Latin

Günüň öýi - 2

Total number of words is 3347
Total number of unique words is 1938
29.1 of words are in the 2000 most common words
42.4 of words are in the 5000 most common words
49.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ady Alabaýdyr,
Guýrugy uzyn.
Dilini görkezer
Ýatanda ýüzin.
Halaýany süňkdür,
Berip göräýiň.
Eger iýse, onda
Habar beräýiň.
63
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÝOL
Biziň öýümizden
Çykdy ol göni.
Kowaladym men
Düýn öýlän ony.
Gaçdy ýol menden,
Öňümde süýnüp,
Ýapa ýarmaşyp,
Pesaşak inip.
Esli gaçansoň
Ýadady, irdi
Baryp Marallaň
Öýlerine girdi.
64
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ENE TOKAÝ HEM PILBASAN
HAKYNDA ERTEKI
I
Bulutlaryň aşagynda,
Arkasynda giňiş ýeriň
Hüwdüleýär ene tokaý
Gujagynda balalaryn.
Gezýär munda sugun, gylýal,
Dodaklaryn boýap göge.
Kömelekleň telpeginde
Tans edip ýör belka-çaga.
Aýylar bar,
Jojuklar bar,
Bar tilkiler temen burun.
Gyrawlap dur mör-möjekden
Çekgeleri ýapraklaryň.
Yssy günler ene tokaý
Giňden açyp aýasyny,
«Tenmesin — diýp —

balalarym»
Salýar ýere saýasyny.
Ýagyş ýagsa saýawan ol,
Guşa-gumra ýakyn hossar.
65
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Hemmelere gujagyndan
Orun berýär ýaganda gar.
Ýaşyl tokaý — ýaşyl gala,
Bezegi ol dünýäň — Ýeriň.
Tokaý — nandan doly öýi,
Jan watany hemmeleriň.
II
Pilbasana — bu tentege
Köpler entek belet däldir.
Ini-boýy tama meňzeş,
Ýöräp gitse, ýoly doldyr.
Maňlaýynda hatara göz,
Hemme gözi heke meňzeş.
Ýuwulmadyk, kirli dişi
Gatap giden söke meňzeş.
Ýaşaýar ol şu golaýda,
Saýyp özün dünýäň hany.
Şoň elinde sugunlaryň,
Kirpileriň — hemmäň jany.
Özgelere güýji ökde,
Özi pildi, özi şirdi.
66
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Pyşdyllary bäşdaş edip,
Zyňyp-gapyp, özi irdi.
Penje urup aýylaryň
Çogmak tüýli gulagyna,
«Maňa gerek, çykar!» diýip,
Eýe çykdy balagyna.
Towşanlary topar edip,
Öz dilinde çapyşdyrdy.
Jojuklary islän wagty
Pökgi edip depişdirdi.
Sylamady goňşularny,
Giň tokaýy, mährem öýün.
Gaýgyrmady agaçlary,
Döwüp gezdi gamyş deýin.
Guma gardy alma, hozy,
Depgiledi injirleri...
Hemmelere azar berdi,
Nalatdy ol ene ýeri.
67
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
III
Geldi ak gyş, gar tozadyp,
Töweregi ýapdy sürçek.
Guş-gumrular giň tokaýyň
Gujagyna girdi birçak.
Ördeklere,
Belkalara
Ene tokaý orun berdi.
Daşdeşenler ýolkalaryň
Etegine kürsäp urdy.
Gaçdy gyşdan towşan, syçan
Agaçlaryň gujagyna.
Ýaprak ýapyp arkalarna,
Ýylyndyrdy tokaý ene.
IV
Çydaman gyş aýazyna,
Gözläp ýyljak, bukuja ýer
Alňasaşyp, bu tokaýa
Sümjek boldy pilbasanlar.
68
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Şonda ynjan çybyjaklar
Şarpa-şarpa ýüzne urdy.
Tokaý uzyn syryklarny
Naýza edip, gezäp durdy.
Giň tokaýy — külbesini
Sylamansoň ilkibaşda,
Tokaý golaý getirmedi,
Pilbasanlar galdy daşda.
Zor ekeni aýazly gyş,
Diýýän ýaly «Süňküň eksem»,
Pilbasanlaň hemmesini
Doňdurdy ol ýekme-ýekden.
Gabap tutdy gaçanynam,
Gar bürenen sansyz alaň.
Şeýdip, heläk boldy bary
Päliýaman pilbasanlaň.
* * *
Bulutlaryň aşagynda,
Aýasynda eziz ýeriň,
Ene tokaý hüwdüleýär
Gujagynda balalaryn.
69
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÝYLDYZYŇ ÝOLY
(Poema)
I
Daglaň gowagynda,
Çägeliklerde,
Giňiş takyrlarda,
Pahally ýerde,
Gökje ýapraklaryň
Aýalarynda
Hem balhy tutlaryň
Saýalarynda
Gara oýlugyny
Aşagna düşäp,
Gökden inen gije
Oturdy aşak.
Gör, indem ýyldyzlar
Ýeke-ýekeden
Gaçýar rahat köle,
Gaçýar depeden.
70
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
II
Bir oglanjyk otyr
Köle esedip,
Ýyldyzlara bakýar,
Gözleri gidip.
Ýok, ol balykçy däl,
Oň ady Ylýas.
Gelýär ol şu taýa
Her gije ylgap.
O-da gözün gypýar,
Göz gypsa ýyldyz.
Diýýär ýyldyzlara:
«Golaý geliň siz!»
Alyp kisesinden
Ullakan alma,
Ýyldyzlara diýýär,
Güjeňläp: «Al, me!»
Ýyldyzlar gelenok,
Gelenok birsem.
Ýylgyrýar olaryň
Barysy birden.
71
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Birde Ylýas köle
Oklady çörek.
Oýlandy: «Indi-hä
Gelseňiz gerek.
Çal owlagam meni
Söýmändi birden.
Bir gün kepek berdim,
Bir gün ot berdim.
Indi meň garamy
Görse bir ýerde,
Elimi ýalaýar,
Böküp gelýär-de.
Sizem meň çöregmi
Datsaňyz häli,
Ylgap gelersiňiz
Çal owlak ýaly».
Ýyldyzlar gelmedi,
Olar geňdiler.
Ýene-de ýylgyryp,
Ony ýeňdiler.
72
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ylýas alaç tapman,
Oturdy birdem.
Hyýalna bir emel
Geldi oň birden.
Gitdi, ýyldyzlara
Şadyýan gözläp:
«Ýyldyzjyklar, sizi
Tutaryn sazlap».
Bir uzyn çeňňegi
Getirdi öýden.
Zyňdy uly köle:
«Al, gurçuk iýseň?».
Soňra ýyldyzlaryň
Düşjegin ýatlap,
Gaýtdy öýlerine,
Göwnüni şatlap.
III
Gurlan çeňňejigem
Tutmady derek.
Bir balyjak tutdy
Ýyldyza derek.
73
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Wah, Ylýasa bolsa
Gerek däl balyk.
Oňa ýyldyz gerek,
Özem köz ýalak.
Gündiz ornun gijä
Berende, ýene
Ylýas köl boýuna
Barýar, görsene.
Oň hyýaly indi
Şeýle etmeli —
Köle girip, birni
Garbap tutmaly.
Etegini basyp,
Mylaýym kölüň,
Owadan ýyldyza
Uzatdy elin.
Ýyldyzlaryň bary
Tesdiler beýläk.
Ylýas penje saldy,
Ýene göz aýlap.
74
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Diýenine bakman,
Ylýasyň «Niräk?»,
Ýyldyzlar gaçdylar
Bir-birin süýräp.
Ylýas yza döndi,
Edip howatyr.
Wah, ol entek ýüzüp
Bilenok ahyr!
IV
Ençeme gün Ylýas
Köl boýna barman,
Ýüzmegi öwrendi
Gününi yrman.
Ýabyň balyklarna
Meňzedi ýördi.
Kenardan kenara
Geçibem gördi.
Agşam gökde ýyldyz
Ýananda ýüzläp,
Ýene pyşyrdady
Asmana gözläp:
75
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
«Eşidiň siz meni,
Gülýän ýyldyzlar!
Sizden hyýalymy
Üzmen, ýyldyzlar!»
Ýadamady, ýüzdi
Gün-günden artyk.
Barha-da giňedi
Örüsi artyp.
Balyk dek ýüzmäge
Bolanda ökde,
«Ýene-de ýyldyzlar
Gaçandyr gökden».
Diýip, köl boýuna
Ylgady Ylýas.
Onuň ynamy-da
Indi uly has.
Ýyldyzlara diýýär:
«Üstümden gülmäň,
Bileje oýnalyň,
Gaçjagam bolmaň!..»
76
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ýöne gaçdy olar,
Taýyşyp suwda.
Ylýasam köp gezdi
Şol kowha-kowda.
V
Töwerek agardy
Ýuwaş-ýuwaşdan.
Tizden Gün gyzaryp,
Göründi daşdan.
Suwda ýyldyzlaryň
Ýok indi biri.
Gidipdir bir ýere
Olaryň bary.
Ýyldyzsyz dolandy
Bu günem Ylýas.
Ýene onuň ugrun
Tapjagny bilýäs.
Ýyldyz ýolun yzlap
Gitdikçe artyk,
Ylýasyň hünärem
Şol barýar artyp...
77
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
* * *
Gije geldi,
Kölde ýyldyzlar ördi.
Ýyldyzlar ýene-de
Ylýasy gördi.
78
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
79
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
«A» ÝAZÝAN
Tanaýan «A»-ny,
Ýazýaryn «A»-ny.
Barha köpelýär
«A»-laryň sany.
Galamym bilen
Depdere ýazdym.
Hekim bilenem
Köp ýere ýazdym.
Maşynyň köne
Tekerne ýazdym.
Öýüň basgançak
Çykarna ýazdym.
Agyn «A» boldy
Ýokardan aşak
Baglara «A»-dan
Guşadym guşak.
Gumak ýerlere,
Çyzybam ýazdym.
Töwerek daşy
Gezibem ýazdy.
80
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Bosagamyzda,
«A» ýatyr telim.
Okasyn ejem,
Okasyn enem.
A men «A» ýazman
Durup bilýänmi?
Görsünler «A»-ny
Ýazyp bilýänmi!
«A»-dan başlanýar,
Adymam meniň.
Pugta dostlaşdym,
Şeýdip «A» bilen.
Kyn däl «A» ýazmak,
Ünsli bolsaň,
Hekiň bölegni
Eliňe alsaň,
Eýläk bir aýak,
Beýläk bir aýak,
Biline bolsa
Keseje taýak.
81
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ULY ÝOLUŇ ÜSTÜNDE
Ertir irden turan wagtym,
Enem bilen deňje turdum.
Ýoldan ötüp-geçenleri
Ýol gyradan synlap durdum.
Geçip gitdi traktorçy,
Ýagly geými — öňki tüýsi.
Şonda howa birazajyk
Ýaýrap gitdi ýagyň ysy.
Bu daýzanam tanaýan men,
Geçýär ýoldan günde-günde.
Süýtçi daýzaň ak halady
Bu gün onuň goltugynda.
Düýe çopan geçen wagty,
Oňa golum buladym men.
Bir gowuja köşejigi
Özüm üçin diledim men.
Şofýor daýy, o-da geçdi,
Öňler-ä ir öterdi ol?
Bu gün meni gören däldir,
Ýogsam, başyn atardy ol.
82
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Indem ýoldan eşeklije
Hyýalymda özüm ötdüm.
Suwçy barýar suw tutmaga!..
Özüm hakda pikir etdim.
Gapdalymdan geçip gitdim.
83
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
YZLAP ÝÖRSEM ŞEMALY
Yzlap ýörsem şemaly,
Oňa synym oturýar.
Ýapdan geçse, şol suwa,
Etegini batyrýar.
Baglar bilen degişýär:
«Goparaýyn bir seni!»
Silkeleýär gujaklap,
Agaçlaryň hersini.
Çägedäki yzlary
Üfläp-üfläp düzleýär.
Öz uçuran kagyzyn
Gamyşlykda gizleýär.
Yzlap ýörsem şemaly,
Herýan äkidýär meni.
Ol maňa-da görkezýär,
Her tapan täzeligni.
84
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TORGAÝ
Galkyp ýerden derek boý,
Torgaý gökden esetdi.
Soňam janserek bolup,
Pel-pelledi, ses etdi.
Näderini bilmän dur,
Güläýmeli, hut gülseň.
Näme beýge galdyň sen,
Düşüp bilmejek bolsaň?
85
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
KEBELEK
Daňyň çygyn çeken otlaň
Hozanak sen depesinde.
Arasynda gül-pürçügiň
Görýän seni günde-günde.

Seniň gonýan meýdançaňam
Ýaprak üsti, gül depesi.
Men uçaram diýjek saňa,
Edip bilseň «gür-gür» sesi.
86
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
LÄLEZARDA
Gezip ýörseň giň Badhyzy,
Görüp ýörseň Lälezary.
Garagumda ösýän gülleň
Hut şu ýerde ösýär bary.
Kowaladym kebelegin,
Ganatlary menek-menek.
Şol ýyndamja kebelejik
Tutup bilsem, maňa gerek.
Lälezaryň arylary
Galgaşyp ýör gülden-güle.
Balçelegin yzna tirkäp,
Bal çekýärler öýlerine.
Kän eglenýär bu ýan gelen,
Kän eglendim Lälezarda.
Ýuwa-ýelmik,
Gül ýygsamam,
Hemmeje zat ýetik bärde.
87
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
DAGLAR
Olaň gözi asmanda —
Oň görmedik ýerinde.
Gygyrjaga meňzäp dur,
Gökden biri görünse.
Daglaň hersi raketa,
Depesinden ýagýar nur.
Kimdir birne garaşyp,
Uçjak-uçjak bolup dur.
88
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BAGT
Bagt diýen zadyň
Nämekän özi?!
Barmykan aýagy,
Elleri, yzy?!
Ýa-da bagtyň özi
Garga, garmykan?!
Ýa-da keýik bolup,
Gaçyp ýörmükän?!
Belki, ol ojakdyr
Hem onuň ody.
Ýa-da bagt şoldur,
Jigimiň ady.
Mümkin, bagtdyr şol,
Balyklar, gomlar.
Ýa-da kinodaky
Gippopotamlar?!
Köp zady çaklaýan,
Oýlanyp ýörýän.
Belki, bagt ýoldur
Öýmüze barýan!
89
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÇYNYM
Öýkeledim öýmüzden men,
Gezip ýörün indi daşda.
Ejemdenem,
Mamamdanam,
Ýaşajak men aýrybaşga.
Saman kepbe — çolaja öý.
Ýataryn men törne ötüp.
Ony öýe meňzederin,
Aýnasyna tuty tutup.
Alyp geldim ädigimi,
Gyşda geýip ýörer ýaly,
Dürbimem bar, bärden gözläp,
Mamam jany görer ýaly.
Meni görüp güldi ejem,
Şindem gülýär salgap elin:
«Oglum indi uly adam,
Ýaşanok ol biziň bilen».
Gülse gülsün, maňa näme,
Olarsyzam geçer günüm.
Ajygýançam gaýdyp barman,
Barman öýe, eger çynym!
90
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ENEM BILEN MEN
Guzujygym ýada düşdi,
Çaý içýärkäm hezil edip,
Bir käse çaý, iki süýji
Eltip berdim oňa gidip.
Edýän işim görüp meniň,
Hüňürdedi maňa enem:
«Dur sen, Senem,
Dur sen, Senem,
Gulajygňy bursam seniň!»
Gördüm pelde uly kelem,
Gün urýarmyş günde dursaň.
Çöp dikdim-de, ýaglyjagmy
Oňa saýa edip berdim.
Honha, enem bärik gelýär,
Oň diýjegni eýýäm bilýän:
«Dur sen, Senem,
Dur sen, Senem,
Gulajygňy bursam seniň!»
91
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SÄHER
Süýjäp-süýjäp tüm gije
Gündiz bolup ýaryldy.
Parlap çykdy ot-çöpler,
Jümle-jahan bar indi.
Uklap ýatyr ümsümlik,
Ýüze ýaýradyp derin.
Ýatyr süýji ukuda
Gundagynda gülleriň.
Säher ýene göterdi
Torgaýlary belende.
Ganat berýär göwne ol
Şeýdip, her gün gelende.
92
Ýa. Akime
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
DÜÝE BARÝAR
Düýe barýar,
Düýe barýar,
Düýe barýar leňňer atyp,
Daban yzy ak çägede
Möhür bolup, galýar batyp.
Alakalar ýapylarda
Has köpelýär, düýe ätse,
Alakalar arzuw edýär:
«Gezelenje alyp gitse!»
Gezelenje gitmese-de,
Synlamagy söýýär olar.
Özlerini düýä münen
Syýahatçy duýýar olar.
93
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
KÖŞEK
Parasatly
Diňin salyp,
Mahal-mahal
Gäwüş çalyp.
Köşek çölde
Aýlanyp ýör,
Ýerden esli
Saýlanyp ýör.
Ýok göwnünde
Gitsem küýi,
Niräk gitsin?
Çöl oň öýi!
94
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ŞEMAL
Ygyp ýör şemal,
Hyzlap herýana.
Ýapraklar bilen
Uçýar asmana.
Baglaň başlarny
Herýana yrap,
Berýär guşlara
Hiňňildik gurap.
95
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
JEMAL MAMAŇ NEBERESI
I
Giň obanyň ortasynda
Gözüň düşýär äpet tama.
Köşge meňzeş bu giň jaýda
Gök çaý süzýär Jemal mama.
Bir gelini çörek ýapsa,
Nahar atar beýlekisi.
Şatlyk goşýar şatlygyna
Çowluklarnyň gülki sesi.
Akylly oň ýuwluklary,
Tapyp berýär äýnegini.
Gyzlar bolsa häli-şindi
Ýuwýar onuň çäýnegini.
Ir ertirden agşama çen
Uzak-uzak obalardan
Myhman gelýär Jemal mama
Çagalaram, babalaram.
Kimler gelýär maşyn münüp,
Kim düýeli, eşeklije.
Garry-garry mamalaram
Diýýär oňa: «janym, eje!..»
96
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Bu gelýänler oň guwanjy,
Şärik nany-saçagyna...
Kiçijikler güle meňzäp,
Dolýar onuň gujagyna.
II
Bir gün Jemal mamalardan
Mekdebmize gatnaýanyn,
Aýryp-goşup sanadyk biz,
Bilmek üçin anyk sanyn.
Birinjide otuz sany,
Ikinjide ýigrim bäşi.
Onusynyň dolup barýar
Mekdebe barmaly ýaşy.
Bäşinjileň klaskomy,
Ökdeleri Ýusup, Gunça.
Altynjydan on bir sany,
Ýedinjiden ýene şonça.
Sekizinjide okaýarlar
Berdi, Hommat, Taňňy, Sary...
Jemal mamaň neberesi
Olaryňam gylla ýary.
97
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ene-atalar ýygnagyna
Haçan üýşmek bolsa gerek,
Jemal mamaň özi gelýär,
Özi gelýär hemmä derek.
III
Kyndyr tapmak Jemal mamaň
Öýlerine belet däli.
Eziz onuň giňiş öýi,
Jemal mamaň özi ýaly.
Haçan baryp, haçan girseň,
Salam berip, tämiz jaýa,
Gözüň düşýär diwardaky
Suratlara — üç mert daýa.
Biri Oraz, biri Sapar,
Allamyrat ýene biri.
Döşlerini orden bilen
Bezän eken olaň bary.
Ýatlansa-da sarpa goýlup,
Obamyzyň toýlarynda,
Ýok, olary göremok men
Üýşmeleňde, öýlerinde.
98
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Gurban bolan esger olar,
Olar mamaň jigerbendi.
Jemal mama üç gubury
Görüp gelýär her ýyl indi...
Ülkämizi gezip ýörseň,
Söküp ýörseň belent-pesi,
Gabat gelýär hemme ýerde
Jemal mamaň neberesi.
Nury, Bäşim gulluk edýär,
Bir bölümde aýak goşup.
Her gün olar hat ýazýarlar
Mamalarna bileleşip.
Demir ýola çykyp dursaň,
Kändir ötýän otlyň sany.
Jemal mamaň bir çowlugy
Olaň birniň «kapitany».

Kim islese synlamagy
Bar reňkini gögüň-ýeriň.
Synlaýmaly Jemal mamaň
Gelinlerniň halylaryn.
99
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ak halatly Ylýas, Senem
Dertlileriň halasgäri.
Ady belli ýygymçydyr
Çowluklarnyň telim biri.
Mugallymlaň sany ýetik,
Olar köpe berýär tälim.
Biri çopan, biri ussa,
Başga biri belli alym.
* * *
Her şäherde,
Her obada
Ýaşap ýör oň çowluklary...
Mähir bilen garşy alýar,
«Mama» diýip, baran ýeri!
100
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ŞULAR ÝÖNE...
Sapaklarma taýynlanjak,
Taýynlanjak ýekme-ýekden.
«Türkmen dili» kitabymy
Öz öňüme golaý çekdim.
Şol arada «wyz-wyz» siňek
Maňlaýymdan ýöräp gitdi.
Aýlap salan galamdanym
Oň yzyndan kowup ýetdi.
Ýene ýaňy başlanymda,
Öňkim ýaly ýene başdan,
Ejem bilen jigilermiň
Hüňürdisi geldi daşdan.
Olaň sesin goýduramsoň,
Ýene kitap aldym ele.
Daşda bolsa oýnap ýörler,
Meň dostlarym gyzlar bile.
Biri gaçýar,
Biri kowýar,
Baý, hezil-ä oýun çakdan.
101
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Öz ýanymdan arzuw edýän,
Wah, tizräk daşa çyksam...
Zehinsizem däl meň özüm,
Okajak men yrman güni.
Ýöne welin öz günüme
Goýanoklar şular meni.
102
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
HEKAÝAT
Egni ýüň çäkmenli,
Telpegi gaba,
Ýaşapdyr birmahal
Aksakgal baba.
Entek kakam ýokkan,
Ondanam ir has,
«Bolar — diýip, birçak —
Agtygym Ylýas».
Çöli döredipdir,
Gyzgyn çägeden.
Indi oň üstünde
Ylgap ýörün men.
Köp suwly derýanyň
Owsaryn çekip,
Oba getiripdir
Uzak ýol söküp.
Balyklar böküşip,
Gazlar gelipdir.
Şeýdip, lummur derýa
Hezil bolupdyr.
103
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
«Ylýas oýnar» diýip,
Depesine çykyp,
Ýasapdyr çal dagam,
Köp azap çekip.
...Aňyrda giň asman
Arzuw edere.
Islesem, guş bolup
Uçup gidere.
104
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GÜZERDE
Günortan öýmüzden
Gözlemäň meni.
Akaryň boýuna
Geläýiň göni.
Bärde suwa düşýän
Ýeke özüm däl.
Taýharym,
Güjügim,
Oglan-gyzam kän.
Ala pökgimizem
Ýanymyzda bar.
Ol bize goşulyp
Oýun oýnaýar.
Günem yssyny kän
Halap baranok.
Suw görse oýtarlap,
Gaçyp ýörenok.
105
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Taýharym,
Güjügim,
Oglan-gyzlar bar.
Günem bize goşlup,
Suwa düşüp ýör.
106
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SAN SANAÝAN
Süri geçende
Sanadym çykyp.
Bir çetde durup,
Barmagym büküp:
Bir, o-da iki,
Sary sygyr — üç.
Ýepelek şahly,
Haýalrajyk geç!
Bäş, alty, ýedi,
Ol sygyr sekiz.
Sekiziň yzy
Zeberdes öküz.
Sanym ýitäýdi,
Şu ýere ýetip.
Sygyrlar bolsa
Dur şindem ötüp.
Ýalbardym sürä:
Dem-dynç alaýyň!
Yzyn ejemden
Sorap geleýin.
107
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
WELNAR AGA
Sakgal-saçyn ak basan,
Maňlaýy gasyn-gasyn.
Welnar aga şonda-da,
Söýget etmez hasasyn.
Ýaşasa-da segseni,
Ýoluny tapýar göni.
Gök eşegiň üstünde,
Her günde görýäs ony.
Seredýär mala-gara,
Seýran edýär daglara.
Käte uly horjunly
Gidýär Mara, bazara.
Almaz atlaz, sowsany,
Alar süýjiň gowsuny.
Gelip oglan-gyzlara
Üleşdirip biýr ony.
Süýji iýen şatlanýar,
«Ýene» diýen şatlanar.
Welnar agamyz bolsa,
Şatlygmyza şat bolar.
108
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
* * *
Onuň telim käri bar.
Elek, orak ýasap ýör.
Welnar agaň işine
Bütin oba hyrydar.
«Altyn elli zor kişi»
Taryp edýär bar kişi.
Bizem ýanyna barsak,
Öwredýär dürli işi.
Synlamagam söýýäris,
Hem öwrenip goýýarys.
Bizem Welnar aga deý
Ussa bolsak diýýäris.
* * *
Ýolugaýsaň bir derde,
Welnar aga biler-de,
«Tap neneň, köşek?» diýip,
Sorar seni geler-de.
Maňlaýňy tutup görer,
Hemem göwünlik berer.
Tä galýançaň düşekden,
Ýanyňa gatnar ýörer.
109
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
* * *
Kitaby däl, ýady bar,
Gürrüňinde jady bar.
Welnar agaň gürrüňne
Biz mydama hyrydar.
Hezil edip diňleýäs,
«Bä... bä...» diýip, geňleýäs.
Biziň goşun ýeňäýse,
Bir azajyk ýeňleýäs.
... Kä kowup, kä gaçýarys,
Dagdan, çölden geçýäris.
Ýigit bolup Görogla,
Gyr atlara uçýarys.
* * *
Dürli oýun öwrenýäs,
Dürli oýun oýnaýas.
Welnar aga synlasa,
Hezil bolýar oýun has.
Urşaga «ýaman» diýýär,
Sojana «çaman» diýýär.
«Daýyň kel bor» diýende,
Aglanam sesin goýýar.
110
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ýer goýmaz aglamaga,
«Aglamok men-ä, baba»
Diýip, diňen oglanjyk
Başlaýar oýnamaga.
* * *
Welnar agaň dosty biz,
O-da biziň dostumyz.
Bile surata düşdük,
Ine, synlap görseňiz.
111
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BAÝYRLAR
Akja ýassyga meňzeş
Baýyrlar gyş gelende.
Ýaşyl ýassyk baýyrlar,
Meýdanda ýaz gülende.
Baýyrlar sary ýassyk,
Tomus gelende parlap.
Güýzde onuň ýüzünden
Ak ýagyş akar şarlap.
Gije gelse, baýyrlar
Goýuna-guza ýetýär.
Ýassyklary ýassanyp,
Sürüler uka batýar.
112
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
MENIŇ GOWJA BALYGYM
Balyjygym ýüzüp ýör,
Aýna kölüň içinde.
Gapyp alýar dessine,
Dependen iým gaçanda.
Çümün suwuň düýbüne,
Ýok bolubam ýatýar ol.
Köwlendirip guýrugyn,
Madallagam atýar ol.
Özün bolsa atypdyr,
Dury suwuň bollugyna.
Höwes bilen içip ýör,
Indem aýak aldygna.
Ýüzüp geler golaýma
Guýrujygny bularda.
Meniň gowja balygym
Durşy bilen hünär-le
113
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GYŞ ŞONDA BOLÝAR
Gyş haçan bolýar,
Bilmeli nädip?
Gyş şonda bolýar
Geýilse ädik!
Ýollar çaňjaryp,
Gömülse gara,
Bulaklar igläp,
Meňzände tara.
Öýler kükedip,
Çekende çilim,
Daşarda sowuk
Dalanda elim,
Biziňem işik
Dolanda gardan,
Enemem peje
Süýşende törden,
Gyş şonda bolýar!
114
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
NUR PAÝLAÝAN OGLAN
(Poema)
Gögüň aşagynda,
Ýeriň üstünde.
Bir oglanjyk ylgap
Oýnady günde.
Burnun deňeşdirdi
Gazlary tutup.
Çaldy pyşdyllaryň
Çanagna gatyk.
Oýnady oň bilen
Kebelek, keýik...
Boldy daga çykyp,
Hemmeden beýik.
Bu ýer oglanjygyň
Halaýan ýeri.
Egninde meýdanyň
Gökkerrekleri...
115
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
* * *
Bir gün aýaz çökdi
Dünýäň gerşine,
Atlaň ýallaryna,
Çöpe-kirşene.
Düşäp aşagyna
Ýodany-ýoly,
Suwap depeleri,
Derýany, köli.
Dagy kellesine
Edindi ýassyk,
Meýdanyň boýnundan
Sallady sustluk.
Ileri-gaýrany
Özi sorady,
«Esger» gargalary
Çekdi goragy.
«Ot ýakmak gadagan»
Berildi perman.
(Ot ýakan kellesin
Etmeli gurban).
116
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
* * *
Oglanjyk bu günem
Meýdana geldi.
Öz dostlary bilen
Oýnajak boldy.
Pyşbaga doňupdyr
Ýapyň ýüzünde.
Buz gördi keýigiň
Gara gözünde.
Goýunlaň possuny
Bolsa-da ýyly,
Dişi şakyrdaýar,
Sandyrap goly.
Dünýä doňup otyr
Bilenok gepläp.
Oglanjyk ot ýakdy
Çöpleme çöpläp.
Aýaz tisgindi-de,
Oýandy birden.
117
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Gara Gün gyzaryp,
Dogupdyr ýerden.
Ähli gargalary
Düzdi hatara.
Diýdi: «Tutuň ony!»
Deprek «ra-ra-ra».
Eli uzyn buzly
Naýzaly goşun.
Geldi-de gabady
Oglanyň daşyn.
Köpleşip oglany
Saldylar halka.
Äkitdiler soňam
Zyndana bakan.
Ýene-de sowady
Zeminiň teni.
Agraldy oglanyň
Dostlarnyň güni.
Oglanjyk zyndanda
Galmady uzak.
118
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ol barha taplandy,
Boý-ini uzap.
Zyndan diwaryny
Ýykdy oň bady.
Çykdy ol täzeden
Ýakmaga ody.
Aýaz basga düşüp,
Toplady goşun.
Ýene-de gabady
Oglanyň daşyn.
Ýene-de duşmanyň
Gol güýji artyk.
Saradylar ony
On ýerden dartyp.
Aýaz höküm etdi
Buz naýzalara:
«Itiň ony suwa!»
Deprek: «ra-ra-ra»...
...Deňiz köpürjikläp
Gaýnady bir dem.
119
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Oglan pälwan bolup,
Tiz ösdi ýerden.
Boýy uzalypdyr,
Ýazypdyr ini.
Ýok onuň gorkusy,
Hiç kesden müýni.
Aýaz basga düşdi
Ot alan ýaly.
Ýene daşyna üýşdi
Bar generaly:
— Uçutdan eňterip,
Gark edip gördüm.
Zyndana salsam-da,
Çykdy ol ýerden.
Näme alaç ederis,
Beriň maslahat?!
Diýdi bir general:
«Topa salyp at!»
Tizden läheň topy
Alyp geldiler.
120
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Gargalar oglany
Topa saldylar.
Guş-gumrular görüp,
Boldular hapa.
Gargadylar aglap,
Aýaza, topa.
Amal edilmänkä
Aýylganç buýruk,
Oglan peýda boldy
Buz topy ýaryp.
Indi onuň gaýraty,
Öňküdenem kän.
Aýaz yza tesdi,
Köşgüne bakan.
* * *
Aýazyň haşamly
Köşgüni ýykyp,
Oglanjyk ot ýakdy,
Meýdana çykyp.
121
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Barha alawlaýar,
Ýylysy artyp.
Ähli üşänleri
Ýanyna dartyp.
Garaňky ýerlere
Seçeleýär nur.
Dünýäň ýüreginde
Ot alawlap dur.
122
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ATLY BOLSAŇ
Bürgüt bolup gondum ýene
Dor alaşaň eýerine.
Atyň üsti diýseň hezil
Jylawyny eýerene.
Dört tarapym seleň meýdan,
Gezip çyksa bolar çöli.
Jylawyny goýberdigim,
Oýadýar ol ýatan ýeli.
Arabaly, eşeklini,
Garsaň bolýar sary çaňa.
Atly bolsaň, el bulaýar,
Uzak-uzak ýollar saňa.
* * *
Ilişen deý köýnegme,
Gün yzymdan galmady.
Atym çapyp barýarkam,
Yzym bilen ylgady.
Synlady ol bugdaýyň
Syh-syh murtly tümmülin.
Hyşalygyň içinden
Gorkman geçdi meň bilen.
123
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Çapyşdyk biz düz ýolda,
Öl-suw bolup derledim.
Tä güzere ýetýänçäm,
Öňdelig-ä bermerin.
«Gaçmasyn» diýip, tahýamam
Çykardym şol gelşime.
«Zorjasyň sen — oz-da, Gün,
Bizden ozup bilşiňe!»
...Köle ýetip, geň galdym,
Hem özümden soradym.
Gün-ä suwda ýüzüp ýör,
Öwrüldikän nireden?
* * *
Köne tanşym köl meniň,
Az tutamok balygyn.
Yssy günler men onda
Boluberýän balygam.
Gurbagalaň oýnuna
Zol öýküne-öýküne.
Jülpe-jülpe jülpüldäp,
Keýp goşýaryn keýpime.
124
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Syrdam uzyn gamyşlar,
Olar meniň tüýdügim.
Çakgym bolan bolsady,
Ýasanardym tüýdügem.
Atdan düşüp oturdym,
Suwa sokup aýagym.
Ördekleriň ýanyna
Ýüzdi gamyş gaýygym.
Geň galdyrdy köl meni,
Öwrendikän nireden?
Gözi ilen zadyna
Öýkünmäge zor eken.
Uzakdaky asmanyň
Suratyna meňzedi.
Dury suwuň ýüzünde
Ak bulutlar müňzedi.
Ol öýkünip irenok
Depesinden geçene.
Gökden guşlaň suraty
Gaçdy kölüň içine.
125
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
* * *
Gözüm süzüp synlaýan
Günüň tylla çarşagyn.
Gökje otlaň köpüsi
Saralşyp otyr, agyn.
Dilsiz ýaly dymýar çöl,
Ne güwwüldi, gowur bar.
Gün çägäniň içinden
Täsin sapak sogurýar.
Mör-möjekler yssydan
Pena edipdir öýün.
Diňe süri eşegi
Kowalap ýör gögeýin.
Depä çykyp seretsem,
Ýakyn gelýär gözýetim.
Meýdan ýazýar öňümde
Kän suratly gazetin.
Ýylan billi ojarlar,
Bar ekeni birgiden.
Men otyryn beýikde
Oturşy deý bürgüdiň.
126
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Beýge çykyp ýörmegi
Diýseň oňat görýärin.
Oňa çyksam, Günüňem
Ýakynyna barýaryn.
* * *
Säpjäp barýar gyr atym,
Depe bilen, düz bilen.
Bir inçejik tozanam
Gidip barýar biz bilen.
Sürüp geçdim atymy
Ak pagtaly dereden.
Geçdik ýapdan pažžyldap,
Tallar galdy seredip.
Meniň sagym-solumda
Ýodalar kän, ýollar kän.
Atly bolsaň menzilňe
Ýetse bolýar bigüman.
Asman, zemin, töwerek
Sen bilen galgap uçýar
Bütin dünýä gerinip
Öňümde gujak açýar.
127
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
KÖŞEK BILEN ALA TOP
(Erteki-poema)
I
Otyr çölde geň şäher,
Oň Gümmezli ady bar.
Bu şäheri bir gören
Mydam oňa hyrydar.
Petir ýaly bezelen
Gaýalarnyň alkymy.
Gezelip dur hinlere
Gün çarşagnyň ýalkymy.
Hinler şeýle kändiler,
Hinler gatba-gatdylar.
Hinleň hersi bir öýdi,
Hinler bir geň hatdylar.
Olaň biri tilkiňki,
Oklukirpi goňşusy.
Bir kürenden eşdilýär
Goňur möjegiň sesi.
Kän çagaly, bir jaýly,
Pes göwünli alaka
128
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Otyr güne çoýunyp,
Etmän gaýgy, teleke...
Oň goňşusy gaplaňyň
Otagnyň boş näçesi!
Üstesine, bar ýene
Köl boýunda daçasy.
Çöl şäheri Gümmezli
Şadyýanlaň şäheri.
Hezil onuň güýz-gyşy,
Hezil tomsy, bahary.
Sagdyn hemem owadan
Bu şäherli jemende.
Oýnaýarlar top depip,
Köçelerde, çemende.
Ýaryş bolýar bu ýerde
Her ýyl yzly-yzyna.
Synap görýär güýjüni
Göwni ýeten özüne.
Ýeňijiler — çempion,
Mynasyp bor hormata.
129
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Suratyny asýarlar,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Günüň öýi - 3
  • Parts
  • Günüň öýi - 1
    Total number of words is 3310
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 2
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1938
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 3
    Total number of words is 3375
    Total number of unique words is 1924
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 4
    Total number of words is 3369
    Total number of unique words is 1889
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 5
    Total number of words is 3356
    Total number of unique words is 1950
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 6
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1979
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 7
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 8
    Total number of words is 2424
    Total number of unique words is 1465
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    58.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 9
    Total number of words is 349
    Total number of unique words is 295
    37.8 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.