Latin

Günüň öýi - 3

Total number of words is 3375
Total number of unique words is 1924
28.5 of words are in the 2000 most common words
41.5 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Tarypyn ýazyp hata.
Asylgy dur suratlar
Köçelerde, öwrümde.
Agaçlaryň boýnundan,
Alaňlaryň böwründe.
Çapyşmagyň ussady
Sagaç aýak keýikler.
Gülüp bakýar suratdan,
Gülüp bakýar beýikden.

Göterip dur on müňi,
Ştangisti pilleriň.
Suraty dur ýylgyryp
Arasynda gülleriň.
Güle meňzeş akja guş,
Ýylgyn injik durnady.
Ýazylypdyr: «Şundan köp
Hiç kim suwda durmady».
Ýöne welin ýaltasam
Ýok diýmerin şäheriň.
130
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Bir ýaş köşek ýaşaýar,
Getirip il gaharyn.
Söýýän käri düýş görmek,
Daýananok dabana.
Ýigrenç bilen seredýär
Sürteç kädä, sabyna.
Diýerdiler köşege:
«Iňňe-le sen, çöp-le sen.
Meniň gaharym gelýär
Eger-de sen gepleseň.
Ne-hä ylgap bilýäň sen,
Ne gidýärsiň oduna.
Bir sen ysnat getirýäň
Şähermiziň adyna».
II
Köşek bir gün oýlandy,
Çirim etmän gijesin.
«Artyk däl-ä özümden
Şäherlileň hijisem.
Deň-duşlarym bölünşip,
Meýdançada oýnasa
131
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
«Lellim» diýip kowýarlar,
Goşanoklar oýna-da.
Artyk däl-ä sygyrlaň
Başarnygy meňkiden.
Iliň-günüň içinde
Abraýy bar birgiden.
Diýýär maňa hemmeler:
«Derman etdir derdiňe.
Bar doktoryň ýanyna,
Kömek eder şol diňe!..»
Özi bilen gürleşdi,
Uky ony ýeňmedi.
«Özgelerden kemmi men?»
Ýene böwrün diňledi.
III
Baýyrlykda ýerleşýär
Öýi doňuz doktoryň.
Tapar ony şu ýerden
Her gereklän-agtaran.
Bir dermany gataňňyr,
Bir dermany çigildem.
132
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Tapýar melhem-dermany,
Baryp, oňa sygynsaň.

Gazanlarda gaýnap dur
Ýüzärligi, ýowşany.
Melhem edip ugratdy
Ýara basan towşany.
Hemem oňa sargady,
Saldy onuň ýadyna:
«Häli-şindi ýuwunmak
Düşsün seniň ýadyňa!
Oýnap ýörseň ýuwunman,
Ýalpyldadyp gäziňi,
Saplamarsyň hiç mahal
Sen ýaradan özüňi».
Yzly-yzyna barlap dur
Doktor ýanna geleni.
Gömdi gyzgyn ak çägä
Guragyrly gulany.
Dakynansoň süpürip,
Doktor gözne äýnegin.
133
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Agsak ata nal kakdy,
Göterip oň toýnagyn.
Köşegem şu ýerdedi,
Nobat saklap durdy ol.
Gezegi ýeten çagy
Ýaýdanjyrap girdi ol.
Barlan wagty giňeldi
Gözi doňuz doktoryň.
Diýdi oňa: «Samsygy
Başga ýerden agtaryň!

Asyl kesel ýok sende,
Sen bikäri şäheriň.
Seň ýalyny göremde,
Gelýär meniň gaharym».
Köşek diýdi oýlanyp,
Doktor käýýäp bolansoň:
(Ýosam eziz doktoryň
Ynjajagny bilensoň).
«Doktor, meni geňleme,
Ýetiş meniň dadyma!
134
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
«Lellim» lakam dakdylar
Iller meniň adyma.
Ýoldaşlarmyň ýanynda
Eger-de men geplesem,
Diýýär olar: «Diňle sen!»
Diýýär olar: «Gap sesiň!»
Goşanoklar oýna-da,
Ynanmarsyň görmeseň.
Ýokdur meniň çykalgam,
Özüň kömek bermeseň».
Doňuz doktor oýlandy,
Soň gözledi açaryn.
— Eger meni diňleseň,
Seni «dertden» açaryn!..
Açar tapdy, açdy soň
Äpet dermanhanasyn.
Onda duran dermanlaň
Sogaby bar sanasaň.
Bar telimsi gantelleň,
Ştangadyr naýzalaň.
135
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ýatyr demir tekerler,
Kimkä onda aýlanan?
Sallanşyp dur tanaplar,
Meňzeş saçyň örümne.
...Alyp bardy köşegi
Doktor jaýyň törüne.
Üýşüp durdy bu ýerde
Garpyz garyn pökgüler.
Görüp olar doktory
Begendiler, bökdüler.
Doktor seçip aldy-da
Şol toplaryň alasyn,
Diýdi oňa: «Al şuny,
Ýürek bilen hala sen!
Ala pökgi — şu pökgi
Derman tapar derdiňe.
Galman munuň yzyndan
Ylgamaly sen diňe!»
Syçan bolup ala top
Ylgap gitdi öň bilen.
136
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Kowalaşdy köşegem,
Pişik bolup oň bilen.
Çapdy ýene ala top,
Yzlap çölüň ýollaryn.
Löňküldäp ýör köşegem,
Diýip: «Senden galmaryn!»

Käte-käte ikisi
Gujaklaşyp çaga deý,
Basalaşyp oýnaşdy,
Üsti ýumşak çägede.
Jüre depdi oýnaldy,
Gum üýşürlip-tegeläp,
Pökgi jüri garanda,
Köşek boldy kebelek.
Köşek eşekçi bolsa,
Pökgi boldy kebelek.
IV
Bir gün ýaňky ala top
Ilki turdy, daň bilen.
Soň oýatdy köşegi:
«Ýör, oýnasaň meň bilen».
137
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Akja gyraw düşüpdir
Gökje otlaň taryna.
Meňzeş depeleň üsti
Gyşyň tämiz garyna.
Pökgi gitdi pök-pökläp,
Bat berensoň özüne.
Löňk-löňk edip köşegem
Düşdi onuň yzyna.
Olar sergin howany
Gujaklarna çekdiler.
Ak gyrawyň üstüne
Yzlaryny ekdiler.

Çeken wagty meýdanlar
Çilim düýrüp howurdan,
Alaňlaryň üstüni, —
Diýen wagty «gowursam».
Ýaba indi ala top,
Köşek bilen tirkeşip,
Suwa urup girdiler,
Çykarman egin-eşik.
138
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Tolkunlaň arasynda
Balyk bolup ýüzdüler.
Kowalaşyp, gülüşip,
«Alma» oýnap gezdiler.
Köçe gezdi, jar çekdi
Bir gün ýurduň jarçysy.
Hezil oýna çagyrdy
Hemmeleri oň sesi:
«Eşidiň siz, ýylkylar!
Eşidiň siz, goýunlar!
Bilet alyň tizräk,
Ertir futbol — oýun bar!
Oýunçylaň ökdesi
Şu oýunda seçiljek.
Takyrdaky baş kassa
Göni üçde açyljak».
Diňşirgendi ala top,
Diňşirgendi köşegem.
Soň ikisem gygyrdy:
«Futbol, futbol ýaşasyn!..»
139
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
V
Takyrdaky kassanyň
Öňi eýýäm hümerdi.
Tozan bilen goşulşyp,
Göge galýar hümürdi.
Bilet aldy möjekler,
Bilet aldy gulanlar.
Tiz gutarjak gök bilet,
Boş gidenok gelenler.
Doňuz alsa on bilet,
Möjek aldy bäşisin.
Jarçy ýene gygyrýar,
Hemmeleri çagyrýar:
«Ähli oýnuň serdary
Meşhur futbol ýaşasyn!..»
Salym geçmän aradan
Kassaň agzy ýapyldy.
Asyldy gök tagtajyk:
«Ähli bilet satyldy».
140
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
VI
Ýapylaryň ýüzünde
Ine-gana ornaşyp,
Oýunçylar hakynda
Otyr millet gürleşip.
Ýolbars diýýär şagala:
«Oýnarmykan çal möjek?
Şoňa men-ä şepe jan,
Ýüňi ýeten zor diýjek».

Eşek diýdi arkadan:
«Şol ýaş inerçe barmy ol?
Hemme kişiň dilinde,
Şeýle çakgan zormy ol?»
...Sudýa tilki duýdansyz
Jürlewügi jürletdi.
Hemmeleriň ünsüni
Meýdança alyp gitdi.
Gaýyp gezdi ala top,
Taýyp gezdi ala top.
Oýunçyny üýşürip,
Soňam ýazdy ala top.
141
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Janköýerler gygyrýar,
Gaýtalaýar zol gezek:
«Uruň, uruň derwezä,
Gol gereg-ä, gol gerek!»
Şol barmana çal möjek
Edip tilki tilsimin,
Topa saldy şowhunly
Ala topuň ilkisin.
Ahli möjek begenip,
Zyňyp-gapdy çagasyn.
Ýere bakdy düýeler,
(Nätjek eýsem dagy sen?)
Ýene gaýdy ala top,
Pök-pök etdi, düwdedi.
Oýun bolsa suslanman,
Gaýta barha möwjedi.

Janköýerler gygyrýar,
Gaýtalaýar zol gezek:
«Uruň, uruň derwezä,
Gol gereg-ä, gol gerek!»
142
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ýöne welin düýeleň
Bu gün işi tersine.
Bugra bilen düz ýerde
Bolýan işi görsene!..
Bugra büdräp ýykyldy,
Başy bilen süsdi ýer.
Öňündäki pökgini
Talap gitdi möjekler...
Hüwwe galdy mähelle,
Kimler ýumdy gözlerin.
Äkitdiler Bugrany,
Soňra ony görmedim.
VII
— Oň ornuna kim girer?
— Kim tutar oň deregin?
Ähli düýe gamlanyp,
Diňledi öz ýüregin.
Diýdi köşek özüne,
— Sen girmeli deregne.
Sudýa tilkä ýalbaryp,
Düşdi onuň ýüregne.
143
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
— Ala pökgiň dosty men,
Kän düşdüm oň yzyna.
Oýnap biljek her kesçe,
Göwnüm ýetýär özüme.
Sudýany kän çekeläp,
Aýtdy oňa adyny.
Soralanda görkezdi
Alan razrýadyny.
Köşegiň dabanlary
Şol gijäp dur, gijäp dur.
Oýun bolsa durdukça
Barha gyzyp, güýjäp dur.
Ahyr oýna goşdular,
Diýdiler: «Bar, selpe sen!..»
Pökgi diýdi köşege:
«Howlukmawer ilki sen!»
Ony görüp möjekler,
Batlandyrdy gülküsin.
(Ähli düýe närazy
Sudýa bolýan tilkiden).
144
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ile belli ýaltany —
Diýip nirden tapdylar?
Güle-güle möjekler,
Aýaklarny kakdylar.
Ellerini somlaşyp,
Köşege at dakdylar.
Möjekleriň gülküsi
Düşensoň il ýüregne.
Bir at turup gepledi,
Hemmeleriň deregne:
— Goýsaňyz-la gülkini,
Oýun gyzsyn, güýjesin.
Oýun tamam bolansoň,
Soň sanarys jüýjesin!
VIII
Garpyz garyn ala top
Täsin «ýumak» bolup ýör.
Mahal-mahal guş bolup,
Al-asmana galyp ýör...
145
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Uzyn satan düýeleň
Barha gyzdy dabany.
Aldy ahyr olaram
Oýnuň aby-tabyny.
Ner düýe ahmallykdan
Peýdalanyp bada-bat,
Tora saldy pökgini,
Uly-kiçi boldy şat.
Göge ösdi «gol» sesi,
Alkyş ýagdy Ner düýä.
Geňirgendi möjekler:
— Sany deňläýdi büý-ä!
— Ýeser boldy, baý, büý-ä!
Janköýerler gygyrýar,
Şol bir sözi zol gezek:
«Uruň, uruň derwezä,
Gol gereg-ä, gol gerek!»
Oýun barha gyzyşýar,
Herýan gezýär ala top.
Oýunçyny üýşürip,
Ýene ýazýar ala top.
146
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Köşek derläp ugrady,
Tutdy barha zoruna.
Basym özün tanatdy
Janköýerleň baryna.
Möjekleriň gülküsi
Ýitdi kem-kem erinden.
Ähli düýe el çarpdy,
Öz oturan ýerinden.
Derwezeçi çal möjek
Çyksa-da oň öňünden,
Ala pökgi al bilen
Geçdi gitdi deňinden.
Kän etse-de möjekler
Tilkileriň alyny,
Düýelerçe ýok eken,
Olaň oýun tälimi.
Oýun barha möwjeýär,
Hemmeler batdy dere.
Sekuntlaram ylgaşyp,
Bolup barýar eňňere.
147
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Janköýerler gygyrýar,
Gaýtalaýar zol gezek:
«Uruň, uruň derwezä,
Gol gereg-ä, gol gerek!»
IX
Ussat on bir oýunçy
Seçildi şu oýunda.
«Çempion» at dakyldy
On bir sany oýunça.
Boýnunda gülden halka
Pökgiň dosty köşegiň.
Alkyşlady mähelle:
«Ýeňijiler ýaşasyn!
Hezil futbol ýaşasyn!»
148
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
149
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÜÇ MURTLAK KAPITAN
ERTEKI
Obaň bir çetinde,
Çolaja jaýda,
Ertekiçi pişik —
O-da şu taýda
Erteki otarýar
Gijä diň salyp.
Peçde-de ot ýanýar,
Ot ýanýar «lyp-lyp»,
Bar zada ynanyp,
Bar zady geňläp,
Otyr üç pişijek
Erteki diňläp.
Erteki diňlände
Üç dogan hernä,
Özlerini görýärler
Gahryman ýerne.
Gahrymanyň bolsa
Aladasy kän:
Döwi bir ýol bilen
Ýeňmeli hökman.
150
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Gitmeli, näbelli
Ile gitmeli.
Ýetdirmeýän menzillere
Ýetmeli.
Halamaýan barmy,
Erteki bolsa.
Gije-de işinden
Sypynyp bilse,
Gyzykly ertekä
O-da hyrydar.
Gije, gijelerne
Gapy diňleýär...
Bar zada ynanyp,
Bar zady geňläp,
Otyr üç pişijek
Erteki diňläp.
151
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GÜNEŞDE
Üç pişijek güneşde
Bolmajysyn bolup ýör.
Basa düşüp bir-birniň
Aýagyndan alyp ýör.
Ýatyr olaň enesi,
Bir çetde oýna bakyp.
Ogullarna guwanyp,
Guýrugyn ýere kakyp.
Pişijekler başagaý,
Tozan turýar daşarda.
Üstün çykjak, saýlanjak
Hersi olaň başarsa.
Ýatyr olaň enesi,
Bir çetde oýna bakyp.
Ogullarna guwanyp,
Guýrugyn ýere kakyp.
Öz tilsimne, güýjüne
Göwni ýetýär hersiniň.
Diýişýärler: «Basylýaň,
Näçe ykjam dursaňam».
152
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ýatyr olaň enesi,
Bir çetde oýna bakyp.
Ogullarna guwanyp,
Guýrugyn ýere kakyp.
Üç pälwanyň bir öýden
Döräp gelýänne bakyp,
Guwanmasyn neneň ol,
Guýrugyn ýere kakyp.
153
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
OÝUN
Eziz, Hommat hem Ýusup,
Üç kiçijik — üç pişik.
Garagolluk etdiler
Olar bir gün üçleşip.
Bir göläni kowalap,
Obadan saýladylar.
Guşlaryň höwürtgesine
Daş baryn aýladylar.
Zähresini ýardylar
Otlap ýören owlagyň.
Bu gün olar görnenok
Gyrasynda gowlugyň.
Towuklaram gapyda
Boluşyp ýör zir-zöwran.
Aslyşdylar sygyrlaň
Guýrugna öwran-öwran.
Ahyr goňşular üýşüp,
Ýüze berk diýdiler şuny:
— Indi şeýle boljakmy
Günümiz günüň güni.
154
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Kaýyllygy hiç kimem
Özüne rowa görmez.
Goňşy gozgalsa göçer,
Göçer, uzagna durmaz.
Üç dogan oýa batdy,
Diňläp goňşulaň sözün.
Soň bolsa ýerli-ýerden
Diýdi olar: — Ýa, sizem...
Siz gitseňiz, ýerňize
Bilýän, oňly zat gelmez.
Ýaşaberiň goňşular,
Göçmeden oýun bolmaz!
Goýýas beýle oýny biz,
Göçse, bulutlar göçsün.
Eger siz bolmasaňyz,
Nädip günümiz geçsin.
155
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÜÇ MEŇZEŞ
Biri-birine meňzeş,
Üç dogan üç pişijek.
Gezelenje hemişe
Çykýar olar tirkeşip.
Meňzeş geýen donlary,
Hemmesiniň murty bar.
Ýöne olaň birisi
Ogurlykdan habardar.
Saçagy depeleýär,
Bir-de dökýär süýdi ol,
Asylgy duran eti
Ugrun tapyp iýdi ol.
Aňtap ýörüs biz ony,
Tutaýsak, temmi berjek.
Ýogsam, bu meňzeşlikde
Muny haýsyndan görjek?
156
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ILKINJI DUŞUŞYK
Bir syçanjyk gybyrdyklap,
Goňşulara barýan çagy.
Oýnap ýördi üç pişijek,
Hommat, Ýusup, Eziz dagy.
Syçanjygy gören çagy
Oýunlaryn zyňdy olar.
«Bu kimkä, bu kim?» boluşyp,
Ýerli-ýerden eňdi olar.

Begendiler pişijekler,
Bu enaýy zady görüp.
Seretdiler orta alyp,
Üç tarapdan, kese durup.
Hommat, Ýusup gözün öwdi,
Gulajygny öwdi Eziz.
Munuň ýaly gowja zady
Görmändiler olar heniz.
Ýylgyryp dur pişijekler,
Bu enaýy zada garap.
Uçar öýdüp, guşdur öýdüp,
Pişijekleň haly harap.
157
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Üç doganlar-pişijekler,
Ýapdy durdy uly ýoly.
Syçan bolsa ýygrylyp dur
Uly günä eden ýaly.
Syçanlar köp agzalardy,
Gürrüň bolsa ondan-mundan.
Geçirerdi bar gürrüňi
Olar gulak gapdalyndan.
«Diňläň» diýip, «biliň» diýip,
Nygtap-nygtap aýdardylar.
Olar bolsa enelerni
Emer ýörers öýderdiler.
Şoň üçinem bu şatlyga
Uçradylar olar, ine.
Şatlyk näme, tans etmeseň,
Goýýarmy nä öz günüňe.
Eziz pişik, Hommat pişik,
Ýusup pişik üçünjisi,
Murtun çilip, çar tarapdan
Tansa geldi hemmejesi.
158
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Busa-busa ahyrsoňy,
Wagt gelenin bildi syçan.
Şu arada,
Çaň-tozanda
Gürüm-jürüm boldy syçan.
Pişijekler bökjekleşýär,
Bökjekleşýär ýerli-ýerden.
Şatlyk bolsa henizem kän,
Üç-dört bolup gutarardan.
Sumat bolsa bolubersin,
Indi syçan nämä gerek?
Eziz, Hommat, Ýusup daga —
Üç meňzeşje, üç dogana
Şatlyk galdy oňa derek.
159
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÜÇEKDE
Geýip meňzeş eşijek,
Üç dogan — üç pişijek,
Öýde galmazdan birsem
Jaýa münýärler irden.
Soň üçleşip, ötene
At dakarlar ýetene.
— Gyzyl Gün, takyr kelle,
Biz bilen otur gel-de!
Ýüzüňe ütük gerek,
Kelläňe pitik gerek.
— Alaşa, ak alaşa,
Indi çapmarsyň daşa.
Şu eýäňe gelip sen,
Ýükçi eşek bolupsyň.
— Sygyrym — süýtli meşik,
Meşiginde dört deşik.
Üçüsini ber bize,
Birni äkit öýňüze.
— Gara garga, jüýje sen,
Bir bölejik gije sen.
Jandan halys iripsiň,
Ýene turba giripsiň...
160
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
HOR SYÇAN
Bir syçanjyk tutmaga
Doganlar höwesli diýseň.
Olar arzuw ederdi
«Syçanjyk tutup iýsem».
Ine, bir günden bir gün,
Olar maksada ýetdi.
Çeme salyp üç dogan
Ahyr bir syçan tutdy.
Syçan juda hor eken,
Muny iýmekde gep bar.
Iýiljegem bir syçan,
Haýsy birine ýok bor?
Semretmeli syçany
Üçe-de ýeter ýaly.
Biraz pikirden soňra
Munuň tapyldy ýoly.
Ýel berdiler syçana
Üç dogan ýerli-ýerden.
Syçan pile öwrüldi,
Abanyp dur bir görsem.
161
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ýene biraz ýel berseň,
Bulutlara ýetjek ol.
Üç pişik — üç dogany
Mynjyradyp ötjek ol.
Sandyrady gorkudan,
Pil ýasanlar ýel berip.
Soňam ondan özleri,
Zordan sypdy ýalbaryp.
162
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SANAWAÇ
Mele pişik,
Çişik pişik.
Mele pişik,
Geýmez eşik.
Sowgy-zady
Duýanok ol.
Üşärin-ow
Diýenok ol.
Bir gün ahyr
Ele salyp,
Geýindirdik
Köplük bolup.
Arkasyna
Güpbi ýapdyk.
Kellesine
Telpek tapdyk.
Seretmedik
Düýrügenne.
163
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Jorap sokduk
Guýrugyna.
Aýaklaram
Hezil etdi —
Hemmesine
Ädik ýetdi.
Täsin zada
Meňzedi ol.
Üşemese —
Bolany şol.
164
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
RADIO HEM ÜÇ PIŞIK
Habar berýär radio,
Habar berýär ol her gün.
Pagta ýygymnyň barşyn,
Obanyň täzeligin.
«...Doňuz ýygdy ýüz kilo
Jojugy zady bilen»
Bilýär — gyş-gar uzak däl —
Bu gün her pele gelen.
Şagal ýygdy altmyşy,
Güjügem ýygdy esli.
Eşek bolsa düýnküden
Üç kilo yza tesdi.
Möjek elli bäş kilo,
Ýetmiş göläň ýygnany.
Ýüz on biri dükletdi,
Goýun bilen dogany.
Pyşbaga hem tijendi
Kyrky ýygyp şu günden.
Düýe-de kömek berdi
Güýjüniň ýetdiginden.
165
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Günem bize guwanýar,
Ol ýylgyrman ötenok.
Kömek berjek hut olam
Ýöne partyk ýetenok».
Pagta ýygýar hemmeler,
Iş bolsa hemmä ýetik.
Diňe üçler — pişikler
Günün ötürýär ýatyp.
Radio gürlän çagy
Olaram gulak salýar.
Öz atlarny olaryň
Diýseň eşdesi gelýär.
Näçe arzuw etse-de,
Pişikleňki bolanok.
Radio bikärleriň
Adyn dile alanok.
Oýnara-da ýoldaş ýok,
Oba gugaryp ýatyr.
Üç doganyň keýpi ýok,
Böwrün diňleşip otyr.
Maslahatym bar diýip,
Hommat Ýusuba bakýar...
166
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Eziz bolsa pallaýar,
Guýrugyn ýere kakýar.
Ahyr maslahat bişdi,
Üç dogan gitdi pele.
Aldylar bedre, partyk
Bir uly halta bile...
Agşam ýene radio
Hemmeler gulak gerdi.
Agşam ýene radio
Täzelik aýdyp berdi.
Her ýygymçyň adyny
Ýekme-ýek aldy dile.
Üç pişigiň adynam
Tutdy ol guwanç bile:
— Ýusup ýygdy on kilo,
Eziz on dördi ýygdy.
Hommat pagta daşady,
Hemem haltany bogdy.
167
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
PIŞIK BIKE TOÝA BARÝAR
I
Pişik bike toýa gitdi,
Irden münüp araba.
Gyrat biraz derlese,
Gün gyzmanka barar-a.
Barýar ejesi bilen
Ýusup, Hommat, Ezizem.
Şatlyk bilen ýylgyrýar
Olaň ýüzi henizem.
Gezelenç bir hezil zat,
Çar ýana garamaly.
Hasam hezil gezelenç,
Onda-da arabaly.
II
Ýolda gyrat büdredi,
Ýygrykdyrdy aýagyn.
Oňa soň kär etmedi
Haýyşlaram,
Taýagam,
168
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Hyrçyn dişläp ahmyrly,
Tutdy durdy aýagyn.
Orta ýolda galyndy,
Indi nätmeli eýse?
Ýolda goýup bolarmy
Mährem ejänem, heý-de?
Üç dogan towsup düşüp,
Şeýle hyýala mündi.
Nä, bir atça bolmazmy,
Olar birleşse indi.
Üç pişik — üç at bolup,
Sökdi belendi-pesi.
Otyr dünýäni synlap,
Arabada ejesi.
169
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TOÝ
Pişik bike toý tutýar,
Üç toýy bile goşup.
Üýşdi onuň öýüne
Gara-ala bar pişik.
Bugarşyp dur gazanlar,
Galpak toýuň şanyna.
Üzüm, gawun goýuljak,
Palaw, kebap ýanyna.
Bu toýa pişik bikäň
Şir agasy gelmeli.
(Has wajyp köpler üçin,
Ana, şonuň gelmegi.)
Biziň ilde adat bu,
Hemmeler bilýär muny.
Daýy syrýar ýegeniň
Galpak — ilki saçyny.
Arzuw edýän kän şiri
Golaýjakdan görmegi.
Mümkin, onuňam gopup,
Tansa galybermegi.
170
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Daýysy ýegenlerniň
Saçyn syrar ýek-ýekden.
Il bolsa arzuw eder,
«Saçlar össün, gür çyksyn!..»
Dabaraly, bolýar toý,
Ýakynyň-ýadyň gelse.
Dabaraly bolýar has,
Daýyň dagam şir bolsa.
171
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
SYÝAHAT
Üç dogan hyýala mündi,
Üçüsem başagaý indi.
Olar syýahata gitjek,
Görülmedik ile ýetjek.
Görülmedik ýerler oňat,
Eziz, Ýusup hemem Hommat
Matros papak hersinde bar,
Ýüpek lenta pasyrdaýar.
Ýok olaryň hiç kem zady,
Düýe olaň parahody.
* * *
Ak çägelik daş-töwerek
Akýan tolkunlara derek.
(Kim synlasa Garagumy,
Ýok onuňam deňiz kemi).
Gämi bolmaz düýe ýaly,
Giňiş gämi — dünýe ýaly.
Bar üstünde saçak, çörek,
Ýene kän zat, ýola gerek.
Gök çaý içip, batsaň dere,
Dutaram bar hiňlenere.
172
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
* * *
Gämiň ýetjek öwrüminde,
Ýoly synlap günde-günde
Ýatan otuz syçan bardy.
Ötenleri talaýardy.
Düýe-gämi görlen wagty
Garakçylaň çüwdi bagty.
Gylyç syryp ýerli-ýerden
Gämä çozdy bary birden.
Ine, şeýdip, otuz syçan,
Daşyn aldy gelip üçüň.
Bir-birine durup arka,
Üç doganam «şarka-şarka»
Galkan tutup, gylyç saldy.
On syçanam ýesir aldy.
Ýok egninde oňly eşik,
Dur ýesirler ligirdeşip...
* * *
Üç deňizçi, batyr pişik,
Ýerli-ýerden geňirgenşip,
Iýmän-içmän uzakly gün
Dürbüleýär töweregin.
173
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
GANATLYLAR
(Poema)
ILKINJI GÜNLER
Ýazgeldem hakyky
Esgerdi indi.
Postda-da durardy
Ol häli-şindi.
Başynda ýyldyzly
Telpegi bardy.
Aýagynda ädik
Ýalpyldap durdy.
Egninde şineli,
Gelşip dur görseň.
Ýyldyzly kemeri
Görkezýär merdem.
Gijäniň, gündiziň
Parhyna bakman.
Nyşana atylsa,
Urardy hökman.
Aýdymam aýdardy
Belent heň bilen.
174
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
«Duşuşarys, asman,
Ýene seň bilen!»
Höwesli garardy
Samolýot galksa.
O-da gulluk edýär
Desantçy polkda.

Esger Ýazgeldiniň
Bir kemi bardy.
Boýy kelteräkdi,
Ligirdäp ýördi.
Ýoldaşlary käte
Degýärdi oňa:
«Ogul, ösmek gerek
Entekler saňa!
Bilýäs, öwrederis
Ösmegiň tärin.
Kaşa symyşlamak
Bolsun baş käriň.
Häzir palta getir,
Goş jaýa git-de.
175
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Soň özge işlere
Geleris hötde.
Ziňňirt Lugowkiniň
Artygrak boýun
Saňa bölüp bersek,
Towlama boýun!..»
Degişmä, gülüşmä
Ýazgeldem boýun.
Ýöne käte çyna
Ýazaýýar oýun.
Şeýle waka boldy
Belli bu polka.
Kähalat ýatlaşyp,
Gülüşýär halk-a.
Towusmaga gitdi
Şol gün hemmeler.
Uçarlar galkynşyp,
Yzda galdy ýer.
Arkada paraşýut,
Şlýomlar başda.
176
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Bulutlar ho-ol pesde,
Galdylar daşda.
Ýazgeldem şu ýerde,
Otyr bir çetde.
Süýji hyýallary
Öwrüp niýetde.
Diýip öz-özüne:
«Bu gezek böksem,
«Otliçnik» nyşany
Döşüme daksam...
Soňra mekdebmize
Ýazylan hatyň
Ýanyna goşular
Esger suratym!..»
Böküşmek başlandy
Tizdenem, ine.
Oglanlar asmandan
«Ýagdylar» ýere.
Aşakda bulutlar
Ak harman kileň.
177
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ýazgeldem doljakdy
Gujagna olaň.
Ol gapa topuldy
Ýetende gezek.
Çekdi oň çigninden
Birden el uzap.
Diýdi hem: «Oglanjyk,
Hany, sen nirä?
Bu ýer oýun ýer däl,
Ýeriňe ugra!..»
Nätanyş maýordy
Oň ýolun saklan.
Ony bir garagol
Oglan diýip çaklan.
Samolýotlar gökde
Edip ýör öwrüm.
Otyr Ýazgeldi-de
Diňläp öz böwrün.
Bellidi bu bölüm
Batalýon, polka.
178
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Indi sebäp bolýar
Degişmä, gülkä.
HARBY OKUWDA
«Söweş» dowam edýär
Iki gün bäri.
Toplaň tumşugyndan
Kükeýär däri.
Batga jolkuldaýar
Ädik astynda.
Goh-galmagal gopýar
Ýeriň üstünde.
Ownuk ýapylara
Tirsegin diräp,
Toplar ot açýarlar
Gümmürdi düýrläp.
Sarsýar giden tokaý,
Sarsyp gidýär ýer.
Başagaý ýaraglar,
Esger ýigitler.
Kä öňe çozýarlar
Özlerin tijäp.
179
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Gündizden çyksalar,
Sümýärler gijä.
Ýefreýtor Ýuranyň
Ertirden bäri
Dar görünýar gözne
Zeminiň şary.
Ol keýtikläp gelýär,
Maňlaýynda der.
«Giňiş ädik gerek
Ýola, şepeler!»
Aýagny gypdyklap,
Ýaýdanyp basýar.
Duýdurmajak bolup
Dişini gysýar.
Topy çekýänleňem
Biridi özi.
Ýoluň geler ýerde
Gelenok yzy.
Ýollar sapak bolup
Dolýar gözlere.
180
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Tokaýdan çykarýar,
Eltýär düzlere.
Ýazgeldi duýansoň
Ýuranyň halyn,
Yzyndan ýetdi-de,
Kesdi oň ýolun.
Ýene iki oglan
Ondanam başga.
Diýdiler: «Näm üçin
Aýtmadyň başda?
Bar, ädigňi çykar,
Täzeden dolan.
Gapdaldan ýöräber,
Soňra biz bilen».
Ýuranyň Ýazgeldä
Düşende gözi,
Gozgalaňa düşdi
Özünden özi.
Gyzyl reňk ýüzüne
Çaýyldy birden.
181
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Munuň sebäbi bar,
Gürrüňin bersem.
Şeýle pikir bardy
Ýurada häli.
Diýerdi Ýazgeldä:
— Liliput ýaly.
Diýipdi ilkiler:
— Sözüme gülmäň,
Munuň bize duşak
Boljagyn bilýän.
Rota masgara bor
Munuň derdinden.
Ýa-da maýyp bolar,
Hany görsünler.
Eger komandirler
Diňlese meni,
Nan bölýän goýmaly
Diýerdim ony.
Ýazgeldini görüp,
Ýatlansoň şuny,
182
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Pikiri uýaldyp,
Derletdi ony.
...Bolsa-da batgalyk,
Çyksa-da ýapy,
Ýigitler güýç jemläp,
Çekýärler topy.
ÝOLDA
Okuw hem gutardy,
Ýollaram göni.
Süýnüp barýar öňe
Maşyn kerweni.
Barýar maşynlarda
Ýadaw esgerler.
Köýnekler sowaýar
Sowuldykça der.
Töwerek ümsümlik,
Serlipdir tümlük.
Gözler uka çekýär,
Birsyhly ýumlup.
Soldatlara göýä
Enäň hüwdüsi
183
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Hatarlanşyp barýan
Maşynlaň sesi.
Diňe sürjüleňki,
Şulaňky çetin.
Çyra bilen okap
Garaňkyň hatyn.
Ýadawlyk, argynlyk...
Hiç birne bakman,
Ýoly aman-esen
Geçmeli hökman.
Maşyn kabinasy
Paýyna düşen.
Sypyryp egninden
Ýaragyn, goşun,
Barýardy Ýazgeldi
Meýmiräp çala,
Öz sürji şepesi
Lugowkin bile.
...Aýylganç silkende
Maşynyň öňi,
184
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ýazgeldi düýş görüp
Başlapdy ýaňy.
Wah, uky, wah, uky,
Topulýaň giçläp.
Lugowkin sowlupdyr,
Hatary taşlap.
Ähli polk daýandy
Aýazly ýolda.
Ýaňlandy komanda
Sagda hem solda.
— Çyksyn kabinadan
Sürjüleň bary.
Barlaň, komandirler,
Galmasyn biri!
Aşak — derýa inip,
Buzuny döwsün.
Sowujak suw bilen
Ýüz-gözün ýuwsun.
Ürküzdi sürjüler
Ukyny şeýdip,
185
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ýene-de sargaldy:
— Irkilmäň gaýdyp!..
Bolsa bolubersin,
Tükeniksiz ýol.
Indi her zat edip,
Irkilmeli däl!
Diýse-de Lugowkin
Özüne şuny.
Uky ýene horlap
Ugrady ony.
Ýene-de motordan
Ýyly dem ösdi.
Oň bolsa telpegi
Ruluny süsdi.
Ýazgeldi duýansoň
Dostunyň halyn,
Gözledi ukyny
Kowmagyň ýolun.
Netijä gelensoň,
Goşlaryn dökdi.
186
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Konserwa, yzyndan
Gaty nan çykdy.
Ýene tapdy gözläp
Birnäçe gandy.
Hany, uklap bilseň
Ukla sen indi!?
Soňam ýekme-ýekden
Bulaň hersini
Dostunyň agzyna
Äberdi göni.
«Gäwşäber, gäwşäber
Assa-assadan.
Uklamajak bolsaň,
Yzyn kesme sen!..»
Boýun bolaýmasaň,
Alaç ýok başga.
Lugowkin gantlary
Tüketdi başda.
Lugowkiniň garny
Dönýär çelege.
187
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ol şeýdip meňzedi
«Hajymelige».
Maşynlar sag-aman
Gelensoň polka.
Oglanlar bat berdi
Ýene-de gülkä.
Bir «myş-myş» ýaýrapdy
Töwerek-daşa.
«Rýadowoý Lugowkin
Düşenmiş aşa!..»
DYNÇ ALYŞ
Kazarmanyň içi
Durşuna esger.
Ýaňlanýar birsyhly
Şadyýan sesler.
Kim ýaka tikinýär
Akja matadan.
Ýaňlanýar käbirniň
Eden «hatasam».
Çaň siňen ädigi
Süpürseň, ine,
188
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Geýseň lowurdaýar
Aýakda ýene.
Ýazgeldimiz bolsa
Hat ýazýar çetde.
Tans edýä galamy,
Pikiri hatda.
Setirleň yzyndan
Ýene-de setir.
Şol düzülip otyr,
Düzülip otyr.
«Tokaýda pyntyklar
Köpelýär her gün.
Nemandan buz akýar,
Seredip durdum.
Barýan oň boýuna,
Täsin jemaly.
O-da eziz maňa
Murgabym ýaly.
Eger düşüp ýörseň
Ýodaň yzyna.
189
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Örän hezil bolýar
Tokaý ýazyna.
Görkezýär güllerin
Ýeke-ýekeden.
Belka şişka zyňýar
Saňa depeden.
Gülleň geriljeşip
Açylşy täsin.
Diýseň oňat görýän
Landyşyň ysyn.
Lezzetli tokaýyň
Injiri-hozy.
Her ýyl özi bişip,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Günüň öýi - 4
  • Parts
  • Günüň öýi - 1
    Total number of words is 3310
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 2
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1938
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 3
    Total number of words is 3375
    Total number of unique words is 1924
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 4
    Total number of words is 3369
    Total number of unique words is 1889
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 5
    Total number of words is 3356
    Total number of unique words is 1950
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 6
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1979
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 7
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 8
    Total number of words is 2424
    Total number of unique words is 1465
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    58.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 9
    Total number of words is 349
    Total number of unique words is 295
    37.8 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.