Latin

Oguznama - 02

Total number of words is 4014
Total number of unique words is 1740
28.9 of words are in the 2000 most common words
39.6 of words are in the 5000 most common words
46.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Alty oglumy Şama iberdim. Olardan ýagşy işler
peýda boldy. Ikinji nobatda üç ogly Pereňe we üç ogly
Ruma iberipdim. Munda hem ýagşy işler etdiler. Siziň
pikiriňiz hem tamam ýagşydy. Olar bilen talaň etmeziik
barada eden şertimizden gyşarmadyiar. 01 sebäpden köňlüm
olardan we sizden hoşaldy. Bildim, olar patyşalyga, siz
boisa emirlige mynasyp ekeniňiz. Şonuň üçin olara altyn
kürsi we size halat berdim.
Bu işleri bir ýüzli edip, ol weiaýatyň doly basylyp
alynmagyna we düzgün-tertibine ýüzienip, Rum, Antakyýa
we Pereň işleriniň berkleşmegi üçin ol ýerde üç ýyllap
mesgen tutdy. 01 welaýatiaryň işini doly düzgün-tertipleşdirip, ondan Dymşyga ýöriş, etdi.
Dogrusyny Allatagaia bilýändir.
OGUZYŇ BARÇA GOŞUNY BILEN DYMŞYGA
BARANYNYŇ BEÝANY
Oguz Rum, Antakyýa we Pereň ýurdunyň düzgüntertibini tamamlady. Soňra Dymşyk welaýatyna ýöriş etdi.
Dymşykylar onuň bilen uruşmagy hyýal etdiler. Oguz asla
ofta üns bermän, Dymşygyň degresinde düşläp, üç günläp
ol ýerde ornaşdy. 01 üç günde asla uruş etdirmedi. Oglanlary diýdiler:
— Näme üçin söweş etmän eglenýärsift?
Olarä şeýle jogap berdi:
— Bu ýerde~Adam alaýhyssalam ýatyr. Men bu jähtden
näme etsemkäm diýip, haýran galyp duryn we söweşmäge
razylyk bermeýärin.
Üç gün boldy. Oguz olara kişi iberip, söweşmäge üns
bermedi. Dymşyk halaýygy Oguzyft gaşyna on eşek ýüki
ýaý bilen ilçi iberdiler. Olar Oguzyft gaşyna gelip, öz
sözlerini aýtdylar. Oguz diýdi:
— Bu gün meniň gaşyma gelipsiftiz. Eger söweş
etmek hyýalyftyz bar bolsa, leşgeriňiz Antakyýa leşgerinden artygrak däidir. Entek biziň leşgerimiz doly gelip
ýetenok. 01 sebäpden garaşyp durduk we size ilçi ibermedik. Indi maslahat şudur. Siz baryp, ulularyftyzy bizift
ýanymyza iberift. Olar gelip, tabyn bolsalar, paç belli edip,
yzyna gaýtararyn. Men Müsüre ýöriş edip, siziň bilen
uruşmak hyýalym ýok. Sizin hem mafta garşylyk edip
biler ýaly kuwwatyftyz ýokdur. Bermeli pajyftyzy ýaýa
karar ederin. Sizden ýaýdan özge hiç zat talap etmerin.
Dymşyk ilçisi bu sözleri eşidip, Dymşyga gelip, Oguzdan eşiden sözlerini Dymşygyft uiularyna beýan etdi. Olara bu söz muwapyk gelip, gulak asyp, niçe meşhur arap
atlary bilen ýüz eşek ýüki ýaý ýükläp, Oguz dergähine
geldiler. Peşgeşlerini tartyp, il bolup, tabynlygy kabul
etdiler. Oguz olaryft ulularynyft göwüftlerini awlap diýdi:
— Bu welaýatyft ýaýlary ajaýyp, ýagşy ýaýlardyr we
olar bize gerekdir. Getiren •ýaýlaryny tamam goşunyna
üleşdirip, her kişä üç ýäý berdi. Uçilere diýdi:
— Häzir biz Müsüre barýarys. Inşa Allatagala ondan
dolananda size paç belläris. Onda hem hatyryňyz hoş
bolar ýaly iş ederis. .
22
01 ýerde bir aý mekan tutup, ondan soň göç edip,
Müsüre ýöriş etdi. Dogrusyny Aliatagala bilýändir.
OGUZYŇ MÜSÜRE ÝÖRIŞ EDENINIŇ BEÝANY
Oguz Dymşygy il edeninden soň, Müsür kasdyna
çykdy. Üç günlük ýol ýörediler. 01 ýerde iki gün mekan
tutup, barça Ieşgerlerine buýruk berdi. Her müň kişini ikiüç gezek gije gaýdyp, gündiz göç edýardiler. Bu usul
bilen halaýygyň gözüne leşgeriň sanyny iki-üç esse köp
görüner ýaly edýärdiler.' Ondan soň Müsüri neneňsi eýelemek barada geňeş geçirdi.
Üç ogluny dokuz müň kişi bilen Munkala iberdi. Bir
ogluny ýene dokuz müň kişi bilen onuň ardyndan iberdi.
Özi uly goşun bilen olardan soň ýola rowana boldy. Özi
atlanjak güni guş atly ilçi iberip, «Munça leşgeri oglanlaryma berip iberdim. Özüm hem uly goşun bilen ýeterin»
diýip, habar iberdi.
Ilçiler gitdiler. 01 şol ýerde mekan tutup, oglanlary
ýola düşdüler. Oguz Dymşyk töwereklerinde gyşlag edip,
aw awlaýardy. Dymşykylar hem Müsüre kişi iberi, «Uruşmak maslahat däldir» diýip, Oguz leşgeriniň -ýagdaýyny
beýan etdiler. Müsür halaiýygyna> bu söz örän täsir etdi.
Oguz oglanlary ýakyn ýetdiler. Müsüriň ulularynyň
barçasy garşylamaga çykyp, peşgeşler getirip, tabyn we
boýun boldular. Oguz oglanlary hem şäher degresinde
oturyp, «Hiç biriňiz olaryň bir kişisine-de zyýan we zeper
ýetirmesin» diýip, höküm etdiler. Emma şäher ilatyna
bolsa «Biz daş ýoldan gelýäris. Üç ýyllyk pajy sowgat
görnüşinde taýýarlap bize beriň. Ýöne her alty aýda şonuň
üçden birini beriňU diýip, höküm etdiler. Bu ýylda Müsürden
üç ýyllyk- maly aldylar. Leşgerlere köp mallar berip, Oguzyň permany bilen yzyna dolandylar. Oguz Dymşykda
ýene bir ýyl galdy. Ondan soň Dymşygyň bermeli pajyny
23
belledi. Soňra Adam alaýhyssalamyň gabry ol ýerdemiş
diýip eşidipT Mekge we Medinä ilçi iberdi we ondan bir
owuç toprak getirmeklerini buýurdy. 01 toprakdan bir
para öz bedenine sürtüp, Allatagala şükür etdi. Oglanlary
bilen erriirlerine diýdi:
— Adam toprakdandy. Ýene topraga birleşdi. Biz
hem topraga öwrüimeiidiris.
Ondan soň Baglbek dagiarynda we sowuk howaly
ýerlerde ýaýlag tutup, diýdi:
— Bu ýazda Bagdada baryp bolmaz. Howa aram
bolandan soň, Bagdada ýöriş ederis.
Tutuş ýaz oi ýerde oturyp, gyş başlanda Bagdada
ýöriş etdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ BAGDADA WE BASRA ÝÖRIŞ EDENINIŇ
BEÝANY
Oguz Bagdada ýöriş etdi. Bagdat halaýygynyň köprägi
il bolupdylar. Diýarbekire gelende, barça Bagdat ululary
garşylap, - Diýarbekirde Oguza görnüş etdiler. Oguz olar
bilen Bagdada gelip, bir aý onda boldy. Barça uluiar onuň
hyzmatyndadylar. Ondan çykyp, tä howa yssy bolýança ol
golaýlarda gyşlag tutdy. Ondan sofl Kürdüstan daglaryna
baryp, onda ýaýlag tutdy. Güýzde Basra tarapyna ýöriş
etdi. Basranyň ilaty hem özge welaýatlar dek tabyn we.ii
bolup, mal we hazyna berdiler. Ondan Huzustana baryp,
ol töwerekleriň barçasyny il etdi. Olar paç tölediler. Ondan Bur daglaryna baryp, ondan hem ötüp, Yspyhanda
düşledi. Yspyhanyň ilaty tabyn bolman garşylyk görkezip,
söweş etmäge doly taýýar we häzir boldular. Oguz on
müň kişini Yspyhanyň degresinde goýup, özi ondan özge
menzilde gondy.
Müddet üç ýyllap, ol welaýatyň daş-töwereklerini ta24
ladylar we çapawulladylar. Üç ýyldan soň barça leşger
Yspyhanda ýyglyp, niçe gije-gündiz Yspyhan leşgeri bilen
söweş etdiler. Yspyhan leşgeriniň ýarysy bir gün urşup,
beýleki ýarysy ýene bir gün uruşýardylar.
Ýedi gün boldy. Uruş etmeklik hiç peýda bermedi.
Oguz işini ugrukdyryjy Garasülük atasy Buýşy hojanyň
gaşyna baryp, oňa diýdi:
— Şeýle bir uly uruşlar boldy. Hiç bir ýol bilen
Yspyhany eýeläp bilmeýäris. Bu babatda bir pikir edip,
bize bir akyl bergin.
Buýşy hoja bu haly eşidip diýdi:
— Diwar bilen uruşmak hiç peýda bermez. Siz okuňyzy
diwara urýarsyňyz. Olar sizi we atlaryňyzy urýarlar.
Gürrüňsiz olaryň urgusy howply geler. Bu işiň çäresi
şudur. Goşunyň ýarysyny ýaşyryp, bir azrak kişi uruşmaga galsyn. Eger olar galadan daşary çykmasalar, baglaryny we öýlerini harap etsinler. Olar çydaman uruşmaga
çykarlar. Olary- görüp, urşup ýören kişiler gizlenip ýatan
leşgerleriň deňinden geçýänçäler gaçsynlar. Ondan soft
yza dönüp, olary ara tutup, bir kişini hem gala gaçyp,
penalanmaga goýmasynlar.
Garasülük bu pikiri gelip, Oguza diýdi. Bu söz oňa
örän makul görnüp, oglanlaryny kyrk müň kişi bilen gizledi. Özi elli müň kişi bilen derwezä çapyp, haraplyga
başlady. Yspyhan leşgeri oňa çydaman, leşgeri hem öňküden
azrak görüp, galanyň işiklerini açyp çykyp, söweş etmäge
meşgul boldular. Oguz leşgeri ýeňlen bolup, gaçyp, bukudakylaryň deňinden geçýänçäler olary özlerine tartýardylar. Olar yza dönüp, bukudakylar hem çykyp, duşmanlary
ara alyp, olardan bir kişini hem gala girmäge goýmadylar.
Barçalaryny öldürdiler. Bu tär bilen Yspyhany eýelediler.
Ondan soň dört ogluny Pars we Kerman tarapyna ugradyp, olary basyp almaga belledi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
25
OGUZYŇ PARS WE KERMANA OGLANLARYNY
IBERENINIŇ BEÝANY
Oguz dörl oglunyň Pars we Kermana baryp, ol ýurdy
eýelemeklerini karar etdi. Ogullary atalarynyň ýarlygy bilen ol diýara ýola dü§düler. Ilki bilen Kermana bardylar.
Yspyhany eýelän çäreleri bilen Kermany hem tutup, köp
talaň we gyrgynçylyklar etdiler. Ondan Parsa geldiler.
iBarçasyndan öň Şirazy tutup, mülki doly eýelemek üçin,
bir ýyl onda mekan tutjdular. Olary tabyn edip, atalaryna
kişi iberip, ol mülki tutandyklary barada habar berdiler.
Oguz buýruk berdi:

01 mülk tabyn bolupdyr. Olary talaman, mal belläp,
üç ýyllyk pajyny alyp, dolansynlar!
Çapar geiip, Oguzyň habaryny olara ýetirdi. Olar Oguz
ne buýran bolsa amal edip, Yspyhana •Oguzyň gaşyna
dolandylar.
Bu hekaýatdan -üç ýyl ötenden soň, Pars we Kermana
•leşger taityp, ony tabyn etdiler. Paç belläp, her ýere bir
häkim belläp, onda oturtdylar. Bu wagtlar Oguz Yspyhanda ýaşaýardy. Oglanlary ol ýeňşi gazanyp, dolanyp gelenlerinden soň Yragy eýelemegl niýet edip, ol ýerleriň ahwallaryny bilip gelmek üçin ilçileri iberdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ YRAK TARAPYNAILÇIIBERENINIŇ
BEÝANY
Beýan edilen patyşalyklar Oguza boýun bolanda, ol
Yragy hem tabyn etmek hyýala1mündi. Iki ýüz kişini ol
ýere baryp, ýagdaýlary bilip, patyşalarynyň nirede durandyklaryny takyklamak üçin iberdi we olara buýurdy:

Eger güýjüňiz ýeter ýaly ýerini alyp bilseňiz, urşup
alyň. Ýöne uly ýerlere hüjüm etmän, yzyňyza dolanyň.
26
01 iki ýüz kişi ugrady. Reýe, Kazwine, Hemedana we
ol welaýatlara ýetdiler. 01 ýurduň adamlary Oguzyň we
leşgeriniň owazasyny eşidipdiler. Aralarynda hiç kişi ölmez
ýaly we welaýatlar harap bolmaz ýaly ol gelmezinden öň
baryp, tabyn bolmakdan özge hiç bir çäräni oňaýly görmediler. Bu pikire gelip, hormat-sylaga mynasyp bolmak üçin,
tölenmeli pajyň möçberini kabul edip, Oguzyň özlerinden
hoşal bolup, yza dolanmagy üçin Oguzyň gaşyna ugradylar.
Olar baryp, Oguza ýetdiler. Bahar pasly düşüpdi. Oguz
olara garşy ýörişe karar edipdi we ýoldady. Olar öňünden
çykyp, tabynlyk we bendeÜk şertlerini ýerine ýetirdiler.
Oguz olaryň göwünlerini awlap, bermeli paçlaryny belledi.
Olary yzyna gaýtaryp, özi ýaýlag tutmak üçin Demawende ugrady.
Ýolda şeýle hadysa boldy. Bir garry hatyn göwreli
eken. 01 bir ogul dogurdy. Özüne nahar bişirinmäge hiç
zady ýokdy. 01 aç galypdy. Şol sebäpli hem çaga aç
galyp, aglaýardy. Tötändeji üç-dört gün geçenden soň bir
şagal bir sülgüni tutup, alyp gidip barýan eken. 01 hatynyň äri taýak bilen ol şagaiy urup, sülgüni aldy. Ony iýip,
ogluna süýt berer ýaly bişirip, hatynyna getirip berdi. Olar
birnäçe günden soň Oguzyň ardyndan ýetdiler. 01 kişi
Oguz alnyna geldi. Oguz ondan sorady:
— Ne ýerdediň we neçün giç geldiň?
01 diýdi:
— Hatynymyň ýeňlär wagty boldy. 01 sebäpden hyzmatyňyza gijräk geldim. .
Oguz onuň sözüne gulak asman, ony ýazgaryp diýdi:
— Bir hatynyň ýeňlemegi üçin galdyňmy?! Indi bu
ýerde mekan tut we gal!
Türkmen dili bilen diýdi:
— Gal aç, ýagny bu zaman bizden gaL Oguz bu sözi
diýdi. 01 onda galdy. Gal aç sözi soň «Haiaç» boldy. Şu
esasda barça halaç perzentleri w e. raýatlary ol kişiniň
neslindendirler.
27
Oguz ondan Demawende baryp, ýaz ol ýerde boldy.
Güýz bolsa. Mazenderan kasdyna hereket etdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir.
OGUZYŇ MAZENDERANA, GÜRGENE,
DEHISTANA, HORASANA WE KAHYSTANA BARYP,
ÝEŇIŞ GAZANANYNYŇ BEÝANY
Oguz Mazenderanyň, Amulyň, Sarynyň we Astrabadyň
kasdyna ugrady. Käbir welaýatlara hoş sözler berip, göwünlerini awlap, käbir welaýatlary bolsa, tug we ýarag bilen
basyp aldy. 01 gyş onda boiup, barça ýerierde häkimier
goýdy. Ýene ýaz bolanda, Demawentde ýaýlag tutdy. Gürgene,
Dehistana we ol töwereklere ilçiler iberip, ol welaýatlaryň
tamam ulularyny tabyn etdiler. Barçasy Oguzyň gaşyna
gelip, bermeii pajyny anykiadylar. Üç ýyllyk maiy bir. gezekde berdiler. Ondan Horasana bardy. Esferaýyn we Sebzewar il bolup, tabyn boldular. Diňe, Nişapuryň halky tabyn bolman, söweş etmäge taýýar we häzir boldular. Oguz
ol weiaýatda gyşlag tutdy. Bahar geldi. Ýene Nişapura
bardy. Nişapur we Tusy tutup, onda ýaýlag tutdy. Gyş
düşende Bawerde, Nusaýa, Sarahsa we Merwe baryp, ol
weiaýatlary tamam basyp aldy. Ýazda Hyrada baryp, onda
ýaýlag tutdy. 01 ýerieriň halkyna salgyt belledi. Ondan
Kahystana baryp, ol ýurtiary tamam eýeledi. Üç ýyllyk
maly hazyna ibermekieri üçin saigyt belledi. Güýzde ýene
Hyrada geldi. Ondan bir ogiuny ätiýaçlyk üçin, «Patyşa daş
ýere gitmändii> diýen owaza ýaýratmak üçin, paçiaryny
bermekde keitelik etmeziikleri üçin dokuz müň kişi bilen
Basra iberdi. Oguzyň ogly atasynyň hökümi bilen Basra
bardy. Owaza salyp, welaýatiara ilçiieri iberdi. Barça maiiary gaýdanda özi bilen äkitmek üçin üç ýyliyk maly Yrakda
jemledi we olara bermeii pajyny beiiedi. Oguzyň ogiy gaýdyp gelip, ol mallary aiyp, atasynyň gaşyna eltdi.
Mundan üç ýyl geçdi. Oguz Hyratda, Sarahsda we
Baýgyrda mekan tutupdy. Ogly gelip ýetdi. Ondan softra
Kerdag bolan öz weiaýatyna we ýurduna ugrady. Gyssanmaçlyk bilen Gur we Garjystan ýolundan hereket etdi.
Tötänden ýolda bir uiy daga ýetdi. 01 dagda gar ýagyp,
iki-üç öýli ondan geçip bilmediler. Oguz «Hiç bir jandar
leşgerden galmasyn* diýip, karar edipdi. 01 öýlülerift galandygyny mälim etdiler. Oguz oiardan ynjap diýdi:
— Neçün gar sebäbinden leşgerden galypdyrlar?
Oi niçe öýlüni «Garlyk* at goýdy. Indi garlyk jemagaty tamam ol iki-üç öýlünift nesiindendirler.
Oguz ol dagdan ötüp, Amuýe suwuna ýetip, ondan
geçip, Buhara sebitinde ýerieşýän ýalftyz agaçda düşledi.
Birnäçe gün oi ýerde boldular. Ondan soft tamam leşgeri
bilen öz ýurduna ýöriş etdi. Öz ýurdundan çykyp, tamam
welaýatlary eýeläp, ýene öz ýurtlaryna gelýänçäler, takmynan elii ýyi bolupdy.
Giden wagtynda ýoldan yzyna gaýtaran gaftftaly we
uýgur jemagatiary dokuz günlük ýoldan olary garşylap,
peşgeşler tartdylar. Oguz öz öýüne düşüp, müft erek
goýny we dokuz ýuz gysragy toý üçin öldürmeklerini
buýurdy. Uly toý edip, altyn öý gurup, tamam oi welaýatlaryft halaýygy ol ýere ýygyldylar.
Oglanlary bir gün awa çykypdylar. Tötänden bir altyn
ýaý bilen üç altyn ok tapyp, «Köftü isiäni dek üleşdirsin»
diýip, ony atalarynyft gaşyna eltdiler. Oguz ol ýaýy üç uly
ogluna berip, olara «Bozuk» lakamyny berdi. Sebäbi eger
ol ýaýy üleşdirse, elbetde, ony bozmalydy. Beýleki üç oky
üç kiçi ogluna berip, oiara «Üçok» lakamyny berdi. Üçok
we olardan peýda bolan nesiller tamam oi lakamlara degişlidirler. Ýaý beren oglanlary uly derejeli bolup, ok beren
ogullary kiçi derejeli bolmalydygyny karar etdi. Sebäbi
ýaý patyşadyr, ok bolsa iiçi. Bu kada bilen ýurtiaryny
belläp, ýaý berenlere sag goluny berip, ok berenlere sol
goluny tabşyrdy. Ofta ýagşy maslahatlar we gefteşier be29
ren Garasülüge hem köp engam we sowgatlar berdi we
ondan sorady:
— Munça ýagşy geňeşleri ne ýerden bilerdiň?
01 ýaşyrman diýdi:
— Garry kişileri goýup, ýanyňyz bilen äkitmäň diýip,
ýarlyk we höküm edipdiňiz. Men atamy sandyga salyp,
özüm büen' äkidipdim. Her bir müşgil iş ýüze çykanda,
men baryp, oňa aýdyp, ondan jogap alyp, size aýdýardym.
Oguz Garasülüge atasyny alyp gelmekligi buýurdy.
Garasülük atasyny häzir etdi. Oguz ony görüp, oňa çäksiz
we köp sowgatlar berdi. Ahyr ömrüni parahat geçirmegi
üçin Samarkandy hem oňa berdi. Garasülügi bolsa, uly
beg edip, oňa patyşalyk halatlar, kemer we köp mallar
berdi. Bu zatlaryň hemmesi şol toý gününde bolup geçdi.
Oguz hem döwlet we bagtyýarlyk bilen öz ýurduna
gelip, onda ornaşdý. Taryhçylar onuň müddet ömri müň
ýyldy diýýärler. Käbirleri Gyl Baragyň ýagy bolandygy
sebäpli, ol ýene bir gezek goşun çekipdi diýýärler. Gypjak
kowumyny Itil gyrasynda oturdyp, şol ýerleriö olaryň
ýurtlary bolmalydygyny belledi. Itiliň kenarynyň baýlyklaryny bolsa, özlerine alyp, sarp etmek üçin olaryň eýeçiligine degişli etdi. Gyl Barak welaýatynyň, Derbendiň
we ol sebitleriň baýlyklaryny bolsa, alyp hazyna ibermekligini buýurdy. Şol sebäpli gypjaklylar onda mekan tutup, ol welaýat olara degişli boldy. Oguz müň ýyldan
soň wepat boldy.
Dogrusyny Atlatagala bilýändir.
OGUZYŇ OGLY GÜN HANYŇ PATYŞALYGYNYŇ
BEÝANY
Oguzdan soň oglanlarynyň ulusy bolan Gün han Oguzyň ýerine tagtda oturyp, ýetmiş ýyl patyşalyk etdi. Oguz
bir şäher bina edip, adyna Ýaňykent goýupdy. Örän akylly
30
we ukyply bir kişini oňa häkim belläpdi. Ady Yrgyl Hojady'.
Yrgyl sözüniň manysy özüne tartmak diýmekdir. Hoja
manysy bolsa, uly diýmekdir. Yrgyl Hoja bir köpi gören,
garry kişidi. 01 gowy hyzmatlar görkezipdi. Oguzyň oglanlaryna örän mylakatly we mähribandy. Bir gün Gun
hana diýdi:
— Oguz uly patyşady. Tamam älemi eýeläp, köp
hazynalar we mallar ýygypdy. Indi olar tamam siziňkidir.
Siz alty ogulsyňyz. Allatagalanyň permany bilen her biriňiziň dört ogluňyz, ýagny ýigrimi dört ogiuňyz bardyr.
Indi maslahat şudur. Olaryň her birine bir mynasyp iş
we amal belläň. Sizden soň bir-birleri bilen uruş we
dawa etmez ýalyT her birine özlerine degişli we şonuň
bilen tanalar ýaly aýratyn tagmalary we nyşanlary karar
ediň. Olaryň perzentleri hem öz ýol-yzlaryny bilsinler.
Bu bolsa döwlet berkligine esas we at-abraýyňyza söýget
bolsun.
Bu hekaýat Gün hana örän hoş geldi. Yrgyl Hoja
buýurdy:
— Nämäni maslahat görseň, şeýle et.
Yrgyl Hoja Oguzyň bozuk we üçok lakamyny beren
alty oglunyň we ölardan önen ýigrimi dört oglunyň her
birine bir lakam berip, mallaryna basar ýaly we ol tagmanyň üsti bilen mallaryny parhlandyrar ýaly bir tagma
taýynlady. Her bir ogla olaryň uýguny bolar ýaly bir guş
belledi. Uýgun «abyk bolsun», ýagny «mübärek bolsun*
sözünden gelip çykýar. Hersiniň beýanyny olaryň adynyň
astynda bu ýazylan jümlede beýan ederis.
Oguzyň bozuk at dakan üç ogly olaryň ulularydy.
Yrgyl Hoja olaryň perzentlerine *Her kişi olaryö kowumyndan bolsa bu lakama, süýege we guşa mahsus bolup,
bir-birlerine zyýan bermesinler we ol nyşanlar bilen halaýyk olary tanasynlar* diýip, bir at we lakam belledi.
1 Bu at golýazmada Erkil görnüşitide hem geiýär. Bu sözüň «erkli»
görnuşitide bolmagy mumkin.
31
Barça ogullarynyft ulusy bolan GÜN HANYŇ perzentleri:
Gaýa, ýagny mäkäm, tagma: uýgun.
Düker, tagma: uýgun.
Alaöýli, ýagny her ýerde bolsa, döwletli we bagtyýar
bolsun, tagma: uýgun.
Ikinji ogly bolan AÝ HANYŇ perzentleri:
Baýat, ýagny döwletli we nygmatly, tagma.
Owşart ýagny çalasyn, tagma: uýgun.
Garaöýli, ýagny ýolda goşun bilen gowy ýörär, tagma.
Üçünji ogly bolan ÝYLDYZ HANYŇ perzentleri:
Ýazyr, ýagny köp welaýatlar seniftki bolsun, tagma:
uýgun.
Gyryk, ýagny uruşda güýçlüdir, tagma: uýgun.
Dodurga, ýagny mülk tutup ýaşaýyş etmek, tagma:
uýgun.
Baýarly, ýagny uýuk. Onuň ady Nugmamyş. Uruşda
ondan bir keltelik peýda bolupdyr. Ony ägä etdiler. Hytaý tarapyndan bir güýçli ýel gelýärdi. Adyna Badysam
sötrük diýýärdiler. Örän ýakymsyzdy. Oňa «01 ýeliň
deşigini tutuň* diýdiler. Ondan maksat ony ýok etmekdi.
Ony bu işe iberipmişler. Bu wagt bu welaýatlarda onuň
neslinden hiç kişi ýokdur. Meger, Hytaýda bardyr.
Begdili, ýagny ulular sözi dek eziz bolsun. tagma:
uýgun.
Karkyn, ýagny köp aşly we doýduryjy, tagma: uýgun.
Oguzyň sol gol berip, üçok lakam beren we Yrgyl
Hojanyň her birine aýratyn lakam bellän üç ogly şu
esasda getirilýär.
GÖK HANYŇ perzentleri:
Baýyndyr, ýagny hemişe döwletli bolgaý, tagma:
uýgun.
Benje, ýagny ýagşy yhlas etgeý, tagma: uýgun,
Igdir, ýagny ýagşy, uly, tagma: uýgun.
32
Bükdur, ýagny barçalara salyhatiylyk etmek gerek,
tagma: uýgun.
Alaýuntly, ýagny mydama mallary ýagşy bolan, tagma:
uýgun.
Oreger, ýagny işi mydama belent bolgaý, tagma: uýgun.
DAG HANYŇ perzentleri:
Salyr, ýagny bir kişi ýetse, gylyç we çomak (taýak)
urgaý, tagma: uýgun.
Çowdur, ýagny mydama işi uruş bolgaý, tagma: uýgun,
Biwe, ýagny atlary barça zatlardan ýokary bolgaý,
tagma: uýgun.
DEŇIZ HANYŇ perzentleri:
Eýmir, ýagny leşgerii we başaijaft bolgaý, tagma:
uýgun.
Çepni, ýagny her ýerde ýagy bolsa, durmazdan uruşgaý, tagma: uýgun.
Kynyk, ýagny her ýerde bolsa, eziz bolgaý, tagma:
uýgun..
Şeýle-de aralarynda uruş we dawa bolmaz ýaly her
biriňe at etinden hem degişli müçeler bellenjldi. Toýda
hemişe iki at öldürýärdiler. Biri bozuk kowumyna we biri
üçok kowumyna degişlidi. Boýnuna ýakyn ýerden bolan
bir süýek we ujasy kowumyft patyşasyna bellenildi. Özge
süýekleriň her birisini, hiç kişi özge kişiniň ülüşini iýmez
ýaly bir taýpa we ogula beilediler. Onuň beýany adynyň
astynda ýazylandyr. Barça welaýatlar olara karar tapdy.
Sag golda bellenilen bozuk kowumy Saýram sebitinden
we Başgyrtdaky daglardan tä Garabag töwereklerine çenli
ýaýlag tutarlar. Sol golda bellenilen üçok kowumy Kutagdan, Kerkukdan, Tuglykdan, Lor Bamantdan tä Almalyga
çenli ýaýlag tutarlar. Aralarynda pitne we dawa bolmaz
ýaly bu ýerler olara karar edildi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir
3. Sargyt
375. Oguzoama
33
GYŞLAG
Sag gola Bursuk, Maktag we Mamamlis bellenildi.
Sol gola Gaýyduh, Esaýes, Gumsiňri, Gaýydur we Diýar
Sekrema bellenildi. Gun han ýetmiş ýyl patyşalyk edip,
galmady .
Dogrusyňy Allatagala bilýändir.
DÜÝP BEÝGI HANYŇ PATYŞA BOLANY
Gün han galmady. Ogly Düýp Beýgi han onuň ýerine
oturdy. Oňa Gün han ata-babasynyň adyny goýupdy. 01
patyşa bolanda emirlerden we döwlet sütünlerinden sorady:
— Atam Oguz ýurtlary neneňsi eýeledi we ne ýerleri
basyp aldy?
01 jemagatdan ata-ogul bolan Ulas we Ular atly salyr
kowumyndan iki kişi tagzym edip diýdiler:
— Ataňyz günçykardan tä günbatara çenli eýeläpdi.
Indi biz hem saňa birleşendiris. Biz hem ol welaýatlardan
mal almagyňa goldaw bereris. Eger olar mal bermän,
garşylyk görkezseler, atalaryňyzyň ‘ady berkarar bolup,
ýitmez ýaly we hiç kişiniň saňa garşy çykyp, mal bermezlige mümkinçiligi bolmaz ýaly biz uruş bilen şeýle bir
işler ederis.
Beýgi bu sözi eşitdi. Örän hoşal bolup, öz-özünden
«Eger parasatlylyk nyşany bar bolan kişileriň sözi bolmasa, ýurt we patyşalygy saklasa bolmaz» diýip, pikir etdi.
Olara doly ynam edip, ýokary derejeli hezzet-hormatlar
etdi we olardan sorady:
— Sizler maňa muwapyksyňyz, eýsem nökerleriňiz
hem şunuň ýaly muwapykmydyrlar?
Olar diýdiler:
7 Galmady — bu ýerde öidi diýen manyda gelýär.
34

Ýazyr kowumyndan bir emir bardyr. Ady Alandyr.
Onuň hem Bulan atly bir ogly bardyr. Olar hem bize
pikirdeşdir. Düker kowumyndan Düýp Hekşu, ogly Derkeş
we Ýasbek ogiy Melgubek we baýyndyr kowumyndan
Guly Hoja dagy hem biziň bilen birdir. Her ýerde, duşmanyň bolsa, olar hem biziň bilen birlikde saňa ýardam
bererler.
Düýp Beýgi han olardan bu sözleri eşidip, örän hoşal
boldy we köňlüni galkyndyrdy. Öz-özünebiziň biien köňiüni bir etseler, gürrüňsiz işimiziň soňy
ýagşy bolar» diýip oýlandy. Şol sebäpden ýokarda ýatlanan adamlaryň atalaryny öz gaşyna çagyryp, saklap, oglanlaryny öten üç ýyllyk maly almak üçin ilçi edip, Şama,
Kerke, Başgyrda, Parsa, Kermana, Yspyhana, Bagdada we
Basra iberdi. Olar baryp, pajy alyp, barça ýurt oňa tabyn
boldy. Etrap patyşalary tamam atalaryna boýun boluşlary
ýaly oňa-da il boldular. Niçe müddet patyşalyk etdi. Adn
Ýekmal oňa ýagy boldy. Welaýatyň ilaty oňa tabyndylar.
Ýekmal atly, ýagny her iki kişi on kişä garşylyk görkezip
biier derejedäW kuwwat eýesi diýen manyny berýän ol
welaýat uzak gündogarda ýerleşýärdi. 01 kowumuň adaty
şeýledi. Gün dogar çagda nagara kakýardylar. Olar ýagy
boldular. Beýgi han ol welaýata leşger tartyp baryp, tamamyny ýeňip, yzyna dolandy. Ondan soň kazasy dolup,
atdan ýykylyp, budunyň süňki syndy. 01 sebäpden wepat
boldy.
Soňra KURUS BEÝGI onuň ýerine patyşalyk tagtynda oturyp, Okly ulusyndan bolan Olsun orunbasarydy.
Her iş etse, onuň maslahaty bilen ederdi. Otuz ýyl patyşalyk edip, ondan soň ogly KURU ÝASAK BEÝGI onuň
ýerine patyşa boldy. 01 hem togsan ýyi patyşalyk edip,
ondan soň ogly YNAL BEÝGI HAN onuň ýerine oturyp,
patyşa boldy. Müddet ýüz ýigrimi ýyl patyşalyk etdi. 01
Marduda, Kerijuk we salyr Damkak bilen geňeşerdi. Emirleri we wezirleri salyrdy. Bu wagtda barça ýurduny we
35
welaýatlaryny berkarar saklady. 01 wepat boldy. Ogly
YNAL SYRU BEÝGI atasynyfi ýerinde oturyp, ýurdy berkarar saklap, ýedi ýyi patyşalyk etdi. Wezirleri Busy (Buşy) Hoja salyrdandy we Şaýan Hoja ýere (ýewe) kowumyndandy. 01 hem ýedl ýyi patyşalyk edip, diri wagtynda
oglundan — Alili, Les, Düýli, Gaýa, Ynaldan razydy.
Emma özi diri fragty patyşalygyny doganoglany ELBANKERKES DERNEKLUBANI YNAL HANA bermekligi hyýal etdi. Ony patyşalyk tagtyna oturtdy. Bu patyşa döwründe
hezreti Muhammet Mustapa sallallahy älaýhy wesellem
ýüze çykdy. Marduda, Kerijuky onuft hyzmatyna iberip,
musulman boldy.
Gorkut Gara Hojanyň ogly bolup, Baýan (Baýat) neslindendir 01 örän akylly, dana we keramatly kişidi. Onuň
döwründe Ynal han Syr Beýgi tagta çykypdy. Bu rowaýatyň eýesi «Onuň ömri iki ýüz togsan bäş ýyldy,' ýagşy
sözlüdi we keramatlydy* diýýär. Onuň hekaýaty köpdür.
01 aýratyn beýan ediler.
Patyşa ahyr ömründekä hatyny göwreli boldy. Wepat
bolanda bir ogul dünýä indi. Çaga doglanda baýat kowumyndan Gorkut diýdi:
— Bu ogul adyny Duman han goýmak gerek.
Diwan ululary diýdiler:
— Duman garaňkylyk bolgaý. Bu at patyşalara mynasyp däldir. Mundan ýagşy at goýmak gerek.
Gorkut diýdi:
— Duman peýda bolsa, howa garaňky bolar. Atasynyň wepatyndan halaýygyň köňli zeň tutupdy we duman
älemi tutup, garaňky bolupdy. Garaňkyiyk ýitip, gün çykar we älem täze bolup, otlar gögerer, älem işi ýagşy
bolar umydynda bu ady goýalyň.
Bu sebäpden ol ady goýdular.
Beýgi han dirikä tamam janawerleri öldürip, dillerini
kesip, bir horjuna salyp saklaýardy. «Her haçan mende bir
perzent bolsa, bu dilleri oňa beriň. Goý, barça guşlaryň
36
diüni bilsin* diýip, wesýet edipdi. Tötänden, Duman han
doglanda ol horjuny tapdylar. Olary syndyryp, suwa salyp,
Duman hana berdiler. Şu sebäpden, ulalanda barça guşlaryň dilini bilip, ýagdaýyny bilýärdi. Ondan soň barça halaýyk, uly-kiçi ýyglyp, patyşalygy bir kişä bermekligi maslahat etdiler. 01 wagt Duman han entek ýaşdy. Gorkut ol
jemagat arasynda beýik üýn bilen diýdi:
— Eý, halaýykl Patyşamyz galmady. Hyzmatynda
bolan Erki, onuň ýagşy adyny saklap, sansyz mynasyp
hyzmatlar etdi. Howuz ýasap, ikisini dolamas we gymyz
bilen dolduryp, hiç bir jemendäniň etmedik işini edip, her
dürli etleri bol edip üýşüripdi. 01 munuň ýaly hukuklara
eýe boldy. Mynasyp wagt we mynasyp ýagdaý şudur.
Duman han örän ýaşdy we patyşalyk edip bilmez. Oi
kämillik ýaşyna ýetýänçä oňa bir orunbasar belläp, tagtda
oturdalyň. 01 işe Erki mynasypdyr. 01 köp hukuga eýedir.
Gorkut bu sözi diýdi. Barça halaýyk gulak asyp, agzybirlik bilen Duman hany patyşa belläp, Erkini onuň
orunbasarlygyna makulladylar. Dolamas we gymyzdan dolduran iki kölüniň adyny Erki han köli atlandyrdylar.
Ony tagtda oturtdylar. Dokuz ýyl hökümeti dolandyryp, patyşalyk etdi. Duman han kämillik ýaşa ýetdi. Patyşalygyny ondan diletdi. Sag gol we sol gol hyzmatyndakylary çagyryp, üç ýüz kişi bilen bilelikde aýtdy:
— Men tagtda oturjakdyryn. Onuň orunbasary bolan
Erki han hal-ýagdaýy malim edip, ondan gorkup, orunbasarlaryna diýdi:
— Toý üçin dokuz ýüz goýun bilen otuz gysrak
öldürsinier!
Toý etdi. Buýurdy:
— Bada tutmak üçin üç müň goýun bilen, otuz
gysragy häzir we taýýar etsinlerl Gorkut gelse, oňa bada
tutsunlar.
Derrew Gorkuda kişi iberip aýtdy:
37
— Ýurduft saýlantgysy bu gün sensift. Mafta munuft
ýaly müşgil iş düşdi. Herne maslahat görseft, men amal
ederin.
Gorkut hem bu sözi eşitdi. 01 ýere gelip, toý edip,
bada tutdy.
Aş çekiler wagtynda bir garry gurt uwlap başlady.
Barça dillerden habarly bolan Duman han, ol gurduft näme
diýýändigini bildi/01 gurt şeýle diýýärdi:
— Arman! Garry bolup, ýüwrüp, ýetip bilmeýärin,
eger ýetsem, tutup bilmeýärin, eger tutsam parçalap bilmeýärin. 01 gurt sözuni tüketdi. Oç ýaş gurt ofta jogap
berdiler:
— Eger sen garry bolup, hiç iş edip bilmeseft, biz
ederis. Her ýigit garra medet bermese, onda ne ygtybar
bolar. Bu gün gije örän garaftky bolar. Garaftkylykdan
peýdalanyp, bu toýa getirilen goýunlaryft tamam guýruk
we garynlaryny parçalap,- rahatlyk bilen iýer ýaly safta
bereris.
01 ýakynda Garabarak atly bir it bardy. 01 jogap
berdi:
— Eger patyşa mafta bir yssy guýruk berse, bir
goýna hem zeper ýetirtmäge mümkinçilik bermerin. Duman han bu sözlerden habarly bolup, bir guýrugy alyp, ol
ite berdi. 01 ýerdäki jemagat patyşadan onuft sebäbini
soradylar. Olara jogap berdi:
— Erki bilen köftül galyşiygymyz bolmasyn. Arada
ynjy bolmaz ýaly sadakanyft başyny ite bermek gerek.
Ondan soft aşlaryny içip ýatdylar. Ýarym gijeden soft
Duman han oýanyp, diýdi:
— Görüft, daşarda ýel barmy ýa-da ýok?
Bakdylar. Gije örän garaftky bolup, ýagyşly we ýellidi. Duman hana gelip, aýtdylar. Duman han ol gurtlaryft
sözünift çyn ekendigini bildi. Daft atyp, howa açyldy. 01
iti öz ýerinde göpmediler. 01 iti gözlemek üçin üç ýüz kişi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Oguznama - 03
  • Parts
  • Oguznama - 01
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1877
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 02
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1740
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 03
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1745
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 04
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1790
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 05
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1865
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 06
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1811
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1708
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 08
    Total number of words is 4065
    Total number of unique words is 1703
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 09
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 1685
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 10
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1571
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 11
    Total number of words is 183
    Total number of unique words is 160
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.