Latin

Oguznama - 08

Total number of words is 4065
Total number of unique words is 1703
29.6 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
50.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Eger bir goýun, on, ýüz ýa-da hernäçe ýük raalyny
öldürseftizem omaçasyny şu aýdylyşy ýaly paýlasynlar.
Her haýsysy özünift oglanlary we nökerleri bilen iýsinler.
Ýene-de aýtdylar:
— Bir kişi günäkär bolsa, ol kişi patyşa oturan ýere
ýakyn bolsa-da, uzak bolsa-da, ol günäkär kişi patyşanyň
urugyndan bolsa, ýa özge urugdan bolsa-da hanyň bir
kişisi barsa we temmi berse, oňa hanyň inisi we oglany
ýa-da beglerinden hiç kim arkasynda durup gol ýapmasyn.
Eger kim arka dursa, ol arka bolan kişini patyşa işigine
getirip arkasyny gylyç bilen çapyp, iki bölmek gerek, tä
görene göz we eşidene gulak bolsun. Oguz neslinden we
bozuk oglanlaryndan bir kişini patyşa etsinler. Iki kişini
patyşa götermesinler. Sebäbi han bir bolsa, il düzeler, iki
boisa, il bozuiar. öten akyldarlar aýdypdyrlar: «Bir gyna
iki gylyç sygmaz we bir aýaly iki är almaz. Bir ýurda iki
töre sygmaz».
Bir uly kagyza ähtnama ýazyp, Gün han başlyklaýyn
inileri, oglanlary, begleri, iliniň garry we ýagşylary,
ýigitleriniň ýagşylary, barçalary atlaryn goýup, ant içip:
— Şu aýdylan sözlerden gaýtmaz biz. Eger bizden
bolan oglanlar halalzada bolsalar, tä dünýä ahyr bolýança
bu ähtnamany okap, amal ederler. Eger haramzada bolup,
ýurdy bozjak diýseier, amai etmezler - diýdiler. Şeýlelikde,
atlaryn ýazyp, möhürlerin basyp, ähtnamany Gün hanyň
hazynasynda goýdular. Oguz han ölende Gün han ýetmiş
ýaşlydy. 01 ýetmiş ýyl atasynyň ýerinde oturyp adyllyk
bilen hanlyk etdi. 01 ölenden soň Aý han ýurt tagtynda
oturyp höküm sürdi. Emma Aý han eýýamynda ogry we
haramy köpeldi. Köp il az taýpanyň malyn talap aldy. Her
taýpa bir-birine ýagy bolup, han hökümine gulak asmazlyk
edip, hetdinden aşyp, azgyn boldular.
134
ÄLEM JAHANYŇ HANY ÝYLDYZ HANYŇ BEÝANY
Ýyldyz han gündogardan halaýyga gün dek dogdy.
Ýurt tagtynda omaşdy. Onuň eýýamynda halaýygyň bagty
açyldy. U, begler barçasy sowgatlar bilen Ýyldyz hanyň
hyzmatyna geiip, boýun egdi. Uiy-kiçi barçasy onuň
adyllygyndan razy we minnetdar bolup, Ýyldyz hanyň ýanynda
boýun bolmagy we hyzmatkärligi äht we şert etdiler. 01
eýýamda onuň günden-güne bagty göterilip, atasy Oguz
han dek hanlyk sürdi. Ýyldyz han orta boýly, uly ýüzli we
çytyk gaşlydy. Owazly kişidi. Onuň lakamy A1 handy.
Sebäbi, ol haýbatly kişidi. Her kim oňa arz etjek bolsa, gösgöni arz edip bilmezdi. Eger gös-göni arz edeýin diýse,
onuň haýbatyndan gorkardy. Şonuň üçin Al han oňa lakam
boldy. Oguznamalarda şeýle ýazylypdyr. 01 köp ýyl hökümet
we hanlyk edenden soň, Ýyldyz han ol dünýä gidipdir.
GÜN HANYŇ OGLY GAÝA HANYŇ
HAN BOLANYNYŇ BEÝANY
Gün han ölenden soň, Oguz hanyň barça nebereleri
we il ýagşylary ýygnanyşyp Gaýa hany han göterdiier. 01
hem, atasy dek ile adalat edip ýigrimi üç ýyl patyşalyk
edip, öldi.
DÜÝP BAKUÝYŇ HAN BOLANYNYŇ BEÝANY
Gaýa hanyň ogianlary köpdi. Bir ogluna uly atasy
Düýp Bakuý hanyň adyn goýupdylar. Uly-kiçi barçasy bir
agyzdan Düýp Bakuýy han göterdiler. Günlerde bir gün
Düýp Bakuý han halkdan:

Bu wagtda Oguz hany gören kişi barmy? - diýip
sorady. Aýtdylar:
135

Salyr ilinden Üleş atly bir kişi galypdyr - diýdiier
Han kişi iberip Üleşi getirdip, Oguz hanyn ýurtda oturanda
nähiii iş edendigini we goşun bilen nähili ýöriş edendigini,
dostlaryna niçik garandygyny we duşmanlaryna nähili tär
edendigini birin-birin sorady. Üleş hem bilenlerini aýtdy.
Ondan soň Üleşe köp sowgatlar beripTöýüne iberdi. Düýp
Bakuý hanyň oiy begleri ýazyr ilinden Alaýn we Arian;
begdili ilinden Tekeş we Başy beg, Beýgu beg; baýyndyr
ilinden Kabyl hoja dagydylar. Han bir gun aw awlap
ýörende atdan ýykylyp ýanbaşynyň süýegi (süňki) syndy.
Şondan hem öidi. Guzy Ýawy atiy ogiy bardy. Ony patyşa
göterdiler. Otuz ýyi patyşalyk edip, ol dünýä gitdi. Guzy
Ýawynyň ogluny patyşa göterdiler. Onuň geňeş begleri
eýmir iiinden Kerunçek1, salyr ilinden Butakdy2. Şeýlede,
salyrdan Enkeşdi. Onuň ýagny Guzy Ýawynyň ogly ötenden
soň Alygul Sary beg üç arka wezir boidy. Ýüz ýigrimi ýyl
hanlyk etdiler we ol hem öldi.
OWŞAR HAN SAHYPKYRANYŇ BEÝANY
Ýyldyz hanyň uly ogly, beýik han boian Owşar han
mirasdüşerlik usuly biien hökümet tagtynda berk ornaşdy.
Ailatagaianyň çäksiz kömegi bilen ol belent mertebeli,han
köp ýyl halaýyga han we häkim boldy. Owşar han
eýýamynda barça uluslar üçin asuda, parahat döwür boldy.
Halk üçm älemiň harasaty rahata öwrüldi. Ýyldyz han
eýýamynyň geçen wagtyndan bäri halaýyk köp kynçylyk
we bizarlyk çekipdiler. Owşar hanyň hökümet we ýurt
tagtynda berkarar bolan gününden beýläk, günden-güne
onuň ykbalynyň güni gündogardan dogup, gaýgy we külpet
zulmaty ýok boldy. Atasy eýýamyndan hem zyýada ilat,
uluslar we ähli pakyrlar minnetdar we bagtly bolup, ol
* Abulgazyda Büker we Nejik diýip berilýär.
7 Pudak bolmagy mümkin.
136
adyl patyşa minnetdarlyk bildirip ýylba-ýyl toý b<
hoşwagtlyk etdiler.
Owşar han toý şaýyny taýyn edip, barça ulyhalaýyga toý berdi. 01 toýda at çapdyrdylar. Altyn
kümüş gabak atdylar. leşger we göşun çekmeklit
dindarlykda ol beýik hanyň taýy ýokdy. Hiç kim o
urşuna garşylyk görkezip bilmýärdi. Owşar han owa
ýüzli, orta boýly, tegelek sakgally, uly ýüzli, gyýma ga
uzyn barmakly, ýogyn sesli bir kişidi. Gaşynyň köplügin
oňa Tüýlek han hem diýerdiler. Owşar handan on (
boldy. Uly ogly Bekdibe handyr. Owşar handan soň hökü
we hanlyk oňa geçdi. Bekdibe halky onuň neslindendi:
Arş begden arşly halky peýda boidy. Beýleki ogullary
atlary şundan ybaratdyr: Yslam beg, Gündiz beg, Şa
beg, Papar beg, Kasym beg, Ajy beg, Onsan beg, Ah
beg. Ajy begden Ujy beg doguldy. Onuň her bir oglur
hem köp ogul dünýä indi. Olaryň her biri bir welaý.
häkim we serkerde bolup, öz döwürlerinde şöhratly boldi
Yslam beg neslinden yslam halky döredi. Şam b*
neslinden şamly halky peýda boldy. Papar begden pap
hälky döredi. Kasym begden kasymly halky döredi. Ah
begden küte, ahmetli halky döredi. Ajy begden ajly h
peýda boldy. Owşarlaryň nesilbaşylary bu on ogul
Owşar han olaryň beýik nesilbaşysydyr. Başga-da ol og>
neslinden gadymda köp tireler peýda bolup, mogol dil
her biri bir lakama eýe bolupdyrlar. Olaryň hem horrr
ata-babalary Owşar handyr. Inşa Allalagala, bu on ogulla
dörän halklary, olaryň ýurt tagtynda han boluşlary, bul
neslinden bolanlaryň hökümet we hanlyk edişleri öz ýei
beýan ediler.
Owşar han ýurt tagtyna geçenden soň, ol öz ýun
giňeltmek maksady bilen günbatar ýurtlara ýöriş edip,
şäherleri we ýurtlary golastyna aldy. Her bir ülkede kap
we azan taýpalar bar bolsa, olaryň gelşiksiz we nämyn
işlerini we hereketlerini gadagan etdi. Her bir oňa b<
137
bolmadyk taýpany ol gylyç bilen rehimsiz ýok etdi. 01
ummasyz köp leşger bilen Şam welaýatyna baryp, ol
etraplary basyp alyp, ähli halkyny baş egdirdi. Ondan soň
Rum welaýatyna bardy. 01 wagt Rum halkyna Uluw edDöwle hökümdardy. Haçanda ol beýik patyşa öz leşgerleri
bilen Rum diýaryna ýetende, Rum hany bu leşgeri görüp
gorkdy. Rum hany ol leşgerden habar almak üçin oňa
garşy bimäçe jansyzy iberdi. Jansyzlar Rum hanyna:
-Ýyldyz hanyň ogly Owşar han patyşalyk täjini geýipdir.
Ähli ýurtlary tabyn edipdir. Indi bolsa bu welaýata gelip,
çadyr gurupdyr we uruş depregini çaldyryp, söweş
meýdanynda taýýar bolup dur - diýip habar berdiler. Rum
soltany öz leşgeri bilen ol gazylaryň garşysyna çykyp,
söweş etdi. 01 jansyzlar arz etdiler:
- Siziň ähli jemagatyňyz ol sahypkyran soltanyň
leşgeriniň garşysynda edil ummana düşüp ýok bolýan bir
damja ýalydyr.
Rum soltany ol jansyzlardan bu hili habary eşidip,
tukat bolup, ýekelikde doga okap, ol ummasyz leşgerden
gorap saklamagyny Hudaýtagaladan diledi. Ondan soň
garşylyk görkezmegini bes edip, has beglerinden we ilatyň
atly-abraýly adamlaryndan bir toparyny Owşar hanyň
huzuryna ilçi edip gönderdi. Ildeşlik we garyndaşlyk
gatnaşyklaryny açmak isläp, köp sowgatlary Owşar hanyň
huzuryna iberdi. Ahyry Owşar han ondan köp nökerler we
gyrnaklar alyp, Töwriz welaýatyna ugradylar. Owşar han
Rum soltanlygyny gaýa öwladyna berdi. Inşa AUatagala,
gaýa öwladynyň ýagdaýlaryny we hanlyklarynyň ýagdaýyny
öz wagtynda beýan ederis.
Elgaraz, Owşar han Töwriz welaýatynda öz çadyryny
dikip, birnäçe gün ol ýerde durdy. Uly ogly Igdir hany
Töwrize häkim etdi. 01 her ogluny bir welaýata häkim
edip, Eýran we Turany ähli oglanlaryna paýlap berdi.
Ondan soň Yragy boýun egdirip, Ajam Yragynyň paýtagty
bolan Yspyhanda öz köşgüni saldyrtdy. 01 ýagşy raekanly
138
ýerleriň gowy howasynyň bolandygy sebäpli birnäçe ýyl ol
paýtagtda saklandy. 01 ýerde amanat dünýäni baky dünýä
çalyşdy. 01 ýetmiş ýyl hanlyk we patyşalyk etdi. Owşar
han ölenden soň, Bikdibe han atasynyň ornuna hökümetde
karar tapdy. Birnäçe ýyllar döwran sürdi. Onuň hem ajal
ýakasyndan tutup, päk ruhyny wagtlaýyn mülkünden
boşadyp, asyl mülküne geçirdi. Ondan soň Bikdibe hanyň
ogly Ikli han atasynyň tagtynda oturdy. Beýiklik we
adalatlylyk bilen hökümdarlyk etdi. Onuň eýýamynda döwlet
parahat we asudady. 01 ölenden soň, babasynyň ady dakylan
ogly Toýly Owşar han patyşalyk we hanlyk etdi. 01 hem
kyrk ýyllap beýik ata-babalarynyň döwranyny sürdi. 01
hem bu dünýäden baky dünýä ýüküni çekende, ogly Gyryk
han ýurduň hökümdary boldy. Gyryk handan bir ogul
boldy. Onuň adyny miras ýoly bilen Owşar han goýdy.
Atasynyň ölüminden soň Gyrygyň ogly Owşar hanlyga
ýetişdi. Taňry oňa merhemet eýläp, bir ogul keramat
berdi. Onuň adyna Şahruh han goýup, mülki oňa tabşyrdy.
01 atasynyň ýerine geçip, soltanlyk tagtynda gaýym boldy.
Olardan soň bolan nesiller barada jikme-jik öz ýerinde
beýan ediler.
Eger Owşar hanyň bir oglunyň we onuň her bir
öwladynyň han bolanyny we hökümet sürenini jikme-jiklikde
beýan etsek, onda beýleki taýpalara nobat ýetmez.
Owşar han bu jahandan ötmänkä, Gün hanyň, Aý
hanyň, Ýyldyz hanyň, Gök hanyň, Dag hanyň we Deňiz
hanyň, ýagny Oguzyň her alty oglunyň öwlady Owşar
hana tabyn we hemradylar. 01 şatlykly eýýamyň soňy
gelenden soň Oguzyň bu alty oglunyň nesilleriniň arasynda
dawa ýüze çykyp, Gün, Aý we Ýyldyz öwlatlary bir jem
boldy. Gök, Dag we Deňiz öwlatlary bir jemgyýet bolup,
uruşdylar. 01 habar Töwriz häkimi Bikdibe hana ýetip,
köp jemgyýet we leşger ýygnap, olaryň kömegine bardy.
Gök, Dag we Deňiz öwlatlary garşylyk görkezip bilmän,
hersi bir ýere gaçdylar. Olaryň yzyndan leşger gelip, olary
139
kowdy. Olar köp ýyllar gaçyp, onda-munda ýaşap, günlerini
geçirdiler. 01 eýýamda Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz
hanyň we Gün hanyň uly ogly Gaýa hanyň öwlatlary
Bikdibe hany han göterdiler. Töwriz we Yspyhan etraplarynda
Bikdibe han köp ýyl hanlyk etdi. 01 üç uly ogluň öwlatlary
<»Salaheddin» lakamyna eýe boldular. Ondan soň bu
salaheddin öwl-ady her bir haýyr we şer işlerinde tä
ahyr zamana çenli agzybir boldular.
Owşar hanyň neslinden bolan Gyzyl beg ol eýýamda
ilbegidi. Ondan bir ogul boldy. Onuň adyna Polat goýdular.
Polat tiresi Gyzyl beg neslindendir. Owşar ili beýik we
uly ildi. Başga-da käbir illerden birnäçe halk aýrylyp gelip,
ol ýagşy röwüşli Owşar iline goşulardy. Olar ol ilden köp
ýagşylyklar gördüler we soňra bölünip aýrylmadylar. Awan
tiresi hem olardandyr. Ýene bir kişiniň ady Sunj Hojady.
01 hem gelip, Owşar iline goşuldy. Owşar ilinde bir tiräni
Sunj Hoja diýip atlandyrdylar. Owşar hanyň asyrynda
Fahreddin diýen bir kişi bardy. 01 kişi kanagatly, akylly
we hyzmata gaýym kişidi. Onuň mynasyp hyzmatlary
aýan bolandan soň, Owşar han ony wezir edip belledi.
Fahreddin köp ýyllap hyzmat etdi. Owşar ilinde ondan bir
jemagat halk peýda boldy. Fahreddin tiresi ol weziriň
neslindendir. Inşa Aliatagala, mundan soň Ýyldyz hanyň
ogly Owşar han öwlady barada beýan we gürrüň ediler.
Häzir Gaýa han öwladyndan birnäçe sany han we beg
bolanlaryň beýany ediler.
GÜN HANYŇ OGLY GAÝA HAN ÖWLADYNYŇ WE
GUZY ÝAWY HANYŇ HÖKÜMETINIŇ BEÝANY
Guzy Ýawy han Gaýa hanyň ogludyr. Rum welaýatynda
hökümet tagtynda karar tapan Guzy Ýawy hanyň ýagşy
hereketlerinden barça halaýyk minnetdar we şat boiup,
pukaraiar we alymlar ol beýik we şöhratly soltanyň adyna
140
«jan derazlyk* («ömri uzak bolsun*) dogasyny okaýardylar.
01 beýik soltan batyr, akyldar we ugurtapyjy kişidi. 01
etraplarda kimdir biri onuň gadyryny bilmän ondan ýüz
öwürse, leşger bilen onuň üstüne baryp, temmisini berip,
talap gyrardy. Talaňçylaryň we haramylaryň hiç biri
talaňçylyk edip bilmezdi. 01 wagtda Gün hanyň ogly
Gaýa hanyň öwladynyň barçasy Rum welaýatynda Guzy
Ýawy han bilen birleşdiler. Olaryň her bir öwladyny Rum
ýerlerinde bir ile häkim dikdi. Köp ýyl parahatlyk we
hatyrjemlik bilen wagtlaryny geçirip, han boldy.
Elgaraz, soltan Keýkubat we Guzy Ýawy han uruş
baýdaklaryny dikip, birnäçe wagt sap tutup, uruş etdiler.
Iki tarapdan hem köp halk we esger heläk bolup, ahyry
Keýkubat Guzy Ýawydan üstün çykdy. Bir gije Guzy
Ýawy pursat tapyp, Gaýa öwlatlary bilen Rum paýtagtyndan
gaçyp, salaheddin iline goşulyp, ol ile serdar boldy. 01
wagt Gök hanyň ogly Ulja we Dag hanyň ogly Salyr her
birisi öz iline baştutandy. Guzy Ýawy han ol ilata goşulandan
birnäçe wagt geçenden soň ilat arasynda uruş bolup,
pytradylar.
Inşa Allatagala, gaýa öwladynyň ýagdaýlarynyň
nähilidigini we neneňsi bolandyklarynyň beýany edilenden
soň, ol ilatyň başy we bölünişi barada jikme-jik beýan
bolar.
Elgaraz, Guzy Ýawy Rum welaýatyndan gaçyp
gidenden soň, Keýkubat Samany Ruma häkim bolup,
halyflyk tagtynda oturdy. Rum halky oňa boýun bolup,
hyzmatkärlik etdiler. Ondan soň bimäçe ýyl Rum hökümeti
gaýa öwlatlarynyň elinden gidip, samanylaryň öwlatlarynda
karar tapdy. Seljuk neberesiniň işleriniň güni gündogardan
dogýança, samanylar birnäçe ýyl Rumda hökümet etdiler.
01 eýýamdan soň Rum hökümeti ýene Gaýa hanyň
öwladyna miýesser boldy.
141
SELJUK NESLIYIŇ BEÝANY
Gaýa halkynda Seljuk diýen bir kişi bardy. Rum
patyşasynyň weziri Seljugy özüne ogul okady. 01 wezir
wepat bolandan soň, patyşa Seljugy wezir ornuna geçirdi.
Biraäçe ýyl wezir bolup, hyzmatkärlik etdi. 01 halaýyga
köp adyllyklar etdi. Onuň adyllygyndan we ýagşy
hereketlerinden pukaralar we alymlar barçasy razy we
minnetdardylar. Birnäçe ýyldan soň Rum patyşasy wepat
boldy. Barça halk uly-kiçi ýygylyp, Seljugy patyşa etdiler.
Ondan soň Rum hökümeti ýene gaýa Öwladyna miýesser
boldy. Seljuk şadan iki ogul boldy. Birisi Alp Togrul han
we ýene birisi Çagry beg. Uly ogly Alp Togrul örän
gaýratly we töwekgelli kişidi. Onuň neslinden töwekgelli
halky döräpdir. Töwekgelli sözöniň asyl manysy
töwekgellikdir. Mogol dilinde töwekgelli diýip atlandyryldy.
Soltan Osman han, soltan Myrat han, soltan Mälikşa,
Ýyldyrym Baýezit han we soltan Ur han töwekgellilerdendirler. Häzir töwekgelli halkyndan bolan han we begler ol
öwlatdandyrlar. Çagry beg öwladyndan soltan Süleýmanşa,
Saruçky beg, soltan Selim han dagy peýda bolup bulara
Oguz hanly diýerler. Bular gaýa öwladyndandyrlar. Rum
şäherine patyşa bolanlar bu öwlatdandyrlar.
Dogrusyny Atlatagala bilýändir.
OGUZ HAN ILINIŇ ÝURTLARY, OL ÝURTLARDA
NÄÇE ÝYL OTURANLARY WE NIÇIK TÜRKMEN
D IÝIP AT GOÝANYNYŇ BEÝANY
Oguz handan Guzy Ýawy hana çenli ýagdaý şeýledi.
Indi, Ynal han zamanynyň beýanyny ederis. Barçasy
dogrudyr, hiç ýalňyş ýokdur.
Guzy Ýawy han bilen Ynal hanyň arasynda dört müň
ýyl bardygyny anyk bilýäris. Şonuň üsti bilen biz Oguz
142
hanyň Keýumers zamanynda bolandygyny bilýäris. Ynal
Ýawy hanyň weziri-wekili gaýa halkyndan bolan Gorkut
atady. 01 Bagdat şäherinde bäş ýüz ýyl patyşalyk eden
biziň pygamberimiziň agasy Apbasyň ogullarynyň zamanynda
ýaşapdy. Keýumers bilen Apbasyň ogullarynyň arasy bäş
müň ýyldyr. Guzy Ýawy han Oguzyň bäşilenji' ogludyr.
Guzy bilen Gorkut atanyň hany Ynal Ýawynyň arasynyň
näçe müň ýyl boljakdygyny özüňiz hasap edip görüň. Indi,
bu aýdylan dört müň ýylda birme-bir, atma-at kimiň bolanyny
we kimiň bolmandygyny biz bilýäris. Jikme-jik aýtmasak
hem başyndan-aýaga çenli atlaryny aýdarys.
Oguz iliniň ýurtlarynyň gündogary Yssykköi we
Almalyk, kyblasy Saýram we Kazgurdyň başyndan Garajygyň
aýagyna çenli, demirgazygy Ulydag we misiň käni bolan
Kiçidag, günbatary Syrderýanyň aýagy Ýaňykent we
Garagum. Şu aýdylan ýerleriň içinde we ornunda dört
müň we bäş müň ýyl oturdylar. Haýsy urugy köp bolsa,
ondan patyşa göterdiler. Gaýa urugy, baýat we bäş-alty
sany az uruglar oňa goşulýardyiar. Salyrdan bir kişini
patyşa göterdiler. Salyr urugy, eýmir we bimäçe uruglar
oňa goşuldylar. Salaheddin ilinden bir kişini patyşa göterdiler.
Owşar, gyzyl, begdili, garkyn, ýapar we bimäçe az urugly
il oňa goşuldyiar. Ýazyrdan bir kişini patyşa göterdiler we
bimäçe az uruglar oňa goşuldylar. Mundan hasap edip
görseň, köp urugdan patyşa göterip, az uruglary oňa
goşulýardylar. Käwagt alty-ýedi top bolýardylar. Käwagt
üç top we dört top bolýardylar. Biri-biri bilen ýagy bolup,
biri-birini çapýardylar, ýesir edýärdiler. özlerinden artan
ýesirlerini Mawerannahr söwdagärlerine satardylar. 01
wagtda Yrak, Horasan we Mawerannahryň patyşalary,
harbylary we raýatlarynyň barçalary tatdy. Tatdan özge
kişi ýokdy. Soltan Mahmyt Gaznawynyň atasy Sebük
tegin gaýa halkyndandy. Özge türkmenler ony ýesir edip,
bir söwdagäre satypdylar. Beçene urugy hem özünden
1 Bu ýerde Oguzyň bäşinji arkasy göz öftiinde tutulýan bolsa gerek.
143
löre göterip. salyr ili bilen ýagy bolup, çapyşýardylar.
Bäş-alty arka çenli bu iki ilift arasynda duşmanlyk bolupdy.
Beçene ili salyr ilinden üstün çykdy. Onuň üçin saiyr ili ♦
beçene halkyny «it beçene» diýerlerdi. Beçene iliniň
Doýmadyk (Tutmadyk) diýen bir patyşasy gelip, saiyr ilini
çapdy. Salyr Alpyň enesi Gypjakiyny olja aldy. Üç ýyldan
soň kethudasy1 Igiş olara mal berip, Gypjaklyny gaýdyp
aldy. Bu" sözlerden görnüşi ýaly, çapýanlar öz ýurtlarynda
oturyp, çapylan iliň ýowdan gutulanlary Mawerannahra
gaçyp barýardylar. Şeýlelikde, bara-bara, türkmeniň köpüsi,
welaýatlara düşdi, az sanlysy galdy. 01 wagtda türkmenleriň J
aňry tarapynda oturan iller köpdi. Onuň haýsy birini aýdaýya
Barça illerden türkmene ýakynrak oturan hytaý, gaňňaly,
we naýman taýpalarydy. 01 iller türkmenleriň galany bilen:
uruşardylar. Türkmenler Yssyköli, Almalygy, Saýramy,
Ulydagy, Kiçidagy we bu ýurtlaryň barçasyny taşlap Syr
suwunyň aýagyna geldiler, patyşalary Ýaňykentde oturyp,
özleri Syryň iki tarapynda ýaýlap we gyşlap, on arkalary
ötünçä oturdylar. Mawerannahra düşen türkmenlere, täjikler
ilki başda türk diýýärdiler. Bäş-alty arka ötenden soň
Birke suwa baranda, çekgeleri gysyk, gözleri uly, ýüzleri
kiçi we uly bolup başlady. Türkmen ýurduna gelenlerinde,,
oturan illerinden ýesirler we söwdagärler Mawerannahra;
gelip başlady. Olary görenlerinde täjikler türk diýýärdiler.)
Öňki türklere «türk manend* diýip at goýdular. Onuň,
manysy «türke meňzär* diýmek bolar. Garafmaýak] halk
«türk [manendl* diýip bilmänsoňlar türkmen diýdiler.
YNAL ÝAWYNYŇ HAN BOLANYNYŇ BEÝANY
Gaýadan bolan Gara Hojanyň ogly Gorkut ata, Salyr'
Enkeş hoja, Uşban hoja başlyk we barça oguz ili ýygylypl
1 Kethuda * bu söz «Oguznamada» köplenç «Adamsy, äri» manysyndai
gelýär.
144
gaýa halkyndan Enbal1 Ýawyny patyşa göterdiler. Weziri
Gorkutdy. Gorkut näme aýtsa, Enbal Ýawy onuň sözünden
çykmazdy. Gorkut atanyň keramatlary köpdi. Iki ýüz togsan
bäş ýyl ömür gördi. Üç patyşa wezir boldy. Enbal Ýawy
ýedi ýyl patyşalyk etdi. Iki ogly bardy. Bir ogiunyň ady
Al, kiçisiniň ady Düýli Gaýa. Ony öz ornunda oturdyp
gitdi. Düýli Gaýa hem Gorkudyň sözüne amal ederdi.
Gorkutdan başga hem iki ynak begi bardy. Birisi salaheddin
ilinden Bükdüz atly we biri igdirden Dütge atly. Düýli
Gaýa köp ýyllar patyşalyk etdi. Ogly ýokdy. Iş edip we
ýaş ýaşap uzak ömür tapyp, wepat boldy.
DÜÝLI GAÝANYŇ GARYNDAŞY ERKINIŇ ŞA
BOLANYNYŇ WE OGLY DUMANYŇ DÜNÝÄ
GELENINIŇ BEÝANY
Erki atly bir ýakyn garyndaşy bardy. 01 ýas eýesi
bolup oturdy. Barça oguz ili ýasa ýygylyp, geldiler. Gorkut
başlyklaýyn barça begler soradylar:
— Hanyň aýallaryndan göwrelisi barmy?
Bir eneke aýal gelip aýtdy:
— Hanyň bir aýaly göwrelidir. Tiz perzent bolar
diýen umydymyz bar.
Birnäçe günden soň «hanyň ogly boldy* diýip, söýünji
dilediler. Erki başlyklaýyn barça begler söýünji berdiler.
Erki halka sawun2 saldy. Her kim hümmetine laýyk sawun
getirdiler. Dört ýüz ýylky we dört müň goýun öldürdi.
Bulardan başga üç howuz bitirdi. Birisini meý, birisini
gymyz we birisini gabyk3 bilen doldurdylar. Bir aý gijegundiz toýda barça ýagşy-ýaman aýşy-eşrete meşgul boldular.
01 toýda garrylar ýaşyny, malsyzlar malsyzlygyn we mallylar
1 Ýokarda Ynal görnüşinde getlrilýär.
7Sawun • 1. Halk haýramy. 2. Gymyz. 3. Toý habary.
3 Abu!gazyda gatyk diýlip berilýär.
10. Sargyl Xt37S. Ogmnama
145
ölümin unutdylar. Oguz ili Gorkuda aýtdylar:
— Bu oglana ýagşy at goýgyl.
Gorkut:
— Munuň ady Duman han bolsun.
Halk aýtdylar:
— Mundan ýagşy at bolmaz.
Gorkut:
— Düýli Gaýa han ölen güni biziň ýurdumyzy duman
tutup, garaňky boldy. Bu ogul dumanda dogdy. Onuň üçin
Duman goýdum. Ikinjiden hem «Duman uzak durmaz, ol tiz
ýitip gidýän zatdyr» diýip köňlümde ýagşy yrym we niýet
etdim. Onuň üçin Duman at goýdum. Dumanly gün güneşli
bolar. Dumanyň soňy ýagty bolar. Dumany bu oglanyň
ýaşlygyna meňzetdim. Güneşli güni oglanyň ýigit bolup,
atasy tagtyna oturyp, uzak döwletli bolanyna meňzetdim.
Barça halk muny eşidip, Gorkuda «aperin, aperin*
diýip, hoşal boldular. Dumana köp dogalar etdiler. Gorkut
başlyk we barça-barça halk Erkä aýtdylar:
— Bir aý toý tutduň. Aşyň tamam boldy. Howuzlara
salan gymyz we aýranyň kölüň suwundan köp boldy. Indi,
bu günden soň seni Köl Erki han diýeli. Duman seniň
ogluňdyr. Sen agaň Düýli Gaýanyň ornunda oturyp, hanlyk
etgil. Haçanda Duman ýigit ýetse, oňa näme berjegiňi
özüň ýagşy biler sen.
Köl Erkini han saýladylar. Halk ýagşy ýaşaýyşa başlady.
Duman ýigit boldy. Düýli Gaýanyň baýry kişileri Dumana
söz berdiler:
— Patyşalyk ataňdaň saňa miras galandyr. Barça
halk agzybirlik bilen «Her haçan sen uly bolsaň, tagty
saňa tabşyrsyn» diýen şert bilen hanlygy Köl Erkä amanat
tabşyrypdylar.
Duman bu sözi eşidenden soň ýekelikde bu sözleri
Gorkuda aýtdy. Onuň maslahaty bilen iliň ýagşylaryny
çagyrdy we toý tutdy. Gorkudy öýüň töründe oturdyp,
Köl Erki han egilip, gymyzly käsesini içdi. Gorkut we
146
barça halk aş iýip bolandan soň, Köi Erki aýtdy:
— Eý, il we halk! Barçaňyz biiýärsiňiz, patyşalyk
Dumanyň hakydyr. Bu wagta çenli Duman ýaşdy. Onuň
üçin men hanlyk edýärdim. Indi, Duman uly ýigit boldy.
Atasynyň tagtyny tabşyrýaryn.
Barça halk Gorkuda aýtdylar:
— Hanyň we barça oguz iliniň ygtyýary seniň goluňda.
Özüň ne işi mynasyp görseň, etgil.
Gorkut bu sözi eşidenden soň, kişi iberip, Dumany
öýüň ortasyna getirdip, aýtdy:
— Sen ýaş halyňdaka ataň öldi. Köl Erki hem ataňdyr,
hem agaň. Sen dünýä geleniňden bu çaka çenli köp emgekler
bilen saňa ýagşy seretdi. Täç, tagt we il barça ýurt
seniňkidir. Senden haýyşymyz, birnäçe gün sabyr etgii.
Agaňyň bärsinden aňyrsy ýakyndyr.
Duman aýtdy:
— 01 barça oguz iliniň ýagşysy, atamyň weziri we
meniň babamdyr. Siziň sözüňizi kabul etdim.
Köl Erkiniň bir gyzy bardy. 01 örän görkli, ataenesiniň barça işlerine erkli bir gyzdy. Gorkut Köl Erki
bilen Duman barada sözleşip, ýedi gije-gündiz toý tutup,
patyşalara laýyk esbap we düzgün bilen gyzyny Dumana
tabşyrdy.
Owşar iliniň Aýna atly bir hany bardy. Bu gyza ogly
üçin söz aýtdyrypdy. Köl Erki kabul edip, guda bolupdylar.
Aýna han gyzyň Dumana berilenini eşidenden soň, goşun
ýygnap, Köl Erkiniň üstüne ýöredi. Köl Erki hem uly
goşun bilen garşy baryp, urşup, Aýnany basdy. Aýnanyň
ogluny öldürdi. Owşaryň Ieşgerini gyrdy. Aýnany kowup,
ýurduna bardy. Ýurduny basyp aldy. Bir aý onda oturdy.
Aýna gaçyp, özi ile1 bardy. Köl Erki ant içip, Aýna kişi
iberip aýtdy:
— Bu ýamanlygy eden sen däldiň, ogluňdy. Gel,
ýurduňa eýe bol Yzyma dolanjak.
J Abulgazyda özge ile gömüşinde berilýär.
147
Ilçi baryp, bu sözlerift barçasyny aýtdy. Aýna ynanyp,
gelip Köl Erkini gördi. Köl Erki ýurduny Aýna tabşyryp,
gaýdyp, öz ýurduna düşdi.
DUMANYŇ OGLUNYŇ BOLANYNYŇ W E OŇA
ÝAWLY AT GOÝANLARYNYŇ, ÝIGIT ÝETENDEN
SOŇ GANLY ÝAWLY AT GOÝANLARYNYŇ BEÝANY
Dumanyň Köl Erkiniň gyzyndan bir ogly boldy. Adyna
Ýawly goýdy. 01 dogumly pälwandy. 01 ýigit çykdy. Bir
gün suwuň ýakasynda ýigitler bilen oýnap ýördi. Bir ýigit
bilen uruşdy. Ony uraýyn diýip, zat gözledi. Ýakynynda
bir düýp garagandan özge zat tapmady. Onuň ujundan
tutup, düýbünden goparyp, ol ýigidiň boýnuna urdy. Onuň
boýny üzüldi. Ýigit öldi. Köl Erki han, Duman, Gorkut we
barça begler otyrdylar. Ýawlynyň bu eden işini aýtdylar.
Uly we kiçi, ýagşy we ýaman, gören we eşiden geň-taň
bolup, haýran galdylar. Duman aýtdy:
— Bu oglanyň adyna bu wagta çenli Ýawly diýýärdik. •
Indi, Ganly Ýawly diýmek gerek.
Ondan soň oňa barça halk Ganly Ýawly diýdiler.
Günlerde bir gün Köl Erki han ýekelikde otyrdy. Duman
hem ol ýerdedi. Ganly Ýawly işikden girip, geldi. Ortada
oturyp Köl Erkä bakyp aýtdy:
— Eý, baba! Bu üstünde oturan tagtyň uly atam
Düýli Gaýanyňkydyr. Bu wagta çenli atam Dumany ýaş
görüp, bermediň. Indi, ne üçin bermeýärsiň?!
Köl Erki han başyny aşaga salyp köp oturdy. Bir
pursatdan soň başyny göterip, aýtdy:
— Bu sözi men mundan öňräk aýdarsyň diýip, umyt
edýärdim. Aýratynam tiken bilen kişiniň boýnuna uran
günüň. Rast aýdýarsyň. Gowusy we ýagşysy hanlygy indi
ataňa tabşyrmak gerek.
148
DUMANYŇ HAN BOLANYNYŇ BEÝANY
Köl Erki bu sözleri aglygyndan eşidenden soň, Gorkut
başlyklaýyn barça oguz iline kişi iberip, getirdip, uly toý
tutdy, Dumany han göterip, tagtynda oturtdy. Köl Erki
aýak üstünde durup Duman hana aýtdy:
— Ataň ölüp, meniň bu tagtda oturyp, ili sorap
oturanyma otuz bäş ýyldyr. Senden haýyşym, men niçik
iliň ýagşy we ýamanyny sorap, ne ýol bilen patyşalyk
eden bolsam sen hem şol ýol bilen ýöregeý sen.
Aýtdy:
— Ýagşy aýdýarsyň! Eger müň döwletim bolsa hem
siziň bu nesihatlaryňyzy kabul eder men.
Ýurt sözleri tamam boiandan soň, Köl Erki han Ganly
Ýawlynyň ýüzüne bakyp, aýtdy:
— Eý, gyzymyň ogiyt «Gyzyňdan bolan dost bolmaz*
diýip eşidipdim. Ötenleriň sözlerini ýalana çykarmadyň.
Duman han dört aý hanlyk etdi. Ondan soň Gorkut
başlyk we barça halk Dumana aýtdyiar:
— Taňra şükür et! Ganly Ýawly atly ýagşy ogluň
bar. Patyşalyk oňa mynasypdyr. Patyşalygy oňa berip,
özüň aýşy-eşrete meşgul bolgaý sen.
Duman kabul etdi. Patyşalygy ogluna berip, çyn köňül
bilen Taňrynyň bendeligini edip oturdy.
GANLY ÝAWLYNYŇ HAN BOLANYNYŇ BEÝANY
01 ajaýyp batyr, mergen we pälwandy. Dört tarapyndaky
ýurtlaryň barçasyny alyp, özüne boýun egdirdi. Onuň
zamanynda böri goýuna we bars keýige zor edip bilmezdi.
Bürgüt towşana we garçgaý käkilige zor edip bilmezdi.
Illeri düzüp, ýatlary bozup we özine meňzeş patyşalardan
ozupt togsan ýyl patyşalyk edip, wepat boldy.
149
MUR ÝAWYNYŇ HAN BOLANYNYŇ BEÝANY
Ganly Ýawlynyň iki ogly bardy. Uly oglunyft ady Mur
Ýawy, kiçisiniň ady Gara Alp Arslan. Olar bolanynda
ýurdy iki böldi. Türküstany we Ýaňykendi Mur Ýawa
berdi. Talaş bilen Saýramy Gara Alp Arslana berdi. Birnäçe
ýyl ötenden^soň Gara Alp Arslan agasy Mur Ýawy bilen
ýagy boldy. II ýagşylary nesihatlar berip, bir şert goýdylar.
Gara Alp Arslan razy bolmady. Ahyr ikisi leşger tartyp,
Saýramyň üstünde uruşdylar. Mur Ýawy üstün geldi. Gara
Alp Arslan uruşda öldi. Barça il ol ölenden soň Bugrany
patyşa göterdiler. Bugra han barça öten atalaryndan artyk
boldy. Uly leşger bilen gelip, Buhara we Samarkandy
atypi öz garyndaşlaryna gaýdyp gitdi. Ondan soň gelip,
Horezm mülküni alyp, köp ýyllar onda patyşalyk etdi. Bir
gezek Warka tarapynda leşger tartyp baranda bir gün han
aýtdy:
— Köňlüm bugdaý unundan bolan aş isleýär.
Aşpezleri aş esbabyn tapmadylar. Han un getirtdi.
Hamyr etdi. Özi goly bilen gazana saldy. Oturan nökerleri
hem hana eýerdiler. Bişirip, içdiler. Aýtdylar:
— Bu aşyn ady Bugra hany boisun.
Bu gün halk içinde «Bugra» diýip bişirilýän aş ol
aşdyr. Hanyň üç ogly bardy. Ulusynyň ady II tegin, ikinjisiniň
ady Guzy tegin we üçünjisiniň ady Beg tegindi. Beg tegin
sözüniň manysy gadym türkmen dilinde «suratly» diýmekdir.
Han garry bolandan soň patyşaiygy Guzy tegine berdi.
Özi dynç oturdy. Babyr atly aýaly bardy. Örän akylly,
dindar, takwa we parasatlydy. 01 üç oglanyň enesidi. 01
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Oguznama - 09
  • Parts
  • Oguznama - 01
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1877
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 02
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1740
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 03
    Total number of words is 4062
    Total number of unique words is 1745
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 04
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1790
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 05
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 1865
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 06
    Total number of words is 3979
    Total number of unique words is 1811
    28.4 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 07
    Total number of words is 3998
    Total number of unique words is 1708
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    46.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 08
    Total number of words is 4065
    Total number of unique words is 1703
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 09
    Total number of words is 3976
    Total number of unique words is 1685
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 10
    Total number of words is 4014
    Total number of unique words is 1571
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Oguznama - 11
    Total number of words is 183
    Total number of unique words is 160
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.