tutup, otparazlygy ygtyýar
etdi. Otparaz boimaklygynyň sebäbi budur, ýagny bir gün
şeýtan Kabyla aýtdy:
— Habylyň gurbanlygynyň näme sebäpden kabul
bolandygyny biieňokmy? Habyl ýekelikde otparazlyk ederdi
we ybadat şertierini ýerine ýetirerdi.
Kabyi şeýtanyň sözüne eýerip, otparazlygy ygtyýar
etdi. Onuň nesli ol ýerlerde örän köp bolup, saz-söhbete,
içişlige, serhoşlyga, zynakärlige we erbetlige baş goýduiar.
Bu günlerdäki otparaz taýpalar Kabylyň nesiinden ýadygär
galdy.
Şeýle gürrüň edilýär, haçanda Kabyi Habyly öidürende
Adam zürýatlaryndan ýüz ýigrimi garyn ekiz çaga dogupdy.
Her garynda bir ogul we bir gyz dogupdy. Adam zürýadyny
iki bölek etdi. Bir bölegini sagda we bir bölegini solda
goýdy. Sagynda goýan toparyna aýtdy:
— Bular jennetdedir.
Soiunda goýan toparyna hem şeýle diýdi:
— Buiar dowzahdadyr.
Hezreti Adamyň ömründen ýüz ýigrimi ýyl geçeninden
soň, ilki bilen Habylyň öiümi peýda boldy. Ondan bäş ýyl
geçeninden soň Allatagala Adama bir ogul keramat etdi.
01 garynda ekiztaýy ýokdy. Jebraýyl gelip aýtdy:
— Eý, Adam* Hudaýtagala saňa bir ogul bagyşlady.
92
Adam alaýhyssalam bu buşlukdan hoşwagt bolup, onuň
ad y n y Şis go ý d y . _ § is_ Y b ra n y 1_.sözi b.olupK...ýagny
Hudaytagalanyň kereminden adam boldy diýmekdir.
Adamyň ömrüniň müddeti müň ýyldy. Adam öz
zürýatlaryna nazar salyp durka, hezreti Dawudyň suraty
göründi. 01 Jebraýyldan sorady. Jebraýyl aýtdy:
— Seniň zürýadyňdan bir kişi peýda bolup, onuň ady
Dawut pygamber bolar. Onuň ömri altmyş ýyl bolar.
Adam kybla dogaýa ýüz getirip aýtdy:
— Ýa Rep, meniň ömrümden kyrk ýaşy Dawudyň
ömrüne goýgul. Şol wagtda Adamyň dogasy kabui bolup,
Dawudyň ömri ýüz ýigpmž2 karar edildi.
Elgarazt Adam ömri dokuz ýüz altmyşa ýetdi. Ezraýyl
öz möhümini ýerine ýetirmek üçin ýanyna geldi. Adam
aýtdy:
— M aňa müň ýyl ömür wada edildi. Heniz kyrk
ýylym bar.
Ezraýyl aýtdy:
— Eýt Adam, sen ömrüňden kyrk ýylyňy Dawuda
bagyşladyn.
Adam bu wadany inkär etdi. Ezraýyl ýagdaýyň beýanyny
derrew Taňra ýetirdi. Oňa «müddeti dolýança Adama azar
berme» diýlip, höküm edildi.
Alymlar bu sözde ylalaşýarlar, ýagny Adam müň ýyl
bu dünýäde boldy. Adam Dawuda eden söwdasyny inkär
edenden soň, oňa Taňrynyň hökümi ýöredi, ýagny «Mundan
soň Adam ogullary hiç kim öz eden sözünden dänip bilmez
ýaly söwda, kazylyk, alyş-çalyş we bagyşlamak işlerini
ýerine ýetirmäge belli adamlary taýýarlasyn».
Adam alaýhyssalamyň ömründen mün ýyl geçende
«Eger olaryň ajaly ýetse, olar bir sagat gijä-de galmaz,
öňürtmezem» hökmüne görä, kaza namazy gutaranda dogry
ýoldaky öwlatlaryny we mertebeli neberelerini jemläp, olara
1 Ybran • gadymy ýewreý.
2 Ýalftyşlyk bilen ýüz ýigrimi ýazylypdyr. Ýuz ýaş bolmaly.
93
rehimli Rahmana tagat etmekligi wesýet etdi. Şeýtana
eýermekligi gadagan etdi. Örän akylly bolan Şis
alaýhyssalamy wesýetçisi we oruntutary etdi. Ony ogullaryna
häkim edip, Adamyň özi ajal sakysyndan hemmäniň içýän
ajal şerbetini noş etdi. Käbirleri şeýle rowaýat edýärler,
ýagny Adamyň gabry Hindistanda Serendipdedir. Käbirleri
bolsa, Mekgede Ýukbys dagyndadyr.
Şeýle diýýärler, ýagny Adam perzentleri kyrk müňe
ýetenden soň bu jahandan göç etdi.şeýle beýan edilendir, ýagny Adam alaýhyssalamyň hakyky
perzendi ýigrimi bir ogul we ýigrimi bir gyzdyr. Howa
Adamdan bir ýyl soň wepat boldy.
ŞIS ALAÝHYSSALAMYŇ BEÝANY
Şis sözi suriýa sözi bolup, onuň manysy Allanyň
haýbatydyr (beýikligidir). Ýagny Adam Habylyň pyrakynda
köp ahy-nala etdi. Jebraýyl Emin onuň kalbyna teselli
bermek üçin inip aýtdy:
— Hudaýtagala saňa bir päk perzent keramat eder.
01 Adam öwladynyň we nebereleriniň jenaby we hormatlysy
bolar.
Habyl öleninden bäş ýyl geçeninden soň Şis
alaýhyssalam dünýä indi. Onuň owadan keşbi, sapaly
häsiýeti, köp bilimliligi, umumy artykmaçiyklary hezreti
Adama meňzeýärdi. Adam diri wagtynda oňa gije-gündiziň
sagatlaryny tälim berdi. Nuhuň tupanynyň hadysalaryndan
habardar edip aýtdy:
— Meniň öwladymdan bir kişi peýda bolar. Onuň ady
Nuhdyr. Oňa bir hadysa peýda bolar. Eger ol zamanda diri
bolsaň meniň süňklerimi gorap, gark bolup galmakdan
halas bolar ýaly gämä salgyn, bolmasa hem perzentleriňe
goraýyş şertlerini berjaý eder ýaly nesihat we wesýet
etgin.
94
Taňrynyň nurlarynyň şuglasyndan akly kämil we bilimi
artyk bolan Şis köp adam ogullaryna yns we jyn taýpalaryna
üstün we tapawutly bolup, şerigaty Adam ymmatyna
muwapykdy. Haktagala oňa elli sahypalyk kitap inderdi.
Kitaby hikmet we çylşyrymly sungatlar baradady. Ýene
bir hekaýatda oňa ýigrimi dokuz sahypalyk kitap indi
diýilýär.
Şerigat düzgünlerini beýgeltmäge we medrese bina
etmäge başlan ilkinji kişi Şis alaýhyssaiamdy. Onuň
döwründe Adam ogly iki topar boldy. Bir topary oňa
eýerip, ýene bir topary Kabyl ogullarýna birleşip, pyssypujurlyga meşgul boldular. Şis alaýhyssalam olara nesihat
etdi. Käbiri dogry ýola düşüp, käbiri nadanlyk ýolunda
gümra boldy.
Onuň ömründen dokuz ýüz on iki ýyl ötenden soň,
ruh guşy beden kapasyndan arş küňresine uçdy. Anuş atly
bir ogluny oruntutar edip, adamiaryň işleriniň uýanyny
onuň ygtýýarly eline, gudratly goluna tabşyrdy. Anuş
müddet alty ýüz ýyl ömür sürüp, raýatyň gözegçiligine
hereket edip, Adam ogullaryna hökümdar we ygtyýarly
boldy. Ondan soň Anuşyň ogly Kynan adam ogullarynyň
ýolbaşçysy we häkimi boldy. Müddet ýüz ýyl ol möhüm
işi ýerine ýetirdi we ata-babalarynyň ýoluny dogry tutdy,
gyşarmady. Oguznamanyň bir sözi şeýledir, ýagny Anuşyň
ömri dokuz ýüz on iki ýyldyr. Kynan sekiz ýüz dokuz ýyl
ömür sürdi. Ondan soň wepat boldy.
MÜHLÄBILIŇ BEÝANY
Mühläbil Kynanyň ogludyr. Atasynyň görkezmesi bilen
adam oglunyň häkimligi oňa karar tapdy. Mühiäbil
eýýamynda älemde halk örän köpeldi. Adam ogullary biribirlerine päsgel-azap berdiler. Şonuň üçin olary älem
yklymlaryna dargatdy. Mühläbiliň özi Şisiň öwlatlary biien
95
Babyl yklymyna baryp, Sus şäherini bina etdi. Ondan öň
älem halky gowaklarda, belent ýerlerde we daglarda mesgen
tutup güzeran geçirerdiler. Muhläbil müddet dokuz ýüz
ýigrimi alty ýyl ömür sürdi. Ondan soň Mühläbiliň ogly
Biru halaýygyň başy boldy. Onuň eýýamynda köp halk
but peýda edip, butparazlygy ygtyýar etdiler. Käbirleri «bu
düzgün Idris alaýhyssalamdan soň halk arasynda peýda
boldy* diýýärler.
AHNUH ESSALAMYŇ BEÝANY
Ady Ahnuhdyr, ýöne Hunuh hem diýýärler. Araplar
Hurmus diýýärler. Hurmus Merkeridir. Peýdaly nygmat,
ýagny bu söz pygamberlige we häkimlige delillik edýär.
Onuň üçin mübärek ady Idris bolupdyr. Haçanda Idris
alaýhyssalam Adam ogullarynyň ýolbaşçysy bolup, hökümet
tagtynda ornaşanda köp kabylalar şeýtanyň hemralygy
bilen dogry ýoldan çykyp, kapyrlyk çölüne düşdüler. Nika
düzgünleri olaryň arasyndan göterildi. Haram işlere baş
goşup, pyssy-pyjurlyga maýyl boldular. Şeýle wagtda
Hudaýtagala Idris alaýhyssalama ilçilik haladyny geýdirip,
ol kowuma iberdi. Hezreti Idris ol taýpa keramatlar görkezdi.
Käbirleri onuň ýol görkezmegi we meýillendirmegi bilen
bagtsyzlyk mekanyndan halas bolup, ýagşylyk we bagtlylyk
menziline ýetişdi. Ýene bir topary bozgaklyk edip, adaty
endikleri bilen kapyrlyklaryny we gümralyklaryny dowam
etdiler. Idrisiň nesihaty olara täsir etmedi. Hekimleriň
taryhynda şeýle beýan edilendir, ýagny Hezreti Idris Adam
ogullaryny 72 topar edip, Perwerdigäriň ybadatyna çagyrdy.
Ýüz sany uly şäheri bina etdi. Her bir yklymda Idris
halaýyklara däp peýda edip, bir düzgüni karar etdi. Adalarda
mekan tutan halk tamam oňa eýerdiler. Dört kişä ýer
ýüzüniň eýeçiliginiň hat habaryny berdi. Olaryň atlary
şudur: Iladis, onuň ogly Lawis, Eslefýus we Emun. Olar
96
o ru n tu ta rly k d e rejesin e o rn a şy p , h alk y hak ýola
ugrukdyrardylar. Hezreti Idris tälim we şerigat bilen her
aýda oraza tutm agy, zekat-mal bermegi özlerine wajyp we
lazym hasapladylar. Ilkinji eline galam tutan kişi Idris
alaýhyssalamdyn Ilkinji oraza tutmagy, zekat-mal bermegi,
aýbaşyda we jynsy gatnaşykda ýuwunmagy ol öwretdi.
Doňuz etini, şir, eşek, it we beýleki haram zatlaryň etini
iýmegi ol gadagan etdi. Halaýyga namaz okamagy emr
etdi. Gurbanlygy hem ol başlady. Münejjimçilik ylmyny ol
açdy. Idris alaýhyssalam örän ybadathondy. Her günde on
iki müň gezek tesbyh aýdardy. Bejäk perişdeler onuň
bilen doly gatnaşyk ederdiler. Perişdeler onuň söhbetine
we mejlisine hemişe baryp gelerdiler. Şeýle hekaýat edilýär,
ýagny Idris alaýhyssalam wepat bolanda ýüz ýaşapdy22.
Oňa otuz sahypalyk ýazgy indi. Onuň şerigaty Adama
muwapykdy. Onuň sahypasy asman syrlary, ruhlary boýun
egdirmekligi, gizlin ylymlary, geň-täsin hünärleri we barlyk
tebigatyny bilmekden ybaratdy. 120 ýyl halk arasynda
çagyryş etdi. Adam oglunyň içinde haýwanlaryň derisini
tikip, lybas eden ilkinji kişi Idris alaýhyssalamdyr.
Pygamber alaýhyssalamdan şeýle rowaýat edýärler, ýagny
dört pygamber mursaldyr2: Adam, Şis, Idris we Nuh.
Käbirleri şeýle diýýärler, ýagny hezreti Idris perişdäniň
ýardamy bilen asmana çykdy. Hezreti dilegleri kabul edýänçä
ýüzlendi.3 Ikinji gezek jan berdi. Onuň jany asmanda
alnypdy. Perişdeler oňa jynaza okadylar. Mübärek jesedi
Beýt-el-Magmurda4 goýuldy.
Habarlarda şeýle getirilýär, ýagny hezreti Idrisiň bir
dosty bardy. Hergiz onuň söhbetinden aýrylmazdy. Onuň
hyzm atyndan uzaga gitm ezdi. H ezreti Idris asm ana
1 Bu ýerde «Şis pygamber Ölea w agty Idris ýüz ýaşyndady* ýa-da
«Idris pygamber ölen w agty Nuh ýüz ýaşyndady» diýiljek bolýandyr
diýip çaklaýarys.
2 M ursal - sabypa iberilen pygamber.
5 «Janyny tabşyrdy* manysynda.
4 Dördünji asm anda Kabänin. barabaryndaky bir öý.
7. Sargyt >6375. Oguznama
97
göterilende onuň dosty köp ahy-nala edip, uly howsata
duşdi. Iblis onuň nalasynyň we betbagtçylygynyň sebäbini
sorady. 01 kişi aýtdy:
— Bu ähli ahy-nalam Idrisden aýrylanym sebäpli boldy.
Iblis aýtdy:
— Eger isleseň keşbini görüp köşeşer ýaly, men saňa
Idrisiň suratyny (heýkelini) taýýar edip getireýin.
01 dosty bu söze razylyk berdi. Iblis hezreti Idrisiň
şekilinde surat ýasady. Onuň gadymy ýarany surata seredip,
gam we gaýgydan halas boldy. Suraty ol bende bigänäň
nazary düşmez ýaly, gorap saklardy. Gije-gündiz surata
seredip, gam posuny göwün aýnasyndan arassalardy. Birden
ol kişide bir kesel peýda boldy. Halk birnäçe günden soň,
onuň öýüne gelip, gapyny açyp, onuň janyny Haka
tabşyrandygyny gördüler. Onuň ýanynda bir suraty gördüler.
Haik bu surat hadysasyna geň galdylar. Şol wagtda Iblis
ynsan suratynda bolup aýtdy:
— Bu kişi Idrisiň köne dostlaryndandy. Hiç wagt
onuň söhbetinden aýryimazdy. Onuň bu suratyndan Idrisiň
we bu kişiniň butparazlygy mälim bolýar. Ýeriň hudaýyna
ybadat edip, dogasy kabul bolar eken.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Oguznama - 06
  • Parts
  • Oguznama - 01
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1877
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 02
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1740
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 03
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1745
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 04
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1790
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 05
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1865
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 06
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1811
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1708
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 08
    Total number of words is 4065
    Total number of unique words is 1703
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 09
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 1685
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 10
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1571
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 11
    Total number of words is 183
    Total number of unique words is 160
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.