Latin

Günüň öýi - 1

Total number of words is 3310
Total number of unique words is 1973
30.5 of words are in the 2000 most common words
42.1 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
AGAGELDI ALLANAZAROW
GÜNÜŇ ÖÝI
GOŞGULAR,
POEMALAR,
ERTEKILER
Aşgabat
TDKP - neşirýaty
2006
UOK

394.361
A48
Allanazarow A.
Günüň öýi (Çagalar üçin goşgular, ertekiler, poemalar).
A. TDKP - 2006.
Tanymal ýazyjy, şahyr Agageldi Allanazarowyň
dürli döwürlerde çagalara niýetläp ýazan eserleriniň iki
tomlugynyň 1 kitabyna onuň goşgulary, ertekidir poemalary
girizildi. Bu toma giren eserleriň köpüsi dünýä dilleriniň
hem onlarçasyna terjime edildi. Tomluga girizilen eserler
Garaşsyz Türkmenistanyň çagalaryna hem mynasyp sowgat
bolar diýip tama edýäris.
Bu eserler hem Agageldi Allanazarowyň döredijiligine
mahsus millilige, watançylyk duýgularyna, mylaýym ýumora
ýugrulypdyr.
© Allanazarow A. «Günüň öýi», Magaryf - 1977, «At gaýraty»
Magaryf - 1978, «Pilotkaly gyz» Magaryf - 1980, ««A» ýazýan»
Magaryf - 1982, «Üç murtlak kapitan» Magaryf - 1985, «Bir
bar eken» Magaryf - 1991, «Şadyýan harplyk» Magaryf - 1991,
«Ertekiler» Magaryf - 1993.
TDKP 148
KBK 84 Tür 7
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
DÜNÝÄNIŇ ÖZÜNIŇ GURLUŞY ŞEÝLE:
KIÇIJIKLER KEM-KEMDEN
ÖSÝÄRLER, ULALÝARLAR
Biz öz ýurdumyzda çagalar ýazyjylarynyň iň
gowularynyň biri Agageldi Allanazarow diýýäris. Onuň
iň gowularyň biridigini indi ýazyjy-şahyrlaryň hemmeside ykrar edýär. Ýöne onuň gowulygyny her kim özüçe
görýär. Munuň bolmalysy hem şeýle, çüňki edebiýat diýlen
düşünje geometriýadaky teoremalar ýa-da filosofiýadaky
kada-kanunlar (şularsyzam-a döränok weli) bilen döränok,
ol özüniň emosional güýjüne baýrynýar. Emosiýa hem her
kime bir hiliräk täsir edýär, her kimde bir hiliräk döreýär.
Edil beýlekiler ýaly, ony menem özümçe gowy gorýärin.
Nähili? Türkmenistany menem gowy bilýärin, ýöne Agageldi
Allanazarowyň çagalar üçin ýazan eserlerini okamsoň,
Türkmenistany ikinji gezek täzeden özüm üçin açdym.
Türkmenistan diýlende, köp kişi derrew uç-gyraksyz
ümmülmez Garagumy göz öňüne getirýär. Dogry edýär.
Sebäbi, ýurdumyzyň esasy bölegini Garagum eýeleýär.
Ýöne Garagum bize asmandan inen üýtgeşik dünýä däl,
ol Ýer şary diýlen uly dünýäniň bir künjegi. Onuňamozüniň
delje-delje ösümlikler, haýwanat hem pasyllar dünýäsi bar.
Onuňam iki gününiň biri-birine meňzejek gümany ýok.
Garagum wagtyň ygtyýaryndaky giňişlik, edil beýleki ýerler
ýaly olam her sagatsaýy, günsaýy üýtgäp, özgerip dur.
_____________________________________________________________
1. Makala A.Allanazarowyň 1985 ýylda Moskwanyň “Детская
Литература” neşirýatynda neşir ediljek kitabynyň öňüne ýazylan sözbaşy.
5
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ýöne Türkmenistan diňe Garagumdan ybaradam däl.
Onuň bir tarapyny Hazar deňzi tutsa, serhediniň beýleki
tarapyny Jeýhun jähekläp ýatyr, ilerki serhedini Köpetdag
eýelese, gaýra tarapyny gadymy Horezmiň ýanap ýatyr.
Bularyň hersi özbaşdak bir dünýä, edil şonuň ýaly hem
Agageldiniň özüniň dünýä inen etraby, saryklaryň mekany
üýtgeşik bir hazyna – Ýolöten, Tagtabazar, Guşgy etraby
bahar aýlary ertekilerdäki lälezarlygy ýatladýar. Ol ýerleriň
adamlarynyň sypaty gyşyň gaýly günleriniň pälwanlaryny
ýatlatsa, olaryň ýüzi baharyň açyklygyny, mähremligini
hem ýakymlylygyny, ýürekleri tomsuň yssylygyny, gyzgynlygyny paýlasa, elleriniň bereketliligi güýzüň bolçulygyny
ýatladýar.
Agageldiniň gözüni açyp, beýnisini bekeden bereketlerem şular. Onýyllygy tamamlandan soň, ol goşun
hatarynda gulluk etdi. Bäş ýyllap Moskwanyň A.M.Gorkiý
adyndaky Edebiýat institutynda okady. Ony tamamlandan
soň neşirýatda redaktor bolup işledi. Şu döwurleriň hemmesinde-de ol çagalar edebiýatynyň tebigatyna düşünmäge
çalyşdy, eserler döretdi.
Çagalar edebiýaty, elbetde, keçjal, ýalta çagalary-da
gözden salmaly däldir weli, ýöne onuň jemgyýetçilik borjy
kiçijik graždanlaryň inini-boýuny alşyny, akyl-huşunyň
kemala gelşini, bir söz bilen aýdanyňda çaganyň ulalyşyny
suratlandyrmaly, çaganyň bişişmegine, Adam bolup
ýetişmegine kömek etmeli.
Çaganyň öz edähedi bar: ol hiç dek oturmaýar, ol
mydam hereketde. Ol şol hereketi – gözlegi, agtaryşy, dogru-
6
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
dyr-u-nädogry hereketleri arkaly gözýetimini giňeldýär, akyl
ýetirişini baýlaşdyrýar. Çaganyň dirilik suwy – hereketi.
Ine Agageldiniň çagalar üçin ýazýan goşgularydyr poemalaryny, hekaýalarydyr powestlerini okap, men şu hakykata
göz ýetirýärin. Ol hiç haçan çagalara moral okanok, ahlaky
öwütler goşgynyň umumy ruhundan görünýär.
Ynha, onuň, “Ýylyň iň gowy pasly haýsy?” diýen
sowalyň üstünde oýlanyşyny alyp görüň. Her paslyň öz
hysyrdysy, öz lezzeti bar. Diýmek, olaryň hersiniň öz gerek ýeri bar, olaryň hemmesi-de gerek, hemmesi-de gowy.
Ýa-da “Ýa spraşiwaýu!” (Soraglar) goşgusyny alyp görüň.
Gündiziň näme üçin ýagty bolup, gijäniň näme üçin garaňky
bolýandygyny, garryja eneleriň, garry atalaryň nireden
döreýändigini, guşlaryň uçup, eşegiň näme üçin uçmaýandygyny bilmegem çaga üçin hem-ä hökman, hemem kyn.
Çaga şol hökmanlyklaryň, kynçylyklaryň içi bilen geçip
gidip, olaryň hemmesini ýekeme-ýekän aňyna siňdirip,
özleşdirip ulalýar, adam bolýar. Şeýdibem ol ertirki günüň
ähli çylşyrymlyklary, kynçylyklaryň ebeteýini tapýan, eminden gelýän Adam bolup ýetişýär.
Şu günüň çagalar edebiýatynyň ýagdaýy dogrusynda
oýlanamda türkmen folklorynyň ynsanyň ajaýyp häsiýetleri
adamkärçiligi bilen birlikde tebigatyň ösümlikler hem
haýwanat dünýäleriniň gözelligini, adamyň şol gözelligiň
diline düşünişini onuň dilini tapyşyny, özüni tebigatyň bir
bölegi saýanda adamyň hemmetaraplaýyn ulalýandygyny
görmäge kömek edýändigine göz ýetirýärin. Şu günki türkmen çagalar edebiýaty edil älemgoşar ýaly, dürli reňklere
7
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
baý türkmen folklory hem şol älemgoşaryň iň bir owadan
reňkleriniň biri.
Dogrudanam biziň türkmen çagalar edebiýatymyzy
folklorsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Elbetde, eger irki şahyrlaryň köpüsi dessanlaryň,
ertekileriň sýužetlerini durşy-durşy ýaly gaýtalaýan
bolsa, soňky nesliň şahyrlary folkloryň sýužetlerine
başgaça çemeleşdiler, olar ony ösdürmäge, baýlaşdyrmaga
çemeleşdiler. Häzirki nesliň ýazyjy-şahyrlary bolsa halk
döredijiligine hasam erkin çemeleşýärler olaryň özi erteki
ýasamakdanam gündelik durmuşdaky wakalary ertekiçilik
stilde beýan etmekdenem çekinenoklar. Biziň okyjylarymyz durşy-durşy ýaly gaýtalanýan ertekileri-de, ösdürip
baýlaşdyrylan erteki-poemalary-da, deň derejede uly
gyzyklanma bilen okaýarlar.
Şahyr Agageldi Allanazarowyň «Ene tokaý hem pilbasan hakynda erteki» atly poemasy hem şol köne rowaýatlardyr ertekileriň gaýtadan janlanmasydyr.
Şahyrlaryň özleriniň döredýän ertekileri sosial
manysynyň has güýçlüligi bilen tapawutlanýar. Agageldi
Allanazarow «Ene tokaý hem pilbasan hakynda erteki» atly
poemasynda degmedige degip, ýaşyl tokaýyň agaçlaryny
owum-döwüm edip ýörän pilbasanyň bidähetligini, şol
bidähetligi zerarly hem onuň tragediýa uçraýşy suratlandyrylýar. Bu poemada meniň gowy gören bir zadym, gara
güýjüne baýrynyp ýörän galtamana tokaý agaçlary bilen
tokaý haýwanlary berk gaýtawul berýär. Garşylygyň şeýle
zor salmagy bilen galtaman pilbasan jeza hakyny alýar.
8
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Türkmen çagalar edebiýatynyň ylaýta-da onuň
poeziýasynyň ýene bir häsiýetli tarapy dogrusynda gürrüň
etmezlik mümkin däl. Biziň şahyrlarymyz şu günki
çagalaryň durmuşyndan ýazýan eserlerini-de ertekiçilik
stilde ýazýarlar. Olaryň şoňa ýykgyn etmekleriniň sebäbi
düşnükli, olar ertekiçilik stilde ýazylan eserleri çagalaryň
höwes bilen okaýandygyny, şeýle eserleriň gowy hem ýeňil
özleşdirilýändigini bilýärler. Eger şahyr öz okyjysynyň
çeperçiligiň dadyny bilmeginiň onuň ösmeginiň aladasyny
edýän bolsa, onda ol folklorçylyk stiliň çäkli taraplarynyň
galypyny döwýär, ony giňeldýär. Agageldi Allanazarow
hem şeýle şahyrlardan. Ine, onuň ertekiçilik stilde ýazan
«Ýyldyzyň ýoly» poemasyny alyp görüň. Aglaba mekdebe
çenli ýaşly çagalar üçin ýazmagy halaýan A.Allanazarow bu
poemasynda hem hemişeki endigine görä çaganyň tebigata
gatnaşmagyny, onuň tebigatyň edähetlerine düşünmäge
yhlasynyň ösüşini iş edinipdir. Poemanyň baş gahrymany
Ylýas her gün agşam kölüň kenaryna gelip, suraty suwa
düşýän ýyldyzlary tutjak bolup görgi baryny görýär. Bir gün
ýa-da üç gün gatnanok, Ylýas ýyldyz tutmak üçin ençeme
aý köle gatnaýar. Erjellik ony uly durmuşa taýýarlaýar. Çaga
hemme zada – arzuw-umytlara-da diňe irginsiz zähmet bilen
erjellik bilen, yhlas bilen ýetmeli-ow diýen uly hem ýeke-täk
hakykata göz ýetirýär.
Çaga çagalykdan zähmete endik etmeli, ýogsa
onuň çagalygy çagalyga meňzemeýär. Çagalygy bolmadyk çaganyň oglanlygy-da gönençli bolmaýar, düzüwli
oglanlygyň bolmasa ýetginjekligiňem, ýaşlygyňam we ş.
9
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
m. birkemsiz bolmaýar. Şonuň üçinem Agageldiniň çagalara niýetlän eserlerinde biz çagalygyň özüne laýyk gelýän
fiziki hem akyl zähmetini görýäris. Gepiň gysgasy, onuň
goşgularynda hemme zat hereketde, ösüşde. Ol biziň ertirki
günümiziň ullakan adamlaryny şu günden taýýarlap ugraýar.
Munuň bolmalysy şeýle. Çüňki dünýäniň özüniň gurluşy
şeýle: kiçijikler kem-kemden ösýärler, ulalýarlar.
Saýlaw Myradow.
Türkmenistanyň Magtymguly
baýragynyň eýesi.
Aşgabat. 1984
10
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
11
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÇAL, TÜÝDÜGIM
Çal, tüýdügim,
Saýra hany.
Goý, diňlesin
Ýaýla seni.
Gül-gunçalar
Diňlesinler,
Halasynlar,
Oňlasynlar.
Asmandaky
Orak deý aý
Diňläp gansyn,
Çal göwnejaý.
Goý, eşitsin
Ejem janym.
«Otdan gelýär –
Diýsin – hanym».
Dülli-dülli,
Dülli-dülli,
Öýe ýetdik
Indi boldy.
12
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
PIŞIGIM
Pişijigim, sen näme
Täze aýdym aýdaňok?
«Myr-myrdan» başga aýdym
Bilmelidir öýdeňok.
...Indi bildim sebäbin,
Sen okuwa gitmediň.
Kitapdaky goşgulaň
Birinem ýat tutmadyň
13
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GARPYZLAR
Jerenjik öz pili bilen
Pele joýa çekip çykdy.
Joýalaryň ýakasyna
Garpyz çigdin ekip çykdy.
...Suwsan çagy suwa ýakyp,
Otlaryny çapdy peliň.
Garpyz iýesiňiz gelse,
Jerenlere myhman geliň.
Haýsy birin kesip görseň,
Misli ojar közi ýaly.
Garpyzlaryň gabarasy
Jerenjigiň özi ýaly.
14
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SARY GAWUN
Sary gawun,
Sary gawun,
Iýenlere diýdirdiň bal.
Kim daşyňy çyzyşdyrdy?
Bileýin-le, aýtsana, bol!
...Wiý, ýogsa-da, jigim Bäşim,
Şu atyzda durdy häli.
Çyzandyr ol seň daşyňam,
Meň depdermi çyzşy ýaly.
15
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BALARY
Eý, balary, balary,
Biziň baga gel, ary.
Seniň üçin ekildi
Bu al-elwan gül, ary.
Eý, balary, balary,
Şuny welin bil, ary.
Indi gezek seniňki,
Bergin baly bol, ary.
16
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TÄZE JORAP
Ejem maňa jorap ördi,
Menem ony geýdim bada.
Ylgap öýden çykyp gitdim,
Görkezmäge dostum Şada
Orta ýola ýeten wagtym,
Aýagymdan üşäberdim.
Öl-suw bolan jotabymy,
Gar üstüne bulap urdum.
Hälem ejem gören eken,
Tiz göterdi meni ýerden.
Begenjime köwüş geýmän
Öýden gaýtsam nätjek birden.
17
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
PÖKGI
Düşmez elimden
Alaja pökgi.
Her gün meň bilen
Daşaryk çykdy.
Ol syçan bolýar,
Men bolsa pişik.
Geçýäs köp ýoly
Bile ylgaşyp.
Ýadasa, dynjyn
Alýar ol elde.
Ýene-de bökýär,
Oýnasy gelse.
Pök-pök-pök-pökläp,
Asmana galýar.
Meniň boýuma.
Deňleşjek bolýar.
18
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ULALAÝYN ENTEJIK
Basgylamok biýara,
«Akyllym» diýp öwülýän.
Ýöne meniň arzuwym
Öwgülerden gaty kän.
Uçsa gökde samolýot,
Ýerden uzak saýlanyp,
Menem sürüp samolýot,
Gezsem diýýän aýlanyp.
Görsem ökde suratçy,
Surat çekesim gelýär.
Görsem daga çykýany,
Daga çykasym gelýär.
...Wah, ýöne men kiçi-dä,
Boýum entek keltejik.
Menem bir kär saýlaryn,
Ulalaýyn entejik.
19
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ALMA
— Kaka, nirä gitjek sen?
— Alma ekjek hol pelde.
— Maňa-da görkezermiň?
— Gör, köwşüň geýip gel-de.
— Kaka, alma nirede?
— Şu ekýänim alma-da.
— Ol-a nahal ekeni,
Iýäýjekdim, bolmad-a.
20
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SELBI
Bäş ýaşlyja Selbiniň
Üsti-başy arassa.
Ol asyl-ha halanok
Kim bir ýerni kir etse.
Selbi bir gün agasnyň
Sumkasyny açanda,
Gördi bulaşyk haty
Depderleriň içinde.
Sabyn tapyp,
Suw ýyldyp,
Ýuwuşdyrdy dessine.
Gören çagy agasy
Gygyrdy oň üstüne.
21
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
JEMAL
Bir akja mata
Getirdi Jemal.
Iňňä-de sapak
Ötürdi Jemal.
Keşde hem çekdi
Biraz oturyp.
Gitmekçi boldy
Soňra ol turup.
Çekende mata
Gelmedi ele.
Tikäýen eken
Köýnegi bile.
22
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
USSANYŇ JOGABY*
Sowalym bar, ussa aga,
Nädip aldyň ussa adyn?
Kimdir dakan beýle ady,
Aýt, kim seniň ussadyň?
Ussa diýdi: «Men bu ady
Ilden aldym, ilden aldym.
At dakanam ilim meniň,
Ilim meniň — çyn ussadym.
1964
* A. Allanazarowyň merkezi metbugatda ilkinji çap edilen goşgusy.
23
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
USSA
Kakamyň köwşi
Goçakdy örän.
Gülýärdi oňa
Her gelip garan.
Kiçeltmek üçin
Söküp başladym.
Temen, biýz alyp
Tikip başladym.
Eden işime
Galdym men haýran.
Abatja köwüş
Boldy wes-weýran.
Käýedi kakam,
Köwşüni görüp.
Nätjek-dä, durun
Boýnumy burup.
Emma garry enem
Ýylgyryp bakyp,
«Ussa bor» diýdi,
Arkama kakyp.
24
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÇARY ÇOPAN
Ökde çopan
Jigim Çary.
Söýýär ony
Mallaň bary.
Bile bakýar
Ýylkylary,
Möjek, goýun,
Tilkileri.
Garnyn doýran
Keýikdir şir,
Giň meýdanda
Gürleşip dur.
Oýunjaklaň
Dilin tapan —
Meniň jigim
Çary çopan.
25
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
MEŇZEŞ OGLAN
Gördüm ony,
Görýän ony,
Ýatladyp dur
Hakyt meni.
Maňa meňzeş
Burny, gaşy,
Agzyndaky
Gädik dişi.
Meňzeş onuň
Çepegi-de,
Kellä geýen
Papagy-da.
Baksam aýnaň
Alkymyna,
O-da gelýär
Alkymyma.
26
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GÜNÜŇ ÖÝI
Gördüm men Günüň
Dogup-batýanyn.
Ýöne görmändim
Nirde ýatýanyn.
Bir gün kenarda
Edýärkäm seýran,
Gün ýaşan wagty
Seretdim şol ýan.
Gün agşam deňze
Batýan ekeni.
Balyklar bilen
Ýatýan ekeni.
27
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ARTEKDE
ARTEKDE
Artek gözel ýer,
Daglaň mekany.
Serwi, arçaly
Baglaň mekany.
Bir ýanda deňiz
Çaýkanyp ýatyr.
Kenarda ýaşlar
Syn edip otyr.
Akja panama,
Gar deý ak geýim
Her artekçiniň
Özüne gaýym.
Eger uzakdan
Seretseň şu ýan,
Ak guw sürüsi
Diýersiň hökman.
28
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
DEŇIZDE
Geldik deňiz boýuna,
Gaýyklar dur hatara.
Ählimiz mündük baryp
Motorlyja katere.
Kowalaýar tolkunlar,
Itip biri-birini.
Suratyny çekmek kyn,
Aýdaýmak kyn baryny.
Deňiziň şorja suwy
Käte degýär syçyrap.
Ýakymly sergin şemal
Ösüp dur saçyň darap.
Watan hem dostluk hakda
Aýdym aýtdyk biz goşup.
Gitdi şat owazymyz
Deňizden daga düşüp.
29
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
AÝY DAGY
Aýy dag deňze
Abanyp otyr.
Deňizi ýerden
Gabanyp otyr.




Uzakdan baksaň,
Misli bir aýy.
Diýýär görenler,
Hezil ol taýy.
Bir gün biz üýşüp,
Şol ýana gitdik.
Soňra dyrmaşyp,
Üstüne ýetdik.




Seretdik şondan
Daglaň gerşine.
Deňziň çyrpynyp,
Güwläp durşuna.
Bu ýerden indi
Uzak däl asman.
Deňiz güwleýär
Diýýän dek «Haýran!»




Haýran galarlyk
Bardyrys, deňiz.
Aýa münüp barýan
Artekçiler biz.
30
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SEWASTOPOLDA
Sewastopolyň
Sagy hem soly
Ýadygärlikden,
Güllerden doly.
...Kyrk üçünji ýyl,
Sowet gämisi,
Goraýarka bu
Mähriban ýeri,
Duşmanyň ençe
Gämisin ýykyp,
Galdy soň özem,
Şu ýerde çöküp.
Şeýle sözlere
Galtaşdy gözler.
Başlar egildi,
Gamlandy ýüzler.
Sewastopolyň
Sagy hem soly
Ýadygärlikden,
Güllerden doly.
31
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
HOŞLAŞYK
Artdy Artekde
Dostlarmyň sany.
Bileje gezdik
Eziz mekany.
Birek-birege
Sowgat berişdik.
Bir dogan ýaly,
Gowy görüşdik.
Türkmenistana
Uçýarys tizden.
Daşymyz doly
Oglandan-gyzdan.
Gezek-gezegne
Gysyldy eller.
Köp zat barada
Sözleşdi diller.
Diýdik biz ýene
Duşup duralyň,
Birek-birege
Myhman bolalyň.
32
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Hoş galyň, dostlar,
Hoş gal, eý Krym!
Gowlugyň ýurdy,
Çal çarlaklaryň.
Silkinip galdy
Äpet uçarmyz.
Ýeters Watana
Indi tizden biz.
33
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
KERIM BILEN
BAL ARYLAR
I
Giň ýaýlany,
Baýry, goly...
Gül büräpdir
Ýoda-ýoly.
Saýrak bilbil
Säher bile
Aýdym aýdyp
Berýär güle.
Ýel hem oňa
Garap geçýär,
Iki ýana
Yrap geçýär.
Arylar gül
Gujagynda
Bal ýygnaýar
Günde-günde.
34
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
II
Bir gün ýaýla
Kerim atly,
Sübse guýruk
Gamyş atly
Bir oglanjyk
Gelip girdi.
Desse-desse
Çemen tirdi.
Bilbil gelip
Depesine,
Diýdi: — Güle
Degmesene!
Agşam, säher
Ysyn saçsyn,
Görenleriň
Göwnün açsyn!
Gulak asman
Ketjal Kerim,
Ýene ýygdy,
Sylyp derin.
35
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Bal arylaň
Geň goşuny,
Ýel at münüp
Oň goşuny,
«Bolmasyn — diýp —
Güller zaýa»,
Topuldylar
Kerim taýa.
Undup atyn,
Ýitirip özün,
Kerim gaçdy,
Bakman yzyn.
Gazaplanan
«Agyr goşun»
«Naýza sançdy»,
Alyp daşyn.
Kä ýykylyp,
Käte turup,
Kerim suwa
Urdy baryp.
36
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Indi diňe
Galdy goşun.
Gitdi «Serdar»,
Çekip başyn.
III
Ýeňen goşun
Hatar gurup,
«Wyz-wyz-wyz-wyz»
Deprek urup,
Gidenden soň
Turdy Kerim,
Öl-suw edip
Geýimlerin.
Soňam eňdi
Öýlerine,
«Geläýmesin —
Diýip — ýene».
Aýna bakdy
Şol gelşine.
Haýran galdy
Öz bolşuna.
37
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ýaňagy çiş
Topaz ýaly.
Ýüz-gözi-de
Çişden doly.
Saraşdyryp
Ähli ýerin,
Güýlünen dek,
Ýatdy bir gün.
Saplanansoň
Çişden ýüzi,
Kötekledi
Öz-özüni.
«Telek işe
Goşduň başy.
Gül hemmäniň
Göwün hoşy.
Hut ejemem
Diýdi şeýle:
«Gabahat iş
Etme beýle!»
38
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Öz günämi
Ýuwmaly men.
Ýöne welin
Näme bilen?
Ýuwsa borka
Nädenimde?
Ýaýdanmaýyn,
Ejem barka.
Berer barsam
Maslahatyn!»
Kerim çapyp,
Gitdi atyn.
IV
...Kerim her gün
Pele geçip,
Kän köwlendi
Derin seçip.
«Gül büresin —
Diýip — pelim»,
Sepdi tohmun
Dürli gülüň.
39
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Aýlanansoň
Günler-aýlar,
Indi güller
Parlaýarlar.
Kerim şeýdip,
Günde-günde
Hyzmat etdi
Güllerine.
Ýöne welin,
Bir gün ýene
Seredýärkä
Kerim güle,
Gördi aryň
Leşgerini.
Oň üstüne
Gelýär göni.
Kerim gaçyp,
Girdi öýe:
— Bu nä boluş? —
Diýe-diýe.
40
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
...Az salymdan
Ol daş çyksa,
Eýläk-beýläk
Gözün dikse,
Gördi iki
Küýzejigi.
Ary şeklli
Küýzäň ýüzi.
Kerim bakdy
Golaý baryp,
Hat bar eken,
Aldy görüp:
«Arylar biz,
Wyz-wyz-wyz-wyz...
Kerim daýhan,
Gülçi pälwan!
Gülleň bize
Şatlyk berdi.
Hem öýmüze
Bagt getirdi.
41
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Arylar biz,
Wyz-wyz-wyz-wyz...
Bal ýasadyk,
Bol ýasadyk.
Dadyp gör sen,
Myhman bar sen!
Haty ýazan,
Setir düzen,
Arylar biz,
Wyz-wyz-wyz-wyz!»
42
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
43
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GÜÝÇLI AT
Bir bar eken,
Bir ýok eken.
Bir güýçli at
Ýaşar eken.
Tirkäp yzyna
Arabany,
Kän daşapdyr
Arpa, uny...
Çöl ýoluny
Sökenmişin,
Öýe odun
Çekenmişin.
Bir gün — işiň
Böwşän güni
Oglan-gyzlaň
Hemmesini,
Güjüjigem
Goýman öýde,
Aýlapdyr at,
Niräk diýse.
Öň söz berse
Nätsin eýse
44
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GEZELENJE GELEN AÝ
Seretdi ol depeden
Alaňlaryň gerşine.
Ak şöhleler guş bolup,
Gondy çöpe, kirşene.
Guýularyň gözünde
Atdy düşüp öwşüni.
Ak süýt bolup doldurdy
Çopanlaryň köwşüni.
Birde guşa meňzedi,
Birde ýatlatdy Güni.
Ganatynda bulutlar
Dünýä aýlaýar ony.
Ähli haýwan uklansoň,
Kesilensoň jürküldi,
Başyn goýup bir baýra,
Aýyň özem irkildi.
45
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ENEMIŇ ÄÝNEGI
Enem janyň äýnegi
Haýran eder hemmäni.
Tapsa bolýar, dakynsaň,
Keçä gaçan iňňäni.
Bu äýnegi dakynsam,
Meniň keýpim saz bolýar.
Serçelerem ulalyp,
Ördek bolýar, gaz bolýar.
Kerpiçmikän diýýärsiň
Şokoladlaň hersine.
Owsunyp dur ak deňiz,
Baksaň süýtli kersene.
Garynjalar taýhary
Düşürip dur ýadyňa.
Gerek bolsa, gaňňalap,
Gidiber soň oduna.
Görkezeýin äýnegi,
Bize myhman gelseňiz.
Seredäýiň syçana,
Jojuk görjek bolsaňyz.
46
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
MEN DORJA TAÝ
Laý-la, laý-la, laý-la, laý.
Men kiçijik dorja taý.
Barýan ýoldan çapalap,
Yzda goýup obany.
Baýra ýetsem, taparyn
Goýun bakýan babany.
Laý-la, laý-la, laý-la, laý.
Men kiçijik dorja taý.
Ary galdy çapyşyp,
Bildi ahyr hetdini.
Öňden barýan guşlara
Etdim ýetdim-ýetdimi.
Kebelegem çapyşyp,
Galdy ýalpak güzerde.
Dorja ondan ozmazmy,
Özgelerden ozar-da?
Laý-la, laý-la, laý-la, laý.
Men kiçijik dorja taý.
47
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Baýra ýetdim, hezillik,
Ylgap ýörün jaýtaryp.
Uzak gitse, sürini
Alyp gelýän gaýtaryp.
Laý-la, laý-la, laý-la, laý.
Men kiçijik dorja taý.
48
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
YLGAP BARÝAN
Aýagymda çepejigim,
Ylgap barýan öňe bakyp.
Barjagymy bilýär mamam,
Garaşýandyr ýola çykyp.
Mamam eýýäm meniň üçin
Kakan erik ezendirem.
Pelden terne daşaşaryn,
Mamam jany begendirin.
Yzda galdy otluk, takyr,
Köprüsinden geçdim derýaň.
Indi obaň ak jaýlarny
Gitdigimçe açyk görýän.
Birdenekän obaň özem
Ylgaberdi maňa bakan.
Men-ä barýan mamamlara,
Oba nirä howlugýarkan?
49
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÝEKE ÖZÜM IÝMEDIM-Ä
Ejem maňa gaharlandy,
Gaharlandy birdenekän.
Kän gözledim sebäbini
Oň sebäbi niredekän?
Ýatlaýyn men bolan işleň
Hemmesini ýekme-ýekden.
Edenim-ä kiselerme
Süýji salyp, daşa çykdym.
Süýji zyňdym Alabaýa,
Gapyşyny durdum geňläp.
Soňra doly kiselerim
Ýuwaş-ýuwaş gitdi ýeňläp.
Kelek geçi iýmese-de,
Gapdalynda goýdum hakyn.
Däne bilen garyp berseň,
Towuklaram çokjak eken.
Gitdim soňra derýa tarap,
Bilýän, onda bar-a balyk.
Galanlarny suwa zyňdym,
Balyk çöpläp iýer ýalak.
Ejem maňa gaharlandy,
Düşünmedim oňa men-ä.
Ýogsam hemmä bölüp berdim,
Ýeke özüm iýmedim-ä.
50
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
BEÝIK MEN
Gaýramyzda gara dag
Gaýşardyp dur döşüni.
Gitjek bir gün görmäge
Jülgelerni, daşyny.
Dyrmaşaryn daşlara,
Kynçylykdan haýykman.
Başym buluda ýeter,
Borun dagdan beýik men.
51
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
DÜŞNÜKSIZ ENE
Düşünemok enemiň
Edip ýören zadyna.
«Ýalta» diýen lakamy
Dakdy meniň adyma.
Edip ýörseň diýenni,
Her gün irden turmaly,
Ýygnamaga düşegňi
Oňa kömek bermeli.
Goý, ýatsyn-da ýatan zat,
Men bu işe beled-ä.
Ýene düşer garaňky,
Soň ýatmaly ýene-de.
52
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÇABGA
Ol bulut bolup
Aýlandy esli.
Synlady gökden
Belendi, pesi.
Käte-de akdy,
Misli suwly ýap.
Geçdi daglara
Garnyny oýkap.
Daşarda bizi
Gören mahaly
(Bilmedim, kime
Geldi gahary),
Ýagdy şabyrdap,
Diýdirdi «jynly».
Kowalap geldi
Öýmüze çenli.
53
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
KIÇINIŇ IŞ BÖLÜŞI
— Penjireler, partalar
Bolsun örän arassa.
Görsün polda ýüzüni,
Eger her kim seretse.
Pol ýuwar Senem, Läle,
Dursun bolsa sübselär.
Ylýas, Gerek, Çaryýar —
Üçüsi suw daşap biýr.
Partalary süpürsin
Ýazdyr Nuryň topary.
Iki penjirä bolsa
Belleýäris Sapary.
— Özüň näme etmekçi,
Hany, aýtsana, Kiçi?
— Menmi?.. Hä, men bar işleň
Üstünden seretmeçi.
54
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
DURNUKSYZ
Dürli gurnaklar
Işleýär bizde.
Mugallym diýdi:
— Gatnaşyň siz-de.
Her kim saýlady
Belli bir ugry.
Üç-dört gurnaga
Ýazyldy Nury.
Doly gatnaman
Hiç birisine,
Täze gurnaga
Ýazyldy ýene.
Ähli gurnakda
Bolsa-da ady,
Şindi ýok Nuryň
Öwrenen zady.
55
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
OGRY PIŞIK
NÄME IÝER
— Aýdyň hany,
Biliň şuny,
Ogry pişik näme iýer?
— Iýer süýdüň gaýmagyny,
Tapsa, burnun sokar aşa.
Etiň çylka süýji ýerni
Guma bulap, çeker daşa.
— Öý eýesi duýsa muny,
Ol pişige näme diýer?
— Ogry pişik semräp barha,
Ulalar-da, döner kepbä.
Öý eýesi duýan wagty
Taýak iýer güpbe-güpbe.
56
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
IŇ OŇAT PASYL
GYŞDA
Diýýän ýaly «Hiç kimem
Seni gaýdyp görmesin».
Gyş gar bilen ýapyp ýör
Derýalaryň erňegin...
Garda taýasy gelen
Bilermi heý, saklanyp?
Hezil edýär gar pökgi,
Eýläk-beýläk oklanyp.
Oýnadykça şatlandym,
Aýaz-sowgy duýmadym.
Çekdim buza göle, it...
Goý, olaram oýnasyn!
Daş-töwerek arassa,
Edil garyň özi-dä.
Ýöne ýazyň gelerne
Garaşýaryn özüm-ä.
57
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÝAZDA
Dökülip dur asmandan
«Paraşýutçy» damjalar.
«Ös, saçym, ös!» oýnaýan,
Damybersin damsalar!
Gökje-gökje pyntyklar
Örüp barýar erigme.
Sähra geýýär gök kürte
Ak köýnegiň deregne.
Ýere pagta ekilýär,
Tiz görkezer şinesin.
Sergin bolar ýaz pasly,
Palçyklyrak diýmeseň.
Ýöne tomus oňat-la,
Bişirýär ol bar zady.
Agzymda dur «Waharman»
Süýji gawunyň dady.
58
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TOMUSDA
Bugaryp dur gyzgyndan
Ýeriň äpet arkasy.
Saralypdyr meýdanda
Peliň bugdaý, arpasy.
Gawun, garpyz çekýärin,
Salyp ala horjuna.
Tomus meni öwürdi
Duran gara jürjenä.
Bökdüm suwly ýaplara,
Ýüzdüm, «alma» oýnadym.
Oýnamaly oýunlaň
Oýnap, kemin goýmadym.
Kän iýesim gelenok
Indi gökje terne-de.
Tomus halys irizdi,
Şol derlede-derlede.
59
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GÜÝZDE
Sary güýzüň gelenin
Görýärin ýer ýüzünden.
Hezil edip iýýärin
Güýzän süýji üzümden.

Atyzlara görk berýär
Akja-akja hanalar.
Baglar sary ýapragyn
Ýere oklap sanaýar.
Tylla güýzem erbet däl,
Öz tagamy, dady bar.
Ýöne welin men ýene
Akja gyşa hyrydar.
* * *
Pasyllaryň hersinde
Bolsam-da ýekän-ýekän.
Şindem anyk bilemok,
Iň oňady haýsykan?!
60
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
AÝSENEM
Kiçijik gyz Aýsenem,
Diýdi Aýa: «Aý menem,
Seret, seret maňa sen,
Meňzeşdirin saňa men.
Ýogsam, ejemdir enem
Diýmez ahyr «Aý senem
61
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
HABAR BERIŇ
Meniň dostum ýitdi,
Dost dagam däldi.
Daşarda gemiren
Süňkleri galdy.
Galdy onuň öýi,
Ýal iýýän jamy.
Oglanlar, dilleniň,
Heý, gören barmy?
Salgyny aýdaýyn,
Görseňiz eger.
Belki, tapmagyma
Kömegňiz deger.
Dört aýagy bardyr,
Birem kellesi.
Gyrylmadyk bolsa,
Durudyr sesi.
Başy çykýan däldir
Hasapdan-zatdan.
Sorasaňam, goşgy
Okamaz ýatdan.
62
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Günüň öýi - 2
  • Parts
  • Günüň öýi - 1
    Total number of words is 3310
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 2
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1938
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 3
    Total number of words is 3375
    Total number of unique words is 1924
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 4
    Total number of words is 3369
    Total number of unique words is 1889
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 5
    Total number of words is 3356
    Total number of unique words is 1950
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 6
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1979
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 7
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 8
    Total number of words is 2424
    Total number of unique words is 1465
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    58.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 9
    Total number of words is 349
    Total number of unique words is 295
    37.8 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.