Latin

Günüň öýi - 7

Total number of words is 3600
Total number of unique words is 1940
33.8 of words are in the 2000 most common words
47.6 of words are in the 5000 most common words
54.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Seredýär, göz aýryp
Bilenok ýerden.
Gije garradykça
Barha joşýarlar,
Elýetere çenli
Golaýlaşýarlar.
Yzlap ýörseň tapyp,
Ak maýaň ýolun.
Daşynda aýlanýar,
Şonda giň älem.
380
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÄDIGIM
Beýle täzeje ädik
Mundan öň mende ýokdy.
Geýdim welin begenip,
Ylgap daşaryk çykdy.
GÄMILER
Ejesi oýarsa-da, wagty bilen Ärnazaryň turasy
gelmedi. Ýorganyň ýylysyny duýup, onuň enteklerem
ýatasy gelýärdi. Ejesi ikinji gezek gelip oňa mekdebe
gitmelidigini ýatladansoň Ärnazar alaçsyz, yraň-daraň
turup geýmäge durdy.
Saçak başyna baryp, çalak-çulak garbandy.
Soňundanam sumka-torbasyny alyp, göwünli-göwünsiz
öýden çykyp mekdebe ugrady.
Daşarda düýn-öňňinki ýagan gar dünýäni eýeläp
- ak deňiz bolup otyrdy. Jaýlar onuň içinde tüsseleşip,
bir ýerlerden gaýdyp gelýän gämilere meňzeýärdiler.
Ärnazar birsalym gämiler bilen gyzygyp, töweregini
synlap durdy. edil ýoluň gyrasy bilen Äşeleriň jaýy —
gämi bolup ýüzüp gelýärdi. Ärnazar aýak çekip, şol
ýerde onuň öz yzyndan ýeterine garaşdy. Onuň niýeti
381
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
mekdebe Äşe bilen bile şol gämide ýüzüp barmakdy.
Ol mekdebe gelende bu ýerde indi bireýýämden bäri
sapak gidip durdy.
— Bu nä boluş? - diýip, mugallym ony görüp çytyldy.
— Men öýden-ä wagtynda çykdym. Ýöne gämiler
wagtynda gelmediler.
— Ol nähili gämi? — diýip, mugallym bada-bat
hiç zada düşünmän, egnini gysdy.
— Ana, şol parahod — gämiler-dä — diýip, Ärnazar penjirä elini uzatdy. Mugallym «Ol ýerde nähili
gämi bolup bilýärkä?» diýip, penjireden sereden wagty,
töwerekde jaý-gämileriň tüsseleşip, ak deňizde ýüzüşip
ýörenlerini gördi. Mugallym birsalym daşaryny synlap
duransoň, yzyna öwrüldi. Soňundanam:
— Diýseň-diýmeseň meňzeýär — diýip, ol hem
Ärnazary makullap ýylgyrdy.
382
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
F
FUTBOL
Düýe top depip ýör,
Ertirden bäri,
Futbol oýnap ýörmek
Halaýan käri.
Ýagyş ýagyp,
Meýdanlar çyg çekende,
Düýe aýdym aýdýar,
Futbol hakynda.
SYNAG
Synp öz futbol komandasynyň kapitanyny saýlamakçy boldy. Elbetde, synpda gowy oýunçylar az däldi.
Şeýle-de bolsa, kapitan saýlamak çekeleşikli boldy.
Şonuň üçinem mugallym bu ýygnanyşygy soňa goýup,
okuwçylara ertire çenli ymykly pikirlenmegi maslahat
berdi.
Şol günüň ertesi synp ýene-de öz futbol komandasyna kapitan saýlamak üçin sapakdan soň maslahata
üýşdi.
— Salyh oňat oýnaýar. Şony özümize kapitan
383
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
belläýeliň! - Aşyr ilkinji bolup öz pikirini aýtdy.
— Ondanam bir kapitan bormy. Hol günem
alňasap, topy öz derwezämize saldy - diýip, Ýusup
oturan ýerinden oňa garşy çykdy.
— Onda Nepes kapitan bolaýsyn!
— Nepes gezip ýören ýerinde irkilip ýör-ä, ondanam bir kapitan bolarmy? - diýip, Ýusup ýene-de
hemmeden öň oňa-da garşy çykdy.
— Çary hem gowy oýnaýar. Goý, onda kapitan
şol bolaýsyn!
— Sen näme, futbol oýnaýaňmy? Bir zat diýmeli
diýseler, ýöne gepläberýäň. Çara biz belet, utulyberse,
gyzyp aýaga depýär — diýip, Ýusup bu gezegem ör
turup, ony görkezen gyzyň al petinden aldy.
Synp Ýusubyň bolşuny geň gördi. Şu arada nädip
tarsa ýerinden turanyny Çarynyň özi hem duýman
galdy. Soňundanam ol Ýusuba ýüzlenip:
— Näme, synpda özüňden başga dilli ýokdur
öýdýärmiň? Hemmäni garalap otyrsyň-la sen! —
diýip, Ýusuba çytylyp seretdi. Ýusup Çarynyň bolşuny
synlansoň, köpmanyly gülümsiräp, ýene-de ör turdy.
— Ýoldaş mugallym, Çary bize kapitan bolup biljek
ekeni...
Soňra ol synpa özüniň bu günki geň hereketleriniň
sebäbini düşündirdi. «Düýn men öýde özümize kapitan saýlamakçy bolýanymyzy atama gürrüň berdim.
384
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ol-da maňa kapitan edip öz mertebesini gorap bilýän
oýunçyny saýlamaklygy maslahat berdi. Men atamyň
öwredişi ýaly hakyky kapitany tanamak üçin synag
geçirdim» diýdi. Ýusubyň pikiri hemmeleriň göwnünden turdy.
Synp Çaryny öz futbol komandasynyň kapitanlygyna saýlady.
385
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
G
GARPYZ
Garpyz güne çoýundy,
Suwdanam içdi doýup.
Indem garnyn sypap dur,
Matros maýkasyn geýip.
GÜJÜGIM
Güjügimiň ysgaw it
Boljagy eýýäm belli.
Meniň ýiten köwşümiň
Taýyny tapyp geldi.
Şeýdip, ol sag bol aldy.
386
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GAWUN BÄBEK
Biýaralaryň arasynda gawunlar togarlanyşyp ýatyrdylar. Olar gundaglyja bäbejige-de meňzeýärdiler. Bir
ýola, mekdepden gaýdyp gelýärkä, Garlynyň gözi şol
gawunlara düşdi. Ol dessine elindäki kitap-depderli
torbasyny ýerde goýdy-da, baryp bir bäbejik-gawuny
alyp ony gujagyna göterdi. Şol arada ýeňseden, kimdir
biriniň ýuwaşja ardynjyramasy eşidildi. Garly gaňrylyp
ýeňsesine sereden wagty, bu ýandaky tuduň kölegesinde
ýaplanyp çaý içip oturan ýaşulyny gördi.
— Salawmaleýkim, baba!
— Näme tapdyň, oglum?
— Bir gowuja bäbejik ýatyr ekeni. Ejem bäbejik
alanda, men ony, ine, şeýdip göterjek.
Garly gujagyndaky gawuny eýläk-beýläk yralady.
Sakçy baba ony diňläp ýylgyrdy.
— Bar, onda, oglum, bäbejigi öýüňize äkit. Goý,
ejeň ony sallançaga salyp üwresin. Ýogsam, ol ýene-de
ukusyny alman oýanar!
Garly iki bökende bakjadan çykdy.
387
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
H
HAT
Öwrendik her harpy
Ýekänme-ýekän
Indi ähli harplaň
Adyny bilýän.
Bir günem bir bukja
Kakamdan aldym.
Agama hat ýazyp
Şol bukja saldym.
Serhetçi agama
Ýeter ol baryp.
Agamam şat bolar
Hatymy görüp.
“Kaka, eje” ine,
Bar ýazan sözüm.
Iki sözüm bolsa
Ýazan meň Özüm.
388
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
HAKYKY IT
Hydyrlaryň goňşusynyň iti güjükledi. Şundan
soň, Hydyryň ol gowuja güjüjekleriň töwereginden
aýrylasy gelmeli. Bir-de ol goňşularynyň gyzy Häsiet
bilen güjüjekleri naharlasa, ýene bir-de söýüp-sypap
olaryň täsin hereketlerine guwandy. Bu mahal heniz
gözi oňly açylmadyk güjüjekler soňundan möjeklere
garşy durup, garpyşyp biljek, garadangaýtmaz it bolup
ýetişjege asla meňzemeýärdiler. Olar itlere däl-de, çöl
ýerlerde ýaşaýan nakys tumşuklyja sykylykçy alakalara
has meňzeşdiler. Wagt geçip durdy. Güjüjekler ers-mers
bolşup her-gün ulalýardylar. Bir gezek Häsietiň kakasy,
Hydyr bilen onuň kakasyny güjüjekleriň arasyndan
özleri üçin saýlamak üçin çagyrdy. Hydyryň kakasy
gele-gelmäne güjüjekleriň haýsydyr birini almaga howlukmady. Ol ilki güjüjekleriň gapdalynda çommalyp
oturyşyna, olaryň hereketlerini ünsli synlady. Diňe bir
salymdan soň, güjüjekleriň biriniň gulagyndan tutup,
ýokary göterdi. Ol güjüjek gorkup, ýygrylyp, näderini
bilmän, çyňsap düşdi bir güne. Hydyryň kakasy şonda
ony bir gapdalda goýdy-da, güjüjekleriň ýene birini
şeýdip ýokary göterdi. Ol güjüjek eserdeňlik bilen
tumşugyny howada gezdirip, dessine özüni ýerden
göteren eli ýalamaga synanyşdy. Hydyryň kakasy
ony-da gapdalda goýdy. Üçünji gezekde onuň gulag389
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
yndan tutup, ýerden göteren güjüjegi welin, özüne degilmegini halamady. Urnup-urnup, dişlerini syrtartdy,
özüni ýerden göteren eli dişlemäge synanyşdy. Hydyryň
kakasynyň bu güjüjege göwni ýetdi, ol güjüjegiň arkasyny sypalap, ony ogluna uzatdy.
— Oglum, ine, şu saňa gowy it bolup biler. Hydyr
güjüjegi eline alyp: «Kaka näme üçin güjüjekleriň başga
birini saýlaman, aýratyn şuny saýladyň?» diýen manyda
onuň ýüzüne seretdi. Göräýmäge welin güjüjekleriň
hemmesi-de gowujady. Kakasy ogluna düşünip ýylgyrdy:
— Bilýäňmi, oglum, itiňem, adamyňam gorkagy,
ýaranjaňy halanylýan däldir. Gördüň-ä, ilkinji ýerden
göteren güjüjegimiziň sandyrap, çyňsap boluberşini.
Beýle güjüjeklerden dörän it gorkak bor. Howp abandygy atylyp ýaga depmegiň ýerine, gaçyp özüne
girere deşik gözlär. Maňlaýy sakar ikinji güjük bolsa
töweregiňe aýlanyp duran ýallaky bor. Seniň güjüjegiň,
gördüň-ä, özüne degilmegini halamady. Häzirden ol öz
mertebesini bilýär. Hakyky öz adyna mynasyp itler, hut
şeýle güjüjeklerden ösüp ýetişýändirler.
Kakasynyň şu gürrüňinden soň, Hydyr özüniň
elýetmez güjüjege eýe bolanyna ynandy. Güjüjegi bagryna basyp, öýlerine ýetmäge howlukdy.
390
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
I
ITIM ÖŇÜMDEN
ÇYKDY
Gijöýlänler men ýene,
Mekdepden gaýdyp geldim.
Itim öňümden çykdy,
— Illi, näçelik aldyň?
«Bäşlik» diýip, pert aýtdym,
Edil öňünde öýüň.
Itim diýdi ýalmanyp,
— Getir, ýalap göreýin?
ÖZÜŇ IÝMESEŇ
Şamarady. Illi işikleriniň öňündäki sekiden aýagyny sallap otyrdy. Birden onuň nazary gapdaldan
gybyrdyklap, howlukmaç geçip barýan kirpijige düşdi.
Kirpijigiň kimdir birine görünmejek bolýan ýaly bolup,
bukdaklap barşy Illiniň ünsüni çekdi.
Ol towsup sekiden düşdi-de, ylgap baryp, onuň öňüni kesdi.
Kirpijik özüniň öňünden çykylmagyny asla halamady.
Ol şundan soň dessine düýrügip, tikenli garaja pökgä
öwrüldi.
— Niräk howlugyp barýaň kirpijik? — diýip, Illi
oňa golaý durup habar sorady. Kirpijik welin, şundan
391
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
soň jogap ýerine has-da düýrükdi. Illiniň şol barmana
kirpileriň almany gowy görýäni ýadyna düşdi. Ol ylgap
gitdi-de, sekide duran almaly jamdan bir almany getirip,
ony kirpijige hödürledi.
— Gowy alma. Al, iýip gör! «Dogrudanam, gowy
alma eken» diýersiň! - Illi näçe hoşamaýlyk etse-de,
kirpijik ylygyp, gaýdyp oňa ýüz bermedi.
— Sen-ä kejir ekeniň — diýip, lapykeç bolan Illi
ahyr elindäki almany — Al, onda, özüň iýmeseň, äkitde, çagalaryňa beräý! — diýip, ony kirpiniň tikenli
arkasyna dürtdi.
Illi ýanyndan gidensoň, kirpi hem birazdan ýerinden gozgandy, soňundanam töwerekde hiç kimiň
ýoklugyna gözüni ýetirensoň, berlen almany arkasynda
göterip, gybyrdyklap howlukmaç ýola düşdi.
392
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
J
JÜÝJELER
Ýumurtgadan çykanda,
Jüýjelerni geň görüp,
Käkeledi ak towuk
Küren oba ýaň berip:
“Bulaň eýjejikdigni,
Siz bulary bir görüň!
Özüm tapdym, dilemäň,
Hiçiňize bermerin!”
Sekiz sany ak jüýje
Hemmäň ünsüni çekýär.
Sekiz sany ak jüýje
Dünýä geň galyp bakýar.
Käkeleýär ak towuk,
Sesin goýup bilenok,
Çagalarna guwanyp,
Bakyp - doýup bilenok.
393
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
JOJUK
Jojujagy ýuwup, naharladylar
O-da öýkeledi: «Nähili-aýt bular».
Ýuwunmak asyl-ha gerek däl maňa
Köprak iýer-içer getiriň öňe!
Meniň isleýänmem ediň ahyr siz?
Ýuwmaň, men iýeýin näçe diýseňiz!
ALAJA
Bir ýola ejesi Aýjahany ýanyna çagyryp, onuň
goşaryna alaja dakdy. Soňam oňa gözdegme, dildegme
diýen belalaryň barlygyny aýdyp, şolardan goranmak
üçin alajany aýyrman dakynmagy maslahat berdi.
Aýjahan alajanyň nähili edip ol bela-beterlerden
özüni gorajagyna düşünmese-de, ejesiniň diýenini etmelidigine welin düşündi. Eýsem näme, ejeler hemme
zady bilýär ahyryn.
Şundan soň Aýjahanyň özi-de alaja iýşip ugrady.
Alaja
iýşmek şeýle bir kynam däl. Bir ak, bir gara sapak
alyp, olar bilelikde aýaňda tow berip iýşseň, ine,
saňa alaja bolup dur. Aýjahan ilki iýşen alajasyny öz
394
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
söýgüli gurjagynyň boýnuna dakdy. Şondan soň, alaja
ýene-de köpeldi. Indi daşarda itdir pişik, göledir owlak
dagam boýunlary alajaly gezişip ýörler. Aýjahan gyzyl
horazyň boýnuna alaja dakan mahaly ol ilki gorkup,
pasyrdap uçjak bolup bir başagaýlyk döredipdi. Indi
bolsa öwrenişipdir. Alaja dakynyp, hondan bäri bolup
ýör. Aýjahan ýene-de alaja iýşýär. Indi alaja hasam
köpe ýeter.
Sebäbi Aýjahan hemmelere gowulyk bolmagyny
isleýär. Uly adamlar ilki itiň, pişigiň alaja dakynyp
ýörenini geň hem gördüler. Indi bolsa, gaýtam, olar
Aýjahanyň tarypyny edýärler.
— Aýjahan gowy gyz. Seret, onuň alajalary
ediberişini. Sebäbi ol hemmelere gowulyk bolmagyny
isleýär - diýişýärler...
395
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ž
ŽIRAFA
— Eý, žirafa, sen meniň
Güjüjegmi gördüňmi?
— Nirde gezýär güjügiň,
Asmandamy, ýerdemi?
— Uçup bilýän-ä däldir,
Gezýän ýeri hem goldur...
— Onda ony göremok,
Men ýere seredemok.
TAÝÇANAK
Men çybyk atymy münüp, töwerekde çapyp
ýördüm. Hem özümi ýeňilaýak taýçanak hasap
edýärdim. Şol barmana, ýeňsämden kimdir biriniň golaýlap gelýänini duýdum. Görsem, ine, maňlaýy sakar,
bir gowuja taýçanak.
Men süýji iýýärdim, elimde-de ýene onuň birnäçesi
bardy. Olary men ýanyma gelen dostlarym bilen
bölüşerin diýen pikirdedim.
Dessine taýçanaga şol süýjüleriň birisini uzatdym.
— Al, narpyzlysy saňa!
396
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Taýçanak boýnuny uzadyp süýjini ysyrgansa-da,
ony almady. Men taýçanagyň süýjüçil däldigini dessine
bildim. Belki-de, ol ejesiniň:
«Süýjini köp iýseň, dişiňi owarra edersiň» diýýänine ynanýandyr...
Gapdaldan ýap yňdyrylyp akyp ýatyrdy. Şonuň
üçinem soňra men taýçanak suwa gelendir diýip
oýlandym. Sykylyk atylanda atlaryň suwy arkaýyn
içýänini ýatlap, sygyryp, sürüsini suwa indiren çopana
meňzedim. Ýöne, näme üçindir, taýçanak suw içmägede howlukmady. Gaýtam ýüzüme bakyp, uzaklara
seredip, guýrugyny bulaýlap, maňa üm bilen bir zatlar
diýip dur. Ýöne men oňa şol mahal düşünmedim. Bir
salymdan taýçanak yzyna öwrüldi-de,towsaklap çapyp
gitdi. Diňe şundan soň maňa taýçanagyň maksady belli
boldy. Ol meniň ýanyma: «Senem taýçanak, menem,
gel çapyşaly» diýip gelen bolsa näme? Ana, indi ol
höwesini kowalap, çapyp barýar. Wagtal-wagtalam: «O
taýçanak yzymdan ýetip gelýän bolaýmasyn?» — diýip,
meni ýatlap, gaňyrlybam yzyna seredýär.
397
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
K
KEÝIGOKARA
«Görsün» diýip keýikler,
Çykyp dur ol belende.
Buldy sagyp dolduran
Käseleri elinde.
KIRPI
— Eý, kirpijik, kirpijik,
Hany bäriňe seret!
Munça iňňe asyl-ha,
Seniň nämäňe gerek?
— Iňňe ol hemmä gerek,
Sizem şuny biläýiň.
Iňňäň bolsa howply däl
Hatda saňa ýylanam.
398
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
KAPITAN
Indi telim gün bäri kürk towuk samankepbede basa
oturyp, ýumurtga basýardy. Käte bir gidip, töwerekde
gezmeläp aýagyny ýazyp geläýmese, ol uzakly gün
diýen ýaly ýumurtgalaryň üstünden turman oturardy.
Akja ýumurtgalary ol enelere mahsus irginsizlik bilen,
yhlas bilen basýardy.
Bir gezek towuk aýagyny ýazmaga meýdana çykan
mahaly onuň basyp oturan ýumurtgalarynyň birisine
jan girdi. Ilki ol gozganyp, leňňer atdy, ýumak bolup
togarlanyp giderli göründi. Şonda onuň içinde kimdir
biriniň barlygy aýan boldy.
Birsalymdan bolsa ýumurtga jaýryk atyp iki bölündi-de, onuň aşaky böleginde bir akja jüýjejik peýda
boldy. Jüýjejik şol duran ýerinde birsalym geň galyp,
daş-töweregini synlap durdy.
Jüýjejigiň duran maýa bölejigi akja gämä
meňzeýärdi. Şonuň üçinem ol häzir şol akja gämide
bir ýerlerden ýüzüp gelen kapitandy.
Jüýjejik ýene-de birsalym gäminiň üstünde kapitan
bolup, töweregi synlap duransoň:
— Bu ýer hem ýaşamazça däl ekeni — diýip,
dabara bilen gämiden düşdi.
399
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
L
LEŇŇEÇ
Ýörän çagy murtlary
Guýruk boldular ýene.
Sebäbi ol hemişe
Ýöreýär öz tersine.
LEÝLA
Synpdaşymyz leýlanyň
Gülkünç — jotda saçy bar.
Şol saçlary synlasam,
Hut gülkim tutuberýär.
Saçlaryny birjigem,
Öz gününe goýanok.
Saçbogam dakýar oňa,
Gelişmeýär diýenok.
Birde-de ol saçlarna,
Suw çalyp daran bolýar.
Hemem maňa birhili,
Jytdaýlyp garan bolýar,
Näzirgäp garan bolýar.
400
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
LÄLE
Läle bir gezek ýazyň öýüne myhmançylyga geldi. Ol
egnine ýakasy keşdeli ýaşyl köýnegini geýipdir. Başynda
bolsa şabram-şelpeli gupbaly tahýasy. Ol owadandy.
Ýazyň özüne meňzeşdi. Töweregiň gülleri Läläni görüp
begençli pyşyrdaşdylar:
— Serediň, läle biziň doganlarymyzyň ýene-de birisi
açylypdyr!
— Ol meniň ýanyma gelsedi. Men şonda has owadan
bolardym.
— Mümkin, ol läle-gülleriň iň owadanydyr...
— Şoldur.
— Läle iň owadan güldür...
Läle gelensoň gülli meýdan hasam owadan bolupdy.
Töwerek mör-möjekleriň sesinden doldy. Häzir olaryň
hersi bir ýerden aýdyma zowladyşyp otyrlar. Asmanda,
jürläp, torgaý saýraýar.
Läle hem bir salym töwerege synçy bolup duransoň
töweregindäki lälelere meňzäp özüniň ýagyş hakyndaky
söýgüli aýdymyna hiňlenip ugranyny hem duýman galdy.
Çagyrar ol ýagar-da;
Oýnalyň-a, tiz geliň!
Uzyn bolýar saçlary,
Oýnanyň meniň bilen.
Oýnanyň ýagmyr bilen
Sebäbi töweregi diňläp duraňsoň, aýdyma
goşulmazlyk asla mümkin däldi.
401
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
M
MENIŇ REŇKLERIM
Gyzyl reňkde çeken Günüm
«Ýarty garpyz» diýdir ýene
Hem gündizi elter indi
Towşanlaryň öýlerine.
Gyzyl reňkiň aşagyndan
Sary reňkim ýazdy haly.
Ýup-ýumşajyk onuň üsti,
Guşlar gelip oýnar ýaly.
Keýerip dur keýik ýaly
Mele reňkde çeken atym.
Ýaşyl reňkim tiz örüzdi
Töweregiň terje otun.
Gara reňkim ginse boldy,
Ýyldyzlaram geler göçüp...
Kim uklajak bolsa, indi
Ýatybersin, barik geçip.
MÖJEK
Möjek bir obanyň çetinden geldi.
Oba daramakdy gaýdanda göwni.
Ysyrgandy, soňam lampa oturdy,
— U-u-u — itleriň baý-baý känligni...
402
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
MÄHEK DAŞ
Bir ýola tilki atyzda ekinlerini suwaryp ýörkä,
birden ýabyň suwy kesildi. Gözbaşda ýa-da suwuň ýol
ugrunda bir hadysanyň bolandygy belli boldy. «Näme
bolaýdykan?..» diýip, tilki ilki jogap gözläp, böwrüni
diňledi.Soňundanam onuň sebäbini bilmek üçin ýabyň
boýuny syryp, gözbaşa gitdi. Az ýöräp, köp ýörap, ahyr
ol daga ýetdi.
Ine, görse, dagyň depesinden togarlanyp gaýdan
äpet bir daş keserip, suwuň ýoluny kesipdir. Tilki
ony görüp ilki hyk-çok edip,daşy ýoldan aýyrmaga
synanyşdy. Emma güýji ýetmedi.
— şundan soň,
ol bu daşy bir özüniň gozgap-goparyp bilmejegine
düşündi. Oýurganyp çykalga gözledi.
Şol barmana-da aňyrdan her ýerden bir basyp,
apaň-sapaň edip gelýän aýy göründi. Tilki aýyny gören
mahaly bir emel kellesine geleni üçin birbada ony
görmedik boldy. Aýyny gyzyklandyrmak üçin öňünde
ýatan daşyň sagrysyny sypalap, özbaşyna samrady.
— Gözläp gezenje daşym, zordan tapanja zadym...
Aýy tilkiniň dünýäni unudyp, samrap oturyşyny
görüp, onuň duşunda aýak çekdi.
— Ýeri, how tilki, gotur daşy gujaklap, bu bolup
oturyşyň nähili?
Tilki aýynyň ýüzüne gözläp, ýalmanyp
403
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
şelaýynsyrady.
— Aýy daýy, bu daş ýönekeý daş däl-dä...
— Hä, ol nähili daşmyş beýle?
— Biler bolsaň, muňa mähek daşy diýilýär. Şeýle
keramatly daş hakynda heý, bir mahal eşidipmidiň?...
— Eşidipdim özün-ä... — Aýynyň sözi gowşak
çyksa-da, daşyň tarypy barybir onuň bilesigelijiligini
artdyrdy.
— Eşitseň, ine, bu, hut şol daş-da. Muny telim
günläp dog
anym bilen bile dagdan-daga dyrmaşyp, dabanlarymyzy
gyýçak daşlara dildirişip, zordan tapdyk. Togarlaptogarlabam, ine, şu ýere getirdik. Öýe ýetirip bolsa,
bazarda munuň aşyk ýalysy topaz ýaly altyn turzup dur.
— Şeý diýsene... — Tilkiniň şu taryplaryndan soň
aýy gotur daşyň ýöne bir daş däldigine halys ynandy.
Içinden bolsa daşyň özüniňki däl-de tilkiniňkidigine
gynandy. Ol: «Ýenjip, ony tilkiniň elinden alaýsammykam, oňa güýjüm-ä ýetmän duranok» diýibem bir
oýlandy. Tilki aýynyň daş bilen gyzyklanyp ugranyny
görensoň, haýal etmän, öz tilsiminiň ikinji bölümine
geçdi. Gözüni süzüp, alyslara seretdi. Aýa özüniň kimdir birine garaşýanlygyny mälim etdi. Soňundanam
ýalmanyp haýyş bilen oňa ýüz tutdy.
— Aýy daýy, eger sen häzir howlukmaç bolmasaň,
404
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
bir haýyş bar. Birsalym şu daşa göz-gulak bolup
otursaňyz? Inim häliräk mähek daşy bu ýerden äkitmek
üçin oba araba getirmäge gidipdi, şol eglendi, azaşyp
dagy ýören bolmasyn. Ýogsam, ol meniň hasabym
boýunça bireýýäm bir ýerden görünmelidi. Siz razy
bolsaňyz, men häzir gidip şonuň öňünden çykaýyn.
— Arkaýyn gidiber, tilkim. Tä, sen gaýdyp
gelýänçäň gözümi daşdan aýyrman oturaryn — diýip,
aýy dessine onuň bilen göwünjeň razylaşdy. Öz ýanyndan bu keramatly daşy tilkiniň elinden nädip alyp bolaýarkan diýip oýlanyp oturan aýynyň gökdäki dilegi
ýerde gowuşdy.
Tilki gidip bir depe aşansoň yzyna öwrülip şol
aşan depesiniň ýeňsesine gizlenip, daşyň başynda galan
aýynyň bolşuny synlady.
Aýy ilki tilkiniň garasy ýitensoň, ýaltaklap,
töweregini syndan geçirdi. Golaý-goltumda hiç kimiň
ýoklugyna gözüni ýetirensoň bolsa ýaňky daşy «homp»
etdirip egnine aldy-da, tilki dolanyp gelmänkä bu ýerden
daşlaşmak üçin ýegdenekläp, howlukmaç ýöräp ugrady.
Birazdan ýene-de akarda suwuň şadyýan sesi peýda
boldy.
405
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
N
NURYNYŇ GALAMY
Uzyn ýol çekdi,
Gyrasynda - bag.
Ýola abanyp
Otyr gara dag.
Suw gelýär iýnip
Ol dagdan bäri.
Bar kenarynda
Almasy, nary. . .
Baýyrda Akbaý,
Çopan hem çoluk
Otlaýan sürä
Otyr, ser salyp.
Çykypdyr gün hem
Elinde ýaýy,
Awlajak ýaly
Batmadyk aýy.
Nuryň galamy
Bolsa-da kiçi,
Dos-doly eken
Suratdan içi.
406
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
NAN
Nazaryň ejesi tamdyra nan ýapyp durdy. Ol hälişindi eglip, tamdyrdan tegelek Güne meňzeş nanlary
çykaryp alýardy.. Nazar bu ýerde, bir gapdalda durup,
ejesiniň hereketlerini synlap, her gezek nan ýapylanda
özi üçin ýörite kiçijik çöregiň çykarylaryna garaşýardy.
Şol gezek ol ejesini synlap durşuna, oňa sorag berdi.
— Eje, näme üçin nany tegelek edip bişirýäňiz-ä?
— Nan Güne meňzeş, oglum!
— Nämüçin, eje, ol Güne meňzeş?
— Sebäbi Gün - Babadaýhan;
Ýerleri öz howry bilen taba getirýän kim? — Gün.
Ekinleriň ösmegine kömek edýän kim? — Gün.
Bugdaý sümmüllerini sypalap-sypalap bişirýän
kim? — Gün.
Özümizi sylany bizem sylaýarys. Şonuň üçin nanymyzy onuň hormatyna tegelek edip — Güne meňzedip
bişirýäris.
Nazar ejesiniň tamdyrdan çykaryp özüne uzadan
kökejigini alyp, ony depesine göterip, Güne görkezdi.
— Gün, seret, meniň çöregim saňa meňzeş!
Ony görüp, Gün — Babadaýhan göwnühoşluk
bilen ýylgyrdy.
Şonda dünýä has hem owadan boldy.
407
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ň
«Ň» HARPY
Ilki ýazyp «Ň» harpyny,
Ýasadym men ondan «Ň»-ny.
Dakdym «Ň»-yň sag aýagna
Jojujygyň guýrujygny.
GAŇŇA
Gaňňaladym taýharmy,
Boldy at deý ullakan.
Indem ýola dyzap dur,
Şu gaňňada oýun kän.
DEŇIZ
Deňiz - ullakan gök ýorgan. Ol gök mahmal ýorgan
bolup, owsunyp tolkunýar. Çarlaklar her gün şol gök
mahmal deňziň ýokarsynda galgaşyp, uçuşyp gezýärler. Olar, bu günem hol-ha, ýene-de hemmelerden ir
oýanypdyrlar.
Uçuşyp-gonuşyp ýörler.
Deňiz ýorganyň örtüginiň aşagynda bolsa entegem ukuda ýatanlaryň az däldigi bildirýär: balyklar,
408
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
leňňeçler, düwlenler... henizem şol ýylyjajyk deňiz
ýorganyň aşagynda doganlar bolşup, depişip ýatan
bolmaly.
Deňiz ýorganyň aşagy häzir agyn müňňüldi.
TAŇŇY
Taňňy mekdepden gaýdyp gelýärdi. Ol mekdebe
ýaňrak gatnap ugrapdy. —ol barmana, ýolda onuň
öňünden bir garryja mama çykdy. Ol Taňňyny tanady.
Garryja mama Taňňylara, onuň enesiniň ýanyna mahalmahal oturmaga gelerdi. Mama aýak çekip, Taňňa
ýüzlendi.
- Nireden gelýäň, oglum?
- Aý, okuwdan-laý.
- Okuwyňyz eýýäm gutaraýdymy?
- Ýok, ertir ýene-de gelmeli diýdiler.
Taňňy bu sözi egnini gysyp, agyr ýüküň aşagynda
galan ýaly, diýseň lapykeç bolup aýtdy.
409
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
O
«O» HARPY
«O» ýadaman mydam tigirlenip ýör,
Özi-de ol juda gadymdan gelýär.
«O» özgeler ýaly garranok hat-da,
Sebäbi ol teker — şol hereketde.
OTLY
Demir ýolun
Ýalap-ýalap,
Bir heňinem
Şol gaýtalap.
Ýolun öňe
Salan otly.
Barýar süýnüp,
Barýar batly.
Öňde oba,
Şäher kändir.
Köpler oňa
Garaşýandyr.
Ol gyssanýar,
Barha-barha.
Kem däl ahyr,
Irräk barsa.
410
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ŞAH ÇYKANDA GEL!
Agylda iki sany owlajyk bardy. Olar, käte oýun
edişip, bir-birleri bilen süsüşip oýnardylar. Käte
Orazam gelip,gapdaldan olaryň oýunlaryny synlap
durýardy. Bir ýola bolsa Orazyň hem owlajyklaryň
oýnuna goşulasy geldi. Agyly açyp, onuň içine girdi.
Şonda owlajyklaryň birisi ondan gorkup, dessine
towsup, baryp enesiniň arkasynda gizlendi. Olaryň
ikinji birisi, sakarja owlajyk welin ondan gaçmady.
Gaýtam, kellesini aşak edip, onuň bilen süsüşmäge
taýynlandy. Owlajygyň kellesinde ýaňyja tümmerip
gelýän şahjagazlary bardy. Oraz hem owlajygyň özi
bilen süsüşmäge höwesekligini görüp, onuň garşysyna
geçdi. Sakarja owlaga meňzäp, kellesini tüňňertdi.
Süsüşmäge taýyndygyny mälim etdi.
Süsüşen wagtlary Orazyň gözünden ot paýrap gitdi.
Has-da maňlaýy erbet agyrdy. Ol şundan soň uzak durman, maňlaýyny sypalap agyldan çykdy.
— Eý, süsüşjek bolsaň, şah çykanda gel! — diýip,
özüni ýeňiji hasaplap duran sakarja owlak onuň yzyndan seredip çekräp goýberdi.
411
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ö
ÖRDEK
Eý ördejik, näme seň
Aýaklaryň ýalaňaç?
— Çemeli bolýar oýnaňda
Töwerekde «Kowdum-gaç!»
ÖKÜZ
Düýrügip mölemek
Onuň häsiýeti.
Käte ol kowalap,
Süsüp ýör iti.
Başagaý edýär ol
Baran ýerini.
Süsmese, nä ondan
Öküz bolýarmy?
412
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÖÝLÄNÇI
Öýlänçi ýene-de duýdansyz geldi. Ýaz günleri bu
öýlänçiniň edähedidi. Häsiýetinden çen tutsaň-a, onuň
ady «Tiz ýagar» diýen ýaly bir zat bolmalydy. Ýöne oňa
adamlar hemişe öýländen soň ýagýanyny göz öňünde
tutup, «öýlänçi» diýýärdiler.
Öýlänçi bu gezegem, bada-bat asfalt köçeleri
ýalanan göläniň arkasyna meňzedip ýalpyldatdy. Onuň
akja damjalary şagalaň bilen ýapraklaryň ýüzünden
syrylyşyp «taýdym-taýdym» oýnadylar. Ýolda ol mekdepden gaýdyp gelýän çagalaryň hem yzyndan ýetip,
olary-da süllümbaý ezdi. Ýöne, çagalaram ondan gaçyp
bukuljak bolmadylar.
Gaýta bökjekleşip, şatlanşyp hezil etdiler.
Öýlänçi olary ezse-dä ezdi welin, ýöne ol soňundan
eden işine ökündi öýdýän. Bada-bat öz ýalňyşyny
düzetmegiň ugruna çykdy. «Çagalar geýimlerini serip
guratsynlar» diýip, dessine bir ýerden älemgoşary
tapyp, ony asmanda gerdi.
— Her kim geýimini halan reňkine sersin - diýip,
älemgoşary olara görkezdi. Sebäbi ol her kimiň öz
söýgüli reňkiniň bardygyny bilýärdi.
Çagalaryň hersi pikirlerinde öz geýimlerini asmandaky älemgoşaryň bir reňkine serdiler...
413
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
P
PAGTA ÝYGÝAR
HEMMELER
Pagta ýygýar atyzda,
Uly-kiçi hemmeler.
Menem olaň ýanynda,
Ýygymçylaň sanynda.
Bir partygy bir özüm,
Dykyp-dykyp doldurdym.
Pagta entek ýene kän,
Ertire-de galdyrdym.
HADYSA
Bir gezek köşejik suwkädini göterip, suw içjek
bolanda bilmän ony başyna geýäýdi. Soňra ol suwkädini eýläk-beýläk öwrüp näçe itinse-de, ondan başyny
gutaryp bilmedi. Ilki muny ejesi görüp, suwkädini
köşejigiň kellesinden aýyrmakçy boldy, emma bolmady.
Soňra onuň kakasynyň eden synanyşyklarynyň hem
barysy peýdasyz boldy.
Ahwalaty eşidişip, goňşular hem üýşüşdiler. Emma
olaryňam alan galasy bolmady. «Haý, bolmandyr-ow!»
diýşip, duýgudaşlyk etmekden başga bitiren işleri bol414
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
mady. Gaýtam, öz aralarynda: «Indi munuň kellesini
kesäýmesek bolmaz» diýşip, köşejigiň eje-kakasynyň
howsalasyny artdyrdylar.
Bu üýşmeleň bir gapdalynda goňşy obadan gelen
tilki hem synçy bolup durdy. Ol ýaňrak bir iş bilen bu
düýeler obasyna gelipdi. Märekäni görübem: «Ol ýerde
näme barka?» — diýip şu ýere sowlupdy.
Düýeler artdykça ýagdaý barha dartgynlaşýardy.
Köşegiň ejesiniň howsalasy artdy. Ilki ol oglunyň
başyndan jüp çörek hudaýýoly aýtdy. Ýagdaýyň çäresizdigine göz ýetirensoň, Taňrydan kömek sorap, has-da
eçildi. Bir işşegi onuň ýoluna bagyşlady.
Düýeleriň bolşuny synlap, olaryň sadalygyna
içini güldürip duran tilki işşegiň ady orta geçensoň,
höwesli ýalmanyp, köşegiň ýanyna geldi. Ilki: «Haý,
bolmandyr özün-ä...» diýen bolup, näderini bilmeýäne
meňzäp, onuň töwereginden aýlandy. Ara wagt salyp,
ýagdaýa has-da dartgynlyk berdi. Soňundanam: «Hany,
pirimi çagyryp, menem bir synanyp göreýin» — diýip,
ýeňlerini çyzgaşdyryp çemelendi.
— Göreweri...
— Gör, tilki aga — diýşip, bu ýagdaýdan baş
çykaryp bilmän, alaçsyz duran mähelle hem ýerliýerden onu makullady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Günüň öýi - 8
  • Parts
  • Günüň öýi - 1
    Total number of words is 3310
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 2
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1938
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 3
    Total number of words is 3375
    Total number of unique words is 1924
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 4
    Total number of words is 3369
    Total number of unique words is 1889
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 5
    Total number of words is 3356
    Total number of unique words is 1950
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 6
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1979
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 7
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 8
    Total number of words is 2424
    Total number of unique words is 1465
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    58.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 9
    Total number of words is 349
    Total number of unique words is 295
    37.8 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.