Latin

Günüň öýi - 5

Total number of words is 3356
Total number of unique words is 1950
30.9 of words are in the 2000 most common words
43.4 of words are in the 5000 most common words
50.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Her hilisi bar.
Deňziň gujagynda
Dänjireşip ýör,
Çagalarny synlap,
Tolkundy deňiz —
Tolgundy deňiz.
257
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BALYJAK
Balyjak ýaşaýar
Gabyň içinde.
Oňa gökden gaçýar
Iýmit gaçanda.
Balyga şoň üçin
Gündiz-u-gije,
Agzyn göge tutmak
Bolupdyr pişe.
Ýüzmek uzakly gün
Onuň bar işi.
Suw içende görýär
Görende düýşi.
Şol ýerde elewräp,
Aşyram atýar.
Çykyp bilmejegne
Oň akly ýetýär.
Her gün onuň daşy
Oglandan doly.
Olaň elem açyk
Ýüzleri ýaly.
258
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Balyjak olardan
Edenok kine.
Wah, bir zady olar
Ýatlanok ýöne.
Onuň balykdygny
Ýada salýan ýok.
Onuň arzuwlarny
Syzyp bilýän ýok.
Oňa ulalmaga
Maý berenoklar.
Ony kit bolmaga
Goýberenoklar.
259
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
IŇ SOŇKY BALYK
Bu wakanyň özüm
Şaýady boldum.
Hiç alamat ýokdy
Ol mahal ýelden.
Gözýetim o ýüzde
Ýatyr keserip,
Deňiz guşy bolup,
Ganatyn gerip.
Gün ýok, ýogsa o-da
Asmandan gelip,
Deňze çaýylardy
Lowurdy bolup.
Otyryn kenarda
Çeňňegim bilen,
Ýok henizem meniň
Habarym alan.
Ahyrsoňy geldi
Şatlyk pursady.
Ýüregim dar görüp,
Urdy gursagy.
260
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Çeňňegimde balyk,
Göçgünim ýetik.
Bagtly boldum ony
Arkama atyp.
Şowly gün bolarly
Meniň bu günüm.
Ikinji balykda
Ýüregim meniň.
Deňiz üýtgeýänçä
Şemala uýup,
Gaýtmaly bolýançam
Kenary goýup,
Oturyp garaşdym,
Turup garaşdym,
Hyýalymda balyk
Görüp garaşdym.
Seret, indem munuň
Boluberşine,
Agdar-düňder boldy
Deňiz durşuna.
261
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Äpet-äpet gomlar,
Hersi dagça bar.
Özlerni kenara
Ýüzin taşlaýar.
Deňiz deňelýän zat
Giňe dünýäde.
Deňiz üýtgemeýär,
Şeýle bir zada.
Soramsoň özümden
«Deňze näm boldy?»
Şonda şeýle pikir
Kelläme geldi.
Galan däldir, belki,
Bu suwda balyk.
(Göwnüme şu balyk
Iň soňky ýalak).
Belki-de, şeýledir,
Soňky balykdyr.
Onda deňziň menden
Göwni galypdyr.
262
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Balygymy deňze
Gaýtaryp berdim.
Goý, onuň ýüregi
Ýerine gelsin.
Deňiz geler ýene
Öňküligine.
Begenýän balygyň
Şoňkulygyna.
Beýle kiçi bolman,
Bolsun dag ýalak.
Nämä gerek maňa
Iň soňky balyk.
263
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BÄŞINJI «A» SYNP
MEKDEP HOWLUSYNDA
Mekdebiň howlusynyň
Gujagyny dolduryp,
Ýatyr agşam düşen gar,
Begendik ony görüp.
Soňam biz ýerli-ýerden
Onuň daşyna geçdik.
Gar zyňyşyp oýnadyk,
Kowalaşdyk hem gaçdyk.
Gyzlaryň zyňan gary
Telim bir degdi maňa.
(Gar paýyňy almasaň,
Geçere ýol ýok saňa).
Howludaky bar gary,
Çaşyrdyk biz şeýdibem.
Düşer ýene şu güne,
Ýagaýsa gar gaýdybam.
264
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
AÝDYM
Aýdym sapagy gelse,
Her gezek iki bolup,
Aýdym aýdýas: «Azaşyp,
Ygyp ýör akja bulut...»
Mugallymam halaýar
Sesimiziň ýakymyn.
Bizi diňläp oturýar
Soň bir gyra çekilip.
«Azaşan buldy» hemmäň
Eý görýäni örän hak.
Has-da ony Gül bilen
Ikimiz goşup aýtsak.
— Azaşan akja bulut
Bölejik süri bolup,
Uly sürini idäp,
Barýar gökden yz salyp...
Diňe, Garla haýran men,
Gaşlary çytyk ýene.
Gül bilen aýdym aýtsam,
Düşäýýär ol bir güne.
Aýdym aýdýas biz bolsak,
Bäri-bärlerde durman.
Aýdym aýdýas ses goşup,
Hiç zada üns bermän.
265
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GOŞGY
Mekdebiň gazetiniň
Şu gezekki sanynda
Meniň bir goşgym çykdy,
Suratym hem ýanynda.
Taryplapdym pişigi,
(Ýogsam, tema-da kändi.)
Okap beren mahalym,
Özem erbet görmändi.
Arakesmede ony
Okady mekdep üýşüp.
Taryplanam tapyldy,
«Şahyr bolar şu» diýşip.
Gyzlaram ony okap,
Aýlaşyp maňa gözün,
Pyşyrdaşyp durdular:
«Şol oglan şuny ýazan...»
Görsem-de men, bar zatdan
Habarsyz bolan bolýan.
Guwanýaryn özüme,
Gazete golaý gelmän.
266
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Güjügme-de goşgymy
Gelemsoň okap berdim.
Diýdi o-da ýalmanyp,
«Ýazylşyn gowy gördüm».
Soňam diýdi: «Bir bellik,
Goşgyň temasy pişik.
Näme gowluk etdikän,
Biz — itlerden üýtgeşik?
Ýadymda ýok meniň-ä,
Artykmaç eden zady.
Seniň goşgyňda bolsa,
Ol iliň göwünşady».
Asylly it hemişe,
Örän sypaýy bolýar.
Düşündim men, onuňam
Goşgy bolasy gelýär.
267
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
JANYŇ ÝANÝAR
Dutar alsam elime,
Ejem diýýär: «Goýsana,
Şol ýürege düşdini
Çalyp başlady, ana!»
Kakamam diýýär görse:
«Goý, taryny üzersiň.
Ýaş bolýarsyň entek sen,
Ony çalyp-düzerden!»
Höwesim ýok diýjek däl,
Dutarly düýş görýän kän.
Käte bolsa dostlarma
Birki heň çalyp berýän.
Ejem dutardan bizar,
Kakam ony çalanok.
Ol atamyň dutary,
Wah, atam jan,
Wah, şol ýok...
Görýär onuň hözirin
Daşynyň mahmal gaby.
Ine, meniň sazanda
Bolmajagmyň sebäbi.
268
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
WETERAN BILEN
Duşuşyga geldi
Goja weteran.
Onuň ordenleri,
Medallary kän.
Ol biziň synpyň
Bu gün gelşigi.
Ilki gürrüň berdi
Ýesir alşyny.
Getirensoň onuň
Baglap goluny.
Dowam etdi ýene
Söweş ýoluny.
Geçdi derýalardan
Köprüler gerňäp.
Gyrdy duşmanlary,
Tokaýy derňäp.
Garymdan garyma
Süýrenip geçdi.
Duşmanyň üstüne
Ýene ot açdy.
Bizem barýas onuň
Yzyna düşüp...
Gabadyk Berlini
Biz bileleşip.
269
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
KÖMELEK
Dostum Durdy ikimiz,
Bir gün irden gol aşdyk.
Şol gün biz kömelegiň
Ýene boluna duşduk.
Wah, duz alman ekenik,
Iýäýjekdik, bolmady.
Ýöne ony başga-da
Beresimiz gelmedi.
Dilleşdik biz şol ýerde,
Erte gelip iýeli.
Öýe bolsa hiç zadam
Tapylmady diýeli.
Hezil edip doýaly,
Şorawja kömelekden.
Bardyr bolaýýan wagtam,
Isläp, bolsady ekseň.
Ertir ýada düşse-de,
Ýygşyran kömelegmiz,
Okuw, sapak sebäpli
Sypynyp bilmedik biz.
Üç gün aradan ötdi,
Bardyk şol ýan tirkeşip.
Ähli kömelek harap
Bolan eken gurt düşüp.
270
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ZÄHMET SAPAGY
Her gezek bolanda
Zähmet sapagmyz,
Bir atyza baryp
Işleýäris biz.
Ýer depýäris,
Birde joýa çekýäris.
Ýaz aýlary
Ekin baryn ekýäris.
Öwrenýäris şeýdip,
Biz ýeriň tabyn.
Güýz bolsa ýygnaýas
Pomidor, gawun...
Mugallymyň özem
Pil alyp ele,
Hars urup işleýär
Herne biz bile.
Bir özi gutarjak
Işiň baryny.
Ol şeýdip ýörensoň
Durup bolýarmy?
Kolhoz haýsy işin
Berse-de bize.
Ynanýarys indi
Başarjagmyza.
271
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ARAKESMEDE
Ýadap arakesmä
Çykanda klas.
Aýsona tans etse,
Hezil bolýar has.
Kimedir birine
Hut sargalan dek.
Tapylaýýar dutar,
Ýa bolmasa, dep.
Ol tans etse klas
Alýa-da beleň,
Tans edip başlaýar
Aýsona bilen.
Ýöne Aýsonanyň
Oýny üýtgeşik.
Saçlaram dur onuň
Egnine düşüp.
Birde ol kebelek
Göterlen gülden.
Birde-de tez jeren,
Tazygan ýelden.
272
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Hezillikden gözüň
Aýryp bolanok.
Tansdan özge hiç zat
Kellä gelenok.
Ýeke-täk arzuwy,
Köpçülik — käniň.
Uzagrak bolmagy
Arakesmäniň.
273
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
DOST
Sözümiz azaşdy
Nurnazar bilen.
Ol az-kem günäkär,
Azajygam men.
Şondan bärem indi,
Men pikire gap.
Oýurganyp ýörün,
Böwrümi diňläp.
Akyl berdim birde
Öz-özüme men.
Duşuşjak bolmaly,
Beýdip ýörenden.
Bilýän düşünşmäge
Tapylar bir ýol.
Ýogsam, beýdip ýörmek,
Hiç göwne jaý däl.
Indi gaýra goýman,
Ýaraşmaly Sen!
Şolary niýetläp
Çykdym men öýden.
274
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Beýder diýen pikir
Hiç ýokdy mende.
Görsem, ol öýmüziň
Töwereginde.
Garaşýan ekeni
Çykarma meniň.
Düşündim dostuma
Ony göremden.
«Dost hem dosta gerek»
Diýlen gürrüň hak.
Aňsat däl ekeni
Dostsuz ýaşamak.
275
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SPORT MEÝDANÇASYNDA
Ine, giňiş meýdança,
Gidip dur türgenleşik.
Düwdenekläp ýör pökgi,
Ýene-de öňe düşüp.
Kim ylgap ýör,
Kim böküp,
Her gelen bir höwesde.
Bar turnikde aýlanýan,
Kimse synlap dur pesde.
Haçan gelsem meýdança,
Mende-de şu höwes bar.
Sebäbini bilemok,
Ylgasym geliberýär.
276
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
KIM NÄMELI GELÝÄR MEKDEBE
Başlygmyzyň ogly
Ir bilen günde,
Gelýär kakasynyň
Gök lökgesinde.
Bir ýa-da iki däl,
Kän ahyryn kär.
Brigadiriň ogly
Motorly gelýär.
Eýsem nä, müner-dä
Her kim tapanyn.
Eşeklije gelýär
Ogly çopanyň.
277
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ŞADYÝAN HOWLY
Biziňem howlymyzda,
Tüýdük çalýan daýy bar.
Mahal-mahal ol bize
Tüýdügni çalyp berýär.
Öwretjegem öwrensek,
Bize hem ugrun çalmaň.
Aýdym aýdyp, tans edýäs,
Biz bolsa durup bilmän.
Üýşýär eje, kakamyz,
Hemmeleň gözi gülýär.
Biz şatlansak, tüýdügem
Has-da göçgünli çalýar.
Döreýär bir hezillik,
Şeýdibem häli-şindi.
«Tüýdükli howly» diýen
Adymyzam bar indi.
Ünsün çekýäs hemişe,
Töwerekden görýäniň.
Sowulýar bizi görüp,
Käte geçip barýanam.
278
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
IKILIK ALAN GÜNÜM
Ikilik alan günüm,
Meniň mazam bolmady.
Okuwdan soň öýmüze
Dolanasym gelmedi.
Oňa-muňa güýmenip,
Ýolda telim oturdym.
Agyr eken ikilik,
Öýe zordan getirdim.
279
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SONA GELDIÝEWA
Sona Geldiýewa —
Klasdaşymyz.
Ony tüýs ýürekden
Hormatlaýas biz.
Sesi mylaýymdan
Gelen ýakymly.
Hem-ä ol görmegeý,
Hemem akylly.
Keşde çekmekde-de,
Ol her kimçe bar.
Mekdebe-de mydam
Arassa gelýär.
Haýsy köýnek geýse
Gelşip dur oňa.
Onuň ýylgyrmasam
Ýaraýar maňa.
Käte-de ol eli
Çemenli gelýär.
Şonda dagy has-da
Owadan bolýar.
Hemme gowulygy
Deňeýäs şoňa.
Biz — oglanlar has-da
Guwanýas oňa.
280
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÇAKYLYK
Bu gün mugallymymyz
Klasa gelip,
Oturansoň biraz
Bize ser salyp.
Diýdi maňa «Garly!»
Turup diýdim «Men».
— Häzir direktoryň
Ýanyna bar sen!
Oýlandyrdy bu söz
Meni dessine.
Soraglar üýşüşip,
Geldi üstüme.
Näme edäýdimkäm?
Men ünji çekdim.
Her hili pikiriň
Içinden çykdym.
Ähli eden zadym
Ýadyma düşdi.
Diýlen bolsa gerek:
«Kän ýakalaşdy».
281
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Şamyradyň
Aýagyna kakypdym.
Sonanyň depderne
Pişik çekipdim.
Belki, ýamanlandyr
Gyzlaryň biri.
Üstümden arz edip,
Barandyr Çary.
Ýada düşdi Durda
Azar berenim.
Gar togalap,
Mugallymy uranym.
Ýatladykça barha,
Galdym men müýne.
Garagolluk bolsa
Çykyp dur ýöne...
Biraz ýaýdandyrdy,
Şu zatlar meni.
Barybir, syr bermän,
Bardym men göni.
282
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Başga-da oglanlar
Bar eken bärde.
Başa näme gelse,
Görmeli bor-da...
Onýança-da diýdi
Direktor bize:
«Meniň ynamym bar,
Oglanlar, size...
Şäherde göreşiň
Ýaryşy boljak.
Ýatda bolsa öňem
Çempion bolduk.
Hökman saklamaly
Öňki abraýmyz.
Unutmaň, mekdebiň
Abraýysyňyz!..»
Ony diňläp biraz
Ýeňledi derdim.
Başga adam bolup,
Gaýtdym ol ýerden.
283
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Bu çakylyk
Bolup göwnüň gümany.
Meniň mazmunyma
Goşdy köp many.
284
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
HARMAN DÄLIMIZ
Gyzlara meňzäp geýse-de eşik,
Nursoltanyň bolşy biraz üýtgeşik.
Ýatlaman, özüniň esli gyzdygyn,
Kowalaşar ýörer biz bilen her gün.
Göwnüň garagolluk isläýen çagy,
Işiň gaýdar oňa degäýseň dagy.
Serenjam berensoň durup saçyna,
Futbolam oýnar-da, geçer hüjüme.
Kiçijik mahaly gurjak oýnaman,
Oglanlara goşlup oýnardy hökman.
Aşyk oýnap utup, utduryp gezdi,
Bolsa-da zor eken, ejizlemezdi.
Gyz diýip göwnüne degjek bolanlar,
Ondan mazalyja hakyn alandyr.
Görki-görmegi hem «Men» diýerçe bar,
Gülse dagy hasam owadan bolýar.
Çen-çak tutup Nursoltanyň bolşundan,
Oňa bir mynasyp lakam tapdym men.
Indi köpden bäri Nursoltana biz,
Diýýäs serkerdämiz — «Harmandälimiz».
285
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TÖRÄNIŇ DOGLAN GÜNI
Ýaş toýuna çagyrdy,
Ol synpyň hemmesini.
Öýlerinde jemlenşip,
Üýşüp gutladyk ony.
Hezil bolýan ekeni,
Gowulyga üýşeňde.
(Soňam öýde bir gezek,
Gördüm ony düýşümde).
Uzak ýaş arzuw etdik,
Garry baba bol diýip.
Gutlan çagy duýdansyz
Ony ogşaýdy Keýik.
Sowgadyny berende,
Juda öwdi Aýsenem.
Şeýdip etjek täze ýyl
Doglan günümi menem.
286
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GOŞHALTA
Klas daga gidende
Oň hem gidesi gelip,
Haýyş etdi Çakandan,
Aldy ol, razy bolup.
Gerek boljak zatlardan
Saldylar, ýogsam boşdy.
Şeýdibem ol il bilen,
Höwesli ýola düşdi.
Ýokarlygna ýöremek
Kynlaşdy minut saýyn.
Göwnün böldi şonda ol:
«Aý, gowsy men gitmäýin!»
Sojap, egninden çekip,
Durdy ol, synlap Güni...
Goşhaltanyň — Çakany
Alyp galjagy çyny.
287
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GEZELENÇDE
Gezelenje çykdyk biz,
Oglan-gyz topar bolup.
Ugratdyk soň ot ýakyp,
Asmana çalja bulut.
Gazanmyzy ataryp,
Bişirdik üýşüp nahar.
Hemmämizi çagyrdy,
Çorba bişensoň Bahar.
Dadyp görse, tup-turşy,
Ýanyk ysam bar biraz.
(Bu zatlary hasaba
Alýarmy nä, gülli ýaz?)
Gülşüp, degşip otyrys,
Bar aýdym-saz, dürli heň.
Nahar iýeňde şeýdip,
Gülşüp,
Üýşüp iýäýseň.
288
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BÄŞINJI SYNP
Bäşinjini gutardyk,
Ýadanlygmyz duýulýar.
Eger ýatlap otursaň,
Edilen iş esli bar.
Doldy telim bir depder
Mysaldyr meseleden.
Matematika bilenem
Men şu ýyl «keselledim».
Dünýä giňeýän eken,
Geografiýa başlasa.
Köp ekeni derýalar,
Murgabymdan başga-da.
Her taryh sapagynda
Gadym zamana göçdük.
Bäşinji «A-lar» bolup,
Kir* bilen paltalaşdyk.
Haýsy birin aýdaýyn,
Bolan zat kän bu ýylda.
* Kir II — Gadym zamanda eýran patyşasy.
289
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Bäşde okamak gowy,
Sapagyny kim bilse.
Ýadanyňam duýaňok,
Höwesli okap ýörseň.
Illerä-hä bilemok,
Menä-hä oňat gördüm.
Haýsy birin ýatlajak,
Gürrüňi kän bäşinjiň.
Öňde altynjy synp bar,
Altynjy meniň ünjim.
290
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
291
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ORAZGELDIŇ GÜJÜGI
Howlymyzda çapyp ýör
Orazgeldiň güjügi.
Hezil oýun tapyp ýör
Orazgeldiň güjügi.
Gulaklaram selpije,
Özem nakys-görmegeý.
Onuň ýaly gowuja,
It barmyka asla heý?
Eýesini görse-hä
Hasam hezil edýär ol.
Çapalaşyp oýnaýar,
Nirik gitse gidýär şol
Mydam oýun höwesli,
Orazgeldiň güjügi.
Hem aýagňa çolaşyp,
Halys ýakýar içiňi.
Tumşujygy melemtil,
Maňlaýjygam ak onuň.
292
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Dostun tapsa bolany
Başga pikiri ýok onuň.
Mekdebede kä ýarym,
Gitjek bolup görýär ol.
Orazgeldiň yzyndan
Köçä çenlem barýar ol.
Garap galýar yzyndan,
Orazgeldiň güjügi.
Hem aýagňa-da çolaşyp
Halys ýakýar içiňi.
Towuk, horaz bolşuna,
Ol hemişe geň görýär.
Olar oýna bolanok
Kürsäp ketege girýär.
Onuň bolsa keýp edip,
Juda oýnasy gelýär.
Ýöne oýun hemişe
Dosty gelensoň bolýar.
Ýakalaşyp iki dost
Hezil edip ýörendir.
293
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Hezil tapýar olaryň
Boluşlarny görenler.
Buýsandyrýar hemmäni,
Orazgeldiň güjügi
Hem aýagňa-da çolaşyp
Halys ýakýar içiňi.
294
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GARLAWAÇ, GELSENE
Garlawaç, gelsene,
Elewräp ýörmän.
Ynanaý, men seni
Erbed-ä görmen!
Ýasan höwürtgäňi,
Söýlän ýeriňden.
Tumşugna kakarys,
Pişikleriň-de.
Ählimize ýer bar,
Giň biziň öýmüz.
«Gowujamyz» diýeris,
Çagalarňa biz.
Nirde bolsaň, bol sen,
Al-asmanda gez!
Çagalaň biz bilen,
Ýekesiremez.
Gaçyp ýörsüň, bolşuň
Maňa ýakanok.
Il-ä biziň ýaly
Dogan tapanok.
295
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TOWŞAN BOLASYM GELÝÄR
Öňünde käşiri,
Jamynda suwy,
Towşan bolup bolsa,
Bu diýseň gowy.
Isleseň-ä iý sen,
Islemeseň, ýat.
Okamalam däl sen,
Ýazmaly däl hat.
Towşan bolup görmek
Pikri bar mende.
Çalyşmazlar şonda
Köýnegim günde.
Bir bolup bolaýsa,
(Işem şunda bar.)
Ýöne bolup bolsa,
Hezillig-ä bor.
296
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GAZLAR SUWA DÜŞDÜLER
Ýagyş ýagdy paýrap,
Meýdan öl boldy.
Damjalar oýtaga
Üýşüp köl boldy.
Gazlar ony görüp,
Gagyldaşdylar.
Üýşüp baryp köle,
Suwa düşdüler.
— Oňatmy, eý gazlar,
Kölüň kak suwy?
Gagyldaşdy gazlar:
— Go-go-go-gowy
297
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SALGY BERSEM
Dostum, eger bize
Gelesiň gelse,
Has-da tiz gelersiň
Taýharyň bolsa.
Ony gaňňalapjyk,
Gerşine bas-da,
Geliber günorta
Sen assa-assa.
Daşyňa öwrülse
Baýyrlaň bary,
Görünip ugrasa,
Daglaryň gary,
Çen tutup Murgapdan,
Seredip Güne,
Eşejigňi onsoň
Gyssaber ýene.
Jeňňel görünende
Baksaň soluňa,
298
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Sagyňdan abansa
Daglar ýoluňa,
Selçeň tutluk çykar,
Soňundan gernip.
Hem ýatan giň düzlük
Öňüňde serlip.
Jaryň köprüsine
Ýeten badyňa,
Saga ýwrülmäni
Düşür ýadyňa!
Oba çykar öňden
Ady Marçakdyr.
(Şäher bolanmyşyn
O-da birçaklar...)
Biziňem köçämiz
Obada belli —
Sürüber sen onsoň
«Bäşbela» çenli.
Üç uly mellegi
Sana sen başdan.
299
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Soňam Suhanlaryň
Öýünden geçseň,
Haçan gelseň garşy
Almaga taýyn.
Kak sen gapysyny
Bäşinji jaýyň.
300
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÄPET GARAGUMUŇ
BIR KÜNJEGINDE
Äpet Garagumuň
Bir künjeginde,
Üç it bir sürini
Saklaýar munda.
Iň läheňi olaň
Bir daýaw gaýyň.
Ikinjisi Akbaý,
Hut ýolbar deýin.
Garagözüň bolsa,
Gözi ýiti has.
Olar eýesine
Görkezýär yhlas.
Mesgeniň şol bolsa
Möjegem daş däl.
(It bilen möjegi
Duşuşýar ykbal.)
Bu günem hut şeýle,
Günleriň biri.
301
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Dur aýak üstünde,
Itleriň bary.
Möjekler azm edýär:
— Ýoldan sowul, bar!
— Golaý gelseň, möjek,
Soň özüňden gör!
— Hä, şeýlemi onda,
Ine, bermeseň.
— Menem it däldirin,
Seni sermesem.
Üç köpek üç ýerden
Garpyşdy gitdi.
Kimisi dişleşdi,
Kim hile etdi.
Gaplaň ilki olaň
Birisin ýeňdi.
Ýene birin Akbaý
Uçutdan zyňdy.
Garagözüňkidi
Hemmeden kyny, —
302
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Üstüne topulan
Möjek üç sany.
Ol gaçyp uruşdy,
Tasadyp ganyn.
Hemem wagtyn utdy
Köplük duşmanyň.
Görüp çal möjekler
Edilýän oýny,
Gaçdylar unudyp
Guzyny-goýny.
...Äpet Garagumuň
Bir künjeginde.
Üç it bir sürini
Saklaýar munda.
Habaryny alýar
Daşdan geleniň.
Temmisini berýär
Möjek bolanyň.
303
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SERHETDE
Serhetçiler diňne galyp,
Durlar göge golaý bolup.
Daş-töwerek, çäge-alaň...
Gözýetimi dürbi bilen
Golaýjaga getirýärler,
Onam syndan ötürýärler.
Bulutlaram ýetik bärde,
Hut bir süri gargaň bar-da!
Serhetçileň gallap daşyn,
Gezip ýörler gaýmalaşyp.
Serhetçiler durlar munda
Dünýä olaň hasabynda.
304
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ATAMLARYŇ OBASYNDA
Baýryň eteginde,
Giňiş jülgede,
Irden güneý ýerde,
Öýlän kölgede
Otyr küren oba,
Ol eziz maňa.
Atamlaň obasy
Diýýän men oňa.
Ol ýerde ulular,
Kiçem hasapda.
Iki güzer bolýar
Her akýan ýapda.
Bir güzer oglanlaň
Köp bolýan ýeri.
Beýlekisi bolsa
Gyzlaň güzeri.
Bu ýerde asman giň,
Çägi ýok ýeriň.
Eşek çapyşyp ýör
Kiçijiklerem.
Oglanjyklaň goýun
Bakýannam gördüm.
Özem ata münjek
Başarsa her kim.
305
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Obanyň üzümi,
Gök-agam ýetik.
Heziller edinýäň
Bir bolsa ýetip.
Bu ýerde kakamy
Tanaýanlar kän.
Kakam şu obaly
A, men bolsa däl.
Ençe zatlar görýän
Her gezek gelsem.
Derbent ýapmy, kölmi,
Gamyşly jeňňel.
Şindem ýaban towuk
Bar munda olar.
Her säher oň sesi
Işikden geler.
Şagallar gohlaşsa,
Sebäbin bilýän.
Şol günüň ertesi
Oňat gün bolýar.
Şäherde mahalym,
Pikrimde gelip,
Uçýan men obada
Kebelek bolup.
306
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ATAM BILEN
OTA GITDIK
Ot ormaga gitmekligi
Gepleşdik biz ilki, öňden.
Atam bilen ýola düşdük,
Soňam bu gün — aladaňdan.
Otyr eken ýap boýunda,
Ördek-gazlar topbak — üýşüp.
Synladylar olar bizi,
Boýunlarny uzadyşyp.
Üýrüp çykdy gapdalmyzdan,
Itler duýup telim ýerde.
Tanansoňlar sesin kesdi,
Geçip barýan biz-dä, görse.
Töwerekde bolsa daňyň
Jana parym şemaly bar.
Arabanyň tykyrdysam,
Yzymyzdan galman gelýär.
Ot ýatyrdyk çemenlikde,
Towlap-towlap etdik bede.
Güne serip goýanlarmyz,
307
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Gurandan soň bolar küde.
Ellerimde ot şiresi,
Otuň ysy süňňümde bar.
(Duşsam häzir gölämize,
Otdur öýdüp, meni ýalar.)
Ýatlan çagym goýunlarmyň
Hezil edip ot iýjegni.
Begendirdi pikirim meni,
Unutdyrdy ýadawlygmy.
Atam diýdi: «Berekella,
Daýhan çykar oglum, senden.
Sen bolmasaň, munça işiň
Gelmezdim men hötdesinden.»
Arabany otdan ýükläp,
Dag süýşen deý bolup geldik.
Ýaýlaň hoşboý — ot ysyny
Obamyza alyp geldik.
308
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÖÝ
Otyr ak öý başa
Keçe bürenip.
Ep esli meýdany,
Eýemsirenip.
Bezenýär gelinleň,
Bezelşi ýaly.
Törüne görk berýär
Owadan haly.
Öý köneden galan —
Gadym bir gala.
(Gorapdyr ol her hal
Sürnende bela.)
Gorapdyr yssydan,
Sowukdan, gardan.
Doly oň gujagy,
Mähirden, nurdan.
Otursa tüýnükden,
Göterip tütün.
Türkmen agaň göwni,
Rahat hem bitin.
309
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
KÜÝZE
Çeşmä suwa gitdi
Bir gezek öýden.
Ötmeli ötükden,
Dag-daşly saýdan.
Sowuk çeşme suwun,
Içäýsem diýýän.
Öýde-de ol küýzä
Garaşýanlar kän.
Syndy ol birdenem,
Gaçdy-da elden.
Suwy dagam onuň —
Baldandy - baldan.
Wah, höwese görä,
Ykbal bolmady.
Küýze suwa gitdi,
Gaýdyp gelmedi.
Suw küýzesi,
Suwda syndy şeýdibem.
Şeýdip tamam boldy,
Onuň aýdymam.
310
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
PALAW
Her ýeten palawy
Bişirip bilmez.
Bişirjegem bolsa,
Bary bir bolmaz.
Ussatlygy
Talap edýän tagam ol.
Gowy aşpezlere
Syr berýändir ol.
Ol aşpezler welin
Çermese golun,
Bu tagamy sazlap
Bişirse welin.
Et, sogan her zadyn
Ýerinde goýup,
Suwuny deň-derman —
Geregin guýup.
Alyşyp bir-birine
Tagam berensoň,
“Bal-balyna” bolar,
Ol palaw onsoň.
Ondan iýip-iýip,
Doýup bilmersiň.
Keýpiň kök bor, esräp
311
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Duran bir nersiň.
Men oňa jadyly
Tagam diýerin.
Döw dursun öňünde
Palaw iýeniň.
312
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
HAÝWANAT BAGY
Haýwanat bagyna,
Baralyň ýörüň.
Maýmynlaň bökşüp
Ýörşün bir görüň.
Çigit, hoz bermeseň
Dodak çöwürer.
Syrtyna şapbatlap
Ýüzün öwürer.
Toty guşam
Owadanlaň biridir.
Tumaklydyr özem,
Hondan bäridir.
Jojujyklar gördügi.
Ylgaşyp geler.
Horkuldaşyp bir zat
Tamakin bolar.
Tanatmakdyr özün,
Eşegiň göwni.
Zat bermeseň aňňyr
Eder eşekligini.
313
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Dur köşek enesne
Deňläp egnini.
Görkezip gowlugyň
Nirededigni.
Köşejigiň çöle
Gidesi gelýär.
Erkinligiň gadryn
Ol gowy bilýär.
Hemmäň ünsün çekýär
Haýwanat bagy.
Gidesiň gelenok,
Bir gelseň dagy.
314
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
DEMIR TAHÝALY BOLSAŇ
Emedekläp barýar
Pyşdyl pyşdyldap.
Depesinde tahýa –
Demir deý bek gap.
Gorkyny-ürkini
Bilmän barýar ol,
Nirede ot bolsa,
Özün urýar ol.
Başyňda şeýle
Demir gap bolsa
Ot söndüriji bolmak
Kynam däl çölde.
315
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BUZ
Gyş ähli buz - garyn,
Orta çykardy.
Hezillige döndi,
Buzuň ýokarsy.
Oglan-gyzlar onda
Taýyşyp ýörler.
Göýä kebelekler
Gaýyşyp ýörler.
Synlap duramdan soň
Biraz daşyndan.
Buzda taýýanlara
Menem goşuldym
Gülkidir şatlygam
Ile keýp goşup.
Uçup ýör biz bilen
Kebelekleşip.
Hezillikden doly,
Gyşyň ýokarsy,
Buz bu gün bar kişä
Ganat çykardy.
316
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÝAGYŞ ÝAGANDA
Garaşýarlar oňa,
Mydam bar ýerde.
Eý görülýär ýagyş,
Ganatyn gerse.
Tamşanýar Garagum,
Onuň nemine.
Onsoň ähli ýerde
Pyşyrdy ýene.
Ýagyş ýagsa köp-köp
Hezillik bolýar.
Çöl üstünden sowjak
Ýeller öwüsýär.
Çöli endireden,
Öňki howurlar.
Dargarda ýok bolup
Gidýär sowurlyp.
Owsun atyp hemem
Ýalpyldaýar çöl,
Uçjak durna deýin
Galpyldaýar çöl.
317
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GIJE
Busup uzakly gün,
Çuň gowaklarda.
Diýdirip özüne
«Ol ýok hiç ýerde»...
Diýdirip: «Bar ýere
Agnapdyr kölge».
Daglaryň ýüzüne
Baglapdyr gemre.
Garalyplar
Gelýän ýaly kömürden
Ol şeýdip ýüklenip
Gelýär aňyrdan.
Her gören zadyna
Eýe çykýar ol
Gara suwly derýa,
Bolup akýar ol.
Gije garran çagy,
Şeýdip haçan-da
Dünýä pallaberýär
Onuň içinde.
318
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TAMDYR HEM ENEM
Elbetde tamdyry
Görmedik barmy?
Nanly edýän şol-da
Obanyň barny.
Her tegelek hamyr,
Tamdyra gelip,
Çykýar oň içinden,
Gün-çörek bolup.
Ol çörekden iýip,
Doýup bilmersiň.
Diýersiň gutarsa:
«Ýene-de beriň!».
Tamdyrdyr enemde
Nanyň ysy bar.
(Ähli gowy zatlar,
Çalymdaş bolýar).
Haçan barsa enem
Tamdyr ýanyna.
Onsoň garaşyber,
Ýyljak nanyna.
319
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
DÜNÝÄ GÜÝZÄNDE
Dünýä güýzeýär
Bar zat başgaça,
Höwesler gursakda,
Ýene başda-da.
Töwerek saralýar,
Ýapraklar-gämi.
Ýagşyň ýagmajak
Gümany barmy.
Damjalar goşulşyp,
Döredýär köli.
Onda hezil edip,
Ýüzüler ýaly.
Akja damjalarnyň
Häsiýeti şeýle.
Ýaprak gämä münüp
Gidýärler seýle.
Al asmanyň bolsa
Durnasy bardyr.
Baksaň gykuwlaşyp
Barmasy bardyr.
320
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
PIKIRIMDE
Gitdim ýene
Bulutlaryň ýanyna.
Bu ýerde serginlik,
Hezil janyňa.
Gujagyna dolup
Päkize bulduň.
Men şadyýan boldum,
Bagtly boldum.
Ýatyryn aýagmy
Çilşiren bolup.
Alyp barýar meni
Ak keçe — bulut...
321
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ŞATLYK
Täzeje köýnek aldy
Bir gün ara ejesi.
Ana, onsoň ýatmady
Onuň şatlykly sesi.
«Eý güller,
Köýnegimi görüň siz.
Ejem aldy. Täzeje,
Gutlugyny beriň siz!»
Köýnegini görkezdi
Ary hemme güllere.
Uçdy ýördi, wagtynda
Gonup bilmedi ýere.
322
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
AGAM GÜRRÜŇ BERDI
Agam gürrüň berdi
Irden düýşüni.
Hemmeler gyzygşyp,
Diňledi ony.
Ynanmadyk oňa
Öýmüzde bir men.
Aldajak adamňy
Tapypsyň-da sen!
Bir gezegem oňa
Hä-de bermedim.
Onuň gören düýşün
Men-ä görmedim.
Ýogsam, ýatdym ahyr
Menem şol ýerde.
Görerdim-ä menem,
Ol bir zat görse.
323
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
JANKÖÝER
Nurly gürrüň berdi
Bir üýşmeleňde:
«Tebigata uly
Söýgi bar mende.
Daglara aýlanyp,
Ýygýan böwürslen.
Güni-de hemişe
Gowy görýän men.
Suwa düşsem ýapda,
Tolkunlar gelip,
Görüşýärler meniň
Daýzalam bolup.
Bürgüt bolup,
Bag üstüne oturdym.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Günüň öýi - 6
  • Parts
  • Günüň öýi - 1
    Total number of words is 3310
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 2
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1938
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 3
    Total number of words is 3375
    Total number of unique words is 1924
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 4
    Total number of words is 3369
    Total number of unique words is 1889
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 5
    Total number of words is 3356
    Total number of unique words is 1950
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 6
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1979
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 7
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 8
    Total number of words is 2424
    Total number of unique words is 1465
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    58.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 9
    Total number of words is 349
    Total number of unique words is 295
    37.8 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.