Latin

Günüň öýi - 4

Total number of words is 3369
Total number of unique words is 1889
31.7 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Sowulýar özi.
Sag boluň, maňa-da
Indi wagt boldy.
Gwardiýanyň
Ýefreýtory Ýazgeldi...»
190
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GANATLYLAR
Gar ýagýar tokaýa,
Alaň, düzlere.
Gar ýagýar köllere,
Ele-ýüzlere.
Barýan esgerleriň
Telpeginde gar.
Ötegçi gyzlaryň
Gulpagynde gar.
Reňkini meňzedip
Mermer daşyna,
Öýe girjek ýaly
Süýşýär işige.
Biziň soldatlara
Şeýle etmek däp:
Gezýärler sowugy,
Gary depeläp.
Ýeri urýan ýaly
Bir topar taýak,
Sarsgyn berýär buza
Goşulýan aýak.
Şeýle pikir eder
191
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Olara bakan:
— Depe-depe doňy
Owratjakmykan?
Bu günem uçarlar
Sykylyk çalyp.
Galkdy oglanlary
Gujagna alyp.
Diýmäň beýle äpet
Bolýan eken gar.
Ol gar däl, asmandan
Desantlar ýagýar.
Ýazgeldi hem iýndi
Özgeler deýin.
Gurap depesine
Paraşýut öýün.
Meňzeşip, müňzeşip
Bulutlar geçýär.
Ýa-da Ýazgeldiden
Ürkýär-de, gaçýar.
Ol hiňňildik uçýar
Ýeliň badyna.
192
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Gaplap bulutlary
Paraşýutyna.
Uçup ýör Ýazgeldi
Dostlary bilen.
Neneňsi uçmasyn
Ganaty bolan!
193
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
POSSUNLY PARAŞÝUTÇY
I
Biz esgerler düz meýdana
Geldik ýene hatar bolup.
Tizden uçars asmana biz,
Paraşýuty arka alyp.
Pikirme-de gelmändi meň
Bu gün şeýle bolar diýip.
Bize ýoldaş bolmak üçin,
Goňur aýy geler diýip.
Ol aýyny özi bilen
Alyp geldi komandirmiz.
Haýran bolup üşerlişdik,
Tegelendik daşyna biz.
Tanyşdyrdy komandirmiz,
«Mişa» eken ady bolsa.
Köpler diýdi ynanmanrak:
«Biziň bilen böküp bils-ä?..»
Arkasyny sypaladyk,
Kä agzyna saldyk gandy.
Soňra Mişa biziň bilen
Samolýoda gelip mündi.
194
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
II
Depämide mawy asman,
Aşagmyzda ýaşyl dere.
Gözler Mişa gözläp barýar,
Mişa bolsa bakýar ýere.
Ne gorky bar oň ýüzünde,
Ýanynda ýok aljyramak.
Bökmegi hem başaraýsa,
Paraşýutçy boljagy hak.
...Samalýotda operator
Başagaý öz işi bilen.
Ol surata aldy bizi,
Paraşýutly Mişa bilen.
III
Samalýotyň giň garnyndan
Ýagdyk ýere ýekme-ýekden.
Men Mişanyň yzy bilen
Oňa gözläp, aşak bökdüm.
Gorkmady ol, batyr eken,
Galgap barýar tüýli possun.
195
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Paraşýutda gaýmak hezil,
Goý Mişa-da hezil etsin.
IV
Aýy bilen bökmek hezil,
Şatlyk berdi Mişa bize.
Gitsek ýene bökmek üçin
Aljak ony ýanymyza.
196
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TOKAÝA GITJEK ÝENE
(Orsýet goşgylar toplumy)
DERÝADA
Bu gün başagaýlyk
Derýanyň içi.
Geçip barýar ondan
Buzlaryň göçi.
Döwülen buzlaryň
Hersi bir harsaň.
(Senem ýüzýän ýaly
Seredip dursaň.)
Gämä meňzeş hemem
Olaryň bolşy.
Üstüne mündürip,
Bir bölek gyşy.
Ýüzüp barýa buzlar,
Olar şeýle kän.
Guşlar oňa gonup,
Bolýar kapitan.
197
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ŞADYÝAN ÇEŞME
Çeşmejik akyp barýar,
Akmak onuň hoşuna.
Barýar ol öz arzuwnyň,
Deňze — aňry başyna.
Şahalaň aşagyndan,
Barýar sümülip-süýşüp.
Kä ýerde hanasyndan
Çykýar ol dolup daşyp.
Kese duran köklerde
Aslyşyp hallan atýar.
Tolkunlarny gaçyryp,
Soňam kowalap ýetýär.
Açyklyga çykanda,
Synlap asmany, Güni...
Anyklar özüniň,
Gelip, nirden çykanny.
198
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TOKAÝ
Sosna, ýel, berýoza...
Ýitirdim sanym.
Otyr tanaýanym,
Tanamaýanym.
Synlamsoň tokaýy,
Şuny bildim men.
Üýşülse-hä tokaý
Bolunjak eken.
199
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BAGA ÇYKYP BILÝÄNIŇ
Belka baglaň üstünde,
Gezip ýör ondan oňa.
Guýrugny, kä tumşugny,
Görkezip gidýär maňa.
Hozdur şänik çakyp ýör,
Ol ýokarda köp zat bar.
Maňzyn iýip, gabygny
Ýere — maňa oklaýar.
Şişka zyňýar birde-de,
Aljagmy bilýär duşsa.
Baga çykyp bilýäniň,
Boluberşem bir başga.
200
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÖRDEKLER
Ýoluň gyrasy bilen
Ördekler gelýär üýşüp.
Bir-birlerne guwanşyp,
«Go-go-go-go-go» diýşip.
Ýöräp gelýän mahalam,
Ýüzýäne meňzeş olar.
Köle baryp ýetseler,
Ýene hezillik bolar.
Ýol kesmeli bolanda,
Durdular sabyr saklap.
Maşyn ötüp gidensoň
Geçdiler hasanaklap.
201
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ESASY ZAT
Bir gün Sergeý baba bilen
Çeňňeklije köle gitdim.
Uzyn ýüpli çeňňegimi
Arzuw bilen suwa atdym.
«Jülp» etdi-de çümüp gitdi,
Suw düýbüne çeňňejigim.
Balyklary daşna ýygnap,
Ol köp gürrüň eder bu gün.
Ynanýaryn men bu kölüň
Balygyna-baýlygyna.
Garaşýaryn towlanjyrap,
Çykjak altyn balygyma.
Howlugamok,
Kejigemok,
Oýlansam-da balyk hakda.
Balyk bolar,
Esasy zat
Tutjaklygňa ynanmakda.
202
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
«KÖMELEKLI» ÝAGYŞ
Ýagyş goýan dessine,
Tokaýa gitdim ýene.
Haýran boldum şonda men,
Kömelekler birgiden.
Ysgasaň ysy parym.
Begenip, tapyp ýörün.
Gözläberseň ýene kän,
«Kömelekli» diýilýän
Ýagyş hakyt şol eken,
Ony bilip goýdum men.
203
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
AK GUW
Ol moýmuldap geldi-de,
Çykarman köwşün, donun,
Girdi-de gitdi suwa,
Oýny başga ýüzýäniň.
Gaýyk bolup gezdi ol,
Gidip aýlanyp geldi.
Tolgunyp, ony synlap,
Kölem owadan boldy.
204
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TOKAÝ SIMFONIÝASY
Aýdym aýdýar çeşme,
Akyp — şildiräp.
Agaçlar pyşyrdap,
Asmana garap.
Otlaryň hem pessaý
Parym sesi bar.
Bulutlar ner bolup,
Esireşip ýör.
Uçaryň sesi,
Onuňkam bir heň.
Hiňlenjiräp barýar,
Otly ýol bilen.
Şemal çybyklara
Hereket berip.
Dirižorlyk edýär,
Bir ýanda durup.
205
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
JOJUK
Sygnap dur näme berseň,
Köp iýse-de, az görýär.
Öňüne näme goýsaň,
Dessine ýalmap berýär.
Iki bedre galyndy,
Içdi ýuwundy çaly.
Ýene diýdi: «Hork, hork, hork —
Berjek zadyňyz barmy?»
Çörek getir,
Suw getir,
Näme getirseň gidip,
Iýýär gözlerin ýumup,
— Hork-hork — heziller edip.
206
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÜMSÜMLIK
Örtüpdir tokaýy,
Agyr ümsümlik.
Baglaryň egninde,
Ol bir mähnet ýük.
Agaçlar oýaly— Ukuly gernip,
Onuň aşagynda
Otyr ýegşerlip.
Oýnaýana meňzeş
Hemme dymmaşak.
Häzir şişkalaram
Gaçanok aşak.
Ýaýrap-ýazylypdyr,
Hemme göwünde.
Uçup otyr tukat
Hiňňildiginde.
207
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ŞIŞKALAR
Gaçyp dur şişkalar
Şahadan tänip.
Dursaň gapdalyňa,
Ýa depäňe «güt».
Şişka gaçýar käte-de,
Gapdalyňa «şpat» gelip.
Ýatýar soňam bir gowy,
Gundagly bäbek bolup.
Gök kürteli tokaýyň
Bu gün ýene giň göwni.
Töweregne ýaýradyp,
Otyr hemme gowlugny.
208
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TOKAÝ ÝAGYŞY
Ýagyşyň tokaýy
Sulhy alypdyr.
Ol islän mahaly,
Gidip-gelip dur.
Berse-de gelende
Biraz kem ünji.
Soňundan tokaýa
Sepýär ol hünji.
Ýuwup garry duby,
Sypalap, siňňin.
Ýeňledýär her gezek
Onuňam süňňün.
Syrdam berýozalar,
Dünýä ýaraşyk.
Ýuwundy olaram
Gerinjireşip.
Lipalar hem ýagşyň
Duşuna düşüp,
209
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Durlar kert gaýada,
Galkyjaklaşyp.
Her gezek gelende
Ýagmaga — ýene.
Agaçlar beslenşip
Düşýär bir güne.
210
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
DAŞDEŞEN
Gurçuk gözläp daşdeşen,
Ýene uçdy daň bilen.
Dubuň gapysyn kakdy:
— Öýdemisiň, gurçuk sen?
Içerden bir ses geldi:
— Ol-a joralarynda.
— Tyk-tyk-tyk-tyk, sag boluň,
Özüm taparyn onda.
Onuň bolaýjak ýerni —
Tapdy ol berýozany.
«Tyk-tyk...» — kakdy gapyny,
Öýňüzde gurçuk barmy?
— Eý janlarym, bu kimkän?
— Daýza, bu men, daşdeşen.
— Gurçuk bize gelenok,
Sosnalykdan gözle sen!
Sorady ol soňundan,
Sosnaň gapysyn kakyp.
Jogap berdi olaram:
— Gitdi, ýaňyrak çykyp.
...Ýene-de bir ýerlerde
Daşdeşeniň sesi bar.
Gapy kakyp: «Tyk-tyk-tyk...»
Ol gurçugy gözläp ýör.
211
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BIR GUÝYNYŇ BAŞYNDA
Nury tokaýy gezip,
Oba gaýdyp gelýärdi.
Onuň geçer ýolunda
Telim bir guýy bardy.
Saklandy ol guýulaň,
Birisiniň deňinde.
Görse, guýdan suw çekip,
Dur gyzjagaz öňünde.
Egninde çitje köýnek,
Mährem gözler gülüp dur.
Bedre bilen gyzjagaz
Itek-çomak bolup dur.
Görse-hä kömek gerek,
Nury dessine duýdy.
— Sen birýanrak dur hany,
Çekişeýin men! — diýdi.
Gyzjagaz yza tesip,
Garaşdy sabyr saklap.
Hem Nuryny synlady,
Uýalyp, ýylgyrjaklap.
212
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Bedreleri dolansoň,
Birisin başa çekdi.
(Suw ýakadan dökülip,
Yzarlap, aşak akdy.)
Suwdan ganyp, bedreleň
Hersin bir ele alyp.
Olar ýola düşdüler,
Gürleşip, iki bolup.
Ýat obada hemme zat
Oňa täsindi, geňdi.
Ugratdy Nury gyzy
Soňra öýlerne çenli.
213
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BERÝOZOWIK-KÖMELEK
Berýozowik berýozaň
Gapdalyndan çykyp dur.
Synlap töwerek-daşyn,
Gözegçilik çekip dur.
Plaşy bar egninde,
Çyglylyk geçirmeýän.
Duýdurýar onuň şeýdip,
Durjakdygy şindem kän.
Şlýapasy başynda,
Halap geýýän, eý görýän.
(Ýogsam, ahmal boldugyň,
Şişka depäňe berýär.)
Ýol gözläp dur kömelek,
Geýinip ykjam-gaýym.
Yzyndan gelindigi,
Ugrap gitmäge taýyn.
214
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TOKAÝ ÝODASY
Egrerlip ýöremäni
Ýodajyk gowy görýär.
Tokaýa ugran wagtyň,
Öňüňde ýelpäp barýar.
Tokaýyň bar ýerine
Hemmelerden belet ol.
Oba bilen tokaýy
Birikdirip duran şol.
Parç otly giňişligi
Görkezmegi söz berip,
Alyp gidýär sürini
Her gün yzna düşürip.
Gezmek gowy tokaýda,
Diňşirgenip her sese.
Gezdirýär ýoda şonça,
Kim näçeräk islese.
Tokaýçyň hem agtygnyň
Her gün yzyndan gidip,
Alyp gelýär mekdebe,
Aýdym aýdyp, tans edip.
215
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BAGLAR TANS EDENDE
Şemal ýolkalaryň
Bilinden tutdy.
Göçgünli agaçlar
Ýene tans etdi.
Çaldy sazyny hem
Sykylyk bilen.
Şemal — ýigit boldy,
Ýolkalar — gelin.
Hemmeler keýpihon,
Elesleşdiler.
(Pyrlanyp ugrady,
Gobsundy-da ýer).
Baglar tans edende,
Synlasaň ony.
Olar has owadan
Bolýan ekeni.
216
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
LENA AÝDYM AÝDANDA
Lena bilin guşap,
Çykandan öýden,
Her gezek başlanýar
Ýakymly aýdym.
Däne sepip,
Towuklarny hoş edýär.
Soňam ol sygrynyň
Ýanyna gidýär.
Berýär onuň
Suw paýyny, otuny.
Naharlaýar söýüp,
Bulka — itini.
Jojujagam
Lena örän eý görýär.
Maňlaýny sypalap,
Süýt guýup berýär.
Dessine süpürýär
Ol hapa görse.
Nirede iş bolsa,
Lena şol ýerde.
Ýaňlanan mahaly
Aýdym her gezek.
Lenaň işleýänin
Bilýär töwerek.
217
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÝENE GITJEK TOKAÝA
Tokaýda bolup gaýtdym,
Arçaň ýanynda boldum.
Berýozany eý görüp,
Biline golum saldym.
Gowy gören gülümden,
Döşüme-de dakyndym.
Tokaý juda giň eken
Meniň dagy çakymdan.
Kömelegem kän eken,
Men olardan almadym.
Zäherlisem bolýamyş,
Tanamasaň, bilmeseň.
Ýöne welin köp aldym,
Şişkasyndan, hozundan,
Oty bolsa tokaýyň
Kükregiňden,
Dyzyňdan.
Ýagyş diňip,
Gün çykyp,
Bolsa gowluk-bahana,
Ýene gitjek tokaýa,
Meňzeş tokaý bahara.
218
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
LITWA GOŞGULARY
LITWA
Gül-gunçalar töwerekden
Bakýar agzyn aça-aça.
Otursaň-da kir bolanok,
Hemme ýerde gökje keçe.
Demir çüňkli daşdeşenler
Bir-birlerne sesin goşup,
Syrdam-syrdam agaçlary
Deşip ýörler bileleşip.
Ýüň balakly belkajyklar
Basga düşüp ýörler ýene.
Häli-şindi büdreýärler
Kömelekleň telpegine.
Eýläňem gül, beýläňem gül,
Gülden doly alaň, pesem.
Aýdym aýtsaň, ýere gaçman,
Baryp güle gonýar sesiň.
Bulut telpek geýen tokaý,
Ýatladyp dur äpet dagy.
Litwa atly bu ülkäniň
Hemme ýeri seýil bagy.
219
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ALDONANYŇ SURATLARY
Partadaşym Aldona gyz,
Görüp geldi Aşgabady.
Gürrüň berdi, köp ekeni
Onuň gören täsin zady.
Köpetdagyň gaýalarna
Çykypdyr ol telim ýola.
Senem atly bir gyz bilen
Bolupdyr ol şonda jora.
Dag süňňünden syzan çeşme
Gandyrypdyr Aldonany.
Görüpdir ol Pöwrizäniň
Täsin ýedi doganyny.
Saýlap gülleň al-elwanyn,
Olar baglap täsin çemen,
Goýupdyrlar Magtymgulyň
Heýkeline Senem bilen.
Alyp gelen suratlary
Bezedi bir uly zaly.
Bolduk bizem surat synlap,
Garagumy gören ýaly.
220
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÇAKYLYK
Meni görmäge,
Garry eneme
Salam bermäge,
Bar garyndaşlar,
Ýakyndan-daşdan,
Gelip duruň siz!
Daş obadaky
Garryja mama,
Ýüz sen Nemanda,
Mündejik gämä.
Uzyn gamyşlaň
Içinden ötseň,
Äkel gamyşdan
Tüýdüjek etseň!
Kaka, jan kaka,
Uzakda ýören,
Köp gezek gije
Düýşüme giren;
«Kakaň komandir,
Geler» diýýärler.
«Seni gujagna
Alar» diýýärler.
221
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Garaşyp ýörün,
Garaşyp ýörün,
Suratdan bezäp
Öýmüziň törün.
Sowgat gerek däl,
Geläý boram-boş.
Barybir, men-ä
Borun örän hoş.
222
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
REÝKLAÝTES BILEN EJESI
— Eje, beräý lyžamy,
Gardan doly beýik-pes.
— Otur, ýyljak içerde,
Üşärsiň sen, Reýklaýtes.
— Possunymy geýeýin,
Elimde ýyljak ellik.
— Öýde otur, jan oglum,
Şoldur gowy, hezillik.
— Garda towşan yzy bar,
Goýber, men yz çalaýyn.
— Ýitiräýsem men seni,
Nirden tapyp alaýyn?
— Meňzeşje yzym galar,
Garda lenta mysaly.
— Dolanmarsyň wagtynda,
Düýnki köseýşiň ýaly.
— Derrew gaýdyp gelerin,
Köp eglendiň diýmersiň.
— Hal-ha lyžaň, gidip dyn,
Ýogsam, meni goýmarsyň...
223
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
KÄN AGLADY BIR PIŞIK
(Litwa ertekisi esasynda)
Gür tokaýlar eşitdi,
Gök ýapraklar diňledi.
Kän aglady bir pişik,
Diňer ýerde diňmedi.
Serçelerdir torgaýlar
Gelip iki-ýekeden,
«Maw-mawlaýan» pişige
Seretdiler depeden.
Pişik şindem aglaýar:
— Meň maňlaýym şor eken.
Üç çagajyk dogurdym,
Üçüjigem kör eken...
224
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
225
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TÜRKMENISTAN
HAKYNDA GOŞGY
Depämizde giňiş asman
Dünýäň ýüzi has üýtgeşik.
Pagta-bugdaý, gül-gunçalar,
Ösüp otyr bileleşip.
Giň gujagy çogdur ýyly,
Parlap otyr türkmen çöli.
Süri, süri, süri mala,
Az duşmarsyň munda bolsaň.
Öter gider samolýotlar
Asmanyňa nazar salsaň.
Asman ýere albaý bular,
Al asmany çagyrar ýer.
«Eziz çölüm» diýýänsiň sen,
Iller «Türkmen çöli» diýer.
Birçak suwlar eýeledi
Yssyň köne külbesini.
Indi guşlar ýygjamladar
Biziň ile gelmesini.
Gurluşygna gutarma ýok,
Zähmet joşýar ähli ýerde.
226
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Gezim edýär ak gämiler,
Kanal atly köçelerde.
Ähli zatda günüň eli —
Eriginde, üzüminde...
Bar, şol günüň bir bölegi
Gor çägäniň düzüminde.
Biz «Garagum» diýýäs muňa,
Guwanýas oň barlygyna.
Bagtyýar meň ilim-günüm,
Meňzeýäs biz Nurly güne.
227
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BIR BAR EKEN
Düýe her gün derýada
Ýüzýär taňňyra girip.
Tä özi ýadaýança
Ýüzmekden aryp-irip.
Balyklar ýöriş edýär
Edil esgerler ýalak.
Öňden barýar komandir,
Uzyn murt — lakga balyk.
Käte bolsa bu ýerde
Hezillik bolýar diýseň.
Ana, onsoň gök-akdan
Iýiber haýsyn iýseň.
Iki gala özara,
Tersleşýär-de kä ýarym,
Gaýgyrman bir-birinden
Gawun, garpyznyň — baryn,
Topa salyp atýarlar,
Pomidory, üzümi.
Agzyň açsaň, bir zat «hap»,
Pugta ýumup gözüňi.
228
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Sygyrlaryň hem munda
Ullakan ganaty bar.
Uçup gidip asmana,
Olar buldy otlaýar.
Şonuň üçinem süýdüň,
Bolsa-da şol — süýt ady.
Ak däl-de, ýaşyl bolýar
Uçýan sygyrlaň süýdi.
Gije hem gelýär her gün,
Bu zatlary görmäge.
Hemem ýadan gündize,
Çalşyp, dem-dynç bermäge.
229
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
KOWLAN IT
On obadan kowlup,
Göwni galan it,
Gorkdy on birde-de,
Diýler öýdüp: «Ýit!»
On birinji oba
Ýogsam — gözýetim.
Aýagy çekmedi
Ol ýere itiň.
Siňdi ol jeňňele,
Nätsin çekinse?
Möjek bolup çykdy
Ondan çykanda.
230
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
IL GÖRSÜN
(Moldowa ertekisiniň äheňinde)
Goja bir getirip,
Atyn bazara saldy.
Deger-degmez bir baha
Ony satarman boldy.
Bazara bolsa hernä,
Her hili adam gelýär.
Boldy şolaryň biri,
Bu ata hem hyrydar.
Sorady: — Aýt, ýaşuly,
Ýorgasy barmy atyň?
— Wah-eý, içimi ýakma,
Mundan gowudyr item.
— Künde çekişi niçik,
Başarýarmy şony bir?
— Eger sähel ýadasa,
Toýnak salyp durandyr.
— Belki, ýyndamdyr atyň
Çapan çagy ýyldyrym?
231
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
— Eşek bar-a, çapyşsa,
Ozýan däldir şondanam.
— Beýle aty bazara
Salmalam däl ekeniň!
— Goý, il görsün kimligin,
Meniň dişim dökeniň.
232
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÝAGŞY SÖZ
Düýe ýolda çökäýdi,
Bir ýerlerden geldi-de.
Ol hem käte ýadaýar,
Näçe güýçli bolsa-da.
Ýoly tutup ýatyr ol,
Özem juda arkaýyn.
(Tebigaty şeýleräk,
Asla edenok oýun.)
Sygyr görüp käýindi:
— Il, sen munuň bolşun gör!
Tapmadyňmy ýatmaga,
Ýatjak bolsaň başga ýer!
Hyňranyp durdy güjük
Onuň alkymna gelip:
— Hany, ugra şu ýerden,
Kölgäňem ýanňa alyp!
— Biziň bilen, gowusy,
Düýe, sen etme oýun.
Kran tapyp götäris... —
Mäläp janykdy goýun.
Bir pişik howlukmady,
Käýinip nalynmaga.
233
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Diýdi: — Bizi bir geçir,
Gobsun-da, düýe aga!
Çagalarmyz garaşýar,
Düşünewer bize sen?
Aýlanyp geçere-de
Mümkinçilik ýok eken.
Ýogsam, şeýdip durmaly
Sagdan-soldan kim gelse!
Düýe turdy çaýkanyp:
— Geçäýiň beýle bolsa!
234
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TÄSIN HATYŇ MANYSY
Alyp ýeriň,
Suwuň tabyn,
Togarlandy
Torly gawun.
Eşdip onuň
Tory hakda,
Hem gögeren
Ýeri hakda,
Ençe alym
Gelip ýetdi.
Kelle döwüp,
Pikir etdi.
Diýişdiler:
«Gadymy hat,
Çaklama däl,
Tüýs hakykat.
Nädip düşen,
Ol bu ýere.
235
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Hat degişli
Şumerlere1»...
Biri diýdi:
Häzire çen
Beýle hata
Duşmandym men.
Çen tutulsa
Ýazylşyndan,
Çykar ujy,
Çynma-Çyndan2»
Şol golaýda
Düýe bardy.
Ol jedeli
Eşdip durdy.
Hatyň aslyn
Bolsaň tapjak,
Gürrüň juda
Ula sapjak.
1. Şumerler — gadymy halk.
2. Çynma-Çyn — Hytaýyn köne ady.
236
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Diýdi düýe:
— Dostlar, duruň.
Maňa-da bir
Gezek beriň!
Sypyndygym
Şu ýan gelýän.
Bu haty men
Okap bilýän.
Okady soň
Syrly haty.
Hemme bildi
Syrly haty.
«Dostlar, bişdim,
Meni iýiň!
Ekene-de
«Sag bol!» diýiň.
Adym gawun,
Süňňüm — baldan,
Tagamymy
Günden aldym»...
237
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ähli alym
«Bäh» diýişip,
Sag bol aýtdy
Düýä üýşüp.
Soradylar
Soňam ondan:
«Öwrendiň sen
Haty kimden?»
Düýe diýdi:
«Kän-ä bilýän.
Hat hatdyr-da,
Näme bilmän.
Geň görmäň siz,
Dostlar, meni.
Düýäniň her
Üçünjisi
Boşansa, şu
Ýere gelýär.
Bu hatlary
Okap bilýär.
238
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Iýmelidir —
Diýip — muny,
Dilimledi
Soňam ony.
Paýlaşdyrdy
Töweregne:
— Okamaga
Geliň ýene!»
Diýip, düýe
Haýyş etdi.
Gelenler hoş
Bolup gitdi.
239
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BIZIŇ KROKODILIMIZ
Nirede ýaşaýar krokodiller?
Elbetde, Afrika belli mekany.
Ýaşaýar her derýasynda ol ýeriň
Äpet krokodilden iki ýüz sany...
Ýok, olar ýeke bir Afrikada däl,
Başga ýerlerde-de ýaşaýany bar.
Indi köpden bäri olardan birsi,
Aşgabatda biziň bilen ýaşaýar.
Futbol oýnalanda ol derwezeçi,
Äkidýärler ony bileje kino.
Gowy görýän zady doňdurma onuň,
Hezil edip iýýär, berseň «eskimo».
Bir gün Töre atly oglanjyk ony,
Salyp otlyň kupelerniň birine.
Özi bilen oba äkidäýipdir,
«Gezdireýin» diýip, mamalaryna.
Howsala doldurdy şol gün şäheri,
«Krokodil gürüm-jürüm bolanmyş!..»
Birem diýdi: «Ony alyp gitmäge
Afrikadan agalary gelenmiş».
240
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Tukatlandy şonda hemme oglanlar,
Gözlediler gidip ýaýladan, kölden.
Ulular olara göwünlik berdi,
«Çykar bir ýerlerden, uçan-a däldir».
...Obaly çagalar begenşipdirler,
Aýlapdyrlar mündürip gök taýhara.
Ol hem ele alyp bir kesmen nany,
Oglanlara goşlup, gidipdir jara.
Bir kiçijik çaga akan mahaly,
(Şuny köp ýatlaýar indi oba has.)
Krokodil özün suwa urupdyr,
Akan oglanjygy edipdir halas.
Obanyň ilersi çöl-baýyr eken,
Krokodil çopan goşna barypdyr.
Garmykan öýdüpdir pagtany bolsa,
Ony elne alyp, ysgap görüpdir.
Bir hepdeden gaýdyp gelipdir ýene,
Söýgüli şäheri Aşgabadyna.
Şondan bärem diňe «Krokodil» däl,
«Syýahatçam» diýýärler bir adyna.
Bärde onuň azary ýok hiç kime,
241
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Gaharly zyňanok awuna bakan.
Ýeri, ol başga zat iýip nämetsin?
Bu ýerde bal ýaly gawunlar barkan.
Çagalaryň dosty,
Ünsünde iliň.
Beg güni bar munda krokodiliň.
242
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BIR AMADY GELENDE
Pişik, syçan hem eşek
Gürrüňçilik bolanda,
Hersi biraz öwündi,
Bir amady gelende.
Syçan diýdi: «Pil atly
Hindistanda agam bar.
Hezilmişin Hindistan,
Meni myhman çagyrýar».
Pişik diýdi: «Gaplaňyň
Babadaşy hut özüm.
Oglum ogluna meňzeş,
Gyzyna meňzeş gyzym».
Eşek diýdi: «At inim,
Ýaryşlardan gelenok.
Häzirem bir ýurtda ol,
London, Pariž.., bilemok».
Bardy pyşdyl hem düýe
Gürrüňiň bir çetinde.
Olaram şuny diýdi
Nobatlary ýetende:
243
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Düýe diýdi: — Düýeguş,
Biziň inilermizden.
Wah, asmanda ýandak ýok,
Ýogsam, uçman ýörmezdim.
Pyşdyl diýdi: — eý, dostlar,
Bilýändir synlap gören.
Şol meniň uçan oglum,
Gün bolup, gezip ýören.
244
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÇAÝ BAŞYNYŇ DERDINMESI
Düýe diýdi: «Tomus
Ýürege düşdi.
Tendi köşejigim,
Butlarym bişdi.
Ýyndam bolmasa-da
Bu ilde menden,
Men gaçybam, sypyp
Bilmedim Günden.
Her ýyl tomus gelse,
Maňa dar öýüm.
Günüme goýanok
Çybyn, gögeýin.
Çöl ýaly giň dünýä
Barmy nä başga?
Şu-da dar, göksiňek
Söbügme düşse».
Düýäň derdinmesin
Eşidip bir guş,
Aýak çekenmiş-de,
Şeýle diýenmiş:
245
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
«Gadyrdan, sen beýdip,
Käýinip ýörmän,
Aýdýandyr-a öýtme
Ol ýeri görmän.
Bir uçara mün-de,
Uç sen deňize.
Ol ýerde serginlik
Syçraýar ýüze.
Daş-töwerek bolsa
Gül-gunça — solmaz.
Ol ýere bir barsaň,
Gaýdasyň gelmez».
Düýe ony diňläp,
Ser salyp aşak,
Soňam ýylgyranmyş
Ýeňsesin gaşap:
«Wah, men ol illere
Giderdim, guşum.
Ýöne onda ýandak
Bitmeýärmişin».
246
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
AWÇY TILKI
Tilki elewräp ýör
Obaň daşynda.
Hyýaly ketekleň
Towuk-guşunda.
Sanaýar ol ýoluň
Öten-geçenin.
Hasaplaýar
Çyralaryň öçenin.
Gyzyl kekeç horaz,
Towugam bolsa,
Itleň gözlerine
Güýdüşip bilse.
Ketege girmekçi,
Talaň salmakçy.
Gabady gelene
Eýe bolmakçy.
Bilýär, hezillik bor,
Bolar şatlyk-toý,
(Gije edýän işiň
Görýän barmy, heý?)
Towuklyja palaw
Onuň hoşunda.
Tilki köwsarlap ýör
Obaň daşynda.
247
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
HÜWDI
Ukla, balam,
Ýat, balam,
Gül ýassyga
Ýet, balam.
Pişik diý-de, özüň
Göz öňne getir!
(Pikriň seni islän
Menzilňe ýetir.)
Murtuňy käte bir
Sypalaşdyryp,
Indem ýatyrsyň sen,
Süýji düýş görüp.
Ukla, balam,
Ýat, balam,
Süýji uka
Bat, balam.
Indem sen çaga däl,
Bir gowja köşek.
Saňa akyllymyz,
248
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Güýçlimiz diýjek.
Guýrujagyň seniň
Bolsa-da kelte,
Boýuň uzyn, gelsin
Deňeşjek bolsa!
Ukla, oglum,
Ýat, oglum,
Süýji uka
Bat, oglum,
Bir süsejik guzy
Indi bolsa sen.
Gaty süser öýdüp,
Gorkýarlar senden.
Süsüşdiň tut bilen,
Bardyň-da bärden.
Indem sen güjügi
Kowalap ýörsüň.
Ukla, balam,
Ýat, balam,
Süýji uka
Bat, balam.
249
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Gijäň oý-hyýaly
Ýene-de bizde.
Ýyldyzlar üýşüşýär
Dik depämizde.
Uklap dynjyň alsaň
Tä dogýança Gün,
Ýene oglanjyga
Öwrülersiň sen!
250
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BARÝAR, BARÝAR PYŞBAGA
Pyşbaga ýola düşdi,
Arkasynda gazany.
Ilerligne barýar ol,
Tirkäp aýak yzyny.
Barýar, barýar pyşbaga,
Gün bilen gürleşmäge.
Gün bolsa togarlanyp,
Gidip barýar ýokardan.
Pyşbaga hut şol günüň
Alkymyndan çykarman.
Barýar, barýar pyşbaga,
Gün bilen gürleşmäge.
Ýetdimi ol, ýetenok —
Heniz bilýän ýok muny.
Günde bir pyşdyla bar,
Oýlandyrýar şol meni.
Gidipdi şol pyşbaga
Gün bilen gürleşmäge.
251
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÇÖL PARADY
Synladym men ýapa çykyp,
Paradyny bir gün çölüň.
Geçdi saýdan ilki bolup,
Süri çopan iti bilen.
Yz ýanyndan sarsgyn berip,
Peýda boldy uly gäle.
Geçdi olar tozan turzup,
Dolup-daşyp, sygman ýola.
Bir salymdan geçdi tilki,
Hemme zada müňkür bakyp.
Soňam meni synlady ol,
Şol ýerden, bir çöpe bukup.
Seňk-seňk edip geçdi şagal,
Şatrym-şallak süri gulan.
Çölden gelýän bir çopanam
Geçip gitdi şol ýol bilen.
Zemzen geçdi garnyn süýräp,
Pyşbagany garyp çaňa.
Keýik sürsi uçup geçdi,
Gorky bilen gözläp maňa.
252
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ters öwrüldi bir suwlugan,
Bilmän nirä ötjegini.
Synlaýaryn çöl paradyn,
Günem synlap otyr meni.
Düýeler-ä bir-ikem däl,
Şol ýol bilen geçdi ençe.
Dowam etdi çöl parady,
Tä garaňky gatlyşýança.
253
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
AKPAMYGYŇ AÝDYMY
Tigirlen sen çörejigim,
Dag-dereden aşyr meni!
Tigirlen sen, tigirlen sen,
Agalarma duşur meni!
Doganlarma duşur meni.
Gör, dünýäde bu gün ýagty,
Ýollarynda bar höwesim.
Synçy bolup durdum sähra.
Torgaý guşlaň diňläp sesin.
Synlap sähraň belent pesin.
Ýeňil ganat kebelekler,
Galgaşyp ýör ondan oňa.
Ynanýaryn, owsun atýar,
Ýaşyl ýaýlam meňzeş maňa,
Meňzeş ýaýlam bu gün maňa.
Çeşme suwy ýoluň kesse,
Geç ondanam badyň bilen.
Gez, ýodalaň yzna düşüp,
Aýlan-öwrül çaňna bulan,
Ýoldaş bolup ýoda bilen.
254
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Doganlarym pikirimde,
Ýedi sany çynar aga.
Hudaýjanyň beren bagty.
Akpamyga baýrynmaga.
Ýedi sany çynar aga.
Agalarmyň dogan mährin,
Barýan küýsäp didaryny,
Höwes bilen gözläp tapyp,
Bar etmäge men barymy,
Doganlarmyň didaryny.
Tigirlen sen — çörejigim,
Dag-dereden aşyr meni!
Nirde bolsa tigirlende,
Doganlarma duşur meni!
Kökejigim-çörejigim,
Tigirlen sen ýürejigim.
255
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SUW ATLARY
SUW ATLARY
Sarsgyn berýär kenaryna,
Çal deňiziň güwwüldisi.
Ol güwwüldi suw atlarnyň —
Şol atlaryň toýnak sesi.
Ol tolkunlaň at kemi ýok,
Dur sagrysy gümmezekläp.
Galýar atlar çarpaýasyn,
Asmanyna nazar dikläp.
Ol atlaryň,
Suw atlarnyň,
Ýok olaryň dyzmaç kemi.
Tutýar ýene Gün ýüzüni
Bulut bolup atlaň demi.
Giňiş deňiz,
Syrly deňiz
Meňzeş bu gün agyr ýygna.
Suw atlary çapyp ýörler,
Ýallaryny dküp egne.
256
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TOLGUNDY DEŇIZ
Üýşüşipdir deňze,
Hemmeje balyk.
Birsi barmak ýalak,
Birsi el ýalak,
Şuka,
Çapraz,
Doka,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Günüň öýi - 5
  • Parts
  • Günüň öýi - 1
    Total number of words is 3310
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 2
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1938
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 3
    Total number of words is 3375
    Total number of unique words is 1924
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 4
    Total number of words is 3369
    Total number of unique words is 1889
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 5
    Total number of words is 3356
    Total number of unique words is 1950
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 6
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1979
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 7
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 8
    Total number of words is 2424
    Total number of unique words is 1465
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    58.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 9
    Total number of words is 349
    Total number of unique words is 295
    37.8 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.