Latin

Günüň öýi - 6

Total number of words is 3441
Total number of unique words is 1979
31.7 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Dürbüläp uzagy
Ýakyn getirdim...»
Obaň gumak ýolun,
Öwdi garpyzy.
(Kim hasap edýärkän
Asla ol bizi!?)
Geň galdyrdy gürläp
Hemmäni Nurly.
Bu zatlary gowy
Görmeýän barmy.
324
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÝOLBARS
Getirdiler ol iti
Çölden, çopan goşundan.
Indi ötýär oýtarlap,
Geçen onuň duşundan.
Towuklary kowalap,
Etdi ol gyran-jyran.
Saýgaranok kim duşman,
Kim dost bolup, ýal beren.
Ala göle boşansa,
Howla girip bilenok.
Düýnki dalanan pişik,
Şindem öýe gelenok.
Göwnüne ýakmadygyň
Bada-bat işi gaýdýar.
«Ýolbars, ýolbars» diýilse,
Özün şomukamuşym öýdýär.
325
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GIZLENPEÇEK
Jojujaklar gizlendi,
Jork suwly batga baryp.
Ördek-gazlar gizlendi,
Özlerni suwa urup.
Guşlar baglara siňip,
Boldular gürüm-jürüm.
Köweklerde gizlendi
Hemmejesi itleriň.
Kengurujyk towsaklap,
Öýlerne golaý bardy.
Soňam ol ejesiniň
Towsup, öňlügne girdi.
326
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÝAGŞYLYK ÝARAŞMAZ
EKEN PIŞIGE
Ýagşylyk ýaraşmaz eken pişige,
Asla üns bermez eken eşige.
Bir ýerde goýýamy gezegen aýak,
Ol laçjany basyp geläýdi baýak.
Legene saldyk-da jigim ikimiz,
Sabynlap birkemsiz ýuwduk ony biz.
Geýindirdik soňam täzeje eşik,
Geýen geýmem galdy oňa gelişip.
Ýöne ýokuş gördi ol ýuwulanyn,
Bizden gaçyp gezdi soňam telim gün.
Gezegenje gylygynam goýmady,
Guýrugyny gumda süýräp oýnady.
Bizem soň bolmadyk azar berjegem,
Bilýäs, ýuwsak onuň gaty görjegin.
Ýagşylyk ýaraşmaz eken pişige,
Gürrüň ýeten çagy egin-eşige.
327
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BIR GÜNDEN BIR GÜN
Bir gün menem ulalsam,
Iş ýetik bolar onsoň...
Ýetik bolar maňa-da,
Hysyrdysy bir öýüň.
Saklaryn düýe, köşek,
Bäş-üçem tokly-goýun.
Ondanam başga ýene
Horanja ala göle,
(Saklamaly saklasaň
Onam enesi bilen).
Jaýyňam aladasy
Bilýän, bolar başymda.
Suwap, aklap, reňk çalyp,
Öwrülerin daşynda.
Bazara hem gatnaryn,
Bişende gawun-garpyz.
Üzümem kän iýmeli,
Peýdasyny bilýäs biz.
328
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Sallançak satyn alsam,
Ýatar onda kiçimiz.
Käte gideris kino,
Gelnim, oglum üçimiz.
Ýöne bu zatlar entek,
Arzuw-hyýal — gowy päl.
Kim boljagy gelnimiň,
Entek o-da belli däl.
...Çagalarmy üýşürip,
Alyň, iýiň diýerin.
Olar-a köp iýerler,
Men az-azdan iýerin.
329
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GEŇ WAKA
Mekdepden soň hiç ýerede
Gitmedi ol başyn alyp.
Hiç kim bilen uruşmady,
Görogly beg-merdan bolup.
Okuwyndan çykdyk bada,
Öýlerine gaýtdy göni.
Garagolluk, söýýän oýny,
Eglemedi bu gün ony.
Heý, bu ýagdaý görlen zatmy,
Bolýan zady bir görle sen!
Ony gören haýran galdy,
Günem dogar özge ýerden.
Köçäň ugry agyn ekin,
Sary erik — «buldur-buldur».
Gözi gidýär görenleriň,
Özge bal ýok, özi baldyr.
Amangeldi göz gytagnam
Aýlamady oňa bu gün.
Garanjaklap, aşmady ol
Gädiginden haýatlaryň.
330
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Bu ýagdaý heý, görlen zatmy,
Bolýan zady bir görle sen!
Ony gören haýran galdy,
Günem dogar özge ýerden.
Bir tomaşa görmek üçin,
Ýoluň daşyn saýlamady.
Itlerem öz günne galdy,
Ýeke daş hem aýlamady.
Üsti-başam täp-tämizje,
Salam berýär garry görse.
Heý, ejesi tanarmykan,
Geýimlerni ýyrtman barsa!
Bu ýagdaý heý, görlen zatmy,
Bolýan zady bir görle sen!
Ony gören haýran galdy,
Günem dogar özge ýerden.
331
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
DÜÝE
Düýe ýer sürüp ýör,
Ýygyp ýör pagta.
Hemişe atyzda —
Gün dogsa-batsa.
Giçlik ot alansoň
Sygyrlaryna.
Öýüne ugrady,
Bu günem, ana.
Horjunnyň gözünde,
Bar torly terne.
Ertse güýmenje bor
Köşejiklerne.
Daşa çykyp ony,
Düýnküsi ýaly.
Ýene garşy aldy,
Ogly, aýaly...
Kaka öýde bolsa,
Hezillik bolýar.
Gaharjaň eje-de
Gül-gül açylýar.
...Ertir orak-pilin
Alyp eline.
Gitdi ol ýene-de
Atyz — peline.
332
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÇYNARYŇ ÜSTI
Otyrdy ýap boýunda
Äpet çynar hellewläp.
Guşlar üýşüşerdiler,
Onuň üstüni belläp.
Bir gün mündüm dyrmaşyp,
Şol çynaryň üstüne.
Ýakynladym şeýdibem,
Asmana, çogly Güne.
Ýerde öwüsgin ýokdy,
Bu ýerde bolsa ol bar.
Ýapraklar gazda-ganat,
Diýseň uçasy gelýär.
Bulutlar yraw-daraw,
Ýüzüşip ýör howlukman.
Golaý gelse ilişer
Olar çynara hökman.
Çykyp çynar üstüne,
Dünýäň synçysy boldum.
Hiç neneň-ä däl eken,
Biraz ýokarda bolsaň.
333
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SIRKDE
Saz başlady ilki,
Oýunlaň başyn.
Üşerildi sahna
Töwerek-daşym.
Syçraşyp çykdylar,
Ak atlar telim.
Bir atyň üstünde
Görmegeý gelin,
Başyna geýipdir
Jowur ak telpek.
Atlar bolsa barýar
Hut, ýyldyrym dek.
Görkezdi eýeriň
Üstünde ýatyp.
Garnynyň astyndan
Geçdi soň atyň.
Yzyndanam maýmyn,
Çykarman sesin,
Görkezdi märekä
Öz derejesin.
Masgarabaz bolsa
Öýkündi köpe,
Itden gorkup gaçdy,
334
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Syrylşdy ýüpe.
Mündi ol aýyny
Gyratdyr öýdüp,
Berdi bir gülküli
Aýdymam aýdyp.
Görkezdi soňam ol
Telim bir oýun.
(Dogan ýegenimiş,
Ol jadygöýüň.)
Göwnüm ýetdi meniň
Her görenime.
Atamy-da alyp,
Geljek men ýene.
335
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
PIŞIK
Pişik hini garamlap,
Otyr daňylan deýin.
Diýip: «Syçanjyk çyksa,
Ony tutup iýeýin».
Garaşdy ol bir sagat,
Ýene-de wagt geçdi kän.
«Bu deýýuslar bu gün nä,
Çykman oňjaklarmykan?»
Oturmakdan ýadansoň,
Gaharlandy, düýrükdi.
Soňam lapy keç bolup,
Elin salgap daş çykdy.
Gaharlanma, pişigim!
Syçan görnenok diýip.
Seniň özüň tüketdiň,
Olary tutup-iýip.
336
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
DÜÝE BARÝAR PATANAKLAP
Düýe barýar patanaklap,
Hiç bir zada üns bermän.
Soradyk biz saklap ony:
— Sen howlukmaç nirik barýaň!
Uzaklara seredensoň,
Diýdi düýe: «Geljek basym,
Ynjalamok wagtal-wagtal,
Gidip çöli göräýmesem».
337
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
JIKJIKI
Şahalara münüp-düşüp,
Jik-jik, jik-jik, jik-jik, jik-jik,
Çotun kakyp, hasabyny
Ýöredip ýör jikjikijik.
Töweregiň agaçlarny
Ýekän-ýekän sanap çykdy.
Ýapraklaryň öl-gurusyn
«Jik-jik, jik-jik» çota kakdy.
Uly bolsun,
Kiçi bolsun,
Ýoldan öten bolsa, barny
«Jik-jik, jik-jik», sanady ol,
Başga nä oň işi barmy?
Menem iki sanady ol,
Eýläk geçsem — beýläk geçsem.
San bilýän bir özi ýaly
Diýýär: — Geläý, jikjikleşseň!
338
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SÄHER-SÄHERLER
Yza çekildi kem-kem,
Gije öýleň öňünden.
Gerinşip çykdy tutlar,
— Goňşy, salam, bärde men!
Çykdy horaz howlugyp,
Depesine ketegiň.
Pasyrdadyp kakdy ol,
Öz ganatyn etegin.
Dünýä barha durlanýar,
Tizden gün hem dogmaly.
Gündizlik öz keşbine
Ýene eýe bolmaly.
Gözüň düşýär çal daga,
Durup alsa bakaňda.
Monça bolup dur ol hem
Garaňkydan çykanna.
339
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ŞOL GEZEK
Guşagma gysdyryp,
Ýiti oragmy,
Torba salyşdyryp,
Azyk — çöregmi,
Gitdim ot ormaga,
Ýaýla bararyn.
Bilýän bu gün
Ot baryny oraryn.
Çapyşdym birsalym
Çeşmejik bilen.
Otyr indem giň köl
Ýolumda meniň.
Asmanda jan edip,
Saýraýar bir guş.
Ýeriň ýüzi bolsa
Gök haly tutuş.
Owsunşyp oturan
Otlar bir gowy.
Görenleriň ýene
Görmek arzuwy.
340
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Dözer dagy ýaly
Däl ol ormaga.
Bir gowy meýdan ol
Gezip ýörmäge.
Gowsy men yzyma
Öýe gaýdaýyn.
Otlar ösüp, kemsiz
Goý, alsyn boýun.
Barsam geçim mäläp,
Öňden çykar, gör!
«Gyşa ot ýygdyňmy
Birneme?» — diýer.
Ala sygrym o-da,
Ýanyma gelip,
Gider ysgaşdyryp,
Habarmy alyp.
Aýtmaly bor hiç zat
Gizlemän ondan.
Bilýärin tumşaýyp,
Öýkeläp menden.
Pikir edip durkam,
Gördüm ýylany...
341
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Tisgindim, nä ondan
Gorkmaýan barmy?
Ýazylyp, ýygnanyp
Tolkun atdy ol.
(Otlukda aýna deý,
Ýalpyldanam şol.)
Ony synlap, bada
Tutuldy dilim.
Soňam gaçdym ýoluň
Ýakyny bilen.
Sürünmek ýerine
Dübläp üstüme.
Onuň özem çöpe
Siňdi dessine.
Bol bolsa-da, baryp,
Ot ormadym men.
Şol otdan hiç kime
Getirmedim men.
342
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
HOWSALA
Ertir irden oýanyp,
Güjüjegmi tapmadym.
Onuň bilen yz çalyp,
Oýnamakdy maksadym.
Kän garaşdym, gelmedi,
Ne eşdildi «jöw-jöwi».
Bir ýerlerden güjügim
Çyksa häzir, ne gowy.
Ketekleri barladym,
Ýataklary barladym.
«Jöw-jöw» itim jöwürde,
Heý, bir ýerde barmysyň?!
...Al ...Al — diýip gygyrdym,
Gygyrsamam gelenok.
Öňkim ýaly sygyrdym,
Sygyrsamam gelenok.
Goňşulardan soradym,
Ötegçiden soradym.
Indi onuň gözlegni
Başlasamkam nireden?
343
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
* * *
Ak alaňa ýetemde
Begenäýdim birdenem.
Begenmenmi «jöw-jöwmüň»
Aýak yzny görsemem?
Ýene öňe ylgadym,
Syryp çölüň ýodasyn.
Arkan düşüp çägede
Dynç alýaryn ýadasam.
Yzda galdy birtopar,
Çägeligiň seňňeri.
Şemal duşup, lak atdy:
«Niräk barýaň, sen ýeri?»
Diýdim oňa: «Öt şemal,
Sykylygňy ýitir sen!
Sen-ä derrew möňňirdiň,
Güjügiňi ýitirseň.
Şemal gynajak boldy,
Monça tutup özüni.
Ýalap gitdi güjügmiň
Çägedäki yzyny.
344
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
* * *
Ak çägede oýnasak,
Şony gowy görerdi.
Meniň bilen çapyşyp,
Togarlanar ýörerdi.
Gitdimikän ol çöle,
Ümdüzine tutduryp.
Belki-de ol enesin
Tapandyr goşa baryp.
Çykdym beýik seňňere,
Öz arzyly ornuma.
Gözme doldy ýezgenler,
Ysy doldy burnuma.
Ýylan billi çakyçlar,
Bar ekeni birgiden.
Men otyryn beýikde,
Oturşy deý bürgüdiň.
Asmanyma seretdim,
Uzaklara gözledim..
Bir garany göremde,
Has ýiteldi gözlerim.
345
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Belki, şoldur güjügim,
Göge galdy şatlygym.
Howlukdym ýitäýmesin,
Tiziräjik ýetmesem.
...Şemal bilen çapyşyp,
Inip barýan beýikden.
Şatlyk meni nädäýdi?
Indi ýyndam keýik men.
* * *
Şol ekeni güjügim,
Ýanynda-da çal guzy.
Nireden peýda bolduň sen,
Maňa tanyş däl guzy.
Sypjyrlypdyr ýüz-gözüň,
Teniňde gan, görsene.
Nirde tanşyp ýörsüňiz,
Hany aýdyp bersene?
Otlamaga geldiňmi,
Ýa geldiňmi azaşyp.
Çalja guzy, çal guzy,
Gürlesene azajyk?
346
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Çopan-çoluk gözledim,
Soň eýleden-beýleden.
Ýatyr eken bir bürgüt,
Bokurdagy çeýnelen.
Uzyn-uzyn ýelekler,
Çaşyp ýatyr çägede.
Topulandyr ol guza,
Goý, dagasyn dagasa.
Mälim boldy hemme syr,
Tiz dolandym yza men.
Öz batyrja güjügmi,
Gujakladym täzeden.
347
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BEDEWIŇ
Bedew aty gowy
Görer ekenler.
Onuň hyzmatynda
Durar ekenler.
Sebäp oňa münen
Dik tutup başyn.
Hondan bärsi bolup,
Eselermişin.
Tanamazmyş onsoň
Ata-babasyn.
Özüni eý görýän
Garry mamasyn.
Başga görünermiş
Bar zat gözüne.
Göwni ýetik bormuş
Hemem özüne.
Hut şonuň üçinem,
Hemme uruşda,
Atlylar sap bolup,
Durupdyr başda.
348
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Köp bolsa-da çozup
Geleniň sany.
Paýhynlapdyr olar
Barça duşmany.
Sebäp diýseň atlyň
Gözüne goşun
Hatda peşeçe-de
Görünmezmişin.
Ugruna bolarmyş
Hemme edeniň.
Şeýleräjik oýny
Barmyş bedewiň.
349
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SAPAK
Toplap küreniniň
Giňiş törüne,
Möjek sapak geçýär
Çagalaryna.
Mysal üçin, tutup
Kimsäniň adyn.
Taryp etdi etiň
Tagamyn-dadyn.
Aýtdy ala geçiň
Owlagy hakda.
Garny doka dünýäň
Gowlugy hakda.
Sorady soňam ol
Çagalaryndan:
— El-hal — diýşip, sürä
Çozsaňyz mundan.
Nädip alarsyňyz,
Siz öz awuňyz?
Indi şu soraga
Jogap beriň siz!
350
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Tokarja möjejik
Ygtyýar alyp,
Gepledi ýuwdunyp,
Garsyna galyp.
— Men aýtsam, eje jan,
Etjegim bardyr.
(Bilmeli, sürüleň
Goragy zordur.)
Duýdurman bararyn,
Hatyrjem bolup...
— Otur, bäş, sen awuň
Bilersiň alyp!
Ikinji güjügem
Soňra ör galyp,
Jogap berdi,
Gözün süzüp, ýalmanyp.
— Eger itler duýsa,
Salmaly aly.
Etmeli sürüden
Daşlaşar ýaly.
Özüm ýetmesem-de,
Islän ýerime,
Mümkinçilik dörär
351
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Özgelermize...
— Berekella, dörtlük,
Seňkem bir hasap.
Her ýerde özüňçe
Bilmelidir tap.
Üçünji güjüge
Ýetende gezek,
Diýdi goly bilen
Ýeňsesin gazap:
«Men-ä siziň bilen
Razy däl birjik.
Göni çopanlaryň
Üstüne sürjek.
Ýüregi ýarylar,
Meni görenden,
Şeýdip, tutuş sürä
Eýe borun men...»
Oňa bir zat-bir zat
Boldy-da diýjek.
Daldalady elin,
Howlukmaç möjek.
352
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
— Hany, lal bol, samsyk,
Otur sokulyp.
Hiç zat öwrenmänsiň,
Saňa ikilik!
Näçe düşündirdim,
Diýýän zadyn gör!
Saňa biajalja
Öljek diýerler!
Diýdi soňam: «Belläň,
Şu dört amaly.
Öýde-de şolary
Gaýtalamaly!»
353
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ERBETJE
Gün geçdikçe,
Ulaldykça,
Ala güjük barha-barha,
«Gyr-r-gyr» edip, yrsarady,
Goňşularny nirde görse.
Towuklary «Wak-wakladyp»,
Etdi ýördi gyran-jyran.
Gaçmak bilen buky ýere,
Ýolda-yzda ony gören.
Dagdy boldy ondan eşek,
Ördeklerem etdi dady.
Aglap gürrüň berdi pişik,
Özi bilen bolan zady.
«Ak depäniň yk taýyndan,
Semiz syçan tutan günüm,
Alajanyň gözi düşüp,
Söbügime düşdi meniň.
Tutup, soňam myjalady,
Oýnady ol pökgi deýin.
354
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Gözüm ýetik boljak zada,
Zyňdym awum, wah, nädeýin?
Sagja bolsun aýaklarym,
Şolar meni halas etdi.
Samanhana sümülemsoň,
Ol öwrülip yzna gitdi...»
Alajanyň gylygy erbet,
Goňşy-golam edýär dady.
Alajadan erbetjä-de
Tiz öwrüldi onuň ady.
«Dynmak gerek erbetjeden!»
Goňşy-golam şeýle diýşip,
Bir maslahat etdi olar,
Çola ýerde gizlin üýşüp.
Maslahatda diýdi sygyr:
«Bir ýerlere gitmek gerek,
Azalt diýip azaryňy,
Ýa-da haýyş etmek gerek!»
Geçi diýdi: «Ýok, doganlar,
Ýalbarmakdan hiç iş bitmez.
Päli azan güjükdir ol,
Barsaňyzam diýen etmez.
355
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Harlarsyňyz sözüňizi,
Mundan başga ýol hem bar-a.
Gaçmaly biz ol ýamandan,
Açmaly tiz ondan ara!
At hem ara gürrüň goşdy:
— Şuň diýýäni ugrunda bar.
Ýogsam, how, ol howla sygman,
Töwerekde guduzlap ýör!
Towuk diýdi: «Gaty dogry,
Ýekeligiň elne berseň,
Öz-özüni ýigrener ol,
Goý, bu derdi çekip görsün!»
Unadylar maslahaty,
Gitmeli ýol söke-söke.
Öz garagol gylygy bilen
Goý, erbetje galsyn ýeke!
* * *
Garaňkylyk garaguş deý,
Gonan çagy baga, jaýa,
Erbetje hem irkilensoň,
Synçy bolup çypar aýa.
356
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Belleşilen düz meýdana,
Şundan soňra geçi, eşek,
Jüýjelerni sürläp towuk,
Pallap, uky büren köşek,
Goýunlaram olar bilen,
Ýelk ýasady ördek, pişik.
Daraklygna basa-basa,
Gitdi olar ýaltaklaşyp...
* * *
Gün lowurdap galan çagy,
Baýyrlaryň depesine.
Oýun isläp, gözün dikdi,
Erbetje il gapysyna.
Kowalasy gelip towuk,
Golaý bardy keteklere.
Olar-a ýok, soňam gidip,
Aýlandy mal ýataklara.
Göle, düýe, goýun, geçi,
Towuk, pişik, ördek, eşek...
Barsy ýere giren ýaly,
Hiç biri ýok, üp-üýtgeşik.
357
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Meýdan tukat,
Asman tukat.
Erbetje-de tukat örän.
Goňşularny ýatlap otyr,
Indi bolsa öwran-öwran.
Igenýär hem öz-özüne:
— Olar barka ala-ýazdy.
Howlymyzda,
Işigmizde
Hoş owazdy,
Aýdym-sazdy.
Nirde bolsa
Tapmaly men.
Ýogsam, meni gaýgy bürjek.
Erbetligi goýjakdygma
Çynlakaýdan sözem berjek...
Ýatyp gördi, ynjalmady,
Ygyp gördi saga-sola.
Goňşularny ýatlap soňam
Gözleg salyp, düşdi ýola.
* * *
Säher-säher daş-töwerek
Garaşýarka nurly Güne,
358
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Erbetje-de ýöreý-ýöreý,
Ahyr ýetdi dag etegne.
Şol barmana bir tanyş ses
Gelip ýetdi bir ýerlerden.
«Ü-ü-ü-ü-eý, Gün dogan,
Nirde bolsaň, çyk indi sen!»
Ýaňky sesiň yzyn alyp,
Erbetje-de gidiberdi.
Bir salymdan giň gowagyň
Alkymyna ýetip bardy.
Ine, görse bar goňşusy,
Ýaşap otyr şu gowakda.
(Kän alada eden eken,
Tebigatam olar hakda.)
Hol aşakda giňiş dere,
Otyr ýaşyl owsun atyp.
Dag çeşmesi basga düşüp,
Şatlyk bilen ýatyr akyp.
Goňşularny tapanyna
Begendi ol tüýs ýürekden.
359
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Diýdi soňam: «Gaýdalyň, ýör,
Sizi gözläp köp gezdim men.
Ynanyň siz sözlerime,
«Tok» diýmäýin towugňyza.
Hyýanatsyz goňşy bolup,
Ýaşaýyn men indi size!»
Erbetjäniň sözlerini
Ölçäp-döküp daş-töwerek,
Bir karara geldi ahyr:
«Yzymyza gitmek gerek».
— Ynanalyň soňky gezek,
— Şu gezeg-ä munuň çyny.
Baryp, ile gowuşalyň,
Ýalbartmalyň artyk muny.
Ine, şeýdip, olar ýene
Yzlaryna gaýdyp geldi.
Erteki-de hut şu ýerde,
Toý-şatlykly tamam boldy.
360
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GAR HÄSIÝETI
Gar geldi üst-başyn ak tozga edip,
Ýene töweregiň eýesi boldy.
Garry bol sen,
Ýaş bol — daşa çykanyň,
Ýene-de aýagnyň ölçegni aldy.
Ileri tarapdan geldi gelende,
Öňden belli onuň gylygy maňa.
Ol hemmäniň aýagyny ölçeýär,
Ýöne, köwüş getirenok hiç kime.
361
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
AK PARAŞÝUT
Gyşyň desantlary
Bosuşyp iýndi.
Agyn, ak paraşýut
Töwerek indi.
Dünýä doňup ýatyr,
Undup adyny.
Ýapynyp, ak gyşyň
Paraşýudyny.
362
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GUZYGUÝRUK
Guzyguýruk diýilýär,
Ol uly kömelege.
Meňzeş guzyň guýrugna,
Meňzeş hemem elege.
Köýtene gelseň ýazda,
Hol ýapyda durandyr.
(Olam seniň gelenňi
Bireýýämler görendir.)
Ony baryp alaňsoň,
Oýlanýaň synlap, durup.
Haýsy guzy gitdikän,
Guýrujagny galdyryp?
363
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GÄMILER
Hatarlanşyp durlar
Olar kenarda.
(Bu gün gämileriň
Hemmesi bärde.)
Olar äpet-äpet
Dag boluşyp dur.
Olar gyşy
Gyşlamaga gelipdir.
Gary, doňy bilen
Geler gyş basym.
(Ýyljak bolýar gyşy
Üýşüp gyşlasaň.)
Özlerni ýuwaşja
Suwda yralşyp,
Otyrlar gämiler
Gysmyljyraşyp.
364
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
OGLAN BILEN ERIK
— Geldim senden datmaga,
Erik, meni diňle sen!?
— Bilim omurlyp gelýär,
Kem däl maňa ýeňlesem.
— Seni nädip alyp bor,
Ýokarda el ýeterden?
— Çyksaň, gaçmagyň ahmal,
Syryk tapyp getir sen.
— Kakdym, gaçdyň paýyrdap,
Bar gaplary pürledim.
Galdy ýene bir şahaň,
Ony welin bermediň?
— Galsa galsyn ýekesi,
Halamaryn kakany.
Ol şahada goýdum men
Guşjagazlaň hakyny.
365
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GÖK TAÝHARY ÝUWDUK BIZ
Gök taýhary üýşüşip,
Suwa salyp ýuwduk biz.
Gyrat bolup ýalpyldar
Diýip, ony öwdük biz.
Her aýagna bir oglan,
Menem sagdan topuldym.
Şol arada bir ýerden
Kir sabyn hem tapyldy.
Begenşip ýuwup durus,
Höwes bolsa bar häli.
Taýhar gowja ýuwunsa,
Bolar ýüzi aý ýaly.
Birden sypyp gaçdy ol,
Tas basypdy aýagym.
Indi oňa kär etmez,
Sykylygam, taýagam...
Belli boldy suw bilen
Arasynyň ýoklugy.
Özem diýdi aňňyryp:
— Ýuwmasaňyz has gowy.
Suw iç diýseň, içeýin,
Ýogy bolmaz taýharyň!
Ýöne welin ýuwsaňyz,
Ýene gaçyp gaýdaryn.
366
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GÜN BILEN TIRKEŞIP
Gün gördi guşlaryň
Mähellesini.
Baglaryň gök ýaprak,
Gök hüllesini.
Ýatyr it, hut düýnki
Ýatan ýerinde.
Pallap ýör, keýpi ýok
Pişikleriň-de.
Otyr düýelerem
Çölüme gelşik.
Uýalşyp dur olar,
Bir gowy bolşup.
Ýetik töwerekde
Sygyrlaň sany.
Duýulýar atyňam
Kemlik edýäni.
Anha-da, gök taýhar,
O-da bu çakda
Juda köp oýlanýar
Eşeklik hakda.
367
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Pagtaň gozalarnyň
Hersi bir çyra.
Göz aýlaşyp otyr
Olar daglara.
Gören zatlarymyň
Tutdum adyny.
Gün bilen synlaýsaň,
Synlan zadyňy.
368
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
369
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
A
«A» ÝAZÝAN
Tanaýan «A»-ny,
Ýazýaryn «A»-ny.
Barha köpelýär
«A»-laryň sany.
Galamym bilen
Depdere ýazdym.
Hekim bilenem
Köp ýere ýazdym.
Maşynyň köne
Tekerne ýazdym.
Öýüň basgançak
Çykarna ýazdym.
Kyn däl «A» ýazmak,
Ünsli bolsaň,
Hekiň bölegni
Eliňe alsaň,
Eýläk bir aýak,
Beýläk bir aýak,
Biline bolsa
Keseje taýak.
370
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
«A» ALAŇYŇ ÜSTÜNDE
Ýol gyrasynda telegraf sütünleri hatarlanyşyp
otyrlar. Olaryň alaň üstünde oturan birisi goşalanyp
oturşy bilen «A» harpyna meňzeýär. Aga gyzyklanyp,
onuň golaýyna bardy. Dogrudanam, ol «A»-nyň hut özi.
Aga «A» bilen bir wagtdan bäri tanyşdy. Ilkinji gezek
geçen ýyl «A» bilen Agany çagalar bagynda mugallym tanyşdyrypdy. Hatda oňa öz Aga adynyň hem hut
şu «A» harpyndan başlanýandygyny-da mysal getirip
aýdypdy. Häzir «A»-nyň alaň üstünde yzyny gözläp,
bolup durşy kimdir birine garaşýana meňzeýärdi.
— «A», sen bu ýerde kime garaşýaň? — diýip,
Aga onuň bilen gyzyklanyp sorady.
— Doganlaryma garaşýan.
— Hany, nirede onsoň olar?
— Olaram indi, hä diýmän yzymdan ýetip gelýän
bolmaly.
«A» şeý diýdi-de, boýurganyp ýene yzyna gözledi.
Soňra ol «A» Agany hem öz duran alaňynyň üstüne
çagyrdy.
Birsalymdan olaryň gözleşip duran gözýetiminde
harplaryn ýodajygy yzarlap, hatar gurup gelýänligi
göründi.
Aga dostlarny görüp begendi.
371
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
B
BULUTLAR
Irden kölüň gujagyndan
Topar bulut çykyp gitdi.
Öl-suw bolan geýimlerni
Üstümizde sykyp gitdi.
BE... BULARY
Täsinlik bar ýerde bar,
Goç hem muňa ynanýar.
Haçan görseň «Be...» diýip,
Be-bedre, be-bede, be-bugdaý...
Aýlanyp, geň galyp ýör.
372
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BUÝSANÇ
Daş töwerek agyn baýyrlyk. Ol baýyrlaram çöküp
oturan düýelere meňzeşdiler. Düýeler hem çöken wagtlary hut şol baýyrlara meňzeýärdiler. Köşejik hem indi
birki aýdan bäri şu baýyrlaryň arasynda ýaşaýar. Çöl
çöl ä, ýöne Köşek şeýle-debolsa, bu ýerde birjik-de
ýekesiremeýär.
Eýsem, töweregiňde özüňkiler, özüňe meňzeşler
barkan ýekesiräp näme? Köşejigiň özi-de indi çöken
wagty töwerekdäki şol baýyrdepeleriniň birine
meňzeýär. Elbetde, ony bu baýryrlara meňzedýän onuň
şol arkasyndaky depe bolup oturan örküji. Köşejik
özüniň örküjini diýseň eý görýär.
Seredip - seredip, ondan doýup bilenok. Asla
guwanmazça hem däl, sebäbi köşejigi örküji diýseň
görmegeý, diýseň syratly edip görkezýär.
Günlerde bir gün köşejik özüniň arkasyndaky
örküjini görkezmäge oba, mamalaryna görme - görşe
gaýtdy.
Elbetde, mamasy-da onuň arkasyndaky örküç
baýyrjygy görüp begendi, oňa: «Köşegim iner çykypdyr» — diýip buýsandy.
373
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ç
ÇAPYŞARYN TÄZEDEN
Taýçanagym ýüwürdi,
Menem düşdüm yzyna.
Ylgamakda meniňem
Göwnüm ýetýär özüme.
Çaňa gardym Çaryny,
Ylýas, Çemenden ozdum.
Taý bolmansoň özüme,
«Men ýyndam» — diýip gezdim.
Ýöne taýym ozaýdy,
Ýyndamlygy zor eken.
Türgenleşip, has gowy
Çapyşaryn täzeden.
BIZDEN SORAÝAR
— Oglum, bu gün haýsy harpy öwrendiňiz? —
diýip, bir gezek ejesi Çarydan sorady.
— «Ç»-ny geçdik - diýip, Çary göwünli-göwünsiz
dillendi.
— Keýpiň ýok-la, oglum nämä kejigýäň? — diýip,
ejesi ýene onuň bilen gyzyklandy.
— Mugallymymyzalaý...
374
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
— Hä, näme üçin?
— Geçjek harpyny onuň özi bilenok-da her gezek
tagta ýazyp: «Şu haýsy harp?» — diýip, ony bizden
soraýar.
— Şeý diýsene — diýip, Çarynyň ejesi oglunyň
gepine myssa ýylgyranyny hem duýman galdy.
ÇARY ÇOPAN
Çary mekdepden gaýdyp gelýärdi. Şemallyja sergin günleriň birisidi. Çary derýanyň üstünde gernip
duran köprä ýetip ol ýerde aýak çekdi. Derýanyň üstüni
häzir tolkun örtüpdir.
Tolkunlaryň hümerlenişip baryşlary, çopan öňüne
düşüp barýan sürini Çarynyň ýadyna salýardy.
Çopan bolmak Çarynyňam arzuwydy. Ýöne entek
ol kiçijik bolansoň, ony çöle-de äkidenokdylar, oňa
süri-de ynananokdylar.
Ol derýanyň ýüzündäki sürini höwes bilen synlady. Häzir derýanyň üstüne göterilen ümürem hut süri
geçende göterilýän ýukajyk çaň-toza meňzeýärdi. Şol
barmana, Çary özüniň şu süriniň çopanydygyna ynandy.
Süri bolsa, tozanlap henizem geçip durdy. Bölünip gapdala sowuljak bolýanam ýok, agsap-togsap yza galjak
bolýanam. Derýanyň olumy bilen lagambir sürlenişip
geçip barýarlar.
Gör, çopan tejribeli bolanda süri nähili bolýar!
375
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
D
DAGLAR
Daglaň hersi raketa,
Depesinden ýagýar nur.
Kimdir birne garaşyp,
Uçjak-uçjak bolup dur.
DAŞDEŞEN
Eý, daşdeşen, daşdeşen,
Çüňküň seniň dişiňdir.
Tapdym hol gün deşik daş,
Şolam seniň işiňdir!
DOGANLAR
Döwran aňyrdan gelşine gapylarynyň öňünde
aýaklaryny gezekli gezegine howlukmaç silkişdirdi-de,
köwüşleriniň hersini bir tarapa zyňyp goýberdi. Olaryň
birisi daş işikde galsa, beýleki birisi zyňylyp hol ýeňsä
düşdi. Köwüşler iki dogandylar, olar hemişe bileje bolmagy gowy görýärdiler. Mekdebe-de bileje giderdiler.
Ylganlarynda hem bilediler. Futbol oýnalanda
olaryň birisi, topy göterip, - çeme alyp berse, beýlekisi
376
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ony depip, derwezä salardy. Agşam ýatanlarynda hem
köwüşler bir-birlerine höwür bolşup, gysmyljyraşyp
bileje ýatardylar.
Köwüşleriň bu gün Döwrandan göwni galdy. Has-da
gapdala atylyp düşen çep taý köwüş ondan gaty gördi.
Ol şol gün gijäniň bir wagtyna çenli bir egninden beýleki
egnine agdarylyp, ynjalyp bilmedi. Gije goňşynyň iti
Alabaý köpek seýlini edip töwerekde aýlanyp ýörkä, şol
köwşe duşdy. Ysyrganyp dessine ony tanady.
— Ih, köwüş, bu senmi?
— Hawa, mendirin, goňşy...
— Sen gijäniň içinde bu ýerde näme işläp ýatyrsyň?
— Zyňdylar...
— Onda gerek dälsiň-dä!
— Mümkin... diýip, Döwrandan göwni galan köwüş
gamgyn bolup uludan demini aldy.
— Beýle bolsa, ýör, onda meniň bilen! Belki,
geregiň çykar...
Ertir Döwran mekdebe gitmekçi bolanda, näçe gözlese-de, töwerekden köwşüniň çep taýyny tapyp bilmedi.
Köwüşleriň beýlekisi hem dogany ýanynda bolmanlygy üçin öýkeläp, şol gün mekdebe gitmedi.
377
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
E
EZIZIŇ PÖKGÜSI
(Kiçijik erteki)
Bir oglanjyk ýaşar eken,
Ezizmişin onuň ady,
Galýarmyşyn onda-munda
Ele alyp oýnan zady.
Oň «Gün» atly pökgüjigi,
Bir gün daşda galan güni,
Şemal gelip, al-asmana
Äkidipdir üfläp ony.
Öz geleňsiz eýesinden
Ol «Gün» gaty görenmişin.
Şondan bärem bulutlardan,
Düşüp bilmän ýörenmişin.
378
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ERTEKI
Erkin düýş gördi. Düýşünde ol ite mündi. It ony toýa
getirdi.
Olar toýçular bilen goşulyşyp oturdylar. Olaryň
ikisine bir ýalaga nahar guýup getirdiler. It işdä bilen
nahar iýip ugrady. Erkin welin, nahara elinem uzatmady.
— Näme otyrsyň, iý-dä! — diýip, it bir ýola oňa
baş atdy.
— Sen iýiber! — diýip, Erkin çytylyp ýuwdundy.
Ol henize çenli it ýalagyndan naharlanyp görmändi.
Şonuň üçinem oýkeläp, toýdan göwün etdi.
Soňundanam ol ýerden turup gaýtdy. Ýöne toý
bagşysynyň aýdan bir aýdymy welin, soň-soňlaram
onuň gulagyndan gitmedi.
— Ugramankaň bir ýere,
Barjak ýeriňi bil sen!
Ýalak geler öňüňe,
It bilen toýa gelseň.
379
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ä
ÄLEM
Ýyldyzlar asmandan
Gol-gola berip.
Synlaýarlar ýeri,
Gujagyn gerip.
Hersiniň ady bar,
Hersiniň orny.
Zöhre eýelemez,
Ýedigen ýerni.
Marsy, Ýupiteri,
Hersi bir ýerden
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Günüň öýi - 7
  • Parts
  • Günüň öýi - 1
    Total number of words is 3310
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 2
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1938
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 3
    Total number of words is 3375
    Total number of unique words is 1924
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 4
    Total number of words is 3369
    Total number of unique words is 1889
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 5
    Total number of words is 3356
    Total number of unique words is 1950
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 6
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1979
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 7
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 8
    Total number of words is 2424
    Total number of unique words is 1465
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    58.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 9
    Total number of words is 349
    Total number of unique words is 295
    37.8 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.