Latin

Oguznama - 03

Total number of words is 4062
Total number of unique words is 1745
32.8 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
häzirledi. Gözlediler. Gije ol goýunlar ürküp, gurtlar olary
38
darapdyrlar. Garabarak ol gurtlar bilen urşup, goýunlary
saklap, gurtlara böwet bolupdyr. Duman hana gelip, ol
sözi diýdiler. 01 atlanyp, onda baryp, ol gurtlary öldürdi
we ol itiň öz sözünde durandygyny bildi.
Elkyssa, toý başlap, ýedi gije-gündiz dowam edip, her
gün togsan goýun we dokuz gysrak öldürerdiler.
Gorkut ara girip, Duman hana diýdi:
— Ataň wepat bolanda sen kiçidiň. 01 sebäpden Erki
hany saňa orunbasar edipdik. Indi sen döwlet bilen bu
derejä ýetdiň. Erki han hem garry we ejiz bolup, işi bu
gün — taňla (ertire) ýetipdir. Eger ony saňa orunbasar
bolmak işinden uzaklaşdyrmasaň we halk oňa igenmese
bu mürewwetlik ýolundan daş bolmaz. Maslahat şudur.
Onuň gyzyny aigyl. Onda tamam mallary we hazynalary
saňa berer. Niçe günierden soň, ol ölenden soň gürrüňsiz
täç we tagt senden özge kişä galmaz.
Duman han hem ol toý arasynda onuň gyzyny aiyp,
aýşy-eşrete meşgul boldy. Niçe müddet ondan ötdi. Duman
hana diýdiler:
— Aýna han ogly Ewsere han «Erki hanyň gyzyny
ilki men alaýyn% diýip, hyýal edipdim. Duman han ara
girip aldy. Men baryp, onuň bilen urşup, ol gyzy alyp
getirerin* diýipdir. Duman han ol sözi eşidip, haýal-ýagallyk etmän, derrew goşun ýygyp, Ewsere hanyň üstüne
bardy. 01 ýere ýetdi. Aýna han ileri gelmän, ogly Ewsere
han garşy çykyp, uruşdy. Ewsere han ýeňildi. Duman han
iki günläp kowup, ony tutdy we gaýdyp gelip, öz leşgerine gowuşdy.- Ewsere hany getirip, ol sözi ondan sorady.
01 ykrar etmän, inkar edýärdi. Duman han asla onuň
sözüni diňlemän, heläk etmäge buýruk berdi. Bir ýyl ol
mekanda ornaşdy. Erki hanyň gyzy bolan hatynyna onuň
gelmejekdigi mälim boldy. 01 hem ol ýere ugrady. Şol
wagtlar ol göwrelidi. Ýolda ondan bir ogul dünýä indi.
Erki hana habar berdiler. Adam iberip, ol ogiany öz alnyna getirdip, toý etdi we oňa Gar Beýgi han diýip at
39
dakdy. Gyzyny bolsa, Duman hanyň gaşyna iberdi. Duman
han Aýna hany çagyryp, diýdi:
— Atalaryftyz hemişe biziň atalarymyza boýun we
tabyndylar. Ogluň ýaman hyýal edeni üçin ony ýok etmeklige buýruk berdim. Eger indi sen yhlas we ynam
büen maňa äht edip, il bolsaň we her ýyl hazyna mal
iberseň, men hem welaýatyňy gadymy destury bilen saňa
tabşyraýyn.
01 yhlas we ygtykat bilen il boldy. 01 hem ol welaýaty oňa tabşyryp, hoşamaýlyklar berip gaýtardy. özi
hem gaýdyp, öz köşgünde düşledi. Oglunyň ýüzüni görüp,
toýlar tutdy. Niçe müddet Erki. han bilen bolup, köne
dostluk ýoluny saklady.
Ogly Beýgi ulaldy we kämillik ýaşyna ýetdi. Bir gün
bir ýigit bilen suw gyrasynda oýnap ýördi. Ondan öýkeläp,
galama meňzeýän ýeken atlandyrylýan bir ot bilen onuň
boýnuna urdy welin başy boýnundan aýiylyp, ýere düşdi.
Halaýyk ol işi görüp, haýran bolup, ol haly Duman hana
aýtdylar. 01 diýdi:
— Bu ýol ogluma hak tarapyndyr. Onuň ady Ýeken
Binke (Bilen) Är Biçen Gaýa Beýgi han bolsun. Manysy
kişini ýeken oty bilen öldürmekdir.
01 oglan niçe müddetden soň Erki hana diýdi:
— Bu tagt owwal atamyňky eken. Niçe wagtdan bäri
ol kiçi bolanlygy sebäpli sen oňa eýediň. Indi ol ulaldy.
Enemi oňa berip, heniz hem tagt üstünde otursyň. Indi
men hem ýetişdim. Sen gurbatsyz we garry bolupsyň. Bu
tagtdan düşüp, ony eýelerine tabşyrmaga wagt bolmadymy?
Erki han bu sözi eşidip, bir pursat sabyr edip, oňa
diýdi:
— Bu sözi makul aýdar sen.
Soň bir gün uly toý edip, altyn öý gurup, Gorkudy,
barça emirlerl we begleri ýygyp, diýdi:
— Bu tagtyň üstünde otuz ýedi ýyldan bäri otyryn.
Bu gün tagt Duman hanyň hakydyr. Bize mundan artyk
degmez. Eger bu otuz ýedi ýylda her kişiniň göwni menden agyran bolsa, maňa arz etsin.
Barça halaýyk diýdi:
— Hergiz senden ynjan däldiris. Senden razy we
hoşnutdyrys. 01 tagty ondan soň Duman hana tabşyryp
diýdi:
— Siz hem adyllyk we adalatlyk şiwesini ulanjakdygyňyz barada şert ediň. Soň degişme bilen diýdi:
— Eý, gyzym ogly, ahyry maňa ýagy we asy bolduň.
Gel, indi mübäreklik bilen tagt üstünde otur.
01 ogul ol çagda dokuz ýaşyndady. Babasyna jogap
berip diýdi:
— Bu babatda söz we geňeş atam bilendir. Ertir biz
hem ertir bileris. Saňa ätiýajymyz ýokdur.Gije atasy bilen
geňeş etdi we aýtdy:
— Ata duranda ogluň tagt üstünde oturmagy rowa
däldir. Sen toý tertip edip, tagtda otur. Sen garry bolanyňdan soň, seniň emriň bilen men tagta geçeýin.
Atasy aperin diýip, hut şol gije barça emirleri we
emeldariary häzir ediňler diýip ilçiler iberdi. Barça ýyglyp
geldiler. Uly toýlara başlap, on üç gün toý tutup, ýagşy
sagatda Duman han tagta çykdy.
Ýüz günden soň özi tagtdan düşüp, ogly ÝEKEN
BINKE (BILEN) ÄR BIÇEN GAÝA BEÝGI tagta geçdi.
01 togsan ýyi patyşalyk etdi. 01 örän batyr, dindar we
namysly kişidi. Barça ýurtlary ýeňip, ähli ýer ýüzi oňa
mal ibererdiler. Togsan ýyl patyşalyk edeninden soň wepat boldy. Soň ogly ÖWLAT MUR BEÝGI HAN ýas we
matam düzgünlerinden soň, emirleri we ýakynlary toý
tutup, tagtda oturtdylar. Onuň bir kiçi gardaşy bardy
Gara Alp atly. Ärtogly Arslan han ýagy boldy. Öwlat Mur
Beýgi han goşun ýygyp, onuň söweşine başlady. Talas
sebitinde duşuşyp, üç gije-gündiz jeň etdiler. Öwlat Mur
üstün gelip, olary ýeňdi.
Ärtogly Arslan han emirleri bilen tamam söweşde
öldüler. öň olara beren ol welaýallaryny üç ýyllyk mal
bllen gaýtaryp aldy. Gylyçdan halas bolaniaryň barçasy
oňa ýyglyp, öz günälerine boýun boldular.
Ärtogly Arslan hanyň bir ýaş ogly bardy. Bir gün ony
Öwlat Mur Beýgi hanyň gaşyna getirdiler. Oňa bakyp,
rehimi inip, aglap, diýdi:
— Wah arman! Ata-babalarymyz bu welaýaty uýgur
kowumyna beripdiler. Eger atasy piduliyk we nadanlyk
etmedik bolsa-dy, bu misgin çaga ýetim we hiç kessiz
galmazdy.
Oňa ALTTUGAÇ HAN at goýdy. Oi welaýatyň patyşalygyny oňa berdi we diýdi:
— Ata-babalarymyz hemişe size enaýat we hemaýat
ederdiler. Inşa Allatagala men hem bu günden soň size
enaýat we hemaýat eder men. Alla sakJasyn welin, eger
garşylyk görkezip, baş götermekiik we topalaň ýoluny
tutsaňyz, garşylyk görkezenieriň başyna düşen wakalar
siziň hem başyňyza düşer.
Bu sözi diýip, ondan gaýdyp, öz köşgünde düşledi.
Atasy we döwlet sütünleri mirasdüşer mülküni ol oglana
karar etdi diýip, toýlar tutdular. Söň «01 ýerden getirilen
ýesirleri gaýtaryp goýbersinler> diýip, buýruk berdi. Şu
sebäp äiem-jahanda asudalyk peýda boldy. Ondan soň
atasy galmady. Öwlat Mur Beýgi han ýetmiş bäş ýyl
patyşalyk etdi. Emma perzendi ýokdy. 01 aradan çykandan soň uruş wagtynda atasy Owurça han bilen birlikde
sallançakdaka ýagy alyp giden Gaýa Beýgi hanyň ogly
Gara Alp gelip, atasynyň diridigini görüp, ýetmiş bäş
ýyldan Muruň nesli bolan Gara han patyşalyk tagtynda
oturdy. Patyşalyga meşgul bolup, ýigrimi iki ýyl patyşalyk
we hökümdarlyk etdi.
Dogrusyny Allatagala bilýändir we her kim oňa dolanmalydyr.
42
ÖWLAT MUR BEÝGI HANYŇ URUGLARYNYŇ
PATYŞALYGYNYŇ TAMAM BOLUPt GARA HANYŇ
OGLY BUGRA HANYŇ PATYŞALYGYNYŇ
BAŞLANGYJY
Beýgi perzentleri galmady. Togsan ýyldan soň, Gara
han ogly Bugra hany patyşalyga göterip, tagtda oturtdylar.
Onuň üç ogly bardy: ulusy II tegin, ortanjysy Guzy tegin
we kiçisi Bugra. Aşyň gelip çykyşy oňa degişli edilýär. Bir
gün barypdyr. Leşger tamam aç ekenler. Soradylar:
— Ne aş bişireli?
01 naharyň tiz ýetişeri ýaly bir para uny hamyr edip,
golunyň aýasynda ýasy edip, gazana salýardy. 01 wagtdan
tä bu güne çenli ol aş halaýyk içinde meşhur boldy. 01
barça halaýyga adyllyk we adalatlylyk edýärdi. Onuň zamanynda raýat asuda we rahat ýaşaýardylar. Onuň oglanlarynyň enesi bolan Baýar hatyn atiy bir aýaly bardy. Ol
örän akyllydy. Köp hökümleri ol ederdi. Allatagalanyň
takdyry bilen ol hatyn aradan çykdy. Bugra han ýas we
matama meşgul bolup, bassyr üç ýyllap öýden çykmady.
Bu sebäpli garry we gurbatsyz bolup, ejizlige ýüz goýdy.
Emirleri ondan soradylar:
— Öç ogluňdan haýsy birini özüňe mirasdüşer eder
sen?
01 diýdi:
— Geňeş edip, her birini ygtyýar etseňiz, ony patyşalyga göteriň.
Olar diýdiler:
— Ygtyýar sizdedir.
Bugra han diýdi:
— Ortanjy oglum barça işe ýetip, akyly barçadan
artykdyr.
Ondan soň emirler ýedi gün toý edip, Guzy tegini
patyşaiyga göterdiler. Oç ýyldan soň Guzy han atasyna
diýdi:
43
— Saňa hyzmat etmegi we enemifl ýerini tutmagy
uçin seniň hyzmatyňa bir gyz alyp bereýin.
Bugra han ýyglap diýdi:
— Haýsy hatyn Baýar hatynyň — eneňiň ýerini tutar?! Men meniň we oglanlarymyň arasyna pitneler salmagyndan heder edýärin.
Guzy han Emin Güljäniň gyzyny oňa alyp berip,
toýlar tutdy. Emin Gülje ýotbaşçy emirlerindendi. Gyş
günleriniň birinde Bugra han ýatan wagty, hatyny Guzry
hany ýekelikde görüp, oňa tama edip diýdi:
— Meni bu garry kişi üçin alyp, hergiz maňa bakmaz
sen.
Guzy hany ar-namysy gowrup, gahar-gazap bilen diýdi:
— Ertir atam bilen geňeşip, seniň jezaňy bererin.
Muny diýip, gaşyndan turup, öz öýüne baryp ýatdy. Hatyn «Ertir atasyna baryp, ol sözi diýip, meni ile ryswa
eder* diýen gorky bilen ondan öňürtiläp, ärine diýdi:
— Ogluň Guzy hanyň maňa hyýanat gözi bilen bakyp, köňlünde erbet niýetiň bar bolmagy rowamy?! Ine,
aýagynyň yzy. Men oňa goi bermedim. Onsoň gaýtdy.
Bugra han bu sözi eşidip, ot dek tutaşyp, emirlerini
çagyrdy we olar biien bu ýagdaý barada geňeş etdi.
Emirler diýdiler:
— Maslahat şudur. Biz ony tutaly.
Bugra han rugsat berdi. Emirler heniz ukuda ýatan
Guzy hanyň işigine gelip diýdiler:
— Höküm şeýle. Biz seni tutarys. Guzy haa haýran
galyp, leşgerler özüne ýagy we asy bolandyrlar güman
etdi.
Emirler diýdiler:
— Biz ataň ýarlygy bilen tutýarys.
Atasynyň hökümini eşitdi. 01 goluny berdi. Ony tutup, ol sözi ondan soradylar. Guzy han diýdi:
1 Ýarlygy — permany.
44
— Bu waka ondan ýüze çykdy. Men onuft bu işini
arz etmäge biperwaýlyk etdim. 01 öňürtiläp, baryp, arz
edipdir.
Soňra aralarynda bolan işierini emirlere aýtdy. Emirler ýagdaýyň hakykatyny atasyna aýtdylar. Atasy emirlere
diýdi:
— Bu işde siz ne maslahat berer siz?!
01 wagtda dagyň ortasynda Döw Kyýasy atly bir
ajdarha bardy. 01 dag bir uly sähranyň gyrasyndady. 01
dag eteginde üç sany agaç bardy. Her biriniň astynda bir
suwly rçeşme akýardy Kimdir birine blr günä iş ýüklenen
bolsa, onuň bir ýerini ýaraly edip, ol ajdarhanyň gaşyna
ibererdiler. Eger ol günäkär bolsa, ajdarha ony derrew
iýerdi. Eger günäsi bolmasa, ol ýaralanan endamy ýagşy
bolýardy. Şonuň üsti bilen her kişiniň haýyr we şerini
bilerdiler. Bugra han ogluny ol ajdarha yşarat etdi we
buýruk berdi. Onuň gözüne mil sokup, bir düýä mündürip,
bir aşpez kişi bilen ol ýere iberdiler. 01 aşpez düýäniň
owsaryny tutup, ol sähra tarapa we ajdarha garşy ugrady.
Ol zamanda Yslyk Sar Gulbaş atiy goşun serdary
bardy. Bu iş ýüze çykanda ol ýokdy. Gelip, bu işi gördi.
Onsoň atasyny öldürip, başyny oglunyň gaşyna eltmek we
ony ýoldan gaýtaryp getirmek pikirini etdi. Soň ýene-de
♦Men atamy örän köp söýer men. Belki, Guzy han hem
atasyny şeýle söýýändir. Eger ony öldürsem, oňa hoş
gelmez. Maslahat şudur. Onuň hyzmatyna baraýyn. Eger
rugsat berse, gaýdyp gelip, atasyny heläk edeýin» diýip
pikir etdi. Soňra çaltlyk bilen onuň ardyndan ýola rowana
boldy. Säher çagynda oňa ýakyn ýetdi.
Guzy tegin at üýnüni eşidip diýdi:
— Bakyň! Ardymyzdan ne kişi gelýär?
01 bakyp, diýdi:
— Bir leşger ardymyzdan ýetdi. Sorady:
— Serdary neneňsi kişi turar?
1 Mil — syh.
45
Diýdi:
— Boz ata münüp, gelýän bir kişidir.
Guzy han diýdi:
— 01 atly Sar Gulbaşdyr. Eger gardaşlarym bolsady,
gara ally bolardylar.
Ýakyn ýettfiler. Atlaryndan düşüp, Guzy hanyft aýagyny öpüp, köp agtady.
Guzy han diýdi:
— Eý, ýary wepadar! Köp hak hyzmatyňy mafta
subut edip, gardaşlarymyň ýerine sen geldift. Indi sen
gaýdyp, öz öýüfte bargyl. Allatagala meni gorap saklar.
Sebäbi bu babatda hiç günäm ýokdur. Eger sag-salamat
geJsem, onda gowy, bolmasa sen biler sen we perzentlerim biler. 01 ýyglap diýdi:
— Hergiz gaýtmaz men. Bu ýolda safta ýagşy we
ýamanda ýaran bolar men. Iki aý ýol ýörediler. Birden üç
agaç peýda boldy. Yslyk diýdi:
— Bu üç agaçdan haýsy birine ýüzleneris?
01 diýdi:
— Ortanjy agaja. Çünki men ortanjy oguldyryn.
^01 wagtda üç dag goçy peýda boldy. Yslyk at ýüwürdip,
aždarhanyň gaşyna geldi. Görse Guzy han bir çeşmänift
gyrasynda ýatan eken. Kükreginiň üstüne bir ajdarha münüp,
gözüne tarap meýil edýän eken. Ony görüp, gorkup, gylyç
tartyp, aždarhany urmagy hyýal etdi.
Aždarha dlýdi:
— Hiç pikir etme! 01 barça günälerden arydyr. Derrew dilini onuň gözüne sürtdi. Gözi öňküsi dek görüp
başlady.
Ondan salamat gaýdyp, öýe ýetdiler. Gelip ýetenlerinde «Ýagy gelip, Bugra hany orta tutupdyrlar* diýip,
habar eşitdiler. Olar gelip, özlerini ýagynyň goşunyna
urup, olary ýeňdi we kowdy. Ondan soň atasynyň gaşyna
gelip, öz başdan geçirenlerini beýan etdi.
Bugra han diýdi:
— Bu hatyny maňa alyp beren günüň men «Aramyza
46
pitne salar* diýipdim. Sen ol sözümi kabul etmediň. Indi
ol hatyny özüň bilersiň.
Guzy han dört at getirmeklerini buýurdy. Her el we
aýaklaryny bir at guýrugyna baglap, ol atlary ürküzdiler.
Derrew ol hatyn para-para boldy.
Guzy han diýdi:
— Her kişi mundan beýläk kişä töhmet etse we gara
ýöňkese, jezasy şu bolar.
Ondan soňra Bugra han ogluny tagtda oturtdy. 01
ýetmiş bäş ýyl patyşalyk etdi. 01 wepat bolandan soň
uruglaryndan Ulufak atly biri ýedi ýyl patyşalyk etdi.
Ondan soň ogly Arslan han patyşa bolup, tagtda oturdy.
Onuň kyrk hajyby bardy. Örän pälwan, hünärment we
çalasyn Suwar atly bir guly bardy. Patyşa ony öz ýanyna
ýol berdi. 01 şeýle bir edepsizlik edip, göni patyşanyň
gulagyna ýakyn baryp sözleşerdi. Bir gezek sakgaly hatynynyň ýüzüne degdi. Ynaklar ol işe göripçilik edip, patyşa
arz etdiler:
— Bu Suwaryň patyşany heläk etmek, özüniň bolsa,
hile we zulum bilen patyşa bolmak ýaman hyýaly bardyr.
Biz bu haly anyklap, sizden ýaşyryp bilmedik,
Arslan han ony bir ýere iberipdi. Diýdi:
— Her haçan gelse, ony tutup, size tabşyraýyn. Siz
ony para-para ediň.
Olar gaýtdylar. Patyşa haremhanasyna girdi. Hatynlarynyň ulularyndan bolan Mal hatyn garşylamak üçin öňünden
çykdy. Görse, patyşa ynjyly we gaýgyly eken. Onuň sebäbini
patyşadan sorady. Patyşa ýagdaýy tamam beýan etdi we
diýdü
— Ondan göwnüm geçip başlady. Gelenden soň takyklaryn. Eger bu söz çyn bolsa, ony öldürerin. Hatynlary
diýdiler:
— Biz hem onuň ynama girenligine göripçilik edýäris.
Emma ol bu işe geçenden soň barça patyşalyk işleriňiz,
iýgi-içgiňiz bezeg tapdy we düzgün-nyzama girdi. Ynaklar
47
bu sözi içigaralyk we kine ýüzünden aýdýan bolaýmasynlar. Derňemek we takykiamak gerek. Günäsiz ýerden içigaralaryň sözi bilen ony öldüräýmäň. Soňra puşman etmeklik peýda bermez.
01 gije patyşa köp pikirler etdi. Saba boldy. Hajyplaryny çagyryp, diýdi:
— Bu güfl aw awlamak üçin Giýuku galasyna barmak hyýalym bar. Emma säheiçe bir zat päsgel berýär.
Siz ol ýere baryp, aw awiaň,
Olar onuň permany bilen bardylar. Ertesi Suwar ýetip
geldi. Arsian han ony öz ýanyna goýbermän, oňa «Abaýdan we Ýaňykentden üç ýyllyk salgydy alyp gel* diýip,
habar iberdi we köp engam we peşgeşler etdi.
Ýene bir gün bir hile ýasap, özüni ölülige salyp,
hajyplaryna we Suwara «Arslan han wepat bolupdyr* diýip, habar gönderdi. Olar bu habary eşidip, çalasynlyk bilen
gaýdyp gelip, «01 bize köp yzzat we hormat etmezdi.
Suwary bizden artyk görerdi. Onuň ýasy hakykatda bize
toý we baýramdyr* diýip, maslahat etdiler.
Ertesi Suwar gelip, matam we ýas tutup, hatynlarynyň gaşyna baryp, köp ahy-nala çekdi. 01 bu sözleri
aýdyp ýyglarýardy:
— Neýläýin! Emirleriňi neneňsi eziz we hormatly
görerdiň. Sen ölenden soň maşgalaňy, aýallaryňy we
perzentleriňi goraman, tebil we baýdaklaryňy öz öýlerine äkitdiler. Mundan soň bize dirilik nämä gerek?!
Älemi duşmanlaryň ygtyýarynda görenimden, özümi
öldürer men.
Onuň ol ýyglaýşyny Gara Arslan han eşidip, birden
tabydyny syndyryp, ondan çykdy. Hatynlary ony görüp,
«Öli kişi niçik direldi* diýşip, gorkup gaçdylar. 01 turup,
Suwary çagyryp, gujaklap diýdi:
— Seniň hakyky hyzmatyň we ynamyň maňa mälim
boldy.
Suwar diýdi:
48
— Gelipsiň, indi meni özüň bilen äkitgin.Arslan han
oňa göwunlik we dilhoşluk berip, diýdi:
— Allatagala maňa ýaňy jan berdi. Hiç gam iýme.
Heme isleg we maksadyň bolsa, isleýşin ýaly ederin.
Patyşa diýdi:
— Suwar öz perzentleri II Arslan, Mahmyt we tamamy hyzmatkär we nökerteri bilen atlanyp, ol kyrk hajyby
getirsinler. Olar baryp, hajyplary patyşanyň alnynda häzir
etdiler. Olar ahmyrly we şermisar ýagdaýda. gözlerini
ýere dikipdiler. Patyşa gahar we gazap bilen olara gygyryp diýdi:
— Neçün gözleriňizi ýere dikip siz?
Olar diýdiler:
— Ýazykly we günäkär bolanlygymyz sebäpli. Patyşa
diýdi:
— Siz Suwara herne kast eden bolsaňyz, ol siziň
özüňize nesip etdi. Suwara garap diýdi:
— Olary öz «Sylaglaryna» ýetir. Suwar olary ýoltar
başyna eltip, görene göz etdi. Ýagny olary hatar-hatar
edip, ýollaryň üstünde goýdy we diýdi:
— Her kişi öz patyşasyna kast kylsa, jezasy şudur.
Patyşa öz emirligini, orunbasarlygyny we hajyplygyny Suwara tabşyrdy we karar etdi.
Ot ýetmiş ýyl döwlet, sagadat we belent mertebe
bilen patyşatyk etdi. Oglanlary heniz çagady. Dergülük
atly bir doganogtany bardy. Ondan soň ol patyşa bolup^.
on bäş ýyl patyşalyk etdi* 01 wepat bolandan soň ...
tagta oturyp, patyşa boldy. 01 bir garry we köpi gören
kişidi. Üç ýyldan soň öz ogly ŞAGBAN HANY patyşalyk
tagtynda oturtdy. 01 ýigrimi iki ýyl patyşalyk edip, ondan
soň ogty TURAN HAN atasynyň ýerine patyşa boldy. 01
hem ýigrimi ýyl patyşalyk edip, öz ogly ALY HANY kyrk
müň atlydan ybarat bolan hökümetine belledi. «Şunuň
1 Ýatly — täze.
2 Gülýazmada boş ýer goýulypdyr.
'I Sarçyt Ng375 Ogiunaina
49
makullanyndan we aýdan pikirinden çykma* diýip, ýüz
segsen ýaşan Gunduz Garawulçyny onuň wezirligine we
orunbasarlygyna belledi. Biline bir gylyç baglap, oňa GYLYÇ ARSLAN at goýdy. Olar Horasan ýerine ýetdiler.
Niçe ýy) ötüp, ýetginjeklikden ýigitlik çagyna ýetdi. Hemişe gadagan edilen işlere we keýpi-sapalara meşgul bolardy. Gijeler emirlerift öýüne baryp, gyzlaryna kast ederdi.
Olar çydapt ony «Adalatsyz şa» atlandyrdylar. Dil birikdirip, atabeg Garawulçynyň gaşyna geüp, ondan şikaýat
edip, ýagdaýy oňa beýan etdiler. Atabeg oňa köp garşylyklar görkezdi. Emma hiç peýda bermedi. Ahyry ony
tutmak barada dildüwüşdiler. Şamelik gaçyp, suwdan ötdi.
Ýyldyz Garawulçy hem onuň ardyndan gidip, Aly han
gaşyna bardylar. Ýyldyz ogiunyň ahwalyny oňa beýan
edip diýdi:
— Meniň pent we nesihatymy kabul etmedi. Şol
sebäpden bu erbet işler ýüze çykdy.
Aly han *Oglum eşidip, menden gaçaýmasyn* diýip,
pikir etdi we diýdi:
— Galat aýdýarsyň! Bu azgynlyk senden çykandyr.
Sebäbi ol heniz çagady.
Şamelik ony eşidip, atasy alnyna gelip, atasynyň aýagyny öpmegi hyýal etdi. Atasy başyna depip, diýdi:
— Bu betbagty tutuň! Ony tutup, tussag etdiier.
Ýyldyz Garawulçyny çagyryp, ondan ötünçler diläp diýdi:
— Bu ogly bent we zynjyrlar bilen baglap eltip,
duşmanlaryna tabşyrgyn. Goý, ony öz isleglerine laýyklykda öldürsinler.
Olar geňeş edip, şeýle diýdiler:
— Patyşanyň ogluny bu görnüşde eltip, duşmanlara
tabşyrmak maslahat däldir Eger ony öldürseler, tekepbirlenip, pitneler turzup, gelip atasy bilen hem jeň we söweş
ederler. Ogluňy tutup, tussag edendigiňizi barça halk gördi.
* Bu at ýokarda Gundui Garawulçy görnüşinde getirilipdir.
50
Indi maslahat şudur. Ony bir ýerde ýaşyryp, meni olaryň
ýanyna iberiň. Men baryp, ol kowuma 4cOndan äryňyzy
alar ýaly, Aly han ogluny tutup, size getirip bermek üçin
maňa tabşyrdy* diýerin. Eger ol kowum ony kabul etmän,
pidullyk etseler, ogluň diri bolar. Şonda olary tabyn we
boýun eder ýaly, ony goşun bilen ibergin.
Bu pikir Aly hana dogry görnüp, ol kowum arasyna
barmagy Garawulça buýurdy. Ogluny gijeiikde ýaşyrdy.
Garawulçy olaryň gaşyna bardy we ol ahwaly olara
beýan etdi. Olar diýdiler:
— Aly han öz ogluny öldürýänçä, biz oňa güýçýardam bermeris.
Olaryň ýolbaşçysy Kyn Gorkutdy. Horasan welaýatyna adam iberip, mal isledi. Raýatlar boýun towlap, jogap
berdiler:
— Biz araňyzda agzalalyk ýok bolup, patyşa belli
bolan wagtynda mal bereris.
Soň Amuýe suwunyň etraplarynda we töwereklerinde
oturan halaýyklary göçürip, Merwe eltmek üçin müň kişi
iberdi. 01 jemagatyň emirleriniň arasynda bir fakyh bardy.
01 gaýyp zatlardan we syrlardan habarlydy. Ady Emiran
Kähindi. Kyn Gorkut oňa diýdi:
— Bak! Aly han bilen ýagylyk ne dürli bolar? 01 bir
sagat pikir edip, diýdi:
— Araňyzdan adyllyk we ynsaplylyk bilen atlandyrylýan we wasp edilýän bir kişi ýüze çykar. Özi öý ýonujy
bolup, ady Lerakuji Hoja ogly Tuksurmyşdyr.
Onuň Dukak, Togrul we Arslan atly üç ogly bardy.
Şol gije düýş gördi. Düýşünde onuň göbeginden üç sany
agaç gögerip, köp pudaklar ýaýradyp, başy asmana ýetdi.
«Asluhä sabitun we farguhä fissemäU1.
Kähin oňa diýdi:
— Zynhar bu düýşi hiç kişä aýtmagyn. Näçe ogluň
bar?
3 Terjimesi: «Düýbi berk we şahalary asmanda*.
51
Diýdi:
— Üç.
Diýdi:
— Üçüsi hem patyşa bolar.
Ofta ol söz ajap göründi. Sebäbi ol uly derwüşdi.
Baryp, iki-üç ganat öýüni satyp, goýun alyp, sadaka berdi.
Üç ogiy hem batyr, ýürekdi we gaýratly kişidiler. Mydam
aw awlardylar. Oguzyň emirleri olaryň ýagşy aw awlaýandygyny gördüler. Soňra olary awçylaryň emirligine bellediler. Emirler ýene Horasan welaýatlaryndan mal islediler.
Raýatlar kabul etmediler. Gorkut diýdi:
— Maňa birnäçe atiy beriň. Baryp, mal alyp, getireýin. Oňa müň kişi berdiler. 01 «Neçün mal bermeýärsiňiz?
Ine, indi çenden-çakdan artyk goşun gelip ýetdi* diýip,
öňe ilçiler iberdi. Esgerlerine «Her kişi ýanlary bilen iki
torba toprak götersinler* diýip, buýruk berdi. Torbalaryny
deşip, howlukmaçlyk bilen ýortýardyiar. 01 deşiklerden
topraklar dökülip, gubaryndan howa garaňky bolup, gözler
gapyldy. llçiler soltan Togrul «Köp çirik bilen sizleri heläk
edip, aýal-perzentleriňizi ýesir ederin» diýdi, diýip owaza
salýardylar. Togrul her ýerde düşlese, <buýruk berýärdi. 01 sebäpden köňüllere howp düşüp, raýatlar bermeli malyny kabul edýärdiler. «Goşun gelmän
yzyna gaýtsynlar. Raýatlar mal bererler* diýip ilçiler
iberýärdiler. 01 baryp, raýatdan mal we hazyna alyp gaýdyp, köp köşkler gurdy. Ony.özlerine emir we şa etdiler.
Bu wagtda Ýyldyz Garawulçyny Togrulyň gaşyna getirdiler. Togruldan Garawulçynyň köňlüne köp haýbat we gorky düşdi. Togrul oňa diýdi;
— Senden bir söz sorar men, rast aýtgyl! Diýdi:
— Aýdaýyn.
Diýdi:
— Bu ýere ne iş üçin geldiň?
01 diýdi:
— Aryňyzy ondan alar ýaly, Aly han öz ogly Şame52
ligi tutup, size getirip tabşyrmak üçin maňa berdi. Häzir
ýolda Jarkent welaýatynda galdy. Basym geler. Togrui
diýdi:

Eger bu sözi rast aýdýan bolsaň, menden salamat
halas bolar sen. Bolmasa seni azap we ejir bilen heläk
ederin.
Garawulçy gorkup, hakyky ýagdaýy dogruçyllyk bilen
beýan etdi.
Togrul Garawulçyny tussag edip, birnäçe kişini onuň
garawullygyna belledi. On alty müň kişini ol ýerde goýdy.
On dört müň kişiniň içinden saýlap, alty müň kişini öz
gardaşy Bukata1 berdi. Olar sag tarapda ýaşyryndylar.
Alty müň kişini kiçi gardaşy Arslana berdi. Olar çep
tarapda ýaşyryndylar. Togrul özi iki müň kişi bilen Şarneligiň leşgeriniň barabaryna gelip durdy. Şameligiň ýanynda ýigrimi müň kişi bardy. 01 buky arasyna ýetdi. Togrulyň gardaşlary bukudan çykyp, Şameiigiň leşgerini orta
tutup, köp kişisini öldürdiler. Şameligi bolsa birnäçe ygtybarly emirleri biien tutdular. Togrul üstün çykyp, ýeňiji
bolup gaýtdy. Aly han «Togrul soitan bolup, Şameligi
tutup, öldüripdir* diýip eşitdi. Namys we gussadan bimar
bolup, iki ýyldan soň wepat boldy. Ondan soň soltanlyk
Togrula karar tapdy. Uly inisi Bukady Gazneýne we ol
sebitleriň hökümetine iberdi. Kiçi gardaşy Arsian şany
Rum ýurtlarynyň hökümetine iberdi. 01 Ermene ýetdi. Öz
emirlerinden Arslan şany ermen emirligine iberdi. Özi
Ruma baryp, barça welaýatlary gol astyna aldy. Birnäçe
ýylyň dowamynda soltan Togrulyň gaşyna barardy. 01
ýigrimi ýyl patyşalyk edip, wepat boldy. Ondan soň gardaşy ....2 onuň ýerine oturyp, ýedi ýyl patyşalyk etdi. 01
hem wepat boldy. Soňra ..... 3 patyşaJyga göterdiler. Bu
uýgur diliniň adydyr. On iki ýyl patyşalyk edip. ondan soň
1 Bu at ýokarda Dukak görnüşinde getirilipdir.
2 Golýa2mada boş ýer galdyrylypdyr.
1 Golýazmada boş ýer galdyrylypdyr.
53
....1 asylzadyny Mawerannahrda patyşalyga göterdiler. 01t
samanylaryň taryhynda “Saman Hudaý” dirýip atlandyrylýan, barça samanylaryft atasydyr. Ondan soft ....2 patyşaiyk etdi. Ondan soň Löwkem Beýgi patyşa boldy. 01 heniz
kiçikä Garaşyt atly biri leşger tartyp, üstüne gelip, külli
haraplyklar etdiler. Löwkem Beýgi çykalgasyz galyp we
ejiz boidy. Onuň- sallançakdaky bir kiçi gardaşyny ýesir
edip, aldylar we olja almaga meşgui boldular.
Soňra ýene bu goşun kuwwatlanyp, gaýrat we namys
ýüzünden är we hatyn ýyglyp, Garaşydyň ardyndan bardylar. Olary syndyryp, ýeňip gaýtdylar. Birnäçe ýyldan soň,
ol çaga gardaşyna «Men ulaldym. Bu duşmanyň arasyndan özümi alyp çykar ýaly, maňa kömek hökmünde bir
goşun ibergin» diýip, habar goýberdi. Löwkem Beýgi oňa
Şerik at dakypdy. Olaryň arasyndan aýrylyp, öz gardaşyna
goşuldy. Aralarynda köp uruş bolup, halaýyklar ölüp, ahyry dolandylar. Şerik gardaşynyň gaşyna gelip, öz halyny
beýan etdi. Gardaşy oňa köp hoşamaýlyklar, mähribanlyklar we merhemetlikler etdi. 01 ýigrimi ýyl patyşalyk edip,
wepat boldy. Şerik gardaşyny tabyda salyp, bir ýyl öýde
saklady. Özi mülk işi bilen meşgul bolardy. Bir ýyldan soň
emirler ýyglyp gelip, Şerigi patyşalyk tagtynda oturtdylar
we gardaşyny jaýladylar. 01 on ýyl patyşalyk etdi. 01
wepat bolanda, ogly....... 3 patyşa boldy. Ondan soň gaýa
sümeginden4 bolan Mahmyt Sebük tegin togsan üç ýyl
patyşalyk etdi. Käbir Hindi ýurtlaryny tutdy. Onuň hekaýaty mundan öň beýan edildi. Ondan soň ogly Masgut
patyşa boldy. 01 gyşlag üçin Jürjan we Mazenderana
geldi.
Togrul öz uruglary, Seljugyň öwlat we urugy, Çagrybeg we Dawut beg bilen Merw, Balh we Hyrat welaýatlaryna eýe boldular. Soltan Masgut olardan mal diledi.
1 Golýazmada boş ýer galdyrylypdyr.
7 Golýazmada boş ýer galdyrylypdyr.
3 Golýazmada boş ýer galdyrylypdyr.
4 Sümeginden — süňňündeti.
54
Berraediler. Diýdiler:

Biz öz kişilerimize berýäris. Biz hem patyşalaryň
neslindendiris. 01 ýyl gyşlag üçin Masgut şa Jürjan \ve
Mazendarana barypdy. Çagrybeg we Dawut «Baryp, Mahmyt Gaznalyň paýtagtyny tutaiyň* diýip, geňeş etdiler.
Masgut bu wakadan habarly bolup, otuz müň kişi bilen
gelip, Merwi gabady. Seljuk perzentleri «Daňdan kepenlerimizi boýnumyzdan asypt köp mal bilen hyzmatyňyza
bararys* diýip, şäherden daşary ilçiler iberdiler. Ilçilere
bolsa, «Soltan Masgudyfi köşgüni we onuň gije ýatýan
ýerini ýagşy anyklap, bilip gelifi* diýip tabşyrdylar. Olar
gelip, anyklap bardylar. Çagrybeg derwezede ýüz kişi oturdyp, ýarym gije bolanda, barçasy ýyglyp, bir derwezeden
çykyp, ýaga gijeki çozuş etmegi ylalaşdylar. Ýarym gije
«Ýa, Dawut. innä jagalnäk halyfatun fil arz»l diýip, mynajat okaýardylar. Dawut ol aýat tefsirini mälim edip, ony
ýagşy päl tutup, ýene gulak saldy. Kary «Tugyzz män
ýeşä we tuzülli män ýeşä biýedikel haýru inneke alä külli
şeýin kadyr*2 diýip dowam edýärdi. Bu aýatyň manysyny
hem mälim edip, ony hem ýagşy päle tutdy. Batyrgaýlanyp we ýüreklenip, gardaşy Çagry begi çagyrdy. Agzybirlik bilen şäherden çykyp, duşman leşgeriň dört ýanyndan
gijelikde çozuş etdi. Derrew Masgudy tutupTDawut gaşyna getirdiler.
Seljuk kynyk sümeginden, Ulujy3 Hojanyň ogly Tuksurmyşyň tohumyndandy. Şonuň ýaly-da soitan Muhammet Horezmşanyň uly atasy Nuş tegin Arja hem Oguz
tohumyndan, begdili öwladyndandy. Nuş tegin Seijuk soltanlarynyň hyzmatkärlerindendi.
Oguz nesiinden bolýan patyşalar onuň bäş oglundandyrlar: Gaýa, Ýazyr, Eýmir, Öser, Begdili. Salyrylar hekaýaty şudur. Kyn Gorkudyň nökerlerinden bolan Şameligiň
1 Terjimesi; «Eý. Dawut! Hakykatdan-da b\z seni ýerde halyf goýduk*.
1 Terjimesi: ♦Isläniňi güýçli, isledigini biçäre edýärsiň. Haýyr seniň
eliftde, sen her bir zady başarýarsyrW.
5 Bu at ýokarda Lerakuji gömüşinde getirilipdir.
55
emirlerinden biriniň adyna Salyr Dikli diýerdiler. Şamelik
ýeňilende barça emirler Merwe ýygnandylar. Salyr öz
nökerlerinden on müň kişisi bilen göç edip, Horasan sebitine girip, Kahystan, Yspyhan we Tabs sebitlerinde näçe
ýyllap talaň we çapawullyk edýärdi. Seljuklylar ýurtlara
eýe bolanlarynda bu Salyr oiara goşulyp» niçe wagtlap
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Oguznama - 04
  • Parts
  • Oguznama - 01
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1877
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 02
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1740
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 03
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1745
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 04
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1790
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 05
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1865
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 06
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1811
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1708
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 08
    Total number of words is 4065
    Total number of unique words is 1703
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 09
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 1685
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 10
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1571
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 11
    Total number of words is 183
    Total number of unique words is 160
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.